Latin

Ussat we Margarita - 02

Süzlärneñ gomumi sanı 3849
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
hürritgoçak goşmaça kyldy: — Şu gün agşam Patriarh kölçesinde alamat waka ýüz
berýär!
Redaktor bilen şahyr ýene geň galdylar, professor bolsa, olary özüne tarap ümledi, iki
dost äňedip, oňa gulak tutanda, ol şeýle pyşyrdady: — Ýadyňyzda bolsun, Isa bolup
geçipdir.
— Bilýäňizmi, professor, — diýdi Berlioz zordan ýylgyran bolup, — biz siziň
gymmatly bilimiňize hormat edýäris, emma biz bu meselede özgeçe düşünjä eýediris.
— Hiç hili düşünje gerek däl! — diýip, jogap berdi alamat professor. — Ol ýaşap
geçipdir, wessalam.
— Munuň üçin nähilidir bir subutnama gerek ahyry — diýip, Berlioz söze başlady.
— Hiç hili subutnama derkar däl — diýip, professor jogap berdi we indi pessaýja
gepläp başlady, özem onuň dilindäki daşary ýurtlulara mahsus bolan çalgyrt äheň indi
ýitipdi: — Bärde hiç hili geň galasy zat ýok! Egnine gyrmyzy jähekli ak plaş geýen...
II bap
PONTIÝ PILAT
Egnine gyrmyzy jähekli ak plaş geýen Iudeýa prokuratory Pontiý Pilat baharky nisan
aýynyň on dördünji güni ertir irden beýik Irad howlusynyň iki ganatynyň arasyndaky
üsti ýapyk sütünleriň üstüne pyýada esger kibi ökjesini şarkyldadyp geldi. Prokurator
hemme zatdan beter bägül ýagynyň ysyny halamaýardy, şol sebäpden, bu günki
günüň göwünsiz ýagdaýda geçjekdigi anykdy, sebäbi, bu ys ony şu gün daňdandan
bogup başlapdy. Prokuratoryň nazarynda bägül ysyny bagdaky serwi we hurma
daragtlary çykarýan ýalydy, başga zatlara-da, atlaryň ysyna hem şol lagnaty bägül
ysy sebäp bolýan ýaly duýulýardy. Prokurator bilen Ýerşalaime gözegçilik etmäge
gelen On Ikinji Ýyldyrym legionynyň birinji kogortasy ýerleşen howlynyň yzyndaky
öýlerden bagyň üsti bilen meýdana tüsse ykjap gelýärdi, aşpezleriň nahar häzirläp
başlanyndan habar berýän bu ajy tüssä hem şol ýiti bägül ysy sebäp bolýardy. «Eý,
hudaýlar, hudaýlar, haýsy günäm üçin meni munça gynaýarsyňyz?»
«Hawa, şübhe ýok! Ýene şol dert, asla dep edip bolmaýan ýaramaz Hemikraniýa
keseli — ol gozganda, kelläň ýary agyrýar. Bu derde em ýok, ondan gutulmagyň bir
alajy hem ýok. Kellämi gozgamajak bolup göreýin hany». Fontanyň ýanynda bezelen
polda ýaplanylýan ýumşak kürsi goýulypdy, prokurator hiç kime göz aýlaman, şu
kürsä çökdi-de, elini gapdala taşlady. Kätip onuň uzadan eline hormat bilen bir parça
pergament tutdurdy. Prokurator agyrynyň azabyndan nalaç çytylyp, pergamente gyýa
bakyp, ondaky ýazga göz gezdirip çykdy we ony kätibe gaýtaryp, kynlyk bilen diýdi:
― Sorag edilýän Jelileden ekenimi? Onuň işini tetraha iberipdiňizmi?
― Hawa, prokurator ― diýip, kätip jogap berdi.
13
― Ol nähili höküm çykardy?
― Tetrah bu iş boýunça aýyplama çykarmakdan boýun gaçyrdy we Sinedrionyň
çykaran ölüm jezasyny tassyklamagy size galdyrdy ― diýip, kätip jogap gaýtardy.
Prokurator bir ýan ýaňagyny oýnadyp goýberip, pes owaz bilen aýtdy: ―
Aýyplanýany alyp geliň.
Şu demde iki sany legioner bagyň içine ýigrimi ýedi ýaşlaryndaky bir adamy alyp
gelip, ony prokuratoryň oturan kürsüsiniň garşysynda sömeldip goýdular. Bu adam
egnine howa reňk uzyn ýyrtyk köýnek geýnendi. Onuň başyna ak ýaglyk oralyp,
maňlaýy tasma bilen daňlan, eli bolsa, arkasyna baglydy. Bu adamyň çep gözüniň
aşagy göm-gökdi, agzynyň bir çeti dilnip, gany gatap galypdy. Ol prokuratora gorky
gatyşykly synçylyk bilen seretdi. Prokurator birazajyk möhletden soň arameý dilinde
sorady:
― Adamlary Ýerşalaim ybadathanasyny weýran etmäge ündän senmidiň?
Prokurator doňňara daş ýaly bolup otyrdy, geplände, diňe dodagy zordan
gymyldaýardy. Ol agyrydan ýaňa ataş bolup ýanýan başyny ýaýkamakdan gorkany
üçin heýkel ýaly bolup otyrdy. Goly bagly adam haýallyk bilen öňe egildi-de, söze
başlady: ― Eý, sahawatly adam! Sözüme ynan...
