Latin

Tapagan - 13

Süzlärneñ gomumi sanı 3853
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1962
33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Olaryň sazlary otuz sekiz maşynyň içindäkileriň ählisiniň göwünlerini göterýär. Gülki
şagalaň al-asmanda pasyrdap gelnalyjylar bilen gidip barýar.
Maşynda gyslyşyp gitmesinler diýip, bir maşynyň yzynda Aýsoltan daýzanyň
ýeke özüni oturdypdylar. Aşagyna-da birki sany körpeçe atypdylar. «Tirsekle-de
gidiber» diýip, üç sany ýassygy hem gapdalynda goýupdylar. Beýle şagalaňly
ýagdaýda ýataýyn diýseňem ýatyp bolmaz. Asyl, Aýsoltan daýzanyň ýatasy hem gelip
137
duranok. Ýöne ol öten agşam hem ýatmandy. Gelen gudalaryň öňünde ýatyp bolmaz
ahyryn.
Aýjan guda onuň hoşuna gelipdi. Ol köpden bäri agtaryp tapyp bilmän ýören
gürrüňdeşine duşan ýaly begenipdi. Gowy gürrüňdeş.
Üç-dört sagat ýörelenden soň Repetegiň deňindäki «Keýik» diýlen çaýhanada
gelnalyjy kerweni saklandy. Çaýhanada oturanlaryň ählijesi daş çykyp, ýaş
çatynjalara seredip ýüzüne sylýardylar. Elbetde, ak guş deýin bolşupjyk duran goşa
gumra kimiň gözi gitmesin?! Beýle bagtlylyk ähli kişä, ähli kişiniň ogul-gyzyna nesip
etsin!
Aýdymçy-sazandalar maşyndan düşüp-düşmänkä saza başladylar. Her kim
maşyndan düşüp tans edýär. Başga wagt ýalbarybam tans etdirip bolmadyk Hemra
illewem ýaş ýigit ýaly pyrlanyp ýör. Ünsem berilmändir, görlüp oturylsa, ol tans
etmek dagyny allanäme öwrenipdir bir ýerden. Tow berlen ýaly, barmaklaryny
şyrkyldadyp, aýaklaryny oýnadyp bir görseň özbek tansyna, bir görseňem gruzin
tansyna meňzedip ýör ortada. Oraz bilen Mämmede nädip tans etmelidigini öwredip
ýör ol. Hemra illewe kim aýdar gysganç diýip. Şonuň häzirki pul paýlap ýörşüni
göreniňde eger-eger gysganç diýer ýaly däl. Ol aslynda-da gysganç däldir-le. Hana,
sazandalaryň gulaklaryna-da pul gysdyryp ýör-ä! Bol, bol, Hemra illew bol. Adamyň
göwni göterilende pul ýadyna düşenok. Ýok, türkmen puly näme üçin ýygnaýar?! Ine,
ine, gep şunda! Türkmen puly hoş güni üçin, wagtyny hoşlamak, göwnüni şat etmek
üçin ýygnaýar dälmi? Onda, hana, Hemra illew ýygnanja pullaryny bir ujundan
paýlap ýör. Özem edýän işinden biçak lezzet alýar. Her kime bir hoş sözjagazam
tapýar. Diňe pul paýlanok, ol puluň gapdaljagazy bilen hoş sözlerinem paýlap,
adamlaryň göwünlerini göterip ýör. Hoş sözem pul paýlançarak bar.
Hawa-da, özi aýtmyşlaýyn, Hemra illew Atda tapagan üçin az iş etmedi.
Ony adam edip ýetişdirdi.
Nirede näme etmelidigini öwretdi, kimiň ýanynda näme sözlemelidigini
öwretdi.
Bu günem adam eden goňşusyny, özem tapagan goňşusyny öýerip ýör.
Ol ertir, birigün adamlaryň ýygnanan ýerlerinde nämedir bir zatlar diýmelidirä! Bu işleri etmese, ol näme diýsin. Gürlemek üçin ilki gowy iş bitirmeli! Ol ýalan söz
sözleýän adam-a däl. ýaşuly halyna ýalan sözläp ýörse, bolmaz ahyryn. Oňa ýigrimi
bäş ýaşyň kuwwaty gelipdir bu wagt. Ol ýaşkiçiň etmeli işlerinem edip ýör. Adamlary
tansa çykaryp, toýa şüweleňem berip ýör.
Obada toý başlananda-da ol dik durdy. «Toýuň kemi bolmaly däldir, toýuň
kemi bolmaly däldir, adamlar. Näme kemçiligiňiz bolsa, aýdyp durun. Iýiň, içiň, bu
gün iýlip-içilip şat bolunmaly gündür. Bu gün Kertik han körpe ogluny öýerýär. Onuň
ýygnan zatlary kän. Kertik han bu gün eçilýär, adamlar, iýiň, içiň!» diýip, öwranöwran gaýtalaýardy. Nazy-nygmatly toý saçaklarynyň uzyn hatarynyň arasyndan bir
eýläk, bir beýläk geçýärdi. Biriniň okarasyny täzeläp berýärdi, kime haýsy
tagamlardan iýse, hezil etjegini aýdýardy. Hyzmat edip ýören ýigitlere-de
görkezmeleri berişdirýärdi.
138
Her bir halkyň aýratynlygy bar. Türkmen juda bir ýasy-matamy gowy görenok.
