🕙 20 minut uku

Salyr soňy Sarahs - 21

Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Süzlärneñ gomumi sanı 2622
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1620
34.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
55.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
  Zurabatdan ýaňy bir göçüp gelen döwürleri bolansoň, Tek han entek göz üçinem
  bolsa öz hanlyk ornunda otyrdy. Şol sebäpden onuň iňlis razwedkasy bilen göwnüne
  hiç zat getirmän, bir taýpanyň doly ygtyýarly hany hökmünde duşuşmagam,
  myhman almagam, gepleşik geçirmegem bolup biläýjek zat.
  Ýöne, aýlawly-öwrümli gepleşikleriň barşynda şol gezek Stiwens barybir
  Teke handan öz garaşýan jogabyny alyp bilmändi. Türkmen myhmanparazçylygyna
  hem-de hançylyk düzgünine eýerip, gonaklaryna mynasyp derejede hezzet-hormat
  edenem bolsa, ähli pikirlerini başdanaýak diňlän hem bolsa, öz gezeginde: “Biz
  näme ýagşylyk gören bolsak ors hökümetinden gördük. Ol bize kyn günümizde
  197
  kömek etdi, ýurdumyza göçüp gelmäge ýardam berdi. Biz oňa ýap-ýaňyja, öz
  islegimiz boýunça raýat bolduk. Kada-kanunlaryny kabul etdik. Şol kanunlary
  gürrüňsiz ýerine ýetirmeklige söz berdik. Wepaly hyzmat etjekdigimizem aýtdyk.
  Ant içmesegem äht etdik. Türkmene ähtiýalanlyk ýatdyr, ol ýagşylyga ýamanlyk
  edýän däldir, şonuň üçinem, biz janymyzdan geçeris, ýöne ähti-peýmanymyzdan
  dänmeris” diýipdi.
  Çünki, ol wagt salyr iliniňem, onuň kethudalarynyňam, Teke hanyň hut
  özüniňem ors hökümetinden ýaňa göwünleri bitindi.
  Ors baýarlaryna welin, megerem, Teke hanyň Stiwens bilen bolan duşuşygy,
  onuň bilen geçiren gürrüňdeşliginiň mazmuny aýan bolup, onuň öz aýdan sözleri
  mälim däl bolan bor-a çemeli özleriniň gabanjaňlyk duýgularyna eýerip, olar şondan
  soňam oňa dürli-dürli gysyşlar görkezdiler.
  Iňlisleriň türkmen topragynda edýän hereketleri welin barha artýardy.
  1887-nji ýylda Angliýanyň Hindistandaky kolonial häkimliginiň tagallasy
  bilen, Ahalteke ülkesine kapitan Batler ýörite iberilipdi.
  O’Donowan bolsa baryp-ha Gökdepe urşundanam öň Gürgen ýaýlalarynda
  bolup, türkmenleriň arasynda ors hökümetine garşy öwüt-ündew işlerini alyp
  barypdy Gökdepe söweşini Köpetdagyň gerişleriniň üstünde durup synlapdy we
  ondan soň ol öz işini, tä Orsyýede meýletin birikýänçä Maryda dowam etdiripdi.
  Gökdepe galasy synandan soň Tejene bosan türkmenleri orslara garşy
  gaýtadan aýaga galdyrmak üçinem iňlisler şol ýere öz ofiserler Noparyny
  iberipdiler.
  Şolaryň hemmesem baran ýerlerinde Stiwensiň Teke hana aýdan sözlerini
  aýdýardylar. “Egerde Angliýa nöker bolsaňyz, biz sizi orslardan gorarys,
  gulçulykdan halas ederis. Hut şu maksat üçin biziň goşunlarymyz eýýäm Hyrada
  geldiler we olar şol ýerde yşaratymyza garaşyp durlar. Ondan başga biz size altynkümüş, pul kömeginem bereris. Ok-ýarag hakda-ha gürrüňem ýok, siz diňe
  galkynsaňyz bolýa...” diýýärdiler.
  Bu zatlaryň barysy birigip, orslaryň gonjuna gor guýýardy we hakykatdan-da
  hüşgär bolmaklyga mejbur edýärdi.
  Teke hanam olaryň hut şol “hüşgärlikleriniň” pidasy bolupdy.
