Latin

Tapagan - 07

Süzlärneñ gomumi sanı 3842
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
maksadyňa ýetmek. Onuň üçin diýmeli sözleri bolsa ýat tutmaly».
«Hany, onda başla Barbarossa planyňa. Men sagat on ikide barýan, olam
garşymda sülmüräp dur. Men oňa «Salam, Gözel» diýýän. Onsoň näme diýeýin?
Yzyny özüň dowam etdir, hany».
«Sen oňa «Salam, Gözel» diýeňok. Sen çalaja ýylgyryp baş atýaň. Hany, egil.
Ýok, ýok, bu bolşuň bolanok. Içiňde gazyk barmy seniň? Hany, gatyrak egil. Ýüzüň
nähil-aý seniň. Ýylgyr-da biraz. Bu ýüzüň bilen ýasa-da eltmeýärler. Ýasama
68
ýylgyrýandygyň bildirýär. Ýürekden ýylgyr. Agzyňy açyp ýylgyrma, dişiň köp
görünmesin. Hany, täzeden gaýtala. Egil biraz, çalaja ýylgyr».
«Baş atyp diýme, eglip salam bermeli diý-de, gutar-da. Ondan, «Salam, Gözel»
diýenim gowy dälmi?
«Onyň suhoý bolýar».
Derkar ýegen üç sagatlap repetisiýa geçdi. Atda tapagam ýadady, Derkar
ýegenem. Ýadap, soňundan oturyp çaý içdiler. Özüňi nädip alyp barmak baradaky
öwrediş gutaransoň, Gözel gyza diýmeli sözleri ýat tutmak başlandy. Atdanyň
ýatkeşligi işi ýeňilleşdirdi. Wah, olar soňam repetisiýa täzeden başlajakdylar welin,
gapyny kimdir biri gaty-gaty kakdy.
«Atda, aç gapyny».
Atda gapyny açdy. Görse, garaňky düşüp gidipdir. Daş işikde Gaýyp başlyk dur
gözlerini elek-çelek edip.
«Derkar, sen näme iş edýäň bu ýerde. Derrew öýe ugra. Atda, şu ýumruk ýaly
çaga bilen dostlaşyp ýörmüň?!»
«Atda daýym maňa matematikadan öý işime kömekleşdi».
«Atda, kömekleşme. Goý, özi etsin. Derkar, öýe ugra. — Derkar çykyp
gidensoň, Gaýyp başlyk töweregine garanjaklap howatyrly gürledi. — Men seniň
ýanyňa möhüm bir tabşyryk bilen geldim. Ýöne ol barjak ýeriň hakda, duşuşan
adamyň hakda hiç ýerde kelam agyz gürlemeli däl. Düşnüklimi?».
«Näme üçin gürlemeli däl?»
«Tabşyryk şeýle. Ýaşuly gürrüňiň il arasyna ýaýramagyny islänok».
«Haýsy ýaşuly?»
«Raýonda iki ýaşuly ýok. Ýeke ýaşuly bar. Raýkom. Onuň seniň bilen gürrüňi
bar. Sen ertir sagat on birde hökman onuň ýanyna barmaly».
— Hormatly Atda Kertikowiç, kolhoz başlygynyň öýüne geldik.
Dogrudanam, gelipdirler. Senem başlyk daş işikde onuň maşyndan düşerine
garaşyp dur.
— Wah, wah-heý, Atageldi jan, doganjygym, maňlaýyňa näme boldy?
— Gözel geldimi?
— Maňlaýyňa näme boldy?
— Gözel geldimi?
— Geldi.
— Gözel nirede?
— Içerde. Üst-başyň gan-la seniň?
— Gözel kän garaşdymy?
— Ine, munyňy haladym...
Atda tapagan içeri girdi. Onuň içeri girenini gören Gözel sarç keýik deýin
keýerjekläp ýerinden turdy. Atda tapagan eglip, «dişinem juda bir görkezmän» Gözele
salam berdi.
69
Atda derledi. Dym-gyzyl boldy. Gürrüňi nähili başlajagyny bilmän derledi.
Derkar ýegeniň öwreden sözlerini aňynda birin-birin ýatlady. Ýadyndan-a
çykmandyr, Derkar ýegeniň öwreden zatlarynyň bary ýadynda dur. Ýöne ony senmen ýok başlabermegiň ebeteýini tapmady. Birden gelşiksiz bolaýsa, Atdanyň aýdan
sözleriniň üstünden gülse näme? Derkar-a üstüňden gülmez, arkaýyn bolaý diýip ony
gaty ynandyrypdy. Ýa sen-men ýok, başlabersemmikä?!
Ine, Gözel perizat sülmüräp otyr. Özi başlabermeli ahyryn. Atdany horlap
oturman. Içeri dym-dyrslyk. Näçe wagt geçdikä?! Beýdişip dymşyp oturmag-a
bolmaz.
Ep-esli wagt geçensoň Atda utana-utana, ýaýdana-ýaýdana dillendi:
— Gözel!..
— ...?!
— Özüňem gürle-dä!
— Men-ä seniň gürläriňe garaşýan. Iller saňa dymma diýseler, men
ynanmandym.
— Aý, men juda bir dymma däldirin. Ynha, görersiň häzir.
— Görkez-dä onda dymma däldigiňi.
— Onda başlabereýinmi? — diýip, Atda töweregine garanjaklady.
— Nämä başlajak bolýaň?
— Saňa aýtmaly gürrüňlerime başlabereýinmi, Gözel... Gözel jan?
