Latin

Otly Türkmenistana barýar - 08

Süzlärneñ gomumi sanı 3746
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Onuň ynjalykdan gaçýanyny bilen Saparmyrat:
– Häzir geler, tüýs maşgalaçy ýigit. Tüweleme! Aýal doganyna eje diýip, öz
ejesinden beter sylaýar – diýdi.
81
Aşyr gelmedi, onuň deregine garaşylmaýan bela geldi. Üç sany daýaw ýigit
gelip, bufetde dik durma içdiler, özem gyraňly stakany dolduryp, pürepürläp. Bir
çilim çekişlik edip, ýaňadan ýene gaýtaladylar.
Olaryň nähilidir bir hyrşy bardy, gözlerini çenäp, bahana araýardylar. Gylyçly
gaňrylyp olara garady, ine, şolam bahana boldy. Gylyçly ak silkme telpeklidi, egni
penjeklidi, gyrmyzy don bolsa stuluň arkaýaplangyjyna atylandy. Gylyçlynyň başga
geýimi ýokdy, ony Moskwanyň eteginde bir ýerde kino surata düşüriji topar zordan
otla ýetişdirip, myhmanhanadaky geýim-gejimlerini, çemedanyny ýoldaşlary özümiz
alyp bararys diýipdirler. Gylyçly samolýotda uçup bilmeýärdi, ýüregi kemlidi, emma
bu ýerde ony özünden başga bilýän ýokdy.
«Belomorkanal» papirosyny tütedip duran läheň pyýadalaryň biri Gylyçla habar
gatyp, «meýlini» duýdurdy.
– Heý, goýun hamyndan çykan, nämä jikjerýäň?
Olar epeý-epeý basyp Batyr Gaýly daga tarap ýöneldi. Saparmyrat dessine
ýerinden galyp, göz-görnetin boljak urşuň öňüni almak isledi, emma Batyr Gaýly:
– Saparmyrat jan, bulara höre-köşe etdigiň, köpürjäp bolmajysy bolar! Otur,
inim, bulary sowmaga men ökde!
Batyr Gaýly buz üstünden tozan arap duran läheň pyýada:
– Bratan, belkem oturarsyň, belkem, bile içeris! Ýogsa-da, garaş, häzir stansiýa
geler, Alynyň ala meýdany bolar!..
– Biziň bilen çykjakmyş!.. Heý, nadan, kim sen? – diýip, ol süýem barmagyny
Batyr Gaýlynyň gözüne dürtäýjek boldy. Gylyçly:
– Ýigitler, biz size azar beremzok, baş üstüne, sizem azar bermejek boluň! –
diýip, töwella etdi. Bu hem olaryň oduny gorjady. Epeý kişi ýoldaşyna:
– Görýämiň, züwwetdin adamlar syýasata ökde bolýar... Eý, haýwan, sen bize
näme azar berjek!
Gylyçly Batyryň, soňra Saparmyradyň ýüzüne garap, ykjam boluň, hüşgär duruň
diýen manyny aňdyrdy. Batyr Gaýly bolsa oturyşyny butnatman:
– Ýigitler, men şindi sagat! Men sagat kelle bilen uruşmaýaryn! – diýdi.
– Bujagaz adama meňzeş ýabany bize haýbatam atýar-ow!..
Batyr Gaýly telpegini çykardy, onuň çapym-çapym şüdügär ýaly kellesini gören
epeýleriň birneme howy basyldy, ýöne içilen araklar hem bir ýerden çykmaly ahyry!
– Şundan owarra boluň! – diýip, Batyr Gaýly şampan çüýşesini alyp öz
gulaktozuna doňdurdy. Çüýşe pytrap gitdi, uruşmak isleýänleriň gözleri höwlendi,
ýöne ýene arak aňdan üstün çykdy! – Ýigitler, öz aýagyňyz bilen gidip bilýän
çagyňyz, göteriliň şundan! – diýip, ýene bir boş çüýşäni alyp, kellesine urdy. Öz
kellesinde çüýşe ýaryp oturan kişi olary birneme haýykdyrdy, ýöne bu mahal Batyr
Gaýlynyň jyny jürdekden çykypdy. Ol ýyldyrym çaltlygynda gapdalynda abanyp
duran epeýiň ýakasyndan ebşitläp, wagona iki ýola doňdurdy, urulýanyň gohgalmagaly wagonyň depesaçyny üşertdi. Üçünji ýola Batyr Gaýly ony wagonyň
demrine urup durman, bat bilen aýna gülçüldedip goýberdi. Epeý pyýada ala-gykylyk
bolup wagon-restoranyň aýnasyny döwüp atylyp gitdi, emma, diýseň çalasyn
82
Saparmyrat, uçup barýan pyýadanyň injiginden tutup ýetişipdi. Eline ileni
sypdyrmaýan Saparmyrat bar güýji bilen dartyp, göwresi aňyrda sallanyp ýatan
pyýadany çekdi. Bu mahal Gylyçly öz üstüne abanyp durany doňdurdy, ol serlip gitdi.
Batyr Gaýlynyň küdüň ýaly ýumrugyny iýen üçünji ýykylyp-sürşüp wagondan çykyp
gaçdy... Onuň yzyndan Gylyçly kowup gitdi.
– Saparmyrat jan, goýber, durmuşyň zyňyndysy ol, gitsin!..
