Latin

Ussat we Margarita - 17

Süzlärneñ gomumi sanı 3848
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
50.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
57.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
gülýän bolsa bir oglanjykdy. ― Nämeler bolup dur? ― diýdi Kuzmin ýigrenç bilen.
Şol mahal diwaryň arkasynda, gyzynyň otagynda patefonda «Alliluýýa» fokstroty
çalnyp başlandy, edil şu fokstrot çalynýan wagtda professoryň arka tarapyndan
serçäniň jürküldisi eşidildi. Ol yzyna gaňrylyp, öz stolunyň üstünde ullakan bir
serçäniň dik-dik böküp ýörenini gördi.
«Hm… seresap… ― diýip oýlandy professor, ol men ýokkam aýnadan giren
bolmaly, hemme zat ýerbe-ýer» diýip, professor özüne buýruk berdi, asla hiç zadyň
ýerbe-ýer däldigini duýup duran bolsa-da. Professor serçä dikanlap, onuň ýönekeý
serçelerden däldigini derrew pähimledi. Bu ýaramaz serçejik çep penjesine agsaklap,
ýuhalanyp, aýagyny süýräp basyp, mahlasy ― patefonda çalynýan fokstrota edil
tahylyň öňünde çaýkanyp duran serhoş kimin tans edýärdi. Ol her hili biýedeplik
edýärdi, professor tarapa utançsyz bakyp. Kuzmin elini telefona uzatdy, ol öz
kursdaşy Burä jaň edip, altmyş ýaşly adamyň gözüne bu tüýsdäki serçe görünse,
nähili, birdenem başyň aýlanyp başlasa ― bu nämeden alamat ― diýip sorajakdy.
Bolşuny üýtgetmän, serçe sowgat edilen syýa çüýşä gonup, ony hapalady, (dogrymy
aýdýan) soňra uçup, howada perwaz edip durdy-da, segräp, uniwersiteti 94 ― ýylda
tamamlan barça talyplaryň suraty ýerleşdirilen aýnany polat dek çüňki bilen külpeýkun edip syndyrdy, şondan soň penjireden çykyp gitdi. Professor dosty Burä jaň
etmegiň ýerine, sülükler býurosynyň telefon nomerini ýygdy we özüniň professor
Kuzmindigini aýdyp, derhal öýüne sülük ibermeklerini haýyş etdi.
Professor trubkany asyp, ýene öz stoly tarapa öwrüldi, öwrüldi-de gygyryberdi.
Stolyň arkasynda başyna aýallaryň ýaglygyny daňan we «Sülükler» diýip ýazylan
sumkaly bir aýal otyrdy. Professor onuň agzyna bakyp dat etdi. Çünki ol agyz
çyýşyk, gulagyna çenli ýeten, ýene üstesine erkeksi agyz bolup, onda diňe bir uzyn
azy bardy. Şepagatçy aýalyň gözleri ölüdi.
156
― Pullary men ýygnap alýan ― diýdi aýal, ýogyn erkeksi ses bilen, ― ýersiz ýere
ýaýrap ýatmasyn. ― Ol guşuňka meňzeş penjesi bilen ýarlyklary alyp, birdenem
howada eräp, gözden ýitip başlady.
Aradan iki sagat geçdi. Professor öz ýatakhanasynda krowatda otyrdy, iki
ýaňagyndan, gulaklarynyň arkasyndan we boýnundan sülükler asylyp durdy.
Kuzminiň aýak tarapyndan ýüpek ýüň ýorgan üstünde çal murtly professor Bure
Kuzmine hemdertlik bilen garap oturyşyna, göze görnen bu zatlara ynanma diýip,
dostuna teselli berýärdi. Penjiräniň aňyrsy bu wagt gijelikdi.
Şol gije Moskwada ýene nähili apatly wakalar ýüz beripdir, ― biz ony bilmeýäris,
soraglaşdyryp hem oturmarys, elbetde, munuň üstesine, şu dogruçyl kyssamyzyň
ikinji bölümine başlamaly wagt hem gelip ýetdi. Meniň yzym bilen, okyjy! kitaphon!
Ikinji bölüm
XIX bap
MARGARITA
Meniň yzym bilen, okyjy! Dünýäde hakyky, wepaly, baky söýgi ýok diýip, kim aýtdy
size? Şeýle diýen ýalançynyň ýaramaz dili kesilsin!
Siz men bilen ýörüň, okyjym, diňe meniň yzym bilen, men size görkezeýin şeýle päk
söýgini!
Ýok! Ussat keselhanada gije ýarymdan aganda, Iwanuşka ajy hasrat bilen, ol meni
unudypdyr diýip aýdan wagty, ýalňyşan eken. Beýle bolmagy asla mümkin däldi. Ol
aýal ussady unutmandy, elbetde.
Geliň, birinji nobatda, ussadyň Iwanuşkadan gizlän syryny äşgär edeliň. Şol
magşugyň ady Margarita Nikolaýewna bolup, ussadyň bu aýal dogrusynda şormaňlaý
şahyra aýdan hemme gepleri dogrudy. Hawa, ol öz magşugyny dogry teswirläpdi. Ol
juda gözel we akylly aýaldy. Muňa goşmaça edip ýene şuny kesgin ynam bilen
aýtmak mümkin, ýagny köp aýallar durmuşda Margarita Nikolaýewna bilen
ýaşaýyşyny çalyşmak üçin hiç zady aýamazdylar. Otuz ýaşly, perzentsiz Margarita
juda uly hünärmeniň, öz işinde döwlet ähmiýetli möhüm açyş eden adamyň aýalydy.
