Latin

Topraga duwlanan ägirt - 05

Süzlärneñ gomumi sanı 3750
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
boldular.Emma ol 180 kilogram agramy üç synanyşykdan soňam alyp bilmän ýaryşdan
çykdy.Oňa derek Soltan Rahmanow 440 kilogram göterip,altyn medala mynasyp
boldy.Medwedew häzirki pursatda hem Soýuzyň ýygyndy komandasynyň baş tälimçisi
bolmagynda galýar”diýip,sesine dyngy berdi-de,soňam:”Aşgabadyň sport mekdebi ýaş
sportsmenler bilen üsti ýetirilýär.Basym onuň düzümine Oleg Komlew,Altymyrat
Orazdurdyýew,Abdurahmanow,Şuwalow ýaly gelejege umyt baglaýan ýaşlar
goşular”diýip,sözüni dowam etdi.Altymyrat öz adyny eşidip,guş bolup uçdy,begenjinden
hat-da gözüne ýaş hem aýlady.Ol heniz ýaşajykdy,bary-ýogy iki ýyla golaý wagt bäri
ştanga göterýärdi,şonda-da mekdebe alynmagy gaty tolgundyrdy.Öz ýanyndan:”Bu zatlar
ýalan bolaýmasyn?” hem diýdi.
–Balam,saňa näme bolýar? Iki ýana urunyp otyrsyň-la? Pagta ýekelemekde ýakmaz
zat iýäýdiňmi?-diýip,ejesi onuň maňlaýyny elledi.
–Eje jan,meni Aşgabada, ýörüte sport mekdebine çagyrýarlar!-diýip,Altymyrat
begenjini daşyna çykardy.
–Alsalar gidersiň-dä,jan balam.Ýöne men-ä onuň üçin tolgunar ýaly esas
göremok.Şolaram saňa agalaryňdan artyk tälim berer öýdemok.Maňa-ha,sen öýden
örleseň gowy-diýip,ejesi pikirini mälim etdi.
Altymyradyň şatlygyny paýlaşmak üçin aýal doganlary Aýgül,Gurbanbibi, Orazgül,
agasy Bäşim dagy ýygnandylar.
-Hany,ýuwundyňmy?Toba,ýuwundym
diýýärsiň
welin
gulagyň
içini
ýuwmansyň.Bar,git-de täzeden ýuw!-diýip,Aýgözel onuň ýeňsesine çalaja çalyp
goýberdi.
Altymyrat gulagyny gaýtadan ýuwup geldi-de:-Men ministr bolaryn,şonda şujagaz
uranlaryňy alaryn!-diýip,Aýgözele seretdi.
36
–Toba,gulagynyň içini ýuwup bilmeýändenem bir ministr bolarmy?-diýip,Aýgözel
onuň ýeňsesine ýene çaldy-Gör,muny,ministr boljakmyşyn.Işdäsi ýaman däl..Başaryp
bilmejek işlerini hem boýnuna alyp otyr.
–Balam ruhdan düşenok,gaýtam, biziň göwnümizi göterýär,teselli berýär!Alla
halasa ministr hem bolar-diýip,ejesi oglunyň başyny sypady.Emma Altymyrat indi
çagajyk däldi,öz keşgini oňaryp bilýänlerden-di.
Nireden eşidenleri belli däl (hoş habar çalt ýaýragyç bolarmyş) mugallymlar
Rahmanberdi aga,Annaberdi mugallym, Tirkiş Tagan dagy gelip,oňa rowaçlyk,ak ýol
arzuw etdiler.Bular Altymyradyň depesini göge ýetirdi. Rahmanberdi aga ony çete
çagyrdy-da,kisesinden bir bölejik kagyzy çykaryp uzatdy:
-Päheýde weli,diýmäýin diýsem.Alty jan,al şuny,oka,öwren,ýat tut,ýat tutup
bilmeseň ýanyňda göterde günde bäş wagtyna oka!Bu Kurany kerimiň “Fath”atly
üstünlik,ýeňiş,açylyş manysyny aňladýan süresi,onda:”Biz saňa açyk-aýdyň
ýeňşi,üstünligi aýan etdik,açyp berdik!”diýilýär. Pygamberimiz Muhammed a.s. bu
süräni köp gaýtalar ekeni,sebäbi ol onuň Mekgä giren ýeňşine bagyşlanypdyr.Muny
ýitiräýmegin,ýöne ýat tutsaň bolar-diýdi.
-Men muny eýýäm ýat tutdum!-diýip,Altymyrat kagyza göz gezdirip jogap berdi.
–Hany aýdyp ber!?
-“Innä fetahnä lekä fethem-mübinen”.
–Bäh, päheýde welin,dogry. Berekella,köşek.Beýle ýadyň bolsa men saňa Gurhany
öwretjek ahyryn.Ýöne oňa-da gezek geler.Saňa berjek maslahadym,Şamyrat kel
ýalylardan daşda durgyn,olar ýaly pylan zat etdim,pysmydan zat etdim diýip,eden haýyr
işiňi agzyňa alyp ýörmegin.Isa pygamber bir günde on sany agyr kesellini keselinden
açypdyr, şolaryň diňe biri oňa minnetdarlygyny bildiripdir.Beý diýsem adamlardan
ýasama minnetdarlyga garaşmagyn-diýip,Altymyradyň arkasyny sypady...
