Latin

Powestler - 08

Süzlärneñ gomumi sanı 3848
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2158
29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
49.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
görnüp durdy.
-Bäh, gep urşuña garanda sen maňa ýaman belet ýaly-la. Eh! eý,seni
nirede gördümkäm diýip entekden bäri bilibilmän durdym. Indi ýadyma
düşdi- diýip, garawul ömür ýuwulmadyk tagaşyksyz kir dişlerini syrtardyp
ýyrşardy.
-Ýadyña düşen bolsa gaty gowy. Hany meni içeri goýberjekmi,
ýokmy?
-Goýberjek, goýbermän näme. Ýöne agam saňa gerek skladçy häzirjek
köçä çykdy. Şu ýerde garaş, geläýmegi mümkin- diýip garawul mekirlik
bilen gözlerini ýyldyradyp, derwezäniň gapdalyndaky garawulhana girip
gitdi. Garawulhananyň iç ýüze bakýan aýnasyndan onuň bir zatlary gäwşäp
oturandygy görnüp durdy. Ak saçly adam kibdini bir kakyp goýberdi-de,
çeträkde duran Mansuryň ýanyna baryp çilim otlandy. Mansur oňa
87
duýgudaşlyk bildirip, ýylgyran boldy. Ol hem gülümsiräp:
-Inim, senem bu zalymyň demine düşüpsiň öýdýän- diýdi.
Howa.. Bi-ýä gürläninde deminde polat eredýän ekeni. Asyl ozüni
ýönekeý garawuldyryn öýdenok-diýip Mansur ýangynly gepledi.
-Öýtmez. Onuňam sebäpjigi bar inim. Dellek bilen han hakyndaky
rowaýaty eşitmänmidiň?
-Ýok o nähili rowaýat?- diýip Mansur gyzyklanyp sorady. Ak saçly
adam elinde oýnap duran äýnegini dakyndy, çilimini nebsewürlik bilen
sordu-da, agzyndan, burnundan goýy tüsse goýberip, gürrüňe başlady:
-Gadym zamanda ine şuňa meňzeş bir dellek bar eken. Ol ýanyna
baran adamyň saçyny syrýarka, müşderisi kimem bolsa:
-Päkini bogazyňa salyp goýbereýinmi-diýýän ekeni.
Dellegiň bu gylygy baryp hanyň gulagyna ýetipdir. Han bu habary
getirenden
-Eger oňa menem baryp saçymy syrdyraýsam şol sözüni maňa-da
aýdarmyka?- Diýip sorapdyr. Habarçy:
-Size-de aýdar- diýip jogap beripdir. Şondan soň han wezir-wekilleri
bilen dellegiňkä barypdyr. Dellek hany iki bükülip garşy alypdyr, kürsüde
oturdyp, saçyny syrmaga durupdyr. Emma ol sag tarapyny syryp bolup, çep
tarapa geçenden päkisini galgadyp:
-Han aga, şu päkini bogazyňa salyp goýbereýinmi?- diýip,
goyberipdir. Han töwereginde duran wezirlerine, "bu nähili boldy" diýen
manyda seredipdir. Hanyň bir akylly weziri bar eken. Ol hana ýüzleni
-Aly hezret, munyň şu duran ýerinde bir bela bar, aýagynyň aşagyny
gazyp görmek gerek- diýipdir. Gazyp görseler, ol ýerden bir hum doly altyn
çykypdyr. Wezir hana ýüzlenip:
-Dellekde günä ýok, ony gepledýän ine şu- diýipdir.
Ak saçly adam gürrüňini gutaryp, äýnegini ýokary-maňlaýyna
süýşürip goýdu-da:
-Weziriň aýdyşy ýaly, bu garawulda günä ýok, inim, diýip, köp
manyly ýylgyrdy.
-Näme munuňam dellegiňki ýaly hazynasy bardyr öýdýäňmi?
-Hökman bolmaly, “ýaňy satylýan ýeri bolsa "Volga" maşynam
aljak’’ diýenini eşitdiň gerek.
-Bä! Ol munça puly nireden tapýarka?
Men onuñ pul gazanýan bir ýolunyň gözli şaýady boldum. Hol
hatarlaşyp duran maşynlary görýäň gerek. Näçe bardyr öýdýäň?
-Ýüz dagy bardyr- diýip Mansur çak urdy.
-Köp bolaýmasa kem däldir. Ine şu maşynlaryň hersinden bir gyzyl
onluk garawul daýyň jübüsine girýär. Ýüz maşyndan müň manat bolýa
gerek. Munuň ýaly maşyn aý aşa gelip dur. Onsoň özüň hasaplada görüber88
diýip, ak saçly adam çilimini soňky gezek sorup taşlady-da, ökjesi bilen
mynjyratdy.
O nähili beýle bolýa?- diýip Mansur geňirgenip sorady.
Nähili beýle bolýanyny maşyn alyjylardan sorap göräý. Men saňa hut
öz başymdan geçenini diýsem, öňräk menem şu ýerden “moskviç" aldym.
Maşynyň puluny, paý pulyny töläp, sürüp derwezä gelemde ine şu garawul
saklady. Ýyrşaryp, elini uzatdy, menem uzatdym.
