Latin

Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 12

Süzlärneñ gomumi sanı 3939
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1968
33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
bütin şähere wagyr raardy. Diýmek, hum hemişelik elden gidipdir-dä! Her niçik-de
bolsa, bu näme üçin aglaýarka? Be, geň galmaly zat, aglar ýaly muňa näme
bolduka?
Bu pikirler Gekiň kellesinde duman bolup aýlandy we pikir edip ýadap, uka gitdi.
Dul aýal öz-özüne:
— Ine, neressejigim ahyrym ýatdy. «Tom Soker tapdy Ynha, munyň bolýar! Sen
onda bize olaryň doly keşbini çekip ber, oglum.
— Biri-hä eleşan poslan, ony şäherde iki gezek dagy gö rüpdirler, beýlekisi bolsa
üsti-başy sal-sal ykmanda, ýüzi-gözi hem aýylganç hyrsyz…
— Boldy, ezizim, boldy, bulary biz bilnäris! Men bir gezek özümem olara dul
aýal Duglasyň jaýynyň ýeňsesinde pete-pet geldim, olar menden hem gaçyp sumat
boldular. Hany agras, oglanlar, bularyň barjasyny-da birine gürrüň beriň,
ertirligiňizi bolsa ýene bir gezek edinseňiz-de bolar.
Wallisliniň ogullary şol bada çykyp gitdiler. Gek ýerinden böküp turdy-da, olaryň
yzy bilen gapa tarap ylgady:
— Waý, allanyň, haky üçin muny meniň gürrüň berenligimiň hiç kime aýtman
Allanyň haky üçin!

— Bolýar, Gek. Ýöne ýene bu seniň at-abraýyňy-ha galdyrardy.
— Wah, ýok, ýok! Allanyň haky üçin gerek däl. Ýaş ýigitler çykyp ugranda
wallisli garry:
—- Olar adam ogluna aňtamazlar, men hem aýtman. A sen näme üçin muny
başga adamlaryň bilenini isläňok? — diýdi.
Gekiň düşündirip oturasy gelmedi, welin diňe bu ykmandllaryň biri barada özüniň
şeýle-de bir topar zat bilýänligini we bu barada ykmandanyň bir zat bilmegini
islemeýänligini, bolmasa onuň ony öldüräýmeginiň, hökman öldürülmeginýň
mümkipdigini aýtdy.
Goja ýene bir gezek aýtmajagyna söz berdi we:
— Ýogsa-da, sen näme üçin olaryň yzyna düşüp gitdiň? Olardan ýaňa göwnüňe
muňkürlik gitdiňmi, hä?—diýip sorady.
Gek has aýlawlyrak jogap gözleýän ýaly dymdy. Soňra bolsa söze başlady:
— Size näme diýsemkäm… Meniň özümem ykmanda ýaly, hemmeler maňa şeý
diýýärler, men bolsa munuň üçin gadyr goýamok. Käte şol sebäpli ýatman çykýan
gijelerim hem bolýar, nädip başgarak ýaşap başlap borka diýip, şol içimi gepläp
ýatyryn. Näme üçindir menň ukym tutmaýardy, onsoň şol köçeleri gezmeläýin
diýip köçä çykdym we şol içimi hüimledim ýöredim Paýhaslylyk jemgyýeti
traktiriniň gapdalyndaky köne kerpiçiň ýanyna ýetenimde bolsa ykjam
pikirleneýli-le diýip arkamy diwana söýäp durdum. Edil şol wagt hem
gapdaljygymdan şol ikisi geçip barýar, goltuklarynda bolsa nämedir bir zat bar,
haý ogurlyk bolaýmasa diýýärin. Olaryň biri çilim çekýär, beýlekisi bolsa ot
soraýar. Olar edil meniň öz ýanymda aýak çekdiler, sigarlary olaryň ýüzlerini
ýagtyltdy, men olaryň uzynynyň, gözüniň öli plastyrlygynyň we çal
bakenbardlysynyň lal şandygyny, beýlekisiniň bolsa üsti-başy sal-sal bolup duran
şol adamdygyny şol bada saýgardym.
— Näme sen sigaryň ýagtysyna eşiklerini hem synladyňmy?
Gek bir minutlyk aljyrady. Soňra:

— Nähilidigini, dogrusy, bilemok welin, her niçik hem bolsa synlapdyryn —
diýdi.
— Soňra olar ýoluny dowam etdirip, sen hem yzlaryna düşüp ugradyň, ä?
— Hawa, men hem yzlaryna düşüp ugradym. Dogrym. Olaryň näme edýänligini
göresim geldi, sebäbi, olar ogry ýaly örän gorka ýaltaklaşýardylar. Men olaryň yzy
bilen ýöräp, dul aýalyň howlusyna çenli gitdim, garaňkylykda gizlendim we
ykmandanyň dul aýalyň tarapyny çalýanlygyny, ispanyň bolsa ony öldürerin diýip
ant içýänligini eşitdim. Men bulary size gürrüň berdim ahyryn…
— O nähili? Lal bularyň hemmesini şeý diýip aýtdymy? Gek ýene-de ýere
düşenligini aňdy! Ispakyň kimdigini garra aňdyrmajak bolup, ol her näçe jan
etsede, ahyrym dili diýen etmedi. Ol sapalak atjak boldy, emma goja ondan gözüni
aýyrmady we Gek gitdikçe çypdyryp ugrady. Ahyr-soňy goja:
— Sen menden çekinme, ezizim. Meniň saňa ýamanlyk edesim ýok. Gaýtam,
tersine, seniň arkaňy çalaryn, hawa, arkaňy çalaryn. Ol ispanyň lal däldigini
atanlykda özüň hem diliňden sypdyrdyň, öýdýän ony gözläp bilmersiň. Sen bu
ispan barada bir zat bilip, onam gizlejek bolýaň. Maňa ynanman nähak edýärsiň,
näme boldy, aýdaý, üstüni açasym ýok — diýdi.
Gek bir salym gojanyň dogruçyl gözüne seredip durdy, soňra onuň üstüne eglip,
gulagyna:
— Ol düýpden ispan däl, ol hindi Jo! — diýdi. Wallislin stuldan laňňa galdy, bir
sellem dymandan soň:
— Indi hemmesi düşnükli — diýdi.
Goja ertirlik naharynyň başynda gürrüňini dowam etdirip, gepiň gerdişine görä,
ýezüniň agşam ýatmazyndan öň fonaryny alyp ogullary bilen birlikde aýmança
ýada onuň töwereklerine gan daman bolmasyn, göreliň diýip, çykyp gidendigini
gürrüň berdi. Olar gan-a görmändirler welin, muňa derek ullakan düwünçek
tapypdyrlar, içinde hem…
— Näme bar eken?

Eger sözler ýyldyrym bolaýanda-da olar GekIiň reňk-petiň gaçan dodaklaryndan
mundan çalt çykmazdy. Ol gözlerini petretdi we jogaba garaşyp, demini alman
diýen ýaly durdy. Wallisli haýran galyp, oňa çüýjerilip seretdi üç sekund, bäş
sekund, on sekund garaşdy, soň bolsa jogap berdi:
— Içinde ogry şaýlary bar eken. Saňa näme bolaýdy-la birden?
Gek zordan demini alyp, içinden welin gaty begenip, stula arkasyny berdi.
Wallisli oňa üns berip bilesigeliji lik bilen seretdi, soňra bolsa:
— Hawa, ogry şaýlary bar ekei. Göwnüme bolmasa, mun dan janyň aram
tapandyr öýdýän? Sen näme üçin beýle howsala düşdüň? Seniň pikiriňçe, biz näme
tapandyrys öýtdüň?
Gek burça gabaldy. Gojanyň soragly nazary ony alasladyp başlady. Amatly bir
jogap tapsa, ol dünýä malyndan geçjekdi. Kellesine bolsa gelýän zat ýokdy.
Soragly nazar ýigdekçä ýegşerýärdi. Diliň ujuna manysyz-manysyz zatlar gelýärdi.
Birkemsiz oýlanmaga wagt ýokdy, şonuň üçin hem ol zordan diýen ýaly pyşyrdap
bagta-bagt:
— Ýekşenbe mekdebi üçin okuw kitaplarymyka diýipdirin — diýip goýberdi.
Biçäre Gekis keýpi başyndan uçdy, ol indi ýylgyryp hem bilmeýärdi, oňa derek
goja batly we şadyýan hahahaýlap güldi welpi, onuň daýaw göwresi kellesinden
ökjesine çenli sandyrap giden we ahyrym: «Sagat gülki, jübsündäki puldan erbet
bolmaýar, sebäbi, ol doktora çykdajy çykarmakdan dyndarýar» diýdi. Soňra:
— Ah, neressejigeý! Derrew ak tam ýaly bolup, süllerdi duruberdi. Akylyň
ýerinde däldigine geň galyp oturasy iş ýok. Ýeri bolýar-da, buda geçer-dä.
Demdynjyňy alarsyň, ýatyp turarsyň we bularyň hemmesi bolmadyk ýaly bolar.
Özüňi samsyk ýaly alyp baranlygy we göwnüňe güman getirenligi üçin, Gek
özözüne kejikdi, sebäbi, ol aýmançanyň ýanyndaky edilen gürrüni eşidip hem
düwünçekdäki humdan tamasyny üzüpdi. Emma diňe şeýle pikir etse-de, alnan
düwünçek baradaky gürrüňiň özüne näme üçin tolgundyrandygyna ol birjik-de
düşünmeýärdi. Ýöne welin bu biderek zada ol begenmän hem duranokdy indi
bolsa düwünçegiň ol düwünçek däldigine gözi ýetip, jany aram tapdy. Göwnüňe
bolmasa ähli zat gülala-güllük bolup barýardy. Hum heniz hem şol ikinji nomerde
ýatandyr, ykmandalary bolsa indi tutup turma basarlar, ol bolsa Tom bilen gidip,
şol gijäň özünde altyny kynçylyksyz-zatsyz, hiç zatdan howatyrlanmazdan alarlar.

