Latin

Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 07

Süzlärneñ gomumi sanı 3933
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1945
33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
— Ýuwaş! Sabyr ediň. Kän lakgyldaşmaň — diýip, Tom seslendi.
Olar birnäçe minutlap garaşdylar, olar üçin şol garaşylan minutlaryň yzy
gelmeýän ýaly bolup göründi, soňra bu dymdyrslygy ýene-de güňleç gök
gürlemesi bozdy.
— Ýörüň, syn edeliň.

Olaryň üçüsi-de laňňa ýerlerinden galdylar we şäher görünýän ýere — kenara
aýak aldyklaryna ylgaşyp gitdiler. Olar suwuň ýüzündäki agaçjyklary
süýşürişdirip, derýa seredip başladylar. Kiçijik gämijik derýanyň ortasy bilen,
şäherden bir millik aşak tarapdan gidip barýardy. Giň paluba adamlardan ýaňa
hyryn-dykyndy. Gaýyklar parohodjygyň gapdaly bilen derýadan aşak tarapa gidip
barýardy. Emma oglanlar gaýykdaky adamlaryň näme işleýändiklerini uzakdan
saýgaryp bilmediler. Birden ullakan ak tüsse parohoddan arany açdy, tüsse ýokary
galyp, kem-kemden bulutjyklara bölünip dagap gidende — oglanlaryň gulagyna
ýene şol öňki güňleç ses eşidildi.
— Indi düşünýän — diýip, Tom gürledi. — Kimem bolsa biri suwa gark bolan
bolsa gerek.
— Dogry! — diýip, Gek tassyklady. — Öten ýyl Bill Terner gark bolanda-da
şeýtdiler. Gark bolan adam suwuň ýüzüne çykanda, suwuň ýüzünden top atýarlar.
Onsoňam bir tegelek çörek alyp, onuň içine simap salýarlar we suwa goýberýärler,
gark bolan adam nirde bolsa, çörek hem şol ýere ýüzüp barýar we şol ýeriň özünde
saklanýar.
— Hawa, muny men hem eşitdim — diýip, Jo aýtdy. — Men ýöne çöregiň näme
üçin durýanlygyny bilemok.
— Meniň pikirimçe, bu ýerde diňe çöregiň özi däl, eýsem dürli sözler-de hereket
edýärlermikä diýýän. Olar çöregi suwa atanlarynda bir zat-bir zatlar diýişdirýärler
— diýip, Tom gepledi.
— Gör-de duruber, hiç zat aýdýan däldirler. Hiç zat aýtmaýanlaryny hut özüm
gördüm ahyryn — diýip, Gek aýtdy.
— Aý, ýog-a, bu gaty geň bolýa-la, belki, içlerinden aýdýandyrlar? Elbetde,
içlerindendir-le. Özüňem aňarsyň-la! — diýip, Tom aýtdy.
Beýlekiler aýdylýandyrla diýip, Tom bilen razylaşdylar. Beýle möhüm işi edýärkä
bir bölek dilsiz-agyzsyz çörek, bir zat okalmasa, beýle oýlanyşykly hereket edip
bilmez diýip, Tom dogry aýdýar.
— Wah, eý görmüş, meniň hem o tarapyna geçesim gelýär — diýip, Tom
seslendi.
— Meniň hem — diýip, Gek alyp göterdi. — Kimiň gark bolanyny bilmek üçin,
men dünýe malyndan geçerdim.

Oglanlar şol diňläp duruşlaryna seredýärdiler. Birden Tomuň ýadyna düşdi.
— Oglanlar, kimiň gark bolanyny men bilýän: olar biz!
Bir salymlap olar özlerini gahryman saýdylar. Ynha, bu hakyky dabara boldy:
olary gözleýärler, olary gaýgy edýärler, olaryň üstünde ölüşýärler, göz ýaş
dökýärler; ýitip, ýok bolup giden neresse çagajyklara nähak azar beripdiris diýşip
örän ökünýärler, puşman edýärler, öz-özlerinden utanýarlar; iň gowy tarapy
şäherde diňe gark bolanlar barada gürrüň edilýänligi, ähli oglanlaryň olara, ýagny
olaryň haýran galdyryjy şöhratyna höwes edişleri. Oňat zada oňat diýmeli. Şundan
soň garakçy bolsaň, bolanyňa degýärem.
Iňrik garalyp ugrandan parahodjyk ýene-de bir kenardan beýleki kenara gatnap
ugrady, gaýyklaram zym-zyýat boldy. Garakçylar lagerlerine gaýdyp geldiler.
Olary men-menlik alarladyp başlady, olar özleriniň täze at-abraýlaryna, ähli şähere
iş bolanlyklaryna guwanýardylar. Olar balyk tutýardylar, agşam şamlyk
taýynlaýardylar, iýip-içýärdiler we soňra özleri barada şäherde näme gürrüň
edilýänligini çak edip biljek bolýardylar; bu ýerden olara ählumumy hesrete syn
etmek örän hezil görünýärdi. Emma garaňky gatlyşan dessine olar gürrüňlerini
kem-kemden kesip başladylar we oda çüýjerilip geplemän otyrdylar, pikirleri bolsa
allowarralarda gezip ýördi. Tolgunma ýatyşdy, Jo bilen Tom öz garyndaşlaryny, bu
oýunlar barada olara o ýerde pikir etmek bu ýerde pikir eden ýaly şatlykly
däldigini ýatlaryna salyp başladylar, biderek aňşyrmalar peýda boldy; oglanlar
ruhdan düşdüler, howsala düşüp başladylar we bildirmänräk bir-iki gezek uludan
demlerini aldylar. Teý ahyry Jo göwnüni bire baglap, şu wagt bolmasa-da bir wagt
öýlerine gaýtmak barada beýlekiler näme pikir edýärkäler diýdi…
Tom onuň üstünden rehimsiz güldi. Entek hiç aýyp iş etmedik Gek Toma
goşuldy, dönük şol ýeriň özünde özüni aklap başlady we diňe ýaýdanjaň we öý
barada
ýüregi gysýar diýdirip beladan aňsatja gutulanyna diýseň begenýärdi. Topalaň
wagtlaýynça ýatyryldy.
Garaňky bir kemsiz düşende Gek irkilip-irkilip gitdi we basym hor çekip ugrady.
Onuň yz ýany bilen Jo hem uklady. Birnäçe wagtlap Tom tirsegine söýenip,
bularyň ikisine-de taýly gezek seredip, sarsman ýatdy. Soňra ol ýuwaşlyk bilen
çöküne düşdi we ýöriş kostýorynyň odunyň ýylpyldan ýeri bolan otlugyň içini
dörüp başlady. Ol çynaryň turbajyga oralan ullakan ak gabyklaryny galdyryp
ýekeýekeden syn edip başlady we iň gowularynyň iki sanysyny saýlady. Ol oduň

