Latin

Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 03

Süzlärneñ gomumi sanı 3931
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
belli bir ýerine gelende bolsa soňky söze has bat berip, göýä diýersiň aşaklygyna
gaýdan ýaly bolup: g y
Dini bir doganlarym batýarka p
Neneň men jennet içre şipa a
ý a diýip gygyrdy.
Ündewçi okamakda at gazanypdy. Metjit ýygnaklarynda hemişe ondan süre
okamaklygy haýyş edýärdiler we onuň sesi ýatanda bolsa ähli zenanlar ellerini
asmana tutýardylar we göýä diýersiň ysgyndan düşen ýaly, olary dyzlarynyň
üstüne urýardylar, gözlerini elek-çelek edýärdiler we: “Muny söz bilen beýan etjek
gümanyň ýok, bu juda gowy bolýar, biziň ýalançy topragymyz üçin juda gowy
bolýar” diýýän ýaly kellelerini ýaýkaýardylar.
Bilelikde okalýan dogany okap bolanlaryndan soň, onuň aly hezretleri mister
Spreg bildirişler ýazylýan tagta tarap öwrüldi we tä duranlaryň ählisine yzy-ardy
gelmejek ýaly bolup görünýänçä ýygnaklar, ýygnanyşyklar baradaky we şuňa
meňzeşler baradaky bildirişleri okap başlady.

Soňra bolsa ündewçiniň özi çokunyp başlady. Bu örän oňat, uzyn doga bolup,
onda hiç kim unudylman eken, onuň manysy bolsa ündewçiniň aýdýanlarynyň
eşidilip, eken tohumlarynyň wagtynda çykyp, oňat hasyl bermegi üçin mes topraga
garylmagyny dilemekden ybaratdy. Omin!
Ýubkalar pasyrdaşdylar, prihod çlenleri ýerlerinden turdular-da, ýene aşak
oturdylar.
Bu kitapda gürrüň berilýän oglan doga okalmagyna begenmeýärdi, ol onuň
ahyryna çenli zordan çydady. Doganyň başyndan tä aýagyna çenli ol ýerinde
ynjalykly oturmady we nämelere doga okalanlygyny sanaýardy. Diňlemesine ol
diňlänokdy, ýöne onuň manysyny bir eýýämden bäri ýat bilýärdi. Nämeden soň
nämäniň aýdyljagy dagy hem oňa mälimdi. Pastor özünden bir täze zat goşaýdygy,
Tomuň gulagyna nätanyş söz derrew kaklyşýardy, Tom muňa gaharlanýardy: ol
beýle artdyrmalary ynsapsyzlyk we kezzaplyk hasap edýärdi. Doganyň ortasynda
Tomuň öň ýanyndaky oturgyjyň ýeňsesine bir siňek gelip gondy we ep-esli
wagtlap ynjalyk bermedi; ol kä jüpje duran aýajyklaryny kakyşdyrýardy, kä
kellejigini tutup, ony şeýle bir güýçli gaşap ugraýardy welin kellesi göwresinden
zordan aýrylman galýardy, sapak ýalyja inçejik boýny bolsa büs-bütin görnüp
durdy; kä aýagy bilen ganatlaryny sypalaýardy we olary fragyň art etegi ýaly
çekişdirip goýberýärdi; umuman ol edil doly howpsuzlykdadygyna gözi ýetýän
ýaly öz işi bilen gümrady. Bu ine şeýleräkdi: ony tutaýyn diýip, Tom her näçe çarp
ursa-da, hiç eli barmaýardy, doga wagty beýle oýun etse, bir salymyň içinde işiniň
pyrryk boljakdygyna Tom ynanýardy. Emma weliň ündewçi soňky sözlerini aýdyp
durka Tomuň eli titräp gitdi hem-de öňe süýşüp ugrady, “Omin” diýdigi siňek ele
düşýärdi. Polli Daýza Tomy etmişlik edenje ýerinde tutdy we siňegi goýbertdirdi.
Ündewçi töwratdan alyp okady we ýürege düşgünç sesi bilen nämedir gyzyksyz
bir zat barada gürrüňe ýatdy, prihod çlenleriniň köpüsi dünýäniň çäksiz azaplary
barasynda gürrüň gitse-de, irkilişip-irkilişip gidýärdiler, gaçyp gutulmaly
ündewçileriň sanyny ol şeýle bir azaltdy, hat-da olary halas etmekligiň-de hajaty
ýokdy.
Tom ündewiň sahypasyny sanaýardy. Metjitden çykyp ugranda ol hemişe näçe
sahypa okalandygyny bilýärdi, ýöne oňa derek näme hakda okalýanlygyny hiç
haçan diýen ýaly bilmeýärdi. Emma bu gezek ol köp wagtlap bolmasa-da ündew
bilen gyzyklandy. Ündewçi ýerde alla şalygynyň döräp, ýer ýüzünde ýaşaýan
halklaryň bir ýere ýygnanyşjakdyklarynyň, arslanyň guzujygyň ýanynda
ýaşajakdygynyň, bäbejigiň bolsa olaryň ikisini-de alyp gitjekdiginiň ullakan we
tolgundyryjy suratyny çekdi. Emma ullakan ahlagyň barjasy we bu beýik zadyň
öwredijiligi Tom üçin biderek gitdi. Ol diňe çykyş edýän, onda-da ähli halklaryň

