Latin

Ojaklar öçmesin - 06

Süzlärneñ gomumi sanı 3751
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2147
33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Oňa çenli beýlekilerem gelip ýapyşdylar.
Goýbermediler. Muhat agany hem goýbermediler.
Soňabaka daşarda goh edip duruşlaryna ökünşip öýe
girdiler.
— Sen şumat döw bolup barsaňam oň golaýyna
eltmezler, gury goh edeniň galar — diýip, arkasyny tama
ýaplap oturşyna Sähet aga agasynamy, inisinemi, kime
diýýäni belli bolmadyk halda gürledi. — Barmagyňy
batyrsaň özüň günäkär borsuň. Her ýan ýatsaňam seňki
ters bor. Soň ol az salym böwrüni diňläp oturdy-da:
— Be-e, hiç haýsyňyzam şumada çenli duýmaýşyňyzyaýt, muny. Aý, howwa-da, emelem köpelişipdir-dä indi.
Çörli kösäň gyzynam duýmadylar-a öňňil dogurýança.
Muhat aga başyny tutup yrandy.
— Wah, ömürboýy buýsanç bilen göteren telpegim
itiň syrtynda galdy-ow!
— Şu ýagdaýda başga ýol-a ýok Muhat! Hemmämizede agyr şu. Ýöne kada bar, kanun bar, şondan çyksaň-a
günäkär borsuň.
Muhat aga iki aýasyny serip howany eledi:
— Bu ýagdaý kada gelýämi, onsoň, Sähet?!
Sähet aga-da jany agrap duran adam, kejikjek boldy.
124
Ynjyly gürledi.
— Gelmände nätjek-dä. Men-ä bolar-boldajyny,
geler-geldejini aýdýan. Göz-görtele çukura itekläsim
gelenok size. Maňa ýeňilmi bi? Gaýtam sen Perdeläde
basalyk bol! Jahyldyr, gözüňden sypdyrma.
— Wah, gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn...
— diýip, Perdeliniň ejesi şol aglap oturşyna seslendi. —
Biz indi nädip öýden çykaly, nädip iliň ýüzüne bakaly?
Şu gije daň bir atmabilseýdir Hudaýym!
«Içi ýanan gazal okar» diýen ýaly Sähet aga-da öz
göwnüne näjaý zatlary aýdyp içini egismek isledi.
— A-aý, ýeňňe, daňam atar, günem dogar. Ilem eşider.
Işli-işimize-de barmaly borus. Etjek zadyň bolmaz.
Her kimiň öz kädisinde derek bolsun diýsene. Ildegündedem-ä bar, şuňňaly gyz-oglan. Öňki ýyl Çörli
kösäň gyzynyň şeýle bolanyny eşidip öler ýaly namys
edipdik. Ýogsam oba bir diýäýmeseň garyndaşam-a däl.
Geňem germändik. Beh! Şol gezek şony şähere eltägede ýedi ýoluň ugrunda bir agaç dikipjik asyp goýaýan
bolsadylar. Baý, pent bordy-ha! Ýok. Gördi-bakdy
towuklaryna «tok» diýýän ýok, basdylar ata gamçyny,
urdular şama şaýyrda. «Kimden bolsada barlyş, ýazlyş»
diýýäler, ana, bar bolany. Bir adam namys astynda galdy125
ow, ölmez-gülmez güne düşdi-ow diýen pikir ýok. Gaty
gabahat zadyň-a başyny başladylar bular. Hälem bolsa
wagtynda «haý-küş» ediläýedi-dä belki.
Inisiniň gürrüňlerinden göwni suw içmedimi,
nämemi, Muhat aga gyňraldy:
— Sen maňa indi nätmelidigini maslahat ber!
— Maslahaty şol oň. Degseňiz-ä özüňiz gidersiňiz.
Öýüne getirip bäbegini «huwwalabam-a» bolmaz. Howwa-a... Beýlesinem gör-dä, özüň. Patasyny alaýmasaň...
Muhat aga agralan başyny ýuwaşja galdyrdy, aşak
ýokary edip, birnäçe gezek yralady. Gözüniň gytagy
bilen ýer bagyrtlap ýatan Perdelä seretdi. Agasynyň
gürrüňi başga ýana syrykdyraýmagyndan ätiýaç edýän
ýaly, Sähet aga çalt-çalt gürledi:
— Öldi hasap edäýsene! Köňlüňden çykarda dyn.
Şondan gowusy bolmaz. Gyzmalyk edip Perdelem bir
zadyň üstünden baraýmasyn.
...Muhat aganyň çiginleri aşak gaçan ýaly boldy.
Iliň ýanynda diliniň keltelendigini, ýüzüniň nurunyň
dökülendigini duýdy. Nädeňde namysyň astyndan
çykyp boljakdygy hakynda oýlandy.
Ol inisiniň beren maslahatyndan başlady. Bir janly
126
soýaga-da gyzynyň patasyny aldy. Ed-dil öz ýakyn
garyndaşy bolaýmasa üýşmeleňe hiç kim gelmedi.
Çekindiler. Ýöne Täçnabada welin, bu habar günübirin
ýetdi. Derňew organlaryna hem ýetdi. Muhat aga bilen
Perdelini raýon milisiýasyna çagyrdylar.
