Latin

Söýgi hakda bäş söhbet - 3

Süzlärneñ gomumi sanı 3678
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1922
27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
ölüm, pelek, wagt, dünýä baradaky goşgulary bilen baglanyşyklydyr. ªonuň
üçinem soňkulary ele almazdan, bu meselä degip hem oturmaly däldir. Ol
ölüm bilen ömrüň dialektiki baglanyşygyna ýeten şahyrdyr.
Alym A. Bekmyradow Magtymgulynyň çeperçilik konsepsiýasyna degişli
ajaýyp bir açyş etdi. Wah, iliň edenini sözüň çyn manysynda görübilmezçilik
etmeli, görmediksirän bolmaly däl-dä!
ªol açyşyň düýp manysy şuňa syrygýar: Magtymgulynyň eserlerinde esasy
aýdyljak bolunýan pikir soňky bentde beýan edilýär.
Magtymguly,_çekseň_derdi-dügünden,
Asy_bolup,_şikat_etme_bu_günden.
Bu_ölmek_—_aýrylmak_galypdyr_öňden,
Peder_bize_miras_goýmuş_bu_derdi.
Sen ölüm-aýralyk derdini çekseňem, närazylyk bildirip, aglap-eňräp,
asy bolma — günä gazanma. ªikat etme bu günden — bu ýerde «gün»
aňlatmasy adam ýaşaýşynyň filosofiki aňladylmasydyr. Gün sözüniň türkmen
dilinde ýaşaýyş manysy bar: «gün görmek», «gün berenok» ýa-da «gün —
güýçliniňki, gowurga — dişliniňki». Adam ölüm bilen gutarýan ýaşaýşyny,
ömrüni özi boýnuna aldy, bu fiziki kanunalaýyklygy özi boýun aldy. Çünki
adamzadyň pederi — Adam atanyň özi şeýtanyň alyna gidip, paýhas
agajyndan datmadymy näme? Ölümiň barlygyna şeýdip akyl ýetirmedimi
näme?! ªonuň üçin hemmeler muňa boýun alyk bolmalydyr. Ine, şahyryň
yşk konsepsiýasynyň bu bendinden gelip çykýan many şeýledir. Munuň
özi islendik adamyň durmuşyna degişli hadysa hem pikir dälmi näme?!
Bu taýda hiç hili mistiki ýokundy ýok, bu taýda janly durmuşyň filosofiki
umumylaşdyrmasy bar.
O. ÖDÄÝEW
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET 143
ÜÇÜNJI SÖHBET
I.
Yşk_—_döredijilik._Magtymgulynyň yşk pelsepesi çuňňurdyr. ªahyryň bu
pelsepesi türkmen ruhunda uly hadysa boldy. Ol türkmene ylahy yşgyň manysyny
ýetirdi hem türkmen ruhuny ylahy yşkyň derejesine çenli göterdi.
Ylahy yşk — bu, ilkinji nobatda, Hudaýyň barlygy hem döredijiligi bilen
baglanyşykly yşkdyr. ªol yşga dahylly bolup bilen ynsan hem bakylykdan paý
alýar. Diýmek, ylahy yşk — diňe bir üýtgeşik obýektli — Hudaýa bolan söýgini
aňladýan yşk däldir. Ol, ilkinji nobatda hem, ahyrky netijede şu söýgüde ruhuň
hem ruhlulygyň derejesini we ornuny göz öňünde tutýar. ªu uly hem esasy
aýratynlygy gözden salmaly däl. Sebäp söýgüde ruhuň şu derejesi hat-da
esasy obýektiň Hudaýdan özgerip, özge zatlar bolanda saklanyp bilýär.
Ylahy yşk — baky diriligiň yşkynda bolmak.
ªahyryň «Duman peýda» goşgusynda adam ömrüniň yşky manysy,
dünýä yşky bilen ylahy yşkyň arasyndaky düýpli tapawut açylyp görkezilýär.
Magtymguly — ruhuň hem diliň çuňňur we köpmanyly, köp öwüşginli hem
çylşyrymly hadysasydyr. ªonuň üçin munda «yşk» aňlatmasy-da dürli-dürli
manylary berýär. Ýöne şolaryň hemmesiniň aňyrsynda bir many — hyjuwlylyk,
hyruçlylyk manysy ýatýar.
Diýmek,ähli zatlaryň düýp manysy onuň ahyrynda, amalynda kemala
gelýär, aýan bolýar. ªonuň üçin bolsa gerek, türkmen: «Öňüm gelenden
soňum gelsin» diýýär. Magtymguly hem zatlaryň hem hadysalaryň manysyny
kesgitlemekde ahyrky netijeden — şu prinsipden ugur alýar. Hiç bir zat
özözlüginde
mana eýe bolup bilmeýär.
Hyjuwlylyk döredijilikdir. Onda mal ýygnaýan adam dörediji-dä? Elbetde,
ýöne ol, Magtymgulynyň garaýşyça, özi baky ölümini döretmek bilen
meşgullanýar. Ol wagtyň elindäki serişdä öwrülýär.
Hyjuw bolmasa, yşk bolmasa, hat-da adam ömri hem mümkin däl.
Köňül_joşa_gelmez,_til_hem_sözlemez,
Her_ýürekde_yşkdan_köz_hem_bolmasa.