Olar ertirlik naharyny iýip gutarmankalar gapy kakyldy. Gek ýerinden böküp
turup gizlenmäge gitdi, agşamky wakalara özüniň dahyly barlygy barada başga
adamlaryň bilmegini ol islemeýärdi. Wallisli gapyny açdy, bular bir topar
näzeninler we jentlmenlerdi, aralarynda bolsa dul aýal Duglas bardy, Gek bir topar
şäherliniň hadysanyň bolup geçen ýerine syn etmek üçin, daga dyrmaşyp
barýanlygyny gördi. Diýmek, täzelik bütin şähere ýaýran bolara çemeli. Gijeki
bolan zatlaryň ählisini wallisli gelip gidenlere gürrüň etmeli bolupdyr. Dul aýal
özüniň ölümden halas edilenligi üçin oňa minnetdar boldy.
— Bu barada agzysyzdan bir söz hem sypdyraýman, hanym! Siziň menden we
meniň ogullarymdan hem köp minnetdar bolmaly ýene bir adamyňyz bar, emma
onuň öz adyny beresi gelenok. Eger ol bolmadyk bolsa, ol ýere biziň aýagymyz
hem düşjek däl eken.
Elbetde, bu şeýle bir bilesigelijilik döretdi welin, iň esasy zat barada tas
unudypdylar, emma wallisli öz sy-ryndan aýra düşmezlik üçin, men
myhmamlarymy, olaryň üsti bilen bolsa bütin şäheri gyjyndyrýardy. Myhmanlar
ähli jikme-jiklikleri eşidenlerinden soň, dul aýal:
— Men ýorganyň içinde kitap okap ýatyşyma uklap galypdyryn we hiç zat
eşitmändirin. Siz näme üçin gelip men turuzmadyňyz? — diýdi.
Aý, turzup oturmaly diýdik. Ykmandalar indi gaýdyp gelmeseler gerek, barybir
şaýsyz-guralsyz olaryň bitiren goşlary bolmaz. Ine, şonuň üçin hem sizi turzup
gorkuzmak nämä gerek diýdik? Meniň üç sany negrim siziň tamyňyzy tä ertire
çenli sakladylar. Olar, ynha, ýaňyja gapdym geldiler. Ýene-de adamlar geldi,
wallisli bolsa iki sagatlap diýen ýaly ähli bolup geçen zatlary başdan-aýak
gaýtalap-gaýtalap gürrüň berdim. Kanikul bolansoň ýekşenbe mekdebinde okuw
ýokdy, emma welin şäherlileriň hemmesi pir bilen metjide ýygnanypdylar. Şäheri
howsala salan waka ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylýardy. Jenaýatçylaryň
birjik-de yzyny çalyp bolmandyr diýşip gürrüň edýärdiler. Wagyz-nesihatdan soň,
sudýa Tetçeriň aýaly märeke bilen çykalga tarap barýan missis Garperiň yzyndan
kowup ýetdi we oňa gep atdy:
— Eýsem meniň Bekkim uzynly günläp sarsman ýataýarmy-ka? Onuň ýadap
ysgyndan gaçjakdygyny men öňündenem bilýärdim-le.
— Siziň Bekkiňizmi?

— Hawa. Ol öten agşam sizde ýatmadymy näme?
— Ýok-la!
Missis Tetçeriň ýüzi ak tam ýaly boldy, ol Polli daýzanyň öz jorasy bilen
gyzygyp gürrüň edip barýan wagty özüni skameýkanyň üstüne goýberdi. Polli
daýza:
— Ir ýagşy, missis Tetçer! Ir ýagşy, missis Garper! Meniň oglum bir ýaňa ýitirim
bolupdyr. Men ol düýn sizem biriňiziň öýünde ýatandyr-da indi bolsa metjide
gitmäge gorkýandyr diýip çak edýärin. Onuň ýagşyja emini ýetirmeli bormuka
diýýärin—diýdi.
Missis Tetçeriň ýüzi has-da agardy. Ol ýöne kellesimi çalaja ýaýkaýdy.
— O bizde-de ýatmady — Diýil, misses Gariýer howsala düşüp ugradymy?»
Tom Soýer tapdyraýsa-ha ne ýagşy! Wah, ýöne ony taparys diýip umyt edýän, ony
gözlemäge ysgyny galan adam indi az-az -da — diýdi.
XXXI b a p
GOWAKDA AZAŞDYLAR
Geliň, indi Tom bilen Bekkiden habar alalyň ,we olaryň gezelençde näme işler
edendigini göreliň.
Olar hemmeler bilen birlikde, gowagyň eýýäm belli täsinliklerini «Myhman jaý»,
«Ybadathana», «Aleddiniň köşgi» diýen we şuňa meňzeş diýseň han-haýly atly
täsinlikleri synlap, garaňky koridorlardan ýöräp barýardylar. Basym gyzykly
gizlenpeçek oýnalyp başlady. Tom bilen Bekkide bu oýna gyzyşdylar we birneme
ýadaýançalar oýnadylar. Soňra olar şemleri kelleleriniň ýokarsynda tutup, daş
diwarlara garagurum bilen ýazylan atlaryň, günleriň, ardesleriň, atalar sözleriniň
bulam-bujar düwünlerini seljerişdirip, egrem-bugram galareýa bilen aşak düşüp
ugradylar. Şeýdip, olar barha uzaklaşdylar we gürrüňe gyzyşyp, eýýäm gowagyň
hiç hili ýazgysy bolmadyk ýerine ýetendiklerini-de duýman galdylar. Olar hem
gowagyň öňe çykyp duran ýerine gurum bilen atlaryny ýazdylar we ýollaryny
dowam etdirdiler. Basym olar kiçijik çeşmejigiň gaýadan inip we az-azdan hek
çökündilerini ýygnap, ýüz ýyl-lyklaryň dowamynda ýalpyldawuk we berk
daşlardan tutuş bir kružäwaly Niagarany döreden ýerine ýetdiler. Tom özüniň