Äri ýaş, owadan, ak göwün, halal ýigit bolup, Margarita uly hormat goýýardy.
Margarita Nikolaýewna äri bilen Arbata golaý dar köçeleriň birinde bagyň içine
ýerleşen owadan binanyň ýokary gatyny bütünleý eýeläpdiler. Gaty peşeneli ýer! Şol
baga baran her bir adam bu sözi tassyklardy. Goý, ol maňa ýüz tutsun, men oňa
salgysyny bereýin, ýoluny hem görkezeýin ― ol ymarat häzirem bar.
Margarita Nikolaýewna hiç haçan puldan gysylmaýardy. Margarita Nikolaýewna
göwni islän zadyny satyn alyp bilýärdi. Äriniň tanyşlarynyň arasynda üýtgeşik kişiler
hem duşýardy. Margarita Nikolaýewna hiç haçan pejiň ýanyna barmazdy. Margarita
Nikolaýewna umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak kynçylyklaryndan asla bihabar.
Gysgasy... ol bargtyýarmydy? Asla beýle däl! Ol on dokuz ýaşynda äre çykyp, şu
öýde ýaşap başlandan bäri bagtyň nämedigini bilmeýärdi. ― Eý, meniň hudaýlarym!
Aslynda näme gerek bu aýala?! Gözlerinde hemişe gizlin bir ot ýanyp durýan bu
157
aýala näme gerekdi? Şonda baharda mimoza gülüni dakyp, bir gözi sähelçe gyýşyk
bu albassa näme gerekdi özi? Bilemok. Maňa mälim däl. Çemesi, ol rast gepläpdi,
Ýagny oňa gotika usulynda salnan ymarat hem, ýörite özbaşdak bag hem, pul hem
däl, diňe ussat gerekdi. Margarita rast gepläpdi, ol ussady söýýärdi. Hatda men
dogruçyl kyssaçy, oňa nätanyş adam bolsam-da, Margaritanyň ertesi güni ussadyňka
gelip, onuň öýde ýoklugyndan nähili gussa çekenini oýlasam, ýüreklerim ezilip
gidýär, bir gowy zat, bagtyna şo gije äri gaýdyp gelmändi we Margarita onuň bilen
gepleşmäge ýetişmändi.
Ol ussatdan derek bilmek üçin elinden gelenini etdi, emma, elbetde, hiç zat bilip
bilmedi. Şundan soň ol öz öýüne dolanyp, ýene ozalkysy ýaly ýaşap başlady. ―
Hawa, hawa, hawa, bu uly ýalňyşlyk! ― diýýärdi Margarita gyşda pejiň öňünde oda
seredip oturşyna, ― nämüçin şol gije men onuň ýanyndan gaýtdym? Näme üçin? Bu
akylsyzlyk ahyr! Men wadama wepa edip, ertesi güni bardym, emma gijä galan
ekenim. Hawa, menem edil bagtygara Lewiý Matweý ýaly, kän gijä galyp bardym!
Bu bimany gepdi, ýeri, şol gije ol ussadyň ýanynda bolan hem bolsa, ýagdaý
üýtgemezdi! Margarita ony halas edip bilermidi? Siz muňa «gülkünç» diýersiňiz,
emma biz müşgil ýagdaýa düşen aýalyň öňünde beýle diýmeris.
Margarita Nikolaýewna bütin gyşy şeýle kynçylykda ýaşap, ahyry ýaza çykdy,
Moskwada betha jadygöý peýda bolup, her dürli manysyz gowgalar bolan gün, ýagny
Berliozyň daýysynyň Kiýewe yzyna ugradylan, buhgalteriň tussag edilen we ýene
kän ýakymsyz wakalaryň ýüze çykan juma güni çäş wagtynda Margarita ymaratyň
minarasynyň astyndaky ýatýan otagynda ukudan oýandy. Margarita gözüni açdy,
ýöne bu sapar öňki endigi boýunça aglamady, çünki ol şu gün bir zatlaryň boljagyny
duýup ukudan turdy. Indi ol, ana, şu duýgynyň özüni terk etmezligini isläp, kalbynda
bu duýga jan berip, ösdürip, apalap başlady.
― Men ynanýan! ― diýip pyşyrdady Margarita dabaraly, ― ynanýaryn! Bir zad-a
bolar! Bolmazlygy mümkin däl ahyr, näme men ömürboýy ejir çekip ýörmelimi?
Dogry, men ýalan sözlänimi, aldawçylyk edenimi, adamlardan pynhan özge bilen
ýaşanymy boýnuma alýaryn, emma şu kylmyşym üçin beýle jeza duçar edilmeli dälä. Elbetde, hökman bir zat ýüze çykar, çünki şol bir ýagdaý baky dowam etmeýär
ahyr. Mundan başga-da, men bu gün oraşan düýş gördüm, şuňa emin men.
Margarita Nikolaýewna gün şuglasyndan lälereňk bolan penjire perdesine seredip, üç
açylýan aýnanyň öňünde howlukmaç geýnip, gysgarak seçelenip duran buýraly
saçyny darap, ýokarky sözleri şeýle pyşyrdap gaýtalaýardy.