Milisiýanyň naçalniginiň orunbasary, orta boýdy,
çalasyn ýigit Şyhdurdyýew, Muhat aga bilen mylakatly
salamlaşdy. Perdelini kabulhanada goýdy. Gojany
gapdalynda oturdyp çaý berdi. Ondan-mundan mesaýy
gürrüňler edibem gojany özüne gowy öwrenişdirdi.
Ýaşulynyň tolgunmasy galansoň bu gün näme
üýşmeleň edendigini sorady. Muhat aga gizlejegem
bolup durmady.
— Gyzym öldi... Ýigrimi ýaşyndady... Öläýdi... Heniz
durmuşa-da çykmandy.
Şyhdurdyýew: «Hüm-m» edip, bir zatlar ýazyşdyrdy.
Öňki parahatlygy bilen:
— Bolanok, Muhat aga! — diýdi.
— Näme bolanok.
— Şol edişiň bolanok. Diri adama pata etmek...
— Iki aýagyny göre sokup oturan atany, enäni, gül
ýüzli ýigidi galmaz güne salmak bolýamy?
127
Şyhdurdyýew ýüzüni sypajaklatdy.
— Birneme sowaşsaňyz, bu zatlaryň bary geçer
gider ýaşuly. Ogluňyza-da aýdyň. Uýasyna azar berip
ýörmesin. Biz o çaganyň atasynyň kimdigini eýýäm
bildik. Oňa çaga bilen gyza eýeligem etdiris. Asyl ol
boýun towlajagam bolup duranok. Aljak dälem diýenok.
Özem asyl siziň tanyýan ýeriňiz ekeni. Puşmanam
edýäler. Töwella-da gelerler. Howwa, hemmesi düzelişer,
Muhat aga. Siz ýöne giňiräk boluň! Bu ýerde hiç hili
üýtgeşik zat ýok. Ýaşlardyr-da... Ýalňyşypdyrlar-da...
Muhat aga para-para bolup bölündi.
— Öldi! Öldi diýdim men saňa ýaňy! Muhat gylyjyň
astynda galar, namys astynda galmaz! Oglumam
galmaz! Köpek bilen çörňeşmänini ýa asmandan inen
birinden däldigini menem bilýän. Ýöne namysym gitdi,
namysym. Indi şony aklap ak guş etseňizem maňa bir
sümeklik peýdasy ýok. Ganda giňlik etse bolar. Ara
ölüm düşende-de geçse bolar. Ýöne namysa gezek
gelende welin ýürek giňlik edip bilmez. Ýarylar. Darka
ýarylaýar...
Muhat aganyň bokurdagy dolup yzyny sözläbilmedi.
Şyhdurdyýew azajyk dymdy-da, ýuwaşja gürläp başlady.
— Biziň wezipämiz jenaýatyň öňüni almak. Şol
128
gyzyň howpsyzlygyny üpjün etmek. Şonuň üçinem
biz ogluň ikiňiz bilen gepleşik geçirýäs. Ýap-ýaňyja
oba guramalaryňyz bilenem gepleşdik. Olara-da gep
gelmän durmazmyka diýýän.
Muhat aga uludan demini aldy. Goltugyndan ullakan
ak ýaglygy çykaryp ýüzüni, gözüni süpürdi. Soň ýenede düýrläp goltugyna dykdy.
— Tohumymda, haramzada gatanjyma ýokdy, inim!
Näbileýin-dä. Ahyr ýaşymda namysa-ha galdym.
Türkmeniň aty-dony, ady-abraýy, iň gymmat zady onuň
namysy dälmidir? Türkmen namysdan çykybilmese,
namys ony öldürýändir... Men-ä ýagşy ýigit gaýtjak.
Derdim agyr. Öýe bir ýeteýin. — Muhat aga durupdurup elendi. — Her kimiň öz zandynda derek bolmasa,
oňa gurama nätsin, ýolbaşçy nätsin. O bendelere azar
bermäňiz-ä hijem bolanok. Günä — kim günä eden
bolsa şonuň özündedir.
Ýaşulynyň ýürejiginden syzdyryp aýdýan gürrüňlerini
diňläp, oňa nebsi agyryp oturan Şyhdurdyýew «otur»
diýen manyda elini salgady. «Käriň şu bolsa her zatlara
öwrenişmeli bolýar-ow» diýip, başyny ýaýkady. Ýenede Muhat aga çaý guýup berdi. Golaýrajygyna süýşdi.
Öňküsi ýaly ýuwaş gepledi.
129
— Men hemmesine düşünýän ýaşuly. Seňňem
ýagdaýyňa düşünýän. Ýöne, senem biziň ýagdaýymyza
düşün! Biz jenaýatyň öňüni almaly. Siz ganygyzgynlyk
etmeseňiz bize şo bolýa. Ýöne... Elbetde... Siziň
aýdanlaryňyz... — Ol ýerinden turdy-da, Muhat aganyň
egnine elini goýdy. — Ýazylan hem-de ýazylmadyk
kanunlar bar, agam! Ine, şol ikisiniň aralygynda-da bir
ýol bar. Düşünýäňizmi? Umuman, siz paýhasly adam.
Men muňa ynanýan... Obadaşlaryňyzam şeý diýdiler.
Düşündiriş beýlekem ýazyşyp durmaly ikimiz. Onda
näme, men sizden arkaýyn bolaýjak. — Ol elini uzatdy.
— Hoş, Muhat aga! Ogluňyz bilenem gürleşeýinmi?
— Oglum meň diýenimden çykmaz — Muhat aga
sesini sandyradyp, stoluň üstüne süýem barmagyny
çommaltdy.
