Latin

Şükür bagşy - 1

Süzlärneñ gomumi sanı 3851
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1870
34.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place

Nurmyrat Saryhanow
ŞÜKÜR BAGŞY
TÜRKMENISTAN
DÖWLET
NEŞIRÝATY
Aşgabat
1961
NURMYRAT SARYHANOW
ŞÜKÜR BAGŞY
Powest
Nurmyrat Saryhanow bu onçakly uly bolmadyk powestinde
halk üçin uly ähmiýete eýe bolan temany gozgaýar. Awtor bu
powestinde halk sungatynyň ekspluatatorlar synpyna hyzmat
edýän çüýrük sungatdan has belent derejede durýanlygyny janly
obrazlaryň üsti bilen hem ynandyryjy deliller bilen suratlandyryp görkezýär. Bu powestiň ýigrimi ýyl çemesi mundan ozal
ýazylanlygyna garaman, şu günki günde ol öz gymmatyny ýitirenok. «Şükür bagşy» powesti türkmen sowet proza eserleriniň
arasynda iň şöhrat gazanan eserlerden biridir. Okyjylar ony uly
söýgi bilen okaýarlar.
ii

I
Ony öz obasyna ýetirmezdiler. Bu
gün bir obadan gelse, ertir ikinji bir
oba alyp giderdiler. Ony ýalaň «bir
günlük» diýip, öz obasynyň adamlaryndan sorap alyp giderdiler. Ýöne
welin şol «bir günlük» diýlip alnyp
gidilen sazanda gaýdyp bir aýdan-da, iki aýdan-da gelmezdi. Hemişe
şeýledi. Ony öz obasyndan bir çykaryp bilseler, onsoň aňsatlar yzyna
gaýtarmazdylar. Gezek-gezegine: obadan-oba, öýden-öýe, toýdan-toýa çagyrardylar.
Uzyn, agajetli, garaýagyz, ýaňy otuzdan agan ýaş ýigit sazandanyň bolsa ulumsylygy, jögüligi, näzini artdyrmasy bolmazdy.
Şunuň ýaly hem onuň ýadary ýokdy.
Arzylanyp çagyrylan ýere barardy. Onuň baryp düşen öýüniň
içi-daşy derrew adamdan dolardy. Ol dutar çalmaga başlardy we
öýi dolduryp oturan ýigitlerden, üzügiň etegini serpip, tärimiň
başyndan seredýän gelin-gyzlardan tizden joşa gelerdi.
Ol dutary emgenmän, kuwwatly ellerini, uzyn barmaklaryny
oýnadyp, şabram çalardy. Köplenç onuň çalýan heňlerý gahrymançylyk, edermenlik hakyndady. Ony diňläp oturan ýigitler
bolsa özlerini söweşde ýaly duýardy we ýürekleri bilen beter
joşardy.
Ol sazandady — diňe saz çalýardy. Sazandalygy bilen bolsa
halkyna özüni aldyryp bilipdi. Ýöne welin onuň ady il içinde «Şükür sazanda» diýlip ýöredilmän, «Şükür bagşy» diýlip ýöredilerdi.
Munuň özüne ýetesi sebäbi bardy.
Ol özüniň bütin ömründe iki sapar aýdym aýdypdy. Bu bolsa
1

heniz özüniň ukybyny, hünärini saýlap alyp bilmän ýören mahallarynda bolupdy. Ine, şu iki gezek aýdym aýtmagy bilen onuň
ady «Şükür bagşy» bolup, il arasynda ýaýrapdy. Ol at ýöne-de bir
ýaýramady, örän ýörgünlilik bilen agyzdan-agza düşüp başlady.
Ol soň aýdym aýtmady, özüniň aýdym aýtmagyny düýbünden
goýdy. Aýdym aýtmak oňa çylşyrymsyz, ýönekeý zat ýaly bolup
göründi. Onuň bilen gyzyklanmady. Dutar onuň ünsüni özüne
çekýärdi. Şonuň bilen gidişýärdi. Dutaryň erkini öz eline aldy,
öz ýüregindäki duýgularyny onuň içine sygdyrmagy başardy. Şonuň üçin-de özüniň dili bilen, sesi bilen berjegini dutary arkaly
bermäge dyryşdy. Şeýle hem etdi. Hemişe saz çaldy, ýöne welin
başgalara öýkünip däl, özünden täze-täze heňler döredip çaldy.
Onuň sazyny halkyň nähili kabul edýänligi hakynda, ine, şuny
aýtmak bolar: uzak gyş gijelerin-de tä daň atyp, jahan ýagtylýança ol saz çalardy. Emma ilkagşamdan öýi dolduryp oturan
märekeden birjigi hem gozganmazdy we gözleriniň kirpigi kaklyşmazdy, her heňiniň soňundan hemmesi birden:
— Çal bagşy, ölmäsiň, iki elli ýaşa! — diýip aýdardylar. —
Elleriňe güller bitsin!
Sazanda şeýle diýilmegi besdi. Şunuň bilen onuň garyp göwni
bitýärdi we ruhy göge göterilýärdi. Çünki ol gazana garanjaklap
oturan, orta pul düşmese dürli bahanalar tapyp hezil bermeýän,
dutarynyň kirşini üzýän bagşylardan däldi. Onuň geregi halkyň
özünden hezil tapmagydy. Şunuň üçin garyp-pukaralar-da ony
öýlerine hem toýlaryna çagyryp, saz çaldyryp bilýärdiler.
Pully heň buýurmaga gurby ýetmeýän, şunuň üçin bolsa saz
çalynýan, aýdym aýdylýan ýere gelip bilmeýän, geläýseler-de
gyrak-çetde eginlerini gysyp oturýan garyplar: «Şükür bagşy
gelipdir, ol saz çalýar» diýşip eşiden deslerine, edip duran işlerini
taşlap, ýerli-ýerden gelerdiler we onuň sazynyň süýji labzyny
ünjüsiz, arkaýyn oturyp diňlärdiler.
Sazanda häzir-de obasynda ýokdy. Ol nirede bolsa-da bir
ýerde, içi adamdan dolup duran öýde saz çalyp, halka hezil berip
oturandyr.
Uzak bir obadan gelip, iki sany atlynyň ony alyp gidenine
kän wagt geçipdi. Onuň obadan çykandan soňky geçen günleriň
2

