Latin

Söýgüde serhet ýok - 13

Süzlärneñ gomumi sanı 3811
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2157
32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
netije bolmady. Gozganmadylaram. Şondan soň men olara bu barada hiç
zat diýjegem bolmadym. Onsoňam ol ýerde goş basyşyp oturanlar ýeke
olar däldiler. Bir gowwy zat, gyşyň günüdigine garamazdan howa
maýyl. Hoştap.
Hä diýmanem iş wagty gutardy. Men Erkinden ýene bir gezek habar
tutdum-da, Jemalyň yzyndan gitdim. Ol köp garaşdyrman çykdy.
Gaýtdyk, «Aýsberge» bardyk. Howa maýyl bolansoň daşardaky
dalbaryň aşagynda ikibir-üçbir piwo süzüşip oturanlaram az däl. Ýöne,
biz içeri giräýenimizi kem görmedik. Çünki, bize ol wagt emin-erkin
gürleşer ýaly goh-galmagalsyz, asudaja ýer gerekdi. Daşarda bolsa
adamyň köplüginden başga, ses güýçlendiriji enjamlardan çykýan
gopgundan ýaňa-da ses-üýn alşar ýaly däldi.
Entek bosagadan ätlemänkäk, Jemal içeride oturyp iýip-içmekligiň
daşara görä ýigrimi bäş prosent gymmatdygyny aýtdy. Men: zyýany
ýok, diýen manyda elimi silkdim. Pessejik hem kiçijik, ýöne owadan
bezelen, naşyja jaýjagazlaryň birine girdik. Onuň içinde bary-ýogy dub
agajyna meňzedilip ýasalan iki sany ýalpyldawuk gara stol bar. Her
stoluň başynda reňki stol bilen kybapdaş, arkasy beýik dört sany stul.
Stollaryň üstünde içi owadan, ýöne ýasama gülli, nepis güldan dur.
Jaýjagazyň burçlarynda-da şolar ýaly içi ýasama gülli güldanlar
goýlupdyr. Petikde çyra ýok. Ýöne dört diwaryň hersinde iki sany,
barokko äheňinde ýasalan şem sypatly çyrajyklar berkidilen. Olaryň
hersi bir dürli öwsüp, jaýyň içine rahatlyk röwüşini çaýýarlar. Gözüňe
düşüp, beýniňi gyjyndyryp baranoklar.
Biz ýylgyrjaklap ýanymyza gelen, aýagy butlaryna dyrtaşyp duran
gök jinsi balakly, keltekjik ak köýneginiň giň ýakasyndan göwüsleriniň
ep-esli bölegi, aşagyndan bolsa ysyrga gysdyrylan göbegi görnüp duran,
dodaklary tümmül bolan böwrek ýaly garagözelek, bolaýsa on dokuz
ýaşlaryndaky hyzmatkär gyza iki sany çişlik, iki sany lüle kebap,
«oliwýe» saladyny hem-de alma şiresini buýurdyk. Men gürrüňi
nämeden başlajagymy bilmän ýaýdandym. Ýöne, Jemal işimi
aňsatlaşdyrdy.
– Köp babatda Erkin ikimiziň häsiýetimizem, ykbalymyzam meňzeş
bolup çykdy. Ikimizem tiz gahar. Öýkelek. Ýöne, soňumyz ýok.
Tersleşsegem derrew ýaraşara bahana gözläp ugraýas. Men-ä dogrusy
aýal kejirligini edip esli mahal ýaraşasymyň gelýändigini bildirmän
151
gezýän welin, bu meselede Erkin has durumsyz. Öýkämi ýazmasa
ynjalyp bilenok, – diýip, çişlik gelmezden öň alma şiresini içip oturşyna
ol menden soraga-da garaşman özünden-özi söze başlady. Birdenem
gussaly ýylgyrdy. – Bilýäňizmi, ol ikimiziň hatda ýylymyzam bir-dä...
-Näme, sizem itmi?
-Howwa, menem it. Ýöne esasy meňzeşligimiz welin, ikimiziňem
ýaşlygymyzy söýgüsiz geçirenimizde. Dogry, kimdir birini daşyndan
gowy görmek, gaýybana aşyklyk diýen zat mende-de boldy, onda-da
bolupdyr, ýöne, ol entek söýgi däl. Ynanýaňyzmy, men hatda adamymada söýgüsiz çykdym. – Oňa çenlem çişlik geldi. Assa-ýuwaş iýip
başladyk. – Gowusy men size muny başdanaýak gürrüň bereýin – diýip,
şondan soň Jemal gürrüňini dowam etdirdi. – Ilkinji söýgüm klasdaşym
Döwran... Men ony hemişe hormat bilen ýatlaýaryn. Ol klasymyzda iň
görmegeý, iň daýaw, inçemik ak ýüzli, syrdam boýly, şakäse ýaly
ullakan gara gözleri oýnaklap duran oglandy. Hemişe şylgyrar ýörerdi.
