Latin

Otly Türkmenistana barýar - 09

Süzlärneñ gomumi sanı 3703
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2014
31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
hakydasynda ýaşaýar! Hatda düýşdäki ýaly bolup çala ýadynda galan kakasam
hakydasynda ýaşaýar! Asman garalar, çaň tutar, deňizler bulanar, tolkun tutar, durydury aýnalary kirşen basar, aýna ýaly dury dideler saralar, solar, emma hakydada
mäkäm ornaşan keşpler mydama şol tämizliginde ýaşaýar!
Edil kino gören ýaly, hakyda jan berdigiň bes, olar seniň bilen ýaşap başlar...
Beghan aga köp mürähet etdi, öýe gideli, soňra maşynlyja eltip gelerin diýdi,
Saparmyrat ylalaşmady... Ol «Ulag taparyn, taksi köp» diýdi.
Beghan aga:
– Saparmyrat jan, ejeňe-de, kakaňa-da menden köp dogaýy salam aýt. Adrysymy
berdim, gatnaşaly, inim. Nejis, pis adamlar dessine birek-biregi tapyp jemlenýär. Biz
näme diýip jemlenmeli däl – diýdi. Saparmyrat doganlarça hoşlaşdy.
Saparmyrat ilki şähere – bir mahal aga-ýana bala batyp, ejesiniň mährine
çoýunyp, doganlary bilen basalaşyp, gülşüp, şady-horram bolup ýaşan ýerine bakan
ýöneldi. Wokzaldan daşda-da däl! Ol pyýadalap, eýýäm hakyda deňzine çümüp,
posalajyk, top oky ýaly doganlaryny, keramatdan, keremden, nurdan-muhabbetden
bina bolan ýaly ejesini ýatlap, olary hakydasynda janlandyryp barýar. Şäheriň özüne
mahsus goh-galmagalynam, maşynlaryň sesinem eşidenok.
Ol hakydasynyň içi bilen ýöräp gelýär.
Ol bir müň dokuz ýüz kyrk sekizinji ýylyň içi bilen ýöräp gelýär. Entek
Aşgabadam otyr ozalky ornunda, entek Saparmyratlaryň gije-gündiz şowhuny içine
sygmaýan jaýlary, howlusam ozalky ornunda otyr.
Bir salymdan ol ozalky jaýlarynyň ornuna bardy. Hanha, äpet tut, senuber, erik,
alma, armyt agaçlary. Ol erigi, almany, armydy kakasy ekipdi, ol burçdaky nary
Gurbansoltan bibi ekipdi. Dogry, güller weli ýok, belkem, howlynyň içinden
görünýän däldir. Saparmyrat ökjesine galyp, boýnuny süýndürip seretdi. Gülleriň
ýekeje düýbi galypdyr... Gapydaky krantlary hem başga. Öz öýlerine derek başga bir
jaý salnypdyr.
93
Saparmyrat ýol ugrunda biten uly daragtyň düýbüne baryp, çemedanynyň
üstünde oturyp çilim otlandy. Ol entek çilime ullakan bir göwün berip, öwrenip
baranok, emma şular ýaly ýerde näletsiňmiş derdiňi ýeňledäýýän ýaly...
Saparmyradyň Leningraddaky frontçy, bir aýagy protezli mugallymy bir ýola:
«Ynanmarsyňyz, kä mahal ýok aýagym şeýle bir agyrýar, şeýle bir agyrýar. Sypalap,
owkalajak bolup elimi ýetirsem, proteze degýär. Hawa, Oder derýasynyň boýunda
galan aýagym agraýar» diýeni ýadyna düşdi.
Şol howly bar, öz howlulary bar, emma ol indi başganyň howlusy...
Saparmyrat hakydasynyň owsaryny goýberdi. Bir müň dokuz ýüz kyrk sekizinji
ýylyň tomsy. Nyýazmyrat, Muhammetmyrat üçüsi gapydaky krantyň agzyna şlanga
ötürip, birek-biregiň üstüne suw pürküşýär. Tomsam bolsa, Aşgabadyň Ýanbaşdan
gelýän buz ýaly suwy sowuk, sowuk... Kim eline şlangany alsa, beýlekileri süllümbaý
edýär. Ejesi bolsa, gapydaky eýwanda et dograp, nahar etjek bolup oturyşyna,
ogullarynyň bolup ýörşüne heziller edip gülýär.
Saparmyrat:
– Hany, duruň men size älemgoşar edip görkezeýin... – diýdi.
Doganlarynyň biri:
– Baý-baý, geplediň-ow... Älemgoşar ýazda bolýar, asmanda – diýdi.
Saparmyrat:
– Serediň, suw pürkülýän ýere, göge serediň – diýip, bar güýji bilen şlanganyň
agzyny tutup, ýagyş çisňelän ýaly edip ugrady. Doganlary Saparmyrada ynanýardy.
Rast Saparmyrat älemgoşar edeýin diýse, eder. Saparmyrat hemme zady başarýar
diýip, suwuň pürkülýän ýerine seredip başladylar. Birden olaryň biri:
– Älemgoşar, älemgoşar! – diýip, ganatlaryny kakyp, gülüp hezil etdi-de: – Eje,
eje, gel seretsene, älemgoşar bar! – diýip gygyrdy. Doganlaryň ikinjisem:
– Eý-waý, älemgoşar! – diýip, eljagazyny çarpdy.