hasaby ýitmeýärdi. Barmak basyp hasaplap oturan adamlar kändi.
Olar: «Bagşymyzy Kelteleriň obasyndan gelen atlylaryň alyp
gidenine şu gün iki aý, on bir gün boldy» diýerdiler.
Ine, şu günüň agşamsy sazanda obasyna gaýdyp geldi.
Ol ýyllar Duşagyň şyr-takyr meýdanynda öýleriň hemmesi
bir ýerde küren bolup oturýan obasy sazandanyň gözüne örän
uzakdan salgym atyp göründi. Onuň öz obalaryny göresi gelipdi.
Bu gezek yzyny idäp, obasyndan atly barmadyk bolsa-da, gezege durup, özüni alyp gaýtmadyk bolsalar-da, obadaşlarynyň-da
özüni göresi gelýänligini ol bilýärdi. «Bu agşam obanyň uly-kiçi
hemmesi biziň öýümize üýşerler».
Ol şeýle pikirlenip, olara tä daň atýança saz çalyp bermäge
özüni boýun edip gelýärdi. Hemişe şeýle bolýardy. Ýene-de şeýle
bolar diýip, ol öz ýanyndan ynanýardy.
Bagşy oba golaý gelýär. Geldigiçe obasy tukat, öýleriň oturyşy
gaharly bolup görünýär. Aýratyn hem obanyň bäri çetinde oturan
öz garaja öýleri çytylyp otyr. Oňa girýän-çykýan ýok. Beýleki
öýleriň gapysynda ak keçeli atlar arkalangy durýan bolsalar-da,
olaryň öýleriniň iň gowy bezegi — atlary hem häzir gapylarynda
görünmeýär.
Ol bularyň hemmesini gözünden geçirip geldi-de, agşamyň
ümüş-tamyşlygynda öýlerine girdi. Onuň üç ýaşyny dolduryp,
ýaňy dördüne giden sary gulpak gyzjagazy bardy. Ol şony görmäge we ony gujagyna götermäge höwes edip gelýärdi...
Gyzy öýde ýok. Ol ejesi bilen goňşy öýlerine çykypdy.
Içerde ýeke ýeňňesi bar. Ol köne dony başyna çümre bürenip, edil doňdurylan ýaly bolup otyr. Ýüwürjisiniň gelenine
begenip, onuň ýüzi açylmady, gaýtam gamaşdy. Şol oturyşyna
özüne berlen salamy hem almady, hatda bagşynyň ýüzüne hem
seretmedi.
«Muňa näme bolduka?» diýip, Şükür oýlanyp, oňa garady.
«Gamly-gussaly, aglap-aglap gabaklary güp ýaly çişip gidipdir. Bu menden hem öýkeli ýaly. Meniň näme etmişim bolsun?»
Ol şeýle diýip, ýene-de pikirlendi: «Näme-de bolsa yzymda bir
erbetçilik bolandyr».
3