Altymyradyň ugramaly wagty golaýlanda ejesi
girip-çykyp,iki ýana
zowluldap,nämede bolsa bir zada gaty birahat bolýardy.Ol ejesinden onuň sebäbini
sorady,emma ejesi hiç zat aýtmady,oňa derek Gurbanbibi:”Ejem seniň ýol harjyňy tapyp
bilmän elewräp ýör”diýip,jogap berdi.Wah,ol bu barada pikir hem edmändir ahyryn!Ýola
çyksaň sowalga,ilki pursatlarda iýip-içer ýaly harajat gerek.Bu öýde welin dokuz
çaganyň iýmitini tapmak hillala.Oguldurdy daýza her agşam:”Erte çagalara näme bişirip
bererkäm”diýip,ýatyp bilmeýärdi ahyryn.Altymyradyň Aşgabada çagyrylmagy ony
astyndan çykyp bolmajak güne goýupdy,şonuň üçinem ol zowzullaýardy.
Şol wagt Döwlet joňk Altymyradyň ýanyna geldi.Onuň elinde utuşly pul oýnalýan gazet
bardy.Ol gele-gelmäne:
-Eý,igli,hany şol kitabyň içinde gizläp goýan puluňy barlap göreli,belki utuş bardyrdiýdi.
–Dost jan,o nähili pul?-diýip sorasa-da,mundan bir ýyl öň bolan waka onuň ýadyna
düşdi...
Şonda,Altymyrat mekdepden gelýärkä köçeden bäş manat pul tapdy.Ony ejesine
görkezse:”Balam,muny
kimiň
öýüniň
gabadynda
tapan
bolsaň
şolara
görkez”diýdi.Emma olaram:”Biz köçede pul gaçyramzok.Üç gezek:”Kim pul
ýitirdi?”diýip gygyr,eýe çykmasa halal zadyň bolýar”diýip,jogap berdiler.Ol şeýle hem
etdi,jogap bolmansoň ejesine ýagdaýy düşündirdi.Ejesi:”Balam,bu puly men nädip
alaýyn?Kyýamat güni halala hasap,harama azap bardyr,şonda men niçik jogap
bereýin?!Sen muny adamsy uruşda wepat bolup,ýeke özi ojagyny saklap oturan Ogulla
daýzaňa eltip ber!”diýdi.Emma olam özüňize nesip etsin diýip,puly almady.Ine,onsoň
37
täsin ynsaply Oguldurdy daýza:”Bu tapyndy bize bela bolar.Oba aýlandym, eýe
çykmady.Kisesinden puluň gaçanyny bilmeýän pulmesi kim-kä?Kim bolanda-da,men
ony mal ýatagyň bir gyrasynda gömjek”diýip,puly çyg çekmeýän ýukajyk perdä
dolap,ýere tabşyrmakçy boldy.Altymyrat şonda:”Eje jan,ony maňa beräý,gizläp
goýaýyn!”diýip,ýalbardy we matematika kitabynyň içinde goýdy.Döwlet joňkuň diýýäni
şol puldy.Ine,onsoň,puluň uly belgisini,goýberiş belgisini gazetdäki bilen barlasalar,saňa
ýalan,maňa çyn,baş manadyň hümmeti ýüz esse galyp, bäş ýüz manat bolupdyr.Bu habar
Oguldurdy daýza, gün çykyp durka ýyldyrym çakan ýaly täsir etdi.Ol:”Allajandan
aýlanaýyn!”diýip,begenjine aglady. Orazberdi gazet bilen puly alyp,etraba gitdi-de,ýany
bäş ýüz manatly dolanyp geldi,”Dogry-da walla”diýip.Garaz,Alla hor etmejek
bolanda,ýol tapýar ekeni...
Ertesi,ýüregi suwluja,kisesi pulluja Orazberdi,Altymyrady Aşgabada alyp gitmekçi
bolanda ejesi:-Balam,gowaça ýekelemede işläp gazananja puluňy getirdiler.Ilkinji päk zähmediň
hözüri özüňe nesip etsin!-diýip,Altymyrada lomaýja pul gowşurdy.
Altymyrat otla münsem diýýärdi,ol arzuwyna-da ýetdi.Otlynyň üsti ,çalaja
üwrelýän çallançak ýaly bir zat bolsa nätjek!Mysal üçin ullakan bir sallançakda ýola
çykan ähli ýolagçylar bir wagtda üwrelýän ýaly.Ýolda-da näme,her hili adamlara gabat
gelinýär.Altymyradyň ýanynda,bir ýaşuly,tos-togalak aýaly bilen otyr.Ol-a, termosdaky
çaýyny süzýär,on putlyk aýaly bolsa,iki elini serip,dünýeden bihabar,ukyň hezilini
görýär,özem, edil Orazberdi kakasy ýaly hor çekýär.Altymyradyň bolsa gözüne çiş
kakyldy,ukusy geläýse nädersiň!Onuň üçin hemme zat gyzykly,otlynyň şakyrdysy,
çaýkamasy, ýylp-ýylp edip yzda galýan çyralar, gapdaldaky ýol bilen barýan maşynlar..
-Gözüme uky gelenok!Çaga,senem ýatyp bilýän dälsiň,tolgunýansyň,okuwa
barýansyň,şeýlemi?!Meni bolsa wyjdanym ýatyranok-diýip,ýaşuly öz-özüne diýýän ýaly
samrap otyr- Şöhrat diýen zat ýaman ekeni.Ol näçe belent boldugyça pes görünýär,adyň
agzalyp dursa-da, az agzalýan ýaly.Men şeýle ýagdaýa düşdüm,basgançaklar bilen
ýokaryk galdym,ahyrym, şöhradymy göterip bilmänem,şaglap aşak gaýtdym.Has
dogrusy gaýtardylar.Şonda wyjdanym oýanyp,ähli zatlar zym-zyýat boldy.Wyjdan bar
ýerinde şöhrat durmaz ekeni.Şondan bärem ýatyp bilemok-Ýaşuly sözüne dyngy berdide,her hili dogalary içinden okap,ýüzüne syldy-Ýaşyň soňunda eden ýamanlyklaryň
ýadyňa düşüp azar berer ekeni.Men muny öz durmuşymdan bilýän.Men...