- Gutlaýan, münmek, sürmek nesip etsin, agam. Hany munuň
derweze pulunam oklap goýber,- diýdi. Men öň maşyn alyjylardan
“bazadanam ýöne çykaryp goýberenoklar, derweze puly diýilýäni bar”
diýip eşidipdim. Şonuň üçin onuň soranyna kän bir geňirgenip durmadymda, jübimde galan bäş manadymy uzatdym. Ol bolsa, seňrigini ýygyrdy-da
“munyň näme agam? Illere bir onlukdan kem berenoklar. Il hatary etmeseň
alman” diýýä. Menem näme Türkmençilik-dä, göwnüni ýykmajak bolup:
“meniň galanjam şu, alaý, gardaş, diýip ýalbarýan, ol bolsa ”Ýa walla, seniň
ýaly husyt adama ilkinji gezek sataşyp durşym. Daşdanam gaty ekniň-aýt”
diýip minnet edýär. Menem geldi gaharym “Näme men saňa bergilimiaýt! Almasaň nekene al!”diýdim-de sürdüm gitdim. Ýaňy onuň “seni
nirede görenim indi ýadyma düşdi” diýeni şondan:
Mansur bu adamyň gürrüñini gyzygyp diñledi, assyrynlyk bilen ony
başdan aýak synlap, eşiden zatlaryna geň galdy. Ak saçly adam birdenem:
-Anha-da, maňa gerek skladçy içerde gezip ýör-ä! Ol bolsa maňa köçä
çykyp gitdi diýýä. Ynha-da bolýan zatlara! -diýip gören adamyna tarap çalt
ýöräp gitdi. Garawul gäwşenip garawulhanadan çykdy, özüne
göwniýetijilik bilen ýyrşaryp, onuň yzyndan seredip durdy. Şol wagt gysgagysga signal berip, mawy “wolga”derwezeden girdi. Bu Mansuryň
daýysydy. Ol maşynyny bir çeträkde goýup, derweza tarap ýöräp ugranda
garawul ylgap onuň öňünden çykdy, iki elläp salamlaşdy.
-Sag-aman geldiňmi, ýaşuly. Ine, ertirden bäri yegeniňem saňa
garaşyp dur- diýip ýalym-ýulum etdi. Mansuryň daýysy töwereginde
ýallaklaýan garawula äwmezlik bilen seredip:
-Şu oglanmy? O nähili meniň ýegenim bolýamyş. Munuň ýaly
ýegenleriň her gün birini işe al diýip üstüme goýberýäler- diýip, Mansuryň
salamyna çalaja başyny atyp, edarasyna tarap gitdi. Mansura garawul hem
hiç zat diýmedi. “Näme üçin ýalan gepledineň” diýmedi. Sagatda segsen
ýalan sözleýän garawul üçin Mansuryň bujagaz “Ýalany” geň görerlik
däldi. Mansur daýysynyň bu gylygynyň bir inçe syry bardygyny aňdy,
emma keseki adamyň ýanynda dogan daýysynyň ondan göz-görtele ýüz
döndermegi degnasyna degdi. Ol göni gidiberjek hem boldy. Beýtmäge
gurby çatmady. Ygtyýaryndan daşarda bolan nähilidir bir güýç ony
daýysynyň otagyna girmäge mejbur etdi.
89
-Geç otur- diýip, daýysy oňa ýer görkezdi. Mansur ümsüm geçip
oturdy.
-Sen turuw başdan bozupsyň-a - diýip, daýysy oňa nägilelik bilen
çiňňerildi- bu ýerde her hili adam bar, agzyňa berk bolmaly. Men
adamlaryň “öz garyndaşlaryny işe çekýär”, diýen sözünden gaça durmaly
düşundiňmi?
-Düşündim-diýip, Mansur maňlaýynda peýda bolan monjuk-monjuk
deri eliniň arkasy bilen syrdy.
-Düşünen bolsaň “daýy- ýegen”sözi öýde, öz aramyzda bolýar. Bu
ýerde bolsa men hemme kişi ýaly seniň üçinem, Halyl Haýdarowiçdirin.
Düşünikli gerek-diýip, ol “günäñi bagyşladym’’ diýen manyda
ýyljyraklady.
-Düşnikli Halyl Haýdarowiç- diýip Mansur hem gülümjirän boldy.
-Onda gürrüň şeýle, Mansur-diýip Halyl Haýdarowiç elinde oýnap
oturan gymmat bahaly ruçkasy bilen stoly tyrkyldatdy -eger meniň bilen
işleşjegiň çynyň bolsa, häziriň özünde 22-nji sklady kabul edip al!
Mansur “22-nji sklad nähilikä’’ diýip öz ýanyndan geňirgendi. Ol asyl
ammarlara nomer dakylýandyr öýdmeyärdi. Indi 22-nji sklad diýlende,
name üçindir küt-küt basylyp ýatan defesit matalar, ýaglyklar, geýimgejimler göz öňüne geldi. Ol mesele beýle tiz çözüler diýip, oýlanmandy.
Şonuň üçin Halyl Haýdarowiçe birneme ýaýdanjyrap seretdi. Onuň özüne
tiňkesini dikip, jogaba garaşyp oturanyny gören Mansur:
-Entek işimdenem çykamoga- diýip ikirjiňlendi.
-Zyýany ýok. Işiňden soň çykar yörersiň-dä. Ol ýerde saňa gözi-gaşy
çekip duran adam ýok. Arzany ýazan badyňa-da boşadarlar- diýip, Halyl
Haýdarowiç öňünde duran iki taraplaýyn gepleşik apararadynyñ
düwmelerinden birine basdy:
-Alo! 22-nji sklad!-diýip aparada çalaja pitikledi. Aňyrdan misli
ýanynda gürleýän ýaly ses geldi:
-Eşidýän Halyl Haýdarowiç!