öňünde dyzyna çöküp, gabygyň iki böleginiň hem ýüzünden zor bilen bir zat
çyzdy, olaryň bir bölegini ýene turbajygyň içine salyp, jübüsine dykdy, beýlekisini
bolsa, Jonuň kellesindäki telpegine atdy. Mundan başga-da, ol her bir okuwçynyň
ýanynda-da biderek görünýän hazynyny, şol sanda bir bölek heki, rezin pökgini, üç
sany balyk tutulýan çeňňegi, “hakyky hrustal” diýlip at berilýän şarjagazlaryň
birini hem şu telpege atdy. Şondan soň ol tä arany açýança, ädim sesleri ýatyp
galýança, daraklygyna basyp, ýuwaş-ýuwaşdan agaçlaryň üstüne çykdy we suwuň
ýalpak ýerine tarap ylgap gitdi.
XV bap
TOM ÖZLERINIŇKILERIŇ HALYNDAN
HABAR ALMAGA GELÝÄR
Birnäçe minut geçip-geçmänkä Tom Illinoýs kenaryna geçmek üçin, suwuň
pessejik ýerinden ýöräp barýardy. Suw onuň guşaklygyna ýetýänçä ol ýoluň gylla
ýaryndan hem gowragyny geçipdi. Güýçli akym indi suwuň saýa ýerinden
ýöremäge mümkinçilik bermänsoň, ol galanja ýüz ýardy alaryn tamasy bilen
ynamly ýüzmäge başlady. Ol ýanynlap, akymyň garşysyna ýüzýärdi, emma suw
ony çak edişinden hem beter yza tesdirýärdi. Her hal bolsa-da, ol ahyrsoňy kenara
ýetdi, amatlyrak ýer tapyp, suwuň daşyna çykdy. Elini penjeginiň jübüsine sokup,
gabygyň bir böleginiň sagaman galanlygyna gözüni ýetirdi we kenaryň boýuny
syryp tokaý bilen ýöräp ugrady. Suw şirläp akýardy. Tokaýdan açyk ýere
çykanynda heniz sagat on hem bolmandy, ol şäherjigiň edil garşysynda, beýik
kenaryň aşagynda, agaçlaryň kölegesinde parohodjygyň duranlygyny gördi.
Ýylpyldap duran ýyldyzlaryň aşagyndaky ähli zat parahat otyrdy. Ol daştöweregini
synlap, kertden düşüp ugrady, suwa girdi, parohodjygyň ýanyna ýüzüp geldi,
parohodyň yz tarapynda duran kiçijik gaýyga dyrmaşyp mündi we lawkanyň
aşagyna girip garaşyp başlady.
Basym çat açan jaýyň sesi çykdy we kimdir biri ýüzüp ugramaklyga komanda
berdi. Bir-iki minutdan gaýyjagyň burny parohodjygyň turzan tolkunynyň ýüzünde
gaýdy we syýahat başlandy. Tom bolsa özüniňkiniň şowuna düşenine begenýärdi,
sebäbi, ol bu gezegiň parohodjygyň iň soňky reýsidigini bilýärdi. Uzaga çeken on
iki ýa-da on bäş minut hem geçdi, tigirler durdy we Tom bortdan böküp,