Biri ýogalan hem bolsa, «Gorkut atada» aýdylyşy ýaly, «Aý, ýedisine ýa kyrkyna
görnerin-dä» diýäýýär. Ýöne toý bolsa welin, böwrejigi böküberýär. Ýok, ol tans
etmek üçin ýa garnyny doýurmak üçin baranok. Ýok, ol toýa şagalaň küýsäp barýar.
Adamlar bilen didarlaşmak üçin barýar. Her hili ýitije sözler eşitmek üçin barýar.
Obada ýitije sözler, gülküli sözler kän aýdylýar. Şoh adamlar bolýar. Köpler şol şoh
adamyň daşyna egele bolýar.
Hana, bu gün Saganaly obasynyň ähli kişisi Kertik aganyň giň howlusyna
sygypdyr. Gyz-gelinler ýaz paslyny ýatladyp dur. Aslynda, türkmen aga gelingyzlaryna ajaýyp güller bilen nagyşlanan gyzyl-ýaşyl eşikleri ýylyň ähli paslynda-da
bahar pasly bilen, gül-gülälekler bilen didarlaşyp durmak üçin geýindiren bolsun
gerek. Ýogsam ýaz pasly sähel salymlyk bolup geçip gidýär. Al-ýaşyl güllerem
rehimsiz Gün derrew ýakyp-soldurmak bilen bolýar. Onsoň, türkmen aga nätmeli? Ol
bahar paslyny söýýär ahyryn. Şeýle bolansoň, ol gözüňe söweýin gelin-gyzlaryny ýaz
paslynyň nyşanyna, her birini bir gülälege öwräýen eken. Gör, bu türkmeniň
pähimini. Ýok, türkmen gelin-gyzlaryna ak ýa gara eşik geýdiräýenok. Men bu
gürrüňleri näme üçin edýärin?! Toýa çagyrylan myhman hökmünde, saçagyň bir
çetinde daş-töweregime syn kylyp oturyşyma, hyýalyma gelýän pikirleri aýdýan.
Kertik aganyň giň howlusy durşuna al-elwan güllerden dolana meňzeýänligi üçin
aýdýan. Şagalaň, joşgun şeýle bir ýokary welin, ölem bolsaň, ýatmaga ejap edip,
turup tans ediberjek ýaly duýulýar.
Hana, ýaş çatynjalar ýanyp-sönýän her dürli yşyklaryň arasynda lowurdaşypjyk
otyrlar. Olaryň arkasyndaky äpet halyda şeýle ýazgy bardy:
BAGTYM ATAGELDI
Aýjan eje bilen Aýsoltan ejäni «biz içerde oturybereli» diýselerem etmän, ýaş
çatynjalara ýakynrak bir ýerde oturtdylar. Ýöne ol ýerde saz şeýle bir güýçli
ýaňlanýardy welin, biz bu sazyň aşagynda bäş minut otursak, soň bäş ýyllabam
özümize gelip bilmeris diýenlerinden soň, perzentlerine seredip oturmaklary üçin
amatlyrak bir ýer tapyp, şol ýerde oturdypdylar.
Mämmet bilen Oraz «akmämmet» bilen habarlaşan bolmaly, olaryň göçgüni
gaty ýokardan. Olar aram-aram gelip iki garrynyň haýyna-waýyna bakman, tans
etdirmek üçin orta alyp çykýardylar. Kes-kelläm garşy çykyp durmagam birhili
gelşiksiz köpçülik tans edip, seniň toýuňa goşulyp, şatlygyňa şatlanyp otyrka. Onsoň,
olar göwünli-göwünsizrägem bolsa, ortada tans eden bolýardylar. Olar tans edip
ugradygy garynjagazyny sallap, Hemra illew görgülem tapylýar. Ol iki gudanyň
üstüne pul seçip ugraýar. Adamyň kellesine her hili pikirler geljek eken. «Eý, Hudaý
jan, Hemra-ha bir puluň bol ýerine duşupdyr, ýogsam beýdip pul paýlamazdy» diýip,
Aýjan eje öz ýanyndan pikir öwürdi.
139
«Akmämmet» adamlaryň içlerini çöwrüpjik görkezäýýär. Ine, mydama aladaly
gezip ýören Mämmede näme diýip, näme aýtjak. Süňňi ýok ýaly, ýüwrüpjik ýör.
Gelip, ejesini gujaklaýar, ogşaýar.
— Eje jan, eje jan, sen dünýäde hiç zady gaýgy etmegin. Men bardyryn. Men
derdiňe ýaramajak bolsam, aýt, onda men nämä gerek?! Men, eje jan, seni depäme täç
etjek. Sen beýik enesiň! Näme üçin, gelinleriň senden görelde almaýarlar. Näme üçin,
gelinleriňe maňa meňzäň diýmeýärsiň. Olar samsyk, eje.
— Gelinlerim, allanäme, men olardan gaty razydyryn.
— Sen razy bolsaňam, men razy däldirin, eje jan, razy däldirin. Aýratynam, uly
gelniňden, adam däl-ä ol. Adam däl. Hana, işlän bolan bolup ýör. Ol şu ýerde
durmaly. Ol diňe saňa hyzmat etmeli. «Enesi, näme iýesiňiz gelýär, enesi, näme
içesiňiz gelýär?» diýip, sorap durmaly. Ol nädýär?..
— Gelip-gidip dur, habar alyp dur, jan oglum.
