Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6

Süzlärneñ gomumi sanı 3809
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1853
25.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Şasenem şol depeniň üstünde tä Garybyň garasy ýitinçä, onuň yzyndan garap oturdy.
Şasenemiň gözüne uky gelmän, ol gijäný şol depäniň üstünde geçirdi. Daň atdy, torgaýlar
95
saýraşyp başlady. Şasenem ýene bir gazal aýtdy:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Eý keremli kadyr hudaý,
Garybym saňa tabşyrdym.
Gökde gezen molla torgaý,
Garybym saňa tabşyrdym.
Men bolmadym saňa hemdem,
Ýüregimni tutdy ýüz gam,
Atamyz hezreti Adam,
Garybym saňa tabşyrdym.
Tur dagynda gezen Musa,
Başymyza düşdi söwda,
Ýa pirim Ýusup-Züleýha,
Garybym saňa tabşyrdym.
Bu derdime eýle derman,
Tebipleriň piri Lukman,
Dawudyň ogly Süleýman,
Garybym saňa tabşyrdym.
Kölünden uçmaz sonasy.
Tilimden gitmez senasy,
Hydyr-Ylýasyň enesi,
Garybym saňa tabşyrdym.
Soldy bu yşkymyň güli,
Uçdy Senemiň bilbili,
Käse beren pirim Aly,
Garybym saňa tabşyrdym.
Şasenem galdy muňalyp,
Ýüzün ýyrtyp, saçyn ýaýyp,
Üç ýüz altmyş, özi gaýyp,
Garybym saňa tabşyrdym.
Şasenem bu gazaly aýdyp, depäniň üstünde oturdy. Şol gün Şah Apbas atlylary bilen şikäre
çykyp, aw awlaýardy. Bularyň öňünden bir gulan duş geldi. Patyşa:
Bu gulanyň daşyny gabap, diri tutmaly! Kimde-kim bu gulany tutup bilmän, öz üstünden geçirse,
96
başy ölümli, maly talaňly!—diýip höküm etdi.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Atlylar halka gurap, sap-sap bolup, gulanyň daşyna aýlandylar. Gulan dogry patyşanyň
üstündeň geldi-de, syçrap gaçyp gitdi. Patyşa utanjyndan gulanyň yzypdan at saldy. Gulan gaçdy,
patyşa kowdy, ahyrynda aýlanyp-dolanyp, Naýzahal depesine bardy.
Şah Apbasyň gözi Şaseneme düşdi. Şasenem atasyny tanap, utanyp, hudaýa ýalbaryp, bir gazal
aýtdy:
Kadyr alla, dergahyňa sygyndym,
Men niçik bu ýerde hyjap eýläýin.
Ganat ýazyp, uçup çyksam asmana,
Söwer gullaryňa jogap eýläýin.
Wujuduňa ýetir didämiň okun,
Erenlere degrip gamzanyň okun,
Şah Apbasdan ötür gazabyň okun,
Özüm gutarmaga hyjap eýläýin.
Görse, bozar aşyklaryň şanyny,
Maňa geýdir bu gün ajal donuny,
Jilwe bilen alam atam janyny,
Bu gün mertligiňi hasap eýläýin.
Ýüzüme ýetirgil Wamygyň ýüzün,
Tilime getirgil Uzranyň sözün,
Gözüme hem bergil Leýliniň gözün,
Göreniň bagryny kebap eýläýin.
Bu çöl ýerde meni kylma hary-zar,
Duşmanlar golunda goýma giriftar,
Dadyma ýetişgil, eý-ä biribar,
Peşeýman men, indi sogap eýleýin.
Senem diýr, bu ýerde garyp olup men,
Bir täze gül idim, indi solup men.
Bu güin Şah Apbasa duçar olup men,
Kaýsy betbagtlygym hasap eýläýin.
Şah Apbasyň gözi Şaseneme düşüp, huşundan gidip ýykyldy. Şasenem «Huda berse guluna,
getirip goýar ýoluna» diýip, atasynyň atyna münüp, nirdesiň Diýarbekir diýip, basdy ata
gamçyny. Baryp köşgüne girdi.
97
Akja, Şasenemiň ýeke özüniň gelenini görüp:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Hany, Garyby nätdiň? — diýip, bir gazal aýtdy:
Men saňa diýeýin, Şasenem janym,
Bile giden Garyp jany neýlediň?
Ne sewdalar düşdi onuň başyna,
Gamda galan natywany neýlediň?
Ne weç ile pelek çarhyn gaýyrdy?
Ne meý bile taňry seni doýurdy?
Ne kysmata Garybyňdan aýyrdy?
Söýle, haly perişany neýlediň?
Diliň lal boldumy, diýmediň dadyň?
Indi üzüldimi ýa-da myradyň?
Şirin üçin nirä gitdi Ferhadyň?
Sen şol çäki-gribany neýlediň?
Niçik köňlüň boldy ondan galmaga?
Niçik ta:p getirdiň jyda bolmaga?
Gorkmadyň taňrydan talaň salmaga,
Gyş açglan gülüstany neýlediň?
Gülnahal diýr, niçik kysmat ýazyldy?
