Latin

Söýgi hakda bäş söhbet - 4

Süzlärneñ gomumi sanı 3626
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1765
26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
göwnüňi göterip, seni hyýallar, arzuwlar dünýäsine gark edýär.
Kowçum-kowçum bulutlar ak çabga getirip, şatlyk-şowhun bilen ýagýandyr.
Beýik Allatagala adam ogluna söýgüsini ak ýagyş edip dünýäniň depesinden
eňterýändir. Ýazlar gelip, al asmana älemgoşar çaýylyp, güller seniň göwnüňi
göterjek bolup gülüp bakýandyr. Mylaýym ýeller magşuk gyzyň öýmesi ýaly
boýnuňa çolaşyp, ýüzüňi sypaýandyr.
Gün lowurdap gyzyp başlar. Ýok, ol ynsana tomsuň güzabyny çekdirmek
üçin gyzýan däldir. Günüň tyllaýy şuglasy, lowlap duran howry adam ogluna,
janly-jandara haýyr-bereket getirmek üçindir. Meýdanlarda ýüz-müň hili iriými
şler bişip, baglar bol getirer. Dürli otlar-çöpler, dürli-dümen daragtlar
miweläp, beýik Allatagala zeminiň depesinden berekedini ýagdyrar! Güýz
paslynyň gelmegi bilen jümle-jahan rysgal hazynasyna öwrülýär. Näme iýseň
bar, näçe diýseň bar!
Gyş pasly bolsa ýagyş-ýagmyrlar ýagyp, garlar ýagyp, baglar ýapragyny
döküp, jümle-jahan dynç alýar. Ol dynç alýar, hem saňa dynç berýär. Toprak
garlar bilen ýuwnup täze ýyl üçin hasyl toplaýar.
Gadym-gadym zamanlar tylla Güne ýöne ýerden Hudaý diýlen däldir. Gün
— ýaşaýşyň çeşmesi. Gün — mähir-muhapbet, söýgi ummany.
Gadym-gadym zamanlar ýagşa-ýagmyra ýöne ýere Hudaý diýlen däldir.
Ýagyş-ýagmyr ýaganda ynsanyň-da, ösümlikler dünýäsiniň-de, jümle-jahanyňda
ruhy täzelenýär. Ýagyş-ýagmyr rysgal-bereketdir.
Gadym-gadym zamanlarda ýönelige topraga Ene Hudaý diýlen däldir. Toprak
— baýlygy egsilmeýän hazyna. Ondan näçe aldygyňça, şonça baýlygy
köpelýär.
Gadym-gadym zamanlar ýönelige ýellere Hudaý diýlen däldir. Ýeller kä
adaja öwsüp, kä ýagyş-ýagmyr getirip göwnüňi göterýär. Ýeller pasyllary
aýlap dur.
Gudraty güýçli Hudaý dünýäsini söýmez ýaly edip ýaratmandyr. Onuň her
bir güni, her bir gijesi, her bir pasly gözel, owadan. ªahyrlar dünýä döräli bäri
tebigatyň gözelligini wasp edip gelýär, emma entek hiç bir şahyr Gözelligiň
waspyny Gözelligiň özi ýaly kämillige ýetiren däldir.
Hudožnikler dünýä döräli bäri tebigatyň suratyny janly keşpde çekip gelýärler.
Emma olaryň hiç biri hem tebigatyň özi ýaly gözel polotnony döredip bilen
däldir.
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
126
Kompozitorlar dünýä döräli bäri tebigatyň pynhan owazlaryny nota geçirip
aýdym-saz döredýändir, emma olaryň hiç biri tebigy owaz ýaly kämil owazy
döredip bilen däldir.
Jümle-jahan Hudaýyň ýaradan gudratly aýdymy ahyry.
Öz topragyny söýüp, ezizläp, oňa mähir-muhapbetini siňdirip ekin ekýän
daýhanyň hasyl alşam düýbünden üýtgeşikdir. Malyny söýüp, ony öz maly
saýyp bakýan çopanyň hasyl alşam üýtgeşikdir. Öz kärini ýürekden söýýäniň
işi bitirişem, öndürýän önümem düýbünden başgaçadyr. Halyçylara üns berip
görüň. Olar ullakan halyny alty aýlap ýekeje çitimden çitip, dokap çykýarlar.
Eger öz sungatyny söýmeýän halyçy bolanda, ol uzak haly dokap bilmez,
sebäbi beýle inçe işler diňe söýgini talap edýär.
Söýmek — munuň özi seniň dünýägaraýşyň bilenem berk baglydyr.
Eger sen düýrmegiň bilen Hudaýa bitýän bolsaň, jümle-jahanyň gözellikleri
düýbünden başga röwüşde, başga manyda ýaňlanýar. Dünýäni gurşap ýatan
başy ak garly daglar tektoniki hadysalaryň netijesinde ýüze çykan daş
gaýalar däl. Ýok, olary hut keremli Hudaýyň bendeleri synlap, seýran etsin,
ýabany jülgeler, jennetden zyýada derelere aýlanyp gudrata sezewar bolsun
diýip ýaradypdyr. Miweli daragtlaryň özi ýöne gögeräýmän, Hudaýym olary
bendelerine şirin-şerbetli miweleri bermek üçin ýaradypdyr diýseň düýbünden
başgaça mana eýe bolýandyr. Hudaýa ynanýan her bir adam islendik
zatda Hydaýyň gudratyny, kerem-keramatyny görmek islär ýaly ony Hudaýyň
bendesine bagyş eden serpaýy-peşgeşi diýip düşüner.
