Latin

Ussat we Margarita - 03

Süzlärneñ gomumi sanı 3845
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Birdenem: ― Ýaramaz şäher! ― diýdi prokurator, edil sowukda üşän ýaly eginlerini
silkip, ellerini bolsa, ýuwunýan ýaly biri-birine sürtdi, ― Seni şol kiriafly Iuda bilen
söhbet etmezinden öň pyçaklap giden bolsalar, has oňat bolardy.
― Sen meni azat etseň nädýär, igemon, ― diýip, garaşylmadyk ýerden tussag haýyş
etdi, ― onuň sesinde howsala peýda boldy, ― meni öldürjek bolýandyklaryny
süňňüm syzýar.
Pilatyň ýüzi sandyramadan ýaňa gyşardy, ol agyna gyzyl damarjyklar ören gözüni
Iýeşua aýlap gepledi.
― Eý, betbagt, sen ýaly agzyndan beýle gepler çykan adamy Rim prokuratory nädip
azat etsin! Eý, taňrylarym! Ýa-da öz ýeriňde meniň bolmagymy isleýärmiň? Seniň
pikirleriňe men goşulmaýaryn! Meni diňle: eger şu demden başlap, jyp edip agzyňy
açsaň, bir adam bilen sözleşseň, menden ägä bol! Tekrarlap aýdýaryn, menden ägä
bol!
― Igemon...
― Sem bol! ― diýdi, Pilat we şu wagt ýene balkona uçup giren garlawaja gazaply
nazar aýlap: ― Bärik geliň! ― diýip gygyrdy.
Kätipdir sakçylar girip, öz ýerlerini eýelänlerinden soň, Pilat Kiçi Sinedrionyň
jenaýatçy Iýeşua Ha-Nosriniň üstünden çykarylan ölüm jezasyny tassyklaýandygyny
yglan etdi, kätip bolsa, Pilatyň aýdanlaryny derhal göçürdi.
Ýene bir demden soň, prokuratoryň gaşynda Mark Krysaboý durdy. Pilat oňa
jenaýatçyny gizlin gullugyň başlygyna tabşyrmaly, aýny wagtda oňa Iýeşua HaNosrini beýleki jenaýatçylardan aýra saklamak hakynda, şeýle hem. Iýeşua bilen bir
zat dogrusynda gepleşen ýa onuň haýsydyr bir soragyna jogap beren her bir gizlin
gullugyň hyzmatçysyny iň agyr jeza höküm etjegim hakyndaky permanymy hem
ýetirmeli diýip buýruk berdi.
Markyň bir yşaraty bilen sakçylar Iýeşuanyň daşyna üýşdüler-de, ony balkondan alyp
gitdiler.
Soňra prokuratoryň garşysynda kaddy-kamaty gelşikli, çypar sakgally, kükregini
örten sowuda şirleriň ýaldyrawuk tumşuklary çekilen, harby demir papagyna täç
sypatynda bürgüt peri sünjülen, şempiriniň kemerbendi altyn nokatlar bilen bezelen,
üç gatly deriden bolan aýakgabynyň ýüpleri tä dyzyna çenli oralan, gyrmyzy reňkli
plaşy çep egnine taşlanan hoşroý bir ýigit peýda boldy. Bu legionyň serkerdesi
legatdy. Prokurator ondan Sebastiýa kogortasynyň häzir niredeligini sorady. Serkerde
sebastiýalylaryň häzir ol ýerde jenaýatçylar baradaky çykarylan höküm yglan
edilýänçä, aýlawyň öňündäki meýdançany gabap durandygyny habar berdi.
23
Şonda prokurator serkerdä Rim kagortasyndan iki kenturiýany bölüp aýyrmagy
buýurdy. Bu kenturiýalylardan biri Krysaboýyň baştutanlygynda jenaýatçylary
öldürmäge gerekli bolan gurallar ýüklenen arabalara we jellatlara Takyr Depä
barýança gözegçilik edip, ol ýere ýetip baranlaryndan soň, depäniň ýokarsynyň
üstüniň bir tarapyny gabawa almaga gerekdi. Ikinji kenturiýa bolsa, häziriň özünde
şol Takyr Depä ugrap, derhal onuň töweregini eýeläp, gabap durmak üçin zerurdy.
Prokurator diňe şu maksat bilen, ýagny, Depäni gorap durmak üçin serkerdeden
kömekçi atly polk ― Siriýa goşunyny ibermegi haýyş etdi.
Serkerde çykyp gidenden soň, prokurator kätibe ýüzlenip, Sinedrionyň prezidentini
we onuň iki agzasyny, şeýle hem Ýerşalaim ybadathanalarynyň sakçylarynyň
serdaryny köşge çagyrmagy buýurdy, soň ýene şol buýrugyň üstüne goşdy: ―
Şeýlebir zat ediň ki, men çagyrylan şu adamlar bilen geňeş geçirmezimden öň,
prezident bilen özbaşdak duşuşaýyn.
Prokuratoryň emri tiz ýerine ýetirildi. Soňky günlerde Ýerşalaimi örän birehim
gyzdyrýan Gün heniz ýokary derejä ýetmänkä, bagyň üstki eýwanynda, onuň
basgançagyny gorap duran bir jübüt ap-ak mermerden ýolbarsyň ýanynda prokurator
Sinedrionyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Iudeýanyň beýik
hezreti, baş ruhany Iosif Kaifa bilen duşuşdy.
