Latin

Ussat we Margarita - 07

Süzlärneñ gomumi sanı 3839
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Seretse, otagda myhman ýalňyz däldi, ýanynda ülpetleri-de bardy. Ikinji kürsüde ýapýaňy eýwanda «ýalp» edip gözüne görnen şol nusga otyrdy. Indi ol göze anyk
görünýärdi, murty betsypat, pensnesiniň bir gözünde aýna ýylpyldaýardy, ikinji
gözünde aýna ýokdy. Bu-da hemmesi däl, zergär dul aýalyň ýumşak kürsüsinde
üçünji bir jandar, ýagny ― bir penjesine arak guýlan bulgur, ikinji penjesine
duzlanan kömelek dürtülen dürtgüç alan äpet gara pişik arkaýyn otyrdy.
Bu otagdaky öňdenem öçügsi ýanýan çyra Stýopanyň göz öňünde sönüp başlady. Ol:
«Be, adam, ine, şeýdip dälireýän eken-ow!» ― diýip oýlandy, gapynyň tutawajyndan
tutup.
― Görýän welin, saňňyldap, siz birneme geň galdyňyz-ow, Stepan Bogdanowiç? ―
diýip sorady. Woland dişleri dynman şakyrdaýan Stýopadan, ― ýöne hiç hili geň
galar ýaly zat ýok. Bular meniň hemşerlerim.
Şol wagt pişik aragy içip goýberdi, Stýopanyň tutawaçdaky eli ondan sypyp başlady.
― Gepiň gysgasy, hemşerlerime jaý gerek ― diýip, gepini dowam etdi. Woland, ―
şunlukda kimdir biri şu öýde artykmaç, meniň pikirimçe, şol artykmaç adam ― diňe
siz!
― Şular, şular! ― diýdi geçi sesi bilen gözenek jalbarly iri adam Stýopa hakynda
köplük sanda gepläp, ― umuman, olar soňky wagtda kän ýaramaz işler edip
başladylar. Arakhorluk, heleýbazlyk bilen meşgullanyp ýörler, öz emellerinden
peýdalanyp işlerine el urman ýörler, dogrusy, ellerinden hiç zat gelmeýär, çünki öz
üstlerine ýüklenen wezipä-de dogry düşünmeýärler. Başlyklarynyň gözüni baglap
gelýärler!
― Döwlet maşynlaryny-da ýersiz ýere peýdalanyp, çapyp ýörler! ― diýdi kömelek
gäwüşäp oturan pişigem şugulçylyk edip.
Şunlukda bu öýde dördünji, iň soňky mugjyza ýüz berdi, pola özüni taşlap oturan
Stýopa halsyz eli bilen tutawajy gözläp başlady.
Kellesine gazappisint şlýapa geýen, gyýak dişleri agzyndan çykyp, şeýle hem öte
ýigrenji ýüzüni hasam ýigrenji edip, keltejik boýuna seretmezden, eginleri örän giň,
özem ýalyn ýaly çypar bir mahluk ýüz görülýän, üç tarapa açylýan aýnadan göni
çykyp geldi. ― Men ― diýip, gep başlady bu çypar, munuň nähili ýol bilen direktor
bolanyna düşünmeýärin ― ol geplediksaýyn beterden beterini tapýardy, ― eger men
nähili arhiýereý bolsam, ol hem şonuň ýaly direktor!
― Sen arhiýereýe meňzäňok, Azazello ― diýdi pişik tabagyna sosiska salyp durşuna.
― Menem şuny aýdyp durun-da, ― diýdi çypar paňkyldap we Woland tarapa
öwrülip hormat bilen üstüne goşdy;
― Rugsat ediň, messir, ony Moskwadan alys bir hylwatgähe gümläp goýbereýin?
61
Pişik tüýlerini hüžžerdip: ― Piş!! ― diýip gygyrdy. Şonda ýatakhana Stýopaň
daşyndan pyr-pyr öwrülip başlady-da, kellesi tutawaja uruldy we huşundan gidip:
«Ölýän öýdýän» diýip köňlünden geçirdi.
Emma ol ölmändi. Gözüni çalaja açyp, özüni daşa meňzeş nähilidir bir zadyň üstünde
gördi. Onuň töwereginde bir zat pagşyldaýardy. Ol gözlerini giňden açyp, güwleýän
deňzi gördi, pagşyldaýan tolkunlar gelip, onuň dabanyna zol-zol urulýardy, gepiň
gysgasy, ol tolkun gaýtargyjyň iň çetinde otyrdy, aýagynyň aşagynda deňiz öwç
alýardy, arkasynda bolsa, depäniň üstünde gözel şäher ýalkym salyp durdy.
Beýle hallarda özüňi nähili alyp barmalydygyny bilmeýän Stýopanyň aýaklary
sandyrap, tolkun gaýtaryjynyň üsti bilen kenara tarap ugrady. Ýolunda bir adam
durdy, ol papiros çekip, çalt-çaltdan deňze tüýkürýärdi. Ol adam Stýopa wagşy nazar
bilen seredip, tüýkürmesini bes etdi. Stýopa özüni ýitirer ýagdaýda, şu nätanyş
çilimkeşiň garşysynda dyza çöküp, şeýle diýdi:
― Ýalbaryp soraýan sizden: bu haýsy şäher?
― Men-ä haýran! ― diýdi birehim çilimkeş.
