Latin

Otly Türkmenistana barýar - 04

Süzlärneñ gomumi sanı 3711
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2054
33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
towşantüýräk bolmaly, emma tohumy tükedäýmeli däldi...
Saparmyradyň bu görýän türkmenleri şol howp bilen doglan, gaýda, harasatda
doglan türkmenlerdi, ýaman ýeri olar gursagynda şol howpuň bardygyny
duýmaýardylar.
Bular duşman bilen dost bolup ýaşap başlan nesildi!
Bular taryhyny, köküni, türkmenligini unudan nesildi!
Bular «dünýä hut şeýle bolmalydyr, güýçli ejiziň agasy» bolmalydyr diýip, bütin
süňňi bilen ynanan nesildi.
Türkmen öz topragynyň perzendi bolup, Allanyň perzendi bolup, gör, näçe müň
ýyl ýaşapdy, emma bu nesil Hudaý bilen arada hojaýynly bolan nesildi!
Bularyň bedibagtlygy tebigy ýa Alla taraplaýyn bedibagtlyk däldi, arada
basybalyjy durdy. Türkmen öz basybalyjysyna doganym, arkadagym, penakärim
diýmelidi...
Türkmen yzly-yzyna gelýän külpetleriň, belalaryň kandan gelýändigini hem
unudypdy. Şeýde-şeýde ol kysmatyň oýnuna boýun sunupdy...
36
Saparmyrat bu soňsuz pikirler ummanyna gark bolup otyrka jedirdäp, ylgap
gelen Nurmyrat gujagyna doldy. Ol:
– Saparmyrat daýy, Saparmyrat daýy, kakam bilen ejem saňa gel diýýär – diýdi.
Saparmyrat ony gujagyna alyp, özüne bakdyrdy:
– Nurmyrat, men seniň Saparmyrat kakaň ahyry! Şeýle dälmi? – diýdi.
Nurmyradyň çaga beýnisi bu öwrümi almady, ol gözlerini tegeläp, ummasyz
gödek ýalňyşlyk goýberen hökmünde müýnürgedi:
– Saparmyrat daýy diýsem bolmaýarmy?
– Nurmyrat jan, sen türkmen, men türkmen! Seniň kakaňyň dogany men!
Diýmek, men seniň Saparmyrat kakaň bolýaryn!
– Ýok! – diýip, Nurmyrat süýem barmagyny uzadyp, jedirdäp başlady:
– Ejem aýtdy: ejem «Saparmyrat jan meniň doganym» diýdi. Onsoň sen meniň
daýym bolýarsyň?! Şeýle dälmi?
– Men seniň kakaňyň hem dogany ahyry!
Nurmyrat näme diýjegini bilmän, uzak wagt Saparmyrada dikan seredip durdyda:
– Onda men saňa bir gezek Saparmyrat kaka diýjek, bir gezek bolsa Saparmyrat
daýy diýjek!..
Bu gürrüňleri höwes bilen diňläp oturan Batyr Gaýly Nurmyradyň başyny
buýsanç bilen sypalap, gujagyna aldy. Ýaňaklaryndan taýly gezek ogşady:
– Men hem seniň Batyr kakaň?
Nurmyrat Batyr Gaýlynyň ýüzüne hüşgärlik, hatyrjemlik bilen seretdi, soňam:
– Batyr kaka, sen basmaçymy? – diýip, utanybrak sorady.
Batyr Gaýlynyň ýüzüne uly adam bolup seredeniňde hem iniň düýrükjek
bolýardy, çaga neýlesin, herhal Nurmyrat gorka-gorka sowal beripdi.
Batyr Gaýly hoş bolup güldi. Saparmyrat ýylgyran bolsa-da, oňa käýindi.
– Aýyp bor, Nurmyrat. Düşünmeýän gepiňi aýtmaly däl.
– Düşünýän... Näme düşünmän... Hol artist daýy gündiz artist, gije bolsa çykyp
basmaçylyk edýär.
Saparmyrat dillije çagany ýaňadan gujagyna aldy:
– Nurmyrat jan, basmaçy bolanda kim bolýar?
– Basmaçy – halk duşmany bolýar! Men kinoda gördüm... Basmaçylar
biziňkileri gören ýerinde atyp öldürýärler. Emma biziňkiler olardan gorkmaýar.
Biziňkiler pulemýot bilen atyp, olary gyrýar. Kinoda gördüm, şeýle gerek?!
Saparmyradyň ýüregi awady: bu gün siz, neresse çaga öwredilenini öwrenýär.
«Hawa-da, sakgaly, saçy kilwançynyňky ýaly agaran generalyň pikiri şeýle, ýurduň
ideologiýasy şeýle, Nurmyrat dagy beýlede dursun, Nurmyradyň kakasy dagynyň
hem pikiri şeýle bolaýmaly. Köki kesilen halkyň öz pikiri bolmaýar! Öz pikiri bolmak
üçin, ol halkyň köki, emer-damary, taryhy bolmaly! Bi ykbaly ters gelen halky bolsa
taryhyndan jyda düşürdiler».
– Görýämiň, Batyr kaka...
37
– Bujagaz oglan rast aýdýar. Munda ýazyk ýok. Men, ynha, ellini beýläk atan
adam, mende hem geçmişde türkmende öz döwleti bolandyr diýen pikir ýokdy...