Emma Saparmyrat Batyr Gaýlynyň diýenini etmedi, hyrşlak pyýadany ajalyň
agzyndan sogrup alyp, gapdalynda oturtdy, onuň ýüzünden-gözünden gan syrygýardy,
gorkusyna ses-seda çykaryp bilmän, buga ýaly bolup oturan Batyr Gaýla seredip,
gypjynyp otyrdy.
Batyr Gaýly ýaňadan boş çüýşäni goluna aldy, kellesini öňe somlap gypjyngypjyn bolup oturana:
– Gorkma, men heleý ýaly tisginip oturany urmaýaryn! – diýdi. – Seret, seret! –
Ol kellesini onuň alkymyna eltip: – Deýýus, süpük, heý, seniň tagmaň barmy?
Batyr Gaýly boş çüýşäni ýene kellesine urup döwdi. Epeý pyýada öz kellesine
urlandan beter hopukdy. Wagondaky adamlar hümerlenişipdiler. Gapynyň agzyndaky
stoluň başynda görmegeý gyz bilen oturan ýaş ýigit bu mahal aldygyna ýanyndaky
gyzy köşeşdirýärdi:
– Gorkma, gorkma, ýanyňda men bar! Serhoşlaryň sene-menesidir-dä! – diýip,
gyzy aýna seretdirip, ünsüni uruşdan sowjak bolýardy. Gyz nämäniň näme
bolandygyny biljek bolup, yzyna gaňryldy, soňra naharyna bakyp, birden ol
allaniçiksi bolup gygyrdy!
– Waý!
Oglanyň haýýaty göterilip gyza näme bolandygyny biljek boldy, gyz oňa
barmagy bilen naharyny görkezdi...
Ýigidiň haýýaty göterildi. Gyzyň ýumurtgaly bifşteksiniň üstünde bir adamyň iki
äňi sary dişlerini syrtardyp ýatyrdy...
Ýigit oňa çarşagyny dürtüp gördi.
Wagon restoranyň gapysy açylyp, Gylyçly gaçan üçünjini öňe salyp geldi. Onuňda ýüzi gan-kokdy. Ol hamsygýardy, mojuk-mojuk ses çykarýardy. Arasynda bazzykbuzzuk edip:
– Meniň äňlerimi gören barmy?.. Äňlerim... dişlerim! – diýip sarnaýardy.
Wagonyň çep tarapyndaky boş stoly taýynlan bufetçi ýigit Saparmyrat daga:
– Inim, geçiň bu stola! Hakyndan çykdyňyz! Gaty arkaýyn oturyň, milise
meselesi meniň üstüme! Bu melgunlara geregem şoldy! – Bufetçi rus ýigidi olary täze
stola geçirdi...
***
Hoşlaşyk pursady golaýlaýardy. Iwan Semýonowiç Saparmyrady mähirmuhabbet bilen synlap, onda söweşdeş dosty Atamyrady görýärdi. Iwan Semýonowiç:
83
– Saparmyrat, ýigriminji asyr adamzadyň başyna towky bolup, entek jahanyň
görmedik bedibagtlyklaryny getirdi. Sen ylymly-sowatly ýigit, birinji jahan urşuny
alyp gör: bimany uruş, düýbünden bimany uruş! Matlapsyz başlanan uruş manysyz
hem gutardy. Dünýä öz gudratyny-güýjüni görkezjek bolup söweşen imperiýalar
syndy gitdi... Netijede, uzak ýyllara çeken gandöküşiklik, graždanlyk urşy halklary
tozdurdy. Iki sany sistema döredi. Iki sistema diýmek – ikinji dünýä urşy diýmek
ahyry! Ikinji jahan urşunyň ýykançylyk-ýumrançylygy entek-enteklerem ýatar. Emma
ol, näçe million adamyň ganyna galdy... Geçen uruşda, hiç bolmanda, ýetmiş-segsen
million adam gyrlandyr. Okdan, açlykdan, gaýry bela-beterlerden. Emma adam akyl
almaýar!..
– Ýok, Iwan Semýonowiç, adam akyllanýar. Emma adam mydama bähbidine
garagyny gapdyrýar. Uruşlardan bähbit agtarýar...
– Atamyrat pakyr mydama şeý diýerdi: «Iwan, bilýärmiň, meniň üç oglum bar!
Üç ogul bar diýmek, döwletli adam bolýar!.. Men haýran, ýöne mydama düýşümde
bir oglumy ganatly görýärin. Ol edil perişde ýaly uçup ýör, daşymda perwaz urýar.
Hatda käte düýşümden huşuma geçip gidýär, oýanamsoňam onuň ganatlarynyň
owazyny eşidýän ýaly bolup durun».
– Iwan Semýonowiç, ejem, doganlarym bilen surata düşüp, ejem şol suraty urşa
iberipdir. Dördümiziň düşen suratymyzy gören-ä dälsiň!
