Latin

Kalbyma syýahat - 12

Süzlärneñ gomumi sanı 3794
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
bolup, ojagyò baºyna gapdalda basylgy duran ojardan
daºadym. Gaplaò meni görse-de, könäni ýatlap üstüme
topulmady. Ýa-da bu onuò öwreniºdigimikän? Çoluk
daýydan çekinýän bolmagy-da mümkin. A belki-de, ol
indi meni öz adamlarynyò biri, sürä golaýlaºmaga, goºa
girip-çykmaga hakly adamlaryò hasabyna goºup arkaýynlanandyr.
SÜRINIÒ YZY BILEN
Süri baýyrlaryò ýüzüne ýazylyp-ýaýrap otlap barýar. Kakam ikimizem tirkeºip, süriniò yzyna düºüp
232
gidip barýas. Öòde, sürä baº bolup barýan serkäniò
boýnuna dakylan jaòyò mahal-mahal düòòürdisi eºidilýär.
Süriniò yzyndan garrap, lagar düºüp ugran goýunlar
özbaºlaryna aýratyn bölejik bolºup barýarlar. Kakam
käte bir "häý, haýt..." diýip özünden barha daºlaºyp
barýan süriniò yzyndan gygyrýar. ªonda süriniò öòi
yza serpilip, lagar düºen goýunlara hem sürä ýetiºmäge
mümkinçilik bolýar. Kakamyò sürini sesine öwredýänem
bir gowy zat, ýogsam, häzir ony gidip gaýtarjak bolsaò,
gör, nirelerden aýlanmaly bolardy.
Esli ýöresegem, nämüçindir, hemiºe ligirdäp, ädim saýyn
öòüòden çykýan zemzenpisint suwulganlar häzir bize
gabat gelenok. Kakama sorag berip, bu ýagdaý bilen
gyzyklandym. Ol ºonda birwagt özi bilen çopan-çoluk
bolan Aganýaz agany gepletdi.
— Aganýaz aga bende: "Goýun geçen ýer ot geçen
ýalydyr, ol ýerde ýylanam galmaz, suwulganam" diýerdi. Onsoòam goýunda ýylan-suwulgan üçin ýakymsyz
ys bolarmyº. ªeýle-de, süri gijesi-gündizi ýylan, suwulgan bilen goºulyºyp ýorenem bolsa, olaryò ýylanyò
zäherinden heläk bolýany nega-da biridir.
Halypasyny ýatlamagy kakamyò göwün torbasynyò
açylmagyna, maòa ýene-de birnäçe zatlar gürrüò bermegine sebäp boldy. Ol gidip barºyna töweregi özüçe
okap ugrady.
— Ine, bu güllejek-güllejek bolup oturan zatlar
sazak, bu ýerlerde seýregräkdir, ol ak çägäniò bolsa bol
çöpi ºudur. Sazagyò bir hepde, ýarym hepde entejik
haýaly bar, martyò ahyrlaryna, apreliò baºlaryna gül
233
görkezip gözüò ýagyny iýer bi. Gyºda, ösgün bolup
gardan ýokarda galýany üçin, sowuk günlerde onuò
gadyry has aýratyn bolýar. Goýun malyò gyº höregidir
bi. Çopan bolsaò hemiºe haýsy çöpüò nirede bitýänini
göz astyna alyp, "Bir ýerde nepi deger" diýip ýörensiò.
Mahal-mahal süriòi ýowºanyò köp ösen ýerlerine hem
aýlamalysyò. Aganýaz aga bende goýna gerek ähli
däri-derman çölüò özündedir diýerdi. ªonuò diýºi ýaly,
ýowºan iýse, içi soguljanly goýun dertden dynar oturyber. Özi-de olam çölüò ir çykar otlarynyò biridir. Häzir
ýöräber bakaly, birki ýapy aºsak, öòümizden çykar,
onam görkezerin. Bir tutup synlasaò, soò hemiºelik
gözüòde galmagyna gowy bor. Özi-de goýun maly örän
ynjyk maldyr. Ony ýürekden gowy görmeseò aòar.