– Men oglanjyk däl, men ullakan oglan!.. – diýip, Nurmyrat jedirdedi.
Soňundanam Saparmyradyň golundan tutup, öz küpelerine äkitjek bolup, dyzap
ugrady. – Saňa kakam gelsin diýdi, Saparmyrat kaka!
Saparmyrat erjel çaganyň göwnüni ýykmak islemedi.
– Batyr kaka, ýör, çaýlaşyp gaýdaýaly. Häli Aşyryň özi hem hökman çaýlamaga
gelewer diýip, sargap-sargap gitdi.
– Saparmyrat jan, sen çaýlaş. Men bolsa köneürgençli ata-babalarymyz bilen
çaýlaşyp, göwnümi hoş edeýin – diýip, ol kitabyna ýapyşdy.
– Sen kitap bilen, ýokarky talyp ýigit uky bilen – diýip, Saparmyrat ýylgyrdy.
– Mahal-mahal gorkup, golundan tutup görýärin. Otla münüp entek men ony oýa
göremok... – diýip, Batyr ýylgyrdy.
– Meger, Moskwanyň medisina institutynda okaýandyr... Ekzamenleri tabşyrjak
diýip ençe gün ukynyň wäherni oýnan adam diýerler oňa...
– Otludan düşünmänkäk ýüzüni bir görsek...
Beghan aga daşdan gelşine gürrüňe goşuldy, belki, ol şu töwerekde bolup, soňky
söhbedi diňlän bolmaly.
– Bauman adyndaky ýokary tehniki uçilişesinde okaýar, özem zybrym bäşlik
bilen. Aganazar diýýärler. Gaty gowy tanaýan ýigidim. Ylma berilse almaly ýigit.
Hudaý jan oňa kelle beripdir, ak göwün beripdir, beýik bir maňlaý hem beren bolsunda... Ony şol uçilişäniň özünde mugallym edip işe alyp galjakmyşlar. Mundan iki aý
ozal agasy menden iýer-içer, aňry-bäri, puljagaz ýollady...
Beghan aga gürrüňini tamam edip, ýokarky küpede ýatan ýigide seretdi.
Batyr Gaýly eýýäm sekiz asyr aňyrda at üstünde gylyç syryp ýördi. Beghan aga
öz işi bilen gitdi, Nurmyrat bolsa Saparmyradyň golundan sypdyrman, küpä tarap
ýöredi.
Saparmyrat Nurmyrady synladygyça, kalbyna gam-gussa aralaşdy. Ol nägehan
ýer titremesinde ýer basan doganlarynyň birine çalym edýärdi.
Otly Türkmenistana tarap gidip barýar, gidip barýar...
Saparmyradyň ýadyna gamgyn hem pajygaly bir gürrüň düşdi. Basa-baslyk
ýyllary Gypjakdan bir baý ogly Wladiwostok şäherine sürgün edilýär. Alty aýdanmy,
bir ýyldanmy, garaz, hat gelipdir. Ol hatynda otly bilen iki aý üç gün ýörändiklerini
ýazyp: «Ýeriň gutarýan ýerine getirip taşladylar. Mundan beýle deňiz, ýer gutardy...»
diýipdir.
Nurmyrat jedirdäp öz küpesine alyp ugrady. Küpäniň agzy açykdy, oglunyň
jedirdisini eşiden Aşyr dag ýaly bolup, gapydan çykyp, olary garşy aldy. Küpede
Aşyryň maşgalasy, ýene bir oral aýal otyrdy. Oral aýal:
– Geleweri janym, geçeweri – diýip, dessine hytaý termosyndan ilki
Saparmyrada, soňra özlerine çaý guýdy. Saparmyrady oturdan Aşyr ilgeziklik bilen
hal-ahwalyny sorady, onýança Aşyryň maşgalasy elin bişirilen süýtli külçeli saçagy,
38
gowurdakly pitini öňe süýşürdi. Moskwadan alnan del, gymmatbaha süýjüdir
kökeleri, biskwit hem tort salnan tarelkalary orta goýdy.
Saparmyrat Türkmenistanyň otlusyna münen badyna bir zada ymykly göz
ýetirdi. Türkmen halky dogan-garyndaşçy halkdy, öz garasyna sarpa goýýan halkdy.
Wagonda bary-ýogy ýigrimiden gowrak türkmen barýar, emma hemmesi bir-birini
tanamak beýle-de dursun, häli-şindi bir-birini çagyryp, başaran hezzetini edýärdi. Özi
iýmän, myhmanyna iýdirip-içirjek bolýar. Saparmyrat Ataýewiç munuň köküni
agtarypdy, sebäbine akyl ýetiripdi. Otluda barýanlaryň ählisi Türkmenistana barýar,
otluda bularyň duşmany ýok, bähbidi ýok, ýogsa...
Ýogsa kommunistik partiýanyň ideologiýasy, näletsiňmiş ideologiýa bolup, bir
halky iki bölüpdi, bir maşgalany iki bölüpdi. Baýdyr-garyplar, bolşewiklermenşewikler döräp, türkmen halky hem bir-birini gyrypdy. Soňra stalinizmiň melgun
syýasaty bilen daşky duşmançylyk içki duşmançylyga aýlanypdy. Goňşy-goňşusyny,
obadaş-obadaşyny, babadaş-babadaşyny baý diýip basdyrypdy, işan-molla diýip
basdyrypdy.