– Köp gördüm. Köp gördüm. Ejeňiň başyndaky adaty däl börük meni geň
galdyryp, ondan soranym hem ýadyma düşýär. Ol mydama çilim çekişlikde ýa
goragda ýatanymyzda şol suraty çykaryp, mährini gandyryp bilmän synlardy. Men
bolsa sallah, maşgalaňy, çagalaryňy edil şeýdip söýüp bolýandygyna haýran
galardym. Mydama Atamyrady gorajak bolardym, çünki men sallahdym, ölsem ölüp
gidibermeli! Yzymda aglap çagajyklarym, aýalym galjak däldi. «Atamyrat, özüňi
gora, sen çagajyklaryňa zerur! Zerur! Olara ata terbiýesi, ata pendi-nesihaty, ata mähri
derkardyr» diýerdim. Atamyrat bolsa: «Men bagtly, Iwan, türkmende «Üç ogluň biri
han bolar, dört ogluň biri tentek» diýip nakyl bar. Meniň üç oglum bar ahyry! Heý,
menem ölerinmi?» diýerdi!.. Men siziň adyňyzy ýat tutup bilmän kösenerdim. Siziň
her biriňiziň adyňyzyň yzynyň Myrat bilen gutarýandygyny bilýärdim. Rusça ol söz
düzümini kellämde aýlap bilmän, türkmen pikirlenişiniň üýtgeşikdigine geň
galardym. Ah, Atamyrat, Atamyrat!.. Ol seniň ýaly parasatly, dag ýaly ogluna
buýsanyp ýaşamalydy! Ol ölüme rowa görer ýaly ýigit däldi! Ol bagtyýar ýigitdi,
emma...
– Men kakamy düýşümde köp görýärin, emma mydama ümür-dumanda ýaly...
Belki, bekemedik beýnim onuň keşbini möhürlik alyp galyp bilen däldir-dä!..
– Kanikula gidip geleňsoň, hökman biziňkä gel. Men kakaň pakyr bilen düşen
suratlarymy saňa peşgeş bereýin. Surat ussahanasyna baryp köpeltdireris, asyl
nusgalar sende dursun, oglum! Seniň kakaň ynsan gursagynda, hakydada, watanyň,
halkyň hakydasynda ýaşamaga mynasyp. «Hiç zat unudylmaýar, hiç zat ýatdan
çykmaýar» diýip, şygar edinsek-de, biz diriler, unudýarys! Watan üçin, halk üçin,
eşretli döwran üçin janyny pida edenleri unudýarys. Adamyň tebigaty şeýle! Emma
84
Atamyrat ýaly ýigitler unudylsa biziň Hudaýyň, ýaşaýşyň öňünde kest etdigimiz
bolar! Çünki bu ýeňiş hut Atamyrat ýaly gerçekleriň egninde dur! – diýip, Iwan
Semýonowiç çygjaran gözlerini süpürdi...
– Iwan Semýonowiç, hökman bararyn, siziň powestiňizi hem okaryn. Türkmençä
terjime hem ederin...
– Özüň ýazyp-bozýan-a dälsiň-dä? – diýip, Iwan Semýonowiç umydygär
gözlerini Saparmyrada dikdi. – Siziň ýaşda şahyr bolmazlyk aýyp...
– Dogrusyny aýtsam, goşgy ýazýaryn, emma...
– Emmasy näme? Goşgularyňa göwnüň ýetmeýärmi? Ýaz, ýaz, oglum!
Goşgularyňa göwnüň ýetmeýän bolsa, has-da gowy! Ol beýik talantlara mahsus
duýgy! Belkem, Atamyrat janyň ganatly ogly sen bolaýasyň-da! Hökman sensiň,
hökman sensiň! Sen dana ýigit!
36.
Saparmyrat gynandy.
Bagtly pursat gysga, gam-gussaly pursat uzyn bolýar. Ýogsa ol Iwan
Semýonowiçde nähilidir bir alamat aňypdy, emma bu alamatyň nämäniň
alamatydygyny aňyp bilmedi.
Saparmyrat düýşde, huşda, garaz, bir hilelik bilen aňyrdan gelýän bagtyňam,
bedibagtlygyňam owsunyny duýýardy, ýöne şol duýgusyny nämä ýorjagyny bilmän,
owarrama urýardy. Ol şeýle duýgulary köp, gaty köp başdan geçiripdi... Iň eýmenji
bolsa, bu duýgular onuň kalbynda, bagrynda top okunyň gyýçagy ýaly bolup ýatyr...
Saparmyrat şindi çagaka eýmenç gygyryp turupdy. Ejesi görgüli entek uklaman
eken. Basyrganyp gorkup turandyr öýdüp, Saparmyrada suw içirip, köşeşdirip,
basalyk bolýar... Soň görüp otursa, Alla tarapyn oňa bedibagtlyk aýan edilipdir...
Ýöne düýşde... düýşde..., belkem, huşda-da aýan edilendir, ýöne haýsy bir alamaty
ýagşa-ýamana ýorup gezjek.
Şol gezek Saparmyrat düýş gördi. Düýşünde ejesi, jigileri gapylaryndaky tutdan
ýasalan hiňňildikde uçýarlar. Özem şeýle bir gaty uçýarlar, hiňňildik şeýlekin bat
bilen asmana göterilýär weli, Saparmyradyň gözleri hanasyndan çykyp, depesi arşyň
ýyldyzlaryna degip gaýdýar. Soňra hiňňildik yzyna bat bilen gidýär, bu gezek
ýagyrnysy baryp Akmaýanyň ýoluna degip, arkasyny bişirýär. Ol gygyrjak bolýar,
gygyryp bilenok.
Çaga çaga bolýar. Oňa suw beren ejesi gujagyna alyp köşeşdirýär. Agysyny
goýdurýar, ullakan oglanyň aglamaly däldigini, agysyny kakasy eşidäýse,
öýkelejekdigini aýdýar. Saparmyrat ejesine düýşüni gürrüň berýär. Ene görgüli ony
ýagşa ýorup, gujaklap ýatyrýar.
