Latin

Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 11

Süzlärneñ gomumi sanı 3941
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2055
32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
açarlaryny alyşdyr, men hem olaryň ähli açarlaryny alyşdyraýryn we ilkinji garaňky
gijede ol ýere gideris we olaryň haýsysynyň gabat geljegini barlap görezsek. Hawa,
göz-gulak bolup dur, hindi geläýmesin, ol şäherde bolmakçy we ar almaga amatly
pursat tapmak üçin ýeke bir gezek aýlanyp görmekçidi. Eger görsek, yzyna
düşüber; eger ol bu iknnji nomere gitmese, diýmek, ol onuňky däldir.
— Öwlüýa ursun, okuň yzyndan ýeke özüm gidesim gelenok.
— Bu gije bolar ahyryn! Ol belki- ýene görmez, göreýen diýsede üýtgeşik zat
bardyr diýip oýlanmaz.

— Eger juda garaňky bolup dursa, men yzyňdan gitsem hem gidäýerin.
Bilmedim-dä… Synanyşyp göreýin.
— Eger gije garaňky bolsa, onuň yzyna özümiň düşjegime bil baglaý. Sen nä
bilýäň, belki ar alyp bolmajagyna gözi ýetse, puly getirmäge gidäýmeginiň
mümkindigine sen derrew göz ýetirersiň.
— Dogry, Tom, dogry! Men ouň yzyndan giderin, gara çynym giderin.
— Ynha, munyň akyl iş! Ýöne welin seret-dä. Gek, ýüňsakgal edäýme, men-ä
beýtmen.
XXVIII bap
AÇYŞLYK
Şol agşam Tom bilen Gek ählisine taparlyk gördüler. Olar sagat dokuza çenli
traktriň ýanynda köw-söw etdiler, olaryň biri çeträkde durup, pereulogy saklaýardy,
beýleksi bolsa traktiriň gapysyna gözegçilik edýärin. Girýän-de, çykýan-da ýokdy,
traktire-de ispana meňzeş giren bolmady. Gije aý aýdyňrak bolaýjak ýaly etdi we
Tom juda garaňky bolsa geldi, myýawlap, onsoň men äpişgeden girip, açarlary
saýlaşdyrmaga synanyşaýyn diýip, Gek bilen gürleşdi we öýlerine ugrady. Emma
gije şol aý aýdyňlygyna durdy. Gek sagat on ikä çenli garawulçylyk çekdi-de,
gantdan boşan boş çelegiň üstünde gyşardy.
Sişenbe güni oglanlaryňky ýene-de ugruna bolmady. Çarşenbe güni hem şeýle
boldy. Muňa derek penşenbe güni g ije örän garaňky boldy. Tom Polli daýzasynyň
demir çyrasyny we yşygy ýapaýjak inli polotensaniy alyp äpişgä mündi. Ol
çyrasyny Gekiň ýatan ýeri bolan gantdan boşan çelegiň içinde gizledi we sakçylyk
etmäge durdy. Ýarym gijä bir sagat galanda traktir ýapyldy we onuň ähli yşyklary
söndi, golaý-goltumda başga yşyk ýokdy. Ispan hiç gara bermeýärdi. Pereuloga
gelýän-gidýän ýokdy. Ähli zat oňat ugrugyp barýardy. Göze dürtme garaňkylykdy,
ümsümlikk käte bir uzakdan eşidilýän gök gürlemesi bilen pozulýardy.
Tom çyrasyny alyp, ony çelegiň içinde otlaly we daşyna bir geňsi edip polotense
orady, şeýdip başdan ge-çirme gözleýänleriň ikiside garaňkynyň içinde bukdaklan,
traktire tarap ugradylar. Gek sakçylyk postuny eýeledi, Tom bolsa sermenip,
öwrüme çykdy. Soňra Gekin üstünden dag ýaly bolup basan howsalaly garaşma

başlandy we uzaga çekdi. Ol öňünde çyranyň ýanyp duranyny isledi: ol, elbetde,
gorkardy, emma welin Tomuň entek diridigini-hä bilerdi. Tom garaňkyň içinde
gözden ýitip gideli bäri bir topar sagat geçen ýalydy. Belki ol beýhuş bolup
ýykylandyr, belki ölendir, belki hem gorkudan we tolgunmadan ýaňa ýüregi
ýarylandyr. Howsala düşen Gek öz-özünden bihabar pereuloga barha beter
ýakynlaşdy: ähli elhençlikler onuň gözüniň öňüne geldi we ol minutsaýyn: bir
bolmasy iş bolup, gorkusyndan jany çykaýjak ýaly bolup garaşýardy. Ol demini
zordanjyk alýardy, ýüregi hem minutsaýyn doňan ýaly bolýardy, häzir bolmasaň
duralmagy-da ahmaldy. Birden yşyk peýda boldy we Tom ok ýaly bolup Gekiň
gapdalyndan zyrmyrylyp geçdi.
— Gaç, gaç basymrak — diýip, ol gygyrdy.
Oňa gaýtalamaly bolmady, bir gezek aýdylany hem ýeterlik boldy. Gek güýjünde
baryny edip ökjäni göterdi. Oglanlar tä şäheriň beýle çetindäki gassaphananyň
ýanyndaky bassyrma ýetýänçäler ylgawlaryny ýazmadylar. Olar özlerini bassyrma
atan batlaryna gök gübürdäp, jala gelip ugrady. Tom zordan demini alyp:
— Gek, baý howply boldy-ow! Men başardygymça ýuwaşjadan açarlary barlap
başladym. Ikinjisinem synap gördüm we şeýle bir galmagal turuzdym welin, tas
gorkymdan ölüpdim, şeýle erbet gorkdum. Emma gulpuň içinde olar barybir
towlanmaýardylar. Men onsoň näme edýänimi özüm-de bilmedim we tutawaçdan
çekdim welin, gapy açyldy duruberdi. Ol gulplangam däl eken. Men polotensäni
aýryp, otaga sümüldim we… Ýeri onson? Näme gördüň, Tom?
— Gek, men tas hindi Jonuň elini basan ekenim.
— Aý ýog-a!
— Hawa! Ýerde elini serip, ölen ýaly bolup ýatyr, gözüniň üstündäki plastyry
heniz hem bar eken.
— Eý, hudaý-eý! Sen nätdiň? Ol oýandymy?
— Ýok, gymyldanogam. Pýan öýdýän. Polotensäni alandyryn-da, eňäýendirin.
— Be, men bolsam polotenke ýadymada düşmezdi!
— Beýle bir bolmawersin, eger ony ýitiräýsem, Polli daýzadan oňatja şarpyk
dadaryn.