Adamyň, dünýäniň ýekeje açary bar. Oňa söýgi diýilýär.
Adam ogly söýüp öz kalbyny, çylşyrymly pynhan dünýäsini açyp, özüniň
kimdigine göz ýetirip bilýär. Diňe söýen adam tükeniksiz älemleriň, jümlejahanyň
gözelligine bendiwan bolup, çylşyrymly, pynhan manysyna akyl
ýetirip biler.
Derwüşleri ýadyňyza salyň: olar Allanyň didaryna hak aşyk bolup, bütin
ömrüni oba-oba, şäher-şäher aýlanyp, daglara-düzlere, sähralara-tokaýlara
sežde edip ömrüni geçiripdirler. Sopy şahyrlary ýadyňyza salyň: olar
obasyny-ilini terk edip, Hakyň didaryna hak aşyk bolup, ömrüni Biribaryň
gözelligini, rehim-şepagatlylygyny, geçirimliligini wasp etmäge bagyşlandyr.
Ata-babalaryňyzy ýadyňyza salyň: olar garaňky hem gazaply zamanlarda
gyrmyzy ganyny döküp, ýaşaýşyň abadanlygyny gorandyr.
***
«Mähir» sözüniň aslyny yzarlamak bizi taryhyň alyslyklaryna alyp gidýär.
ªu sözüň gymmaty-da ata-babalarymyzyň gaty gadymy aslymyzyň dünýäni
duýşundaky säher howasy ýaly seleňligi özünde saklap galanlygyndadyr.
Sözüň gadymy formasy «mihr» bolup, ol otparazlarda Gün Hudaýy bolan
Mitranyň adyndan gelip çykan bolmaly. Hut şonuň üçinem mähir türkmen
düşünjesinde ýylylyk, mylaýymlyk bilen baglanyşykly duýgyny aňladýar.
Meselem, biz «yssy mähir» diýýäris. Görnüşi ýaly, ilkibaşdan, aslynda
«mähir» hudawy manyly ruhy hadysa bolupdyr. Soňraky taryhy ösüşde
yslamyň sopuçylyk-mistiki pelsepesi hadysanyň hudawylyk manysyny hasam
goýaldypdyr. Adam şahsynyň ikä — ten bile ruha bölünişi ýaly, söýgi hem iki
görnüşde oňlanylypdyr.
Dünýewi söýgi.
Ylahy söýgi.
Dünýewi söýgi — teniň tene, maddanyň madda söýgüsi. Munuň özi sap
duýgy faktorydyr. Ten duýgularynyň güýçli bolmagy jynsy söýgä getiripdir.
O. ÖDÄÝEW
127
Beýle söýgi yşgyň iň pes, ýöntem, ilkibaşky görnüşidir. Has düýpli, ruhy
hadysa bolan ylahy söýgüden munuň düýp tapawudy — adam aýal jynsynda
özünden üýtgeşik alamatlary görýär hem şoňa ymtylýar.
Erotiki söýgi — üýtgeşiklige ymtylmakdan ýaňa döreýär.
Ylahy söýgi — meňzeşlige ymtylmakdan ýaňa döreýär.
Ylahy söýgi diýlende diňe mistiki manyly söýgi diýip düşünmeli däl. Munuň
özi ruhy-filosofik gymmatlygy hem çuňňur manysy bolan hadysadyr. Hut şonuň
üçinem ylahy yşk manysyny ölüm, ömür, akyl ýetirme, panylyk, bakylyk ýaly
filosofik düşünjeleri bilen baglanyşyklylykda alyp bolýan zatdyr.
Gadymy adamzat zemin adamy bolupdyr. Onuň dünýäni duýşy zemini
häsiýetde eken. Hut şonuň üçinem onuň çokunan Hudaýlary-da maddymaterial
zatlar — Aý, Gün, ýyldyzlar, ot, toprak we ş.m.-ler. Aýratyn ähmiýet
berleni üçin, skulptura sungaty, grafika görlüp-eşidilmedik derejede ösüpdir.
Muňa Altyndepeden, Nusaýdan, Marydan gazylyp agtaryşda tapylan gadymy
materiallar şaýatlyk edýär. Otparaz ata-babalarymyz ýeri, suwy, howany ylahy
bir zat hökmünde görüp, olaryň arassalygyna üýtgeşik üns beripdirler.
Orta asyrlar, şol sanda yslam ruhuň ileriligini ykrar etdi. Orta asyr adamy ruhuň,
asmanyň adamy boldy. Ol dünýäni özüne hemdem tutunan gadymy adamdan
tapawutlylykda, dünýäden gaçyp, öz içki ruhy kämilligi bilen meşgullandy.
Onsoň onuň içinden ruh ösüp çykyp, älemiň alyslyklaryna aralaşdy.
Gadymy adamyň ruhy — tebigat bilen dialog.
Orta asyr adamynyň ruhy — içki monolog.
Gadymy adamyň söýgüsi oňa tebigata akyl ýetirmäge kömek etdi.
Orta asyr adamynyň söýgüsi oňa özüne akyl ýetirmäge kömek etdi.
Maddy elementler bilen hyýaly birliklere aşyk bolmanyň arasynda şolar
ýaly taryhy tapawutlar bar.