Altymyrat ýaşulynyň soňky sözlerini diňlemän uklap galdy...
Şeýdip ol Aşgabatdaky sport mekdebiniň tälimçisi Abramýanyň okuwçysy boldy,
okuwyny dowam etdi, ştangadan tälim aldy.Mekdepde onuň özi ýaly ýene-de kyrk oglan
okaýardy.Olaryň içinde öz ildeşi,Sakarçägeli Oleg Komlew hem bardy.Altymyrat onuň
bilen dostlaşdy,rus,iňlis dillerini öwrenip başlady.Olegiň öwünjeňräk
häsiýeti
bardy:”Men Aşgabada gaty belet,şaherde sökmedik ýerim ýok!”diýip öwünýärdi.Olar
“Kosmos” kinoteatryna kino görmäge gidenlerinde,Oleg Köşi obasyna girip,yzyny
tapman gaty heläk boldy.Gaty kösendiler.Ýoldaky adamlardan soramaga
utandylar,gaýtam:”Daýzamlara barýas-laý”diýen bolup,gomaldylar.Uly kösençlik
döreden, büdräp aýagyny agyrdan bu kino görüşlik,Altymyradyň ýadyndan çykar ýaly
bolmady.Ol ony soň-soňlaram ýatlap,başyny ýaýkaýardy,Olege bolsa,”Rahmanberdi aga
şeýle ýagdaýda:”Akylly dostuny,kemakyl aýalyny,akmak özüni öwer”diýerdi –diýdi.
Oleg Komlew Altymyratdan
birneme ekabyrrakdy,ulurakdy,üýtgeşik
oglandy.Fizika tarapdan alanyňda tüýs ştanga üçin dogulaýan ýalydy,özem orta boýly
dykyz göwresi tükeniksiz güýç-kuwwata basyrlan ýalydy,ýörände dagy aýaklarynyň
38
ýeňil gopuşy
gaty täsindi.Türgenleşige irginsizligi
hem edil Altymyradyňky
ýalydy.Onda hem ýokary basgançaga ýetdim-ýetdim diýlende,şol işine bolan
gyzyklanmasynyň gaçaýma häsiýeti bardy.Ine, şu häsiýet-onuň iň uly ýetmezleriniň
biridi.
Altymyradyň sport mekdebine gelenine bir aý bolmanka, türgenleşik geçmek üçin
30-nji mikroraýonynda ulanylman ýatan ýyladyş ulgamynyň jaýyny mekdebe berdiler.Içi
agdar-düňder,her hili demirleri dagaşyp ýatan bu uly jaýy arassalamak üçin olara bäş aý
gerek boldy.Bu işe diňe bir tälimçiler däl,ştanganyň janköýerleri ,sporty söýýän
çagalaryň ene-atalary kömek berdiler.Jaýyň içinden gör näçe hapa,näçe topur
çykaryldy,näçe beton guýuldy,hasaby ýitdi.Kem-kemden içine çyra çekdiler,sport
gurallaryny edindiler,şeýdip mekdep guruldy gidiberdi.Şeýle yşlenip,oňarylmadyk
bolanda çagalara türgenleşik geçer ýaly ýer hem boljak däl ekeni.Sag bolsun,içeri işler
ministrligiň ýolbaşçylary,bu jaýy olar tapyp beripdiler.Bir günem olaryň ketdeleriniň biri
gelip:”Siziň şu mekdebiňiz işläp başlaly bäri ýaşlaryň arasynda düzgün bozmalar iki esse
azaldy”diýdi,guwanç bilen seslendi.Ştanga götermek üçin türgenleşik jaýy hut şeýle giň
we beýik bolmalydy.
Altymyrat şu mekdepde,ýöne başga bölümde okaýan Gurban Annaoraz diýen oglan
bilenem ysnyşyp,dostlaşyp gitdi.Ilki-ilkiler-ä,ol Altymyrada:”Igli-emzikli”diýip,ýüzlenip
başlapdy,şol sebäpli onuň bilen mazalyja uruşmaly bolupdy.Beýle ýagdaý birnäçe gezek
gaýtalandy.Gurban ahyrym,garşydaşynyň özdiýenli,tutanýerli,garadan gaýtmazlygyna
gözüni ýetirip:”Gel,ýaraşaly,men indi seni kemsitmäýin!”diýdi.Şondan soň olar aýrylmaz
dost boldular.
Altymyrat her gün tälim almaga gidende edil toýa barýan ýaly,üýtgeşik
begenýärdi,şol bir wagtda her zat etmeli welin,güýçli adam bolup,Gurban ýalylaryň
dilleri ýetmez ýaly,saýlanyp öňe çykmaly diýýärdi.Ony etjegem bolsaň şu gün
düýnkiden,ertir şu günkiden ýokary netije çazanmany başarmalydy,birbada ýokary
agyrlyga
aralaşman,kem-kemden
aralaşmalydy.Ýöne,gowy
naharlanmagam
gerekdi.Görkezýän netijesine garanyňda onuň naharlanyşy pesdi.Öýden kömek soramak
häsiýetine gabat gelmeýärdi,onsoň onuň-munyň işini edip,goşmaça gazanç gazanmaly
bolýardy,muny bolsa tälimçi Abramýan goldamaýardy.
