Latin

Tapagan - 09

Süzlärneñ gomumi sanı 3781
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1955
32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Karary özüň çykar. Men seniň kararyňa kaýyl. — Naçalnik «Akja kepderini» biraz
aňry itdi-de, sowuk oturgyçda ornaşdy.
— Bu näme etdigiňiz.
— Men adalatyň goragçysy. Şonuň üçinem men özüm babatda-da adalatly
bolmaly. Rast, huşsuzlygyň sebäpli, seni kösedimmi, jezamy men çekeýin. Sen bir
gün oturan bolsaň, men iki gün oturaýyn, üç gün oturaýyn. Ony özüň kesgitle. Aýt,
näçe gün oturmalydygymy?
— Men ony aýdyp bilmen.
— Adalatly bol. Ýüzgörüjilik etme. Kanunyň öňünde senem, menem deň
hukukly, deň borçly.
— Size gelşenok bu ýerde oturmak, çyksaňyzlaň. Biri görse, näme diýer.
— Meniň senden näme artykmaçlygym bar. Jenaýat iş etse, ministrem şu ýerde
oturmaly. Bu ýerde wezipesiz oturmaly, wezipeli oturmaly däl diýen zat ýok.
— Kejirlik edenim üçin siz meni bagyşlaň, ýoldaş komandir. Men öz
ýalňyşyma düşündim. Ikimizem çykalyň. Bir haýyşym bar. Men, ine, şu ýaşuly bilen
bile oturdym. Dostlaşdym. Ýalňyşlyk goýberipdir, ýigrimi bäş gram içip, aýaly bilen
sögüşipdir. Eger mümkin bolsa, şu ýaşula-da şu ýerden çykmaga rugsat beräýseňiz...
Naçalnik böwrüne diň salyp bir salym durdy-da, şelaýyn ýylgyrdy.
— Goý, seniň diýeniň bolsun, Tapagan. Men bu alkaşy çykaraýyn. Bu kişi ýüz
gram içdigi aýaly bilen uruşýar. Aýaly görgülini näçe gezek urup keselhana düşürdi.
Görgüliniň döwülmedik ýeri galmady. Eý, sen, şu Tapagana sag bol aýt. Aýalyňa
degme.
— Degmen, degmen. Özi degse-de degmen. Söz berýän.
— Hany, ýör, Tapagan. Meniň kabinetime baraly.
Olar naçalnigiň kabinetine bardylar. Naçalnik ýerine geçip, çilim otlandy.
Nobatça gidiber diýip yşarat etdi. — Bolşuňy haladym. — «Bolşuňy haladym» diýsede, naçalnigiň ýüz-keşbinden, gepinden-sözünden halandygy duýulmaýardy. Bu
sözüň ýasamadygy gaty bir synçy bolmasaň hem duýlup durdy. — Hany, özüň barada
gürrüň ber. Sen nirede işleýäň?
92
— Edil häzir-ä işleýän ýerim ýok diýsemem boljak. Gullukdan öň ýol-gurluşyk
edarasynda brigadirdim. Gelemsoňam entek iş tapamok. Tapmasyna-ha düýn tapdym.
Düýn hemme zat gülala-güllükdi. Men size baryny gürrüň bereýin.
— Ýok, ýok, gürrüň berme. Işe girmek, çykmak ýa kowulmak täzelik däl.
Maňa seniň jikme-jik terjimehalyň gerek däl.
— Wah, olar meni düýn işe aldylar.
— Bu günem çykaran bolsalar, bir sebäpjagazy bardyr. Bir bulagaýlyk edensiň.
— Olar maňa işden çykdyň diýenoklar.
— Zyýany ýok. Işden çykan bolsaň, biziň seni işe alaýmagymyz mümkin.
Atda tapagan birsalym oýurganyp, özüni kellesi gyzyl papakly, agzy jürlewükli,
syrty sapançaly göz öňüne getirdi-de ýylgyrdy:
— Ýak, ýoldaş komandir, sizem-ä... Mendenem bir melise bormy?
Naçalnigem elleri-aýaklary tagaşyksyzdan uzyn bu ýigidi edil şo pormyda göz
öňüne getirip gören bolara çemeli, olam ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady:
— Biz saňa milisiýanyň formasyny geý diýemzok, ol hökman däl, graždanskiý
geýimde-de işläp bolar. Sen diňe käbir ýiten zatlary tapyşmaga kömek berseň, bolany.
Her gün dokuzdan on sekize çenli bärde gazarylyp oturmak hökman däl... Bizde aýlyk
ýagdaýam erbet däldir!
Atda ýene biraz böwrüni diňläp oturdy-da, başyny galdyrman gürledi:
— Eý, ýoldaş komandir, şu meselämiz kynrak bolaýmasa... Ýa men milisäň
işine ýaraman, ýa milisäň işi maňa ýaramaz, garaz... Şonuň üçinem men aýlyk-paýlyk
diýip, siziň öňüňizde bergi-borçly bolmaýyn-da, şeýlekin kömek edibereýin, eger size
gerek bolsa.
— Hany, şu ýerde otur — diýip, naçalnik oňa ýer görkezdi. Tahylyndan kagyz
çykaryp, Atda tapagyň öňünde goýdy. — Ine, şu kagyza işe kabul etmegiňizi haýyş
edýärin diýip, meniň adyma arza ýaz. Men oblast bilen maslahatlaşaýyn, olaryň
razylygyny alamsoň, men seni taparyn.