  Öwezgeldi batyryň bir wagtlar, Gyzylgaýadaky aýdan sözleriniň çyn bolup
  çykandygyna Teke han diňe şondan soň göz ýetirdi. “Häýt, köpeý ogly orsy bizden
  bir gün öň görenligini bildirdi-ow” diýip, ol ençeme gezek içini gepletdi.
  Hut şol zatlaryň netijesi bolsa gerek, 1897-nji ýylda, Teke han hamala şol
  ýalan hanlygyny hem öz erkine, başga birine tabşyrmak üçin, öňki türkmençilik
  däbine görä bütin ulusy Sarahs baba gonamçylygynyň golaýyndaky at meýdanyna
  ýygnap uly sadaka berdi. Özüniň garrap bütinleý tapdan düşendigini, mundan
  buýana hanlyk edip bilmejekdigini halka aýtdy.
  Bu iňlisler bilen duşuşandygy sebäpli ors häkimiýetiniň wekilleri tarapyndan
  Teke hana soňky ýyllaryň dowamynda edilip gelnen irginsiz ýanamalaryň,
  gysyşlaryň netijesidi ol şeýlekin hereket edmäge mejbur edilipdi. Çünki, ol wagt
  Teke han gaty bir garram däldi, bary-ýogy altmyş alty ýaşyndady. Üstesine-de ol
  tebigaty boýunça-da at münende aýaklary ýere ýetip duran uzynak, daýaw, süňňi
  sagat, süňki iri adamdy.
  198
  Teke hanyň öz hanlygyny ors baýarlarynyň gysyşy astynda, mejbury
  tabşyrandygyna, häzirki dil bilen aýtsak “saglyk ýagdaýy boýunça öz arzasy bilen”
  aýrylandygyna ýene bir mysal arkalam göz ýetirmek bolýar.
  Ýagny, bu zatlaryň aňrysynda näme-nämeleriň ýatandygyndan, kim-kimleriň
  durandygyndan bihabar sada halk şonda Teke hana: “Eýle bolsa ýeriňe öz
  ogullaryňdan birini goýaý” diýipdi. Ol bolsa: “Ýok, goýup biljek däl, sebäbi meniň
  ogullarymdan baý çykar, ýöne han çykmaz, öňde bolsa kyn günler garaşýar, şonuň
  üçinem halkyň öňüne bir dogumly adamyň çykmagy gerek, onam, diňe Gara ýüz
  oňarar” diýip, ornuna özünden ýigrimi ýaş kiçi Meňli hany görkezipdi.
  Bu bolsa ors häkimýetiniň Teke handan indi gerek däl, howply adam
  hökmünde düýp-teýkary bilen dynmak isländigine, seçilşikden öň onuň üstünde
  mazaly “işländiklerine”, asly-ha şol seçilşigem şolaryň özleriniň gurnandyklaryna
  has takygy gurnadandyklaryna, ornuna Sarahs pristawlygyndaky milisiýanyň ştabs
  kapitany wezipesinde işläp ýören Meňli hany görkezmekligi öz ogullaryny hanlyga
  golaýlatmazlygy hem hut şolaryň özleriniň maslahat berendiklerine şaýatlyk edýär.
  Ýogsam arkama-arka (Teke han – Nazarmuhammet han – Gutly han – Berdi
  han), onda-da iň kyn döwürlerde han bolup gelýän nesliň hanlyk daragty gelip-gelip
  güzeranlary birneme gowulaşansoň, Ata-Watana gowuşylansoň guraýmalymy?
  Hanlygyny tabşyrandan soňam Teke han ylaýyk on alty ýyl ýaşady. Ýöne, şol
  ýyllaryň içinde-de ors hökümeti oňa ýazgynlylyk bermedi. Basyş astynda, göz
  tussagy hökmünde saklady. Hiç ýana goýbermedi. Bu ýagdaý ors hökümetini özüne
  iň golaý hossar saýyp, kalbynyň töründe özüni oňa köp-köp ygrarly hasap edip
  ýören adama iňňän ýokuş degdi. Köp oýlandyrdy. Uzak gyş gijelerini ol geçen
  günler, halkyň ykbaly barada pikir öwrüp geçirdi. Eden işlerini terezä saldy.
  Sallarlady. “Ýa halky Zurabatdan getirip ýalňyşaýdymmykam”, diýen sorag ony
  erkine goýmady. Ýöne, birinjiden-ä ýalňyş däldi, her niçik hem bolsa ulus öz taryhy
  Watanyna gelipdi, mes toprakly, bol suwly ýere ýetipdi. Güzerany gowulaşypdy.