-Häzir meniň ýanyma gel!- diýip Halyl Haýdarowiç buýruk berdi.
Mansuryň ýüregine bir hili bükgildi gitdi. Ol şu pursatda begenýäninide, gynanýanyny-da bilenokdy. Onuň beýnisinde dürli oý pikirler at
salýardy. Bir salymdan soň otaga uzyn boýly, orta ýaşlaryndaky, hortap
adam girdi. Onuň garaýagyzrak ýüzünde birneme ýadawlyk görünýärdi.
Mansur “daýymyň çagyran adamy şu bolaýmasyn’’ diýip çak etdi.
Mansuryň çaky dogry çykdy. Salam hälikden soň Halyl Haýdarowiç oňa
ýüzlenip:
-Ynha, ýeriñe-de adam tapyldy. Häziriň özünde sklady tabşyr-da,
rugsada gidiber. Dem-dynjyňy alyp gelensoň başga iş bererin- diýdi. Ol
adam naýynjar ýylgyrdy, dodaklaryny münküldetdi, soňra pettikläp gepledi:
90
-Rugsada s-sag-aman çykaýyn, osoň gaýdyp-gelerinmi, g-gelmerinmi,
göribiris.
-Bah! Beýle diýer ýaly, bizden näme ýamanlyk gördüň?-diýip Halyl
Haýdarowiç yañsylap sorady.
- N-näme ýagşylyk g-gördüm?-diýip ol soraga sorag bilen jogap
gaytardy. Halyl Haýdarowiç onun bilen ýañkalaşyp otyrmaklygy özüne
uslyp bilmedik bolara çemeli, gürrüňi çurt-kesik etdi.
- Onuň yaly bolsa, gözel gownüň. Gep gutardy. Baryň!
Mansur ol adam bilen tirkeşip otagdan çykdy.Tä ammara barýançalar
ikisi-de sesini çykarmady. ammara gelip yetenlerinde ol adam Mansura bir
laý synçy nazaryny aýlady, soňra ammaryñ iki gabsaly uly gapysyny açyp:
- G-giriber, ýigit-diýdi. Mansur girip töwerek daşyna ýaltaklady.
ammaryñ içi edil gaýş pökgi oýnabermeli ýaly giňdi, aşagy betonlanany
üçinmi, ýa-da gün düşer yaly aýna-apişgeşinin ýoklygy üçinmi gaty
salkyndy. Yöne, diwar ýakasyna üsti-üstüne münderlenen ýaşiklerden başga
zat göze ilmeýärdi. ammarçy ýaşiklere elini çommaldyp, peltekledi:
- I-ine bu tarapda a-alty ýüz ýaşik d-duz, h-her ýaşikde ýigrimi
paçkadan. B-bu g-gapdaldaky dört ýüz e-elli ýaşik sabyn. Ýaşyginde kyrk
tokgadan.
Aňkasy aşan Mansur tas aglapdy. Daýysy näme, ony oýnajak
bolýamyka? Ol duz bilen sabyny başyna ýapsynmy? Mansuryň jyňkyny
çykarman, sañ gatyp dyranyny duýup, sebäbine düşünmedik ammarçy ýene
sakawlap ugrady:
I-ikuç gün bäri m-magazinlere berişdirip, galanjasy şu. M-men
priýem-s-sdaçy akdyny ýazýançam ýaşikleri s-sanada g-göriber
Mansur oña seredip, kellesini ýaýkady-da:
-Bu gün meniň wagtym ýok-diýip, ylgap ammardan çykdy. Ol şol
gelşine kürsäp, daýysynyň otagyna girdi. Halyl Haýdarowiç iki sany adam
bilen gepleşip otyrdy. Ol Mansura soragly nazaryny dikdi. Mansur keseki
adamlaryň ýanynda näme diýjegini bilmän dilini dişlap, gapydan giren
ýerindäki oturgyja özüni goýberdi. Ol adamlar köp saklanmady. Olar
gapydan çykandan Halyl Haýdarowiç:
-Ýeri, näme boldy?-diýip, howsalaly sorady.
-Maňa berjek skladyň şomy, daýy?-diýip Mansur “daýy’’ sözüni
nygtap aýtdy. Halyl Haydarowiç Mansury şol sklada iberýärkäde, onun ol
ýeri gaty bir oňlamajagynam bilipdi. Ýöne beýle aç-açan nagilelik bildirer
diýip piker etmedi. Ol:
-Beýle dar gursak bolmazlar, Mansur-diýip, yuwaşlyk bilen gepledi.Sakawuň soňuna seret diýipdirler. Men näme saňa haziriň özünde haly
sklady bereýinmi? Beýle iş meň elimden gelip duranok. Ýöne häzirki aljak
skladyň, bilseň, seniň üçin bir tramplin bolmaly. Ana şol tramplinden soňa
91
baka islaniňçe beýiklige böküp bolýar, düşündiňmi?
Aý, näbileýin…Sen maňa düýn öýde düýbünden başga zat
aýdypdyň, ahyryn.