öňünde çykyş edýän adamynyň rolunyň nähili utuşly boljakdygy barada pikir
edýärdi, eger arslan eldeki dagy bolsa, onda özi-de şol bäbejik bolmaga taýýardy.
Bu ýerde ol ýene-de jebir çekip başlady, sebäbi, yzy diňe dürli-dürli gury sarnama
bolup durdy. Birden ol özündäki baýlygy ýadyna saldy we orta çykardy. Munuň
özi Tomuň atlandyryşy ýaly, elhenç eňekli gara ýapyşak tomzakdy. Ol piston
jübüsinde, gapjagazyň içindedi. Ilki bilen tomzak onuň barmagyna ýapyşdy. Belli
zat, Tom barmagyny çekip aldy, oturgyçlaryň arasyna gütläp düşdi we çabalanyp
ýatdy, Tom barmagyny agzyna eltdi. Tomzak bialaç aýaklaryny kakyp, galyp
bilmän ýatdy. Tom jany-teni bilen ony alasy geldi, oňa gözüniň gyýtagyny aýlady,
emma tomzak örän daşdady, eliň ýetjek däldi. Beýleki prihod çlenleri-de ündew
bilen gyzyklanman, tomzaga güýmenip, göz astyndan oňa seredip başladylar.
Skameýkalaryň arasynda kimdir biriniň tomus yssysyndan we ümsümlikden başy
çaşyp halys bolan pudeli aýlanyp ýördi. Ol daňylgy duran ýerinde ýüregi gysyp,
oýun edesi gelýärdi. Tomzaga gözi düşüp, ol derrew janlandy we guýrugyny
bulaýlaşdyrdy. Ol oljasyny gözden geçirdi, daşyna aýlanyp çykdy, daşyrakda
durup ysyrgandy, ýene-de daşyna aýlandy, soňra ýürek edip ýakynragyna süýşdi
we ýene-de ysgady: soňra dişlerini syrtartdy we tomzagy tutjak boldy, emma
bolmady, ýene-de, ýene-de synanyşdy, bu işe gyzyklanyp başlady, ol tomzak onuň
aýaklarynyň arasynda bolar ýaly edip ýüzin ýatdy we oýny dowam etdirdi.
Ahyrsoňy pudel tomzak bilen oýnap ýadady-da, bir tüýsli aljyraňňy we perwaýsyz
ýaly boldy. Ol irkilip başlady, ýüzi sallandy, burnuny tomzaga degrende ol oňa
ýapyşdy. Çirkin ses çykdy, pudel kellesini silkişdirdi, iki ädimlik beýläk düşdi we
ýene arkanlygyna gaýtdy. Goňşurak oturan tomaşaçylar gülüp içleri üzüldiler,
käbirleri agyzlaryna ýaglyk tutdular, aýallar ýüzlerini ýelpewaç bilen ýapdylar,
Tom bolsa heziller edinýärdi. Gürji samsyjak bolup görünýärdi, dogrudanam ol
özüni akmak saýýardy, emma ýüregi welin gahardan doludy, onuň ar alasy
gelýärdi. Ol tomzagyň ýanyna gelip, onuň üstüne ýene-de seresaply hüjüm etdi,
daşyna aýlanyp dumly-duşdan topulmaga başlady, tomzagyň bir dýuýma bärrägini
aýagy bilen dyrnady, has ýakynrak gelip dişlerini şakyrdatdy we gulaklary hallan
atar ýaly kellesini ýaýkady. Emma welin ýene-de bir salym geçip-geçmänkä ol
ýene tomzak bilen oýnamakdan irdi; ol siňek kowalap başlady, ýöne munda-da
gyzykly bir zat görmedi, ysyrganyp, garynjaň yzyndan ylgady, ýöne bu-da basym
ýüregine düşdi; pallady, uludan demini aldy we tomzagy-zady ýatdan çykaryp,
onuň üstüne çökdi. Agyrydan doly jynssyz ses çykdy we pudel ok ýaly bolup
çykalga tarap okduryldy. Çirkin ses edip altaryň öňünden geçdi, çykalganyň bir
tarapyndan beýleki tarapyna okduryldy; gapynyň öňünde elewredi, çyňsap yzyna,
çykalga tarap gaýtdy we agyrydan ýaňa halys ýüregi çaşyp, ol edil tüýlek kometa
ýaly bolup ýyldyrym çaltlygynda aýlanyp başlady. Teý ahyr agyrydan ýaňa
eňkamy giden janawar hojaýynynyň dyzyna bökdi: ol bolsa ony äpişgeden zyňyp