Emma prokurator şol doňňara daş bolup oturyşyna, sesini hem gataltman, derhal
jenaýatkäriň sözüni böldi:
― Sen maňa sahawatly adam diýip durmuň? Ýalňyşýansyň. Ýerşalaimde hemme
adamlar meni gazaply mahluk diýip pyşyrdaşýardylar, özlerem juda dogry aýdýarlar.
― Soňra ol gepiniň äheňini üýtgetmän dowam etdi: ― Kenturion Krysaboýy
çagyryň.
Ýörite kenturiýa komandiri Krysaboý lakamly Mark prokuratoryň öňünde peýda
bolan wagty, hemmäniň nazarynda bütin ýagtylygy zulmat eýelän ýaly boldy.
Krysaboý legiondaky iň uzyn esgerden hem bir garyş uzyn we şu gadar eginlekdi
welin, ol öz göwresi bilen ýaňy dogup gelýän Günüň hem öňüni bekledi. Prokurator
oňa latyn dilinde ýüzlendi:
― Jenaýatkär maňa «sahawatly adam» diýýär. Ony bu ýerden bir sellem alyp çyk-da,
maňa nähili mylakat etmelidigini düşündir. Emma maýyp edäýmäň.
Mark Krysaboý yzymdan ýöre diýýän ýaly, jenaýatça el salgady, şonda doňňara daş
bolup oturan prokuratordan başga hemmeler ony yzyndan synlap galdy. Umuman
Krysaboý nirede bolsa-da, irimçik adam bolany üçin hemmeler onuň yzyndan seredip
galýardy, ony birinji gezek gören adamlar bolsa, bedroý ýüzüne hem geň galyp
bakýardylar: onuň burny birwagt german ýaragyndan paçak bolupdy, ýenjilipdi.
Markyň daş pola tarp-tarp urlan zil dek ädiginiň sesi galdy, jenaýatçy onuň yzyndan
tirkeşdi, sütünler meýdançasyna tamam dym-dyrslyk aralaşdy, şu sebäpli, göterme
jaýyň balahanasynda, jaýyň garşysynda kepderileriň gugurdysy, fontan suwunyň geň
äheňde ýakymly hiňlenmesi eşidilip başlady. Prokurator ýerinden galyp, hiňlenip
akýan fontan suwuna ýaňagyny tutup, gozganman durmagy küýseýärdi. Emma
barybir munuň hem dowa bolup bilmejegini bilýärdi.
Krysaboý jenaýatçyny baga alyp çykyp, bürünç heýkeliň öňünde duran legioneriň
elindäki gamçyny dartyp aldy we ony çalaja silkip, jenaýatçynyň arkasyna urdy.
Komandir ýuwaş we biperwaý hereket kyldy, emma jenaýatçy şol demde edil
14
aýagyna palta urlan dek ýykyldy, demi tutulyp, reňki buz dek agardy, gözleri
manysyz bakdy. Mark çep eli bilen jenaýatçyny edil boş haltany göteren dek aňsatlyk
bilen göterip, aýagyna galdyrdy we arameý dilinde çalgyrt samrady:
― Rim prokuratoryna diňe Igemon diýip ýüzlenmelidir, wessalam. Onuň garşysynda
gaz ýaly durmak gerek. Gepime düşündiňmi ýa ýene gaýtalaýynmy?
Gamçylaýynmy?
Jenaýatçy yrandy, ýöne özüni saklap bildi, ahyry reňkine gelip, nepesini dürsedi,
bogugrak ses bilen jogap gaýtardy:
― Gepiňe düşündim, indi beri urma!
Bir salymdan soň, ol ýene prokuratoryň öňünde durdy. Hökmürowanyň tutuk we
hassalaç sesi eşidildi:
― Adyň?
Jenaýatçy indiberi hökümdaryň gaharyny getirmezlige çalşyp, bütin durky bilen
howlukmaç aýtdy:
― Meniňmi?
Prokurator pessaý ses bilen:
― Meniňki özüme mälim. Özüňi çendenaşa sadalyga salan bolma. Seniň adyň näme?
― diýdi.
― Iýeşua ― diýdi jenaýatçy gyssanyp.
― Lakamyň barmy?
― Ha-Nosri.
― Nirelisiň?
― Gamala şäherinden ― diýip, jogap berdi jenaýatçy we nirededir uzak
demirgazykda, sag tarapda Gamala diýen şäher barlygyny yşarat edip, başyny atyp
görkezdi.
― Haýsy öwlatdansyň?
― Anyk bilemok ― diýip, tiz jogap berdi jenaýatçy ― ata-enemi bilmeýärin,
aýdyşlaryna görä, atam siriýaly eken...
― Hemişelik ýaşaýan ýeriň?
― Hemişelik ýaşaýan ýerim ýok ― diýip, eýmenip jogap berdi jenaýatçy ― şäherşäher gezip ýörün.
― Muny bir söz bilen gysgaça beýan etmek mümkin ― ykmanda ― diýdi
prokurator, soňam sorady:
― Dogan-garyndaşyň barmy?
― Hiç kimim ýok. Dünýäde täk özüm.
― Sowadyň barmy?
― Hawa.
― Arameý dilinden özge bir dili bilýärmiň?
― Bilýärin. Ýunan dilini.
