Latin

Müň bir gije - 19

Süzlärneñ gomumi sanı 3392
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1530
37.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
51.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
57.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
peýda bolup, meniň doganymyň eli ýalaňaç gylyçly duranyny görüp, yzyna bakan ökjäni
göteripdir, emma doganym onuň yzyndan ötäge-de, onuň hem kellesini kädiniň sapagy
ýaly edip ýolup taşlapdyr. Ondan soň ol: «Hany jaýlaýjy kempir nirede?» diýip
gygyrypdyr. Kempirem gelipdir weli, doganym ondan: «Hä, bedasyl kempir, sen meni
tanaýamyň?» diýip sorapdyr. Onda kempir: «Ýok, jenap» diýip jogap beripdir. Onsoň
doganym oňa: «Men şol puluň eýesi, ýadyňdamy, sen meniň öýüme gelip täret kylyp,
namaz okap, soňundanam meni şu ýere alyp gelipdiň» diýipdir. Onda kempir: «Alladan
gork, özüňem meniň ýagdaýymdan habar al» diýen bolupdyr, emma meniň doganym onuň
ýüzüne-de seretmän, gylyjyny şeýle bir aýlap salypdyr weli, kempiri bir uranda dört para
edip taşlapdyr. Onsoň ol gyzy gözläp başlapdyr. Gyz ony görende akylyny ýitirip: «Rehim
et!» diýip gygyrypdyr. Meniň doganym hem oňa rehim edipdir-de: «Bu hili bet işe baş
goşmaga seni näme mejbur etdi?» diýip sorapdyr. Ol gyz bolsa: «Men bir uly täjiriň
hyzmatkär gyrnagydym, bu kempirem hemişe bize gelerdi, menem onuň bilen içgin tanyş
boldum. Ine, onsoň günlerde bir gün, ol kempir maňa: «Şu gün bizde şeýle uly toý bolýar,
onuň ýaly toý hiç haçan bolan däldir, şony seniňem görmegiňi isleýärin» diýdi. Menem
oňa: «Bolýar, baraýaryn» diýdim-de, özümiň iň gowy lybaslarymy geýdim, gymmatbaha
şaýlarymy dakyndym, ýüz dinarly gapjygymy-da ýanyma alyp, onuň yzyna düşüp
ugradym. Ol bolsa meni ynha şu öýe getirdi. Içerik girip, eýlämebeýläme bakmaga-da
ýetişmänkäm, şol gara (negr) gul meni özüne aldy oturyberdi, ine, şol äteňenälet kempiriň
sapalagyna düşübem, indi üç ýyldan bäri şu ýagdaýda gezip ýörün» diýipdir. Onsoň meniň
doganym: «Bu öýde ol guluň näme zady bar?» diýip, ol gyzdan sorapdyr. Ol gyz bolsa:
«Onuň zady gaty kändir, eger sen ol zatlary äkidip bilýän bolsaň, Alladan maslahat sorada, äkidiber» diýip jogap beripdir.
Onsoň meniň doganym ol gyz bilen barypdyr weli, ol gyz sandyklaryň agzyny
açypdyr, olaryň içinde içi pully haltalar küt-küt ekeni. Meniň doganym nätjegini bilmän
oýlanmaga başlanda, ýaňky gyz oňa: «Bar, indi bu pullary göterip äkidişer ýaly adam
tapyp gel, men onýança bu taýda garaşar duraryn» diýipdir. Onsoň meniň doganym çykyp
gidip, on adam tutup alyp gelipdir weli, görse derweze açyk dur, öýe gelip seretse, ne gyz
bar, ne ýaňky pully haltalar. Galan zat az-kem pul bilen mata-marlyk ekeni. Şol wagt ol
gyzyň aldadanlygyny bilip galypdyr. Ine, onsoň ol galan-gaçan pullary çöpläp alyp,
257

beýleki tamlary hem açyşdyryp, olaryň içindäki bar zatlary alyşdyryp, ol öýde hiç zat
goýman ýygnaşdyryp äkidipdir-de, ol gijesini şadyýanlyk bilen geçiripdir.