Ýogsam, ýüzüòe seretmesi bolmaz janawaryò. Ýöne ol
seniò kimdigiòi sesiòden biler. Akly gulagyndadyr. Sen
ol goºdaky düºekleriò aºagyna düºelen çöplere üns
berdiòmi? — Kakam ºeý diýdi-de, meniò ýüzüme
seretdi. ªol arada hem öz ýanyndan: "Bu bir ýaº oglan,
selniòi näbilsin, gandymyòy näbilsin" diýip oýlanan
borly, maòa jikme-jik düºündirip ugrady.
— Çopan üçin selin-siòren ýassyk-düºekdir. Siòren
çopan-çolugyò bagtyna döräýen bir çöpdür. Ezilip geleòde
özge zady tutaºdyrlyk etseò, aòsat oduò tutaºmaz, bir
gysym siòrene kükürt çyzarsyò welin, oduò ýag dökülen
ýaly tutaºar ötägider. Ýagyº näçe ýagsa ýagybersin,
onuò çygy ýüzüne almasy bolmaz, endamy ördekgazyò endamy ýalydyr.
234
Süriniò hol allowarradaky baýryò depesinden aòyrlygyna agyp ugramagy kakamyò gürrüòini togtatdy.
Gidip, ony gaýtaryp gelmelidigim belli boldy. Ýöne
sürä tarap ýönelenimem ºoldy welin, kakam menden
öòürtiledi. Ol elini agzyna tutdy-da: "Häý, haýt" diýip
sesini süýkdürip gygyrdy. Süri ºundan soò öòünden
kimdir biri don bürenip çykan ýaly güsürdäp yzyna
serpikdi. Serkäniò boýnundaky jaòyò mallary öz töweregine çagyrýan aladaly düòòürdisi eºidildi.
— Biziò baýyrlar berkdir. — Kakam ýöräp ugransoò
ýene-de ýaòky gürrüòini dowam etdirdi. — Goýnuò
yzyna düºüp, inip-çykyp ýörseò tiz maýyp eder. Elbetde, ýazda süriniò agyr mahaly onuò geçen yzyna
aýlanmaly. Ýaº guzulaò uklap, ota-çöpe çöròeºip galmagy ahmal. Özge wagt welin sürini endige düzüp,
ony sesi bilen bakmalydyr. ªonda bir-ä malyò abat
bor, birem süriniò yzynda ygyp, özüò heläk bolmarsyò. Beý diýsem, ýöne gygyrybam ýörmelidir öýtme, goýun maly gohy-da halaýan däldir. Halypamyz
Aganýaz aga bendäò sürüsine köpleriò gözi giderdi,
onuò üstünligini görüp bilmeýänlerem ýok däldi. Ýöne
olaram gyssanan ýerlerinde: "Aganýaz aga, ºuny
näderkäk, nähili bolýarka?" diýºer durardylar. Bir
gezek bolsa onuò sürüsine gözi gidýän çopanlara ferma müdirini yrmagam baºartdy. Ol çopanlar: "Aganýazyò sürüsinde sarç goýunlar az, ºoò üçinem abat,
hany, ºoòa toklam bir berip gör, ºonda onuò kimligi
belli bor" diýºen ekenler. Bir ýola seçgiden soò oòa bir
bölek tokly berdiler. Men ºonda bu ýerde bir gepiò
235
bardygyny aòdym. Aganýaz aga, aý, ol Aganýaz agada. Onuò bolsa göwni bir ýaly, ºeýdýäòizem diýenok,
gaýta maòa-da: "Haýyr, oglum, hiç zada darykma.
Gaýta bilmedik bol, mal eýesi biz bolsak, malymyz
bize meòzemelidir" diýýär. Dogrudanam, sarç toklular
bize bir hepde — on gün gan ýuwutdyrdy. Dürli
sürüde, dürli terbiýede önüp-ösen birtopar tokly, olar
ne-hä seniò sesiòi alga alýarlar, ne-de özüòi. Hersi bir
kelle, men-ä o mahal ýaº oglan welin, Aganýaz aga
altmyºy egne atan, güýji gaýdyºyp, bili gidiºen adam.
