Latin

Ussat we Margarita - 14

Süzlärneñ gomumi sanı 3813
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
töweregi asla kölege bermeýän injiriň astynda, bir harsaň daşyň üstünde otyrdy.
127
Dogry, ölüm jezasyny görmek üçin ol amatsyz ýer saýlapdy. Emma, her nähili bolsada, diregler daňlan sütünler, şeýle-de kenturionyň kükregindäki lowurdap duran iki
sany galkanjyk hem esgerleriň hatarynyň arasyndan oňa açyk görnüp durdy, sebäbi
adamlaryň gözüne düşmezlige, howatyr etmezlige çalşan kişi üçin şu ýeriň özi
ýeterlikdi.
Emma mundan dört sagat öň, ýagny ölüm jezasy başlanjak wagty, ol bütinleý
başgaça hereket edip, tas özüniň bardygyny duýdurypdy, megerem, şonuň üçin ol
öňki bolşuny üýtgedip, hylwata çekilipdi.
Bu ýerde ol jeza berijileriň hatary iň ýokary derejä çykan çagy peýda bolupdy, onuň
howlugyp gelenligi anyk duýlyp durdy, agyr-agyr haslaýardy. Ol depelige ýöräp, däl,
ýüwrüp çykdy, adamlary itekläp, öňe geçdi we depede zynjyr dek düzlen esgerleriň
hatary diňe onuň däl, bütin märekäniň öňüni kesenini görüp, özüni samsyklyga saldy,
iň ýönekeý usuly goldap, gaharly esgerleriň sözlerine düşünmeýän ýaly, gös-göni
jeza meýdanyna esgerler hataryny böwsüp geçmekçi boldy. Bu kylmyşy üçin ol
naýzanyň yz tarapy bilen kükregine urgy aldy we agyrydan däl, umydy puja çykany
zerarly gygyrdy-da, yzyna tesdi. Ol beden agyrsyny duýmaýan, asla geleňsiz adam
dek, bulançak gözleri bilen özüni uran legionere seretdi.
Soň kükregine elini goýup, üsgürinip, hassyldap, depäniň daşyna aýlanyp çykdy,
zynjyr ýaly esger halatlaryndan bir yş tapyp, jeza meýdanyna duýdurman geçmekçi
boldy, ýöne eýýäm giçdi. Gabaw örän berkäpdi. Şonda agyr gamdan ýüzi üýtgän bu
adam arabalardan sütün we diregler düşürilýän ýere böwsüp geçmek niýetinden el
çekdi. Çünki bu synanyşykdan netije çykman, tersine, özüniň ele düşmegi mümkindi,
elbetde, edil şu gün ele düşmek onuň rejesine girmeýärdi.
Şuňa görä ol özüni çete çekip, darajyk depäniň jaýryk çetine bardy, bu ýerde oňa hiç
kes päsgel bermeýärdi.
Gün şöhlesinden we ukusyzlykdan gözleri iriňleşen, gara sakgally bu adam indi
daşyň üstünde gamgyn otyrdy. Ol aslynda mawy bolan, sergezdanlykda hapa çal
röwüş alan tallifini (uzyn etekli köýnek) açyp, naýza urgusyndan ýaralanan kükregini
çäkläp, gorsanyp, kä gözlerini azap bilen asmana dikip, hä diýmän zyýapat boljagyny
duýup, gökde ganatlaryny giň ýaýyp, köpden bäri çarh uryp aýlanýan üç sany gara
guşy synlap, käte umytsyz nazaryny saralan ýere dikip, aýagynyň astynda ýatan
pytrap başlan itiň kelleçanagyna we onuň töwereginde dynman ýüwrüp ýören
hažžyklara bakyp otyrdy.
Bu adamyň çekýän jebri şeýlebir agyr bolup, käte ol öz-özi bilen gepleşip başlaýardy.
— Wah, men akmak! ― diýip hüňürdeýärdi ol, daş üstünde ruhy taýdan azap çekip,
çaýkanyp oturyp, dyrnaklary bilen garaýagyz kükregini gaşap, ― däli men, akmak
heleý men, gorkak men! Adam däl, bir maslyk men!
Ol başyny aşak egip dymdy, soň agaç gapdan ýylap giden suwdan owurtlap, ýene
özüne gelip, kuwwatlanyp, kä tallifiniň içinde gizlän pyçagyny, kä garşysynda, ýerde
çöp galam bilen syýa çüýşäniň ýanynda ýatan bir bölek pergamenti eline alýardy.
Bu pergamente häzir şeýle sözler ýazylypdy: «Wagt geçip barýar, men, Lewiý
Mambeý Takyr Depede, emma ölümden heniz derek ýok!».
Soňra ýene: «Gün agyp başlady, emma ölümden derek ýok!»
Indi Lewiý Matweý umytsyzlyga düşüp, ýiti çöpgalam bilen aşakdaky sözleri ýazdy:
128
«Eý, Hudaý! Näme beýle oňa gazap edýärsiň? Tizräk oňa ölüm gönder».
