Latin

Melgun - 05

Süzlärneñ gomumi sanı 3546
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2244
29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
49.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Arkalyç bir» diýip ýüzlenäýmel-ä».
Penaýew Han aganyň pikirini ýüzünden okady.
Keýige igenen boldy.
— Han Arkalyç diýip ýüzlenäý. Han aga diýseňiz,
111
garrylaryň hataryna geçirdigidiz bor. He-he-he!..
— Wiý, beý diýmewäriň, başlyk. Men o manyda
diýjek bolmadym. Han Arkalyç, siz göwnüňize alaňzok
gerek?
— Heý-de siziň ýaly peri-peýkerin diýenini göwnüňe
alyp bormy?
— Hernä şeýle bolawersin-dä!
— Gepiňiz-ä bir perdeden çykyp ugrady. Men nahar
getiriň diöýin—diýip, Pirweli ýerinden galdy.
— Şeýtsene walla, bi adamlaryň gep bilen gülagyny
doýurdyň. Agzymyza atmaga-da zat bereňok.
Pirweli daş çykyp gidensoň, ara biraz ümsümlik
düşdi. Keýik uýaljyndan nämä güýmenjegini bilmedi.
Köýneginiň etäklerini dyzlarynyň aşagyna ýygnan
boldy. Halyň üstüne gaçan hyýaryň gabyjagyny
klýonkanyň çetinde goýdy. Bu zatlary duýan Arkalyýew
ony gep bilen güýmämege başlady.
— Täk, onsoň, bu günler näme iş edýäňiz, Keýik?
— Kolhozda iş gytmy, Han Arkalyç?! Ekiş gutardy,
indem ýüpek gurçuklary, Bu gün-erte pile tabşyryp
başlarys.
— Hmm... Täk... Ýupek gurçugy... Ekiş... Bu zatlary
112
alada edýän ýörite adamlar bar. Kolhoz başlygy,
agronom, brigadirler. Siz, Keýik, diňe oba medeniýeti
hakda aladalanmaly ahyry.
— Ol-a şeýle welin... Ine, hä diýmän gowaça otagy
başlanar. Onsoň, ýygym. Yzyndan güýz sürümi, bahar
öňe-de ekiş. Şeýdip, dört pasylyň aladasy yzly-yzyna gelip
dur. Kolhozçylar güllukçylar ýaly zähmet rugsadyny
alanok. Iň berkisi, bazar güni-de dynç berlenok. Onsoň,
men-ä haçan olary kluba ýygnajagymy-da bilemok.
Aýda-ýylda teatr geläýmese. Kino-da okuwçylar gelýä.
— Hm... Täk...
Pirweli bilen Zöhre eje elleri tabakly içerik girdiler.
Ortada goýlan gülli tabaklaryň birinde toklynyň
omaçalary bugarsa, öňe birinde börek, beýlekisinde
içine näme salnany belli däl somsalar bardy.
― Hany, onda, urşuň geňeşi ýok diýipdirler. Han
Arkalyýewiç, bissimilla ediň. Men çüýşelere seredeýin.
Han Arkalyýewiç ortadaky tabaklardan çarşagy bilen
etleri dürtüşdirip, Keýigiň öňündäki tarelkada goýdy.
― Han Arkalyç, azara galmaň, özüm alaryn.
― Siziň ýaly gelne hyzmat etmegiňem azary bormy?
― Ýok, size hyzmat etsek armanymyz ýok.
113
— Ine, akylly gelniň gepi-gürrüňem ap-aýry. Ýöne
biri-biriňize hödür etjek bolup, ikiňizem aç galaýmaň.
Dalaşmaga ýaramarsyňyz.
Han Arkalyýewiç bilen Keýik biri-birine seredişip
ýere bakdylar. Keýigiň şobada ýaňaklary elwan reňke
boýaldy. Utanjyndan aşaky dodaklaryny dişlände, hünji
ýaly ak dişleri ýyldyraşdy.
— Pirweli, görýän weli, sen-ä bet öýdýän.
Han Arkalyýewiç dili bilen diýse-de, şo hakdaky
gürrüňe eýýämden ýol açanyny, Keýigiň oňa bolan
garaýşyny, (gelniň salynyň gowşakdygyny) bilmäge,
mümkinçilik döränine içinden begendi.
― Biziň başlyk iň soňky aýtmalysyny başda aýdaýýa
diýip, Keýik ýere bakyp gülümjiredi.
― O zatlar iki adamyň arasynda aýdylýandyr — sen
gaty howlugýaň, Pirweli — diýip, Han Arkalyýewiç
Keýigiň tarapyny çaldy.
— O-ho, eýýämden meni çetleşdirjek bolýanyzmy?
Artykmaç saýýaňyzmy? Bolýa-da, araňyza goşulmarys.
— Pirweli ýalandan öýke-kine eden bolup degişdi. —
Görüberýäs-dä, özüň-ä meniň orunbasarymsyň. Hany,
içeliň onda, bu gahary şuň bilen basaýmaňak bolmady,
114
he-he-he!..
— Keýige höküm ederiň ýaly, häzir iş wagty däl,
Pirweli!
— Aý, meňki boljak däl. Şuwat ikiňiziň araňyza düşen
özüň bolma. Görýän welin, siz agzyňyzy birikdiripsiňiz.
— Hä, şeý diý. Iş bilen Keýigi gorkuzjak bolma.
Oňuşdyrmajak bolsaň, raýkoma işe alarys. Onsoň, sen
ýalbarmaly borsuň.