― Men serhoş däl ― diýdi boguk ses bilen Stýopa. ― Men näsag, maňa bir zad-a
boldy, syrkawladym... Nirede men? Bu haýsy şäher?...
― Ýeri, aýdaly, Ýalta!
Stýopa uludan dem alyp, gapdala gyşardy, başy tolkun sowujynyň güne gyzan daşyna
uruldy.
VIII bap
PROFESSOR BILEN ŞAHYRYŇ ARASYNDAKY ÇEKIŞME
Stýopa Ýaltada huşundan giden wagty, ýagny sagat on ikiň ýarynda uzak dowam
eden çuň ukudan oýanan Iwan Nikolaýewiç Bezdomnyý ahyry huşuna geldi. Ol kän
wagt diwarlary çuw-ak üýtgeşik ýaldyrawuk metaldan ýasalan ajaýyp agşamlyk
stoly, aýnasyna ak tuty tutulan, perdäniň aňyrsyndan Gün nurunyň parlap durany
bildirýän bu nätanyş otaga nädip düşenini pikir edip ýatdy.
Iwan başyny bir silkip, indi agyrmaýanlygyny bildi-de, derrew şypahanada
ýatanlygyny ýatlady. Bu pikiriň yzyndan onuň ýadyna Berliozyň ölümi düşdi, emma
bu waka ony agşamky ýaly gaty gynamady. Rahat uklap turan Iwan Nikolaýewiç indi
özüni ele alypdy, pikirleri-de aýdyňlaşypdy. Ol gül ýaly arassa, ýymşak arambagyş
prunžinaly krowatda kän wagtlap gymyldaman ýatdy, birden gözi gapdalyndaky jaň
düwmesine düşdi. Gerek bolsa-bolmasa, her närsä el uruberýän Iwan endigi boýunça
düwmäni basdy. Ol bir zatlaryň çalynmagyna ýa-da birewiň gelerine garaşypdy,
emma bütinleý başgaça ýagdaý ýüz berdi. Iwanyň ýatan krowatynyň aýak tarapynda
çal silindr çyra ýanyp, onda: «Suw» diýen ýazgy peýda boldy. Bir azdan soň silindr
aýlanyp başlady we ahyry onda: «Nýanýa» diýen ýazgy çykdy. Öz-özünden düşnükli,
bu üýtgeşik silindr Iwany gaty geň galdyrdy. Soňra «Nýanýa» ýazgysy «Doktory
çagyryň» diýen ýazgy bilen çalyşdy.
― Hm... ― diýdi Iwan, indi näme etjegini bilmän. Emma işi birden oň boldy.
«Feldşer aýal» diýen söz çykan badyna, ol düwmäni ikinji ýola basdy. Silindr ýuwaş
62
jyňňyrdap, aýlanmasyny goýdy, çyrasy söndi we otaga täp-täze ak halat geýen,
ýakymly, göze yssy bir aýal girdi.
― Ertiriňiz haýyr! ― diýip salamlaşdy ol Iwan bilen.
Iwan jogap gaýtarmady, çünki häzirki ýagdaýda beýle salamlaşmagy ýersiz diýip
pikir etdi. Dogrudan-da, eýsem sag adamy şypahana dykyp taşlasalar, üstesine,
özlerini göýä sogap iş edýän ýaly alyp barsalar ― munyň nämesi haýyrly?
Bu boluşda aýal ýüzündäki mylaýym äheňi saklap, bir düwmäni basyp, penjiräniň
perdesini ýokaryk çykardy. Şonda tä pola çenli ýetýän gözenekden ýagty düşüp,
otaga güneş nury çaýyldy. Gözenegiň aňyrsynda eýwan, ondan aňyrda egrem berip
akýan derýa, derýanyň aňry kenarynda bolsa şadyýan sosna tokaýy bardy.
― Wanna merhemet ediň ― diýdi aýal, soň onuň bir eliniň hereketi bilen içki diwar
çete süýşürilip, wannahana we juda gözel bejerilen hajathana peýda boldy.
Iwan öz ýanyndan bu aýal bilen gepleşmezlige äht eden bolsa-da, owadan krandan
şaglap akýan suwy görüp, dilini saklap bilmän, kinaýa bilen diýdi:
― Muňa seret! Edil «Metropoldaky ýaly!
― Aý, ýok, ― buýsanyp diýdi aýal, ― ondan hem ýagşyrak. Bu ýerdäki enjamlar,
bezegler daşary ýurtda hem tapylmaýar. Şypahanamyzy görmäge alymlar-u wraçlar
ýörite gelip durýarlar. Bu ýere her gün daşary ýurtly turistlerem gelýär.
Iwan «daşary ýurtly turistler» sözüni eşidende, agşamky konsultanty ýatlady. Keýpi
bozlup, ýakymsyz gepledi:
― Daşary ýurtly turistler... siz olary beýle gowy görýäňiz-le. Men size aýtsam,
olaryň arasynda her-hili adamlar bolýar. Meselem, agşam men olaň biri bilen
tanyşdym, heý, goýaý!
Şondan soň ol tasdan Pontiý Pilat hakynda geplejek boldy-da, bu gepiň bu aýal üçin
hem hiç-hili hajatynyň ýoklugyna, barybir ondan hiç-hili ýardama garaşyp
bolmajagyna düşünip, demini saklady.