— Ýok, ýok...
Orazgeldi hasanaklap, Mämmediň elinden tutup, sen-men ýok galyp gitdi.
Mämmediň sözem soňlanman galdy.
«Erkekler uly çaga» diýip, Aýjan eje öz ýanyndan oýlanyp, ýylgyrdy. Aýjan eje
bu pikire mundan bir asyr ozal belli nemes filosofy F.Nisşäniň gelendigini, «Her bir
erkek kişide gaty oýnasy gelýän çaga gizlengi. Eh, aýallar, siz erkekden şol gizlengi
çagany tapyň ahyryn!» diýendigini bilenok. Ýöne ol erkekleriň, Hakykatdan-da, çaga
ýalydygyny bilýär. Olaryň kalbynyň töründe gizlenip ýatan çaga häsiýetini tapmagyda başarýar. Aslynda, türkmen aýallarynyň tapmajak zady barmy näme! Aýallar
ärleriniň ýöreýişlerinden jübülerinde näçe manat puluň bardygyny, gelip näme
diýjegini bilip durlar ahyryn. Atageldä tapagan diýip uly gürrüň edýärler, aslynda her
bir türkmen aýalynyň tapaganlygy Atageldiden kem däl. Aýjan eje içki pikirlerini
biriniň eşiden bolmagyndan howatyrlanýan dek, töweregine garanjaklady. Agasyny
yzyna düşürip barýan Orazyň yzyndan seretdi.
Myhman gelipdir. Oraz agasyny şol myhmanyň ýanyna alyp barýar. Beýlebeýle myhmanlaryň geljegini bilen bolsa, heý, Mämmet arak içerdimi? Ýok, içmezdi.
Hakyt Gurban Gurbanowiç gelipdir. Hawa, hawa, Gurban Gurbanowiç gelipdir.
Toýuňa raýkomyň birinji sekretary gelse, diýmek, onda seniň toýuň raýonda iň
abraýly toý. Diýmek, toý edýän adamlar kiçi-girim adamlar däl. Diýmek, toý
edýänlere goýulýan hormat uly.
Raýwodhozda baş inžener bolup işläp ýörkä, ony başlyklyk wezipä geçiren hut
Gurban Gurbanowiçiň özi ahyryn. «Saňa uly umyt baglap geçirýändirin. Gurban
Gurbanowiçiň kadry näteňenälet diýdiräýmegin» diýipdi. Özem kör-köpük para-da
almandy. Ýogsam, ol ýere näçe diýse parasyny berip geçjek adam az däldi. Şeýle uly
umyt bildirip duran adamyň ýanynda serhoş bolup durmak gelşiksiz. Geň galaýmaly,
Mämmet şol gelşiksizligi aňdy. Özem birden hiç zat içmedik ýaly bolup, açylaýdy.
Görse, toý gidip dur. Öňünde bolsa, raýkomyň, hawa-hawa, raýkomyň birinji
sekretary Gurban Gurbanowiç dur. Mämmet ähli jogapkärçiligi duýdy.
140
Elbetde, dostuň öz garşylanyşy bar, ýolbaşçynyň öz garşylanyşy bar,
garyndaşyň öz garşylanyşy bar.
Türkmen iki myhmany gaty arkaýyn garşylaýandyr, bir-ä ata-enesini
garşylanda üýtgeşikdir. Ikinjem öz hanyny, ýolbaşçysyny garşylanda üýtgeşikdir.
Gurban Gurbanowiçem üýtgeşik garşyladylar.
Amyderýanyň iki boýunda oturan ilata «Han gören halk» diýilýär. Han gören
halk hormat goýmagy öwrenen halk diýmek ahyryn. Käte muny ýaranjaňlyk diýip
düşünjek bolýanlaram bar. Pikir özleriniňki, isledigiçe pikir etsinler, bizde doly
azatlyk. Ýöne hormat nähili bolanda-da, nirede bolanda-da hormatdyr. Hormat
goýmakdan zelel gören ýok.
Hormatdan bolsun!
Türkmene hormat dolsun!
Ine, Gurban Gurbanowiçi garşylanlarynda toýa gelenleriň göwünleri has
göterildi. Toýa ýaraşyk çaýylan ýaly boldy. Toýuň gadyr-gymmaty artan ýaly boldy.
Ýogsam toýa gelen ýeke adam. Görüň-ä bir adamyň toýa, adamlaryň göwünlerine
ganat berşini!
Gurban Gurbanowiçiň iki dogana bir zatlar aýdasy geldi. Megerem, öňden bir
pikir bilen gelen bolmaly. Toý toý bolýar. Birinji sekretaryň gelendigini gören
sazandalar, heý, sazyny togtadarlarmy, heý, sazyny gowşadarlarmy! Ýok, gaýtam olar
has hyruçlanyp, belentden belent sazlaryna tutdurdylar. Birinjiniň sözlerine
düşünmänsoň, Mämmet sazandalara ellerini salgadyp, bir salym sazyňyzy
goýsaňyzlaň diýdi. Sazandalar ters düşündi. Sazandalar özüçe düşündi. Dogry
düşünse, olardan sazanda boljakmy. Ters düşünýändigi üçin olar sazanda-da!
