Latin

Ýalňyz durna - 2

Süzlärneñ gomumi sanı 3525
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Soňky gezek zordan zora
Göterende sähel başyn,
Gapa gözläp, hyrçyn dişläp,
«...Wah, Baýramtäç»!.. diýenmişin.
Baýramtäji söýýärdi ol,
Bizem ony duýup ýördük.
Gapymyzdan gelin bolup,
Bir gün girer diýip ýördük.
33
Ogulbike. Ýalňyz durna
Toý ederis diýşip ýördük,
Bişikçilik gelen wagty.
Görseň ýene köp görüpdir,
Taňrym bize beýle bagty.
Telbe boldy gelnejem-ä,
Gije bolsun, gündiz bolsun.
«Aganazary çakan ýylan,
Çak ahyry menem, gel, sen!..»
Aglap ýörüs bizem eňräp,
Ýaşasyň asla gelenok.
Aganazarsyz durmuşa
Öýmüz öwrenşip bilenok.
Aýak ýalaň, başym açyk,
Däli bolup düze çyksam.
Indi halys ýadadym men
Betbagt Ogulbikelikden.
________________________________________________
1) Gazyda öýüň ýeke-täk göz-guwanjy Aganazary — Ogulbikäniň
agasy Orazgylyjyň ogluny ýylan çakypdyr. Ony Aça diýen bir alasamsyk "Men okap açýan" diýip, wagty bilen dogtara görkezdirmändir. Ogulbike ol wagt Maryda gaýybana okuwynda ekeni. Heniz
Gazaga gidenleriň hem galanlary gaýdyp gelmändir. Ogulbikä bu
ölüm örän gaty degipdir. Ol bu goşgusyny şol günleri ýat edip
döredipdir.
34
Ogulbike. Ýalňyz durna
AGANAZAR BAR MAHALY
Dünýä mundan has gowudy,
Aganazar bar mahaly.
Öýmüz gyzlaň arzuwydy,
Aganazar bar mahaly.
Gowuz däl-de, doludy ol,
Adam gören ýalydy ol.
Giňdi asman, giňdi bar ýol,
Aganazar bar mahaly.
Ynamlydyk ertirmize,
Hyrydardy gowluk bize,
Bagt gelipdi gapymyza,
Aganazar bar mahaly.
Ýok eken derdine derman,
Öýmüz iňläp ýatan arman.
Ýörüpdiris bagty görmän,
Aganazar bar mahaly.
Peýdasy ýok eňremäniň,
Gaýdyp gelmez geçen düýnüm.
Öýmüz ýasa berdi ýanyn
Aganazaryň ýok mahaly,
Aganazar gidenden soň...
35
Ogulbike. Ýalňyz durna
MAŇLAÝYMY ÝARYP GÖRÜŇ
Maňlaýymy ýaryp görüň,
Men ölemsoň — näme barkan?
Aý, oň zad-a bolmaly däl,
Bagt beýdip pesläp ýörkän.
Onuň içi tümlükmikän,
Heňläp, çyglyk çekip ýatan?
Bir görüň, siz, niçik bolýar,
Ozal-ahyr bagtyýatan?
Ýa ýylanmy, içýanlardan,
Onuň içi dolumykan?!
Ýa, içi ot-güwläp duran,
Sakar dowzah ýalymykan?!
Hiç gowy gün görmedim men,
Tüsseledim-ýandym ýördüm.
Aýralykdyr ölüm boldy,
Her ädimde meniň derdim.
«Bäşbelanyň» begi — akgam,
Ýat illerde mazar boldy.
Ajal mährem ejemiňem
Silkip şirin janyn aldy.
Rahmannazar, Agamyrat,
Size guwanyp bilmedim.
Eşdip siziň gidenňizem...
Men örtenip, bir ölmedim.
36
Ogulbike. Ýalňyz durna
Urşam maňa apat boldy,
Onda galdy söwer ýarym.
Ölidigmi, diridigmi,
Şondan bärem bilmän ýörün.
Kymyş babam çydamady,
Bizi taşlap ölüp gitdi.
Köp azaby, köp armany
Özi bilen alyp gitdi.
Armanym kän, armanym kän,
Wah, aýdaýyn haýsy birin.
Sürgün, uruş alyp ýatdy
Biziňkileň gylla ýaryn.
Geňlemäň siz, joralarym,
Menem käte ýatlap geziň.
Meň ne güne düşenimi
Gördüňiz-ä özüňizem.
Men pahyram ýatlap geziň!
37
Ogulbike. Ýalňyz durna
ARABALAR DOLUP GITDI
Gözi ýaşly biçäreden,
Arabalar dolup gitdi.
Äkitdiler — doganlarmyň,
Barsy sürgün bolup gitdi.
Mamam bilen, babam bilen,
Biz eňreşip galdyk munda.
Gitdi akgam, enem janym,
Goýup bizi gara günde.
Enem bende bizden dynman,
Gözýaşyny sylyp gitdi.
Arabalar Kymyş baýyň
Baş döwletin bölüp gitdi.
Olar şeýdip gidenden soň,
Hany, onsoň gowluk hany?
On iki ýaşda gurs ýakdylar,
Gurs ýakdylar Ogulbikäni.