Ne sebäpden eden ähdiň bozuldy?
Niçik edip ondan köňlüň üzüldi?
Bagty gara sergerdany neýlediň?
Bu sözden soň Şasenem özüniň başyndan geçenleri Akja habar berip, bir gazal aýtdy:
Garyp bilen edip idim maslahat,
Owalda suhbatym berar eýledi.
Çykyp, ýüz dönderdik Halap-Şirwana,
Pelek bize kasty-güzer eýledi.
Ikimiz saz bolduk, başda äht eýläp,
Jany-jana goşduk, şeker-şeht eýläp,
Ýola girip, üç gün gaçdyk, jäht eýläp,
Gör pelekni, niçe güzer eýledi.
Eger ölsem, bolmaz erdi soragym,
98
Senden özgelere diýmen bu dagym,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Üç günden soň ýaramady aýagym,
Ýöreý diýsem, janym azar eýledi.
Pelek maňa kasdyn jyda ýetirdi,
Her kimsäni bir azaba iterdi,
Çyda bilmeý, Garyp meni göterdi,
Eziz janyn maňa pida eýledi.
Aýtsam, eda bolmaz pelek azabyn,
Bizlere içirdi hijran şerabyn,
Senem aýdar, ahyr berdim jogabyn,
Ýar mekanyn özge diýar eýledi.
Indi sözi Şah Apbasdan zşideliň.
Gulany kowup barşyna, öz gyzy Şasenemi görüp, ol beýhuş bolup ýykylypdy. Nökerleri «Patyşa
näme bolduka?» diýip, yzyndan gaýtdylar. Gelip görseler, huşundan gidip ýatyr, Nökerler
patyşany göterip, köşgüne alyp gitdiler, Patyşa bir näçe wagtdan soň özüne geldi. Wezirler:
— Eý patyşahym, saňa näme boldy? — diýip soradylar. Patyşa başyndan geçenini beýan edip, bir
gazal aýtdy:
Eý ýaranlar, Diýarbekir ýurdunda
Aklym aldy ala gözli bir peri,
Indi ölsem gerek onuň derdinde,
Ganym dökdi gara gözli bir peri.
Bilbil bolup gezsem ýaryň bagynda,
Säherler saýrasam ýar soragynda,
Şenbe şikarynda, şamgäh çagynda
Ganym dökdi gara gözli bir peri.
Gözüm düşdi onuň reňňi-roýuna,
Dal gerdeni, kamatyna, boýuna,
Yşk ataşy düşdi köňlüm öýüne,
Ýakdy janym gara gözli bir peri.
Göründi gözüme bir mahy-enwer,
Ýa gulman, ýa hüýrdür, ýa peri-peýker,
Jemaly, şuglasy älemi örter,
Aldy janym ala gözli bir peri.
99
Bir peridir, tawus kibi bezenmiş,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Gaşy keman, kirpik oka gezenmiş,
Aşyklaryn öldürmäge dözenmiş,
Aklym aldy ala gözli bir peri.
Suraty, hyýaly gitmez gözümden,
Senasy, öwsafy gitmez sözümden,
Görgen zaman, men hem gitdim özümden,
Aklym aldy ala gözli bir peri.
Hüýrler ança bolmaz jennet içinde,
Görgeç, meni goýdy hesret içinde,
Turdy, tagzym etdi, goly saçynda,
Aklym aldy ala gözli bir peri.
Depäniň üstünde gördüm laçyny,
Tylla şana birle darar saçyny,
Kime diýem, dostlar, köňlüm hoşuny,
Aklym aldy ala gözli bir peri.
Şa Apbas diýr, onsuz jany näteýin?
Indi aşyklygyň ýolun tutaýyn,
Ölinçäm, şol ýary sorag edeýin,
Aklym aldy ala gözli bir peri.
Şah Apbas bu sözüni tamam etdi. Patyşanyň bir akylly weziri bardy. Ol:
— Eý patyşahym, ol ýerde peri näme işlär. Bu hudaý tagalanyň size gudratyny görkezip
durdugydyr. Sebäbi siz Hasan weziriň ogly Garyby owal giýew edindiňiz, soň duşman gepine
gidip, oňa gyzyňyzy bermän, ýurdundan kowduňyz. Onuň yhlasy üçin hudaý tagala size bir
gudrat görkezendir — diýdi. Patyşa bu sözi makul tapyp:
— Garyby tapyp geliň, Şasenemi oňa bereýin, toý-tomaşa kylaýyn, maksatlaryna ýetireýin! —
diýip, bir gazal aýtdy:
Joşaýyn-Joşaýyn, gaýnap joşaýyn,
Yşkyň, ody ýaman eken, janlarym.
Garyp gelse, Senem jana goşaýyn,
Yşkyň, ody ýaman eken, janlarym.
Neçin estden71 giden wagtym ölmedim,
Öz başyma gelmeginçe bilmedim,
100
71 Yssgyndan gitmek, özüňden gitmek.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Görgeç any, gan ýygladym, gülmedim,
Yşkyň, ody ýaman eken, janlarym.