Pilatyň çişen bir gabagy göterilip, ezýetden gamaşan gözi jenaýatkäre dikildi. Ikinji
gözi ýumuklygyna galdy. Ol grekçe gepläp başlady:
― Ybadathanany weýran etmekçi bolan we bu işe halky çagyran senmidiň?
Jenaýatçy ýene janlandy, gözlerinden gorky alamaty gaýyp bolup, grek dilinde
gepläp başlady:
15
― Men sahaw... ― agzyndan tas çykyp giden bu sözden jenaýatkäriň ýüzünde gorky
hasyl boldy ― men, Igemon, hiç haçan hyýalyma-da getirmändim ybadathanany
weýran etmegi we beýle nämakul işe hiç kimi çagyrmandym.
Pessejik stola eglip, jenaýatçynyň berýän güwäligini ýazyp oturan kätibiň ýüzünde
geň galmak alamaty peýda boldy. Ol kellesini galdyrdy, emma şobada ýene
pergamente egildi.
― Bu şäherde geçýän baýram tomaşalaryna dürli taýpadaky adamlar gelýär. Olaryň
arasynda sährgär-jadygöýler, müneçjimler, palçylar, jenaýatçylar bolýar ― diýdi
prokurator özboluşly äheňde ― emma olaryň içinde ýalançylar hem tapylýar. Sen
hem şolar ýaly ýalançyň biri. Halky ybadathanany weýran etmäge ündedi diýlip anyk
ýazylypdyr. Adamlar bolsa, güwälik beripdir.
― Şol sahawatly adamlar ― diýip gepläp başlady jenaýatçy we howlukmaç: Igemon
― diýip goşdu-da, sözüni dowam etdi: ― sowady ýok adamlar, şu sebäpli, meniň
aýdan sözlerimi ýoýupdyrlar. Umuman, bu ýoýulmalar entekler dowam eder diýip
gorkýaryn. Bar bela şunda ki, meniň sözlerimi ol mydam nädogry ýazýar.
Ümsümlik. Indi Pilatyň iki näsag gözi hem jenaýatça agyr nazar bilen seredýärdi.
― Saňa soňky gezek tekrarlaýaryn: özüňi dälilige salan bolma, garakçy ― mylaýym
äheňde diýdi Pilat şol bir tukat ses bilen ― üstüňden ýazylan deliller köp däl, ýöne
şularyň özi hem seni dardan asmak üçin ýeterlik.
― Ýok, ýok, Igemon ― diýdi jenaýatçy, Pilaty öz sözüne ynandyrmak üçin jan-dili
bilen urnup ― biri bar, eline geçi derisinden eýlenen pergament alyp, ökjäme düşüp,
dynuwsyz bir zatlar ýazyp ýör. Emma bir gezek şol pergamente göz gyýtagyny aýlap,
doňup galdym. Men ol ýerde ýazylan gepleriň birinem aýtmandym. «Hudaý hakyna
otlap taşla bu pergamentiňi» diýip, oňa ýalbardym. Ýöne ol pergamenti elimden
kakyp alyp, gaçyp gitdi.
― Kim ol? ― diýip, iriljiräp sorady Pilat we elini çekgesine eltdi.
― Lewiý Matweý diýen adam ― diýip, yhlas bilen beýan edip başlady jenaýatçy, ―
ol salgyt ýygnaýançydy. Men onuň bilen birinji gezek Wiffigiýa barýan ýoluň
boýundaky injirlikde duş gelip gepleşdim. Başda ol maňa ynamsyzlyk bilen garady,
ykarat etdi, ýagny, meni it diýip atlandyrdy, öz ýanyndan sögdüm diýip oýlan
bolmaly, ― jenaýatçy ýylgyran boldy ― özüm-ä şol janawaryň ýaman tarapyny
bilmeýärin, şonuň üçinem oňa gaharymam gelmedi...
Kätip ýazmasyny goýdy, aşaklyk bilen jenaýatkäre däl-de, prokuratora haýran
galmak bilen seretdi.
― Emma, sözlerimi diňläp, pälinden gaýdyp başlady ― diýip, Iýeşua dowam etdi. ―
Ahyry, ol ýygnan pullaryny ýola zyňyp goýberip, seniň bilen jahankeşdelik etjek
diýdi...
Pilat saralyp giden dişlerini görkezip, bir ýaňagyny oýnadyp, ýylgyrdy. Soňam bütin
göwresi bilen kätip taýa öwrülip, diýdi: ― O, Ýerşalaim şäheri! Munda eşitmejek
zadyň barmy? Salgyt ýygnaýjy, muňa seretseňizläň, pullaryny ýola seçip
goýberenmiş!
Kätip muňa jogap ýerine näme diýjegini bilmän, Pilatyň ýylgyrmasyny gaýtalamagy
makul gördi.
16
― Sebäp diýeniňde, ol şu günden başlap puly ýigrenýän diýdi ― diýip, Iýeşua Lewiý
Matweýiň geň hereketini düşündirmäge synanyşdy, soňam― şol günden bärem ol
maňa hemra boldy ― diýip üstüne goşdy.