Gurban Gurbanowiç janygyp-janygyp bir zatlar düşündirmäge durdy. Mämmet
bilen Oraz ahyr düşündiler öýdýän. «Be, asyl beýle eken-ow» diýip, Mämmet baş
atdy. Sözi-hä eşidip bolanok. Güňleriň, lallaryň öz dilleri bar. Olar ellerini
hereketlendirip gaty aňsatlyk bilen düşünişýärler. Edil lallaryň hereketden söz
manysyny alyşlary ýaly, bize-de diňe olaryň hereketlerinden many almak mümkin.
Uzak gürrüňden, uzak baş atyşmalardan, uzak hereketlerden soň, Oraz ýaşy kiçi
hökmünde Gurban Gurbanowiçiň islegi boýunça olardan daşlaşdy. Köp wagt
geçirmän hem bir ýerden kakasyny, bir ýerden ejesini, Aýsoltan ejäni yzyna tirkäp,
Gurban Gurbanowiçiň ýanyna alyp bardy. Adamlar öý eýeleriniň birinji sekretaryň
ýanyna ýörite çakylyk bilen barýandyklaryndan habarlary ýok, olary deňinden
aňsatlyk bilen geçiräýenoklar. Her kim olaryň tans etmegini, şatlyga
goşulyşmaklaryny isleýär. Heý, olara ýok diýip bolýarmy? Kertik aga olar bilen
göwünli-göwünsiz tans eden bolup ýöräp gelýär. Onuň bar ünsi Gurban
Gurbanowiçde. Onuň ýüzi galagoply. Beýle hormatly adamyň körpe oglunyň toýuna
gelendigine-hä begenýär. Onuň çagyrmasyna bolsa hopugýar. «Birinji sekretar toý
gidip durka çagyrýan bolsa, bir çöpjagazy bolmaly». Ýogsam hemmäňiz jem boluň
diýip aýtmazdy ahyryn. Bu ýöne bir gutlamak üçin edilýän zat däl. Eýgilige bolsun-da
hernä? Ýa bir şumluk boldumyka? Aý, garaz, oturan ýerinden Gurban Gurbanowiçi
ýanyna barýança — kyrk ýedi ädim ädýänçä edip ýetişen pikirleri, çaklamalary göni
141
Ginnesiň rekordlar kitabyna girip biljek. Sebäp kyrk ýedi ädimde onça pikiriň, onça
çaklamanyň kellesini agyrdyp çykmak mümkin däl. Hawa, hawa, mümkin däl.
Ýaşula sala salmak gaty aňyrdan gelýär. Elbetde, gowy zat bolsa, peýdaly
bolsa, heý, öz eziz perzentleri üçin garry ata-ene garşy çykarmy. Olar ikelläp
goldarlar. Olaryň goldajagyny, diňe bir goldamagam däl, begenjine depeleriniň gök
direjekdigini, bu ýagşylygy üçin beýik Allatagaladan uzak ýaş, beýik döwlet
dilejekdigini Gurban Gurbanowiçem bilýär, Mämmedem. Şonda-da olara sala
salmaly. Ata-ene habary toýa gelenler bilen deň bilse bolmaýar. Ata-ene bu habary
toýa gelenlerden öň bilmeli.
Gurban Gurbanowiç Kertik aga, Aýjan eje bilen Aýsoltan ejä getiren habaryny
düşündirdi. Begençden ýaňa olaryň depeleri gök diredi. «Taňryýalkasyn. Näme etmeli
bolsa, özüňiz ediberiň» diýip, Kertik aga baş atyp dur.
Şondan soň olar jem bolup, tamadanyň ýanyna ugradylar. Tamada — ýaşlykda
tas şahyr bolan Allamyrat Gurban olaryň gelýändigini görüp, toýa hasam göçgünlilik
berdi. Birinji sekretar hakda bilýän ählije hoş sözlerini aýdyp, onuň mikrofona
ýakynlaýandygyny, häzirem söz bermek isleýändigini yglan etdi.
Gurban Gurbanowiç eline mikrofon alsa-da, Atageldiniň hossarlary gapdalyna
gelip durýançalar garaşdy.
Aýjan eje bilen Aýsoltan eje birinji sekretaryň bir tarapynda, Kertik aga iki
ogly bilen sag tarapynda durdy.
Ähli kişi bir üýtgeşik habaryň aýdyljakdygyny aňdy. Şonuň üçin ähli kişiniň
ünsi Gurban Gurbanowiçe gönükdi.
Dym-dyrslyk.
— Üç sany hoş habarym bar, adamlar. Bu gün türkmen halky üçin gaty beýik
gün. Bu gün Türkmenistan Garaşsyz boldy. Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygy jar
edildi. Men şu dabaraly ýygnanyşykdan, toýdan peýdalanyp, hemmäňizi tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Ikinji hoş habarym, şu gün raýonymyz pagta planyny doldy.
Üçünji hoş habarym Atageldä degişli. — Gurban Gurbanowiç sözüne biraz dyngy
berdi. — Atageldi uly bir tapyndynyň üstünden bardy. Ony hökümete tabşyrdy. Onuň
şu mukaddes işini nazarda tutup, hökümet Atageldi Kertikowa altyn ýüzük bilen pul
baýragyny bermek hakynda karara geldi. Şol altyn ýüzük bilen pul baýragyny
gowşurmagy maňa tabşyrdylar. Adamlar, rugsat berseňiz, ýaş çatynjalara altyn ýüzük
bilen pul baýragyny gowşurmagy maňa rugsat ediň.
Edil ýygnakdaky ýaly, ähli kişi ör turup, şowhunly, gürrüldili el çarpyşdylar.