Türkmen topragy ýaly, türkmen çöregi ýaly halal halkyň depesinden eýmençden
eýmenç pajygany inderip, gulagyna urlan har ýaly edilipdi... Emma görýämiň, sähel
ýazylganlyk berdigiň, bu halk ýaňadan dogan bolup biljek halkdy, doganlyga
ymtylýan halkdy...
Saparmyrat muňa diýseň begenýärdi...
Saparmyradyň bar buýsanjy, guwanjy halkdy...
Ol ýetim-ýesir galanynda halk onuň arkadagy bolup bilmändi, emma Saparmyrat
ony kine edip ýörjek ýigitlerden däldi, ol halkyna arkadag bolmalydygyna, halkynyň
ýetim-ýesirdigine akyl ýetiripdi...
Nurmyradyň kakasy biten türkmendi. Ýaşy otuz bäş-otuz alta baran ýigit ömrüni
demre bagyşlan, türkmen topragyna Garagum kanalyny çekenleriň biridi. Aýalary
gan-gabarçak, nurbatlary açarsyz towlap ýören pyýadady.
– Orta mekdebem gutarmadym. Ýedinjiden soň kanala bardym, alty aý şägirt
etdiler, ýaşym ýetmese-de naçalnigim traktor berdi. Goşun gullugyny hasap etmeseň,
on sekiz ýyl «S-100» sürdüm. Aşgabada kanal getirenleriňem biri men – diýip, Aşyr
ýylgyrdy.
Birsalym oturanlaryndan soň, Nurmyrat ýokarky gata çykyp ýatdy, uzyn gün
oýnap ýadandyr çagajyk. Saparmyrat hem okamaly işiniň bardygyny aýdyp,
gaýdarman boldy. Aşyr onuň bilen daş çykdy:
– Saparmyrat jan, tambura çykyp bir çilimläli-le.
– Ýör, çilimläýeli.
Saparmyrat Aşyryňam, onuň aýal doganynyňam, maşgalasynyňam kalbynda bir
uly yza bardygyny duýupdy. Olaryň gözleriniň aňyrsynda nämälim hesret ýatyrdy.
Olar gülseler hem şol hesret ümez ýaly görnüp durdy, ynha, indi ol aýan boldy:
– Saparmyrat jan, doganym, Nurmyrady doktora alyp gaýtdyk, agyr derdi bar
çaganyň. – Ol hamana jübüsinden awuly ýylan çykaran ýaly, pasportyny, pasportyň
içindenem dört eplenen kagyzy çykaryp, Saparmyrada berdi. – Moskwada okatdyryp
39
göräýeli diýeniň bilen türkmen duşup durmy? Türkmen duşaýanynda ol hatlysowatlymy? Inim, doganym, sen muny okap bir düşündirip bersene. Doktorlar-a
«neizleçim» diýip, serpmeden gaýdan ýaly edendir!..
Aşyryň sesine gyjagyň owazy ýaly ýürek endirediji yza goşuldy, gözlerine ümez
çaýyldy. Saparmyrat haty okap durka-da, ol «Dert zyýat bolmasa, dertli samramaz
edip» bölek-büçek jümleleri aýdýardy.
Saparmyrat haty okap başlady, okap hatyň manysyna çuňlaşdygyça, ol çuňňur
guýa sallanýan ýaly, demigip başlady, howa ýetmän ugrady. Gursagyndaky ýüreginiň
daşyna gara bulut bolup yza aýlandy.
– Nurmyrat jany kesip aldylar. Aýalym, şeýdip, önelgesiz galdy. Ýeke ogul,
ýeke dikrar! Aýal doganymyň, üçimiziň göz dikip oturan mirasdarymyz...
Aşyr jübüsinden elýaglygyny çykaryp, ilki gözlerine, soňra burnuna ýetirdi.
– Ýeke-ýalňyz ýetim halyma aýal doganym ýetimsiretmän ulaltdy. Enemiň
ornuna gol süýdüni berdi, atamyň ornuna pena boldy. Ol bedibagt uruşda öleniň
yzyny saklap otyr. Gözüniň guwanjy Nurmyrat jan... Ynha, doganym... Nurmyrada
hem «neizleçim» diýdiler.
– Goýsana, Aşyr, peşeden pil ýasap oturmasana!.. Birinjiden, doktorlar Hudaý
däl, ikinjiden, düwnükden gaýry neizleçim kesel ýok ahyry. Giň bol, merdi-merdana
bol. Haýsydyr bir doktor pylan-pismidan diýdi diýip, sen ejizleseň, ol naçarlar neýlär.
– Saparmyrat jan, men üç ýyllap raketa goşunynda gulluk etdim. Komandirlerem
ganyňyz zaýalanandyr diýýärdiler, şol rast bolup barýan ýaly...
– Aşyr, rastyňy aýt, sen Hudaýa ynanýarmyň?
Saparmyradyň bu sowalyna gözlerini mölerden Aşyr, näme diýjegini bilmeýän
ýaly, esli salym durdy. Pikir öwürdi, dördi, oýlandy:
– Rastymy aýtsam, bilemok. Mekdepde-hä mollumlar Hudaý ýok diýerdiler,
özlerem ýas-pata baryp aýat-töwir ederdiler, bukulyp gurbanlyk hem bererdiler.