Ilkinji günlerde Altymyrat tälimçisi bilen düşünişip,el-ele berip türgenleşik
geçdi.Güýjüňi kem-kemden artdyrmagyň syrlary baradaky düşünjeler peýda bolup
ugranyndan soň bolsa onuň käbir hereketleri Abramýanyň talabyna gabat
gelmedi.Abramýan türgenleriň her biriniň öňünde edil işe gelen ýaly gara dere
batýançaň türgenleşmeli,agyr daşy galdyrybildigiňden köp galdyrmaly diýen talaby
goýýardy,bu bolsa
türgeni gaty ýadadýardy.Ýatak jaýyňa ýetip bilseň,süýnüp
ýatybermeli bolýardy.Emma Altymyradyň pikiriçe,türgenleşik ýadatman,gaýtam, lezzet
bermelidi,ony bolsa irginsiz
agyr zähmet bilen däl-de,kelläňi işledip
gazanmalydy.Özünde peýda bolan bu pikiri ol häzir doly düşündirip hem biljek däldi.Bu
barada dil ýarmasa-da,käte tälimçiniň tersine gaýdýan pursatlaram bolaýýardy.Şonda,hiç
wagt sözi ýykylmaýan Abramýanyň keýpi gaçýardy,ýüzi boz-ýaz bolýardy,Altymyrat
bolsa hiç zat bolmadyk ýaly,birneme dynç alanyndan soň,ýene öňküsi ýaly tälim alyp
başlaýardy.Şeýle ýagdaýda olar bir-iki gün gepleşmän gezerdiler,ýöne Altymyradyň
özdiýenli,aşa buýsançly häsiýeti,alçaklygy ýene üstün çykardy.Dogry,tälimçiniň käbir
näsaz”ýumuşlaryny,tabşyryklaryny” görmedik bolup,diýenini edip ýörseň,ara tow hem
düşmeli däldi,emma Altymyrat köňlüne gelenini aýtman bilmeýärdi,onsoňam,agyr
atletika sportyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, diňe diýleni edip gezeniň bilen
39
agyr daşa al sajak gumanyň ýokdy.Ştanga bilen ýekeme-ýeke öňe çykarsyň,ýa sen ony
götermeli ýa-da ol seni ýykmaly,munda hiç hili ortalyk zat ýok.Dogry,tälim
gerekdir,ýöne gollaryň gujury,höwesli tutanýerlilik,gazap hem hökman gerekdir.Gazap
uruşda lazym diýjeklerem tapylar,ştangada hem ol gerekdir.Ýöne,bu jedelde iki tarapyň
hem talaby dogrudyr,tälimçi talap etmeli,tälim alýan ýerine ýetirmeli.Ol dogry.Ýöne
onuň 1984-nji ýylyň tomsunda Daşkentde geçen tomusky spartakiýada-da,40 kilogram
agramda çykyş edip,155 kilogram netije görkezmegi we ulularyň 2-nji razrýadynyň
normasyny doldurmagy,köpleri geň galdyrypdy.Pikir beriň!!5-ýaşda!Edil bir ýyl öň 95kilogram göteripdi,gysga wagtda
60
kilogram tapawut görkezmek her kime
başartmaýardy.
1986-nji ýylda Brestde (Belorussiýa) ýaşlaryň arasynda geçirilen bütinsoýuz
ýaryşda ol üçünji orna mynasyp bolupdy.Hut şol ýerde hem belli ştangaçy Wasiliý
Alekseýew bilen gürrüňdeş bolupdy.Şonda ol öz-özüňe bil baglamak ,öz ýoluňy tapmak
baradaky pikirlerini Alekseýewe aýdyp,maslahat sorapdy.Ýeňil we agyr atletikada özözüňe tälim bermekde ägirt uly mümkünçilikleriň ýatandygy,ýöne onuň käbir şahsiýetde
islenilmeýän häsiýetleri ösdürýändigini,soňunyň şöhratparazlyga getirýänligini
ýaňzydyp,şeýle diýipdi:”Görnükli ussatlar hut şöhratyň astynda galyp,soňky
mümkünçiliklerini ulanyp bilmediler,şöhrat ştanga galdyrmak agramyndan agyr
geldi.Ýöne,men seniň öz-özüň üstünde işlemek meseläňi tüýs ýürekden
goldaýaryn,sebäbi özüm şu ýol bilen barýaryn”
Altymyrada şöhradyň geregi ýokdy,ol onuň öz-özüni türgenlemäge peýdasy
ýokdy,gaýtam zyýany bardy.Onsoňam,ol agza düşüp,şöhratly bolanyndan biriniň
ýakymsyz sözüni eşidenini gowy görýärdi.Şöhrat el-aýagyň hem baglaýan zatdy,onuň
bolsa her pursady ölçeglidi.Aşgabada gelýärkä otludaky ýaşulynyň şöhrat barada
aýdanlary oňa gowy sapak bolupdy.Şonda-da näme,çagalaryň öňünde çykyş etmeli
bolanda,harby bölümlere çagyrylsa ýok diýip bilmeýärdi.Şeýle duşuşyklar gaýtam ony
ganatlandyrýardy,kalbyna rahatlyk tohumyny sepýärdi,durmuşa başgaça seretmäge
mümkünçilik berýärdi.Durmuş bolsa gaty çylşyrymlydy.Onuň ýaşaýan otagynyň
görnükli ýerinde şular ýaly ýazgy ýazylyp goýlandy:”Adam öz-özüne bil baglasa üç
güýjüni
ösdürip
bilýär-akylyny,güýjüni,bagtyny!Her
bir
adam
öz-özüne
lukmandyr!Ýagdaýyna görä
bütin durmuşynda özüne seredip,iýmesiz zady
iýmese,içmesiz zady içmese,güýjünden ýokary agyr zada elini urmasa,onda ol sagat
bolar,sagatlyk bolsa ýokarky üç güýjüň sakasydyr.Käte”Ýaşlykda ölçegsiziräk işleri
köpüräjik etdik-dä,ýogsam,öň-ä Alla işidir welin, şyhypanylyga arkaýyn baryp boljak
ekeni!”diýýän,ýaşy togsana golaýlan gojalara guwanýarsyň!”