goýberdi we gussaly jabjynma kem-kemden ýuwaşap, nirededir bir ýerde ýitip
gitdi.
Şol wagt metjitdäkileriň hemmesi gülmän zordan saklanyşyp, çym-gyzyl bolşup
otyrdylar, ündew bolsa bir nokatda durup galypdy. Basym ol ýene başlapdy, emma
üzlem-saplam dowam etdi, sebäbi, onuň manysyny pastwa düşündirmäge hiç hili
mümkinçilik ýokdy: prihod çlenleri skameýkanyň arkalaryna bukulyşyp, hatda
gynançdan ýaňa doly bolan sözleri-de, göýä bolmasa ündewçi örän gülküli bir zat
sypdyraýan ýaly, batly gülki bilen garşy aldylar. Bu azap gutaryp, ündewçi pastwa
alkyş okanda oturanlaryň ählisi ýeňiljek bir dem aldylar.
Eger bir azrak üýtgeşiklik girizseň metjit gullugy hem onçakly erbet bolup
duranok ekeni diýip içini gepledip, Tom Soýer öýlerine keýpi kök halda ugrady.
Emma diňe bir pikir ony gynandyrýardy: goý, güjüjek tomzak bilen oýnasa
oýnasyn, ýöne ony alyp gitmäge güjügiň hiç hili haky ýok ahyryn.
VI b a p
JADYGÖÝLIK WE AÝAL JADYSY
Duşenbe güni Tom ir bilen özüni nähoş duýup oýandy. Ýekşenbe günleri hemişe
şeýle bolýardy, sebäbi, şol günden mekdepdäki azaplaryň täze hepdesi
başlanýardy. Duşenbe günleri ol hatda aralykda ýekşenbe günleriniň düýpden
bolmazlygyny hem isleýärdi, şonda türme we gandallar şeýle bir ýigrenji hem
görünjek däldiler. Tom pikir edip ýatyrdy. Birden onuň kellesine keselläýseň kem
bolmajakdygy barada pikir geldi; şonda mekdebe gitmeseň-de boljakdy. Onuň
öňünde garjaşygrak hem bolsa bir çykalga bar ýaly bolup göründi. Ol özüni
kellesinden ökjesine çenli barlady. Hiç hili kesel tapmady, ol işe täzeden girişdi.
Bu gezek oňa içinde sanjynyň alamatlary bar ýaly bolup duýuldy, ol oňa bar
umydyny baglady. Emma bu alamatlar gitdigiçe azalyp, ahyrsoňy hem ýitip gitdi.
Ol ýene pikir edip başlady we basym başga bir çykalga tapdy. Onuň ýokarky dişi
yrgyldaýardy. Jüpüne düşeni bilen öz-özüni gutlap, Tom hykgyldamaga başlajak
bolup durka, birden onuň hakydasyna bir zat geldi, eger daýzasynyň ýanyna
dişinden zeýrenip baraýsa, ol alagetdin sogurjakdy, bu bolsa örän agyrjakdy. Ol diş
bahanasyny ätiýaç üçin goýdy we başga bahana gözläp başlady. El-esli salymlap

onuň kellesine zat gelmedi, soňra doktoryň gürrüň beren bir keseli, şol kesel bilen
kesellän adamyň iki, üç hepdeläp düşekde ýatmaly bolýandygy we onuň düýpden
barmaksyz hem galmagynyň mümkindigi ýadyna düşdi. Ol derrew agyryly
barmagyny prostynyň aşagyndan çykaryp synlap başlady. Ýöne ol şol keseliň
nähili alamatlarynyň bolýanlygyny bilmeýärdi. Her niçik-de bolsa synanyşyp
görerlik bar diýip, ol pikir etdi, şonuň üçin ol gara çyny bilen hykgyldap başlady.
Sid bolsa göwnüne zat getirmän uklap ýatyrdy.
Tom gatyrak hykgyldady we onuň göwnüne bolmasa barmagy hakykatdanam
agyryp başlan ýaly boldy.
Sid gulagyny hem gabartmady.
Tom çygylmakdan ýaňa hopugyp ugrady. Ol dynjyny aldy, soňra güýç toplap
yzly-yzyna birnäçe gezek bir geňsi edip hykgyldady.
Sid şol hor çekip ýatyşyna ýatyrdy.
Tomuň hatda gahary hem geldi. Ol: “Sid, Sid!” diýip gygyryp, ony yralady.
Elbetde, munuň täsiri ýetdi, Tom ýene hykgyldap başlady. Sid pallady, gerindi,
asgyrdy, tirsegine galdy we Toma seredip başlady. Tom şol hykgyldaýşyna
hykgyldap ýatyrdy.
Sid:
— Tom! Gulak as, Tom! — diýdi. Hiç hili jogap bolmady.
— Goýsana, Tom! Tom! Saňa näme bolýar, Tom? — diýip, Sid onuň egninden
ýapyşdy, onuň ýüzüne gorkuly seretdi.
Tom hykgyldaýardy.
— Sid, azar berme! Meniň bilen işiň bolmasyn…
— Saňa näme boldy ahyryn, Tom? Men daýzamy çagyraýyn.
— Ýok, gerek däl. Munuň, belki, özem aýrylaýady. Hiç kimi çagyrma.

— Neneň çagyrmajak! Goýsana, Tom, beýle erbet hykgyldamasana! Öňräkden
bäri ýaraňokmy?
— Birnäçe sagatdan bäri. Wah! Wah-eý! Beýdip aýlanyp ýörmesene, Sid, sen
meni halys öldürýäň!
— Tom näme üçin sen meni öňräk oýarmadyň? Ah, Tom, goýsana! Saňa gulak
assaň, iniň jümşüldäp gidýär. Tom, aýtsana, saňa näme boldy?
— Men seniň ähli günäňi geçýärin, Sid… (hykgyldy.) Maňa eden ähli günäňi
geçýärin. Öläýsem…
— Waý, Tom, sen ölüp baraňok ahyryn? Gerek däl, Tom, waý, gerek däl. Belki…
— Men hemmeleriň günäsini geçýärin, Sid… (hykgyldy.) Olara şeýdiý-de aýdaý,
Sid. Onsoňam. Sid, meniň äpişgämiň çarçuwasyny we ýekegöz pişijegimi şol
ýaňyrak gelen täze gyza ber, özüne-de aýt…
Emma Sid öz köýnegini goltuklady-da, zym-zyýat boldy. Tom indi hakykatdanam
azap çekýärdi — onuň göwnüne şeýle ýaly bolup görünýärdi. Şonuň üçin onuň
hykgyldysy hakykatdanam tebigy eşidildi.
Sid merdiwandan togalanyp gitdi we:
— Waý, Polli daýza, çaltrak ýetiş! Tom ölüp barýar — diýip gygyrdy.
— Ölüp barýar?
— Hawa, daýza, ölüp barýar. Näme dursuňyz? Çaltrak ýörseňizläň!
— Biderek zat. Ynanamok.
Şeýle-de bolsa ol ok ýaly atylyp ýokaryk çykdy, onuň yzy bilen bolsa Siddir Meri
çykdy. Onuň ýüzi agaryp, dodaklary titräp gitdi.
Ýorganyň ýanyna gelip, ol zordan:
— Ýeri, Tom, Tom! Saňa näme boldy, aýt ahyryn? — diýdi.

