Latin

Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 4

Süzlärneñ gomumi sanı 2869
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1223
25.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
43.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
neşir eden «Asly-Kerem» dessany hem türkmen halk döredijiliginiň dessan
baýlygyna goşant boldy.
Halk döredijiliginiň beýleki görnüşleriniň hem toplanyp, neşir edilmegi
dowam edýär. A. Öräýewiň «Yrymlar», B. Goçmyradowyň taýýarlan «Türkmen
halk yrymlary» (1995), Ü. Esenowyň «Hazyna» (1995), S. Gujukowyň «Alkyşlardilegler sözlügi» (1997), A. Oraztaganowyň taýýarlan «Küşdepmeler» (1998), S.
Arazkulyýewiň taýýarlan «Garagalpagystanly türkmenleriň pähim-paýhaslary»
(1999) ýaly birnäçe kitaplar türkmen halkynyň pähiminiň durdänelerini özünde
jemleýär. Bularyň arasynda yrymlar, alkyş-dilegler ýaly halk döredijiliginiň
görnüşleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda öwrenilip we neşir edilip başlanandygyny
bellemek gerek.
Halk döredijilik eserleriniň neşir edilişi bilen birlikde, olaryň üstünde çuň
ylmy-barlaglar hem alnyp barylýar. Amanmyrat Baýmyradowyň «Rowaýatlarda
taryhy şahslar» (1992), Amanbaý Myradowyň «Ilaman bagşy hem-de onuň edebifolklor mirasy», Akmuhammet Aşyrowyň «Könegüzer» (1992) ýaly kitaplarynda
halk döredijiliginiň dürli ugurlary dogrusynda maglumat berilýär. Bularyň
birinjisinde halk döredijiliginiň entek az öwrenilen rowaýat görnüşi, taryhy
şahslaryň rowaýatlardaky edebi hem taryhy keşpleri barada gymmatly ylmy
maglumatlar jemleýär. Soňkularda bolsa halk döredijiliginiň aýdym görnüşi, ony
ýaýradyjylar bolan bagşylar hakynda ylmy hem çeper tärlerde gyzykly
maglumatlar berilýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň filologik fakultetlerinde türkmen halk
döredijiliginden ýörite ders geçilýär. Alymlar A. Baýmyradow bilen
A.
Hojagulyýew şu okuw dersi üçin «Türkmen halk döredijiligi. Hrestomatiýa» (I
kitap – 1992, II kitap – 1994) atly ikitomlugy taýýarladylar.
Garaşsyzlygyň ilkinji on ýyly türkmen halk döredijiligini öwrenişe uly
üstünlikler getirdi. Halk döredijilik ylmynyň örüsi giňedi, milli ruha eýe boldy.
Garaşsyz Türkmenistan XXI asyra syýasatda, ykdysadyýetde we medeni
ugurlarda ýokary üstünlikler gazanmak bilen gadam basdy. Türkmen halk
döredijiliginiň öwreniş ylmy hem XX asyryň birinji onýyllygynda ajaýyp
üstünliklere eýe boldy. Gürrüňi edilýän döwürde halk döredijilik eserlerleriniň uly
tapgyry neşir edilip halka ýetirildi. Şol halk döredijilik nusgalarynyň köpüsi ilkinji
gezek neşir edildi, öňki neşirleriň üsti ýetirildi, olaryň üstünde alymlar tarapyndan
düýpli ylmy barlaglar alnyp baryldy.
Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor G. Geldiýewiň toplap, çapa
taýýarlan «Türkmen nakyllary we atalar sözi» (2004) ýygyndysy nakyllaryň we
atalar sözüniň neşir edilişinde ähmiýetli işleriň biri boldy. Alymyň kitaba ýazan
«Milli bitewiligiň taryhy möhüri» atly sözbaşysynda nakyllary we atalar sözüni
öwrenmegiň meseleleri, olaryň taryhylyk we millilik jähetden gymmatlygy we
beýleki ylmy meseleler barada pikir ýöredilýär. Bu neşire nakyllaryň we atalar
sözüniň on iki müň töweregi girizilipdir.1
1
Kitapda: Türkmen nakyllary we atalar sözi. – Aşgabat, Ylym, 2004, 9 s.
31
«Türkmen halk nakyllary» (2005) atly ýene bir ýygyndynyň öňki neşirlerden
tapawudy onda ýerleşdirilen nakyllaryň agramly böleginiň Türkmenistanyň Milli
golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan nusgalardan saýlanyp-seçilip
alnandygydyr. Nakyllary çapa taýýarlan filologiýa ylymlarynyň kandidaty M.