— Naçalnigiň Atda tapagy işe kabul etmek höwesi birden artan bolarly,
burnuny gaşap, ynamly gürledi. — Sen işe girdim diýip hasap edäý. Şu günüň çislosy
bilen seni işe aldyrjak bolaryn. Şu günem onda saňa ilkinji, ýok, ikinji tabşyryk şeýle:
bizde bir gowy it bardy.
— Yz çalýamydy?
— Ilk-ä yz çalýady. Soň oňa başga bir hünärem öwretmeli bolduk.
— Gürlemänimi?
— Soňky döwürde biziň territoriýamyzyň üstünden her dürli neşe maddalaryny
alyp geçýänler köpeldi. Müň dürli usulam ulanýarlar. Köwşüniň oltaňyna, maşynyň
tigrine, türsisiniň içine... garaz, aýdýan-a, gizläp bolýan ýer bolsa, gizläp görýärler.
Köpüsin-ä tapýasam welin, adamyň kellesine gelmeýän ýerlerem bolýar-da. Ine,
şonuň üçin biz şol yz çalýan ýekeje itimize neşe öwretmeli bolupdyk. Gowy işläbem
ýördi — diýip, naçalnik dymdy.
93
Naçalnigiň soňlaman goýan gürrüňini başga ynamdar kişilerden
eşiden maglumatlarymyza görä beýan edýäris:
«Bir gezek raýona oblast naçalnigi gelipdi. Raýonyň ähli
milisionerlerini ýygnap, howluda nyzama duruzdylar. Hälki oblast naçalnigi
milisionerleriň öňünden geçip barýardy welin, birdenkä neşe öwredildi
diýilýän it özüni saklap duran milisioneriň elinden sypdy-da, myhman
naçalnige tarap okduryldy.
Boldy bir başagaýlyk!
Hemme kişi it janawara düşünip durmy näme (adam adama zordan
düşünýär ahyryn!), onuň niýeti myhmany ýarmak däl eken, ol topulyp
barmasyna bardy-da, myhman naçalnigi ysgaşdyryp duruberdi. Ysgaýarysgaýar-da çyňsaýar, Milisionerler biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
Ýer ýarylan bolsa raýon naçalnigi göni girmäge kaýyldy, şeýle bir
utanypdy, gorkupdy. Raýon naçalnigi myhmany sag-aman ugradyp, ite
jogapkär milisioneriň üstüne düwledi:
— Eý, mahluk, gözüň nirde, kelläň nirde? Edeniň näme seniň? Şo taýa
sokulyp barmaga kim saňa rugsat berdi? Häziriň özünde ýok et itiňi, gözüm
görmesin!
— Nä-nädeýin? — diýip, aljyrap duran milisioner sakawlady.
— At, çykar-da!
Ertesi gahary, gorkusy birneme ýatyşansoň, naçalnik itli işgärini
ýanyna çagyrdy:
— Hany, itiň?
— Gaçdy, ýoldaş naçalnik! — It janawar düýnki gürrüňden netije
çykaran bolarly.
Ite jogapkär milisioner-ä işden kowuldy, item gaýdyp tapylmady».
— Ol birden gürüm-jürüm boldy. Näçe wagt geçse-de, ony pylan ýerde gördük,
ol hakda eşitdik diýýän ýok. Bize, sen şol iti tapyp ber.
— Siz ony tapaýsaňyz nätmekçi? — diýip, Atda tapagan duýdansyz sowal
berdi.
— Atmakçy! — diýip, bu oslagsyz sowala üstüni basdyran naçalnigem birden
dilinden sypdyrdy. Soňam bu sözüne düzedişdir düşündiriş berip ugrady. —
Umuman, atmazlygymyzam mümkin... Meniň beý diýmämiňem sebäbi bar. Eger-de
şol it neşe söwdagärleriniň eline düşse, onda olaryň peýdasyna, biziňem garşymyza
işlemegi mümkin. Şonuň üçinem, ony tiz-tizden zyýansyzlandyrmaly! Bu meniň
pikirim däl. Bu bizden ýokardan edilýän talap. Men şol itiň tapylyp
zyýansyzlandyrylandygy hakdaky raportymy bermesem, rahatlyk ýok. Bir it üçin
masgara bolup işden gitmegem gelşiksiz. Garasaý, şol it sebäpli meniň işim gylsyrat
köprüsiniň üstünde asyl-asyl bolup dur...
— Gylsyrat köprüsinden üç gezek dagy geçmeli ekeniňiz-ow.
— Bu näme diýdigiň boldugy?
94
— Düýn ýanyňyza gelemde-de gylsyrat köprüsiniň üstündediňiz ahyryn.
Batereýiň aşagyndan möhüri tapyp, ilkinji köprüden-ä geçdiňiz.
Gapy açyldy.
— Mümkinmi? Gylsyrat köprüsine ýetmänkäňiz, meniň bir sözümi diňläň. —
Içeri Gaýyp başlyk kürsäp girdi. Naçalnik bilen gadyrly salamlaşdy. — Düýnden bäri
Atdany agtaryp tapyp bilmän ýörün. Gije elkin ýatmasy ýokdy munuň. Kakasam,
ejesem bir zat bolandyr gorkusy bilen titreşip otyrlar.
— Muny men sakladym.
— Jany berin sagmy?
— Jany sag-la, ýöne...
— Jany sag bolsa, ýönesi bolmaz. Bir zada nepi degýän bolsa, peýdalanyberiň.
