Latin

Oguznama - 09

Süzlärneñ gomumi sanı 3976
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
wepat boldy. Bugra han uly ýas tutdy. Bir ýyla çenli kişi
bilen sözleşmedi. Öýden hem çykmady. Bir gün Guzy
tegin atasyna aýtdy:
— Haçana çenli ýas tutup, gamgyn oturar siz? Awa
çyksaňyz köňlüňiz açylar.
Atasyny bir gün bir tarapa awa-seýre alyp çykdy.
150
Bimäçe günden soň «meniň köňlümde howa we höwes
peýda boldy* diýen wagtynda ol:
— Begler «Hana öýlenmeklik gerek» diýýärler — diýdi.
Han aýtdy:
— Eneň ornuny tutjak aýal ne ýerden tapylar?!
Guzy tegin aýtdy:
— Enemçe bolmasa, ondan bärräk bolsun.
Han «Kethuda bolmaryn* diýdi.
Emma Guzy tegin ony ygtyýarynda goýmady. Owşar
ilinde Gerinçe diýen biriniň görkli gyzy bardy. Ony hana
alyp berdiler. 01 betbagt gyzyň köňlüne «Guzy teginiň
maňa meýli bar. Onuň üçin meni atasyna bahana bilen
alyp berdi. Özi meniň bilen pynhan aýşy-eşret etjekdir.
Ýogsa garry kişä meniň dek sahypjemal gyzy ne üçin alyp
bersin* diýen, hyýal geldi. Bir gün Guzy tegin atasyny
görmäge geldi. Han uklap ýatyrdy we aýaly bolsa oturypdy.
01 Guzy teginiň ýanyna gelip, ýuzüni sylyp we sypap
aýallar äri bilen oýnanda neneňsi edýan bolsalar, şonuň
ýaly edip başlady. Guzy tegin köňlünde: «01 enem ornunda
bolup, maňa mähribanlyk edip başlady» diýdi. Birnäçe
günden soň aýal ýekelikde Guzy tegine aýtdy:
— Meniň halymdan habaryň barmy? Saňa aşyk men.
Gijeler ukym, gündizler kararym ýok. Meniň halyma
garamajak bolsaň ne üçin garry kişä alyp berdiň?
Guzy tegin aýtdy:
— Sen meniň enemsiň. Eger bu günden başlap bu
päliňi goýmasaň seni para-para edip, her müçäňi bir ýerde
goýar men.
Aýal bu wakany özüniň garyndaş aýallaryna aýdyp
geňeşdi. Olar aýtdylar:
— «Guzy tegin bu sözi hana we halka aýtmazdan öň,
seniň aýtmagyň gerek. Ýogsa ölüme gider sen.
Barçasy agzybirlik bilen bir aýaly iberdiler. 01 aýal
baryp Guzy teginiň öýünden ädigini ogurlap, geýip, Bugra
hanyň öýüne gelip, gaýdyp baryp ädigi ýerinde goýup
151
geldi. 01 gije han öýde ýokdy, awdady. Gijänift ýarymyndan
soňra azajyk gar ýagypdy. Säher waglynda aýal gygyryp
başlady. Daň atandan soň halk eşitdiler. Örkeden aglaýan
aýalyň owazy eşidilýärdi. Är we aýallar gelip, örkäniň
işigine baryp ýetdiler. Görseler aýal ýüzüni ýyrtyp, barça
ýerini gan edip, şeýle diýýärdi:
— Bu^gije säher wagtynda uklap ýatypdym. Bir kişi
gelip, goýnuma girdi. Görsem Guzy tegin han: «Gygyrma!
Bu mendirin. Men saňa aşyk bolup, atama alyp berdim.
Onuň üçin, gündiz atamyňky bolsaň, gije meniňki bolgaý
sen. Atam aýaly näme etsin» diýdi. Men: «Enesine beýle
iş etmek nirede görlendir* diýip, gygyryp başladym. Menden
bu sözi eşidenden soň gaçyp gitdi.
Golaýynda ýatan aýallar bu hakda güwälik berip diýdiler:
— Mundan ýagşy güwälik bolmaz. Ýer gardyr, ony
görüň!
Yzy gördüler. Yz Guzy teginiň öýünden çykyp, örkä
gelip, gaýdyp, Guzy teginiň öýüne eltdi. Guzy tegin yzyň
ýanyna gelip, aýagyn goýdy, ikisi düzüw geldi.
Bugra han awdan geldi. Oňa hem eşitdirdiler. Han
başlyklaýyn barça begler Guzy tegini çagyryp, aýtdylar:
— Gije gelip eden işiň ne işdir?
Guzy tegin ol aýaldan görenini we eşidenini aýtdy we
diýdi:
— Uýalyp aýdyp bilmedim. Ikinji aýaly atama men
alyp beripdim. Halk içinde ryswa bolmasyn diýdim. 01
menden öňürtiledi.
Halk iki bölek boldular. Ýarysy aýalyň sözüne ynandylar.
Ahyry barçalary birleşip, hanymyň ýanynda ýatan aýallary
hanyň alnyna getirip soradylar. Aýtmadylar. Syýasat etmek
islediler. Owwaldan ahyra çenli eden geňeşlerini, aýallaryň
dil birikdirendiklerini, ädigi ogurlaýyşlary barada bir-bir
aýtdylar. Bugra han Guzy tegine aýtdy:
— Bu aýaly alyp bereniňde şeýle bir pitne bolar
diýmänmidim näme? Sen meni ygtyýaryma goýmadyň.