ªahyryň bu genial pikiriniň üsti bilen adamzadyň ähli maddy hem ruhy
döredijiliginiň düýp manysyny açyp bolýar. Ýaşaýşyň özi yşkyň netijesi hem
amal bolmasydyr. Yşka ukyplylykda adamlar Allatagala ýakynlaşýarlar. Hut
söýgi adamyň ruhy derejesi we mazmuny boýunça Allatagala bilen bitewi
bir sypatlara eýe bolýandygynyň güwäsidir. Ten yşgynyň betnyşanlygy onuň
ölümli närselere ymtylýandygyndadyr. Adam şahsyýeti üçin munuň peýany
ýok.
«Duman peýda» şygrynda adamyň bu dünýädäki ömri pasly-bahara
meňzedilýär. Nowruz bu ýerde tymsaldyr. ªahyr Nowruzda älemiň jana
gelşini, dürli jandarlaryň, gurt-guşlaryň herekete gelip, ýaşaýyş hyjuwyny
ýüze çykaryşlaryny ussatlyk bilen beýan edýär. Dünýä gözelleşýär, dünýä
reňk açýar, dünýä durşuna owaz hem hereket, aýdym-saz bolup dur. Adam
dünýä ýaşaýşyna berlip, soňuny pähim etmezden, ömür sürüp ýörkä, onuň
ömri-de edil şol Nowruzy ýada salýar.
Osman_ÖDÄÝEW
(Dowamy_bar)
SÖÝGI_HAKDA_
BĪ_SÖHBET
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda)
Nowruz — dünýä hyjuwynyň bir salymda ýüze çykmagy. Beýle hyjuw
özüniň ähli hakykatlygynda şahyra, birhili, şübheli görünýär. Çünki paýhas
oňa «Ýaşaýyş entek dowam edýärkä, onuň lezzeti bardyr, emma many bilen
lezzetiň arasynda tapawut kändir» diýýär.
Many hakykatdyr. Hakykat bolsa Nowruzyň gutarjaklygynda, seniňem
panydan gitjekligiňdedir. Emma ten hakykaty bilen bu paýhas hakykatynyň
hersiniň öz «mamlalygy» bar.
Ten_hakykaty_—_lezzetde.
Paýhas_hakykaty_—_manyda.
Ömrüň manysy — Hakyň yşkyny tapmak hem-de hemişelik Hakyň yşkynda
bolmak. Munuň özi adam şahsyýetiniň kämilligini kesgitleýär. Adam ömri
şahyryň şygyrlarynda iki hili tipe bölünýär — yşky ömür, yşksyz ömür. Birinjisi
manylylyk bilen, ikinjisi bimanylylyk bilen häsiýetlenýär.
Manyly ömür — açyk ömür, çünki onuň soňy bakylyga sapylýar, bimany
ömür ölüm bilen tamam bolýar. Emma bakylyga lezzetli üznüksizlik, hemişelik
diýip düşünmeli däl. Munuň özi bakylyga nädogry, mukdar düşünilişi bolardy.
Iman — ölümiň gapma-garşylygy.
Iman — ahlak azatlygy.
Iman — ölümden soňky şahsy dirilik manysynda düşündirilýär. Hindileriň
bu baradaky ynançlaryny gürrüň bereýin: janly organizmleriň ewolýusiýasy
adama ýetip, tamam bolýar. Adamdan ruhy ewolýusiýa başlanýar. Adam tene
mahsus ähli höweslerden hem sypatlardan halas bolup bilse, onuň teniniň
içinde daş sypaty boýunça edil şol tene meňzeş ruhy indiwid döreýär. Haçanda
ten ölende, ol şahs — sap ruhy, emma adam şekilindäki şahs, bakylyk
dünýäsine uçup gidýär. ªol şahs imandyr.
Adam ömrüniň Nowruzy düýşe meňzeýär. Aslynda, ähli geçmişiň düýşe
meňzemek häsiýeti bar.
Ýaşaýşyň düýşdügi baradaky syzgy adamda agyr ukudan soň peýda
bolýar. Göz öňüne getirip görüň, siz ukudan oýandyňyz, emma entek doly
aýňalaňzok. Göz ýalpa açylandan entek siz dünýä gaýdyp geleňzok, birdenem,
akyl oýanýar-da, bary-ýogy birnäçe salymyň içinde ukudan öňki zatlar
hakyda gelýär. Sizi geň bir hili duýgy gurşap alýar, bolan wakalar saňa edil
düýş ýaly bolup düşnüksiz syrly täsirliligini özünde saklaýar. Ölüm mütdeti
gelende, ömür hem şeýle düýşe öwrülýärmikä?!
Düýş — beýniniň haýsydyr bir sebäbe görä uklaman galan öýjükleriniň
birden oýanmagy diýýärler. Onda ömür hem kaza dolandan soň, uklaman
galan jan öýjükleri bolmaly!
Nowruz, elbetde, tymsal. Emma Magtymgulynyň tebigata diňe tymsal
däl, eýsem Hak yşkynyň hakyky ýüze çykmasy hökmünde garandygyny
119
aýtmak gerek. Tebigatyň, janly-jandarlaryň, adamlaryň diriliginiň aňyrsynda
Allatagalanyň yşky ýatýar. Ol — ähli diriligiň gözbaşy. Bu diňe bir bakylyk
manysyndaky
ruhy dirilige degişli däldir. Hatda wagt hem Allatagalanyň yşkynyň
netijesi, onuň ýaradan zadydyr. Wagt şol bir wagtyň özünde dowamatyň
üznüksizligidir — ömür bilen ölümiň gezekleşigidir.
