Latin

Söýgi hakda bäş söhbet - 1

Süzlärneñ gomumi sanı 3619
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1946
28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Osman Öde
SÖÝGI HAKDA
BÄŞ SÖHBET
BIRINJI SÖHBET
SÖÝGI DURMUŞYŇ TÄJI
Türkmeniň ruhy medeniýetinde yşk hem-de söýgi belli-belli many halatlarynda
bir-biri bilen doly gabat gelýän hem bolsa, olar, umuman, tapawutlandyrylmaly
düünjelerdir. Yşk düşünjesi özünde juda çuňňur duýgy täsirliligini saklaýanlygy
bilen tapawutlanýar. Bu aňlatma klassyky edebiýatymyzda, köplenç, ylahy söýgi
manysynda ulanylýar. Ylahy söýgi bolsa Hudaýa gönügen bolsun, adama
bildirilýän bolsun, tapawudy ýok, çuňňur ruhulyga ýugrulan hadysadyr. Söýgi
meselesinderuhulygy meniň özüm pynhanlygyň alternatiwasy, hatda onuň gapmagarşylygydiýip bilýärin. Edil şonuö ýaly intimlikden mahrum söýginiň ýene bir
görnüşi mähirdir.
Aýdaly, enäniň söýgüsi ýa enä söýgi intim bolup bilmez, ol arassa mähirdir. Şonuň
üçinem ylahy söýgi hem, mähir hem erotik häsiýetden azat söýgüdir.
Giň manyly söýgi düşünjesine men şol erotik manydaky söýgi, erkek kişi
bilen aýal maşgalanyň arasyndaky söýgi hökmünde düşünýärin. Şeýle söýgä
söýüşmeklik, aşyk-magşuklyk diýlipdir. Aňlatmalardan görnüňi ýaly, munuň ýüze
çykmagy üçin ikitaraplaýynlyk gerek. Söýginiň esasy aýratynlygy onuň
hylwatylygydyr.
Ikitaraplaýyn duýgy, duýgularyň sataşygy söýginiň hylwat meýdanynda
bolup geçýär. Hylwatylyk özgeler üçin, daşky dünýä üçin gizlinligi, ýaýyrynlygy,
diňe iki adamyň baryp bilýän ruhy giňişligini göz öňünde tutýar.
Aşyga ne döwrandyr, hylwat ýerde gowuşmak.
________________________________________________(Magtymguly)
Biziň tutan ilimiz illerden özge bolsun.
_________________________________________________(Kemine)
Çöl ýerlerde zaryn-zaryn aglaly.
______________________________________________(Zelili)
Dostlar, bu gün görüp, ýadyma düşdi,
«Ýar-ýar» diýip Mežnun bolan ýerlerim.
_________________________________________________(Seýdi)
Danyşsak hylwat ýerde, dilleriň ne ajaýyp.
___________________________________________________(Mätäji)
Elbetde, şahyrlaryň eserleriniň tekstinden düşmän ýa ýokary galman pikir
ýöretseň, gürrüň diňe duşuşyk, wysal ýerleri hakynda barýan ýaly. Emma
biz tekstiň aňyrsyndaky ruhy anyklygy-da görmäni başarmalydyrys. Şonda
atalarymyzyň ruhy bütin çuňňurlygynda hem bitewüliginde bildirer. Biz sözüň,
onda-da poetik forma salnan sözüň, herhal, ruhy doly aňladardan ejizdigini ýatda
saklamaly we sözi özümizden nämedir bir zatlary goşup, has çuňlaşdyrmaly,onuň
düýbünde ýatan barlygy janlandyrmany başarmaly. Esere düşünmek,
eserde aňladylan ýa-da sungatyň her hili şertliligi sebäpli ýarym aňladylan,
çala aňladylan ruhy hakykatlara doly düşünmek diýmek, ony özboluşly suratda
restawrasiýa etmek diýmekdir.
Hünärmenler bir wagtdan galan suratlary restawrasiýa edýärler. Şonda olar
solan, has ýitip giden ownuk şekilleri täzeden janlandyrýarlar. Geçmişiň edebi
eserleri babatda beýtmek öz janly duýgyňdan olara duýgy goşup, şol eseri
ýazýarka, şahyryň ýüreginde möwç uran, emma şertlilik zerarly ýatyp galan
duýgulara gaýtadan jan bermegi, ony bütin janlylygynda, reňbe-reňliginde
dikeltmegi aňladýar.
şu nukdaýnazardan, ýokarky setirlerdäki hylwat ýer diňe bir çöli, düzi, ýagny
real giňişligi däl-de, ruhy giňişligi aňladýar. Hylwatlyk aşyk-magşugyň arasyndaky
duýgy birliginiň häsiýetine we ahwalatyna öwrülýär. Bu hylwaty ruhy
meýdanda diňe iki adam bar, munda üçünjä orun ýok. Aşyk bile magşugyň
sataşygy şol magnit meýdanyny emele getirýär. Onsoň olar bir-birinden
aýrylyşaýanlarynda-da, ol meýdan ýokluga öwrülmeýär, gaýta aýralyk näçe uzaga
çekse, aradaky duýgy, ruhy arabaglanyşyk şonça-da güýçlenýär. Biri-birini
ýürekden söýüp bilýän, biri-biri üçin Hudaý tarapyn ýaradylan aşyk-magşugyň
arasyndaky şeýle göze görünmesiz, söýüp görmedikler üçin düşünmesiz şol
duýgy arabaglanyşygyna-da, şol inçe ruhy reallyga-da söýgi diýilýär-dä! ªeýle
inçeligi üçinem söýgi— bu hylwaty meýdan, bu iki ynsan üçin ýaradylan dünýä
akyl bilen däl, ruhuň bilen ýetmeli hakykat bolup durýar. Ruhuň delili bolsa
akylyň delilinden güýçli bolýar diýdik. Ruhuň hakykaty bolsa akylyň
hakykatlygyndan
has hakyky hem düýpli hakykatdyr.