— Ysnat getirene, namys getirene jeza berer ýalam
bir kanun çykaryň, han ogul!
Muhat aga çykyberende, «bor, bor» diýip zoraýakdan
ýylgyran bolup duran Şyhdurdyýew ony ýene saklady.
— Muhat aga, ýaňky, başky gürrüňimizem ýatdan
çykarmaň. Diri adama aş-suw berip ýörseň gelşiksizdä. Gaharyň ugruna gitmäň! Özüňiz bilýäňiz...
Ýaşuly Şyhdurdyýewiň ýüzüne seretdi. Onuň
130
ýüzünden: «Şu döwürde-de bir namys beýleki diýip
şeýdip ýörmek bolarmy. Häk, ýaşuly, köne pikir
bolýaňyz-ow» diýen manyny aňlajak boldy. Emma
ýigidiň ýüzünde beýle alamat görünmedi. Öz duýgusyny
äsgermezlik etmändigi üçin, goja Şyhdurdyýewden köp
minnetdar boldy. Dönüp çykyberjek bolanda, garry
göwün gubaryny serpip mert gepledi.
— Aý, indi oň sakydy sowuldy inim! Berme diýseň
üç-ýedisini bermäýerin. Ýöne şol gyzyň öleni-hä çyn.
Ol daşky jaýda özüne garaşyp oturan ogluna: «Ýör!»
diýdi-de, şol ýerden göni oba gaýtdy. Ruluň başynda
oturan ogluna garap içinden: «Horlanypdyr-ow» diýdi.
«Gül ýüzli ýigitleriň gyzyl meňzini soldurýan zatlar-da,
ine şu» diýip, dişini gyjady.
Ýolda bir öwülýälik bardy. Şoň deňine ýetenlerinde
Muhat aga:
— Sakla, oglum, öten-geçenlere bir aýat okaly —
diýdi.
Muhat aga aýat okady. Özem maşyndan düşüp okady.
Bolansoňam köne tümmeklere bakyp durdy-durdy-da,
ogluna ýüzlendi:
— Sen ötägit Perdeli jan, men şu bendeleriň üsti
131
bilen pyýadalap gideýin, oba özüm bararyn.
Perdeli kakasynyň ýüzüni-gözüni halamady.
— Bolýa-laý, kaka, ýör, gideli-le!
Her näçe özelense-de etmän, elini salgap giden
kakasyny ýeke goýbermäge dözmän, bu-da sessizüýnsiz onuň yzyna düşdi.
Muhat aga mazarlygyň içi bilen geçip barýarka-da
şol gepledi gitdi.
— Kän-kän mertler ýatandyr bu ýerde.
Namartlardanam ýatany bar. Olaram ýer göterip
zyňaýanok. Ä-äl, bu dünýe giň-ow! Bularyň köpüsini
men tanaýan. Hor-zar bolsalaram, binamys-a däldiler.
Namys üçin baş alyp, baş bererdiler. Şulaň haýsyny
turzup sorasaň sora: «nädip öldüň?» diýip. Öz ajalyna
ölmedigi «namysdan öldüm» diýer. Howwa, türkmen
bir bu mele sähranyň hydyraýy gögeren päkize çöpüdir
oglum. — Ol az salym dymdy-da ogluna pent etdi. —
Şol gyrnak üçin şirin janyňy gynamagyn. Özi ýakypdyr,
özi hem ýanar. Saňada ýeňil-ä bolmaz. Nätjek, çek. Saňa
başga ýol ýok. Namysjaňlyk etseň çagalaryňy dökersiň.
Ýöne irde-giçde şo ýüzügaranyň ýüzüni görerin diýseň
aýt, sendenem geçjek...
132
Obanyň çetinden giriberensoňlar Perdeli ýene
yzyna, maşynyny goýan ýerine tarap gaýtdy. Ýol boýy
içini gepletdi. Telim gün bäri janyna jaý tapman ýören
ýigidiň gany depesinden dabanyna, dabanyndan
depesine baka telim ýola at saldy. Maşyny goýan ýerine
gelensoňam oba tarap aýagy çekmän kän oturdy. Çilim
çekdi. Ahyrsoňunda rula geçdi-de, maşyny otlady.
Ýolda şäherden oba barýan pyýadalar sataşsa-da, hiç
kimi mündürmedi. Hiç kimi göresi hem gelmedi, hiç
kime görünesi hem. Öýlerine ýetip barýarka, işikdäki
üýşmeleňi görüp geň galdy. Goňşulary Sytdyh aganyň
öňünden çykyp: «Perdeli, kakaň pahyr-a ýurduny
täzeledi, ses et!» diýen sözlerini eşitse-de, göýä eşitmedik
ýaly bolup içeri girdi. Yzanda-çuwan bolşup oturan
aýallaryň arasy bilen ätmerläp, törki jaýa, Muhat aganyň
ýatan ýerine girdi. Mähriban atasynyň gapdalynda
oturyp, dyzyna çökdi. «Menden bir razymyň kaka? —
diýip sorady. Yzyndanam — Razy bol!» diýdi. Eýýäm
haçan gelip ölmäge ýetişendigini sorasy geldi. Sorap
bilmedi. Birdenem kakasynyň gözleriniň açykdygyny
görüp tisgindi. Aýasyny goýup, emaý bilen gözlerini
ýumdurdy. Sakgalyny, murtuny düzedişdirdi. Usullyk
bilen galdy-da, gapa ýöneldi. Işigiň agzyna ýetiberende
gaňrylyp ýene bir gezek yzyna seretdi. Şonda onuň
133
gulagynda kakasynyň mundan ýarym sagat öý
aýdan sözleri ýaňlandy. «Türkmen öz ajalyna ölmese,
namysdan ölýändir oglum!»