— Gulak goý, Tom, sen sandygy gördüňmi?
— Gek, men esewan hem etmedim. Sandygy göremok. Hajy hem göremok.
Poluň üstünde ýatan çüýşe bilen demir kürüşgeden başga hiç zat göremok, otagda
men iki çelejik biýaýen bir topar çüýşede gördüm. O ýeriniň näme üçin «arassa
däldigini» ine, indi gördüňmi? O näme üçin?
— Arak saklaýarlar, şonuň üçinem «hapysa» bolýar! Belki kelle durulyk
jemgyýetiniň ähli traktirlerinde arak saklanýan şeýle otaglar bardyr, sen nähili
pikir edýärsiň?
— Şeýle bolsa-da ahmal. Kimiň kellesine gelýär! Bilýärmiň, Tom, Jo lül bolup
ýatan bolsa, sandygy ogurlamaga häzirkiden amatly pursat bolmaz.
— Aý, goý-la! Kesesinden synanyp bir gör! Gek tisginip gitdi.
— Waý, olar ýaly bolsa gerek däl!
— Menem gerek dälmikä diýýän. Jonuň gapdalynda ýatan bir çüýşe örän az
bolýar. Üç dagy bolaýan bolsa, onda mesele başgaça bolardy, men hem
synanyşsam synanyşardym.
Olar ep-esli dymşyp pikir etdiler. Ahyrsoňy Tom:
— Gulak goý, Gek, Jonuň gidenligine açyk göz ýetirýänçäk, gel indi muňa
synanyşmaly. Bu örän hatarly zat. Eger biz her gije garawulçylyk çeksek, haçanam
bolsa bir gün onuň gidýänligini göreris we derrew sandygy alyp çykarys.
— Nätjek, bolýar-da. Eger galanyny sen etseň, men şu gün uzynly gijeläp
garawulçylyk çekjek.
— Bolýar, edeýin, ýöne sen Guperstritden bir kwartal ýaly ylgap gitmeli we
myýawlamaly bolarsyň, eger irkiläýsem, äpişgä bir gysym gum zyňsaň, men
oýanaryn.
— Bolýar, şeýdäýerin!

— Näme diýsene Gek, gök gübürdisi-hä, ýatdy, men hem öýe gaýtjak. Iki
sagatdan bolsa jahan ýagtylar. Sen bolsaň o ýere bar-da häzirlikçe garawulçylyk
çek.
— Garawulçylyk çekerin diýdim, çekerin. Bir ýyllap köçede durmalam bolsa
duraryn. Gündiz ýatyp,gije serederin.
— Ine, munyň bolýar. A sen nirede ýatjak?
— Ben Rojersleriň bede basylýan jaýynda ýataýjak. Ol meni oňa goýberýär,
olarda işleýän negr Jek agada goýberýär. Gerek bolan çagty men oňa suw getirip
berýän, ol bolsa maňa soran wagtym tapsa, iýer ýaly zat berýär. Ol örän oňat negr.
Ol meni negrleriň öňünde tumşugymy galdyryp ýörmeýänim üçin gowy görýär.
Käte men onuň bilen bile oturyp, nahar hem edinýän. Ýöne sen hiç kime aýtma.
Başga wagt ýadyňa düşmese-de, açlygyň etdirmeýän zady barmy näme! Ýeri, eger
gündiz gerek ýeriň bolmasa, janyň sag bolsun, ýatyber. Biderek ýere oýatmaň,
Eger gije bir zat göräý seň, derrew meň ýapyma gelip myýawlagyn.
XXIX bap
GEK BAKDITLERI YZARLAÝaR
Anna güni Tomuň ir bilen eşiden zady şatlykly habar boldy: sudýa Tetçeriň
maşgalasy düýn şähere gaýdyp gelipdir. Hum hem, hindi Jo hem ikimji plana girip,
onuň kellesinde esasy orny Bekki eýeledi. Tom onuň ýanyna eňdi we özüniň
klasdaşlary bilen birlikde, ol tä ýykylýança «al-da, gaç» we başga oýunlary oýnady.
Gün örän şowly we şatlykly geçdi. Bekki ahyrsoňy ejesinden ertir sähra çykyp
gezelenç etmekligi guramagy sorady, ejesi bolsa razylyk berdi. Gyzjagazyň
begenjinden ýaňa ernlernine ýetmedi. Tom hem ondan az begenmedi.
Çagyryşnama agşam düşmänkä iberildi we şäherdäki ähli çagajyklar hezil edinişip
Gezelenje gyssanmaç taýýarlanyp başladylar. Tolgunmadan ýaňa Tom ýary gijä
çenli ýatyp bilmedi; ol Gek myýawlar öýdüp gaty garaşypdy we ertesi gezelençde
humy görkezip Bekkini we onuň myhmanlaryny geň galdyraryn öýdüpdi, emma
onuň lapy keç bolmaly boldy. Şol gije duýduryş bolmady.