ªeýlelikde, söýgi özüniň dürli röwüşlerinde bakylyga ymtylma bolup örboýuna
galýar. Türkmen klassyky söz sungatynda ogul idealy-da şonuň bilen
baglanyşykly. Ogul — nesliň dowamaty. Nesliň dowamaty bolsa bakylyga yş
ýaly bir zat. Muňa genetiki bakylyga ymtylyş diýip aýdyp bolardy.
Oguldyr_döwletiň_başy...
Her_ýigit_ötse_binyşan,
Orny_öçmeli_dünýädir.
Söýgi diňe bakylyga däl, eýsem hakykata-da ymtylma bolup durýar. Yşk
akyl ýetirme hökmünde biziň milli edebiýatymyzda, hususanam, milli
dessanlarymyzda
yzygider suratlandyrylýar. Islendik zada aşyk bolmak, oňa
ýüregiňi bermek şol zadyň manysyna akyl ýetirmäge çäksiz mümkinçilik
berýär. Adamzat paýhasynyň dürli ugurlarynda söýgi akyl ýetirişiň usuly
hökmünde
häsiýetlendirilipdir. Özem akyl, rasional serişdeler bilen deňeşdirilende,
ýüregiň, aşyklygyň akyl, göz ýetiriş mümkinçilikleri hem artykmaçlyklary uly
hasap edilipdir.
Ylahy söýginiň esasy şertleriniň biri — aşygyň ýalňyzlygy bolmaly. Ýalňyzlyk,
köpçülikden çykmak, oňa filosofiki heserlenmelere ulaşmaga, Hakyň didaryny
görmäge ýol açýar.
Aşyk bolup düşünýäris bu dünýä.
Aşyklyk — ýüregiňi açmak.
Aşyklyk — duýgularyňy dünýä ýaýmak.
Aşyklyk bile şahyrlygyň ýakynlygynyň ikisinde-de dünýäniň mährini
duýmagyň kär hem serişde edinilýänligindedir. Dürli medeniýetlerde, filosofiki
ulgamlarda söýgi kulty döräpdir. Bu kult Adamyň ruhy taýdan ýokary
galmagyna ýardam edipdir.
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
128
Söýgi — dirilik.
Söýgi — ölüme göz ýetirmek.
ªu hili görnüşleri hasam köpeldip bolardy. Adamzada mahsus şeýle söýgi
duýgulary türkmen ruhy üçinem häsiýetlidir.
Hudaýa söýgüde — teosofiýada onuň aýal şekilinde göz öňüne getirilmegi
belläp geçäýmeli täsinlikleriň biridir. Çünki hut ýerde söýginiň ruhy duýgy
hökmündäki esasy iki aýratynlygy ýüze çykýar. Söýgi «bakylyga ymtylma»
diýdik. Adamyň bedeni diňe aýal bile utgaşmak arkaly dowamata ýetip bilýär.
Soňra, söýgi — «akyl ýetirme» diýdik. Akyl ýetirme bolsa syrlylyk, nämälimlik
bilen baglanyşyklydyr. Ruhy ösüşiň dürli döwürlerinde erkek üçin uly syrlaryň
biri aýal bolmagynda galypdyr.
Ýöne biziň aýdýanymyz Hudaýyň diňe poeziýadaky allegorik obrazyna
degişli. Umuman bolsa, Hudaý ýaradyjy, Biribar, Älemleriň eýesi hökmünde
dürli ýürek joşgunlarynyň, duýgy daşgynlarynyň obýekti bolup durýar.
Söýgi — dünýädäki ähli zatlary biri-birine çatyjy, baglanyşdyryjy halka.
Söýgi — dünýäniň kalbynda jigleme!
Watana söýgi aýratyn orunda durýar. Bu hili söýgi adamyň dirilik hem
ömür gymmatlygy bilen baglanyşyklydyr. Watan — adamyň göbek ganynyň
daman ýeri.
Watanyň her bir zadyna, predmetine adamyň ömrüniň bir bölegi siňendir.
Adam Watan bilen öz ömrüni paýlaşýar.
Hut şonuň üçinem Watan juda eziz görünýär.
Hut şonuň üçinem Watana söýgi süýjüligi bilen beýlekilerden mese-mälim
tapawutlanyp dur. Özem ol söýgi tas islendik adamyň kalbyna mahsus
hadysadyr.
Kalp bolsa duýgular menzilidir.
Aslynda adamda kalbyň bolmagynyň özi bir tarapdan söýgi duýgusy bilen
baglanyşyklydyr.
Kalp — adam göwresi bilen daşky dünýäniň arasyndaky baglanyşyk söýgi
köprüsidir.
Osman_ÖDÄÝEW
SÖÝGI_HAKYNDA_
BĪ_SÖHBET
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)
DUÝGULAR DÜNÝÄSI
***
Söýginiň ähli derejeleri biri-birinden hem nämä gönükdirilendigi, hem tebigaty
boýunça parhlanýarlar. Bu ýerde söýginiň tebigaty diýenimizde, onda
ruhuň, ruhanalygyň gatanjyny, onda iki zadyň — tenden gelýän hakykat bilen
ruhy hakykatlaryň mynasybetini göz öňünde tutýarys. Bu mynasybet bolsa
söýgi derejelerinde deň däldir. Umuman aýdanyňda bolsa, söýgi — bu teniň
ruhulyga ymtylyşynyň, ruha geçişiniň, öwrülişiniň hadysasydyr. Beýle geçiş,
ymtylyş ýetginjeklik söýgüsinde iň az derejede mümkin bolýar. Bu ýerde ten
özüniň ösüş kämillik hetdini kemala gelen adam şahsynyň ruhy şekilinde
aňlaýar. Juwanlyk söýgüsinde öňkä garanda ruhuň paýy has köpdür. Emma
mundaky ruh, ruhanalyk, esasan, durmuşy häsiýetdedir. Bu söýginiň üsti bilen
adam özüni durmuşy şahs, jemgyýetçilik ten-ruhy birlik hökmünde aňladýar.