  Galyberse-de, ol Orsyýetiň düzüminde oturan ýeketäk türkmen taýpasy däldi.
  Pelegiň çarhyny bolsa tersine aýlap bolmaýar. Her niçik hem bolsa ädilen taryhy
  ädimiň ähli kynçylykly, nogsanlykly taraplary bilen bilelikde bähbitli taraplaram
  kändi.
  Egerde, şol taryhy ädim wagtynda ädilmedik bolsady, onda türkmeniň iň
  gadymy taýpalarynyň biri bolan salyr türkmenleriniň şu bölegi hem ýer ýüzüne
  ýaýran beýleki bölekleri ýaly, Türkmenistanyň çäginden daşarda galardy.
  Günüň-gününe, derýanyň çep kenarynda durup, sag kenara delmuryplar
  bakardy, Watanyň zaryny çekerdi, gözünden ýaş dökerdi, türkmen topragynda ýaşap
  ýören türkmenlere goşulmaklygyň, olar bilen bile bir döwlet bolup oturmaklygyň bir
  saçagyň başyna üýşüp, bir ojagyň başyndan örmekligiň arzuwyny ederdi.
  Ine, şu oýlar welin Teke hanyň göwnüne sähelçejik hem bolsa teselli berýärdi,
  kalbyndaky gün-günden güýçlenip barýan harasady köşeşdirýärdi.
  Ýöne, telim ýyla çeken tükeniksiz içgepletmeler, gaýgy-gussalar ony barybir
  alyp ýatdy. Agyr derde uçratdy. Ömrüniň soňky ýyllary bir zat tapynan ýaly boldy
  we mahal-mahal oturan ýerinden “zöwwe” galyp, öýüň içinde o ýan, bu ýan
  urunmany, ýüregi howlap kä daşary çykyp, kä içeri girip, kä tärimden ýapyşyp
  ýaraly ýolbars ýaly nagra çekmäni çykardy. Şolar ýalyda ol öz ýanyndan kimdir
  199
  birini ýanyna çagyrdy hyýalynda onuň bilen bir zatlar barada gürleşdi, soň ony
  kowdy, kimdir birine arz etdi, ahyram laky-tak durdy, özünden-özi ýadap ýykyldy.
  Agzyndan ak köpük saçyp ýatyşyna kakyndy, titredi. Telim günläbem hiç zada
  ýaraman hereketsiz ýatdy. Özüne gelenden soňam hiç ýere çykmady. Hiç kim bilen
  gürleşmedi.
  Şolar ýalyda onuň ýanyna köplenç Abyt işan gelerdi we her hili gürrüňler,
  tymsallar bilen köşeşdirerdi. Göwünlik bereredi.
  Käwagtrlar bolsa ellini arka atandygyna garamazda, entegem jahyllyk terzini
  ýitirmedik Öwezgeldi batyr salam berip gapydan girerdi. Gaşynda oturyp il-günüň
  ýagdaýy, syýasat, Orsyýetiň halkara ýagdaýyndaky tutýan orny, özüni alyp barşy
  barada akylly-başly gürrüňler ederdi. Ýöne, bir wagtlar Alyhanowyň öz ýerlerini
  özlerine paýlap ýören wagty aýdan sözlerini ýatlap, ýaşuyla gyjalat bermeýärdi.
  “Men aýtdym-a, şeýle bolar diýdim-ä, ine, gördüňmi...” diýmeýärdi. Asla şol zatlary
  ýatlamaýardam. Çünki, ol zatlar ol wagt eýýäm onsuzam düşnüklidi.
  Başga-da gelýän-gidýän kändi. Her niçik hem bolsa halk öz hanyna bolan
  hormatyny ýitirmeýärdi.
  Teke hanyň özi welin ýanyna hiç kimiň gelmezligini isleýärdi. Ýeke bolasy,
  ähli pikirleri, oýlary bilen dört diwaryň arasynda ýeke galasy gelýärdi. Ýeke bir öýi
  däl, eýsem bütin dünýä gözüne dar görünýärdi. Ähli zat onuň içini gysdyrýardy.
  Ýüregini howlukdyrýardy. Bu galagoply hem düşnüksiz dünýeden gidesi, özüni
  rahatlyk ummanyna urasy gelýärdi. Şol arzyly pursatyň basymrak gelerine
  garaşýardy...