— Isleseň, başlaber.
— Isleýän. Başlasam, onda şeýle, Gözel! Hawa, Gözel, şeýle. Sen, Gözel,
şeýle, onsoň. Gözel, aýtsam ynanmarsyň, men seni üç aý mundan öň ýoldan gyzlar
bilen geçip barýarkaň görüpdim. Ondan seniň habaryň ýokdugynam bilýän. Ýöne
şondan bäri men ylla asmanda ýüzüp ýörün. Men, ana, şol güne çenli durmuşa
düşünmändirin. Ýöne şonda — üç aý mundan öň gyzlar bilen barýarkaň seniň
gözleriňe gözüm düşende, dünýäniň perdesi sypyrylan ýaly boldy. Dünýäniň
perdesiniň aňyrsynda hem seniň jadyly gözleriň bar eken. Dünýä seniň jadyly gözleriň
eken asyl. Dünýä diýmek — Gözel diýmek eken. Men dünýä — ýagny seniň jadyly
gözleriňe täzeden gelen dek boldum. Meniň dünýäme täze gözel nur çaýyldy. Ol
gözel nury seniň gözel nazaryň çaýdy, meniň garyp dünýäme. Seniň bihuş ediji
gözleriň, seniň mährijemalyň meni bütinleý başga adama öwürdi. Men dünýäde
seniňki deýin gudrat bardyr öýtmändim. Söýgi hyýaly gürrüňdir öýdüpdim. Ýöne
onuň düýpden başga gudratdygyna, hut seni görüp göz ýetirdim. Men söze çeper däl.
Men sataşan derdimi Seneme aýtdym. Ol maňa ymgyr uly kömek etdi. Meni ýene
seniň gözel didaryň bilen duşurdy. Men seni ilki görenimde akylymy ýitirdim. Onuň
şol ýitişi. Tapagam bolsam, ýiten akylymy tapyp bilemok. Sen özüňiň şeýle
owadandygyňy bilýänem dälsiň. Sen meniň durmuşymy bütinleý üýtgetdiň. Kellämde
diňe sen. Diňe sen hakda pikir edýän. Gije bir minut hem ýatman, seni ýatlap
oturýaryn. Häzir kelläm ýarylaýsam diýýär. — Atda kellesini tutdy. — Ýaryldam
asyl.
— Kelläňe näme boldy, Atda? Üst-başyň gan-la seniň?
70
Beýle sorag Derkar ýegeniň ssenarisinde ýokdy. Şonuň üçinem ol dalda isläp
töweregine garanjaklady. Derkar ýegeni agtardy. «Wah, içigargalan, Deýkaý ýegen
ýok-da, ýogsam ol näme jogap bermelidigini aýdardy».
— Kellämmi, men-ä näme bolanynam bilmän galdym, Gözel ýegen.
— Daýym seni görenden bäri näme goýanyny bilenok. Gözi ýok ýaly, oňamuňa özüni urup ýör. Kakasyna-da «Gözel!» diýip dur. Maňa bolsa Gözel ýegen
diýýär.
Deýkaý ýegen! Diliňe döneýin! Bagty daş ýarýan kişiniň aznawur ýegeni bolar.
Deýkaý ýegeniň sözleri dogrudanam Gözele ýarady: ol jykyr-jykyr edip güldi. Onuň
gülälek gülküsine Atdanyň keýpi çag-çag boldy.
— Deýkaý ýegen, sen nä o ýerde bukulyp dursuň? Seniň ýaly çaga bigam bolar
daşarda oýnar. Ýaş entek sen, bu zatlara düşünmersiň. Haý, garagol diýsänim! Bar,
çyk daşary!
Derkar Atda siňe-siňe seredip, daşary ugrady. «Wah, Deýkaý ýegen dilini
goýup gidäýse boljag-a! Hany, ol bolup durmy!».
Atdanyň göz atuwynda Garagumuň içinde galan eýjejik Mähri peýda boldy. Ol
albaý bulap çagyrýan dek birahatlandy. Derkar ýegeniň öwreden zatlary ýadyndan
çykan, ümsüm durmagam gelşiksiz gören Atda Gözel bilen nähilidir bir gürrüň etjek
boldy. Näme gürrüň etjegini bilmedi. Aýdylmaly esasy gürrüň gutardy. Göräýmäge,
Derkaryň öwreden sözleri azam-a däldi. Indi görüp otursa, Atda o ýat tutan sözlerini
bir demde gutaraýypdyr-a. Indi diýere söz galmandyr. Eý, Hudaý, günuzyn gürleşip
oturýan adamlar bolýar. Olar günuzyn näme hakda gürleşýärkäler? Hudaýyň haky
üçin ýekeje söz hem bu mahal Atdanyň ýadyna düşenok. Näme aýtjak bolsa, ýasama
ýaly bolup dur. Gürlemegiň hatyrasy üçin gürläniňden, iň gowusy, dyman gowy.
Sebäbi bir ýalňyş sözi diýmegiň mümkin. Ýa bir sözüňi Gözel gyzyň halamazlygy
mümkin. Kakasy aýtdy ahyryn: «Bar kemçiligiň dymmalyk bolsa, ony öz
artykmaçlygyň bil. Dymmalykdan biabraýlyk gelmez».
Ýene ümsümlik başlandy. Gözel gürläýmeli ahyryn. Olam gürlänok. Öwreden
zatlarynyň gutarandygyny bilendir-dä, Derkar ýegen içerik girdi.