ªonuň üçinem juwanlyk söýgüsi amaly-durmuşy taýdan maşgala gurmak
işi bilen berkarar bolýar. Adam ikinji bir adamy (aşygy ýa magşugy) görýär,
tanaýar, ykrar edýär. Islendik iki adamyň arasyndaky gatnaşyk bolsa eýýäm
durmuşy gatnaşykdyr. Eger juwanlyk söýgüsi juda aňyrdan — metafiziki
dünýäni duýuşdan bolsa, bu söýgi soňuna çenli öz belent ruhanalygyny
saklaýar we beýik ahlaky mana eýe bolar. Biziň köne dessanlarymyzyň
aşyk-magşuklyk hekaýatlary şeýle belent söýgi barasyndadyr. Olarda aşykmag
şuklaryň eneden bolandan bir-birini tanaýşy, sallançakdan başlap biribirini
söýmegi asla-da ulaltma ýa-da ýöne bir owadan edebi tär däldir. Munda
beýik ruhy hakykat bar. Ol hakykat hakyky söýginiň ähli daşky şertlilikleri,
jemgyýet, durmuş bilen baglanyşykly şertleri inkär edýänli gindedir. Gyz hem
ýigit kim bolsa-da, haýsy ýerden, haýsy maşgaladan, nähili topardan, nähili
milletden bolsa-da, aslynda, Alla tarapyn ýaradylanda, biri-biri üçin ýaradylandyr.
ªonuň üçinem olar jennetden kowlansoň, hersi Zeminiň bir künjüne
düşen Adam bilen Howanyň onlarça ýyldan soň biri-birini tapyşy ýaly, hökman
birek-birege gowuşaýmalydyr.
Söýgi — daşky, şertli, soň ýüze çykan degişliligi ret edip, içki, tebigy,
owalbaşky degişlilige gowuşmakdyr. Juwanlyk söýgüsiniň beýik ruhy manysyda
şundan ybaratdyr.
Emma bu hakyky, idealdaky — wysaldaky juwanlyk söýgüsidir. Beýle söýgi
hemmelere däl, seýrek juwanlaryň paýyna düşýär. Ruhy-ahlaky mazmuny
belent juwanlyk söýgüsinden başga-da, durmuşa, wagta, şertlilige ýakyn
bolan adaty juwanlyk söýgüsi-de bar. Beýle söýginiň soňy durmuşa, eklenje,
günema ulaşyp gitmeklige ýazýar. Söýgi duýgulary pessaýlaşyp, öçüşensoň,
munuň hatda şöhwet ýaly zatlar bilen garyşyp gidäýmegi-de bolýan zatdyr.
139
Kämillik söýgüsinde adam şahsy durmuşy şertlilikden çykyp, wagta, döwre,
durmuşa bagly bolmadyk, şu dünýäniň düýbüne, dünýä bakylygyna dahylly
ruhy ahwalatlara aralaşýar. Adam dünýä gözelligini howaýylyk däl-de, anyklyk,
zatlaýynlyk hökmünde görüp hem duýup bilýär. Juwanlyk söýgüsi dünýä
bakylygynyň hem gözelliginiň syrlarynyň söýgi duýgusy arkaly açylmagydyr.
Onda ruhlulyk gatanjy, elbetde, öňkülerdäkä garanda has ýokarydyr. Çünki
dünýäni diňe ruh bolup we diňe ruhuň maddy şekili hökmünde duýmak,
görmek, bilmek mümkindir. Bu görüşde, duýuşda, bilişde esasy serişde bolsa
Wagtdyr.
Adam munda dünýä aşykdyr, dünýä bolsa ilkinji hem ahyrky nobatda
Wagtdyr. Kämillik söýgüsi adama Wagty maddy barlyk hökmünde duýmaga
mümkinçilik berýär. Aslynda, zatlaryň, jisimleriň ýaşaýşynyň usuly, täri bolan
Wagt kämillik söýgi duýgusyna ukyply adam üçin howaýylykdan, usullykdan,
tärlikden zada — jisime öwrülýär, onuň ikiçäk syrdaşyna öwrülýär. Adam
Wagtyň jemalyny görýär.
Bu söýgüde adamyň bedeni hem ruhy bişişen, kämil halatyndadyr. Birmahal
— juwanlyk söýgüsinde öz ruhy jübütiniň, taýynyň gözel gyz keşbinde
öňünden çykyşy ýaly, kämillikde ynsanyň öňünden Dünýä çykýar. Juwanlykdaky
söýgi bir jynsyň — ynsanyň ynsana söýgüsidir ýagny ol bir jynsyň
çägindäki, bir mahlugyň gerimindäki hadysadyr. Emma kämillikdäki söýgi
eýýäm bu hetden geçendir, ol eýýäm bir jynsyň, bir mahlugyň — ynsanyň
başga bir jynsa, mahluga — Dünýä bolan söýgüsidir.