Onuň bolup oturyşyndan bagşy şuny düşündi we keýpi gaçdy. Onsoň ýeňňesiniň berjek jogabyndap çekinibräk durdy-da,
ondan sorady:
— Ýeňňe, näme beýdip otyrsyňyz? Gurgunçylykmy? Berdi
obadamy?
Ýeňňesiniň şol bir oturyşy oturyşdy. Ol geplese, ýa-da şu
oturyşyndan birazajyk gozgansa aglajakdy. Muňa güman ýok.
Aglamaga taýýar bolup otyr. Onuň şunuň üçin dymyp we gozganyp bilmän oturanlygyny bagşy aňlan hem bolsa gerek, soň
ony gepletjek we ondan zat eşitjek bolman, egninden dutaryny
keýpsizlik bilen aýyrdy-da, duldaky ýabaly agaja tarap ýöneldi...
Şu halatda ýeňňesi hem siltenjiräp turdy we içini hümledip,
ýüzüniň ugruna daşaryk çykyp gitdi.
«Bu nä boluş?» diýip, içerde bir özi galan Şükür ýeňňesiniň bolşundan hiç bir zat aňlap bilmän durdy-da, özüne tanyş
bolan öý goşlaryna seredişdirdi. Hemme zat öňki-öňküligine
dur. Olardan artany-kemäni ýok. Diňe bir hemişe dulda, tärimiň
başynda, asylgy durýan gylyjy — agasy Berdiniň egri gylyjyny
görmedi. «Gylyç ýok, gapyda at ýok, bularyň eýesi agam Berdi-de
ýok. Munuň bir emmasy bardyr. Ýeňňem biderek ýere aglap,
gaş-gabaklaryny çişiren däldir». Sazanda şeýle diýip, çuň pikire
çümdi.
Ýeňňesi öýüň gapdalyna öwrülen ýerde öňünden Bossan diýen orta ýaşan aýal çykdy. Ol aýal onuň ýeňňesiniň gözünden
düwmeläp akýan ýaşy görüp, aýak çekip durdy-da, oňa şeýle
göwünlik berdi:
— Dogan, Dursun, sen näme aglap, özüňi horlap ýörsüň?
Ol ölmändir-ýitmändir ahyryn. Saglyk bolsa, aman-sag geler.
Çykyp gelýän gytmy näme?
— Aý dogan, geljegine gözüm ýetýän bolsa, onda men, heý,
aglar ýörermidim? Oňa indi gelmek ýokdur. Men şuny bilýärin — diýip, Şüküriň ýeňňesi ol aýalyň sözüni kesdi. Onuň indi
dili açylyp gidipdi. Ýöne bir açylmagam däl, ýaňky bagşynyň
ýanynda dymyp oturanlaryny hem artykmajy bilen gepledi. Ol
indi başga birine eşitdirmekçi bolup, bir-biriniň yzyndan sugşuryşdyryp, şikaýatly sözleýärdi. — Jan dogan, Bossan, indi oňa
4

gelmek, gelip maşgalasynyň içinde oturmak ýokdur. Men onuň
şeýle boljagyny ozalam bilýärdim. Şonuň üçin-de ozalyndanam
aglapdym. Illeriň zyndana düşüp, ýene-de boşap gelýänleriniň
dogany, aladasyny edýäni, elini nirä uzatsa ýetýän hossarlary
bardyr. Hany onda ol zeýilli hossar? Ol ýerden ýeke çykanyň
biridi ahyryn. Onuň aladasyny eder diýjegiň ýeke biri dälmi? Ol
onuň aladasyny etmez, iliň içinde saz-söhbet edip ýörse, oňa şol
besdir. Oňa doganam şoldur-beýlekem şoldur...
Ýok, beýle däl, Dursun. Sen häzir hiç zady pikir etmän, öz
başyňa ýaňraýarsyň. Bagşy hemmesiniň hötdesinden geler. —
Bossan şeýle diýip, onuň bagşa dil ýetirmegine garşy çykdy. —
Sen kem akyllyk edýärsiň. Ol ýekemidir, onuň hossary ýokmudyr? Ol ýeke däldir, dogany, il-güni bardyr...
— Sen her zat diýseň diý. Ol gelmez... Men...
— Goýup otur, namartaý. Oba baryny berer welin, ony alyp
geler.
— Goý diýseňiz, meňki aňsat: goýaryn.
— Goý, goýýan bolsaň! Näme haýry bar, beýdip aglap ýörmegiň?
— Goýdum — diýip, Şüküriň ýeňňesi öýüň gamşyna ýaplanyp,
aşak oturdy. Ol aglamjyrap, gözlerinden ýaş dökmegini dowam
edýärdi.
Onuň hem öz düşünişi bar ahyryn. Şeýle edip, Şükuri gynandyrmakçymyş we onuň ganyny gyzdyrmakçymyş. Ol ýeňňesiniň
iňirdisine çydaman, doganynyň ugruna çykmalymyş.
— Eger Şükür Şükür bolýan bolsa, şonsuz hem gyzar. Onuň
at münmeýänligine we alamana gitmeýänligine garamaly däldir.
Onuň dutarynda çalýan gahrymançylykly heňleri ýöne ýerden
gelip çykýan zat däldir. Oňa diňe bir: «Gaýrat et» diýmek ýeterlik. Onsoň ol öz etjegini özi biler... — Şeýle diýip, Bossan oňa
garaçyny bilen käýindi.
Bagşy öýüň dulundaky ýüke ýaplanyp duran ýerinden daşardan gelýän gürrüňiň baryny eşitdi. Ýeňňesiniň maksadyna we
başgalaryna bir kemsiz düşündi. «Hä, ol alamana gidip, ýesir
düşendir; ýeňňem şunuň üçin tasanýan eken. Meniň bu ikarada
näme günäm barka? Ol ýüzüni-gözüni gyşartman, ýöne göni
5