Çagalaryna sünnet hem etdirerdiler... Işde-de daň atardan gün ýaşara agyr traktoryň
üstünde, ne dem alyş bar, ne dynç alyş... Dogrusy, men şu ömrüme Hudaý hakda
çynlakaý oýlanyp hem görmändirin...
– Aşyr, ynanmaly! Hudaýa ynanmaly! Hudaýa ynanmaýan bolsaň, tebigatyň
gudratlydygyna ynanmaly! Tebigata hem ynanmaýan bolsaň, ata-babaň, topragyň
keramatlydygyna, gudratlydygyna ynanmaly!.. Ol nähili, haýsydyr bir doktor pylan
diýdi diýip, onuň sözüniň daşyny gyzyldan gaplap, özüňi bir gynap, maşgalaňy iki
gynap, aýal doganyňy üç gynap ýörmek bolarmy?!. Aşyr, sen adam ahyry! Adamy
arzuw-isleg, umyt öňe alyp gidýär, adamyň binasy – ynamdan!..
Saparmyrat haty okady, dogrudan-da, sypaýyçylyksyz, rastyňy aýdanyňda, ol
Nurmyratjyga ýazylan ölüm permanydy. Aşyra şunça göwünlik berse-de, bu
garaşylmadyk şum habar – bu gara perman Saparmyradyň hem ýüreginden parran
geçipdi, çünki Saparmyrat Nurmyratda dogumly türkmen çagajygyny, öz doganyny,
hatda öz ýaşlygyny görüpdi...
Saparmyrat haty okap çykdy-da:
40
– Lukmanlaryň bir keseli bar: düşnüksiz ýazmak olaryň endigi. Üstesine
düşnüksiz adalgalar hem urna bolýar-da, manysyny doly alyp bolanok, emma seniň
aýdyşyň ýaly gorkunç zat ýok... – diýdi.
13.
Birsalymdan Batyr Gaýly ýalňyz kitap okap otyrka, Saparmyrat geldi:
– Batyr kaka, okap ýatyrmyň? – diýdi.
– Saparmyrat jan, gaty görme ýaňky gündeligiňi Medede okadanymy... Bagyşla,
gündelik şahsy depder bolýar... «Näme okaýaň?» diýip goýmady-da...
Saparmyrat oňa ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, gündeligini ýassygynyň
üstüne atyp, daşa çykyp gitdi.
Batyr Gaýly hapa boldy, ol Saparmyradyň öýkeländigini bildi. Başyny ýaýkady.
– Saparmyrat hak aýdýar, sen bir düz ýerde büdüräp ýören akmak sen – diýip,
özüni kötekledi...
14.
– Inim, maňlaý pes bolsa, hiç haçan galyp bilmersiň!
Inim, ýüregiň gyssa dünýäniň giňliginden peýda ýok... ýok... ýok!.. Gara
bagtyma, senem arak içmeýän bolup çykdyň... Ýogsa ýüz gram ýelmäp, içde gert
baglap giden näletsiňmiş gam-gussalary döküp, ýeňläp hem boljakdy...
– Batyr kaka, siz arkaýyn içiň, men söhbetdeşiňiz, edil içen ýaly oturaryn...
– Wah, men içip otyryn-la... Endik edipdirin, ýylda bir ýola Moskwa gelýän,
gidenimde bolsa «Moskwa – Aşgabat» derhal otlusyna münýän, gardaşlarymy
görýän, doganlarymy görýän, tä Gurýewe çenli... Soň Kawkaza sowulýan... Göwnüm
giňeýär, tutuş bir ýyllyk güýç-kuwwat alyp, tünegime ugraýan...
Soňra Batyr gyraňly stakany ýarpy gowrak guýup, zalp bilen içip goýberdi. Ol
otlynyň birsydyrgyn tigirleriniň sesine diň salyp, esli oturansoň, başdan geçirenlerini
gürrüň berip başlady. Saparmyrat ondan geçmişini soramady, ol aýdyp berdi...
Saparmyrat onuň gasyn-gasyn ýüzüne seredip, kalbynda çaksyz uly pajyganyň
ýatandygyny bilýärdi, emma edil beýledir öýdüp çaklamaýardy.
– Şeýle, Saparmyrat jan, ykbal ters gelse, lazaretde endam-janyň ýaraly ölüm
halda ýatyrkaň-da, dönük bolup bolýan eken... Žitomir... urşuň gazap günleri...
faşistleriň ýewreý maşgalalaryna hupbat berip, tutuş otlap goýberýän ýerinde,
lazaretde ýatyrdym... Faşistler basyp alansoň, olaryň doktorlary adam bolar öýden
hassalaryny bakyp-bejerip, derdine em edip, aýak üstüne galdyrdylar. Adam
bolmajaklary bolsa, aýdyşlaryna görä, äkidip atypdyrlar... Gowulaşamdan soň bolsa,
Žitomirde ýesir alnan soldatlar bilen bir hatarda ugratdylar Prussiýa bakan...
Soňra ol çilim otlandy. Ýesirleri alyp barýan otlynyň ýolda bombalanyşyny
suratlandyryp:
41
– Bagtym çüwdi diýdim... Sowet samolýoty aýlanyp-aýlanyp bombalady...
Adam pakyra seret, depäňden samolýot bomba oklaýar, içinde bolsa biz halasgärimiz
gelen ýaly begenip gygyryşýarys... Her bomba düşeninde ala-goh bolup gygyryşýas...