Bu ýigit bize gaty gyssagly gerek boldy. Birinji sekretarymyz «ýanyma alyp gel»
diýdi. Menem onsoň Atageldiniň gözlegine çykdym. Siziň çagyranyňyzy eşitdim-de,
göni gaýdyberdim. Biziň internasionalist esgerimiz bir bolgusyz iş edipmi? Öz-ä bu
gaty terbiýeli bolmaly.
— Kakasy gowy terbiýe beripdir bu ýigide — diýip, naçalnik şelaýyn ýylgyrdy.
— Eden işi ýok. Biz bu ýigidi şu gün işe aldyk. Ynha-da arzasy.
— Şeýlemi asyl?! — Gaýyp başlyk bu habara begenmedi. Ol biraz demini
rastlap, ynamly gürledi. — Onda men wagtynda gelipdirin. Atageldä uly ynam
bildirip, işe kabul etmäňiz gaty gowy zat. Bu biziň abraýymyz. Size her öňýeteniň işe
alynmaýandygyny bilýäs. Ýöne Atageldi sizde işläp bilmese gerek.
— Işlär, men diýdim, gutardy.
— Ol arzaňyzy ýyrtmaly bolar.
— Näme üçin? — diýip, Atda tapagan zöwwe ýerinden galdy.
— Birinji sekretaryň rekomendasiýasy bilen biz Kertikowy kolhozymyzyň
gurluşyk brigadasyna ýolbaşçy edip işe aldyk. Özem şu gün. Eger garşy bolsaňyz,
onda birinji sekretaryň özi bilen düşünişmeli bolarsyňyz. Bir adamyň iki ýerde
işlemäge hakynyň ýokdugy hakdaky ýoldaş Mihail Sergeýewiçiň kararynam bilýän
bolsaňyz gerek.
— Bilýän, bilýän — diýip, naçalnik howlukmaç gürledi. — Birinji
sekretarymyz rekomendowat eden bolsa, onda meniň alajym ýok. Hawa-da, gowy
kadrlar hemme ýerde-de gerek.
— Birinji sekretar maňa Kertikowy tapyp, derrew meniň ýanyma getir diýdi.
Ondan bärem dört sagat geçdi. Eger rugsat berseňiz, ýoldaş... Men Ketikowy birinji
sekretarymyzyň ýanyna elteýin.
— Baş üstüne. — Naçalnik Atda tapagyň arzasyny eline tutdurdy.
Gaýyp başlygyň keýpi kökdi, çünki ol birinji sekretaryň möhümini bitirýärdi:
Atda tapagy onuň ýanyna alyp barýardy.
Maşynyň yzynda oturan Atda tapagan içki pikirini daşyna çykardy:
— Bir günde iki işe girip, ikisindenem çykarylan adam barmyka?
— Ýokdur-la — diýip, Gaýyp başlyk başdansowma jogap berdi. — Ol mümkin
däl.
95
— Mümkin. Sen meni ikinji işimdenem çykardyň. Şu gün üçünji arzany
ýazmaly bolýan. Ginnes dädäň kitabyna giräýdim öýdýän.
— Menem işden kowsam, soň nirä giderkäň? — Gaýyp başlyk hezil edip güldi.
— Soňam öwüt-nesihat bermäge başlady: — Saňa häzir aýdaýyn: birinji sekretaryň
ýanynda özüňi gaty sypaýy alyp bargyn. Seniň partizan häsiýetiňi — dymmalygyňy
görkezmeli ýeriň geldi. «Bolýar» sözünden başga ýekeje agyzam söz aýtmagyn.
— Nädogry zada men nädip dogry diýeýin?
— Onuň nädibi bolmaz. Nädogry hasap etseňem, örän dogry aýdýaňyz
diýmelidir.
— Kakam-a öljegem bolsaň, hakykatyň tarapynda bolgun diýipdi.
— Aý, kakaň ölsün seniň. Şunuň ýaly bolgusyz gürrüňi meniň ýanymda dagyduwara edäýme. Bek belle: hakykatyň bazary sowuldy. Onsoňam sen oglan-oglanjyk
däl. Kakaň pikiri bilen däl-de, öz pikiriň bilen ýaşajak bolgun. Ýogsam kösenersiň.
— Nädogry zada dogry diýip uzak gidip bolmaz.
— Kakaň pikiri bilen seni arabada mündürmeýärler. Birinji sekretar maňa
ýörite tabşyrdy: «Tapaga aýt, goý, ol meniň ýanyma gelip gitsin, gürrüňim bar» diýdi.
Men saňa baryp aýtdym. Seni birinji sekretar çagyrýar. Şu gün hökman bar diýdim.
Senem bararyn diýdiň, söz beribem barmansyň. Häzir näme üçin gelmediň diýip
sorar, sen oňa kakam keselledi, tas ölüpdi diý, şonuň üçinem ýanyňyza gelip
bilmedim diý, bagyşlaň diý.
— Kakam kesel däl-how.
— Onda näme üçin barmadyň?
— Senem duşuşyk bar, hiç ýerik gitme diýdi.
— Senem birinji sekretar däl, ilki birinji sekretaryň aýdanyny ederler. Sebäbi ol
seni günde-günaşa çagyryp ýörenok.
— Senem hiç ýerik gitme, duşuşyk bar diýdi. Gaýyba özüm düşündirip aýdaryn
diýdi.