— Atda daýy, aý, Aýtda daýy, öýüňize bir giden başlyk gelipdir.
— Kimkän-aý — diýip, Atda oýlandy.
— Men-ä içinde birinji sekretaram bar ýaly gördüm. Olar senden bir möhüm
maslahat sorajakmyşlar.
— O nämäniň maslahaty? Göreňokmy, men Gözel bilen maslahatlaşyp duruna. Bar, olara aýt, Atda daýym zanit diý.
— Meniň üçin olary garaşdyrma, Atda.
— Goý, garaşsynlar. Olaryň seniň basyp giden yzyňa degmeýändigini men
bilýän.
— Atda daýy, ýör, ýör. Olar saňa derrew gelsin diýdi. Gözel, bagyşla. Men
Atda daýymy ýene bir sagatdan edil bilbil ýaljak edip getirerin.
— Gözeli goýup gitmek birhili-how.
— Öýüňde myhmanlary garaşdyryp, duşuşykda bolmak birhili dälmi?
71
— Men-ä Gözeliň ýanyndan gitjek däl.
— Daýy, meni diňle! Meni diňleseň ýalňyşmarsyň. Düşünýärmiň sen maňa. Ýa
sen hiç zada düşüneňokmy? Sen häzir hökmany suratda meniň bilen öýüňe gitmeli.
Düýnki kakam gelmezden öňki öwrenen zatlarymyzda-da birazajyk kem bar. Ýör,
adamlary garaşdyrmaly.
Atda «Tiz kömegiň» gelendigine düşündi:
— Onuň ýaly bolsa, ýör. Gözel, sen menden aýyplaşma. Men şu gün geolog
bolup işe girdim. Meniň işe girmek niýetim ýokdam. Ýöne özleri gir-gir diýip
duransoň, Mährem gir diýip duransoň razylyk beräýdim.
— Atda daýy, köp gürleme! Ýör çaltrak!
— Gözel, bagyşla, doly gürleşibem bilmedim. Men dymma däl, tiz görersiň.
Men gaty geplemsekdirin.
— Men saňa ynanýan, Atda.
— Ine, munyň gowy. Maňa ynangyn.
Derkar Atda tapagyň elinden çekip daş çykdy.
— Wiý, Atageldi, eýýäm gidip barýaňmy? Ynha, men çaý demlejek bolup
otyryn-a. Otur-da, bir käse çaý iç.
— Öýe ýolbaşçylar gelipdir. Menden möhüm bir maslahat sorajakmyşlar.
«Derrew gelsin!» diýip, ine, yzymdan Deýkaý ýegeni iberipdirler.
— Derkar-a ertirden bäri öýden çykanok.
— Eje, men häzirjik baryp geldim.
— Sen-ä häzirjigem öýdediň. Näme ýalan sözleýäň?
— Senem, Deýkaý ýegen erkek bu, ýalan sözlemeýär.
— Ýegeniň, görýän welin, seniň gulagyňa münüpdir-ow.
— Müner ýaly ýer tapsa, nire bolsa-da münjek ýigit bi.
— Onuň ýekeje sözüne-de ynanma, zypdyrun-a ol.
— Wah, Senem, gaty köp meseläni ýalanyň çözýändigini sen bileňok. Ýalan
bilen dünýäni alyp bolýan eken. Çyn bilen ýeke galada alyp boljak däl. Deýkaý ýegen
örän dogry aýdýa: «Hakykat — gulp, ýalan — açar» diýip.
Sekizinji kyssa ýa-da ikinji kyssanyň dowamy
ATDANYŇ ÖZI BILEN IÇDÖKÜŞLIGI
Eý, Hudaý, atam döwründe üç atlynyň bir gojanyň gara öýünde gömüp giden
baýlyklary Atdany hiç gününe goýanok. Özüniň söýgüli aýnasynyň öňüne geldi
welin, äpişgeden düşýän Günüň altyn şöhlelerine Atdanyň öňünde — aýnada üç
atlynyň tyllalary lowurdaşyp göz gamaşdyrýar.
Eý, Hudaý, ol tyllalar bu ýerik nädip düşüp ýörkän?! Bu tyllalar bilen Atdanyň
näme baglanyşygy barkan? Her bir tapyndynyň aňyrsynda özi üçin bir betbagtçylygyň
72
bukup ýatandygyna, indi Atda doly ynanýar. Eger her bir tapyndy betbagtçylyk
getirýän bolsa, üç atlynyň tyllalary Atda nähili betbagtçylyk getirerkä? Belki, ol
tyllalar Atdanyň ömrüni edil häzirkisi deýin lowurdadyp goýberjek bolaýmasyn?!
Ömrüň şu tyllalaryň lowurdysy dek bolaýsady!