Prokurator heniz hem ýyrşarmasyny goýman, jenaýatça seretdi, soň öz oturan
ýerinden ep-esli uzakdaky peslikde bolan aýlawa we ol ýerdäki at heýkelliriniň
üstünden hemişelik ýokary göterilýän Güne ýüz tutdy-da, birdenem göwnüni gamgyn
edýän nähilidir bir dert bilen: «Özümi gynap oturman, bir agyz «Asmaly!» diýip, bu
natuwan jenaýatçyny garşymdan kowup goýbersem hem boljak. Soňra sakçylary hem
dagydyp, özüm içerik girip, köşgi garaňkyradyp, sowujak suw getirmegi buýrup,
naýynjar ses bilen itim Bangany çagyryp, oňa kellämiň agyrýandygyny aýdyp
zarlanym ýagşydyr» ― diýip, hyýalyndan geçirdi. Şol halatda birden prokuratoryň
agyrly başynda «zäher» diýen pikir peýda boldy-da, ony was-wasa salyp, lyp edip
geçip gitdi.
Ol bulançak gözlerini jenaýatça dikip, biraz wagt dymyp, taýak iýip, betnyşan bolup
giden bu jenaýatçyny Ýerşalaim şäheriniň säherki güneşiniň tygynda durzup, oňa
birnäçe nepi ýok, biderek sowal bermegem näme gerekdi diýip, başyny agyrdýardy.
Ol:
― Lewiý Matweý diýdiňmi? ― diýip, näsag owaz bilen sorady we gözlerini ýumdy.
― Hawa, Lewiý Matweý ― diýip, Pilatyň derdini artdyrýan belent ses eşidildi.
― Her halda, nämeler diýipdiň bazardaky märekä, ybadathana hakynda?
Jogap gaýtarýan adamyň sesi Pilaty gaty azaba salyp, çekgesine gazyk kakylýan
ýalydy: ― Men, Igemon, gadymy iman öýi weýran bolup, täze hakykat öýi peýda
bolar diýipdim, bolany. Şeýle diýsem, düşnükli bolar öýtdüm.
― Eý, ykmanda, nämüçin öz aňyrsyna ýetmeýän hakykatyň dogrusynda bazarda
wagyz kylyp, adamlaryň ýüregine gulgula saldyň? Hakykat näme?
Emma şu ýerde prokuratoryň kalbyndan: «Eý, taňrylarym! Men ondan suda asla
gerekmejek närseleri sorap otyryn... Akyl-paýhasym indi maňa etagat etmän dur-ow»
diýen sözler geçdi. Şu mahal onuň gözüne ýene gara suwuklyk guýlan bulgur
göründi. «Zäher gerek maňa, zäher!»
Ýene-de jenaýatçynyň sesi eşidildi.
― Häzir birinji nobatdaky hakykat şu ki, seniň kelläň agyrýar, özem örän gaty
agyrýar, şol sebäpdenem sen ruhuňy düşgünlige salyp, ölüm hakynda pikirlenip
başladyň. Sen häzir diňe meniň bilen gepleşmäge däl, eýsem, maňa dikanlap
seretmäge-de ejiz. Şunlukda, indi men biygtyýar seniň jelladyňa öwrülip barýaryn.
Men muňa gaty gynanýaryn. Häzir sen hiç zat hakynda oýlanmaga kadyr dälsiň,
şonuň üçin hem, diňe öz itiň gaşyna gelmegini arzuw edýärsiň ki, çaky, seniň
dünýäde yhlas goýan ýeke-täk jandaryň şu itiň bolsa gerek. Emma häzir derdiň dep
bolup, kelle agyryň aýrylar.
Kätibiň jenaýatça aňkarlany sebäpli, köp zat ýazylman galdy.
Pilat dertli gözlerini zordan jenaýatça gönükdirdi, Günüň aýlawyň üstünden ep-esli
göterlenini, onuň şöhlesiniň sütünleriň arasyna düşüp, Iýeşuanyň tozgun sandalyna
çenli ýetip gelenini we onuň özüni güneşden çete çekýändigini gördi. Şonda ol
kürsüden turdy, elleri bilen başyny mäkäm gysdy, sakgaly alnan ýylmanak ýüzünde
gorky peýda boldy. Emma ol özüne erk edip, güýçli bu duýgyny derhal dep edip,
17
ýene ýerinde oturdy. Jenaýatçy bolsa, şol bolşunda sözüni dowam edýärdi, emma
kätip indi hiç zat ýazman, diňe gaz kibi boýnuny uzadyp, aýdylýan her bir sözi üns
bilen kakyp alýardy.
― Ana, indi bary gutardy ― diýdi jenaýatçy Pilata mähirli bakyp, ― men muňa örän
şat. Saňa, Igemon, bu ýerleri, köşgi wagtlaýynça terk edip, şäheriň çetinde, takygy,
Ýeleon depeligindäki baglarda seýil etmegi maslahat bererdim. Häli agşama golaý
gök gümürdäp, ýyldyrym çakar ― diýip, jenaýatçy gözlerini süzüp, Güne seretdi. ―
Seýil etseň, özüňe gowy bolardy, men bolsa, saňa janym-tenim bilen ýoldaş
bolardym. Beýnime käbir täze pikirler geldi, olaryň seni gyzyklandyrmagy ahmal
diýip oýlanýaryn, şonuň üçinem, olary seniň bilen bölüşerdim, üstesine-de, sen
danyşment adama meňzeýärsiň.
Kätip merhum ýaly agaryp, elindäki pergamenti ýere gaçyrdy.