— Senemmi? Hä, o gürrüňmi? Habarym bar. Ýeri, bolýar. Oňa bir gyz bilen
duşuşmak üçin gelmedim diýip, bolmaz-a. Onda ejem keselledi, bagyşlaň diý.
— Ejem kesel däl-how.
— Äl, dikdüşdi ekeniň. Nädip beýle kejeňek bolduň-aý sen. Ejem keselledi
diýeniňde, näme, ejeň kepene dolanjak bolup durmy?!
— Kakam hiç mahal ýalan sözleme diýdi.
— Degşipdir kakaň. Ýene bir sorap gör şondan.
— Kakam degişmeýär. Ýalan sözleme diýýär.
Gaýyp başlyk geň galyjylyk bilen yzyna öwrülip Atda tapaga seretdi:
— Bar bolup bilşiňmi-aý şu?
— Kakam degişmeýär. Ýalan sözleme diýýär.
— Eý, Hudaýjan, kolhozyň gurluşyk brigadasynyň-a işi gaýtdy. Indi muny
işdenem çykaryp bolmaz. Alty Öräýewiç ýaly, muny Owganystana-da ugradyp
bolmaz.
— Münüp barýanyň ýalan bolsa, uzak menzil aşmarsyň diýýär kakam.
96
— Birinji sekretar häzir barsak sorar senden. Düşünýäňmi maňa. Ol uly adam.
— Bolýa, Gaýyp. Men seniň ýüzüňi ýere salman. Hiç zat gürlemän duraryn.
Näme diýseň, özüň diý. Meni ýalan sözletmeseň bolýar. Näme diýseň, nädogry
aýdýar-a diýmäýin.
— Dymmalygyňy görüp bahylam haýran galsyn. — Gaýyp başlyk Atdanyň
gürlemerin diýmesine o diýen ynanmady. Ol Atda gürlemeli däldigini zol-zol
gaýtalap, gorky bilen birinji sekretaryň ýanyna bardy.
— Ýoldaş Gurban Gurbanowiç, ine, tapagan ýigidimizi tapyp getirdim. Tapagy
tapmak kyn eken. — Üýtgeşik bir söz aýdan dek özünden göwnühoşluk bilen
ýylgyrjaklady.
— Men muňa iki gün bäri garaşyp otyryn.
— Maşgala ýagdaýy nemeräk bolupdyr-da, gelip bilmändir.
— Eýgilikmi özi?
— Kakasymy, ejesimi, aý, garaz, biri öz-ä. Garry adamlar-da. Garrasaň, bir gün
sag bolsaň, iki gün kesel bolýaň-da.
— Lukman iberäýeli.
— Ýok, ýok. — Atda tapagan gürrüňe goşuldy. — Olar kesel däl. Hudaýa
şükür, olar soňky döwürde kesellänoklar...
— Aý, hawa-da türkmen aga keselländigini aňsat-aňsat aýtmaýar. Aýtsalar,
men gije-gündiz ylgajak ahyryn. Atageldi inimizem, neme, örän dymma, hiç
gürlemeýär. Men-ä gürläber diýýän. — Gaýyp başlyk howlukdy. — Häzir hemme zat
gowulyk. Bizem garrylary gözden salamzok. Özüňiz bilýäňiz, olar meniň
gaýynlarym. Gaýynatamyň hem, gaýynenemiň hem halyndan habar alyp durýan.
Adamyň jinnek ýaly göwni bar. Ony ynjytmagam aňsat, begendirmegem. Esasy zat,
adama üns ýetenok. Adama, köplenç, mähir, alada ýetenok. Sähel bir ýeriň agyrsa,
gelip halyňdan habar alsalar, göwnüň monça bolýar. Arada aşgazan heläk etdi. Hiç zat
iýip-içip bolanok. — Gaýyp başlyk howlukmaçlyk bilen tükezzybana tutduryp
durmasynyň sebäbine özünden başga hiç kim düşünmedi. Ol gözüniň gyýtagy bilen
Atdany synlaýardy, keselli gürrüňiň unudylmagy üçin, ol uzak günläp gürlemäge-de
taýyndy. Birinji sekretar Gaýyp başlygyň sözüni soňlaryna garaşdy. Ol bolsa wagty
bilen gutarmady. Adama hormat goýmalydygy, saglygyňy gorap saklamalydygy
barada esli salym gürledi. Birinji sekretaryň elindäki ruçkasy bilen stoly
tyrkyldatmasynyň sebäbine düşündi. Wah, Gaýyp başlyk ýolbaşçy adamyň ýanynda
köp gürlemeli däldigini gaty gowy bilýär. Ýöne Atda bir bolgusyz söz aýtsa, onam
birinji sekretar halamasa, ana, şonda hemmesindenem erbet boljak. Gaýyp başlyk
ýene bir gezek ätiýaçlyk üçin Atdanyň ýüzüne äňetdi. Öz-ä arkaýyn otyr. Hiç zat
gürlemesin-dä hernä. Illeriň dymma diýmesi çyn bolsun-da hernä. Gaýyp başlyk şu
umyt bilen sözüni jemledi: — Aý, ýigitler ene-atalaryna uly hormat goýýarlar. Atda
hem şeýle. Aladaçyl, başarjaň ýigit. Gaty ukyply. Başarmaýan zady ýok, tüweleme.