garaňkylygyň içi bilen kenara ýüzüp başlady. Ol ýolagçylara duş gelmez ýaly,
suwdan parohodjygyň elli ädimlik beýle ýanyna çykdy.
Tom adamsyz köçe bilen eňip gitdi we basym Polli daýzanyň ýeňsä tarap garap
duran haýatynyň öňünde peýda boldy. Ol haýatdan dyrmaşyp geçip, gapdaldan
salnan jaýyň ýanyna bardy we daýzasynyň yşyk çykyp duran äpişgesine seretdi. Ol
ýerde Polli daýza, Sid, Meri we Jo Garperiň ejesi dagy gürleşip otyrdylar. Olar
krowatyň ýanynda otyrdylar, krowat bolsa olar bilen gapynyň aralygyndady. Tom
assyrynlyk bilen gapynyň ýanyna geldi we kildi ýuwaşja galdyryp ugrady, soňra
ony aşak goýberdi, gapy çalarak açyldy; ol gapyny yzly-yzyna itiberdi we her
gezek jygyldanda ini dyglap gitdi, teý ahyr gapy ol emedekläp girer ýaly giňlikde
açyldy; şonda ol şol aradan kellesini sokup ýuwaşlyk bilen süýşüp ugrady.
— Bu näme üçin, çyra şemal düşýär-le? — diýip, Polli daýza gepledi (Tom
çaltçalt süýşdi). — Işik dagy açylan bolmasyn. Hawa, şeýle-dä. Bizde bolýan
zatlary ýöne hudaý bilsin! Bar, Sid, gapyny ýap.
Tom tüýs wagtynda krowatyň aşagyna sümüldi. Ol bir salymlap demini alman
diýen ýaly ýatdy, soň bolsa süýşüp, Polli daýzanyň aýagynyň golaýyna geldi.
— Meniň ýaňky aýdyşym ýaly, onuň erbet tarapy ýokdy. Diňe garagoldy.
Onsoňam bilseňiz kellesi ýeňilräkdi, aljyraňňyrakdy. Ondan haýyş edip oturasyda
iş ýokdy, taýçanakdan haýyş eden ýalydy. Onuň adama ýamanlygy ýokdy, gyzyla
barabar ýüregi bardy… — şeý diýdi-de, Polli daýza aglamaga durdy.
— Ynha, meniň Jonum hem şoň ýaly: hemişe bir zat edişdirýändir, bar
bilenibiteni-de garagolluk, ýöne welin oňatdy, mylakatlydy. Men guraýyn:
aldymda, şol garalylaryň üstünde ýenjäýdim, iň beteri-de, huşumdan uçsa nätjek,
men olary zaýalanansoň özüm zyňypdym ahyryn. Indi men ol neresse çagajygymy
gaýdyp hiç haçan, hiç haçan görmerin — diýdi-de, Garper hanym hem ýüregi
agzyndan çykyp barýan ýaly bolup aglady.
— Meniň pikirimçe, Tom üçin häzirki ýeri has oňatmyka diýýärin — diýip, Sid
gürrüňe goşuldy — her niçigem bolsa, ol özüni azrak oňat alyp baran bolsa…
— Sid! (Tom germese-de, Polli daýzasynyň gözüniň gazaply ýanýandygyny
syzdy.) Sem bol-da, Tom bilen işiň bolmasyn. Sebäbi, indi ol bu ýagty jahanda ýok
ahyryn. Ol häzir allanyň huzyrynda, şonuň üçinem, jigijik, biderek
ynjalyksyzlanýarsyňyz! Wah, Garper hanym, muňa nähili çydam etjegimi bilýän

däldirin! Hiç bilýän däldirin! Sebäbi, men garrynyň gaharyny getirse-de, ol meniň
bar mydarymdy…
— Allanyň özi berdi, özi-de aldy. Onuň edenine şükür diýäýmeli! Ýöne weli agyr
degýär. Wah, agyr degýä-le! Geçen ýekşenbe güni meniň Jonum pistonyny edil
alkymymyň aşagynda tarkyldatsa nätjek, men bolsa onuň dulugyna şapbat bilen
urup goýberdim, neressejigim ýere ýazyldy ýatyberdi. Beýle basym nemeder
öýdüp kimiň kellesine gelýär… Eger ol muny indi etsedi, men ony
gujaklapgujaklap ogşardym.
— Hawa-la, size düşünýän-le, Garper hanym, düşünýän-le! Hut düýn günortanlar
meniň Tomum alypdyr-da, pişige derman içiripdir — turdy bir topalaň, men-ä
pişik öýüň içindäki ähli zatlary döwük-ýenjik eder öýtdüm. Men hem aldymda,
günämi geçewer, alla! Oýmagym bilen Tomuň kellesine uraýypdyryn.
Neressejigim! Indi ol gaýdyp geljek gümany ýok! Ýöne welin indi onuň beren
azaplary gutardy. Ondan iň soňky eşidenim gyjalat…
Ýöne Polli daýza bu ýatlama döz gelip bilmedi we gözlerinden boýur-boýur ýaş
akdyrdy. Tomuň özi-de indi hamsygyp başlady, özi-de başga kişä däl-de, öz-özüne
nebsi agyryp hamsykdy. Ol Tom barada oňat bir zat aýtmak üçin, käte gürrüňe
goşulýan Meriniň aglaýandygyny gördi. Indi onuň özi-de özi barada uly pikirdedi.
Emma her niçik-de bolsa, Polli daýzanyň çekýän gussasy onuň ýüregini şeýle bir
paralady welin, ol krowatyň aşagyndan çykagetdin onuň amanyny-zamanyny
bermän boýnuna bökesi geldi; emma ýüregi näçe böküp dursa-da. Tom muňa
berilmedi we sarsman ýatdy.
Gürrüňiň yzyna gulak salmak bilen, Tom ondan ilkibada oglanlary suwa düşüp
ýörkä gark bolandyr öýdendiklerini, soňra kiçijik sal tapandyklaryny
eşidenliklerini bildi; mundan soň ýiten oglanlar gürrüňiň arasynda öz ýoldaşlaryna
basym biz barada ähli şäher biler diýenmişler. Şonda akylly adamlar pikir edip, aý,
oglanlar sal bilen ýüzüp gidendirler we basym derýanyň aýagyndaky ýakyn
şäherleriň birinden çykarlar diýen netijä gelipdirler. Emma günortanlar saly
Missuriýsk kenarynyň ýanyndan, şäherjikden bäş ýa alty millik aşakdan
tapypdyrlar, onsoň bar umytlar puç bolupdyr. Diýmek, olar gark bolandyr, bolmasa
olary açlyk agşama galman getirerdi diýipdirler. Olar oglanlar derýanyň ortasynda
gark bolandyr, tapylmaýanlyklaram şonuň üçindir öýdüpdirler. Ýogsam olara
kenara ýetmek kyn düşmezdi, sebäbi, olar oňat ýüzüp barýar ekenler ahyryn. Bu
çarşenbe agşamsy bolupdyr. Eger maslyklary ýekşenbä çenli tapylmasa, ähli
tamany üzüp, ýekşenbe güni ir bilen patasyny alybermeli diýen netijä gelipdirler,
Tom titräp gitdi.