152
Indi, muny ne ederiňi özüň ýagşy bilýarsiň.
Guzy tegin bäş sany şaýly baýtaly getirdip, iki aýagyny,
iki goluny we boýnuny her haýsysyn bir baýtalyň guýrugyna
baglap, baýtallaryň butiaryna naýzanyň ujy bilen sançdylar.
Towlap-towlap aýaly bäş para edip, her haýsysy bir endamy
öz yzyna alyp gitdi.
Bugra han köp ýyllar patyşalyk etdi we togsan ýaşap
öldi.
BUGRA HANYŇ OGLY GUZY TEGINIŇ HAN
BOLANYNYŇ BEÝANY
Guzy tegin atasynyň tagtynda oturyp, duşmanlary
ýygiadyp, dostlaryny güldürip, ile adalat edip, pakyr we
misgine yhsan edip, kyrk ýyl han bolup, ýetmiş bäş ýaşa
ýetende ogly Arslany ornunda oturdyp, wepat boldy.
GUZY TEGINIŇ OGLY ARSLANYŇ HAN
BOLANYNYŇ BEÝANY
Arslan atasynyň tagtynda oturyp, uly han boldy. Köp
ýyllardan soň, Suwadjyk ili ýagy boldy. Arslan baryp
Suwadjyk ilini çapyp, galanyny özüne bakna edip geldi.
Onda bir ýaş oglany oljalap getirip, adyna Suwar goýup,
golunda ösdürdi. 01 dogumly, mergen we janyňy ynanyp
boljak ýigit bolup ýetişdi. Barça köşk adamlary göriplik
etdi we munuň bilen ýaman boldular. Suwaryň gybatyny
hana niçik aýtjaklaryny bilmän ýördüler. Bir gün märekede
han Suwaryň gulagyna söz aýdyp durka onuň sakgaly
hanyň ýüzüne degdi. Suwar gidenden soň beglere bakyp
aýtdy:
— Suwar biedep adam bolupdyr.
Begler aýtdylar:
— Biz munun edýän işlerini ýekelikde arz edeliň
diýip, ýekelik bolanda aýtdylar:
— Pylan wagt, pylan malyňyza hyýanat etdi we
pylan syryňyzy halka paş etdi. Ýagydan alyp gelipdiňiz.
Aslyna çekýär. Munuň eden ýamanlyklarynyň haýsy birini
aýdaiy. Barça işlerinden ýamanragy hem siziň güýjüňiz
bilen birigjp ýurdy tutýar.
Arslan aýtdy:
— Suwary Ýaňykende hyzmata iberdim. Gelenden
soň size tabşyraryn. Näme etmelidigiňizi siz ýagşy bilersiňiz.
Soňra ene-de aýtdy:
— Pylan ýerde keýik köpmiş. Özüm bararyn diýipdim.
Düýnden bäri barça ýerim agyryp dur. Siz halka baş
bolup baryň. Pakyr, misgin dynç alsynlar.
Bikär halky alyp, awa gitdiler. Han aýaly bilen geňeşip,
hassa boldy. Birnäçe günden soň haly harap boldy. Öýünde
galan begler awa giden beglere we Suwara «Hanyň haly
ýaman boldy. Ýetişeweriň» diýip kişi iberditer. Begleriň
geler güni han öldi. Geldiler. Görseler han ölüpdir. Barça
begler geňeşdiler, hanyň öli we diri bolan malynjrň barçasyny
aldylar. 01 wagtda Suwar hem geldi. Suwara aýtdylar:
— Hanyň jesedini haçan çykarmalydygyny, ony nirede
jaýlamalydygyny we ýasyň barça borjuny hanym bilen sen
et. Sebäbi diriliginde hem barça işini edýän siz ikiňizdiňiz.
Ölende hem siz ediň.
Ölüniň üstüne gelmediler. Taşlap gitdiler. Suwar han
aýagynyň ujunda sakgalyny kesip, bir daşy alyp, başyna
we göwsüne urup, barça ýerini para-para edip, aglap şeýle
diýýärdi:
— Öleňde bolmadym. Bir käse suw bermedim,
hyzmatyňa ýaramadym. Indi, seni bir ýerde goýmak üçin
gelendirin. Ondan soň sensiz bu dünýäde ýörmek maňa
haramdyr. Özümi öldürerin. Seniň aýak ujuňda ýataryn!
01 şeýle diýip, ýyglap otyrdy. Han ýerinden turdy.
Suwary gujaklap, ýüzünden öpdi we aýtdy:
154

Sen we sen barada gybat edýan begler hakynda
hakykaty bilmek üçin özümi öli saýdym.
Hanyň direlenini eşidip, barça halk geldiler. Hanyň
mallaryn alyp, ölä garaman, taşlap giden begleri tutup,
gözlerini kör edip, gollaryny kesdirdi. Arslan han ýetmiş
ýyl patyşalyk edip, wepat boldy.
BUGRA HANYŇ ULY OGLY IL TEGINIŇ WE ONUŇ
OGLY OSMAN HANYŇ HAN BOLANYNYŇ BEÝANY
Arslan hanyň ogly kiçidi. Uly doganoglanynyň Osman
atly bir ogly bardy. Ony han bellediler. On bäş ýyl patyşalyk
edip, wepat boldy.