Ýaşyň könelişiberse, ýüregiň sary sähel bolsa üzüljek-üzüljek bolup dur. Hana,
Gurban Gurbanowiçiň Atageldiniň eline iki sany altyn ýüzük tutdurmagyna Kertik
aganyňam, Aýjan ejäniňem begençden ýaňa gözlerine ýaş aýlandy. Olar köpçüligiň
içinde gözlerini ýaşlap oturmak islänoklar. Ýöne dyňzap gelen gözýaş olaryň islegine
tabyn bolup durmy näme. Olar, hana, zol-zol gözleriniň ýaşlaryny sylyp, ýüzük dakyş
dabarasyna seredip durlar. Atageldiniň Bagtyma ýüzük dakyşy, soňundan Bagtymyň
Atageldi jana ýüzük dakyşy ömürboýy edip gelen arzuwlarynyň myrat tapyşy ahyryn.
Är-aýal bolup, şeýle güne olar gaty yhlas bilen garaşypdylar ahyryn!
142
Toý olaryň tama edişindenem artyk geçip dur ahyryn! Heý, onsoň, beýle bagta
gözüňi ýaşlaman, tolgunman durup bolarmy?!
Ata-enesiniň gözlerini ýaşardyp seredýän dabarasyna bir gyrada durup, Oraz
janyny ýakýardy. Mämmediň birinji sekretaryň ýanynda pelesaň urmasyny-da,
Atageldiniň bagtynyň aşa çüwmesini-de ol inine sygdyryp bilenokdy. Ol özbaşyna
nämedir bir zatlar samraýardy. Ýöne bu mahal onuň samramasyna üns berýän, üns
berjek bolýan ýekeje-de adam ýokdy. Wah, şu mahal hiç kim bolmasady, onda Oraz
ajy-ajy sözleri Atageldiniň depesinden eňterip, içini sowadardy.
Gurban Gurbanowiç begenýändir, ýylgyrýandyr öýtmeýärdi. Oraz onuň edil
çaga ýaly ýylgyrjaklap durmasyny geň gördi. Hakykatdan hem geň gördi. «Atageldi
samsyk onuň hiç zady däl ahyryn. Öz çagaň bolanda-da şeýdip begenip bolmaz-la»
diýip, Oraz oýlandy.
— Bagtly boluň, her günüňiz şatlyk-gülküden doly bolsun. Birek-biregi
hormatlap ýaşamagy başarsaňyz, şatlyk-gülkiniň gitjek ýeri bolmaz — diýip, Gurban
Gurbanowiç ýaş çatynjalary mähirli gutlady.
Atageldi durşuna minnetdarlyga öwrülip:
— Sag boluň, Gurban Gurbanowiç! — diýdi.
Bagtygül durşuna bagta öwrülip:
— Sag boluň — diýdi.
Oraz hyrçyny dişledi. Megerem, gatyrak dişländir-dä, dodagynyň awusy
ýüregine ornady. Ol eli bilen dodagyny elleşdirdi. Dodagynyň ganandygyny bilip, ol
ýüzük gowşurylyş dabarasyndan biraz daşlaşmak isledi. Dodagynyň ganandygyny
bildirmezlik üçin, elýaglygy bilen agzynyň daşyny süpürenden bolup, bir çete çekildi.
Ortada tans gidýärdi.
Derkar ýegen bir owadan gyzyň daşynda edil süňksüz ýaly bolup pyrlanýardy.
Beýle owadan tansy Oraz bu ýakynlarda görmändi. Asyl, kinoda-da görmändi.
Derkar ýegen her hili hokga tapjak-how.
Onuň bilen pyrlanýan gyzam-a eger-eger ondan galarly däl.
Kimiň gyzykan-aý ol?
Tans edip aýlanyp ýören kändi. Ýöne olaryň tansy häki bir tansdy. Şonuň üçin
olar Derkar ýegeniň tans edişini synlamagy dowam etdirýärdiler. Oturanlaryňam bar
ünsi Derkar ýegendedi. Hana, Senem başlyk. Olam pyrlanyp ýör. Onuň tans edişi hem
erbet däl. Şol uly göwresini ýeňillik bilen hereketlendirip ýörşi Oraza gaty geň.
Barlynyň bazary ýanynda diýýär-ä Orazyň ejesi. Senem başlygyňam bazary
ýanynda. Ol al-ýaşyl ýaglyklary tans edip ýören gelin-gyzlaryň eginlerine ýapýar.
Senem başlygyňam bar ünsi Derkaryň tans edip ýörenje gyzynda. «Hiç neneň
däl» diýip, Senem başlyk ogluna yşarat etdi. Derkar ýegen bolsa ejesiniň bu bahasyny
görmedikden boldy. O tans edýän gyz öz-ä Oraz-a tanyş. Ýöne, hernäçe oýlansa-da,
ol gözeli nirede görendigini hakydasyna getirip bilmedi. Tans gutaransoň, ol gözel
gyzyň kimiň ýanyna baryp oturýandygyna seretdi.
Ol gözel gyz etrabyň baş lukmanynyň kömekçisi eken. Derrew Oraz ol owadan
gyzyň Jerendigini bildi. Ol gyz Atageldiniň şol goşgy okap beren gyzy bolmaly.