"Hany, ºularam bir Aganýaz aga mugyra getirýän
bolsa getirsin" diýlip berleni bes-belli. Men çydasamam, ol bu ºata uzak çydamady. Bendäò halys degnasyna degen borly, bir ýola ol maòa heniz bir ýerini
halallamankak (bir öwräò ot-çöpüni tutnukly tutup,
birkemsiz iýdirmäge Aganýaz aga "halallama" diýerdi), düýä goº-golamymyzy ýükletdi-de: "Sen, inim, barda, Gyzylgatydaky geçen ýyl Öwmät bilen Jumadurdynyò guzy alan ýeriniò töwereginde goºy düºüriber"
diýip ugratdy, özi bolsa sürini öòüne salyp gitdi.
Aganýaz aganyò bir hyýala müneni belli boldy. Süri
ºol ugraýºyna meniò günortana galyp-galman ýeten
ýerime — çar töweregi kert bolup, gyzylymtyl öwsüp
duran baýyrlaryò arasyna, gijöýlänler gelip indi. Ol
gün-ä ýatyp dynç aldyk. Ertesi Aganýaz aga sürüsini
üç tarapy kert gaýa bolup duran, agyl biçüw zawa
salyp, meni eli taýakly bu agylyò agzynda goýdy.
ªundan soò ol sürini üýºürip-ýazyp, olara ºeýle bir
darady welin, janawarlaryò iýenini burnundan getirdi.
236
Her gezegem sürini ýazyp goýberen mahaly, "hä-haýt,
gaýt!" diýip, özüniò basyksy, pessaý sesi bilen gygyrýar. Süri sesine serpilmese bolsa, ol ýene-de baºbozar
geçileri alýar taýagyò astyna. Aý, ol ºeýtdi-ºeýtdi-de,
bir hepdede sürini öz diýenine saldy oturyberdi. Nädersiò
onsoò "haýt" diýenden hyrra yzyna dolansa dursa.
Süri sesimize ýagºy öwreniºenden soò, biz ýene-de
dolanyp, öòki ýatagymyza göçüp geldik...
ªol gidip barºymyza bir gezek men özümizden
daºlaºyp barýan süriniò yzyndan ony kakamyò gaýtaryºy
ýaly gaýtarmak niýeti bilen: "Goº, aýlan" diýdim-de, öz
buýrugymyò netijesine garaºdym. Süri meniò sesimi
piòine-de almady, ol öòküsi ýaly lagambir ýazylyp
otlap ýör.
Ikinji gezekde meniò buýrugymy kakam özüniò
gyryljyk sesi bilen ýene-de bir gezek gaýtalady. Süri
güsürre ýeòsä serpilip, onuò bir sözüni iki diýdirmedi.
"Hüm bilen hümüò tapawudy kän ekeni".
Kakamyò elinde egri taýagy, ol ony arkasynda kese
tutup barýar. Meniò oòa "Getir, taýagyòy götereýin"
diýesim gelýär. Ýöne ilki-hä ebeteýini tapmadym, soòundan, onuò ýapa ýarmaºylan mahaly taýagyny söýget
edinýänini göremsoò bolsa, ol taýagy soramagy goýbolsun etdim.
Kakam wagtal-wagtal durup, elini gözüniò üstüne
kölegeledip, töwerekdäki baýyrlaryò ýüzüni synlaýar.
Ýogsam häzir töwerekde günem ýok, onuò gözüòi ýumjuklatmaga mejbur edýän ºöhlelerem. Onuò hyýaly
häzir asmana birsydyrgyn gara keçe bolup ýazylan
237
bulutlaryò aòyrsynda bir ýerlerdedir. Kakam dursa,
menem ondan uzaklaºman aýak çekýärin. Ýapylaryò
güneº taýynda läleleriò çog gyzyl bolºup oturanlaryny
görýän. Kakamyò diýºi ýaly, häzir baýyrlar düýrleniºipdüýrleniºip, bu ýerden bir ýerlere göterilip gidiberjege
meòzeýärler.