— Wah, daýza, men…
— Saňa näme boldy, Tom? Wah, geregim, saňa näme boldy?
— Wah, daýza, meniň barmagyma şel degipdir.
Polli daýza özüni lampa oturgyja goýberdi we ilki güldi, soň aglady, soň bolsa
ikisini-de garyşdyrdy. Bu ony ysgyna getirdi, ahyrsoňy ol:
— Ah, Tom, sen meniň başyma nähili oýunlar salýaň. Bu samsyklygyňy goý-da,
ýeriňden tur.
Iňňildi ýatdy we barmagyň agyrysy mum-helim boldy. Tom özüni iňňän samsyk
duýdy we:
— Polli daýza, men şeldir öýdäýipdirin, özem bir agyrdy, bir agyrdy welin, dişim
dagy ýadymdan çykyp gidipdir — diýdi.
— Şeý diýsene! Seniň dişiňe näme bolupmyş!
— Ýokarsyndan bir dişim yrgyldaýar, agyrysyndan hem çydar dagy eder ýaly däl.
— Ýeri, ýeri, besdir, ýöne indi beri iňňildeýji bolma. Agzyňy aç… Hawa-da, diş
yrgyldaýan eken, ýöne mundan ölen ýok. Meri, maňa kuhnýadan ýüpek sapak
bilen kesindini getirip ber.
Tom:
— Waý, daýza, ýöne ony sogurmak gerek däl! Indi ol düýpden agyranok. Ýalan
sözleýän bolsam duran ýerimde janym çykaýsyn, çigit ýalyjak hem agyranok!
Haýyş edýärin, sogurma. Men barybir mekdebe giderin — diýdi.
— Be, barybir giderin diýsene? Sen bularyň hemmesini mekdebe gitmän, derýa
gitjek bolup tapyp ýören oguşýaň. Ah, Tom, Tom, men seni nähili oňat görýärin,
sen bolsaň öz bolar-bolgusyz etmişleriň bilen janymy alýarsyň!
Diş sogurmak üçin gerek bolan gurallar eýýäm taýyn bolupdy. Polli daýza ýüpek
sapakdan halkajyk etdi-de, ony agyrýan dişe berk sarady, sapagyň beýleki ujuny

bolsa krowata daňdy. Soňra ýanyp duran kesindini alyp, ony oglanyň edil ýüzüne
diýen ýaly dürtdi. Diş zyňlyp gitdi we sapagyň ujunda hallan atdy.
Emma her bir synag üçin adama sylag berilýär. Tom ertirligini edinip, mekdebe
barýarka, oňa duşan oglanlaryň hemmesi Tomuň ýagdaýyny arzuw etdi, sebäbi,
ýokarky dişleriň arasynda deşijek emele gelip, ondan täze, diýseň ajaýyp usul bilen
birkemsiz tüýkürse boljakdy. Bu täze açyşlyk bilen gyzyklanýan çagalaryň bir
topary uzyn hatar bolup Tomuň yzyna düşdi, barmagy dilnip, şu çaka çenli höwes
edilip, hormat goýlup ýören oglanjyk bolsa ýalňyz galyp, öňküje şöhraty ýitdi
duruberdi. Onuň muňa örän nebsi agyrdy we Tom Soýeriň tüýkürişi ýaly
tüýkürmekde üýtgeşik bir zat görmeýänligini göwniýetmezçilik bilen aýtdy, emma
başga bir oglan oňa “Ha, ýaş bolýaň-a” diýdi, bady alnan gahryman çym-gyzyl
bolup süzüberdi.
Basym Tom şäheriň belli arakhorynyň ogly Geklberri Finne duşdy. Aýallaryň
hemmesi Geklberri Finni ýaltalygy, garagollugy, diýen etmeýänligi üçin, şeýle
hem öz garagollarynyň Geki öwüp arşa çykarýanlyklary, onuň bilen tirkeşjek
bolýanlyklary gadagan edilenem bolsa Gek ýaly bolaslary gelýäni üçin tüýs
ýürekden ýigrenýärdiler. Edil idili maşgalalardan çykan beýleki oglanlar ýaly Tom
hem ýaş ýekemen Geklberriniň bolşuna gözi gidýärdi, ýogsa onuň bilen
tirkeşmeklik oňa berk gadagan hem edilipdi. Hut şonuň üçin hem Gek bilen oýnar
ýaly her bir amatly pursatdan peýdalanýardy. Geklberri hemişe illeriň
köneküşüllerini geýýärdi, üsti-başy hemişe ýagdy, geýimleri-de şeýle bir ýyrtykdy
welin, ýöne sal-sal bolup, ýeliň ugruna ykjaşyp durdy. Şlýapa ýerine ol haýy giden
giň bir zady geýip ýördi, onuň eteginden ýarym aý görnüşinde ullakan bölek
sallanyp, kertik bolup durdy. Kurtkasy, bar wagtynda, ökjesine ýetýärdi, kemeriniň
ilikleri bilden aşak düşüp ýatyrdy; balagy götergijik bilen saklanyp, syrty halta ýaly
bolup durdy, aşaklary süzük-süzükdi we Gekiň çermemedik wagtlary ýere süýrenip
durdy.
Geklberri göwnüne gelenini edýärdi, hiç kime sala salmaýardy. Gurak howada ol
kimiň hem bolsa biriniň sekisinde ýatýardy, ýagyş ýagan mahaly boş çelegiň içinde
ýatýardy. Onuň ne mekdebe, ne metjide gitmek aladasy bardy, onuň gulak asmaly
adamsy ýokdy; islese balyk tutmaga ýa-da başyny alyp suwa düşmäge we
derýanyň içinde näçe oturaýyn diýse oturmaga gidip bilýärdi. Hiç kim oňa
uruşmany gadagan edenokdy; ol giç agşama çenli ýatmaýyn diýse-de şony edip
bilýärdi. Ýazyna ol ähli oglanlardan öňürti aýak ýalaňaç köçä çykýardy we
güýzüne hemmelerden soň köwşüni geýýärdi; oňa ne ýuwunmak, ne päkize
geýinmek gerekdi, sögüşmäge-de ol ussatdy. Bir söz bilen bujagaz sal-sal eşikli
oglanjykda durmuşa lezzet berýän ähli zat bardy. Sent-Pitersburgdaky idili