Owganystanda-da gaty gowy gulluk edipdir. Bize komandirlerinden her aýda
Minnetdarlyk hatlary gelerdi. Şeýle halal esgeri ýetişdirenimiz üçin bize minnetdarlyk
bildirýärdiler. Atageldini söweşjeň ordenleriň birnäçesi bilenem sylaglapdyrlar.
97
— Iki sany medal-laý — diýip, Atda gürrüňe goşuldy.
— Onuň ýaly bolsa, biz bu ýigidi ulurak wezipelere çekeli.
— Siziň aýdyşyňyz ýaly, men Atdany ýaňy kolhozyň gurluşyk brigadasyna
ýolbaşçy edip işe aldym.
— Owganystana gitmezinden ozal nirede işleýärdiň?
— Raýonyň ýol-gurluşyk edarasynda brigadirdim.
— Raýon ýol-gurluşyk edarasynda brigadir bolup işlän bolsaň, onda sen ýene
şol ýerde işle. Öňki naçalnigiňi başga işe geçirdik. Ýöne… — diýip, birinji sekretar
barmagyny çommaltdy. — Işe birinji günden başlarsyň.
— Men indi kolhozdanam işden çykdymmy?
— Çykdyň, Atda jan, çykdyň. Hudaýa şükür, Hudaý diýenimi Hudaý eşitdi.
Gaty gowy boldy, gaty gowy çykdyň.
— Sizden işden çykanymmy?
— Raýonyň ýol-gurluşyk edarasyna naçalnik bolanyň. Gaty uly wezipe ahyryn
ol. Baý-bow, bagtyň towsa göterildi seniň, Atda. Gurban Gurbanowiçe sag bolsun aýt.
— Gurban Gurbanowiç, köp-köp sag boluň, maňa gaty uly ynam bildirdiňiz.
Ýöne men siziň ol uly ynamyňyzy ödäp bilmän ýüzügara ederin.
Gaýyp başlygyň bu sözlere ymgyr gahary geldi. Ol birinji sekretaryň Atda bilen
ylalaşmasyndan gorkdy.
— Oňararsyň, oňaryp ýörenlerem senden üýtgeşik adamlar däl. Hiç kim
enesiniň içinde başlyk, komandir bolup doglanok.
Birinji sekretaryň bu sözlerini eşidip Gaýyp başlygyň ýüzi ýagtyldy, ýeňil dem
aldy.
— Institutda bilim alanymyzda mugallymlarymyz: «Birden naçalnik boljak
bolup howlukmaň. Işe iň aşaky zwenodan başlaň. Gurluşyk ugrunyň ähli gara işinde
işläp görüň, öwreniň. Ana, şondan soň hakyky ýolbaşçy bolarsyňyz» diýipdiler.
«Atda jan, sen tersine başlaý. Kim bilýä, belki, ömrüňi gara işde geçirmeli
bolarsyň» diýip, Gaýyp başlyk içini gepletdi. Ýöne daşyndan başga zat diýdi:
— Atageldi Kertikowiç Kertikowa ynanan uly ynamyňyz üçin köp-köp sag
boluň, Gurban Gurbanowiç! Bu gün men bu habaryňyzy gaýynatama buşlaryn. Ol
gaty begener.
— Indi esasy meselä geçeliň — diýip, Gurban Gurbanowiç sözüne dyngy berdi.
— Atda Kertikowiç, öňümizdäki dynç günleri näme aladaň bar?
— Aladam ýok meniň.
— Örän gowy. Eger mümkinçiligiň bar bolsa, onda öňümizdäki şenbe,
ýekşenbe günleri ikimiz meniň önüp-ösen obama — Kaka gideli.
— Bir zat tapmalymy? Bir zat ýitirdiňizmi? — diýip, Gaýyp başlyk
bilesigelijiligini saklap bilmedi.
— Hawa, tapmaly zat bar. Näme tapmalydygyny bolsa men, Atda, saňa ýolda
gürrüň bererin. Häzir onuň üçin wagt ýitirip oturmaly. Ýol uzak. Nämedir bir zadyň
gürrüňini etmeli borus-a. Şonda näme tapmalydygyny saňa arkaýyn gürrüň bererin.
Sebäbi tapmaly zadyň uzyn taryhy bar. Sen meniň bilen gidip biljekmi?
98
— Gurban Gurbanowiç, meniň bilen gidip biljekmi diýip gaty sypaýyçylyk
edýäňiz. Soramagyň geregi ýok. Gitmeli diýseňiz, Atda begene-begene gider. Siziň
işiňizi bitirmek biziň üçin ullakan abraý, bagt ahyryn. Onsoň, üstüňe gonan bagt
guşunam uçuryp bolarmy? Atda-da uçurmaz. Dogry dälmi, Atda? — Gaýyp başlyk
sorasa-da sorady welin, uly bir ýalňyşlyk goýberen dek, Atdanyň ýüzüne gorkuly
delmirinip bakdy. Bir bolgusyz söz aýtsa ölermiň-ýitermiň! Eý, Hudaý jan, bir
ýalňyşlygy-ha başlyk ogluň goýberendir. Birinjiniň öňünde metdi-masgara etmän, şu
gezek halas et. Soňky gezekler beýle ýalňyşlyk goýbermerin. — Atda jan gider.
Ýaşulular bir zat diýse, garşy çykyp durýan ogul däl. Kakasy bar parasatly. Atda hem
parasatly Kertik aganyň terbiýesini alan ýigit. Ýolbaşçylaryň diýenini etseň, hor
bolmarsyň diýipdir kakasy.
— Tapagan, meniň bilen Kaka gidermiň?