— Eý-ho-o! Men aýdanlarymy yzyna gaýdyp alýan.
Olaryň üçüsi-de gülüşdi.
Pirweli gökje hyýaryň birini garsyldadyp agzyna
saldy-da, ýanbaş taşlap ýatyşyna bir aýagyny özüne
çekip baldyrlaryny owkalady.
— Häk, ýaman zadyň alamat-ow. — Ol äpişgä
seretdi. — Äý, ojagaz kiçijik bulutlaryň-a ýagyp oňaran
zady bolmaz-la. Aýaklar agyryp başlady. Köplenç howa
bulaşyp, ýagyş ýagjak bolanda şeýdip agyrýa. Ýagaýsaha, gowaçalaryň ýüzi gapaklar.
— Agzyňy haýyr aç. Gowaçany täzeden ekmeli bir
bolmasyn. Eýýäm maý aýy geldi. Indiden soň ekip,
haçan hasyl aljak? — Ozalam ýajyja dyndyk ekişiň
hysyrdysyndan. — Keýik gürrüňe goşuldy. Şumat
115
ýüpek gürçugynyň azaram ýeterlik.
Bu gürrüňlerden soňra, Keýigiň kellesine başga
bir hyýal geldi. Öňräk Pirweli: «Han aganyň-a seniň,
bilen çolaja ýerde çaý içesi gelýä» diýip, degişme salyp
duýdurypdy. Indi bu çyn boldy. Muň ýaly oturyşmalar
bi ýerde häli-şindi bolup durmyka?»
Onuň göz öňüne kolhozyň öňki medeniýet baradaky
orunbasary, häzirem oba Sowetiniň başlygy Hajarbibi,
klub, kitaphana müdirleri Çeper, Güldesse... garaz,
Daşgalada özüne göwni ýetýän görmegeý zenanlaryň bir
topary gelip geçdi. Aýallara mahsus bolan gabanjaňlyk
damarlary tirsildeşip ugranam bolsa, öz-özüne basalyk
berdi.
«Hiý-wiý, eýýämden Han agany öz tarapyma geçirip,
gara basan ýaly bolup otyryn-la. Bu göwnüme gelýän
zatlary gursagyma şeýtan guýandyr. Men näme, bu
adamyň süýjülik suwy içirlip, gaýçy şarkyldadylyp, nika
gyýlyp töründe oturdylanymy?, Näme etse, soňy etsin.
Daş gulakdan eşidişimize görä Han aganyň hut öz aýaly
Mylaýymam aýagyny düzüw basmaýamyş. Oblastda
Han aganyň elinden ýokary çekýän kiş i bilen arasy
sazmyş diýýärler...»
— Keýik näzenin-ä bir hyýala batdy. Al, iýip oturyň!
116
— Han Arkalyýewiçiň ýognas sesi Keýigiň pikirlerini
garasarlaryň üýşmegine kesek oklanan ýaly dyr-pytyr
etdi. Ol birbada aljyrady.
— Äý, ýok-la... Hiç...
Pirweli öz göwnüne gelen pelsepesini orta oklady.
― Bu günler bahar aýy. Ot-çöpüň janlanyp, goýunlaryň
gyltyma kowalaşýan döwri. Ýaşlaryň kellesine-de her
dürli hyýallar gelýär. Ylaýta-da zenan maşgalalaryň.
Bularyň söýgüsi-de, gahar-gazaby-da şu döwürde
möwç alýar. Hernä Keýigiňki birinji aýdanym bolsunda. He-heh-heh!
— Şu gün-ä biziň başlygymyz oňaýyny tapsa, gepini
söýgä ýanajak bolup dur.
― Dogry aýdýaň, Keýik. Munyňyz akyl-huşuny söýgä
aldyraýypdyr öýdýän. Ýöne, sen, Pirweli, kolhozyňy
Pariže öwräýme! Hoh-hoh-hoh!..
— Ýak, oňaraýdyňyz, Han Arkalyç, hiýh-hiýh...
hiýh...— Keýik hezil edinip güldi.
Han Arkalyýewiç tost aýtdy.
— Geliň, muny Keýik näzeniniň saglygyna içeliň!
Goý, mydama şunuň ýaly görmegeý, şadyýan bolsun!
Han Arkalyýewiç gepläp otyrka, Keýigiň häliden
117
bäri owurtlap goýýan konýagynyň täsirini onuň ýüzkeşbinden görjek bolup, oňa syn etdi. Diňe owadanja
kiçijik gulaklary gulakhalkasyndaky naryň dänesi
ýaly al-gyzyl öwüsýän daşjagazyň reňkine öwrülipdir.
Ýaňaklaram ýaňyja diňen ýagyşdan soňra bulutdan
çykan güneşe görküni güjeňleýän alýaňak almany
ýatladýar.
Äpişgeden görünýün gök derekleriň ýapraklary
birdenkä şypyr-şypyr ses etdi.
— Derek ýapraklarynyň şybyrdap ses edýäniniň
sebäbini bilýäňizmi? Honha, serediň o çynarlara!
Olaryň ýapraklar-a doňan ýaly bolup dur. Derekleňkem
şelpe kakyşýar — diýip, Han Arkalyýewiç dillendi.
— Ýok, näme üçin? — diýip, Keýik sorady.