________________________________________________
1) Sürgüne gidişlik hakdaky goşgynyň ýene bir warianty
38
Ogulbike. Ýalňyz durna
KEMSIT
«Ele geldi» - diýip susagyň sapy,
Beýdip halky heläk etme sen Kemsi!
«Naldk» diýip depip ýörsüň sen gapy,
Tarhansyrap göwün ýykma sen Kemsit!
Tanalmaýan malyň kürresi dälsiň,
Undan bolsaň özüň soraýgyn ilden,
Şu halk dälmi seni sowukda ýyldan,
Ile ýigrenç bilen bakma sen Kemsit!
Tagallaň baryny tussag etdirdiň,
Gully Eminiň kükreginden itdirdiň,
Yşanmyzy, Şagallyda atdyrdyň,
Sakar gany beýdip dökme sen Kemsit!
Ilden artyk dälsiň aň salyp görseň,
Il öňünde seniň açyg-a syrtyň,
Göterilip aýak üzme sen ýerden,
Baýrynyp iliňi ýakma sen Kemsit.
Ýadyňdamy gamyş örer ýörerdiň,
Zat paýlansa boýnuň burup durardyň,
Şol günlerem sen bal ýaly görerdiň,
Çygylyp çägiňden çykma sen Kemsit.
39
Ogulbike. Ýalňyz durna
Döndi-diýip-bu gün maňa döwran,
Baýrynyp, buýsanyp aýdýarsyň öwran,
Millet bolsa boldyzary-u-zuran.
Il gözünde ody ýakma sen Kemsit!
Kymyş baýyň sürläp malyny aldyň,
Işanyň «Gurhanyn» - ýoluny aldyň,
Ogulbikäň elden salyny aldyň,
Nähak göz ýaşlary dökme sen Kemsit!
BOL, BOL INDI BÜ GÜN
Kymyşlaň ojagnyň eýesi geldi,
Öýmüziň sütüni, söýesi geldi,
Dostlarmyz şat bolup duşman mat boldy.
Bol, bol indi bu gün Ogulbike bol.
Begendirdi gowluk daň bolup atyp,
Göwün joşa geldi ýitigin tapyp
Depäm gök diredi - asmana ýetip,
Bol, bol indi bu gün Ogulbike bol.
Ýokmykan diýsegem gowluk bar eken.
Gyrylsakda maňlaýymyz zor eken.
Ahyr soňy geldi permany Hakyň.
Bol, bol indi bu gün Ogulbike bol.
Bol, bol indi bu gün sen «Gaplaňly» bol.
40
Ogulbike. Ýalňyz durna
SIZI SORAGLAP
Bir giden ýollary öňmüze salyp,
Ýanymyza köp-köp sowgatlar alyp,
Bir toplum watandaş adamlar bolup,
Biz urşa ugradyk sizi soraglap.
Uruş ody ýakyn özi daş eken,
Geçildi köp derýa ýene köp mekan,
Däl ekeni bu ýol meň öňki çakym,
Biz uruşa barýarys sizi soraglap.
Telim hepde geçdi ugranmyz bäri,
Indi howadanam aňkap dur däri,
Ahyrzaman eken görsek bu ýeri,
Biz uruşa ýetdik sizi soraglap.
Otludan düşübem maşynly gitdik,
Müňzäp barýan tanklaň yzyndan ýetdik,
Ölenleri görüp hasrata batdyk,
Nämeler görmedik sizi soraglap.
Urşuň bir ýerinde ýarym bar meniň,
Agaberdim bagtym, barym bar meniň,
Oňa bir duşmaga zarym bar meniň,
Gelmedimmi hemem ony soraglap.
42
Ogulbike. Ýalňyz durna
...Ýar görmek höwesi hasyl bolmady,
Ot içinde eken gelip bilmedi,
Sesin eşitdirdiler, arman galmady,
Mundan uruşa baryp sizi soraglap.
Ýoldaş Gulsarýow şol ýerde bardy,
Aglamda atam deý, göwünlik bererdi,
Sen meni nädäýdiň jan Agaberdi?
Ser-sepil boldumla seni soraglap.
Ogulbike urşuň törüni gördüm,
Ganyny, sowguny-baryny gördüm,
Dogup gelýän ýeňşiň nuryny gördüm,
Mundan uruşa baryp sizi soraglap.
_________________________________________________________
*Gulsarýow — Şol wagyt Tagtabazar raýonynyň 1-nji sekretary 1944ý.
43
Ogulbike. Ýalňyz durna
OLAR BILEN BOLDUM MEN
Uzak-uzak ýollar aşyp
Urşa baryp geldim men,
Görüp ölen ýigitlermiz,
Ölen ýaly boldum men.
Çöwrülipdir munda zemin,
Ähli ýerde ölüm-u gan.
Ileri-gaýrany tanaman,
Güňler ýaly boldumla men.
Gözlän ýeriň il-jemende,
Dünýä toplanypdyr munda,
Hemmeler ýeňşiň ugrunda
Olar bilen boldumam men.
Dowzahy ýakyndan gördüm,
Ot-içinde köwsar urdum,
Bu meňziller jaýy merdiň,
Gabra golaý bardym men.
Ogulbike dertlerim kän,
Yer tapanok göwrede jan.