Şulary ýazyp bolup, göz ýaşsyz hyrkyldap aglady we ýene dyrnaklary bilen göwsüni
dyrnap başlady. Lewiýniň beýle nala-pygan çekmegine özi bilen Iýeşua ikisiniň
başyna düşen eýmenç şowsuzlygy hem-de Lewiýniň özüniň goýberen agyr hatasy
sebäp bolupdy. Öňküsi gün Iýeşua bilen Lewiý Ýerşalaim golaýyndaky Wifoniýa
obasynda bir daýhanyň melleginde bolupdylar. Çünki Iýeşuanyň wagyzlary öý
eýesine örän hoş ýakypdy. Ikisi ir ertirden daýhana kömekleşip, onuň ekin
meýdanynda işlediler, çünki olar gije salkynda Ýerşalaime gitmekçidiler. Emma
günortan birden Iýeşua howlugyp ýola şaýlanyp, şäherde zerur işim bar diýip gitdi.
Lewiý Matweýiň birinji ýalňyşlygy şundan ybaratdy. Nämüçin, nämüçin, ol onuň
ýeke özüni goýberdi!
Agşamlyk bolsa Matweýiň özi Ýerşalaime baryp bilmedi. Garaşylmadyk ýerden ol
nähilidir bir eýmenç derde ýolugdy. Onuň endam-jany titräp-gagşap, ot bolup ýanyp
başlady, dişleri şakyrdap, çalt-çaltdan suw dileýärdi. Ol hiç ýere gidip bilmedi. Ol
daýhanyň samanhanasynda özüni otuň üstüne taşlap, ertirki juma gününiň säherine
çenli huşsyz ýatdy, emma dert Lewiýe agşamara nähili birden ýolugan bolsa, şonça
basym hem terk etdi. Ol heniz halsyz, aýaklary saňňyldap dursa-da, köňli boljak bir
betbagtlygy duýup, bikarar bolup, daýhan bilen hoşlaşyp, Ýerşalaime ugrady. Şähere
gelip, duýgusynyň aldamandygyny bildi. Bagtsyz hadysa ýüz beripdi. Prokurator
hökümi yglan edýän wagty, Lewiý mähelläniň arasynda durup, ony diňledi. Ölüme
höküm edilenleri depä alyp barýarkalar, Lewiý Matweý Iýeşua, iň bolmanda özüniň
şu ýerdedigini, onuň bilen biledigini, soňky ýolunda-da dostuny ýalňyz
galdyrmandygyny we onuň janyny tizräk almagy Hudaýdan dileg etjegini ýagdaýyny
tapyp, duýdurjak bolup gabawyň we mähelläniň hataryny ýakalap, ylgady. Emma
uzaklara, barmaly menziline seredip barýan Iýeşua, elbetde, Lewiýni görmedi.
Ýöne jeza resmi ýarym çakyrym ýoly geçende, mähelläniň iteklemesi bilen
durnahatar düzlüp barýan legionerleriň öňüne baran Matweýiň beýnisine birden
ýönekeý we örän ajaýyp pikir geldi-de, aslynda-da gaharjaň bu adam, nämüçin şu
pikir beýnime öňräk gelmedikä diýip, öz-özüni näletledi. Zynjyr ýaly bolup barýan
esgerleriň aralarynda sümäýer ýaly yş bardy. Eger çalasynlyk bilen, anyk nyşana
alyp iş görülse, iki legioner arasyndan sümlüp geçmek we ylgap baryp araba çykmak
mümkindi. Ine, şonda Iýeşua azapdan gutulardy.
Iýeşuanyň ýagyrnysyndan pyçak urup, oňa: «Iýeşua! Men seniň ýeke-täk sadyk
şägirdiň Matweý, seni azapdan gutaryp, özüm hem sen bilen ölýändirin!» ― diýip
gygyrmak üçin birazajyk pursat ýeterlikdi.
Eger Huda ýene az salym puryja berse, Matweý öz-özüni pyçaklap, sütüne daňlyp,
ejirli ölmeden halas bolup bilerdi. Emma häzir bu öňki salgyt ýygnaýjyny az
gyzyklandyrýardy. Nähili ýagdaýda jan bermek onuň parhyna däldi. Ol diňe bir zady
― ömründe ile zerreçe ýamanlyk etmedik Iýeşuanyň ölmegini isleýärdi.
Bu juda ýagşy rejedi, ýöne Lewiýniň ýanynda pyçagy ýokdy. Şeýle hem jübüsinde
kör köpük puly hem ýokdy.
Özünden gaty ynjap, Lewiý mähelläň arasyndan çykyp, yzyna — şähere tarap
ylgady. Onuň gyzan kellesinde diňe bir gaýnag pikir — şäherden, nähili edip bolsada, pyçak tapyp, ýene jeza resmine ýetip barmak pikiri at salýardy.
129
Ol şäher tarapa akyp barýan adam kerwenleriniň arasyndan seresaplyk bilen ylgap,
şäher derwezesine ýetdi, çep tarapynda açyk duran çörek dükanyny gördi. Jyzrama
yssyda ylgap geleni zerarly, haslap başlan Lewiý birazajyk demini dürsäp, sypaýylyk
bilen dükana girdi, tahylyň aňyrsynda duran dükan bikesi bilen salamlaşdy, gözüne
nämüçindir iň ýokarky tekjede duran bulka ýagşy görnüp, bikeden şol çöregi bermegi
haýyş etdi, emma bike aňrysyna öwrülen badyna, ol tahylyň üstünde ýatan, özüne
juda zerur zady — ýalaw ýaly ýiti, uzyn pyçagy aldy-da, dükandan çykyp gitdi.
Birnäçe minutdan soň, ol ýene Ýaffa ýoluna çykdy. Emma jeza resmi görünmeýärdi.