Meniò depe görsem üstüne çykasym gelip dur. Töweregi synlaman geçsem, asla göwnüme jaý bolanok. Her
depäniòem töwereginde birhili görnüº bar. Çölde her ot
öz neberesi bilen goºulyºyp, aýratyn obajyk bolup
ösmegi eý görýän ekeni.
Ýene birsellem ikimiz çöli ädimläp tüketjek ýaly
bolºup ýörenimizden soò, kakam maòa bir öwrümde
gerek bolar diýip oýlanandyr-da, ýene-de meniò üçin
töweregiò ot-çöplerini okap ugrady.
— Ana, hol, agyn baldak bolup oturan bolsa selindir.
Onuò gatyja gulpagy bolýandyr. Häzir olaryò, aralygyndan goýunlar, darak diºleriniò ýumºak saçdan geçiºi
ýaly, geçer giderler. Oòa barmysyòam diýmezler. Selni
özge otlar azalyp, çopançalap aýtsaò, bal bolan çaky
iýerler. Çopan bolsaò-a, otlary sen tanaýmalysyò. Malyò içgeçmä ýolugaýsa, onda sen ony dadranly ýerde
bakmalysyò. Aganýaz aga-ha onuò köküni gaýnadyp,
wagtal-wagtal süriò suw içýän nowasyna-da guýdurardy.
Bu çöpüò bolsa, ýandakdygyna sen beletsiò. Yssy
düºüberse, ol ösüp, töwerege has-da eýemsirener. Özi-de
ýazyò ýaºyl donuny yhlas bilen tä güýz gelýänçä
geýer. Ol düýeleò elýetmez höregidir, düýe ýaly suw238
suzlyga hem çydamalydyr. Ýandak minneti özüniò
uzyndan-uzyn tanap pisint kökünden çekýär.
Onsoòam biziò Badhyzymyz ot-çöpe juda baýdyr,
bu ýerde dag etegi ösümliklere-de, orta çöle mahsus
ösümliklere-de gabat gelersiò.
Lukman Hekim diýen adam bolsa bu çöpleriò hemmesiniò diline düºünenmiº. Syrkaw adamlary bejerende
ol ºu otlary derman hökmünde ulananmyº. Ol diòe bir
diºagyrynyò dermanyny tapyp bilmändir diýýärler. Ondan:
"Diºagyryò dermany nämedir?" diýip soranlarynda, ol
hiç zat diýmän: "Goparaýmasaò, alaç ýokdur!" diýen
manyda çem gelen çöpüò birini goparyp gidiberenmiº.
Süri birsalym ýazylyp-ýaýrap otlansoò, onda-munda
ýataklaýan goýunlar görnüp ugrady. ªeýle bolanda
mallaryò doýanlygynyò, indi birsalym dyz epip, dynç
almaga wagt ýetendiginiò alamatydygyny, kakam öò
bir gezek maòa aýdypdy. Biz ºundan soò süriniò
daºyna aýlanyp, onuò ýüzüni goºa tarap öwürdik. Süri
ýene-de baýyrlaryò arasy bilen öz akymyny dowam
etdirdi.
KEÝIK OWLAJYGY
ªol gezek Garly ferma goºa gelen güni hem ýazyò
möwjäp, öz ýazlagyny ýazlap oturan günleriniò birisidi.
Ferma gelende kakamdyr çoluk daýy ikisi-de goºdadylar.
Gollary tirsegine çenli çyzgalan çoluk daýy jamda
hamyr ýugrup, gömme çörek biºirinmegiò aladasy bilen
hysyrdanýardy. Kakam bolsa eºegiò gaòòasynyò köneliºen
tokalaryny aýryºdyryp, ony täzeden sazlamak üçin
239
keçesini, temen-bizini töweregine ýaýradyp otyrdy. Olar
hümürdeºip, iº arasynda bir zatlaryò maslahatyny edýärdiler.
Ferma müdiriniò tanyº maºyny gelip gapdalda togtan mahaly, kakam dagy özara maslahatlaryny soòa
goýup, myhmany garºylamak bilen boldular. Garly
ferma maºyndan düºensoò, meniò guzuly goýunlary
bölejik edip bakyp ýören tarapyma öwrüldi-de:
— Agadurdy, hany, bäri gel, köºek! — diýip, meni
ýanyna çagyrdy.