Ahyrsoňy gün dogdy we sagat onlara onbirlere çagalar alagowurdy bolşup, şol
ýerden hem ýola düşmek üçin, sudýa Tetçerleriň öýüne ýygnandylar. Ol wagtlar
gartaşan adamlar soňra gezelenje çykyp, çagalaryň keýplerini pozmaýardylar.
Ikiüç sany on sekiz ýaşly gyzlaryň we birneme ulurak ýaş ýigitleriň göz-gulak
bolmagynda çagalar howpsuzlykda bolýar diýip hasap edýärdiler. Munuň üçin
köneje parohodjygy hakyna tutdular we basym şadyýan mähelle, boş köçe bilen
azykly sebetlerini süýreşip ýola düşdi. Sid ýoňlapdy, şonuň üçin hem bu keýpden
saklanmaly boldy. Meri oňa seretmek üçin öýde galdy. Hoşlaşyk üçin missis
Tetçer Bekkä:
— Siz örän giç gaýdyp gelermikäňiz öýdýän. Belki sen pristanyň Golaýynda
ýaşaýan gyzlaryň biriniň öýünde ýatyp gaýtsaň oňat bolar — diýdi.
— Sýuza Garperlerde ýataýsam bolarmy?
. — Örän oňat. Ýöne seret, özüňi oňatja alyp bargyn, akylly bolgun. Olar köçe
bilen ýöräp barýarkalar, Tom Bekkä:
— Bilýärmiň, Bekki, näme edeli. Biz Jo Garperlere gitmäli-de, daga çykyp, dul
aýal Duglaslara gideli. Olarda gaýmak gatançly moroženoýe bolýar. Her gün diýen
ýaly bolýar, özüniň-de porsiýasy diýseň uly. Barsak, ol begener, görde duruber —
diýdi.
— Bä, hezil bolar-ow! — diýip, Bekki bir minutlykça içini gepletdi we soňra:
— A ejem näme diýer? — diýip sorady.
— Ol nirden bilsin?
Gyzjagaz ýene-de içini gepletdi we ikirjiňlenip:
— Her niçik-de bolsa bu, meniň pikirimçe, oňat däl — diýdi.
- Ýeri, «Her niçik-de bolsa» nämä gerek? Seniň ejeň bilmezem, onsoňam bu
ýerde näme erbet zat bar? Iň esasy saňa hiç zat bolmasa bolýar-da, oňa başga zat
gerek däl. Meniň pikirimçe, ýadyňa düşen bolsa, onuň özünde saňa rugsat bererdi.
Elbetde, rugsat bererdi.

Dul aýal Duglasyň myhmansöýerligi gyzyklandyryjy aldawaç boldy, Tomus
yrmalary-da basym peýda edip başlady. Bu agşamky planlary barada hiç kime hiç
zat aýtmaly dol diýen netijä geldiler. Birden Tomuň kellesine bu gije Gek gelip
signal beräýmegi mümkin diýen pikir geldi. Bu pikir tas onuň geljekki ähli keýpini
gaçyrypdy. Her niçik-de bolsa, ol dul aýal Duglasyňkyda keýp çekmekden
saklanyp bilmedi. Onsoňam näme üçin geçeýin diýip, ol delile getirdi: eger öten
agşam gije signal bolmadyk bolsa, ol näme üçiň hökman şu gün bolmalymyşyn?
Hezil boljakdygynyň ujy iki däl, humuňky bolsa entek belli däl. Oglanjyklar-da
hemişe bolşy ýaly, bu gezek hem ýüreginiň has köp telwas edýän tarapy agdyklyk
etdi: şol gün ol pully sandyk barada gaýdyp pikir etmezligi ýüregine düwdi.
Şäherden üç millik aşak tarapda, tokaýly deräniň öňünde parohodjagaz hoduny
peseltdi we kenara tutduryp ugrady. Mähelle kenara döküldi. Ýere basym tokaýyň
hem-de ” dagyň uçut gerişleriniň ähli ýerinde galmagal gülki sesi eşidildi.
Ähli oýunlara degip geçmek bilen, güýçden gaçan we gyzyşan garagollar
ýürekleri syrylyşyp ýene lagere ýygnanyşdylar we dürli-dürli tagamly zatlara
topuldylar. Baýram çylykdan soň olar ýaýrap oturan dub agajynyň kölegesinde
dynç almaga oturdylar. Basym kimdir biri:
— Kimiň gowaga gidesi gelýär? — diýip gygyrdy.
Hemmeleriň gidesi gelýän eken. Bir gap şem aldylar-da, öň barmaşak edişip,
daga dyrmaşyp ugradylar. Gowagyň agzy diýseň ýokarda, dag eňňidinde bolup,
«A» harpyna meňzäp durdy. Agyr dub gapy hiç haçan gulplanmaýardy. Içinde
çaklaňja, ýerzemin ýaly sowujak, tebigat tarapyndan galdyrylan we sowujak der
ýaly çyg damjalary siňip duran berk hek daşyndan edileň diwarly gowak bardy. Bu
ýerde gözedürtme garaňkylykda durup gün şöhlesi düşýän ýaşyl derä syn etmek
şeýle bir gyzykly, şeýle bir syrlydy. Emma basym ilkinji täsirler dargaşdy we
ýene-de ylgaw başlandy. Biri şem ýakaýdygy, hemmesi uly gowur bolşup, onuň
üstüne eňýärdi. Onsoň ol gelenlerden näçe goransaň-da, şemi basym eliňden
kakdyrýardy ýa-da söndürýärdi, şonda ýene-de şadyýan galmagal, gülki we howur
dik asmana galýardy. Emma dünýädäki ähli zat uzagyndan gutaryp ýok bolýar.
Oglanlar tirkeşip baş galereýanyň eňňidi bilen kem-kemden aşak düşüp başladylar
we bir topar yşyjaklar altmyş futluk ýokarda tapyşýan gümmeze çenli ýetip duran
beýik daş diwarlary öçügsi ýagtylandyrýardy. Baş galereýa sekiz-on futdan giň
däldi. Her ädimde, iki tarapyňda täze uzyn jaýryklar açylyşyp durdy, olar baş
galereýadan has insizdiler.