Baryň kazy bilen müfti getiriň,
Wezir-wekil, şahyt bolup oturyň,
Aşyklary myradyga ýetiriň,
Yşkyň ody ýaman eken, janlarym.
Gahba pelek bize saldy ýüz gamy,
Köňlümden çykmady derdi-elemi,
Garybyna tabşyryňlar Senemi,
Yşkyň ýudy ýaman eken, janlarym.
Şah Apbasam, kylgan işim melamat,
Başyma galmasyn karzy-kyýamat,
Tizräk gutulsam andan salamat,
Yşkyň ody ýaman eken, janlarym.
Ondan soň patyşa:
— Her ýerde gurrandaz bilen müneçjim bolsa, köşge iberiň, gelsinler! —diýdi.
Bir ýerde gurrandaz bilen müneçjim bolsa, hemmesini alyp geldiler. Olar kitap açdylar, gurra
taşlap gördüler. Görseler, patyşa öz gyzyna aşyk bolupdyr. Olar bu sözi aýtmakdan çekinip:
— Eý keremli patyşahym! Garyp bilen Şasenemi bir-birlerine gowşurmadyňyz, onuň üçin yşkyň
şerabyndan size-de bir az ýetendir — diýip, bu hiläni tapdylar. Onda patyşa:
— Onuň ýaly bolsa, Garybyň enesini alyp geliň!— diýdi.
Garyby tapyp getirmegiň maslahatyny etdiler. Soň, wezirler gidip, Garybyň enesine patyşanyň
bu sözüni bildirdiler, Garyby tapyp getirse, patyşanyň Şasenemi Garyba berjekligini aýtdylar.
Garybyň enesi Şah Apbasyň ýanyna baryp:
— Eý Şah Apbas, owal Hasan wezir bilen ähtnama baglaşdyň, öz diliňden hat berdiň, emma soň
öz ähtiň üstünde tapylmadyň. Meni ýurtdan kowduň, oglumy menden mahrum etdiň — diýip,
Abadan bir gazal aýtdy:
Şah Apbas, sen özüň sermes,
Biz dek kişi gözge ilmez,
Meniň oglum atasyzdyr,
Oňa kişi gyzyn bermez.
Ne üçin wadalar etdiň?
101
Eden wadalaryň ýutduň,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ahyr başyga sen ýetdiň,
Sen deý hudabizar bolmaz.
Geldim, senden umyt eýläp,
Etgen wadaňa bil baglap,
Sen özüň tapgyl soraglap,
Sen dek ähti ýalgan bolmaz.
Taňla kyýamat gün bolar,
Ýagşy ýamandan saplanar,
Bu ysnat boýnuňa galar,
Sen dek ýüzi gara bolmaz.
Şah Apbas, seniň derdiňden.
Oglum gitgendir ýurdundan,
Ölinçä, şanyň derdinden
Iki aşyk hoşnut bolmaz.
Abadan diýr, niçik eder men,
Bipeýda sözi näder men,
Oglury kaýdan tapar men?
Sen dek ähti ýalgan bolmaz.
Ondan soň patyşa:
— Eý Abadan, sen ogluňy adam iberip getirp, men öň bilmän ekenim — diýip, bir gazal aýtdy:
Ýurt gadryny şalar bilmez,
Başga ýurda aşmagynça;
Ýagşynyň gadry bilinmez,
Bir ýamana duşmagynça.
Gol uzatsam, elim ýetmez,
Ýar olmasa, günüm ötmez,
Namart merdiň parhyn etmez
Merde başyn goşmagynça.
Yşk olmaý, syna çäk olmaz,
Bi-yşk adam heläk olmaz,
Aşyk derdinden päk72 olmaz,
102
72 Päk= Bu ýerde halas bolmak, gutulmak.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Yşk oduna bişmeginçä.
Şah Apbas diýr, hiç gülmedim,
Owalda neçin ölmedim?
Aşyklyk gadryn bilmedim,
Öz başyma düşmeginçä.
Ondan soň Garybyň enesi:
— Onuň nirededigini hiç bir bilýän adam ýok. Men Garyby nireden tapaýyn?—diýip, patyşaga
garap bir gazal aýtdy:
Kişi mähnet bilen mal gazanmasa,
Gelen döwletiniň paýany73 bolmaz,
Her sözüň pehmine ýetip sözlese,
Gutular ölümden, gümany bolmaz.
Beýhuda dünýäde gaýgy iýgeniň,
Her ýeter-ýetmeze boýun egeniň,
Bilip, görüp, sözün ýalgan diýgeniň,
Din öýünde anyň imany bolmaz.
Işi gaýra bolar, döwleti gaçsa,
Bir ýurtdan aýrylyp, bir ýurda göçse,
Şalygy aýrylyp, tagtyndan düşse,
Begiň hiç bir sözi, diýeni bolmaz.
Bir allaga aşyk bolan gulunyň,
Leýli-Mejnun kimin ody bolanyň,
Men diýr idim: Şasenemiň gülüňiň
Garybymdan özge bagbany bolmaz.
Ýardan behre alar aşyk pişesi,
Aşyklar hyýaly ýar endişesi,
Synandyr oglumyň köňül şişesi,
Indi düzetmegiň imkany bolmaz.