Ertirden soň ýerinden turup-turmanka görse, onuň öýüniň işiginde ýigrimi esger
birden peýda bolup, hersi onuň bir ýerinden ýapyşyp: «Seni weli isleýär» diýipdirler. Ine,
onsoň esgerler ony şol duran ýerinden germesatan edip alyp ugrapdyrlar. Doganym bolsa
olara ýalbarypdyr, «Öýüme baralyň, men size näçe diýseňiz pul bereýin» diýipdir, emma
esgerler onuň aýdanyna gulak hem asmandyrlar, ony öýüne-de goýbermändirler. Gaýtam,
onuň elini syrtynda mäkäm daňyp, öňlerine salyp ugrapdyrlar. Ony şeýdip alyp
barýarkalar, ýolda doganymyň bir ýakyn tanşy gabat gelipdir, onsoň doganym onuň
syýyndan ýapyşyp, esgerleriň elinden sypmaga kömek etmegini sorap ýalbarypdyr. Onsoň
ol adam hem aýak çekip, doganymyň näme günäsiniň bardygyny bilmek üçin esgerlerden
sorapdyr. Olar bolsa oňa: «Biz bilemizok, weli ony alyp gelmeli diýip buýruk berdi, ynha,
bizem ony şonuň ýanyna alyp barýarys» diýipdirler. Onsoň doganymyň dosty bäş ýüz
dinar bermek şerti bilen, ony boşadyp goýbermeklerini sorap, esgerlerden haýyş edip:
«Weliniň ýanyna dolanyp baranyňyzda bolsa, ony tapmadyk diýiň-de aýdaýyň» diýipdir.
Emma esgerler onuňam diýenini etmän, doganymy ýüzin ýatyryp süýräp alyp
ugrapdyrlar-da, häkimiň alnyna eltip beripdirler. Häkim meniň doganymy görüp: «Sen bu
matalary hem pullary nireden aldyň?» diýip sorapdyr. Meniň doganym ondan aman diläp:
«Rehim et, jenap!» diýip ýalbarypdyr. Weli hem oňa rehimdarlyk ýaglygyny
gowşurypdyr. Ondan soň meniň doganym özüniň başyndan geçenleri, bolan wakalary hem
garry kempir bilen bolan ahwalatlary, ol gyzyň hem gaçanlygyny başdan-aýak oňa doly
gürrüň edip berip: «Meniň alan zatlarymdan bolsa özüňe geregini al, maňa-da bir gün
görerlik galdyrsaň bolýar, galanynyň hemmesi seniňki bolsun» diýipdir. Weli bolsa
pullaryň-da, matalaryň-da hemmesini onuň elinden alypdyr-da, bu işiň birden soltana
habar edilmeginden ätiýaç edip, meniň doganyma:
«Şu şäherden çyk-da, gümüňi çek, bolmasa-da men seni asyp öldürerin!» diýipdir. Meniň
doganym bolsa oňa: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne!» diýip jogap beripdir-de, başga bir
şähere gidipdir weli, ol ýerde hem onuň üstüne ogrular dökülip, geýim-eşigine çenli
sypyryp alypdyrlar, üstesine-de urup-urup, gulagyny hem kesip goýberipdirler. Onsoň
258

men bu habary eşidip, onuň ýanyna bardym, oňa geýim-gejim etdim, özüni hem ogrynlyk
bilen şähere getirdim, indem onuň iýjek-içjek zadyny berip ekläp-saklap ýörün».
DELLEGIŇ ALTYNJY DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Meniň altynjy doganymy diýseň bolsa, külli musulmanyň hökümdary, onuň
dodagy kesik. Ol garyp düşüpdir-de, özüne näme-de bolsa bir ölmezödülik tapmagyň
ugruna çykypdyr. Ine, onsoň bir gün ol ýol bilen gidip barýarka, bir owadan, bezegli öýüň
üstünden barypdyr. Öýüň uzyn sütünli giň eýwany-da barmyş, owadan derwezeside
barmyş. Derwezäniň agzynda bolsa hyzmatkärler hem serenjam berip aýlanyşyp ýören
adamlar bar ekeni. Onsoň ol şol ýerde duran adamlaryň birinden bu öýüň kimiň öýüdigini
sorapdyr. Ol adam bolsa: «Bu öý Barmakylar 19 neberesinden biriniň öýil diýip jogap
beripdir.
Ondan soň meniň doganym derwezebanlaryň ýanyna baryp, olardan artan-süýşen
zadyňyz bolsa, oduk-buduk bir zatjyk beriň diýip dilegçilik edipdir. Olar bolsa oňa: «Sen
derwezeden içerik gir-de, biziň jenabymyzyň ýanyna bar, ol saňa isläniňi berip goýberer»
diýipdirler. Ine, onsoň meniň doganym sutünli eýwanyň aşagyna barypdyr-da, ol ýerden
geçip, jenabyň öýüne ýetipdir. Öý weli diýseň owadan, haşamly öý ekeni. Howlusynyň
ortarasynda-da bagy barmyş, ömründe onuň ýaly bag görmän ekeni.