Mak Dugala gowagy özara kesişýän egrem-bugram koridorlaryň bulam-bujar
ýeridi, şol koridorlardan bolsa hiç çykalga ýokdy. Jaýryklaryň we
ýykykýumruklaryň bulam-bujar bolup duran ýeri bilen gowakdan çykalga tapman,
uzyn günläp we gijeläp azaşsa bolýar diýip gürrüň edýärler; kem—kemden aşak,
hut ýeriň içine düşüp bolýarmyş we ol ýerde şol bir gören zadyň bulam-bujarlyk
üstüne bulam-bujarlyk barmyş, bu şol tükenmän gidip oturanmyş. Gowagyň ähli
ýerini bilýän ýokdy, bu akyla sygjak zat däldi. Ýaş ýigitleriň köpüsi gowagyň diňe
bir bölegini bilýärdi we şol belli böleginden aňryk geçýän ýokdy. Tom Soýer hem
gowaga benlekilerden idnli belet däldi.
Oglanlar miliň dörtden üçüsine golaýyny baş galereýa bilen geçdiler, soňra bolsa
aýry-aýry toparlar we ikibir barýanlar gapdaldaky koridorlara sowlup, garaňky
geçelgelerden ylgaşyp, çatryklarda duýdansyz böküp çykyp bir-birlerini gorkuzyp
başladylar, hatda gowagyň hemmelere belli böleginde-de birek-biregi ýarym
sagatlap dagy gözden ýitirse bolýar eken.
Kem-kemden toparlar haşlaşyp çykalga tarap ylgap gitdiler, hemmesi-de
şadyýandy, aýaklaryndan tä kellelerine deňiç ýaga bulaşyp, üstlerini palçyk eden
ekenler, gowakdaky geçiren günlerinden hem arman galmandyr. Ynha, şon-da
wagtyň beýle duýdansyz geçişine, garaňky gatlyşar wagty bolşuna ählisi haýran
galdylar. Parohod jaňynyň kakylanyna ýarym sagat dagy bolupdy. Başdan
geçirmelerden doly bolan günlerini şeýle şahyrana geçirişlerinden hemmeler
hoşaldy. Parohod derýanyň ortasyna ýüzüp baranda, kapitandan başga hiç kim
ýitiren wagtlaryna gynanmady.
Parohodyň yşyklary pristanyň ýanynda ýylpyldap görnende, Gek eýýäm öz
postunda durdy. Ol parohodyň bortunda hiç hili ses eşitmedi, sebäbi, ýaman ýadan
adamlarda bolşy ýaly ýaşlar dymyşýardylar. Gek ilkibada bu nähili parohodka we
näme üçin pristanda durmadyka diýip haýran galdy, soňra bolsa ol barada pikir
etmesini goýup, öz işi bilen boldy. Gije gitdikçe garaňkyraýardy we bulutlaşýardy.
Sagat on boldy. Tigir yslary ýatyşdy, onda-munda görünýän yşyklar göz gypyşyp
sönmäge başladylar, köçede indi adam garasy görnenokdy. Kiçijik garawuly
ümsümlik hem-de eýe bilen ikiçäk goýup, şäher uka batdy. Sagat on biriň jaňy
jyňlady we traktirdäki yşyklar öçüşdi. Ähli zady garaňkylyk örtdi. Gek, göwnüme
bolmasa, örän köp garaşan ýaly boldy. Emma bolan zat bolmady. Ol ikirjiňläp
başlady. Garaşmadan nä netije bar? Netije irde-giçde bir bolarmykan? Ýa-da ähli
zady başdan aýlap urup, ýataýsaň näderke?
Birden onuň gulagyna galmagal sesi eşidildi we ol derrew h üşerildi. Pereulok
tarapdaky gapy ýuwaşja ýapyldy. Gek özüni kerpiç skladynyň burçuna atdy.