Perdeli bir zatlar hakynda pikir etjek boldy. Emma
gyssagara başlan pikirini soňuna çenli pikirlenip
ýetişmedi. Çozuşyp gelýän oba adamlaryndan
gizlenibem bilmedi, görünmäge hem bogny ysmady.
Bir gurruk guýa özüni atasy, şoň yzgaryna ýan berip,
dokuz ýyllap ukudan açylman ýatasy geldi...
...Gojany ol gije myhman aldylar. Ertesi guşluk
wagtlary ony düýnki geçip giden ýerine getirip, küpürsäp
ýatan mele toprakly ýerde hormat bilen jaýladylar.
1981 ý.
DURMUŞ SIMFONIÝASY
(satiriki hekaýa)
Sapanyň işe başlanyna sähelçe wagt boldy. Ol entek
redaksiýanyň işgärleri bileň doly tapşyp hem ýetişenok.
Iň bir ysnyşaýjagam şu bölümiň müdiri Oraz Taganow
welin, o-da henize bu güne çenli arada diwar saklap
gelýär. Özüniň welin ýüregi açyk adamdygy görnüp
dur. Sähel ýerde degişjek bolýar, çendan bir ýüze çykýan
134
näsazlyklary ýyly-ýumşak sözler bilen ýuwmarlajak
bolýar. Ýaşynyň elliden geçiberendigine garamazdan,
çagasy ýaly oglana her sözüniň birinde «dost jan» diýip
ýüzlenýär. Sapanyň döredijilik bilen gyzyklanýandygyny
hem ol ýaňyja bilip galdy.
— Birinjiňmi? — diýip, müdir çaphanaň ysy gelip
duran täzeje gazeti synlap oturşyna sorady.
— Ýok, birinji-hä däl. Okaýarkamam bäş-üç sanysy
çykypdy. — Sapa ellerini owkalaşdyrdy. — Ýöne ara
birneme wagt düşdi-dä.
Sapanyň dylmyldap durşundan özüniň hekaýa
barada ýagşy-u ýaman bir zatlar diýmelidigini aňan
müdir:
— Agşam okap göreýin — diýdi-de, gazeti epläp
sumkasyna dykdy.
— Alaýdym welin, özüňde bardyr-la başga.
— Bar, bar.
Ertesi Oraz Taganow Sapanyň hekaýasy barada
köp-köp öwgüli sözler aýtdy. Göwnüni götermek üçin
has hem öwdi. Ýaş oglan muňa monça boldy. Çaý
demläp müdiriň daşynda aýlanyberdi. «Tolgunýanymy
daşymdan bildirmeýän bolsamam biridir» diýip, yzly135
yzyna üsgürindi, hiç zat ýok ýerden burnuny çekdi,
ýüzüni gözüni her hili surata getirip gördi.
Elbetde, Oraz Taganow Sapanyň öňünde kiçi-girim
adam däl. Sapa baryp mekdepde okaýarka okuw
kitaplarynyň içinde sözbaşydan hem ýokarda Oraz
Taganow diýip ýazylan hekaýalar bolardy. «Bir wagtlar
şu adam bilen bir jaýda oturyp bile işleşerin» diýip,
şonda munuň kellesine bir gelenmidir? Durmuş-da
bu. Belki bu adamyň hekaýalary geçilende Sapa bäşlik
alandyr. Belki-de ikilik alandyr. Kim bilýär? O zatlar
hiç. Esasy zat Sapanyň öz müdirini ýaşlykdan uly ýazyjy
hökmünde tanaýanlygynda.
Ine, şol adamam onuň ýazan hekaýasyny öwüp otyr.
Dura-bara onuň gürrüňi hekaýadanam sowuldy-da,
umumy öwüt-ündewe döndi ötägitdi.
— Ýazýanyň gowy zat inim. Ýaz! Barmaklaryň
gabarýança, beýniň içinde syçanlar gybyrdyklaşýança
ýaz. Özüňi aýaman işle! Bu ömür bir pursatdyr.
Sypdyrsaň soň gaýdyp gelmez. Özem gaty sypjykdyr.
Eýläňi, beýläňi bakýançaň ýokdur eýýäm. Ine, menem
bir wagtlar özümi diňe ýazyjy bormukam öýderdim.
— Ol Sapanyň demlän çaýyndan içip oturşyna çüňke
seredip dymdy. Ikisem dymdy. Bir meýdan içerde diňe
136
jaý sowadýanyň «hüňňüldisi» bilen çaý içýänleriň
«şirpildisi» eşidildi. Müdir boşan käsäni bir gaplalda
goýdy-da, oturan ýerinde arkan gaýyşdy. Gerinjiredi.
Başlan gürrüňine ökünýän ýaly tutuk ses bilen:
— Aý, bolýa-da, dost jan — diýdi. — Düýnki
makalany bir gutarjak bolaweri!