Çaryýew ýygynda ýazan «Paýhasyň dür däneleri» atly sözsoňy makalasynda
nakyllaryň ylmy meseleleriniň üstünde durup geçýär we türkmen halkynyň nakyl
baýlygy hakynda şeýle diýýär: «Biziň çaklamymyza görä, diňe golýazmalar hazynamyzdaky nakyllaryň sany 10-12 müňden geçýär. Bularyň üstüne kitap
neşirlerindäki, gazet-žurnallardaky, şeýle hem garagalpak, stawropol, eýran,
owgan, kerkuk, türk türkmenleriniň nakyllaryny-da goşsaň, olaryň jemi sanynyň
20 müňden geçjekdigi göze görnüp duran hakykat ahyry».1
«Türkmen şorta sözleri» (2004) atly kitaba Türkmenistanyň Milli golýazmalar
institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýan, öňki neşirlere girmedik,
halkymyzyň durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşykly, belli bir çeperçilik
ähmiýetine eýe bolan şorta sözler girizilipdir. Ýygyndyny çapa taýýarlan O.
Çaryýew sözsöňy makalasynda: «Ýyllar geçdigiçe şorta sözler mazmun taýdanam,
çeperçilik aýratynlyklary taýdanam özgerýär»2 diýmek bilen, awtor şorta sözleri
ýygyndyda ýerleşdirde, olary ýazylyp alnan wagtyna görä, seneleýin tertipde
beripdir. Bu bolsa, halkyň aňynyň, döwrüň, jemgyýetiň ösüşini yzarlamakda, şorta
sözleriň mazmun we çeperçilik taýdan kämilleşişine baha bermekde ähmiýetlidir.
Ýygyndynyň ýene bir ähmiýetli tarapy, her bir şorta sözi kimiň aýdandygygy,
kimiň haçan ýazyp alandygygy baradaky bellikleriň kitabyň ahyrynda
ýerleşdirilmegidir.
«Türkmen galalary hakynda rowaýatlar» (2004) atly folklor ýygyndysy
medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň bir bölegi bolan türkmen galalary
hakyndaky rowaýatlary öz içine alýar. Kitapda Türkmenistanyň çäklerinde
ýerleşýän altmyşa golaý taryhy gala barada rowaýat getirilipdir. Rowaýatyň kim
tarapyndan, nireden, haýsy ýylda ýazylyp alnandygy we haýsy bukjada
saklanýandygy çykgytda görkezilipdir. Rowaýatlary çapa taýýarlan B.
Baýmyradow oňa «Rowaýata öwrülen galalar» ady bilen sözsöňy makalasyny
ýazypdyr.
«Asly-Kerem» (2004) türkmen halk dessany ozal neşir edilen ýygyndylary
göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň
hazynasynda saklanylýan ygtybarly golýazma we daşbasma nusgalary esasynda
taýýarlanylýar. Ony çapa taýýarlan we «Çyn söýgüniň kyssasy» atly sözsöňy
makalasyny ýazan filologiýa ylymlarynyň kandidaty A. Durdyýewadyr. Dessanyň
1943-nji, 1965-nji we 1998-nji ýyllardaky neşirleri golýazmalar hazynasyndaky
daşbasma nusgalarynyň esasynda taýýarlanylyp, çap edilipdi. Bu neşirde bolsa
dessanyň soňky tapylan iki sany golýazma nusgasy we dessana degişli aýry-aýry
goşgulary özünde saklaýan bukjalardaky golýazmalar peýdalanylypdyr. Awtor
sözsoňy makalasynda «Asly-Kerem» dessanynyň dessanyň mazmuny, onuň
1
2
Kitapda: Türkmen halk nakyllary. – Aşgabat, Miras, 2005, 646 s.
Kitapda: Türkmen şorta sözleri. – Aşgabat, Miras, 2004, 117 s.
32
beýleki türkmen dessanlary bilen umumy we aýratyn taraplary barada durýar,
türkmen aýdym-saz sungaty bilen baglanyşykly taraplaryny açyp görkezýär. 1
Ilkinji gezek okyjylara ýetirilen «Warka – Gülşa» (2005) dessanynyň neşirine
onuň türkmen halkynyň arasynda bar bolan birnäçe nusgalary girizilipdir.