— Bilmeseniz şeýle: gadym zamanda bir serdaryň
perzendi bolmandyr. Onuň juda owadan hemem
akylly aýaly bar ekeni. Olar zürýat edinjek bolup,
işan-mollalardan doga-tumar alypdyrlar, öwlüýälere,
büdrüklere ýykylypdyrlar, hiç haýsysynyň nepi
degmändir. Bir gün aýaly oňa: «Men senden hiç zady
gaty görmäýin. Beýdip, dünýeden zürýatsyz geçmegem
bolmaz. Men köp oýlandym, ölçerdim-dökdüm; Ahyry
şeýle netijä geldim. Men seni öz elim bilen öýlendirjek.
118
Onda-da görmegeýlikde, dünýede deňi-taýy bolmadyk
gyzy alyp berjek» diýenmiş. Görýäňizmi, nähili akyllybaşly aýallar bolupdyr! Häzirki aýallaryň birem şeý
diýebilmez. Gaýtam, üstüňden arz edip, obkoma,
MK-a, prokurora ylgarlar. Garaz, gepiň gysgasy, ol
aýal adamsyny bir gyza öýlendirenmişin. Äri bilen
täze gelniň alty ganat ak öýde ilkinji agşam, ilkinji gije
zowky-sapa sürýän pursatlary, her niçigem bolsa, goňşy
öýde ýatan baýry aýal ynjalyk-karar tapmandyr. Içinden
otly-ýalyn köwsarlap, bagry-öýkeni bykynyny deşip,
ýüregi agzyndan çykyp barýarmyş. Dişlerini näçe gyssada, gulaklarynyň üstüne ýassyk goýsa-da bolmandyr.
Äri bilen gelniň aýşy-eşretdäki sesleri gülagynda
ýaňlanyp durupdyr. Baýry aýal ylgap daş çykan. Gara
öýüň golaýyndaky ak derege zordan ýetip, arkasyny
berip, asmanda ýüzüp ýören on dördi gijäniň Aýyna,
göz gypýan ýyldyzlara seredip duranmyş. Bularyň hiç
biri-de ýanyp duran ýüregine teselli bermändir. Onuň
gulaklaryna öňe-de şol... tanyş ses eşidilenmiş. On iki
süňňi tutuş galpylda öwrülenmiş. Ine, şonda, o zenanyň
galpyldysy derege geçipdir. Şondan bärem derekler
üýtgeşik şemal bolmaňa-da, şelpelerinden şeýle owaz
çykarýarmyş.
— Be! — diýip, Keýik geň galyp, ilkinji sapar seredýän
119
ýaly, apbasy-apbasy ýapraklarynyň iki tarapyny-da
gezekleşdirip görkezöň dereklere syn edip oturdy.
Han Arkalyýewiç gözleri bilen Pirwelä «daş çyk»
diýip ümledi.
— Men bir daşarlarda aýlaň-çaýlaň edip aýak
ýazaýyn. Han Arkalyç, gelýänçäm biziň gyzymyzyň
ýüregini gysdyrmaweri. Ýaňky ýaly gürrüňlerden tapyp
otur — diýip, Pirweli ýerinden turdy.
— Eý-wäk! Şu aýagymyzyň guragyrysynyňam bir
ugruna çykmaly.
Pirweliniň aýaklary syzlaşyp duransoň, arkasyna bir
halta bugdaý göteren ýaly, öňe eglip, abşanaklap gapa
ýöneldi. Onuň bolşuna humarly kellesi ýeňlän Keýigiň
gülküsi tutup, bykyny gyjyklanan ýaly jykyrdap güldi.
Ol gülkiniň göze ilmeýän gudraty Han Arkalyýewiçiň
damarlarynda ýöreýän ýaly boldy. Ýuwaşlyk bilen
Keýigiň goşaryndan tutdy. Setka keýneginiň ýeňi kemkemden ýokary süýşüp goşardan aňyrda Gün görmedik
ak mermer bilekleriň üstünde ýöräp barýan arkasy gylly
penje ýylmanak çigniň ýumrusyna ýetdi. Zenan bedeni
simap ýaly titredi, gowşady.
120
Pirweli daş-töweregini synlady. Daçanyň dört tarapy
emeli köldi. Bu ýerik diňe iki maşynyň ini sygjak asfalt
ýol bilen gelmelidi. Ýoluň iki gyrasyna-da syrdam
derekler, çynarlar ekilip, olar nyzama duran esgerleri
ýada salýar. Dereklere seredeňde, Pirweliniň ýadyna
Han Arkalyýewiçiň hekaýaty düşdi. Olam häzir özüni
baýry aýala meňzetdi. Buda olary içerde goýup, özi
daşarda gezmelän bolýardy.
Bi golaý-goltumyň imi-salalygyny diňe köldäki
gurbagalaryň biri-biri bilen «gepleşýän» owazlary
bozýardy. Olaryň biri warryklasa, beýlekisi
gurruldaýardy. Ýaryşýan ýaly, biri sesini goýmanka,
beýlekisi başlaýardy. Pirweliniň aýak sesini aňanlary
ylla wyşkadan suwa bökýän sportsmenler ýaly,
kenardan bat alyp köle jülpüldäp düşýärdi. Soňda kesek
oklanandaky ýaly, Aýyň ýagtysyna tes-tegelek tolkunlar
emele gelýärdi.