-Düýn aýdanlarymyň hemmesi-de dura-bara amala aşar. Howlukmak
gerek däl, Mansur. Onsaňam seň 22-njini şeýle bir sürtse ýokmaz görüp
oturma. Ugruny tapsaň onda-da çaý puly bar- diýip Halyl Haýdarowiç
köşeşdiriji ýylgyrdy. Mansur özuniň ýeňleslik edenini duýdy, näme
diýjegini bilmän ümsüm otyrdy. Halyl Haýdarowiç ýuwaş, emma buýrujy
aheňde gürledi:
-Hany, wagty geçirme-de, baryp sklady al.
-Men oňa, bu gün wagtym yok- diýip gaýdypdym. Indi ertir gelerinde- diýip, Mansur aşak bakdy. Halyl Haýdarowiçiň owurdynda ýumry
peyda boldy, müňkülledi, emma gaharyny daşyna çykarmady:
-Him… Onuň ýaly bolsa, bu gün işie barda, boşamak hakyndaky
meseläni çöz.- Halyl Haýdarowiç sözüni gutaryp-gutarmanka dört sany
adam yzly-yzyna zompuldaşyp girdiler. Olar Halyl Haýdarowiçiň köne
ülpetleri bolara çemeli, gapydan girenlerinden ala zenzele edip,
wakyrdaşyp, degşip başladylar. Mansura hiç kim ünsem bermedi. Ol
ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi.
Mansur söwda bazasyndan şu wagta çenli özune mälim bolmadyk
täze bir dünýäni açyp gaýtdy. Bazanyň äpet derwezesiniñ oňündäki
garawul, şol yerde sataşan ak saçly adam, sakow ammarçy göwnüne
bolmasa onuň görüp yören adamlaryna menzemeýärdi. Aýratynam daýysy!
Ol öz öýünde-de, Mansuryň öýünde-de garyndaşlyk duýgusy çogup duran
mahriban adamdy! Mansur ony elmydama seýledir, başga hiç hili bolmagy
mümkin däl, diýip berk ynanýardy. Bu gün bolsa ol dayýsynyň hakyky
keşbini, ol hiç haçan göz öňüne getirip bilmejek keşbini gördi. Ine şular
zerarly özünde dörän täsin duýgyny näme üçindir ol ýasajyk oglanka
goñşusy Setdar Salyhlaryň öýüni ilkinji gezek göreninden soň dörän duýga
menzetdi. Bu meňzetme oňa çagalyk döwrüni ýatlatdy. Setdar Salyhyň
gyzy-garaja gözli Sumbul gyz göz öňune geldi. Çagalykda bile oýnap –ösen
bu ajaýyp gyzy Mansur ýygy-ýygydan yatlayardy. Sumbuluň pioninada
çalan sadaja heňi, şoňa goşup aýdan aýdymy henizem gulagynda ýaňlanýan
ýalydy. Bir ýatlama ikinji ýatlamany döredýär: Mansuryň Sumbul
hakyndaky ýatlamarynyň soňy Nurjemal hakyndaky süýji yatlamalara
ýazdy. Nurjemal bilen geçiren unudylmaz günlerini ýatlanda ýüregi
meýmirap, gözleri süzüldi. Nurjemal bilen aralary daş bolsa-da, häzirem
ýürekleri ýakyndy. Tiz-tiz hat alyşýardylar. Nurjemala ýetmek, ony
özüniňki etmek Mansuryň ýüreginde beslän arzuwlarynyň biridi. Ol onuň
bilen başga arzuwuna-baýlyk we zynatly durmuş baradaky arzuwyna
ýetmekçidi. Hiç bolmanda şol arzuwynyň üçden birine ýetäýse-de
92
Nurjemala öýlenip, zibi-zynat içinde yaşatmakçydy. Ol bu hakda Nurjemala
ýazan hatlarynda-da telim gezek ýaňzydypdy. Nurjemal bolsa onuň beýle
meyilleri bilen ylalaşmak islemeýärdi. Ol Mansura ýazan hatlarynyň birinde
şeyle diýipdi:
“Ezizim Mansur!
Men senden hiç wagt zibi-zynat talap etmen. Çunki men hakyky bagty
başga zatda- duýgularyň päkliginde, müdimiliginde diýip düşünýän. Sen bir
zady unutma: birek-birege päk hem-de joşgun duýgular arkaly baglanan
pukara oňalgaly adamlar, köşgi-eýwanlarda zibi-zynat içinde ýaşaýan
adamlardan hem bagtly bolup biler’’
Mansur Nurjemaly her naçe söýse hem, ondan akyl öwrenmekçi däldi.
Durmuş hakynda indi onuň oz düşünjesi bardy. Galyberse-de, daýysynyň
baýlyk, zibi-zynat hakyndaky jadyly sözleri onuň gözi-başyny aýlapdy.
Şonuň üçin ol öňki işinden çykyp, söwda bazasyna ýerleşdi. Ilki daýysynyň
“tramplin"’diýip atlandyran duz-sabyn ammarynda sabyr-takat edip işlemeli
boldy. Diňe bir ýyldanam gowrak wagt geçensoň daýysy ykraryna dolandyony taýýar geýimler ammaryna geçirdi. Şol ammara müdir edip bellemek
hakyndaky buýruga gol çeken güni Halyl Haýdarowiç ony öýüne çagyryp tä
ýary gijä çenli öwüt-nesihat etdi:--Seniñ ammaryña her dürli defiçit zatlar
gelýär. Diňe şol defisidiň hasabyna-da, ine şundanam ýasamak bolýardiýip, Mansur Haýdarowiç elini bokurdagyna ýetirdi – Bu ýerde sen
hökümediň ýekeje köpügine zyýan ýetirmeýäñ. Diňe bir azajyk söwda
düzgüni bozulýar. Emma Mansur, ýene gaýtalap aýdýan, gaty seresap
bolmaly. Bäş barmagyň deň däl, bazada özleri-de bir köpük iýmeýän,
iýýänlere-de görüplik edýän adamlar kan. Şoňa göra kim bilen nähili iş
salyşmalydygyňy bilmeli, gaty aga bolmaly. Şol meniň aýdýan magazin
müdirlerimden başga bilen hergiz “paçakgömdi’’ ediji bolma.