Kitapdaky «Warka – Gülşa» dessanynyň ýazuwly nusgasy diýlip atlandyrylan
birinji nusgasy Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda
saklanýan daşbasma nusgasy esasynda taýýarlanypdyr. Dessanyň bagşy nusgasy
we halk agzeki nusgasy diýlip atlandyrylan nusgalar bolsa halk dilinden ýazylyp
alnan tekstler esasynda taýýarlanylypdyr. Dessanyň nusgalaryny çapa taýýarlan N.
Seýidow «Warka – Gülşa» dessany we onuň türkmen nusgalary» diýen sözsöňy
makalasynda bu dessanyň ýordumynyň döreýşi, Gündogara, türkmen halkynyň
arasyna ýaýraýşy barada gürrüň edýär.2
Halk döredijiliginiň hüwdüler, monjugatdylar, läleler görnüşlerini öz içine
alýan «Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi» (2005) atly ýygynda Türkmenistanyň
Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky bukjalarda saklanylýan hem-de
çapa taýýarlaýjylaryň özleriniň halk arasyndan toplan nusgalary girizilipdir. Ony
alymlar G.Ylýasowa bilen A. Durdyýewa çapa taýýarlapdyr. G. Ylýasowanyň
ýazan «Dürler hazynasy – genji-känimiz» atly sözsöňy makalasynda halk
döredijiliginiň kitaba giren görnüşleriniň žanr özboluşluklary, many-mazmuny,
pikir-taglymy we beýleki meseleri barada söz açylýar.3
Türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşlerinden biri bolan yrymynançlary öz içine alýan «Türkmen halk yrym-ynançlary» (2005) atly ýygyndy
ilkinji gezek doly görnüşde neşir edilýär. Ýygynda girizilen yrym-ynançlaryň
köpüsi Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky
bukjalardan, şeýle hem metbugat sahypalarynda çap edilen yrymlardan saýlanyp
alnypdyr. Yrym-ynançlaryň belli bir bölegi çapa taýýarlaýjynyň özüniň halk
içinden ýygnanlarydyr. Kitaby çapa taýýarlan G. Ylýasowanyň «Gymmatly
hazynanyň bir ülüşi» atly sözsoňy makalasynda yrymlaryň dürli meseleleri –
döreýşi, gadymylygy, halk durmuşy bilen baglylygy, terbiýeçilik ähmiýeti barada
söz açylýar, ylmy pikirler aýdylýar.4
«Türkmen halk matallary» (2005) ýygyndysyny N. Seýidow çapa taýýarlap,
oňa «Halk pähiminiň syrly hazynasy» ady bilen sözsöňy makalasyny ýazypdyr.
Ýygyndy taýýarlananda, esasan, Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň
halk döredijiligi bölüminiň gaznasynda saklanylýan bukjalardaky matallaryň
ýazgylaryna we çapa taýýarlaýjynyň özüniň toplan nusgalaryna esaslanylypdyr.
M. Öwlýägulyýewanyň çapa taýýarlan «Saýatly Hemra» dessany (2006)
onuň öňki neşirlerinden tapawutlydyr. Dessanyň öňki neşirleri onuň daşbasma we
bagşy nusgalaryna esaslanýan bolsa, bu neşir 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Milli
golýazmalar institutynyň edebi hazynasyna sowgat berlen golýazma (7764-nji belgili bukja) esasynda çapa taýýarlanypdyr. M. Öwlýägulyýewa dessana ýazan
Kitapda: Asly – Kerem. – Aşgabat, Miras, 2004, 98-120 s.
Kitapda: Warka – Gülşa. – Aşgabat, Miras, 2005, 129-149 s.
3
Kitapda: Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. – Aşgabat, Miras, 2005, 389-398 s.
4
Kitapda: Türkmen halk yrym-ynançlary. – Aşgabat, Miras, 2005, 206 s.