Özüni şu tyllalar bilen nämeleriň baglanyşdyrýanlygyny bilmek isläp, Atda
tapagan ýene öňünde lowurdaşyp duran tyllalara — aýna seretdi. Ol aýnada öňler öz
keşbini — syrdaşyny, özem özüne gaty ýowuz daraşýan syrdaşyny görerdi. Häzir, geň
galaýmaly zat, aýnany tutuşlygyna tutup duran tyllalaryň köplüginden ýaňa ikinji
Atda görnenogam. Syrdaşyň üstüni basyp duran, özem ýagşydan-ýamandan hiç zat
aýtman, görünmän duran güýjüň haýsy güýçdügini halysalla bilesi geldi. Şu niýet
bilenem gözlerini süzgekledip oýa batdy. Onuň göz atuwynda tyllalaryň gömlen ýeri
ýene janlandy. Ýöne bu gezek başga röwüşde. Bu gezek üç atlam ýokdy (olar nähili
bar bolsun, olaryň endamynyň elek deýin bolanyny o gezek Atda şol ezýaka
köýneklije oglanjygyň gözleri bilen açykdan-açyk görüpdi ahbetin), peşeneli, sakgaly
repide deýin goja-da ýokdy, ol ezýaka köýnekli oglanjygam. Ondan bäri döwürdöwran üýtgäpdir. Goja kempiri bilen ýurduny täzeläpdir. Oglanjyga — ýetim çaga
hökümet eýe çykypdyr. Köneden galan zyýanly galyndy hökmünde gara öýi hem ýok
edipdirler. Tyllalaryň gömlen ýerinde kaşaň öý gurlupdyr. Bu öý beýleki öýlerden
saýlanypjyk dur. Ýöne ol tyllalar öý eýesine kaşaň öýden başga hiç hili zat bermändir.
Gaýtam, döwletli hojalyga betbagtçylyk getiripdir. Eýesini bagtly etmedik, kesekini
nädip bagtly etsin?! Ol tapylan tyllalar, gör, ol haýsy bendäniň betbagtçylygydyr.
Eger betbagtçylygy bolmadyk bolsa, ol ýerde ýatmazdy.
Tylla — aždarha. Ol ýeriň aşagynda ýatyp-ýatyp, birdenem ýokaryk çykýar.
Kimiň eline düşse, onuň başyna hupbat inderip, betbagtçylyk inderip, ýene ýere
dulanýar.
Tylla aýdarmyş: «Kim meni tapsa, reňkime meňzederin, göterinip bilmedigiň
burnundan ik ýaly gan getirerin, göterinip bileni gyzyl ýüzli ederin». Bu tyllalary
tapanyň maşgalasynyň burnundan tylla meňzeş gan geldi.
Bir mahalky döwletli ojakda dört naçar — gojanyň aýaly, gyzy, iki sany agtygy
galdy.
Gojanyň aýaly hem şondan soň ýerinden galmady.
Eklenç endişesi ýaňy mekdebi tamamlan gyza düşüpdi.
«Bu zatlaryň aýnada görünmegi nämäniň alamatykan?» diýen pikir Atdanyň
aňynda ýene peýda boldy.
Atda ýakyn günlerde şol üç atlynyň tyllalary ýalyrak baýlygyň üstünden barjak
bolaýmasyn? Aňynda at çapan wakalaram şol tyllalary alsaň, hälki bir gysym bolan
kişiniň gününe düşersiň diýip Rebbiň duýduryp durdugy bolsa näme? Ýogsa-da o kişi
kim? Ady näme?
Atdanyň bu soragyna jogap berip biljek kişi ýok.
Saganaly obasynda iki adam tylla tapypdy. Olaryň biri Hemra illew, beýlekisi
Nazar aga. Nazar aganyň ogullary tylla üçin özara dawalaşyp, körpe doganyny
öldürdiler. Bu waka hem hakykatynda aýnada görnen ýaly bolan bolaýmasyn? Belki,
73
oba adamlary hakykaty bilýän däldirler? Olaryň ejelerem ýogaldy. Iller-ä keselläp
ýogaldy diýýärler. Güller ejäni jaýlamaga Atdanyň özem gatnaşypdy ahyryn. Hiç hili
gan ýokdy.
Hudaý maňa baýlykdan — gyzyldan gaça dur diýýän bolaýmasyn?!
Eý, Hudaý, gyzyldan gaça duraryn, ýöne maňa gyzyl-çyzyldan gaçarak dur
diýmeseň bolýar.
Meniň bagtymy açyp goýber, eý, Rebbim!
Tylladan gymmatly, tylladan eziz bir gözel gyzy gujagyma sal, eý, Rebbim!
Maňa tylla gerek däl. Alla kessin, gerek däl, halta-halta, depe-depe bolup
öňümde çaşyp ýatsa-da, el uzatmaýyn. Eý, Hudaý jan! Söz berýän. Ant iç diýseň, ant
içeýin.
Sen maňa tylla-da bereňok, tylla ýaly gyzam. Ikisinden kesme meni, diňe
birinden kesäý.
— Be, Hudaýa öwredip otyrsyň-a sen — Syrdaş aýnada peýda boldy.
— Men öwredemok, Hudaýa ýalbarýan.
— Köçede yzyňa bir süri adam düşürip ýörmän, gyzlar bilen duşuşygyň alajyny
ederler.
— Wah, ol yzymdaky adamlar obanyň iň gözel gyzlary bolsa bolmaýamy?
— Onça gyzy yzyňda ser-sepil edip nätjek?
— Goý, bolsunlar. Rast özleri meni köseýämi, menem olary kösejek.
Bahargülüň gözi gitsin. Bahargülüň gözi gitsin.
— Seniň üçin özüni kösejek gyz bardyr öýdemok men-ä.
— Beý diýme. Meniň öýlendigim seniňem öýlendigiň-ow, samsyk. Senem
menlik bol.
— Gyzlary özüňden gaçar ýaly edýäň.