Özem ýüzüni ynjyly görnüşde çytyp, bir zatlara
güýmenip başlady. Sapanyň welin ondan entek köp
zatlary eşidesi gelýärdi. Müdiriň özüni ýazyjy hasap
etmeýänini hem ol hut şu wagt onuň öz agzyndan
eşitdi. Öňki aýdyşymyz ýaly Sapa üçin Oraz Taganow
uly ýazyjy. Ol şu adamyň hekaýalaryny okap mekdebi
gutardy ahyry. Dogry, müdir dünýäni endireden
döredijilerden däl. Ony Sapa bilip dur. Şeýle-de bolsa
respublikada tanalyp ýören adamyň öz-özüne: «Men
ýazyjy däl» diýmegi üýtgeşik bir mertlik dälmi? Bu hem
bir uly sapak. Sapanyň ýüregi jigläp gitdi. «Ýa men gaty
badyhowa görünäýdimmikäm?»
Şol günüň ertesi aýlyk berildi. Işden soň Oraz
Taganow gülümjiräp Sapanyň elinden tutdy-da, daşaryk
çykardy. Gözlerini güldürdi.
— Işi gutardykmy?
Sapa müdiriň ýüzüne seretmek üçin, minaranyň
137
düýbünde duram dek dik depesine bakmaly boldy.
Heniz bular ýaly ýanaşyk durup görmänsoň sussy
basyldy. Ýaýdandy.
— Gutardyk.
— Ýarym aýlygam aldykmy?
— Hä, aldyk.
— Ýör onda.
Sapa sesini çykarman ýöräberdi. Onuň goluny welin
müdir henizem sypdyranok. «Golumy bir goýbersedi»
diýip Sapa töweregini garanjaklady. Bolup baryşlaryny
biriniň göräýmeginden çekindi. Şu şonuň iň bir
halamaýan zady. Piwohanaň deňine ýetenlerinde müdir
Sapanyň elini goýberdi. Uludan demini aldy. Gözüni
gypdy.
— Ýürekleri bir sowudaly.
...Buz ýaly piwodan iki kürüşge içýänçäler mesaýy
gürrüňler edip «ümmüldeşdiler». Şondan soň Oraz
Taganow sen-men ýok, düýnki goýan gürrüňiniň yzyna
başlady.
— Howwa inim, menem bir wagtlar tüýs
manysyndaky ýazyjy bormukam diýýädim. Bolmady.
Ine, görüp dursuň, öýlänim geçip barýar. Ikindi bilen
138
agşamyň aralygynda näme edersiň? Hiç zat. Bary
gutardy. Hemmesi durmuş hysyrdylaryna siňdi.
Ýigrimbäşdekäm, otuzda ederin entek wagt bar,
diýdim. Soň, kyrkda at alýanam az däl-le, diýdim. Kyrk
bäşe ýetmänkäm çaga basdy. Eklenç hemme zatdan öňe
düşdi. Saçymdan öň süňňüm agardy. Ine, indem Oraz
Taganow bir ýükçi eşek. Ýazmak küje, zat küje. Ýazyjy
däl, pr-rosto işgär. Redaksiýanyň işgäri. Çykardamda
näme üç-dört sany kitap. Ol kitaplar ili-hä däl, meň
özümi hem kanagatlandyranok. How-wa-a, men bir
indi ýükçi eşek. — Oraz Taganow barmaklaryny büküp
başlady. — Öýde un ýokmy? Oraz sen hojalyk başy —
tap! Et ýokmy? Tap! Nirden tapsaň şondan tap! Öňürti
pul tap, onsoň o zatlary tap. Sekiz sanjak jüýje-de
agzyny açyşyp oturandyr. Galamyňy taşlap galybirsiň
ýerinden.
— Seki-i-z?! — Sapanyň agzy açyldy. Boşan
kürüşgeleri şakyrdadyp eline aldy-da, guýdurylýan ýere
tarap ýumlukdy. Oraz Taganow oňa:
— E-eý, pul äkit! Me-e! — diýip gygyrdy. Sapa az
salymdan kürüşgeleri dolduryp geldi. Oraz Taganow
oňa igendi. — Sen entek ýaňy işe başladyň. Piwäni men
alaryn.
139
Sapa utandy:
— Aý, hiç-laý, bu dagy. Kh-he! Alyň! Häk...
— Çagaň bamy inim?
— Bar. — Ol iki barmagyny görkezdi. — Iki sanysy.
Häk...
— Kwartirantmy özüňem?
— Hm-m.
— Ine bir ýagyňam şu jaýsyzlyk bor. Belki bäş ýyl,
on ýyl jaýsyz ýaşarsyň. Jaý alamsoň işlärin diýdigiňem
işiň gaýdar. Ýaňkyja ikiňem alty-ýedi bor. — Sapa ýenede «häk» etdi-de sag çignine bakyp burnuny ýygyrdy.
Müdir dowam etdi. — Howwa, şumatdan gözüňe urlan
ýaly işläbermeseň suw gysymlan ýaly bolarsyň. Bu
wagytkyja birdir, ikidir hekaýajyk beýleki çykardanňa
seretme. Kitap çykardanňa-da seretme. Öňe seret!
Öňe tarap dyza! Ýöne eklenç üçin ýazan zadyň soň
saňa hossar bolmaz. Şuny berk belle. Kynam bolsa,
mümkinçiligiň ýogam bolsa gaýrat et-de tüýs ýürekden
işle! Döret! Ine, mende häzir hemme zadam bar. Jaýam
bar, içiniň zadam bar. Uluja ogluma maşynam äberdim.
Hemme zat bar. Emma men ýok. Oraz Taganow ýok.
Utdurdym. Wagtymy utdurdym. ömrümi ogurlatdym.