Diýmek, ruh käbirleriniň pikir edişi ýaly, bir akylyň hadysasy däldir, ruhy
reallyga dahylly bolmak üçin pikirlenmäni däl, duýmany, syzmany başarmak
gerek. Soňkular bolsa öňküden tapawutlylykda, dogabitdi beräýmese, soň
terbiýeläp bolýan zatlar däl. Pikir endiklerini terbiýeläp bolýar, duýgy, syzgy
bolsa endik däl-de, tebigylykdyr. ªu ýerdenem özboluşly bir basgançak bolan
ynsan söýgüsiniň barlyk merduwanyndaky derejesi aýan bolýar— ol akyl
basgançagy
bilen ten basgançagynyň arasyndaky bir reallykdyr. Söýgä akyl ýetirip
bolmaýanlygy hem şonuň üçindir. Çünki islendik hakykata ýetmek, aralaşmak
üçin onuň tebigatyna laýyk tebigatly, usully bolmaly. Söýginiň tebigaty akylyň
tebigatyna laýyk gelmeýär. Bu — bir. Ikinji bir tarapdan, söýginiň ten hadysasy
däldiginden köp adamlaryň çyn söýgi duýgusyndan mahrumlygynyň, oňa
ukypsyzlygynyň emmasy görünýär: ten hem akyl ýaly gödek barlykdyr, onsoň
adamlaryň köpüsi jynsy aragatnaşyga ukyply bolsalar-da, hakyky manydaky
söýginiň duşundan geçip gidýärler. Sebäbi söýgi inçe, näzik barlyk. Söýgi
ruhdur, ol bir lowlap ot alansoň öçmeýär.
Ýöne inçe söýginiň döremegi üçin oňa gatnaşyjylaryň ýöne bir ten göwresi
däl, eýsem ruhy göwre, ruhy şahsyýet bolmaklary zerurdyr. Olar ruhy taýdan
umumy köpçülikden saýlanan şahsyýetler bolmaly. Haýsydyr bir manyda ten
gaýtalanyp, meňzeşlige sezewar hem bolup biler. Emma ruh gaýtalanmazdyr.
Elbetde, söýgi aslynda ten duýgularyna esaslanýar. Ýöne söýgi ol duýgularyň
belentlige galyp, ruhlanyş derejesidir. ªonuň üçinem öýlenmäge— durmuşa
çykmaga, çaga öndürmäge hemmeler ukyply bolsa-da, söýgä ähli adamlar
ukyply däldirler.
Söýgi barlyk meýdanydyr. Bu barlyk meýdanynda ýaşaýyş hyjuwy özüniň iň
aňrybaş dartgynlylygyna hem mazmunlylygyna ýetýär. ªahsyýet hökmünde
adam özüniň barlygyna, hakykatlygyna akyl hem göz ýetirýär. ªahsyýetiň içki
O. ÖDÄÝEW
145
dünýäsinde bolup geçýän şu hili üýtgeşikligi bir jümle bilen— türkmençe «Dünýä
täzeden gelen ýaly boldum», «Bir ýaşan ýaly boldum» diýen jümleler bilen
aňlatmak mümkin. Durmuşyň adaty akymynda duýgular täsirsizligi, gyzyksyzlygy
bilen häsiýetlenýär. Duýgular, hamana, öňem birnäçe gezek ulanylan,
täzeligini, terligini ýitiren zada, aýdaly, geýlip-geýlip sary çykan eşige meňzeýär.
Çyn söýgüde bolsa adam gaýtalanmaz duýgularyň üsti bilen ýaşaýşyň terligini,
dünýäniň asylbaşky eldegmedikligini dadyp görýär. Bu ýerde dynnym ýalyjak
hem duýgy galplygy, ýasamalygy, göwün kimri ýokdur.
ªeýle lezzetli ruhy ahwalat, elbetde, her bir adamyň söýgüsine miýesser edip
durmaýar. Ondan-da beter, miýesser edäýenliginde-de, ol juda seýrek hem
özem garaşylmadyk, öňünden oýlanylmadyk halatynda bolup geçýär. Söýginiň
arzysy-da, dady-da, adam erki tarapyndan boýun egdirilýän, deslapdan belli
bir maksatlara ugrukdyryp bolýan akyldyr pikir bile bir ýere sygyşmaýanlygy,
oňşuksyzlygy, söýginiň akyl serişdesi bolan dil bile düşündirip bolmaýanlygy
duýgularyň şol boýnuýogynlygyndan, adam erki babatdaky aýrybaşgalygyndan
gelip çykýar. Söýgüde duýgular ilkibaşky päkligini, tebigylygyny, päkizeligini
saklaýar. Duýgynyň şu alamatlaryny adam juda seýrek halatda başdan geçirýär.