— Büý-ä gowy boldy.
— Nämesi gowy boldy?
— Indi köp wagtdan bäri Kaka raýonyna gitjek bolup ýördüm.
— Iş bilenmi?
— Kakaly Kakow diýen bir ýigit bilen Owganystanda gulluk etdim. Dogan
ýaly ysnyşdyk. Sag-aman oba barsak, hökman gatnaşyk edeli diýip ähtleşipdik. Ýöne
ol düşnüksiz ýagdaýda wepat boldy.
— Kakow diýýäniňi men tanamok. Oglan wagtym meni detdoma
tabşyrypdyrlar. Şondan bäri oba barara-da bolmady. Ýöne barsak, o dostuň öýüni
taparys. Meniň tanaýan iki sany ýaşulym bar. Olar bilýändir, tanaýandyr. Men seni
Kakowlaryň öýüne elterin.
— Hudaý dogry getirse, hemme zat ap-aňsat bolýan eken.
Birinj sekretar Atdanyň sözüni eşitmedikden boldy:
— Anna güni agşam — işden soň ýola düşeris. Alty ýüz kilometrlik ýol
geçmeli. Ýolda iýip-içer ýaly zatlary özüm alaryn. Sen maňa gürrüňdeş bolsaň
bolany. Ýolda uklamaly däldiris. Sen maňa anna güni agşam sagat ýedilerde öýüňde
garaşyber — diýip, birinji sekretar sözüni jemledi.
Birinji sekretaryň sözüni Atda soňuna çenli diňläp bilmedi. Ýeriň astyndanmyüstündenmi, Allajan bilsin, şol tanyş tüýdüginiň ysgynsyzja sesi eşidildi. Atda
diňşirgendi.
Birinji sekretaryň sözüne Atdanyň ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, äm-säm
sömelip durmasyna Gaýyp başlygyň kejebesi daraldy. Ol Atdanyň böwrüne ogrynlyk
bilen hürsekledi. Atda onuň ýüzüne mölterilip bakdy-da, joşgunly dillendi:
— Eşidýäňizmi? Ses! Owaz!
Birinji sekretar gözlerini süzgekledip ýerinden galdy. Atdanyň ýanyna geldi.
— Gulagyňa owaz gelýärmi? — Gaýyp başlyk bu masgaraçylyga çäräm ýok
diýen äheňde egnini ýygryp, müýnli halda birinji sekretaryň ýüzüne äňetdi. Görse,
Gurban Gurbanowiç gözlerini süzüp, diňşirgenip dur:
— Eşidýän, Atda jan, eşidýän. Men bu sesi siz içeri gireniňizden bäri eşidip
otyryn. Ýöne siz eşidýän dälsiňiz öýdüp, men sesimi çykarmadym.
99
— Bir oglanjyk tüýdük çalýar.
— Hawa, hawa, bir oglanjyk tüýdük çalýar.
— Bu iki ara tüýdük nireden geldi? Hiç kim tüýdük çalanok. Sen bolarbolgusyz sese diň salyp durma-da, Gurban Gurbanowiçiň diýenlerini diňle, biziň
ýüzümizi ýere salaýmagyn.
— Men, ine, şu sesi köplenç eşidýän — diýip, Atda penjiräniň öňüne bardy.
Gurban Gurbanowiç hem Atdanyň yzy bilen penjireden daşaryk seretdi.
— Tapagan, inim, senem eşidýän ekeniň-ow ol tüýdügiň sesini. Men ol
tüýdügiň sesini indi bir hepde bäri eşidip ýörün, öň eşitmeýärdim.
— Bir hepde diýdiňizmi? — diýip, Atda tapagan begendi. — Menem bir hepde
bäri eşidýän. Öýde-de, köçede-de eşidýän.
— Menem eşidýän. Bir gezek kabinetimde ýygnak geçirip otyrdym. Birdenem
şu tüýdügiň sesi eşidilip ugrady. Men ýanymdakylardan: «Bir oglanjyk tüýdük çalýar,
eşidýäňizmi?» diýip sorasam, hiç kimem eşitmeýän eken. Soň ol ses gulagyma
eşidilýändir öýtdüm. Lukmana aýtsam, adam aşa ýadanda şeýle sesleriň eşidilmeginiň
mümkindigini aýtdylar. Onuň beterlemesiniň öňüni almak üçin hem derman getirip
gitdiler. Düýnden bärem lukmanyň görkezmesi bilen derman içýän.
— Eşidýäňizmi, eşidýäňizmi, ana, ýene çaldy — diýip, Atda begenjine uçaýjak
boldy.
— Eşitdim, hakyt eşitdim.
— Men-ä hiç hili ses eşidemok, Gurban Gurbanowiç, siz biziň Tapagymyzyň
göwni üçin eşidýän diýip dursuňyz, Owganystanda Tapagyň kellesine birazajyk zeper
ýetäýipdir. Öň-ä gül ýalak ýigitdi.
Gurban Gurbanowiç kolhoz başlygynyň ýüzüne närazylyk bilen bakdy:
— Gaýyp, sen maňa Tapagy tapyp berdiň. Sag bol. Indi sen öz işiň bilen
boluber, gaýdyber. Tapagy men öz maşynym bilen ugradaryn.
On birinji kyssa ýa-da bäşinji kyssanyň dowamy
MÖJEGE MEŇZEŞ ITIŇ TARYHY
— Mergen aga, meni melisä çagyrdylar.