arryjak göwresi bilen ol ýere sümüldi we Bekki hezil edip sereder ýaly, şemi bilen
şaglawugy ýagtylandyrdy. Şaglawugyň aňry ýanynda iki diwaryň darajyk gysby
ýerinde ol dik gaýdýan tebigy merdiwana duşdy we ony derrew agaçlyga bolan
hyžuw gurşap aldy. Ol Bekkini çagyrdy we azaşmaz ýaly gurum bilen bellik edip,
soňra barlaga çykdylar. Olar bu “koridoryň ugry bilen ep-esli wagtlap ýörediler, kä
saga”, kä çepe sowuldylar, gitdikçe ýerin içine, gowagyň gizlin ýerine aralaşdylar,
ýene-de bir bellik edip, ýokarda gürrüň beräýer ýaly täze we görlüp-eşidilmedik
zat gözleginde gapdala öwrüldiler. Olar bir ýerde diwardan adam aýagynyň
ýogynlygynda asyl-asyl bolup duran bir topar sta-laktitliň giň gowagyň üstünden
bardylar. Tom bilen Bekki gowagyň daşyna aýlanyp çykdylar, ah çekdiler we bir
topar gapdal koridorlaryň birine çykdylar. Şol koridor bilen olar basym edil gyraw
ýaly ýylpyldaýan kristal düşelen ajaýyp çeşmäniň üstünden bardylar, bu çeşme
gowagyň ortarasyndady, onuň diwarlaryny asyrlar boýy dynman akyp ýatan suw
zerarly birleşen stalaktitler we stalagmitlerden emele gelen köp sanly täsin sütünler
saklap durdy, gowagyň gümmezleriniň aşagynda gomak-ýumak bolşup,
ýaryganatlar asylyşyp durdular, her ýumakda bolsa müňläp-müňläp ýaryganat
bardy; ýagty düşüp biynjalyk edilen ýüzlerçe ýaryganat aşak gaýtdy we
pyşşyldaşyp, şeme tarap gaharly topulyp başladylar.
Tom ýaryganatlaryň häsiýetine beletdi, olaryň howpludygyny-da bilýärdi. Ol
Bekkiniň elinden tutdy-da, ony ilkinji duş gelen koridora alyp bardy. Bu edil diýen
wagty boldy, sebäbi, Bekki gowakdan çykyp ugranja pursatynda ýaryganat ganaty
bilen onuň şemini söndüripdi, ýaryganatlar çagalaryň yzyndan köp kowaladylar,
emma gaçgaklar bir koridordan çyksalar, derrew başga bir koridora sümüldiler we
ahyrsoňy bu howply mahluklardan dyndylar. Basym Tom, öçügsi ýylpyldap uzap
ýatan kölün üstünden bardy, garaňkylygyň içinde onuň garasy mese-mälim
görünmeýärdi. Onuň kölüň kenarlaryny barlap çykasy geldi, emma ýene ilkibada
birneme oturyp dynç alsaň gowurak bolar diýen netijä geldi. Şonda gowagyň
dymdyrslygy ilkinji gezek olaryň eginlerinden basyp başlady.
— Men ilkibadalar duýmandyrynam, ýene biz baryp bir eýýämden bäri adam
sesini eşitmeýän ýaly.
— Özüň pikir edip gär, Bekki, biz olardan iňňän aşakda ahyryn, onsoňam biz,
ähtimal, olardan demirgazyklygyna ýa günortalygyna ýa-da gündogarlygyna hasap
edenimizde has uzakdadyrys. Biz bu ýerden olaryň sesini eşidip bilmeris.Bekki
ynjalykdan gaçdy:
— Biz aşakda köp boldukmy, Tom? Gaýdaýsak gowy bolmazmyka?

— Hawa, elbetde, gaýtsak gowy bolar. Dogrudanam, şeýtsek gowy bolar.
— A sen ýoluňy taparmyň. Tom? Bu ýol ýöne bulam-bujarlyk, meniň ýadymda
galan zat ýok.
— Eger ýaryganatlar bolmasa, ýolumy-ha tapjak. Olar ikimiziň hem şemimizi
söndüräýmäbilseler ýagşydyr, söndüräýdikleri-hä işimiz gapjar. Gel, şolaryň
ýanyndan geçmez ýaly başga ýol bilen gaýdaly.
— Bolýar. Belki azaşaýmabilsek ýagşydyr. Baý, gorkýan-ow! — diýip, gyzjagaz
şeýle bolaýmagynyň mümkindigini göz öňüne getirip titräp gitdi.
Olar bir koridora tarap sowuldylar we ýeňlerinden çykan her bir geçelgä tanyş
geçelge bolaýsady diýip, umyt bilen seredip, sessiz-üýnsüz ýöräp gitdiler emma bu
ýerdäki ähli zat deldi. Her gezek Tom täze ýoly birden geçirende, Bekki janyna
aram gözläp, iki gözüni aşak ýatyrmaýardy, ol bolsa:
— Aýyby ýok, ählisi ýerbe-ýer. Bu ol-a däl, ýöne basym oňa-da ýeteris! — diýip,
şadyýanja aýdýardy.
Emma her gezekki şowsuzlykdan soň, ol barha ruhdan düşýärdi we basym
gözleýän galereýasyny taparyn öýdüp, çak bilen çem gelen tarapa sowlup ugrady.
Ol öňküsi ýaly «Ählisi ýerbe-ýer» diýip gaýtalaýardy, emma gorky gurşun ýaly
bolup, onuň egninden basdy we onuň sesi göýä bolmasa «Ähli iş pyrryk» diýýän
ýalydy. Bekki öli ýaly gorkup, Toma gysmyljyrady, içinde baryny edip, öz ýaşyny
saklajak boldy, emma göz ýaş şol akdy durdy. Ahyrsoňy ol:
— Goý, ýaryganatlar bolsa bolsun, biz, iň gowusy, öňki ýolumyz bilen gideli.
Bolmasa biz öňküden-de beter azaşarys —diýdi. Tom aýak çekdi.
— Gulak as! — diýip, ol aýtdy.
Dymdyrslyk, şeýle bir ümsümlik bolup, olaryň dem alyşlary-da eşidilip dur…
Tom gygyryp goýberdi. Ses ýaňlanyp gitdi, boş koridorlardan geçip, ol
kemkemden ýitdi, biriniň ýaňsa alyjy gülküsine meňzeş ýuwaşja gopguna öwrüldi.
— Waý, goýsana, Tom! Öňem örän gorkýaryn ahyryn— diýip, Bekki aýtdy.