Ejesi hem çagalarynyň göwnüni ýykmajak bolup gelip seretdi, dogrudanam,
älemgoşary görüp, Saparmyrada buýsanç bilen seredip:
– Akylyňdan aýlanaýyn, balam! – diýip, başyny ýaýkady. – Edil ýazdaky ýalyda...
Saparmyrat bar güýji bilen krantyň şlangasynyň agzyny gysyp, suw çüwdürýär...
Iki dogany älemgoşaryň hem çisňäp duran ýagşyň astynda hezil edip böküşýär.
Suwuň golaýyna gelen ejesi bir-de älemgoşara, bir-de ogullaryna, bir-de
Saparmyrada seredip, çaga ýaly bolup, owadan ýylgyryp dur. Ol ýylgyryş –
Saparmyradyň kalbyndaky, hakydasyndaky hazyna...
Birden eýmenç «zy-ykk...» edip dowamly ses, ylla gama ýaly bolup,
Saparmyradyň bagryndan boýa-boýuna girip gitdi. Bir pursatda ýer lerzana gelip,
asman çaýkanyp, zemin goduklady. Bir salymyň içinde şadyýan howly gara gum
bolup, daş-kesege öwrüldi. Doganlarynyň horram gülkülerem, ýylgyryp duran ene-de
galdy ýykylan diwarlaryň astynda. Saparmyrat gözlerini ýumdy, birhaýukdan gözüni
açyp, yza gaňrylyp bakanynda, täzeje «Wolganyň» duran ýerinde deňziň tolkuny ýaly
94
leňňer atyp, tolkunyp duranyny gördi. Asyl, onuň hakyda dünýäsini ýumran zat – bat
bilen gelip tormozyna münülen «Wolganyň» sesi bolsa nätjek?
«Zy-ykk..!» Ol eýmenç ses Saparmyradyň bagryna boýa-boý çümüşine, şindem
şol ýerde durdy. Batly tormoz berlip, dänjirelip saklanan maşyndan düşüp gelýän
oglan:
– Ara, nätir sen! Bradan... Leningradskiý paren – diýip, ellerini kelemenlendirip,
gelýän «blatnoý» diýilýän, daşky hereketlerinden geň ýigit däldigi bildirip duran
Altydy. Ara iki-üç ädim galanynda ol Saparmyrady synlap ýetişip:
– Ara, gde leningradskaýa moda... Eşigiň dagy näteňet?.. Ilki göremde seni
«Şelkamatalkanyň» işçisisiň öýdüpdirip, ýolka matalka! – diýip, gelip gujaklajak
bolanda, agzyndan haplap aragyň ysy urup, Saparmyradyň ýüregini bulandyrdy.
Saparmyrat sen ýok, men ýok, urdy onuň edil hykyrtmagyndan penjäni. Hamana,
bürgüdiň penjesi bar-da, sag goly bilen itiberip goýberdi. «Blatnoý» Altynyň ýeňsesi
maşynyň ýokarky gapy erňegine degip, badyna-da tutuş göwresi bilen kabina urlup
girdi. Ol gözlerini elek-çelek edip, dessine maşynyna sümüldi-de, hiç zat diýmän,
maşynynyň duran ýerinde tigirlerini aýlandyryp, yzynda bir bölek tozan galdyryp zut
gitdi. Syrtyna sapan degen ýaly bolup gitdi...
Bir çelek baly bir damja garaýag zaýalaýar...
Bir süpük gelip, onuň ýatlama dünýäsinem ýykyp gitdi...
Saparmyrat seredip dur, seredip dur, öz öýleriniň ornuna haraba ýatyr...
Harabadan tozan göterilip, burum-burum bolup dur...
Bir salymdan tozan-gert, çaň aýrylyp, ýer titremeden soňky gurlan jaý janlandy...
Saparmyrat uludan dem alyp, bir goluna kiçijik owadan çemodanyny alyp, hassa
ýaly yra-dara köçäniň gapdalyndaky ýanýoda düşüp ugrady...
42.
Saparmyrat gara ýoluň gyrasy bilen, öz maýdalyna, niredesiň Gypjak diýip
barýar. Maňlaýyndan çykýan derleri suw bolan elýaglygy bilen sylyp, aram-aram ony
sykýar. Sykylanda elýaglykdan der joralanýar. Ýagyrnysy derläp, köýnegi öl-myžžyk.
Baý-ba, onuň haçanky Aşgabatdan çykyşy... Entegem Gypjak gaty daşda... Ol şu ýoly
nije ýyllap arkasy süýt golçaly geçdi, irden Gypjakdan Aşgabada, soňra Aşgabatdan
Gypjaga... Gijeler halys bolan aýagy syrkyrap, awusyny bagrynda duýardy... Emma
ertesi gara daňdan ýene şol ýoldur, şol ýoldur...
Jokrama yssyda-da şu ýoly söküpdi, gyşyň gazaply garly-gaýly gününde-de...
Ýagyşly-ýagmyrly günde-de şu ýoly söküpdi, ýelli güni hem...
Ol şu ýoly eriş-argaç gatnap, çagalygyny şu ýollarda galdyryp ulalypdy,
taplanypdy, kämil çykypdy...
Türkmeniň ýurdundan çykyp görenler, ýa bolmasa, ýarym aý, bir aý deňziň
ýakasynda kurortda bolanlar türkmeniň howasyna at dakyp, gaty yssydan, epgekden,
jöwzadan zeýrenen borlar. Saparmyrat bu yssynyň, jöwzanyň mazmunyna
Leningradda bolýan ýyllary göz ýetirdi.