1
2
33
«Aýdyma öwrülen söýgi» atly sözsöňy makalasynda dessanyň golýazmalar
hazynasynda bar bolan nusgalary we okyjylara hödürlenýän şu nusga dogrusynda
söz açýar. Olaryň mazmunynyň, beýan edilişiniň, aýdym-şygyrlarynyň we beýleki
meseleleriň üstünde durup geçýär.1
«Türkmen halk ertekileri» (Durmuşy ertekiler) (2006) we «Türkmen halk
ertekileri» (Jadyly ertekiler) (2006) atly iki kitapdan ybarat ýygyndyny filologiýa
ylymlarynyň doktory Ş. Geldiýewa çapa taýýarlapdyr. Bu ýygyndylara girizilen
ertekiler Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar
hazynasyndaky iň kämil nusgalardan we öň neşir edilen käbir kitaplardan saýlanyp
alnypdyr. Ş. Geldiýewanyň birinji kitaba ýazan «Paýhaslar ummany» atly sözsoňy
makalasynda durmuşy ertekileriň özboluşlylygy, many-mazmuny, terbiýeçilik
gymmaty barada söz açylýar.2 Alym jadyly ertekileri öz içine alýan ýygynda ýazan
«Jadyly dünýä syýahat» diýen sözsöňy makalasynda hem ertekileriň bu görnüşi
hakynda degerli ylmy pikirler aýdýar.3
Türkmen halk ertekileriniň iň kämil nusgalaryny öz içine alýan «Türkmen
halk ertekleri» (2007) atly tutumly kitap ertekileriň öňki neşirleriniň biri esasynda
taýýarlanypdyr. Alym A. Baýmyradowyň kitaba ýazan «Ajaýyp hazyna» atly
sözbaşy makalasynda türkmen ertekileriniň ylmy meseleleriniň üstünde durulýar.4
Folklorçy Ümür Eseniň «Mirasnama» (2004) atly kitaby tutuşlygyna
folklorçylyk häsiýetini saklaýar. Onda halkymyzyň gadymdan gelýän ekerançylyk,
maldarçylyk we tebigaty gormak senetleriniň taryhy, däp-dessur ýörelgeleri beýan
edilýär. Türkmeniň geçmiş mirasyna, tebigatyna degişli gyzykly hekaýatdyr
rowaýatlar berilýär. Ençeme nakyllaryň, aýtgylaryň döreýiş taryhy yzarlanýar,
manysy açylyp görkezilýär.
Soňky ýyllarda alymlaryň gözlegleri, barlaglary netijesinde türkmen halkynyň
irki edebi-folklor mirasyna degişli işleriň birnäçesi çap edildi. Olardan oguzlaryň
dürli döwürlerdäki durmuşlaryndan habar berýän kyssalar toplumy bolan «Oguz
dessanlaryny» görkezmek bolar. Olar nesilden nesle geçip, halkyň dilinde hem-de
dürli ýazuw çeşmelerinde käbiri doly, käbiri bölek-büçek görnüşde saklanypdyr.
«Ýaradylyş» («Dünýäniň ýaradylyşy»), «Döreýiş», «Alp Är Töňňe», «Oguz han»,
«Boz gurt», «Ergenekon» dessanlaryny we beýlekileri ilkinji gezek edebiýatçy
alym K. Ataýew sözbaşy makalasy bilen okyjylara ýetirdi.5
Türkmenleriň Beýik Parfiýa şalygy döwründe, I asyrda dörän, wakalary
gadymy Merwde bolup geçen «Wis we Ramin» poemasy hem türkmenleriň atababalary bolan parlara degişli gadymy edebi-çeper gymmatlykdyr. Bu eseriň
döreýşi, mazmuny, soňra onuň başga dillere terjime edilişi, onuň esasynda
Gündogarda we Ýewropada ençeme eserleriň döredilşi, eseriň alymlar tarapyndan
Kitapda: Saýatly Hemra. – Aşgabat, Miras, 2006, 154-163 s.
Kitapda: Türkmen halk ertekileri (Durmuşy ertekiler). – Aşgabat, Miras, 2006, 335-349 s.
3
Kitapda: Türkmen halk ertekileri (Jadyly ertekiler). – Aşgabat, Miras, 2006, 371-379 s.
4
Kitapda: Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007.
5
«Beýik Türkmenbaşy nesli» g., 2003, 11-23-nji oktýabr, 8-nji noýabr.
1
2
34
öwrenilişi dogrusynda taryhçy alym J. Annaorazow «Parlaryň parlak poemasy»1
atly makalasynda gyzykly maglumatlar berdi.
Demirgazyk-günorta Hytaýdan tapylan «Yrk bitik» atly golýazma türkmen
halkynyň gadymy edebi-folklor ýadygärligidir. Üstünden on iki asyr töweregi wagt
geçiren bu gadymy eser hakynda dilçi alym K. Babaýewiň «Müň ýyllyk möhürli
еdebiýat»2 diýen makalasy bilen birlikde, eseriň teksti hem okyjylara ýetirildi.
Gadymy türkmen dilinde şygyr bilen ýazylan bu eser birnäçe hekaýatdan durup,
olarda haýwanlaryň we guşlaryň durmuşy beýan edilýär. Şolaryň üsti bilen göçme
manyda ynsan durmuşy görkezilip, ahlak-terbiýe baradaky pikirler öňe sürülýär.