Dünýä bilen ikiçäklik adama dünýäniň, ýaşaýşyň nämedigine akyl ýetirmäge
mümkinçilik berýär. Adamy hut bedeni — dünýäden alnan toprakdan bina
edilen bedeni dünýä tarap çekýär. Ynsan bedeni topragyň, suwuň, otlaryň,
şemalyň, ýagmyryň, güneşiň, howanyň janlylygyny hem mährini duýmaga
ukyplydyr. Çünki bular bilen bedeniň asylbaşky dili birdir. Sözleşmek,
syrlaşmak, ýaşaýyş gujury bolan mähri alyş-çalyş etmek bolsa diňe şol bir
dili bilýänleriň arasynda mümkin bolan aragatnaşyk usulydyr.
Adam ýöne bir jisim, madda däl, ol ruha eýe bolan, ruhlaşan jisimdir, has
dogrusy, maddylaşan ruhdur. ªonuň üçinem kämillik söýgüsiniň ählumumy
manysy şundan ybaratdyr: bu söýgi dünýäni ruhlaşdyrmakdyr. Ynsan dünýä
aşyk bolmak bilen öz ruhundan oňa ruh goşýar. Ynsan üçin dünýä jansyz ýada
ruhdan mahrum närse däldir, çünki adamyň özi-de janlydyr hem ruhludyr.
Onsoň, daş, ýöne daş däldir, toprak, ýöne gum däldir, suw ýa howa, ýöne
himiki düzüm däldir. Bularyň bary janlydyr hem ruhludyr, diýmek, mukaddesdir.
Ýetginjeklik söýgüsi ynsanyň özüni; juwanlyk ynsan taýyny — zenany; kämillik
bolsa dünýäni mukaddesleşdirmekdir. Mukaddesleşdirip, söýgi aradaky
daşlygy, bigäneligi, ýatlygy, nämälimligi, sowuklygy hem tüýsi başgalygy
aradan aýyrýar. Söýgi — ruhuň ýaşaýyş meýdanynyň, ýaşaýyş barlygynyň
giňelmegidir.
Bu — söýginiň ýaşaýşa gatnaşygy.
***
Her bir söýgi ahyrky netijesi boýunça biriniň ikinji birine gowuşmagydyr.
Kämillik söýgüsi adamyň (aşygyň) dünýäge (magşuga) gowuşmagydyr.
Emma dünýä nämedir? Adam ogly üçin dünýä toprakdyr. Toprak bolsa adam
jisiminiň ene sidir. Dünýä — topraga gowuşmak sözüň hem bu ýaşaýyş
hadysasynyň belli bir manysynda alanyňda, soňlulyga, gutarnyklylyga, ýagny
ölüme gowuşmakdyr. Kämillik söýgüsi adama ölümiň tebigylygyna, dünýä
ýaşaýşynyň bir ujudy gyna düşünmäge kömek edýär. Dünýä söýgüsi barada
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
140
şygyr ýazan XX asyr şahyrlarynyň şygyrlarynda ölümiň degişli orun tutýandygy
ýöne ýere däldir. Ölüm bilen baglanyşykly başdan geçirilýän gussanyň
süýji hem şirinligi göze ilýär. Diýmek, dünýä bolan söýgi — kämillik söýgüsi,
bir tarapdan, ýaşaýşyň gözelligini, beýleki tarapdan bolsa, ýaşaýşyň ahyrky
netijesi bolan ölümiň tebigylygyny hem kanunalaýyklygyny açýan duýgudyr.
Beýle söýgä ulaşan adamyň gözüne panylyk asla-da şumluk, ýowuz hem
adalatsyz betbagtlyk bolup görünmeýär. Ölüm bary-ýogy üznüksiz ýaşaýyş
aýlawynyň ýekeje bir halkasydyr. Ol ýaşaýşyň ählumumy petigi, gapmagar
şylygy, çykalgasyzlygy, çykgynsyzlygy, gutarmagy däl-de, eýse beýik
ýaşaýşyň içindäki bir hususy zatdyr. Ol ýaşaýşyň özboluşly ýüze çykmasydyr,
onuň üznüksizliginiň, dowamatynyň birje basgançagy, onuň ählumumy
bakylygynyň hususy, içki şertleriniň biridir. Edil keseliň bedeniň ýaşaýşynda
tebigy we gutulgysyz bir hadysa bolşy ýaly, ölüm hem ýaşaýşyň kanuny
sypatlarynyň biridir. Dünýäniň gözelligini-de ol ýalana çykaryp bilmeýär,
ýaşaýşy manydan hem gözellikden mahrum edip bilmeýär. Tersine, ölüm
barlygynda, ýaşaýyş özboluşly mana, tagama we gözellige eýe bolýar.
Ahyrky netijede hem, tebigata siňip gitmek, aslynda, öz-özüňe dolanmakdyr.
Zatlaryň hem jisimleriň asylbaşky görnüşine gaýdyp barmagydyr. Ine, dünýäni
şu hili duýuş kämillik söýgüsiniň aýrylmaz hemrasydyr. Beýle dünýä duýuş
adamzada mahsus bolsa-da, ol biziň dünýägaraýşymyzy kesgitleýän düýpli
hadysa XX asyrda öwrüldi.