— Toýa çagyrdylar diýäýme — diýip, çaý içip oturan Mergen aga Atda
tapagyň habaryna begenmändigini aňdyrdy.
— Olar it ýitiripdirler.
— Saňa-da bile ýit diýdilermi?
— Köp wagtdan bäri şol ýitiren itini gözleýän ekenler. Olaryň gözleýän şol iti,
Mergen aga, seniň gapyňda ýatan şu it bolmaly.
— Buşluk diýseň, meliseleň saňa şeýtel berermikän? Haý, gazanjyň şu itiň
üstüne çykan bolsa, gaty ownapsyň onda. Aý, hawa-da, kim satyp, kim satylyp gazanç
edýä bu gün.
100
— Ynha, erte-birigün gyzyl papaklylar gelip, «Sen näme üçin melisäň itini
ogurladyň?» diýip, gyssap ugrarlar welin, Mergen aga, şonda bilersiňiz...
— Men görgülide öňem ýürek ýok, sen beri gorkuzma meni.
— Bolaýjak zady aýdýan.
— Şo habaryňy eşidesim gelip ýüregim böküp dur meniň. Seniň tapagandygyň
barada-ha eşidipdim, ýöne bilgiçdigiňi bilmändirin. Bu Gorbaçýowyň edip ýören
zadyny gör.
— Näme etdi ol?
— Ýurduň içini bilgiçdir, tebipden, tapagandan doldurdy goýaýdy. Bu
gowulygyň alamaty däl.
— O näme üçin?
— Soltan Sanjaryň işi gaýtjak uçurlary ýurtda bilgiç, palçy, tapagan köpelipdir.
Olaryň köpelmegi ýurduň tozjagynyň alamaty eken. Bu günem olar köpeldi welin,
yzy eýgilik bolsun-da hernä?! Öň-ä köp beýle däldi bilgiçler. Bu gün her ikinji adam
bilgiç, tebip ýa tapagan. Bolaýjak zatlary öňünden aýdyp, meni gorkuzjak bolýaňmy?
Ýa başga bir bähbidiň dagy barmy? Bilip goý, men ony ogurlamok, özi geldi yzyma
düşüp. Öldürmän ýallap saklanym üçin hökümet pul tölesin.
— Sen ogurlamandygyňy, itiň özi gelendigini nädip subut etjek. Iti
gürletjekmi? It özüm geldim diýip, düşündiriş-ä ýazyp bermez.
— Näm-aý, inim, gaty janköýerlik edýäň welin, ondan algyň dagy barmy? It
diýdiň, melise diýdiň, gelip bir parahat oturan bendäniň öňem aşjak bolup duran
aňkasyny aşyrdyň. Bar, aýt-how, alaýsynlar şo iti, beýle gerek bolsa. Näme,
gynandyraryn öýtdüňmi? Bar, aýt, tizräk aýt, inim.
— Aýtsam, alyp giderler, eltibem atarlar.
— It eken diýip janawary atybermek bolarmy?!
— Mergen aga, sen bileňok...
— Oglumam maňa mydama sen bileňok diýýär. Bilýäň diýäýmäň.
— Wah, Mergen aga, siz meniň aýtjak zadymy bileňzok. Bu it uçýotda duran
osobo opasnyý prestupnik eken.
— Ady şeýle uzyn bolsa-da, oňly it däl bi.
— Ýok, Mergen aga, sen düşünmediň.
— Düşünmediň diýen diliňe döneýin.
— Bu it jenaýatkär eken. Aýratyn howply diýilýänlerden eken.
— Bä, onda bi adamdanam geçiripdir-dä.
— Geçiripdir. Jenaýatçylykly iş edipdir. Miliselerem atmaly diýip sud
edipdirler. Bu item şol mahal etmişiniň öňünde mertlerçe durup bilmän, namartaýlap
gaçyp gaýdyberipdir.
— Etmişiniň dagy öňünde durup bilmez bi. Düzüwli it bolsa meniň öýüme
gelmezdi. Gaýyp başlygyňka barardy. Pis-pisi tapar diýleni-dä. Meni ilki görende
eşekden ýykyp bir ysgady. Şonda bu meniň öň türmä düşenimi bilen bolmaly.
101
Bosagany ýassanyp ýatan it Atda tapagyň gürrüňinem, Mergen aganyň
gürrüňinem üns berip diňledi. Diňläbem onuň birhili ynjalygy gaçdy, çalajadan
naýynjar çyňsady.
— Etjegiňi edip, yzyndan çyňsan bolýaňmy, misginsokar. Menden goldawa
garaşma. Milise görsem, göni sataryn seni — diýip, Mergen aga ite käýindi. — Bir
ysganda meniň türmä düşenimi nädip bildiň diýsene. Obada menden başga türmä
düşenem ýok. Bu-da meniň öýümden gitjek bolanok. Inim, Atda, öýüňde jenaýatkär
saklapsyň diýip maňa ýyl-beýlekem bererlermikä?
— Ýüzüňiz-ä sypamazlar.
— Tur, güm bol — diýip, Mergen aga gapdalyndaky köwşüniň bir taýyny ite
atdy. — Derrew gümüňi çek şu ýerden, prestupnik.
It birazajyk gitdi-de, ýene aşak çökdi.