Margarita bu gün hakykatdan-da juda täsin düýş görüpdi. Gep şunda ki, ejirli geçen
gyşyň dowamynda bir gezegem ussady düýşünde görmändi. Gijesine ol ony goýup
gidýärdi, diňe gündiz Margarita hasrat çekýärdi. Bu gün bolsa ol birden düýşüne
girdi.
Göýä Margarita öz bilmeýän bir ýerindemiş ― ir bahar, asmany bulut büräpdir, bu
ýer tukat we nähoş görünenmiş. Öwzaýy bozuk çal asmanda äpet bulutlar ýüzýärmiş,
bulutlaryň aşagynda topar-topar gargalar sessiz uçup ýörmiş. Ol ýerde bir gyşyk
köpri bolup, onuň aşagyndan baharyň laýly suwy akýarmyş. Şu ýerde ýarym ýalaňaç
pakyrana daragtlar, ýeke özi duran osina, ondan aňyrda ― nähilidir ekinçiligiň
eteginde bir agaçdan jaý ― ol aşhanamy, hammamy, ýa başga bir zatmy belli däl ―
158
daragtlaryň arasyndan görnüp duranmyş. Çar tarap öli we şeýlebir tukatmyş,
köprüjagaz golaýyndaky osina agajyna syrtmak taşlap, Margaritanyň asylyp ölesi
gelýärmiş. Ne şemal öwüsýärmiş, ne bulutlar ýerinden gozganýamyş, ne bir diri jan
barmyş bu ýerde. Diri adam üçin tüýs jähennemiň özümiş.
Bir göz öňüne getirip görüň, şu mahal şol nawdan salnan jaýyň işigi açylyp,
bosagada... ussat peýda bolýar. Örän uzakda, ýöne ol anyk saýgardyp dur. Üst-başy
tozup gidenliginden ýaňa onuň nähili lybas geýendigi-de belli däl. Saçlary ýelmeşen,
sakgal-murty ösen. Gözleri näsag we howsalaly. Ol eli bilen ümläp, Margaritany
çagyrýar. Şonda Margarita öli howada demi demine ýetmän, pesli-beýikli ýerlerden
oňa bakan ylgap başlapdyr-da, birden oýanýar.
«Bu düýşümiň diňe iki ýorgudy bolup biler: ― diýip netije çykaryp başlady özüçe
Margarita Nikolaýewna, ― eger ol ölen bolsa, menem ümläp çagyrýan bolsa,
diýmek, ol meni alyp gitmäge gelendir, onda basym ölerin. Şeýle bolsa, juda gowy,
sebäbi, ejirden dynaryn. Ýa-da ol diri, beýle bolsa, onda ol maňa özüni ýatladýar!
Diýmek, ol biz ýene didarlaşarys diýjek bolýandyr. Hawa, biz ýakyn wagtda
duşuşarys».
Margarita öz netijesinden henizem serhoş ýaly ýagdaýda, hemmesi köňüldäki ýaly
bolup dur, beýle amatly pursatdan elbetde, peýdalanmaly diýip öz-özüni
ynandyrýardy. Adamsy üç günlik iş saparyna gidipdi. Şu üç gije-gündiziň
dowamynda onuň han özi, soltan özi, hiç kim oňa islän zady hakda oýlanmaga, özüne
ýaraýan zat hakda arzuw etmäge päsgel bermeýärdi. Ýokary gatdaky bäş otagyň
hemmesi, Moskwadaky on müňlerçe adamyň ýetibilmeýäni — bu jaý tutuşlugyna
onuň öz ygtyýaryndady.
Emma özüni üç günläp erkin guş hasaplan Margarita gelip-gelip, bu gözel jaýyň
beýle bir gowy bolmadyk ýerini saýlady. Ol çaý içip, penjiresiz garaňky otaga girdi,
bu ýerde çemodanlar we her hili esgiler dykylan iki sany uly yşgap durdy. Ol
çommalyp, birinji yşgafyň aşakgy çekerini açdy we ol ýerde ýatan ýüpek
gyýkyndylaryň aşagyndan özi üçin durmuşynda bibaha hasaplaýan zadyny eline aldy.
Bu ― daşyna mele gaýyş tutulan surat albomy bolup, onuň içinde ussadyň suraty, on
müň manat goýlan amanat kassa depderçesi, çilim kagyzynyň arasyna salnyp goýlan
bägül ýapraklary we maşinkada ýazylan, aşak etegi ýanan bir petde golýazma bardy.
Margarita Nikolaýewna şu baýlygy bilen ýatýan jaýyna gaýdyp, suraty üç açylýan
aýnanyň öňünde goýdy we ýanan golýazmany dyzyna ýaýyp, başy hem, soňy hem
ýok bu sahypalary gaýta-gaýta okap, bir sagat ýaly oturdy: «...Ortaýer deňzi tarapdan
gelen tümlik prokuratoryň halamaýan bu şäherini gaplap aldy. Ybadathanany
aýylganç Antoniý minarasy bilen birikdirýän howada erkin duran asma köprüler
gaýyp boldy, asmandan düşen goýy garaňky Aýlawyň üstündäki ganatly hudaýlaryň
heýkellerini, Hasmoneý köşgüni we onuň gözel jemalyny, bazarlary,
kerwensaraýlary, köçeleri, howuzlary gurşap aldy... Azym şäher ― Ýerşalaim göýä
hiç haçan dünýäde bolmadyk ýaly bolup, gözden ýitdi...»