Şondan bir minut gijiräk onuň gapdalyndan tas bolmanda süýkenip iki sany adam
geçip gitdi; olaryň biriniň goltugynda nämedir bir zat bardy. Sandyk bolara çemeli!
Diýmek, olar humuň ýerini üýtgetmekçi-dä? Tomy çagyrsammykam? Bu
samsyklyk bolaýmasa: olaryň sandyklaryny alyp atsyz-dereksiz ýitil gidäýmekleri
mümkin! Gowusy, olaryň yzyndan galmaly däd, olary yzarlamaly, garaňkylygyň
içinde olaryň muny göresleri-de ýok. Öz-özi bilen gümra bolup Gek burçdan
böküp çykdy we pişik ýaly ýapyrylyp ykmandalaryň yzy bilen ýöräp başlady. Ol
aýak sesiniň çykmazlygy üçin, aýak ýalaňaç gidip barýardy, olar bilen arasy bolsa
gara görnümdi.
Wallisli — Welikobritaniýanyň günorta-günbatarynda, Wallno-Da Uýelsde
doglan adam.
Olar derýanyň boýy bilen ýöräp, köçoniň üç kwartalyny geçdiler, soňra bolsa
çepe sowuldylar. Ilkibada olar göni ýöräp gitdiler, soň Kardif daglaryna barýan
ýodajyga düşün şonuň bilen ýöräp ugradylar. Olar wallisin garrynyň dagyň
gerşinde oturan tamynyň gapdaly bilen aýak çekmän geç ip gitdiler we barha
ýokaryk dyrmaşdylar. «Duruber bakaly, diýmek, bular sandygy köne daş
köwülýen ýerde gömjekler» diýip, Gek içini gepletdi. Emma welin olar o ýerde
aýak-da çekmediler. Olar aňyrlygyna, depe tarap ýöräp gitdiler. Uzyn sumah
agaçlarynyň arasyndaky darajyk ýoda çykyp, olar şo bada garaňkylygyň içinde
ýitip gitdiler. Gek ädimini çaltlandyryp, olary kowup başlady, sebäbi, olap ony
görüp biljek däldiler. Ilkibada ol ylgady, soň olara Pete-pet geläýmäýin diýip
gorkup, ädimini haýallatdy; ýene—de bir azrak ýöräp aýak çekdi, diňşirgendi, sesüýn çykmady, diňe ýüreginiň urşy eşidilýärdi. Onuň gulagyna dagdan huwi sesi
eşidildi, bu bolsa erbet yrym! Emma welin aýak sesi eşidilmedi. «Be, ähli zat puja
çykmaly bolaýarmy-ka!» Ol ýeňsämi el ýaly ederin diýip durka, birden dört
ädimlik beýle ýanynda biri ardynjyrady. Gekiň tas ýüregi ýarylypdy, ýöne ol, her
niçik-de bolsa, gorkusyna döz gelip, duran ýerinde butnaman durdy. Ol ýere
giräýjek bolýardy. Gek indi özüniň nirededigini bilýärdi: ol dul aýal Duglasyň
mülküni gurşap oturan aýmançanyň ýanynda, daş gapynyň bäş ädimlik ýanynda
durdy. «Bolýar-da, goý, bu ýerde gömseler gömübersinler. Tapmasy kyn bolmaz»
diýip, ol içini gepledýärdi.Örän ýuwaşja ses çykdy: hindi Jo gepleýärdi:
— Jyn kakmyş! Onuň myhmany bar bolaýmasyn. Çyrasy-ha tä giç agşama çenli
ýanyp dur.
— Görýän zadym ýokdur.