Mundan başga-da K. Babaýew Oguz-Orhon ýazgylary hakynda «Göktürkmen
poemalary» atly makalalary we tekstleri taýýarlap okyjylara ýetirdi3.
XVI asyryň ýazuw ýadygärligi bolan Muhammet Alynyň «Oguznama»
nakyllar ýygyndysy barada A. Baýmyradow «Oguznama − dananama» atly
sözbaşy makalasynda gymmatly maglumatlary berýär. Alym köne türkmen
dilindäki bu folklor golýazmasyny çapa taýýarlap, okyjylara hödürledi.4
2000-nji ýyldan bäri türkmen folklorynyň ylmy taýdan öwrenilişi barada
aýdylanda, bu ugurdan ylmy barlaglaryň çäkleri, temalary giňeldi, täze pikirgaraýyşlar öňe sürüldi, öň mälim bolmadyk maglumatlar ýüze çykaryldy. Folklory
öwreniji alymlaryň, ylmy işgärleriň ylmy makalalary ýurdumyzyň metbugatynda,
ylmy neşirlerde, ýörite ýygyndylarda yzygider çap edildi
Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, akademik M. Söýegow türkmen
folklorynyň taryhyna, ýazuwly folkloryň tekstlerine degişli birnäçe işleri ýazýar.
Onuň «Deňizleriň we ummanlaryň aňyrsyndan еşidilýän ýaň ýa-da Görogly beg
Türkmeniň XIX asyrda Angliýa we Amerika baryp ýeten namalary» diýen
makalasynda 1807-1882-nji ýyllarda ýaşap geçen amerikan şahyry Henri
Wladsworth Longfellowyň Ýewropa eden syýahatynda A. Hodzkonyň «Görogly»
eposynyň bir nusgasy ýerleşdirilen kitabyny ele salandygyny hakynda maglumat
berýär. Ondaky Göroglynyň namalaryndan güýçli täsirlenip, şahyryň «Gaçgak.
Hodzkonyň kyssa görnüşindäki terjimesinden goşga geçirilen türkmen aýdymy»5
diýen at we düşündiriş bilen üç bölümden, 22 bentden ybarat eser ýazandygyny
beýan edýär. Alym şu makalasynyň yzynda şol goşgynyň iňlis dilindäki asyl
nusgasyny we onuň setirleriniň, bentleriniň döremegine sebäp bolup biläýjek
türkmençe nusgasyny hem çap еtdiripdir. Alym Göktürkmenleriň daşa ýazylan
folklor ýadygärligine degişli makalalaryň we tekstleriň birnäçesini taýýarlaýar. Bu
ugurdan onuň «Göktürkmen döwletinden galan taryhy ýazgylar»6, «Kültegin
ýadygärligi»7 atly işleri metbugatda çap edilýär. «Mukaddes Ruhnama we gadymy
döwürlerde hem-de irki orta asyrlarda folklor-edebiýat babatynda türkmen-hytaý
«Edebiýat we sungat» g., 2006, 28-nji iýul.
«Edebiýat we sungat» g., 2005, 16-njy dekabr.
3
«Garagum» ž., 2008, №11; 2010, №8, №10.
4
«Garagum» ž., 2005, №1, №2, №3; 2011, №2, №4, №5, №6, №7, №8, №9, №10.
5
«Türkmen dili» g., 2005, 13-nji iýul.
6
«Türkmen dili» g., 2004, 12-nji maý.
7
«Aşgabat» g., 2006, 7-9-14-16-njy dekabr.
1
2
35
gatnaşyklary»1, «Oguznamalaryň» dürli golýazmalarynda taryhy hakykatyň we
çeper-folkloryň özara mynasybeti»2 we beýleki birnäçe işler alymyň türkmen
folklorynyň irki döwürlerdäki ýagdaýyna, beýleki halklaryň folklory bilen
gatnaşyklaryna, ýazuwa geçiş we köpnusgalylyk meselelerine bagyşlanandyr.
Alymyň «Milli edebiýatymyzda aşyk-magşuk dessanlary»3 atly makalasynda
bolsa, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň sahypalarynda ýazuwly we folklor
dessanlarymyzyň orny, olar barada ylmy maglumatlar berilýär. Alymyň ýene bir
makalasynda4 bolsa, VII asyrdaky göktürkmenleriň üç sany hanynyň dana
geňeşçisi bolan Tonýukukyň Gorkut atanyň prototipi bolandygy baradaky pikiri
orta atdy.