Pirweli elini arkasyna tutup barşyna, kölüň gutaran
ýerine ýetdi. Bu ýerde daçanyň serhedini mälim edýän
şlagbaum goýlupdyr. Her kişi mundan bärik geçmäge
het edip bilenok. Egninde tüpeňi ýok diýäýmeseň,
Pirweliniň bolup ýörşi-de kinolardaky türmehanany
goraýan garawulyň öz çägine ýetende, öňe yzyna
dolanyşyny ýatladýardy. Ol öňe-de ýuwaşjadan daça
121
tarap ýöneldi.
Aýyň hem-de ýoluň gyrasyndaky yşyklaryň şöhleleri
düşýän köljagazyň suwy käsedäki çaýyň ýüzüne
üflenen ýaly birahatlyk tapdy. Kiçijikden gelen, ýüwrük
tolkunlar biri-biriniň yzyndan ýetmäge howlugyşdylar.
Derekleriň şygyrdysy öňküsinden hasam batlandy.
Pirweli Penaýew asmana seretdi.
Günbatar tarapda ýyldyzlar görnenokdy.
Ýerden, gökden, balygyň ysy gatyşykly çygly şemal
öwüsýärdi. Pirweli Penaýew derwezäniň gapysyny açyp,
howla seretdi. Hoözuň boýundaky agaç sekiniň üstünde
hiç kim ýokdy. Howlynyň töründäki hälki oturan
otaglarynda yşyk görünýär, ýöne, sary ýüpek tutular
hiç zat görkezenokdy. Ol iöň-içenlerini siňdirmek üçin,
öňe biraz gezmelänini kem görmedi.
Pirweli gapyny ýapyp öňe-de yzyna dolandy.
Daşgala raýispolkomynyň başlygyny başga raýona
işe geçiripdirler. Onuň wezipesi indi tegelek iki
aýdan bäri boş durdy. Han Arkalyýew ol wezipä öz
adamsyny geçirjek bolup, gije-gündiz kelle döwýärdi.
Emma kimi oňaýly görüp «ýakasyndan tutjagyny»
bilmeýärdi. Daşgalada ýakyndan gatnaşýan adamsy
Pirweli bolany üçin, ol wezipeni sypaýylyk bilen şoňa
122
hödür eden boldy. Penaýew garaçyny bilen minnetdar
boldy. Asyl ol öz ýanyndan tama edibem ýören ekeni.
Bardy-geldi «geç diýseler» näme etsemkem diýip, köp
gijeler oýlanybam ýatypdy. Ahyry ol-da öz ýanyndan
ölçerip döküp «bardy-geldi gürrüň gozgalaýsa» diýip,
jogabyny taýýarlap ýören bolsa nätjek. Ol özüniň altynjy
onlukdan alyp ugranyny — pensiýa golaýlap barýanyny
esasy bahana etdi. Häzirki oturan ýerinde Han aga köp
peýda getirjegini, öz bajasy — kolhozda baş zootehnik
bolup işleöň Juma Çaryýewi raýispolkoma geçirmegi
maslahat berdi. «Jumanyň ýerine-de, seniň ogluň
— Batyry geçirsek jüpüne düşer durubir» diýipdi.
Olaryň bu maslahatyndan bäri-de ep-esli gün geçdi.
Emma hiç hili üýtgeşiklik-täzelik ýok. «Ýa-da biziň
o «söwdamyz» başa barmadymyka?» diýip, Pirweli
Penaýew şlagbaumyň ýanynda durup, öňe-de asmana
seretdi.
Pirweli Penaýew gözmeläp aýagynyö ýelini çykardy.
Ol çygly howada özüniň birneme üşänini-de aňdy.
Naharhananyň ýanyndaky ýeke otagda ýaşaýan Zöhre
daýzanyň yşyk ýanyp duran aýnasyny kakdy. Içerden
«Hä» diýen ses çykdy.
— Zöhre, ak öýe iýer-içer ýaly zat elt. Ot ýak.
123
— Bolýa, häzir.
Penaýew öýüň gapy kiliminiň, bir çetini galdyryp,
bosagadan içerik ätledi. Çyrany ýakdy. Öýüň içi gülli
keçeler, gözüň ýagyny iýip barýan türkmen halylary
bilen bezelendi. Tärimlerden haly horjunlar asylgy
dur. Gapböwürde döwülgi, taýýar duran sazaklara
Pirweliniň gözi düşdi. Üç-dört sany kesindini ojakda
goýuşdyryp ot ýakyp goýberdi.
«Buwata çenli näme işleýärkäler bular, ýaman
düşekleri ýumşady-la» diýip, Han aga bilen Keýige
igenip, sekşiniň, üstündäki zatlary gara öýe daşap
ugrady. Soňra tutaşyp ugran ojaryň golaýypda ýanbaş
taşlap, tirsegini per ýassyga berdi. Nämä güýmenjegini
bilmän, sagadyna seretdi, on bir bolupdyr. Şofýorlaryň
geler wagtyna bir sagat galypdyr. Ol düýpdäki reňkli
telewizoryň şnuryny toga ötürdi. Sähel salymdan şyglap
ugran gapyrjakdan: «Doganlyk respublikalaryň aýdymsazlaryny berýeris» diýen ses çykdy. Şol wagt daşarda
Han aganyň aýak sesi bilen ardynjyramasy eşidildi.
― Pirweli, aý, Pirweli, sen niredesiň how?!
— Men bärde, gara öýde, Han aga, geliber.
Han Arkalyýew gapydan girdi.
124
― Haý, zaluwat, ýeke özüm hezil edip otyryn diýsene.
― Aý, siziňkem kemje-kerdemje bolmady öýdöň. Iner
ýaly çökdüň galyberdiň-le, heh-he-heh!