Şol güni Halyl Haýdarowiç Mansura işiň ähli inçe syrlaryny açdy.
Nähili edip defisit harytlardan artdyryp alyp galmalydygyny soň olary
nähili ýerleşdirmelidigini düşündirdi. Käbir adam öň edip görmedik işiňi
ilkinji gezek etjek bolaňda aljyraýmagy mümkin. Emma Mansur olardan
däldi. Ammara defisit harytlar gelen gününiň ertesi garadan gaýtmaz
häsiýetini ýene bir gezek iş ýüzünde synap gördi. Ol ýaňy ammary açyp
agyza golaý goýlan stoluň üstündäki faktura blankalaryny tertipleşdirip
duran wagty semizlikden pökgi kimin tokgalanan bir adam ýaltaklap
gapydan girdi. Ol:
-Essalawmaleýkim inim Mansur jan-diýip, iki elini uzadyp görüşdi.
Soňra ellerini ýellenip duran ganar ýaly giň balagynyň jübüsine sokup,
ördek ýöreýşinde gezmeläp başlady. Bu adam Halyl Haýdarowiçiň aýdan
dükan müdirleriniñ biridi. Onuñ ady başga bolsa-da, näme üçindir hemme
kişi oňa Dumanly daýy diýýärdi. Dumanly daýy ynançly adamdy. Onuň
93
bilen arkaýyn “paçakgömdi’’ oýnabermelidi.
-Ýeri, inim Mansur jan, biz garyby begendirer ýaly nämeleriň bardiýip Dumanly mekirje gözlerini ýyldyratdy.
-Näme gerek?-diýip Mansur sowukganlylyk bilen sorady.
-Güýz girdi, inim. Adamlaram gyş şaýyny tutýarlar. Şonuň üçin, bu
gündelik harytlardan başga-da, aýallaryň hytaýy possuny, andatr telpek ýaly
zatlardan bolaýsady kem bolmazdy-diýdi. Mansur ýasama ýylgyrdy:
-Bah! Dumanly day işdåñä erbet dal eken. Onun yaly zatlar nirede
bar?
-Aý, inim Mansurjan, at oýnatmasana, sende baryny bilip soraýandiýip Dumanly asty-üsti zybrym gyzyl dişlerini güjeňläp ýyrşardy. Mansur
onuň gözleriniň bäbegine galdyr-basdyrsyz seretdi-de:
-Dumanly daýy, sen bilseňem, bilmeseňem ýok diýsem ýokda!-diýdi.
Dumanly äheňine salyp goşgy okaýan ýaly edip:
- Bah, onyň dogry, Mansur jan. Sen ýok diýseň, ýel öwüsjegini, bar
diýseň bazar boljagyny bilýän-le-diýip, ýene ýyrşardy. Mansur indi çyny
bilen gürledi:
-Şony bilýän bolsaň, aýdan zatlaryň hersinden dört-bäşden tapyp
bereýin, Dumanly daýy.
-Bereket tap, şeýt inim. Ýöne dört-bäşden diýme, hiç bolmanda ondan
bolsun. Mansur oňa köp manyly seretdi:
-Ony diýmeseňem, fakturyňa ondan yazjak. Ýöne hersinden bäşşiniň
pulyny berjek. Dumanlynyň ýüzi boz-ýaz boldy:
-Mansur jan, muny sähel ynsap bilen edäýmeli, mendenem hasap
soraýanlar bar, inim.
Dumanly daýy- diýip Mansur ýüzini sowatdy. -Gürrüňi süýndirip
oturmaga wagt ýok. Häzir adamlar gelýär.
Mansuryň indi ýumşamajagyna göz ýetiren Dumanlynyň razy
bolmakdan özge çäresi galmandy. Şeýdip, Mansur ynançly magazyn
müdirleriniň haýsysyna näçe sany defisit haryt ýazan bolsa, onuň deň
ýarysyny, şol ýeriň özünde nagt pulyny sanap berip ‘‘satyn’’ alyp galdy. Şu
hili edip, Mansur özüne gelen defisit harytdanam bir entegini artdyryp
galdyrypdy. Indi ol şol harytlary ýerleşdirmegiň ugryna çykmaly. Emma
nähili edende bu iş hamyrdan gyl sogyrlan ýaly aňsat boljagyny entek ol
gowy bilmeýärdi. Bu işde-de ol Halyl Haýdarowiçiň özem “hökmän
kömek ederin. Artdyrylan harytlary skladda köp saklamak bolonok’’
diýipdi.
Iş güni ahyr bolup barýardy. Mansur “Näme etsemkäm? Nätmelisini
häzir daýymdan sorasammykam?’’ diýip içini gepledýärdi. Edil şol wagt
ammara garaýagyz ýüzine gelşip duran ap-ak dişlerini ýyldyradyp, Jemşit
gelip girdi.