«Ýagmyr ýagdyr, soltanym» goşgusy bilen baglanyşykly Magtymgulynyň
döredijiliginiň durmuşa gatnaşygy babatda bir aýratynlygy bellemeli. ªahyr öz
filosofiýasyny adaty hem janly durmuşdan alnan wakalaryň, zatlaryň üsti bilen
berýär. Bu ýaşaýşy düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde görkezmekdir.
ªeýle aýratynlyk şahyrana pikire agraslygy, düýpsüzligi, beýleki tarapdan
bolsa, janlylygy, täsirliligi berýär. ªeýle halatda pelsepe durmuşyň hakyky
faktoryna, durmuş bolsa çuňňur pelsepewi hadysa öwrülýär. Edebiýata bolan
garaýyşlarda, näme üçindir, döredijiligiň şu ikitaraply bitewüliginiň belli bir
tarapyna güýçli üns berilýär-de, beýleki bir ýüzi ýatdan çykýar.
Aýdaly, Magtymgulynyň döredijiligi hakynda: öňler-ä bu poeziýany diňe
durmuşyň erkin ýüze çykmasy, şahyrana pikiriň hem diliň halky hadysasy
hökmünde
görkezjek boldular, indem ony diňe düýp many, durmuşyň içki, astky
gatlagyndaky mistika, intellektual elita diýip kesgitlejek bolýarlar. Hakykat,
aýdylyşy ýaly, altyn ortalykda — düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde.
«Ýagmyr ýagdyr, soltanym» türkmen durmuşynda geçmişde giň ýaýran
dessury bilen baglanyşykly ýazylypdyr. Baryp gadymy Oguz zamanlaryndada
türkmenlerde «Süýthatyn» adyny alan, özem şamançylyk-otparazlyk
ynançlary bilen bagly täsin dessur bolupdyr.
Häzirki döwürde bu diňe käbir ýerlerde çaga oýny hökmünde duş gelýär.
Bu dessur berjaý edilende, adamlar düze çykyp, ýygnanyşyp, Hudaýdan
ýagyş ýagdyrmagyny diläp ugraýarlar. Türkmenistanyň ygalyň az düşýän
ýeri hem jöwzaly, gurak howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, bu dessuryň
durmuşy sebäpleri hem gelip çykyşy düşnükli bolýar. Ýöne halkyň dessurynyň
gelip çykyşy hem manysy diňe bir tebigy şertler bilen baglanyşykly däldir.
Bu ýerde halkyň ynanjy hem ýaşaýyş filosofiýasy özüni bildirýär. Süýthatyn,
ýagyş ýaganda sanajyny kakýan garry mama türkmenleriň gadymy mifologik
garaýyşlarynyň galyndylarydyr. Bu ýerde nähili ynanç hem pelsepe bar?
Munda «Adamyň, halkyň ykbaly asmanda kesgitlenýär, ýaşaýşyň jany hem
gönezligi, çeşmesi gökde» diýen ynançly pelsepe bar.
Soňky asyrlarda türkmeniň aňynda «Süýthatyn» ýok, ýöne şahyryň
şahyrana ýüreginiň dowamatyna hem duýgurlygyna, halkyň öňki ynançlardyr
dessuryna mähremligine serediň! «Süýthatyn» bilen «soltanymy» deňeşdirip
görüň, bu ikisi tas kapyýadaş sözler, ysdaş, owazdaş sözler. Geçmişiň dünýäni
duýşuny kalbyňa şeýdip siňdiräýseň, geçmiş ýitende-de şeýdip ýitäýse, düýşe
öwrülende-de şeýdip düýşe öwrüläýse! Bu asla ýitme hem däldir, bu ýyllaryň
her biriniň agajyň baldagyndaky bir aýlawa öwrülmegi ýaly bir zatdyr.
ªu şygryň terliginiň hem gözelliginiň diňe bir durmuşy däl, eýsem içki
esasy hem bardyr: hut şunda Magtymgulynyň Allatagala bolan garaýşy,
baş pelsepesi joşgunly hem bahar çeçekleriniň dürterip çykyşy ýaly tebigy
suratda ýüze çykypdyr: Allatagala älemleri döredijidir hem olaryň eýesidir,
bütin barlyk ummany onuň adam elinden gelmejek ussatlygynyň nyşanydyr.
«Seniň dek Kadyrdan dileg dilärin» — sebäbi Kadyr «gudratly, güýçli hem
gurply» diýmekdir. Mynajatyň, dilegiň ähli täsiri şahyrana hem filosofiki pikiriň
dartgynlylygyny gazanmakda mynajatyň öz estetiki düzgüni bar: dileg bile
ýüz tutulýan obýekt — Allatagala-ha juda-juda beýgelmeli, ulalmaly, dileg
edýän bolsa juda-juda kiçelmeli. ªeýdip, bu ikisiniň arasyndaky uzaklyk gara
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
120
Ýer bilen Ülker ýyldyzynyň arasyndaky alyslyga barabar bolýar, ikisiniň
arasyndaky
deňsizlik Ýer bile Gögüň arasyndaky deňsizlige deň bolýar. ªeýle
alyslyk kalbyňa zemini däl heserlenme, şeýle deňsizlik bolsa maýyllyk hem
saýyllyk duýgularyny salýar. ªeýle ruhy perişanlykdan eseriň estetiki owadanlygy
hasyl bolýar.