― Sen derdini sorama. Keýik aşygy ýaly naşyja zatdan
mähriňi gandyryp bolýamy? Yzyndanam sauna düşdük.
— O ýer-bu ýeriňem owkalatdyňmy?
— Indi nä, men saňa şo zatlaram aýdaýynmy?
Zöhre daýza iýer-içer ýaly zatlary getirip gitdi.
— Iň gowusy, guý! Pýotr Birinjem hammamdan soň
jyňkydýan ekeni.
Telewizorda iki respublikada — Özbegistanda hem
Türkmenistanda adybelli bagşy Babamyrat Hamdamow
aýdym aýdýardy. Örüüm-örüm gara saçlaryny hallan
atdyryp aýak oýnuny edýän gyzyň sesi bilen bagşynyň
owazy, sazyň mukamy göwünleri göterýär. Birsalymdan
ak öýe Keýigi-de çagyrdylar.
— Gel, meniň golaýjagymda otur. «Garybyň maly
gözüniň alnynda bolsa ýagşy» — diýip, Arkalyýew lohloh güldi.
— Eýho!.. Biziň orunbasar eýýäm elden gitdi
diýseňiz-läň!
125
— Öňräk bir gazetde: «Bir görenden aşyk bolmaklak
nämäň alamaty?» diýlen sowala, beýleki biri: «Wagty
tygşytlamagyň» diýip jogap beripdir. Şonuň ýaly, biz
näme, gadymky aşyk-magşuklara öýkünip, ýedi ýyllap
aýralykda biri-birimize goşgy goşup geçmelimi?
— Aý, siz näme diýseňiz, şony diýiň. Men-ä ajykdym.
— Keýik ortadaky tabakdan bir gapyrgany alyp, Han
Arkalyýewiň semiz buduna tirsejigini ýaplan boldy.
Ýagşyň iri damjalary ak öýüň işigini patyrdadýardy.
Babamyrat bagşy joşup aýdym aýdýardy: «...Lebi, lebi,
lebi... i...»
Birdenkä...
Gapynyn tutusy bir gapdala serpildi. Kürsäp içerik
giren Han aganyň ogly Batyr bosaganyň iç ýüzünde
aňk-taňk bolup galdy. Han aganyň budundan Keýik
tirseginem çekip ýetişmedi. Bu duýdansyz duşuşyga
garaşmadyk adamlar biri-birine gözlerini petredişip
seretdiler.
Ümsümlik.
— Eýgilikmi? Nä habar?! — Han aga ilki özüni ele
alyp sorady.
Batyram aljyrap, näme diýjegini bilmän, üzlem126
saplam gepledi.
— Aý, ýöne, çopanlaryň ýanyndan gelýädim.
Şu golaýda Gökjäň maşyny batan ekeni. Özüm
alyp ötägideýin diýip sowuldym. Beýle jaýlaşykly
oturanyňyzy bilmändirin.
«Gökje bu ýerde Keýigiň bardygyny bilenok-da.
Ýogsam, muny bärik goýbermezdi» diýip, Han aga içini
gepletdi.
— Jümmini görmediňmi? — diýip, Pirweli sorady.
— Ýok, oňa-ha sataşmadym.
«...Lebi, lebi, lebi... i...»
— Aýt, öçürsene, şony!—Han aga Pirwelämi ýa
telewizoramy gaharly seslendi.
Batyr eýýäm öýden çykypdy. Ol aldygyna guýýan
çabganyň astynda süllümmaý ezilip, çynaryň, astynda
ýaýdanjyrap duran Jümminiň deňinden geçip gitdi.
Jümmi oňa bir zatlar diýdi welin, onuň gulagynada ilmedi. Tot-tozanyny çabga ýuwan «Niwanyň»
ýanyna baranda Gökje-de maşynly ýetip geldi. Batyr
«Niwasynyň» aýna süpürýänini işledip wazlap gitdi.
Pirweli bilen Keýik Han Arkalyýewiçi öz maşynyna
mündürip hoşlaşdylar.
127
Jümmi başlygy bilen Keýigi kolhoza alyp gaýtdy.
Oturylyşygyň soňy birhili bolup sowuldy.
Hiç kimden ses-üýn çykanokdy.
Eýläk-beýläk jygyldap işleýän süpürgiç, guýýan
çabgany aýnadan süpürip ýetişip bilenokdy. Çyranyň
öňdäki sarymtyl yşygynyň içinden zowwam geçýän
ak erişleriň yzy üzülenokdy. Damjalaryň pakga-pakga
düwmeleri ýagşyň dyngysyz hem dowamly ýagjagynyň
alamatydy. Pirweli Penaýew ýoluň gyrasyndaky atyzlara
seredip oturyşyna, Jümmä çalaja seretdi.
— Hany, bir sägin. Çyraňy gowaçalara tut!
Çyranyň ýagtysy böreň-böreň bolup akýan suwuň
ýüzüne düşdi. Bu ýerler gowaça ekilen kartalary däl-de,
şaly meýdanyny ýadyňa salýardy.
— Öňe-de gaýtadan ekmeli bolar-ow. Bi giden suwlar
siňýänçä, gowaça çigitleri çüýräp ýere siňer. Myndan
soň ekilen gowaça haçan boýalar, haçan hasyl toplar?