maşgalalardan çykan ynjydylan, ejir çeken oglanlaryň hemmejesi şeýle pikir
edýärdi.
Tom bu täsin sergezdana gygyrdy:
— Salam, Geklberri.
— Eger oýun etmeýän bolsaň, saňa-da salam.
— Eliňdäki zat näme?
— Öli pişik.
Hany göreýin, Gek. Bä, saň-gaty bolaýypdyr-aýt! Sen muny nireden aldyň?
— Bir oglanjykdan aldym.
— Näme berdiň?
— Gökje bilet bilen öküz böwenini berdim; böweni bolsa mal öldürilýan ýerden
aldym.
— Sende gökje bilet näme işleýär!
— Ben Rojersden gurşawlyk taýaga aldym.
— Eşidýärmiň, Gek, öli pişik nämä ýaraýar?
— Nämä ýaraýar diýýärmiň? Siňňili aýyrmaga ýaraýar.
— Senem bir zat tapaýýaň-aýt, men has oňadrak emini-de bilýän.
— Ýogsam näme, bilýänsiň! Hany aýt, nähili em?
— Porsan suw näme?
— “Porsan suw”! Seniň porsan suwuň bir köpüge-de degenok.
— Seniň pikiriňçe degenokda? A sen synap gördüňmi?

— Ýok, men synap göremok. Ynha, Bob Tenner synap görüpdir.
— Muny saňa kim aýtdy?
— Onuň özi Jef Tetçere aýdypdyr, Jef bolsa Jonni Bekere, Jonni Jim Hollise, Jim
Ben Rojerse, Ben bir negre, ol negr bolsa maňa aýtdy. Ynha, bolan zatlar.
— Bolanda näme? Olaryň hemmesi ýalan sözleýärler. Ýagny negrden özgesi
ýalan sözleýär. Men ony tanamok. Sen iň gowusy muny Bob Tenneriň nähili
edendigini aýt.
— Nähili edendigi belli-le: alypdyr-da içi kak suwly çüýrük töňňä elini urupdyr.
— Gündizmi?
— Ýogsa haçan etsin!
— Özem töňňä bakyp oturypmy?
— Hawa-da, ýagny men şeýle pikir edýärin.
— Onuň aýdan zady boldumy?
— Ýok, hiç zat aýtmady öýdýän. Bilemok.
— Ä-hä! Siňňili haýsy akmak şeýdip aýyrýar! Bolmaz. Tokaýyň iň jümmüşine
ýeke özüň gitmeli, ýöne o ýerde kak suwunyň barlygyny bilmeli we göni ýarym
gijeler töňňä arkaňy berip, eliňi sokmaly hem-de: “Arpa, arpa, hindi höreg dökül,
meniň siňňilimi aýyr, sen, porsy suw!” diýip okamaly, soňra bolsa gözüň ýumuk
çalt-çalt ýöräp, on bir ädim gapdala çekilmeli, duran ýeriňde üç gezek aýlanmaly,
soňra bolsa öýüňe gaýtmaly, hiç kim bilenem gürleşmeli däl. Eger biri bilen
gürleşäýdigiň bary biderek bolar.
— Ynha, munyň bir heňe gelýär! Ýöne Bob Tenner siňňili beýdip aýyrmandyr.
— Ýogsam näme, beýdip aýran däldir-le. Onsoňam onuň siňňilleri, hudaý
saklasyn, şäherdäki her bir adamyňkydan köp. Eger ol porsy suwy nähili
ulanmalydygyny bilýän bolsa, olaryň biri-de galmazdy. Gek, meniň özümem şu