Soňra ol munuň üçin beýle bolýanlygyny-da düşündirmäge ukypsyz bolýar.
Duýgularyň bize näbelli bolup galýan haýsydyr bir çylşyrymly sepleşiginden,
utgaşygyndan şol seýrek ýaşaýyş hyjuwy, göwün däliligi ýüze çykýar.
Söýgi ylhamy öňünden kesgitläp, ölçäp-biçip bolmaýanlygy bilen döredijilik
ylhamyna meňzeşdir. ªahyr näçe çytraşsa-da, näler özelense-de, bir halatda
ýeke setir hem ýazyp bilenok. Gaýta ol özüne, zehinine buýurjak, ýazdyrjak
bolup agram saldygyça, bu zehin taýdan “gysyr kişiniň” özüne jebir edişi ýaly
hossa öwrülýär. Ýogsam, göräýmäge, nämedir bir zat döretmek üçin ähli gerekli
zatlar: pikir hem, döretmek islegi-de, sagdyn hem dynç bedendir kelle-de, boş
wagt hem bar. Emma, teý, ýazylanok. ªahyryň öňüne alan kagyzy hem öňki
aklygyna galýar. Iň esasy bir zat, onuň erkine asla bagly däl, bu bagly däldigi
bilenem ony hem kejikdirýän, şol bir wagtda-da ony juda buýsandyrýan— ol
bu ýerden özüniň hemmelere asla-da nesip etmeýän ýokardaky bir beýik güýç
bilen dahyllydygyny aňlaýar— bir itergi ýetenok.
ªahyr döretmeýän wagty-da “bagtlydyr”. Bu zenan üçin göwreliligiň,
göwre sinde çaga göterip ýörmegiň ýakymlylygy ýaly bir zatdyr. Emma bu
adatydakysyndan artykmaç fiziki hossa, şahyr babatynda bolsa artykmaç ruhy
hossa bilen baglanyşykly ejirli bagtdyr.
Ine, biz şu soňky jümlede— kesgitlemede ýaşaýyş fenomeniniň manysyna,
ruhuň ölçegine salnan manysyna gelýäris: ýaşaýyş— ejir bile bagtyň, hossa
bilen lezzetiň, ajy bilen süýjiniň şol bir wagtda, bir demde ýüze çykmasydyr. Bu
jübüt ölçegler ýaşaýşy birtaraplaýyn çygra salyp bolmaýandygyny görkezýär.
Ýöne adam öz tebigatynyň aýratynlygyna görä ol jübütleriň haýsy hem bolsa
bir tarapyny oňlaýar, beýlekisini indiki durmuş öwrüminde gabatlaşmak üçin
duşundan geçirýär, çünki olaryň ikisini-de birden aňlamak adam üçin ýaşaýşy
mümkin däl ederdi.
Ýaşaýyş oňynlyk bile tersinligiň utgaşygy bolsa, söýgi wulkanyň atylyşy kimin
şol utgaşygyň aňrybaş dartgynlylyga ýetmegidir. Söýginiň türkmen baharynyň
gülälegi kimin, ömri gysga many hem lezzet dokmädeligini başdan geçirmek
üçin adatylygyň ikindiniň kölegesi ýaly uzyn many hem lezzet garyplygynyň
içinde ýaşamaly bolýarys. Asyl duýgularyň joşguny bolan söýginiň adam
ömrüniň uzynlygyndaky orny şeýledir. Söýgi duýgular arkaly aňlanylýan ylham,
many hem azatlykdyr. Bu ruhy düşünjeleriň üçüsiniňem çeşmesi bolsa
gözellikdir.
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
10. Sargyt ¹ 2851
146
Gözellik hakynda tymsal gatyşykly hekaýatjygy gürrüň bereýin.
Bir baý kişi gaty owadan gyza aşyk bolupdyr. Baýlygyna buýsanýan, minnetli
bir adam eken. Emma gyz hem juda ahlakly, päkize bir maşgala bolupdyr.
Onsoň özüne taý däl, öz deňi-duşy däl adamyň özi babatdaky gelşiksiz
niýetinden habarly bolan gyzyň kalbynda ýakymsyz duýgy döräpdir. Başga
alajy bolmansoň, gyz baýyň hyjuwyny öçürmegiň özüçe çykalgasyny tapypdyr:
ol özüni jebre tutup, özüne zor salyp, ýörite horlanypdyr. Öňki gözellikden,
ýaňaklardan, meňizden, Kemine aýtmyşlaýyn, üç ak, üç garadan, üç ýogyn
hem üç inçeden derek galmandyr diýýär. Olar artyndy, hapa bolup çykypdyr.
Gyz bolsa horlanyp, edil çöp bolup galypdyr. Ine, birnäçe wagtdan ýene söz
aýtmaga ýanyna gelen baýyň öňünde gyz şol artyndylary goýup:
— Ine, seniň aşyk bolan, duýgularyňy gozgan zatlaryň, al!— diýipdir. Baýyň
bolsa ýüregi bulanyp, öýden çykyp gidipdir.
Elbetde, hekaýat gözellik hakynda däl. Munuň nädogrulygy— gözellik bile
onuň materialynyň garyşdyrylýandygy. Bu hekaýatyň nukdaýnazaryndan
seretseň, palçyk, laý bilen küýze bir zat bolup çykýar. Gözelligiň manysyny
formasyz çig mal däl-de, materialyň utgaşygy tutýar. Muňa akylly-başly göz
ýetirmek
üçin gözellige Eflatunyň pelsepesiniň nazaryndan bakmalymyka diýýärin.