― Bar bela şunda ki ― diýip, sözüni dowam etdi bendi, hiç kim onuň gepine
garşylyk görkezmeýärdi, ― sen hetdenaşa bus-bus bolan adam sen, adamlara bolan
ynanjyňy ýitiripsiň. Özüň oýlanyp gör, bütin mähir-mylakatyňy bir ite garadyp gün
geçirmek mümkin däl ahyry. Ýaşaýşyň, Igemon, örän tukat, ― şu sözden soň, ol
ýylgyrmaga jan etdi.
Kätip indi diňe bir närse dogrusynda: öz gulaklaryma ynansammykam ýa
ynanmasammykam diýip oýlanýardy. Emma ynanmasa hem alajy ýokdy. Akybetde
ol, tussagyň göz görüp, gulak eşitmedik beýle edepsiz gürrüňini diňläp, gyzma
prokuratoryň gazabynyň nähili garaşylmadyk şekilde ýüze çykjakdygyny göz öňüne
getirmäge synandy. Kätip muny hem göz öňüne getirip bilmedi, ol prokuratoryň
gylygyny juda oňat bilýärdi. Şonda Pilatyň gyryk we pessaý sesi eşidildi:
― Elini çözüň! ― diýdi ol latynçalap.
Sakçy legionerlerden biri naýzasyny ýere «düňk» edip urup, ony başga sakça uzatdy
we özi tussaga golaý baryp, ýüpi çözdi.
Kätip ýere gaçan dolangy pergamenti ýerden göterdi, emma häzirlikçe hiç zat
ýazmazlygy, hiç zada geň galmazlygy özüne äht etdi.
― Çynyňy aýt ― diýip, Pilat grek dilinde sorady, ― sen beýik wraçmy?
― Ýok, prokurator, men wraç-a däl ― diýip, tussag ýenjilen we çişip gyzaran
bileklerini hözir bilen owkalap jogap berdi.
Pilat tussaga gabagynyň astyndan burawlap seretdi, onuň gözlerindäki bulançaklyk
indi ýitip, ýene hemmä tanyş bolan uçgunlar peýda boldy.
― Ýaňy soramandyryn, ― diýdi Pilat, ― belki, sen latyn dilinem bilýänsiň?
― Hawa, bilýärin ― diýip, tussag jogap berdi.
Pilatyň sarymtyl ýüzüne gan ýüwrüp, ol latynçalap sorady: ― Iti ýanyma çagyrmak
islänimi nädip bildiň?
― Bu kyn däl ― diýip, tussag latyn dilinde jogap berdi, ― sen göýä iti sypalajak
ýaly bolup eliňi, ine, şeýtdiň ― diýip, bendi Pilatyň el hereketlerini gaýtalady, ―
soňra dodaklaryň hem...
― Dogry ― diýdi Pilat.
Ara birazajyk dymyşlyk düşdi, soň Pilat grek dilinde sorag berdi: ― Diýmek, sen
warç!
18
― Ýok, ýok, men wraç däl ― diýip tussag howlukmaç jogap berdi, ― sözüm
dogrudyr.
― Ýeri, bolýar, syr saklamakçy bolsaň, öz ygtyýaryň. Asla munuň biziň işimize
dahylam ýok. Diýmek, sen ybadathanany weýran etmäge... ýa oňa ot bermäge, ýa
bolmasa, başga bir ýol bilen ony berbat etmäge halky çagyran dälsiň, şeýlemi?!
― Tekrarlap aýdýaryn, Igemon, men hiç kimi beýle işe çagyran däldirin. Ýa men
şeýle tentege meňzeýänmi?
― Ýo-ok, sen tentek adam-a meňzänok ― diýdi pes owaz bilen prokurator, soňam
ýowuz ýylgyryp: ― Bolýar onda, beýle etmänligiň hakynda kasam iç.
― Nämeden kasam içmegimi isleýärsiň? ― diýip, eli çözlüp, ruhy göterilen bendi
sorady.
― Ömründen ant içäý ― diýdi prokurator, ― häzir aýny janyňy orta goýjak
pursatyň, düşün, ol häzir gylyň ujunda asylyp dur, şony unutma!
― Janymy gylyň ujunda, belki, sen asyp goýansyň, Igemon? ― diýip sorady tussag,
eger şeýle diýip oýlanýan bolsaň, gaty ýalňyşýarsyň.
Pilat saňňyldady, soň dişlerini gyjap diýdi: ― Men şol gyly üzübem bilerin.
― Ýene ýalňyşýarsyň ― diýip, tussag aýasy bilen gözüni Günden kölegeledip, açyk
ýüz bilen ýylgyrdy, ― gyly kim asan bolsa, diňe şonuň özi üzüp biler, şeýle dälmi?
― Şeýle, şeýle ― diýdi Pilat ýylgyryp, ― Ýerşalaimli işýakmaz aňkawlaryň yzyňda
sürlenişip ýörenine indi şübhäm galmady. Diliňi kim ýasan bolsa-da, juda kesgir edip
ýasapdyr. Ýogsa-da, sen aýt, Ýerşalaime Suz derwezesinden eşek münüp girip
gelipmişiň, garamaýak halk seni göýä bir pygamber dek şatlykly owazlar bilen garşy
alanmyşyn, şu dogrumy! ― diýip, prokurator pergamente yşarat etdi.