Kysmatym şeýle şormukam?
Arman-dona doldynimen.
44
Ogulbike. Ýalňyz durna
ORUSÝETDE ŞEÝLE TOKAÝ KÄN EKEN
Orusýetde şeýle tokaý kän eken,
Ynsan köpi onda ýaşaýan eken.
Bir ýerden bir ýere aşmaklyk üçin,
(Azaşmazlyk asla däl munda mümkin).
Parahatlyk göwluk dagy bolanda,
Hezil edip gezip ýörmeli munda.
Göýä tokaý gala biziň goşuna,
Nirä barsaň aýlanyp dur daşyňa.
Howasynda däriň ýanyk ysy bar,
Birde-de çaň tozan bolup bürelýär.
Pürdäp, çakyp odun etsem diýseňem,
Tükener ýaly däl jaýa goýsaňam.
Yöne süýkenen deý, döwmi, pilmi, şir,
Agaçlar köp ýerde, ommalşyp ýatyr.
Gynanýarsyň giden tokaý zer-zaýa
Kese süýnüp ýatyr gara, ylaýa...
Üstünden salansoň eýmenç uruş ýol,
Indi bu gowlugy tanar ýaly däl.
Düýş ýaly bolsa-da barysy hakdy,
Ogulbike bu hala janyny ýakdy.
45
Ogulbike. Ýalňyz durna
AGABERDIM SEN, BIR GAÝDYP GELSEDIŇ
Agaberdim, sen bir gaýdyp gelsediň,
Öýüňe, ojagňa eýe bolsadyň.
Bile goşalanyp, ýaşaşyp ýörsek,
(Bizem biraz bagtly bolubam görsek).
Bu gün bar kynçylyk goňşusy iliň,
Uruş saldy ile uly bir talaň.
Üç ýyl bäri urşuň yzy gelenok,
Ýene näm boljagny hiç kim bilenok.
Derdi ýetiik halyn sorasaň kimden,
Köpleriň habary gelipdir Gümden...
Peýdasy ýok tütetseňem ýüzärlik.
Söýnalyny halys horlady zorluk.
Ady baram bolsa özi ýok nanyň,
Ot iýip, yrsgalna el gatdyk malyň.
Dünýä sämäp, dury görnenok indi,
Lapykeçlik artyp, içler gurs ýandy.
Göwnüme bolmasa eger sen gelseň,
Bagytly bolaýjagym ýaly men, oňsoň.
46
Ogulbike. Ýalňyz durna
Sowulaýjak ýaly bar külpet başdan.
Ýöne sen gelseňem gelmeli daşdan.
Uruşa gidenleň gelýäni seýrek,
Gelenem ýa saňsar, ýa maýyp-maýryk.
Agaberdim sen bir gaýdyp gelsediň,
Düzeljegni bilýän dünýänem onsoň.
47
Ogulbike. Ýalňyz durna
ÝATLAP OTURSAM
Ol uruşdan gelip ýatlap otursam,
Gör-ä nirelere baryp gaýtdyk biz.
Söweşlerde bolýan gabahatlygy,
Öz gözlermiz bilen görüp gaýtdyk biz.
Ýüzleri gaýzygan esger ýigitler,
Biziň ellermizden sowgat aldylar.
Bizi sorap gelipdir-diýp ildeşler,
Bizi görüp juda hoşal boldular.
Daşymyza iiýşüp, biraz bolsada,
Hal-awhal soraşyp durdylar şonda.
Bolsada özleri okuň içinde,
Yürekleri welin - Watanda onda.
Şonda esger ýarymyňam barlygny,
Olara buýsanyp aýdasym geldi,
Soňam hemmesini öz Watanmyza,
Özüm bile alyp gaýdasym geldi.
Bir salymdan olar ugrap gitdiler,
Sagbollaşyp, şonda biz garap galdyk.
Çäresizlik. Ejizledi ýürekler,
Aýallarymyz bilen gözýaşy syldyk.
Aýdyp gutarardan ýene juda kän
Gören-eşdenleri Ogulbikäniň.
Neneň aglamarsyň göziiň alynda,
Sogursalar şeýdip şirinje janyň.
Göz öňünde bar zat Ogulbikäniň.
48
Ogulbike. Ýalňyz durna
INDI SEŇ MAŇLAÝYŇ GARADYR DUŞMAN
Ölenmiz-ýitenmiz, horluk çekenmiz,
Gözüme görünmez ýeňiş gazansak.
Ahyr soňy azan ýerine düşenmiz,
Hasas bolsa bolýar janym Watanym.
Fronta öwrüldi bu gün ähli ýer,
Ýigit bary gitdi nirelede gör,
Agzybirlik artdy indi görüber,
Indi seniň allaýaryňdyr duşman.
Giňdir meň Watanym ýöräp geçerden
Ol galadyr, berkdir depip açardan
Gan dökdüňmi, öz ganyňam saçaryň,
Indi seň maňlaýyň garadyr duşman.
Lenin şäherinden Kawkaza çenli,
Ot sowuryp geldiň maksadyň belli,
Indi taýak datmak müddetiň geldi.
Indi seniň bagtyň ýatandyr duşman.