Margarita eseriň dowamyny okamagy isleýärdi, emma dowamynda gyýşyk-myýşyk
goýy bezeglerden özge hiç zat ýokdy.
Margarita Nikolaýewna gözýaşlaryny syryp, depderi goýdy, tirseklerini aýnanyň
aşagyndaky stoljagaza diräp, uzak wagtlap gözüni suratdan aýyrman oturdy. Ahyry
159
gözýaşlary gurady. Margarita öz baýlygyny ýene emaý bilen jemledi, birnäçe
minutlardan soň albom ýene öňki ýerine, gyýkyndylaryň aşagyna düşdi-de, garaňky
otagyň gulpy şarkyldap ýapyldy.
Margarita Nikolaýewna gezelenje şaýlanyp, girelgede palto geýip durka, öý
hyzmatkäri gözel Nataşa, günortanky naharyň ikinjisine näme bişireýin diýip sorady
we hojaýynyndan maňa tapawudy ýok diýen jogaby eşidip, ýene birazajyk
wagtyhoşluk edesi geldi öýdýän, bikesi bilen gülüşmek maksadynda älem-jahan myşmyşlaryny aýdyp ugrady, hamana, düýn teatrda bir gözbagçy şeýlebir oýunlar
görkezenmiş, hemmäniň agzy açylypdyr, barçalara iki çüýşeden çetýurt atyryny ýene
joraby mugt berenmiş, soňra gutarandan soň, adamlar köçä çyksa, görseler, bary
ýalaňaçmyş! Margarita Nikolaýewna güle-güle, şu girelgede duran aýnanyň
oturgyjyna çökdi.
― Nataşa! Size utanç dälmi? ― diýdi ol, ― sowatly, akylly gyz bolsaňyzam, ýoldayzda, nobatda, şeýtan bilsin, eşiden ýalan gepleriňizi tekrarlap ýörmek?
Nataşa gyzardy we jany-teni bilen nägilelik bildirdi: ― Asla-da ýalan däl, şu gün
Arbatdaky dükanda öz gözüm bilen gördüm: aýagyna tufli geýip baran bir aýal kassa
pul töläp durka, birden tuflisi gaýyp bolup, joraply galdy. Gözleri elek-çelek!
Jorabynyň ökjesi bolsa deşik. Görüp otursak, şol tufli teatrda berlen jadylanan köwüş
eken.
― Joraply gidiberdimi?
― Gidiberdi! ― diýdi Nataşa, geplerine bikesiniň ynanmaýany zerarly has-da
gyzaryp. ― Ýogsa-da, Margarita Nikolaýewna, öten agşam milisiýa ýüze golaý
adamy tutup alyp gidipdir. Şol jadyly seansda bolan aýallar Twer köçesinden diňe
içki balakda ylgap gidenmiş.
― Elbetde, muny size Darýa gürrüň berendir ― diýdi, Margarita Nikolaýewna, ―
köpden bäri synlap ýörün, ol barypýatan çypdyrun.
Bu gülküli gürrüň Nataşa üçin garaşylmadyk sowgat bilen soňlandy. Margarita
Nikolaýewna ýatýan otagyna girip, ol ýerden bir jübüt jorap bilen bir çüýşe atyr alyp
geldi. Ol Nataşa menem size fokus görkezjek diýip, oňa jorap bilen atyr sowgat berdi
we: ― Ýöne bir haýyşym, Twer köçesinde joraply ylgap ýörmäň, soňam, Darýanyň
geplerine kän gulak asmaň ― diýdi. Bike bilen öý hyzmatkäri ogşaşyp hoşlaşdylar.
Margarita Nikolaýewna trolleýbusyň oturgyjynyň amatly ýumşak kürsüsine
ýaplanyp, Arbaty boýlap gidip barşyna, kä öz hyýallaryna berlip, käte öňündäki
oturgyçda pyşyrdaşyp oturan iki kişiniň geplerine gulak salýardy.
Olar bolsa gepimizi biri eşidäýmesin diýýän ýaly, töwerege gorka-gorka nazar aýlap,
bir bolgusyz zat hakda gepleşýärdiler.
Aýnanyň ýanynda oturan doňuz gözli daýaw adam ýanyndaky kiçijik kişä tabydy
gara örtgi bilen ýapmaly boldy diýýärdi...
― Ynanar ýaly däl ― diýip, pyşyrdady kiçijik adam haýran galyp ― eşidilen-görlen
zat däl... Ýeri, Jeldybin näme alaç tapdy?
Trolleýbusyň kadaly güwwüldisine goşulyp, aýna tarapdan ses geldi.
― Jenaýat agtaryş... galmagal, barypýatan mistika!
Margarita Nikolaýewna eşiden bu üzük-ýoluk jümleleri bir-birine goşup, takmynan
şeýle netije çykardy: bu iki adam şu gün ir bilen haýsy-da bolsa bir jesediň, onuň
160
kimligini agzanokdylar, kellesini ogurlap gidendikleri hakynda pyşyrdaşýardylar!
Ine, şu zerarly, Jeldybin diýýänleri alada galan bolmaly. Trolleýbusda pyşyrdaşyp
barýanlar kellesi ogurlanan jesede nähili, birhili dahyllydylar.