IL TEGINIŇ OGLY ILIN IŇ HAN BOLMAGYNYŇ
BEÝANY
Osmanyň Ili atly bir inisi bardy. Ony han etdiler. 01
üç ýyl han bolup, atasynyň yzyndan gitdi.
ILIN IŇ OGLY ŞEBANYŇ HAN BOLMAGYNYŇ
BEÝANY
Iliniň Şeban atly ogly bardy. Ony han etdiler. 01
atalarynyň ýörän ýolundan ýöräp, ýagşa ýagşy, ýamana
ýaman iş edip, ýigrimi ýyl atasynyň taglynda oturyp, uly
atalarynyň göçüniň yzyna düşüp göçüp gitdi.
ŞEBANYŇ OGLY BURANYŇ HAN BOLMAGYNYŇ
BEÝANY
Şebanyn Buran atly ogly bardy. Ony han etdiler.
Buran dili bilen ýagşy ýörelge görkezip, oguz iliniň resim
we kadalaryn aradan aýyrman, on sekiz ýyl patyşalyk
edip, wepat boldy.
155
ALYNYŇ HAN BOLMAGYNYŇ BEÝANY
Aly han Şahruhyň ogly Bikdebe hanyň neslindendir.
Onuň waglynda oguz ili Syrderýanyň iki tarapynda aýagyna
ýakyn ýerde oturýardylar. Mogol gelip, köp çapypdy. Oňa
tap getirip bilmediler. Köprägi göçüp, Ürgenje bardylar.
Galany Aly; diýeni han göterdiler. Alynyň Gylyç Arslan
atly bir ýaş ogly bardy. Oňa Şamälik at goýupdy. Bekdüz
ilinden Guzuçy beg diýen ýüz ýaşly kişi bardy. Onuň
wagtynda oguz iliniň ýurdy Syrderýanyň aýagynda, Ürgenç
bilen Syryň arasynda, Amyderýanyň iki tarapynda, Ürgenç
bilen Merwiň arasynda, Garagumyň içinden tä Murgap
suwunyň aýagyna çenlidi. Hanyň özi Ýaňykentde oturyp,
Şamäligi Guzuça tabşyrdy. Ogluna bolsa: «Guzuçynyň
sözünden çykma» diýdi. Guzuça aýtdy:

Şamäligi oguz iliniň içine alyp bar. Onda otursyn
Bu halka we halk muňa öwrenişsin. Iliň bir çetinde men
oturaryn, bir çetinde bolsa oglum bilen sen otur.
IL BAŞYNA «GARA HAN» BOLANY,
DÖRT TARAPA GITMEGINIŇ BEÝANY
Indi, Şamälik gaçyp gidenden soň, iliň näme edenini
aýdaly. Onuň wagtynda Ürgenç, Murgap we Merw tagtynda
oturan iliň uly begi gaýa ilinden bolan Gorkutdy. II içinde
her hilisi bardy.
Mergen diýen biri bardy. Gorkut ony çagyrýp^aýtdy:
— Şamälik bilen Guzuçy beg bizden ynjap, Aly 'hanyň
ýanyna gaçyp gitdi. II bilen hanyň işi niçik bolarka?
Mergen Kähin (bilgiç) bir sagat sözlemän oturdy we
aýtdy:
— Tiz oguz iliniň içinde uruş bolup, gyzyl gan gara
suw dek akar. Aly han tiz öler. Onuň omuna her hili kişi
patyşa bolar.
156
Bu söz tamam boldy. Indi, özge sözi aýdalyň.
Togurmyş atly bir kişi bardy. Atasynyň ady Gezenji
hojady. Gaýa ilinden bolup, öý ýasaýan bir kişidi. 01 bu
wakalardan köp ýyl öň, bir gije ýatyrka düýş gördi. Düýşünde
göwsünden üç daragt gögerip, belentlige çykdy. Şahalandy
we ýapraklandy. Oýanyp baryp, bu düýşüni Mergen Kahine
aýtdy. 01 aýtdy:
— Bu gören düýşüňi hiç kişä aýtmagyn. Ýagşy düýşdir.
Togurmyşyň üç ogly bardy. Her oglunyň başyna Hudaý
ýoluna bir goýun öldürip we bişirip halka berdi. Uly
oglunyň ady Tukat, ortanjysynyň ady Togrul we kiçisiniň
ady Arslandy. Gorkut bege garyndaşdy. Üçüsi hem mergen
hem pälwandy. Gorkut beg Togruly onbegi edipdi. Oňa
Togrul onbegi diýýärdiler.
Indi, Şamälik barada aýdalyň. Guzuçy beg Aly hana:
— Şamäligi meniň yzymdan ibergin - diýip, Ýaňykentde
we Ürgençde oturan iliň içine geldi. 01 wagt halk Togrulyň
agzyna garaýardylar. Togrul Guzuça aýtdy:
— Dogryňy aýtgyn. Bolmasa garran çagyňda essiň
gidip, ýagy ady bilen öler sen.
Gorkysyndan dogrusyny aýtdy. Guzuçyny bent etdiler.
Barça ile kişi çapdyrdylar. On alty müň kişi ýygylyp,
Şamäligiň gelýändigini bilip, ýoluna bardylar. Gorkut beg
sekiz müň leşger bilen ýoluň bir gapdalynda durdy. Togrul
beg sekiz müň kişi bilen ýoluň beýleki tarapynda durdy.