Näçe şäher obalary aldyň sen,
Päliň azyp barha ýowuz bolduň sen,
Ýeňmezden öň, ýeňiş sazyn çaldyň sen,
Duşman indi seniň ýüzüň garadyr.
Rostow Dony alaňyňy az gördüň,
Öjügip tanklarňy Hazara sürdüň...
Ili ýakmak işimidir her merdiň?
Alarsyň Temmiňi indi sen duşman.
49
Ogulbike. Ýalňyz durna
Hat-da sen Bakuwa ýakyn gelseňem,
Pynçagyňy sanjarlydyň ýeňseden,
Ahyr, soňy ýeňiljegňi bilseňem,
Wagty bilen karar tapmadyň duşman.
Inde bir ädimem basmarys yza,
Senmi indi bizi çökerjek dyza?
Watanym güýç toplap öwrüldi syla,
Saňa akyp öljek, diýerler duşman.
Oýun etme asla sen biziň bilen,
Bilip goý arlynyň biridirin men,
Ýar öldi, ýaşanym ýaşamanym deň,
Sende köýen arym ýatandyr duşman.
Ogulbike diýer şehit boldy ýar,
Ony öldürseňde, entek menem bar...
Tä, ýeňişe çenli ahyr söweş bor,
Seniň bagtyň tükge ýatandyr duşman.
Däli bolsaň taýak ýola getirer,
Bu gün lerzan aldy, asman zemin-er,
Tizden merkiň berer biziň ýigitler.
Indi Kaput borsuň mudam sen duşman.
Tagtabazar «Gyzyl Goşun» kolhozy.
1944 ýyl.
50
Ogulbike. Ýalňyz durna
PATAPUN
Patapun berdiler uruşda bize,
Hoş asrzuwlar bilen garyp berdiler,
Uruş ýollarynda bolanmyz üçin,
Mertebeläp göwün görüp berdiler.
Patapuny bize dabara bilen,
Uly Generalyň özi gowşurdy.
Ondan sowgat alanlaryň içinde,
Ýoldaş Güpsarýowyň özi-de bardy.
Diýdiler arzuwlap: «Patapun size,
Aýdym aýdyn bersin, saz çalyp bersin.
Kynçylyk öňünde dyza çökmeýän,
Ruhy belent halky goý, dünýä görsün!
...Urşa gidip gelenimi eşidip,
Gözaýdyňa geldi tutuş obamyz.
Muňa diýseň uly many berildi,
Ýagy gaýtaran deý bolduk özümiz.
Diňläp görsek ony kartyny goýun
Onuň içi doly bagşy ekeni.
Ruhybelent hem gulaga ýakymly
Aýdymla ýagşydan ýagşy ekeni.
Ol aýdanda köp zat ýadyňa düşýär,
Tama berip ol-a garatjak ýoly.
Kimi ýatlasaňda hut şol pursatda,
Özi patapundan çykaýjak ýaly.
51
Ogulbike. Ýalňyz durna
Ony diňläp syýahatçam onsoň seň,
Tokaýlary, görýän daglaň kemerni,
Çeşme inip gelýär, şaglap ýokardan,
Sypap daşlaň ähli emer damarny.
Aýtdyraňda dagy säher, säherler,
Onuň sesin tutuş oba eşidýär.
Göwünleri pel-pelledip uçuryp,
Giň älem jahana ýaýylyp gidýär.
Patefonym aýdymlarňy aýdyber,
Şirin aýdymlardan ganarn öýdemok.
Bizem şatlygyňa goşulars seniň
Ejezliň bar ýerde Ogulbike ýok.
1944
52
Ogulbike. Ýalňyz durna
ÝALŇYZ MEN
Bilmän galdym nädip ýalňyz galanmy,
Durmuş şeýdip döndi menden tersine.
Bu dünýäde ýaşarlygym galmady,
A men namart, ýaşap ýörünem ýene.
Ejem, kakam, dogan-mähribanlarym,
Ýat illerde galyp, armany geldi.
Syrderýa boýuna sürülenlermi,
Ýowuz perman bilen onda sil aldy.
Gije-gündiz gezdim ýat edip ýary.
Uruşdan yzyna gelýänem bardy.
Tama etdim bir gün meniňkäm geler,
- Nirdesiň, söwerýar sen Agaberdi!?
Näçe garaşsamda ýöne gelmedi,
Sypdyrmady ganym uruş synymy,
Şeýdip gaňryp aldy ykbal elimden,
Şu günümi, ertirimi, düýnümi.
Yhlasym, tagallam, ýerne düşmedi.
Taýdy durdy hälim şindi aýagym.
Durjka bolup her bir belaň öňünde,
Indi halys süýndi meniň süýegim.
53
Ogulbike. Ýalňyz durna
Goý, başym olara sadaka bolsun,
Gel Ezraýyl, tut senem bu ýakadan!
Hem bilip goý şunça ýanyp-bişemsoň,
Algym bardyr, bergim ýokdyr Haka meň.
Ölidigmi, diridigmi bilemok,
Bu günki gün ýüz öwrülen hurma men.
Dert ýükini ykjam tutan ykbally,
Ot içinde ýalňyz galan durna men.
1946
_________________________________________________________
Bu Ogulbikäniň iň soňky goşgusy bolsa gerek (A.A. bellegi).