Saparmyradyň durmuşynda beýle alamat häli-şindi bolup duran närsedi. Ertir
ekzamen diýlen güni hökman düýşünde ertirki boljak şowlulygy, şatlygy haýsydyr bir
gudrat duýdurardy.
Iwan Semýonowiçi gören badyna Saparmyradyň ýüregi syzdy, söz bilen beýan
edip bolmaýan, aýdyp suratlandyryp bolmaýan zady syzdy. Emma ol ony başga zada
85
ýanady. «Ýüzünde hakyň nury bar adam-da!» diýip, ýüregine salnan ol howsalany
Iwan Semýonowiçiň ýüzüniň perişdeliliginden gördi.
Ynha, indi onuň bilen hoşlaşmaly. Näçe gün bile ýöreldi, näçe gün wagty
öldürmek üçin gündiz Günüň ýagtysyna, gije wagonyň körek yşygyna kitap okaldy.
Ýogsa, gör, gapdalynda onuň üçin iň eziz, iň arzyly adam gelýän eken. Aýby ýok.
Olar adres alyşdylar, nesip bolsa, puryja tapsa, duşuşarlar. Leningradda okap ýören
student üçin Moskwa daş ýer däl. Üstesine, Iwan Semýonowiçiň özem ýakynda
Leningrada barmaga söz berdi.
Saparmyrat Iwan Semýonowiçiň golundan tutup, goldap wagondan düşdi.
Hoşlaşyk pursaty geldi.
Ýaňy öwrenişen, ýaňy dostlaşan, ýaňy didarlaşyp, onuň didaryndan kakasynyň
mährini duýup başlan kişisini Saparmyrat ýola saljak bolup dur.
Ol gelmeli ýerine gelipdi.
Iwan Semýonowiç ony atalyk nazary bilen synlaýar.
Göwnüne bolmasa, onuň gözlerine ýeňiljek ýaş çaýylan ýaly bolup dur. Aýralyk
ajy!
– Saparmyrat, sen meniň köp-köp sowal bermedigimi aňansyň. Seniň ýaradar
ýüregiňe ýara salmaýyn diýdim... Biler bolsaň, men türmeden çykyp, Aşgabada,
degişli edara hat ýazdym. Siziň maşgalaňyz bilen gyzyklandym. Hökman görmegörşe barjakdym. Parzymy bitirip, siziň bilen gatnaşjakdym. Emma meniň hatyma
örän elhenç jogap geldi. Soňra men Türkmenistanyň Kompartiýasynyň Birinji
sekretaryna haýyş bilen ýüz tutdum. Ondanam şeýle jogap geldi. Atamyrat
Annanyýazowyň tutuş maşgalasy ýer titremede pida boldy diýip... Bagyşla, men
gojanyň günäsini geç... Saňa agyrdyr, ýöne menem bilmeli, dostumyň yzy barada
bilmeli... Soňra men dostumyň şum ykbalyna aglap, sizden tamamy üzüpdim... Men
doganymyň keç ykbalyny hiç içime sygdyryp bilmändim. Berlen jogap ýalan ýalydy.
Beýle bolup bilmez diýip oýlanýardym. Bilýärmiň, men eziz doganymyň dowamyny,
nurana ýüzüni göresim gelýärdi. Siziň bilen saçak başynda oturyp, mähriban dostumy
ýatlasym gelýär. Ölmeli ýigit däldi ol. Onuň nesli hökman bolmaly, hökman.
– Iwan Semýonowiç, bir ýalňyşlyk bolandyr-da...
Iwan Semýonowiç gaty gyssag sorag berdi:
– Ejeň, doganlaryň barmydyr, dirimidir?
Saparmyrat gama batyp, başyny iki ýana ýaýkady:
– Bir galan men!..
Iwan Semýonowiç ýaňadan ony bagryna basyp, egnine çal başyny goýup,
hamsygyp aglady. Köp aglady. Otly zoguny çalyp, wagonlar tigirlenip başlanyndan
soň, ol Saparmyrady gujagyndan boşadyp:
– Bar, oglum, arşda-kürsde Alla bar bolsa, seni aman-esen saklasyn! Bar, oglum,
özüňe eserdeň bol! Beýle ýigidiň yzy ýitmeli däldir. Özüňi aýa! Özüňi ýalňyz
saýmagyn – diýdi.
Saparmyrat ondan köp dursa, bozuljakdygyny bilip, ylgap wagona mündi, soňam
ýaşaran gözleri bilen Iwan Semýonowiç gözden ýitýänçä seredip durdy...
86
37.
Swetanyň ejesi gyzyny gözläp, elewräp, ikiýana gatnaýardy... Ene-dä! Gyzyna
bir zat bolaýjak ýaly. Penjiräniň öňünde pikire batyp duran Gylyçly Baba ahyry ony
saklady, gulagyna hoş ýakaýjak sözleri aýdyp:
– Sen gyzyňdan arkaýyn bol, Saparmyratdan oňa zyýan ýetmez. Ol gyz ýüregine
ýara saljak ýigitlerden däl.
– Wah, bilýän, Saparmyrada ynanýan, ýöne gyzyma ynanamok – diýip, däliziň
iki tarapyna-da garap, gyzynyň bir ýerden çykaryna umyt bilen garaşdy.