Uzaga garawul goýberdiler. Bir gün garawul: «Gelýärler»
diýip geldi. Atlanyp, ýoluň iki ýanyn alyp, durdular.
Şamäligiň leşgeri ýigrimi müň kişidi. Ýarysy ötüberende
iki tarapyndan at saldylar. Uly uruş boldy. Togrul beg
üstün çykdy. Şamäligi tutup, öidürdiler we beglerini hem
öldürdiler. Aly han bu habary eşidenden soň tiz öldi. Oguz
ili biri-biri bilen öçli we ganly bolduiar. «Özbaşyna Gara
han» diýeni boldy. Bir-birim çapdylar, biri-birini öldürdiler.
Gutlug begf Garan beg we Garaman beg baş bolup,
köp il bilen Maňgyşlaga gitdiler. Olaryň içinde her ilden
157
bardy. Emma köprägi eýmir> düker, igdir, çowdur, salaheddin,
garkyn, salyr we agardy. Bularyň köprägi salaheddin ilinden
ayrylandyrlar. Aly han begin oglanlary baş bolup Hasar
dagyna gildiler. Köp iller, okly ili, gökli ili we soltan ili
salaheddin ilinden aýrylyp, Abulhan dagyna gitdiler. Ýazyr
ili Horasana baryp, Durun etrapynda köp yyllar oturdylar.
01 sebäpden Duruna «Ýazyr ýurdy* diýerlen Ýazyr iliniň
birnäçesi Durun ýakynynda dag içinde daýhanlyk edip,
olurardylar. Bu waglda olary garadaşly diýýärdiler. Salyr
ilinden Diňli beg başlyk bolup, on müň öýli Horasana
bardylar. Köp ýyllar onda oturdylar. Ondan göçüp, Parsa
we Yraga bardylar. Onda watan tutup galdylar. Kynyk
urugyndan Soltan Sanjar Mazynyň (geçeniň) atasy soltan
Mälikşa baryp Yrak we Parsy alyp, Yspyhany paýtagt
edip oturan wagtynda, salyr ili Düňli begiň özünjň we ol
baran jemagatyň neslinden birnäçe kişiler gelip, soltana
nöker bolup, arz etdiler:

Biz oguz ili, salyr halkyndan bolarys. Uly atalarymy
Türküstandan gelendirler - diýip, garyndaşdyklaryny mälim
etdiler. 01 salyrdan birnäçesi gaýdyp, Yrakdan Maňgyşlaga.
gitdiler.
Olaryň niçik gelendiklerini Taňrym buýursa öten
halklaryň aýdyşy ýaly biz hem aýdarys. Oguz iliniň göç
çekip, ýöremedik ýoly barmy, öýün tutup oturmadyk ýurdy
barmy!
TOGURM YŞYŇ O G LY T OGRULYŇ HAN
BOLM AGYNYŇ BEÝANY
Oguz iliniň Şamäligiň eden bozuklygynda gitmän, Syr
suwunyň aýagynda we Amyderýada oturyp, galanlary
Togurmyşyň ogly Togruly han göterdiler. 01 ýigrimi ýyl
hanlyk edenden soň, wepat boldy. Ondan soň Togurmyşyň
kiçi ogly Arslany han etdiler. 01 on ýyl hanlyk edip, ölen
158
agasynyň yzyndan gitdi, Onuň ogly Asylzady han etdiler.
01 hem ýigrimi ýyl hanlyk edip, omuny Iribe berdi.
Iribiň bir oglunyň adyna Arslan beg diýip uly atasynyň
adyny dakypdylar. 01 hem atasynyň ornunda oturyp. birnäçe
ýyldan soň wepat boldy. Iki ýaşly oglany galdy. Ulusynyň
ady Kökem Bakuý, kiçisiniň ady Sertek. Kökem Bakuýy
han etdiler. Örän kiçidi. Ýagşy-ýamany bilmezdi. 01 zamanda
oguz iliniň Garaşat atly bir ýagysy bardy. Arslan hanyň
ogullarynyň ýaşy kiçisi bolup, olar hanlyk edip bilmediler.
Oguz iliniň agzala bolandygyny eşidip atlandy. Gelip Arslan
hanyň ordasyny we begleriniň ordasyny çapdy. Kökem
Bakuýy at alnyna alyp, gaçdylar. Sertek sallançakdady.
Ony hem ýagy olja edip, alyp gitdi. Ondan soň köp ýyllar
ötdi. Sertek ýigit bolandan soň, agasy Kökem Bakuýa
«Men gaçyp bilemok. Agam meni gelip alawersin» diyip,
kişi iberdi. Muny eşidip Kökem Bakuý barça oguz ilini we
leşgerini alyp baryp, Garaşaty çapyp inisi Sertegi aman
alyp, öýüne geldL Kökem Bakuý ýigrimi ýyl hanlyk edip,
wepat boldy.
ARSLANYŇ OGLY SERTEGIŇ HAN BOLMAGYNYŇ
BEÝANY
Kökem Bakuý ölenden soň inisi Sertegi han etdiler.
01 on ýyl hanlyk edip, agasynyň yzyndan gitdi. Ondan
soň oguz ilinden han bolan adam kynyk urugyndan Seljuk
baýdy.