— Men hiç zadam edemok. Gyzlaryň özleri bir sebäp bilen daşlaşyp
gidiberýärler. Bahargül durmuşa çykansoň, ömrümi müjerret geçirmekçidim. Ýöne
ynansaň, meniň soňky döwürde öýlenesim gelýär. Deňi-duşlarymyň arasynda
öýlenmedik diňe men. Öňler ýigit öýlenesi gelse, sesini üýtgedip, «Eý, huşsuz
garrylar! Gül ýalak ogluňyzy näme üçin öýermän otyrsyňyz? Ogluňyzy şu aýyň on
bäşine çenli öýermeseňiz, öýüňizi otlaryn» diýip gygyrar eken. Onsoň «huşsuz»
garrylar ýokardan, Alladan gelen buýruga boýun sunup, haýdan-haý ogullaryny
öýermegiň ugruna çykar ekenler. Arada aýal doganym gelip gitdi. «Saňa iki sany
gözel gyz saýladym» diýdi. Begenmek begendim. Men Senemiň saýlan gyzlarynyň
ikisinem gördüm. Ikisinem haladym. Men olaryň her birinde özümiň ilkinji söýgimiň
alamatlaryny görýärin. Näme üçindigini-hä bilmedim welin, men soňky döwürde
owadan gyz görsem söýýän. Birinden başgasyny söýmeli däl ahyryn.
— Seniň söýgiň tormozy döwlen bolaýmasyn?
— Gyzlary söýmez ýaly däl-how. Gözeli nädip söýmejek? Mährini nädip
söýmejek? Olar ylla Bahargül ahyryn. Şol gülküsinden soň Bahargül meniň aňymdan
biraz daşlaşdy. Ýöne gyzlara aýratyn hormat goýýaryn. Gyzlary diňe söýmeli.
Gyzlary aýaňda götermeli. Gyz diýmek — söýgi diýmek. Gyz diýmek — gözellik
74
diýmek ahyryn. Käbir kişiniň kalbyny tebigatyň gözelligi göterýär. Meniň kalbymy
gyzlaryň gözelligi, ezizligi göterýär. Syrdaş, sen şol perizatlary görmediň-dä. Men
saňa görkezeýinmi ol perizatlary.
— Görkez, görkez!
— Gözel, gelsene! — diýip, Atda gapa bakan elini uzadyp seslendi.
Gözel jilwe-näz bile ýöräp onuň ýanyna geldi.
— Geldiňmi, Gözel, seni Syrdaşym görsün, ýakynrak aýnanyň öňüne gelsene!
Syrdaş seniň nähili gözeldigiňi bilenok.
Gözel baş atdy.
— Ýakynragyma süýşsene.
— Syrdaş, Gözel jan ikimize seret! Ilki Gözeli gowuja synla. Gözüňi aýryp
bilmän durubiýrsiň.
Gözel Atdanyň gapdalyna gelip durdy. Atda aýna seretdi. Aýnada Gözeliň
keşbi görünmedi. Oňa derek Atdanyň ýeke özi durdy.
— Göreňokmy? — diýip, Atda Syrdaşdan sorady.
— Göremok.
— Ynha, ýanymda dur-a ol meniň.
— Onuň aýnada maňa görünmeýşiniň sebäbini bilýäňmi?
— Bilemok.
— Ol saňa durmuşa çykmak islänok.
— Ol menden sergi güni öýkeläýdi-dä. Senem aýtdam-da şonda. Men onuň
bilen gürleşdim. Doly gürleşmäge ýetişmedim. Onuň jadylaýjy gözleri bar. Ol
gözleriň öňünde döwem durup bilmän, eräp akar. Ol gözellige Gözel at az bolýar.
Wah, dilime söz gelenok. Ol gözel diýen düşünjedenem gözel. Men edebiýatçy däldä! Baýron bolanlygymda, Geýne bolanlygymda, Lermontow bolanlygymda,
Mollanepes ýa Nobatguly Rejep bolanlygymda men ähli kele-külämi taşlap, ömrümi
Gözeliň gözelligine bagyş ederdim.
Aýnada Gözeliň görünmändigine Atda juda gynandy. Belki, onuň maňa göwni
ýokdur. Onda men müjerret geçmelimi? Belki, Mähri meniň bagtym bolaýmasyn?!
— Mährinem söýýäňmi? — Syrdaş öňünde sömelip duran ýigide tiňkesini
dikdi.
— Onda-da nähili söýýän? Ony görenimde akylym etegime gaçýar.
Atda Gözel bilen duşuşyp, çöle gidişini ýatlady. Ol şonda ilki bilen Mähriniň
ýanyna barypdy ahyryn.
Mähri bir mähnet ojaryň saýasynda ýüzündäki ýaglygyny, başyndaky
şlýapasyny aýryp, saçlaryny örüp oturan eken. Saçlary ýüpekden, ýaňaklary almadan,
alkymlary gardan eken...
Ana, şol perizat — saçlary ýüpekden, ýaňaklary almadan, alkymlary gardan
dörän perizat. Gyz eda bilen gapyny açyp içeri girdi. Onuň ýanynda Atda edil lal-jim,
gepläbem bilenok. Dur som-saýak bolup. Onuň perişanlygyny duýan Mähri Atdanyň
gapdaljygyna gelip gysmyljyrady. Onuň sandyrap duran elinden aljyrama diýýän
äheňde näzijek elleri bilen gysdy-da, aýna bakdy.
75
Atda aýnada iň soňky umydyny — Mährini görüp bilmedi.
— Mähri jan, görünäý-dä! Eger senem meni taşlasaň, onda meniň üçin bu giň
dünýäniň giňliginiň manysy doly gutarýar.
— Sen gowy ýigit, Atda. Ýöne biz aýry-aýry dünýädäki adamlar.