Pirweli tebigata igenmäge durdy:
— Ýeri, ýagjak bolsaň, Garaguma ýag. Mallara ot
bolardy. Gerek ýere-hä bir damja damaňok, gerek däl
ýere-de bedreläp guýýaň. Burkudam öz edýän işlerine
özi düşünýändir-dä!
128
Keýigiň-de keýpi gaçypdy. Müçesi öňküsindenem
kiçelip, bir gysym bolup galypdy. Ilki Batyryň duýdansyz
öýe girmegi onuň depe saçyny üýşüripdi. Neneň indi
onuň ýüzüne seredip bilerkä? Ýat gelniň kakaýsynyň
buduna ýaplanyp ýatyşyndan nähili many çykarandyr
öýdýärsiňiz? O taýda çykaryp-çykarmaz ýaly many
barmy? Meniň, indikim näme diýsen-e! Ýeri, adamdan
utanýan zat bolsaň, Pirweliniň ýanynda onuň dyzyna
ýaplanarmydyň...
Bu ýagşyň ýagaýşyny. Daýhanyň ähli eden azaby
püçäge çykdy. Belki, ýaňky Pirweliniň aýdýan Burkudy
bi edýän gabahat işleri üçin raýonyyň hojaýyny Han
Arkalyýewiçe göz görkezýändir. Meniň pikir edýän
zadymy? Köneleriň «Heleýde akyl bolmaz, eşekde
şekil» diýenleri-dä. Ýeri, asmandan gurbaga ýaganda,
Han Arkalyýewiçiň topugyna çykýarmy diýsene. Ýenede kösenjek daýhan biçäreler. Ýerleri täzeden sürjegem,
ekjegem, diş-dyrnak bolup pagta ýygjagam. Ýöne
ýygnamaga pagta tapylsa.
Pirweli-de edil şuny oýlanýardy. Gowaça giç ýetişer.
Onsoň, körekleri düwün bolar otyr. Ne bişip ýetişer,
ne-de açylyp. Şo wagtam bir gijede gyş sowugy kakyp
gider. Ana, onsoň, şagyrdap oturan körekleriň suwy
çykyp myžžaryp galar. Daýhanyň ýylboýy eden azaby
129
reýgan bolar. Ýylyň ahyrynda ýene-de daýhan görgüli
iki barmagyny burnuna sokup boş galar. Plan nähili
bolar? Ine, bi başga gep. Plany dolmazlyk hakda gepem
bolmaz, gürrüňem. Onda ýaňky göhert: «Pirweli,
ystolyňy plany doljaga tabşyr» diýer. Oňa-da onuň
ýokarsyndakylar şeýle diýýändir. Menem birgatlaryň
iki aýagyny bir gonjuna sokdurmaga başlaryn, olaram
daýhanyň başyndan ýagy ýaly iner. Ýene-de pagta
zawodyna: «Gardaş, gaýrat et» diýmeli bolar. Onsoň,
gyzyl ýyldyzy döşe dakmak arzuwyňam gürsagyňda
garrar.
Pirweli haşlap, iki egninden dem aldy.
— Hany, sür bakaly!
Jümminiň maşynynyň çyrasy aýna ýaly agaryp ýatan
suwlaryň ýüzünden süýşüp, ýene-de asfalt ýola düşdi.
6
Han Arkalyýewiň Daşgala raýispolkomynyň başlygy
wezipesine kandidatura görkezmäge tykyrganýanynyň
başga sebäbi bardy. Ol: «Bu işi Pirweli başarmazmyka?»
diýip, ertirlik çaýynyň başynda aýalyna geňeşipdi.
Mylaýym ýylanyň üstünden basan ýaly ör-gökden geldi.
130
— Han, seniň näme, kelläňe at depdimi? Heý-de,
susagyň sapyny kesekiniň eline bererlermi? Haraz ýaly
aýlanyp duran bi çarhypelek, saňa o yssoly peçatlap
berenog-a. Bäş ýyl geçer, on ýyl geçer, bir gün senem
pensiýa ugradarlar. Ine, şonda, özüň ýaly boljak —
diýeniňden çykmajak öz adamyňy alkymyňdajyk eltip
goýarlar.
— Hany, on ýaly öz adamyňy nireden tapjak?
— Ine, muny menden sora: «Akylyň bolmaňa, akylla
geňeş». Sen tapmaňaň, men tapýan. Özem sen bir zat
diýseň, ýatyp kellesi bilen togalanjak ýigit. Otur diýen
ýeriňde, ajyndan ölse-de oturjak ýigidi bir wagtlar
tapyp goýdum.
— Kim-aýt, ol? Beýle adam meniň ýadyma düşenokla.
Seniň ýadyňa ertirki günüň düşýarmi? Gözüňe
urulýança gezip ýörsüň.
— Kim, kim ol? Aýtsana basymrak!
— Aýtsam, men hol Minaraatadaky ýegenimin
adamsy — Begmyrat.
— Bäh, dogrudanam, şol bolman durmaz. Ýöne...
— Ýönäň näme?
131
— Täk, il-gün geň edäýmese.
— Il-gün näme diýse, şony diýsin. Bir aýdar, bir goýar.
Obkoma aýtmaga seniň diliň barmaňa, men Omar
Soltanowiçden ýaşynyp oturamok. Özüm aýdaýaryn.
— Gelşiksiz bor-how!
— Tamdyry gyzanda ýapmaňaň, azap edip ýugran
hamyryň küle gaçýandyr. Begmyrat tüýs şaplaşyp duran
kandidatura ahyry! Özem raýispolkomyň sekretary
bolup işleýär. Başga edaradan getirilmeli däl. Ondan
başga oňaýly adamy gündiz eliňe çyra alyp gözleseňem
tapmarsyň.