Hut şu öz-özüňe bil baglap, ýetmeli menziliňe erjellik bilen
ymtylýanlygyny , Altymyradyň agyr atletika bilen
meşgullanyp ugran ilkinji
günlerinden özi üçin alyp baran gündelik ýazgylaryda şaýatlyk edýär.Gynansagam.onuň
ilkinji ýazgylaryny ele salmak başartmady.Soňkulary,ine şeýleräk.
Pöwrüze-Arçabil,14-01-1987ý,Anna güni ,sagat 16,30,türgenleşik: 1.
Itiberip
götermegi öwrenmek+kelläň ýeňsesinden galdyrmak+şol agram bilen oturmak-70
kilogramdan 70 gezek. 2.Birden itiberip götermek-105 kg-4 gezek,115 kg-üç gezek,125
kg-5 gezek,140 kg-4 gezek,jemi 16 gezek,jemi-1960 kilogram.3.Ortadan tutma bilen
ýuwaş-ýuwaşdan we çalt-çaltdan agramy özüňe çekmek - 155 kg,15 gezek,jemi-2325
kilogram.4.Agramy kebzäňde goýup oturmak-138 kg,5 gezek,jemi 690 kilogram.Jemi
bir günde 36 gezek göterildi,4925 kg göterildi.
40
Pöwrüze-Arçabil,15 01-1988,şenbe güni,sagat 11-00.1.Birden itiberip götermek-105
kg-7 gezek,115 kg-4 gezek,125 kg-4 gezek,jemi 15 gezek,2105 kilogram.2.Kükregiňe
almak+oturmak+götermek-135kg-7
gezek,145kg-8gezek,jemi
15
gezek,3405
kilogram.3.Özüňe çekmek-150kg-6 gezek,160 kg-5 gezek,jemi 11 gezek,2310
kilogram.4.Agramy aýagyň arasy bilen galdyrmak-80 kg-40 gezek,3200 kilogram.Jemi
81 gezek,11020 kilogram.
Türgenleşik,şol ýerde,şol ,ýlän sagat 17-00,şol bir tertipde.1.135kg-iki gezek,150 kgiki gezek,160 kg-iki gezek,170 kg-iki gezek,180 kg-iki gezek,190 kg-iki gezek,195 kg-iki
gezek,jemi-14 gezek,2243 kilogram.2.-200 kg-9 gezek,210 kg -9 gezek,jemi 18
gezek,3690 kilogram.3.-105 kg-4 gezek,135 kg-9 gezek,195 kg-11 gezek,jemi 24
gezek,4650 kilogram.4.105kg-8 gezek,115 kg-8 gezek,125 kg-8gezek,jemi-24
gezek,2000 kilogram. Jemi bir günde
80 gezek,12583 kilogram göterdim.
Krym-Feodosiýa şäheri.12.04.1988.sagat 9. 00.Türgenleşik,ýokardaky tertipde.1.21
gezek-2295 kg.2.18gezek- 2650 kg.3.21 gezek-6065 kg.4.15 gezek-3000 kg,jemi-75
gezek,14010 kilogram.
Duşenbe şeheri,14.04-1988,türgenleşik,sagat 9.00.Çarşenbe.Ýokardaky tertipde.1.24
gezek-5350 kg,2.18 gezek-4070 kg.3.16 gezek-2810 kg.4.12 gezek-1100 kg.jemi 70
gezek,13330 kilogram.
Türgenleşik,şol ýerde,16.04.1988,sagat 9.00.Şenbe.Ýokardaky tertipde.1.22 gezek5350 kg.2.18 gezek-4070 kg.3.16gezek-2810 kg.4.10 gezek-2100 kg,jemi 66
gezek,14330 kilogram göterdim...
Ýokardaky ýazgylardan görnüşy ýaly,Altymyrat Alekseýewiň maslahat berişi
ýaly,daşy göterýän gezekleriniň sanyny azaltmak bilen göterýän agramyny kem-kemden
artdyrmagy öz öňünde maksat edinenligi bildirýär.Onuň tälimçisi Abramýan bilen hem
hut şu meselede düşünişmezligi döräpdi.Munda,tälim alyjynyň öz-özüne tälimçilik etme
ýoluny saýlap alanlygy görünýär.Altymyradyň ýokary üstünlikler gazanmagynyň
gözbaşy hem hut şu ýerde ýatandyr diýip,açyk aýtsa bolar...
Ilkinji uly ýeňiş.Aşgabat.
Altymyrat bat bilen açylan äpişgäniň şakyrdysyna oýandy.Agşam ony çalaja açyp
goýupdy.Daşarda güýçli şemal turan bolmalydy.Dogrudanam, güýzüň salkyn şemaly
bilen günbatardan garalyp görünýän bulutdan ýagyşyň ysy gelýärdi.Ol bu ýyl
ýörüteleşdirilen sport mekdebini tamamlap,eýýäm,harby goşun gullugyna hem
alynypdy.Alty aý gullukdan soňam düýn Aşgabada gelipdi. Altymyrat umumy ýatak
jaýyndan ýeňiljek geýnip çykdy-da,howluda her hili sport hereketlerini ýerine
ýetirdi,soňam ertirlik edinmek maksady bilen Teke bazaryndaky garbanyşhana
bardy.Ýöne onuň işlemeli wagtyndan irräjik gelenligi üçin,Köpetdag stadionynda
güýmenmegi makul bildi.