Köp başlyk, köp il göçüp, Syrderýanyň ýakasynda
Hojant şäherine geldiler. Onda ýüz ýyl oturyp göçüp,
Ürgenje bardylar. Ürgençde oturyp bilmän göçüp, Horasana
bardylar. Merwden Abulhana çenli oturdylar. 01 wagtda
Horasan gaýa taýpasyndan bolan soltan Mahmyt Gaznalynyň
nebereleriniň gollaryndady. Olaryň döwletleriniň käseleri
dolupdy. Döküleýin diýip duran wagtydy. Seljuklar Merw
159
Şahy Jahanyň şäherini alyp, Togrul begi han etdiler. Alp
Arslan, soltan Melikşa we Soltan Sanjar Mazy şol
jemagatdandyrlar. 01 patyşalaryň hekaýatlaryny bizifi
aýtmagymyzyň hajaty ýokdur. Bizden bäri ötenler ol
patyşalaryň gelip çykyşlaryny beýan etmek üçin köp kitaplar
ýazandyrlar. Onuň hasabyny Hudaý ýagşy biler.
Seljuklylar türkmen bolup, garyndaşymyz diýip. ile
we halka peýdasy ýetmedi. Patyşa bolýança «Biz türkmeniň
kynyk urugyndandyrys* diýdiler. Patyşa bolandan soň:
«Afrasyýabyň bir ogly Keýhysrowdan gaçyp, türkmeniň
kynyk urugynyň içine baryp, ol ýerde bolupdyrlar. Biz.
onuň oglanlary bolup Afrasyýabyň neslindendiris*, diýip,
atalaryny sap otuz bäş arkada Afrasyýaba ýetirdiler.
Oguz ili Kökem Bakuý bilen Sertekden soň özbaşyna
patyşa göterip oturyp bilmediler. Oguz iliniň Maňgyşlakda,
Abulhanda (Balkanda) oturanlary, kim Ürgençde patyşa
bolsa oňa tabyn boldular. Horasanda oturanlary,
Mawerannahrda we beýleki her ýurtda oturanlary hem
şeýle boidular.
SALYR ÜGÜ RJIK ALPYŇ ATALARYNYŇ,
INILERINIŇ WE OGULLARYNYŇ BEÝANY
Şamäligiň buýrugy bilen Bunukly beg başlyklaýyn
Yraga baran salyr ili we köp iller onda oturandan soň,
olaryň içinde Ügürjik atly bir dogumly ýigit peýda boldy.
Türkmenleriň taryhyny bilýän kişileri Ügürjik Alpy on alty
arkada Oguz hana ýetirip, şeýle aýdýarlar: Ügürjik Alp,
atasy Gara Gazy beg, onuň atasy Garaj, onuň atasy
Senam Gazy, onuň atasy Ýörünji Gazy, onuň atasy Kalan
Gazy, onuň atasy Ynal Gazy, onuň atasy Süleýman Gazy,
onuň atasy Haýdar Gazy, onuň atasy Engümi Orus, onuň
atasy Karan Alp, onuň atasy Enkeş, onuň atasy Ender,
onuň atasy Demir, onuň atasy Salyr, onuň atasy Dag
160
I
.
I
1
I
'
han, onuň atasy Oguz han. Bu söz galatdyr. Sebäbi Oguz
handan tä şu wagta çenli bäş müň ýyl ötüpdir. Ügürjik
zamanyndan tä bu wagta çenli bäş ýüz, ýa alty ýüz ýyl
bolupdyr. Oguz bilen Ügürjigiň arasy dört müň ýüz ýyldyr.
On alty arka diýeniň dört ýüz ýyidat hernäçe köp bolsa,
dört ýüz elli ýylda öter. Bes, Ügürjigiň dört müň ýylda
öten atalarynyň adyny aýdaly. Bu diýlen on alty kişinin
Oguzyň oglanlarydygy hem Ügürjigiň atalarydygy hem
dogry. Emma, haýsy kişi il içinde meşhur bolsa, onyň
adyny tutup, meşhur däl kişileriň adyny tutmaýarlar. Bu
diýlen kişileriň her haýsynyň arasynda on bäş ýa ýigrimi
kişiniň adynyň bilinmän galandygyny diňe Hudaý biler.
Men onuň üçin, Oguz bilen Ügürjigiň arasynda dört müň
dört ýüz ýyl geçendir diýýärin. Her müň ýylda kyrk arka
ötse, ondan bäri iki ýüz arka öter. Bu pelegiň gerdişi
näme salar, ne öter, durmaýandyr. Bu onuň ýanynda
ýeňildir. Bu sözüň galatlygynyň ýene bir sebäbi, Salyr
Gazany aity arka ötüp, ýedilenji arkada Oguz hana
ýetirýärler. Indi, bu sözi okan, diňlän kişiler ýagşy pikir
edip bilsinler, Oguz han1 biziň pygamberden üç ýüz ýyl
soňdy. Garran çagynda Mekgä baryp, hajy bolup geidi.
Salyr Gazan alty arka mündan öň ýaşandyr. Gorkut ataň
Salyr Gazan Alpa gep göçürme tartymy budur: «Kazkurtdan
öňürti daşyny ýollatdy Salyr Gazan».
Indi, Ügürjigiň hekaýatyny aýdalyň. 01 zamanda Yragyň
güýçli we ýagşy halky salaheddin ilidi. Ügürjik Alp salaheddin
beginiň hökümini tutmady. Salaheddin ili Ügürjik bilen
ýagy boldy. Ügürjigiň salaheddin ili bilen uruşmaga kuwwaty
ýokdy. Müň öýli il bilen gaçyp, Yrakdan Şamaha geldi.