Baý ýeriň çagasy bolansoň uly arakesmä çykanymyzda
klasdaşlarymyzyň hersine bir doňdurma alyp bererdi. Belki şonuň
üçindir, gyzlaryň hemmesi oňa hyrydardylar. Ol meniňem şolar ýaly
özüne hyrydar bakmagymy, daşyndan pyrlanmagymy, ony alyp bersene,
muny alyp bersene, diýip özelenmegimi isleýärdi. Men muny aňýardym,
şonuň üçinem, özümi bilgeşländen çeke tutýardym. Ýönekeýje sürüjiniň
gyzy bolsamam, özümi ministriň ýa baý ýeriň çagasyndan kem
saýmaýandygymy oňa bildirmek isleýärdim. Söýgümi pynhan
saklaýardym. Maňa bolan söýgüsini puly bilen däl-de, adamkärçiligi
bilen gazanmagyny isleýärdim. Ýöne onuňam kiçelesi gelmeýärdi.
Söýgüniň güýjüniň ýönekeýlikde däl-de, puldadygyna öz-ä bir
ynanýardy, bize-de şony subut etmek isleýärdi. Men gurply maşgaladan,
şonuň üçinem sähelçe yşarat etdigim islän gyzym yzyma düşüp
gidibermelidir, diýen düşünjesi bardy. Şonuň üçinem hernäçe gowy
görse-de maňa üns bermediksirän bolýardy. Şol ýagdaý altynjy klasdan
başlap tä, onunjy klasa çenli dowam etdi. Iň bolmanda gutardyş
agşamynda-ha söz gatar, içini döker öýtdüm, emma ol tamam çykmady.
Hatda hoşlaşmadam. Şeýdip herimiz bir ýana dagadyk. Men Halk
hojalygy institutynyň hasapgärçilik bölümine okuwa girdim. Döwran
bolsa Aşgabadyň dünýä ýurt dilleri institutyna girdi.
Mekdepde bolşy ýaly men institutda-da gowy okaýardym. Ikinji
kursda bolsa eýýäm studentler sowetiniň başlygydym.
152
Şol döwürler beýleki fakultetleriň birinde okaýan Aman atly bir
oglan maňa yssy mähir bilen bakyp başlady. Men onam erbet
göremokdym, ýöne, entek Döwrandanam tamamy üzmändim. Göwnüme
bolmasa ol bir gün yzymdan geläge-de: «Şunça wagtlap näme üçin
sesiňi çykarmadyň? Men saňa garaşdym ahyry», diýäýjek ýaly boldy
durdy. Şonuň üçinem, Amana sowuk-salarak garaýardym. Berýän syrly
soraglaryna özündenem has syrlyrak, gümürtigräk jogap berýärdim.
Birden Döwran göräýmesin, diýen gorky bilen köçede bile
ýöremekdenem saklanýardym. Ugratmaga garşylamaga rugsat
bermeýärdim. Aňlyşyma görä onuňam ata-enesi gurply adamlardy.
Okuwa maşyn münüp gelýärdi. Özüni alyp barşy Döwrana görä-de has
gopbamsyrakdy. Döwranyňky ýaly: sähelçe yşarat etdigim islendik gyz
yzyma düşer, diýen pikir onda-da bardy. Üstesine okaýşam gowşakdy.
Mydama ekzamenlerden ýykylyp soň kakasynyň üsti bilen düzetdirer
ýörerdi. Üstesine gepi-sözem zoňtarrakdy. Kellesine näme gelse,
birdenkä aýdyp goýberiberýärdi. Ol bir gezek okuwdan çykyp öýe
barýarkam duralgada yzymdan ýetdi-de: «Men saňa öýlenjek, toý
şaýyňy tut» diýdi. Menem özüne görä jogap gaýtardym: «Bolýa, ýöne
sen şu tomus ähli sapaklaryňy bäşlige tabşyr, bolmasa-da bagtyňy başga
ýerden gözle» diýdim. Ol ilk-ä ör-gökden geldi, ýüzüme aňkarylyp epesli durdy, soňam hezil edil güldi-de: «Ýok, gyzjagaz, seň diýeniň
bolmaz, meň diýenim bolar», diýdi. Şeý diýäýmese başga alajam ýokdy.
Sebäbi barysyny-ha däl, ýekeje sapagam bäşlige tabşyryp
bilmejekdigine gözi ýetip durdy.
Hut şeýle hem boldy. Ýöne öýlenmek meselesinde welin gepinde
berk durdy. «Sen bolmasaň, Senem jan», diýenlerini etdi-de, «şark-şurk»
başga birine öýlendi oturyberdi. Daş gulakdan eşidişime görä, şol tomus
toý meselesi onuň öňünde atasy enesi tarapyndan çürt-kesik orta goýlan
ekeni. «Ýa özüň tap, bolmasa-da özümiz tapýas, diýlipdir. Şeýlelikde,
Amanly mesele birýüzli boldy. Ýöne şonuň yz ýany kölege ýaly bolup,
ýolugra başga bir bela sataşdy. Ol bir tär bilen öňürt-ä meniň awtobusa
münýän, düşýän ýerimi, soň ýaşaýan ýerimi, ondan soňam okaýan
ýerimi bilipdir. Ýolda-yzda gözüme köp ilýänem bolsa ilki-ilkiler men
oňa kän bir ünsem bermedim. Ol welin kem-kemden ýakynlaşdy, soň
lak atdy, ýöntemrägem bolsa birki ahyz gürleşdi, üç aý töweregi şeýdip,
degdim-gaçdym oýnansoňam öýmüze çenli gapdalym bilen ýöräp
gitmäni çykardy. Onuň meni gowy görýändigi çynydy. Çünki, aýdýan
153
sözleri ýürekden çykýardy. Iki elinem kükregine goýup: «Men üç aýlap
diňe daşyňdan guwanyp gezdim, ýoluňy öwrendim», diýende dagy
gözlerine hakyt ýaş aýlanýardy. Ýöne, görmegeý däl. Iki sany alyn dişi
öňe çykyp, ýokarky dodagyny ep-esli galdyryp dur. Gürlän mahaly şol
dodak öňküsindenem beter çommalýar-da, agyzndan tüýkülik syçradýar.