Indi köne tamly şol sal-sal eşikli ykmanda gepleýärdi. Gekiň ýüregi sowap,
tarsyldamaga başlady. Gör, Jo aryny kimden almakçy bolýan eken! Gekiň
kellesine gelen ilkinji zat gaçmaklykdy. Emma şol wagt onuň ýadyna dul aýal
Duglasyň ony hemişe gowy görenligi düşdi, bu adamlar bolsa belki şony öldürjek
bolýandyrlar? Dul aýala duýdurar ýaly batyrlyk edip bilmejegine onuň nebsi
agyrdy; muöa ýürek etmejekdigini ol oňat bilýärdi— ony görüp tutaýmaklary
mümkindi. Bularyň bary, ýeke bular hem däl, onuň kellesinde Jo bilen
ykmandanyň arasynda bolup geçen gysgajyk gürrüňiň dowamynda peýda boldy.
— Sapa agaçlar päsgel berýer. Hany, bärik seret, indi görmermiň?
— Hawa. Elbetde, onuň myhmany bar. Sen, gardaş, bu işiňi goýbolsun et.
— Nädip goýbolsun edeýin, men bu ýerden hemişelik gidýän ahyryn! Goýbolsun
eder ýaly käşgä zol işiň düşüp duran bolsa-da. Men saňa ýene-de aýdýaryn, ön
hem köp gezek aýdypdym: maňa onuň puly derkar däl, olary sen özüňe alyp
bilersis. Ýöne onuň adamsy maňa köp süýkeňipdi, sudýaka ol meni ykmanda
hökmünde basypdam. Bu-da entek bary däl. Ýogsam näme! Ol meni gamçy bilen
saýgylamaga, bütin şäher görer ýaly, türmäniň öňündäki keçede, saklamaga häkim
beripdi. Özi-de gamçy bilen! Sen muňa düşünermkäň? Ol maňa al salyp öldi. Ýöne
muňa derek maňa aýaly jogap berer. Sen bolsaň, dost, maňa kömekleşersiň. Şonuň
üçinem men ýanyma seni aldym, ýeke özüme başartjak gümanym ýok. Sapalak
atjak boldugyň welin, öldürerin. Düşdüňmi?
— Nätjek-dä, munsuz bolmaýan bolsa, ýör bakaly. Näçe çalt boldugyça, şonça-da
gowy, şonsuz hem meniň galpyldym ýatanok.
— Häzirmi? A myhmanlary nätjek? Mundan nämäniň ysy gelýänligine sen
düşünýärmiň beri? Ýok, çyra sönýänçä garaşarys. Howlugýan ýerimiz bolsa ýok.
Şondan soň dymyşlyk aralaşjakdygyna, özi hem ganhorlyk baradaky bujagaz
gürrüňleriň ählisinden aýylganç dymyşlyk aralaşjakdygyna Gek düşündi we
demini dartman çalasynlyk bilen yzyna tesdi, saga ýa çepe ýykylaýjak-ýykylaýjak
ýaly edip, ep-esli wagtlap bir aýagynyň üstünde durdy we ahyrsoňy ýuwaşlyk
bilen beýleki aýagyna-da basdy we iki aýagynyň üstünde sarsman durdy. Ol
seresaplylyk we töwekgellik edip ýene bir ädim yza tesdi, son ýene we ýene bir
ädim yza tesdi we birden aýagynyň astyndaky bir şaha şatyrdap döwlüp gitdi. Ol
dem almasyny kesip diňşirgenmäge durdy. Eger-eger ýekeje-de ses-üýn ýokdy,
dymdyrslykdy. Gekiň şatlygy içine sygmady. Ol agaç diwarlarynyň arasynda,
gämini öwrüşleri ýaly, ýuwaşlyk bilen öwrülip, çalt-çalt we howatyrly ýöräp gitdi.

Daş köwülýän ýeriň öňündäki ýola çykyp, Gek özüni howpsuz ýagdanda duýdy
we elinde baryny edip, ökjäni göterdi. Ol dagyň etegine tarap barha çalt ylgap
barýardy, ol ahyrym wallisliniň fermasyna ýetdi.
Gek olaryň işigini şeýle bir ýumruklap başlady welin, äpişgeden derrew goja
bilen iki sany basdaş ogullarynyň kelleleri göründi.
— Galmagal nämedir? Gapyny kakýan kim? Näme gerek?
— Basymrak açyň! Men hemmesini gürrüň edip bereýin!
— A sen kim bolarsyň?
— Geklberri Finn! Basymrak açaweriň.
— Şeý diýsene, Geklberri Finn! Günde ähli gapylar seriler durar ýaly, bu beýle
atlardan däl ýaly-la. Her niçik-de bolsa, oglanlar, siz muny öýe goýberiň: hany, o
ýerde nähili harasat gopanlygyny dilýäris.
— Ýöne welin allanyň haky üçin, muny meniň aýdanlygymy hiç kime eşitdirmän!
— diýip, Gek ýene salan batlaryna pyşyrdap aýtdy.— Allanyň haky üçin, ýogsam
meni öldürerler, sebäbi dul aýalyň hemişe maňa nebsi agyrardy, eger üstümi
açmasaňyz, men hemmejesini aýdyp bereýin, hökman aýdyp bereýin.
— Hudaý bar, bu ýerde bir zat-ha bar, bu bulary ýönelige aýdýan däldir — diýip,
goja seslendi. — Ýeri, aýdyber, Ýigit, seni hiç kim ýamanlasy ýok.
Üç minutdan soň, goja we ogullary ykjam ýaraglanyp, daga dyrmaşyp ugradylar
we sumah agaçlarynyň arasyndaky ýoluň alkymynda elleri pistoletli peýda
boldular. Gek mundan beýläk olaryň yzyna düşmedi. Ol ullakan daşyň ýeňsesinde
gizlenip, diňşirgäp başlady. Howsalaly dymyşlyk uzaga çekdi, soňra bolsa birden
tüpeň sesi we gykylyk çykdy.
Gek garaşyp durmady. Ol daşyň gapdalyndan turdy-da, ýüregi ýarylan ýaly bolup,
dagdan aşaklygyna tarap ökjäni göterdi.
XXX b a p