Men bakyp ýören goýunlarymyò ýüzüni goºa tarap
öwürdim-de, onuò gapdalyndan aýlanyp, Garly fermanyò özüme garaºyp duran ýerine gaýtdym. Ol golaýyna baranyma mähetdel, ýylgyryp, dabara bilen
münüp gelen maºynynyò gapysyny açdy.
— Köºek, hany, bir seret, gör, men saòa näme
getirdim? — diýdi.
Men gyzyklanyp, maºynyò içine seretsem, iki oturgyjyò aralygynda ýatan keýik owlajygyny gördüm.
Meniò ýüzümdäki sorag alamatlary bada-bat ºatlyk
bilen öz ornuny çalyºdy.
Garly ferma çaý baºynda keýik owlajygyny ilki
birki günlükde uzagrakdan görendigini, ºonda golaýda
bir ýerlerde owlajygyò enesi bardyr diýen pikir bilen
onuò duºundan geçip gaýdandygyny gürrüò berdi.
Bu gün ýol bilen geçip barýarka, ºol töwerekde
owlajyk ýene bir gezek Garly aganyò gözüne ilipdir.
Garly aga ýakyn baran mahaly ilki ol süýrenip gaçmaga synanyºypdyr. Ýöne ysgynsyz aýaklar onuò diýenini
240
etmändir. On-on bäº ädim gaçyp-gaçmanam, ot-çöpe
çolaºyp ýene-de ýykylypdyr. ªundan soò bu owlajygyò
bir derdiniò bardygy Garly aga aýan bolupdyr. "Kimdir biriniò çawan oky muny ýaralandyr" diýip oýlanypdyr. Emma owlajygyò bedeninde ýara yzy ýok
ekeni. Ol "Owlajyk çabgada galyp, buýandyr, oduò
gapdalynda birmeýdan ýatsa, damarlaryna gan ýöreºer.
Aýak üstüne galar, ana, onsoò özüniò keýik çagasydygy ýene-de onuò ýadyna düºer" diýen pikir bilen
hem-de bu ýerde meniò barlygymy ýatlap goºa getiripdir.
Çoluk daýy Garly fermanyò öwrediºi ýaly, ilki
oduò gapdalyna bir goltuk ýylgyn atdy, köneliºen
keçäni hem getirip, onuò üstüne ýazansoò bolsa owlajygy göterip, ýörite taýynlanan düºekde ýatyrdy.
Keýik owlajygyna meniò bada-bat mährim gitdi.
ªundan soò meniò ojagyò töwereginden uzak gidesim
gelmedi. Meniò indi bu owlajygy görüp durmasam,
baºga ýerde karar tapmajagymy kakam hem aòan
borly, ol guzuly goýunlary çoluk daýa tabºyrdy. Meni
bolsa goºda keýik owlajygynyò ýanynda galdyrdy.
Garly ferma-da çaý içensoò, merkezi goºa gidip,
owlajyga seretdirip, däri-derman etdirmek üçin doktor
tapyp geljegini aýdyp, maºynyna mündi. ªundan soò
owlajyk bilen men goºda ikiçäk galdym. Ol-a oduò
beýleräginde ýatyr, men bolsam ody öçürmezlik üçin
töòòeliräk gury ýylgynlardan getirip, oòa atyºdyryp
ýörün. Owlajygyò weli derdi özüne ýetik borly, onuò
wagty bilen aýak üstüne galasy gelmedi.
241
Çoluk daýy birsalymdan yzyna dolanyp gelip, ýene-de
owlajyk bilen gyzyklandy.
— Agadurdy, keýijek ezilen çörekden iýmändir
öýdýän?
— Ýok. Ol-a hiç zadam iýenok.
— Onda bir zat edeli, inim, muòa bir tokga gant
ezip içireli, ýüregini tutar.