― Baryp gül almaga ýetişermikäk? ― diýip, biynjalyk boldy kiçijik adam, ― sagat
ikide kremasiýa (oda ýakmak) diýdiňmi?
Ahyry tabytdan ogurlanan baş hakyndaky bolgusyz pyşyrdylary diňlemek Margarita
Nikolaýewnanyň janyna degdi, ol düşjek duralgasyna gelenini görüp begendi. Ýene
birnäçe minutdan soň ol Kreml diwarynyň etegine goýlan uzyn oturgyçlaryň birine
baryp ornaşdy, bu ýerden Manež meýdany gowy görnüp durdy.
Margarita lowurdap duran Kuýaşa gözlerini süzüp oturyşyna, agşamky gören düýşüni
ýatlaýardy, soň ol günme-gün we sagatma-sagat mundan rast bir ýyl ozal edil ine, şu
oturgyçda ussat bilen ýanma-ýan oturanyny ýadyna saldy. Şonda hem, edil häzirki
ýaly, gara el bukjasy öz ýanynda, oturgyçda ýatyrdy. Bu gün onuň ýanynda ussat
ýokdy, emma Margarita Nikolaýewna onuň bilen hyýalynda söhbetleşýärdi: «Eger
sürgün edilen bolsaň, nämüçin özüň hakyňda derek bermeýärsiň? Başgalar-a habar
berýär. Ýa-da meni söýmäňi bes etdiňmi? Ýok, beýle boljagyna ynanyp bilmen.
Diýmek, sen sürgün edilip, ölensiň...
Eger şu rast bolsa, ýalbarýan, meni azat et, erkin dem alyp ýaşamaga erk bar». Soň,
Margarita Nikolaýewna öz-özüne ussadyň dilinden jogap gaýtardy. «Sen azat... Näme
men seni saklaýanmy?» Soň Margarita oňa garşylyk bildirýärdi: «Ýok, bu jogap däl!
Ýok, sen meniň hatyramdan git, ana, şonda men erkin bolaryn».
Margarita Nikolaýewnanyň deňinden adamlar geçip durdy: Bir erkek kişi gowy
geýnen aýala göz gyýtagyny aýlady-da, onuň gözelligine, ýalňyzlygyna göwni gitdi.
Ol üsgürinen bolup, Margarita Nikolaýewnanyň ornaşan uzyn oturgyjynyň bir
gyrasynda dyz epdi. Soň özüni ele alyp, söze başlady:
― Dogrudan-da şu gün howa-ha gowy...
Emma Margarita oňa ýowuz seretdi-de welin, ol ýerinden turup gidiberdi.
«Ine, saňa mysal ― diýdi Margarita, öz kalbynyň sahybyna hyýalda ýüzlenip. ―
Çyndanam, nämüçin men bu erkek kişini kowdum! Özümiň-ä içim gysyp otyr, ol
heleýbazyňam görnüşi ýaman däl, diňe howa hakdaky boş sözi diýäýmeseň...
Nämüçin men baýguş ýaly bolup, diwaryň ýanynda ýalňyz otyryn? Nämüçin men
ýaşaýyşdan çete zyňyldym?»
Ol örän gamgyn bolup, başyny aşak egdi. Emma şu wagt ir ertirki ýüze çykan
intizarlyk we ser sämediji tolkun onuň göwsüne gelip uruldy. «Hawa, bir zat bolar!»
Tolkun ikinji sapar uruldy, ana, şonda Margarita onuň owazly tolkundygyna düşündi.
Golaýlaşyp gelýän deprek we heňini sähel bozup çalýan mis surnaýlaryň owazy
köçäniň şowhunynyň arasyndan bardyksaýyn anygrak gelip başlady.
Birinji bolup bag germewiniň ýanyndan atly ýuwaş barýan, ondan soň üç pyýada
milisioner göründi. Olardan soň çeleginde sazandarlar oturan ýük maşyny ýuwaşja
barýardy. Onuň yzyndan täzeje üsti açyk ýas ulagy haýalja gelýärdi, onuň üstünde
kän gül-wenok goýlan tabyt, tabydyň duran meýdançasynyň dört burçunda dört adam
― üç erkek we bir aýal durdy. Margarita uzakda bolsa-da, ýas ulagynyň üstünde
durup, merhumy gabrystana alyp barýan bu adamlaryň ýüzünde nähilidir bir
aljyraňňylygyň bardygyny gördi. Esasan-da, bu ýagdaý ýas ulagynyň ýeňse
161
tarapynda, çep burçda duran aýalyň çehresinde has beter bildirýärdi. Haýsydyr bir
gizlin syr bu aýalyň öňem lopbuş ýaňaklaryny içden dürtüp, ýene-de çişirip duran dek
görünýärdi, onuň perdelenen gözlerinde köpmanyly hasrat ody ýanýardy. Göýä bu
aýal artyk takat edip bilmän, häzir merhuma göz gyrpyp: «Heý, beýle zady
görlenmidir? Aňrybaş mistika!» diýäýjek ýalydy. Ýas ulagynyň yzyndan ýuwaş
ýöräp gelýän takmynan üç ýüz çemesi adamyň ýüzleri-de aljyraňňydy. Teşwişlidi.