Gözellik ruhy hadysadyr. Küýzäniň owadanlygyny ruhy başlangyç— küýzegäriň
pikiri kemala getirýär. Ol palçygy forma salýar. Diýmek, gözellik biziň barlyga
bolan ruhy gatnaşygymyzdyr. Formasyz mazmun howaýylyklygyň usulydyr.
ªol usulyň aýratynlygyny, ýagny gözelligiň kämillik derejesini bolsa adamyň
zehin, gözellik düşünjesiniň hili kesgitleýär. Näme üçin asman bize gümmez
şekilli bolup görünýär? Sebäbi biziň görejimiziň fiziologik gurluşy şoňa sebäp
bolýar. Aslynda bolsa asman beýle formada däl ahyryn.
Gözelligiň öňünde hemmeler deň däl.
Birinjiden, hemmeler gözelligi döretmäge ukyply däldir. Munuň üçin Hudaý
beren zehin gerek. Gözelligi döretmek— öz ruhy aýratynlygyndan, «meniň»
gaýtalanmazlygyndan gelip çykýan forma-mazmun utgaşygyny tapmakdyr.
Ikinjiden, gözelligi her kim aňlap biler, emma oňa hemmeler mynasyp bolup,
onuň yzynda durup bilmez. Zenanyň gözelligine mynasyp jogap bermekde
iş bar. Söýgä ukyplylyk gerek. Bu bolsa edil zehin ýaly, tas özüňe, islegiňe
bagly däl zatdyr. Çünki ilki bilen, zenanyň hem göwnünden turara özüň hem
gözelligiň haýsydyr bir taraplaryna görnüşiň boýunça laýyk gelmeli. Bu — bir.
Ikinji tarapdan bolsa, içki ruhy barlygyň— göwnüň aýratynlyklaryna görä-de
söýgä ukyply bolmaly. Birinji hem, ikinji hem öz eliňdäki, öz islegiňe bagly,
bolaýyn diýip bolup bolýan zatlar däldir.
ªeýlelikde, gözellik gaty köp ejirlere hem hatda çykgynsyzlyga getirýär.
Gözellik howaýylyk däl, anyklyk. Çünki ol ten bilen baglanyşykly. Adamzat ten
duýgularyndan uç alýan gözelligiň ruhy ýüküni çekerden köplenç ejiz gelýär.
Gözellige ruh hökmünde baha bermekden, mynasyp bolmakdan ejiz gelýär.
Onsoň ol bu meselede gözelligiň anyklyk, ten hakykaty bilen baglydygyna
agram berip, ýokary-ruha tarap göterilmän, peslige ýüz urýar; owadanlyk
hem edil beýleki barlyklar — iýgi-içgi, egin-eşik ýaly teni kanagatlandyrmagyň
serişdesi hökmünde görülýär. Gözellik «men — saňa, sen — maňa» diýilýän
alyş-çalşyň serişdesine öwrülýär, haryda öwrülýär. Haryt — maddy ölçegleriň
bahasyna salnan gymmatlykdyr. Gözellik bolsa manysy boýunça ruhdur.
_ Sen owadan gyz, men hem gelşiksiz ýigit däl. Sen maňa öz gözelligiňi,
men saňa gelşikliligimi, howandarlygymy, goragymy bagyş edýärin.
Ine, şu hili prinsipiň, adamzadyň köp bölegi üçin adaty bir geleşigiň gözelligiň
ruhy manysy bilen baglanyşykly ylahy söýgä hiç hili dahyly ýokdur. Bu söýgi
O. ÖDÄÝEW
147
däl, söwdadyr. Bu adamzat däl, haýwanatdyr. ªeýdip, adam özüne Alla tarapyn
berlen puryjadan ät galýar. Gözellik serişde däl, haryt hem däl. Maddy ölçeglere
salyp bolýan bolsa, bu gözellik däldir. Türkmen: «Tamakinçilik gursun» diýýär,
gözellik bile tamakinçilik bir ýere sygyşýan zatlar däl.
Gözellik zemin diline geçirip bolmaýan asman hakykatydyr.
Söýginiň iň belent derejä ýeten döwri— orta asyrlar. Hut şonuň üçinem
şol döwürde iň beýik sungat eserleri döredildi. Soňky asyrlar söýgini erotika
öwürdi, aýak astyna taşlady, juda kemsitdi. Söýgi gatnaşyklary howalalykdan,
ruhulykdan mahrum boldy. Aşyklaryň döwri geçdi. Indi oglan gyzy gaýtalanmaz
ruhy şahsyýet hökmünde görenok, oglan üçin bir gyzyň ýerini islendik başga
bir gyz tutup bilýän ýaly. ªeýle ýagdaýda gyz bile bir gezek ýatyp-turmak däl,
ömrüň ötinçä bile ýaşamak ýaly çirksiz isleg-de, hakyky söýginiň subutnamasy
bolup bilmez. Bu bary-ýogy akýürekli, dogruçyl söwdanyň kadasydyr. Munuň
özi XIX—XX asyrlaryň Ýewropa siwilizasiýasynyň ruhudyr. Munuň özi süriniň
söýgüsidir. Pul jemgyýetiň Hudaýyna öwrülýär. Hawa, hawa, bu zatlar puluň
jemgyýetiň Hudaýyna öwrülendigi üçin şeýle bolýar. Diýmek, şeýle jemgyýetdäki
söýginiň hem Hudaýy puldur. Emma söýgi meselesinde pul — söwda prinsipleri
gödek ýüze çykman, has inçelik bilen, adam psihikasynyň jümmüşindäki
ýerlerde amala aşyrylýar. Gözellik kanunlaryna laýyklykda, söwda owadanlyk
bilen edilýär.