— Bolýar, içireli. — Men ºeýdilse gowy bor diýen
niýet bilen, kömek bermäge taýyndygymy mälim edip
bada-bat onuò bilen razylaºdym. Dogrusy, ºeýle edilende,
owlajyga gowy boljagyna ynanmanam durmadym.
Owlajyk süýjüli suw içensoò, öýkenini bokurdagyna
üýºürip, üsgürip ugran mahaly, süýji zadyò oòa zelel
berip biljekdigi belli boldy.
Indi doktoryò gelerine garaºmakdan baºga alaç galmady. Doktor gelip owlajygy barlan mahaly, onuò
öýkeniniò sowuklandygy belli boldy. Owlajyga iòòe
sanjylan mahaly, men onuò ynjap tisginenini görmezlik
üçin ýeòsäme öwrülip durdum. Doktor biraz wagt
geçirip, ikinji iòòäni urup, baºyny ýaýkansoò "Öýken
ýeòläpdir, öýken" diýdi-de, ertirem gelip habar tutup
gitjegini aýtdy.
Olar hoºlaºyp gidensoò, çoluk daýy hem bireýýäm
alaò aºyp giden bölejigiò yzyndan ugrady.
Ýene-de goºda owlajyk ikimiz galdyk. Töwerekdäki
adamlardan özüne ýagºylyk ýetmese, ýamanlygyò
bolmajakdygyny owlajygyò duýgur ýüregi syzan borly.
Onuò gorkup, howpurganyp töweregini synlamagy
kem-kemden galyºdy. Ýöne owlajygyò gözleri süzüliºip
242
ýumulyberse welin, meniò oturyp-turup mazam bolmady. Göwnüme, bir bolmasy iº bolaýjak ýaly, owlajygyò gözleri bir ýumulansoò gaýdyp hiç mahal
açylmajak ýaly bolup duýuldy. ªeýle bolanda men
her gezek gapdalyna baryp, onuò kömelek ýaly bolup dürterilip çykyºyp gelýän ºahlarynyò birine elimi ýetirýärdim. Her gezek hem ºeýle bolanda owlajyk tisginip gözlerini açardy. Her gezegem ol gözlerini açansoò, meniò ýüregim ýerine gelerdi.
Garaòky gatlyºýança, bu ýagdaý telim gezek gaýtalandy.
Kakam süri bilen aýlanyp gelensoò bir süýtli geçini
sagyp, owlajygyò tumºugyny açyp agzyna süýt guýduk. Owlajyk tamºandy.
Ýöne onuò baºga iýip-egsen zady bolmady. Gapdalynda goýlan bir jam kepegi-de oòa derek çadyra
gelip-gidip ýören nançy goýun iýdi.
Gije ýatylan mahaly, owlajygyò üºemän ýatmagy
üçin onuò üstüni köne oýluk bilen pugta basyrdyk.
Ýöne men ornuma geçsemem keýijegi gaýgy edenim
üçin gijäniò birwagtyna çenli uklap bilmedim. Çoluk
daýynyò habaryny aýtmak üçin kakamy yralap oýaran wagty hem men oýadym. Ol pyºyrdap gepledi.
— Rahman aga, Rahman aga...
— Hä, näme?
— O janawar-a ýaòja gutardy.
— Näme?
— O janawar-a diýýän, ýaòy turjak ýaly etdi-de...
Kakam dikelip oturyºyna haýpygelijilik bilen baºyny
yralady.
243
— Bäý, bolmandyr-ow ol-a, Agadurd-a gaty gynanar.
— Ol-a ºeýle, ýöne nätjek-dä. — Çoluk daýynyò
gürrüò aralygynda uludan dem alýany eºidildi. —
Onda, Rahman aga, neme edäýeli, ºeýtsek nähili bolarka?
— Näme etsek?
— Häzir owlajygy äkidip, bir ýerlerde ýerläli.
Agadurdy görüp gynanmasyn, ertir bolsa oòa: "Keýik owlajyg-a gije ýatyrkak turup gidiberipdir" diýeris.
Goý, ol soò-soòlaram gören keýigini ºol gaçyp giden
keýijigidir öýtsün ýörsün.