— Gorksaňam gygyrmaly-da, Bekki, belki olar biziň sesimizi eşiderler — diýip,
ol ýene gygyrdy.
Bu «belki» salgym ýaly bolup duran ýaňky gopgundan hem beter eýmençdi ol
ähli umydyň soňuna suw çaýkalandygyny aňladýardy. Çagalar ep-esli wagtlap
diňşirgenişip durdular, emma hiç kimden ses çykmady. Şondan soň Tom pyrra
yzyna öwrüldi-de, ädimini gataldyp ugrady. Onçakly wagt geçip-geçmänkä Bekki
onuň ikirjiňli ýörişinden ýene bir belanyň barlygyny, onuň yzyny
tanamaýanlygyny aňdy.
— Wah, Tom, näme üçin sen bellik edip gitmediň!
— Bekki, men samsyklyk edpidirin! Şeýle bir samsyklyk edipdirin! Men
yzymyza gaýtmaly bolarys öýdüp dagy pikir hem edemok. Ýok, yzymy tapyp
bilemok, halys ýolumy urdurdym.
— Tom, Tom, biz azaşandyrys! Biz azaşandyrys! Bu elhenç gowakdan bize hiç
wagt çykma ýokdur. Ah, näme üçin beýlekilerden aýryldyk diýsene!
Ol ýerde oturyp şeýle bir zaryn aglap başlady welin, Tom ol öläýse ýa däldiräýse
diýip gorkup jany galmady. Ol onuň gapdalynda oturyp, ony gujaklady Bekki
ýüzüni onuň döşüne gondy, gorkusyndan we gynanjyndan ýaňa oňa gysmyljyrady,
uzakdan ýaňlanyp çykan ses bolsa, onuň sözlerini ýaňsa alyjy gülkä öwürdi. Tom
ony ruhdan düşüp, umydyny üzmezlige boýun etjek boldy, emma Bekki muny
başar-maýanlygyny aýtdy. Ol Bekki şeýle günlere salany üçin ýer-ýüzüne kejigip
käýýäp başlady, bu hem kömek etdi. Bekki ýerimden turjak bolup göreýin, turup
bilsem nirä gitmeli bolsa gideýin, ýöne özüňe käýinmeseň bolar. Bu ýerde seň hem
günäň meniňkiden köp däl — diýdi.
Şeýdip, olar çak bilen kelleleriniň ugruna ýollaryna rowana boldular. Olara
durman gidenden gowusy bolmady. Ýene-de az salymlyk umyt oýandy, ol umyt
ederlik zat bolany üçin däl-de, ýaş çagty we şowsuzlyklara düşüp görmedik wagty
adamda umydyň oýangyç bolanlygy üçin oýandy.
Tom Bekkiniň elindäki şemi alyp, ony söndürdi. Beýle tygşytlylygyň uly manysy
bardy. Ony düşündirip oturmaklygyň geregi ýokdy. Bekki munuň manysyna şo
bada düşdi we ýene ruhdan gaçdy. Ol Tomuň jübüsinde tutuş bir şemiň, ýene-de
üç-dört sany galyndy şemiň barlygyny bilýärdi, emma şonda-da olary tygşytly
tutmalydy.Basym ýadawlyk hem bildirip ugrady. Çagalar ony bilmedik boldular,
her bir minut altyna barabarka oturmak barada pikir etmeklik olara iňňän erbet