95
Leningradlylar, moskwalylar garpyza şeker sepip iýýär, özem biziň garpyzlar
ýaly çym gyzylam däldir.
Biziň garpyzlara bir bak, çym-gyzyl, edil ojaryň gyzyl-gyzyl közleri ýaly...
Hatda, gor agzyňy bişirer öýdüp, howatyr edýärsiň. Elbetde, türkmen garpyzy
süýjüligi bilen agzyňy bişirýär. Gor ýaly garpyzy iýdigiň, ýüregiňi buz ýaly edýär.
Ynha, oňa türkmen topragynyň tagamy diýler – diýip, Saparmyrat içinden pikir
öwrülýär. Ýa bolmasa, gatyrak gygyrsaň sapagynda ýarylyp duran Waharman
gawuny synla! Pyçak degip-degmänkä, tarlap ýarylyp barýandyr. Iýersiň, ganyp
bilmän iýersiň, gawunyň baldan zyýada gylawy dodaklaryňy ýara edäýer ýöne...
Ynha, oňa türkmen topragynyň, türkmen howasynyň gudraty diýerler...
Bahar paslynyň ýaşyl maýsasyny, ýalyn ýaly bolup parlap açylan gyzyl güllerini
nämä deňärsiň!.. Olaryň ysy göni beýniňe urup, akylyňy çaşyraýar ýöne!..
Ynha, türkmen topragynyň gudraty! – diýip, Saparmyrat öz-özi bilen gepleşip
barýar.
Käbir halk akýagyz, käbir halk garaýagyz bolýar. Allatagala türkmen halkyna
bar bolan ýedi hazynasynyň ilkinjisiniň – bugdaýyň reňkini eçilipdir. Käbir halka
açyklyk ýetenok. Şeýle bolansoň, şol halkyň owadan gelin-gyzlary has hem owadan
görünmek üçin reňk çalynýarlar. Reňk olaryň owadanlygyny, hakykatdan-da,
artdyrýar. Ýöne biziň gelin-gyzlarymyzyň ýüzüne hiç hili reňk gerek däl. Allatagala
türkmen gelin-gyzlaryna tebigy gözellik beripdir.
Biziň gelin-gyzlarymyzyň ýaňaklaryna reňk çalynmagynyň geregi ýok.
Allatagala türkmen gelin-gyzlarynyň ýaňaklaryna şeýle bir narynç reňk
çaýypdyr, ol narynç lowurdyly ýaňaklar göreni bihuş edýär.
Biziň gelin-gyzlarymyzyň dodaklaryna reňk çalynmagyň zerurlygy ýok.
Allatagala türkmen gelin-gyzlarynyň pisse dodaklaryna köz deýin reňk beripdir,
ol jadyly dodaklardan nazaryňy aýryp bolanok.
Biziň gelin-gyzlarymyzyň jadyly gözlerine sürme çalmagyň zerurlygy ýok.
Allatagala türkmen gelin-gyzlaryna şeýle bir sürme galam-gaş beripdir. Ol sürme
galam-gaşlaryň öňünde garry bolubam, ýaş bolubam durar ýaly däl, olar bigüman
ýesir alýarlar. Ol galam-gaşlar türkmen ýigitlerini Perhat deýin daglary, daşlary
ýumurmaga galkyndyrýar.
Allatagalanyň şeýle yhlasyndan soň reňk çalynmak, gaş bejerjek bolup göz
çykarmak bolýar.
Sen türkmen gelin-gyzlarynyň owsun atýan şamar saçlaryny bir aýtsana. Ol
saçlar ýüzüňe galtaşsa, Allatagalanyň türkmen edip ýaradandygyna müňde bir razy
bolýarsyň.
Eýsem Allatagalanyň göze görünýän-u-görünmeýän şeýle gudratlary türkmen
topragynda azmy?
Ýazyjylar, şahyrlar, nesip bolsa, ol gudratlar hakda entek-entekler kän-kän
eserler ýazarlar...
Aram-aram deňesinden maşyn geçýär...
96
Hanha bir «Pobeda» maşynly kişi ýoldan geçip barýar. Birden ol togtady. Soňam
yzlaýyn gelip, Saparmyradyň deňesinde saklandy. Saparmyrat ruluň başyndaky kişini
tanamady, asla gören jemendesinden däl, emma tanaýan ýaly ýürekden salam berdi:
Sürüji:
– Bir tanyş ýöreýiş, gözüme gaty yssy ýöreýiş, içimdenem, Alla jan, kimiň
ýöreýşikä diýýän... Ahyry ýadyma düşdi... – Ol maşyndan çykyp: – Eger-eger
ýalňyşandyryn öýdemok! Hany, maňa seret! – diýip, ýylgyryp dur.
Saparmyrat oňa siňe-siňe seredýär, hakydasyny edil jübüsini dören ýaly dörýär,
ýok, gören adamy däl. Bir mylakatly türkmen, bolany!..
– Sen Atamyradyň oglusyň, ýalan diýseň, walla, onda meniň işimiň gaýdyp
ýördügi. – Ol Saparmyradyň baş atanyny gören badyna, iki goluny giňden açyp
gujaklady. Bagryna basyp, sypdyrman köp durdy. Aram-aram sag goly bilen
Saparmyradyň öl-myžžyk arkasyna kakýar. – Seniň kakaň bilen bileje okadym,
bileje...