Ahyry biziň öň ýanymyzdaky wagona hem düşdi, badyna biziňem wagonymyz
agdaryldy... Başagaýlykdan peýdalanyp, siňdik Ukrainanyň tokaýlaryna...
Ol ýaňadan arak guýundy-da:
– Agzyň degse, köprägem gidiläýýär – diýip, onam başyna çekdi-de, ýene
gürrüňe başlady. Saparmyrat:
– Batyr kaka, hanha, kolbasa bar, pomidor bar, bir zatjagaz tamşansaňyzlaň!..
Gury içseň, iç-bagryňyzy köýdürer...
– Aý, inim, iç-bagyrda köýer ýaly ýer galan däldir...
Soňra ol öz peýwagtyna ukrain partizanlary bilen üç ýyl söweş edendigini,
birnäçe Hormat hata, hatda medala-da mynasyp bolandygyny gürrüň berdi.
– Uruş gutardy, bizem «watan satan» diýip, gübürdedip basyp goýberdiler. Ne
Hormat hatlaryň, ne orden-medallaryň, ne delilleriň diňlenildi... Ýyl kesilip,
Magadana ugradylanymda bolsa, öz elim bilen haýsydyr bir söweşdeş dostum bolan
bolup, Gaýlyýew Batyr pylan ýerde söweşde wepat boldy diýip hat ýolladym...
– O nähili öz eliňiz bilen?..
– Öz elim bilen ýazdym...
– Aýalyňyz näme?
– Aýalym baý öýüň tylla balygy – ol ilki ýedi ýyl, soňam on ýyl ärim geler diýip
garaşyp biljek maşgaladan däl, inim Saparmyrat jan...
– On ýyl däl, on ýedi ýyl oturmaly boldum... Saparmyrat jan, dünýäde
garaşylmaýan zadyň bolýar... Men Magadanda kime duşýan? Otuz dördünji ýylda
kakamy öldürip giden basmaça!..
– Beh, ýazyjylaryň romanyndaky ýaly...
– Hawa, kinolardaky ýaly boldy... Ýedi ýylam onuň üçin aldym...
– Kim üçin?
– Aýtdym-a, kakamy öldüren basmaça duşdum diýip... Şonda oýlandym. Inim,
köp oýlandym. Lazaretde ýatan hassa halyma ýesir düşüşim, bütin urşy söweşip,
soňam watan dönügi diýip yglan edilişim – hemmesini Alla tarapyn gördüm... Biribar
meni kakamyň duşmanyna duşurjak bolup, şu çylşyrymly durmuşa sezewar edendir
diýip çakladym...
– Batyr kaka, aýry ýurt, ýat adamlaryň içi, agyr ykbal... Heý, ol ganhoryň
günäsini geçip bilmediňizmi? Öz türkmeniň ahyry...
– Saparmyrat jan, Magadanda o mahal öz türkmeniň dolup ýatyr...
Agyr dymyşlyk başlandy. Garşysynda äpet dagyň parçasy ýaly, gara daş ýaly,
ullakan bedibagtlyk ýaly bolup oturan Batyryň keç ykbaly Saparmyradyň kalbyna
sygmady. Batyryň derdi onuň kalbynda som-yza bolup, ýüregini larsyldadyp, agyrdyp
başlady. Ol, özi bilmezden, uludan demini alyp:
– Aýalyňyz şindem ýoluňyza garap oturan bolsa, siz onuň öňünde o dünýe, bu
dünýe günäkär bolarsyňyz... Öz eliňiz bilen öldi diýip, hat ýazmaly däl ekeniňiz...
42
Elbetde, uruşdan ýigrimi ýyla golaý daşlykda pikir öwrüp, akyl satmak aňsat... –
diýip, Saparmyrat Batyr Gaýla siňňin seretdi.
– Inim, Saparmyrat jan, doganym, men urşa gidip, uruşmagyň, gan dökmegiň,
öldürmegiň, ölmegiň ornuna obama watan satan bolup baryp bilmen ahyry!.. Men
türkmen ogly ahyry!
– Geçen uruş türkmen urşy däldi, ol başga uruşdy, ol bize ýat uruşdy...
– Onyň-a dogry!.. Saparmyrat jan, «Watan satan» diýlen günä ölümden agyr
günä. Bilen ýigide, är ýigide ol günä götertmeýär. Onsoň meniň aýalymam sowet
terbiýesini alyp ýetişen gyz. Oňa hiç bolmanda kakasy ýaly atly adam boljak är gerek.
Kyrk sekizde ýekeje oglumam traktor basypdyr diýip eşitdim-de, şol hojalykdan
göwnüm öläýdi...
Saparmyrat ony siňe synlap oturyşyna gürrüňinde bir galdyr-basdyrlygyň
bardygyny aňdy. Batyr Gaýly bolsa çyny bilen gürleýärdi.
– Hawa... Allatagala näme diýipdir diýsene... «Adam hasap öwrenip ýalňyşdy»
diýipdir... Meniň kakam atly partiýa hem sowet işgäridi. Menem ýalňyz ogly... Maňa
gaýyn bolana Gaýyp Garabaýew diýýärler, senem tanasaň tanarsyň, Sekretar SK-da
bolýar, köp ýyllar ministrem bolýar... Ine, şol kakamyň kadrlarynyň içinde jyny
alýany eken... Kakam öldürilenden soň, Gaýyp aga biziň maşgalamyza eýe çykdy...