  Onuň bu islegi mazar daşynda ýazylyşyna görä 1913-nji ýylyň ýazynda hasyl
  boldy. Ony Sarahs baba gonamçylygynda jaýladylar. Meşhur ak atyny bolsa,
  tabydyna tirkäp öwülýä alyp gitdiler.
  Otuzynjy ýyllarda “baý-kulak” bahanasy bilen hossarlary Özbegistana sürgün
  edilen we şolar bilen bilelikde ömrüniň tas, ähli bölegini diýen ýaly şol ýerde
  geçirip, diňe M.S.Gorbaçýowyň “üýtgedip gurmak” syýasaty döwründe Watanyna
  dolanyp gelen, teke hanyň Şajyk atly uly oglundan bolan iň uly agtygy Şamman
  aganyň beren maglumatlaryna görä, atasynyň maşgala şejeresi şeýleräk:
  Aňyrlygyna: Teke han – Nazarluhammet han – Gutly han – Berdi han.
  Bärligine: Teke han. Ogullary: Şajyk, Mämmet. Gyzlary: Täç, Sona.
  Şajykdan: ogullary – Juma, Şamman, Gumman, Gyzlary: – Ollan, Aman,
  Sähra, Gurbangül.
  Mämmetden üç gyzy bolup, üçüsem ýogalan. Atlary: Aýjemal, Gylyçdurdy,
  üçünjisiniňkini bilip bilmedik. Ogly – Nobat. Ol biziň maglumat ýygnan döwrümiz
  (1992 ý.mart) bardy. Biz onuň bilen gürrüňdeş bolduk, ýöne ol atasy barada oňly zat
  aýdyp bilmedi.
  Teke han üç aýal alan: Hurma, Annagül, Ogulgurban.
  Hurmadan – Şajyk.
  Annagülden – Mämmet.
  Annagül kör ekeni. Teke han ony birinji aýaly (Hurma) ýogalandan soň,
  önelge üçin alýar. O-da ýogalandan soň Ogulgurbana öýlenýär. Ýöne, ondan zat
  ýok.
  200
  Teke hanyň Täç atly gyzyndanam nyşan galmandyr. Sonanyň ykbaly Eýrana
  tartypdyr. Githä-gitlik döwri adamsy göçýär, o-da şonuň bilen gidýär. Nämesiniň
  bardygy barada bizde maglumat ýok.
  Teke hanyň doglan ýyly biziň hasabymyz boýunça 1831-nji ýyla gabat gelýär.
  Ýöne, munuň birküç ýaş eýläk ýa beýläk bolmagy mümkin.
  Meňli hanyň soňraky ykbaly barada aýtsak, ol hem ors hökümetiniň taryhy
  wakalarynyň içinden eriş-argaç geçdi. Oňa wepaly hyzmat etdi. On ýedinji ýylyň
  rewolýusiýasy döwründe ak patyşanyň goşuny gidenden soň, tä gyzyllar gelýänçäler
  serheti öz jigitleri bilen gorap gezdi. Şondan soňky çylşyrymly wakalar, gowgaly
  ýyllar ony hem öz çoçgaryna çolaşdyrdy. 1918-nji ýylda bolsa onuň özem, ogullary
  Baba handyr-Baky hanam gümürtik ýagdaýda ýogaldylar. Ol ganly wakany köpler
  Eziz handan gördüler. Emma, 1918-nji ýylda, Krasnowodskide, aklar tarapyndan
  sud edilen wagty Eziz han: “Kimi öldürenem bolsam boýnuma alýan, ýöne Meňli
  hanam, onuň ogullarynam men öldüremok” diýipdi. Şol suda şaýat hökmünde Meňli
  hanyň kiçi ogly Esen han hem gatnaşdyrylypdy.
  Meňli han ogullaryny ors hökümetiniň uly şäherlerinde okuw jaýlarynda
  okadyp, bilimli adamlar edip ýetişdirdi. Uly ogly Baba han Peterburgda okady, rus
  dilini suwara öwrendi. Birinji jahan urşy döwründe patyşa goşunynda gulluk etdi.
  Şol wagtky çini unter-ofiser. Polşanyň çäklerinde Germaniýa garşy, Ukrainanyň
  çäklerinde Awstro-Wengriýa garşy söweşdi. Üç sany Georgiý hajynyň doly
  kaweleri. Oraz serdaryň dosty.