Tussag geň galyp, prokuratora dikanlady:
― Mende asla eşek ýok, Igemon, ― diýdi ol. ― Dogry, Ýerşalime Suz
derwezesinden girdim, ýöne pyýadadym, ýanymda-da diňe Lewiý Matweý bardy,
üstesine-de, hiç kes maňa hiç zat diýip gygyrmady, çünki meni o wagt Ýerşalimde
hiç kimse tanamaýardy.
― Sen ― diýip ― Pilat gözüni tussagdan üzmän dowam etdi, ― Dismas diýen
adamy, soňra Gestes, ýene Warrawwan diýenlerini tanaýaňmy?
― Men ol sahawatly adamlary tanamaýaryn ― diýip, tussag jogap berdi.
― Rastyňmy?
― Rastym!
― Indi maňa ýene şuny aýt, nämüçin sen zol «sahawatly adam» diýip gepleýärsiň.
Hemmelere-de şeýle diýýäňmi?
― Hemmelere ― diýip, jogap berdi tussag, ― dünýäde erbet adam ýok.
― Muny birinji gezek eşidýän ― diýdi Pilat ýyrşaryp, ― belki, men durmuşy gowy
bilýän däldirin?! Indi ýazmasaň hem bolar ― diýip, onsuzam hiç zat ýazman oturan
kätibe ýüzlendi, soň ýene tussag bilen söhbetini dowam etdi: ― Bu hakda grekleriň
bir kitabyndan okapmydyň?
― Ýok, öz akylym bilen şeýle netijä geldim.
― Diýmek, sen şuňa ynanýaň-da?
― Elbetde.
19
― Ine, meselem, Mark ― oňa Krysaboý diýip lakam hem goýupdyrlar, ýeri, indi şol
hem sahawatlymy?
― Hawa ― diýip, jogap berdi bendi, ― dogry, ol bagtygara adam. Sahawatly
adamlar ony heläkläp, betbeşer edipdirler, ine, şondan soň, ol betgahar we gagal
adam bolupdyr. Kim ony beýle ýagdaýa salyp, husurly etdikä?
― Muny saňa bimelal, doly aýdyp bererdim ― diýdi Pilat, ― çünki, özüm munuň
şaýady bolupdym. Şol seniň aýdan sahawatly adamlaryň oňa edil aýa hemle eden
köpekler deýin topulypdylar. Märeke onuň bogazyna, eline-aýagyna ýapyşypdy.
Pyýada manipul gabawa düşüpdi, şonda meniň komandirlik eden atly goşunym
gapdaldan gabawy böwsüp girmedik bolsa, saňa, dana ýigit, bu gün Krysaboý bilen
söhbetleşmek nesip etmezdi. Bu ýagdaý Idistawiza golaýynda Periler jülgesinde
bolan jeňde ýüz beripdi.
― Men onuň bilen gürleşsem ― oýlanybrak diýdi birden tussag, ― emin men ki, ol
häsiýetini düýpgöter üýtgederdi.
― Pikir edip görýän welin ― diýdi Pilat, ― hatda goşun ofiserleri ýa esgerleriniň
biri bilen söhbet etseň hem, bu bolşuň bilen serkerdäni gaty ynjydardyň. Bir gowy
ýeri, seniň hem, serkerdäniň hem bagtyna beýle söhbet bolmaz, ilki bilen özüm muňa
ýol bermerin.
Şu wagt sütünler hataryna bir garlawaç ok ýaly uçup girip, altyn gümmez astynda bir
mertebe çarh urup aýlandy-da, soň pessaýlap, mis heýkeliň ýanyndan şuwlap geçip,
sütün bogdaklarynyň penasynda gözden gaýyp boldy. Meger, şol ýerde höwürtge
gurjak bolýandyr. Ine, şu garlawajyň perwazy dowamynda prokuratoryň indi
agyrydan azat bolan dana başynda şeýlebir karar wujuda geldi: Igemon Ha-Nosri
lakamly filosof Iýeşuanyň işini derňäp, ondan jenaýat tapmady. Hususan-da,
Iýeşuanyň hereketleri bilen ýaňy-ýakynda Ýerşalaimde ýüze çykan tertipsizlikleriň
arasynda hiç hili baglanyşygyň ýoklugyny anyklady. Ykmanda filosof ruhy taýdan
näsag bolsa nätjek! Şeýlelikde, Kiçi Sinedronyň Ha-Nosri hakynda çykaran ölüm
jezasyny prokurator tassyklamaýar. Emma Ha-Nosriniň biakyl utopik beýanlarynyň
Ýerşalaimde halk gozgalaňlaryna sebäp bolmagynyň ähtimallygyny göz öňünde
tutup, prokurator Iýeşuany Ýerşalaimden çetleşdirýär we Ortaýer deňzindäki Straton
Kaýsarlygynda, ýagny, prokuratoryň bolýan ýeri ýerleşen deňzinde türmä höküm
edýär.
Höküm taýýar. Indi ony diňe kätibe aýdyp, ýazdyraýmak galypdy.
Garlawaç Igemonyň üstünden ganatlaryny pyr-pyrladyp geçip, özüni fontan
howuzjygynyň içine urdy, soň giň asmana perwaz kyldy.
Prokurator başyny göterip, tussaga seredende, onuň daşynda güneş şuglasyna gark
bolan çaňyň tozan bolup göterlenini gördi.
― Hemmesi şu hakdamy? ― diýip, Pilat kätipden sorady.