— Şumat garyndaşparazlyk diýenem bir «kesel»
tapypdyrlar. Adamlaram häzir birhili bolupdyr. Bahana
gözleşip, üstüňden enterişip ýatyrlar.
— Adamlara göriplik keseli ýokaşypdyr. Güni
özünden ökderäk geçse, goňşusy tamsüpürýän bolsada
üstünden ýazýarlar.
Bu gürrüňlerden bäri bir hepde, on gün geçdi.
Han Arkalyýew düýnki oturylyşygy
maňlaýyny tutup otyrdy. Kellesi sämäp durdy.
ýatlap,
«Ýöne, Batyryň gelmesi birhili boldy. Äý, zyýany ýok.
Olam indi oglan-oglanjyk däl-ä. Ýigit çykypdyr. Beýle132
beýle zatlara düşünýändir-le...»
Şol wagt Omar Soltanowiç telefon etdi.
Salamlaşanlaryndan soňra, birki agyz iş hakda
gürleşdiler. Öten agşamky ýagşyň ýagdaýyny sorady.
Gep arasynda hem Omar Soltanowiç raýispolkomyň
ýagdaýy bilen gyzyklandy.
— Ýogsamam, oňa henizem adam tapaňokmy?
Bolmaňa öz apparatymyzdan iberäýeli.
Han Arkalyýewiç kadr ýetmezliginden zeýrendi.
— Älhepus, Han Arkalyç, birhili adam bolupsyňyz!
Aýdyldygysaýy gulagyňyzdan semreýäňiz. «Rezerw
taýýarlaň, rezerw taýýarlaň» diýip, MK-dan biziň iki
aýagymyzy bir gonja sokdurýarlar. Bizem size näçe
sapar aýda-aýda dilimiz syryldy. Töwerek-daşyňyza
serediň-how, jan dogan. Belkem, raýispolkomyň öz
apparatynda bardyr.
«Aýtmaly
ýeri-hä
geldi.
Aýtsammykamaýtmaňammykam? Omar Soltanowiçiň raýispolkomyň
öz apparatyndan diýmesi ýönelige aýdylan gürrüň däl
bolaýmasyn». Emma bu pikir häzir Han Arkalyýewiçiň
kellesine-de gelenok. Gaýtam, Omar Soltanowiçiň öz
dili bilen ýatladanyna içinden begendi.
133
— «Öz içinden» diýdiňizmi? Biri-hä bar welin...
— Weliniň näme? Kim ol?
— Begmyrat Daşgulakow. Özem raýispolkomda
sekretar bolup işleýär. Ýöne...
— Sen näme «welin» diýip dursuň?
— Diýmegimiň sebäbi, ol ýigit heleý ugrundan —
ýagny Mylaýymyň daşkyrak garyndaşy bolýa.
— Han Arkalyç! Näme diýseňizläň. Bir zady berk
belläň. Indi 27-nji gurultaýdan öňki döwür, öňki
düzgün-tertip ýok. Indi biz diňe işlejek, ukyply kadrlaryň
gözlegine çykmaly. Men seniň garyndaşyňam bilemok,
regionyňam. Onsoňam, sen näme, gyz ýaly çekinjireýäň?
Raýispolkomyň başlygy biziň nomenklaturamyz ahyry.
Ony sen däl-de, biz belleýäris. Hany, tiz ankedini iberiň.
(Pauza). Ä?.. Näme?.. Eger gürrüň bolar öýtseňiz, onuň
ýanyna goşup öňe iki sany delony iberäý. Ýöne ýankyň
ady, familiýasy näme? Men bir belläp alaýyn.
— Ine, bi akyl gürrüň. Begmyrat Daş...gu..lakow.
— Bäh, familiýasy dagy nätüýsli? Daş...gu...la...
kow... Ýazdym. Onsoň, nähili iş-güýç? Soňky wagtlar
myhmançylyga-da çagyraňok.
— Myhmançylygyňam gürrüňi bormy, Omar
134
Soltanowiç. Haçan eliňiz degse, biz taýýar.
— Bolýa onda, aksakgal, Mylaýyma salam aýt!
— Bolýa, Omar Soltanowiç!
Aňyrdan trubka ýerinde goýulsa-da, Han Arkalyýewiç
ikilenç gulagyny tutup anyklady.
«Şüýä-hä bolaýdy!»
Han Arkalyýew uludan demini aldy. Ne çiş
köýsün, ne-de kebap. Mylaýymyň tüýs aýdany boldy.
Pirweliniňem raýy ýykyljak däl. «Biz-ä Juma Çarynyň
delosyny obkoma iberdik. Galany-da olara bagly»
diýerin. Mylaýym han, sen indi äriňe berekella aýdyber.
Han Arkalyýewiçiň göz öňunde käte näzli, käte-de
göreşe çykan hyrsyz pälwan ýaly iki elini bykynyna diräp
duran Mylaýymyň syraty janlandy. Ol käte onuň akylhuşuny öwüp arşýa çykarýardy, käte-de ýere sokýardy.
«Seniň şu derejä ýetmegiňe henizem men sebäpdirin.
Sen meniň gadyrymy bileňok». «Men bolmaňam seni
bir aýyň dowamynda işden gaýdyryp goýbärler».
«Sen meniň diýenimden çykmaňaň utulmarsyň».