  Rewolýusiýadan soň Meňli hanyň nebereleri sowet hökümeti bilen oňuşman
  Eýrana geçdiler. Olardan önüp-ösenler häzirem Eýranyň Törbetjam diýen ýerinde
  ýaşap ýörler.
  ***
  Zurabatdan Sarahsa göçülip gelinenden soň halkyň ýagdaýam bolşuna görä
  garaz, gowulaşdy. Edil han-begleriňki ýaly bolmasa-da, Zurabatdakysy ýaly ýetmeýykylma-ha bolmady. Durmuş öz akymy bilen birsydyrgyn gitdi oturdy. Hojalyklar
  ösdi, örňedi, köpeldi. Eýran hökümeti bilen doly hasaplaşanlaryndan soň-a
  güzeranlary hasam ilerläp başlady. Öz topraklarynyň üstünde olar özlerini kän-kän
  erkin duýdular.
  Biziň tanyşlarymyzdan Abyt işan Sarahsa göçüp gelenlerinden soň köp wagt
  geçmänkä öýlendi. Hä diýmänem dört ogluň atasy boldy. Çagalaram özi ýaly hatlysowatly adamlar bolup ýetişdiler. Bir ogly Tejendäki rus mekdebini gutaryp ilki
  mugallym, soňam rus dilini ganymat bilýändigi üçin, döwlet edaralarynyň birinde
  dolandyryjy bolup işledi.
  Nazarly mergen azajyk ýempeýär diýäýmeseň ýarasyndan gutulyp, şondan
  soňam telim ýyllap awçylygyny dowam etdirdi. Uly ogly Arslanam gowy bolup
  gitdi. Ýöne, elinde şikes galandygy zerarly awa ýaramady. Mal bakdy. Öýlendi. Üç
  çagasy bir ogul, iki gyz ýetişdirdi. Olaram ile-güne goşdy. Nury welin, aýňalyp
  bilmedi. Dilem açylmady. Gaty bir uzagam ýaşamady. Şol “gojalygy” bilenem gitdi.
  Maman apa Sarahsa gelenden soňam on ýyl dagy ýaşady. Tä ölýänçä
  tebipçiligini dowam etdirdi. Perişdejigi köp ýatlady. “Häý, şoň durmuşa çykanyny
  görjekdim welin, bolmady-da” , diýip, gözüne ýaş aýlady ýördi. Paýtunynam
  201
  daşkyrak garyndaşlarynyň birine berdi-de, özi pyýada gezdi. Ýöne, pahyrdan ne
  ogul, ne gyz hiç zat galmady. Şol, ýekeligi bilenem ötdi. Ady welin, henize bu güne
  çenli halk arasynda ýaşap ýör.
  Kully köwege täze ýurt hasam düşümli boldy. Bu ýere gelip ol özüni tutdy.
  Gaty bir baýamasa-da, garaz, orta daýhan derejesine-hä ýetdi. Daýysy Apby
  bilenem ymykly ýaraşyp, bilelikde bir demir dükanjygynam açdylar-da,
  güzeranlaryny hasam gowuladylar. Şol dükandan ertir-agşam çykýan çekiç
  sesleriniň arasy bilen Apbynyň: “Gyňkeýin, aýtsaň-a Apby aýtdy bolýa,
  aýtmamasaňam içiň ýanyp barýa...” diýýän gyjyrdawuk sesem häli-şindi eşidildi
  durdy.
  Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Sarahsa göçüp gelnenden soň, Gülbeden
  Hudaý diýip ýören zähmetkeş, gara ýer ýaly ýuwaş, öň bir gezek öýlenip durmuşy
  paşmadyk bir daýhan ýigide durmuşa çykdy. Gowy maşgala, gowy hojalykçy, gowy
  ene bolup ýetişdi. Ärine ogul, gyz dogrup berdi. Birwagtlar ýeňilkellelik edip
  süýkenendigi, ony oýnajak bolup özüniň ile gülki bolandygy üçin, gören ýerinde
  Abyt işandan gaçdy ýördi. Tötänden gabat geläýse dagy utanjyndan ýüzüne
  seredibilmedi. Abyt işanam ony utandyrjagam bolmady. Gaýtam: “Utanmany
  başarýan adamda wyždan bardyr” diýip, ony öwgüledi. Uly ildenem Gülbedeni indi
  ýeňles saýmazlyklaryny, ile goşulandygy üçin ýerli-ýerden goldamaklaryny,
  bildirkini ýüzüne basyp utandyrmazlyklaryny haýyş etdi. Il-günem şonuň diýeni
  bilen boldy. Gülbedenem olaryň ynamlaryny ödemek üçin özüni juda edepli,
  seresaply alyp bardy. Asyl, öňki Gülbeden şü, diýseler tanar ýaly bolmady.