Ol ylgap gitdi. Wagt-wagt oňa özüni dürsemek üçin gumak ýoluň gyrasynda
gymyldaman ýatyp, dynç almak gerek bolýardy. Ol diňe bir gürsüldäp urýan
ýüreginiň sesini, kellesinde, gulaklarynda hem eşidip ýatýardy. Ol birazajyk demini
dürsäp, böküp turup, ýene ylgap başlaýardy, ýöne indi kem-kemden haýal hereket
edýärdi. Haçanda ol tozan turzup barýan jeza resmini görende, olar eýýäm depä
alkymlap barypdy.
― Eý, hudaý... ― diýip yňrandy gijä galýandygyna düşünen Lewiý.
Hawa, ol gijä galypdy. Ölüm jezasy resminiň başlanyna dört sagat bolanda, Lewiniň
çekýän jebri iň ýokary öwjüne çykyp, gazaby gaýnady. Ol daş üstünden turup,
göwnüne, indi zerur bolmajak ogurlyk pyçagy ýere zyňdy, agaç gabyny suw aýagy
bilen depip, mynjyradyp, özüni suwdan mahrum etdi, başyndan ýaglygyny sypyryp,
gür saçyny penjelläp, özüni näletledi.
Ol bolar-bolmaz gepler bilen özüne aýawsyz käýinýärdi, yňraýardy, tüýkürinip, özi
ýaly akmagy dünýä inderen ene-atasyna-da sögünýärdi.
Ol şunça antyň-kasamyň, sögünjiň bu jyzyrama günde hiç hili netije bermeýänini
görüp, ýumruklaryny düwüp, asmana, kölgeleri kem-kem uzaldyp, Ortaýer deňzi
tarapa agyp barýan Güne gözlerini gamaşdyryp, Hudaýdan bir gudrat görkezmegi
dileg edip, tizräk Iýeşuanyň janyny almagyny talap etdi.
Emma ol gözüni açyp, eger kenturionyň döşündäki iki galkanjygyň indi
lowudamaýandygyny hasaba almasaň, hiç zadyň üýtgemändigini gördi. Indi gün
şöhlesi ýüzleri Ýerşalaim tarapa bakdyrylyp haça çekilen jenaýatçylaryň arkasyna
düşüp durdy. Şonda Lewiý:
― Lagnatlar bolsun saňa, eý, hudaý! ― diýip gygyrdy. Soňra ol gyrlan sesi bilen
hudaýyň adalatsyzlygyna şaýat bolany sebäpli, indi oňa asla iman getirmejegi
hakynda nalyş etdi.
― Sen ker! ― diýip hyrryllaýardy Lewiý, ― ker bolmanyňda, nalamy eşiden
badyňa, onuň janyny alardyň.
Şu kinelerden soň Lewiý gözlerini ýumjukladyp: häzir gökden ýyldyrym düşüp, men
akmagy ýer-ýegsan eder diýip garaşdy. Ýöne beýle zat bolmady, şonda Lewiý
henizem gözlerini giňden açmaga gorkup, göge bakyp, ajy we armanly sözleri
gygyrmagyny dowam etdi. Ol gökden bütinleý umydyny üzeni, dünýäde başga
hudaýlaryň dinleriň hem bardygy hakynda gygyrýardy. Hawa, başga hudaý Iýeşua
kibi ynsanyň sütüne çüýlenip, günüň howruna bişip ölmegine hiç-haçan ýol
bermezdi.
― Men ýalňyşypdyryn! ― diýip hyrryldaýardy bütinleý boglan owaz bilen Lewiý,
― sen ýowuzlyk hudaýy ekensiň! Ýa gözleriňi ybadathanadaky çilimhanadan
130
göterilen tüsse kör edip, gulaklaryň dindarlaryň çalýan surnaý sedasyndan başga sesi
eşitmäge ejizmi? Sen gudraty güýçli hudaý dälsiň. Sen garaniýet hudaý sen. Lagnat
okaýaryn saňa, garakçylaryň hossarlary we puştypenasy bolman huda!
Şol wagt sadyk salgyt ýygnaýjynyň ýüzüne bir zat üfledi, aýagynyň aşagynda
nämedir bir zat şatyrdady. Ýaňky dem urmak ýene gaýtalandy, Lewiý gözüni açyp,
öz gargynçlarynyň täsirindenmi ýa özge bir sebäbe görämi, töwereginde bar zadyň
üýtgändigini saýgardy. Gün her gün batýan ýerine ― deňze ýetmän gaýyp bolupdyr.
Günbatar tarapdan ýuwaş-ýuwaş goýulaşyp gelýän eýmenç gara bulut ony
ýuwdupdy. Buludyň gyralarynda ak köpükjiklerden ybarat haşamly zer ýüze çykyp,
onuň garamtyl garny sarymtyl nur bilen şöhlelenýärdi. Bulut gümmürdäp, ondan otly
ýüpler guýulýardy. Birdenem güýçli ýel zyýaratçylaryň Ýaffa ýolunyň ýakasyna,
takrap ýatan Gion düzlügine diken çatmalarynyň üstünde tozanly tüweleý göterdi.