Dokuz ýüz öýli salyr we ýüz öýli garkyndy. Onda hem
oturyp mydary bolmady. Salaheddin ilinden gorkup Kryma
geldiler. Ondan göçüp, Itil suwuny geçip, Ýaýyk suwuna
geldi. Ahyr soňunda köpler salaheddin iline mallar iberdiler
we ýalbaryp hatlar iberdiler. Eýsem-de bolsa, gorkup oturup
1 Salyr Gazan bolmaly. Ýalňyşlyk bilen Oguz han ýazylypdyr.
II. Sargyt M3T5 Oguznama
161
bilmediler. 01 wagtda Alagiň we Garagaş diýen ýerde
gaňkly halky oturýardy. Olaryň hanlarynyň ady Gökdonlydy.
Onuň ýanyna gelipf näçe ýyllar oturdylar. Ahyry onuň
bilen hem ýamän bolup, göçüp, gaçdylar. Gökdonly onuň
yzyndan ýetip. ýedi ýüz öýlüsini alyp galdy. Üç ýüz öýli
bilen gaçyp, Maňgyşlaga baryp Garahan diýen ýerde üç
ýyl oturdy? Gökdonly Ügürjigiň nirä gidenin bilmedi. Üç
ýyldan soň eşidip, atlandy. Onuň atlananyny eşidip, Ügürjik
ili bilen gaçyp, gutulyp, Abulhan dagyna bardy.
Gara Gazy begiň dört ogly bardy: birirnjisi Ügürjik
Alp, ikinjisi Suwarjyk, üçünjisi Duduk, dördünjisi Gabajyk.
Bu dördüsiniň oglanlaryny Taňrym buýursa her birini
aýratynlykda aýdaly.
Ügürjigiň alty ogly bardy. Üç gezek biri-biriniň yzyndan
ekiz boldylar. Atlary budur: bir ekizi Berdi, Bugabyr. Bir
ekizi Usar, Kasar. Bir ekizi Ýashy we Diňli.
Berdiniň iki ogiy bardy. Biriniň ady Golmar, beýlekisiniň
ady Gylhajy. Golmaryň oglanlarynyň ady Ýomut we
Gultakdyr. Gylhajynyň oglunyň ady Ärsary baýdyr. Onuň
üç ogly bardy: Ynal Gazy, Zeýnel Gazy we Mustapa
Gazy. Ynal Gazynyň iki ogly bardy. Biriniň ady Töredi,
beýlekisiniň ady Sukmady. Zeýnel Gazynyň oglanlary Gara
we Bekewüldir. Mustapa Gazynyň oglanlary bolsa, Ulugdepe
we Güneşdir. Buganyň oglanlary içki salyrdyrlar. Ýene bir
namada şeýle diýýärler: Salyr ilinde Igiş' atly bir kişi
bardy. Onuň aýalynyň ady Gypjakly2 bolup, oglunyň ady
Gazandy. Ýagny ol Salyr Gazan diýen pälwandy. 01 zamanda
beçene iliniň Doýmadyk atly patyşasy bardy. 01 gelip,
Igişiň öýün çapyp, Gypjaklyny ýesir edip, alyp gitdi. Üç
ýyldan soň Igiş mal berip, ony yzyna gaýtaryp aldy.
Gypjakly öýe geleninden alty aý soň bir ogly boldy. Salyr
Gazan alp, enesine «Bu oglany kaýdan aldyň*, diýip, agaç
bilen urup, başyny ýardy. Gypjakly aýtdy:
1 Ahulgazyda Enkeş görnüşinde berlipdir,
1 Abulgazyda Çeçekli görnüşinde berlipdir.
162
Ýagy geldi gyzaryp,
Gaçyp gitdiň bozaryp.
Duýä münüp gitdikden1,
Barar erdim kow baryp2.
It Beçene yzymdan ýetdir
Düýämiň başyn tutdy.
Içi gaýnady, tapdy ýaýnady,
Üstüme münüp oýnady.
Ygtyýarymy aldy.
Bu oglany içime saldy.
01 oglan It Beçene ilinden boldy. Adyna Erek goýdular.
Barça türkmen ilinde itiň adyna Erek goýmak adatdyr.
Eregiň Arykly atly bir ogly bardy. «Içki salyr Aryklynyň
oglanlarydyrlar* diýýärler. Sarynyň oglanlary salyr türkmenleridirler. Diňliniň3 oglanlary jaý4 halkydyrlar. Ýashynyňs
oglanlary bu wagtda Amyderýanyň ýakasynda Garaköiüň
ýakynynda oturýarlar. Bu çagda hem olara ýashy diýerler.
Ügürjigiň bäş oglunyň neslini beýan etdik. Emma
Kasar atly oglundan nesil galany mälim däldir. Häzir
Ügürjigiň inileriniň neslini beýan edeliň.
Suwarjygyň Hurşyt atly bir ogly bardy. Olam, üker,
keçli0 ili Hurşydyň oglanlarydyrlar. Derazlar urugy Dudugyň7
neslindendirler. Sakar ili Gabajygyň neslidirler. Ügürjigiň
illeri we oglanlarynyň nesliniň nesillerini aýdalyň. Indi, ...*
01 wagtda beýik Çingiz han barjrp, Rum welaýatyny aldy.