Suwa düşen Iwan Nikolaýewiçe wannadan çykan erkek kişä zerur bolan hemme
närse: ütüklenen köýnek, içki balak, jorap berildi. Bulardan daşary, ýaňky aýal
yşgabyň gapysyny açyp, eli bilen yşarat edip sorady:
― Egniňize näme geýmek isleýärsiňiz, halatmy ýa pižamamy?
Bu täze jaýa zorlap ýerleşdirilen Iwan aýalyň endişesizligine aňk-taňk bolup,
barmagy bilen gyp-gyzyl mahmal pižama yşarat kyldy.
Şundan soň Iwan Nikolaýewiçi boram-boş, dym-dyrs koridordan ýöredip, örän
ullakan bir kabinete eltdiler. Birkemsiz bezelen bu binadaky hemme zada kinaýa
bilen seretmäge endik eden Iwan kabinete girenden, oňa «aşhana-fabrika» diýip at
goýdy.
Muňa sebäbem bardy. Bu ýerde ençe-ençe yşgaplar, nikellenen ýaldyrawuk enjamlar
ýerleşdirilen aýnaly şkafjagazlar düzlüp durdy. Örän çylşyrymly ýöriteşdirilen
kürsüler, saýawany ýaldyrawuk nähilidir garynlak çyralar, san-sajaksyz çüýşe gaplar,
gaz bilen ýanýan gorelkalar-u elektir simleri, asla görülmedik enjamlar hem bu
kabinetde bardy.
Bu ýerde ak halat geýen üç adam (iki aýal we bir erkek) Iwan bilen meşgullanyp
başlady. Birinji nobatda, Iwandan käbir zatlary sorap bilmek maksadynda ony
burçdaky stolyň ýanyna eltdiler. Iwan ýagdaýa düşünip başlady. Onuň üçin üç ýol
63
bardy. Birinji ýol: ine, şu lampalardyr üýtgeşik enjamlara topulyp, baryny kül-uşak
edip, özüni nähak saklaýanlary üçin şeýdip närazylyk bildirmekdi ― bu usul ony
gaty was-wasa salýardy. Ýöne bu günki Iwan agşamky Iwandan parhlydy, şoňa görä,
birinji ýol oňa şübheli göründi: hudaý görkezmesin, ýene olar guduzlan däli diýen
hyýala beriläýmesinler. Şonuň üçin Iwan birinji ýoly ret etdi. Ikinji ýol hem bardy:
häziriň özünde konsultant we Pontiý Pilat hakynda hekaýa etmek gerek. Emma
agşamky tejribeden mälim boldy ki, ýa onuň geplerine ynananoklar, ýa bolmasa,
gürrüňine ters düşünýändirler. Şonuň üçin Iwan bu ýoldan hem sowlup geçip, üçünji
ýoly, ýagny buýsançly dymmagy saýlap aldy.
Emma bu ähtini doly amala aşyryp bilmedi, islese-islemese, bir hatar sowallara üzükýoluk bolsa-da, jogap bermeli boldy.
Netijede Iwandan onuň geçmişi hakynda, hatda takmynan on bäş ýyl öň hörezek
bilen keselleýişini-de sorap bildiler. Iwanyň jogaplaryndan anketanyň tutuş bir
sahypasy dolup, ikinji sahypa geçildi, indi ak halatly aýal Iwanyň dogan-garyndaşlary
dogrusynda soraşdyryp başlady. Gepiň gysgasy, tutaryksyz ezmek başlapdy:
garyndaşlaryndan kimler ölüpdir, haçan we nämeden ölüpdir, içýärmiň, deri-damar
keseli bilen keselläpmidiň we şuňa meňzeş soraglar. Soraglar gutaran soň, agşam
Patriarh kölçesinde ýüz beren wakany aýdyp bermegi haýyş etdiler, emma gaty
gyssamadylar, Pontiý Pilat barada aýdan gepine geňem galmadylar.
Şondan soň Iwan aýaldan gutulyp, erkek adamyň ygtyýaryna geçdi, ol Iwan bilen
başgaça tüýsde mylakat kyldy, ondan hiç zat soramady. Ol Iwanyň gyzgynyny ölçedi,
damarynyň pulsuny barlady, birhili çyra tutup, gözlerine seretdi. Soňra erkek kişä
beýleki aýal ýardama geldi we Iwanyň arkasyna agyrysyz sanjym etdiler, kükregine
çekiçjagazyň dessesi bilen nähilidir birhili belgiler etdiler, çekiçjagaz bilen dyzlaryna
urup gördüler, şonda aýagy dim-dikleýin bökdi, barmagyndan gan aldylar, tirsegine
sanjym kyldylar, ellerine birhili rezin halkalar geýdirdiler.
Iwan bularyň hemmesini ýaňsyly synlap, bolýan zatlaryň akmaklyk we
bimanylygydygy hakynda oýlaýardy.
Pikir edip görüň! Ol-a adamlary nätanyş konsultantyň hatarly hilelerinden ägä etjek
bolýar, ony hut özi ele saljak bolýar, emma oňa derek özi syrly kabinete düşüp,
Wologdada ýaşaýan içegen Fýodor daýysy, onuň bir içip başlasa, saklanyp
bilmeýändigi barada aýdyp berip otyr. Öte akmaklyk!
Ahyry Iwana gitmäge rugsat berdiler. Ony ýene öz otagyna alyp bardylar, soň
ertirligine bir käse kofe, gaýnadylan iki ýumurtga, mesge çalnan ak nan berdiler.