Lewiý, tizara Ýerşalaimiň üstüni gaplamaga şaýlanan gara bulut bagtygara Iýeşuanyň
takdyryna bir üýtgeşik girizermikä, diýip pikire batyp, dymdy. Soňra gara buldy
bölek-bölek edip nurlanýan otly çyzyklary synlap, ýyldyrymdan tizräk Iýeşuanyň
daňlan sütünine gelip urulmagyny dileg edip başlady. Ol gara buludyň häli bütinleý
ýuwdup ýetişmedik açyk asmanyna, gök gümmürdisinden heder edip, ganatlaryny
kakýan garaguşlara dikanlap, lagnat okamakda juda howlukmaçlyk edenine ökündi.
Indi Hudaý onuň sözüni kabul etmez.
Lewiý nazaryny depäniň etegine aýlap, öňki atly polkuň duran ýerinde örklendi we ol
ýerde üýtgeşik wakanyň bolýanyny gördi. Depäniň etegini gaban pyýada nökerler
dynman ýüwrüp, ýere sanjylan naýzalaryny sogrup, plaşlaryny egne taşlap,
jylawdarlar daýaw gara atlary idekläp, uly ýola çapdyryp çykaýardylar, bularyň
hemmesi ýokardan Lewiýniň gözüne anyk görnüp durdy. Ol tozanly şemaldan ýaňa
ýüzüni eli bilen örtüp, tiz-tizden tüýkürip, näme sebäpden atlylar gitmäge
şaýlandylarka diýip baş agyrdyp ugrady. Soň nazaryny ýokary galdyryp, gyrmyzy
harby plaş ýapynan bir adamyň ölüm jezasy meýdançasyna göterilýändigini gördi.
Ana, şonda azap pursatynyň soňky şatlykly demleriniň golaýlaşanlygyny duýan
sadyk salgyt ýygnaýjynyň ýüregi sowap gitdi. Gozgalaňçylaryň azap çekip başlanyna
dört sagatdan köpräk wagt geçende, depä göterilen bu adam Ýerşalaimden
janpenasynyň goragynda gelen kagorta komandiridi. Krysaboýyň bir ümi bilen
esgerler hatary süýşüp, tribuna ýol açdy, kenturion bolsa, oňa çest berdi. Tribun bolsa
Krysaboýy bir çete çagyryp, oňa birzatlary pyşyrdady. Kenturion ikinji mertebe oňa
çest berip, sütünleriň aşagynda harsaň daşlarda oturan jellatlara tarap ýol aldy. Tribun
― üç aýakly oturgyçda oturan adamyň garşysyna tarap ýöredi, ol hem sypaýylyk
bilen tribuna garşy turdy. Tribun oňa hem pessaý ses bilen bir zatlar aýtdy, soň ikisi
sütünlere tarap ýol aldylar. Ybadathananyň sakçylarynyň serdary hem olara eýerdi.
Krysaboý sütünleriň teýinde ýatan, ýap-ýaňam jenaýatçylaryň lybaslary bolan, emma
jellatlaryň almakdan ýüz öwren köne esgilerine ýigrenç bilen göz gyýtagyny aýladyda, jellatlardan ikisini çagyryp; ― Meniň bilen ýörüň! ― diýip buýrdy.
Iň ýakyn duran sütünden gyryk owaz bilen aýdylan manysyz aýdym eşdilýärdi. Bu
sütüne daňlan Gestas haça çekileli bäri üç sagat geçende, siňekleriň we Günüň
howrundan däliräpdi, indi ol üzüm hakda nähilidir bir aýdyma ýuwaş hiňlenýärdi,
emma şeýle-de bolsa, selle oralan başyny aram-aram bir çaýkap goýberýärdi, şonda
131
ýüzüne üýşen siňekler ýuwaşlyk bilen «güw» göterilip, şobada ýene ýüzüne
gonýardy.
Ikinji sütüne çekilen Dismas beýleki iki jenaýatçydan köpräk azar çekýärdi, çünki
heniz huşuny ýitirmändi, şuňa görä, kellesini bir saga, bir sola ýaýkap, gulagy bilen
egnini urjak bolýardy.
Iýeşua galan iki jenaýatçydan bagtyýarrakdy. Ölüm jezasy başlanan birinji sagadyň
özünde ol özüni ýitiripdi, soňra sellesi çözüljek bolýan başyny sallap, bütinleý
huşundan gidipdi. Şonuň üçin çybyndyr siňekler ony bütinleý büräp alypdy ki, bu
gybyrdaýan gara hümeriň aşagynda onuň ýüzi asla görünmeýärdi. Onuň garnyna,
goltugyna ýapyşan semiz-semiz gök siňekler biçäräniň ýalaňaç, saryýagyz tenini
sorup ýatyrdy. Gaýtarma galpakly adamyň yşaraty bilen iki jelladyň biri eline naýza
aldy, ikinjisi sütüniň aşagyna suwly bedre bilen esgi alyp geldi. Birinji jellat
Iýeşuanyň kese direge ýüp bilen gaýym daňlan elleriniň ilki birine, soň beýlekisine
naýza bilen urdy. Onuň gapyrgalary görnüp duran bedeni bir tisgindi. Jellat naýzanyň
ujuny onuň garnyndan ýöretdi. Iýeşua başyny göterdi, şonda siňekler «güw» edip
ördüler, asylgy jenaýatçynyň çybyn çakyp tanalmaz ýaly çişen ýüzi açyldy, onuň
gözleri ýumukdy.
Ha-Nosri ýelmeşen gabaklaryny zordan açyp, aşak seretdi. Onuň hemişe ýagty
gözleri indi bulançakdy.