Bagda ümsümlik höküm sürýärdi. Emma prokurator sütünleriň arasyndan geçip,
düýpleri haýbatly pil aýaklaryny ýada düşürýän hurma daragtlary ösüp oturan bagyň
Gün nuruna gark bolan üstki balkonyna çykdy. Onuň göz öňünde, onuň öz
halamaýan Ýerşalaim şäheri özüniň asma köprüleri, galalary we ― iň esasy ― tutuş
binasy uly akulanyň töňňe pisint hamyny ýatladýan, mermer daşlardan hem altyndan
bina bolan, görki hiç bir tarypa sygmaýan uly ybadathanasy bilen suratlandy we
prokuratoryň jam ýaly gulaklaryna juda alysdan ― galanyň daş diwarly köşk
bagynyň aşak eýwanyny şäher meýdanyndan aýryp duran peslikden adamlaryň
wagtal-wagtal kä perýada, kä nagra meňzäp gidýän gohy eşidildi. Prokurator ol
tarapda ― meýdanda soňky günlerde Ýerşalimde ýüz beren tertipsizliklerden jünbüşe
gelen bihasap märekäniň toplanandygyna, bu mähelläniň jenaýatçylaryň üstünden
höküm çykarylmagyna bitakatlylyk bilen garaşýandygyna, gygyrýanlaryň bolsa,
janserek suw satýanlardygyna göz ýetirdi.
Prokurator ýakyp barýan Gün tygyndan özüne pena tapmak üçin ilki bilen baş
ruhanyny balkona teklip etdi, Emma Kaifa hormat bilen üzür sorap, teklibi kabul edip
bilmejekdigini aýtdy. Şonda Pilat saçy seýrekleşip başlan başyna plaşynyň gaýtarma
papagyny /kapýuşon/ geýip, söhbete başlady. Bu söhbet grek dilinde geçdi.
Pilat Iýeşua Ha-Nosriniň işini derňäp çykandygyny we ölüm jezasyny
tassyklandygyny aýtdy.
Şeýlelikde, bu gün amala aşyryljak ölüm jezasyna üç garakçy: Dismas, Gestas, Warrawwan, şeýle hem, olar bilen birlikde Iýeşua Ha-Nosri-de höküm edilipdi.
Halky ýoldan azdyryp, Kaýsara garşy gozgalaň turuzjak bolan, garpyşykda Rim
häkimiýetiniň eline düşen başky iki jenaýatçy prokuratoryň öz ygtyýaryndady, şonuň
24
üçin olaryň täleýi hakda gürrüň hem bolup biljek däldi. Soňkular, ýerli häkimiýetler
tarapyndan ele salnan War-rawwan we Ha-Nosri bolup, olar barada Sinedrion höküm
çykarypdy. Kanuna we däp-dessura görä, şu iki jenaýatçydan birini bu gün girip
gelýän gutly pasha baýramynyň şanyna azat etmek lazymdy. Gepiň gysgasy,
prokurator şu iki jenaýatçydan haýsy birini Sinedrionyň azat etjekdigini bilmek
isleýärdi: War-rawwanymy ýa-da Ha-Nosrinimi? Kaifa sorag düşnükli diýen manyda
baş egdi we jogap berdi:
― Sinedrion War-rawwany boşatmagy soraýar.
Baş ruhanynyň şeýle jogap berjegini prokurator oňat bilýärdi, emma onuň wezipesi,
özüni beýle jogaba geň galan edip görkezmekdi.
Pilat bu wezipäni uly sungat derejesinde ýerine ýetirdi. Onuň gaşlary tekepbir
ýüzünde maňlaýyna çenli göterildi, ol baş ruhana haýran galmak bilen göni seredip:
― Dogrusy, bu jogap meni geň galdyrdy, ― diýdi ol mylaýym äheňde, ― säwlik
dagy bolaýdymyka diýip gorkýaryn.
Pilat öz pikirini düşündirdi. Dogry, ― Rim hökümeti ýerli dini edaralaryň hukugyny
asla kemsitjek bolýan däldir, muny hezreti alyjenap baş ruhanynyň özi hem oňat
bilýändir, ýöne bu işde edil häzir ýalňyş goýberilendigi anyk. Elbetde, görnüp duran
bu hata düzedilse, Rim häkimiýetlerine bähbitli bolardy. Hakykatdanam, Warrawwan bilen Ha-Nosriniň jenaýatlarynyň arasyndaky düýpli parh bardy, agyrlygy
boýunça deňeşdirer ýaly däldi. Telbeligi aýdyň görnüp duran ikinji jenaýatçy özüniň
tutyraksyz gepleri bilen Ýerşalaimde we başga käbir ýerlerde adamlaryň ynjalygyny
bozmakda aýyplansa, birinji jenaýatçynyň aýby diýseň agyrdy. Ol halky açykdanaçyk gozgalaňa çagyrmak bilen çäklenmän, ýene özüni ele saljak bolan sakçylardan
birini öldüripdi hem. War-rawwan Ha-Nosrä garanyňda has howplyrakdyr. Ýokarda
aýdylan sebäplere görä, prokurator baş ruhanydan Sinedrionyň kararyny gaýtadan
görüp çykmagy we iki jenaýatçydan zyýansyzragyny azat etmegi soraýar ki, şol
zyýansyzrak jenaýatçy, şübhesiz, Ha-Nosridir. Şeýle dälmi?