ªonuň üçinem milli gözbaşlarymyza dolanmak baradaky pikirler söýginiň
ylahylygyna, howalalylygyna, adamyň beýik ruhy açyşlary etmäge ukyplylygyna
dolanmaga çagyryşdyr.
IKINJI SÖHBET
YªK—_KÖŇÜL_GUªY
I.
Türkmen halkynyň taryhy-medeni geçmişden ýeten esasy ruhy
gymmatlyklarynyň biri yşk düşünjesidir. Klassyky türkmen edebiýatynda,
umuman, ruhunda yşk aýratyn bir meseledir.
Biziň köne şahyrlarymyzda yşk üýtgeşik ruhy ahwalat, adamyň özboluşly ruhy
ýagdaýy hökmünde aňlanylypdyr. Yşk şol ýagdaý manysynda adam şahsyýeti
bilen baglanyşyklydyr.
Yşk— adamyň ruhy kämillik derejesidir. Yşga düşen adam ýönekeý indiwidden
ýaşaýşyň we ömrüň manysyny gözleýänligi, dünýäniň manysyna
meşgullygy bilen tapawutlanýar.
Yşk— ruhy ahwalat hökmünde durmuşyň boş gaýtalanmasyny inkär etmekdir.
Adamlaryň köpüsi özleriniň gyzyklanmalary boýunça adatylygyň çäginden
çykman ýaşaýarlar. Köpçülik maddy hem ten hajatlarynyň emrine we talabyna
boýun bolup ýaşaýar. Ýürekde üýtgeşik joşgun, köňülde adatdan daşary hesret,
akylda bolsa üýtgeşik bir many bolmaýar. Beýle adamlar üçin ömür endige
öwrülýär.
Endik— manysyzlygyň gaýtalanyp durmagy. Beýle adamlar üçin ömür hälki
bir gezegini, nobatyny geçirmek bolup durýar. Onsoň adam daşyndan— filosofik
manylylygyň nukdaýnazaryndan bakanyňda, elde ýasalan bir ýasama
gurala çalym edýär. Özüniň şeýle ruhy, has dogrusy, ruhsuzlygy halatynda
adam üýtgeşik döredijilik ymtylmalaryndan, ukyplaryndan mahrumdyr. Ömür
manydan hem mahrumdyr. Ruhy şahsyýetiň, ruhy iterginiň ýok ýerinde many
hem ýokdur.
Many— ruhuň dokunmagydyr we dokmädeligidir. Ýaşaýşyň üzresinden many
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
10 *
148
almak bile ruh ömürden— ýaşaýyş prosesinden kanagatlanma hem karar tapýar,
adamyň göwni dokunýar. Yşk adamyň diňe tenini dokundyrmak, doýurmak bilen
oňňut edýän endigiň aýşy-eşretsiz, ýürekgysdyryjy galasyny zabt edýär.
Türkmeniň ýaşaýşa höwesliliginiň aňyrsynda yşk pelsepesi ýatýar. Yşk—
ruhanalygyň filosofik taýdan esaslandyrylmasy we filosofik taýdan gurnalmasy.
Ol türkmen ruhunyň esasy binýatlarynyň biridir. ªonuň üçinem türkmen ruhunyň
göze görnüp duran hem göze görünmeýän täsin aýratynlyklaryny aňlamakda
yşgyň örän möhüm paýy bar.
Yşgyň durmuşdaky ähmiýeti hakynda aýtmaly bolsa, şeýle diýmelidir:
Yşk — göwnüçökgünligiň, lapykeçligiň we umytsyzlygyň ganym duşmany.
Yşk — ruhubelentligiň ýarany, ganaty.
Yşk — ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi.
Yşk — ýaşaýşa gyzykmak, ömre höwes, durmuşa söýgi.
Yşk — ýaşaýyş höwesinden we ömrüň manysyndan ät galan adamlaryň derdine
derman. Yşk bilen adam hem, millet hem halas bolýar. Yşk pelsepesini öňlisoňly,
akylly-başly işläp bilen türkmen ruhy milletiň uzak döwrüň dowamynda
taryhy işjeňligini saklamaga ýardam edipdir. Yşk milletiň içki ruhy hereketlendiriji
güýji bolupdyr.
Köňül_joşa_gelmez,_til_hem_sözlemez,
Her_ýürekde_yşkdan_köz_hem_bolmasa.
Adamyň, edil şonuň ýaly-da diýip, özümizdenem goşalyň, milletiň hem
daşky janlylyk hereketleri babatda yşk içki iterginiň, wagt hem giňişligiň
ýaşaýyş formasy bolan hereketlilik babatda içki ontologik esasyň wezipesini
ýerine ýetirýär. Yşk ruhuň hem teniň arabasy üçin fizikleriň «baky dwigatel»
diýýäni ýaly bir zatdyr. «Köz» aňlatmasyny tükenmez energiýa çeşmesi diýip
düşünmeli.