aýdaýanda bolmaýarmyka?» Ol şeýle diýip, biraz oýlanyp durdy. Häzir onuň ýadyna uzak geçmişler düşdi, özüniň sazanda
bolmagyna birden-bir sebäpkär bolan adam — dogany gözleriniň öňüne geldi. Ol doganyny ýatlasa, bir ýany sazdy. Özüniň
sazanda bolup ýetişeni üçin, bagşy oňa minnetdardy.
Sazanda dutaryň yşkyna ýaş oglanlygyndan düşüpdi. Öz deň-duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan dutar ýasanyp, uzynly güni şony gazap geçirerdi. Ejesiniň ýüpegini azajyk-azajykdan ogurlap, öz ýasan dutaryna kiriş edip gutarardy.
Goňşularynyň dutaryny çalyp-çalyp bozardy. Ejesi ony ertir bilen ota ýa-da oduna ibärdi. Ol meýdan-da öz ýasan dutary bilen
meşgul bolup, agşamlyk boş diýen ýaly gaýdyp gelerdi. Ol öz
öýlerinden dutarly öýlerde kän bolardy. Özi çalman kesesinden
seredip otursa-da hezil edýärdi. Oňa bir iş buýurjak bolup ýa-da nahar wagty tapmasalar, iň ilki bilen baryp, obanyň dutarly
öýlerini barlap çykardylar. Ol hernä şol ýerlerden tapylardy.
Ejesi: «Sen bihepbe ogul boljak» diýse, kakasy bolsa: «Sen
eneň ogly, atdan dutary gowy görýärsiň» diýip, ikisi-iki ýerden
oňa käýärdiler.
Oňa diňe bir agasy käýemezdi, gaýtam, ol şol günleriň birinde
oňa bir warak — taşlanan dutar satyn alyp berdi.
Bagşy şonda sekiz-dokuz ýaşly oglandy. Ýöne welin agasynyň
şol ýagşylygy zehininiň düýbüne siňip, onuň ýadyndan asyl-ha
çykmaýardy.
Ene-atasyndan öňe düşüp, özüniň eline iň ilki gezek dutar
berip begendiren adam häzir zyndanda otyr. Ony ol ýerden alyp
çykmak hakynda bagşy näme pikir edýärkä? Ol sarsman durup,
bir zatlar oýlanýar. Agasy şonda at alyp beren bolsa, gylyç alyp
beren bolsa, onda onuň häzir nämäni oýlaýanyny takmynan
çak ätmek bolardy. Emma agasy oňa dutar alyp berdi ahyryn.
Ol dutar bilen meşgul boldy, ony elinden düşürmän, otuz dört
ýaşady.
— Bagşy jan, aman-sag geldiňmi? — diýip, öýüň beýle gapdalyndan bir garry aýal aldyrany bar ýaly bolup geldi-de, içerik
urup girdi. — Aman-sag gelen ýeriň bolýar. Elhepus, beýle kän
eglendiň. Gözümizi ýolda goýduň, nirelerde bolduň? Bagşy jan,
6

düýn yzyňdan atlam iberipdiler. Sen oňa, belki, duşanam dälsiň, giden — Halykdy. Bagşy jan, obanyň ýigitleri seniň geleriňe
garaşyp durandyrlar.
Bu garry gelip, sazandanyň pikirini bozdy. Ol ozalam pikir
edip, çözüp bilýän zady ýokdy. Iki gulagy ýeňsesindedi. Onuň
aýdyp duran zatlaryna gaharlanjagyny-da, güljegini-de bilmeýärdi.
Garrynyň: «Obanyň ýigitleri seniň geleriňe garaşyp durandyrlar» diýmegi, onuň pikirini özüne çekdi.
Onsoň ol:
— Geldim özün-ä... — diýdi-de, garrynyň çugutdyrylyp oturyşyna seretdi.
— Gelen bolsaň, örän gowy edipsiň, bagşy jan! — diýip, ol
garry sözüni dowam etdirdi. — «Är başy gowgaly gerek» diýip,
biderek ýere aýdylan däldir. Bu är başynyň gowgany, kyn günleri çekip biljegi üçin aýdylan zatdyr. Agaň ýesir düşenine şu
gün sekiz gündür, biz gynanyp otyrys. Gynanmakdan, gyýylmakdan ne peýda? Sen gynanyjy bolmagyn. Oba öz sazandasyny
goldajakdyr. Sen indi biliňi pugta guşabergin. Dagyň bolmasyn...
Garry enäniň gürrüňi köpdi. Ol obadan habarlydy. Ýöne welin
onuň ähli aýdasy gelýänlerini jemläninde, esasy maksat soňky
aýdan üç jümlesindedi. Şony bagşa ilden öňürti aýtjak bolup,
ol şu günki gün bilen düýnki güni ýola seredip geçiripdi. Dogry.
«Oba sazandasyny goldajakdyr» diýip, ol aýtdy. Aýdan dessine
hem bagşydan mert jogap aldy.
— Bil pugta guşalgydyr, dutar hem örän guratdyr, Kümüş eje
— diýdi.
Sazanda pikirlenipdi, oýlanypdy. Onuň ýüzünden eýýäm
belli bir karara gelenligi we aýdyň bir maksat tutanlygy görnüp
başlady. Ýüzi ýagtylandy, gözleri ýiteldi, aşak düşen eginleri galdy. Ýeňillik bilen baryp, dutaryny ýap-ýaňy keýpsizlik bilen asyp
goýan ýerinden aldy. Onsoň öýüň ortasynda, keçäniň üstünde
aýbogdaşyny gurup oturagada:
— Kümüş eje, hany, ornaşykly otur. Men size saz çalyp berjek
— diýip, dutarynyň gapagyna gahar-gazap bilen kakyp başlady.
— Hany oturyň!
7