— Meniňem günümi bulaşdyrjak bi it. Adam bende belanyň nireden geljegini
bilenok. Şundan bela geler diýip pikir eder ýaly hem däl-how. Atda jan, inim, ine,
görüp dursuň. Kowsaňam gidenok. Kowanyma şaýat bolgun. Men «Tur, güm bol»
diýdim gerek? Ä? Diýdim-ä. Ýene kowaýynmy? Menem özi bilen türmä äkitjek
bolýandyr bi.
— Mende bir teklip bar, Mergen aga, oňlasaň.
— Teklibiňe döneýin, teklibi ýagşym. Il tapagan adyny ýöne goýmandyr saňa.
Tap ahyryn şeýdip birenaýy teklip.
— Şunuň gulagynam, guýrugynam kesip, edil türkmen iti ýaly edip goýbersek
nädýä? Menden-ä arkaýyn bol, hiç ýerde aýtmaryn.
— Öläýmese... Ony güjükliginde kesmeli ahyryn.
— Ölmez. «Itjanly» diýip bir söz bar-a. Hol biri-biri bilen urşup, gulakguýrugyny gopardyp ýören itlere-hä hiç zadam bolanok. Herniçigem bolsa, atylandana gowudyr.
It ýerinden turup, beýleräk gitdi-de, birdenem ýokarlygyna seredip uwlaberdi.
— Häýt, ýelemýüwlet! — diýip, Mergen aga oturan ýerinden ite dazaryldy. —
Özüm oka tabşyraýaryn-a seni...
— Bu janawar diýýän-ä, haýsy tarapyna öwrülse-de, oka dogry gelip dur-la.
— Inim, birenaýy teklib-ä aýtdyň, yzynda-da dur.
Mergen aga bilen Atda tapagyň dildüwşügini Syrtlan baýdan başga bilen
bolmady. Syrtlan baý — bu ady oňa Mergen aga ýaňy-ýakynda dakypdy —
kysmatyna kaýyl boldy: atylandan gulak-guýrugyny kesdirmek aňsatdyr-da. Bir
bolgusyz iş edäýmesin diýip, Syrtlan baýyň aýagyny daňdylar, agzyny daňdylar,
gözüni ak mata bilen ýapdylar. «Elim titreýär, sen Owganystanda bolan» diýip,
kiçeňräk paltany Mergen aga Atda tapagyň eline berdi. Atda tapagan hem bir
tagtajygyň üstünde Syrtlan baýyň gulagyny goýdy-da, edil odun çapan ýaly, çapyp
goýberdi.
Gulaksyzlyk-guýruksyzlygam gelişene gelişjek eken. Gelişmejegine welin...
Syrtlan janawar, gulak-guýrugy barka, käte ite, käte möjege meňzän bolsa, häzir hiç
zada-da meňzänok. Belki, ertirden bäri hiç zat iýmän, ýaňyja-da bir süňküň üstünde
102
oturyp görüp, süňkdenem, dünýädenem göwni geçen Syrtlan şuňa az-kem meňzesemeňzeýändir. Onda-da gaty meňzedesiň gelse!
Syrtlan janawar gulak-guýrukdan aýrylyp bir çyňsady welin, onuň ahynalasyna Mergen aganyň sary giden ýüregi üzüm-üzüm boldy-da, gözünden boýurboýur ýaş dökdi.
— Heleýim ölende-de şeýdip aglamandym — diýip, Mergen aga boýun aldy.
Syrtlan baý öýkeläp, uwlap mellektöre gidipdi.
— Inim, şoňa bir ýal eltip bersene. Bizden öýkelemesin, biz oňa ýagşylyk etdik
ahyryn, ölümden alyp galdyk.
Atda bir okara süňk-saňk göterip ugrady welin, ol birden saklanmaly boldy.
Köçeden geçip barýan iki gyzyň biri ýiti-ýiti seretdi. Atdanyň ini jümşüldäp
gitdi: «Göwher!» Oňa duşmaly.
Atda tapagan köçä ugrady.
— Atda, nirä barýaň?
— Häzir geljek.
Göwher alakjap gelýän Atdany boýdan-başa synlady.
— Göwher! Ýüregimiň göwheri sen. Meniň barlygym, ýaşaýşymyň manysy
seniň bilen. Meniň ýekeje sekundym hem sensiz geçenok...
— Öňümden eli okaraly çykýaň-ow — diýip, Göwher birgeňsi ýylgyrdy.
Atda tapagan elindäki okarany görüp aljyrady. Ony arkasynda gizledi. O-da
göwnüne makul bolmady, okarany zyňyp goýberdi. Ýuwduna-ýuwduna Göwhere
seretdi. Okara sebäpli aýtmaly sözlerinem ýadyndan çykardy.
— Neme, Göwher, sen... Men... — Atda tapagan töweregine garanjaklady.
Hany, oňa bu mahal Derkar ýegen barmy näme. — Göwher biziňkileriň sawçylyga
barjagyny ejeňe duýdurdyňmy?
— Duýdurdym.
— «Näme diýdiler?»
— «Göwnemediler» — diýip, Göwher jykyrdap güldi.
— Sen olary razy edäýmel-ä, Göwher.
— Olar seniň tapaganlygyňy halanoklar. Saganaly obasyna bir tapagan ýeterlik.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Tapagan - 10
  • Büleklär
  • Tapagan - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3819
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2080
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2115
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3778
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2065
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3843
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1950
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3843
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1930
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3842
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3871
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1997
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3781
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1955
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3897
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1908
    35.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3802
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1988
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3850
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    35.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3853
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1962
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3802
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1909
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 2335
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1369
    35.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.