Iwan olaryň hemmesini iýip-içip bolup, bu edaranyň iň uly başlygyna garaşmagy, şol
başlygyň ynanjyny gazanmagy, ondan adalat talap etmegi äht etdi.
Hakykatdan-da, ertirlikden soň, sähel salymdan şol garaşylan başlyk bilen duşuşdy.
Iwanyň ýerleşdirilen otagynyň gapysy birden açylyp, ak halatly birgiden adam otaga
girdi. Hemmeden öňde, sakaly artistlerçe syrylan, kyrk bäş ýaşlaryndaky, hoşsurat,
emma gözleri juda ýiti, mylaýym tebigatly bir adam gelýärdi. Galanlaryň hemmesi
oňa ýol berip, hormatlaýardylar, şu sebäpden onuň otaga gelşi dabaraly boldy. «Edil
Pontiý Pilat!» ― diýip köňlünden geçirdi Iwan. Hawa, şübhesiz bu adam ýolbaşçydy.
Ol kürsä oturdy, galanlary dik duruberdiler.
64
― Doktor Strawinskiý ― diýip, özüni tanatdy kürsä oturan kişi we Iwanyň ýüzüne
dostlarça dikanlady.
― Ine, Aleksandr Nikolaýewiç ― diýdi sakaly tertipli bejerilen bir adam ýuwaş ses
bilen we Iwanyň hemme taryhy ýazylyp doldurylan anketasyny başlyga uzatdy.
«Tutuş bir delo açypdyrlar-ow» ― diýip, pikirlendi Iwan. Başlyk bolsa, kagyza
ýazlan tanyş sözlere göz geçdirip çykyp: «Ugu, ugu...» diýdi we töwereginde
duranlar bilen düşnüksiz dilde bir-iki agyz pikir alyşdy.
«Latynça hem Pilat ýaly gepläp otyr...» diýip Iwan hasratly oýlandy. Şol wagt
gulagyna ilen bir söz ony tisgindirdi. Ol düýn agşam Patriarh kölçesiniň boýunda
lagnaty daşary ýurtlynyň aýdan, bu gün bolsa, professor Strawinskiniň tekrarlan
«şizofreniýa» sözüdi.
«Bilen eken!» ― diýip, Iwan howsalaly pikir etdi.
Daşky görnüşden Strawinskiý hemmeler bilen ylalaşmagy, töweregindäkileriň
aýdýan sözlerine şatlanmagy endik edinen bolmaga çemeli. Şonuň üçin ol zol-zol:
«örän ýagşy» diýen sözleri gaýtalaýardy.
― Örän ýagşy! ― diýdi Strawinskiý elindäki sahypany yzyna gaýtaryp. Soň Iwana
ýüzlendi: ― Siz şahyrmy?
― Hawa, şahyr ― diýip, Iwan sowuk jogap berdi. Onda ömründe birinji gezek
şygryýete birhili ýigrenç döredi. Ýadyna düşen öz goşgulary oňa häzir ýakymsyz
bolup göründi. Ol öz nobatynda ýüzüni çytyp Strawinskiden: ― Siz ― professormy?
― diýip sorady.
Strawskiý bu soraga endigine görä, baş atyp, jogap berdi.
― Bu ýeriň iň ulusy hem sizmi? ― diýip dowam etdi Iwan. Strawinskiý bu gezegem
baş atdy.
― Men siz bilen gepleşjekdim ― diýip, Iwan Nikolaýewiç köpmanyly sözledi.
― Menem şonuň üçin geldim-dä ― diýip, Strawinskiý ony goldady.
― Onda ýagdaý şeýle ― diýip, Iwan geplemek nobatynyň özüne gelenini duýup,
gepläp başlady. ― Meni bu ýerde däli hasaplaýarlar, hiç kim sözümi diňlemek
islemeýär!...
― Tersine, biz dykgat bilen eşitmek isleýäris ― diýdi Strawinskiý çyny bilen, teselli
beriji äheňde, ― biz size däli diýmäge asla ýol goýmarys.
― Beýle bolsa, diňläň, düýn agşam gijara Patriarh kölçesiniň boýunda men bir
şübheli şahs bilen duşuşdym, daşary ýurtlumy, dälmi, bilip bolmaýan şol adam
Berliozyň öljegini öňünden aýtdy. Ol Pontiý Pilaty öz gözi bilen görüpdir.
Professor bilen gelenler şahyryň sözlerini gymyldaman, dymyp diňleýärdiler.
― Pilatymy? Ol haýsy ― Isa pygamber döwründe ýaşan Pilatymy? ― diýip,
Strawinskiý Iwana dikanlap sorady.
― Hawa şol.
― Ä-hä ― diýdi Strawinskiý ― Berliozy bolsa tramwaý basyp gitdimi?
― Hawa, Berliozy agşam Patriarh kölçesiniň golaýynda tramwaýyň basyp gidenini
öz gözüm bilen gördüm, onsoňam ol şübheli graždanin...
― Pontiý Pilatyň tanyşymy? ― diýip, adama düşünmäge ezber Strawinskiý sorady.
― Hawa, edil özi ― diýip, Iwan Strawinskiýni synlap, tassyklady. ― Ana, şol adam.