«Ine, munyň bolýa. Şeýdip, meniň diýenimi ediber...
Çaý içjekmi ýa-da nahar iýjekmi?»
Han Arkalyýewiç käýarym bu gürrüňlere ähmiýet
135
bermän, gulak gabartman etjegini edýärdi. Käbir
eden zady bardy-geldi ters bolaýsa, Mylaýym ýene-de
hüjüme geçýärdi.
«Hä, men aýtmadymmy saňa?! Sen maňa gulak
asmaňaň, entek köp ýerde büdrärsiň...»
Köplenç Mylaýymyň aýdýan zatlary dogry-da
bolup çykýardy. Han Arkalyýewiç şonda muňa geňem
galýardy. «Bu nädip öňünden bilýärkä? Ýa-da öýde
oturan ýerinde, küşdüň çöpleriniň göçülişi ýaly, hemme
zadyň hasap-hesibini, agyryny-ýeňilini ölçäp-döküp
otyrmyka?» «Men diöe öz öljek wagtymy bilemok,
başga hemme zatdan başym çykýar» diýip Mylaýym öz
pikir-ündewlerini Han Arkalyýewiçiň kellesine mäkäm
guýýardy. Han Arkalyýewiçiň kellesine ýene-de bir
pikir geldi. «Obkoma üç adamyň kandidaturarasyny
ibermeli. Barybir Omar Soltanowiçiň Begmyradyň
tarapyny tutjagy belli. Ine, muny-ha Mylaýymdan
soraşmaňamam bolar».
Han Arkalyýewiç ýylgyryp, içki telefondan
guramaçylyk bölüminiň müdirini ýanyna çagyrdy. Ol
içeri girende, üç barmagyny çommaldyp oňa görkezdi.
— Ýallakow! Ertire çenli üç adamyň şahsy işlerini
taýýarlap, maňa getir. Birisi «Ýeňiş» kolhozynyň baş
136
zootehnigi Juma Çaryýew, ikinjisi, raýispolkomyň
sekretary Begmyrat Daşgulakow, üçünjisi, redaktor
Gara Mergenow. Düşnüklimi?
— Düşnükli!
— Bolýa onda.
Ol gidensoň, Han Arkalyýewiç ýumşak oturgyjynyň
arkasyna göwresini goýberdi.
«Menden-ä üçüsem razy bolar. Soňra Gara
Mergenowa-da, han ogul, sen okuwa gitmeli, partiýa
mekdebini gutarmaly bolarsyň diýerin, Ýak, şu-ýä
bolaýdy».
7
— A-how, adamlar, geçen gezek mal bazarynda
Şaguly girdenek bazara näçe göle baran bolsa, bir
ujundan baryny satyn alanmyş.
— Diňe geçen saparky-da däl, öňki bazardada
şeýdenmiş.
— Ol-a diňe bazardan däl, mallary semrediş
bazasyndanam alanmyş.
— Hojalyklardanam alýamyş.
137
— Bir gije Gara Mergenleriň öýlerine Pirweli
Penaýew barypmyş. Ol Gara Mergeniň aýalyna, ogluna
töwella edenmişin.
— Näme diýip?
— Al-aýt, dursana bir, aýdyp barýan ahyry. O Gara
Mergeniň ogly Ahmet bar-a. Ana, şonuň Han agamyzyň
gyzy bilen tirkeşip, halaşanyny-ha bilýänsiňiz. Indem
olar tersleşenmişler. Ine, Pirweli şolary ýaraşdyrmaga
baranmyş.
— Toba-tagsyr, biz-ä mundan ozal är-aýal uruşsasögüşse, dogan-garyndaşlary töwella edýärmike
diýýärdik. Bulaňky nämekä?
— Men nä bileýin. Biz-ä aýallaryň tamdyr başyndaky
gybatlaryndan eşitdik.
— Howa, onsoň, yzy näme bilen gutarypdyr?
— Yzymy? Gara Mergenem, aýalam: «Biz ýigit çykan
oglumyzy zorlap öýlendirebilmeris. Honha özi, kimi
halasa, şoňa-da öýlensin. Erteki gün şu iş kakamdan ýa
ejemden boldy» diýmesin diýipdirler.
— Ogly bilen gürleşmänmi?
— Ahmed-ä: «Ýaşuly, siz öz işiňiz bilen boluň. Kolhoz
başlygynyň indi sawçylykdan başga işi ýokmy? Juda
138
şo gyzy halaýan bolsaňyz, öz ogluňyza alyp beräýiň»
diýenmiş.
***
Ýary gijäniň töwärekleri Meýlis Bakyýew eýwanynda
ýapon radiopriýomniginden soňky habarlary diňläp
ýatyrdy.
«Bütin sowet halky Beýik Ýeňşiň 40 ýyllygyny
zähmetde uly üstünlikler bilen belleýär...»
«Türkmenistan ýubileý wahtasynda...»
«TSSR-iň hem-de TKP-niň 60 ýyllygyna,
Türkmenistanyň Russiýa meýletin birikmeginiň 100
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Melgun - 06
  • Büleklär
  • Melgun - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3534
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2274
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3580
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2339
    27.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3590
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2281
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3583
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2313
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3546
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2244
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2223
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3650
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2308
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3601
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2303
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3527
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2296
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3468
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2326
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3608
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2094
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3597
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2249
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3646
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2087
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2180
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3443
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2113
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3615
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2159
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Melgun - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 2479
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1622
    33.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.