GEKIŇ HEKAÝATY
Ýekşenbe güni ir bilen, daň saz beriberende, Gek gizlin ýerlerden ýöräp daga
çykdy we gelip ýuwaşlyk bilen, wallisli gojanyň gapysyny kakdy. Öýdäkileriň
hemmesi ýatyrdy, emma öten agşamky tolgunmalardan ýaňa olaryň ukusy
howsalalyrakdy. Äpişgeden oňa:
— Kimsiň? — diýip gygyrdylar.
Gekis sandyrawuk sesi zordan diýen ýaly çykdy;
— Girizeweriň! Bu men, Gek Finndirin.
— Bu adyň öňünde meniň gapym gije-de bolsa, gündiz-de bolsa, elmydam
açykdyr. Gir, ezizim, özüňi edil öýüňde ýaly bilgin.
Öýsüz-öwzarsyz çaga beýle sözleri ilkinji gezek eşidýärin. Ömründe bir gezek
hem oňa şeýle ýakymly zat aýtmandyrlar; özüňi edil öýüňde ýaly bilgin diýlip
çagyrylanlygy onuň ýadyna düşmeýärdi.
— Gapyny derrew açdylar, ol hem öýe girdi. Geki oturgyçda oturtdylar, goja
bolsa ýigit çykan ogullary ýaly howul-hara geýnip ugrady. Ýeri, ogul, sen ykjamja
ajykdyňmykaň diýýärin, bize ertir naharyny diňe gün dogandan soň bererler.
Arkaýyn bolaý. Biz bolsak oglanlar bilen düýn gelip ýatyp gidäýermikäň öýdüp
garaşdyk.
— Men örän gorkdum-da, gaçyp gitdim — diýip, Gek aýtdy.— Ylgap ugradym
welin, pistolet sesi çykdy, şondan soň üç mil dagy ylgawymy ýazdyrmadym. Indn
bolsa, niçik-de bolsa, işi näme bilen gutaranlygyny bileýin diýip geldim; daň
atmanka gelenligýmiň sebäbi, olar öldürilen hem bolsa, ol şeýtanlaryň üstünden
geläýmäýin diýip gorkdum.
— Ah, neressejigeý! Bu gije sen kemsiz ýadansyň, ynha krowat, ertirlik
edineniňden soň ýat-da, ukyňy al. ÝOK, olary öldürip bolmady, ynha, şoňa nebsim
agyrýar! Bilýärmiň näme, seniň aýdyşyňa görä, biz olary nireden gizlemelidigiin
bildik we daraklygymyza basyp, olaryň on ädimlik ýanlarynda saklandyk, ýoluň
üsti bolsa ýerzemiiiň içi ýaly tüm garaňky. Birden meniň asgyrasym geldi. Ine,
saňa gerek bolsa! Saklanjak bolýaryn, bolanok. Wah, häzir asgyraryn-ow diýýerin,
edil aýdyşym ýaly asgyrdymam. Men ýenede pistoletimi tutup tapyp bolup
durdum, asgyrdym welni, ol näkesler alaşakyrdy bolşup agaçlyga urup gitdiler,

men bolsam: «Ot açys, oglanlar!» — diýip gygyrýaryn, özümem bolsa ses çykan
tarapa atyp ýatyryp. Oglanlarym hem atýar. Her niçigem bolsa, ol näkesler sumat
boldular, biz bolsa tokaýyň içi bilen olaryň sebügine düşdük. Gewnüme bolmasa,
biziň okumyz olaryň hiç haýsysyna degmedimikä diýýärin. Olaryň hem hers bir ok
atdylar, oklar hem degmän geçdi. Aýak sesi ýatanyndan soň biz kowgymyzy bes
etdik. Dagdan düşdük-de, polisenleri oýardyk. Olar otrýad topladylar-da, derýanyň
kenary bilen öňlerini gabatlap gitdiler. Daň saz berende bolsa şerif öz adamlary
bilen bütin tokaýyň içini döküp çykar. Meniň ogullarym hem olar bilen giderler.
Ol näkesleriň nähili adamdyklaryny bir gärseň, bu bize ep-esll kömek ederdi. Sen
olary garaňkylygyň içinde o diýen synlan hem dälsiň,
— Ýok, men olary şäherdekä görüp, yzlaryna düşüp ugradym. ……
Polli daýzanyň ýüzünden onuň örän tolgunýanlygy görnüp durdy.
— Jo Garper, şu gün ir bilen sen meniň Tomumy gördüňmi? Ýok, göremok.
— Sen ony iň soňky gezek haçan gördüň?
Jo ýadyna saljak bolup synanyşdy. Emma anyk hiç zat aýdyp bilmedi. Gelenler
çykalga ýetmän durdular. Märeke pyşyrdaşyp başlady, hemmeler ynjalykdan düşdi.
Çagalardan hem, ýaş mugallymlardan hem sorap-idäp başladylar. Şähere
gaýdanlarynda Tom bilen Bekkiniň parohotda bolanyny-bolmanyny gören
bolmandyr. Garaňky gatlyşansoň hemme çagalaryň ýerbe-ýerligini soramaklyk hiç
kimiň kellesine gelnokdyr. Tek ahyry ýaş ýigitleriň biri olar gowakda galan
bolaýmasynlar diýip howatyrlandy. Missis Tetçer özünkden gidip ýykyldy. Polli
daýza aglap, elini döwaýjek boldy.
Howsalaly habar agyzdan-agza, üýşmeleňden-üýşmeleňe, köçeden-köçe geçdi we
bäş minutdan soň janlar zaryk ýaňlanyp, bütin şäher aýaga galdy. Kardif
dagyndaky bolan wakanyň ähmiýeti gaçdy, ogrulary hemmeler ýatdan çykardylar.
Atlara atlandylar, gaýyklara mündüler we parohod buguny goýberip, ýörişe
pikirlendi, ýarym sagat geçip-geçmänkä uly ýol we dere bilen iki ýüz adam
gowaga tarap süýüp ugrady. Uzynly günläp şäher ynsjyz boşap galdy. Aýallar
Pollk daýza bilen missis Tetçere göwünlik bermek üçin, ýalaryka gakyp uçradylar.
Olar bile oturyp aglaşdylar. Ulular bolsa göwünlik berenden has gowy boldy.
Uzynly gijeläp şäher habara garaşdy. Emma welin daň agandan soň şeýle sargyt
gowuşdy. «Ýene-de şem we iýer-içer ýaly zat iberiň». Missis Tetçýor tas dällräpdi.