Ýagmyr — dadyňa ýetişiji suw (boran), ekiniň ýoldaşy, ýeriň ýarany,
Allatagalanyň nury. Yslam Allatagalanyň mazmuny hakynda pikirlenende,
onuň dünýä bilen arabaglanyşygyny göz öňüne getirende, Allatagalanyň
sypatlaryna aýratyn üns berýär. Hatda orta asyrlarda «az-zat — as-sifat» —
Hudaýyň ady hem sypatlary meselesi hem bolupdyr.
Allatagalanyň sypatlary — wagtyň aňyrsyndaky Älem bilen wagtyň içindäki
dünýäniň arasyndaky geçelgedir.
Allatagalanyň sypatlary — bakylygyň bir demlik, çola, emma göz
gamaşdyryjy suratda birden görnüp gitmesidir. Bu dünýä Hakyň şol pursatlyk
jilwesi gerek. Çünki jöwzadan ýaňa ýaşaýşyň eňki gidip, aňkasy aşypdyr,
petişlikden ýaňa tot-tozan, kirşen ýeriň arkasyna gatbar-gatbar ýazylypdyr,
jahan ölüm ýassygynda ýatanyň demligi kimin daralypdyr. Magtymgulynyň bu
teşnelikden ýaňa ölä dönen zeminiň halyny beýan edişiniň täsirliligi tas magiki
sözüň güýjüne deňeçer bolýar. Magiki sözüňem güýji onda owadanlyk bilen
manynyň akylyňa gelmejek tärler bile utgaşýanlygynda bolsa gerek. Zemin
öli, jansyz. Ony jana getirmek üçin ýeke zat — Allanyň nury gerek. Aslynda,
nur — ot, ýalkym, şöhle bolmaly. Dilimizde onuň şu manysy-da bar. Meselem,
günüň nury ýa-da köpmanylylyk netijesinde «ýüzüň nury» diýlibem aýdylýar.
Emma nur sözüniň yşyga, ýalkyma öz fiziki häsiýeti, mazmuny boýunça
bütinleý gapma-garşy bolan suwy, suwuklygy ýa gary aňlatmagy täsindir.
Bu türkmen estetiki, hatda, belki-de, filosofiki aňynyň düýpli hadysasydyr.
Megerem, şeýle aýratynlyk mifologiki aňymyzdan gelýär.
Suw — gadymy ata-babalarymyz üçin ylahyň bir ýüze çykyşy, sypaty bolan
bolaýmasyn?!
Suw hadysasyna türkmeniň garaýşy üýtgeşik. Hatda ýigriminji asyrda
Gurbannazar şahyrda çyg basan gülüň, üsti damjaly gülüň hem otuň estetiki
formula derejesine göterilendigini, Nobatguly şahyrda bolsa suwuň hem garyň
tutuş şahyrlyk dünýäsini kemala getiriji düzgündigini aýtmak gerek.
Ýagmyr — Allatagalanyň yşky.
Ýagmyr — Hudaýyň yşky, muňa näme, Allanyň «tohumy» diýip düşünmelimi?
Beýle göz öňüne getirme, ýagny ahyrky netijede Allanyň «dogurýanlygyny»
ýa «dogurdýandygyny» tassyklamak uly günä ahyryn?! Onda muňa simwoliki
manyda düşünmeli-dä?! Megerem, şeýledir. Ýöne göwnüme bolmasa, şu
metaforanyň düýp manysy edil Süýthatynyň özi ýaly şamanyçylyk-otparazçylyk
garaýyşlardan kök alyp gaýdýan ýaly bolup dur. Näme bolanda-da, yşk
döredijilikdir.
Elbetde, ylahy yşk manysy şeýledir. ªeýle döredijilik potensialy hem amaly
(akty) Allanyň özüne-de, adama-da mahsusdyr. Emma yşk zemini manyda
tebigatyň hadysasy hem bolup biler. ªonda ol kör hyjuwlaryň, akylsyz hem däli
duýgularyň simwolyna öwrülýär. Ýöne şol halatda-da ol döredijilik, emma ruh
däl, maddanyň hatyrasyna döredijilikdir.
IV.
Yşk_hem_durmuş. Beýik filosof N. Berdýaýewiň bir pikiri diňe bir
Magtymgulynyň
döredijiliginde däl, tutuş klassykamyzda, özem diňe bir edebiýat klassykamyzda
däl-de, ähli klassyky medeniýetimizde yşk pelsepesiniň manysyna düşünmäge
oňat kömek edermikä diýýärin. Filosof şeýle diýýär: «Žizn — strast, ohlaždeniýe
O. ÖDÄÝEW
121
strasti daýot obydennost». ªu pikiri türkmen diline geçirmän berýänligimiň dürli
sebäpleri bar. Muny, aýdaly, şu görnüşde bermek mümkin: «Ýaşaýyş — yşk,
yşkyň köşeşmeginden adatylyk emele gelýär». Emma rus dilindäki «žizn» sözi
özüniň aňladýan manylary boýunça kä «ýaşaýyş», “durmuş” bolýar, kä «ömür»
bolýar, käte bolsa «jan» bolýar. Kämahal bolsa şol bir wagtda bularyň haýsysyny
aýryp, haýsyny onuň ýerinde goýmaly — biler ýaly däl, sebäbi birbada
hemmesinem
aňladýan ýaly bolup durýar.