Jaýlarynyň aşagy tutuşlygyna mermer daşy düşelip, äpişgelerine ýüpek tutular tutulypdyr.
Meniň doganym nirä barjagyny bilmän agzyny öweldip, ahyry ilki girilýän
gagtynyň öňündäki sekiniň ýanyna barypdyr-da, ol ýerde görmegeý hem peşeneli sakgally
bir adamyň bardygyny görüpdir. Ol adam, meniň doganymy gören badyna, ýerinden
turupdyr, onuň öňünden çykyp salam beripdir, saglyk-amanlyk hem hal-ahwal
soraşypdyr. Doganym bolsa özüniň oba gezip ýören garypdygyny aýdypdyr.
Barmakylar — VIII asyrda ýaşan Halid ibn Barmak weýaýarin nesilleri. Bu nesliň birentegi arap
halyfynyň köşgunde uly wezipeleri eýeläpdir.
19
259

Ol adam meniň doganymyň aýdanlaryny eşidip, biçak gynanypdyr hem gaharyndan
ýaňa öz egnindäki eşiklerini ýyrtyşdyryp: «Bu näme boldugy! Bu şäherde men barkam,
seniň aç-ýalaňaç entep ýörmäň näme! Men muňa çydap bilmerin!» diýip gygyrypdyr. Ine,
onsoň ol meniň doganyma eşret baryny wada edip: «Sen hökman meniň bilen duz-emek
bolmalysyň» diýipdir. Meniň doganym bolsa: «Eý, jenap, meniň halys durarlygym
galmady, men ajymdan ölüp barýaryn!» diýip jogap beripdir. Onsoň hojaýyn: «Heý,
oglan, legen bilen kündügi alyp gel!— diýip gygyrypdyr-da: — Gel, eliňi ýuw» diýipdir.
Meniň doganym elini ýuwmak üçin ýerinden turupdyr weli, ol legen-de görmändir,
kündük-de. Öý eýesi bolsa göýä elini ýuwýan ýaly hereket edip: «Nahar stoljugyny
getiriň!» diýip gygyrypdyr. Emma meniň doganymyň gören zady bolmandyr. Onsoň ol
adam oňa: «Ynha, utanma-da alyber, şu nahardan keýpiňi kökle!» diýipdir-de, hamala özi
hem nahar iýýän ýaly hereket edip oturyşyna: «Be, geň görmeli, sen näme beýle az
iýýärsiň-aýt! Sen soňuny gaýgyrma-da iýiber, men seniň açdygyňy bilýän ahyry!»
diýipdir. Onsoň meniň doganym hem göýä nahar iýýän adam bolan bolup oturypdyr, öý
eýesi bolsa oňa: «Iý, özüňem bu nanyň nähili oňat ak nandygyny gör» diýýär ekeni. Emma
meniň doganymyň görýän zady bolmansoň, ol öz ýanyndan:
«Bu adam iliň üstünden gülmegi halaýan bolmaga çemeli» diýip içini gepledipdir. Onsoň
doganym oňa: «Eý, meniň jenabym, ömrümde munuň ýaly ak hem tagamly nan
görmändim» diýipdir. Ol adam bolsa: «Muny meniň alty ýüz dinar berip satyn alan
gyrnagym bişirdi» diýip jogap beripdir. Ondan soň öý eýesi: «Häý, oglan, etli gutap getir,
birinjisini getir, özem birneme ýaglyrak bolsun!» diýip gygyrypdyr. Onsoň ol meniň
doganymdan: «Allanyň haky üçin, dogryňy aýt, myhman, heý, ömrüňde şundan süýji
gutap görüpmidiň?» diýip sorapdyr, soňundan bolsa: «Meniň janymyň saglygyna,
utanma-da iýiber! — diýip, soňundan ýene: — Heý oglan, bize zirkelije et bilen ýaglyrak
käkilik getirip ber!» diýip gygyrypdyr. Onsoň meniň doganyma: «Iý, myhman, sen
ajygansyň, noş bolsun, iýiber!» diýipdir. Meniň doganym hem nahar iýýän ýaly şekilde
agzyny gäwüşeden bolup oturan ekeni, ol adam bolsa yzly-yzyna nahar talap edýärmiş,
emma getirilýän nahar-da ýokmuş, zat-da ýok; öý eýesi bolsa meniň doganyma zol hödür
eden bolup oturan ekeni.