Şahymerdan, Abadanyň piridir,
Aşyk bolan ölesi ýok, diridir.
Meniň oglum çyn aşygyň biridir,
103
73 Peýdasy bolmaz, bolsa gerek. (A.G)
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Munda gelip, onuň döwrany bolmaz.
Ondan soň patyşa: «Garyby tapyp getiren adama köp yngam berjek» diýip, bir näçe zat wada
etdy. Emma Garypdan hiç kimiň habary bolman, patyşanyň saraýynda edilen bu gürrüň şol
galşyna galdy.
Indi Garypdan söz eşideliň.
Garyp, Halap-Şirwan iline barýardy. Onuň önünden bir näçe kerwen çykdy. Kerwenleriň
arasynda Babahan şatyr diýen bir söwdagär adam bardy. Garyp ony tanaýardy. Ol adam
Şasenemi göterip ulaldypdy. Babahan söwdasyny edip, dolanyp Diýarbekire barýardy. Garyp
ony görüp:
— Eý Babahan, Diýarbekire barsaň, meniň hal-ýagdaýymy Şaseneme aýdarsyň — diýip, bir gazal
aýtdy:
Mundan gider bolsaň Diýarbekire,
Garyp öz halyny aýtdy diýgeý sen,
Ýene baryp, gül ýüzüni görinçe,
Ygtyýar elinden gitdi diýgeý sen.
Kim ýetedir munda meniň dadyma?
Salamlar gönderdim köňül şadyma?
Öten güni getirmesin ýadyma,
Owalky döwranlar ötdi diýgeý sen.
Ol anda sag bolsun — Şah Apbas gyzy,
Hiç kime diýmesin bu pinhan sözi,
Ýedi ýyldan bäri sormasyn bizi,
Meniň bilen ykrar etdi diýgeý sen.
Ol anda sag bolsun, men bu mekanda,
Başym ýolundadyr, bolsam her kanda,
Ýedi ýyl mekanym Halap-Şirwanda,
Ähti-peýmanyny aýtdy diýgeý sen.
Garyp ýat eýleýir söýgüli ýaryn,
Ýedi ýyl terk etdi Bekir diýaryn,
Maňa arz eýledi köňlünde baryn,
Zynharlap-zynharlap, aýtdy diýgeý sen.
104
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ondan soň Garyp Halap-Şirwana bardy. Ýat ülke, barara tanyş gapysy ýok, adamlaryň hiç
birinden hoş söz eşitmedi. Çola bir ýerde oturyp, özüniň tukat durmuşyndan käýinip, bir gazal
aýtdy:
Gahba pelek saldy meni bu derde,
Men neýläýin, bir menzilim bolmasa,
Ýat ülkede ölir boldum bu ýerde,
Uçup gitsem, balu-perim bolmasa.
Munda gezsem, meniň köňül hoşum ýok,
Gardaşym, hemdemim, deňim-duşum ýok,
Belli ýazym, baharym ýok, gyşym ýok,
Müşgil olar mukarrybym bolmasa.
Bir kespi hüneri alsam goluma,
Alyban bakmasam sagy-soluma,
Yşk meni goýmady, ýörsem ýoluma,
Käşký Senem derdeserim bolmasa.
Aýralyk oduna döze bilmenem,
Söwer ýardan köňül üze bilmenem,
Ýedi ýyl bu ýerde geze bilmenem,
Harç ederge simi-zerim bolmasa.
Garyp aýdar, hijran bile talandym,
Bismil olup, öz ganyma bulandym,
Näzli ýaryň ham sözüne ynandym,
Nirä gideý, barar ýerim bolmasa.
Garyp tukat görnüşde haýsy ýere bararyny bilmän, Halap-Şirwanda gezip ýördi. Şol gezip
ýörşüne bir wagt patyşanyň çarbagyna gözi düşdi. Şol wagtda pa- tyşanyň gyzy bilen weziriň
gyzy çarbagy seýil ädip ýörerdiler. Garyp bu gyzlaryň birini Şaseneme, biri-ki hem Akja
meňzedip, Şasenemi ýatlap, bir gazal aýtdy:
Begler, iki peri gelir,
Biri bir aýa meňzemiş;
Biri peri, birisi hüýr,
Biri humaýa meňzemiş.
Biri gamzadan jan üzer,
105
Biri köňülden gam ýazar,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Sallanyşyp bile gezer,
Biri bir aýa meňzemiş.
Olar dek ýokdur ilinde,
Şerbeti bardyr dilinde,
Garyp olaryň ýolunda,
Sepil gedaýa meňzemiş.
Mundan soň patyşanyň gyzy, Garyba bir tabak zer getirip berdi. Garyp ol zeri alyp, mätäç
adamlara paýlady. Ondaň soň Garyp bir garry aýalyň öýüne baryp, onuň bilen kyýamatlyk eneogul okaşyp, şonuň öýünde boluberdi.