«Strast» babatda-da edil şonuň ýaly. Ol, bir görseň, «hyjuw», «hyruç» ýaly,
bir görseň «yşgyň» özi ýaly. Garaz, şu tykyramalaryndanam, filosofyň pikiriniň
özenini okyjy pikir arkaly doly göz öňüne getirmese-de, ony duýarlykly-ha
bolandyr.
Ine, onsoň klassyky medeniýetimizde yşk ýaşaýyş hyjuwynyň, hyrujynyň
iň ýokary derejedäki dartgynlylygyny aňladýan düşünje hökmünde ýaşaýar.
Bu, ýaşaýyş, diýilýän fenomeniň onuň ähli formalaryndaky goýazylygy, onuň
çürbaşy. Bu ýaşaýşyň hem janyň «men» diýen, şahsyýetlige ýeten wagty,
şonda güýji dyňzap, gaýraty möwç urýar. Köne şahyrlaryň, asyl, häzirki
şahyrlaryňam yşka düşen kalp babatda «deňiz» obrazyny ulanmaklary şol
hadysanyň nä derejede joşgunlydygyny, möwçlüdigini görkezýärmikä diýýärin.
Yşkyň gyzgalaňlylygy tüýs gyzan bazary ýada salýar. Beden hem ruhy güýji
gaýdyp, yşgy ýatan adamyň ahwalaty sowlan bazary ýada salýar. «Yşk,
yşga düşmek» diýlen bu täsin ahwalaty klassyklar däli ineriň mes bolmagyna
meňzedipdirler.
Gözlerini gyzardyp, burnuny parladyp, agzyndan ak köpükler saçýan,
ýaşaýyş güýji içine sygman, ak maýanyň gözleginde iki-baka çarp urýan,
aýaklaryny
ýere urup, ýeri sarsdyrýan bu däli iner adam kalbynyň galagoplygynyň
janly suratydyr. Munuň özi adamyň söýmek hem döretmek mütdetiniň
gelendigini aňladýar. «Ömür» diýilýän fiziologik hem ruhy dartgynlylyga
gapdalyndan syn edip: «Bu, dogrudanam, yşk ahyryn!» diýeniňi duýman
galýarsyň.
Ömür — ýaşaýşyň içindäki şahsyýetleýin ýaşaýyş.
Yşk — ömrüň içindäki ömür.
Hut yşkda adam ömri özüniň many intensiwligine ýetýär, yşk sowlandan
soň, gugaryş başlanýar: soň adam ýöne ýaşamak üçin ýaşaýar diýen ýaly.
ªonuň üçinem iň manyly ömür tutuşlygyna yşga barabar ömürdir.
Söýgi — duýgy täsirlenmesi. Adamyň ýaşaýşyň, özüňi gurşap alan tebigatyň
zatlarynyň hem hadysalarynyň gözelliginden ýaňa ýüregi jigläp gidýär. Onuň
kalby örtenýär, jowranýar. Ümmülmez ontologik barlykdaky birje nokatjyk
bolan adam kalbyna heserlenme düşýär. Ol elewreýär, özüne ýer tapanok.
Ol öz ýaşaýan sredasyny — sosiumy agyr hossa hökmünde duýup başlaýar.
Onuň ümdüzine tutdurasy, uç-gyraksyz giňişlige çykasy gelýär. Hut şol ýerde
ol öz «menini» tapýar. Endige, bimanylyga öwrülen durmuşdan aýra düşmek,
aýrylmak hem ýalňyzlykda bolmak kalbynyň jümmüşindäki duýgularyň birden
dömmegine getirýär. Aýralygyň hem ýalňyzlygyň çuňňur manysy bar. Bu
sosiumdan
daşlaşyp, tebigata siňmegi aňladýar. Adamlardan aýra düşýärsiň,
adam hökmünde ýalňyz galýarsyň. Adamlar bilen däl, gurt-guşlar, agaçlar,
dag-daşlar, çöp-çalamlar bilen ysnyşýarsyň, aragatnaşyga girýärsiň. Munuň
özi sosiumdan düýpgöter tapawutlanýan ontologik bitewüligi kemala getirýär.
ªunuň netijesinde bolsa kalbyň täze üýtgeşikliklere hem sypatlara —
metamorfozalara
eýe bolýar. Bu bolsa täze ruhy döredijilige ýol açýar.
Biziň döwrümiziň adamy derwüş köňlüniň şu hili inçeliklerine gaty gödeňsi
düşünýär. Edil yşga düşen jahylyň bolşunyň sandan galan garrynyň gözüne
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
122
birgeňsi görnüşi ýaly, ol heserlenmeler bize, birhili, bimanylyk bolup görünýär.
Bu yşga düşmeg-ä beýlede dursun, oňa düşünerdenem biz has dünýeçil
hem aladaçyl adamlardyrys. Biziň ruhumyzyň tebigaty başga, ol zatçyllyga
hem bähbitçillige ýugrulan. Biziň köpimiz hatda jahylkagam, il deňinde hem
il gözüne gyzyň yşgyna düşen bolýas. Biz bary-ýogy durmuş gurmak üçin,
çaga öndürmek üçin söýüşýäris. Emma munuň düýpsüz hem ägirt uly ruhy
hadysa hökmündäki söýgi bilen, yşk bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny,
munuň bary-ýogy tebigatyň hem jemgyýetiň kör endikleriniň hem kadalarynyň
berjaý edilmesidigini görmeýäris. Söýgi bolsa, ilkinji nobatda, endikleriň hem
kadalaryň demir diwaryny böwüsmek ahyryn.