Şonuň üçinem yzly-yzyna ýalmanýar. – Jemal göz öňüne bir zatlar
getirýän ýaly hezil edip güldi. – Boý-a uzyn, özem eglibräk ýöreýär
welin ýagyrnysy hükgerilip, hamala gapdalym bilen iki ýaşar köşek
barýan ýaly bolup dur. Şeýle-de bolsa yhlasyny syladymmy, nämemi,
ýüzüni almaga ynsabym çatmady. Gaty bir ýüzem beremok,
kowamogam. O-da şo-ol gatnap ýör. Görüp otursam ol Aşgabada golaý
dag eteginde oturan obalaryň birinden ekeni.
Bir günem okuwdan gelsem öýde iki sany del daýza ejem bilen
derçireşip çaý içişip otyrlar. Men gapydan girenimden daýzalaryň
ekabyrragy, tegelek ýüzli, gök ýüň gyňaçly daýza «şumy» diýen manyda
gaşlaryny gerip ejemiň ýüzüne seretdi. Ejem baş atandanam ýerinden
turdy-da, maňa tarap abşanaklap gaýtdy. Her biri tulum ýaly
göwüslerem her ädiminde iki ýna hallan atýar. Gelip gujaklady. Ogşady.
«Gurgunmysyň gyzym, men Begliniň ejesi», diýdi. Şeý diýenden men
onuň elinden sypdym-da, urdurylyp törki jaýa girdim. Yzymsüre
ejemem girdi. «Näme, tanamaýan adamyňa söz berdiňmi», diýip, ýüzüni
çytdy. «Ýok, eje, söz beremok, baryberiňem diýemok, ýöne, ýolugra
tanyşdyk, başga aramyzda bolan gürrüň ýok, salgymyzam yzarlap
bilipdir, gaýtarasyňyz gelse gaýtaryberiň», diýdim. Ejem: «Gaýtarmaly
bolsa özüň gaýtar, çykjak sen, enedirin-ow, diýip, men seniň bagtyňy
garaldyp bilmen, ýöne, sähelçe göwnüň bar bolsa aýt, men olaryň öýojaklaryny, öwzarlaryny, gün-güzeranlaryny bir görüp gaýdaýyn soň
«wah» diýäýmäli» diýdi. «Barlasaňyz, barlaýyň» – diýdim. Ejem çykyp
gitdi. Hä diýmänem myhman daýza meniň oturan gapyma boýnuny
uzatsy-da, «Bor gyzym, sag oturyň, biz-ä gitdik, işalla ger durarys»,
diýdi.
Indiki dynç güni ejem olaryň obasyna gidip geldi. Ýüzüni aktam
edip durşuna demi-demine ýetmän gürledi. «Olar-a towuk ketegi ýaly
hütdüjegiň içinde otyrlar, gyzym, özlerem üç-dört dogan dagy bar,
ikisem öýlenen, düýnkiň ýany bilen gelen gelnem uly gelni ekeni. Men-ä
şolaryň şonça adam bolup, şojagaz dar howlynyň içinde hajatlaryny nirä
artýandyklaryna, haýsynyň nirede ýatyp, haýsynyň nireden
154
turýandyklaryna-da haýran...» diýdi. Ozaldanam alagöwün bolup
duramsoň darka ýaryldym: «Eje! Gidip-geleniň gowy bolaýdy. Aýdyp
bilmän durdum. Men ol oglana barjak däl. Men ony göwnämok. Jaýlary
gowy bolaýanda-da, gurply bolaýanlarynda-da razy däl», diýdim. «Onda
öň aýtmaly ekeniň-dä şeý diýip. O bendeleri tamakin etmeli däl ekeniňdä... – Ejem birbada ynjyly gürlänem bolsa kem-kemden köşeşdi. –
Bolýa-da gyzym. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Seň sözüň şu bolsa
galany biz bilen...»
Ol daýzanyň welin bizden el çekesi gelmedi. «Gyzym göwnänok»,
sözüni eşidenden soňam: «Ýene bir oglum bar, belki şoňa göwnär, şu
gyzy elimden çykarasym gelenok, belki görer, halaşar» diýip, şo-ol,
gatnady ýördi. Men elbetde, onuň beýleki ogluny görmäne gitmedim.
Çünki, bir söý bilen görüp göwnäýenimde-de baraýanymda-da, aga bilen
ininiň arasyna sowuklyk düşjekdi, gelşiksiz boljakdy. Soň-soňlar
gulagymyza dgşine görä, men zerarly ol ikisiniň arasyna barybir öýkekine düşüpdir. O niýetleriniň gowulygyň üstünden eltmejekdigine
özlerem düşünendirler-dä, ol daýza kem-kemden gelmesini seýrekledip
başlady. Iň soňky gezek gelende welin ejemiň aýagyna ýykylyp aglady.