260

Onsoň ol adam: «Heý, oglan, içine pisse maňzy dykylan jüýje etini getir!» diýip
gygyrypdyr. Ondan soň bolsa ýene meniň doganyma ýüzlenip: «Alladan ant içýän,
myhmanym, bu jüýjeler pisse bilen bakylan jüýjelerdir, iý ahyry, bu seniň hiç wagt iýip
gören zadyň däldir, utanma, çekinme, iý köpräk» diýipdir. Meniň doganym bolsa oňa:
«Hawa, meniň jenabym, örän gowy eken!» diýip jogap beripdir. Ondan soň öý eýesi elini
doganymyň agzyna golaýladyp, onuň agzyna tutup beren kişi bolup, naharlaryň adyny
sanap hem öwüp, onuň agzyny suwardýar ekeni. Meniň doganym bolsa onsuzam ajyndan
ölere gelen adam, onuň sözlerine hasam agzy suwaryp, şol mahal arpa çöregi bolsa-da
bokurdagyndan ilmän geçjek ekeni. Ondai soň ol adam: «Sen şu naharlaryň içine atylan
işdä açyjy zatlardan gowusyny, heý, ömrüňde görüpmidiň?» diýipdir. Meniň doganym
bolsa: «Ýok, jenap, gören däldirin» diýen bolup jogap beripdir. Onsoň ol ýene gaýtalap:
«Sen utanyp oturma-da, mazalyja nahar edin!» diýipdir. Meniň doganym hem oňa:
«Meniň-ä indi iýmek kemim galmady» diýip jogap beripdir. Ondan soň öý eýesi:
«Bu zatlary ýygnaşdyryp äkidiň-de, şirin zatlardan getiriň!» diýip gygyrypdyr.
Yzyndanam meniň doganyma ýüzlenip: «Ynha, şundan iý, bu örän süýji zatdyr, ynha, şu
byzmyklardan iý. Ýa walla, näme çekinip otyrsyň, şiresi dökülmänkä, ynha, şu byzmygy
iýsene» diýýär ekeni. Meniň doganym hem oňa: «Hudaý meni senden aýyrmasyn, meniň
jenabym!» diýip, onuň saglygyny dileg edip, soňundan hem byzmyklara goşulan işdä
açyjy şirinleriň näçeräk bardygyny soran bolupdyr. Öý eýesi bolsa oňa jogap berip:
«Meniňkide adatça her byzmygyň içine bir mysgal müşk, ýarym mysgalam anbar
goşýarlar» diýipdir» Gürrüň arasynda bolsa doganym baş atyp, gäwüşän bolup oturan
ekeni. Öý eýesi bolsa: «Utanmasana, ynha, şujagaz badamy bir iýsene» diýýär ekeni.
Meniň doganym bolsa oňa: «Meniň jenabym, sag bol, men gaty köp iýdim, indi men
kemsiz doýdum!» diýip jogap berýän ekeni. Onda öý eýesi: «A-how myhman, aňrujy
işdäň bar bolsa, Alladan ant içýän, çekinme, aç galmaly dälsiň!» diýip gaýtalap aýdypdyr.
Meniň doganym bolsa oňa: «Jenap, heý, şunça zatlary iýen adamam bir aç galarmy?»
diýen bolupdyr. Onsoň ol öz içinden: «Sen näçe oýnuň bolsa et bakaly, menem seniň
başyňa şeýle bir oýun salaryn weli, ikini islemez ýaly bolarsyň!» diýipdir. Ol adam bolsa:
«Hany, bize şerap getiriň!» diýip gygyrypdyr. Ondan soň hyzmatkärler hamala şerap
getirýän ýaly bolup, ellerini boş hereket etdirişip başlapdyrlar. Öý eýesi meniň doganyma
bulgury uzadyp: «Ynha, şu bulgury al-da, iç, eger şerap seniň hoşuňa gelse, onda maňa
261

aýdarsyň» diýipdir. Meniň dogaiym hem oňa: «Jenap, şerabyň ysy-ha gowy eken, ýöne
weli men ýigrimi ýyl dagy saklanan köne şeraplary içmäge öwrenen adam» diýip jogap
beripdir. Onda öý eýesi: «Sen şu gapydan gelseň, ony birneme içip bilersiň» diýipdir.
Onsoň meniň doganym oňa hoşallyk bildirmek bilen: «Jenap, seniň merhemetliligiň
hatyrasyna!» diýen bolup, göýä şerap içýän ýaly hereket eden bolup, elini galdyryp, öz
agzyna golaýladypdyr. Öý eýesi bolsa: «Saglygyňa, noş bolsun!» diýipdir. Onsoň onuň
özi-de içen bolupdyr-da, doganyma ikinji bulgury uzadypdyr, meniň doganym bolsa ony
hem içen bolup, soňundan pýan bolan bolupdyr-da, birdenkä onuň üstüne topulypdyr,
barybam gulagynyň düýbüne palçyldadyp suňşurypdyr weli, içeri ala-şakyrdy bolupdyr.