Aýralygyň hem ýalňyzlygyň döredijilik manysy bar. Ýöne biziň başgaça
dünýäni duýuşly döwrümizde döredijilik üçin ruhy-psihologik manyly aýralygyň
hem ýalňyzlygyň baş şertidigini aýtmaly. Sungat hem poeziýa, ylym hem
filosofiýa
şol gadymy derwüşleriň ruhy ahwalatlaryndan bize ýeten mirasdyr.
Öz ruhunyň jümmüşine hem mežnun bolup tebigata giden köňül başga
bir ruhy şahsyýet bolup jemgyýete gaýdyp gelýär. Çünki ol jemgyýetden has
çuňňur hem has giň ontologik birligiň bardygyna göz ýetirdi. Ol barlyk — yşgyň
hakyky mekany, yşk meýdanydyr. ªahsyýetiň täze sypaty — yşk indi onuň
üçin möwsümleýin, pasyllaýyn däl-de, ömürlik işdir. Meniňçe, beýik sopular
Baýazid Bistaminiň «fana» (panylyk) hem-de Jüneýdiň «baka» (bakylyk)
taglymatlaryna-da şu nukdaýnazardan seretmeli.
Fana — adamyň endige öwrülen «menini» ýok etmegi, baka bolsa onuň
täze bir «meni» edinmegi. Baka — barlygyň bakylyk jähedine göz ýetirmek
hem muny öz ruhuňa siňdirmek.
V.
Aýal — erkegiň iýmiti. Käbir aşygyň iň ahyrky maksady zenanyň goýny,
gujagyndan başga hiç zat däl. Munuň bolsa nämäni göz öňünde tutýandygyny
düşündirip oturmak bir gerekmi?! Elbetde, «aýal — erkegiň iýmiti» diýlende,
muňa gönümel düşünmeli däl. Ýöne öz teni onuň tenine galtaşanda, erkegiň
edil iýmit kabul edendäki ýaly lezzet alýanlygyny şeýle çeperçilik tilsimleri gaty
oňat berip bilýärler. Muňa ruhy lezzet diýmeg-ä öte geçmek bolar. Ýöne şol bir
wagtda-da bu janyň lezzetidir. Türkmen aňynda jan, köňül, ruh düşünjeleriniň
özara many mynasybeti hem tapawudy juda çylşyrymly hem gümürtik. Onsoň
şunuň bilen baglylykda «köňül» düşünjesiniňem manysy çylşyrymlaşýar. Edil
şu hili erotiki goşgularda köňlüň doly ruhy düşünje bolup bilmejegi düşnüklidir.
Köňül ýarym ruhy, ýarym fiziki bir barlyk bolup göz öňüne gelýär. Ol tebigy
erki we ymtylmalary özünde jemleýär hem-de «ýürek» düşünjesi bilen bir
zada öwrülýär. Ýürek hem gan erotiki söýginiň esasy serişdeleri we hereket
ediji güýçleridir. Hatda meniň gözüme Kemine ýa Mollanepes şahyryň
goşgularynyň owazlylygy hem gandyr ýüregiň hereketleri bilen baglanyşykly
bolup göründi. ªygryň ritmi, sözleriň bir owaz aralygynda deň gaýtalanmagy
gan çarp urmasyndan, ýüregiň gürsüldisindenmikä diýýärin.
Haý-haý,_seniň_ýörişiň_arslana,_şire_ogşar,
Ala-ala_gözleriň,_janymny_iýre_ogşar,
Halka-halka_zülpleriň_kemendi_dara_ogşar,
Örüm-örüm_saçlaryň_owsunjy_mara_ogşar,
Her_tary_başga-başga_ot_saldy_jana_zülpüň.
Bu gaýtalamalaryň döredýän ritmiki owazy ýüregiň magşugy görende,
hasam galagoplaşýan «düňk-düňki» dälmi näme?!
Ganyň çalt aýlawy üýtgeşik psihiki halaty döredýär. Öz duýgularynyň täsiO. ÖDÄÝEW
123
rinden örtenýän, damarlary öňküsinden giňeýän adamyň oýun edesi,
şadyhorramlyga
hem çaga ýeňlesligine, has dogrusy, ilkibaşky tebigy ýeňleslige
gidesi gelýär. «Meniň» öz mekanyndan göçesi, bökesi, oýnasy gelýär. Muňa
göçgünlilik ýa-da humarlylyk diýilýär.
Bu oýun adamyň duýgularyny giňişlige hem erkinlige çykarýar, onuň erkeklik
mazmunyny ýüze çykarýar. Elbetde, men panseksualizmiň tarapdary däl. Emma
şeýle duýgular we şeýle ahwalat hem ýaşaýşyň ýüze çykmasy ahyryn.
Galybersede,
gözellik özüniň gelip çykyşy boýunça, ilki bilen, ten formalaryna hem ten
duýgularyna
degişlidir. Diňe soňra ol has çylşyrymlaşyp, ruhy ölçeglere öwrülýär.