Kaifa Pilatyň gözlerine göni bakyp, Sinedrionyň hökümnamany üns bilen
öwrenendigini, şoňa görä-de, War-rawwany azat etmegi niýet edýändigini ikinji
gezek ýuwaş, emma kesgitli aýtdy.
― Be-e!? Hatda meniň haýyşymdan soňammy? Rim häkimiýetiniň adyndan
gepleýän şahsyň haýyşy hem wajyp bolmaýarmy? Hezreti alyjenap, üçünji mertebe
hem tekrarla jogabyňy?
― Üçünji mertebe hem, War-rawwany azat etjegimizi mälim edýäris ― diýip, Kaifa
ýuwaşja aýtdy.
Mesele çözülipdi, aýdara başga söz galmady. Ha-Nosri indi o dünýä gidip barýardy,
diýmek, prokuratoryň ýowuz azarly kelle agyrysyny indi hiç kim dowalap
bilmeýärdi; bu derde ölümden başga em ýok. Emma, häzir Pilatyň aňkasyny aşyrýan
närse bu pikir däldi. Ýaňky balkonda ýüze çykan şol ýakymsyz demikdiriji duýgy
onuň ähli endam-janyny soka salnan ýaly edýärdi. Häziriň özünde ol özüniň bu
ýagdaýyna düşünmäge synandy, ýöne düşünmek juda kyn bolup çykdy: prokuratoryň
göwnüne höküm edilen Ha-Nosri bilen nämänidir bir zady aýdyşyp ýetişmedik ýaly,
hatda onuň haýsydyr bir pikirini soňuna çenli diňlemedik ýaly boldy. Pilat bu pikiri
hyýalyndan geçirdi, ol nähili tiz peýda bolan bolsa, şonça-da tiz gaýyp boldy. Pikir-ä
25
gaýyp boldy, emma demikdiriji howsala häli hem öňküligine galdy, edil ýyldyrym
dek bir çakan şu demde öçen: «Bakylyk... bakylyk başlandy...» diýen başga bir
gysgajyk pikir hem bu ýagdaýy düşündirip bilmeýärdi. Kimiň bakylygy başlandy?
Muňa prokurator düşünip bilmedi, emma bu bakylyk hakyndaky matal ýaly bir pikir
şu jyzyrama gün tygynda hem ony gagşatdy. ― Ýagşy, ― diýdi Pilat, ― goý, şeýle
bolsun.
Indi ol daş-töweregine göz aýlap, ýüz beren özgerişlige geň galdy. Gunçalary pür
açylan bägül buta we ýokarky eýwanyň etrapynda hatar düzlüp duran serwi
daragtlary gaýyp bolupdy, enar daragty hem, ýap-ýaşyl maýsalykdaky ak heýkel
hem, maýsalygyň özi hem gözden ýitipdi. Bu gözel tebigatyň ornuny nähilidir bir
gyrmyzy çökündi eýeläp, bu çökündide suw otlary gögerip, nirädir bir ýere süýşüp
başlady, Pilatyň özi hem şu otlar bilen bile gidip barýardy. Indi iň bir ýowuz gazap,
ejizligiň gazaby ony bogup hem köýdürip, allaowarra äkidip barýardy.
― Dünýäm daralýar, ― diýdi Pilat, ― dünýäm daralýar!
― Ol sowuk we nemli eli bilen plaşynyň ýakasyndaky düwni çözdi, plaş syrylyp
gumak ýere düşdi. Bu gün howa dymyk, nirededir bir ýerde çagba ýagýar ― diýdi ―
Kaifa prokuratoryň gan guýlan ýüzünden gözüni aýyrman we onuň enteklerem
çekjek barça azaplaryny göz öňüne getirip, «Bä, bu ýyl nisan aýy örän ýowuz geldiow!»
― Ýok, ― diýdi Pilat, ― howanyň dymyklygyndan däl, Kaifa seniň bilen duranym
üçin demigýän, ― soň ol gözlerini süzüp ýylgyrdy-da, üstüne goşdy: ― Özüňi gora,
baş ruhany.
Kaifanyň şar gara gözleri has-da şöhlelendi, ýaňy prokuratoryň keşbinde nähili geňsi
alamat ýüz beren bolsa, indi Kaifanyň hem ýüzünde şeýle taňlyk peýda boldy.
― Nämeler diýýärsiň, prokurator? ― Tekepbir we hatyrjem äheňde diýdi ol, ―
Höküm çykarylandan soň, maňa howp edýäňmi? Hökümi özüň tassykladyň-a!
Gulaklaryma ynanmaýaryn. Biz Rim prokuratorynyň owal pugta oýlanyp, soň öz
pikirini beýan edýänligine öwrenşipdiris. Biziň gürrüňimizi biri eşidäýen-ä däldir
hernä, Igemon?
Pilat baş ruhana öli gözlerini dikdi, dişini akjardyp mylaýym ýylgyrjak ýaly etdi.
― Aý ýok-la, baş ruhany! Bu ýerde biziň gepimizi kim eşidip biler? Menem şu gün
öldüriljek şol ykmanda, diwana ýigide meňzeýänmi? Ýa çagamydym men, Kaifa?