Margarita bu märekäni oturan ýerinden gözi bilen ugradyp «bums, bums, bums» edip
birsydyrgyn çalynýan türk depreginiň sesiniň uzaklaşdygyça peselýändigini duýup,
oýlanýardy: «Nähili üýtgeşik gölegçiler... Bu «bums-bums» niçik tukatlyk getirýär!
Men häzir janymy şeýtana tabşyrmakdan-da gaýtmazdym, onuň diridigini ýa-da
ölendigini bilmek üçin! Be, beýle täsin ýüzler bilen kimi depin edýärkäler?»
― Mihail Aleksandrowiç Berliozy ― diýip, Margaritanyň gapdaljagazyndan biraz
maňkaly erkek sesi eşidildi, ― MACCOLITiň başlygyny.
Geň galan Margarita Nikolaýewna öwrülip, öz gapdalynda uzyn oturgyçda oturan bir
adamy gördi, Margarita ýas üýşmeleňine seredip otyrka, bu kişi ýuwaşja gelip,
Margaritanyň aljyraňňylykda, tötänleýin daşa çykaran sowalyny eşiden bolmaga
çemeli.
Şol wagt ýas märekesi saklandy ― swetofor ýoly kesen bolsa gerek.
― Hawa ― diýip, dowam etdi nätanyş adam, ― olaryň keýpiýetleri juda täsin.
Merhumy gabyrstana alyp barýarlar, özleriniň-de beýnileri diňe bir närse bilen, öliniň
kellesi nirä gaýyp boldyka diýen sowal bilen bent!
― Nähili kelle? ― diýip sorady Margarita, duýdansyz peýda bolan bu goňşusyna
dikanlap seredip. Ol ― saçy ýalyn reňk çypar, azy dişi çykyp duran, keltejik adam
bolup, üstüne krahmallanan köýneginiň üstünden gowy hilli ala penjek, aýagyna
laklanan köwüş, başyna kotelok ― şlýapa geýip, boýnuna açyk reň galstuk dakypdy.
Bu raýatyň iň alamat tarapy şunda bolup, penjeginiň sagat jübüsinden, hemme
erkeklerde bolşy ýaly, elýaglyk ýa-da awtoruçka däl-de, gemrilen towuk süňki çykyp
durdy.
― Hawa, men saňa aýtsam, ― diýip beýan kyldy çypar, ― şu gün ir bilen
Griboýedow zalynda duran tabytdan merhumyň kellesini ogurlap gidipdirler.
― O nädip beýle bolup bilýär? ― diýip biygtyýar sorady Margarita, şol birwagtyň
özünde trolleýbusda eşiden pyşyrdylaryny ýatlady.
― Arwah bilsin, nädip! ― diýdi labyz bilen çypar, ― emma meniň pikirimçe, bu
hakda Begemotdan soralsa ýaman bolmazdy. Juda ussatlyk bilen ogurlap gidipdirler
özünem. Şeýlebir gowga! Iň esasam, kime hem nämüçin gerek boldy şol kelle!
Margarita Nikolaýewna öz derdi bilen gümra bolsa-da, nätanyş adamyň geň
gürrüňleri ony haýran etdi.
― Bagyşlarsyňyz! ― diýdi ol birden, ― haýsy Berlioz ol? Şu günki gazetlerde...
― Eýse näme, eýse näme...
― Onda tabydyň yzyndan barýanlar edebiýat adamlary-da? ― diýip sorady
Margarita, birden dişlerini akjardyp.
― Edil özleri, şolar!
― Siz olary tanaýaňyzmy?
― Hemmesini ― diýip, jogap berdi çypar.
162
― Aýdyň hany ― diýip, Margarita gep başlanda, sesi boguk çykdy, ― olaryň
arasynda tankytçy Latunskiý ýokmy?
― O nämüçin ýok? ― diýip jogap berdi çypar, ― honha dördünji hatarda, iň çetden
barýar.
― Hol sary saçmy? ― diýip sorady Margarita gözlerini süzüp, dikanlap.
― Külreňk saçly... Seret, ana, gözüni asmana dikdi.
― Patera1 meňzeşimi?
― Hawa, tapdyň!
Margarita Latunskä seredip, başga hiç zat soramady.
Görýän welin, siz, ― diýdi çypar ýylgyryp ― Latunskini ýigrenýärsiňiz öýdýän? ―
Men ýene käbirlerini ýigrenýärin ― diýdi Margarita dişlerini gyjyrdadyp, ― ýöne ol
hakda aýdyp oturmagyň gyzygy ýok.
Şol wagt ýas märekesi ýerinden gozgandy, pyýadalaryň yzyndan birnäçe boş maşyn
kerweni düzlüp barýardy.
― Eýsem-de bolsa, elbetde, nämesi gyzyk munuň, Margarita Nikolaýewna!
Geň galan Margarita ýalt edip seretdi:
― Siz meni tanaýaňyzmy?
Çypar jogap bermegiň ýerine başyndan katalok ― şlýapasyny aldy we şlýapaly elini
gapdala uzadyp, tagzym kyldy. «Ýüzünden tüýs garakçynyň özi!» ― diýip
göwnünden geçirdi Margarita, söhbetdeşiniň mysalasyna garap.
― Men-ä sizi tanamaýan, ― diýdi Margarita sowuk sözläp.
― Eýsem, siz nirden tanajak meni! Emma ki, meni siziň ýanyňyza iş bilen iberdiler.