Meniň doganym ýene bir gezek ikinji ýumrugy-da suňşurypdyr weli, ol adam: «Bu näme
etdigiň boldy, haramzada?» diýip gygyrypdyr. Meniň doganym bolsa oňa: «Jenap, sen öz
sadyk guluňa hezzet etdiň, ony öz öýüňe saldyň, oňa nahar berdiň, köne çakyrdan
doýurdyň, onsoň olam birneme serhoş boldyda, bulagaýlyk edip başlady, ýöne weli sen
onuň bilen deň bolup durmaly däl ahyry, sen beýik mertebeli adam, şonuň üçin onuň
günäsini-de geçmelisiň» diýip jogap beripdir.
Öý eýesi onuň bu aýdanlaryna jak-jak gülüp: «Men köp wagtlardan bäri şeýdip
adamlaryň üstünden gülüp, öz dostlarymy-da şeýdip bizar edip, şondan lezzet alyp
gelýärdim, emma meniň şu hili oýunlaryma seniň ýaly çydam edip bilýänini, seniň ýaly
sabyr-takatly adam görmändim. Indi bolsa men seniň günäňi geçdim; indi sen meniň
hakyky, çynlakaý tabakdaşym bol, özüňem hiç haçan meniň bilen aýrylyşma» diýipdir.
Şondan soň ol özüniň hälki agzaşdyran naharlarynyň, iýer-içer ýaly zatlarynyň hemmesini
getirdipdir, onsoň meniň doganym bilen ikisi oturyp; iýip-içip keýplerini kökläpdirler,
soňundan bolsa ýörite şerap içilýän otaga geçipdirler. Ol ýerde otyrkalar, ynha, birden bir
topar hyzmatkär gyz peýda bolupdyr, özleri-de hersi aýyň bir bölegi ýaly ýalpyldaşyp
duran gözel gyzlar ekeni, olar dürli owazlar bilen, dürli sazlara goşup, aýdym aýtmaga
başlapdyrlar. Ondan soň ikisi şerap içmäge başlapdyrlar, içibem mazalyja serhoş
bolupdyrlar. Ol adam meniň doganym bilen dostlaşyp, ony hut öz dogany ýaly görüp
başlapdyr, ony tüýs ýüreginden gowy görüp, sylag-serpaý beripdir.
Ol gijäni geçirenlerinden soň, ertesi güni ol ikisi ýene iýip-içmäge başlapdyrlar — olaryň
şu hili dostlugy ýigrimi ýyllap dowam edipdir. Ondan soň ol adam ölüpdir weli, şol ýeriň
262

soltany onuň bütin emlägini ýygnap alypdyr, meniň doganyma beren zatlarynyda alypdyr;
soltan doganymyň pullaryny-da elinden alyp, ony kör-köpüksiz lüt garyp galdyryp hyraç
goýupdyr.
Ondan soň meniň doganym özüniň nirä barýandygyny-da bilmän, baş alyp çykyp
ugrapdyr. Ol ýoluň ugry bilen gidip barýarka, göçüp-gonup ýören galtamanlara duçar
bolup, olara ýesir düşüpdir. Galtamanlardan biri ony öz düşelgelerine alyp barypdyr-da,
şol ýerde ony horlap gynamaga başlap, oňa: «Sen öz janyňy menden pul bilen satyn al,
ýogsamam men seni öldürerin!» diýipdir. Meniň doganym bolsa aglap, oňa: «Alladan ant
içýärin, meniň hiç zadym ýok! Men seniň ýesiriň, maňa näme edesiň gelse ediber»
diýipdir.
Ine, onsoň ýaňky galtaman alaga-da meniň doganymyň dodagyny kesip aýrypdyr,
özi-de ondan her zatlary talap edip, barha beter bahana arap, oňa ezýet ýamanyny beripdir.