— Mähri jan, sen meniň dünýäme üns berme. Atdanyň dünýäsi ýok diýip hasap
edäý. Sen haýsy dünýäde bolsaň, menem edil agam Mämmediň aýdyşy ýaly, şol
dünýäde ýaşaryn. Seniň diýeniň bilen, seniň edeniň bilen bolaryn. Isleseň, dek häzir
boýnumdan ýüp daňyp eliňe bereýin. Haýsy tarapa çekseň, şo tarapa giderin men,
jylawym eliňde bolsun.
— Men beýle nalajedeýinleri halamok.
— Onda tersine bolsun.
— Meniň boýnuma ýüp daňjakmy?
— Ýok, ýok.
— Onda nädip tersine etjek?
— Seniň isleýşiň ýaly bolaýyn diýjek bolýan.
— Özüňde pikir ýokmy?
— Men seniň pikiriň bilen ýaşajak. Seniň pikiriň juda gowy ahyryn.
— Meniň pikirimi sen nädip bilýäň.
— Ýüzüňden bilýän. Ýüzüňden nur ýagýa. Ýüzüňden mähir ýagýa. Ejeň adyňy
bilip dakypdyr.
— Meniň adymy kakam dakypdyr.
— Kakaň hasam akylly seniň. Men seniň kakaň diýenindenem çykmaryn.
Kakaň, nesip bolsa, meni gowy görer. Ejeň bolsa: «Meniň mähriban Tapagan
giýewim!» diýer. Meniň oturjak ýerime gat-gat düşekçe ýazarlar. Men kakaň bilen
ejeňi derrew razy ederin.
— Ýok, ýok...
— Isleseň, men seniň aýagyňa ýykylaýyn. Aýajyklaryňdan ogşaýyn. — Atda
aşak eglip Mähriniň aýaklaryndan şapyrdadyp ogşamaga durdy.
Mähri yza çekildi. Atda emedekläp onuň yzyna düşdi. Mähri daş çykyp gözden
sumat boldy.
— Mähri, Mähri! — diýip, Atda daş çykdy. Pete-pet garşysynda duranyň Mähri
däl-de, mähriban kakasydygyny görüp, şarkyldadyp gapyny ýapdy.
— Atageldi jan, nämeler samrap dursuň? Kim bilen gepleşýäň, oglum? —
diýip, Kertik aga oglunyň bolşuna ör-gökden geldi.
Ýöne ogly onuň soragyna jogap bermedi. Bu mahal onuň aladasy özüne
ýetikdi. Ol başyny aşak salyp, köneje dostunyň gaşyna bardy.
— Mähri gitdi. Bagtymam gitdi. Indi ol bagtymyň Garagumuň haýsy çöpüne
ilteşip galjakdygyny Alla bilýär. Bagtym ýatdy, bagtym ýatdy. Indi men müjerret
ötmelimi?
— Dowla düşmesene. Hemme zat düzüw, seniň bagtyň ýatanok. Seniň bagtyň
ýatjak bagt däl ol. Seniň bagtyň aýlawa goýberilen bedewleriň içinde iň öňde gelýär.
Seniň öňden gelýän bedew pisint bagtyňa köpleriň gözi gidýär.
76
— Üstümden güljek bolýaňmy?
— Ýok, men çynymy aýdýan. Isleseň, men saňa ömrüňi bileje geçirjek
perizadyňam görkezip biljek.
— Görkez-dä onda.
— Howlukma gözüňi ýum — diýip, Syrdaş Atda buýurdy. Bir minutdan soňam
ýuwaşlyk bilen gözüňi aç. Maňa seret.
«Gudrat görseň daglara bar» diýen nakyly döreden kimkä? Bu nakyly döreden
edil Gara Seýitliýew ýaly ýalňyşan bir kişidir. Zolotarýow dogry aýdýar:
geologiýanyň taryhynda entek dagdan nebitiň çykan ýeri ýok, dagdan nebit çykmaýar.
Onsoňam nebiti her näçe zor oglanam bolsa çykaryp bilmeýär. Nebiti oglanlykdan
ýigitlige ýetişen kişiler çykaryp bilýär. Edil şonuň ýaly, gudrat görjek diýip, menzil
aşjak bolup ýörmeli däl. Mämmediň bu giň otaga bir gelin-ä däl, on gelnem ýerleşjek
diýýän şu giň otagyna — Atageldi janyň otagyna geläýmeli. Şonda ol türkmen
ertekilerindäki Aý diýseň, agzy bar, Gün diýseň, gözi bar diýip waspy ýetirilýän
perizadyny görüp bolýar. Görogly beg Agaýunus periniň gözelligine aňk bolanda, edil
Atdaça-ha aňk bolan däldir. Çünki Atdanyň gaşynda duran perizat entek hiç bir
şahyryň, ýazyjynyň ýazyp beýan edip bilmedik, edibem bilmejek perizady. Eý, Hudaý
jan, bu perizada külbike barmagyny dagy degrip, şol süýjülikde tarka jan beräýseň!
Ondan ýokary lezzet, bagt bolmajakdygy düşnükli. Şonuň üçin şondan soň ýaşabam
oturmaly däl.
Atda Wagneriň pikirini ýatlady. Bahargülden — söýgüsinden jyda düşensoň
tapaganlyk ukyby döredi ahyryn. Söýgüden daşdalygy üçin şeýle başarnygy bar bolsa
nä bilýäň. Wagneriňkiniň dogry bolmagy-da mümkin. Söýgi ýangyndan başlanýar
ahyryn. Paşmadyk söýgi, gör, näçe kişini şahyr etdi, Atdany — tapagan. Ol edil
Bahargüli ýatladyp duran bir perizady bagryna bassa, belkem onuň tapaganlyk ukyby
ýitäýse nä bilýäň!