– Biçäre Saparmyrada aşyk bolupdyr... Onda günä ýok, Saparmyrat ýöne aşyk
bolup ýörmeli ýigit – diýip, Gylyçly Baba ýylgyrdy. – Biler bolsaň, gadym
zamanlarda türkmenlerde bir däp bolupdyr. Saparmyrat jan ýaly çaksyz görmegeý
ýigitler ýüzüne nikap çekip gezipdirler... Näme üçindir öýdýärsiň? Birden gyzlaryň,
gelinleriň göwni gidip, magşuk bolaýmasyn diýip...
Gylyçly Baba Swetanyň ejesini başdan-aýak synlap, ýeser ýylgyrdy.
Swetanyň ejesi tüýs baly goýalan zenanlardandy. Şahyr wasp eder ýaşdan geçsede, erkege başyny orta goýdurjak zenandy.
– Hemmesine sen günäkär!.. Beýle owadan, görmegeý zenandan bolan gyz
perizat bolar... Perizatlar bolsa, rowaýatlarda beýan edilişine görä, entek
sallançakdaka aşyk bolýarlar – diýip, Swetanyň ejesine ýaraýjak sözleri aýtdy. Ejesi
ýylgyryp, küpesine tarap gitdi...
***
Saparmyrat haýran galdy. Beghan aganyň ýalňyz özi prowodnikdi, ýogsa
Aşgabat – Moskwa aralygynda gatnaýan otly arzyly otly bolmalydy, ol
Türkmenistanyň ýüzüdi. Iki adamlyk işläp, hannaslyk edýändir öýtseň, Beghan aga
tarhandökerdi. Tapanyny bile iýip bilýän, eli açyk, kalby jomart kişidi, tüýs
türkmendi. Bir seretseň, ol ukuda ýalydy, bir seretseň, baýdajygyny alyp, wagonyň
gapysynda durandyr. Ýolda münüp, ýolda düşýän ýolagçylaryň biletsizinden puljagaz
alýardy, ýogsa ol mahallar her ýolagçy otlusynyň üstünde kassa bardy. Saparmyrat
birki ýola onuň pul alyp duranyny göräýdi. Ony bilen Beghan aga Saparmyradyň
ýanyna baryp:
– Saparmyrat jan, bi başbozarlyk ýylanyň kellesinden gaýdýandyr. Görýämiň,
men sakgalymy sallap ogurlyk etmeli bolýan. Näme diýip?.. Ýogsa prowodniklik,
ýagny meniň kärim işlemezçe kär däl, düşewündem köp. Ýolda kişiň eline
garamanyňda hem kekirdekden bolmasa-da, gowy güzeran görüp bolýar. Moskwadan
delje zady Aşgabada eltseňem pul, Aşgabadyň bal ýaly gögünden Moskwa eltseňem
pul, haly-palas äkitseňem pul... Emma, baramyzdan soň, otlynyň brigadiri ähli
wagonyň prowodniklerinden almalyja hakyny alýar. Onuňam bermeli ýeri bar.
Düşnüklimi?
Saparmyrat oňa düşünýärdi. Emma ol başga ýerden gopdy:
– Beghan aga, hany seniň ýoldaşyň ýokmy? Ýeke özüňe gaty kyn bolýar?
87
– Saparmyrat jan, men tüýs ýolagçy otlusynda işlemek üçin Hudaý tarapyn
ýaradylan adam! Kellämi goýdugym – uklap bilýän, köp ýyl gatnanymdanmy, biljek
däl, otly durjak bolup badyny gowşadyp başlanyndan oýanyp bilýän. Özem ukudan
turan adam ýaly däl-de, hamana uklamadyk ýaly... Ýoldaşym bar, Gurýewden çykar,
nesip bolsa... Ýoldaşym ýaşulurak adam, frontçy. Frontda kellesi kantuz bolup, alty
aý gospitalda ýatypdyr. Ynha, şonda oňa bir pelşir aýal garyndaşynyň etmejek
garaşygyny edipdir. Garaz, uruş gutaransoňam, ol özüniň türkmendigini, urşa gaýdyp
şeýle ýagdaýa düşendigini bilmändir. Gospitaldan soň şol aýal ony öýünde
saklapdyr... Şeýlelik bilen olar är-aýal bolup, olaryň ogly bolýar, üç-dört ýyldan soň
kellesi gowulaşyp, ýurduna dolanyp gelipdir... Ynha, Änewde bir öýi, maşgalasy bar,
Gurýewde-de maşgalasy bar. Iki aýaly hem biri-biriniňkä myhman baryp, äbe-jüýbe
ýaşaşyp ýörler... Hawa, Saparmyrat jan, Gurýewe gelýänçäk, ol işleýär, soňra
Moskwa baryp, öwrülip gelýänçägem men... Başlyklarymyz hem bilýär, şeýdip işleşip
ýörüs...
Beghan aga Saparmyrada garap, hoş bolup ýylgyrdy:
– Dostlaryma näme diýýän diýsene: Beghan Beghan ady bilen Hudanyň
hyzmatyny edýär, Kelhan ady bilen halkyň hyzmatyny edýär, Çary ady bilen
mätişgeleriň derdine ýaraýar, hah-ha-ha!..
38.
Otly Gurýewe geldi. Batyr Gaýly azyk-owkady entegem gaty köp sebedini
Saparmyrada goýjak boldy. Saparmyrat:
– Men ýeke galdym... Ony Sarly aga dagynyň küpesine goý, menem şol taýyk
göçüp barjak... Gylyçly Babanyň küpesinde ýer ýok, başga bolsa çemeli ýer hem...