94
-Oha! Jemşit, dostum! –diýip, Mansur elini uzadyp onuň öňünden
çykdy. Mähirli salamlaşyp, soraşdylar. Jemşit Aşgabada inistituda gideli
bäri kanikul döwründen başga wagtda köne dostlar seýrek duşuşýardylar.
Ýöne Jemşit bir sebäp bilen Aşgabatdan öýlerine geläýse, Mansury görman
gitmezdi. Jemşit häzir hem bir işi çykyp okuwdan üç güne jogap alyp
gaýdypdy.
-Bah! Muňa seret-le! Student diýseňem-ä, özini alyp barşy professor
ýaly-aýt!- diýip, Mansur dostuny başdan-aýak synlady.- Üçinji kursa dagada geçäýdiň öýdýän . Beý, wagtam çalt geçýär-ow.
-Howa, öz-ä geçip dur. Göwnüme bolmasa geçdigi saýyn durmuşam,
adamlaram özgerip, üýtgeşip, barýan ýaly-diýip, Jemşit ap-ak endigan
dişlerini görkezip ýylgyrdy. -Ine senem tüýs söwda işgärlerine meňzäp
duryberipsiň.
Olar bir salym gümür ýamyr etdiler. Mansur içinden howlugýardy. Ol
tizräk Halyl Haýdarowiçiň ýanyna barmalydy, özüni alada goýýan hälki zat
barada maslahat soramalydy:
-Jemşit, bagyşla dostum-diýip, Mansur gönülemeli boldy. -Men iş
wagty gutarmanka edaramyza barmaly. Gowusy sen agşam öýe gel,
arkaýynja, gürleşeris.
-Ertirden bäri şeý diýäýseň bolmaýarmy. Men bir eýýäm giderdimdiýip, Jemşit ýylgyrdy.-Mansur, wagtyñy alanym üçin bagyşla. Agşam
öýede bararyn. Ýöne bu ýere gelmegimiň sebäbi, saňa birje ýumuşym bar.
-Ýumuşmy?... Näme ýumuş?
-Sende andatr telpek barmyşyn diýip eşitdim. Şondan birini puluma
berip bilmezmiň? Jygyldykdan aljak bolsaň-a üç-dört bahasyna-da
berenoklar. Onsaň studente kyn düşäýýä.
Mansur bir bada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Şu ammara geçen
güni daýysynyň öýüne çagyryp, beren öwütleri misli gulagynyň düýbünde
gaýtalanan ýaly boldy: “ Indi senden zat sorap gelen köp bolar. Birine bir
zat beriji bolma. Iliň göwnüni aljak diýseň, öz jübiñe zyýan eti-rersin.
Onsañam biriniň togsan dokuz gezek işini bitirip, bir gezek bitirmeseň
senden ýaman adam bolmaz. Adamlaryň gurlyşy şeýle.’’
Howa, ol telpekden bardy… Iki üç gün oňräk aýdan bolsaň tapyp
beredim. Indi gutardy. Öýkeleme Jemşit.
Jemşit onuň aheňindäki ýasamalykdan ýalan sözleýänini derrew aňdy.
-Indi gutardy, diýsene- diýip, Jemşit köne dostuna ahmyr bilen
dowamly seretdi. Ol ýene, “Telpegiň-a gutarmadygyny gözlerinden görüp
duryn, ýöne sende wyjdan, adamkärçilik diýilýän zatlar gutarypdyr’’ diýip
aýtmakçy boldy, emme saklandy, onuň deregine:
-Bolýa, zyýany ýok. Onda men gitdim, hoş!-diýip gapa tarap ugrady.
-Häzirlikçe hoş! Ýöne agşam öýe gel! –diýip Mansur elini galgatdy.
95
Jemşit geplemän çykyp gitdi. Mansur dostunyň öýkelänini syzdy,
özuniň etmişine ökündi “Näme üçin beýtdim? Birjejigini bersem näme
bolardy? Jemşit köne, gadyrdan dostum, ahyryn.’’ Mansur bu etmişine näçe
puşman etse-de,esasy işi ýatdan çykaranokdy. Ol howur-hala ammary
gulplap, edara tarap eňdi.Ýöne ol gijä galypdy, Halyl Haýdarowiç eýýam
giden eken. Ol “Indi nätsemkäm, öýlerine baraýsammykam’’, diýen pikr
bilen köçä çykyp töweregine yaltaklap durdy. Şol wagt bir sary
“Moskowiç’’ gelip, onuň deňinde saklandy. Maşyny sürüp oturan orta
yaşlaryndaky, owadan ayallara meňzeş, koseleç adam gapyny açdy-da:
-Mansur jan, mün alyp gideýin- diýdi. Oslagsyz ýerde peyda bolan bu
adamy tanajak bolup, Mansur oña siňe seretdi. Ýylmanak ak ýüzli, gara gaş,
gara göz bu adamy Mansur öň hiç ýerde görmändi. Nätanyş Mansuryň
ýaýdanyp duranyny añyp ony gyssady:
-Gel,mun! çekinip durasy zat ýok, inim.