― Ha-Nosri! ― diýdi jellat.
Ha-Nosri çişen leblerini zordan gymyrdadyp, garakçylaryňka meňzeş ýakymsyz ses
bilen seslendi.
― Saňa näme gerek? Nämüçin meniň ýanyma geldiň?
― Iç ― diýdi jellat, naýzanyň ujuna geýdirilen esgini suwa batyryp, Iýeşuanyň
agzyna eltdi. Onuň gözleri şatlykdan ýylpyldap gitdi, ol esgini açgözlük bilen sorup
başlady. Goňşy sütünden Dismasyň sesi geldi: ― Adalatsyzlyk! Menem edil şonuň
ýaly garakçy.
Dismas özüne zor saldy, ýöne gymyldabam bilmedi, çünki elleri üç ýerden kese
direge ýüp bilen gaýym daňylgydy. Ol başyny Iýeşuanyň daňlan sütünine garadap
garnyny içine çekdi, dyrnaklaryny diregiň ujuna batyrdy, gözlerinde gazap uçgunlary
ýandy.
Meýdançany çaň-tozan basdy, garaňky güýçlendi. Şemal tozany uçuryp gidensoň,
kenturion gygyrdy:
― Ikinji sütündäki, öçür owazyňy!
Dismas dym-dyrs boldy. Iýeşua esgini agzyndan aýyrdy-da, ýumşak we mylaýym
owaz bilen geplemäge çalyşdy, barybir muny başaryp bilmän, gyryljak ses bilen
jellada ýüzlendi:
― Oňa-da içir!
Tümlük kem-kem goýulaşdy. Ýerşalaime tarap süýşýän bulut indi asmanyň ýarysyny
büräpdi, iň öňde gara nem we otly ýyldyrymlary göteren ap-ak bulutlar süýşüp-daşyp
barýardy. Edil depäniň üstünde ýyldyrym çakyp, gök gümmürdedi. Jellat esgini
naýzanyň ujundan aýyrdy.
132
― Belent mürewwetli igemona hamdy-sena! ― diýip dabaraly ýagdaýda pyşyrdady
ol we Iýeşuanyň ýüregine naýzanyň ujuny batyrdy. Ol galdyrap pyşyrdady: ―
Igemon...
Gan onuň garnyndan syrygyp gaýtdy, onuň eňekleri şakyrdap, soň kellesi aşak
sallandy. Gümmürmama ikinji gezek gümmürdände, jellat Dismasa suw içirip
başlady, soň ýene Igemona şöhrat! sözüni gaýtalap ony hem öldürdi. Dälirän Gestas
jellady öz sütüniniň aşagynda göreninden gorkup gygyrdy, emma esgi leblerine
degenden, bir zatlary samrady-da, esgini mäkäm dişledi. Birnäçe sekuntdan soň, onuň
hem başy şalkyldap, aşak sallandy.
Gaýtarma galpakly adam jellat bilen kenturionyň yzyndan ýöräp barýardy, onuň
yzyna bolsa ybadathana sakçylarynyň serdary eýerdi, Gaýtarma galpakly adam birinji
sütüniň aşagynda saklanyp, gana boýalan Iýeşuany üns bilen gözden geçirdi, ap-ak eli
bilen onuň ökjesini tutup görüp, ýoldaşlaryna:
― Ölüpdir ― diýdi.
Galan iki sütüniň aşagynda hem şu ýagdaý gaýtalandy. Soňra tribun kenturiona
ümledi-de, yzyna öwrülip, ybadathana sakçylarynyň serdary we gaýtarma galpakly
adam bilen bilelikde depeden aşak gaýtdy. Howa ala garaňky boldy, gap-gara
asmanda ýyldyrym at çapdy. Birden gökde o uçurylan ýaly boldy we kenturionyň:
«Halkany aýryň!» ― diýen buýrugyny gök gümmürdisi basyp gitdi. Esgerler
begenişip, tuwulgalaryny geýip, depeden düşüp başladylar. Ýerşalaimi zulmat tümi
ýapdy.
Kenturiýa esgerleri Depäniň ýarym biline ýetenlerinde, birden şaglap ýagyş guýdy.
Ýagmyr şeýlebir güýçlidi welin, ol sil dek möwjäp esgerleriň yzyndan kowup ýetdi.