54
Ogulbike. Ýalňyz durna
SÖZÜŇ OKDANAM GÜÝÇLI ÝYLLARY
Berkarar döwletimizde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda
durmagynda uly dabara, şatlyk-şowhun bilen baýram ediljek günleri hem ýakynlaşyp gelýär. Bu şanly baýramçylyga Watany döş gerip goran gahryman gojalarymyz,
şol ýyllarda tylda jan aýaman zähmet çekip, beýik Yeňşi
ýakynlaşdyrmaga uly goşant goşan merdana enelerimiz
sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Hawa, saglyk bolsa, bu
gezek merdana gojalarymyz, mähriban enelerimiz şanly
Ýeňşi 67-nji gezek baýram ederler.
Beýik Watançylyk urşunda duşmana garşy döş
gerip söweşen ýüz müňlerçe merdanalarymyzyň ýüzden
gowragynyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent
ada mynasyp bolandygy, bu belent ada ilkinji bolup
mynasyp bolanlaryň arasynda türkmen gerçegi Gurban
Durdynyň hem bardygy (Ol uruş başlananyndan 27 gün
geçende Moldawiýanyň Prut derýasyndan geçilende,
deňsiz-taýsyz mertlik görkezipdir-D.H.) türkmen
esgerleriniň gaýduwsyzlygyndan habar berýändir. Bu
gazaply urşuň taryhçylary beýik Yeňşiň gazanylmagynda tyl bilen frontuň, ýagny, söweşijiler bilen olaryň
yzynda galanlaryň bütewiliginiň esasy rol oýnandygyny
nygtaýarlar.
Bir gezek meşhur ýazyjymyz Beki Seýtäkow
obadaşlary bilen duşuşyklaryň birinde Durdy Gylyç
şahyry ýatlanda: «Uruş ýyllarynda Durdy Gylyç aga
obama-oba aýlanyp, gitlerçileriň hökman ýeňiljekdigini,
munuň üçin obadakylaryňam gijelerini gündiz edip,
56
Ogulbike. Ýalňyz durna
zarpçy zähmet çekmelidiklerini tekrarlap aýdardy.
Yzýanyndanam «Gözi kör garry diýip bökdemäň meni»
goşgusyny uly joşgun bilen okardy. Şonda şahyry diňläp
oturan 15-16 ýaşly oglanlaryň, ynanmarsyňyz, kätelerem
gyzlaryň münbere çykyp: «Meni ertiriň özünde fronta
ugradyň, faşistleri gyryp, ölsem-de armanym ýok» diýip,
çyny bilen ýüzlenýän mahallary bardy. Şonda şahyr
olaryň heniz ýaşdyklaryny seslerinden aňyp, «Balalarym,
siz ganym duşmanlaryň garşysyna gowaça atyzlarynda
zarpçylarça zähmet çekibem göreşip bilersiňiz» diýip,
olary köşeşdirerdi. Ertesi şol ýaş ýigitler, gyzlar uzakly
gün dynman işläp, tabşyryklaryny üç-dört esse amal ederdiler. Sözüň okdanam güýçli mahallary bardy» diýipdi.
Hakykatdan-da, şol gazaply ýyllarda Durdy Gylyjyň
«Gözi kör garry diýip bökdemäň meni», Ata Salyhyň «Ur
faşisti», Nurberdi Pommanyň «Ädigmiň ýoly», Çary
Aşyryň «Ermeni gyzy»...goşgulary adamlarda ýeňşe
bolan ynamy has-da berkitmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Uruş ýyllarynda söweşiji esgerleriň millionlarçasy
meşhur şahyr Konstantin Simonowyň «Garaş maňa»
atly goşgusyny üçburçly hatlarynyň içine salyp, tyldaky
söwer ýarlaryna ýollapdyrlar. Gazak doganlarymyzyň
ýüz ýaşa ýetip barýan ajaýyp şahyry Jambylyň (18461945) «Leningradlylar, jigerbentlerim!» atly meşhur
goşgusynyň kagyza basylan millionlarça nusgasy 900
günläp gabawda duran Leningradyň ejir çekýän ilatynyň
üstünden olara teselli bermek maksady bilen, uçardan
taşlanypdyr. Çünki, goja şahyr gabawyň hökman
böwsülip, olaryň azatlyga çykaryljakdygyny, duşmanyň
kül-peýkun ediljekdigini, gerek bolsa, özüniňem eline
awtomat aljakdygyny wada berýär.
57
Ogulbike. Ýalňyz durna
Gazaply uruş ýyllarynda öz gujur-gaýraty, zähmet edermenligi, pähim-paýhasy, wagyz-nesihatlary,
çeper goşgulary bilen Watanyň goranmak kuwwatyny
beýgelden, tyldaky adamlaryň kalplaryna aram beren
gelin-gyzlarymyz sanardan kän bolupdyr. Olar öz edermenlikleri, pähim-paýhaslary bilen gazaply söweşe giden
atalarynyň, doganlarynyň, söwer ýarlarynyň ornuny
mynasyp derejede tutupdyrlar. Olaryň käbirleriniň atlary gelip-gelip, biziň şu bagtyýar günlerimizde mälim
bolýar. Olaryň arasynda öz işine ussat pagtaçylarymyzam, işçilerimizem, ökde halyçy zenanlarymyzam,
bagşy sazandalarymyzam, zehinli şahyrlarymyzam bar.