Men nirede näme diýjegimi bilýärin. Baga sakçy goýulandyr, bütin köşk goragdadyr,
diýmek, hatda syçanlar-da deşik-köweklerden girip bilmez bu taýa! Ol-a syçan eken,
hatda ol, ady nämedi... Kiriaf şäherinden gelen hem. Ýogsa-da, sen ony tanaýaňmy,
baş ruhany? Hawa... eger bu ýere şonuň ýaly adam giräýen bolsa-ha, girenine müň
puşman ederdi. Ind-ä bu gepime ynansaň gerek? Hullasy, hezreti alyjenap, bilip goý,
şu günden başlap sen dynjyňy-aramyňy ýitirersiň! Sen hem, kowumlaryň hem, ―
Pilat şeýle diýip, eli bilen sag tarapda, ençe uzaklykda lowurdap duran ybadathana
yşarat etdi, ― muny saňa ― Pontiý Pilat, Altyn Naýza göteren atly nöker bolan men
aýdýandyryn!
― Bilýärin, bilýärin! ― diýip, gözlerini ýyldyradyp gara sakgally Kaifa gorkusyz
aýtdy. Ol elini göge uzadyp, kelamyny dowam etdi: ― Iudiýa halky, ony wagşyýana
adawat bilen ýigrenýänligiňi, ony köp agyr hupbatlara duçar etjegiňi-de bilýär, emma
26
doly boýun syndyryp bilmersiň! Hudaý öz penasyna alar bu halky! Eşitgeý, hawa,
gutradly patyşa zarymyzy eşitgeý we bizi jellat Pilatdan azat etgeý!
― Aý, ýok! ― diýdi Pilat we indi gepledigi saýyn, ýene-de köňli aram tapyp: indi
jögülik etmegiň hem, rowan jümle düzmek üçin söz gözlemegiň hem hajaty
galmandy. ― Sen patyşalyga meniň üstümden köp mertebe arz etdiň, indi nobat
maňa geldi, Kaifa! Indi men nama ýazyp göndererin, iberemde hem, Antiohiýadaky
dikmä däl, Rime hem däl, gönüden-göni Kapreýa ― imperatorynyň özüne ibererin
siziň bu ýerde, Ýerşalaimde ganym gozgalaňçylary ölümden gutarýandygyňyz
hakynda. Ana, şonda Ýerşalaim ilini, owalky ýagşy niýetim boýunça, siziň nepiňizi
gözläp, Süleýman kölüniň suwy bilen gandyrmaryn! Ýok, suw bilen däl! Özüň ýatlap
gör, siz üçin men köşk diwaryndan imperatoryň ady ýazylan galkanlary ele almaga
we görüp durşuň ýaly, ýalňyz özüm bu ýere goşun sürüp gelmäge mejbur boldum,
indem, Erşalaimde ýüz berýän wakalaryň şaýady bolmaly boldum. Aýdanlarym
ýadyňda bolsun, baş ruhany! Häzir seniň Ýerşalaimde görüp duranyň bir kagorta
goşun derýadan damja! Häli bu şäher topragyna, bütewi Fulminat goşuny, arap atly
goşunlary gelerler, ana, şonda gulaklaryň ajy-ajy nala-perýatlar eşider! Ana, şonda
sen jenaýatçy War-rawwany ölümden halas edeniň, ýagşylyk hakynda wagyz eden
akyldary bolsa, nähak ýerden ölüme ýollanyň üçin müň gezek puşman edersiň!
Hezreti alyjenap ruhanynyň ýüzünde hal-hal gyzyl tagmalar peýda boldy, gözleri
ýanyp başlady. Ol hem prokuratora öýkünip, dişlerini akjardyp ýyrşardy-da, jogap
gaýtardy: — Şu aýdan gepleriňe, prokurator, özüň ynanýarmyň? Ýok, ynanýan
dälsiň! Halky was-wasa salan şol filosof Ýerşalaime dynçlyk alyp gelmedi, tersine —
dynçlygy bozdy, muny özüň hem, eý, çapyksuwar, örän oňat bilýänsiň. Sen ony, halk
arasyna pitne ýaýratsyn, dinimize howp salsyn, bütin halky Rim gylyjyna garşy
goýsun, diýen niýetde azat etmekçi bolduň! Indi men, Iudeýanyň baş ruhanysy, diri
bolsam, dinimizi bigadyr etmäge ýol bermerin, halkymy o tetellilerden goraryn!
Eşidýäňmi, Pilat?
Şeýle diýip, Kaifa elini haýbatly göterdi: — Ana, gulak sal, prokurator!
Kaifa dymdy, şonda prokuratora ýene deňiz güwlän ýaly, onuň tolkunlary bolsa,
beýik Irad bagynyň diwarlaryna gelip urulýan ýaly bolup duýuldy. Bu güwwüldi
aşakdan prokuratoryň aýaklaryna, ondanam ýüzüne syçraýan ýaly boldy. Pilatyň
ýeňse tarapynda, köşk ganatynyň aňyrsynda bolsa gamly kernaý sesledi, ýüzläp
aýaklaryň batly gürpüldisi, demirleriň jaraňly sesi eşidilýärdi. Rim pyýada esgerleri
prokuratoryň buýrugyna görä, gozgalaňçylara we garakçylara jeza berilmeginden
ozal bolýan elhenç parada şaýlanyp, köşkden çykyp başlapdylar.