Mansur geňirgenýänini bildirmejek bolup, ýylgyrjaklady:
-Çekinip name, men gyzmydyryn, ýaşuly-diýip, maşyna mündi, salam
berdi. Nätanyş maşyny sürüp otyrşyna bir kemini goýman soraşdy. Ol
Mansuryň asly-nesline belet bolara çemeli, hatda ejesiniňem adyny tutup,
jan saglygyny sorady. Arasynda Halyl Haýdarowiç bilen hem gadyrdan
aşnadygyny ýaňzytdy. Bir çatryga ýetende bolsa:
- Mansur jan, bir gören tanyş, iki gören garyndaş diýipdirler.
Gowusy, biziňka gideli. Bir sellem oturarys, ýüzleşeris. Nähili görýäň?-diýip ýaşynyň bir çene baranyna garamazdan henizem lowurdap duran gara
gözlerini gyrpdy.
-Ýok, ýaşuly. Sag bol. Ine şu çatrykdan geçenden soň men duşýän,
öýümiz şu ýere golaý.
- Onda, bu gezek seniňkide bir käse çaý içäýeli-diýip ol maşyny göni
Mansurlaryň gapysyna sürdi. Mansur bu adamyň bolşuna haýran galyp,
näme diýjegini bilmän dilini dişledi. Ol bolsa:
-Näme dymýañ, inim? Ýa-da bir käse çaýyñy gysganýañmy? –diýip,
ardynjyrap goýberdi. Mansur çaýyny gysganmasa-da, bu adamy näme
üçindir öýüne eltmegi islemeýärdi. Onda-da näme, türkmençilikde öýüne
barjak diýip duran adama zat diýip bolýarmy. Içinden ýaman görse-de,
daşyndan güler ýüz bilen mürehet etmeli boldy. Natanyş çaýyň başynda
özüni tanyşdyrdy.Yştymagy gelip çykysyna çenli gurrun berdi:
- Maña Hojamguly Bazarow diyyaler. Meni şu etraplarda tanamayan
adam yok, inim.Kakam pahyram il içinde tanalýan adamlardan bolupdyr.
Onun ady diñe Bazar bolman, özu-de tuys bazar adamsy bolupdyr. Ol,
pahyr mañada: “Oglum, baýyň ogly bolandan, bazaryň ogly bol. Hiç haçan
hor bolmarsyn" diýerdi. Howa, inim.
Hojamguly ine şu giriş sözünden soň, esasy maksada geçdi:
96
-Inim Mansur jan, hazirki zamanda hemme kişä syr bildirip, ynanyp
bolonok. Mundan beýläk näme algy-bergi bolsa ikimiziň aramyzda bolsun.
Meniň bilen iş salyşsaň zyýan görmersiň. Pul diýseň-ä bizde hemişe
nagtdyr.
Mansur bu adamyň biderek yere ilişip gelmänini öňden syzýardy. Ol
täze tanşyny synlap oturşyna, atiýaç edip geplemedi.
Hojamguly owadan gözlerini gyrpyldadyp, jogaba garaşýardy.
Mansur bolsa daýysyndan geñeşsiz oňa hiç zat aýdyp biljek däldi.
Hojamguly misli Mansuryň pikirini okan dek:
-Meniň bilen aragatnasyk etseň, Halyl Haýdarowiç hem ters görmez,
inim-diýip, endigan maýda dişlerini güjeňlap ýylgyrdy. Mansur: “Bä, bu
adamyň owadanlygyny” diýip içini gepletdi. Soňra oňa ikuçly jogap berdi:
-Aý, entek göribereris, Hojoguly aga.
-Sen, görübereris diýip gümürtük etme, inim. Onsoňam bir zady
ýadyňdan çykarma: Artykmaç harydy skladda köp saklamak bolonok.
Artykmajyny beýleden gümüni çekmek gerek-diýip Hojamguly Mansura
çiňňerildi, soňra mylaýymlyk bilen üstüni yetirdi-Meniň bilşime göra häzir
sende on-onbäş sany defist haryt bar.
Mansur aşak bakyp dymdy: “Bä, bu mende nämäniň bardygyny nirden
bilýärkä? Ýöne onuň, artykmaç harydy köp saklamak bolonok diýýäni
dogry. Muny daýym hem aydypdy” diýip, ol içini gepledýärdi.
Hojamguly bu dymyşlygyň öz peýdasyna çözüljegini añyp, soñky
sözüniñ täsirini has artdyrmaga çalyşdy:
-Näçe diýseňem pul bizde nagtdyr.
Mansur gözuni gyrpyldadyp oňa seretdi. Hojamguly gözlerini süzüp,
uzyn ak barmaklaryny biri-biriniň daşyndan aýlap oturşyna jogaba
garaşýardy. Henizem näme diýjegini bilmän oturan Mansur öňki sözüni
gaýtalady:
-Entek görübereris, Hojamguly aga.
Hojamguly süzüp oturan gözlereni yalpa açyp, Mansura aýgytly
garady:
-Görüp oturasy iş ýok, inim. Men ertir işiň soňunda maşyn bilen göni
skladyň agzyna bararyn. Harytlary bagaja atarsyň. Bu gep şunuň bilen
gutardy. Gel, indi bahasyny gepleşeli, nämäni naçeden berjek?
- Wah! Hojamguly aga, ýaman ynamly gepleýaňle,-diýip, Mansur
güldi-maşynlyha beýlede dursun, seni garavulymyz pyýada-da baza
goýbermez.
-Hojamguly bir gözüni gypyp yeserlik bilen güldi:
-Arkaýynja bolaý, garavul meniň öz adamym. Gowusy, ýol pulyny,
gepleşeli, inim. Pul bizde nagtdyr.