Garper hanym hamsygyp ähli oturanlara gijeleriniň haýyrly bolmagyny diledi we
gitmekçi boldy. Bir arzuw bilen dem alýan, ýetim galan bu iki aýal gujaklaşdy we
aglama keýpinden çykyp aýrylyşdylar.
Polli daýza Siddir Merini ýatyrjak bolanda öňkülere garaňda has mylakatlydy. Sid
ýuwaşja sümügini çekýärdi. Meri bolsa çyny bilen möňnürip aglaýardy. Soňra
Polli daýza dyzyna çökdi we Tom diýip şeýle bir ýürek gyýyjy, şeýle bir mähirli,
şeýle bir sandyrawuk sesini edip, çäksiz söýgi bilen doga okamaga durdy we şeýle
bir sözler tapdy welin, Tom krowatyň aşagynda daýzasynyň dogasyny diňläp ýatan
ýerinden göz ýaş edip aglady.
Polli daýza ýerine girip ýatandan soň hem Tom esli wagtlap gozganman ýatmaly
boldy, sebäbi, daýzasy zol agdarynýardy, mahal-mahal gaýgyly bir zatlary
hümürdeýärdi we uludan demini alýardy, bir o ýana, bir bu ýana ynjalyksyz
urunýardy. Ahyrsoňy ol ýuwaşady we diňe ukynyň arasynda samrady. Şonda oglan
krowatyň aşagyndan çykdy we eli bilen ýanyp duran şemi gabsalap, ýatan
daýzasyna syn etdi. Daýzasyna onuň ýüregi näçe diýseň awaýardy. Ol jübüsinden
bir bölek gabyk aldy-da, ony şemiň ýanynda goýdy, emma birden onuň kellesine
bir täze pikir geldi we ol içini gepledip sägindi. Onuň ýüzi açyldy we görnüşi ýaly,
öz ýanyndan bir zatlar-bir zatlar tapyp, gabygy yzyna, jübüsine saldy. Soňra egildi,
ýygyrt-ýygyrt bolup giden dodaklary ogşady we bir minutjykda säginmän
daraklygyna basyp, kildi ýerine ötürip, otagdan çykyp gitdi.
Ol yzyna geçelgä tarap tutduryp ugrady, şo wagt ol ýerde janly-jemende ýokdy,
şonuň üçin o ýerde garawuldan başga hiç kimiň ýoklugyna, bolaýanda-da onuň
rubka gidýänligine ýa öli ýaly bolup ýatýanlygyna göz ýetirip, parohodjygyň
bortuna batyrgaý çykdy. Ol gäminiň yz tarapyndan gaýyjagy boşatdy-da, oňa
mündi we suwuň akýan ugrunyň tersine seresaply ýüzüp başlady. Şäherden
birneme ýokarrakda ol bar güýjüni edip garşydaky kenara tarap ýüzüp ugrady. Ol
edil pristanyň üstünden düşdi, sebäbi, bu onuň ýanynda endik edilen işdi. Tom
gaýyjagy basyp alasy geldi, sebäbi, ony gämi diýip, diýmek, garakçylaryň kanuny
oljasy diýip hasap etmek boljakdy, emma ol gäminiň ähli ýerde gözlegine
çykyljakdygyny, şonda garakçylara duş geläýmekleriniň hem mümkindigini ol
bilýärdi. Kenara çykandan soň, ol tokaýa girip gitdi. Ol ýerde ol otuň üstüne çökdi
we uka döz geljek bolup esli dynjyny aldy, soňra bolsa garakçylaryň lagerine
ugrady. Gije geçip barýardy. Ýalpak ýere ýetmänkä, eýýäm daň agardy. Gün
ýokary galyp özüniň altyn şöhleleri bilen derýany birgeňsi bezeýänçä ol dynjyny
aldy we diňe şondan soň suwdan çykdy. Bir azrak wagtdan soň, ol lageriň
serhetinde süllümbaý bolup durdy we Jonuň Geke:

— Ol gaçmaz. Ýok, Tom, aldamaz, ol hökman geler, Gek. Munuň garakçy üçin
masgaraçylykdygyna ol düşünýär ahyryn, iň bolmanda ol özüniň guwanjy üçin-de
o ýerde galmaz. Ol hökman bir zada başyny goşandyr. Onuň näme pikir
edýänligini bilsediň — diýip duranlygyny eşitdi.
— Ýeri, bolýar-da, iň bolmanda indi zatlara özümiziňki bolar-da?
— Şeýleräk, ýöne onçakly hem däl, Gek. Ýazgyda Tom ertirlik naharyna gaýdyp
gelmese, onda zatlar biziňki bolýar diýlip ýazylypdyr.
— Ol bolsa gaýdyp geldi! — diýip, Tom gygyrdy we bu sahnajygy birkemsiz
oýnap, dabaraly suratda lagere gadam urdy.
Basym oňat ertirlik — döş bilen balyk berildi we oglanlar iýmäge başlan dessine
Tom öz başdan geçirenlerini diýseň owadanlap gürrüň bermäge oturdy. Muny
diňläp, oglanlarda tumşujaklaryny galdyryşyp, näme bolsaň şol bol diýşip
öwünmäge başladylar. Şundan soň Tom özüne saýaly burç gözläp tapdy-da, ol
ýerde tä günortana çenli ýatdy, beýleki garakçylar bolsa balyk tutmaga, adany
barlamaga gitdiler.
XVI bap
GARAKÇYLARYŇ LAGERINDE
Günorta naharyndan soň, toparlary bilen ýalpak ýere, pyşdyl ýumurtgasyny
çöplemäge gitdiler. Oglanlar ýalpak ýerden, taýajyklaryny çägä sümdürişip
barýardylar, ýumşagrak ýer çyksa dyzlaryna çöküp, çägäni elleri bilen dörüp
görýärdiler. Käte olar bir çukurdan elliläp, altmyşlap ýumurtga tapýardylar.
Ýumurtgalar togalakdylar, akjadylar, hozdan sähelçe kiçidiler. Şol agşam oglanlar
dabaraly toý tutdular, doýýançalar ýumurtga iýdiler, anna guni ir bilen hem
şeýtdiler.
Ertirlik nahar edinip bolanlaryndan soň, olar ýalpak ýer bilen bir öňe, bir yza
ylgaşdylar. Bir-birlerini kowalaşyp, tä ýalaňaç galýançalar ylgap baryşlaryna
eşiklerini çykaryp zyňdylar, soňra suwuň saý ýeri bilen esli ýere ylgap gitdiler.

Suwuň çasly akymy olary zol-zol entrekledýärdi, emma muňa olaryň göhleri
gelýärdi. Olar kä eglişip, bir-birlerine şallak atyşýardylar, şonda dem alar ýaly
ýüzlerini kese sowýardylar, kä bolsa göreşip başlaýardylar we tä ýeňen oglan
beýleki oglanlaryň kellesini suwa sokýança ýakalaşýardylar, birden hem hemmesi
ak ellerini we aýaklaryny güne ýaldyradyp çümüp gidýärdiler. Soňra bolsa
pyşgyryşyp, tüýkürinişip, gülşüp, demigişip, suwuň ýüzüne çykýardylar.
Ylgaşlamadan ýaňa halys ysgynlary gaçyp, olar kenara çykdylar, gurak ot ýaly
çägäniň üstünde süýndüler we oňa gömüldiler, soňra bolsa ýene suwa tarap
ylgaşyp gitdiler. Ýaňky oýunlaryň baryny täzeden başladylar, birden olaryň
kellelerine öz hamymyz hem ten reňkli trikonyň ornuny tutarla diýen pikir geldi,
olar çägäniň üstünde arenanyň suratyny çekdiler we sirk gurdular, özi-de üç
klounly sirk, sebäbi, bu hormatly wezipäni hiç kimiň elden sypdyrasy gelmedi.
Soňra olar şarjagazlar tapyp, olary oýnap başladylar, tä oýnamak ýürege düşýänçä
oýnadylar. Şondan soň Jo bilen Gek ýene-de suwa düşmäge gitdi, Tomuň bolsa
gidesi gelmedi, sebäbi, balagyny çykaryp taşlasa, çekreýän ýylanyň aýagyna
daňlan halkany hem zyňdygy bolýar diýip hasaplady: bu keramatly dogasyz özüni
şu çaka çenli ysytma tutmandygyna ol durup-durup haýran galýardy. Ol halkany
täzeden tapýança suwa düşmäge ýürek etmedi, onýança bolsa Jo bilen Gek ýadap,
dynç almaga çykdylar. Olar bir azrak eýläk-beýläk gezmelediler, gaýga batdylar
we kiçijik şäherjigiň güneşde irkilip ýatan ýerine — giň derýanyň aňyrsyna
ýürekleri gysyp seretdiler. Tom birden aýagynyň başam barmagy bilen çägäniň
ýüzünde “Bekki” diýip ýazyp oturanyny ýadyna saldy; ýazylany süpürdi we beýle
gowşaklygy üçin öz-özüne kejikdi. Emma ol çydap bilmedi we ýene-de şony
ýazdy. Soňra ýene aýagy bilen ol sözi pozup, beýleki garakçylary-da ýygnamak
üçin bu ýerden arany açdy.
Emma Jo düýpden ruhdan düşüpdi we onuň keýpini açmaklyk häzir mümkin däl
diýen ýalydy. Onuň öýleri ýadyna düşüp şeýle bir ýüregi gysýardy welin, gussadan
ýaňa nirä girjegini bilmeýärdi. Göz ýaşlar dyňzap, geljek-geljek bolup durdy. Gekiň
boýny burukdy. Tomuň hem içini it ýyrtýardy, emma muny bildirmejek bolup, ol
elinde baryny edýärdi. Onuň entek gürrüň beresi gelmeýän bir syry bardy; emma
weli bu şum ýürekgysma aýrylmasa, onda bu syry açmaly boljakdy. Ol, mümkin
boldugyça, şadyýan kişi bolan bolup:
— Ýogsa-da, bu adada bizden öň hem garakçylar ýaşan bolsa gerek! Biz ony
ýene-de barlarys, bu ýerde bir ýerde hum gömlüp goýlan bolmagy mümkin. Siziň
altyndan we kümüşden püre-pür bolup duran posly sandyk gazyp alasyňyz
gelýärmi? Ä? — diýdi.