  Sarahsa göçüp gelinenden soň görnetin bagty çüwenleriň ýene birem Çöli
  boldy. Öňi bilen-ä ekiz ogly boldy. Gowy ýeriň maşgalasy bolansoň aýaly oňa
  ömürboýy ak ýürekden hyzmat etdi, ömürboýy ojagyna wepaly bolup galdy.
  Oýnatgy-ow şü, diýip, ärine göwniýetmezçilik etmedi. Deň-duşlarynyň üstünden
  gülenlerini görse ýa eşitse gaty gördi. Gabat gelen ýerlerinde olardan Çölä azar
  bermezliklerini haýyş etdi.
  Olaram gaty bir onuň gaňryşyna gaýdybam durmadylar. “Bor, gelneje”
  diýdiler. Ýöne, zandyýaman Janguly welin gaýtmyşym etmedi. Çekgä-dartga
  gelmedi. Bütin deň-duşlary bolup haýyş etselerem “bolýa” diýmedi. Gaýtam barha
  beter öjükdi. Şonuň üçin Çöliniňem alybilmez awy şol boldy. “Şony bir başymdan
  sow”, diýip, gije-gündiz Hudaýdan dileg etdi. Sähelçe ýoňlanyny eşitse-de:
  “Gyňkeýiniň çagasy şu gezek bir galmabilseýdir” diýip, Hudaý ýoluna jüp nan
  sadaka aýtdy.
  Onuň dilegleri Biribaryň dergähinde kabul boldumy ýa berilenje mütdeti
  tamam boldumy, günlerde bir gün Janguly “tapyr-tupur” düşege ýykyldy-da, uzak
  ýatmanam ýogaldy.
  Daňdanaralar şolar tarapdan: “Jag-g-g...” edip köpçülikleýin güýçli ses çykdy
  welin, telim gün bäri gije-gündiz tamakinçilik bilen şo ýana diň salyp, gapylarynda
  hekgerilip oturan Çöli “zöwwe” ýerinden turdy-da, düwülgi ýumruklaryny dik
  depesinde galgadyp, “diriň-diriň” böküp durşuna: “Jan-a-a, jana-a-a... Gyňkeýinleň
  birinden-ä dyndym...” diýip, ses edýänler bilen deňine gygyrdy. Asyl olar
  goýanlaryndan soňam goýmady. Egerde aýaly görgüli gelip, ony tutaklap diýen ýaly
  202
  öýe salmadyk bolsady, onda onuň haçan goýjagam, asyl-ha goýjakdygygoýmajakdygam belli däldi.
  Gaýtam: “Goýber! Şol apaňy... keýini tabyda ýükläp äkidenlerini gözüm bilen
  bir göreýin” diýip, arasynda aýalyna-da herreldi. Aýaly has bekine tutup: “Otur! Uly
  ile masgara bolduň...” diýip, “şyhmütürini” mazalyja towlansoň birneme köşeşdi we
  ýaňadandan ýerine geçip ýatdy. Şol gezek ol iki gün dagy galman ýatdy, ömürboýy
  alybilmedik ukusyny aldy. Jangulynyň ýerine-de “üçü” güni, aýak üstünden, ondada iliň gözi üçin görnüp gaýtdy-da, gelip ýene-de ýatdy.
  ...Sary maňka görgülem bu ýerde-de il-günüň salyp beren daşy samanly laý
  bilen suwalan gamyş kepbesiniň kölegesinde oturyp, öten-geçen aýallardan dilenedilene, ahyram onsy öle batman dünýeden ötüp gitdi.