Olar iki tirkeşik bolup Sarly aganyň küpesine geldiler. Saparmyrat çemodanyny,
bar goşuny alyp göçüp gelipdi...
Olar Gurýewde saklanan wagondan düşüp, Batyr Gaýlyny ugratdylar. Batyr
Gaýly jübüsinden bölejik-bölejik kagyzlary çykaryp:
– Ynha, meniň adresim... Kawkaza ýoluňyz düşse, hökman baryň, hökman –
diýip Saparmyrada, Sarly aga, Gylyçly Baba, Medet molla, Atajana berdi. – Men bir
öldüräýmeli adam... Meretli aga bilen hoşlaşman barýan... Pekge diýse – diýip, ol
ylgap wagona mündi...
Otly ugrajak wagty hem ylgap düşdi. Batyr Gaýly ýoldaşlaryny ýeke-ýeke
synlap, ýeke-ýekeden gujaklap, «Doganlarym, hoş galyň, belki, ýeneki duşuşyklaram
ykbalymyzda bar bolsun-da!» diýip hoşlaşdy...
39.
Saparmyrat wagonyň tamburyna çykyp, daş gapyny açyp, iki tutawajyndan
ýapyşyp, göwresiniň esli bölegini çykaryp, ýelejireýärdi, arly ýyl aýra düşen watanyň
şemalyndan, owuz ýaly howasyndan ganyp bilmän töweregini synlaýardy. Howanyň
88
yssy howry, töweregiň mähri, türkmen topragynyň gözelligi aýratyndy. Bu gözellige
düşünmek üçin türkmen bolup dogulmak, türkmen bolup ýurduňdan jyda düşüp
görmek gerekdi.
Hanha, egnini gysyp oturan pagsa tamlar, depesine palaç basylan mal döleleri
sykylyk ýaly syrdam derekler, pür-pudagyny töweregine saçyp oturan tallar, erik,
alma, garaly ýaly agaçlar, ýaramazja dalbara ýarmaşan üzümler – Saparmyradyň köne
hem mähriban tanşy bolup görünýär.
Saparmyrat bu mähriban gözellik bilen duşuşmak üçin menzilme-menzil bäş
müň kilometr ýol geçdi. Ukynyň, söhbediň, ýadawlygyň, arzuwyň içinden parran
geçip, ýurduna gowuşdy... Ol bu gözellige tutuş bir ýyldan soň, tutuş bir ýylyň aýyny,
hepdesini sanap ýetipdi. Ynha, şol uzak garaşdyran mähriban, howry yssy, ýakymly
türkmen topragy!.. Saparmyrat myçyp barýan otlynyň gapysynda durup türkmen
topragynyň hiç bir ýurda meňzemeýän öz gözelliginiň, hiç bir ýurtda ýok aýratyn
mähriniň, mylakatynyň, muhabbetiniň bardygyny äşgär duýdy.
Ol al-asmandan uçup gelýän paraşýutçy ýaly, öz mähriban diýaryna gowşupdy.
Ol aňyrsy-bärsi ýok deňziň içinden ýüzüp gelýän guwwasyň kenara ýetişi ýaly,
öz arzyly kenaryna gowşupdy...
Saparmyrat arkasyndan bir kişiniň gelendigini duýup, yzyna gaňryldy. Beghan
aga Saparmyradyň synlaýan gözelliklerini synlap durşuna:
– Saparmyrat jan, saňa ýalan, maňa çyn, men türkmen topragyna gelenimizi,
türkmen topragyndan çykyp barýanymyzy hatda ukudakam hem syzyp oýanýaryn...
Uzyn gün ýadap, ýatyp galypdyryn, ýaňy tisginip oýandym, görsem otly topragymyza
aralaşyp gelýär. Ýuwnup, bärik çykdym... Görsem, sen dursuň... Seniň hem şu
topraga höwes edip ýeteniňi bilip durun – diýdi.
– Türkmen her kimiň gumunyň alnan ýeri diýip ýönelige aýtmaýan borly...
Gumuň şu toprakdan, suwuň şu toprakdan, şu topragyň howasy bilen dem alyp, şu
topragyň hüwdüsi bilen hüwdülenen bolansoň, şu toprakdan eziz ýer ýok dünýäde...
– Hawa, Krymynam gördük, Abhaz kurortlarynam gördük, ýag ýaly howasy
bolsa-da, ýigrimi dört dynç günüň gutararyna gyssanýarsyň. Dynç almaga gidip, ýene
öz ýurduňa howlugýarsyň...
– Ata-babalarymyz ýöriş edip, barmadyk ýurdy ýok, almadyk galasy az-az,
emma, näme üçindir, ýene şu Garagumuna özüni atypdyr. Watanyň dartyş güýji
bolmaly...
Bir salymdan Beghan aga gitdi. Saparmyrat ýeke galdy. Hamana, onuň ýeke
galanyny bilen ýaly, ylham geldi. Geldi. Saparmyrat setiri-setire sepläp ýetişse, setir
gelip ýetişdi. On bäş minutdan şu şygyr taýyn boldy:
BILE
Gitsem senden kalbym gyýlyp, gelerin men şowhun bile,
Diýarym daşyp garşylar deňiz kibi owsun bile.