143
Hana, etrabyň lukmanlary bir hatary tutup otyrlar. Olary, elbetde, ýöriteläp Atageldi
çagyran bolmaly. Her hili adamlar bar. Bir adam seniň bilen bir gezek duşuşdygy bes,
ol seniň bilen ömür gatnaşyp ýören ýalydyr, içgindir. Onuň bilen gatnaşasyň geler
durar. Ýene bir hili adam bar. Näçe gatnaşsaň-da, onuň bilen içgin ýakynlaşyp
bolmaýar. Şeýle adama dostam diýip bolanok, tanşam diýip bolanok. Haýran
galaýmaly, Atageldi bir gezek iş salşan, tanşan adamy bilen dogan ýaly ýakynlaşýar
ötägidýär. Oraz «dogan» diýen sözüne düzediş bermek isledi. Dogan däl, köne
meslekdeş, köne dost ýaly gatnaşyp ötägidýär.
Tamada gürleýär:
— Gurbanow familiýalylar gowy adamlar bolýar. Bu taryhda subut edilen
hakykat, adamlar. Menem Gurbanowdygyma begenýän. Häzir biziň hormatly
myhmanymyz, raýkomyň birinji sekretary Gurban Gurbanowiçiň haýyşy boýunça
Atageldi bilen Bagtymyň hossarlarynyň tansa çykmagyny haýyş edýärin.
«Näme diýip gürleseň, gürläp oturmaly bor oguşýa. «Taryhda subut edilen
hakykat» diýýär. Käbir bende ynansa, ynanaram şuňa. Haý, taryhyň götermeli
töhmetlerem az däl...» diýip, Oraz ýene hyrçyny dişledi. Agyry onuň depesine çykdy.
Şol wagtam kimdir biri onuň elinden çekdi. Görse, Derkar ýegen ony tansa çykarjak
bolup elinden çekýär. Janyna nädip ýaranjagyny bilmän duran Oraz gaharyny kimden
çykarjagyny ahyr tapan ýaly boldy: ol bar güýji bilen Derkaryň döşünden itip
goýberdi.
Derkar ýegen beýle-beýle zatlara asla garaşman eken: gaýtdy diň arkan.
Ýeňsesi baryp, edil Görogly begiň ediberşi deýin ýere çümdi gitdi. Elbetde, ýer gaty
däldi. Şonda-da kelläň baryp ýere girer-de, heý, agyrmazmy?
Ýa ýatan ýerini amatly görüp ýatasy gelip ýatdy, ýa-da özüne gelip bilmän
ýatdy. Ol esli ýatansoň, birki sany deň-duşy gelip ony ýatan ýerinden turuzdy. Didar
tursa-da turdy welin, äm-säm bolup dur, tans etmäge-hä ýararly däl ol. Bir zatlar
diýjek boldy. Ýuwdundy-da, diýmedi. Aýtjak sözlerini, belki, gowşak görendir.
Çüýlär ýaly ajyja söz gözleýändir, belki. Şeýledir ol, onça güzapdan soň dymyp
ötägidiberjek ýigid-ä däl. Tamany ödedi, diýdi:
— Ata Salyhyň kädisi sen. Özüňi beýik, geni hasaplaýarsyň. Atageldiniň
özüňden ökdedigine göriplik edýäň. Janyň çykýanam bolsa, ol senden ökde. Ol
senden beýik. Sen içi boş meşik...
Derkar ýaňy başlapdy. Onuň aýtjak sözleri az-küş bolmaly däl. Ýöne aýdyp
ýetişmedi.
Oraz Derkar ýegeniň saýrap ugran eňeginiň aşagyndan berk ýumulgy
ýumrugyny şeýle bir jaýdar suňşurdy welin, Derkar ýegen amerikan «boýewik»
kinolaryndaky ýaly, atylyp honda düşdi. Honda diýýän ýerimiz — peýwagtyna saz
diňläp, keýpjagazlaryny kökläp oturan myhmanlaryň öňi, her dürli nazy-nygmatlardan
doly uzyn stol. Ol ýerden Derkary, birinji ýykylan ýeri bilen deňeşdireniňde, gaty
bahym aýaga galdyrdylar.
Senem başlyk jigerine-janyna deňäp ýören körpe oglunyň peýkam ýaly atylyp
gidenini, barybam alaşakyrdy edip myhmanlaryň öňüne düşüşini hut öz gözleri bilen
144
gördi. Eşitse, ynanmazdy. Asyl ynanmazdy. Ol bolsa, öz gözleri bilen gördi. Ol nädip
turanyny, nädip çirkin ses bilen ogluna bakan okdurylanyny bilenok. Ony bilmek, o
zatlar hakda oýlanmak oňa asla geregem däl.
Başlyk başlyk bolýar. Gaýyp başlyk dawanyň ula gitmeginden saklandy. Gül
ýalak toýy bulap bolmaz ahyryn. Adamlar näme diýer. Elbetde, bu etmişi üçin Orazy
boş goýmaly däl. Ýöne Oraz almytyny almaga soňam ýetişer. Wagtynda almytyny
berjek bolup, toýy bulamaly däl. Almytymy giç berdiň diýip, Oraz üstüňden arz edip
duranok ahyryn.
«Derkar ýegen lýotçik boljak ýigit. Ine, Atageldiniň toýunda ol samolýotsyzam
uçup bilýändigini görkezdi. Indi onuň lýotçik boljagyna ynansa bolar...» — diýip,
Gözel içini gepletdi. «Ine, saňa geregi. Halaşýan gyzyň bilen tans etmän, ony
öýkeledip, şäherden gelen başga bir gyz bilen tans etseň, Hudaýjanyň edýäni şeýledir,
Derkar babnik...».