«Jan dogan, men bir bagtygara ekenim. Şu gyzy bir wagtlar özümiňki
hasaplapdym, birine göwnemese birine göwnär öýdüpdim, emma
bolmady, boljagam däl ekeni. Giň dünýäniň içinde meniň söýen
gyzymdan başga gyz tapmadyňmy, şony sen alyp şu howla getirseň meň
nä günlere sataşjakdygymy bilmediňmi» – diýip, Begli jan inisi bilen
erbet tersleşdi. «Gaýdyp ýüzüňi görmen» diýip, öýden çykyp gitdi. Men
guraýyn sizem kyn güne goýdum. Özümem şol güne düşdüm. Ylaýym
Jemal janyň bagty açyk bolsun, ýamanlyk ýüzüni görmesin... Hoş, men
indi gelmen», diýdi. Meniň oňa nebsim agyrdy, ýöne, edibiljek zadym
ýokdy.
Begli welin şondan soňam birki gezek ýolumy kesdi. Edil öňküleri
ýaly öýe çenli gapdallap gaýtdy. Ýalbardy. Guluň bolaýyn, depäme täç
edeýin, bir ýyla ýetirmän özbaşyma jaý edineýin diýdi. Men ol gezegem
oňa gaty-gaýrym aýtmadym. Netije bolmajagyna sypaýyçylyk bilen
düşündirdim. «Söýgiňe ynanaýan, Begli, ýöne, söýgi ikitaraplaýyn
bolmaly, sen, şuňa düşün, men özüme zorluk edip bilemok» diýdim.
Galdy. Ýöne, eňräpler galdy. Men onuň halyna-da gynandym.
Telim günläp ol görgülini ýatlap, hapa bolup gezdim.
155
Döwran welin hiç ýadymdan çykanokdy. Durmuşyň haýsam bolsa
bir öwrüminde ol maňa duş geläýjek ýalydy.
Duýgym meni aldaman ekeni. Dördünji ýyl okap ýörkäm, bir gün
okuwdan çykyşym ýaly oňa pete-pet gabat geläýdim. Bu tötänlikden
boldumy ýa özi çykýan wagtymy peýläpdirmi, bilemok, ýöne ikimizem
birhili bolduk. Tas, köne gedemligimiziň ugruna gidip, biri-birimiziň
duşumyzdan salamsyz geçipdik.
Hernäçe kynam bolsa, agyram bolsa, meniň-ä şeýdäýmegim gaty
ahmaldy welin, ýöne öňküsine görä akyllyanypmy ýa hakykatdan-da
ýöriteläp gelipmi, Döwran gabat – garşyma geçdi-de: «Jemal, salam,
gurgunmysyň...» – dipdi. Menem sakga saklananymy, tolgunmakdan
ýaňa sojap durşuma:»Şükür, gurgun, özüňem gurgunmy, Döwran» diýip
guraksy hem aljyraňňy seslenenimi bilmän galypdyryn. Üzlem-saplam
hal-ahwal soraşyp durşumyza men assa-ýuwaşdan öz barýan ugruma
tarap gidiberdim. O-da meniň bilen egin deňläp ýöräberdi. Kem-kemden
gürrüňimiz gyzyşdy. Mekdep ýyllarymyzy, çagalyk dostlarymyzy
ýatladyk. Birdenem ol maňa bakyp ýylgyrdy-da: «Sen ýaman gyňyr
gyzdyň» – diýdi. «Senem kemje-kerdem däldiň-le, – diýdim. Soňam: –
Ýöne, meniň şu wagtam şol gyňyrlygymdyr» – diýip, sözümiň üstüne
goşdum. Döwran ýeserlik bilen gözlerini güldür-de, ýüzüme gyýa
bakdy. «Onda sen henize çenli durmuşa çykan däl bolmaly» «Dogry.
Men henize çenli durmuşa çykamok». Ol uludan demini aldy: «Ine, bu
habaryň gowy habar. Örän gowy habar... Şu habaryň bolmadyk bolsa
meniň gelenim biderek bolardy...»
Menem uludan demimi aldym. Diýmek ol meniň üçin ýörite
gelipdir. Tä, öýe çenli pyýadalap baranymyzam bilmän galypdyrys.
Şondan öň şeýle bolan ýeri ýokdy. Men hemişe awtobusly gatnaýardym.
Şol günden soň Döwran her gün şol bir wagtda, şol bir gabat gelen
ýerinde meni garşylady durdy. Meniň okuwy ir gutarýan, giç gutarýan
wagtlarym bolýardy, Döwran welin haçan çyksam öňümde häzir bolup
dur. Diýmek, onuň elinde meniň raspisaniýam bar bolmaly. Biz käte bir,
juda gyssanan günümiz awtobusa münäýmesek, edil birinji gezekimiz
ýaly, tä öýe barýançak pyýada gidýärdik. Ýol welin uzakdy. Günorta
çetinden tä demirgazyk çetine çenli geçmelidi.
Bir gün ol maşynly geldi. Men ondan dagy-duwwara yzymdan
maşynly gelmezligini haýyş etdim. «Bor» diýdi. Sözünde durdam.
Tomus golaýlaberendenem toý tutmaklygy teklip etdi.
156
Dogrymy aýtjak, men muňa diýseň begendim. Çünki, ençeme ýyl
geçenem bolsa men ony ýüregimden çykaryp bilmändim. Şol söze bolsa
gör näwagtlardan bäri garaşyp ýördim. Men ony on alty ýaşly ulugyz
wagtym, ömrümiň ilkinji tämiz söýgüsi bilen söýüpdim. Şonuň üçinem,
Döwranyň teklibini men ýitirilen bagtymyň dolanyp geldigi, hasap
etdim. Habarymy ejeme-de buşladym. Saklanyp bilmänem agladym.