Filologiýa ylymlarynyň doktory A. Baýmyradowyň türkmen halk döredijiligi
barada ýazan köp sanly makalalarynyň arasynda «Türkmen halk kyssalary» atly
makalalar toplumy aýratyn ähmiýete eýedir. Alymyň «Hyýalyýet – halk
kyssasynyň gadymy nusgasy»5, «Efsana – özbaşdak çeper gymmatlyk»6, «Halk
kyssalary»7 atly makalalarynda türkmen halk döredijiliginiň döreýşiniň gözbaşlary,
gözbaşlary, formirlenişi, ösüşi ýaly meseleler ylmy taýdan seljerilýär. Olar
mazmun, forma, taryhy-ösüş jähetden toparlara bölünip görkezilýär, atlandyrylýar.
Aýratynam, alymyň halk kyssasynyň gadymy nusgalary bolan hyýalyýetler
(türkmen mifleri) baradaky beýanetmeleri türkmen halk döredjiligini öwreniş
ylmynda ilkinji täze ylmy pikirlerdir. Mundan başga-da alymyň «Daşa ýazylan
dana sözler»8, «Abusagyt Abylhaýryň döwründe türkmen folklorynyň taryhy»9,
«Parfiýa − çeper gymmatlygyň mesgeni»10, «Türkmen folklorynda oguznamaçylyk
däpleri»11, «Etniki taryh we türkmen folklory»12 ýaly onlarça makalalarynda
türkmen folklorynyň taryhy, häsiýetli aýtatynlyklary, ösüşi ýaly meseleleriň
çözgütleri ylmy taýdan beýan edildi.
Halk döredijiliginiň käbir möhüm meseleleri filologiýa ylymlarynyň doktory
A. Mämmedowyň döwürleýin metbugatda çap edilen birnäçe makalalarynda öz
beýanyny tapdy. Onuň «Edebi-taryhy eýýamlar we halk döredijiligi»13, «Oguz
handan gaýdýan taryhylyk»14, «Oguz han döwrüniň alamatlary»15, «Magtymguly
eýýamy we dessanlar»16, «Gadymy ynanç esaslary»1 diýen makalalarynda halk
Kitapda: Mukaddes Ruhnama − täze müňýyllygyň pelsepesi − Aşgabat, 2007.
Kitapda: Национальный фольклор народов Центральный Азии и проблемы духовного обновления
общества. Материалы международной научно-практической конференции. – Нукус, 2008.
3
Kitapda: Beýik Galkynyş eýýamynyň batly gadamlary (makalalar ýygyndysy, dördünji kitap) − Aşgbat, Ylym,
2009.
4
«Türkmen dili» g., 2008, 30-njy iýul.
5
«Türkmen dili» g., 2011, 9-njy fewral.
6
«Türkmen dili» g., 2011, 6-njy aprel.
7
«Türkmen dili» g., 2011, 18-nji maý.
8
«Türkmen dili» g., 2002, 3-nji aprel.
9
«Türkmen dili» g., 2007, 21-nji noýabr.
10
«Türkmen dili» g., 2008, 28-nji maý.
11
Kitapda: Oguznama ýordumy – taryhy we medeni çeşme hökmünde. − Aşgabat, 2010.
12
Kitapda: Türkmen halkynyň kemala gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy. − Aşgabat, 2011.
13
«Türkmen dili» g., 2006, 14-nji iýun.
14
«Türkmen dili» g., 2006, 8-nji noýabr.
15
«Türkmen dili» g., 2006, 22-nji noýabr.
16
«Türkmen dili» g., 2007, 1-nji awgust.
1
2
36
döredijiliginiň taryhylygy, onuň eýýamlar, döwürler boýunça ösüşi, häsiýetleri we
beýleki gaýry alamatlary açylyp görkezildi. Alymyň «Halk döredijiliginde içki
baglanyşyk»2, «Türkmen halk döredijiliginiň içki baglanyşyklary»3, «Halk
döredijiliginiň içki baglanyşyklary»4, atly makalalarynda bolsa, halk döredijiliginiň
dürli žanrlarynyň biri-birine bolan gatnaşyklary, baglanyşyklary öwrenildi. «Halk
ertekileri we edebiýatda ertekiçilik hadysasy»5 «Türkmen halk ertekileri»6 diýen
makalalary bolsa ertekileriň käbir meselelerine bagyşlandy.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Ş. Geldiýewanyň 30-40-njy ýyllarda türkmen
folklor nusgalaryny toplan aýry-aýry folklor toplaýjylar Çary Garabekow,
Muhammet Ataşow barada birnäçe makalalar ýazdy. Ol «Miras galan hazynalar»
diýen makalasynda ilkinji folklor toplaýjylaryň mirasyny öwrenmegiň zerurlygy
barada şeýle ýazýar: «Hazyna toplaýjylar we olaryň toplan edebi gymmatlyklary,
ol gymmatlyklaryň öz gezeginde türkmen folkloryny, edebiýatyny
baýlaşdyrmakdaky hyzmaty, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine täsiri hakyndaky
çeper ýatlamalar, makalalar häzirki döwürde-de zeruryňam zerury»7.