On altynjy kyssa
GELNIŇIZ SALAM BERÝÄR...
Türkmeniň toýy bir günde öňem gutarmandyr, bu günem gutaranok. Özem
türkmen agaň toýy başga halkyň toýuna meňzänok. Meňzemeýänliginiň içki bir
sebäpjagazy bar. Ol sebäbem halkyň içki isleginden gaýdýar. Ol islegem ýönekeý:
türkmen her gününiň toýçulyk bolmagyny isleýär. Ine, şujagaz isleg hem eýleräk
görnüşde-de, beýleräk görnüşde-de ýüze çykyp dur. Türkmen her gününiň şagalaňly,
toýçulykly geçmegini islänsoň, her hili bahanajyklar tapyp, toýjagaş eden bolýar.
Çaga dünýä inensoň, türkmeniňki çüwýär. Başlaberýär ol toý etmäge:
— doguldy diýip bir toý eder,
— diş toý — mekge patrak diýip bir toý eder,
— ýörjen-ýörjen diýip bir toý eder.
— elini halallatdym diýip bir toý eder.
O toýlaryň içinde has ululary hem bar.
Şonuň üçin türkmen toý etjek diýibem toý edýär.
Türkmeniň bolşy bu dünýä diňe toý berip geçip gitmek üçin geläýen ýaly.
Uly toý etmek üçin, ilki kiçi toý edip ugraýar türkmen. Özem ol toýuny bir
günde, iki günde gutaraýanok.
Türkmen aga toý etjek diýip, ilki geňeş toýuny edýär.
Näme, geňeş toýuna gelenlere eçiljek dälmi? Eçilmeli. Gelýänler eçilmeseň,
iňirdäbem janyňy alarlar. Onsoňam, geňeş toýuna iň ýakyn hasaplaýan adamlaryň
çagyrylýar ahyryn.
Geňeş toýunda kimiň näme etmelidigi, kimiň näme tapmalydygy belli ediler.
Haýsy gazana kimiň ot salmalydygyna çenli bellidir.
Kim arak paýlamaly.
145
Kim gelen-gideni garşy alyp durmaly.
Kim myhmanlaryň öňüne naharyň goýluşyna seretmeli.
Kim beýemçi, kim bekewül. Bu sözler bir many aňladýandyr öýtmäň, ýok,
olaryň hersiniň öz etmelije işleri bar.
Ana, şol geňeş toýy günündenem toý başlanýar dogrusy.
Toýa çenli bolsa her gün geňeş toýy. Bu gün näme alyndy?! Ertir nämeler
etmeli?! Toýda hyrçyňy dişlemez ýaly, müň ölçäp, müň on gezek biçmeli. Türkmen
ýeter-ýetmezrägem bolsa, toýunyň kemsiz bolmagyny isleýär. Baryny-ýoguny orta
goýýar. Toý toý şekilli bolmaly.
Dessanlarda patyşalaryň ýedi gije-gündiz toý berendigi aýdylýar. Şol ata-baba
dessanlaryndan çen tutsaň, bu gün her bir türkmen patyşa tutumly.
Bu gün gadymy ata-babalarymyzyň tutýan ýedi gije-gündizki toýuny eli
ýukarak türkmenem ap-arkaýyn tutýar.
Düýn gelin geldi toýy boldy.
Bu gün Kertik aganyň toýy dowam edýär. Özem bu günki toý gaty irden
başlanýan toý.
Bu günki toýuň adyna türkmen aga «Gelin salamy» toýy diýýär.
Bu gün gelin — Bagtym jan öz eziz gaýynatasy bilen gaýynenesine,
gaýynagalaryna, eltilerine ilkinji gelin salamyny berer.
Bu gün gelin — Bagtym jan täze gelen ojagy bilen tanyşdyrylar.
Bu gün — Bagtym jan gelin bolup öz mähriban käbesine salam berer.
Täze çatynjalara Kertik aga nämedir bir zatlar eçilmeli!
Gaýynene näme bererkä gelnine?! Körpeje gelnine?
Kertik aga bilen Aýjan ejäniň täze dörän rozugäre nämeleri eçiljekdigi Kertik
aganyň ogul-gyzlaryny gaty gyzyklandyrýar.
Olar özlerine berlen zatlar bilen körpe ogla berilýän zatlary deňeşdirip görmek
isleýärler.
Onsoňam, bar zat zatdamy näme!
Salam beriş dessuryny synlamagam bir tomaşa ahyryn. Ine, şu zatlar üçin,
onsoňam ýedi günläp toýy toý şekilli geçirjek bolup çeken yhlaslary üçin, sagbolsun,
taňryýalkasyn eşitmek üçin irgözinden irikgä bolup otyrlar.
Kertik aganyň ogullary Mämmet bilen Oraz indi ýedi gün bäri çaga-çugalary
bilen şu öýden girip çykýarlar. Aralygynda Mämmet bilen Oraz bäş minut wagt tapyp
öýlerine aýlanyp gaýdan bolaýmasalar, toýy iş edindiler. Hökümetiň işine-de
göründiler. Iş ýerindäkiler olaryň ýagdaýyna düşünip durlar. Şonuň üçin olar
arkalaşdylar.