Stadionyň içi,wagtyň ir ertirligine garamazdan, eýýäm garynja hini ýaly gaýgaýmalaşykdy.Sportyň ähli görnüşleri boýunça türgenleşik gidýärdi.Ol hem woleýbol
oýnaýanlaryň ýanyna barmakçydy,hatda oýnaýanlaryň gapdalyndanam geçdi,ýöne özi
bilmän,ştanga göterýän oglanlaryň ýanyna bardy.Ýok,ol,oýnamaga däl,diňe syn
etmäge,çagalaryň ulanýan tilsimlerine özüçe baha bermäge geldi.Ol özüni gowşak
ştangaçylaryň hatarynda görmese-de,halkara ýaryşlara gatnaşmagyň arzuwynda gezsede,gözüniň öňünde, boýy metrden sähel geçýän ýigdekçäniň birinji synagda 75
kilogram agramy götermegi gaty geň galdyrdy,çuňňur pikirlenmäge mejbur etdi.Ilki
41
gelen pikir:”Ol meniň göterip bilýän agramymdan ýokary göterýär ekeni”boldy.Şeýle
bolýan bolsa,kimde bolsa biri öňe saýlanyp bilýän bolsa,onda onuň ştangada işi ýok
ahyryn!Ýa-ha irginsiz türgenleşip,has ýokary netijäni gazanmaly,ýa-da ştangany
taşlamaly!Onda başga ýol ýok.Ol diňe öňde bolmaly.Bir söz agzyňdan çykdymy,ony
ýerine ýetirmek üçin yza dönmeli däl.Ştanga götermekden başga-da, sportyň ýeňil
görnüşleri hem bar ahyryn. Agasy Kakabaý neresse:”Sport-esasy hünäriň daşyndaky
saglygyňy saklamakdaky güýmenjäňdir!Oňa şeýle hem garamaly.Ýöne ony hünär
edinjek
bolýan
bolsaň,onda
oňa
düýbünden
başgaça
garamaly”diýipdi.
Şulary aňynda aýlan Altymyrat woleýbol oýnaýan oglanlaryň ýanyna bardy.Ony,uly
şowhun bilen öz hatarlaryna goşdular.Bir sagatlap oýnady,özem erbedem oýnamady.Ony
tanaýan-u-tanamaýan oglanlar:”Woleýboly gowy oýnaýar ekeniň!Sen biziň toparymyza
türgenleşige gel!”diýip,ony şowhun bilen ugratdylar.Ol,Teke bazarynda garnyny
doýryp,ýene giden ýerine gaýdyp geldi.Bu gezek woleýbola barman,200,300 metr
aralyga ylgaýanlara goşuldy.Ep-esli wagtdan soň oňa:”Örän tutunýerli oglan ekeniň
welin,senden ýeňil atletikaçy çykmaz”diýdiler.
Altymyrat ylgow ýodajyklarynyň ýanynda,aýratyn meýdança-da basketbol
oýnaýanlaryň hataryna goşuldy.Bu oýunyň beýleki oýunlardan tapawudy-eliňe pökgi
düşdügi,ony aldyrman,ýoldaşlaryň bilen sazlaşykly oýnap,garşydaşyň toruna
salmakdy.Munda woleýbolyňky ýaly tory goraýan derwezeçi ýokdy,ýöne, käte jedelli
pursatlar döreýärdi.Garşydaşlaryň biri oýnuň kadasyny bozup,pökgini eýelese,bekewül
oýny saklap,jedelli pökgini orta oklaýardy.Pökgini kim öňürti eýelese şol hem ony alyp
gitmelidi...Hut şu günem Altymyrat bilen şeýle jedelli ýagdaý döredi.Garşydaşy onuň
elinden gaňryp diýen ýaly pökgini aldy.Bekewül oýny saklap,jedelli pökgini orta
taşlady.Ony garşydaşy aldy.Altymyrat, mundan öň edişi ýaly,”pökgini alsaňam-a alansyň
welin,senem-ä oýnamarsyň”diýýän ýaly,garşydaşynyň elindäki pökgisini zyňmaga ýol
bermän,garsa gujaklady-da,göterdi duruberdi.Ýogsam,onuň agramy segsen kilograma
barabar bardy.Birdenem, daýysy Berdi Göküniň:”Ýegen,garşydaşyňy beýdip göterip
durmak,oýnuň
düzgüninde ýok!Bilýän,sen
pökgini alyp bilmedigiňe namys
edýänsiň!?Aljak bolsaň,oýunda gowy çorba sowatmaly,öz üstüňde işläp,irginsiz
türgenleşik geçmeli”diýeni ýadyna düşüp,edýän işine özi utanyp,garşydaşyny
goýberdi,soňam:”Aý,bi bir ýönekeý oýun-laý!Gowusy men woleýbola baraýyn!”
diýip,gaňrylan aýagynda çala agsaklap,ýenede,çagalykdan gowy görýän oýnuna
bardy.Dogrudanam,woleýbol onuň ünsüni özüne çekdi,ştangadan soň oňa
gatnady.Garşydaşa tarap batly urýana pökgini pessejik alyp bermekde,garşydaşyna
päsgelçilik döretmekde esasy oýunçylaryň hataryna goşulyp başlady.Ol bu güýmenjesine
has-da gyzygyp,tasdanam ştangany ýadyndan çykarypdy,Abramýanyň ondan habary
bardy.