Halk döredijiligininiň alkyş-dilegler, yrym-ynançlar ýaly görnüşleri ylmy
taýdan söňky döwürlerde öwrenilip başlandy. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty
G.Ylýasowanyň «Alkyş-dilegler, doga-töwirler halk döredijiliginiň bir
görnüşidir»8,
«Yrymlar
halk
döredijiliginiň
gadymy
görnüşidir»,9
«Magtymgulynyň döredijiliginde halkyň yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň
beýany»10 atly makalalarynda halk paýhasynyň bu nusgalarynyň gadymylygy,
mazmuny, gymmatlygy, olary halk döredijiliginiň bir görnüşi hökmünde
öwrenmegiň zerurlygy dogrusynda gürrüň açylýar. Alymyň başga-da ençeme
makalalarynda halk döredijilginiň dürli meseleleri öz beýany tapdy.
Belli folklory toplaýjy we öwreniji Ata Rahmanow «Gatbar-gatbar taryh
ýatyr...»11, «Owadan we Oguz han eposy»12 atly makalalarynda entek türkmen
folklory öwreniş ylmynda gürrüňi edilmedik gadymy türkmen eposlary hakynda
giňişleýin maglumatlar berdi. Makalalar beýan edilýän wakalaryň gadymylgy,
barlanylýan meseleleriň ýaýrawynyň giňligi, maglumatlaryň, delilleriň,
çaklamalaryň köplügi bilen tapawutlanýar.
Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Weliýewiň «Rowaýatlarda Salar
Gazan»13 atly makalasynda hem şeýle häsiýet saklanýar. Alym gürrüňi edilýän
meseleler baradaky alymlaryň barlaglaryny, gelen netijelerini seljermek we
«Türkmen dili» g., 2008, 23-nji ýanwar.
«Türkmen dili» g., 2007, 7-nji sentýabr.
3
«Türkmen dili» g., 2009, 4-nji mart, 15-nji aprel.
4
«Türkmen dili» g., 2009, 15-nji iýul.
5
«Mugallymlar gazeti» g., 2009, 15-nji maý.
6
«Mugallymlar gazeti» g., 2011, 2-nji sentýabr, 7-nji sentýabr.
7
«Garagum» ž., 2011, №1.
8
«Türkmenistanda ylym we tehnika” ž., 2001, № 1.
9
«Türkmenistanda ylym we tehnika» ž., 2003, № 1.
10
Kitapda: Beýik Galkynyş eýýamynyň batly gadamlary (makalalar ýygyndysy, bäşinji kitap) − Aşgbat, Ylym,
2010.
11
«Garagum» ž., 2005, №1.
12
«Garagum» ž., 2009, №11, №.12.
13
«Garagum» ž., 2011, №7
1
2
37
goldanmak bilen, Görkut atanyň, Salar Gazanyň taryhy, edebi-folklor keşpleri
barada täze pikipler aýdýar. Ol M. Söýegowyň Oguz-Orhon ýazgylaryndaky üç
sany göktürkmen hanynyň weziri bolup geçen Tonýukuk bilen Görkut atanyň bir
şahsdygy baradaky pikirini dogry tapýar.
K. Babaýew hem «Gorkut ata hem Tonýukuk»1 makalasynda bu iki şahsyň
birdigi baradaky alymlaryň pikirlerini goldaýar we ygtybarly çeşmeler esasynda
Tonýukukyň ömrüne, işlerine degişli gymmatly maglumatlary berýär.