Emma ten ymtylmalary hem duýgularyň kanagatlandyrylmagy adamyň
şahsyýet däl, diňe bary-ýogy indiwid hökmünde ykrar edilmegidir. Erotiki
söýgüde söýgä gatnaşyjylaryň jynsylyk sypatlaryny saklap galýandygyny hem
hatda özboluşly suratda berkeýändigini biz beýik filosof Nisşäniň şu sözlerinden
görüp bileris: «Aýalyň alnasy gelýär, berlesi gelýär, mülk hökmünde
berilmek isleýär, «emläk» diýen düşünjä öwrülesi gelýär, «eýelik edilerini»
isleýär, diýmek, ony alýan biriniň, özüni bermän, tersine, aýaly almak arkaly
güýçlenýän, bagtly, ynamly bolýan biriniň bolmagyny isleýär. Aýal özüni
berýär, erkek alýar, meniň pikirimçe, bu tebigy ikitaraplylyk hiç hili jemgyýetçilik
ylalaşyklaryny bozup bilmez... Çünki söýgi özüniň bütin bitewüliginde,
howalalygynda
we göze dolulygynda tebigatdyr hem-de edil tebigatyň özi ýaly,
müdimi «ahlaksyzlykdyr». Erkegiň söýgüsi hut eýelik etmek islegidir.
Filosofyň erkegiň söýgüsine berýän häsiýetnamasynyň nukdaýnazaryndan
«oýun» diýen söýgi aktyna seretseň, onda şeýle pikir ýöretmek mümkin:
aýal — erkegiň oýnagy. Erkegiň oýnasy, oýnap keýp alasy, aýalyň oýnalasy,
oýnalyp keýp alasy gelýär.
Hawa, erotiki söýgini häsiýetlendirýän esasy düşünjeleriň biri keýpdir. Keýp
— ten gyjynmasyndan alynýan lezzet. Beden ten gözelliginden hyjuw alýar,
şol gözellige ýetmek bilenem hyjuwyny köşeşdirýär.
Erotiki söýgüdäki gözellik ten duýgularynyň täsirine baglydyr. Söýgi
şygyrlarynda gülüň esasy orunda bolmagy näziklik duýgusy bilen
baglanyşyklydyr. Aýal hem gül ýaly, ilkinji nobatda, näziklikdir. Hut şonuň
üçinem
türkmen gyzlarynyň adynda iň köp duş gelýän söz «gül» sözüdir.
Emma gülüň erotiki manysy hem bar. Gülüň reňki — gyzyl reňk ýaşaýşyň
reňkidir. Güli ele alyp, tellerini sypalanyňda, olaryň mymyklygy, näzikligi hem
ýumşaklygy ýetişen gyzyň hem ter gelniň beden gözelligini ýada salýar. Gülden
— gyzyň boýnundan hem zülpünden gelýän yslar kükeýär...
DÖRDÜNJI SÖHBET
GÖZELLIK,_MÄHIR_—_YªK
Gözellik — mähir yşk, söýgi bilen baglanyşykly. Adamyň adama bolan mähir
gatnaşyklary adam ömrüniň manysyny düzýär. Mähir, yşk hem-de söýgi şol
gatnaşyklaryň dürli derejelerini ýa-da taraplaryny aňladýar. Özüniň düýp manysy
boýunça mähir ählumumy häsiýete eýe. Mähir asyl manysy boýunça ol
ýylylygy, güneşi aňladýar. Mähir şol sowuklygy ýeňip geçmäge, ony aradan
aýyrmaga mümkinçilik hem puryja berýän serişdedir. Ene-atanyň perzende,
doganyň dogana, dostuň dosta, garyndaşyň garyndaşa gatnaşyklary mähire
ýugrulan zatlardyr. ªonuň üçinem mähir adamlar arasyndaky ählumumy
ynsan baglanyşyklarynyň ýoly bolup durýar. Mähir adamlary ýalňyzlykdan,
ruhy aýrylykdan halas edýär. Adamzadyň halasgäri bolan duýgy adamyň
gadyr-gymmatyny dikeldýär.
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
124
Yşk — ýowuz synag, mähir bolsa bagt.
Ruhy gözellik dünýäniň manysy, pähim-paýhas, adamçylyk ýaly düýpli
ruhy düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. «Mähir» hem, «yşk» hem ruhy gözellige
degişli hadysalardyr, sebäbi olaryň ikisi-de düýp manysy boýunça ruhy
söýgüdir. «Yşk» köplenç akyl ýetirmegiň lezzetini aňladýar.
Adam şahsyýetiniň gymmaty onuň Absolýuta söýgüsinde bildirýär. Munuň
özi bakylyga ymtylmakdyr, sebäbi adam Hudaýy özüni ýaradany üçin, onuň
bakylygy üçin söýýär. Islendik söýgä dahylly, söýgä mynasyp zat dirilik hem
ýaşaýyş bilen baglanyşykly. Yşk — yşyk, mähir — Gün.
ªahyrlyk hem gözellik bilen baglanyşykly, poeziýa gözelligi aýan etmegiň iň
ajaýyp serişdesidir. ªahyrlyk ene topragyň mährini dabanyň bilen syzmakdan,
Hudaýyň mährini kalbyň içre geçirmekden, adamlaryň mährini on iki süňňüň
bilen duýmakdan ybaratdyr.
Yşk — şahyr üçin aýratyn manyly zat. ªahyr ýaşaýşyň yşkyna düşýär.