Ejem pakyr keselbentdi, meniň öýlenenimi görüp, älemden ötdi... Gaýyp aga-da
gyzyny maňa berdi, garasaý, men şolaryň öýünde ýaşap başladym. Instituta gaýybana
girdim, dessine-de raýonyň haly fabriginde komsomolyň sekretary bolup işläp
başladym... Belki, uruş bolmadyk bolanynda, ol meni ösdürerdi, goldardy, emma uruş
boldy-da...
Fin urşy başlanynda meniň ýigrimi iki ýaşym dolupdy. Gaýyp aga her edip,
hesip edip her ýyl meni harby gullukdan alyp galýardy. Eýýäm oglumam bolupdy.
Fin urşy başlandy. Men gaýynyma bildirmän, Fin urşuna meýletin gitjek diýip arza
ýazdym... Özüň bilýäň, fin urşy uzak dowam etmedi, men ondan soň harby
gullugymy dowam etdirdim. Birki ýyldan soňam, näme, ol nägehan uruş başlady...
– Men Gaýyp Garabaýewi gördüm... Mekdebi otliçno gutaranlar bilen onuň
duşuşygy boldy. Ol MK-nyň sekretary bolmady, ýöne bölüm müdiridi... – diýip,
Saparmyrat onuň gaýynyny tanaýanyny bildirjek boldy.
Batyr Gaýly goluny salgady.
– Saparmyrat jan, bir zaman bir awçy tilki tutup, hamyny sypyrýarmyş, özem
awy oňan zaňňar, tilkä henek edip:
«– Ýeri, tilki baý, hallar niçik?» diýipdir. Tilki it ýylgyryşyny edip:
«– Gaýnynyň öýünde ýaşap ýören nekgendäniňkiden-ä gowy!..» diýenmiş.
Men dogumly ýigitdim... Emma her hili dogumly hem bolsaň, kakaň ölende
adam bir çarçar eken. Kakam öldürilip, gaýnymyň öýünde ýaşap başladym weli,
birhili möçükdirilip, agtalanan ýaly bolaýdym... Işleýän işimem heleý işi görýän,
özümem ýumuş oglany görýän... Hiç ýaşap dünýä sygmadym...
Batyr Gaýly uludan dem aldy...
43
15.
Saparmyrat özüniň beren kitabyny okap ýatan Batyr Gaýla seretdi. Batyr okap
ýatyr, setirleri külterläp, külterläp beýni atly ýumagyň daşyna sarap otyr, sarap ýatyr...
Edil şu mahal Meretli aganyň küpesinde şeýle gürrüň gidýärdi:
– Allanäme ýigit, düýbi asylzadalardandyr, gepleşseň gepleşesiň gelýär, synlasaň
synlasyň... – diýip, Meretli aga çowlugyna bakýar. Çowlugy Atajan:
– Ata, şäher ýaşaýşy başgaça, olar ýaşamaga gelen ýaly, walla... Biz lütümiz
çykyp guşluk çaýyna oturanymyzda şäheriň oglanlary ukudan oýanýar, soňra suwa
düşüp, sabynyň gowusy bilen ýuwnup, yzyndanam ýarym sagat ýüz-gözüne ýag çalyp
timar berýärler. Hawa-da, sygryna ot ýygmaly däl, gowaça suw tutmaly däl, işleri
ýok. Onsoň gowy kitap alyp süýnýär olar diwanyň üstüne. Miwäniň bal toplaýşy ýaly,
ýatyr olar akyl toplap... Bir aý meniň traktorymda – işlemän ýöne gapdalymda
otursyn, onsoňam bir ýüzüne bak...
– Balam, men onuň görk-görmegine aýdamok, onuň salyhatlydygyny,
asyllydygyny, her bir zady ozal görüp goýan ýalydygyny, dokmädedigini aýdýaryn...
– Meretli aga öz pikiriniň tarapyny çaldy.
– Hawa, öz-ä gelen badyna köpçüligiň ähli dykgatyny özüne çekip, özünde
jemläp bilýän ýigit – diýip, Atajan ylalaşdy.
– Iliň öňüne düşüp ýören kakasy bilen ejesi bardyr. «Gorkut ata» diýen köneden
bir atamyz bardyr, aýtmaýamy şol, «Ogul atadan görmese saçak ýazmaz, myhman
myhmanlap, toý sowmaz» diýip. Şonuň kitabyny-ha çykaranok, hökümet!..
– Urşuň öň ýany çykarypmyşlar, emma dessine hökümet otladypdyr...
– Otlarlar, ile gerek zat bolsa, otlarlar! Bi hökümet halka öz akylyny berjek
bolýar, ata-baba akylyňy ýok edip – diýip, Meretli aga dilgir dillendi.
...Bu mahal Batyr Gaýly kitap-golýazmany golundan goýman sag tirsegine
galyp:
– Saparmyrat jan, men bir zada düşünemok. Sen türkmenler hakynda diýip beren
bi kitabyňda türkmeniň gürrüňi ýok-la... Türk hakda ýaly-la bi. Oguzyňam gürrüňi
ýok... Köneürgenje türk kandan gelip ýör? – diýdi.