Günlerde bir gün Garyba bir nanbaýyň74 gyzy aşyk, boldy. Ol gyz Garyba:
— Eý Garyp, meni özüňe aýallyga kabul et — diýdi. Onda Garyp:
— Ýok, men seni ala bilmenem — diýdi. Onda gyz:
— Eý Garyp, eger meni özüňe aýallyga kabul etmeseň, saňa töhmet edip, heläk edermen — diýdi.
Garyp alaçsyz galyp:
— Eger ýedi ýyla çenli bü ýerden gitmesem, seni alaýyn — diýip, ikisi äht etdiler.
— Garyp öz gaýgysy bilen Halap-Şirwanda gezip ýördi, Günlerde bir gün Garyp, Babanyýaz atly
bir harazça ýolukdy. Babanyýaz:
— Eý ýigit, kaýsy bagyň, güli sen, kaýsy gülzaryň bilbili sen, nirelerden bu jaýlara gelip
düşüpsen? — diýdi.
Garyp, Babanyýaza özüniň hal-ýagdaýyny bildirip, bir gazal aýtdy:
Diýarbekir ilinden
Halap-Şirwana gelmişem.
Gahba pelegin, elinden
Meý içip, gana gelmişem.
Ýygyp peläket leşgerin,
Gurup aýralyk magşaryn,
Ýazmaga köňül depterin,
Ulug diwana gelmişem.
Jepa çekip bir ýar üçin,
Köp gezip zülpi-tar üçin,
Bilbil bolup bir zar üçin,
Ahy-efgana gelmişem.
.‫نانوا= چؤرکچی بولسا گرک‬
106
74
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Yşk hanjary degdi jana,
Göz boldum ýagşy-ýamana.
Bakmadym sudy-zyýana,
Men bu mekana gelmişem.
Mejnun kibi çölde gezip,
Saýyl bolup, ilde gezip,
Aşyk bolup, ýolda gezip,
Syrry-pinhana gelmişem.».
Söz ýaýyldy aamu-hasa,
Arz eýleýip Şah Apbasa,
Hoş günlerim döndi ýasa,
Gahry-kirana75 gemişem.
Indi munda gezer ýerim,
Ýokdur watanym, yzlarym,
Maglum oldy halka syrym,
Janymdan gana gelmişem.
Aýralyk zäherden ajy,
Batynyma76 urdy gyljy.
Agtaryp gadrym biliji,
Bir gadyrdana gelmişem.
Barmy men dek akly giden?
Bu dünýäni talak äden.
Başga ýerde tutup watan,
Sudy-zyýana gelmişem.
Garyp aýrylyp Senemden,
Gol çekip atam-enemden,
Gutulmadym derdi-gamdan,
Men bu efgana gelmişem.
Garyp bu sözüni gutarandan soň, Babanyýazyň derdi gozgalyp:
— Eý Garyp, ikimiz dertdeş ekenimiz. Men hem yşk derdini köp çekdnm — diýip, özüniň bir
gürji gyzyna aşyk bolanyny beýan edip, bir gazal aýtdy:
76
‫ قهری قیران؟‬،‫ صاحب قران بار‬-‫قهری قیران؟‬
‫باطن= ایچ‬
107
75
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Garyp, saňa hemdem bolup ikimiz,
Sal gulagyň, men ykrarym sözleýin;
Iki ýyldyr bu jepany tartar men,
Tämiz ýürek, men tekrarym sözläýin.
Degdi pyçak, istihana ýetişdi,
Bagrym ýandy, pyrakyna ýetişdi,
Bir peri hesreti jana ýetişdi,
Köňlümdäki herne barym sözläýin.
Aşyk boldum bir gürjiniň gyzyna,
Köňlüm gitdi onuň ala gözüne,
Jeht eýleýip, ýete bilmen özüne,
Herne barym, ygtyýarym sözläýin.
Adym Aşyknyýaz, galdym bu derde,
Gyzyl ýüzüm döndi kähruba77zerde,
Şol gyzyň derdinden düşdüm bu ýurda,
Budur mysapyrlyk, barym sözläýin.
Bu sözden soň Babaiyýaz Garyby özüniň öýüne alyp gitdi. Günlerde bir gün Babanyýaz bilen
Garyp b‫ه‬r ýere barýarka, olaryň öňünden bir adam çykdy. Ol adam:
— Eý Babanyýaz, bu ýigit kim?—diýip sorady. Babanyýaz:
— Bu bir hossarsyz oglan ekeni, men muny özüme ogul edinip saklap ýörün — diýdi.
Onda ol adam:
— Babanyýaz, bu oglan ýa ogry, ýa galandardyr. Muny öýüňde saklap ýörüp nätjek? — diýdi. Bu
sözden Garybyň janyna ot düşüp, birgazal aýtdy:
Serraf78 bolup, zer gadryny bilmegen,
Gowwas jandan geçip, käni begenmez.
Ýigit bolup, märekede ýörmegen,
Ýurt soraýan begi-hany begenmez.
Ferhadyň mesgeni gaýaly daglar,
Aşygyň mesgeni bostanly baglar,
Sähralarda gezen zag-zaganlar
Bilbil bolup, gülüstany begenmez.