Bakylyk söýgüsi ynsanyň ömrüniň çäkliliginden, jisiminiň wagtlaýynlygyndan
hem gutarnyklylygyndan gelip çykýar. Ynsana ikiçäklik dünýäsi bolan
söýgi hemişe gerekdir. Bakylyk söýgüsi onuň bedeniniň tebigat kanunlary
boýunça garrap, kem-kemden egbarlaýan döwri bolan garrylykda iň ge rekli
ruhy hajatlaryň, dünýä ýaşaýşynyň başga hili çykalgasy bolmadyk ruhy
çözgütleriniň biridir. Garrylykda ynsana iň tebigy hem oňaýly ikiçäkligi bakylyk
söýgüsi berip biler. Emma bu söýginiň özi juda az adama berilýär. Olar öz
ruhy-şahsyýet sypatlary boýunça özboluşly hem üýtgeşik kişilerdir. Elbetde,
Biribara, ahyrete ynanýanlar köpdür, tas hemmelerde şu ynanç bardyr diýip
bolar. Bakylyk söýgüsiniň adamy — munuň özi şol ynanjy sözüň hakyky
manysynda
söýgi hökmünde ýüreginde göterip bilýän ynsandyr. Özge birleri üçin
ol ynanç diňe Allatagala bilen ozaldan edilen şertleşikdir, ýerine ýetirilmeli tas
hukuk borjudyr. ªol sebäpden beýle adamlar haýsydyr bir şertnamany berjaý
eden ýaly, özlerini alyp barýarlar. Ýene birleri üçin ol ynanç hakyt şu dünýäniň
işleriniň ahyret meselesine geçirilmegi ýaly bolup görünýär. Üçünji birleri üçin
ahyrete gatnaşyk söwdalaşma işini ýatladýar: «Men özüme buýrulan amallary
berjaý edýärin, muňa derek Ol maňa jenneti ýaşaýyş berýär».
Saýlantgy ärler ahyrete ýürek duýgularynyň, içki hylwaty söýginiň mümkinçiligi
hökmünde garaýarlar. ªonuň üçinem olaryň bakylyga gatnaşygy hut
söýgüdir. Munda ne sowuk resmilik, ne hökmany-hukuk häsiýetli borçdarlyk,
ne-de «sen maňa, men saňa» äheňli söwdakeşlik bar. Olar bakylygyň eli
pully müşderileri hem däl, olar bakylygyň eli tyllaly hyrydarlary hem däl, olar
bakylygyň eli şertnamaly hyzmatdaşlary hem däl, olar bakylygyň eli petekli
paýdaşlary hem däl. Olar diňe bakylygyň ýüregi aýralyk hasratyndan hem
söýgi umydyndan doly aşyklary. Bakylyk olar üçin diňe bir wada berip hem
şertlendirilen mümkinçilik däl-de, eýse gutulgysyz ruhy-köňül hajatydyr. Bu
ruhy hajat bolsa bütinleý üýtgeşik zatdyr. Ruhy hajat hökmündäki bakylygy
teniň tükeniksizlik isleginden tapawutlandyrmak möhümdir. Ruhy kämil däl
kişiler bakylyk diýip özleriniň şu dünýädäki ölümiň barlygy sebäpli tükenikli
bolan ten islegleriniň ol dünýäde tükeniksizlige öwrülmegine düşünýärler. Men
O. ÖDÄÝEW
141
eli pully, altynly, şertnamaly diýenimde şeýle tükeniksizligi gazanmak üçin
ýürege dahylsyzlykda ýerine ýetirilýän iman şertlerini, amallaryny göz öňünde
tutýaryn. Elbetde, gürrüň ol amallary hem şertleri inkär etmek hakynda barmaýar.
Gürrüň bu ýerde hökmany suratda ýüregiň, kalbyň dahylly, kesgitleýji
zat bolmalydygyndadyr. Ýüregiň işi bolsa söýgüdir, söýgi bolsa hylwatylyk
hem ikiçäklikdir.
Iman ruhy kämiliň artykmaçlygydyr.
Iman diňe ruhy şahsyýet derejesine ýeten ynsana dahylly gymmatlykdyr.
Iman ynsanyň ruhy şahsyýetidir. Bu şahsyýet ynsanyň beden ölümi bilen
gaýtadan döreýän bakylyk dünýäsinde ýaşamaga ukyply ruhy birlikdir. Bakylyk
söýgüsiniň manysy-da öz içki ruhy işiň, ruhy-aň-köňül yhlasyň hem
amalyň netijesinde özünde şol ruhy şahsyýeti döretmekden ybaratdyr. Bu
ruhy şahsyýet ikiçäklikde kemala gelýär.
Aslynda, bakylyk söýgüsi beden ösüşiniň dowamy bolan ruhy ewolýusiýanyň
hadysasydyr. ªunuň bilen baglanyşyklylykda bir meselä — diniň ruhy-gözellik
tebigatyna we ruhy-gözellik hyzmatyna ünsüňizi çekesim gelýär. Ruhy ösüşiň
özboluşly we uniwersal şekili bolan din ruhy ewolýusion hadysadyr. Ýaşaýyş
agajynyň maddylyk şahasynda pyntyk ýaryp, ruh ilki gunça, soň gül açýar.