Tekiz ýola düşmäge gyssanan esgerler şalpy-şaraň palçykda taýyp öwran-öwran
ýykylýardylar. Tekiz ýolda bolsa durşuna öl-suw bolup, Ýerşalaim tarapa barýan
atlylar güwläp guýýan ýagyş perdesiniň arasynda göze ilýärdi. Ýene birnäçe wagt
geçenden soň, gök gümmürdisinden ýaňa ýagyş we ýyldyrym bürän depede diňe bir
adam galdy. Ol ýöne ýere ogurlanmadyk pyçagy silkäp, pesli-belentli ýerlerden
taýyp, gabat gelen her bir zada ýapyşyp, ýeri gelende, emedekläp sütünlere tarap
howlukýardy. Ol kä goýy zulmat goýnunda gaýyp bolýardy, kä çakan ýyldyrym
şöhlesiniň astynda göze aýdyň görünýärdi. Ine, ahyry ol sütünler bosagasyna ýetip
gelip, topugyna çenli suwa batan ýagdaýda ýagyşda ezilip, öl-suw bolup agralan
tallifini çykaryp taşlady, köýnekçe ýagdaýda Iýeşuanyň aýaklaryny gujaklady. Owala onuň baldyry daňlan ýüpi kesip taşlady, soň aşaky kese agaja aýagyny basyp
çykdy-da, Iýeşuanyň jesedini gujaklap, onuň ýokarky kese agaja daňlan ellerini
boşatdy. Ýalaňaç we ýagyş suwuna ezilen jeset Lewiýni ýere ýykyp, üstüne basyp
düşdi. Lewiý şu demde ony egnine göterjek boldy, emma köňlüne bir pikir gelip,
niýetinden gaýtdy. Ol gulajy gerlen jesedi ýerde, ýagmyr suwunda galdyryp,
palçykda ýykylyp-sürşüp, aýaklaryny laýa çümdürip, beýleki sütünler-haçlar tarapa
ylgady. Ol sütünlerdäki ýüpleri kesip taşlady, jesetler ýere gaýtdy... Aradan birnäçe
sekunt geçenden soň, depäniň üstünde diňe şu iki jeset bilen üç sütün gugaryp galdy.
Ýagyş jesetlere urulýardy, suw olary gapdala agdardy.
Bu wagt depäniň ýokarsynda Lewiý hem, Iýeşuanyň jesedi hem eýýäm ýokdy.
133
XVII bap
BIRAHAT GÜN
Juma güni ir bilen, ýagny kesapat seansynyň ertiri irden Warýeteniň barça işgärleri
― buhgalter Wasiliý Stepanowiç Lastoçkin, iki hasapçy, üç maşinistka, iki kassir
hat-petek gatnadyjylar, kapeldinerler (zalda biletleri barlap, tertibe gözegçiler) jaý
süpürýän aýallar, mahlasy, ähli hasapda durýan işgärler öz işleri bilen meşgul
bolman, Sadowaýa köçesine açylýan penjireleriň tekjesinde oturyp, Warýetäniň
öňünde ýüze çykan wakany synlaýardylar. Bu ýerde köp müň adamly mähelle iki
hatar bolup nobatda durdy, onuň soňy Kudrin meýdanyna ýetipdi. Nobatyň iň öňünde
Moskwa teatr milletine tanyş bolan alypsatarlardan ýigrimä golaýy durdy.
Nobatda duranlar aşa tolgunyp, öten-geçeniň ünsüni özüne çekýärdi, agşamky gara
jadygöýlik seansy hakynda ýaýran täsin hekaýalary ara alyp maslahatlaşýardylar. Ine,
şu hekaýalar agşam spektaklda bolmadyk buhgalter Wasiliý Stepanowiçiň aňkasyny
aşyrdy. Bilet barlaýjylar, Hudaý bilsin, gör, nämeleri, şeýle hem, şol meşhur seans
gutarandan soň, käbir aýallaryň köçede uýatly tüýsde ylgap ýörenini we şuňa meňzeş
kän wakalary gürrüň berýärdiler. Salyhatly, ýuwaş Wasiliý Stepanowiç ine, şu
mugjyzalar dogrusyndaky gepleri eşidip, diňe gözlerini gyrp-gyrp edip, näme etjegini
bilmän, başyny agyrdýardy, indi Wasiliý Stepanowiç bir çäre oýlap tapmalydy, çünki
Warýetäniň barça işgärleriniň arasynda esasy adam bolup bir özi galypdy. Ertir sagat
onda bilet aljaklar şeýlebir köpeldi welin, onuň owazasy milisiýa hem ýetip, göz
açyp-ýumasy tizlikde teatryň öňünde pyýada hem atly toparlar peýda boldy we
nobaty azda-kände tertibe saldylar. Emma bir kilometre uzalan bu hatar biraz
düzgüne münen bolsa-da, Sadowaýa köçesinden geçýän raýatlary gaty geň
galdyrýardy.
Bu daşardaky ahwaldy, emma Warýetäniň içindäki ýagdaý hem düzüw däldi. Ir
ertirden başlap Lihodeýewiň hem, Rimskiniň otaglaryndaky buhgalteriýadyr
kassadaky, Warenuhanyň kabinetindäki telefonlar üznüksiz jyrlap başlady. Ilki
Wasiliý Stepanowiç, soň kassir aýal bir zatlar diýip jogap berýärdiler, kä peldinerler
hem eýle diýip, beýle diýip jogap gaýtardylar, emma soň, bara-bara trubkany almagy
bes etdiler, çünki Warenuha, Rimskiý nirede diýen sowala jogap tapmak asla mümkin
däldi. Ilk-ä, «Lihodeýew öz öýünde» diýen jogap bilen sypjak boldular, emma
şäherden jaň edýänler: «Lihodeýewiňkä jaň etdik, ýöne ol Warýetede diýdiler»
diýýärdiler.
Gaty tolgunan bir zenan jaň edip, Rimskini talap edip başlady, oňa: «Siz Rimskiniň
aýalyna jaň ediň» diýip, maslahat berdiler, telefondaky aýal uly sesi bilen aglap:
«Men Rimskiniň aýaly, ol hiç ýerde ýok» diýip jogap berdi. Öte düşnüksiz ýagdaý
ýüze çykdy. Jaý süpürýän aýal maliýe direktorynyň kabinetini ýygnaşdyrmaga girip,
onuň gapysynyň bütinleý açyk ýatanyny, çyralaryň öçürilmändigini, baga açylýan
penjiräniň döwlendigini, kürsüniň ýerde agyp ýatanyny, emma otagda hiç kimi
görmändigini aýtdy.