«Deň-duşlaryňdan gaslaýma, garrygyza dönäýme», diýip, gijee-gündiz
gulak etimi guradyp ýören ejem meniň o habaryma özümden beter
begendi. «Hern-ä bagtyň açyldygy bolsun-da gyzym», diýip, gujaklady.
Döwran uzaklaşdyrman sawçy iberdi. Ejesi gelmedi. Sebäbi, ol
bende birnäçe ýyl bäri bir tarapy ysman düşekde ýatan ekeni. Ana, onuň
şol derdem biziň bagtymyza kest etdi. Gudaçylyga gelenler meniň
okuwy taşlamalydygymy, soňam hiç ýerde işlemän, gije-gündiz öýde
oturyp gaýyn eneme seretmelidigimi öňümde şert edip goýdular. Muňa
menem razy bolmadym, hossarlarymam. Bu habary eşidip Döwran odaköze düşer, iki ýana urnar, çykalga gözlär, iň bolmanda: «Ýok! Olaryň
diýeni bolmaz. Men seniň munça ýylky azabyňy köýürip bilmen, juda
bolmasa olardan aýra ýaşaryn welin, senden aýra düşmen», diýer
öýtdüm. Emma ertesi gün yzymdan gelende o-da sawçylaryň diýenlerini
gaýtalady. «Nädeýin, ejem-dä, oňa seredere adam ýok-da», diýdi. Näme,
sen meni diňe hyzmatkär ornunda ulanmak isleýäňmi», diýdim. «Aý,
ýok-la beýle däl-le... Ýöne, olar beý diýip durkalar men başgaça bir zat
diýip biljek däl-dä...» diýip, gitdigiçe naçarlaberdi. Şol wagt ol
birwagtky dabanyndan dogum ody syçrap duran Döwrana düýbünden
meňzemeýärdi. Meniň erbet gaharym geldi. Entek ýoluň ýarysynam
geçmedik bolsak-da, sakga saklandym-da, onuň iki gözüniň içine
seredip: «Gal, Dwran! Indi ikimiziňki gutardy. Seniň maksadyň maňa
belli boldy. Şu wagt öz öýüňde gepiňňi gögerdip, öz bagtyň ugrunda
göreşip bilmeýän bolsaň, hiç wagtam ol öýde gepiň ýöremez. Äriniň
ygtyýary ýok öýde aýalyň-a asylam gadry bolmaz. Men ömürboýy seni
höwes edipdim, ýöne, beýle durmuşy höwes etmändim, seni gowy
görüpdim, ýöne, edil beýlesiň öýtmändim. Hernäçe agyram bolsa
ikimize hoşlaşmak gerek! Hoş!» diýdim. Öwrülibem gitdim. Yzyma
garamadym. Garamasamam tä, garam ýitýänçä Döwranyň yzymdan
garap durandygyny welin duýdum... – Jemal alma şiresinden owurtlady.
Gyrmyzy reňke boýalan ösgün dyrnaklary bilen bulguryň gyrasyny
dyrmalady. Hamala onuň içinde Döwranyň suraty görünýän ýaly gözüni
157
süzüp onuň içine seretdi. – Şeýdibem aýrylyşdyk. Haýsymyz ýalňyşdyk,
haýsymyz dogry etdik ony men bilemok, ýöne nätjek, başga alaç
galmady. Döwran söýgüsi üçin göreşip bilmese-de, men öz bagtym üçin
göreşmelidim...
– Ol şo gidişine gitdimi? Soň köwlenmedimi – diýip, gürrüňe
başlaly bäri men Jemala megerem ilkinji gezek sprag berdim.
– Ýok, Köwlenmedi. Şol gidişine gitdi. Ýöne... – Jemal aşak bakyp
gurak-gurak ýuwdundy. – Mundan ýyl ýarym ozal ol ýogaldy. Ony
eşidip men erbet boldum. Çünki, her niçik hem bolsa men ony söýüpdim
ahyry. – Jemal näme üçindir esli wagtlap sesini çykarman oturdy. – ...
Geçen ýylky hatyra gününde ejem, Erkin üçümiz öwülýä gitdik.
Kakamyň, adamymyň mazaryna gül goýduk, aýat okadyk. Men şonda
täze mazarlaryň arasyndan gözläp Döwranyň mazaryny tapdym...
Birmeýdan erbet bolup durdum. Soň oňa-da aýat okadyk. Rahat
ýatmagyny, menden razy bolmagyny diledim. Şol wagt mazarlaryň
arasyndan assa-ýuwaş ýöreşip özara hümürdeşip ýören Ejem bilen
Erkinem ýanyma geldi. Deň-duş bolansoňlar olaryň mydama gepleri
alyşýardy. Biri-biriniň aýdanlaryny tassyklaýardylar, makullaýardylar.
Ejem köplenç Erkiniň arkasyny alýardy. Ikisi birigip garşyma giden
gezekleri welin men garaçynym bilen gaharlanýardym, ikisindenem
öýkeleýärdim. Şol gezek olar golaýyma geldilerem welin men uludan
sowuk demimi aldym-da: «Ine, bu meniň ilkinji söýgüm», diýdim.