Sportçylar,öz elleri,Abramýanyň aladasy bilen dikelden öňki ýyladyş ulgamynyň
jaýynda türgenleşik geçýärdiler.Güýzüň salkyn howasy jaýyň açyk äpişgelerinden
girip,göwnüňi göterýärdi.Oleg Komlew,Mihail Şuwalow we beýleki oglanlar tälimçiniň
gözegçiliginde irginsiz türgenleşik geçýärdiler.Olaryň bir günde göterýän agramlary
onlarça tona ýetýärdi.Olaryň arasynda Altymyradyň özüni alyp barşy
düşnüksizdi.Abramýan alty aý goşun gullugynda bolup gelen Altymyradyň beýlekiler
ýaly türgenleşik geçip,goýberilen pursatlaryň yzyndan ýetmeginiň aladasynda-dy,has
dogrusy,Komlew,Şuwalow ýaly,ştangany irginsiz
götermegini,şeýdip,göterýän
agramyny gündelik artdyrmagyny isleýärdi.Altymyrat ilkinji günler ştangany 5-6 gezek
göterenem bolsa,indi
woleýbol oýnaýanlaryň ýanynda köp bolýardy,ýa
42
ylgaýardy,bolmanda ymaratyň öňündäki oturgyçda sagatlap oturýardy.Bu bolsa
Abramýanyň keýpini bozýardy,onda:”Belki ol gulluk döwründe ştangadan
daşlaşyp,woleýbola
ýakynlaşandyr,belki
sporty
taşlamakçy
bolýandyr?Ony
diýseňem,käte bir türgenleşik döwründe,onuň göterýäni kiçi-girim däl ahyryn.Ony
öňdäki ýaryşda synap görmeli,gowy netijeleri gazanmasa hoşlaşmaly”diýen pikir peýda
boldy.Birdenem ýadyna Wasiliý Alekseýew düşdi.Ol uly ýaryşlaryň öňünden
türgenleşik geçjek bolup azara galmaýardy,gaýtam,seýil baga gezelenje gelen ýaly,arassa
howadan dem alýardy,arkaýyn iýip-içýärdi,käte şaşlygyň ençeme bölegini
iýýärdi,yzyndanam uklaýardy.Şonda-da ol 1969-nji ýylda Kiýewde geçirilen dünýä
ýaryşynda 530 kilogram göterip,Mehikoda geçirilen Olimpiadanyň kümüş medalynyň
eýesi,belgiýaly Serj Rednigden üstün çykypdy.Belki,Altymyrat hem Alekseýewiň şeýle
ştanga göteriş usulyny ulanýandyr?Eger şeýle bolsa,onda ony aýdaýmaly.Emma sesini
hem çykaranok,bor,ýa ýok diýenok.Onsoň näme diýjegiňi hem bilip bolanok.Şonda-da
ol Altymyradyň bu bolşuny halamaýanlygyny duýdurman oturyp bilmedi.
-Özüň ýalylar,gündelik türgenleşigi artdyryp,ýokary netijeleri gazanýarlar,meselem,
Şuwalow öňküsinden 50 kilogram,Komlew 65 kilogram artyk götermegi başarýar, seniň
bolsa netijeleriň belli däl.
-Men Şuwalowyň itekläp göterýänini birden götererin!-diýip,Altymyrat jogap
berdi.
–Sen muny çynyň bilen aýdýarmyň?Oýun edýän-ä dälsiň?-diýip,Abramýan sorady.
–Men aýdýan sözümde durýandyryn-diýip,Altymyrat ynamly jogap berdi.
Şol wagt onuň ýanyndaky oglanlar gülüşdiler,köpüsi ol oýun edýändir öýütdiler,kimdir
biri:”Öwünjeň-laýt!”hem diýdi.Şeýle gürrüňlerden soň Abramýan ony bu ýaryşdan
galdyrmagyň pikirini hem etdi,emma onuň agramynda başga çykyş edip biljek
bolmansoň,islese-islemese ýaryşa goýbermeli boldy.
Haçan-da Abramýan oňa:”Ýaşlaryň arasynda ştanga boýunça geçirilýän Bütinsoýuz
ýaryşyna gatnaşmaly!”diýende,Altymyrat birhili geň galjagam bolupdy.Beýle ýaryş
nire,Altymyrat nire..
Hawa, Altymyrat ýap-ýaňy hem Garrygalada,serhet ýakasynda,samboçy Gurban
Annaoraz
bilen
goşun
gullugynda,Watan
öňündäki
borjuny
ýerine
ýetirýärdi.Tomusda,ony goşun gullugyna alypdylar.Ýöne,ondan öňürti,Abramýan,
awgust aýynyň başlarynda Altymyrady bedenterbiýe institudynyň gapysyna alyp
gelipdi.Ol ekzemenlerini tabşyran hem bolsa,institudyň dosenti Ýakup Şirinow:”Seniň
munyňdan hiç zat çykmaz”diýip,ynamsyzlyk edip,ony instituda almajak bolupdy,emma
Abramýanyň ýalbarmasynyň öňünde durup bilmän almaly boldy.Onuň türkmen
sportçysyna ynamsyzlyk edýänligini
göreniňde,SSSR-iň ýygyndy komandasynyň
türgenleriniň türkmen ştangaäçylaryna ynamsyz garaýandyklaryna geň galyp oturmaly
hem däldi.”Olardan zat çykmaz” diýip,türkmenleri möhüm ýaryşlardan galdyryp
geldiler.Mysal üçin Lebaply Esger Ramazanow SSSR-iň çempionatynda bir näçe gezek
ýeňiji bolan hem bolsa,bir gezek hem ýaşlar ýygyndy komandasyna
çagyrmadylar,Aşgabatly Dmitriý Poltaran Soýuz ýaryşynda altyn medala mynasyp bolan
hem bolsa,ony hem görmedik boldular,ýogsam ol dünýä çempiony,Ýewropanyň,
Olimpiýa oýunlarynyň hem çempiony Militosýandan üstün çykypdy.Şeýle mysallary
näçe görkezseň görkezip oturmaly.Ynamsyzlyk etmek gaty erbet zat...