Kakam çoluk daýynyò tapan çykalgasy bilen ylalaºan
borly. Ol keýijegi göteren ýaly edip, gujagyna göterdi.
Çoluk daýy bolsa ºundan soò çadyryò gapdalynda
ýatan pili alyp, onuò öòüne düºdi. Meniò gözümden
syrygan gözýaºymy bolsa olaryò hiç biri görmedi.
Ertir olar men oýanan mahalym agºamky maslahat
ediºleri ýaly, owlajygyò agºam ahmallykda gaçyp gidendigini aýdyºyp, ony daòyp goýmandyklaryna ahmyr ediºen boldular.
Ýöne men hiç kimden zat soramadym. Sebäbi men
agºamky gürrüòiò hemmesini eºidipdim ahyryn.
HAKYKY IT
Sary aga sözünde tapyldy. Üç-dört gün geçip-geçmänkä
onuò: "Rahmanyò ogly gelip, güjüjegini alyp gitsin!"
diýen habary geldi. Ýöne biz, kakam bilen çoluk daýynyò
iºi köp bolany üçin bada-bat habaryò yzyndan gidip
244
bilmedik. Ol ýere biz ºol günüò ertesi kakam bilen,
öýländen soò gitdik. Bagtymyza Sary aga-da entek
goºunda ekeni, ol ýaòyrak örüzip goýberen sürüsiniò
yzyndan gitmäge hyýal edip, eºegini gaòòalap duran
ekeni. Bizi görüp, Sary aga özüne mahsus açyklyk bilen
ýylgyrdy.
— Hä, giýewçe, gelýämiò köºek? Ýene-de bäº-on
minut gijräk geläýen bolanlygyòyzda, meni bu ýerden
tapmazdyòyz.
Biziò bilen salamlaºansoò bolsa, ol içi güjükli çukuryò ortasynda, bir oýnuò gopjagyny syzyp, boýurganyp
duran iti aldarlap kowmak bilen boldy.
— Gazap, bu nä boluº, utanaòokmy? Süri nirde, sen
nirde?
It Sary aganyò gepine sözme-söz düºünýän ýaly
bolup, oòa göni seredip bilmän, torsarylyp baºyny aºak
sallady.
— Aýyp bor, gardaº, onda-da saòa, men-ä sen bar
diýip sürüden arkaýyn, a sen bolsa...
It ºundan soò gidesi gelmese-de, Sary aganyò raýyny
ýykyp bilmedi. Ol boýlap duran çukuryndan böküp
çykdy-da, seòk-seòk edip, süriniò yzyndan gitdi.
Kakam bilen Sary aga goºda oturyp, ondan-mundan
gürleºip naslaºýançalar, örüp giden süri-de, mahal-mahal gaòrylyp yzyna gözleýän Gazabam alaòdan aºdy.
Sary aga agzyndaky nasyny döküp: "Öz-ä bir oýun
gopjagyny aòdy, janawar!" diýip, Gazabyò giden tarapyna
ýene-de bir gezek seredensoò, ornundan turdy-da, bizi
güjükleriò ýatan ýerine alyp bardy.
245
Çukuryò içinde bäº sany bir-birinden gowuja güjüjek
bar ekeni. Men «Kakam häzir bujagaz güjüjekleriò
çem gelen birini tutar. Menem ony gujagyma gysaryn»
diýen pikirdedim. Ýöne kakam maòa güjük saýlamaga
howlukmady. Çukuryò gyrasynda çommalyp oturdyda, ilki birsalym güjüjekleriò hereketini synlady. Soòundanam olaryò biriniò ýeòsesinden tutup ýokaryk göterdi.
sakarja güjüjek ala-goh bolup çyòsap ºermendelik etdi.
Kakam ony gapdalda goýdy-da, baºga bir güjüjegi
alyp, onam ºeýtdi. Bu güjüjek welin, waòkyrmagyò
ýerine, janagyryly çyòsap, iki gapdalyna agyz salmaga
baºlady. Kakam ol garadiºlek güjüjegi aldy-da, arkasyny
sypalap, soòundanam ony maòa uzatdy.