89
Senden gelip saňa barýan, tümden gelip daňa barýan,
Kynçylykdan geçip parran, seniň yşky-zowkuň bile.
Ir-iýmişler, miweleriň dat alypdyr jöwzalardan,
Gyzyl ganym ot alypdyr seniň otly tomsuň bile.
Paý-pyýada gezen ýerlem, jiger-bagrym ezen ýerlem,
Men topragyň ogly boldum toprak, seniň öwdüň bile.
Güýjüme güýç, ruhuma ruh, beýnime paýhas berip sen,
Matam-ýasym, toý-baýramym, eziz Watan sowdum bile.
Gamgyn pikrim mende galsyn, jebri-jepam tende galsyn,
Yhlas bile gögerdeli, pikirlermiň gowsun bile...
Men jigeriň bendi – diýar, galdyň agyr günde diýar,
Galkyn, dünýä göz görkez sen,
Görogly deý dogmuň bile!..
Otly ahyr Aşgabada ýetip geldi. Niçe gün ýol ýöräp aran ýolagçylar ýeňil dem
alyp, goş-kötelini taýynlap, eýýäm düşmegiň aladasynda. Her kim goşuny alyp dälize
çykypdyr, ýöräre-geçere ýol ýok. Talyp welin, henizem ýatyrdy. Ony kimdir biri
yralap oýardy. Talyp: «Häzir turjak, häzir turjak, azar berme» diýip, mydyrdady.
Derrewem ýene-de uka gitdi. Saparmyrat bu mahal gapyny açyp, Beghan aganyň
ornunda, gapynyň agzynda dur.
Ol Aşgabada gelipdi. Laýyk bir ýyldan soň...
Saparmyrat ýylgyrdy. Ýolda Gylyçly Babanyň aýdyp beren şorta sözi ýadyna
düşdi.
Artist Sary Garry dagy frontdan gelýärmiş. Köpüň adamsy bolan Sary Garry
bilen her kim degişjek. Esgerleriň biri:
– Sary aga, hanha eli gülli aýal seni agtaryp ýör. Seniň aýalyň bolaýmasyn şol –
diýipdir. Sary Garry bolsa dessine:
– Eli gülli aýal bolsa biziň aýal däldir. Biziň aýal gözi gülli aýaldyr – diýenmiş.
Saparmyrat Aşgabada geldi, emma ony hiç kim garşy almady.
«Gyssanma, Saparmyrat, ýaňy dünýäniň bir gyrasyndan girdiň, entek öňüňden
çykmagy özüne bagt bilenlerem bolar» diýip, ol özüne göwünlik berdi.
Aşgabadyň wokzaly ony garşy aldy. Ýowuz ýatlama bilen garşy aldy.
Hut şu wokzaldan kakasy urşa gidip, gaýdyp dolanmandy.
Hut şu wokzaldan ikinji ýola sürgüne ugradylan atasy hem gaýdyp gelmändi...
40.
90
Perron ibirt-de-zibirt, kim agasyny, kim inisini, kim daýysyny, kim dost-ýaryny
garşy alýar...
Adamlar, kim geldi? Bir pursat säginip serediň! Siz ony tanamasaňyzam, ol sizi
tanaýar. Ol iki ýyl bäri okap-okap siziň kowum-hyşdyňyzy, ýedi ýüz ýetmiş ýedi
puşduňyzy, eždatlaryňyza çenli öwrendi!
Ol size aşyk!
Ol siziň halasgäriňiz!
Ol siziň hossaryňyz!
Ol siziň ogluňyz!
Ol şu topragyň ogly!
Emma hiç kim säginmedem, seretmedem!
Öz ýurduny terk edip, ölümden gaçyp Medinä baran Muhammedi ýat adamlar
gadyrdan bolup garşy aldylar. Emma Saparmyrady garşy alan bolmady.
Bütin ömrüni Müsürde öz iliniň derdine dowa bolmagy öwrenip gelen halasgär
hekim Isany garşy almadyk halk, Saparmyrady hem garşy almady...
Saparmyrat garşy alynmadym diýip ynjanok, onuň ýüregi kemsidilmelere werziş
bolup, daglana-daglana daglanmazy çykandy. Bu babatda ol özi üçin şeýleräk açyş
edipdi: «Göwün syna-syna seýik bolýar»...
Ol ýat illerde nije günläp, nije aýlap, nije wagtlap siziň didaryňyza suwsap,
türkmen mährine atygsap aýralygyň zaryny çekipdi, emma siz onuň aýrylyp gidenini
hem bilmeýärsiňiz, gelenini hem. Eger siz oňa Leningradda duşan bolsaňyz,
garagadyr bilen salamlaşardyňyz. Eger siz oňa Kanadanyň bir ýerinde duşan
bolsaňyz, ony gujaklardyňyz!.. Gel-gel, indi birek-biregi gujaklaşdyrmak üçin
türkmeni dünýä pytratmalymy?
Eger sekiz asyr wagtyň çygryndan ätläp, şu mahal soltan Togrul ýa Alp Arslan
gelen bolsa, siz olary gujaklap, nirede oturtjakdygyňyzy bilmezdiňiz!
Eger şu mahal iki ýarym asyr wagtyň içinden geçip Magtymguly Pyragy gelen
bolsa, siz ony bagryňyza basyp, başyňyza täç ederdiňiz!..