Ol galtamanyň biçak owadan heleýi bar ekeni, galtamanyň özi bir ýana çykyp giden
wagtynda, ol aýal meniň doganyma gysmyljyrap, onuň göwnünden turmak üçin her hili
ýaramsaklyklar edip, oňa oýkanjyrapdyr, emma meniň doganym oňa ýanaşmakdan boýun
gaçyrypdyr. Emma günlerde bir gün, ol aýal ýene oňa gysmyljyrap başlapdyr weli, meniň
doganym onuň bilen oýnaşmaga durup, ony dyzynyň üstünde oturdypdyr. Edil şol
pursatda-da onuň äri üstlerinden gelip, meniň doganymyň öz aýaly bilen bolup oturyşyny
görüp: «Häý, işi gaýdan äteňenälet, indi gel-gel, sen meniň aýalyma el urup başladyňmy!»
diýip gygyrypdyr-da, pyçagyny çykaraga-da, meniň doganymyň ujydyny kesip aýrypdyr,
özüni-de düýäniň üstüne keserdip basaga-da, äkidip, daglaryň-depeleriň üstünde bir ýerde
taşlap gaýdypdyr.
Onsoň onuň duşundan geçip barýan ýolagçylardan tanyş-bilişleri gabat gelip, ony
naharlap zat edip, ölümden halas edipdirler, soňundanam onuň başyna düşen işi maňa
habar etdiler. Menem onuň ýanyna baryp, ol ýerden ony şähere, öz ýanyma alyp gaýtdym,
eklenjini-de öz boýnuma aldym. Ynha, indem seniň ýanyňa gelip, merhemetli hökümdar,
özümiň nähili adamdygymy saňa gürrüň bermen gaýdybermekden çekindim, beýtmegiň
özi ýalňyş bolardy ahyry, çünki meniň yzymda alty doganym bar, altysynyňda aladasy
meniň boýnumda durýar.
263

Onsoň hökümdar meniň başymdan geçen ahwalaty hem meniň öz doganlarym
barada aýdan gürrüňlerimi eşidip loh-loh güldi-de: «Seniňki hak, Dymma, sen geplemsek
hem däl ekeniň, ýaňra hem däl ekeniň, ýöne weli indi şu şäherden basymrak çyk-da, başga
bir şäherde ýaşa!» diýdi. Ine, şeýlelik bilenem, ol meni yzyma adam salyp kowup
goýberdi.
Ine, onsoň men tä onuň öldi habaryny eşidýänçäm, oňa derek başga biriniň halyf
bolandygyny bilýänçäm, ençeme şähere baryp, ençeme ülkelere aýlanyp çykdym, ynha,
indem şol habary eşidip, bu şähere gaýdyp geldim. Gelsem meniň doganlarym eýýäm
ölüp-ýitip gidipdirler. Onsoň men, ynha, şu ýigidiň ýanyna bardym, özümem oňa uly
ýagşylyklar etdim, eger men bolmadyk bolsam, ony hatasyz öldürerdiler, emma ol bolsa
maňa ýok günäleri ýöňkäp, töhmet baryny atýar. Hawa, jemagat, onuň maňa ýaňra diýip
at dakmagy düýbünden ýalan. Men bu ýigit zerarly, tä şu ýere gelip ýetýänçäm, şu ýerde
oňa duşýançam, sansyz köp ýurtlary sökdüm, eýsem şunuň özi-de meniň gaýratlylygym
üçin dälmi näme, a-how, jemagat?»
Biz ol dellegiň başyndan geçirenlerini hem onuň tükeniksiz tükezzybanlaryny
eşidip hem-de bu ýigidiň göwnüne degenligini bilip, ol dellegiň ezeneginden tutup süýräp
çykardyk-da, eltip ýerzemine dykdyk, diňe şondan soň arkaýyn oturyp, iýdikiçdik,
keýpimizi kökledik, biziň meýlisimiz tä öýle namazyna çenli dowam etdi. Ondan soň men
ol ýerden çykyp gaýdyp, öýümize bardym weli, görsem, aýalym ýuzüni turşardyp otyr.
Onsoň ol maňa: «Sen-ä gezip hezil edinip ýörsüň, menem bu taýda ýeke özüm içimi
hümledip otyryn! Eger sen meni öz ýanyň bilen gezelenje äkidip, şu günüň galanyny
meniň bilen bile gezmeseň, onda ikimiz aramyzy çöp döwlen ýaly edip açmaly bolarys,
ikimiziň aýrylyşmagymyzyň sebäpkäri-de seniň özüň bolarsyň» diýdi.
Ine, onsoň menem ony gezelenje äkitmeli boldum; aýalym ikimiz agşama deňiç
gezelenç etdik, gaýdyp gelýärkägem, şol küýkiniň üstünden geldik, görsek, ol biçak pýan
ekeni, ol şu hili gazallary aýdýardy:
Dury bulgur doly dup-dury meýden,
Başym çykmaz boldy bulaşyk küýden:
264

Göwnüme, meý bar-da, bulgur ýok ýaly, Bulgur
bar diýsemem, meý bir hyýaly.