Şol ýyllarda adamlary öz sadaja goşgulary bilen
ýeňşe, öndürijilikli zähmete ruhlandyrýan şahyrlaryň
biri-de Ogulbike Orazgeldiýewadyr. Ol 1920-nji ýylda
Tagtabazar etrabynyň Söýünaly obasynda dünýä inipdir. Ol heniz başlangyç mekdepde okaýarka goşgy ýazyp
başlapdyr. Uruş başlanan ýyly Ogulbike obadaş ýigidi
Agaberdä durmuşa çykýar. Toýdan bary-ýogy iki aý
geçip-geçmänkä Agaberdi söweş meýdanyna ugrapdyr.
Ogulbike bolsa urşa giden mugallymlara derek mekdepde
çagalara sapak berip başlapdyr. Şahyr gelin sapakdan soň
ekin meýdanlarynda kolhozçylara kömek bermek, wagyznesihat etmek, olary täze ýazan goşgulary bilen ruhlandyrmak, «Goranmak gaznasyna» zat serişde ýygnamak...
ýaly işler bilen meşgullanypdyr. Şu ýyllarda ol Marynyň
Mugallymçylyk mekdebini hem gaýybana tamamlapdyr.
Ogulbikäniň ýaşaýan «Gyzyl goşun» kolhozynyň
adamlary ady agzalan gazna 84 kilogram altyn-kümüş
şaýlaryny tabşyrypdyrlar. Şahyr gelniň özi bolsa, 3 kilogram kümüş şaý-seplerini gazna tabşyrypdyr. Ogulbikäniň
58
Ogulbike. Ýalňyz durna
şol şaý-sepleri tabşyryp duran mahalyndaky ak gyňaçly
owadan keşbi türkmen kinodokumentalçylarynyň şol
gazaply ýyllarda düşüren kinolentasynda saklanyp
galypdyr.
1943-nji ýylda Mary welaýatynyň zähmetkeşleri
söweşýän goşun üçin toplan serişdelerini bir eşelon
edip, fronta ugradýar. Şonda ýüküň ýany bilen fronta
kömek bermekde aýratyn tapawutlanan adamlardan ybarat bolan türkmen delegasiýasy partiýanyň Tagtabazar
raýkomunyň birinji sekretary Gulsarýowyň ýolbaşçylyk
etmeginde fronta ugradylypdyr. Delegasiýanyň düzüminde zenan maşgalalaryň bimäçesi, şol sanda şahyr
gelin Ogulbike hem bar eken. Delegasiýa fronta baranda,
halyçylar 1-nji Belorus frontunyň ýolbaşçysy marşal
Konstantin Rokossowskiniň hala çitilen suratyny meşhur
serkerdä gowşurypdyrlar. Serkerde 1968-nji ýylda
aradan çykandan soň onuň maşgalasy bu täsin halyny
Belarusyň Beýik Watançylyk urşunyň döwlet taryhy
muzeýine tabşyrypdyr.
Şu ýylyň aprel aýynyň başynda Belorus Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty müzeýinde Belorusyň
ýokarda ady agzalan muzeýiniň materiallarynyň arasynda bu täsin halynyň fotosuraty ilkinji gezek tomaşaçylara
görkezildi. Haly-portretiň gyralarynda harby uçaryň,
tanklaryň, söweş meýdanynyň şekillendirilmegi ony
dokan merdana gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýändir. Delegasiýanyň agzalary Rokossowskiý bilen duşuşanda, şeýle bir täsin ýagdaý ýüze
çykypdyr. Serkerde delegasiýanyň her bir agzasy bilen
içgin gürleşipdir, obada şu günlerki edýän işleri, maşgala
59
Ogulbike. Ýalňyz durna
agzalary bilen aýratyn gyzyklanypdyr. Delegasiýanyň
agzalarynyň hersine şol döwrüň iň gyt zady-täzeje patefony sowgat edipdir.
Gezek Ogulbike şahyra ýetende, ol tolgunyp, Agaberdiden alan iň soňky, okap-okap, otury-na, nokadyna
çenli ýat beklän hatyny serkerdä gowşurypdyr. Görlüp
oturylsa, onuň adamsy Agaberdi marşal Rokossowskiniň
serkerdelik edýän Belorus frontunyň öň hatarynda
söweşýän eken. Marşal bu ahwalata begenip, ýanyndaky
kömekçilerine «Gelni adamsy bilen duşuryň» diýip, kesgitli buýruk beripdir.
Gulsarýow, Ogulbike dagy Baş ştabyň ofiserleriniň
ugratmagynda frontuň öň hataryna bakan ýola
düşüpdirler. Yöne şol mahal frontuň öň hatary iki
tarapyňam ot açyp, top-däri ýagdyrmagynda ot içinde
eken. Diwiziýanyň esgerleri faşistlere garşy diňe
ýerzeminlerden, uçarlardan ok-däri ýagdyrýan ekenler.