— Eşidýäňmi, prokurator? — diýip, baş ruhany pes owaz bilen tekrarlady, — Eýsem,
şularyň hemmesini aýaga galdyran — Kaifa gepläp durşuna iki elini göge galdyranda
gara gaýtarma galpagy başyndan ýere gaçdy, — emelsiz garakçy War-rawwandyr
öýdýärsiňmi?
Prokurator aýasynyň arasy bilen sowuk dere çümen maňlaýyny syrdy, ýere seretdi,
soňra gözlerini süzüp, asmana garap, lap-lap ýanýan Günüň laýyk depesine
çykanyny, Kaifanyň kölegesiniň bolsa, mermer ýolbarsyň guýrugynyň öňüne
ýelmeşip galanyny gördi-de, perwaýsyzlyk bilen ýuwaş diýdi:
— Çäş bolup gidipdir. Gürrüňe gyzyşypdyrys, indi işi dowam etdirmek lazym.
27
Ol baş ruhanydan mylakatlyk bilen üzür sorady we iň soňky, gysga geňeş üçin zerur
bolan adamlary çagyrdyp, jenaýatçylara degişli soňky düzedişi berýänçe, Kaifadan
magnoliýa daragtynyň saýasyndaky kürsüde garaşyp oturmagy haýyş etdi. Kaifa elini
kükregine goýup, hormat bilen tagzym edip, şu ýerde, bagda galdy, Pilat bolsa,
balkona gaýtdy we özüne garaşyp duran kätibe legion serkerdesini, kogorta jarçysyny
şeýle hem, Sinedrionyň iki agzasyny we buthana sakçylarynyň serdaryny çagyrmaga
buýruk etdi. Olar bagyň pesdäki eýwanynda, fontanly aýmançasynda söhbet
meýdanynda prokuratoryň teklibine garaşyp otyrdylar. Pilat kätibe häzir yzyňdan
ýetip bararyn diýip, özi köşgüň içine tarap gitdi.
Kätip geňeş ählini toplamak bilen bent bolan wagty, prokurator gara perdeler bilen
günden goraglanan otagda nähilidir bir adam bilen duşuşdy; otaga güneş şuglasy
düşmeýän bolsa hem, nätanyş adamyň ýarym ýüzi başyndaky gaýtarma galpak bilen
örtülipdi. Bu duşuşyk örän gysga boldy. Prokurator bu adama pyşyrdap bir-iki agyz
söz aýtdy, şondan soňra ol otagdan gaýyp boldy, Pilat bolsa, sütünleriň arasyndan
geçip, baga çykdy.
Bu ýerde prokurator hemme çagyrylan adamlaryň gatnaşmagynda, Ieşua Ha-Nosri
barada çykarylan ölüm jezasyny tassyklandygyny dabaraly äheňde, emma gurak
takyklady we resmiýet ýüzünden, jenaýatçylardan haýsy biri ölümden gorap alnyp
galynsa makul bolar diýip Sinedrion agzalaryndan sorady.
«War-rawwany» diýen jogaby eşidip:
— Örän oňat — diýdi prokurator we kätibe derhal muny Protokola girizmegi
tabşyrdy, kätibiň ýerden alyp beren plaşyny gysymlap, dabaraly röwüşde: — Wagt
boldy! — diýdi.
Şundan soň, bu ýere ýygnananlaryň hemmesi iki tarapyna adamyň huşuny alaýjak
ýiti ys ýaýradýan bägül nahallary gür oturdylan giň mermer basgançakdan pese ―
köşk derwezesine tarap düşüp başladylar. Bu derwezeden tep-tekiz, giň meýdana
çykylýardy. Meýdanyň aňry başyndaky Ýerşalaim söweş meýdanyna ýerleşdirilen
mahabatly sütünler we mermer heýkeller bu ýerden anyk görnüp durýardy.
Bu alyjenaplar topary meýdana çykyp, hemme tarap deň görnüp duran, içi giň açyk
daş sekä mündiler. Pilat süzülýän gabaklarynyň astyndan gözlerini süzüp, töweregine
nazar aýlap çykdy we derhal ýagdaýa düşündi. Onuň häziriň özünde geçip gelen
aralygy, ýagny köşk derwezesinden tä daş sekä çenli bolan aralyk boşdy, emma
sekiniň öň tarapyndaky meýdany Pilat görmedi — ony märeke ýuwudypdy. Eger-de
Pilatyň çep tarapynda Sebestiýa esgerleri üç hatar bolup, sag tarapda siturys ýaly
kömekçi kogorta nökerleri hatar bolup, daş seki bilen onuň yzyndaky boş aralygy
gorap durmadyk bolanlarynda, märeke bu ýerleri hem gurşap alardy.
Şeýdip, Pilat bigerek el ýaglygyny ýumrygynda sykyp, süzük gözleri bilen
töweregine howsalaly seredip, daş sekä çykdy. Emma onuň gözleri gün şuglasyna
süzülmändi, ýok! Prokurator nämüçindir, ölüme höküm edilenleri görmegi
islemeýärdi: bilýärdi ki, häzir onuň yzyndan şol jenaýatçylary hem bu sekä çykaryp
başlarlar.