Annuşka günebakar ýagyny bökdi diýip öňünden aýtdy... Berlioz bolsa, edil şol ýag
65
dökülen ýerde tyýpyp ýykyldy! Ýeri muňa näme diýersiňiz? ― diýip köp manyly
sowal berdi Iwan, ol bu sözleri bilen güýçli täsir oýarmakçy boldy. Emma täsir hasyl
bolmady, Strawinskiý indiki ýönekeýje sowaly berdi:
― Kim ekeni ol Annuşka?
Bu sowal Iwany aljyratdy, onuň ýüzi çytyldy.
― Bu ýerde Annuşka möhüm däl ― diýdi ol gazaplanyp, ― kim bilýär onuň
kimligini. Sadowaýada ýaşaýan bir tentek heleýdir-dä. Esasy zat, düşünýäňizmi, ol
daşary ýurtly günebakar ýagynyň döküljegini öňünden bilipdir, düşünýäňizmi?
― Örän gowy düşünip otyryn ― diýip, çynlakaý jogap berdi. Strawinskiý, soň
şahyryň dyzyna elini goýup: ― Tolgunmaň-da, dowam ediberiň ― diýdi.
― Dowam edeýin ― diýdi Iwan Strawinskiniň äheňinde geplemäge çalşyp, çünki
başyna düşen wakadan soň, indi diňe arkaýynlyk bilen maksada ýetmek boljagyna
düşünipdi, ― ana, şol eýmenç nusga, ýalan sözleýär, men onuň konsultantdygyna
ynanmaýaryn, ol tebigatdan daşary bir güýje eýe. Meselem, onuň yzyndan näçe
kowsaňam, ýetip bilmersiň. Onuň ýene bir jübüt ýoldaşlary bar, olar hem mälim
derejede hilebazlar: biri gözüne aýnasy döwlen pensne dakan juda ýuha bir nusga,
ikinjisi ― özi özbaşdak tramwaý münüp ýören örän haýbatly pişik. Mundan daşary,
― sözüni hiç kimiň bölmeýänligini gören Iwan has-da otlukly, ynandyryjy gepläp
başlady, ― ol Pontiý Pilatyň balkonynda hut özi bolupdyr, muňa şübhe ýok. Eýsem,
bu näme diýildig-ä? Ony tiz ele salmasaň, göz görüp, gulak eşitmedik belalary
başlamagy mümkin.
― Diýmek, siz ony ele salmagy isleýärsiňiz? Niýetiňize dogry düşündimmi? ―
diýip, Strawinskiý sorady.
«Parasatly eken ― diýip, oýlandy Iwan, ― boýun almak gerek, intelgentleriň
arasynda-da akyly berkemal adamlar duşýar. Muny inkär edip bolmaz!» ― soň jogap
gaýtardy:
― Örän dogry! Nämüçin ele salmak islemäýin ― özüňiz oýlap görüň! Bular, meni
bu ýerde zor bilen saklap otyrlar, gözüme çyra tutýarlar, wannada ýuwundyryp
ýörler, Fedýa daýym barada ýok soraglary berip, başymy agyrdyp, erkime
goýanoklar!... Ol bolsa, bireýýäm dünýäden öten! Meni häziriň özünde
boşatmagyňyzy talap edýärin.
― Bor, makul gep, örän ýagşy, gaty gowy! ― diýdi Strawinskiý, ― ine, hemmesi
aýdyňlaşdy. Hakykatdan-da, sag adamy şypahanada saklamagyň näme manysy bar?
Ýagşy. Men häziriň özünde sizi bu ýerden çykarmaga buýruk bererin, eger siz, ruhy
taýdan men sag diýip aýtsaňyz. Subut etmek hökman däl, diňe aýtsaňyz ýeterlik.
Ýeri, aýt hany, siz ruhy taýdan sagmysyňyz?
Şu wagt otagyň içi çuň ümsümlige gark boldy, ir bilen Iwany ýuwundyran semiz aýal
professora hormat bilen bakdy. Iwan bolsa, ýene bir mertebe: «Hakykatdan hem
parasatly eken» ― diýip, köňülden geçirdi. Professoryň teklibi oňa hoş ýakdy, ýöne
jogap gaýtarmazdan öň, gaşyny çytyp, çyny bilen oýlanyp, ahyry kesgin äheňde
aýtdy: ― Men ruhy taýdan sag .
― Ine, örän ýagşy ― diýip, Strawinskiý ýeňillik bilen dem aldy, ― eger şeýle bolsa,
onda geliň, logiki taýdan bir pikir alşyp göreliň. Ine, siziň düýnki günüňizi alaly, ―
şeýle diýip arkasyna öwrüldi, derhal onuň eline Iwanyň anketasyny berdiler. ― Siz
66
düýn özüni Pontiý Pilatyň tanşy diýip atlandyran adamy yzarlap, şu aşakdaky işleri
edipsiňiz. ― Strawinskiý kä anketa, kä Iwana seredip, uzyn barmaklaryny bir-birden
büküp başlady, ― kükregiňe kagyz ikona asyp ýörüpsiň. Dogrumy?
― Dogry ― diýip, Iwan torsaryp tassyklady.
― Diwardan aşjak bolup, ýykylyp, ýüzüňizi ýaralapsyňyz. Şeýlemi? Eliňize ýakylgy
şem alyp, içki balakda restorana barypsyňyz, ol ýerde kimdir birini urupsyňyz. Soň
el-aýagyňyzy daňyp, bu ýere getiripdirler. Bu ýerde bolsa, milisiýa jaň edip,
pulemýot ibermegi sorapsyňyz. Soňra penjireden bökmäge synanyşypsyňyz.