Guburyň başujyndaky ýazgyny okap olaryň ikisem gürrüiň kim barada
gidýänini aňdylar. Çünki, ejem-ä o zatlardan habarlydy, Erkine-de özüm
gürrüň beripdim. Erkin aşak bakyp bir zatlar barada oýlanyp durdydurdy-da: «Erte meniň mazaryma geleniňde bolsa: Ine, bu meiň iň soňky
söýgülim, diýersiň» – diýdi. Elbetde, ol muny bilniksiz degişme bilen
aýdypdy. Umumanam onda şolar ýaly häsiýet bardy. Käte oýun edýämi
ýa çynymy bilibem bolmaýardy. Şol gezegem onuň ýarym degişmesine
men düşündim, emma ejem düşünmedi. Şonuň üçinem, Erkiniň şol
sözüniň aňyrsynda degişmäniň ýatandygyny men ejeme gaýdyp
gelýärkäk, ýolda düşündirmeli boldum. Häliden bäri birhili bolup gelýän
ejem diňe şondan soň açylyşdy. Birdenem: «Wah, şeý diýsene!
Näbileýin-dä... Menem näme üçin bu beý diýdikä, diýip, garajanym
galmady» diýdi-de, jak-jak güldi. Erkiniň şol sözüni ol soň-soňlaram
ýatlap güldi ýördi. – Jemal oturan oturgyjynyň arkasyna ýaplandy-da,
uludan demini aldy.
– ...Howwa Döwrandan ymykly tamamy
158
üzenimden soň, esli wagtlap güň ýaly bolup gezdim. Hatda öýdäkiler
bilenem düzüwli gepleşmedim. Okuwa gidýän, gelýän, öý işlerini edýän,
kir ýuwýan, nahar bişirýän, şeýdibem wagtymy geçirýän. Käte ejemiň
işleýän edarasyna barýardym. Tikin fabrigi bolansoň ol ýerde
işleýänleriň aglabasy aýal-gyzlardy-da, ol ýerde meniň joralarym bardy.
Ýöne, gapynyň agzynda oturýan, ejem deň-duşurak Arzygül atly bir aýal
welin her gezek meni ýitirip tapan ýaly garşylaýardy. Özüne gelinlik
edinesiniň gelýändigini aýdýardy. «Şu gyzyňy maňa beräý, jan dogan»
diýip, ejemiňem gulak etini guradýardy. Ejemem: «Özüni göwnet-de
alyber, men garşylygym ýok» – diýýärdi. Maňa-da: «Ogluny gör,
halasaň bar, gyz maşgala uzak otursa gelşiksiz bolýandyr» – diýip,
hemişekije aýdýan sözlerini aýdýardy. Men bolsam: «Sen näme meni
öýden kowjak bolýaňmy» – diýip, ondan gaty görýärdim. Arzygül ejede meni ogly bilen duşuşdyrjak bolup şunça jan edýärdi welin, elbetde,
nesibe çekýän däldir-dä, ýa meň boş wagtym onuň oglunyň boş wagtyna
gabat gelmeýärdi, ýa-da onuň boş wagty meň boş wagtym gabat
gelmeýärdi.
Şeýdip, ýörkäk bir gün hemişekim ýaly fabrige bardym welin, orta
boýly, ala gözli, sähleçe-de burunlagrak, buýra saçly, owadan bir ýigit
sehlere aýlanyp surat alyp ýör. Dogrymy aýtjak, görenimden ýüreim
gobsundy. Düýbünden zerurlyk bolmasa-da, menem surata düşdüm.
Haçan taýyn boljagyny soradym. Ol «Indiki hepde getirin, haýsy sehde
işleýäň» diýdi. Men bu ýerde işlämok, ejem işleýä, şoňa beräý, diýdim.
Ejemiň kimdigini aýtdym. «Wiý, sen şoň gyzymy» diýip, ýigit berenaýy
ýylgyrdy. Surat almak üçin o ýere häli-şindi gelip-gidip duransoň ejemi
gowy tanaýandygyny, hatda birki gezek öýmüze-de baryp
gaýdandygyny aýtdy.
Ol diýen wagtynda suratymy ejemden iberdi. Şol ýylam instituty
tamamlaýardyk-da, barybir biz «uçurym» suratyny taýýarladar ýaly
ökde suratçy gözläp ýördük. Men muny ejeme aýtdym. Kyn görmese
instituta barsyn, suratymyzy alsyn, diýdim. Barmaly wagtyny aýtdym.
Bardy.
Suratlarymyzy
aldy.
Gowy
edip
taýýarladam,
kursdaşlarymyzam ondan köp hoşal boldular. «Kärine ökde ekeni, gowy
çykarypdyr», diýdiler.
Surat albomlarymyň doly taýýar bolýança men ol oglan bilen telim
ýola duşuşmaly, gürleşmeli maslahatlaşmaly boldum. Bir görsem
sözümiz alşyp barýar. Maňa bolan garaýşam biperwaý däl ýaly. Her
159
gezek duşuşanymyzda ýene-de gelere bahana gözleýär. Tapýaram. Onuň
şol bolşy maňa-da ýakman duranok. Garaz, ysnyşdyk. Soňabaka ýeke
bir iş-dert meselesi bilen däl-de, ýörite-de duşuşyp ugradyk. Şol ikiarada
ol birnäçe gezek öýümize-de geldi. Jigilerim bilen surata düşmek
bahanasy bilen ony men özüm çagyrdym. Özi welin agras. Şalt-şulty
ýok. O ýerimden bu ýerimden tutjak bolup ölüp – öçüp baranok. Görüp
otursam onuň bu agraslygynyň aňyrsynda başga bir zat bar ekeni. Bir
gün ol ýüregini bire baglap maňa bar zady bolşy ýaly aýtdy. «Men
maşgalaly, ýöne, ýaşaýşymyzyň ugry ýok. Aýalym bilen aramyz sowuk.