usul bilen bir topar siňňilimi aýyrdym. Men gurbagalar bilen köp iş salyşýan,
şonuň üçinem meniň siňňilim hemişe köp bolýar. Men olary ýene nohut kösügi
bilen hem aýyrýaryn.
— Kösük bilen aýyrmak oňat bolýar, dogry dälmi? Menem şeýdipdim.
— Aý ýog-a? Sen ony kösük bilen nädip aýyrýardyň?
— Kösügi alýarsyň, nohudyny aýyrýarsyň, soň siňňili dilýärsiň, gan çykyp
başlaýar, kösügiň ýarysyna gan damdyrýarsyň, çukurjyk gazýarsyň, täze aý
doganynda ony göni ýarym gijeler ýol aýyrdynda gömýärsiň. Galan ýarysyny bolsa
ýakýarsyň. Düşünýärmiň, ganly tarapy beýleki tarapy hemişe özüne çekgiç bolýar,
gan bolsa siňňili özüne çekýär, şol sebäpli hem siňňil örän basym aýrylýar.
— Hawa, Gek, dogry zada dogry diýmeli. Ýöne gömüp durkaň: “Kösüjegim
çukura gir, siňňil elden gümüňi çek, gaýdyp yzyňa köwleniji bolma!” diýip hem
aýtmaly — şeýtseň gowy bolýar. Jo Garper hem şeýdýär, onuň bolsa bolmadyk
ýeri ýok. Hatda Kunwille çenli hem baryp görüpdir. Ýeri, öli pişik bilen siňňili
nädip aýyrýarlar?
— Nädip diýärmiň? Ap-aňsatja: pişigi alýarsyň-da, ullakan günäli adam
jaýlanandan soň ýarym gijeler öwlüýä gidýärsiň. Göni ýarym gije jyn peýda
bolýar, ikisiniň, üçüsiniň hem peýda bolýan bolmagy mümkin, ýöne olar saňa
görnenok, sen diňe şemal şuwlaýarmyka diýýärsiň, belki olaryň hümürdisini-de
eşitmegiň mümkin. Olar günälini alyp çykarlar weli, pişigi olaryň yzyndan
goýbermeli we: “Öliniň yzyndan jyn barýar, jynyň yzyndan pişik barýar, pişigiň
yzyndan siňňil barýar, men — men däl, siňňil-de meniňki däl!” diýip aýtmaly.
Şonda ýekeje-de siňňil galmaz.
— Munyň-a ýapa degjek bolýar, Gek, seniň muny synap gören wagtyň
bolupmydy?
— Ýok. Ýöne Gopkins kempirden eşitdim.
— Beýle bolsa bu dogrudyr. Hemme adamlar oňa albassy diýýärler.
— “Diýýärler” diýsene! Onuň albassydygyny, Tom, men güman edýän. Ol
kakamy jadylapdy. Maňa kakamyň özi şeý diýdi. Bir gezek kakam gidip barýar

eken, görse, ol aýal ony jadylap başlapdyr, şonda kakam daş alypdyr-da, oňa tarap
aýlap salypdyr. Eger sowulmadyk dagy bolsa, daş oňa degjek ekeni. Onsoň näme
bolandyr öýdýärsiň! Şol gije ol pýan halyna saraýyň üstüne çykýar we ol ýerden
ýykylyp, elini döwdürýär.
— Eýmenç zad-ow! Özüniň jadylanýandygyny ol nädip bilipdir?
— Hudaý-eý, kakam muny bada-bat bilýär ahyryn. Eger albassy saňa çüýjerilip
serediberse, diýmek, bu onuň jadylaýanlygydyr diýip, kakam gürrüň berýär.
Aýratyn hem bir zatlar-bir zatlar samraberse şeýle bolýarmyş. Sebäbi, albassylar
samraberseler, bu olaryň “sežde” dogasyny çepbesine çöwrüp okadygy bolýarmyş.
— Gek diýýänä, sen pişigi haçan synap görmekçi bolýaň?
— Şu gün agşam. Meniň pikirimçe, şu gün agşam alarwahlar çaşan çal
Wilýamsyň yzyndan gelerler.
— Ony şenbe güni jaýladylar ahyryn. Olar ony şenbe gijesi äkiden däldirler
öýdýärmiň?
— Biderek zat aýdýarsyň! Ýarym gijeden öň näme jadyň güýji ýetýärmi? Soň
ýany bolsa ýekşenbe. Ýekşenbe güni albassylar gören ýerde ygyp ýörüp
bilmezlermikä diýýärin.
— Bu barada men pikir hem etmändirin. Munyň dogry. Meni ýanyň bilen
äkidermiň?
— Gorkmaýan bolsaň äkidäýerin.
— Gorkýan! Ýene-de näme! Sen maňa myýaw diýermiň?
— Hawa, mümkin bolsa, sen hem maňa myýaw diý. Ýogsam, geçen gezek men
saňa tä garry Geýs daş zyňyp başlaýança we: “Bu pişigi ýer ýuwudaýsa
bolmaýamy!” diýip hüňürdeýänçä myýaw diýdim. Menem olaryň äpişgesine daş
zyňdym — ýöne sen muny hiç kime aýdaýma.
— Bolýar, aýtman. Ol gezek men myýawlap bilmedim, sebäbi, daýzam aňtady,
bu gezek welin myýawlaryn. A munyň näme?