― Gynansagam, beýle däl ― diýip, kätip Pilata başga bir pergamenti uzatdy.
― Ýene näme bar? ― diýip, Pilat gabagyny asyp sorady.
Uzadylan pergamenti okap çykdy-da, onuň reňki üýtgedi. Boýnuna we ýüzüne gara
gan guýuldymy ýa-da başga bir ýagdaý ýüze çykdymy, garaz, reňkindäki sarylyk
üýtgäp, goňur tüýs aldy, gözleri bolsa owasynyň içine çöküp giden ýaly boldy.
20
Çaky, hemme bela çekgesine guýlup, damarda depirjäp başlan gandady, emma
prokuratoryň gözlerine bir zad-a boldy. Onuň gözüne tussagyň kellesi nireleredir bir
ýere uçup gidip, ýerine başga kelle peýda bolan ýaly boldy.
Ol kel kelle bolup, oňa şaçy seýrek altyn täç geýdirilipdi, onuň maňlaý derisini oýup
taşlan töwerek şekildäki ýara melhem çalyngy, bir dişi-de galmadyk agzy opurylyp,
aşaky dodagy kemşerýän ýaly asylyp durdy. Şu mahal eýwandaky bägül reňkli
sütünler we aşakdaky bagyň aňry tarapyndan başlap, alyslara uzalyp giden Ýerşalaim
jaýlary Pilatyň gözünden gaýyp bolup, töwerekdäki hemme närseler Kapreýa
baglarynyň ýap-ýaşyl daragtlary bilen örtülen ýaly bolup duýuldy. Onuň gulagyna
hem juda geň närseler eşidilip başlady, göýä kimdir biri juda uzakda durup, ýuwaş,
emma elhenç sesli sur çalan ýaly boldy, kimdir biriniň her sözi uzyn-uzyn tekepbir
heňde ýaňlanyp: «Beýikleri kemsitmezlik hakynda kanun» diýen sözi anykdan anyk
eşidildi. Pilatyň hyýalyndan uzynly-gysgaly, üzlem-saplam we gaýry ýönekeý
pikirler bir-bir geçip başlady: «Gurban boldy!», soňra: «Gurban boldular!..» Ondan
soň, şu bulam-bujar pikirleriň arasynda nähilidir we kimiňdir hemişe bakylygy
hakynda düýbünden bimany pikir hem ýüze çykdy ki, bu bakylyk nämüçindir onuň
ýüregini gysdyryp, gussa batyrdy.
Pilat ahyry özüni ele alyp, pikir-hyýallary dep etdi, özüni ýene balkonda gördi, ýene
onuň garşysynda tussagyň gözleri göründi.
― Gulak sal, Ha-Nosri ― diýip, prokurator Iýeşua juda geň tüýsde dikanlap söze
başlady, ― onuň ýüzi howsalalydy, gözleri bolsa, gaýgylydy. ― sen beýik
kaýsarymyz ― patyşamyz hakynda bir ýerlerde bir zatlar diýipmidiň? Jogap ber !
Gepläpmidiň?.. Ýa-da ýo-ook?
Pilat «ýok» sözüni sud wagtynda berilýän soragdaky «ýoga» görä birhili uzaldyp
sözledi we tussaga düşündirjek bolýan pikirini göz üsti bilen beýan etdi.
Tussag: ― Hak sözi aýtmak hem aňsat hem ýakymly ― diýdi.
― Men senden ― diýip, Pilat sowuk hem gyryljak ses bilen ― hak sözi aýtmak
ýakymlymy ýa ýakymsyzmy diýip soramok. Her zat-da bolsa, sen ony aýtmaly
bolarsyň. Indi eger sen ölmegi, öleňde hem gynalyp ölmegi islemeseň, gepleýän her
bir gepiňi owal pugta oýlanyp, soň sözle.
Iudeýa prokuratoryna näme bolanyny hiç kim aýdyp bilmez, emma ol ýüzüni güneş
şöhlesinden penalamakçy bolýan ýaly elini göterdi we şol eliň penasynda tussaga
gözi bilen nämedir bir zady ümlejek bolýan ýaly seretdi. ― Ýeri, bolýa, ― diýdi ol,
― jogap ber, sen kariafiýaly Iuda diýen adamy tanaýaňmy, oňa kaýsarymyz /kesar ―
patyşa/ hakynda bir zat diýipmidiň?
― Waka şeýle bolupdy ― diýip, jan-dili bilen beýan edip başlady tussag, ― öten
agşam men ybadathananyň öňünde bir ýigit bilen tanyşdym, ol özüni men Kariaf
şäherinden, adym Iuda diýip tanyşdyrdy. Soňra ol meni «Aşaky şäherdäki» öýüne
alyp baryp, myhmanlady.
― Ol hem sahawatly adammy? ― diýip, Pilat sorady, şol wagt onuň gözlerinde
arwahana ot ýandy.
― Örän sahawatly we bilesigeliji adam eken ― diýip, tassyklady tussag, ― ol meniň
pikirlerimi diýseň gyzygyp diňledi, meni dostana kabul etdi...
21
― Şemçyraglary ýakdy... diýdi Pilat dişleriniň arasyndan tussagyň äheňinde, onuň
gözleri yşrap ýandy.