28
Ullakan daşgaýanyň başynda, adamlar deňiz kenarynda goýy jähekli ak plaş peýda
bolany hem şoldy welin, gözi hiç närse görmän duran Pilatyň gulagyna «A-a-a»
diýen owaz tolkunly gelip uruldy. Aýlaw tarapdan dünýä gelen bu seda ilk-ä çala
eşidildi, soň gök gümürdisi ýaly birnäçe sekunt güwläp durdy-da, soň ýene peselip
başlady. Prokurator: «Meni gördüler» — diýip oýlady.
Goh-galmagal tolkuny suslanyp, diňmek derejesine ýetende, ýene duýdansyz
güýçlenip başlady we bu gezek ozalkysyndan hem batlyrak öwç aldy welin, göýä
deňiz tolkunynyň üstünde köpürjükler peýda bolşy ýaly, bu galmagal arasynda
sykylyk sesi we güýçli goh arasyndan aýallaryň gulaga çala çalynýan pygany eşidildi.
«Jenaýatçylary daş sekä alyp çykdylar... — diýip, köňlünden geçirdi Pilat, — märeke
men taýa yňanda, birnäçe aýaly basyp, mynjyradan bolsa gerek, bu — şolaryň
nalasy».
Ol dem alman, bir salym garaşyp durdy, häzir märeke ýüregindäki ähli howry döküp,
öz-özi köşeşmeýänçä, ony hiç kimiň hiç hili güýjüň köşeşdirip bilmejegini Pilat
bilýärdi. Ahyry şeýle pursat geldi. Prokurator sag elini ýokary göterende, märekäniň
ahyrky sesi hem öçdi. Şonda Pilat kükregine güýjüniň baryndan köpräk yssy howa
sorup, şeýlebir gygyrdy welin, onuň gyryljyk owazy müň-müňläp adamlaryň başynyň
üstünde ýaňlandy:
— Kaýsar imperatoryň ady bilen!
Şu sözleri diýeni hem şoldy welin, birnäçe üzük-ýoluk dagal sözler gelip uruldy —
hatar bolup duran esgerler naýza we demir nyşanalaryny ýokary galdyryp, ýakymsyz
ses bilen:
— Beýik Kaýsar hezretleri aman bolsun! —diýip haýkyrdylar. Pilat adyl başyny
göterip, ony gün tygyna diredi. Gabaklarynyň aşagynda ýaşyl ot çakyldy, bu otdan
onuň beýnisi ýanyp başlady, şonda arameýleriň dilinde boguk ses bilen aýdan sözleri
märekäniň dilinde perwaz etdi:
— Jenaýat edeni, gozgalaňa başlany hem-de kanuna we dine howp salany üçin
Ýeruşalaimde ele salnan dört sany jenaýatçy masgaraçylykly ölüme — dara asmaga
höküm edildi! Işbu ölüm bu gün Takyr Depede amala aşyrylýar! Jenaýatçylaryň
atlary şudur: Dismas, Gestas, War-rawwan we Ha-Nosri. Ine, olar garşyňyzda dur!
Pilat jenaýatçylara seretmän, eli bilen sag tarapa yşarat etdi, emma olaryň şu ýerde,
bellenen ýerde durandygyny ol oňat bilýärdi. Märeke göýä geň galan ýaly ýa-da köňli
teselli tapan dek, ençe wagta çenli gowur-gowur edip durdy. Ahyry gowur diňdi we
Pilat sözüni dowam etdirdi:
— Indi olaryň üçüsi ölüme höküm ediler, sebäbi, kanuna we däp-desura görä, Kiçi
Sinedrionyň islegi bilen we Rim häkimiýetiniň tassyklamagyna görä, mukaddes
pasha baýramy mynasybetli şöhratly Kaýsar imperator hezretleri ölüme höküm
edilenlerden birine onuň ýiten ömürini sylag edýär!
Pilat sözleri gygyryp-gygyryp aýdyp durşuna, aýny wagtda, gulgulanyň ýerini dury
dym-dyryslygyň eýeläp başlanyny duýup ugrady. Indi ne bir «tyk» eden ses, ne-de
birewiň ýuwaşça dem alyşy eşdilýärdi onuň gulagyna, hatda bir salym töweregindäki
ähli barlyk düýpden gaýyp bolan ýaly hem duýuldy. Onuň nazarynda, öz ýaman
görýän bu şäheri bütinleý ölen ýaly, ýalňyz özi başyny asmana diräp, Güneşiň dik
29
şulasynyň astynda gowrulyp duran ýaly boldy. Pilat ümsümligi ýene bir az diňledi,
soň gygyryp gepläp başlady:
— Häzir siziň göz öňüňizde azat edilýän jenaýatçynyň ady... Ol ady aýtmazdan öň,
ýene bir mertebe saklanyp, ýene-de bir zat ýadymdan çykan bolaýmasyn, diýip,
göwnünden geçirdi, nämeüçin diýeniňde, bagtly jenaýatçynyň ady yglan edilenden
soň, bu ölen şähere jan girjegini, ondan soň aýdylan sözleriň birini hem hiç kimiň
eşitmejegini ýagşy bilýärdi. Pilat öz-özüne «Hemme gepi aýdyp boldummykam? —
diýip, sesli pyşyrdady. — Howa. Ady galdy!» Soň ol «r» harpyna ugry berip, dymdyryslyga gark bolan märekä tarap gygyrdy:
— War-rawwan! Pilatyň nazarynda güneş jaraňlap, birden ýarylyp giden dek, ýalyn
bolup gulagyna guýlan dek boldy. Bu ýalyn tupanynda gykylyk, goh, perýat, gülki
we sykylyk sesleri joş urup, bütin meýdany asmana göterdi.