Mansur onuň “Pul bizde nagtdyr’’diýen sözüni uçinji gezek eşidýärdi.
97
Bir söz gaýtalanyberse adama öz tasirini geçirýän bolara çemeli, indi
Mansuryň göwnüňe Hojamgulynyň bar yerinden puluň ysy kükäp duran
ýalydy, şonuň üçinmi ýa-da bu adamyň üytgeşik owadanlygy üçinmi, garaz
indi ol onuň gözüne birneme yssy görnüp başlady. Ýöne onuň yzyny
üzmän: “Pul bizde nagtdyr”- diýip gürläp oturşyna Mansuryň gülkisi
tutýardy, myhmanyň hatyrasy üçin zordan çydaýardy.
-Onuň ýaly maşynly girip bilýän bolsaň, pulyñy-da şol ýerde, harydy
görenden soň gurleşeris-diýip, Mansur ahyrsoňy uç berdi.
Hojamguly hoşal bolup yylgyrdy:
-Tapawudy yok. Şeytşegem bolman durmaz. Haçan diýseň pul bizde
nagtdyr.
Mansur indi gulman çydap bilmedi. Näme üçindigini bilmese-de oňa
goşulyp Hojamgulynyň özü-de güldi. Şeýdip, ol çaýdan bolmasa-da, edilen
gürrünüň netijesinden keýpini köklap gitdi. Hyrydaryň öz aýagy bilen
gelenine Mansuram begenmäni durmady. Hojamguly gidenden ol hem
Halyl Haýdarowiçlere tarap eňdi. Iş bitiren kişi bolup daýysyna
öwünmekçidi.Ýöne ol Halyl Haýdarowiçiñ öýüniň deňine gelende birden
aýak çekdi, göwnüne bir hili inkis gitdi. “daýysy onuň Hojamguly bilen
eden gürüñini oňlamasa nähili bolar? Näme üçin oňlamasyn? Hojamguly,
özüniň aýtmagyna göra daýysynyňam ýakyn tanşy ekeni, ahyry” Mansur şu
hili inkise batyp duran bolsa-da, garşysyndaky hasamly jaýa nebsevurlyk
bilen seredýärdi.
Halyl Haýdarowiç iküç ýyllykda öňki allanäme jaýyny ýykdyryp,
onuň ýereni soňky döwürde moda öwrülen hywa stilinde belent gabaraly
jay saldyrypdy. Jay tutuş bişen kerpiçden bolup, köçe ýüzi üýtgeşik
haşamamlanandy. Ayratynam, onun karnizine, derweze, aýna jaýlaryň
gyralaryna kerpiçden kesilip goýlan nagyşlar aklyňy haýran ediji derejede
nepisdi. Bu nagyşlary ýekeje gezek synlan adamam beýle iş diňe öz käriniň
hakyky ussady bolan kişiniň elinden gelmegi mümkindigine göz ýetirerdi.
Batyp barýan günüň elwan şöhlesine çaýylan bu nagyşlar Mansuryň gözüne
has nepis, has üýtgeşik bolup görünýärdi. “Hywa derwezeli jaý’’ diýip
atlandyrylýan beýle jaýlar soňky wagtda şäherde köpelip ugranam bolsa,
onun göwnüne daýysynyň jaýyna taý gelýäni ýokdy. Mansur derwezeden
girenden, bir burçynda zynjyrlanan ala köpek üýrüp ýerinden galdy. Itiniň
sesine içerden eýwana çykan Halyl Haýdarowiç Mansury görüp
şähdiaçyklyk bilen dillendi.
-Gel, gel Mansur. Görýämiň seýrek gelýaniň üçin itimizem seni
tananok.
Daýy, ýegen tirkeşip, poluna burnuñ gany yaly paýandoz ýazylan giň
dälize girdiler. Bu ýerden otaglara girýän goşa gabsaly, ýalpyldap duran
dubdan ýasalan gapylara gözi duşen Mansur “Iki baş masgala munça otag
98
nama gerekkä” diýip içini gepletdi. Halyl Haýdarowiç ony myhman kabul
edilýän uly otaga alyp girdi. Bu otag kiçiräk zal eývan gornüşindedi. Diwar
ýakasyna hatarlap goýlan, ýüzünde suratyň gornüp duran nemes
garniturynyň reňki pola ýazylan Turkmen halylaryň renki bilen utgaşyp,
gözüň ýagyny iýýärdi. Garşydaky diwarda bolsa Halyl Haýdarowiçiň suraty
çitilen çaklanja haly asylandy. Ony Halyl Haýdarowiç bir topar pul berip,
ýörite dokadypdy. Olar şol halynyň aşagyna goýlan pessejik stolyň
başyndaky ýumşak kürsilerde otyrdylar.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Powestler - 09
  • Büleklär
  • Powestler - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3765
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2139
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3812
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2033
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3814
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2069
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3853
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2056
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3858
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1967
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3784
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3781
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2139
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2158
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3755
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2144
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3829
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2135
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3778
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2026
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3844
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2245
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3781
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2163
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3749
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2275
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3871
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2032
    34.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3827
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1945
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3926
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1887
    34.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1808
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3774
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1826
    34.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3789
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2092
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3790
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2058
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3862
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2044
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3925
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2025
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3779
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3885
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2060
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3863
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2005
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3897
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2117
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3833
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2088
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3965
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1996
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3905
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2128
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3980
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3737
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2022
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Powestler - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 2280
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1354
    36.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.