― Hawa ― diýdi Iýeşua, prokuratoryň bolşuna birazajyk geňirgenip, soňam sözüni
dowam etdi, ― ol menden döwlet häkimiýeti hakynda aýtmagymy sorady. Şu mesele
ony gaty gyzyklandyrýan eken.
― Bolýa, sen näme diýdiň? ― diýip, Pilat sorady, ― Ýa näme diýenim ýadymdan
çykdy diýip bahana etjekmi? ― Pilatyň gepiniň äheňinde indi umytsyzlyk peýda
boldy.
― Öňki aýdanlarymyň ― diýip, başlady tussag, ― men aýtdym, islendik häkimiýet
adamlara zulum edýär, wagt gelip, ne patyşalar häkimiýeti, ne-de özge häkimiýetler
galar diýip. Adamzat hakykatyň we adalatyň şalygyna barar, ýaşap başlar, onsoň hiç
hili häkimiýetiň zerurlygy hem bolmaz.
― Onsoň!
― Soň hiç zat bolmady ― diýdi tussag, ― şol wagt birnäçe adam öýe kürsäp girip,
ellerimi arkama daňyp, gazamada alyp gitdi.
Kätip bir sözi-de üýtgetmezlige çalşyp, şatyrdadyp pergamente ýazýardy. Ine, şonda
Pilat gyryljak hassa sesi bilen: ― Tiweriýa imperatorynyň häkimiýetinden beýik we
halk üçin ajaýyp häkimiýet dünýäde bolmandyr, häzirem ýok, mundan buýana-da
bolmaz! ― diýdi. Prokurator kätibe hem, sakçylara hem nämüçindir ýigrenç bilen
seretdi. ― Häkimiýet hakynda netije çykarmak seniň işiň däl, akmak jenaýatçy! ―
diýdi Pilat, soňam gygyryp: ― Sakçylary balkondan çykaryň ― diýdi, soň kätibe
tarap öwrülip, dowam etdi: ― Meni jenaýatçy bilen ýeke galdyryň, döwlet bähbitli iş
bar.
Sakçylar naýzalaryny göterip, nal kakylan ädiklerini bir nyzamda şarkyldadyp,
balkondan baga çykdylar, kätibem olaryň yzyna eýerdi.
Balkona düşen ümsümligi bir pursat diňe fontandan atylýan suwuň şaggyldysy
bozdy. Pilat jüründikden çüwdürilýän suwuň daşdan tabagy dolduryşyny we onuň
gyrasyndan şabyrdap akyşyny synlap otyrdy. Ilki bilen tussag gepledi:
― Şol kariafly ýigit bilen söhbet etmegim bar belanyň başy bolsa gerek. Meniň
aňlyşyma görä, igemon, ol ýigit bagtsyzlyga duçar bolar, meniň oňa nebsim agyrýar.
― Dünýäde ― diýip, geň gülümsiräp jogap berdi prokurator, ― ýagdaýyna kariafly
Iudanyňkydan-da beterräk gynanmaly käbir adamlar bar. Seniň, Iuda däl-de, ana,
şolara köpräk nebsiň agyrsyn! Gepiň tümmek ýeri, doňbagyr, ynamdar jellat Mark
Krysaboý hem, wagyz edeniň üçin, anha, görüp durun, ― prokurator Iýeşuanyň
parçalanan ýüzüne yşarat etdi ― seni uran adamlar hem, şärikleri bilen bilelikde dört
esgeri öldüren garakçylar: Dismas bilen Gestas we iň soňunda, hapa hyýanatçy Iuda
hem ― şolaryň hemmesi-de sahawatly adamlarymy seniňçe?
― Hawa ― diýip, tussag jogap berdi.
― Hakykat şalygy hem bolarmy?
― Bolar, Igemon, ― diýip, anyk ynanç bilen jogap berdi Iýeşua.
― Ýok, hiç haçan bolmaz! ― diýip, Pilat birden elhenç owaz bilen gygyryp
goýberdi, Iýeşua tisginip, yraň atdy.
Mundan köp ýyllar öň Periler Düzlüginde Pilat öz suwarylaryna: «Çap olary! Ur
ganymlary! Äpet Krysaboý ele düşdi!» diýip, şeýle elhenç gygyrypdy. Häzirem köp
22
komanda berip gyrlan sesini adamlar eşider ýaly, her sözüni däne-däne edip, has
batlyrak gygyrdy: ― Jenaýat edeniň hak! Jenaýatçy sen! Jenaýatçy!
Şundan soň ol pessaý ses bilen sorady:
― Iýeşua Ha-Nasri, sen haýsydyr bir hudaýlara ynanýarmyň?
― Hudaý bir ― diýip, jogap berdi Iýeşua, ― men şoňa ynanýaryn.
― Onda şoňa ýalbar! Yhlas bilen dileg et! Emma barybir ― birden Pilatyň sesi
gyryldy ― mundan nep çykmaz. Aýalyň ýokmy? ― diýip, nämüçin beýle keýpiýete
düşeninden özi hem bihabar Pilat mylaýym äheňde sorady.
― Ýok, boý ýigit men.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ussat we Margarita - 03
  • Büleklär
  • Ussat we Margarita - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2002
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3845
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2120
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3726
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2112
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3879
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2025
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3779
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2089
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3803
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3900
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2162
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2139
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3813
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3846
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1995
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3825
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3857
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2064
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ussat we Margarita - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3112
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1684
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.