Onsoň men ony öýüme çagyrdym-da, gowrulan balyk almak üçin bazara baryp
geldim, gelibem bile iýmäge oturdyk. Onsoň meniň aýalym bir bölek çörek bilen bir tokga
balyk etini onuň agzyna tutup beren boldy-da, onuň bokurdagyna dykdy weli, küýki birden
öldi ýatyberdi. Men ony göterip äkitdim-de, hilegärlik edip, ony şu ýewreý hekimiň
öýünde taşlap gaýtdym, hekim hem ahmal bolman, ony gözegçiniň öýüne taşlapdyr,
gözegçi bolsa ony öz başyndan aýyrmak üçin hristian-dellalyň ýoluna taşlapdyr. Ine,
meniň başymdan geçen ahwalat hem düýnki günde başymdan geçiren wakalarym —
eýsem munuň özi şol küýkiniň ahwalatyndan has geň kem gyzykly dälmi näme?»
Çynmaçyn patyşasy bu hekaýaty eşidip, geňirgenmekden ýaňa başyny ýaýkap,
haýran galypdyr-da: «Ol ýigit bilen ýaňra dellegiň arasynda bolan hekaýatyň özi,
dogrudan-da, ýalançy-küýkiniň başyndan geçen wakadan has gyzykly hem hezil ekeni!»
diýipdir.
Ondan soň patyşa özüniň köşk hyzmatkärlerinden birine: «Tikinçi bilen gidiň-de,
ýerzemine taşlanan dellegi çykaryp alyp geliň, onuň gürrüňini menem bir diňläp göreýin,
ol siziň hemmäňiziň boşadylmagyňyza sebäp bolar; ol küýkini bolsa biz jaýlarys — ol
düýnden bäri öli ýatyr ahyry — onuň guburynyň üstüne hüjre salarys» diýipdir.
Şol minutyň özünde bolsa köşk hyzmatkäri bilen tikinçi tirkeşip, dellegiň saklanýan
ýerine baryp, ony şol ýerden alyp gaýdyp, patyşanyň alnynda häzir boldular.
Patyşa dellegi görüp, ony başdan-aýak synlap görse, ol ýaşy togsandan aşan, garaýagyz,
sakgaly hem gaşy agaran, eňkamy giden gulaklary kesik, burunlak, özi-de samsyk garry
ekeni. Patyşa onuň biçüwini görüp gülüpdir-de: «Eý, Dymma, men seniň başyňdan
geçiren wakalaryňdan haýsy-da bolsa birini gürrüň bermegiňi isleýärin» diýipdir. Onda
dellek: «Eý, patyşahy älem, bu duran hristianyň, hem ýewreýiň, onsoňam bu musulmanyň
hem siziň araňyzda öli ýatan küýkiniň başyndan geçen wakalar nähilikä, onsoň-da bu
adamlaryň bu taýda ýygnanyşyp durmaklarynyň sebäbi näme?» diýip sorapdyr. Onda
265

patyşa oňa: «Sen bu zatlary nämeden soraýarsyň?» diýipdir. Dellek hem oňa şeýle jogap
beripdir: «Meniň asla-ha ýaňra däldigimi patyşanyň bilmegi üçin soraýaryn. Bular maňa
ýaňra diýip nähak at dakýarlar, töhmet atýarlar. Men geplemezek adam bolanym üçin,
meniň adyma-da Dymma diýýärler, bu barada şahyryň hem aýdany bar:
Tutuş zandam lakamy dek bolaýmasyn diýip ýörýäň, Siňe-siňe
syn etmekden gorkup oňa selçeň garýaň».
Onsoň patyşa: «Bu küýkiniň taryhyny hem-de agşamaralar onuň başyna düşen
wakany, onsoň-da ýewreýiň, hristianyň, gözegçiniň hem tikinçiniň beren gürrüňlerini
dellege aýdyp beriň» diýip buýruk beripdir. Onsoň olaram aýdyp beripdirler (gaýtalap
oturmakdan bolsa peýda ýok); şondan soň bolsa dellek başyny ýaýkap: «Alladan ant
içýän, bu bir tüýs geň görmeli zat eken! Bu küýkiniň ýüzüni bir açyň, göreýin!» diýipdir.