— Sen-how, gaşyňda duran gözeli göreňokmy? — diýip, Syrdaş gykylyklady.
Atda görgüli ol-a geplemek eken, deminem alyp bilenok. Haçan dem alanynam
ýadyndan çykardy.
— Eger geplemejek bolsaň, bu perizat gidibersin.
Gepleşmek hökmanmy?!
O gözel gyz bilen Atdanyň ýüregi äbede-jüýje bolşup gürleşip durlar ahyryn.
Adamlardan öň ýürekler tapyşýar, ýürekler gürleşýär. Ýürekler düşünişip, bir netijä
gelenlerinden soň, adamlar gürleşen bolýarlar. Olaryň diýmeli sözlerini ýürekler
diýip, gelmeli netijelerine ýürekler gelip goýdular ahyryn. Adamlar ýürekleriň
telwaslaryny bary-ýogy ýerine ýetiriji robotlar ahyryn!
Bu nätanyş gyz Owganystandan geleninden bäri onuň gaşynda peýda bolup,
Atdanyň özi bilen däl-de, onuň ýüregi bilen gürleşip gidýär ahyryn. Özem ol indi
Atdanyň ýanyna üçünji gezek gelýär.
«Sen sebäpli men il içinde metdi-masgara boldum».
«Masgara bolanyňa gynanýaňmy?»
77
«Ynanaý, birjik-de gynanamok. Seni görmek üçin men ähli masgaraçylyklara
kaýyl».
«Meni görüp näme etjek?»
«Etjek işim-ä ýok, ýöne seni itden geçirip goýbersem, şeýdibem seniň
sagbolsunyňy alsam, maňa ýeterlik».
«Ýene meniň bilen gidermiň?»
«Giderin».
«Bu gün meniň doganymyň doglan güni. Men doganyma sowgat alyp barýan.
Sen meniň sowgatlarymy göterişäý».
«Ýör!»
— Atageldi. — Kertik aga içeri girdi. — Näme iş eden bolýaň, oglum?
Atda tapagan birhaýuk kakasyna seredip durdy. Soňam töweregine
garanjaklady. Ol nätanyş gyzy agtardy. Ony tapyp bilmän, lapykeçlik bilen
öwhüldedi. Kertik aga soragyny ýene bir gezek gaýtalamaly boldy.
— Aýna sereden bolup durun, kaka.
— O duran ýeriňde aýna ýog-a.
— Bä-ä, ünsem bermändirin, öň bardy ahyryn.
— Agaň Oraz ertir irden gelip, ony öýüne äkitdi.
— Bermeli däl ekeniňiz-dä, kaka.
— Aý, ol meniň gepimi diňlemedi. Atda tapar diýýä. Şähere gitseň, menem
äkit, oglum.
— Şähere gidip geldiň-ä, kaka.
— O nähili şähere gidip geldim? Şäherde bolmadym men. Men Arçmanda
bolup geldim. Düşünýäňmi?
— Düşünýän.
— Men ejeňe «Öýde oturyp ýadadym. Şähere çykyp, göwün açyp gaýdaýyn»
diýdim. Goý, ejeň adamym-a şäherde bolmandyr, Hakykatdanam Arçmana gidipdir
diýip pikir etsin. Hakykatda meniň şähere gidesim gelenok. Ýöne ejeň üçin bir
syýasatjyk ýöreden bolýan. Erkek kişiniň ömri aldaw bilendir. Aýalam aldanandan
bolýandyr. Durmuş bi. Ejeň eşidäýmesin, biläýmesin.
Eý, Hudaý, kakam altmyş ýaşdan soňam aýalynyň gözüni güýdüşdirip ýör. Ýa
ähli erkek kişem şeýlemikän?!
Dokuzynjy kyssa
ATDA TAPAGANYŇ ÝALŇYŞY
— Atda jan, derrew gelsin diýipsiň. Uly bir bähbidimden galmaýyn diýip, iýip
oturan bal ýalak palawymy taşlap gaýdandyryn. Eýle-beýle zat, ýa alan ýüň
ýaglygymyň bahasyny bereýin diýen ýaly ownugrak zatlar üçin çagyrmajagyňy
bilýän-ä men seniň. Hemra agamy ýalkaýyn diýdiňmi?
78
— Hemra aga, sen öň çölde işlän adam. Şofýorçylyk edipmidiň?
— Hawa, hawa, şofýorçylyk edipdim. Ähli kişi meniň maşyn sürşüme aňk
bolardy: «Maşyn sürseň, Hemra aga ýaly sürmeli. Ýogsamam men şofýor diýip
ýörmeli däl» diýerdiler. Kolhozyň ähli şofýory menden maslahat soramak üçin oçura
durardy. Biri «Hemra aga, aýtsana, maşynym gidip barýarka birden öçäýýär. Näme
üçinkä?» diýip sorar. Beýleki biri ýene bir zat sorar.
— Gürrüňi uzaga çekip durjak däl, Hemra aga. Siz maňa anyk jogabyňyzy
aýdyp, palawyňyzy iýmäge gidiberiň. Size pul gerekmi?
— Gerek, Atda jan, gerek. Altmyş ýyllap kowaladym, ýetdirmedi. Indem
ýetdirjege meňzänok. Özüň öz eliň bilenjik elin tutup ber şony.