Munuň indi tä daň atýança gitdigidir...
8

II
Ozallar beýle bolmaýardy. Sazanda saz çalsa, obanyň uly-kiçi
hemmesi gelerdi. Hasam beter ara şeýle uzak wagt düşenden
soň, häzir bolsa... Bu agşam näme? Bu agşam şeýle bolmady.
Bagşy başyny galdyrman, oturyp saz çalýar. Onda-da ozalky
çalyşlarynyň çaky dagy-da däl. Emma gelenleriň atlaryny sanap
çykaýmaly. Näme üçinkä? Ýa bu agşam bagşy «derletme» sazyny
çalýarmyka? Şeýledir öýdýärlermikä? Gelenleriň azlygy şunuň
üçinmikä? Gelmedikler gelmeýşi ýaly galybersinler. Gelenler
kimler onda? Olar näme üçin gelipdirler? Hemişekisi ýaly dutar
diňlemek üçinmi, ýa gynanyşmak üçinmi ýa-da bagşylarynyň
ýüregini köşeşdirmek üçinmi?..
Olar öz eden işlerine ökünýän, şowuna düşmedik zada gynanýan adamlar däl. Obanyň «men» diýen garrylary we ýigitleri.
Az diýer ýaly şeýle bir azam däl. Gelip-gelip, bagşylaryň garaja
öýlerini doldurdylar. Olaryň içinde birlän-ikilän myhman ýigitlerem bar. Olar hem bagşynyň sazyny ozallar köp-köp eşidip
oturanlar...
«Derletmeden» gorkman gelenler özleriniň sazyny we sazandasyny söýýärdiler. Bu ýönekeý kölege söýgüsi bolman, hakyky
söýgüdi. Olar özleriniň şu söýgülerini ýene-de bir gezek görkezmäge gelipdirler. Olar ýöne diňlemäge geldilermikä ýa-da
jübülerini puldan dolduryp geldilermikä? Iki-ýeke jübüsini puldan dolduryp gelenler hem bolaýmagy mümkindi. (Bu azajyk
sanyň içine myhman ýigitler düýpden girmeýärdi). Emma welin
köpüsi beýle niýet bilen gelmändi. Dogry, olar boşam gelmändiler. Maslahatly gelipdiler. «Biz sazymyzy hem sazandamyzy
nähili söýýänligimizi uly ile görkezeris» diýip, öten agşam bagşylarynyň agasyny hanyň zyndanyndan alyp çykmagyň maslahatyny edipdiler. (Myhman ýigitlerem bu maslahatyň içinde bardy).
9

Olar şonda eden maslahatlaryny bagşa habar bermäge gelipdiler.
Biziň etjegimiz bilen bagşy razylaşarmy, razylaşmazmy, buhakda olaryň arasynda gürrüň hem bolmandy. Belki, özleriniňkini
dogry diýip bilýändirler we bagşy şundan boýun gaçyrmaz diýip
pugta ynanýandyrlar.
Sazanda saz çalýar.
Ine, olar gelýärdiler we gelişlerine-de oturýardylar. Bagşylaryna aýtjaklaryny bolsa dilleriniň ujunda saklap çeýneýärler.
Sazanda saz çalýar. Başyny galdyrman çalýar. Dutaryň gapagyna zarp bilen urup, gahrymançylykly heňler çalýar. Şeýle
edip bolsa, ol öz maslahatlaryny aýtmaga gelenleri uzak gije
garaşdyryp oturtdy.
Bagşy özüniň gyzyp barşyna ýüregine we dutaryna sygdyryp
bilmedik ýaly, şeýle bir bendi gaty ses bilen aýdyp goýberdi:
Baba Gambar, bergen sazyň
Asly munuň agaçdandyr.
Agaç diýsem, ýaman görmäň,
Hemme güller agaçdandyr.
Ah, hemme güller, hemme güller,
Agaçdandyr, agaçdandyr!..
Mundan soň beýleki içini gysdyryp oturanlar-da saklanyp
bilmediler. Olar:
— Dur, bagşy, dur! Biziň hem saňa aýtjak bolup gelen bir
zadymyz bar. Şoňa bir gezek ber, bagşy — diýip, ondan soradylar.
Bagşy durdy we gapdalynda ýatan gara telpeginiň içinden
ullakan gyzyl ýaglygy çykardy-da, onuň bilen ýüzüniň derini
syrdy.
— Bolýa, men boldum, indi gezek siziňki. Aýdyp oturyň.
Ol şeýle diýip, ýigitleriň ýüzüne gülüp bakdy. Häzir onuň
şähdi açykdy. Şu şähdaçyklygyndan bolsa ýeňňesiniň we ýene biriniň gyjalaty aşagynda galmajagyna özüne ynamy barlygy
görünýärdi. Ol şu şatlygy bilen söweş heňlerini çalypdy we ýigitleriň ýüregini öňküden-de beter joşdurypdy.
10