degýärdi. Niräk hem bolsa bir ýaňa gymyldanylsa-da gowudy, munuň halas
edäýmegi-de mümkindi, oturmaklyk bolsa ajala el bulamak ýa-da ölümiňi
tizleşdirmeklikden başga zat däldi. Teý ahyry Bekkiniň ejizje aýaklary diýen
etmedi. Ol dynç almak üçin dyzyny epdi. TRM hem onuň gapdalynda oturdy we
olar öz dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlary, oňaýly düşegi, iň esasysy hem ýagty
jahany ýatlap başladylar! Bekki aglady, Tom hem göwünlik berere zat gözledi,
emma ol bir gaýtalan zadyny telim gezek dagy gaýtalady. Şonuň üçin aýdan
zatlarynyň eden täsiri bolmady, gaýtam ýaňsylaýan ýaly boldy. Bekki şeýle bir
lapykeç boldy welin, hut irkilip uka gitdi. Tom muňa begenýärdi. Ol onuň
owurtlary içine gidip duran ýüzjagazyna seredip otyrdy we süýji ukudan onuň
ýüzüniň edil öňküsi ýaly parahat bolup barýandygyny görýärdi. Bekkiniň
dodaklary ýyrşaryp gitdi. Onuň ýüzüniň parahat keşbi Tomuň janyna teselli boldy
we özüne gelmegine kömek etdi. Ol geçenlerini ýatlap, pikir derýasyna gark
boldy.Şeýle pikir edip Tom köp oturdy. Birden Bekki ýuwaşja, emma şadyýanja
gülüp oýandy, emma onuň gülküsi şo bada kesilip, zaryn hyklama bilen çalyşdy.
— Neneň ýataýdymkam! Gaýdyp oýanman geçsem bolmaýamy! Ýek-ýok, men
gaýdyp beýtmen, Tom! Maňa beýle bir seretmäweri! Men gaýdyp beýdiýmäýin!
— Uklap bileniňe men-ä begenýän, Bekki, indi sen dynjyňy aldyň we biz seniň
bilen çykalganyň ýoluny taparys.
— Synanyp göreli, Tom ýöne men düýşümde şeýle bir ajap ýurt gördüm welin…
Göwnüme bolmasa, basym biz şol ýere ýetäýjek ýaly.
— Belkem ýeteris, belkem ýetmeris. Hany, göwnüňi giňräk tut, Bekki, çykalgany
gözlemäge gideli!
Olar ýerlerinden turup, bir-birleriniň ellerinden tutuşyp ugradylar. Emma
umytlary üzükdi. Olar özleriniň näçe wagtdan bäri gowakdadyklaryny hasaplajak
boldular. Olaryň göwnüne tutuş hepde geçen ýaly boldy, emma munuň beýle
bolmagy mümkin däldi, sebäbi, heniz şemleri gutarmandy. Ep-esli wagt geçdi,
anyk näçe geçenini olar bilmeýärdiler, Tom ýuwaş ýöräp we golaý-goltumda suw
damýanlygyny-dammaýanlygyny diňşirgäp gitmeli diýdi olara çeşme gerekdi.
Olaryň ikiside halys ýadapdylar, emma Bekki ýene bir azrak ýöräp biljek diýdi.
Muňa bolsa Tomuň razy bolmanlygyna geň galdy. Ol munuň sebäbine düşünmedi.
Olar oturdylar we Tom şemi laý bilen diwara tutdurdy.
Olaryň ikiside içlerini gepledip, esli salym oturdylar. Soňra Bekki söz açdy:

-— Men-ä gaty ajygýan!
Tom jübüsinden nämedir bir zat çykardy,
— Ýadyňdamy? — diýip, ol sorady. Bekki zor bilen ýylgyrdy:
— Bu biziň toý somsajygymyz, Tom.
— Wah, onuň tigir ýaly uly bolmanlygyna nebsim agyrýar. Sebäbi, biziň başga
zadymyz ýok ahyryn!
— Men ony ulularyň toý somsajygyny edişleri ýaly edip, ýassygyň aşagyna salyp
goýmak üçin gizläpdim, emma bu biziň üçin…
Ol sözuniň yzyny ýetirmedi. Tom ony iki döwdi we Bekki öz paýyny hezil edip
iýdi, Tom bolsa diňe bir gezek dişläp aldy. Sowuk suw diýeniň näçe diýseň bardy,
çörek bilen owurtlap içer ýaly zat tapyldy.Bir salymdan soň, Bekki ugramaly diýip
teklip girizdi, Tom bir minut ýaly sesini çykarman durdy-da:
— Bekki, bir zat diýsem, maňa gulak asarmyň? — diýdi. Bekkiniň ýüzi boz-ýaz
boldy, emma ol gulak salaryn diýdi.
— Näme diýsene, Bekki biziň suw içer ýaly şu ýerde galmagymyz gerek.
Bujagaz galyndy şemiň soňkymyz.Bekki göz ýaşyny paýradyp goýberdi, Tom oňa
başardygyça göwünlik berýärdi, emma bu idili peýda berenokdy. Ahyrsoňy Bekki:
— Tom — diýdi.
— Näme, Bekki?
— Biziň ýoklugymyzy bilseler, gözläp başlarlar.
— Elbetde. Hökman gözlärler.
— Belkem, olar eýýäm gözläp ýörendirler, Tom?
— Megerem, eýýem gezleýän bolsalar gerek. Şeýle bolany-ha gowy zat.
— Biziň ýoklugymyzy olar haçan bilerkä, Tom?