Serediň ahyry, siziň başyňyzda täjiňiz hem ýok! Elhenç ýeri, siz başyňyza täjiň
gerekdigini hem bileňzok!..
Siz beýik milletlikden peselip, ýesir derejä düşendigiňizi hem bileňzok. Onuň
ýöne-möne ýigit däl-de, Görogly bolup gelendigini hem bileňzok! Onuň hassa, bakna
ýurda, deregi dargan halka halasgär Isa bolup gelendigini hem bileňzok!.. Nätjek-dä,
siz gözi bagly gapyl, batyl, gaflatda ýaşap ýörsüňiz, nätjek-dä!..
Nätjek-dä!
Wagt geler!
Haçan?
Saparmyrat kalbyna yza salýan oýlara gark bolup dur, hyýalynda bolsa jepaly,
jebirli setirler gaýtalanýar:
Töwerek ýat, daşym ýat,
Jigerim-bagrym berbat,
91
Gideý diýsem başym ýaş,
Geçenok günler, eje!..
Gelinbarmak üzüm deý,
Ýürek üzüm-üzüm-leý,
Ýer ýok ýeriň ýüzünde-eý,
Barmaga ýerim, eje!..
Ne ini bar, ne aga,
Ne gapy bar barmaga...
«Ne gapy bar barmaga...», «Ne gapy bar barmaga...» diýip, ol soňky setiri dili
bilen dahanynda ajy derman ýaly aýlap, uludan dem aldy. Töweregine seretdi. Her
kim goş-golamyny alyp, garşy almaga gelenler bilen wokzaly terk edip barýar. Kim
taksi tutýar, kim duralga ýönelýär. Häzir... Häzir basym wokzal onuň dünýäsi ýaly
boşap galar...
Saparmyrat gynanmadam, gyýylmadam. Ony esasy beýik zat garşy aldy: her
ýuwdumy tenekar ýaly türkmen howasy ony gujaklady. Türkmeniň beýik, äpet taryhy
ýaly keserip ýatan Köpetdagy ony garşy aldy. Geçmişden geljege towlanyp-towlanyp
akyp ýatan Jeýhun derýa, türkmeniň ruhy ýaly bolup, ony garşy aldy.
Oglanka gözi ganan ýaşyl daragtlary başyny yrap, türkmeniň tugy ýaly, ony
garşy aldy...
«Ne gapy bar barmaga...», «Ne gapy bar barmaga...» diýen setirler ýene onuň
aňynda aýlanyp başlady, emma real, ýowuz hakykat ony gynandyrmady. Ol pynhan
syrly, gudratly, hikmetli dünýäniň özüni Büzmeýine elektrik-inžener etjek bolup
taýynlamaýandygyny takyk bilýärdi, çünki ol bu dünýä bilen beýik pirleriň aralaşan
dünýäsiniň arasynda gezýändiginden habarlydy.
...Daşy atmagyň öz wagty bar, toplamagyň öz wagty!
Hasyly topraga ekmegiň öz wagty bar, ýygnamagyň öz wagty!
Ýönekeý bugdaý adam ogluna jan beriji, ýaşaýşy beriji çörek bolýança
degirmenden geçmeli, elekden geçmeli, ýugrulmaly, Älem tamdyryna ýapylan Gün
ýaly, otly tamdyrda bişmeli.
Ulus-ili bela-beterden goraýan gylyç, adaty demirden gylyç bolýança, körükde
ýakylyp-ýandyrylyp ussanyň ýekedabanydyr sandalynyň arasynda ýenjilmeli, ýene
oda, ýene suwa salynmaly, taplanmaly!..
Ýurdundan kowlup ýat ýurtlarda sergezdançylyk çekmedik bolsa Görogly
Çardagly Çandibili türkmeniň göwnünde ýerleşýän mesgene öwrüp bilmezdi!
Başyna ölüm howpy salnan Muhammet dogduk mekanyndan gaçyp, ýat illerde
mysapyrlyk çekmedik bolsa, Mekgäni külli musulmanyň paýtagtyna – gudratly şähere
öwrüp bilmezdi!..
Uludan tut, Saparmyrat, kiçi bolmagyň mekdebi-medresesi ýok!..
Sen ýaňy dünýäniň bu başyndan girdiň, o başynda näme baryny bir Alla bilýär!
Seniň hiç kimiň bolmasa-da, Allaň bar! Allaň bar! Allaň bar!
92
Allasy baryň hemme zadam bolar!..
41.
Dünýäde beýik bir gudrat bar! Gudratlar gudraty! Oňa hakyda diýýärler!
Hakyda!..
Pursat, sagat, gün, aý, ýyl... Umuman, Wagt adama gelip, onuň süňňünden geçip
hakyda öwrülýär!
Adam dünýäde ýaşaýar, dünýä hakydada!
Ýekeje pursat onuň elinden iki sany eziz doganyny, Merýem ene pisint ejesini –
Gurbansoltan bibini elinden alyp gitdi, emma hiç bir güýç ol ezizleriň diriligini
Saparmyradyň hakydasyndan alyp bilmez!
Muhammetmyrat-da, Nyýazmyrat-da, Gurbansoltan bibi-de Saparmyradyň
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Otly Türkmenistana barýar - 09
  • Büleklär
  • Otly Türkmenistana barýar - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2060
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2109
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3791
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2177
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2054
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3661
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2118
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2036
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2018
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3746
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3703
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2014
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3797
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    34.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3709
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.