– Batyr kaka, sen onda ol kitabyň hiç ýerine-de düşünmänsiň. Men saňa azajyk
düşündiriş bereýin: Araplar yslam taglymatyny baýdak edinip, entek Orta Aziýany
basyp almazyndan ozal Orta Aziýanyň bir topar ýerinde, häzirki türkmen topragynda
ýüzlerçe şäher gurnup, müňlerçe obadyr kent gurnup oguzlar ýaşaýardylar. Araplar
gelip taglymatyny ornaşdyryp başlanlaryndan soň, olar oguz diýmegi kyn görüp, ähli
oguza türk diýip ugraýarlar. Biziň gadym ejdatlarymyzyň biriniň ady Türk.
Araplaryňam bilýäni öz goňşusy bolup oturan türkler. Dili meňzeş, ýüz-keşbi meňzeş,
üstesine-de ýurdy basyp alan halk, näme diýse kim oňa däl diýip dur. Beýle ýagdaý
dürli halklarda gaty köp. Ynha, meselem, nemeslere ors – nemes diýýär, ýene bir halk
german diýýär. Iňlisler nemeslere jömen diýýär. Nemesleriň özi bolsa özüne doýç
diýýär. Türkmenem olara alman diýýär. Onsoň olary german, doýç, nemes, alman,
jömen diýip birnäçe halka bölüp bolmaz ahyry. Bizi bolsa taryh bölüpdir. Oguzlaryň
44
türke tabyn arap dinini kabul edenlerine olar türk diýipdirler, bir bölegi bolsa, özüni
oguz diýip atlandyryp, türk adyny kabul etmändirler. Biziň ata-babalarymyz bolsa,
hünärment bolany üçin, özlerine dessine türkmen diýip ugraýarlar. Şeýdip, ullakan
oguz – üçe bölünýär. Bu kitapda bolsa soltan Muhammet Köneürgençşa özüne göwni
ýetip, türkem diýmän, türkmenem diýmän, oguzam diýmän, köneürgençliler diýip
atlandyraýýar. Köneürgençli diýmegem türkmen. Üstesine Oguz diýmegem –
türkmen, Seljuk diýmegem – türkmen, Osmanly diýmegem – türkmen, garagoýunly,
akgoýunly diýmegem – türkmen.
– Seljuk diýip köp eşidýän, ýöne... – Batyr Gaýly müýnürgedi.
– Onda, Batyr kaka, sen biraz kitabyňy ýap, men saňa ilki seljuklary,
seljuklardan ozal Gaznalylary düşündireýin – diýip, Saparmyrat söze başlady.
– Soltan Mahmyt Gaznaly? – diýip, Batyr sorady.
– Hawa. Soltan Mahmyt Gazna şäherinde uly döwlet gurýar. Ol türkmeniň baýat
taýpasyndan. Günleriň bir günem salgyt meselesinde türkmenler bilen agzy alarýar.
Ol türkmeniň kynyk taýpasyndan bolan bir serdaryny aldap-ogşap tussag edip,
Hindistanda Kelejar galasynda saklaýar. Şeýdip, onuň türkmenler bilen duşmançylygy
başlanýar. Türkmenler ony ýeňip bilmeýärler, emma ol ölüp ornuna ogly geçeninden
soň, türkmenler Maryda, Daňdanakanyň ýanynda 1040-njy ýylda Soltan Masudy külpeýekun edip, öz döwletlerini yglan edýärler. Sähel ýylyň içinde türkmen döwleti
güýçlenip, Kawkaza ýöriş edýär. Kawkazyň üsti bilenem Wizantiýa döwletine garşy
uruş edip ugraýarlar. Şol mahal türkmen-seljuklaryň döwletiniň soltany Togrul beg
bolup, ol Arabystanda halyfy goraýar we onuň gyzyna öýlenýär. Garaz, araplar bilen
dost bolan türkmen seljuklary Wizantiýa döwletini taryhdan ýok edip goýberýär.
Deregine türkmenler göçüp gelip, oňa Rumystan döwleti diýip ugraýarlar. Belli
italýan jahankeşdesi Marka Polo häzirki Türkiýe döwletiniň ornuny öz kartasyna
Türkmenistan ady bilen geçirýär. On ikinji asyrda Seljuklar döwleti uly imperiýa
bolýar. Bi soltan Jelaleddiniň ata-babasy bolsa seljuk döwletinde köşkde işläp ýören
adam eken. Öz kowum-garyndaşlaryndan. Şol adamy Köneürgenje häkim edip
ugradýarlar. Haçan-da seljuklar imperiýasy darganynda, Köneürgenç özüni özbaşdak
döwlet diýip yglan edip, ösüp başlaýar. Seljuklar döwleti bolsa, ululy-kiçili ýigrimi
töweregi döwlet bolup, özbaşdak döwlet bolup ýaşap başlaýar – diýip, Saparmyrat
gyzygyp gürrüň berýärdi.
...Bu mahal artist Gylyçly Babanyň küpesinde bolsa, Gylyçly Baba bilen
ýolagçylaryň biri jedele gyzypdy. Göwresi kiçem bolsa örän türgenleşigi köp
geçendigi üçin endamlary çykgyn-çykgyn bolup duran Iwan Semýonowiç öz gepini
gögertjek bolýardy, Gylyçly Baba-da öz gepini.