— Parohoda gaýdyp baranlarynda bilerler, ondan irä bilmezler.
— Tom, soňra garaňkam-a düşer. Biziň ýoklugymyzy olar görerlermi näme?
— Bilmedim. Iň bolmanda hemmeler öýlerine gaýdyp baranlarynda, seniň
ýoklugyňy ejeňä bilerdi.
Bekkiniň allaniçigsi bolan ýüzüne seredip, Tom özüniňöte düşenligini bildi. Şol
agşam Bekkä öýlerinde garaşmaýardylar! Çagalar dymşyp, içlerini gepletdiler. Bir
minutdan soň, Bekki ýene-de möňňürip ugrady, Tom bolsa onuň kellesine-de öz
kellesine gelen pikir ýaly pikiriň gelenligine düşündi Bekkiniň missis Garperlerde
ýatmanlygyny missis Tetçer bilýençä tutuş bir ýekşenbe säheri geçjekdi.Ujypsyzja
şem galyndysyndan gözlerini aýyrman, ça galar onuň ýuwaşja, emma rehimsizlik
bilen ýanýanlygyna syn etdiler, ynha ahyrsoňy onuň diňe ýarym guýmajyk peltesi
galdy, öçügsi şöhle kä galýardy, kä bolsa zowwamja tüsse goýberip
sönenkirleýärdi, şöhle peltäpiň skarsynda bir sekunt ýaly sägindi… soňra bolsa
gözedürtme garaňky düşdi.Tomuň gujagynda aglap ýatanyny Bekki aňmazyndan
öň näçe wagtyň geçenligini olaryň biri-de aýdyp biljek däl-di. Olaryň ikiside diňe
ukynyň humarynda örän köp wagtlap bolandyklaryny, soňra bolsa özlerini has
hem betbagt duýup oýanandyklaryny bildiler. Tom häzir ýekşenbe bolmaly, belki
duşenbede bolsa bardyr diýdi. Ol Bekkini gürrüňe çekjek bolup jan etdi, emma
Bekki gaýgy-hesrete şeýle bir batyrdy welin, hiç zat barada umyt etmeýärdi. Tom
indi biziň ýoklugymyzy bilip öňräkden bäri gözläp başlandyrlar diýdi. Ol
gygyraýyn, belki gykylyga gelen bolar diýdi. Emma garaňkylygyň içinde uzakdan
eşidilen ses şekle bir gorkunç çykdy welin, Tom gygyrjak bolup synanyşsa-da,
derrew goýbolsun etdi.
Sagat yzyndan sagat geçdi ws açlyk ýene-de ýesirleriň ýüreklerine-bagyrlaryna
düşüp başlady. Tomuň öz paýyndan galan bir döwüm somsajygy bardy: olar ony
paýlaşyp iýdiler; emma öňküdenem beter ajykdylar — bir döwümjik somsa olaryň
diňe aňyrlaryna habar berdi.
Birden Tom:
— Ş-ş! Eşitdiňmi? — diýdi.
Ikiside dem-düýtlerini alman diňşirgendiler. Olaryň gulagyna daşdan gelýän
ysgynsyz galmagala meňzeş bir ses eşidildi. Tom şo bada hä berip, Bekkiniň
elinden tutdy we eli bilen sermeläp koridor bilen ses çykan tarapa ugrady. Az

salymdan soň, ol ýene diňe diň saldy; şol galmagal ýene çykdy, emma bu gezek
birneme ýakynda çykan ýaly boldy.
— Bu — olar! — diýip, Tom aýtdy.— Olar gelýärler, Basymrak, Bekki, indi
hemmesi gülala güllük bolar!
Çagalar begençlerinden ýaňa tas däliräpdiler. Emma alňasamaly däldi, sebäbi, her
ädimde diýen ýaly çukur bardy, olardan seresap bolmalydy. Basym olar şeýle
çukurlaryň birine ýetdiler we aýak çekmeli boldular. Onuň çuňlugy üç fut, belki-de
ýüz fut dagy hem bardy, her hili bolsa-da onuň gapdalyndan sowlup geçip boljak
däldi. Tom ýüzin ýatyp, bar güýji bilen elini aşak sallady. Ol onuň düýbüne elini
ýetirip bilmedi. Bu ýerde galyp, tä yzlaryndan gelinçäler garaşmalydy. Olar
diňşirgendiler. Daşdan eşi-dilýän sesler gitdikçe arany açýan ýaly bolup göründi.
Bir minut, iki minutdan soň, ol sesler tarpa kesildi. Gyýylmadan ýaňa ýürek
ýarylara gelýärdi. Tom tä bokurdagy gyrylýança gygyrdy, emma peýdasy
degmedi. Ol Bekkä ýalbaryp, göwünlýk berip gördi, emma olar howsalaly
ýagdaýda näçe garaşsalar-da, gaýdyp gykylyk sesini eşitmediler.
Çagalar elleri bilen sermeleşdirip, çeşmä gidýän ýaly tapdylar. Wagt geçmeýärdi.
Olar ýene-de uka gitdiler we oýananlarynda aç, gaýga batyp oýandylar. Tom indi
duşenbedir öýtdi.Birden ol allaniçigsi boldy. Edil golaýynda ol bir topar gapdal
koridorlarynyň barlygyny gördi. Munça wagtlap işsiz we gaýgy-gussada ýatandan,
barlaga çykan gowy dälmi. Ol jübüsindsn batböregiň ýüzüni çykardy we ony
gaýanyň çykyp duran ýerine daňdy we olar Bekki ikisi ýola düşdüler. Tom eli
bilen sermeläp we ýüpi çöşläp öňden barýardy. Ýokarky ädimden soň koridor
uçuta alyp bardy, soňra başardygyça aňryk, burça uzatdy we ýene birneme saga
süýşeliň diýip durka, birden gaýanyň aňyrsynda, bary-ýogy ýigrimi ädimlikde,
kimiňdir biriniň şemli eli göründi! Tom begenjinden gygyrdy. Ine, birden ol eliň
yzyndan… hindi Jonuň bütin göwresi göründi! Tom duran ýerinde gatap galdyr ol
ýerinden butnap hem bilmedi. Bir minut geçip-geçmänkä «ispan» ökjäni göterdide, gözden ýitdi, Tomuň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Öz sesini Jonuň tanamanlygyna,
sudda şaýatlyk edeni üçin, onuň ony öldürmänligine Tom geň-taň galdy, Belki
onuň sesini daşda ýaňlanan ses üýtgedendir? Elbetde, hut şunuň özi — diýip, Tom
içini gepletdi. Gorkusyndan ýaňa onuň ysgyn-mydary galmady we eger yzyma,
çeşmä ýetip biläýsem ýene Jona pete-pet geläýmez ýaly, hiç ýere gymyldamalyň
diýip söz berdi. Özüňkiň hindini görenligini Tom Bekkiden gizledi we «ätiýaçdan»
gygyraýdym diýdi.Emma açlyk we görgi gorkudan güýçli çykdy. Çeşmäniň
başynda oturyp, ýürege düşgünç garaşmadan ýaňa olar ýeke süýji uka batdylar we
olaryň keýpi birneme üýtgedi. Çagalar açlygyň derdinden oýandylar. Tomuň
göwnüne bolmasa, eýýäm çarşenbe, belki hem penşenbe ýa-da belki anna, ýa-da