Men onuň bilen barybir uzak ýaşaşyp bilmen, maňa özüň ýaly özüm
bilen göwündeş maşgala gerek, sen şoňa razymy», diýdi. Men kyn güne
galdym. Çünki, boý gyz halyma telpegi agan adama durmuşa çykmak
meniň üçin masgaraçylykdy. Ýöne, ol ýigit maňa ýüregindäkini
aýdypdy. Razylygymy sorapdy. Hiç hili zorluk ýa mejburlyk ýokdy.
Meni hakykatdan-da söýýändigine bolsa ynanmazlyk mümkin däldi.
Öňi-soňy aýaly bilen aýrylyşjagy çyn bolsa onda onuň maşgala
durmuşynyň bozulmagynda-da meniň günäm boljak däl. Ýöne, indi
ýagdaýy hossarlaryma duýdurmalydym. Men muny ejemden başladym.
Ol uzak wagtlap ýüzüme seredip oturdy-da: «Oglan gowy, oňa söz ýok.
Öňi-soňy aýrylyşjak bolsalar... ýöne, muňa onuň öz hossarlary nähili
gararlar? Her niçik hem bolsa onuň bilen men özümem bir gürleşip
göreýin», diýdi. Gürleşdem. Elbetde, düşünişendir-dä, ejem bir gün
maňa özüniň şol oglana çykmagyma garşy däldigini aýtdy. «Hossarlary
bilenem özi gürleşäýen ýaly-la» diýdi. Indiki mesele kakama baglydy.
Onuň bilenem ejemiň özi gepleşdi. Göräýmäge bar zat ugruna ýalydy.
Men şeýle gowy ýigide sataşandygyma begenýärdim.şol çaka çenli hiç
kime durmuşa çykman oturandygym üçin ykbalyma minnetdarlyk
bildirýärdim. Ýöne, birdenkä bar zat çepbesine çöwrüldi duruberdi. Öň
meselänihossarlary bilen doly bişirmänmi ýa diňe özi çözüpmi, ol oglan
bir gün maňa hossarlarynyň başdaşyny taşlap maňa öýlenmegine
düýbünden garşy çykandyklaryny, egerde aýdanlaryny etmän, öýüni
bozsa, galan ömrüne ýüzüni görmekden boýun towlaýandyklaryny
aýtdy. Özem birhili hiç zada umyt, çykalga ýok terzde, iň soňky sözüni
aýdýan, hoşlaşýan şekilde, aýtdy. Bu dogrudanam şeýle ekeni. Ol şol
gün meniň bilen hoşlaşan ekeni. Belki, şonuň üçindir, ömür etmedigini
edip gujaklady. Özem emaý bilen, usullyk bilen gujaklady. Emaý
bilenem ogşady. Ilki iki ýaňagymdan, soň iki gözümden soňam
160
dodagymdan ogşady. Şonda meniň süňňüm gowşap gitdi. Özümi birhili
asmandan asylan ýüpsiz sallançagyň içinde ýaly duýdum. Kimdir birem
yralaýan ýaly. Soň görüp otursam şol pursat meni söýgi yralan ekeni.
Söýgi diýlen zady, ilkinji alamatlaryny men şonda duýdum. Çünki, şol
meniň ömrümde ilkinji gezek gujaklaşyp, ogşaşyp görşümdi.
Onuň gujagyndan çykanymdan soňam men esli wagtlap gözlerimi
ümezledip durdum. Başymyň aýlanmasam wagty bilen galmady.
Ahyram ol: «Bar indi git», özüňem tä garaň ýitýänçä yzyňa garama...»
diýdi.
Hemişelik hoşlaşýandygymyzy men şonda-da bilemokdym. Ony
men soň bildim. Çünki, şondan soň ol gaýdyp gara bermedi,
çagyrmadam, çakylygyma-da jogap bermedi. Edil guýa gaçana döndi.
Gizläp nädeýin dogan jan, gynandym. Gaty gynandym. Telim
günläp agladym. Ýönbe, barybir ýürekde dag galdy. Şol dag henizem
kalbymyň bir ýerinde kebir baglap dur. Men ony heniz-henizlerem
ýatlaýan, ýöne, hiç ýerde, hatda ýolda-yzda-da gabat gelemok. Daş
gulakdan eşidişime görä, ol agzyny hapalanmyşyn, öýi bolsa barybir
bozulanmyşyn. Men onuň öýüniň bozulandygyna ynanýan, çünki,
munyň şeýle boljakdygyny ol maňa birwagtlar aýdypdy, ýöne, olar ýaly
oglanyň agzyny hapalap biljekdigine welin ynanyp bilemok. Galanynam
Hudaý bilsin, durmuşy çaýkanan, göwün-islegine ýetip bilmedik adam
özüni islendik ýola urup biler.
Şol ýagdaýda bir ýyl geçenden soň, ejemiň fabrikde bile işleşýän
maňa öňden bäri göz gyzdyryp ýören jorasy gudaçylyga geldi. Ejem
maňa onuň ogluny görmekligi maslahat berdi. «Ol-a seni görüpdir,
«bolýa» diýipdir, senem gör-de, öz pikiriňi aýt», diýdi.