Margaritanyň reňki çuw-ak bolup, tisgindi. ― Gepi göni şundan başlaýmaly ekeniňiz
― diýdi ol, ― haýsydyr bir, jyn bilsin, kesilen baş hakynda warsaky urup oturman!
Siz meni tussag etjek bolýaňyzmy?
― Beýle zat ýok ― diýdi çypar, ― eýsem, diňe tussag etmek üçin söhbetleşýärmi
adam diýen? Sizlik işim bar, bolany.
― Düşünemok, meniň bilen nähili işiňiz bolup biler?
Çypar daş-töweregine bir seredip, syrly äheňde diýdi: ― Sizi şu gün agşam
myhmançylyga çagyrdylar, şuny aýtmaga geldim.
― Näme samrap otyrsyň, o nähili myhmançylyk?
― Örän meşhur bir daşary ýurtly ― diýdi çypar, manyly gözlerini köpmanyly süzüp.
Margaritanyň gaty gahary geldi.
― Erkek aýaly duşurýanlaryň täze taýpasy ― köçe duşuşdyryjysy peýda bolupdyr-da
indi ― diýdi ol gitmekçi bolup, ýerinden galyp.
― Beren tabşyryklary üçin sag bolsunlar! ― diýip, çypar hapa bolup, uzaklaşyp
barýan Margaritaň ýeňsesinden käýindi:
― Haý, aňy pes hatyn!
― Deýýus! ― diýip jogap gaýtardy Margarita, yzyna öwrülip we edil şu mahal
çyparyň sesini eşitdi. ― Ortaýer deňzi tarapdan gelen tümlük prokurotoryň
halamaýan şäherini gaplap aldy. Ýowuz Antoniý minarasy bilen ybadathanany
birleşdirip, howada asylyp duran asma köprüler gaýyp boldy. Azym şäher Ýerşalaim
göýä hiç-haçan dünýäde bolmadyk deý gözden ýitdi...
1
Patera — katolik dininiň ruhanysy.
163
Siz hem dep boluň şol ýanan depderiňiz-u guran bägüliňiz bilen bile! Şu oturgyçda
ýalňyz oturyp, ondan meni azat et, erkin dem alyp, ýaşamaga mümkinçilik ber,
hatyramdan aýryl diýip, dileg ediberiň!
Reňki ak esgi ýaly agaran Margarita uzyn oturgyja dolanyp geldi. Çypar gözlerini
süzüp, oňa bakyp otyrdy.
― Hiç zada düşünip bilemok ― diýip, mylaýym gep başlady Margarita
Nikolaýewna, ― ýanan golýazmalar hakynda-ha bir ugur tapyp, bilmegiň mümkin...
bir ýoluny tapyp, öýüme girensiň... belki, Nataşany özüňe öwrenişdirip satyn
alansyň! Emma göwnümdäki pikirimi nädip bilýäň? ― Ol gaty azar çekýän ýaly,
ýüzüni çytdy-da, dowam etdi: ― Aýt ahyry, kim sen? Haýsy edaradan?
― Ine, saňa gerek bolsa, tukatlyk ― diýip hüňürdedi çypar we belendiräk ses bilen
gepläp başlady: ― bagyşlarsyňyz, men edaradan däl diýip, size aýtdym-a! Hany,
oturyň.
Margarita biygtyýar boýun syndy, islemese-de oturdy-da, ýene sowal berdi:
― Kim siz?
― Hä, ýagşy, adym Azazello, emma bu at saňa hiç zady aňlatmaýar.
― Golýazma dogrusynda, kalbymdaky pikirler barasynda näme aýdyp bilersiňiz?
― Aýdyp bilmerin ― diýip, sowuk jogap berdi Azazello.
― Emma ol hakda bir zatlar bilýäňizmi? ― diýdi Margarita ýalbaryjy pyşyrdap.
― Ýeri, bilýärmişim.
― Ýalbarýan, bir zady aýdyň: ol dirimi? Meni örtemäň.
― Hawa, diri, diri ― diýdi Azazello, göwünli-göwünsiz.
― Eý, Taňrym!
― Haýyş edýän, tolgunmaň, gaty gygyrmaň ― diýdi, çypar gaşlaryny çytyp.
― Bagyşlaň, bagyşlaň ― diýip, samyrdady Margarita indi boýun synyp, ― dogrusy,
men size gahar etdim. Eýsem, pikir edip görüň. Haçanda bir aýal köçede
myhmançylyga çagyrylsa... Gepime ynan, mende ýaman niýet ýok, ― Margarita
keýpsiz ýylgyrdy, ― emma hiç-haçan hiç-hili daşary ýurtly bilen sözleşip göremok,
duşuşmaga islegim-de ýok, üstesine-de meniň ärim... Hemme bela şunda ki, men öz
söýmedik adamym bilen ýaşaýaryn, emma onuň durmuşyny bozmak, meniňçe,
naýynsaplyk, men ondan ýagşylykdan başga zat görmedim...
Azazello onuň üzlem-saplam sözlerini äşgäre tukatlyk bilen diňleýärdi we birden
gödek gepledi:
― Bir minut diliňizi saklaň.
Margarita etagat bilen sesini kesdi.
― Men sizi asla howpsuz çet ýurtlynyň huzuryna çagyrýaryn. Siziň ol ýere barypgaýdanyňyzy hiç kes duýmaz. Muňa men kepil geçip bilerin.