78
)‫ زرده (ساری‬،‫کهربا= مغناطیس‬
‫صراف= زرشناس‬
108
77
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Mürşit bolup, pirden doga almaýan,
Dünýäden gol çekip, göze ilmeýen,
Sözleýen sözüniň parhyn bilmeýen,
Söz sözlegen suhandany79 begenmez.
Aşyk bolup, özün ýola salanlar,
Bir näzli perige hemdem bolanlar,
Her şäherde gezip, nusga alanlar,
Menzil tutup, bir mekany begenmez.
Seniň ne işiň bar ýagşy-ýamana?
Ýaranlar, ot saldy bu şirin jana,
Hemme dert bir ýana, bu dert bir ýana,
Nadany gör: Garyp jany begenmez.
Babanyýaz Garyby öýünde saklaberdi. Günlerde bir gün Babanyýaz:
— Eý oglum, Garyp jan, nireden gyz alaýyn diýseň, men saňa şol ýerden gyz alyp bereýin, sen
munuň ýaly tukat gezme — diýdi. Babanyýazyň bu sözüne Garybyň gahary gelip:
— Eý ata, men tä ölinçäm, Senemden özge dilbere seretmerin — diýip, bir gazal aýtdy:
Gelip men Halap-Şirwana,
Men bu mekany neýlerem?
Düşmüşem, belki, zyndana,
Bagy-bostany neýlerem?
Ýardan aýrylman ölinçä,
Ezraýyl janym alynça,
Ýar bilek ähtim dolynça,
Ýagşy-ýamany neýlerem?
Istemen özge dilberi,
Taňry görsetdi magşary,
Gerekmez dünýäniň zeri,
Bezmi-döwrany neýlerem?
Şasenemdir maňa hemdem,
Gerekmezdir gaýry mährem,
Köňlüm indi bolmaz horram,
‫سخندان= سؤز اوسسادی‬
109
79
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şady-şadmany neýlerem?
Garyp aýdar, ömrüm güli,
Ösdi maňa hazan ýeli,
Tefekkir oldy bilbili,
Bagy-bostany neýlerem?
Garyp bu sözüni tamam etdi. Babanyýazyň harazy bardy, ony bir semen ýaby bilen Garyba
tabşyrdy. Garyp ony gije-gündiz ýörederdi. Günlerde bir gün Garyp tükeniksiz, irginsiz işden
zeýrenip: «Bu işiň hiç bir hetdi-hsaby ýok» diýip, semen ýaba garap, bir gazal aýtdy:
Semen ýaby, maňa bolup sen hemdem,
Seniň meger eda bolmaz ýoluň bar.
Senem erdi anda meniň mähremim,
Men gorkaram, aýralyk bar, ölum bar.
Sen ölseň-de, hergiz bolmaz soragyň,
Ýörseň eda bolmaz menzil-yragyň,
Haçan ýanar bagt öýünde çyragyň?
Müşgiliň bar, hijranyň bar, zulum bar.
Bir sözüm bar aýralygyň şanyna,
Arzyň ýetmez diwanyna, hanyna,
Bilbil bolup ýete bilmen ýanyna,
Belent ýerde golum ýetmez gülüm bar.
Yşk ýolunda satdym gardaş-doganym,
Senemdir maksadym, janym, jahanym,
Meniň anda Diýarbekir mekanym,
Bara bilmen, derdi-gam bar, elem bar.
Seniň munda ýokdur munus-hemdemiň,
Dile düşüp sözleşerge mähremiň,
Gije-gündiz gaýgy iýgen samanyň,
Meger seniň daşdan gaty ýoluň bar.
Garybyň hemdemi, eý semen ýaby,
Sen-de men dek aýralygyň haraby,
Köýdürdi bagrymy yşkyň şeraby,
110
Imdi maňa wehmi gelir, ölüm bar.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Garyp owalky pişesi bilen gezip ýördi. Günlerde bir gun Ezber hoja oňa uçrady/duşdy. Bu ikisi
salamlaşyp, hal-ahwal soraşdylar. Ezber hoja:
— Eý ýigit, sen kim bolar sen, ýüzüňde ýüz müň elem görner, haýsy aşýandan bu ýerlere düşüp
sen, ýüregiňde näme derdiň bar? — diýdi.
Onda Garyp öz başdan geçirenleriniň baryny Ezber hoja aýtdy. Ezber hem öz hal-ahwalyny
Garyba gürrüň edip berdi. Şunlukda bular bir-birine hemdem boldular. Garyp bu adamyň
Gülnahalyň ýary ekenin bildi. Akjanyň eden sargytlaryny bir-bir beýan etdi. Ezber hoja muny
eşidip, muhupbeti joşa gelip, aramy-karary galmady. Garyppdan Akjanyň salgynsny alyp, bir
ýelmaýa münüp, Diýarbekire rowana boldy.
Garyp özüniň bu kärinde alty ýyl ýördp. Ol:
— Alty ýyllap gije-gündiz Şasenem diýip, ömrümi ötürdim, hiç peýda görmedim. Indi mundan
soň Şasenemi göwnümden çykaraýyn, onuň adyny tutmaýyn — diýip, bir gazal aýtdy:
«Senem-Senem!» diýip, ömrüm ötürdim,
Indi Senem diýre halym galmady.