— Aý hiç. Sakyrtga-da.
— Muny nireden aldyň?
— Şol ýerden, tokaýdan.
— Sen ony näçe diýýärsiň?
— Bilemok. Satasym-a gelenok.
— Satasyň gelmeýän bolsa, gerek däl. Onsoň sakyrtgaň hem juda kiçijik eken.
— Elbetde, kişi sakyrtgasyny püçege çykarmak kyn zat däl. Meniň sakyrtgamdan
göwnüm hoş. Meniňçe, bu-da erbet däl.
— Sakyrtga hemme ýerde, özem näçe diýseň bar. Gerek bolsa özümem müňüsini
dagy çöpläp biljek.
— Onda näme çöpläňok? Birinem tapmajagyňa gözüň oňat ýetýändigini bilýän.
Bu iň irki sakyrtga. Şu ýyl ilkinji gezek görýärin.
— Gulak as, Gek, men seniň şonyň üçin öz dişimi bereýin.
— Hany, görkez.
Tom kisesinden çykaryp, arasy dişli kagyzyny ýuwaşja açyp başlady.
Geklberriniň oňa gözi gitdi. Ol oňa diýseň oňat ýarady. Ahyrsoňy ol:
— Bu hakykymy bir? — diýip sorady.
Tom dodagyny galdyryp, köwelip duran ýerini görkezdi.
— Ýeri bolýar-da, al eli — diýip, Geklberri ylalaşdy. Tom sakyrtgany pistondan
boşan gutujyga saldy, öň ol gutujykda tomzak bardy; oglanlar aýrylyşdylar, onsoň
hem olaryň hersi öz ýanyndan baýandyryn öýtdi.
Beýleki jaýlardan saýlanyp oturan mekdebiň togalak agaçdan edilen jaýjagazyna
ýetip, Tom alňasaýan adam ýaly bolup girip gitdi. Ol şlýapasyny çüýden asdy we
hondan bärisi bolup, oturýan ýerine ýumlukdy. Kafedranyň öňünde örme kresloda

oturan mugallym klasyň hümür-hümründen ýaňa sallançakda üwrelýän ýaly,
irkilip-irkilip gidýärdi. Tomuň peýda bolmagy ony ukudan oýatdy.
— Tomas Soýer!
Adynyň doly tutulmagynyň oňlulygyň alamaty däldigini Tom bilýärdi.
— Men bu ýerde, ser.
— Ýakynrak gel. Endigiňe görä, ýene gijä galdyňmy? Näme üçin?
Tom temmi berilmekden gutulmak üçin aldamakçy boldy, emma şol wagt
gapdalyndan sallanyp duran iki sany uzyn altynlaç saça gözi düşdi. Ol söýginiň
özüne çekiji güýji bilen bu gyzjagazy bada-bat aňşyrdy, klasda ýeke-täk boş ýer şol
gyzyň gapdalyndaky ýerdi. Ol bir minutda säginip durman:
— Men Geklberri Finni bilen gürleşmek üçin bir salymlyk sowuldym — diýdi.
Mugallym tas däliräpdi, ol Toma aljyraňňy görnüşde seretdi. Klasdaky gowur
ýatdy. Okuwçylar: “Bu dogumlyja oglan dälirän bolaýmasyn” diýip oýlandylar.
— Siz… siz näme işlediňiz? — diýip, mugallym sorady.
— Geklberri Finni bilen gürleşäýeýin diýip eglendim. Hiç hili ýalňyşlyk bolup
biljek däldi.
— Tomas Soýer, bu ömrümde eşiden boýunalmalarymyň iň batyrgaýydyr. Beýle
etmişlik üçin bir lineýka ýeterlik däldir. Hany, penjegiňizi çykaryň.
Mugallymyň eli tä ysgyndan düşýänçä, tä çybyklar döwlüp gutarýança işledi. Soň
bolsa:
— Indi bolsa, ser, gidiň-de gyzlar bilen oturyberiň. Goý, bu size sapak bolsun —
diýlip buýruk berildi.
Klasda tolkun ýaly bolup ýaýran gülki Tomy utandyrdy; aslynda bolsa
utanmaklygyň sebäbi bu däldi. Ol täze hudaýa täsin galdy, onuň öňünde
çekinjeňlik we gorky duýdy; özüniňkiniň diýseň şowuna düşenligi üçin, onuň
ýüregi şatlykdan doludy. Ol sosnadan edilen skameýkanyň iň çetine baryp oturdy,