Ol Saparmyrady gepletmän maşyna mündürdi, asyl-asyl ol Saparmyrady
diňlejegem bolanok. Emma, bada-bat ýola düşübermän, oturan ýerinden Saparmyrady
synlaýar. Saparmyrat kellesi ýylçyr pyýadanyň ýüzüne seredip, içinden oýlandy. Hut
kakam munuň bilen şeýdip gujaklaşandyr, şeýdip didarlaşandyr diýip, öz ornuna
kakasyny göz öňüne getirjek boldy.
– Inim, kakaň Atamyrat adamyň jany ýalydy. Töwekgel, edil ýöne ot ýalydy...
Atamyrat urşa gidipdir diýenlerinde başymy ýaýkanym ýadyma düşýär. Pikir etmejek
hem bolsam, şonda ýaramaz pikir edipdim... Onuň ýaly töwekgel ýigitleriň urşy
bolmady ol nejis uruş... Adyň näme, inim?
Saparmyrat adyny aýtdy.
– Saparmyrat jan, erbet zamana boldy, gaty erbet zamana... Türkmen soňky bir
asyrda gören bedibagtlyklaryny ozal dört-bäş asyrda-da gören däldir. Apat yzyna apat
bolaýdy ýöne...
Soňra ol Saparmyradyň nirede okaýandygyny, nirä barýandygyny soraşdyryp
başlady.
– Kakaňa çeken bolsaň, zirek akyllysyň, zehinlisiň sen! Leningradda okap
bilersiň. Kakaň uçursyz zehinlidi, uçursyz...
«Pobeda» maşynly adam adynyň Ýagşymyratdygyny, Oba hojalyk institutynda
sapak berýändigini, Aşgabatda ýaşaýandygyny aýdyp, öýüniň salgysyny berdi.
– Gypjaga barýarmyň? – diýip, ol sorag berdi. – Dogry edýärsiň, «Bir gün duza
müň gün salam» diýlendir. Ýör, men elterin barjak ýeriňe...
Ol maşynyny otlap, ýola düşdi. Saparmyrat bahana agtarýardy, nädip bu ýagşy
kişini ynjytman ýolda düşüp galmaly. Ol Gypjakdan öňürti hökman, hökman ejesiniň
ýanyna barmaly ahyry...
Maşyn assa barýardy. Ýagşymyrat aga birden sag goluny buduna urup, hamana
gaty bir ähmiýetli zady unudan ýaly, maşyny ýoldan sowup çagyl düşelen ýerde
saklady. – Sen suwsansyň ahyry, Aşgabatdan gaýdan bolsaň?! – diýip, ol aralykda
97
duran hytaý termosynyň gapagyny açyp, saplyja hytaý farforyndan edilen kürüşgä çaý
guýup, Saparmyrada uzatdy:
– Al, Saparmyrat jan, türkmeniň tomsunda ýa çal, ýa çaý diýendirler! Al, iç,
ýolda suwsansyň... Bi yssy demri gaýnadyp barýar. Al, birki käse iç, menem maşyny
sowadaýyn, assa sürseň gyzýar, menem gaty sürjek adam däl.
Ol maşyndan düşüp, kapotyny açmaga gitdi, şol ýerde-de esli güýmendi.
Saparmyrat bu ýagşy adamdan sypmaga bahana agtarýardy, emma barybir,
bahana tapyp bilmeýärdi. Ahyry gönüsini aýdyp, Ymam Kasym öwlüýäsiniň
deňesinde düşüp, ejesini görjekdigini aýtmagy karar edindi.
Ýagşymyrat maşyna girdi:
– Her ýeriň derdiniň dermany şol ýerdedir, Saparmyradym. Görmeýärmiň, çaý
nirede bitýär? Dünýäniň yssy ýurtlary Hindistanda, Seýlonda, Hytaýda... Çal berýän
düýeler nirede watan tutupdyrlar? Arabystanda, Türkmenistanda, Owganystanda.
Ýokardaky bu zatlaryň ählisini ýedi ölçäp, bir kesip goýandyr – diýip, ol özüne-de
çaý guýundy. – Men saňa bir gürrüňem aýdyp bereýin. Bir goja türkmen Gara
deňzinde Orsýetden gelen general bilen bir jaýda dynç alypdyr. Näme, Gara deňziniň
boýunda-da käte yssy bolýar-a. Şol yssyda general aldygyna ýahdanda goýan buz ýaly
suwundan içýärmiş, goja kişi bolsa, çaý. Şonda general:
– Aksakal, gündogarlylar dana diýýärler, sen şu yssyda sowukäsuw
içmelidiginem bilmeýärsiň... Şu yssyda çaý bolarmy? Sowujak suw iç – diýipdir.
– Hökümet seni gaty köp okatsa-da, general etse-de, danalyk berip bilmändir –
diýip, goja-da onuň bilen degşipdir. Soňra ol bir stakan generalyň suwundan, bir
stakanam öz çaýyndan daşaryk çykaryp, günüň aşagynda goýupdyr. On bäş-ýigrimi
minut geçeninden soň, ol generaly daşa alyp çykyp:
– Hany, ikisindenem dadyp gör! – diýýär.
General dadyp görse, özüniň suwy-ha gan ýaly bolupdyr, içer ýaly dälmiş.