Golumdaky şunkar guşum uçurdym,
Taraç oldy, maly-mülküm galmady.
Indi ýanmaz boldum ýaryň hijrinden,
Senem üçin geçdim atam ýurdundan,
Gije-gündiz aglamagyň derdinden
Kaddym rast olmaga halym galmady.
Köýe-köýe, bagrym ýanyp, kül boldy,
Ýaradandan maňa kysmat şol boldy,
Her bir günüm aýdyr, aýym ýyl boldy,
Aklym çaşdy, aýym-ýylym galmady.
Aýtsam eda bolmaz gaýgy-endişe,
Bize hakdan ýeten boldy bu pişe,
«Ýar-ýar» diýip, ömrüm ötdi hemişe,
Dost bagynda täze gülüm galmady.
Kysmatym ne boldy, ýaradan rahman!
Elmydam başymdan gitmedi duman,
Barçanyň gözüne göründim ýaman,
111
Döndi garyndaşym, ilim galmady.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Garyp aýdar, ne sagda men, solda men,
Kişi bilmez meni, niçik halda men,
Gije-gündiz Mejnun kimin çölde men,
Uçdy ýaşyl başym, kölüm galmady.
Garyp dilinden bu sözi aýtsa-da, Şasenemiň yşky onuň ýüreginden çykmady. Onuň yşky has
hem güýçlenip başlady. Garyp: «Nähili-de bolsa, ýatyp bir dynç alaýyn, belki-de, Şasenemi
düýşümde görerin» diýip, ýatyp uzak wagtdan soň uka gitdi. Ir bilen turdy, Şasenemi düýşündede görmedi. Garyp:
— Ezber hojadan hem Şaseneme hiç bir sargyt etmedim, indi ol Akjanyň ýanyna baranda,
Şasenem ondan meni sorar, men bolsam ony unutdym — diýip, pelekden şikaýat edip, bir gazal
aýtdy:
Neýleý, şitdetinden gahba pelegiň,
Bu gün meni söwer ýardan aýyrdy.
Taňryga ýetmedi meger dilegim,
Senem atly zülpi tardan aýyrdy.
Garyp olanlaryň barmy soragy?
Köýdürdi-ýandyrdy ýaryň pyragy,
Bir ýandan gaýgysy, bir ýandan dagy,
Bir ýandan ulusly ilden aýyrdy.
Bu gamda-mähnetde ölir ogşadym80,
Mysapyr ýerlerde galyr ogşadym,
Bir täze gül idim, solyr ogşadym,
Baharly, bakjaly, nardan aýyrdy.
Tükenmez söwdaga sataşdy başym,
Ýarsyz geçer boldy ýaz ile gyşym,
Syllar kimin akar gözümde ýaşm,
Taňry meni hoş reftardan aýyrdy.
Garyp aýdar, indi dönmen sözümden,
Aňlamaz men, habarym ýok özümden,
Ýar ýolunda ganlar akar gözümden,
Bu ygsk meni namys-ardan aýyrdy.
Ogşamak=Meňzemek
112
80
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Indi Şasenemden bir iki agyz söz eşideliň.
Şasenem hem ahu-nalalar çekip, gözi ýolda, dide girýan bolup gününi ötürerdi. Günlerde bir gün
Şasenem:
«Men Garyp diýip, şunça gaýgy-gamda köýer men. Belki-de, ol ýerde meni ýadyndan çykaryp,
özge biri bilen zowky-sapa sürüp ýörendir. Gel, men hem Garybymdan umydymy üzüp, ony
ýadymdan çykaraýyn» diýip, bir gazal aýtdy:
«Garyp-Garyp» diýip, ömrüm ötürdim,
Indi Garyp diýmez boldum men indi.
Jan şährine bu gün talaň ýetirdim,
Sebäpkärim diýmez boldum men indi.
Andan maňa ýeten gaýgy-gam oldy,
Ah çekip egsildi, ömrüm kül oldy,
Köýüp aglamakdan ýakam nem oldy,
Umydgärim diýmez boldum men indi.
Jezasydyr, her kim yşka ynansyn,
Kör bolsun gözleri, gana boýalsyn,
ýykylsyn, ýumrulsyn, derýa bulansyn,
Käri-barym diýmez boldum men indi.
Hemdemim, munusym gaýgydyr-gamdyr,
Bize başda alla beren elemdir81.
On dert ýaşdan bäri bolan sütemdir,
Namys-arym diýmez boldum men indi.
Senem aýdar, ile boldum äşkere,
«Ýar-ýar» diýip, gan ýygladym set-para,
Özi gidip, meni kyldy awara,
Seni ýarym diýmez boldum men indi.
Şasensm Garyby näçe ýadyndan çykarjak bolsa hem,. ýadyndan çykaryp bilmedi. Soň Şasenem:
«Belki-de, duý» hpümde görerin» diiip ýatdy. Zmma düýşünde-de germedgň Gaýta gaýgy-gamy
owalkydan hem artyp, bir gazal aýtdy:
Gamdan gutulmaýan gaýgyly başym,
Gaýta başdan gam öýünde bar oldum,
‫علم= درد‬
113
81
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Garyp idi gije-gündiz ýoldaşym,
Indi ýüzün bir görmäge zar oldum.