gyzjagaz bolsa seňrigini ýygryp, onuň ýanyndan beýläk süýşdi. Oturanlaryň
hemmesi pyşyrdaşýardylar, bir-birlerini symsyklaşýardylar, göz gypyşýardylar;
emma Tom elini öňündäki uzyn, ýöne pessejik partanyň üstünde goýup, ähli
pikirini kitaba berip gozganman otyrdy.
Kem-kemden oňa seretmelerini goýdular we adaty mekdep gowurdysy ýene-de dik
asmana göterildi. Tom assyrynlyk bilen gyzjagaza syn edip başlady. Ony gören,
göwni ýetmän oňa dodagyny çöwren, hatda bir salymlap Toma ýeňsesini öwrüp
oturan şu gyzdy. Gyz Toma tarap öwrülende, onuň öňünde şetdaly peýda boldy. Ol
ony eli bilen yzyna süýşürip goýberdi. Tom ýuwaşlyk bilen şetdalyny yzyna
süýşürdi. Gyz ony ýene yzyna süýşürdi, emma indi onçakly gaharsyz süýşürdi.
Tom sabyr-takatdan galyp, şetdalyny öňki ýerinde goýdy. Gyz oňa elini degirmedi.
Tom grifel tagtasynyň ýüzüne: “Alaýyň-da, mende başga-da bar” diýip ýazdy.
Gyzjagaz tagta seretdi, emma hiç zat diýmedi. Şonda Tom çekýän zadyny çep eli
bilen gizläp, tagtanyň ýüzünde bir zatlar-bir zatlar çekişdirdi. Ilkibada gyzjagaz
seretmejek boldy, soňra gyzyň bilesigelijiligi üstün çykdy, muny käbir zatlardan
bilse bolýardy. Tom görmediksirän bolup, öňküsi ýaly surat çekmesini dowam
etdirdi. Gyzjagaz aşaklyk bilen seretjek boldy, emma ol muny görýänligini
düýpden aňdyrmady. Ahyrsoňy gyzjagaz çydamady we ýaýdanyp-ýaýdanyp:
— Görmek mümkinmi? — diýdi.
Tom üsti iki sany konkaly we turbaly örän gülkünç bir tamjagazy açyp görkezdi,
tamyň turbasyndan bolsa tüsse burum-burum bolup ýokary göterilýärdi. Gyzjagaz
Tomuň çekýän suraty bilen şeýle bir gyzyklandy welin, dünýädäki ähli zady
ýadyndan çykardy. Surat çekilip gutarylan dessine, gyzjagaz bir sellem oňa syn
etdi we:
— Oňatdygyny! Indi bolsa adamjygyň suratyny çekiň — diýdi.
Suratçy tamyň öňünde göteriji krana meňzäp duran bir adamjygyň suratyny çekdi.
Ol tamyň üstünden ätläp geçip hem biljekdi, emma gyzjagaz onçakly berk seljerip
hem durmady — bu täsin zatdan göwni suw içip, ol:
— Owadanlygyny! Indi meniň suratymy çekiň — diýip pyşyrdady.
Tom ýokarsy dolan aýly çäge sagadynyň suratyny çekdi, oňa sypal görnüşli
elaýak ýasady we gerlip duran barmaklaryna ullakan ýelpewaç tutdurdy.
— Bä, oňatdygyny! Özümiň surat çekip bilmeýänime nebsim agyrýar — diýdi.

— Bu aňsat-la. Men size öwrederin — diýip, Tom pyşyrdady.
— Dogrudanam öwredermisiňiz? A haçan?
— Uly peremenada. Siz nahar edinmäge öýe gidýärsiňizmi?
— Isleseňiz, men galybam bilerin.
— Ýagşy. Siziň adyňyz näme?
— Bekki Tetçer. A siziň adyňyz? Ah, bilýän-le: Tomas Soýer.
— Hawa, meni uranlarynda şeý diýýärler, özümi oňat alyp barsam bolsa Tom
diýýärler. Sizem Tom diýäýiň, bolýarmy?
— Ýeri bolýar-da…
Tom ýazýan zadyny Bekkiden gizläp, tagtanyň ýüzünde bir zatlar-bir zatlar
çyzyşdyrdy. Bu gezek ol utanman onuň nämedigini görkezmegi Tomdan haýyş
etdi.
Tom şeýle jogap berdi:
— Aý, üýtgeşik bir zat däl-le.
— Ýok, görkeziň.
— Aý, ýok-la. Size onuň gyzygy ýok.
— Ýok, gyzygy bolar! Görkezseňizläň.
— Siz men barada gürrüň edersiňizmi?
— Ýok, gürrüň etmen. Çypbakaý çynym, gara çynym, gürrüň etmen!
— Eger-eger hiç kime gürrüň etmezmisiňiz? Hiç haçan, ölýänçäňiz gürrüň
etmezmisiniz?

— Ölýänçäm hiç kime gürrüň etmen. Indi görkeziberiň.
— Aý, size gyzygy bolasy ýok-la.
— Goýsaňyzlaň, eger siz meniň bilen beýle gürleşjek bolsaňyz, onda alarynda
özüm göräýerin.
Ol kiçijik eljagazy bilen Tomuň elinden tutdy. Kiçijik göreş başlandy, onda-da
Tom garşylyk görkezen kişi boldy, özi bolsa tä “men sizi söýýärin!” diýen söz
çykynça kem-kemden elini çekdi.
— Ah, myrtar-eý! — diýip, ol birden Tomuň eline kakdy, emma her niçik-de
bolsa gyzardy, ýöne göwnüniň hoşdugy welin görnüp durdy.
Şol pursatyň özünde oglan kimiňdir biriniň güýçli eliniň gulagyndan ýuwaşja we
gaýym tutup ýokaryk-aşak çekýändigini syzdy. Şo ýagdaýda ony bütin klasa
aýladylar we getirip önki ýerinde oturtdylar, mekdep okuwçylary hi-hide-hi-hi
boluşdylar. Şondan soň mugallym esli salymlap onuň üstüne abanyp durdy we
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 04
  • Büleklär
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3942
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2073
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3979
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2048
    34.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3931
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3938
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2013
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3936
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2007
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3865
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3933
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1945
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3849
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1934
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3912
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2052
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3969
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1952
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3941
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2055
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3939
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1968
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3958
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tom Soýeriň başdan geçirenleri - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 1122
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 720
    42.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    59.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.