― Men oňa nämä gerekmişim? ― diýip sorady Margarita pynhanlyk bilen.
― Muny baranyňyzdan soň bilersiňiz.
― Düşnükli... Men onuň islegini gandyrmalydyryn ― diýdi Margarita oýa batyp.
Azazello kibri-howa bilen «hm» diýip hümledi-de, jogap gaýtardy: ― Sizi ynandyryp
diýýärin, jahandaky her bir aýal ony arzuw edýändir, ― Azazellonyň ýyrşarýan ýüzi
gyşardy, ― emma gaty görmäň, o diýýäniňiz bolmaz.
164
― Ol nähili daşary ýurtly? ― diýip Margarita şeýlebir batly gepledi welin, uzyn
oturgyjyň golaýyndan geçip barýanlar gaňrylyp seretdiler, ― onuň ýanyna
barmakdan maňa näme peýda?
Azazello eglip, onuň gulagyna köp manyly pyşyrda-dy:
― Peýda-ha gaty uly... Siz pursatdan peýdalanyp...
― Näme? ― diýdi birden Margarita gözlerini giňden açyp , ― eger gepiňize dogry
düşünen bolsam, ol ýerde men ussatdan derek biljekmişim, şuňa yşarat edýäňizmi?
Azazello sesini çykarman, baş atdy.
― Gidýärin! ― uly güýç bilen diýdi Margarita Azazellonyň elinden mäkäm tutup, ―
nirä diýseňizem bararyn! Azazello «off» edip, ýeňillik bilen dem aldy-da, oturgyjyň
arkasyna söýenip, «Nýura» diýip oýulyp ýazylan ýazgyny arkasy bilen ýapyp,
kinaýaly sözläp ugrady:
― Aýal diýilýän millet bilen düşünşmek kyn! ― ol ellerini jübüsine sokup,
aýaklaryny öňe uzatdy, ― nämüçin ala-böle bu işi maňa tabşyrdylar. Begemot
gaýdan bolsa, ýagşyrak bolardy, çünki hulky ýakymly...
Margarita ýaňsyly we tagaşyksyz ýylgyryp diýdi: ― Beýle oýunlaryňyz bilen meni
aldamaňyzy, gynamaňyzy bes ediň... Men öňem bir bagtygara, sizem ondan
peýdalanýarsyňyz. Allanähili düşnüksiz waka başymy sokýaryn, ýöne ant içip
aýdýaryn, diňe ony dile getirip, imrindireniňiz üçin gidýärin!
― Çekeleşiksiz, dramasyz ― diýdi ýüzüni turşadyp Azazello. ― Siz meniň
ýagdaýyma-da düşünjek boluň. Iş dolandyryjyň tumşugyny owratmak, birewiň
daýysyny öýden kowmak, kimdir birini atyp, ýaralamak, ýene-de şular ýaly borbolgusyz işleri etmek meniň esasy kesbim, emma aşygana aýallar bilen söhbetleşmek
― siziň sadyk guluňyza kyn düşýär. Gör-ä, ýarym sagatdan bäri size gep düşündirip
bilemok. Ýeri, gidýäňizmi?
― Gidýän ― diýip, kesgitli aýtdy Margarita Nikolaýewna.
― Beýle bolsa, şuny al ― diýip, Azazello jübüsinden togalok altyn gutujyk çykardy
we ony Margarita uzadyp, diýdi: ― Gizläň tizräk, ýogsa ötegçiler seredýär. Bu size
gerek bolar, Margarita Nikolaýewna. Siz soňky ýarym ýylyň içinde gam-gussadan
ýaňa az-kem garrapsyňyz. (Margaritanyň jany ýandy, ýöne jogap gaýtarmady.
Azazello gepini dowam etdi). Şu gün agşam takyk sagat onuň ýarynda çyp-ýalaňaç
bolup, şu melhemi ýüzüňize we bütin bedeniňize sürtüp çykyň. Soň göwnüňiz islän
işi ediň, diňe telefondan daş gitmäň. Sagat onda saňa özüm jaň edip, näme
etmelidigini aýdaryn. Siz hiç hili alada etmeli bolmarsyňyz sizi bellenen ýere elterler,
asla biynjalyk etmezler. Düşündiňizmi?
Margarita dymdy, soň jogap berdi: ― Düşündim. Bu sap altyndan, agramyndan
bildirýär. Hawa, men gaty gowy düşünýän, maňa para berip, netijede şübheli bir işe
ulaşdyryp, bela giriftar etjeksiňiz.
― Eýsem bu näme boldugy, ― gygyrdy jany çykaýjak bolup Azazello, — siz ýenede?..
― Ýok, sabyr ediň!
― Gaýdyp beriň yzyna melhemi.
Margarita gutujygy eline mäkäm gysyp, dowam etdi:
165
― Ýok howlukmaň... Nähili işe baş goşanymy bilýärin. Emma men islendik şerte şol
diýip razy bolýaryn çünki meniň dünýäde ondan özge hiç kimim ýok. Emma size
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ussat we Margarita - 18
  • Büleklär
  • Ussat we Margarita - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2002
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3845
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2120
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3726
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2112
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3879
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2025
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3779
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2089
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3900
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2162
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2139
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3813
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3846
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1995
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3825
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3857
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2064
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3112
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1684
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.