140
Ine, meniň janymyň ýanýan ýeri. Men muny näme üçin
aýdýan? Saňa dirije sapak bolsun diýip aýdýan. Maňa
zeýrenjeň diýjek bolýanlaram bar. Nädeýin. Janym
durman aýdaýýan. Aýtmasamam bor welin, özüň ýaly
hyjuwly oglanlary göremde aýtman durup bilemok. Siz
entek durmuşyň ol oýunlaryny göreňizok. Şoň üçinem
öňünden duýduryp goýýan. Soň yzyňyza garap bir «ah»
çekersiňiz welin, ahyňyzdan ödüňiz ýarylar. Peýdasy
bolmaz. Men özümden mysal getirip aýdýan. — Ol
gasyk jübüsinden dört eplenen birlik çykardy. Me, inim,
ýene dolduryp gel. Al, al! — Sapa sypajaklap gidiberjek
boldy welin, Oraz Taganow berkine tutdy. — Gel diýýän
bäri! Gel hany, me! — Sapa birligi alyp gybyrdyklap
gitdi. Oýa batyp oturan müdir Sapa gelenden silkip
başyny galdyrdy.
Daýaw göwresi bilen Sapanyň üstüne abandy.
— Ýüregiňe düşäýdimmi inijik?
Sapa ör-gökden geldi.
— Ýok, ýok! Ba-a... Men-ä gaýtam diňläp hezil etdim.
Häk.
Oraz Taganow gözlerini süzüp, dişinden syzdyrdy:
— Hm-m... Sen hezil etmeli däl, ýanmaly. Ýanmaly
141
bu gürrüňleri diňläp.
Sapa näme diýjegini bilmän buruljyrady. Çepiksije
göwresi hasam kiçelen ýaly boldy. Dodagyny ýalap,
kürüşgäni agzyna ýetirdi. Sesini çykarmady. Oraz
Taganowam bir meýdan ak ýelken ýaly howalanyp
duransoň, öňündäki uzyn, tegelek dikdurma stola
bileklerini goýdy. Aýaklaryny, göwresini birneme
gowşatdy. Şonda ol Sapadan kän bir uly hem görünmedi.
— How-wa-a — diýip, ol ýene-de gözlerini süzüp
Sapanyň üstüne abandy. — Sende hyjuw bar. Şoň üçinem
men bu zatlary saňa aýdyp durum. Bizdenem çyksyn-a
ägirt bir neme... — Ol ýumrugyny düwüp ýokary
galdyrdy. Kükregini ýelden dolduryp daraklygyna
galdy. O-uwf, etdirip ýelini çykardy. — Çyksyn bir ogul!
A siz nätýäňiz? Sähel ýola düşeniňiz aragyň başyna
çökäýýäňiz. Şol ýerde hem çüýräp galýaňyz. Çynym
meniň. Köpleri görendnr bu gözler. Terk et, terk et
şu dünýäniň bor-bolgusyz aldawçy keýpi sapalaryny!
Içme! Zynhar içme sen şuny! Şundan başga-da saňa
päsgel berjek zat az däldir. Jaýym ýok diýdiň. Şeýle
dälmi? Bolmazam ýene esli wagtlap. Öýüň welin açyk
gapydyr. Gelen bor, giden bor. Olara ýatara ýer tapman
bir kösenersiň. Aýlyga ýetmänkäň gelseler harjysyzlyk
ýakar. Onda-da bir kösenersiň. Özem bu ýagdaý bir ýa
142
iki bolmaz. Ýakyn-u daş öýüňe gelip: «Men myhman»
diýip otursa, «gaýdyberiň» diýibem-ä bilmersiň. Gowuja
nahar, bir çüýşejik arajyk, artybir aladaň. Şeýtmeseň
obaňa baraňda seniňem olaryň ýanynda ýüzüň bolmaz.
Myhman bolsa gelip durandyr. Ownuk zat ýalydyr
welin, ikatýok deý ömrüňi ölçäp oturan zatlardyr
bu zatlar. Eýläňe-beýläňe owsunyp wagtyň geçenini
bilmersiň. Bir seretseň çagalaryň ýetişendir. Şonda
bilersiň utulanyňy. Ine, dost men muny öz mysalymdan
aýdýan. Sen bir aldawa düşme diýjek bolýan. — Ol
ýene-de sermenip oturşyna ýylgyrdy. — Ind-ä aýlyga el
uraýmasak öýden getirenjämiz gutarypdyr.
— Men getirin-läý — diýip, öňküdenem beter sesi
inçelen Sapa jyňňyldap kürüşgelere elini ýetirdi.
Oraz Taganow oňa bakyp barmagyny çommaltdy:
— Çüş-ş! Gowuja bol! Go-owuja bol! Me! — Ol
üçlük uzatdy. Sapanyň: «Mende köpügem-ä bardy»
diýenine gulak asman üçlügi eline tutdurdy. — Bar, bar.
Köpügiňe kemput al-da, çagalaryňa äkit! Özüňem şu iň
soňky içişiň bolsun. Bormy?
Sapa:
— Bo-or — diýip uzynrak edip aýtdy welin, müdir
Sapanyň gaýdyp içmejekdigine ynanmaýan terzde
143
başyny ýaýkap ýylgyrdy.
Gürrüň indi has gyzyşdy. Oraz Taganow Sapa gezek
bermän gürlese-de, entek-entekler içini egser ýaly däldi.