Sagat ondan geçende Warýetä, madam Rimskaýa okdurylyp girdi. Ol hüňübirýan
aglap, ellerini döwere getirýärdi. Wasiliý Stepanowiç zenana näme aýtjagyny bilmän,
134
elden-aýakdan çykdy. Sagat on biriň ýarynda milisiýa ýetip geldi. Milisiýanyň beren
birinji we esasy sowaly şeýle boldy:
― Bu ýerde nämeler bolýar, graždanlar? Näme gep?
Warýete komandasy yza tesip, reňki çuw-ak bolan, teşwişli Wasiliý Stepanowiçi
milisiýa ýüzbe-ýüz goýdy. Şonda gepiň açygyny aýdyp, Warýetäniň direktorynyň
ornundaky maliýe direktorynyň, iş dolandyryjynyň ýitirim bolandygyny we olaryň
niredediginiň mälim däldigini, alyp baryjynyň bolsa agşamky görkezilişikden soň,
dälihana alnyp gidilendigini, mahlasy, agşamky oýnuň öte ryswalyk bolandygyny
boýun almak dogry boldy.
Aglap duran madam Rimskaýany höre-köşe edip, köşeşdirip, öýüne ugratdylar,
şundan soň maliýe direktorynyň otagynyň bolşy hakynda esasan jaý süpürýän aýalyň
gürrüňini diňlediler. Hyzmatçylardan iş orunlaryna baryp, iş bilen meşgul
bolmaklaryny haýyş etdiler, sähel wagtdan soň derňew hyzmatynyň işgärleri Warýetä
gulaklary ýiti, gözleri örän dana, daýaw bir çal iti idekläp getirdiler. Warýetäniň
işgärleri ony görenlerinden, ady meşhur Tuzbuben diýen it şu bolsa gerek diýen
manyda özara pyşyrdaşyp ugradylar. Hakykatdan hem, bu şol itdi. Onuň hereketi
hemmäni haýrana goýdy. Ol maliýe direktorynyň otagyna ýüwrüp girdi-de, sarymtyl
betgelşik dişlerini syrtardyp, hyrlap başlady, soň garnyny ýere berip ýatyp, gözlerinde
nähilidir hasrat-gaýgy we şol birwagtda gazap bilen döwlen penjirä tarap emedekläp
süýşüp başlady, öz gorkusyny ýeňip, penjiräniň tekjesine böküp çykdy-da, uzyn
tumşugyny göterip, jahalat bilen wagşyýana uwlady. Ol penjireden düşmegi
islemeýärdi, hyrlap durka, bedeni titräp, pese bökmäge synanýardy.
Iti kabinetden alyp çykyp, westibýula goýberdiler, ol ýerden it uly gapy arkaly köçä
ylgap çykdy we yzyndan barýanlary taksileriň durýan ýerine alyp geldi. Ine, şu ýere
gelende, ol yzyň ysyny ýitirdi. Şondan soň Tuzabeni alyp gitdiler.
Derňewçiler Warenuhanyň kabinetine ornaşyp, agşamky oýun wagtynda ýüz beren
wakalaryň şaýady bolan Warýete işgärlerini nobatma-nobat söhbede çagyryp
başladylar. Şuny aýtmak gerek ki, derňewçiler her pursatda garaşylmadyk
kynçylyklara duş gelýärdi. Kelebiň ujy salym geçmän üzlüp duruberýärdi.
Afişalar bolupmydy? Bolupdy. Emma gije olaryň üstüne başga afişalary
ýabşdyrypdyrlar, indi, öldür, birem galmandyr. Aslynda şol jadygöý nireden çykdy?
Kim bilýär. Göräýmäge onuň bilen şertnama-da baglaşylan ýaly.
― Şeýle ýaly öz-ä ― diýip jogap berdi tolgunýan Wasiliý Stepanowiç.
― Eger baglaşylan bolsa, ol buhgalteriýanyň üstünden geçmelidir-ä?
― Hökman ― diýip, ýene tolgunyp Wasiliý Stepanowiç jogap berdi.
― Ýeri, hany ol?
― Ýok ― diýdi, ellerini gerip, kem-kem reňki öçen buhgalter. Dogrudan hem, ne
buhgalteriň papkasynda, ne maliýe direktorynda, ne Lihodeýewde, ne Warenuhada
şertnamadan asla nyşan hem ýokdy.
Eýsem, ol jadygöýüň familiýasy nämedi? Wasiliý Stepanowiç bilmeýär, sebäbi, ol
düýn tomaşada bolmandy. Bilet barlaýjylar bilenok. Ahyry bilet satýan aýal
maňlaýyny bürüşdirip, ýygryp, oýlana-oýlana:
― Wo... Woland bolaýmasa... ― diýdi.
Belki, Woland hem däldir? Megerem, Woland däldir, belki-de Folanddyr.
135
Soraglaşdyryp, daşary ýurtlylar býurosynyň ne Woland diýen, şeýle hem, ne Foland
atly jadygöý hakynda hiç zat eşitmändiklerini anykladylar.