ªu ösüş döwründe-de din kemala gelýär. Din adamzadyň ruhy taýdan ösüp,
dünýäniň hem özüniň geçmişine göz ýetirmäge, ýaşaýşyň geljegini öňünden
görmäge mümkinçilik berýär. Din şekiline girýän ruhy ewolýusiýanyň iň ýokary
derejesi bolsa mistikadyr. Çünki mistika — munuň özi Biribar bilen ruhygaýybana
ikiçäklik baradaky dünýägaraýyşdyr. Hut mistika arkaly adamzat özüniň
düýp mazmuny we ýeten derejesi boýunça dünýäden ýokary galandygyny,
Biribara ýakynlaşandygyny aňlap bilýär. Ine, öz mistikamyzy — sopuçylygy
alyp göreliň. Elbetde, dürli döwürler hem jemgyýetler bilen baglanyşyklylykda,
bu ruhy-pelsepe akymynyň ýörelgeleriniň ýaramaz niýetler üçin ulanylandygy
bilen baglylykda, sopuçylygyň ýaramaz, nälaýyk taraplary-da ýüze çykypdyr.
Emma men häzir onuň ruhy ösüşiň şekili we tejribesi hökmündäki oňyn, sagdyn
hem hasylly manysy hakynda gürrüň etmekçi. ªu manyda sopuçylykda
esasy iki mazmun aýratynlygy bardyr. Bularyň birinjisi — tarykat düşünjesi,
ikinjisi bolsa öwlüýäler düşünjesidir. Eýse, ýönekeý hem hemmä düşnükli we
her bir adam üçin manyly bolan dilde aýdylanda bular näme bolýar?! Munuň
özi şu aşakdaky ýalydyr, tarykat — ynsanyň ruhy-ewolýusion ösüş ýoludyr,
öwlüýä bolsa şol ösüşi geçen ynsanyň ruhy şahsyýetidir.
Ruhy-ahlak ewolýusiýa iki jähetde bolýar.
Ontogenez we filogenez. Ontogenez — aýratyn alnan ynsanyň ruhy ösüşi.
Filogenez — adamzadyň mistika arkaly ruhy ösüşiniň dowamaty.
Eýsem-de bolsa bular, elbetde, aýdaly, bioewolýusiýa ýaly maddy-jisimi
häsiýetli zatlar däldir. ªonuň üçinem bulary rasional serişdeler we usullar bilen
subut etmek mümkinem däldir. Emma, şoňa garamazdan, ruhy ewolýusiýa
obýektiw dowamatdyr.
Mistika adamzadyň bütin ösüşinde örän düýpli hadysadyr. Ol bioösüşiň öz
ornuny ruhy ösüşe berendigini aňladýar. Biribara söýgi we Onuň wysalyna
ymtylma baradaky ählumumy ylym bolan mistika ruhy ösüşiňem bütinleý täze
basgançagy bolup durýar. Adamzat millionlarça ýylyň dowamynda bioösüşi
başdan geçirdi. Emma ol özüniň şeýle ösüşini aňlap bilmändir. Ruhy ösüş
adamzadyň şeýle ösüşi aňly-düşünjeli başdan geçirýänligi bilen tapawutlanýar.
Mistikanyň aýratynlygy bolsa ruhy ösüşiň öňki basgançaklaryndan
tapawutlylykda, munda ösüşiň maddylyga-biologiki we jemgyýetçilik barlygyna
garaşlylykdan bütinleý azat bolýanlygyndadyr. Bu ösüşiň biz iň ilkinji ädimSÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
142
lerini ädýäris, mistiki ösüşde biz ýaňy ýörjen-ýörjen bolup ýören kişilerdiris.
Onuň näçe müň ýyla çekjekdigini aýtmak asla mümkin däl. Ýöne bir zat belli
— şu ösüşiň netijesinde adamzat häzirkisinden bütinleý başga bir görnüşe
geçer. Ol sap ruhy substansiýa hökmünde kemala geler. Ol bakylyk ukybyna,
ölmez-ýitmezlige eýe bolar. Çünki ruhy ösüşiň dowamynda adamzat maddy
dünýäniň ähli syrlaryna ýeter, özüniň ýaşaýşynda maddy dünýäniň kanunlaryndan
doly garaşsyz bolmagy, hatda olary öz maksady üçin öz erki bilen
üýtgedip bilmek derejesine ýeter.
Ýöne munuň üçin oňa dünýäni ýaradan Biribaryň razylygyny hem makullamasyny
gazanmak gerek bolar. Bu bolsa örän we örän kyn işdir. Bu ýolda
iň uly howp — adamzadyň özüni öz eli bilen ýok etmegi bolup biler. Beýle
howpuň esasy bolsa adamzadyň bikemallygydyr. Adamzat özüniň içki gapmagar
şylyklaryny birinji ähmiýete çykardygysaýyn, bu howpuň hakykylygy
artýar. Munuň üçin kämilleşmek we kämilleşmek gerek. Munuň üçin gapmagar
şylyklaryň soňuna çykmagy başarmak gerek.
ªeýle gapma-garşylyklaryň esasysy — maddylyk bilen ruhulygyň, dünýä
bilen ahyretiň, adamzat bilen dünýäniň arasyndaky gapma-garşylyga nädogry
düşünmek, olary mutlaklaşdyrmakdyr.
***
Iman — bakylyk söýgüsiniň miwesi.
ªu jähetden ruhuň bakylygynyň aýratyn alnan ynsanyň ruhy bakylyga bolan
gatnaşygy aýan bolýar. Ynsanyň ruhy bakylyga ymtylmasy iman gazanmakda
ýüze çykýar.