— Fundament edingin — diýip, ol ýene-de Sapanyň
üstüne abandy. — Çilim çekýän dälsiň senem?
— Ýo-o.
— Aý, birini çekäýjekdim. Bolýa-da. Oňaryslaý,
Içmesem-ä çekemogam weli... — Müdir ýene bat aldy.
— Fundament edingin. Ýosam alan galaň bolmaz.
Şumatdan başlamasaň soň eýgertmez. Sen inim, maňa
seret-de, bir sönen ody ýatlap aglaber. Men näme üçin
janygyp-janygyp saňa şu zatlary diýýän? Hä? Sebabi
meň göwnümde bir zatlar bardy. Başarmadym. Kim
günäkär? Ýaňy men saňa durmuşyň ownuk aladalary
günäkär diýdim. Olam o welin, esasy günäkär
meniň özüm. Ras, şol kynçylyklardan baş alyp çykyp
bilmedimmi, diýmek men günäkär. Aňsat zat gözleseň
aňsatlyk bilenem ýitersiň. Howwa, baryna özüm
günäkär, Oraz Taganowyň ýoklugy üçin günäkär men!
Honha, meň deň-duşlaryma seret! Men bir hatardan
galan ner boldum dost jan! Ölen günümiz it ölenden
enaýy bolmarys. — Onuň sesi goýaldy, sözler damagyny
dyrnap geçdi. — Howwa dost, şeýle bu zatlar. — Ol bir
144
meýdan aşak bakyp durdy. Birdenem başyny silkip
göterdi. Nemlenen gezlerini Sapadan gizlemek üçin
gabaklaryny goýberip süýji ýylgyrdy. — Ýöne welin men
alty ogul bilen iki gyz kemala getirdim. Şunuň özi hem
az iş däl-le diýip, käte öz-özümi köşeşdirýän. Göwnüme
teselli berýän, ýazylmadyk eserlerimi şolarda görýän.
Soňam ýene-de, çagaly-çugaly bolubam-a dünýäň işini
edip giden adamlar bar, diýip, öz boýnumdan dolap
alýan. Mende arzuw bolandyr-da, talant ýok bolan
bolaýmasyn, diýip oýlanýan. Şeýdip ýene bar günäni
öz üstüme ýükleýän. Bu hut şeýle dost! Kynçylykdan,
keselbentlikden asgyn gelýän talant— talant däldir.
Biz özümiz ejiz. Arakhor köpimiz. Aýdýan men şuny!
Şuny boýun almajak bolup dürli bahanalara ýüz urýas.
Öz-özümizi aldap, köräp duran odumyzy piwe bilen
öçürýäs. Hemmesine özümiz günäkär. Men-ä diňe
özümi günäleýän. Kynçylyk bar, gaty kän kynçylyk bar.
Ýok diýjek däl. Ýaňky diýenlerim dagy ýüzden biridir.
Ýöne ýeňmeli. Zynhar sen ýeňginiň şu zatlary. — Oraz
Taganow bir gapdala bakyp, sesini ýuwaşatdy. — Seni
gowy gördümde aýdaýdym bu zatlary. Jan durmazlykda biziňkem bir. Ýöne häzir bol. Soň giç bor. Gi-iç bor.
Adam ogly ham bolma! Pursadyň goldaka haýda! Ömrüň
ýele gidensoň ökünçden peýda bolmaz? Gören ýerde
145
geplener ýörersiň, diwana ýaly. Ýa-da bolmasa aýdaly,
ine, men ýaly. Çünki ýüregiňde çöküp galan arzuwlaryň
bardyr. Il bolsa saňa zeýrenjeň diýer. Iliň ýanynda-da,
öz ýanyňda-da müýnli bolmaz ýaly şumatdan atyňy
berkje eýerle. Eýerde berk otur. Döwüş et! Ine, inim
meňňä saňa sargydym şü. Galannam özüň gör. Sende
bir hyjuw gördümde aýdaýaýyn diýdim. Gerejigňi al,
gerekmejegini gulagyň duşundan geçirip goýber. Ýöne
sende bir uçgunjyg-a bar. Ölmesek göreris. Gaýrat
et! Işle! Bizdenem çyksyn-a bir gerçek ogullar. — Ol
ýene-de ýumrugyny düwüp ýokary galdyrdy. Müdiriň
ýumrugy depesinden inäýjek ýaly, Sapa kürüşgesiniň
düýbündäkijesini içip durşuna gözlerini gypyrjyklatdy.
Gapdalyna seretdi. «Ýapylypdyr-ow!» diýip gultundy.
Çermegini çekip müdiriň ýüzüne bakdy. Dodagyny
ýalady. Oraz Taganow: «Besdir indi dost jan, gideli!»
— diýdi-de, başdakysy ýaly Sapanyň golundan tutup
ýöräp ugrady. Piwohanadan daşlaşansoňlar Sapanyň
gulagyna pyşyrdady:
— Alty ogul bilen iki gyz ýetişdiräýmegem aňsat däl
ekeni Sapa jan. Hm-m? Dogry gerek? Şonuň özi hem bir
ullakan poeziýa dälmi? Bu bir eletmez simfoniýa ahyry.
Hä?! — Ol Sapany ogşady. Çalarak hamsykdy. — Ýöne
welin, ýürekde arman galsa bildirer durar ekeni. Dogrup
146
bilmän ejir çekýän zenany gördüňmi? Görmedik
bolsaň dost, olar dogrup bilmese ýaş üstünden ölýärler.