— Gerek bolsa, men sizi öz ýanyma işe alýan. Aýlygyňyz gowy bolar. Maşyny
kä gün sürseňiz bor. Haýsy günler sürmelidigiňizi özüm aýdaryn. Sizi kösäp ýörmän,
maşyny özüm sürerin. Aýlygyňyz bolsa, ýörär durar.
— Hökümet tapaganlygyň üçin başlyk edäýdimi seni. Gorbaçýow ýaşasyn.
Aýaly Raisa Maksimownanyň ömri uzak bolsun. Bir ukybyň bolsa, hökümet derrew
duýýar. Gadyryňam bilýär.
— Men geologiýa ekspedisiýasyna işe geçdim.
— Köpden bäri maşyn süresim gelip ýördi. Meniň islegimi nädip bildiň, Atda
jan? Aý, hawa-da, bilýänligiň üçin Atda tapagan-da sen.
Atda gürrüňi jemledi:
— Onda gürleşdik. Ertir sagat altyda öýe — işe gel. Maşyny kabul edip alarsyň.
— Bolar, Atda jan, bolar. Kabul edip almaga men äl ökde. Häzir baryp
gelnejeňi begendireýin. Kim bilen gürleşýändigini gowuja bilsin. Indem iňňirdesin
şol! — Gökdäki dilegi ýerde gowşan Hemra illew begenjini içine sygdyryp bilmän,
öwran-öwran ýuwdundy. — Atda jan, eýýäm başlyk bolaýdyňmy?
— Başlyg-a däl...
— Başlykmaşyn beren bolsalar, başlyk bolanlygyň şol. Kakaň ikimize
berenoklar-a.
— Geolog bolup işe girdim.
— Geolog diýdiňmi? Bilýän, bilýän, geolog diýmek başlyklaryň depesinden
garaýan diýmek ol. Beýle zatlary sen çekinmän menden göni sorabergin.
— Nebit, gaz agtarýanlara geolog diýýärler.
— Sen ýaş halyňa meni okatjak bolma. Sen entek arlygyňy öl-myžžyk edip
ýören bäbek wagtyňam geolog-pedagog sözlerini obada diňe men bilýärdim. —
Hemra illew begenjine guş deýin uçaýjak boldy. — O gün ýadyňdamy, men saňa
näme diýdim?
— Bilmedim men-ä.
— O näme üçin bileňok. Bil. Men saňa: «Meniň pendimi tutsaň adam bolarsyň,
başlyk bolarsyň diýdim. Eýýäm başlyk bolaýansyň görseň. Meniň diýenim bilen
bolsaň, nesip bolsa, sen ýene-de ösersiň. Ýadyňdamy, köpçüligiň içinde saňa göni
diýen sözlerim? Ä? Ýadyňdamy şonda, o çatrykda diýen sözlerim? Näme diýdim men
saňa şonda?
79
— Ýadymda, Hemra aga, ýadymda.
— Ýo-ýo-ýo, ýadymda diýeniň bolmaýa. Sen maňa diýen sözlerimi doly aýt.
— «Atda, ýüzüňe aýtjak» diýdiňiz.
— Dogry, diýdim. Soň näme diýdim. Aýdyber, aýdyber.
— «Kakaň hatyrasy üçin men saňa bir akyl bereýin» diýdiňiz.
— Sen näme diýdiň?
— «Birisini däl, onusyny beriň, Hemra aga» diýdim.
— Men näme diýdim?
— «Ýok, onusyny berjek däl, ýekejesini berjek. Akyl bersem; gaty akyllyja
bolgun. Ile kömek etjek bolgun. Ile kömek etseň, il ogly bolsaň, tükeniksiz döwlet
taparsyň» diýdiňiz.
— Dogry, bildiň. Aýdyber yzyny.
— «Şeýtseň döwletem, halkam seniň gadyryňy biler» diýdiňiz. Adamlaram:
«Bä-ä, Hemra agaň akylyndan soň, Atda jan sen hökman başlyk bolarsyň» diýdiler.
— Indi gördüň dälmi, men akyl bersem, derrew başlyk bolaýansyň.
— Siz duýan ekeniňiz, Hemra aga.
— «Duýan ekeniňiz» diýip gümansyratmaň näme seniň. Men duýamok, men
oraşan görýän, men oraşan bilýän. Hawa, hawa, men şeýle-dä. Hemra agaňa seniň
gözüň öwrenişipdir. Gelnejeňem maňa gözi öwrenişipdir. Hemra agaň bihal adam
däldir, görseň. Sen hiç wagt unutmagyn. Seni men başlyk edendirin.
— Sag boluň, Hemra aga. Gadyryňyzy bilip, menem sizi işe alyp durun-a.
— Dogry edýäň.
Hemra illew Atdanyň başlyk bolanyna begenmek begenip, işe alanyna alkyş
baryny aýdyp, özüniň ýönekeý adam däldigini öwran-öwran tekrarlap, öýüne gaýtdy.
Daň bilenem dylym-dylym edip, Atdanyň ýanyna geldi.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Tapagan - 08
  • Büleklär
  • Tapagan - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3819
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2080
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2115
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3778
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2065
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3843
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1950
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3843
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1930
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3842
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1940
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3871
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1997
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3781
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1955
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3897
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1908
    35.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3802
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1988
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3850
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    35.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3853
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1962
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3802
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1909
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Tapagan - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 2335
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1369
    35.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.