Emma bu diňe gowşajyk ýyrşarma döretdi, o-da netijesiz ýitip gitdi. Tom ýene-de
käbir zatlary ulanyp gördi, olar-da netije bermedi, bu biderek azara galmakdy. Jo
taýagy bilen gum dörüp örän tutuk otyrdy. Ahyrsoňy ol:
— Bulary taşlamarysmy indi? Meniň-ä öýe gaýdasym gelýär! Bu ýer örän ýürek
gysgynç! — diýdi.
— Aý ýok, Jo, häzir bolmasa-da, soňrak hezil bolar, sen ýene pikir edip gör, bu
ýeriň balygy dagysy nähili köp! — diýip, Tom aýtdy.
— Meniň balyk tutasym gelenok. Meniň öýe gidesim gelýär.
— Suwa düşer ýaly beýle suwy sen hiç ýerden tapmarsyň.
— Suwy nädeýin! Hiç kim gadagan etmese, suwa düşeniň hem gyzygy ýok. Ýok,
meniň öýe gidesim gelýär.
— Süzüber! Agzyndan süýt ysy gitmedik çaga! Ejeň ýanyna gidesiň geldimi?
— Hawa, ejemiň ýanyna gidesim geldi. Seniň hem ejeň ýanyna gidesiň gelerdi,
emma seniň ejeň ýok. Onsoň hem men agzyndan süýt ysy gitmedik çaga däl,
senden kem ýerim ýok — diýip, Jo burnuny çekdi.
— Ýeri bolýar-da, geliň, bu izzigi öýlerine, ejesiniň ýanyna goýbereliň — şeýle
dälmi, Gek? Neressejigiň ejesini göresi gelenmiş! Keýpi kellesinde, gidibersin.
Saňa-ha bu ýer ýaraýandyr, Gek! Ikimiz-ä bu ýerde galarys?
Gek “Hä-ä-ä” diýdi, emma muny keýpli aýtmady.
— Mundan beýläk men seniň bilen gepleşjek hem däl. Ynha, bolany — diýip, Jo
çogäniň üstünden galyp aýtdy.
Ol ýüzüni sallap, olardan çete çykdy we geýnip başlady.
— Bolduň meň başyma hondan bärsi! — diýip, Tom hüňürdedi. — Seniň bilen
ýaňkalaşyp oturmaga elimiz degenok! Gidiber gitseň, goý, üstüňden birneme
gülsünler. Seniň garakçy bolaýşyňy! Ýok, biziň Gek ikimiz sen ýaly izzik däl.

Ikimiz galarys dälmi, Gek? Gidesi gelýän bolsa, goý, gidibersin. Onsuz hem bir
zady bolar.
Emma welin Tom ynjalykdan gaçdy. Geýimlerini geýnen-de Jonuň ýüzüniň juda
tutukdygyny görüp, ol aljyrady munuň üstesine-de Gekiň Jonuň geýimlerini
geýnişine sesini çykarman seredip durşy-da janyna ýaramady. Bir minutdan soň Jo
hoşlaşman-zat etmän Illinoýs kenaryna tutduryp ugrady. Tomuň ýüregi awady. Ol
Gekiň ýüzüne seretdi. Ol bolsa onuň nazaryna döz gelmän, ýüzüni beýläk sowdy.
Soňra bolsa:
— Meniň hem öýe gidesim gelýär, Tom. Bu ýer örän ýürekgysgynç ýer, indi-hä
has hem erbet bolar. Gel, bizem gaýdaly-la — diýdi.
— Gaýtjak däl! Gidesiňiz gelse, hemmäň gidiberiň! Men galýan!
— Tom, iň gowusy, men gideýin!
— Gidiber. Kim seni saklaýar?
Gek çägäniň üstünde çaşyşyp ýatan köýneklerini ýygnaşdyrdy we:
— Tom, senem biziň bilen gitseň oňat bolardy. Göwnüňe geňeş. Biz saňa o
kenarda garaşarys — diýdi.
— Irýänçäňiz garaşyň oturyň.
Gek ýüzüni sallap ýola düşdi, Tom bolsa bar zady jähennemä urup gidibersem
diýip, onuň yzyndan seredip durdy. Ol oglanlar aýak çekerler öýtdi, emma olar
suwuň saý ýeri bilen şol ýöräp gidişlerine gitdiler. Olarsyz nähili kyn boljakdygyny
Tom derrew aňdy. Ýöne az salymdan onuň ýeli gaçdy we:
— Duruň! Men size bir zat aýtjak! — diýip gygyryp, dostlarynyň yzyndan eňdi.
Olar şo bada aýak çekdiler we Toma tarap bardylar. Olaryň ýanyna ylgap baryp,
ol dessine öz syryny gürrüň berip başlady, olar bolsa nämäň nämedigine
düşünýänçäler ýüzlerini çytyp diňläp durdular, düşünensoňlar bolsa, olar “Bä,
oňarypsyň”, öňden aýdan bolsaň asyl gaýtmazdyk diýip, begenişip gygyryşdylar.