01 wagtda Rumuň hanlary Gaýa hanyň we Owşar hanyň
1 Abulgazyda keýniňden ýagny yzyfidan görnüşinde berlipdir.
2 Abulgazyda gabaryp görnüşinde berlipdir.
3 Abulgazyda Ýeňli görnüşinde berlipdir.
4 Abulgazyda Çaby görnüşinde berlipdir.
5 Abulgazyda Yaýçy görnüşinde berlipdir.
6 Abulgazyda Ökünçli görnüşinde berlipdir.
7 Abulgazyda Dokok görnüşinde berlipdir.
• Golýazmada hatyft sebapli görnüşinde berlipdir.
163
öwlatlaryndan bolan türkmenlerden bolardy. Günt Aý we
Ýyldyzyň oglanlarynyň ählisi Rum welaýatyndadylar. Çingiz
Rum welaýatyny alandan soň, bozuk ilinden kyrk müň
öýlini göçürip, Horasana iberdi. Toýly han diýen ogly
türkmen iline serdar etdi. Toýly han türkmenleri getirip,
Töwrizden tä Astrabat we Merw Şahy Jahana çenli oturtdy.
Birnäçe wagtdan soň Çingiz köp welaýatlary alyp, gaýdyp,
göçüren illeriniň öýleriniň üstünden gelýärkä aýtdy:
— Bular haýsy ildir? Ogly arz etdi:
— Bular Rum welaýatyndan göçüren ilatyňyz bolarlar.
Gaýa we baýat halkyndan bolarlar. Çingiz han ogluna we
emirlerine aýtdy:
— Bular köp uly il eken. Bulara Hydyr nazar salypdyr.
Bularyň atlaryna hyzyr ili goýduk. Mundan soň hyzyr ili
diýsinler. *
Gaýa ilinden geçeninden soň owşar we gyzyl ilatyna
girdi. Çingiz han sorady:
— Bular haýsy ilat bolarlar? Ogly jogap berdi:
— Bular hem Rumdan göçüreniňiz, owşar we gyzyl
ili bolarlar. Han aýtdy:
— Bulara hem, beýle bolsa, bir ýagşy at goýaly.
Bulara aly ili at goýduk. Her kim bu illere goşulsa bitgi
we kimse bu illerden aýrylsa ýitgi.
Hanyň bu diýen sözüniň bimäçesi ýokarkydan ybarat.
Köp ýyliar geçenden soň Çingiz han wepat boldy. Her
kim öz ýurduna han we patyşa boldy. Horasan welaýatyna
Kumaň han boldy. 01 ýerde «Salyr ilinde Ärsary baý atly
kişiniň bir ýagşy görkli gyzy bardy» diýip eşitdi. Kişi
iberip, diledi. Ärsary baý gyzyny oňa bermedi. Kumaň
goşun ýygyp, baryp Ärsary baýy öldürip, ilini çapyp,
Mamabikäni ýesir edip, alyp baryp, köp ýyllar saklady.
Mamabikeden hiç oglan bolmady. 01 sebäpden «garyndaşlary
gelip, alyp gitsinler» diýip, habar iberdi. Garyndaşlary
Garaja Mergen diýeni iberdiler. Kumaň Mamabikäni olara
tabşyrdy we dört gul hem oňa hemra etdi. Biriniň ady
164
.
|
,
|
,
I
'
|
^
Horod, biriniň ady Mogoljyk, biriniň ady Kaşka we biriniň
ady Isiňli. Bu dört gul gelýärkäler, ýaman hyýala düşüp,
Garaja Mergeni baglap we Mamabikä ýaman işler edip,
gaçyp, her biri bir ile baryp pena getirdi. Horod atlysy
hyzyr iline, Mogoljyk aly iline. Kaşka garaöýlä pena getirdi.
Diňli1 oňa ýamanlyk edenlerinde olara ýoldaşlyk etmändi.
Onuň üçin Mamabike we Garaja Mergen bilen welaýatlaryna
hemra bolup geldi. Başlaryndan öten wakany beýan etdiler.
Baýyň halky we oglanlary hyzyr iline, aly iline we garaöýlä
kişi iberdiler:
— Biziň ýamanlyk edip, baran kişilerimizi iberiň. Biz
garyndaşdyrys. Eger ibermeseňiz garyndaşlykdan aýrylarys.
Olaryň iberen kişilerine ol halk aýtdylar:
— Bizi diýip gelen kişileri neneňsi edip size bereris.
Türkmen gylygyny özüňiz bilýärsiňiz. Atasyny öldürip gelse
hem, ony öldürmeýäris we özge kişä hem öldürtmeýäris.
Salyr ili ondan ar edip, hyzyr ili, aly ili we garaöýli
bilen uruşdylar. Hyzyr ili, aly ili we garaöýliler salyr ilini
gaçyryp, köp illerini gyrdy. Mal-öýüni alyp, olary Maňgyşlaga
garşy kowdylar. Bu aýdylan illeriň içinde ol gullaryň her
birinden bir tire peýda boldy. Hyzyr iline barandan güňler
boldy. Aly iline barandan mogoljyk boldy. Garaöýli iline
barandan dagsakar boldy. Özge illeri aýdalyň:
— Oguz hanyň ogly Gün hanyň weziri uýgurlardan
bolan Yrgyl Hojanyň ogullaryndan dörän agar we oýmakly
iline Maňgyşlakda ýaşaýan içki salyrdan bir kişi bir içki
salyrlyny öldürip gaçyp, Durunda oturan salyr iliniň içine
gelipdir. Olardan bir gyz alyp, onda watan tutup oturypdyr.