Biz welin dogmazak ogullary garnymyzda göterişip
ýörüs. Üstündenem piwo içýäs, arak içýäs. Sen bir
arman çekmeli bolma! — Ol Sapanyň goluny dostlukly
silkeledi. Zarp bilen gepledi. — Sende hyjuw bar. Sen
inim hyjuwly! Şu günden başla! Ertir giç bor. Çynym!
— Oraz Taganow töweregine garanjaklady. — Hany bir
taksi tutaly.
Müdir bilen Sapanyň ýoly bir däldi. Şonuň üçinem
Sapa Oraz Taganowy taksä mündirip hoşlaşdy. Oraz
Taganow göýä Sapa bilen ömürlik hoşlaşýan ýaly,
taksiniň içine girensoňam oglany çekip alyp ogşady.
— Şu günden başla! — diýip, ýene-de sargady.
Taksi ugrap bäş-on ädim arany açansoň, maşynyň
penjiresinden Oraz Taganowyň ullakan kellesi göründi.
Ýogyn sesi Sapanyň ýanynda ýaly eşidildi.
— Meňňem simfoniýam kiçi-girim däldir, Sapa-a!
Watana ýagşy-ýagşy ogullaram gerek ahyryn! Hä-ä?!
Sapa maşynyň yzyndan seredip gyýylyp galdy. Ertire
çenli Oraz Taganowy görmejegine gynandy. Başga bir
taksi tutagada müdiriň yzyndan gidesi, onuň bilen uzyn
gije gürrüňleşip oturasy geldi. Balagynyň daşyndan
147
jübüsindäki aýlygyny mynçgady. Birdenem onuň
gulagyna müdiriň: «Şu günden başla, ertir giç bor!»
diýen sözleri eşidildi. «Arakhor köpimiz...» diýen sözi
hem gulagynyň düýbünde ary ýaly wazzyldap, gider
ýerde gitmedi. Sapa öz-özüne igendi: «Şu wagt goltugyňa
arak salyp şoňka baraýsaň: «Bar aýdanym biderek
bolupdyr-ow — diýip, buduna urmazmy?» Şol wagt
Oraz Taganowyň adresini hem bilmeýändigi ýadyna
düşdi. Köçeden geçdi-de, gül-gülgüzarlygyň arasy
bilen öýüne tarap ugrady. Sagadyna seredip ädimini
has ýygjamlatdy. Ol bir garry är-heleýiň howlusynyň
burçundaky koridorly ýekeje jaýda çagalary bilen
kireýine ýaşaýardy. Sagat ondan soň bolsa howla girmek
bolanok. Howlugan bolup barşy hem şonuň üçin. Öýe
oduk-buduk almagy unudandygy ýadyna düşendenem
göwni buz ýaly boldy. Emma indi giç. Ekiz owlakly geçi
ýaly ýeňsesini ýaýkyldadyp barşyna: «Bardygym geçen
hepde taslap goýan hekaýamy gutaraýyn» diýip, göwün
ýüwürtdi.
Işikden atländen törde eplenişip ýatan iki sany gara
pyýada gözi düşdi. Zoraýakdan ýylgyrdy. Salam berdi.
Myhmanlaryň öňünde ýüzük gizlän ýaly jikgerilip
oturşyna iş stoljygyna seredip gultundy. Koridorda
güýmenip ýören gelniniň ýanyna bardy-da, burnuna
148
salyp sorady: «Kimler-ä bular?» Ýüzi salyk gelin ilk-ä
sesini çykarman egnini gysdy soňam: «Bally kakaňdan
adresiňi alyp gaýdypdyrlar öýüdýän, ýaňy şoň adyn-a
agzaýardylar. «Sapa beg bäş-üç gün Aşgabada aýlar,
biziň-ä bilýän ýerimiz ýokdur» diýibem-ä ýaňzytdylar
— diýdi. Hor ýüzüni hasam akjardyp zaryn gepledi. —
Men-ä nirde ýatjagymam bilemok. Her gün biriniňkide
ýatyp goňşularam irizdim. Kiçiňem uzyn gije gyzdyryp
çykýa. Aýlygyňy bir aldyňmy? Hiç zadam-a getirmänsiň.
— Gelin ellerini serip hasam ýaýdandy. Men-ä oba
gidäýmesem...»
Sapa uludan demini aldy. Demli çäýnekleri göterip
myhmanlaryň ýanyna geldi. Saçagyň gapdalynda onymuny goýuşdyrdy. Myhmanlar bilen çaý içişip gyşaryp
ýatyşyna olar bilen gürleşen bolsa-da, esasan ýazjak
hekaýasynyň pikirini etdi. «Belki powest bolar. Roman
hökmanmy-aýt! Gep göwrümde däl. Esasan pikiri
güýçlendirmeli. Hm-m... Ýogsa-da şu, baş gahryman:
öldüräge-de...»
Ol şo ýatyşyna-da irkilip galdy. Gijäniň bir mahaly
oýansa, myhmanlaryň hem hersi öz oturan ýerinde
gyşarypdyr. Sapa olaryň üstlerine ýorgança taşlady.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ojaklar öçmesin - 07
  • Büleklär
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3772
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2113
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3739
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2228
    30.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3663
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2199
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3717
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2222
    30.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3721
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2215
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3751
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2147
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3683
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2211
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3717
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2153
    34.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3816
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2202
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3682
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2131
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3688
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2135
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2187
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2187
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3162
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1804
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.