Adamyň beden ýaşaýşynyň wagtlaýyndygyny duýdurýan instinkt zerarly
baky ýaşaýşa bolan aňlanylmadyk höwes şygyr ýazdyrýar. Hut şonuň üçinem
poeziýa bilen köplenç ýaşlyk döwürde meşgullanyp ugraýarlar. Çünki ýaşlyk,
jahyllyk diriligiň möwç urýan çagydyr, adamyň has höwesli, joşgunly ýaşaýan
döwrüdir.
Umuman, «söýgi» düşünje hökmünde mähirdir yşkdan düýpli tapawutlanýar.
Bu üçüsiniň arasyndaky tapawudy iň umumy suratda şeýle görýäris:
mähir — ruhy, yşk — mistiki-sufiçilik manyly, söýgi bolsa erotiki manydaky
ysnyşykdyr. ªu nukdaýnazardan seredeniňde, soňky döwürde biziň gündelik
durmuşymyzda «söýginiň» beýlekilere garanyňda has köp ýer tutandygynyň
sebäbi oňat mälim bolýar.
Adam ogly söýgüden ýaradylýar. Ol dünýä söýgi bolup inýär, ony ene-atasy,
tutuş maşgalasy, goňşy-golamy toý tutup garşy alýar.
Hudaý çagany söýmezlik mümkin däl derejede ýaradypdyr. Goý, ol
haýwan balasy bolsun, wagşy ýyrtyjynyň balasy bolsun, barybir, ony söýmän
bilmeýärsiň.
Ýaş ene çagasynyň üstünde kökenek bolup, şatlygyny, söýgüsini hüwdä
geçirip, gijäniň şirin ukusyny haram edip, aýdym aýdyp çagasyny söýýändir.
Ýaş ata çagasy doglaly bäri ýaşaýşam, dünýänem, maşgalasynam artyk
söýgi bilen söýüp başlandyr. Ýaş çaga dünýä inen maşgala durşy bilen söýgä
öwrüler.
Dünýäde garlawaç ejiz janawar, emma şonuň hem jüýjeli höwürtgesine
ýylan ýa ýyrtyjy guş aralaşsa, diňe ene-ata garlawaç däl, tutuş garlawaçlar
süri bolup ölenini-öçenini bilmän, çagasyny goraýandyr, ýylanyň üstüne hüjüm
edýändir, çokýandyr.
“Çagaly öý — bazar...” diýip ýönelige aýdylýan däldir. Maşgalada çaga
däl-de, ullakan bir gudrat dünýä gelen ýaly, çaga däl-de, begler begi dünýä
gelen ýaly uly-kiçi hemme onuň gullugyndadyr. Kiçijik bäbegi gujagyna alyp
«Güldi-güldi!» diýşip epeý-epeý adamlar çagany ýekeje gezek güldürjek
bolup, ýüz gülşüp oturandyr. Çagajyk ulalýança gujakdan düşmez. Ene ony
jigeriniň parçasy ýaly edip bagryna bassa, ata ony röwşen Gelejegini gujagyna
alan ýaly alyp ezizleýändir. ªeýdip, çaga kämillik ýaşyna barýar. Çaganyň
kemala gelmegi üçin bagyş edilen söýgi, siňdirilen mähir-muhapbet, edilen
aladany tonnalap ölçemek mümkin däldir.
Kämillik ýaşyna baranyndan soň beýik Taňry ony başga bir Söýgä uçradar.
Ol söýgi gudratdyr, ýanar otdur. Ynha, şeýlelikde, aşyk-magşuklyk başlanar.
Hakyky aşyk-magşugyň alnynda Hudaý özüniň gudrat dünýäsiniň gapyO. ÖDÄÝEW
125
syny açar. Ol dünýäniň gapysyndan giren adam hak aşyk bolar. Ol gudrat
dünýäsiniň gapysyndan giren adam ýa şahyr bolar, ýa sazanda, ýa beýik
aýdymçy bolar, ýa hudožnik. Sebäbi hakyky yşk gudratdyr, ol yşka sezewar
bolanlar däliräp, ýeldirgäp söýýärler. Hakyky söýgä ulaşan ýigitler Perhat
bolup gara daglary ýarar. Hakyky yşkyň öňünde durup biljek güýç, päsgel
berjek kynçylyk bolmaz. Gara daglaryň darka ýarylyp Tahyr bege ýol berşi
ýaly, islendik kynçylyk hak aşyga ýol berer.
Aşyk-magşuk bir-biriniň wysalyna gowşanynda ýene dünýä toý tutar.
Maksadyna ýeten aşyk-magşuk al asmanda guş bolup uçup ýörendir, guw
bolup ummanlarda ýüzüp ýörendir. Ýaşaýyş — munuň özi söýgüden söýgä
barýan ýol.
Beýik Allatagala jümle-jahany yşkdan, söýgüden, mähir-muhapbetden,
haýyr-bereketden, gudratdan ýaradypdyr hem-de söýmegiň uly nusgasyny
goýupdyr. Nurana Gün mydama mähriban ene ýaly röwşen nuruny saçyp
dur. Güne senden hiç zat gerek däl, ol senden hiç zat hantama däl. Ol uzak
gün saňa mähir-muhapbet bilen garap güýjüňe güýç, söýgiňe söýgi berýär.
Gün ýaşdygam asmanda san-sajaksyz ýyldyzlar göz gypyşyp seniň
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Söýgi hakda bäş söhbet - 4
  • Büleklär
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3619
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1946
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3618
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1893
    27.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3678
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1922
    27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3626
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1765
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 2318
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1235
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.