Ruhy ýaşaýşyň işjeňliginiň, baýdygynyň hem köpreňklidiginiň esasynda yşk
ýatýar. Çuňňur pelsepeler, täsin pikirler, köňlüň düýpli hem aňk ediji dolupda
şmalary şol esasyň bar ýerinde mümkindir. Gadymy ýunan filosofiýasy,
Müsür, Tibet, Meksikan piramidalary, azym-azym medeniýetler, beýik poeziýa,
sungat hem pelsepe— bularyň bary gadymkylaryň yşgyndan nyşandyr.
Yşk— döredijiligiň ählumumy formasy we formulasy — döredijiligiň umumy
filosofik kesgitlenmesi. ªu ýerde durmuşdaky bar bolan ýazylanu-ýazylmadyk
kanunlar hakda gürrüň etmegimiz gerek. Kanun zatlaryň hem hadysalaryň
arasyndaky ählumumy baglanyşyklardyr. Kanun — barlygyň ýaşaýyş
hökmürowanlygy.
Biz — Adam atanyň ogullary şol ýazylan hem ýazylmadyk
kanunlara esaslanyp ýaşaýarys. Ol kanunlar biziň ahlak gatnaşyklarymyzyň
örüsi, ol kanunlary üç topara bölmek mümkin:
1. Hudaýyň kanunlary.
2. Tebigatyň kanunlary.
3. Adamlaryň kanunlary.
ªol üç ugurda hereket edýän ýeke-täk kanun bar, olam yşgyň kanunydyr.
Hudaýyň, tebigatyň hem adamyň barlygynyň mazmuny döredijilige syrygýar,
olaryň üçüsi-de döredijidir, yşk mynasybetli döredijilerdir.
Meniň pikirimçe, yşk gymmatlygyny adamyň bahasyny kesgitlemegiň baş
ölçegi edip almaly. ªeýdip alynsa, adamyň manysyna iň düýpli filosofik kesgitleme
berip bolýar.
Biz «ýagşy adam, ýaman adam» diýip adam ömrüniň hiline baha kesmegiň
ölçegine juda bir öwrenişip gidipdiris. Men adama baha berlende «ýagşy, ýaman
» diýip däl-de, «yşga düşen adam, yşga düşmedik adam» diýip bölünse,
has jüpüne düşerdi diýip pikir edýärin.
O. ÖDÄÝEW
149
Pikirimi esaslandyrmaga synanyşaýyn: yşga düşmek ukyby— ýagşylyk
etmäge ukyplylygyň ruhy-filosofik esasydyr, yşkdan mahrum galmak bolsa
ýagşylyga, haýra adamyň zandy boýunça ukypsyzdygyny hem maýyl däldigini
görkezýär. Ýüregi yşksyz kişi ruhubelentlikden binesip bolýar, kalby bigörklügi
hem binyşanlygy bilen tapawutlanýar. Köne şahyrlarymyz şeýle adamyň
köňlüni gaty daşa meňzedipdirler, ýaşaýşyň baky çeşmesini — suwy daşyň
üstüne näçe guýsaňam, onda ot gögermeýär, jan fenomeni döremeýär. Onuň
gahatlygy dünýäni daraldýar, mazany alýar. Yşga düşen adamyň ruhy bereket
çeşmesidir. Ol haýra-da, gözellige-de, döredijilige-de, hereketlilige-de ukyply
bolýar. Islendik şer, islendik erbetlik dirilige hem ýaşaýşa kast edilmegi bolup
durýar. Kalby yşkdan doly kişi erbetligiň, ýamanlygyň asyl köçesindenem
geçmez. Onuň ýarany gowulykdyr.
Biz adam ömrüne ýaşlyk garrylyk diýip baha kesýäris. Munuň asla-da ruhy
kesgitleme däldigi görnüp dur. Meniňçe, barlygyň baş kanuny bolan yşgy
goşmak bilen, çünki islendik kesgitlemäniň göwnejaýlyk derejesi onuň
mümkingadar
has düýpli, has ählumumy esasa daýanýandygyna baglydyr, şonuň
üçin adam ömrüni şu üç bölege bölmeli:
* yşga çenli ömür;
* yşkdaky ömür;
* yşkdan soňky ömür.
Adamyň beden hem ruhy bikemallygyny ýa kämilligini, paklygyny ýa
taplananlygyny ahyrky netijede garrylyk-juwanlyk kesgitlemeýär. Siz meniň bu
pikirim bilen ylalaşarmykaňyz diýýärin. Döretmäge ukyplymy ýa-da ukypsyz,
ine, kämilligiň esasy ölçegi şu bolmaly. Bikemallar we ukypsyzlar özleriniň
mazmuny boýunça ölümiň ýaranlarydyr, bu gün bolmasa-da, ýakyn günlerde
gujagyna doljak rezerwleridir.
Elbetde, klassyky türkmen ruhunda döredijilik diýilýän zadyň sungat däl-de,
ruhy-filosofik düşünjedigini okyjy aňlandyr. Yşga düşen, dörediji şahsyýet— bu
alym hem bolup biler, daýhan hem bolup biler, döwlet işgäri hem bolup biler.
Gep hünär hakda däl-de, şahsyýetiň ruhy ukyplylygy barada barýar. Dörediji
şahsyýetiň esasy ruhy sypatlary iki sanydyr— ýalňyzlyk we dözümlilikdir.