Gördüm. Daş sypaty hiç neneň däl. Döwrebap geýnen, daýaw,
eginlek, tegelegräk ak ýüzly, murtlyja görmegeý oglan. Gepi-sözi
ýerinde Türkmençede bilýä, ýöne köplenç orsça gepleýä. Umuman,
göwnüm ýetmän durmady. Üstesine ejemem: «Birine gaýky diýdiň,
birine küýki diýdiň, ýigrimi dört ýaşadyň, ýa galan ömrüňem ataň
öýünde müjerret geçiräýjekmi» diýip, girsem-çyksam gulagymy gazap
ýörensoň razylyk berdim. Ýöne, bir ýa iki gezek şähere çykan
bolaýmasak, toýdan öň tirkeşdik, gol tutuşdyk, suwjaryşdyk diýsem
161
ýalançy. Bizi baglanyşdyran bir zat bardy, o-da meniň-ä iru-giç durmuşa
çykaýmalydygym, onuňam iru-giç öýlenäýmelidi.
Guda bolanlaryndan soň uzaklaşdyrman toý tutduk. Şeýdip men
gyzlyk dünýäm bilen hemişelik hoşlaşdym. Nätanyş, maşgala
durmuşynyň çetinden girdim. Ýüregedüşgünç, birsydyrgyn geçip duran
içgysgynç günler başlandy. Birbada biri-birimize erbet görünmedigem
bolsak, düýbünden aýry-aýry adamlardygymyza bile ýaşap ugran
döwrümiziň ilkinji günlerinden başlap adamym ikimizem düşündik. Ol
maňa turuwbaşdan üns bermedi. Iň bolmanda çagamyz bolýança-da
yzyna tirkäp ne toýa, ne hudaýola, ne dogan-garyndaşlarynyňka, ne-de
kafe, hiç ýana äkitmedi. Pylan ýere bile gidäýeli, diýip, özüm teklip
etsemem etmedi. Hatda ejemlere-de bile gitmedi. Netijede biz
ysnyşmadykda, gaýtam gün-günden daşlaşdyk. Sowaşdyk. Men welin
ýaşlygymda hiç kimden görmedik mährimi şondan görjekdim, ýitiren
söýgümiň öwezini doldurjakdym, söýjekdim, söýüljekdim, emma
bolmady. Çünki, bir zat bolmajak bolsa bolmaýan ekeni, hiç zady el
bilen düzedip bolmaýan ekeni, Allanyň eçilip bermedik zadyny diläp ýa
zor bilen alyp bolmaýan ekeni. netije-de meniňem kejirlik duýgum
oýandy-da: «Seň ýüzüň aňryk bolsa meň ýüzüm bärik», diýen netijä
geldim. Ýöne, hyzmatyny etdim. Eşiklerini ýuwdum, ütükledim, wagtlywagtynda naharyny-çaýyny berdim, yzyna adam tirkäp gelse gaşymy
çytmadym. Soň maňa onuň biri bilen gezýändigini aýtdylar. Gykylyk
ederin, goh galdyraryn öýtdüler. Öýümizde dawa bolaryna, ärim bilen
tersleşerime garaşdylar. Men welin olara gulagam gabartmadym. Gepe
gitmedim. Aýdylan söze ynanamaýandygym üçin däl-de, duşmany
begendirmezlik üçin şeýtdim.
Käbir ýaş zenanlar şular ýaly ýagdaý ýüze çykandda ärlerinden ar
alýarlar.
– Gezýälermi – diýip, men Jemalyň ýüzüne soragly seretdim.
– Howwa – diýip, ol sowuk hem biperwaý seslendi. – Gezýäler.
Ýöne, men ol ýoly saýlap almadym. Çünki, aýal erkek däl. Erkek
adamyň näme gep gelse özüne gelýär. Ähli ýazyk öz boýnuna, ynsabyna
düşýär. Ol ahlak taýdan bozuklyk etse başga bir bendäni namysa goýýar,
emma maşgalasyna goh-galmagaldan başga getirýän zyýany ýok. Hatda
öýüni bozaýanda-da düzgünden çykma hasap edilenok. Ol köne
düzgünde-de, täze düzgünde-de bar zat. Aýal bilen welin bu mesele
düýbünden başgaça. Ol aýagyny gyşyk bassa ýeke bir özüne, öýüne ýa
162
adamsyna däl-de, eýsem, külli tohmuna-tijine, düýp babasyna hatda
tutuş obasyna namys getirýär. Ýüzigara edýär. Şonuň üçinem, men ol
ýoly saýlap almadym. Hossarlaryma şikaýatam etmedim. Siz meni şu
güne saldyňyz, şony maňa tapyp beren siz, diýip, gyjalatam bermedim.
Meniň kysmatakaýyllyga salanymy bilip adamym hasam beleň aldy.
Dogry, urdy, sökdi, gorkuzdy diýip biljek däl, ýöne, öýe gelmesini
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Söýgüde serhet ýok - 14
  • Büleklär
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3670
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2231
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3727
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2166
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3793
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2071
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3726
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2192
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3838
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2228
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2095
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3817
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2171
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3871
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2165
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3772
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2189
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3842
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2142
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3818
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3818
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2125
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3811
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2157
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3739
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2190
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3872
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3845
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2181
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3718
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2218
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3401
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2009
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.