Tom bir bahana bilen özüni aklady, ýogsa welin bu syrymam bulary uzak
saklamaz diýip, muny aýtmakdan çekinip ýördi we ony ätiýaç üçin aýdypdy.
Olar ada şadyýan gaýdyp geldiler we Tomuň oýlap tapan täsin zady barada
jagylda-jugul bolşup, onuň muny tapyşyna haýran galyşyp ýene-de oýnap
başladylar. Heýgenek bilen balykdan edilen oňat nahardan soň, Tom indi çilimem
öwrenäýmeli eken diýdi. Jona hem bu pikir ýarady we meniň hem sorup göresim
gelýär diýdi. Gek olara şybyk edip berip, içini temmäkiden doldurdy. Öwrenjeleriň
ikiside şoňa çenli diliňi gijedýän üzüm ýapragyndan başga hiç zat çekip
görmändiler, olam bolsa hakyky çilim çekildigi däldi.
Olar tirseklerine söýenip, gyşardylar we örän seresaplylyk we ätiýaçlylyk bilen
şybygy sorup başladylar. Tüsse ýakymsyz tagamlydy we bokurdagyňa
ýelmeşýärdi, emma Tom:
— Bu örän aňsat ogşuýan! Eger munuň beýle aňsatdygyny bilen bolsam, bir
eýýäm öwrenerdim — diýdi.
— Men hem — diýip, Jo tassyklady — kyn zady ýok ekeni.
— Başga adamlaryň çilim çekýändigini näçe gezekler gördüm, men şonda “menem
çekäýsem” diýdim. Ýöne oňarmazmykam öýtdüm — diýip, Tom dillendi.
— Menem edil seniň ýaly. Şeýle dälmi, Gek? Men saňa bu barada näçe gezekler
aýtdym, sen eşitdiň ahyryn, Gek? Ynha, aýdanymy-aýtmanymy Gek aýdaýsyn.
— Hawa-la, onda-da birnäçe gezek — diýip, Gek tassyklady.
— Menem şeýle — diýip, Tom söze başlady, — müň gezek dagy aýdandyryn. Bir
gezeg-ä gassaphananyň ýanynda aýtdym. Ýadyňa düşýärmi, Gek? Şol wagt
ýanymyzda Bob Tenner, Jonni Miller we Jef Tetçer dagy hem bardy. Meniň şol
gezek aýdanym seniň ýadyňda bar ahyryn, Gek?
— Ýogsam näme — diýip, Gek jogap berdi. — Bu meniň akja şarymy ýitiren
günümdi. Ýok, ol gün däl how, onun öň ýanyndaky gündi.
— Aha, men saňa aýtmadymmy! — diýip, Tom aýtdy. Ynha, Gekiň hem ýadyna
düşýär eken.
— Men uzynly günläp çilim çekip biläýjek ýaly, birjigem ýüregim bulananok —
diýip, Jo aýtdy.

— Meniň ýüregim hem bulananok — diýip, Tom aýtdy. — Men uzynly günläp
çilim çekip bilerdim. Emma, ynha, Jef Tetçer, ähtimal, muny oňarmazdy.
— Jef Tetçermi! Wah, ol iki gezek sordugy ýykylar-la. Goý, bir gezek synanyşyp
göräýsin. Başarmaz!
— Elbetde! Jonni Miller hem başarmaz, onuň çekişini bir görseňdiň.
— Başarmaz! — diýip, Jo gygyrdy. — Seniň Jonni Milleriň nämäň alnyndan? Ol
bir gezek sordugy entirekläp gider.
— Ýogsam näme, entirekläp giderle. Şu wagt bir bizi oglanlar görsediler.
— Menem şony diýýän-dä.
— Näme diýseňizläň, dostlar, biz hiç kime hiç zat aýtmarys, olaryň hemmesi
ýygnanarlar welin, men seniň ýanyňa gelip: “Jo, şybyg-a ýanyňdadyr? Çilim
çekesimiz gelip gidipdir” diýerin. Sen bolsa perwaýyňa-da däl ýaly bolup: “Hawa,
köne şybygym-a bar, zapasy hem bar, ýöne temmäkiniň ugry ýok” diýip jogap
berersiň. Men “Aý, onuň aýyby ýok, ýöne güýçlüsi bolsa bor” diýerin, sen bolsaň
iki şybygy-da jübiňden çykararsyň we biz hiç zatdan habarsyz ýaly bolan bolup,
çilim çekeris. Şonda olar aňk bolaýsalar gerek!
— Hudaý ursun, bu oňat bolardy. Ýöne, haýp olar häzir bizi görenoklar-da.
— Ýogsam haýp bolmazmy! Çilim çekmäni garakçy bolanymyzda öwrendik
diýsek dagy, olar biz bilen gaýtmanlaryna ökünip, yzyndan ýetip bilmezler.
— Elbetde, ökünerler! Özem ýöne-möne-de ökünmezler.
Gürrüň dowam etdi. Emma basym ol ýuwaşap, üzlem-saplam bolup başlady.
Arasy uzady, çilimkeşler ýygy-ýygydan tüýkürinişip başladylar. Owurtlarynda
fontan döräp, dilleriniň aşagyny sil alan ýalydy; tüýkürip ýetişseň, gelip ýetişýärdi,
oglanlar näçe jan etseler-de, tüýkülik bokurdaklaryna dolup, ýürekleri bulanyp
ugrady. Oglanlaryň ikiside ak esgi ýaly boldular, olaryň ýüzlerine sereder dagy
eder ýaly bolmady. Şybyk Jo Garperiň barmaklarynyň arasyndan sypyp gaçdy.
Tomuňky hem şeýle boldy. Fontanlaryň ikiside aýak aldygyna işleýärdi, nasoslar
çykaryp ýetişip bilmeýärdiler. Jo gowşajyk ses bilen:

— Men çakgymy ýitirdim. Gidip gözlesemmikäm…— diýdi.
Tom sakawlap, dodaklaryny sandyradyp, zordan:
— Men saňa kömekleşäýerin. Sen, halha, şol tarapa git, men bolsa çeşmäniň
ýanyndan gözläýin. Ýok, sen biziň bilen gitme, Gek, biz sensiz hem taparys —
diýdi.
Gek ýene-de aşak oturdy we bir sagat dagy garaşdy. Soňra ýüregi gysdy-da,
dostlaryny gözlemäge gitdi. Ol olary tokaýyň içinde bir-birlerinden örän uzakda
tapdy. Olaryň ikiside ýüzlerini ak tam ýaly edişip, süýji uklap ýatyr ekenler. Emma
ol olara bir zat bolaýan hem bolsa, indi gutulandyrlar diýip oýlady.
Şol agşam agşam şamlygyny edinip otyrkalar, olar kän geplemediler. Olar
düýpden ýuwaşapdyrlar, agşam naharyndan soň, Gek öz şybygyny temmäkiden
dolduryp, olaryňka-da saljak bolanda, olaryň ikisi iki ýerden gerek däl, ugrumyz
ýok, belki günortanky nahardan artykmaç iýendiris, şondandyr diýişdiler. Ýarym
gijeler Jo oýandy we beýlekileri-de turuzdy. Howada ýürekgysgynç agyrlyk
duýulýardy; onda oňlulygyň alamaty ýokdy. Dymyklykdan ýaňa demiňi alyp
bolmaýan bolsa-da, oglanlar myhmansöýer oda tarap barha ileri süýşýärdiler. Olar
seslerini-üýnlerini çykarman, garaşyp otyrdylar. Elhenç ümsümlik bolsa şol uzaga
çekip gidip otyrdy. Oduň ýagtyldyp bilmeýän ähli zadyny tüm garaňkylyk gaplap
alypdy. Birden titrewük ýylpyldy göz açyp-ýumasy salymda ýapraklary ýagtyldyp
öçüp gitdi. Onuň yz ýanyndan başga bir, birneme ýitiräk ýylpyldy peýda boldy.
Soň ýene-de biri çykdy. Soňra agaçlaryň depesi bir tüýsli uludan demini alyp
iňňildän ýaly boldy. Oglanlaryň duluklaryna biriniň demi düşen ýaly boldy we bu
gije ruhunyň demidir — diýip, oýlanyp titräp gitdiler. Ähli zat suw sepilen ýaly
boldy. Birden üýtgeşik bir ýiti ýylpyldy gijäni gündize öwürdi, hatda olaryň
aýaklarynyň astyndaky iň bir kiçijik otlar-da göründi, oglanlaryň ýüzleri gorkudan
ýaňa duw-ak bolup ýagtyldy. Gök gübürdäp, gümmürdi bütin asmanyň ýüzüne,
ýokardan aşaga çenli ýaýrady we uzakda bir ýerde ýitip gitdi. Sowuk howanyň
akymy oglanlaryň ýüzüni ýalady, ýapraklary titiretdi we kostýoryň töweregindäki
ýeri bütin kül edip taşlady. Ýyldyrymyň ýene-de bir güýçli ýylpyldysy bütin
tokaýy ýagtyldyp gitdi we daş-töwerekde şeýle bir zenzele turdy welin, göýä
diýersiň, agaçlaryň depeleri oglanlaryň ýokarsynda bölek-bölek bolana meňzedi.
Olar tüm garaňkynyň içinde gorkularyna bir-birlerine gysmyljyradylar. Ýagşyň
ilkinji iri damjalary ýapraklaryň üstüne şybyrdap düşüp başlady.
— Oglanlar çaltrak bassyrmanyň aşagyna ýetiň — diýip, Tom gygyrdy.

Olaryň üçüsi-de ýerlerinden turdy, garaňkylykda agaçlaryň köklerine büdreşip,
hyrawa biten üzüm agajyna çolaşyp, dürli tarapa ylgaşyp gitdiler. Ýyldyrym
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 08
  • Büleklär
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3942
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2073
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3979
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2048
    34.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3931
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3938
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2013
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3936
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2007
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3865
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3933
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1945
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1934
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3912
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3969
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1952
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3941
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2055
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3939
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1968
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3958
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 1122
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 720
    42.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    59.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.