Bu günem toýuň iň soňkuja güni. Bu gün günortan, nesip bolsa, Mämmedem,
Orazam çagalary bilen öz öýlerine gaýtmakçy.
Günorta çenli bolsa goşa per ýassyklary tirsekläpjik gelinleriň hyzmatyny
görmeli. Hawa, bu gün indi olara hyzmat edilmeli. Olar bu gün dynç almaly. Bu gün
ýüz gramjyk içäýseler-de, Kertik aga ogullaryna hiç zat diýip durmaz-la. Ýöne olaryň
146
aýallarynyň ümsüm oturjagyna iki doganyňam kepilligi ýok. «Daň bilenem bir arak
içmek bolarmy?» diýse diýer oturarlar-da. Seniň aýdýanyň nädogry diýip, hany bir
geple-dä! «Ýedi gün arak içmän, oňly duz datman mähriban inimiziň toýy diýip
ylgadyk, indi bir dynç alaly-da» diýip, olara gep düşündirip bolmaz. «Dynjy arak
bilen almalymy? Kim daňdan arak içýär?» diýerler. Oňa jogap tapyp berjek adam
tapylmaz. Iň dilewar şa Apbasam ýeňsesini gaşaýsa gerek. Aý, bolýa, aýallaryň
diýýäni dogry, soňunam, görübermeli bolar-da. Belki, ýüzünden geçip bolmajak bir
adam geler Hydyr ata ýaly bolup. Onuň ýüzünden geçip bilmänem içmeli bolar.
Bu mahal kakalarynyň-a keýpi kök. Agtyklaryna her hilije henek atýar. Şondada gözi gapyda. Gelniň haçan geljegine, haçan salam berjegine garaşýar ol. Diňe
Kertik aga däl, içerini dolduryp oturanlaryň bary gelne — Bagtyma garaşýar.
Içerde ýat adam ýok. Öz dogan-garyndaşlary bilen goňşy-golamlary.
Giň içeriniň sag tarapynda türkmençilik däbine eýerilip, erkek kişiler otyr. Olar
aýallardan azrak bolansoň, sag tarapyň esli bölegini çagalar dolduryp otyr.
Erkek kişiniň — Adam atanyň çep gapyrgasyndan ýasalandygy üçin içeriniň
çep tarapynda bolsa erkekleriň aly hezretleri — aýal-gyzlar otyrlar.
Içeriniň hyşy-wuşysy ýetik. Oglan-uşaklaram ümsüm oturýan däldirler welin,
olar bilen deňeşdireniňde erkekleriň aly hezretleriniň hyşy-wuşysy giň içerini
sarsdyryp dur.
Ýat adam bolmansoň, olar geplemän kim geplesin?! Özem haýran galaýmaly,
olaryň içinde «Men diňläýin, sen geple» diýjegi ýok. Olaryň içinde gep diňläp
oturjagam ýok. Ähli kişi gürlejek. Ähli kişiniň aýdara, tüweleme, zady, gürrüňi bar.
Tüweleme, aýal-gyzlaryň gep böwenjigine Allatagala sahylyk edipdir. Allatagala-da
şulardan basylan bolmaly, ýogsam beýdip eçilmek nämä gerek boldukan oňa?!
Olaryň tersine, erkek kişiler, ýygnaga gelen ýaly, käte bir ardynyşyp, seslerini
çykarman otyrlar. Olarda aýdara söz ýok. Olaryň bolşy, seslerini çykarsalar, kimdir
biri: «Ýuwaş-how, halys ýürege düşdüň» diýäýjek ýaly. Ulugyz kimin hakyt
sülmüreşipjik otyrlar. «Ulugyz ýaly sülmüräp» diýen köne frazologik sözi gepiň
gerdişine aýtsak aýdaýdyk, hakykatynda bu söz düzümi öz möwritini ýitiren,
hakykata, durmuş hakykatyna asla laýyk gelmeýän söz düzümi ol!
Geplemese, her dyman minudy üçin ummasyz köp pul jerime tölemeli bolaýjak
ýaly, şonuň üçinem mydama aldygyna gürläp ýören Hemra illewem, ine, «Dymanym
üçin näçe manat jerime tölemeli bolsam hem owarram, töläýerin-dä» diýip, özüne
kast edip dymýana meňzeýär. Näme diýseňem, erkek kişileriň ýüzleri-hä gülgün.
Aýal-gyzlaryň-a henizem gapa seredip Bagtymyň içeri girenini-girmänini
anyklap durara wagtlary ýok, erkek kişileriňem gapa seretmekden başga güýmenjeleri
ýok.
Hana, Oraz bilen Mämmet aýbogdaşlaryny gurap oturyşlaryna birsyhly
ýakalaryny elleri bilen barlaşdyryp, düzedişdiren bolýarlar. Näme üçindigi belli,
bolmaz ahyryn, Bagtym gelin seredende gaýynagalarynyň ýakalary gyşyk bolsa,
«Gaýynagam-a ýakasynam oňaryp bilmeýän ekeni» diýmezmi? Diýer. Iki dogan elleri
147
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Tapagan - 14
  • Büleklär
  • Tapagan - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3819
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2080
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2115
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3778
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2065
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3843
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1950
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3843
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1930
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3842
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3871
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1997
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3781
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1955
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3897
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1908
    35.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3802
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1988
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3850
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    35.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3853
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1962
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3802
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1909
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 2335
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1369
    35.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.