Şeýlemi? Sowal döreýär: şu tüýsde hereket edip, bir adamy tutup ýa-da tussag edip
bolarmy? Eger-de ruhy taýdan sag adam bolsaňyz, muňa: «Ýok, mümkin däl» diýip
jogap berersiňiz. Bu ýerden gitmek isleýäňizmi? Baş üstüne! Emma hany aýdyň bu
ýerden çykyp, göni nirä barasyňyz?
― Elbetde, milisiýa. ― Iwan professoryň dikanlap seredişinden haýygyp, berk, ýöne
ynamsyzrak aýtdy.
― Göni şu taýdanmy?
― Ä-hä.
― Öňürti öýüňe girip-çykjak dälmi? ― diýip, Strawinskiý tiz sorady.
― Wagt ýok, men öýe girip çykýançam, onuň ýitirim bolmagy ahmal!
― Şeý diýsene. Bolýa, milisiýa baryp, birinji nobatda näme diýersiň?
― Pontiý Pilat hakynda aýdaryn ― diýip, jogap berdi. Iwan Nikolaýewiç, şonda
onuň gözi garaňkyran ýaly boldy.
― Hä, örän ýagşy! ― diýdi boýun bolan Strawinskiý, soň sakally adama ýüzlenip
buýurdy: ― Fýodor Wasilýewiç, merhemet görkezip, graždanin Bezdomna şähere
çykmaga ejaza beriň. Emma bu otag bent edilmesin, düşegi-de ýygnaşdyrylmasyn.
Çünki graždanin Bezdomnyý iki sagatdan soň ýene şu ýerde bolar. Nätjek-dä ―
diýip, ol şahyra tarap öwrüldi, size üstünlik dilemeýärin, sebäbi üstünlik gazanjagyňa
asla ynanmaýaryn. Tizden ýene görüşýänçäk, hoş! — Ol ýerinden turdy, galanlar
hem gozganyp başlady.
— Ýene dolanyp geljegime nähili esasyň bar? — diýip, howatyrlanyp sorady Iwan.
Strawinskiý edil şu soraga garaşýan ýaly, derhal ýene oturyp, gepläp başlady:
— Esas şeýle, siz içki balakda milisiýa baryp, Pontiý Pilat bilen ýakyndan tanyş
adama uçratdym diýip aýdyp-aýtmakaň, şobada sizi şu ýere getirerler we özüňi ýene
şu otagda görersiň.
— Içki balagyň muňa näme dahyly bar? — diýip, Iwan töweregine aljyraňy nazar
aýlap, sorady.
— Iň esasy zat Pontiý Pilat. Emma içki balagyň hem dahyly bar. Eger gitjek bolsaň,
egniňizdäki şypahanaň eşigini çykaryp, size öz geýmiňizi berýäris. Özüňiz bilýäňiz,
bu ýere içki balakda getirdiler.
— Men öz gepimde öýňüz hakda saňa ýatlatdym, ýöne siz ilki öýüňize barmagy
hyýalyňyza-da getirmediňiz. Soňra nobat Pilata gelýär-de... iş bitýär!
Şu wagt birden Iwan Nikolaýewiç özüni erksiz duýdy, öz ejizligini, kimdir biriniň
maslahatyna mätäçdigini aňşyrdy.
— Onda men näme edeýin? — diýip sorady ol indi çekinjeňlik bilen.
67
— Ine, bu başga gep! — diýdi Strawinskiý, — bu ýerlikli sowal. Indi size aslynda
näme bolanlygyny aýdyp bereýin. Düýn kimdir biri Pontiý Pilat we başga zatlar
hakyndaky hekaýalary bilen sizi gaty gorkuzyp, kalbyňyzy lerzana salypdyr, netijede
siz gazaplanyp, ganyňyz gyzyp, şäheriň içi bilen ýöräp, Pontiý Pilat hakynda aýdyp
başlansyň. Düşnükli zat, sizi dälidir öýdüpdirler. Bu ýagdaýdan halas bolmak üçin
häzir size diňe rahatlyk gerek. Şol sebäpli, siziň bu ýerde galmagyňyz zerur.
Iwan ýalbaryjy äheňde: — Ýöne ony ele salmak gerek ahyry! — diýdi.
— Ýagşy, ýöne munuň üçin özüňiz ylgap nätjek!? Gowusy, siz şol adam hakyndaky
şübheleriňizi, onuň aýyplaryny ýazmaça beýan ediň. Arzaňyzy degişli ýere ap-aňsat
ugradarys. Eger-de, şol adam hakykatdan-da, siziň çak edişiňiz ýaly, jenaýatçy bolup
çyksa, ol haýal etmän anyklanar. Emma bir şert bar: başyňyzy kän bir agyrtmaň.
Pontiý Pilat hakynda azrak pikir ediň. Adamlar her hili zat aýdarlar, ýöne hemmesine
ynanybermek bolmaz.
— Düşündüm! — diýdi Iwan kesgin äheňde!— ýöne haýyş edýän, maňa kagyz
galam bersinler.
— Kagyz bilen keltejik galam beriň — diýip buýurdy Strawinskiý semiz hatyna, soň
Iwana ýüzlendi:
— Emma maslahatym, bu gün ýazmaň.
— Ýok, ýok, bu günüň özünde, hut şu gün — diýip, Iwan tolgunyp, gaty gepledi.