Ynsan bedeni fiziki taýdan garrap başlaýar. Beden garraýar, ruh bolsa
juwan. ªu ikisiniň arasyndaky çaprazlyk tebigy suratda bakylyk söýgüsini
döredýär. Bu ýerden her ynsan bakylyk söýgüsine ukyplydyr diýen many
gelip çykmaýar. Özüniň islegleri, ymtylmalary boýunça şu dünýä bilen doly
kanagatlanýan adamlar bolýar. Olar bakylyk diýibem dünýä islegleriniň tükeniksiz
uzaldylmagyndan başga zada düşünip bilmeýärler. Munuň özi ruhuň
bütinleý başga bir barlyk, ýaşaýşyň başga ölçegli şekilidigini duýmazlykdyr.
Galyberse-de, dürli medeniýetler, siwilizasiýalar hem şeýle düşünjede bolup
bilerler. Aýdaly, gadymy müsürliler-faraonlar şuňa meňzeş akyla gulluk
edipdirler. Olaryň düşünjesine görä, bakylyk bar, ýöne bakylyk diňe ten bilen
baglanyşykly. Baky, ölmez bolan jan diňe teniň ýok bolman, ýitmän galmagynda
mümkindir hasaplan faraonlar öz jesetlerini mumyýaladypdyrlar.
Gadymy butparazlary alyp göreliň. Köphudaýlylyk döwründe adamlary
goş-golamy, at-ýaragy bilen jaýlapdyrlar. Olar bakylyga bir maddy dünýäden
başgasyna geçmek diýip düşünipdirler. ªonuň üçinem olar hem faraonlar
ýaly imansyzlardyr. Imansyzlyk — maddy dünýäden başga hilli barlyga
ynanmazlykdyr. ªol sanda ol Hudaýy-da maddylyk hökmünde göz öňüne
getirmekdir. ªonuň üçinem imansyzlaryň, küfrleriň butlara çokunmagy
kanunalaýyklykdyr.
Maddy dünýäniň çäkliligine göz ýetiren ynsan maddy däl dünýä — bakylyga
ynanç edýär, imanly bolýar. Emma ynsanyň bakylygy bütinleý maddylykdan
üzňe göz öňüne getirmegi mümkin däldir, çünki gözüň özi-de jisimdir. Netijede,
ynsanyň bakylyk söýgüsi öz hakykatlaryny maddy dünýäden alnan şekillerde
hyýala getirýär. ªeýdip, juwanlyk söýgüsinde zenana, kämillikde zenan şekilli
dünýä aşyk bolan ynsan, imanda zenan şekildäki hüýrleriň, şeýle-de bag
şekilindäki jennetiň aşygy bolýar.
Hüýrler hem, jennet hem söýginiň asylbaşky we hökmany tebigaty bolan
O. ÖDÄÝEW
143
ikiçäkligiň we hylwatylygyň şekile gelmegidir. Emma bular öňki, beýleki
söýgülerden
bütinleý başga mazmuny aýan edýärler.
Bakylyk söýgüsinde hüýr hem jennet, bal, şerap akýan aryklar ýaly şekilleriň
maddy-fiziologik tebigaty däl-de, ruhy-ontologik manysy bardyr. Olar ruhuň
bakylyk dünýäsinde ýaşaýyş şekilleridir.
Iman şolaryň tebigaty, manysy özge barlyklaryň hökmanydygyna ynanç
getirmekdir.
Iman yşk bilen baglanyşyklydyr. Yşk iman meselesini täze derejä galdyrýar.
Imany şahsyýetiň hususy duýgularyna, kalbyna, ömrüne degişli mesele edip
goýýar. ªonuň üçinem biziň beýik sopularymyz üçin iman diňe şerigatyň däl,
eýse tarykatyň hem meselesidir. Yşk — imany ýürek söýgüsi arkaly gazanmak.
Munda adam şahsyýeti imany diňe bir daşky amallar hökmünde däl,
eýse içki ýürek ynanjy hökmünde peýda edýär. Daşardan — dürli amallardan
gelýän hakykat bilen, içden — Biribara bolan söýgüden gelýän hakykat-ynanç
birigip, imany hasyl edýär.
Yşk dünýäniň panylygyna ýürek gözi bilen göz ýetirmekdir. Bütin süňňüň
bilen şoňa şaýatlyk etmekdir. Munuň özi hakykatyň örän inçe hem gaýtalanmaz
şahsy mana eýedigini görkezýär. Hakykata özüňden özge kimdir biriniň
başdan geçiren barlygy hökmünde düşünmek, ýagny ony özge birinden
eşitmek bir zatdyr, hakykata öz içki ruhy tejribäň hökmünde ýetmek bütinleý
başga zatdyr. Munuň özi eýýäm imana öz eliň, öz aýagyň hem öz ýüregiň
we öz paýhasyň bilen barmakdyr. Beýle düşünilişdäki iman mizemezdir. Hut
şu manyda ata-babalarymyz «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýipdirler.
Ýaşyň soňunda, gojalykda bakylyk söýgüsi ynsan üçin beýik peşgeşdir.
Ol ynsanyň ruhy taýdan juwanlygyny, işjeňligini we ýaşaýşa söýgüsini üpjün
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Söýgi hakda bäş söhbet - 5
  • Büleklär
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3619
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1946
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3618
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1893
    27.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3678
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1922
    27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3626
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1765
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 2318
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1235
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.