Öň hatara barmak diýseň howly bolupdyr. Söweşijiler her
näçe jan etselerde, marşalyň tabşyrygyny doly amal edip
bilmän, ýagdaýa görä hereket edip, Ogulbike bilen Agaberdini diňe telefon arkaly gepleşdirmek bilen oňmaly bolupdyrlar. Ogulbikäniň sesini eşiden Agaberdi: «Sen bu ot
içinde näme işläp ýörsüň!? Ok degäýse nätjek! Git, çaltrak
bu ýerden! Ynha, uruş gutarar, saglyk bolsa, duşuşarys,
sen weli, şu mindiň özünde yzyňa git» diýip gygyrypdyr.
Şeýlelik-de, biçäre Ogulbike Agaberdiniň diňe aladaly
sesini eşidip, oňmaly bolupdyr. Şahyr bu pursat başyndan
geçirenlerini «Sizi soraglap» atly goşgusynda giňden
beýan edipdir. Bu ajaýyp goşgyny okanyňda, ok-däriniň
ysy buruňa uran, toplaryň elhenç gümmürdisi gulagyňa
eşidilen ýaly bolýar. Çünki, şahyr zenanyň her setiri, her
60
Ogulbike. Ýalňyz durna
beýdi döwür bilen dem alýar. Olaryň çäksiz gymmatlygam
şunda! Frontly wakadan üç aý geçeninden soň Ogulbike
Agaberdiniň aldym-berdimli söweşde gahrymanlarça
wepat bolandygy baradaky aýylganç habary alypdyr.
Ogulbike biçäräniň ýaş kalbyny gaplap alan agyr gussa
soň-soňlaram, megerem, aýrylmandyr. Agyr aýralyga
tap getirmedik şahyr zenan 1949-njy ýylda, heniz ýaňy
29 ýaşyndaka aradan çykypdyr. Ogulbikäniň ýaşap geçen
Marçak obasynyň adamlary, aýratyn hem okadan okuwçylary şahyr mugallymy häli-şindi ýatlaýarlar. Obada
şol sowgat edilen arzyly patefon häzir hem aýawly saklanylýar.
Zehinli ýazyjymyz Agageldi Allanazarow
obadaşlaryndan Ogulbike şahyryň goşgularyny ýygnap,
2005-nji ýylda «Täleý şapagy» ady bilen çaklaňja kitap
edip neşir etdiripdir. Şondan soňrak belli žurnalistlerimiz
Esen Durdyýew, Seýitmämmet Hydyrow dagy «Mugallymlar gazetinde «Dertli döwrüň dünýäsi» atly giňişleýin
makala ýazyp, Ogulbike şahyryň goşgularynyň 6-syny
çap etdiripdir.
Biz hem ýakynlaşyp gelýän Ýeňiş gününiň
öňüsyrasynda şahyr gelni ýagşylykda ýatlap, onuň şol
pajygaly döwür baradaky täsirli goşgularynyň bimäçesini
okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik.
Hudaýberdi DIWANGULYÝEW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy
«Zaman» gazeti 2012
61
Ogulbike. Ýalňyz durna
DERTLI DÖWRÜŇ DÜNÝÄSI
Onuň öňli-soňly bary-ýogy 29 ýaşy dünýäniň dertli
döwrüne gabat gelipdir. Asly baý maşgalada, Tagtabazar
etrabynyň Söýünaly obasynda gurply nebereleriň biri
Kymyş baýyň nowbahar ogly Orazgeldiniň maşgalasynda
dünýä inse-de, döwrüniň derdine nepi degmändir.
Gaýtam, gurplulyklary ömür derdine sebäp bolupdyr.
Olaryň maşgalasy agasynyň, ýagny kakasynyň dogany
Orazgylyjyň maşgalasy bilen birlikde kulakçylyga çekilip,
sürgüne ugradylypdyr. Ogulbikäniň bir goşgusynda bu
hakda şeýle diýilýär.
Gözi ýaşly biçäreden
Arabalar dolup gitdi.
Äkitdiler — doganlarmyň
Barsy sürgün bolup gitdi.
Mamam bilen, babam bilen
Biz eňreşip galdyk munda.
Gitdi akgam, enem janym,
Goýup bizi gara günde.
Enem bende bizden dynman
Gözýaşyny sylyp gitdi.
Arabalar Kymyş baýyň
Baş döwletin bölüp gitdi.
62
Ogulbike. Ýalňyz durna
Olar şeýdip gidenden soň,
Hany, onsoň gowluk hany?
On iki ýaşda gurs ýakdylar,
Gurs ýakdylar Ogulbikäni.
Ogulbikäniň ýaşy 80-den geçen atasy Kymyş
baýdyr onuň aýaly Jemal mama nähilidir bir sebäp
bilen ogullarynyň biriniň Özbegistanyň Syrderýasyna,
beýlekisiniň Gazagystanyň Akmollasyna sürgünden galmak miýesser edipdir. Şonuň üçin uly ogullary Orazgeldi
ýetişip gelýän naçar maşgalalaryny ýat ýerlere, näbelli
garaňky ykbala özleri bilen alyp gitmäge dözmän, «Näme
bolsa, ol ýerde bize bolsun, ýanymyz bilen gidýänler
erkejik oglanlardyr, depeşekde ilden kem galaslary ýok»
diýip, Ogulbikedir uly aýal doganyny «Size-de kömegi
deger» diýip, garrylaryň ýanynda goýup gidipdirler.