— Ýeri, bolýa, ýöne beýniňize gaty agram salmaň. Bu gün gowy bolmasa, ertir bolar.
— Ol gaçyp gider.
— Gidip bilmez — diýip ynançly närazylyk bildirdi Strawinskiý, — hiç ýere gidip
bilmez, kepil geçýärin. Ýadyň-da bolsun, bu ýerde saňa her taraplaýyn ýardam
bererler, şu ýardamsyz işimiz öňe ilerlemez. Eşidýäňizmi! — diýip, Strawinskiý
köpmanyly sorady we Iwanyň iki elinem eline aldy. Onuň ellerini goýbermän,
Iwanyň gözlerine uzak wagtlap dikanlap, tekrarlady: — Size bu ýerde ýardam
bererler... Eşidýäňizmi?!... Size bu ýerde ýardam bererler... ... Size bu ýerde ýardam
bererler... Ruhyň ýeňleşer. Bu ýeri asuda we rahat... Size bu ýerde ýardam bererler...
Iwan Nikolaýewiç birden pallady, ýüzi mylaýymlaşdy. — Hawa, hawa, — diýdi ol
ýuwaşja.
— Ana, örän ýagşy! — diýip, Strawinskiý öz endigi boýunça söhbete nokat goýup,
ýerinden turdy, — ýene duşuşýançak! — diýip, Iwanyň elini gysdy, gapydan çykyp,
sakgaly adama öwrülüp diýdi: — Kislorod ulanyp görüň... hemem wanna.
Ýene bir salymdan soň Iwanyň otagynda Strawinskiý hem onuň ýoldaşlary hem
galmady. Penjirä tutulan toruň arkasynda, derýanyň aňry tarapynda çäş wagty bahar
alybasyny geýen gür tokaý Gün nurunda şoh-şadyýana joş uryp, ondan bäriräkde
bolsa derýa güneşde towlanýardy.
IX bap
KOROWÝEWYŇ OÝUNLARY
Moskwanyň Sadowaýa köçesindäki merhum Berliozyň ýaşan 302- bis öý
toplumynyň başlygy Nikonor Iwanowiç Bosoý çarşenbeden penşenbä geçilýän
68
agşamyndan başlap ýowuz aladalara uçrady. Siziň habaryňyz bar, bu öýe ýarym gije
Jeldibiniň gatnaşýan komissiýasy gelip, Nikonor Iwanowiçy çagyrdyp, ony Berliozyň
ölüminden habardar edip, onuň bilen bile 50-nji kwartira barypdy. Olar merhumyň
golýazmalaryny we beýleki zatlaryny möhürlän wagty, gatnap işleýän öý hyzmatkäri
Grunýa hem, ýeňilkelle Stepan Bogdanowiç hem jaýda ýokdy. Komissiýa,
merhumyň golýazmalaryny gözden geçirmek üçin özi bilen alyp gitjegini, onuň
ýaşaýan jaýy, ýagny üç otag (zergär dul aýala degişli kabinetiň, myhmanhananyň we
aşhananyň) öý toplumy edarasynyň ygtyýaryna geçjekdigini, merhumyň zatlarynyň
bolsa tä mirasdarlar tapylýança, şu jaýda saklanmagyň şertdigini Nikonor Iwanowiçe
mälim edipdi.
Berliozyň aradan çykanlygy hakyndaky habar öý ähline — adamlaryna ýyldyrym
çaltlygynda ýaýrady, netijede penşenbe güni ir sagat ýediden Bosoýa jaň edip
başladylar, soňra bolsa merhumyň jaýyna dawagärlik mazmundaky arzalary getirip
başladylar. Gysgasy, Nikonor Iwanowiç bar-ýogy iki sagadyň dowamynda şeýle
arzalardan otuz ikisini kabul kyldy.
Bu arzalarda ýalbaryşlar hem, töhmet hem, gybat hem, hatda jaýy öz hasabyndan
abatlap almaga wada berýänler-u banditler bilen bir kwartirada gysylyp ýaşamaga
artyk çydam berip bilmejegi hakynda ýazylan arzalar hem bardy. Bu arzalaryň içinde
31-nji kwartirada börek ogurlap, kemzol jübüsine salýanlar hakynda çeper ýazylan
arza, öz janyna kast etmekçi bolan bir, binika göwreli bolanlygyny boýun alýan arza
hem bardy.
Nikonor Iwanowiçy kwartirasyndan daşa çagyryp, ýeňinden tutup, bir zatlary
gulagyna pyşyrdap, göz gypyp, «bolýar» diýäýiň, sizi hoşal ederis diýip, wadalar
berýärdiler.
Bu azap gündüz sagat on ikiden geçýänçä dowam etdi, soňra takaty tak bolan
Nikonor Iwanowiç kwartirasyny terk edip, derwezäniň golaýyndaky edara gaçyp
çykyp gitdi, emma adamlar ol ýerde hem ony gününe goýmadylar, şonda ol edaradan
hem gaçyp gitdi. Nikonor Iwanowiç yzyndan garama-garama gelýän arzaçylary bir
emel bilen azaşdyryp, asfaltlanan howlyň içinden geçip, altynjy girelgäniň, gapysyna
girip gitdi we şol betnam 50-nji kwartiranyň ýerleşen bäşinji gatyna göterildi.