Ahyry olar Saparmyradyň ýanyna barmaly diýen netijä geldiler. Saparmyrat
olaryň jedelini çözdi. Ikisem özünden ökdä duşup, kämil pikire, kämil pikiri aýdan
ýigide buýsandylar.
16.
45
Saparmyrat wagonyň ýolbeledi Beghan aganyň işleýşine haýrandy. Ol
ýolagçynyň biledi haýsy küpäniň haýsy ýerine – oňa seredip durman, öňi bilen
ýolagça dykgat nazaryny salardy-da, öňüne düşüp, «Ynha, şu ýerde, şu orunda
boluber» diýip, özi görkezip giderdi. Käbir kişi:
– Ýok, meniň ýerim pylanynjy küpäniň pylan ýeri – diýip, aýak dikip dursa, oňa
başga orna geçirmeginiň sebäbini düşündirerdi, şonda iki-ýeke bolmasa, Beghan
aganyň görkezen ýerine jünäbererdi.
Beghan aga adamlary tanaýardy.
Köp ýyllap adamlar bilen iş salşyp, ýolagçy bilen gidip, ýolagçy bilen gelensoň,
ol ýolagçylara beletdi. Kim ýolda dynç alyp gitjek, kim ýolda keýp çekip, meý-mes
boljak, kim dertli, öz derdini çekjek, gördügi güman edip, bir kysym adamlary bir
küpä, ikinji kysymlary beýleki bir küp ýerleşdirerdi. Onuň küpelere ornaşdyran
adamlary, haýran galaýmaly, uzak ýoldan soň dogan-dost bolup aýrylyşardylar.
Beghan aga bir öwrümde Saparmyrada:
– Ýedinji küpedäki ýigitden ara sakla – diýdi.
Saparmyrat sebäbini sorady. Beghan aga:
– Men ony tanaýan, hapa ýigit ol, seniň bilen salamlaşmaly ýigit hem däl ol. Ol
ýanyndaky üç gyz iki-üç stansiýadan düşüp, yzyna gider. Ol söwdagär, alyp satar.
Moskwadan haly alýar, wokzalda hem barlag-sarlag bolmasyn diýip, hemşerilerinden
her gezek üç gyz alyp münýär. Onsoň ähli haly daňylaryny paýlaşýarlar weli, hersiniň
goşy-golamy üç-dört ýükden bolaýýar. Aslynda ähli goş – haly şol ýigidiňki... Söwda
etsin, gazanç etsin, oňa bahyllygym ýok. Emma ol haramylyk işini gahrymanlyk işi
diýip bilýär. Ana, meniň atamy öldürýän ýeri... Senem göz ýetirersiň – diýipdi.
Ynha, ozalyndan maglumaty berlen ýigit Çarymyrat Saparmyradyň ýanyna
gelip, ozal köp görşendigine garamazdan, el berip salamlaşdy, soňam penjirä golaý
çekip gulagyna pyşyrdady. Saparmyrat başyny ýaýkady. Kes-kelläm onuň diýenini
etmedi.
– A-haw, olar gül ýaly gyzlar... Senden çykdajy ýok, ýöne birine eýe çyksaň
bolany... Il-ä olar ýalyny tapanok...
– Tapmaýan bilen bolaý, gardaş...
Çarymyrat Saparmyradyň eýlesine geçdi, beýlesine geçdi, ahyry hem öýkeläp,
başyny ýaýkap: «Her hili adam bar, gül ýaly perizatdan otkaz edýär, öljekmiýitjekmi» diýip, hüňürdäp gitdi.
Saparmyrat onuň yzyndan garap durşuna, Beghan aganyň tangyrlygyna haýran
galdy. Adamy tanamak beýik sungat!
«Haýwan alasy daşynda, adam alasy içinde» diýibersinler, barybir, gudratyndan
aýlanaýyn, Perwerdigär üşügiň bar bolsa, adamy tanar ýaly edip goýberipdir. Ol
adama şeýle bir owadan kalp goýupdyr, şol owadanlyk adamyň ýüzünden-gözünden
nur-muhabbet saçyp dur.
Perwerdigär adamyň kalbyna şeýle bir ylahy gor salypdyr, onuň kalbynyň yssysy
ýüzünden-gözünden seni çoýup dur. Saparmyrat muňa ynanýar. Ol her bir adamyň
ýüzüne seredeninde – onuň kalbyny görmek isläp seredýär. Kalby bar bolsa, beýle
46
adamyň ýanyndan turasyň gelmeýär, ýüzünden ýüzüňi aýrasyň gelmeýär. Seret, Batyr
Gaýlynyň ýüzüne: bendäniň pajygaly takdyry ylahy hat bilen onuň keşbi-keşmerine
oýulyp-oýulyp ýazylypdyr. Onda hakyky adamyň ysam gelip dur, tüýsem görnüp dur.
Beýle adamlar azalyp barýar diýip, Saparmyrat içinden oýlandy.
Adamyň mazmuny, manysy – Alla tarapyn kalbynda ýerleşdirilen bolsa-da,
ýüzünde onuň alamatlary magat görünýär. Ynha, ýöne Sarly aga ýaly sakgal
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Otly Türkmenistana barýar - 05
  • Büleklär
  • Otly Türkmenistana barýar - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2060
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3642
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2109
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3791
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2177
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2054
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3661
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2118
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3795
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2036
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3759
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2018
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3746
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3703
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2014
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3797
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    34.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Otly Türkmenistana barýar - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3709
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.