Gojanyň çaýly stakany bolsa buz ýaly bolupdyr.
– Görýärmiň, seniň içýän buz ýaly suwuň içiňde dessine gan ýaly gyzgyn suwa
öwrülýär, meniňki bolsa, buza – diýipdir. General:
– Da! Sen mamla!.. Ynha, Gündogaryň akyl-paýhasy – diýip, geň galypdyr.
Olar çaýy gyzykly gürrüňe ýanap içdiler. Ýagşymyrat ýola düşdi. Maşyn barýar,
gaty gitmese-de, pyýada ýaly däl... Ýol aldygyça, Saparmyradyň ýüregi gürsüldäp,
atygsap, gozgalaň tapýar.
Ol mähriban ejesi bilen duşuşmaly!
Ol bu duşuşyga tutuş iki ýyl garaşdy ahyryn! Tutuş iki ýyl!
Maşyn Ymam Kasym jan gonamçylygyna golaýlady. Ýagşymyrat gürrüňine
dyngy berip, biraz dymyp, Saparmyradyň ýüzüne dykgat bilen garady:
– Saparmyrat jan, ejeňiň ýanyna baryp aýat okaýaly...
– Ýagşymyrat kaka, men şonuň üçin ýörite geldim.
– Gaty gowy edýäň, inim. Adam pakyr gapyl, nadan, mahluk bolýar. Rast, adam
öldümi, ol gaýry bir dünýä gidendir öýdülýär... Ýok, öten-geçen bendeleriň gidýän
ýeri ýok. Olar ýagty jahanda doganyny-dostuny, ogluny-gyzyny, kowum98
garyndaşyny, ilen-çalanyny goýup, sowuk älemiň niresine gitsin! Olar bilen arada bir
perde bar, biz olary görmeýäris, olar bolsa bizi görýär, biziň üçin agtarýar, ynjaýar,
begenýär, buýsanýar... Ähli gudrat şol perdäniň aňyrsynda...
Ol maşynyny saklady. Yzky sandygyndan suwly mytara çykaryp, el ýuwmagy
ündedi, Saparmyrat onuň goluna akydyp berdi, ol Saparmyradyň eline.
Ýagşymyrat öňe düşdi. Saparmyrat şonda eýýäm onuň maşyndan başgap alyp,
başyna geýendigini aňşyrdy, olam säginip, kiçijik çemodanjagazyny çep aýagynyň
dyzynyň üstüne goýup, içinden papagyny alyp başyna geýdi. Yzyna dönen
Ýagşymyrat hoş boldy:
– Berekella, başgabyňam bar ekeni! Könelerimiziň eden işleriniň, edimgylymlarynyň yrýasy bolmaz.
Olar iki tirkeş bolup, gonamçylyga girip gitdiler.
Ýagşymyrat örän belet ýaly bolup barýardy.
Olar gonamçylygyň gyrasynda oturyp, öwlüýä üçin aýat okadylar. Soňra ýene
Ýagşymyrat öňe düşdi, az salymdan togtady.
– Ejeň, Gurbansoltan pakyr şu ýerde bolmaly öz-ä...
Saparmyrat ejesiniň guburynyň ýanyna baryp, dyzyna çökdi.
Ýagşymyrat owazlandyryp aýat okady.
– Saparmyrat jan, sen galjaksyň, aýtmasaňam bilýän. Galaý, begim, galaý...
Hanha, biziňkilerem ýatyr. Ýör, olara-da bir degsin edeli... Ýaşulular-a:
«Gonamçylygyň başynda oturyp okalan aýat hemmesine-de bolýandyr» diýýärler,
garaz, munça gelipdiris – diýip, ol bäş-alty ädim aňry ýanyndaky ullakan mazaryň
başyna çöküp, ýene aýat okady. Saparmyrat el galdyrdy.
– Ynha, Saparmyrat jan, şu syrgyn bolup ýatan on iki sany gubur, bir
hojalykdan... Altysy süýtdeş doganym, oglandy, ikisi gyz jigim, ejem-kakam pakyr,
gelnejelerim... – diýip, Saparmyradyň egnine goluny goýdy.
Ýagşymyrat maşynyna tarap gitdi.
Saparmyrat ejesiniň guburynyň başyna geldi. Ol tutuş göwresiniň hasratdan,
yzadan, dertden doldurylyp, dyňzap durandygyny duýdy.
– Eje, salawmaleýkim!..
Eje jan, men geldim... Saparmyrat ogluň men, eje, Saparmyrat ogluň geldi!..
Ýalňyz galan ogluň geldi, eje jan!
Eje, ruhuň bimaza bolmasyn, meniň ýagdaýym allanäme! Okuwym gowy,
geýim-gejimim bitin...
Göwnüme degýän ýok! Sen bilýärsiň ahyry, seniň göwnüne degdirjek ogluňam
ýok!..
Saparmyrat hyýalynda däl, hakykatdan ejesiniň alnyna gelen ýaly, onuň bilen
gürrüň edip oturdy. Diri adam bilen gürrüň eden ýaly. Haýran galmaly ýeri, ejesi hem
onuň söhbedine edil diri adam ýaly gatnaşýardy.
– Eje, kakamyň dostuny tapdym. Hut kakamyň dosty! Kakam ony ölümden halas
edipdir. Zwýaginsew Iwan Semýonowiç bolsa, ony ölümden halas edip bilmändir!..