A. Durdyýewanyň «Göroglynyň» nusgalary»2, A. Garryýewanyň «Görogly»
şadessanynyň dünýä dillerine terjime еdilişi barada»3, S. Mämmetnurowyň
«Ozanlar»4,«Söýeg bagşy hem onuň halypalary5, N. Seýidowyň «Türkmen halk
döredijiligini öwreniş ylmy Garaşsyzlyk ýyllarynda»6, «Halk aýtgylary halkyň
çeper önümidir»7, G. Gummanowanyň «Halk döredijiligi halkyň çeper
hazynasydyr»8, G. Nuryýewanyň «Täzeden ganatlanan gymmatly miras»9 we
beýleki ençeme makalalarda halk döredijiliginiň dürli meseleleri barada söz
açyldy.
Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň türkmen filologiýasy fakultetleriniň
mugallymlary we talyplary üçin hem gollanmalardyr okuw kitaplary neşir edildi.
Olardan Gurbandurdy Geldiýewiň «Türkmen şahyrana halk döredijiligi» (2003)
kitaby mugallymlar üçin gollanma hökmünde ýazylypdyr. Kitapda halk
döredijiliginiň şahyrana toparynyň gadymylygy, özboluşlylygy, milliligi täzeçe
edebi taglymat, milli ruh esasynda açylyp görkezilipdir. Hojamyrat
Goçmyradowyň «Türkmen halk döredijiligi» (2010) atly okuw kitaby Beýik
Galkynyş eýýamynda talyplara ýokary hilli bilim bermek we kämil hünärmenleri
taýýarlamak barada öňde goýlan wezipeleri amal etmek maksady bilen
taýýarlanypdyr.
Türkmen alymlary döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän
ylmy
maslahatlara işjeň gatnaşyp, türkmen folklorynyň dürli meseleleri bilen bagly ylmy
çykyşlar etdiler. «Mahmyt Kaşgarly türkologiýa ylmyny esaslandyryjydyr» (2008),
«Medeni miras − dünýäniň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhyny
öwrenmegiň çeşmesi» (2008), «Seljuklar döwrüniň edebiýaty we medeniýeti»
(2009), «Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» (2009), «Oguznama ýordumy
– taryhy we medeni çeşme hökmünde» (2010), «Türkmen halkynyň kemala
gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy» (2011) we beýleki birnäçe ylmy
maslahatlaryň materiallaryny öz içine alýan kitaplarda türkmen folklorçy
alymlarynyň ylmy çykyşlaryň ençemesi orun aldy. Bularyň hemmesi türkmen
folklorynyň öwrenilişine önjeýli goşant boldy.
«Garagum» ž., 2012, №2
«Diýar» ž., 2010, №11.
3
Kitapda: Görogly ýordumy we Gündogar еdebiýaty. − Aşgabat, 2009.
4
«Garagum» ž., 2008, №11.
5
«Garagum» ž., 2011, №2.
6
«Türkmenistanda ylym we tehnika» ž., 2001, № 8.
7
«Garagum» ž., 2005, №8.
8
«Garagum» ž., 2005, №8
9
«Türkmen dili» g., 2004, 8-nji sentýabr.
1
2
38
Türkmen halk döredijiligininiň öwrenilişine degişli şu gürrüňlerden folklory
öwreniş ylmymyzyň üçünji müňýyllygyň ikinji onýyllygyna üstünlikli gadam
basandygyny görkezýär. Täze Galkynyş zamany türkmen folklory öwreniş
ylmynyň öňünde täze gözýetimleri açdy. Halk döredijilik eserlerini toplamak,
halka ýetirmek we ylmy taýdan öwrenmek işleri hormatly Prezidentimiziň ylymbilim syýasatynyň we edebi miras baradaky taglymatynyň esasynda alnyp
barylýar.
2011-nji ýyl, noýabr.
39
MAZMUNY
1. Türkmen halk döredijiligini öwrenişiň gözbaşlary………… ………….….3
2. XIX asyrda daşary ýurtly alymlaryň, syýahatçylaryň türkmen
halk döredijiligini toplamakdaky we öwrenmekdäki hyzmatlary…………….7
3. XX asyryň başlarynda türkmen halk döredijiliginiň
toplanyşy we öwrenilişi.........................................................................................11
4. XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda türkmen halk döredijiliginiň
toplanylyşy we öwrenilişi......................................................................................16
5. 40-80-nji ýyllar halk döredijiliginiň neşir edilişinde we öwrenilişinde
aýgytly etapdyr…………………………………………………………….........20
6. Türkmen halk döredijiliginiň Garaşsyzlyk ýyllarynda
neşir edilişi we öwrenilişi…………………………………………….........…….28
40
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
  • Büleklär
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3378
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1600
    24.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3353
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1496
    24.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3275
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1222
    25.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 2869
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1223
    25.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.