Hat gatnadyjy Karpowyň aýtmagyna görä, şol jadygöý göýä Lihodeýewiň öýünde
ýaşap ýörenmiş. Mälim zat, derrew ol öýe-de baryp geldiler. Ol ýerde hiç hili
jadygöý tapylmady. Lihodeýewiň özi hem ýok. Öý hyzmatkäri Grunýa-da ýokdy;
onuň nirä gaýyp bolanyny-da hiç kim bilmeýärdi. Öý edarasynyň ― başlygy Nikonor
Iwanowiç ýok, Proležnew ýok! Göz görüp, gulak eşitmedik ýagdaý ýüz beripdi:
teatryň ähli jogapkär ýolbaşçylary gaýyp bolupdy, düýnki jenjelli, uýatsyz oýun
görkezilipdir, emma kim ony gurapdyr, kimiň sözi bilen edilendigi anyk däldi.
― Şeýlelikde kassanyň açylmaly günortan wagty-da golaýlaşdy. Elbetde, kassany
açmak hakynda gürrüň-de bolmagy mümkin däldi! Şol demde Warýetäniň gapysyna:
«Bu günki spektakl ýatyrylýar» diýen ýazgyly ullakan karton asyp goýdular. Nobatda
duranlaryň arasynda tolgunyşyk döredi, emma az salym galmagal edip duranlaryndan
soň, uzyndan-uzyn nobat zynjyry böleklenip, dargady, netijede aradan takmynan bir
sagat geçip-geçmän, Sadowaýa köçesinde nobatdan nam-nyşan galmady.
Derňewçiler işi başga ýerde dowam etmek üçin gitdiler. Warýetäniň işgärlerine öýöýüne gitmäge rugsat berip, diňe nobatçylary galdyryp, teatryň gapylaryny ýapdylar.
Buhgalter Wasiliý Stepanowiçe iki işi birden tiz ýerine ýetirmek gerekdi. Birinjiden,
Tomaşalar we oýun-gülküler komissiýasyna baryp, agşam teatrda ýüz beren waka
hakynda habar bermelidi, ikinjiden, tomaşa jaýlarynyň maliýe kärhanasyna baryp,
agşam kassa düşen 21711 manat puly tabşyrmak gerekdi.
Örän tertipli we işine gaýym Wasiliý Stepanowiç puly gazete dolap, ony ýüp bilen
daňdy-da, sanajyna saldy. Pul götermek düzgünini juda oňat bilýän bu adam, elbetde,
awtobusa ýa-da tramwaýa münmän, taksi duralgasyna bardy. Bu ýerde duran üç
maşynyň sürüjileri eli dykyz sanaçly howlugyp gelýän ýolagçyny görenlerinden oňa
gaharly seretdiler-de, burunlarynyň alnyndaky ýolagçyny alman, gaçyp gitdiler.
Geň galan buhgalter muňa nähili düşünjegini bilmän, oýlanyp, duran ýerinde doňup
galdy. Ýene üç minutdan soň duralga boş maşyn gelip togtady, emma sürüjiniň gözi
ýolagça düşdi-de, ýüzi çytyldy.
― Maşyn boşmy? ― diýip, üsgürinen boldy heniz hem özüne gelmedik Wasiliý
Stepanowiç.
― Puluňy görkez ― diýip, gahar bilen jogap berdi sürüji ýolagça seretmän.
Has hem beter geň galan bulgalter gymmatly sanajyny goltugyna gysyp, jübüsinden
bir onluk çykardy-da, ony sürüjä görkezdi.
― Gitjek däl! ― diýdi ol gysgaça.
― Meni bagyşlarsyňyz... ― diýip, buhgalter söze başlanda, sürüji onuň sözüni böldi:
― Üç manatlygyň barmy?
Bütinleý aňkasy aşan buhgalter jübüsinden iki sany üç manatlyk çykaryp, sürüjä
görkezdi.
― Münüň ― diýip, gygyrdy ol we pul ölçeýäni urup, tas döwüpdi. ― Gitdik.
― Gaýtargyňyz ýok öýdýän? ― diýip, buhgalter gorka-gorka sorady.
― Jübüm doly gaýtargy! ― diýip, gygyrdy şofýor, aýnada onuň gan guýlan gözleri
göründi, ― şu günüň özünde meni üç gezek çürkäp gitdiler. Bir meni däl, ―
başgalary hem. Haýsydyr bir it ogly onluk berdi. Men oňa dört ýarym manat, düşüp
136
gitdi ol deýýus. Bäş minutdan soň seretsem: elimde onluk däl-de, narzan çüýşesiniň
ýarlygy! ― Şu ýerde sürüji, ýazylmaýan uýat sözleri aýdyp sögündi. ― Ýene birini
Zubowskaýa eltip taşladym. Ýene-de onluk! Üç manat gaýtargy berdim. Düşüp gitdi!
Soň jübüme el ursam, ol ýerden balary uçup çykyp gitmezmi?! Wah, seniň bir ―
diýip, sürüji ýene-de hapa sögündi, ― emma onluk ýok. Agşam Warýetede
(sögünýär) haýsydyr bir gömülgen gozbagçy gyzyl onluk seçip, tomaşa görkezenmiş.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ussat we Margarita - 15
  • Büleklär
  • Ussat we Margarita - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2002
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3845
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2120
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3726
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2112
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3879
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2025
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3779
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2089
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3900
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2162
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2139
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3813
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3846
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1995
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3825
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3857
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2064
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3112
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1684
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.