Olar hem onuň ýüzüni açyp beripdirler weli, dellek onuň gapdalynda oturypdyrda,
onuň kellesini dyzynyň üstünde goýup, ýüzune dikanlap seredip, şeýle bir gülmek
gülüpdir, hut güle-güle kese ýykylypdyr, soňundan bolsa: «Herki ölümiň özi geň zatdyr
weli, emma bu küýkiniň ölşüni altyp syýa bilen depdere ýazmak gerek!» diýipdir. Dellegiň
bu gepine hemmeler aňk-taňk bolupdyrlar, onuň bu aýdanyna patyşanyň özi-de geň galyp:
«Ýeri, Dymma, saňa ne jyn urdy? Hany aýt göreli» diýipdir. Onda dellek: «Eý, patyşahy
älem, seniň merhemetliligiňden ant içýän, ynan, bu küýki ýalançynyň jany bar!» diýipdir.
Şeý diýipdir-de, dellek goltugynyň aşagyndan bir gapyrjajyk çykaragadan, onuň agzyny
açyp, içinden kindiwanja ýagly küýzejigi çykarypdyr-da, ýaňky ýagy küýkiniň
boýunlaryna, boýnunyň damarlaryna çalypdyr. Ondan soň ol gapyrjagyndan iki sany ujy
egrije simjagaz alyp, ony küýkiniň bokurdagyna sokaga-da, onuň bogazyndan süňki zady
bilen bir bölek balyk etini çykarypdyr, görseler, onuň bokurdagyndan çykan balyk eti gana
boýalyp giden ekeni. Küýki bolsa şol bada bir gezek asgyrypdyr-da, ziňkildäp aýak üstüne
galypdyr, ýüzüne elini ýetirip: «Bir Allanyň özünden başga hiç hili Hudaýyň ýokdugyna,
Muhammet bolsa Allanyň resulydygyna şaýat bolup bilerin!» diýip, içini çekip
geňirgenipdir. Özleriniň gözleri bilen gören bu ahwalatyna patyşa-da, onuň töweregindäki
adamlar-da biçak geň galypdyrlar.
266

Patyşa muňa güle-güle kese ýykylypdyr, beýleki adamlaram gülşüpdirler. Ondan
soň patyşa: «Alladan ant içýän, bu örän gep zat, men ömrümde munuň ýaly geň zady
görüp-eşitmändim!» diýipdir.
Ondan soň bolsa Çynmaçyn patyşasy: «Eý, musulmanlar, külli esgerler, heý, siziň
ömrüňizde ölenden soň direlen adamy görüp-eşideniňiz barmy? — diýip sorapdyr.— Eger
Allatagalanyň özi, onuň bagtyna, şu dellegi ýetirmedik bolsa (bu onuň janyna ýetişip, diri
galmagyna sebäp boldy), onda küýki, megerem, ölüp giderdi».
Ondan soň hemmeler: «Alladan ant içýäs, bu bir haýran galmaly geň zat boldy!»
diýşipdirler. Ine, onsoň Çynmaçyn patyşasy bu wakany altyn syýa bilen depdere ýazmaly
diýip buýruk beripdir, onsoň patyşanyň aýdyşy ýaly edibem ýazypdyrlar, ýazybam
patyşanyň hazynasynda goýupdyrlar. Ondan soň patyşa ýewreýe, hristiana hem gözegçä
sylag berip, olaryň her birine gymmatbahaly halat ýapyp, baryň öz ýoluňyza gidiberiň
diýip goýberipdir; olaram gidipdirler. Ondan soň patyşa tikinçä bakan öwrülip, oňa-da
sylag edip, gymmatbahaly halat ýapypdyr hem-de ony özüne tikinçi ussa edinip alypdyr;
özüne-de belli aýlyk hakyny belläpdir, küýki bilenem ýaraşdyrypdyr, onsoň küýkä-de
sylag edip, gymmatbahaly hem owadan halat salypdyr, oňa-da aýlyk belläpdir, özi bilen
oturyp-turşup ýören tabakdaşy edinipdir. Dellege bolsa rehim edip, ony patyşalygyň baş
dellegi edip belläpdir hem özüniň saçakdaşy edinipdir. Ine, onsoň olar tä keýp-sapany
bozujy hem üýşmeleňi pytradyp, birek-birekden aýra salyjy Perişde gelip üstlerinden
düşýänçä, keýp-sapa bilen ömür sürüpdirler.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
  • Büleklär
  • Müň bir gije - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3355
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1760
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 4008
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1798
    35.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3977
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1804
    35.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3940
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1740
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3964
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1788
    34.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3916
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1895
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 4009
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1789
    36.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3861
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1923
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3829
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1893
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3909
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1862
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3869
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1743
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3925
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1846
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 4056
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1892
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3984
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1879
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 4047
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1823
    34.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3957
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1858
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3996
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1604
    35.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 4011
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1740
    35.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Müň bir gije - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3392
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1530
    37.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.