Pilat yzyna öwrüldi, büdüremezlik üçin gözüni aýak astyna düşelen reňbe-reň
düşeklere dikip hiç kime seretmän, basgançak tarapa ýöräp başlady. Indi onuň
yzyndan, daş tagtyň üstüne bürünç teňňeleriň, hurmalaryň jöwenek ýaly ýagyp
başlanyny, märekäniň bolsa, ýüz beren mugjyzany — ajal çeňňegine düşen adamyň
indi ol çeňňekden nähili gutylyp çykjagyny, jeneýatçynyň sorag wagtynda ýara düşen
ellerini legionerleriň biygtyýar agyrdyp çözüp başlanyny, onuň bolsa, agyrydan
ýüzüni çytyp, «waý-waýlap, däli adamlar ýaly manysyz ýyrşarşyny öz gözleri bilen
görmek üçin, üznüksiz nagra çekip, bir-birini depgiläp, bir-biriniň egnine
dyrmaşýandyklaryny Pilat görmese-de, anyk göz öňüne getirýärdi.
Aýny wagtda ol galan üç jenaýatçyny ellerini çözmän, sakçylaryň şäheriň çetindäki
Takyr Depä alyp barýan dogry ýola çykmak üçin basgançak tarapa äkidip
barýandygyny hem göz öňüne getirdi. Pilat tagtdan düşüp, onuň penasyna geçenden
soňra, özüniň howpdan azatdygyny duýup, (indi ol ölüme höküm edilenleri görüp
bilmeýärdi), gözüni açdy.
Onuň ýaňky şol ýerde durup aýdan geplerini, indi jarçylaryň käbiri arameý dilinde,
başgalary grek dilinde gygyryp tekrarlaýardy, çala, emma anyk eşidilýän bu gohlar
märekäniň assa-assa peselip başlan nalasy bilen goşulyşyp gidipdi. Pilatyň gulagyna
ýene has hem golaýlaşyp gelýän atlaryň dükürdisi we guwançly tüýsde gysga-gysga
çalynan harby kernaý sesi hem eşidildi. Bu seslere jogap deregine bazaryň ýanyndan
Aýlaw meýdanyna alyp çykýan köçedäki öýleriň üçegine çykan oglanlaryň gulagy
kamata getirýän ýiti sykylyklary we «po-oşt, po-oşt!» — diýip gygyran owazlary
ýaňlandy.
Meýdanyň adamlardan arassalanan böleginde duran bir esger birden aladalanyp,
elindäki baýdajygy silkdi, şonda prokurator hem, legion serkerdesi hem, kätip hem,
sakçylar hem ýöremegini bes etdiler. Atlaryny has-da dözümliräk çapdyryp, atly
nökerler meýdana girip geldi, ol halkyň, toplanan ýerinden aýlanyp geçip, Takyr
Depä iň gysga ýoldan çaltyrak ýetip barmak üçin, armytdyr üzüm ýapraklaryna
bürenip, daş diwary boýlap uzalýan ýoldan gelýärdi.
Iň öňde atyny sepjidip gelýän gowresi ýaş oglan ýaly, gara beden siriýaly komandir
ýigit Pilata golaýlaşandan soň, çirkin owaz bilen bir zatlar diýdi-de, gylyjyny
gynyndan sogurdy. Onuň münen, derläp ak köpük bolan gara aty ürküp, art
aýaklarynyň üstünde durdy. Komandir gylyjyny gynyna salyp, atynyň boýnuna
30
gamçy urdy we jylawyny boş goýberip, dar köçä tarap sürdi. Galan suwarylar üçüçden bolup, onuň yzyndan köçäni çaňydyp, at çapdyryp barýarkalar, bambukdan
ýasalan ýeňil naýzalarynyň ujy zol-zol bökýärdi. Başlaryndaky ak selle sebäpli
ýüzleri has hem garaýagyzrak görünýän bu suwarylar — atly nökerler ap-ak dişlerini
syrtardyp, prokuratoryň ýanyndan şemal dek ýelip geçdiler. Atly goşun hemme
tarapy çaňa büräp, dar köçä ok ýaly atylyp girip gitdi, iň soňunda, Pilatyň ýanyndan
gün şöhlesine ýalpyldap kernaý, jygyny arkasyna asan suwary geçdi. Pilat närazy
terzde ýüzüni çytyp, eli bilen agyz-burnuny çaňdan saklap, köşk bagynyň
derwezesine tarap ýöredi, serkerde, kätip we sakçylar oňa tirkeşdiler. Wagt ertir sagat
onlardy.