Döretmek
üçin, bolmanda şertli manyda, ýalňyzlyk, özüňi wagtlaýyn töwerekden
çetleşdirmek gerek bolýar. Ruhuňy dürsemek, içki energiýaňy tijemek, toplamak
we ýüze çykarmak üçin ýalňyz bolmak gerek. Beýik Magtymgulynyň:
“Köňül_aýdar,_halkdan_galyp,
Gezsem_daglar,_daşlar_bile...”__
diýen sözleriniň ägirt ruhy manysy şondan ybaratdyr. Öz-özüň bile ýüzbeýüz
bolmak döredijiligiň baş psihologik şertidir. Öz-özi bilen ýalňyzlykda galyp
bilmeýän, halkyň arasyna miweli, hasylly gaýdyp gelmek üçin halkyň içinden
çykyp gitmäni başarmaýan adamdan köp zada garaşmaň. Düýe semremek üçin
ýitýändir. Könelerimiziň tenhalyk, hylwatylyk diýýänleri şol ýalňyzlyk, wagtlaýyn
köňül üzňeligidir. Geň galmaly zat, ýalňyz galmak islegi hatda janly-jandarlarada
mahsusdyr. Durmuşda görensiňiz, sygyr hem gölelejek, düýe botlajak bolanda,
daş-töwereginde adam-garanyň, gözüň bolmazlygyny isleýär. Bu ýöne
bir gyssanmak däldir. Bu döredijiligiň hem yşgyň kanunydyr.
Hatda Hudaý hem dünýäni ýalňyzlykdan we ýalňyzlykda ýaradypdyr.
Yşga düşeniň ikinji sypaty— öz-özüňe dözümlilik. Döredijilik çaga dograndaky
ýaly ejirlilik bilen baglanyşykly. Öz-özüne dözüp bilmeýän, özüňi döwüp, gysaja
salyp bilmeýän, özüni awundyryp, howaýy höwesini gynap bilmeýän adam
döredip hem bilmez. ªu pikirimi ýekeje bir mysal bilen baglanyşdyraýyn. Ýazyjy
romanyny bir däl, iki däl, üç däl, käte on-on bäş gezek hem göçürýär. Galyň
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
150
kitaby göçürip çykmagyň nähili hupbatly işdigini bir göz öňüne getiriň, on-on
bäş-ä diýmäýin, galyň kitaby bir gezek göçürip çykmak hem size gaty garaňky
hem güzaply görner. Ýöne bu iş ýazyjy üçin garaňky hem däl, güzaply hem
däl, ýazyjy işinden, güzapdan köpleriň tapmaýan zadyny tapýar— lezzet alýar.
Çaga dogurmak hem aňsat däl, ýöne onuň lezzetine diňe aýallar düşünýär.
Erkek kişilere bu lezzet düşnüksiz.
Köne şahyrlarymyzda yşk epitetleri aýdylýan ejir bilen baglanyşykly.
Yşk ody— yşk ody bilen men öz ýüregimi, synamy daglaýaryn, özümi
ýandyrýaryn,
şol oda bolsa buzdan sowuk dünýä çoýunýar:
Ejiri— maňa,
Höziri— ile.
Yşk derýasy— yşk derýasy möwç urup alyp barýar, onuň joşgunynyň,
hyrujynyň, möwjüniň netijesi iliň paýydyr.
Yşgyň_owazasyn_diňle_daşyndan,
Jan_jebrinden_gorksaň,_barma_başyndan.
Yşk mekanynyň baş görnüşi— çolalyk. Eger adam ýalňyzlykda öz-özi bilen
ýüzbe-ýüz bolýan bolsa, çolalykda ol dünýä bilen pete-petleşýär. Dünýä bilen
ikiçäk galýar. Men hemişe köne şahyrlarymyzda, ylaýta-da sopy şahyrlarda
dünýädäki kosmiki aňlaýşyň ölçegleriniň barlygyna haýran galardym.
Nesimini ýa Magtymgulyny okanyňda, birhili, asman gämisini münüp,
Zemine ýokardan garaýan ýaly geň duýgyny başdan geçirýärsiň. Emma ol
wagt hiç hili asman gämisi bolmandyr ahyryn?! Oýlanyp otursaň, beýle ruhy
ahwalat, ruhuň Asmana çykyp howalanmagy wagtyň hem giňişligiň çäkleriniň
juda kiçelmeginiň hasabyna bolýar eken. Ýöne şeýle kiçeliş daşky dünýäniň
täzeden gurnalmagy arkaly— tehnika arkaly däl-de, içki dünýäniň— ruhuň
metamorfozasy arkaly gazanylýan eken. Başgaça aýdylanda, demir guşy dälde,
köňül guşy asmana galýar:
Köňül_guşy_uçup_gitse_her_ýana
Mätäç_etme,_ganat,_guýruk,_ýelege.
Munuň aňyrsynda-da çagalyk ýatyr. Adam sähralar, daglar, düzler bilen
ýüzbe-ýüz galýar. Olaryň keşbinden many okaýar. Aýdyşlaryna görä, Mäne
baba ýedi ýyllap ýalňyzlykda Haweran düzlüginde sergezdan gezipdir. Onuň
ruhy ahwalatynyň özünden dokuz ýüz ýyl soň Gäwers düzlerinde gezen
Gurbannazar Ezizowyň, Akmyrat ªirowyň ruhlaryna juda meňzeşdigine üns
berdiňizmi?! Türkmen sährasy häzirki şahyrlarymyz üçin hem yşgyň asyl meýdany
bolmagynda galýar.