Bu urgy oňa juda çökder degipdir. Göwresi bärde
galsa-da, ruhy gazak Sibrinden çykan käbesidir kyblasy
bilen gidene dönüpdir. Ogul küýseginde bolup, özünden
soň dünýä injek doganlarynyň bikesi bolmagyny arzuwlap, Ogulbike ady goýlan, hakykatdan hem dilegler Hak
dergähinde kabul bolup, özünden soň doglan Allanazar,
Rahmannazar, Rahmanguly atly jigilerine bikä-mähriban
dogana öwrülen gyzjagazyň hyýaly olaryň arasynda bolupdyr. Soňra, olar hakynda ýangynly- ýangynly goşgular
döredipdir...
Kymyş baý ata Watanda, dogduk mekanda galsalar-da, olara ýazylganlyk berilmändir. Onun agtyjaklaryny bir gün «kulak guýrugy» hökmünde mekdepden
63
Ogulbike. Ýalňyz durna
kowup, azar berseler, ýene bir gün olaryň maşgalasynyň
bolşewigiň ynamdarlarynyň arasynda ýoklugyny bahanalap kemsidipdirler. Serhet otrýadynyň ýolbaşçysy
Mamlyn bolsa, mahal-mahal gelip, «Kymyş baý, sen
gizlinlikde Owgana aşmakçy bolýarmyşyň» diýip, azar
köküni beripdir. Bu dertleriň derdeseri Ogulbikäniň
«Komsomola almadylar», «Ýer ýuwutsyn Mamlyny» ýaly
goşgularynda öz beýanyny tapypdyr.
Ogulbike dünýä gan çaýkan ýowuz urşuň başlanan ýyly
Agaberdi atly obadaşyna durmuşa çykýar. Emma ykbal
ýene-de küle çökýär. Olar iki aý ýaşaşyp- ýaşaşmankalar
Agaberdi-de urşa alynýar. Gazaply söweşleriň birinde-de
wepat bolýar.
Ogulbikäniň zehinliligini, galyberse-de, Watan gorap
ýören esgeriň ýanýoldaşdygyny göz öňünde tutup, ony
mugallym edip, mekdebe işe alýarlar. Mümkinçilikden
peýdalanyp, ol Marynyň 2-nji ýöriteleşdiriien mugallymçylyk mekdebini gaýybana tamamlaýar. Urşuň
iň bir dartgynly döwründe ol obanyň sylag-sarpaly
mugallymlarynyň biri bolýar.
Taryh dersinden hem okadan bolara çemeli. Sebäbi,
«Aman direktor» goşgusy bilen bagly berilýän gürrüňe
görä, onuň iki-üç sany okuwçysy urşa barýarka, olary
ýolda tutupdyrlar. Şondan soň oňa «Taryh sapagyny saňa
okatmak bolanok, sapaga gyzykdyryp, ähli çagany urşa
iberersiň» diýipdirler...
Onuň şygyrlaryny okanyňda Magtymgulynyň «Derdim bardyr diýarymdan, döwrümden» diýen setirleri
biygtyýar ýadyňa düşýär. Ol ähli pikirlerini goşgulary
64
Ogulbike. Ýalňyz durna
bilen paýlaşypdyr. Goşgular şahsy durmuş bilen dahylly
bolsa-da, döwrüň ruhuny göz öňüňde janlandyrýar. Aýratyn alnan adamlaryň durmuşlary arkaly döwrüň ruhy
aňlanylmaýarmy näme?!
Ikinji jahan urşy köp ynsanlaryň başyna ýowuz
külpetleri inderipdi. Söweşe giden esger ýat illerde ajal
bilen ýüzbe-ýüz boldy. Obalarda galanlar bolsa açlykhorlukdan ýaňa sütemler çekdiler. Ýetimlikde galmaly
bolan bala-çagalar bigünäje gözlerini balkyldadyp. jeňe
giden atalarynyň ýoluna göz dikip ýördüler. Müň gülden
bir güli açylmadyk ençeme gunça ömürler solupdy. Ganym uruş hemmeleri ýowuzlyk girdabyna dolapdy. Bütin
dünýäni lerzana getiren bu ganym urşa adamlar «ahyrzaman» diýip at berdiler. Şonda-da halkyň dyzy epilmedi.
Durmuş, geljek üçin göreş her neneňsi kyn bolsa-da,
ýagdaýdan baş alyp çykmalydy.
Hawa, ykbalyň ýowuz synagy her bir maşgala
ojagynyň gapysyny kakypdy. Uzaga çeken nägehan uruş
türkmen obalarynyň-da uludan-kiçisini egbarlandyrypdy.
Ar-namys, Watan üçin ýowuz jeňe gül ýüzli merdana
gerçekleriniň ençemesini iberen obalar örän tukat
görünýärdi. Ýöne, her halda bu uruşda Beýik Ýeňşiň
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ýalňyz durna - 3
  • Büleklär
  • Ýalňyz durna - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3447
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1867
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýalňyz durna - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3525
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ýalňyz durna - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 547
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 422
    41.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    62.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.