hatda şenbe güni bolan ýaly we olary gözlemeklik bes edilen ýaly bolup göründi.
Ol ýene bir koridory gözden geçirmegi göwnüne düwdi. Ol indi özüini Jodan hem,
başga howplardan hem gorkmajak ýaly duýdy. Emma welin Bekkiniň hiç ysgyn—
mydary galmady. Gyzjagazy gaýgydyr-gussa gurşap aldy, ony indi butnatjak
gümanyň ýokdy. Ol şu ýerde galaryn hem, şu ýerde ölerin hem, indi muňa köp
garaşmaly däl diýdi. Ol, eger isleýän bolsa, Toma ýüpi alyp, koridory görüp
gelmäge rugsat etdi; emma welin onuň çaltrak dolanyp gelip, özi bilen ýygyryp
gürrüňdeş bolmagyny sorady; mundan başga-da ol Toma iň howply pursat başa
düşse-de, senden bir minutlyk hem aýrylyşman we tä ahyryna çenli eliňden tutup
oturaryn diýip, söz berdi.
Tom bokurdagy dolup, Bekkini öpdi we gowakdan çykalga taparyn diýip, ony
ynandyrdy. Soňra ol ýüpjagazy eline alyp, koridorlaryň biri bölen açlygyndan ýaňa
çalajai halda ýakyn ölümini duýup emedekläp ugrady.
XXXII b a p
HALAS EDILDILER
Sişenbe günüdi, eýýäm iňrik garalypdy. Sant-Petersburg heniz hem ýitip giden
çagalaryň ýasyny tutýardy. Çagalar hiç tapylmaýardy. Olar üçin metjitde tutuş bir
jemgyýet bolup ybadat etdiler, köpler öýlerinde-de başlary aman-sag bolsun diýip,
jany-teni bilen dileg etdiler, emma şu çaka çenli gowakdan hoş habar gelmeýärdi.
Şäherlileriň bir topary gözleglerini bes edip, öz işlerine dolanyp geldiler, görýäs
welin, çagalary tapyp boljak däl öýdýän diýişdiler. Missis Tetçer agyr keseldi we
hemişe diýen ýaly samrap ýatyrdy. Onuň kellesini galdyryp gyzym diýip
gygyryşyny we esli salymlap diňşirgeýşini, soň hem iňňildäp kellesini ýassyga
goýşuny diňläniňde ýüregiň awaýar diýip gürrüň edýärler. Polli daýza gaýgy-gama
batdy we onuň çalaryp başlan saçy çuw-ak boldy. Sişenbe gününiň agşamsy
şäherjik gaýga batyp, hiç zada umyt baglaman, uka gitdi.
Birden gijäniň bir mahaly jaňlaryň sesi dik asmana göterildi we şol pursatyň
özünde köçeler ýarym-ýalta geýnen, şadyýan adamlardan doldy, ol adamlar bolsa
«Çykaweriň! Çykaweriň! Olar tapylypmyş! Olar tapylypmyş!» diýşip
gygyryşýardylar. Jaňlary urýardylar, sajlara kakýardylar, tüýdük çalýardylar we
bütin şäher açyk paýtuna mündürilip alnyp gelinen Tom bilen Bekkiniň öňünden
çykmak üçip, derýa tarap döküldi. Olaryň daşyny aldylar we baş köçe bilen,
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 13
  • Büleklär
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3942
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2073
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3979
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2048
    34.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3931
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3938
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2013
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3936
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2007
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3865
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3933
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1945
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1934
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3912
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3969
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1952
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3941
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2055
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3939
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1968
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3958
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 1122
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 720
    42.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    59.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.