— Biziň bir senimiz bar! — Olaryň hemmesi biragyzdan şeýle
diýdiler. — Şunuň üçin biz seni gynandyryp asyl-ha bilmeris. Biz
söweşe çykjak!..
— Duruň — diýip, obanyň ýigitlerine serdarlyk edýän, çep
eliniň barmaklaryny gylyç alyp giden, şonuň üçin-de «Çolak Batyr» at galan Batyr ýerli-ýerden söze başlanlary saklady-da, bir
özi olaryň hemmesiniň tarapyndan sözledi.
— Bagşymyz, biziň ozaldan edip goýan bir maslahatymyz
bar. Saňa aýdyljak bolunýan şol maslahaty, biziň başymyz sag
bolsa, hökman ýerine ýetireris. Seniň agaň hanyň zyndanynda
oturmajagy — bu özüňe hem mälimdir. «Dogry gerek?» diýip, ol
sözüňi oturanlaryň hemmesine tassyklatdy. Şoňa görä biz şeýle
karara geldik: göni hanyň zyndanyna çozmaly. Ondan bolsa
seniň agaňy haku-nähak alyp çykmaly. At-ýaragdan seniň hem
şaýyňy tutjak. Neneň gördüň? Etmelisi şu.
Batyr bagşynyň ýüzüne seredip durdy. Bu aýdylanlar bagşynyň garaşmadyk zady däldi. Şunuň üçin ol geňirgenmän, ýöne
ýylgyryp diňledi.
— Batyr, maslahatda bolan ikinji gürrüňi hem aýtsana! —
diýip, duldaky bugdaýly çuwala ýaplanyp oturan ak sakgal Meret
ileri omzady.
Onuň aýtdyrjak bolýan zady Batyryň ýadynda hem bardy.
Ýöne welin ol ony aýtjak däldi. Oňa ozalam garşy çykypdy, häzir
hem şol garşylygy. Şonuň üçinem onuň ýene-de orta atyljak
bolmagyna gahary hem geldi. Onsoň ol ýüzüni çytyp:
— Meret aga, başga aýdyp durasy zat ýok! — diýdi.
Ol diýeni edilmedik garry ynjalyp bilmedi. Olam bu ýere
ýöne saz diňlemäge, tomaşa etmäge gelmändi ahyry! Onuň hem
bagşylaryna aýdasy gelýän zady bar. Şomy nähili görülse-de
aýtjak. Ol:
— Batyryň aýdany bilen razylaşmasaň, bagşy jan, onda... —
diýdi.
Onuň sözüni orta bilinden kesdiler.
— «Onda»-«onda» galsyn, haw!..
— Her zat-da bolsa, men aýtjagymy aýdyp galaýyn — diýip,
ol garry sözüni dowam etdirdi.
11

— Bagşy, onda ýene-de bir maslahat: eger sen razy bolsaň, biz
seniň agaňy pul döküp almaga-da bar. Seniň üçin öz barymyzy
orta atýarys.
Onuň özi ýaly garry, at münüp alamana gitmekden galan,
indi gylyjyny oglunyň biline dakan, küşt oýnamakdan, başga
işi-pişesi bolmadyk Artyk onuň agzyna ýapyşdy-da:
— Goý-laýt senem, Meret, namartaý! Ýüz kerem bolmaýar
diýlip, geçilen bir zady ýene-de getirip orta atýarsyň! Sen bizi «Bagşylarynyň ýaga düşen agasyny obasy satyn alypdyr» diýen ýaramaz ada goýasyň gelýärmi näme? Esenpolat dagynyň
öz dostlaryny zyndandan alyp çykyşlary ýaly, bizem bagşymyzyň doganyny şeýle alyp çykarys. Zat berip almak, ol her kişiň
elinden hem geler. Ýigitler, maslahat birdir, şol birligine hem
bolmalydyr. Dagysy bolmaz! — diýdi.
Ol garryny beýlekiler-de ýazgardylar.
— Zatly bolýan bolsaň, onda ýigitler bagşynyň agasyny alyp
gerler welin, sen orta çykda baýrak beräý. Ýöne welin şonýança
maslahatyňy öz ýanyňda saklap dur...
Olaryň arasyna myhman ýigitlerden biri düşdi.
— Hany, bagşy näme aýdýar, şony eşideli-le? — diýdi.
Bagşy ýylgyrýardy. Onuň ýylgyrmagyndan näme-de bolsa
bir zat aňşyryljak bolunýardy. Şoňa görä adamlaryň başynda
şeýle sowal emele geldi: «Bagşy şu diýlenleriň haýsy birini kabul
ederkä? Kim bilýär, belki, ol üçünji bir teklibi orta atsa-da atar!
Üçünji näm bolarka?.. Bagşy häzirlikçe dutary taşlar!..
Myhman ýigidiň hemme oturanlar tarapyndan beren soragyna bagşy şeýle jogap berdi.
— Men näme diýeýin, ýöne sizden eden tamam çykdy. Sizden
göwnüm bitdi. Meni sylaýarsyňyz, sag boluň!
— Bagşy, aýdylanlaryň haýsy birini makul görýärsiň? Hany,
şonsuny aýtsana — diýip, garaňky duldan bir sorag orta oklandy.
— Bagşy, seniň razylygyň: ikiden birini aýt — şeýle diýip, ol
soragyň yzyna ýene bir sorag sugşuryldy.
— Birini kabul edip, birini kabul etmez ýaly, bu ýerde gürrüň
iki däl. — Batyr ol soraglaryň ikisine-de özi şeýle jogap gaýtaryp, bagşa ýüzlendi: — Bagşy, sen entek dutary taşla. Näme et
12