99
Saparmyrat ejesi bilen, eziz käbesi bilen gürrüň edýärdi. Bu mahal, daşyndan
garasaň, hökman ýaş ýigidiň akylyna zeper ýetendir öýdüp güman etjekdiň. Ol ejesine
gürrüň berip oturyşyna, arasynda myssa ýylgyrýardy, bir öwrümde bolsa, gözleriniň
okarasyny dolduryp, gara gözlerini ajy ýaş bilen pürepürläp, bozulýardy.
– Eje, edil şu ýer Seniň – doganlarymyň gubury – meniň Käbäm, meniň
Mekgäm, Medinäm. Edil şu ýere gelip, size sežde eden pursadym kalbym ynjalýar,
gözümiň gubary, göwnümiň dumany, gam-gussasy edil el bilen syrylyp aýrylan ýaly
bolýar...
...Saparmyrat gözlerine ynanmady. Üstüni ot-çöp basan garyp ene mazaryny
gujaklap, sekiz ýaşlyja oglanjyk hunybirýan aglap ýatyrdy. Guburyň başujunda tikilen
gulaç boýy agajyň gabygy gurap, garört bolup towlanypdyr. Onuň depesine daňlan
mata bölegi – elem-tas, ýeliň-ýagmyryň, günüň derdinden solup, sal-sal bolupdyr.
Saparmyrat ony sal-sal bolan jigerine meňzetdi. Gapdalynda bolsa, hamana
düňderilen sallançagyň aşagynda galan çagajyklar ýaly, iki doganynyň gubury
ýanaşypjyk ýatyr!..
Oglanjyk bagryny paralap, hunybirýan aglaýardy. Eger asmanda ýürek diýilýän
zat bar bolsa, ol ýürek çydamaly däldi, eger zeminde ýürek diýilýän zat bar bolsa,
zemin çydamaly däldi. Saparmyrat oglanjygyň zar-zelil sesiniň bagryna, ýüregine
sanjylyp-sanjylyp gidýändigini duýdy. Oglanjygyň gözlerinden syçraýan ýaş, ýaş
däldi, gyrmyzy gandy. Gubruň üstem, töweregem gara-gan bolup ýatyr... Oglanjyk
göýä guburdan çykarylyp zyňlan ýürek ýaly, durşy bilen saňňyldap, durşy bilen
sandyrap, möňňürip-möňňürip aglaýardy. Ol hamana ejesiniň golundan zor bilen
sogrulyp alnyp, daşa zyňlan çagajyk ýalydy...
Saparmyradyň beýnisinde bir pikir wulkan ýaly oýanyp, ýer-u-asman, töwerekdaş yranyp gitdi: «Haý, Görogly, Görogly, sen ejeňiň gujagyndan, sowuk guburdan
horluklaryň, harlyklaryň, yzadyr jebri-jepanyň dünýäsine çykdyň, ynha ol çagajyk
bolsa bu şum dünýäni terk edip ene gujagyna, ene gursagyna – ol dünýä gitjek bolup
çabalanýar!»
Saparmyrat uzyn düşüp ýatan ene gubruna, onuň başujundaky jüründigi döwük
çäýnege seretdi. Ol ejesiniň köp ýyllar çaý içen çäýnejigini tanady. Hanha, gapdalda
ýanaşypjyk ýatan doganlarynyň gubrunda ejesiniňki ýaly reňki solgun gyzyl mata dälde, akja matalar persala bolup yranýar. Ol guburlaryň başujunda doganlarynyň oýnap
ýadamadyk aşyklaryny gum-çaň basyp gidipdir. Saparmyrat guburlary gujaklap, barbar bagyryp ýatan egni köne biýz köýneklije, ýama-ýama jalbarlyja, aýagy çaryklyja
oglanjyga seredip, mundan artyk çydap bilmejekdigini duýdy. Oglanjyk hunybirýan
aglap, çabalanýardy, ol göýä derýadan çykarylyp, gyzgyn taba atylan balyk ýaly
urunýardy, ol göýä ýeňsesinden tutulyp, suwa gark edilip durlan çagajyk kibi
çabalanyp urunýardy.
Töwerek-daşda ýatan guburlar çaga agysyna çydaman müňňüldeşip, herekete
gelip başlady. Gabyrlaryň başujundaky älemler ysgynsyz gol ýaly taşlanan ol
dünýäniň ýüregi ýalydy. Hamana, ýüregi sogrulyp taşlanan gabrystan, jan berjek
bolup aýagyny kakyp ýatan ýalydy...
100
Saparmyradyň bogazyna topaz ýaly agy hykga doldy, gözlerine ganly ýaş gelip
gabrystanam, tutuş dünýäde ajy ýaşa gark bolup başlady. Guburlar gözýaş deňzinde
gark bolmajak bolup, ýüzüp başlan sansyz sallar ýaly, herekete gelýärdi...
«Bolsa-da, mert bol! Ýaşamaly! Gaýrat et!..»
Dünýäden dünýä ýaly, ene gider-de, nämäniň hatyrasyna ýaşamaly! Her sözünde
«Iýeni haram bolan, bar dowarlary bakyp gel!»... diýip duranyň malyny bakmak üçin
ýaşamalymy!..»
«Saparmyrat jan, sen gerçek kakadan, käbe eneden, eziz doganlardan galan tug!
Sen başyňy egseň, tutuş Agöýliniň tohumy başyny eger, sen gam-gussadan saralyp
ölseň, tutuş Agöýliniň tohumy tükener!..»