Semrän Nikonor Iwanowiç jaýyň gapysynyň öňünde birazajyk saklanyp, demini
dürsäp, jaň düwmesini basdy, emma hiç kim gapyny açmady. Ol ýene gaýta-gaýta jaň
etdi, hüňürdäp, käýinip, başlady. Emma gapy şonda-da açylmaýardy. Nikonor
Iwanowiçiň sabyr-takaty gutaryp, jübüsinden öý toplumy edarasyna degişli bir jübüt
ätiýaçlyk açarlary aldy-da, şarpa gapyny açyp, içeri girdi.
— Haý, hyzmatkär aýal, nirede sen? — diýip gygyrdy Nikonor Iwanowiç, ýarym
garaňky bosagada durup. — Adyň nämedi? Grunýamydy? Barmyň özi? Seda ber
ahyryn?
Hiç kim ses bermedi.
Şonda Nikonor Iwanowiç kabinetiň gapysyndaky sürgüji bozup, portfelinden
eplenme metrini aldy-da, kabinete gadam goýdy.
Gadam basmasyna basdy, emma bosagada geň galmakdan ýaňa doňup galdy, hatda
endamy titräp gitdi. Merhumyň stolynyň başynda egnine gözenek kemzol, başyna
69
çapyksuwarlaryň papagyny geýen, gözüne pensine dakan hor, inçeden uzyn bir
graždanin... mahlasy, şol adam otyrdy.
— Siz kim bolýaňyz, — graždanin? — gorka-gorka sorady Nikonor Iwanowiç.
— Be! Nikonor Iwanowiç-a, — diýdi bu garaşylmadyk myhman geçiňki ýaly
sandyrawuk ses bilen şaňkyldap, soň böküp turup, başlygyň elini mejbury eline aldyda, gysyp görüşdi. Bu salamlaşuw Nikonor Iwanowiçiň köňlüni asla götermedi.
— Meni bagyşlarsyňyz, — şübheli äheňde gep başlady ol, — siz kim bolýaňyz? Siz
— resmi şahsmy?
— Be, goýsaňyzlaň, Nikonor Iwanowiç! — diýdi nämälim adam dilkeşlik bilen.
— Resmi şahs näme-ýu näresmi şahs näme? Bularyň hemmesi bar zada haýsy
nukdaý nazardan garaýşyňa bagly. Hemme zat, Nikonor Iwanowiç, şertli we yrga. Bu
gün men näresmi şahsdyryn, emma ertir birden resmi bolmagym-da mümkin. Käte
tersine-de bolýar, Nikonor Iwanowiç. Özem onda-da nähili!
Bu pikir öý edarasynyň başlygyny asla kanagatlandyrmady. Her bir zada müňkür
bolmak bu adamyň ganynda bardy, şoňa görä, ýaraňjaňlyk edýän bu graždanin —
elbetde, näresmi şahs, anygyragy, bir işsiz bikär bolsa gerek diýip, netije çykardy.
— Kim ahyry sen? Familiýaňyz näme? — diýip, başlyk ýene-de gazaply äheňde
sorady, hatda ol nätanyş adamyň üstüne sürnüp bardy.
— Familiýam, — diýdi, nätanyş graždanin başlygyň daw-dabasyna asla perwaý
etmän, — haý, diýeli ana, Korowýew. Birazajyk garbanjakmysyňyz, Nikonor
Iwanowiç? Hiç çekinmäň!
— Meni bagyşlarsyňyz — diýdi Nikonor Iwanowiç indi gahary gaýnap, — nahar
nämişlesin! (Nähili bolsa-da, boýun almak gerek, Nikonor Iwanowiçiň özi gaharjaň
adamdy).
— Merhumyň otagyna girmek gadagan! Siz näme edip ýörsüňiz bu ýerde?
— Merhemet ediň, Nikonor Iwanowiç, oturyň — diýip, jogap berdi graždanin
başlygyň gazabyna perwaý hem etmäň, soň hoşamaý edip, ony kürsä teklip edip
başlady.
Emma Nikonor Iwanowiç dergazap bolup, kürsüde oturman:
— Kim ahyr sen özüň? — diýip gygyrdy.
— Ýeri, bolýa, aýdaly: men şu jaýda ýaşamaga ygtyýar alan bir daşary ýurtly şahsyň
terjimeçisi — diýip, özüni tanadan Korowýew sary köwşüni şark edip ýere urdy.
Nikonor Iwanowiçiň agzy açylyp, aňkaryldy. Bu jaýda haýsydyr bir daşary ýurtly
şahsyň öz terjimeçisi bilen ýaşaýanlygy onuň üçin asla garaşylmadyk ýagdaýdy, şu
sebäpli ol düşündiriş talap etdi.
Terjimeçi çyny bilen düşündiriş berdi. Mälim bolşuça, Warýetäniň direktory Stepan
Bogdanowiç Lihodeýew daşary ýurtly artist, jenap Wolandy bir hepde töweregi
dowam etjek gastrollary wagtynda öz jaýynda ýaşamaga hormat bilen teklip edipdir
we bu hakda düýn Nikonor Iwanowiçe hat ýazyp, ondan tä özi (ýagny Lihodeýew)
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ussat we Margarita - 08
  • Büleklär
  • Ussat we Margarita - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2002
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3845
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2120
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3726
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2112
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3879
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2025
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3779
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2089
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3900
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2162
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2139
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3813
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3846
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1995
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3825
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3857
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2064
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3112
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1684
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.