Eýmir ili we halky ol kişiniň oglanlarydyrlar. Burkaz:
Salyr ilinde Demir Tugly han diýen biri bardy. Salyrdan
Yshak Ysmaýyl atly bir kişi bir ýerden gelýärdi. Görse,
Demir Tugly hanyň öýi göç edip barýan eken. 01 ýerde
düşüp, oturdy. Göç uzap gidenden soň: «Ähtimal bir zat
galan bolmagy mümkin» diýip, onuň ýurduna bardy. Görse,
1 Yokarda Isiňli, bü yerde Dinli yazylypdyr.
165
ojagyň jçinde bir ýaş erkek oglan ýatyr eken. 01 kişiniň
ogly ýokdy. Ony özüne ogul edinip saklady. Adyna Burkaz
goýdy. Barça burkaz iliniň nesli ondan ondan gaýdýandyr.
Teke we saryk: Salyr ilinde Toý Tutmar atly bir kişi
bardy. Teke we saryk ili onuň oglanlarydyr. Soň türkmen
bolup, türkmene goşuldylar.
JANY BEG HANYŇ WE ESKI HALKYNYŇ
ÝAGDAÝYNYŇ BEÝANY
Jany beg han özbekdi. Türkmen iline ýagy bolup,
çapdy. Türkmen illeriniň çapyndysy (ýagylary) baryp oňa
nöker boldy. Onuň nökeri we gullary köpdi. Aýaz diýen
bir guly bardi. Barça gullaryndan ökdedi. Türkmeniň
günäkärleri, başdan ýa maldan aýrylaryn diýenleri, barçasy
biri-birine ýygylyp, Aýaza köp paralar berip aýtdylar:

Eger sen begiňi öldürseň, bir ýyldan bäri ilden
alan mallaryny we öýünden getiren goşunyň barçasyny
saňa bereliň. Her haçan Jany beg han kişi iberip seni
dilese, biz halk bolup seniň üçin gyrylaly we çapylaly,
emma seni bermäli.
Aýaz köp mala we bularyň şirin sözüne köňlüni berip,
bir gije gapylda ýatan Sanky Söýüni1 öldürdi. Eýesiniň
malyndan Aýaza bir owlak hem ýetmedi. 01 halk2 Jany
begiň ýanyna gaýdyp geldiler. Aýaz gorkusyndan olar
bilen gidip bilmedi. Abulhan dagynda oturan türkmenleriň
içinde galdy. Şol ýyl Jany beg han Itil suwunyň ýakasynda
Saraý şäherinde hak rehmetine yetdi. Barça eski halky şol
Aýazyň oglanlarynyň neslindendir.
Düýeçi Saýyn han öwladyndan bolan Özbek han ilki
1 Janybeg tarapyndan türkmenleriň arasyna iberilen häkim, Aýazyň
hojaýyny.
7 Bu ýerde Janybeg tarapyndan iberilen. adamlar göz öilunde
tutulýar.
166
musulman bolan kişidi. 01 Itil suwunyň ýakasynda Saraý
şäherinde wepat boldy. Ogly Jany beg han atasy tagtynda
oturdy. Ürgenç, şeýle-de başy Gargaý liik, aýagy Astrabada
çenli ýerlerde oturan türkmenler Jany beg hana aýtdylar:
— Abulhan dagy düýe otlagy üçin ajaýyp ýagşy ýerdir.
Bu sebäpden han otuz öýli sarwany göçürip iberdi.
Onuft içinde her urugdan adam bardy. Barçalara patyşalaryň
hyzmatynda her bir taýpadan adam bolýandygy mälimdir.
Olar hem şeýlediler. Jany beg hanyň bir kişisi Abulhan
türkmenlerine gelip, her ýylda alýan matlaryny alyp. köp
düýäni özüniň elten otuz öýli düýeçilere tabşyryp gitdi.
Olar tä Jany beg han ölýänçä Abulhanda oturdylar. Olara
düýeçiler diýdiler. Jany beg han hem hak rehmetine baranda,
ogiy Berdibeg han boldy. Onuň zamanynda hem düýeçiler
hanlyk düýeleri bakyp otyrardylar. Berdibeg han Ölenden
soň, özbegiň içi bozuk boldy. Ony Abulhandaky türkmenler
eşidip, munuň düýelerini taladylar, düýeçilerini çapdylar.
Ondan soň düýeçiler açlyk sebäbinden «Balyk awlarys*
diýip, suw ýakasyna baryp oturdylar. Birnäçe ýyllardan
soň düýeçiler köp halk boldular. ...‘
Käbir nusgada aýdylyşyna görä, jebne Ýyldyz Diýbakuý2
han neslindendir. Diýbakuý han Elmenje hanyft ogludyr,
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Oguznama - 10
  • Büleklär
  • Oguznama - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3985
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1877
    29.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 4014
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1740
    28.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 4062
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1745
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3633
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1790
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3855
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1865
    27.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3979
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1811
    28.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3998
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1708
    28.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 4065
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1703
    29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3976
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1685
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 4014
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1571
    28.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Oguznama - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 183
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 160
    37.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.