«Onuň dogry. Emma bu hasrat maňa göterderden, meniň gursagyma ýerleşerden
agyr, bu gussa men boýlardan çuň, bu ýitgiler maňa tapdyrardan köp!..»
Birden oglanjyk Saparmyradyň ýüzüne siňe-siňe seretdi, hamana alnynda
Saparmyrat däl-de, başga biri duran ýaly seretdi, soňam kine bilen:
«Sen şäherden nähili bolup geläýipsiň? Men seni tanamajak bolýaryn... Sen
meniň ýanymda oturyp aglaşmaga derek, menem köşeşdirjek bolýarsyň... Ejemi,
günden nurana, aýdan ary ejemi işe dözmeýärdim, ähli işi özüm edäýjek bolup
ylgaýardym... Şol eje gara guma garylyp ýatyrka, neneň aglaman bilersiň!.. Otur,
bileje aglaly... Dünýäniň ähli eşretinden «Ejem jan» diýip, bagryňy paralap aglanyň
eziz... Ejem bilen, eziz ejem bilen, kakam bilen, doganlarym bilen baglap duran zat
diňe agy... Diňe agy!..»
Saparmyrat Saparmyratjyga mähirli nazar bilen garap, onuň başyny sypady:
«Sen azajyk köşeş, men ejeme doga okaýyn...»
«Sen doga oka, onýança menem azajyk aglaýyn, ýüregim gursagyma syganok!»
Saparmyrat edil ýaşulularyň oturyşy ýaly çöküne düşüp oturyp, daşyndan doga
okap ugrady. Onuň dogasy hamana agydan ýasalan ýaly bolup, Saparmyratjygyň
agysynyň bendini ýykyp goýberdi: tutuş gonamçylyk jana gelip, guburlar
müňňüldeşip ýeriň daşyna çykmak isleýän ýalydy. Mazarlaryň başujundaky älemler
pasyrdap, perwaz urup başlady. Saparmyrat dogasyny okap bolup:
«Köşeşsene, sen aglasaň men hem çydap bilemok...» diýdi.
Saparmyratjyk oňa haýran galyp bakdy:
«Men nädip, nädip köşeşeýin, haçan-da gahba pelek meniň bagrymdan hanjar
urup, ýüregimi persala edip durka! Men nädip, nädip köşeşerin, haçan-da hijran meniň
bagrymy mynçgalap, mynçgalap, gyrmyzy ganymy saçdyryp durka? Men nädip,
nädip köşeşerin, haçan-da meniň gursagymda ullakan ýangyn turup, ody agzymdan
çykyp durka!.. Gel, meni köşeşdirjek bolma-da, eziz gubury gujaklap agla... Sen entek
bu agyda nähili lezzet bardygyny hem bileňok...»
«Saparmyrat jan, eger aglanyň bilen, gözýaş saçanyň bilen ejeňe jan berip bolýan
bolsady, bir zaman jan bererdiň!»
Oglanjyk Jelaleddiniň oglunyň gursagyndan hanjar urlup, çykarylan ýüregi ýaly
bolup dumly-duşa gyzyl ganyny syçradýardy... Gyzyl ganlar, gyrmyzy ganlar göýä
oduň uçgunlary ýaly bolup, dünýäni otlap başlady... Oglanjygyň zaryndan ejiz sesi
101
hamana ýyldyrymyň alawy ýaly Saparmyradyň ýüregine, bagryna sanjylyp, urlup,
towlanyp janyny alyp barýardy. Saparmyradyň gözüne oglanjygyň agysy görnüp dur:
«Eý, pelek, zalym pelek, ejemden, kakamdan, doganlarymdan jyda salar ýaly
Seniň alnyňda meniň näme günäm bar? Ejemiň, doganlarymyň, kakamyň
ýaşadylmadyk dünýäsinde meniň hem ýaşasym gelenok... Eý, dünýä, sen maňa jogap
ber!.. Eý, Alla, ýerde-gökde bar bolsaň, ýekeje haýyşymy bitir, ganlar aglap
ýalbarýaryn. Men saňa ejemi, kakamy, doganlarymy direlt diýip ýalbaramok, olary
direltmeseň, meni Olaryň ýanyna al diýip ýalbarýaryn! Kakasyz ýetim, ejesiz ýesir,
dogansyz ýalňyz goýan dünýäňde meň ýaşasym gelenok!.. Bu ýowuz aýralyk maňa
göterdenok, Alla!.. Ejemiň, kakamyň, doganlarymyň ýaşadylmadyk dünýäsinde
meniň körüm ýok!.. Bar bolsaň, ýa olara jan ber, ýa meniňem janymy al, Alla!..»
Saparmyrat eglip oglanjygy gujagyna göterdi, ol oglanjygy däl-de, ylla bir gujak
ot-ýalny göteren ýaly boldy, gujagyndan dumly-duşa uçgun, ýalyn syçrady!
«Saparmyrat jan, Saparmyrat jan, köşeş ahyry, köşeş! Sen aglasaň, men hem
bozulýan! Seniň agyň meniň bogazyma dykylyp, dem alyp bilemok!..»
«Dem aljak bolup nätjek?!.. Ejeň ýok, näme diýip ýaşajak?! Kakaň ýok, näme
diýip ýaşajak?! Dogan ýok, näme diýip ýaşajak?!..»