Polli daýzanyň haly harandy. Sudýa Tetçer gowzkdan ruhlandyryjy, göwünlik
beriji hatlar berýärdi, emma olar hiç kimi begendirmeýärdi.
Wallisli goja öýlerine daşdan gorkyp geldi. Okuň üstp-başy şem ýaglaryndan
ýaňa tegmil-tegmildi, palçykdy, gojanyň çala jany bardy. Gek heniz hem ýorganly
ýatyrdy, ony dükg ýatyrydylar, ol samraýardy we gyzgynyň derdinden iki ýapa
urukýardy. Doktorlaryň hemmesi gowakdady, şonuň üçin näsaga seretmäge dul
aýal Duglas geldi. Ol oňa elinden gelen kömegi berjegini aýtdy, sebäbi, ol her näçe
oňat, her näçe erbet oglan bolsa-da ýa-da ol bularyň hiç birisi bolmasa-da, ol her
niçikde bolsa taňrynyň bendesi, şonuň üçin hem onuň ýeke özüni taşlap gidip
bolmaz ahyry diýdik.
Ýary gije bolup-bolmanka horlanyň süllümbaý bolan adamlar şähere dökülip
ugradylar. Azda-köpde ysgyny bolanlar bolsa gözlegi dowam etdirdiler. Gowagyň
adam aýagy düşmedik iň çetki burçlarynyň barlananlygy, bir burçy-da bir
jaňynygy-da sypdyrman barlajakdyklary, başly-barat koridorlaryň kä ol ýerinde, kä
bu ýerlerinde yşygyň ýylpyldaýandygy we garaňky geçelgelerde ondan-mundan
galmagal We pistowet sesleriniň eşidilýänligi hakyndaky habarlar yzly-yzyna gelip
durdy. Olar adatça turistleriň baryny gören ýerlerinden uzakda bir ýerde gerşiň
ýüzünde garagurum bilen ýazylan: «Bekki we Tom» diýlen ýazga duşupdyrlar.
Aňyrrakda bolsa aňyn şem ýagy bolup duran lentajygy tapypdyrlar. Missks
Teztçer lentajygy tanap, göz ýaş döküp aglapdyr. Şeýle aýylganç ölüm bilen
ölmezinden öň, janly Bekkiniň ömrüniň ahyryna çenli baslan bu lektajygy ýaly eý
gören zadynyň bolmamlygyny, munuň biçäre gyzjagazdan galan iň soňky
ýadygärlikdigini ol gürrüň berdi. Käte gowagyň düýbünde ak nokadyň görnenligi,
20 adam dagy bolup begenişip şol geçelgelere tarap okdurylandyklary, emma
mundan soň olaryň laplarynyň keç bolandygy, sebäbi, şol ak nokadys öz
adamlaryndan biri bolup çykandygy barada käbirleri gürrüň berýärdiler.
Şeýdip üç gije-gündiz geçdi. Howatyrly we gam-gussaly sagatlaryň yzy
gelmeýärdi we ahyrsoňy bütin şäherjik umydyny üzüp, hemmeleriň eli sowaşdy.
Eger-de tötänden baknaçlylyk jemgyýetiniň traktirinde aşaklyk bilen arak satylýar
diýilse, bu waka her näçe geň bolsa-da şäherde hiç kimi haýran galdyrmaýardy.
Gyzdyrmadan soň gözüni aç, Gek gowşajyk sesi bilen traktir barada gürrüň açdy
we ge-piň gerdiişne göre, beterinden-beteri bolaýmasyn diýip gorkup, men
ýatyrkam Paýhaslylyk jemgyýetiniň traktirynden bir zat tapan-a dälsiňiz? — diýşip
sorady.
— Hawa tapdyk — diýip, dul aýal jogap berdi. Gek gözüni ýalpa açyp,
ýorgandan böküp turdy.

— Näme? Näme tapdylar?
— Arak tapdylar, indi bolsa traktiri ýapdylar ýat, ezizim, ýat, ýogsam meni
gorkuzýaň!
— Maňa diňe bir zady, diňe bir zady aýtsaňyzlan! Kim tapdy, Tom Sonsrmy?
Dul aýalyň gözüne ýaş aýlandy.
— Ýuwaş, ezizim, ýuwaş, saňa geplemek bolmaýanlygyny sen bilýärsiň ahyry!
Sen gatylsa ýatyrsyň ahyryn!
Hä, diýmek, arakdan başga hiç zat tapmandyrlar-da! Eger altyn tapaýan bolsalar,
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 12
  • Büleklär
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3942
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2073
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3979
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2048
    34.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3931
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3938
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2013
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3936
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2007
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3865
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3933
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1945
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1934
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3912
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3969
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1952
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3941
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2055
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3939
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1968
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3958
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 1122
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 720
    42.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    59.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.