  Umuman, haýsy birini sanap çykjak, hemmesem öz ykballarynyň gerdişine
  görä, Orsyýetiň syýasatynyň astynda, ähli türkmen taýpalary bilen bilelikde 1914-nji
  ýyldan başlan, 1918-nji ýyla çenli dowam eden, Birinji jahan urşuny, on altynjy
  ýylyň gozgalaňlaryny, telpek, öý salgytlaryny, päläni, on ýedinji ýylyň fewral hem
  oktýabr rewolýusiýalaryny, ýigrimi bäşinji ýylyň kolhoz-sowhoz gurluşyklaryny,
  1995-nji ýylyň ýer-suw reformasyny, otuzynjy ýyllaryň tutha-tutluklaryny, 1941-nji
  ýyldan 1945-nji ýyla çenli çeken Ikinji Jahan urşunyň (Beýik Watançylyk urşy)
  halka gyrgynçylykdan, weýrançylykdan, tozgunçylykdan başga uly we kiçi açlyk
  belalaryny hem görkezen hupbatly ýyllaryny başlaryndan geçirdiler. Formal taýdan
  hem bolsa Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy diýen ada eýe boldy.
  Döwlete öwrüldi.
  SSSR-iň ilkinji hem iň soňky Prezidenti Mihail Sergeýewiç Gorbaçýowyň
  1985-nji ýylda yglan eden “Üýtgedip gurmak” syýasatyndan soň Sowet soýuzynyň
  öz-özünden dargamagy netijesinde bolsa, bütin türkmen halky bilen bilelikde,
  salyrlaram ýüz ýyldanam gowrak wagt bäri dowam edip gelen baknalykdan
  çykdylar we sekiz ýüz ýylyň döwletsizliginden soň ýene-de özbaşdak garaşsyz
  döwlete öwrüldiler. Öň nirä gidýäni belli bolmadyk, ýerüsti hem ýerasty tebigy
  baýlyklaryna eýe boldular. Öň öz öýlerinde hem ene dillerinde geplemäge
  ýaýdanyşyp ýören hallaryna, indi türkmen dilini resmi suratda döwlet dili diýip
  yglan etdiler. Baýdak, gerb ýaly döwlet nyşanlaryny, döwlet gimnini döretdiler.
  Biziň onda-munda ygyp-tozup, gara güzeranlaryny zordan aýlap, ýat ýerleriň
  mysapyrçylygyny
  çeken,
  kitabymyzyň
  içinden
  eriş-argaç
  geçen
  gahrymanlarymyzyň nesillerem häzir ine, şol Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň
  Sarahs etrapynda sag-salamat işleşip, ýaşaşyp ýörler.
  Ata-babalaryndan tapawutlylykda olar indi ähli türkmen halky bilen bir
  hatarda öňküleri dek garyp çatmalarda, kepbelerde, çalmarlarda, oraçalarda,
  çürrüjek garaja öýjagazlarda däl-de, “şarňyldaşyp” duran howaly hem päkize, telim
  otagly gat-gat jaýlarda, bagly-bakjaly howlularda ýaşaýarlar, her dürli daşary ýurt
  maşynlaryny münýärler. Eşiklerini öňki ýaly çogan gaýnadyp däl-de, gymmatbahaly
  ýuwujy serişdeler bilen, elleri bilen däl-de kämil kir ýuwujy maşynlar bilen
  saçlaryny bolsa turşy gatyk bilen däl-de, aňrybaş şampunlar bilen ýuwýarlar.
  Mekdepden soň gidip Ýokary okuw jaýlarynda okaýarlar, daşary ýurt dillerini
  öwrenýärler, aspiranturalara, doktoranturalara girip, bilimlerini artdyrýarlar, daşary
  ýurtlarda okap, dürli ugurlardan güýçli hünärmenler bolup gelýärler. Ylymlaryň
  203
  kanditlary, doktorlary, sungat işgärleri, harby adamlar bolup ýetişýärler. Oba
  hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alýarlar. Ekinlerini Tejen derýasynyň ýokary
  başyndaky daglaryň arasynda, Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde,
  Garaşsyzlyk döwründe gurlan “Dostluk” suw howdanynyň bol suwy bilen
  suwarýarlar. Ol howdan ozallar Tejen derýasynyň tä Babadaýhan etrabyna çenli
  akyp gidip, ondanam bisarpa guma siňip gidýän suwuny jylawlady we Sarahsyň
  ilatyny suw bilen indi gyşyn-ýazyn üpjün edip başlady. Türkmenistanyň Döwlet
  baýdaklary bolsa dünýäniň ähli döwletleriniňki bilen bir hatarda, Birleşen Milletler
  Guramasynyň öňündäki meýdançada parlap dur.
  Zurabatdan gelenlerinde 16.000 ilaty bolan Sarahs topragynda bu gün 64 000e golaý adam ýaşaýar.
  2012-2014 ýý.
  Aşgabat
  204
  
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.