«Köşeş, Saparmyrat jan, öleniň yzynda ölüp bolmaýar!..»
«Öleniň yzynda ýaşap hem bolmaýar! Ýaşap bolmaýar! Hany, töweregiňe bir
gara, ne dogan bar, ne gardaş, ne barmaga gapy bar... Biziň iň ezizlerimiz, ynha, şu
guburlaryň astynda ýatyr...»
«Belki, kakam geler! Geler, «Ölme-de, ýit» diýlendir!.. Kakam bir ýerlerde
bardyr, diridir... diridir! Ejem «Kakaňyz geler, diridir» diýmeýärmidi?»
«Kakam gelmez! Gelmez!.. Ondan gara hat geldi, ejem ony menden bukup,
Gurhanyň içinde goýupdyr... Okap gördüm... Bäş ýaşymda nireden hat öwrendim
diý!.. Bäş ýaşymda hat öwrenip, okap görenim kakamyň öldi habary boldy!..»
«Beýdip elden-aýakdan düşüp, çabalanyp aglap ýatanyňy ýat-ýakyn görse, ilençalan görse, dost-duşman görse, näme diýer? Atamyradyň ogly merdem däl eken
diýmezlermi?..»
«Il «Goý, aglasyn, degmäň, aglasyn» diýer... «Onuň kakasy aglanyňa degýän
beýik kakady» diýer!..»
«Bolsa-da, ýagşy däl, beýdip möňňürip ýatanyňy dost-duşman görmesin!..»
«Dünýäde ýalňyz galanyň dostam bolmaz, duşmanam!.. Käbäm ejemiň bir
ýylgyryşy bütin ömrüňi aglap geçireniňe degýär ahyry!..
Bar, aglap bilmeýän bolsaň, gidiber! Seni saklaýan ýok, gidiber şu gabyrlardan
başga janyňa eziz ýer tapsaň... Meniň geçmişim, ak guş ýaly ganat geren çagalygym,
tutuş dünýäm, eziz ejem, doganlarym şu gubruň astynda, şu ýerden başga gidere
ýerim ýok...»
«Hawa, meniň hem gursagymda jaýymyz, şäherimiz haraba bolup ýatyr. Ýatyr,
gursagymda giden harabaçylyk ot alyp ýatyr!.. Emma aglap bilemok...»
Saparmyratjyk Saparmyrada çiňerildi. «Sen meni aldajak bolýarsyň, seret seniň
iki gözüňde ganly ýaş balkyldap dur ahyry, sen ýöne meni köşeşdirjek bolýarsyň».
102
Saparmyrat Saparmyratjygyň başyny sypalady, gollary gan boldy:
«Men aglap-aglap agymy tüketdim...»
«Galat aýdýarsyň, mähriban eje gitdi, dag ýaly kaka gitdi, ol agyny bir ömürde
aglap tükedip bolmaz! Ömür tükener, emma bu agy tükenmez!.. Gel, oturyp bileje
aglaly... Meniň ejem kepene däl-de, ot-ýalna çolanyp gitdi. Aglap-aglap onuň
ýangynyny öçürmesem, menden ogul bolarmy?»
«Bolýar, aglaly, emma sessizje aglaly, öten bar, geçen bar!..»
«Saparmyrat, sen sessizje aglaber, men bolsa hunybirýan aglamasam, gursagym
ýarylyp barýar...»
Saparmyrat sessiz aglady, Saparmyratjyk çabalanyp, ses edip aglady. Ymam
Kasym jan öwlüýäsiniň bolsa guburlary jana gelip, Saparmyratjygyň agysyna
çydaman, endiräp başlady...
Gün iňrik ýerine barypdyr. Saparmyrat myžžyk bolan ýaglygyny sykyp, ýene
gözýaşyny süpürdi:
«Tur, Saparmyrat jan, gideli. Gün batyp barýar... Häzir agşam düşer, ölen
bendeleriň ruhy uçup, göründen çykyp başlar... Ejem janyň ruhuny ynjytmaly»
«Biziň Günümiz mundan on iki ýyl öň ýaşdy... Sen gidiber, gidere ýeriň bar
bolsa, sen gidiber, barara gapyň bar bolsa... Men şunda galjak... Meniň gidere ýerim
ýok...»
«Hasrat tükenmeýär, güýç tükenýär, gözýaş tükenmeýär, ystyhanda nem
tükenýär... Men gitmeli, kynam bolsa gitmeli, barara gapy ýok hem bolsa gitmeli, sen
galyber... Bolýarmy?»
Saparmyratjyk Saparmyradyň ýüzüne seretdi, oňa gyýyldy:
«Bolýar, sen gidiber, hoş!»
«Men ertir ýene gelerin... Maňa garaş!..»
«Bolýar, garaşaryn! Meniň gitjek ýerim ýok!.. Sag gidip, aman gel!..»
Saparmyrat bilen Saparmyratjyk birek-birege seredip, gözlerini ýaşdan
pürepürläp, köp wagt durdular. Birden olar birek-biregi bagra basyp möňňürip
aglaşdylar. Saparmyrat özüne zor salyp, gaty-gaty ýöräp gabrystandan çykdy...
43.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Otly Türkmenistana barýar - 10
  • Büleklär
  • Otly Türkmenistana barýar - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2060
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2109
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3791
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2177
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2054
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3661
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2118
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2036
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2018
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3746
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3703
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2014
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3797
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    34.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3709
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.