Geliň indi başky gürrüňimize dolanalyň.Altymyrat gullukda,bäş aýlap, ştanga diýen
zady görmändi.Nädip görsün!Üç aýlap uýgunlaşmada-karantinde boldy,soň
Garrygalanyň serhetýaka nokatlarynyň birinde Gurban bilen gulluga durdy.Gurban
43
gulluga alynmanka sambo boýunça ýaşlaryp arasynda geçirilen ýaryşyň çempiony
bolupdy.Şol sebäpli özlerini gaty arkaýyn duýýardylar,ýaş esger diýip azar berjek
bolýanam ýokdy.Dagyň hoştap howasy,şildiräp akýan çeşmejik göwnüňi göterýärdi,köp
sanly jülgelerde hoz,alma,armyt agaçlary agdyklyk edýärdi.Serhet ýakasy bilen aýlanýan
esgerler,olaryň içinde Gurban hem bar- kiselerini dolduryp hoz,alma,armyt
getirýärdiler,üýşübem yýýärdiler.Gullukda,gün yzyna gün geçýärdi,hemmesem bir
meňzeş günlerdi.Eli gijäp dursa-da, türgenleşik geçer ýaly Altymyratda ştanga
ýokdy,ýöne, iki sany suwly çelegiň tutawajyndan taýak geçirip,özi üçin üýtgeşik bir
ştanga ýasanypdy.
Bir gün, hatarda duran esgerleriň üst-başlaryny synlap gelýän komandir
Altymyradyň öňünde saklanan-da, ol,”Suwly çelekleri zaýalaýarsyň”diýip,özüne
käýýäjäkdir öýütdi.Emme ol:
-Esger Orazdurdyýew!Eşik geýişiň kada gabat gelenok!Häziriň özünde ony
düzet,penjegiň iň ýokarky iligini ildir!-diýdi.
–Bolýar,ýoldaş komandir! Ýöne, rugsat etseňiz size ýüzlenmekçi bolýaryn.Siziň
egin-eşigiňiz hem şol kada gabat gelenok!-diýip,Altymyrat ýylgyryp jogap berdi.
–Asyl şeýlemi?-diýip,komandir penjeginiň iliklerini ildirdi,sallanyp duran kemerini
dakyndy-Dogrudanam,aý...Sen bagyşla,esger,men saňa şu bellikleriň üçin iki günläp
otagyň içini ýuwdurardym welin,häzir oň ýeri däl.Sen ştanga göterýärmidiň,esger?
-Edil özi,ýoldaş komandir,göterýärdim.
–Sen asyl ýörüte sport mekdebinde hem,ştanga ugry boýunça okapsyň-a?
-Hawa,okapdym,ýöne gynansamam,gullukda beýle mümkünçilik bolmady.Men
şoňa gynanýaryn.
–Indi şol mümkünçilik beriler,gynanyp oturma!.Seni gyssagly Aşgabada ugratmaly
diýip,ýokardan,hut Moskwadan buýruk geldi.Häzir Gyzylarwatda,otla mündürip
goýbererler,göni “Dinama” sport jemgiýetine bararsyň!
-Bolýar,ýoldaş komandir!-diýip,Altymyrat jogap berdi.
–Men seniň bu ýaryşda uly üstünlikler gazanjagyňy bilýärin!Gujurly gollaryň ony
aýdyp dur!-diýip,Altymyradyň özünden sähelçe ulyrak ýaş komandir ony hormat bilen
ugratdy.
Ine, şeýdip ol Aşgabada geldi.Oňa ýene kyrk günden ýaşlaryň arasynda geçiriljek
Bütinsoýuz ýaryşa taýýarlyk görmelidigini duýdurdylar.Türgenleşigiň ilkinji pursatlary
aňsat düşmedi.Ýedi aýa ýakyn döwrüň içinde eline ştanga alyp görmändi,türgenleşik
geçmändi,indem gyssagly
ýagdaýda öňki endiklerini ornaşdyryp,türgenleşige
başlamalydy.Ilki “Dinamo” sport jemgiýetinde,soň “Pöwrüze-de” türgenleşige
başlamagy şol aýdylýan ýaryşyň geçiriljekliginiň alamatydy.Şol ýerde dynç alyp ýören
adamlaram,Altymyradyň täzeje sport egin-eşikli türgenleşik geçip ýörşüni,boýunlaryny
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Topraga duwlanan ägirt - 06
  • Büleklär
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3727
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2407
    27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3831
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2333
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3835
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2248
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3799
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2213
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3750
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3806
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2274
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3865
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2300
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3825
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2305
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3694
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2102
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3725
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2187
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3735
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2051
    29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3792
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2214
    30.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3886
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2332
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3760
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2059
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3905
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2334
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3919
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2287
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3814
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2399
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3889
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2298
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3905
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2341
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3790
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2279
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3767
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2332
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3867
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2277
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3822
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2320
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3734
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2105
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3797
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2346
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3881
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2419
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3841
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2388
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3741
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2328
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3771
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2402
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3800
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2318
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3879
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2292
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3850
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2256
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3855
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2313
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 2849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1691
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.