diýsene, biliňe gylyç dakyn, onsoňam ata münde, meniň yzyma
düş! Seniň häzirki etmeli işiň şu!
— Dogry, gaty dogry — diýşip, oturanlaryň köpüsi Batyryň
aýdanyny makulladylar.
Şükür heniz-de ýylgyryp otyr. Ol bu meselä nähili bolsa-da,
olardan üstün garaýan ýaly. Hiç bir gyssag-gynag görmeýär. Ol
indi Batyra jogap bermeli boldy. «Sag boluň» diýmegi hiç kimi
kanagatlandyrmaýardy ahyryn.
— Munuň başga bir täri tapylmazmy, hökman bir gylyç dakynmalymy, ýa ata münmelimi ýa-da obanyň baryny syryp-süpürip hana bermelimi? Geliň, oýlanyp göreliň, heý, bir amatlyrak
tarapy tapylmazmy? Başarana ýol köpdür, Batyr — diýdi-de, Şükür Batyryň ýüzüne seretdi.
— Onuň başga täri bolmaz — diýip, Batyr murtuny towlady. Ol ýene-de bir zat diýmekçidi, onýança onuň ýanynda dyz
degşirip oturan ýigit:
— Başga tär gözläberseň, onda başa baran iş bolmaz. Biz
owalyndan oýlanar ýalysyny oýlandyk — diýdi.
Çolak Batyryň ol ýigide göwni ýetdi. Onsoň başga hiç zat
aýtmady-da, ýöne ýaňkysy ýaly:
— Onuň başga täri bolmaz — diýip goýdy. Sazanda Batyryň
gözleriniň içine seretdi we:
— Öz deň-duş ýigitlerim ellerine gylyç alanynda, men elime
dutar aldym. Olar at münüp, dumly-duşa çapanlarynda, men
halypalarymyň yzyna düşüp, ilat arasynda saz çaldym. Özümiň
barymy şu ugurda goýdum. Garadäli Gökleňiň «patasyny» aldym.
Şu dogrumy? — diýdi.
Batyr:
— Dogry, dogry, men bilýärin, hemmesini bilýärin. Ýöne
welin... — diýip, sözüni kesdi.
— Onda bolsa, aýdyň, men şu dutara at hem ýaragyň bitirjek
işini bitirdip bilerinmi ýa-da ýok?
Batyr onuň bu soragyna düşünmedik ýaly kürtdürip durdy.
Şoňa görä beýleki oturanlar Batyryň ýerine sazanda jogap
berdiler.
13

— Bitirip bilersiň, ýöne welin ýeri gelende. Bagşynyň soragynyň aşagynda nähili meseläň ýatandygyna olar hem düşünmeýärdiler.
Ugrundan turulmandan soň, Batyr murtuny eli bilen ýetişdiginden towlaýardy. Ol şeýle edip, biraz oturanyndan soň:
— Bagşy, häzir iş başga. Etmeli işimizi edenimizden soň,
dutar hakynda arkaýyn oturyp gepleşeli. Dogry, sen dutara atyň-ýaragyň bitirjek işinden artygrak iş hem bitirdap bilersiň. Häzir
welin... Ol entek beýlede dursun.
— Men häzirkisini aýdýaryn. Hut şu işde.
— Bu iş bilen dutaryň nä dahyly bar? — Batyryň ýüzi çytylyp
gitdi. — Bolşuňa düýbünden düşünmeýärin, bagşy.
Bagşy hem gyzdy.
— Onda siz meni öz ugruma goýberip görüň. Men şu «warak» dutar bilen agamy şol ýerden çykarmaga synanaýyn. Eger
başaryp bilmesem, onda siziň diýeniňiz bolsun.
— Bu işde sen dutaryň bilen näme edip bilersiň? Bu akyla
sygmaýar, bagşy. Dutar diňe bir kölege şaýydyr. Bagşy, munyň
bolmady. Hany, sen näme diýesiň gelýän bolsa açygrak etde aýt.
Seniň öz başyňa bir zat çykarasyň-a gelýär. Näme-de bolsa, hany,
aýt. Biz eşidip oturaly... — diýip, oturanlar birden sorady.
Şükür öz pikirine garşy çykyljagyny, belli beter-de çolak Batyryň garşy çykjagyny ozalam bilýärdi. Emma welin ol öz diýeniniň
üstünde durjakdy.
— Men munuň bilen köp zatlar edip bilerin. — Sazanda dutaryny ýokaryk galdyrdy. — Ýöne siz närazyçylyk görkezmäň, men
bir synanaýyn!..
— Meselem?
— Meselem, şu onuň... — diýip, ol özüniň ýüregine düwen
hyýalyny aýtmaga oturdy. — Men mundan bir özüm dutar bilen
gidip, göni hanyň ýanyna barjak.
— Onsoň? — diýdiler.
— Onsoň agam üçin hana iki sany heň çalyp beräýjek...
Onuň beýle diýmegi aryň öýjügini gorjalan ýaly boldy. Oňa
garşy çykmadyk biri-de bolmady. Her haýsy bir zat diýdi. Galmagaldan ýaňa garaja öýüň içinde üýn alşar ýaly bolmady. Galmagal
14