Bir niçe gün wysalyndan şat idim,
Ýardan özge gaýry bilen ýat idim,
Hasrat çekip, yşk öýünde dat idim,
Köýüp, külli kesbi-käri ýar oldum.
Içelmedim ýaryň wasly-meýinden,
Habarym ýok ýaryň pikir-oýundan,
Janym çykar boldy jeset öýünden,
Ynjytdy ýüregmi, bethumar oldum.
Sabrym gitdi, hijran bile pert olup,
Ýol garadym, iki gözüm tört olup,
Ýarymy kowlady, atam gurt olup,
Mähnetiň içinde galdş, har oldum.
Senem, indi saňa zowky-sapa ýok,
Ýaryň uzak düşdi, indi wepa ýok,
Aşyk men diýer sen, sende jepa ýok,
Yşkyň soltanyýam, hary-zar olduad.
Senem bu gazaly aýdyp, ah çekip otyrka, Akja oňa göwünlik berip, bag seýline gideýli diýip, bir
gazal aýtdy:
Güller açylypdyr pasly-baharda,
Gel, Senem jan, baga seýle gideli!
Bilbiller gonmuşdyr bagdan kenara,
Gel, Senem jan, baga seýle gideli!
Senuber çekipdir göge boýuny,
Sünbüle alypdyr müşküň öýüni,
Gül kowarmyş, bilbil kylsa oýuny,
Gel, Senem jan, baga seýle gideli.
Nerkes gözün açyp, bakmyş jahana,
Bilbil ornun bermiş zagu-zagana,
Nobat ýok, pähm etgil bady-hazana,
114
Gel, Senem jan, baga seýle gideli.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bulut özün çekmiş bagda gyraga,
Bahar ilçileri düşmüş araga,
Bir sorag salaly ýakyn-ýyraga,
Gel, Senem jan, baga seýle gideli.
Kyýamatlyk ykrar eden gardaşym,
Ýoluňda pidadyr bu ýalňyz başym,
Aýralyk çekişen syrdaş-ýoldaşym,
Gel, Senem jan, baga seýle gideli.
Gülnahal diýr, janym saňa gurbandyr,
Aşygyň maksady bäş gün döwrandyr,
Bilermu sen, bu gün aýdy-gurbandyr,
Gel, Seiýem jan, baga seýle gideli.
Ondan soň Şasenem, Akjany hem kenizlerini alyp, seýle çykdy. Az ýöräp-köp ýöräp, Tüni82
derýanyň kenaryna bardylar. Kenizler derýa ýakasynda bir ýerde galdylar. Senem bilen Akja has
hem aňry gitdiler. Derýa möwç urup akýardy. Şasenem Tüni derýadan Garyby sorap, bir gazal
aýtdy:
Alty aýlyk ýoldan gelip, ýol aşyp,
Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?
Meniň üçin hijr oduga tutaşyp,
Tünn derýa, senden Garyp ötdümi?
Takatym ýok munda ýarsyz galmaga,
Ajal gelmez tenden janym almaga,
Şikeste halymdan habar bilmäge,
Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?
Meniň munda ýokdur ýarsyz kararym,
Hiç kim bilen bolmaz söhbet-bararym,
Tirikligim, aýşym-hoşum, mydarym,
Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?
Meniň ýarym gitdi Halap-Şirwana,
Ygtykat etmedi ähti-peýmana,
Indi senden sorag salsam gaýbana,
Tüni derýa, sendei Garyp ötdümi?
115
82 Tüni= Tuna, Don deýasy bolmagy ahmal. Tüni, tün garaňky, terň manasynda hem bolup biler. (A.G)
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Senem diýr, pyraka tapmadym, hile,
Taňrynyň haky üçin rastyňy söýle,
Ýar bilen ötende, akmazdyň beýle,
Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?
Şasenem bu gazaly aýdandan soň, özüni derýaga taşlamakçy boldy. Şonda Akja Şaseneme
köňüllik berip, bir gazal aýtdy:
Aýralyk diýgeniň taňry kysmaty,
Neçin boýnuň burup, melul olur sen?
Dokguz ýyldyr mene çekdim mähneti
Neçin boýnuň burup, melul olur sen?
Aýralyk derdinden hergiz gülmedim,
Gyzyl gül dek açylyban solmadym,
Men ýardan aýrylyp, melul olmadym,
Neçin boýnuň burup, melul olur sen?
Gumry diýgen bir ajaýyp guş bolar,
Perin tartsaň gelir, teni boş bolur,
Ölmegen gul bir-birine duş bolur,
Neçin boýnuň burup, melul olur sen?
Uzak ýola düşen ahyr görüşer,
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
  • Büleklär
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3738
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1949
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3949
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1733
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3808
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1777
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3840
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1702
    27.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3813
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    27.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3809
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1853
    25.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3826
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1710
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3872
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1706
    30.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 1221
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 721
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.