III bap
ÝEDINJI DELIL
— Hawa, ertir sagat onlardy, hormatly Iwan Nikolaýewiç — diýdi professor. Şahyr
ýaňy ukydan oýanan adam dek, eli bilen ýüzüni sypalady we şonda ol Patriarh
kölçesiniň boýunda iňrik garalyp başlanyny duýdy. Howzyň suwy garamtyl tüýse
giripdi, onuň üstünde ýeňil gaýyk ýüzýärdi, kürekleriniň suwy şapyrdadyşy, gaýykda
oturan aýalyň şadyýana gülküsi eşidilip durdy. Seýil bagynyň içindäki uzyn
oturgyçlarda adamlar peýda bolupdy, emma olar biziň söhbetdeşlerimiziň oturan
tarapynda däl-de, dörtburçlygyň beýleki üç gapdalynda görünýärdi.
Moskwa asmany çala gyzaryp, gökde dolan Aý anyk göze görnüp durdy, emma ol
heniz altyn öwsenokdy-da, akdy. Dem almak has ýeňilleşdi, lipalaryň aşagynda
oturanlaryň sesi indi agşamyň mylaýymlygy bilen eşidilip başlandy. «Ol tutuş bir
kyssany düzen ekeni, men neçün duýman galdymkam? — diýip, Bezdomnyý geň
galyp oýlandy, — ine, indi agşam hem düşüpdir.
Belki, kyssany ol aýdanam däldir, diňe men uklap galyp, bu zatlar bolsa düýşüme
girendir?».
Ýok, kyssany professor gürrüň berdi diýip hasap etmeli, ýogsa, bu kyssa Berliozyň
hem düýşüne girendir diýip çak etmeli bolýar, sebäbi, ol daşary ýurtly adamyň
ýüzüne üns bilen dikanlap, şeýle diýdi:
— Kyssaňyz örän gyzykly, professor, hatda ol Injil rowaýatlarynyň birine laýyk
gelmese-de.
― Bagyşlarsyňyz — diýdi professor ýaňsyly ýylgyryp. — Injilde ýazylan
hekaýatlaryň hiç biriniň hiç haçan bolmadygyny başgalar bilmese hem, siziň
bilmegiňiz lazym, indi, eger biz Injile taryhy çeşme hökmünde garaýan bolsak... —
diýip, ol ýene ýylgyrdy, şonda Berliozyň demi içine düşdi, çünki, ýaňy Bronnaýa
köçesi bilen bu ýere gelýärkäler, Bezdomna onuň özi hem edil şu sözleri aýdypdy.
— Büýä dogry, — diýdi Berlioz — emma häzir siziň aýdyp beren wakaňyzyň-da
bolanlygyny hiç kim tassyklap bilmez öýdüp gorkýaryn.
― Ýok, beýle däl! Ony tassyklamak mümkin! — diýip, professor ýene çalgyrt, emma
kesgin ynam bilen gepläp başlady, soň birden, bir syry äşgär etmekçi bolýan ýaly, iki
dosty özüne golaýraga çagyryp, köpmanyly ümledi.
31
Olar professoryň iki tarapyndan eňilip, oňa gulak asdylar, indi ol ýene arassa gepläp
başlady, onuň näme üçin käte çalgyrt, käte arassa gepleýänligini mekir şeýtanyň bir
özi bilýärdi:
— Gep şunda ki... — professor eýläk-beýläk gorkuly sereden bolup, pyşyrdap
sözledi. — Bu wakalara hut meniň özüm şaýat boldum. Ponti Pilatyň huzurynda
balkonda hem, ol Kaifa bilen gepleşýän wagty bagda hem, sekide hem boldum, ýöne
gizlin ýagdaýda, ýagny inkognito (latynça — syrly, gizlin röwüşde) diýsem bolar,
şeýlelikde, sizden örän haýyş edýän, bu hakda hiç kime hiç zat aýtmaweriň. Örän
gizlin syr! Çüşş!...
Dymyşlyk aralaşdy, Berliozyň reňki duw-ak boldy. — Siz... siz haçandan bäri
Moskwada? — diýip, ol sandyrawyk ses bilen sorady.
― Meniň Moskwa edil häzir gelip durşum — diýip, professor aljyraňňy jogap berdi,
şu gepden soňra iki dost onuň gözlerne dikanlap seretdiler welin, onuň çep gözüniň
gökdügine hem bütinleý manysyzdygyna, sag gözüniň bolsa, garamtyl, boş we
ölidigine göz ýetirdiler.
«Ine, indi hemme zat düşnükli boldy, aýdyňlaşdy! — diýip, ýüregi bijaý urýan, —
Berilýoz oýlandy. — Däli bir nemis gelipdir, ýa-da şu ýere — Patriarha geläge-de
däliräpdir. Waka diýibem şuňa diýäýseň!» Hawa, hakykatdan-da, hemme zat merhum
filosof Kantyň öýündäki geň ertirlik nahar, günebakar ýagy we haýsydyr bir Annuşka
hakyndaky patarrakylar, Berliozyň başynyň ýolunjagy hakynda aýdylan öňden
görüjilik we ýene-ýeneleriň sebäbi aýdyňlaşdy — professor däli eken.
Berlýoz näme etmelidigini derhal aňlady. Ol uzyn oturgyja ýaplanyp, professoryň
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ussat we Margarita - 04
  • Büleklär
  • Ussat we Margarita - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2002
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3845
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2120
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3726
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2112
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3879
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2025
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3779
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2089
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3900
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2162
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2139
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3813
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3846
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1995
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3825
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3857
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2064
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3112
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1684
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.