biraz ýuwaşandan soň, olaryň näme diýýändikleri düşünilip başlady.
— Nirä diýdiň? Hanyň ýanyna?..
— Hana ýaranjaňlygamy? Onuň öňünde boýun burmagamy?
— Han biziň sazymyzy eşidip hezil etmez!..
— Biz ondan adamymyzy onsuz hem alyp bileris!..
— Şol hanmy seniň sazyňa baha berjek?
— Han yzyňa it salyp kowar, nökerleri aşagyňa telpek oklar, bu bolsa uly ile ýeter... Biz oňa öz sazymyzy masgaraladyp
bilmeris!
Başgalary saklap, ýene-de çolak Batyryň bir özi gepledi:
— Bagşy, şu aýdyp oturanlaryň seniň çynyňmy ýa-da oýun
edip otyrmyň? Sen toýa gitjek ýaly-la. Ol ýere bu dutar bilen
asyl barmak bolmaz. Bu hyýalyňdan el göter. Şunuň üçin-de
maslahatda näme edilen bolsa, şonuň bilen bol!..
— Bagşynyň aýdanynyň-da jany bar, haw, adam-lar! — diýip,
Artyk Şükür sazanda ýüzlendi. — Başyňa döneýin, jan bagşy, aý,
inim Şükür, sen dogry aýdýarsyň. Seniň iki heňiňe dünýäniň
ýüzüni bermek bolar. Muňa söz ýokdur. Ýöne welin muny biz
bilýäris, diňe bir biz bilýändiris. Sen indi aýt: Han diýeniň, ol
kim? Onuň içi bizden tarap tütäp duran dälmidir? Heý-de gurt
ýaly ýigitlerden eline düşse, ony iki sany heňe berip goýberer
diýip bilýäňmi? Beýle bir zadyň hem görlüp ýa-da eşidilen ýeri
barmy? Onda-da handan? How, adamlar, maslahat ozalkylygyna
galýar. Ony mundan artyk degşirip oturmak bolmaz. Ýigitler,
ertirden aňryk şaýyňyzy tutmak bilen bolarsyňyz.
Ýigitleriň hemmesi birden: — Biziň şaýymyz tutulgydyr —
diýdiler. Onda bagşy:
— Hany, meniň näme etmekçidigimi ýagşy eşitseňiz-le —
diýip, sözüni hälki galdyrylan ýerinden alyp başlady.
— Men göni hanyň öz ýanyna barmakçy. Emma hanyň alnynda çöke düşjek däl. Baş egip, boýun boljak däl. Näme üçin baş
egip barmalymyşym? Ýüzümi ýokary tutup bararyn. Siz arkamda
duran wagtyňyzda, men adam öňünde baş egerinmi? Bararyn-da
iň ilki bilen siziň şu maslahatyňyzy, şu bolup oturyşygyňyzy bolşy-bolşy ýaly edip oňa aýdaryn. «Seniň üstüňe obamyň ýigitleri
15

bilen atly-ýaragly hem gelip bilýärdim, horjuny puldan dolduryp,
düýäni halydan ýükläp hem gelip bilýärdim» diýerin. «Emma
şeýle gelmekligi maslahat bilmedim, şunuň üçin-de, ine, şeýle
geldim» diýerin-de, oňa dutarymy görkezerin.
— Ba-a.
— Boljak da, han eşidip oturaýsa.
— Onsoň?
— Onsoň, onuň içini köwmäge başlaryn. Biziň hemme zatdan
iň gowy görýän zadymyz saz diýerin.
«Şu ýalanmy?» diýip, sazanda göni Batyryň ýüzüne seretdi. «Dogry» diýip, oturanlaryň hemmesi tassykladylar-da: «Heý
saz-söhbete ýetesi zat barmy?» diýdiler.
— Sazy siziň hem söýýänligiňizi hem özüňiziň ýörite bagşy
saklaýanlygyňyzy eşidýäris — diýerin. Şonuň üçin siziň ýanyňyza saz bilen gelmegi maslahat bildik diýerin. Şu biziň iň uly
hormatymyz diýerin. Şeýle abaý-syýasat bilen onuň daşyna duzak ederin. Ol maňa saz çaldyrsa, dilimi gepletse bolýar... Ine,
meniň etjegim, nähili görýärsiňiz?
Dym-dyrslyk boldy.
Bu gezek onuň sözlemegine päsgel beren, gapdalyndan çykan
bolmady. Belki, razylaşandyrlar. Dymmak — razylygyň alamaty. «Ony nähili görýärsiňiz?» diýenine biri hem jogap bermekçi
bolmady. Artyk sakgalynyň ujuny sypalap, ýokarsyna tüýnügiň
çagarygyna seretdi. Onuň gözleri üzügiň ýyrtyklaryndan özlerine garap duran güýz gijesiniň ýaldyraşýan ýyldyzlaryny gördi.
Çolak Batyr ortada aýlanýan düýe çally okarany boşatdy-da, murtuny sypalaşdyryp, uludan demini aldy. Şu ikisine seredilýärdi.
«Näme jogap bererkäler?» diýýärdiler. Olar ýüzlerini aşak salyp,
märekäni özlerine ep-esli salym garaşdyrdylar. Ahyry bolmanyndan soň, ýene-de şol Batyryň ýanynda oturan we onuň öňüne
düşüp, batyrlyk satýan ýigit bu dymşyp oturmaklygy bozdy:
— Hanyň ýanyna şeýle barsaň, ol iň ilki bilen eliňden dutaryňy alar-da, ony iki epläp döwer, onsoň özüňi hem agaňyň
ýanynda oturdar.
Munuň diýenine goşulan bolmady. Ýene-de ýaňky dymşyp
oturmaklyk dowam etdi.
16

Bagşy hem sözlemedi. Garaňky dulda sakgaly kätebir agaryp
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Şükür bagşy - 2
  • Büleklär
  • Şükür bagşy - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3851
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1870
    34.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şükür bagşy - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3920
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1840
    34.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şükür bagşy - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3884
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1772
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Şükür bagşy - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 1279
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 767
    43.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    59.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.