Düýnki ýagan ýagyşdan soň, dünýäniň ýüzi durmuşa täze çykan gyzyňky deýin
durlanypdyr hem terlenipdir. Gök asman çüýşe ýaly ýaldyraýar. Terlikden soň
ýylylyk paýlaýan Günüň barha ötgür tyglary janly-jandary oýarypdyr. Hažžyklar,
suwluganlar, mör-möjekler üçin dünýä hezillik. Bularyň diline hem ruhuna
düşünip
ugran adam indi bu ýerde ozalkysy ýaly keseki hem bigäne däl, ol özüni öz
mekanynda
duýýar. Bu ýerde ne üstüňe abanýan howp, ne-de bir duşman bar. Ýedi
ýyllap bu sähra, bu jandarlara dogan bolup gezen Mäne baba «yşk hem azatlyk
birdir» diýen beýik pelsepäni döredipdir. Ol ýaşaýşyň manysyna, sähranyň diline
düşünip, azat bolupdyr. Ölüm gorkusyndan, dargursak pikirleriň şumlugyndan
azat bolupdyr. Eýsem şu setirler hem ölümden azatlyk dälmi näme!
Adam_ölüm_diýip_tapypdyr_bir_zat.
Ölüm_näme?
Tebigata_garylmak.
Gül_bolup_bahara_getirmek_şöhrat,
Daň_säherler_pyntyk_bolup_ýarylmak.
O. ÖDÄÝEW
151
Yşk_şeýdip_bakylyk_sapagny_berýär.
Yşk_adamy_azat_edýär.
Elbetde, yşgyň filosofik hakykatlarynyň adaty durmuşyň diline geçirip
bolmaýandygy
yşgyň gündelik, praktiki zerurlygyndan mahrumlygynyň delili bolup
bilmez. Ruh näçe çuňlaşdygyça, ol durmuş zerurlyklaryna jogap bermäge
şonça-da ukyplydyr.
Türkmen ruhunda yşk— her pursat hem mydama Allatagalanyň ýadynda
bolmak— Hudaý bilen bile bolmak diýlip düşünilipdir. Ýöne yşgyň aýratyn ýiti
syzylýan aýry-aýry pursatlary bolupdyr. Bu pursatlar, esasan, üçdür. Gussaýy
pursatlar— iki dünýäniň serhetleriniň has ýiti duýulýan pursatlarydyr. Bular
säher, iňrik garalan wagty we gije ýarydyr.
Säher. Çolalyk. Ýalňyzlyk. Dünýäde senden başga hiç kim ýok. Älem oýanypdyr,
adamzat, hamana, ýok ýaly uklap ýatyr. ªeýle gussaýy pursadyň tötänligi
şundan ybaratdyr: ol Adam atanyň pursadydyr. Adam ata jennetden Ýer ýüzüne
kowlup, säher bilen oýanýar. Dünýäde entek ýekeje, birje Adam bar. ªol wagt
onuň gursagynda nähili duýgular elendikä?! Ümsümlik. Gijäniň perdesi entek
doly syrylyp ýetişmänsoň, dünýäde bir reňk— gara bilen agyň aralygyndaky
reňk bar. Jennetiň reňbe-reňliginden soň bu reňk, has dogrusy, reňksizlik,
jennetiň owazlaryndan soň bu ümsümlik onuň gursagynda bir erbetligi wada
berýän, bir ýaramazlyga yşarat edýän duýgyny döredýär. Galagoplugyňa
duýgudaşlyk eçilýän ýüreksiz hem hasratyňa ses bermeýän sessizje şemal
şum habarçy bolup ýüzüňe durýar. Onuň şumlugyndan bu ýerde wagtyň hem
ölümiň, garrylygyň hem mejalsyzlygyň bardygy hakyndaky habar okalýar.
Düýnki urgudan ýüregi entegem ýerine gelmedik, gaýta gabadyndaky
dünýäniň düşnüksizliginden hem syrlylygyndan howsalasy artan Adam birden
başyny ýokary galdyrdy. Ýokarda-da ýarym tegelek reňksiz gapakdan başga
dadyňa ýetişjek zat görünmedi. Birdenem onuň gözi jennetden kowulmagyna
sebäp bolan bugdaýa menzeş ýylpylda düşdi. Onuň şuglasy şeýle ýitidi, onuň
manysy şeýle bir aňyrdan hem alysdan gaýdýardy welin, Adam Alladan bir
yşaratdyr, ilçidir öýdüp, nädip dyza çökenini hem bilmän galdy. Bu säher wagty
dogýan Kerwengyran ýyldyzydy.
ªeýle gussaly pursatlarda adam ata-babalaryň ýürek duýgularyna gaýdyp
barýar.
Säher wagty perişdeler, gijäniň ýarynda bolsa öwlüýäler gezýärler. Bu
şahsyýetler şol pursatlarda ýaşaýşyň hem bakylygyň ruhy manylarynyň
açylýandygyny aňladýarlar. Baryp beýik alym al-Gazaly perişdeler älemiň
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Söýgi hakda bäş söhbet - 2
  • Büleklär
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3619
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1946
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3618
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1893
    27.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3678
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1922
    27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3626
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1765
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Söýgi hakda bäş söhbet - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 2318
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1235
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.