— Al, ine, ºu güjüjek seniòki!
Güjüjegi alsamam, kakam meniò ýaòkyja pökgi
garyn güjüjekden gözümi aýrasym gelmeýänini aòdy.
— Ogul, bilip goý, ynsanyòam, haýwanyòam sähel
zada ºermendelik ediberýäni kän bir halanylýan däldir.
Olardan oòòullyga garaºyp bolmaz. Gördüòmi, eliòdäki
güjüjegiò ýaòy hyòranyp, diºleºdirip boluberºini. Ine,
ºol hakyky it. Ol namysjaò, degmedige degmez, degeni
welin aýabam goýmaz...
Kakam wagtynda nämäniò nämedigini düºündirmedik
bolanlygynda men: "Kaka, ýaòkyja güjüjegi alaly-la!"
diýmäge çemelenip durdum.
Sary aga-da baº atyp, kakamyò pikirini goldady.
Diòe men ºundan soò öz güjüjegimiò tüýs meniò
isleýän, akylly, batyr itim boljagyna ynandym.
ªundan soò güjüjegimi gujagyma has-da berk gysdym.
246
ÇÖLÜÒ DEÒIZ GÜNLERI
Bu gün meniò oba dolanmaly günümdi. Çoluk daýy
bilen men irden hoºlaºypdym, ol süriniò yzyna düºüp
gidipdi. Kakam bolsa goºda, meni ugratmaga galdy. Ol
häzir töwerekde ol-bi iºlere güýmenip ýör. Men gitmezimden öò ýene-de bir gezek daº-töwerege aýlanmak
isledim. töwerege aýlansam öòem hut ºeýle bolardy. Bir
depäò üstüne çykasym gelerdi. Onsoò ýene bir depe
seleòläp üstüne çykasym gelerdi. Onsoò ýene bir depe
seleòläp görner... Garaz, depeden-depä aºyp barºyma,
goºdan gaty uzaklaºanymy bilmän galýardym.
Meniò gezim etmegime kakam hem garºy bolup
durmady. Bir diýen zady, uzak gitmäwer diýen manyda: "Garly ferme-de indi gelmelidir öz-ä" diýen söz
boldy. Garly aga birki günlükde meni öz maºynynda
oba äkitmäge söz beripdi.
Asman bu gün düýnküden açykdy. Günortadan —
Hindiguº daglary tarapdan öwüsýän ýakymly ºemal,
dag pisint ak bulutlary öòüne salyp alyp barýardy.
Onuò uzyn eteginiò bir bölegi bolsa ýeriò ýüzi bilen
süýrenip, bu ýerdäki ösüp oturan ot-çöpleri bir gapdala
ýaplap öwüsýärdi.
Bu gün özüm bilen oba gitjek güjüjegimi hem
ýoldaº edindim. Men indi kakamyò bu güjüjegi saýlap
alan güni aýdan gürrüòinden çen tutup, oòa Batyrja
diýip ýüzlenýärin. Hakykatda welin, entek onuò belli
ady ýok. Bir göwnüm ilkinji gezek kosmosa uçan
Laýkanyò adyny dakaýam diýýär. Ýöne ol gün çoluk
daýy: "Agadurdy, güjüjegiòe näme at dakdyò?" diýip
247
soran mahaly, entek onuò ady ýok diýenimde, ol bir
gürrüò aýtdy. "Kinolarda köp görensiò, hol, Çingaçguk,
Algyr laçyn dagy diýilýän indeýler bardyr-a, ana,
ºolaryò ilinde her kime ulalansoò, köpüò arasynda
tutýan ornuna görä, görkezen hyzmatyna görä at dakylarmyº".
Men ol indeýlere meòzäp, güjüjegim ulalýança-ha,
atsyz galdyryp biljek däl. Ýöne oba barýançam-a oòa
at dakmasam gerek. Oba baramsoò, ªeker bilen
maslahatlaºyp, oòa bir gowy at dakaryn.
Güjüjegim kiçijigem bolsa, tomalanyp menden galar
ýaly däl. Meniò çykan ýerime çykjak bolup, inen
ýerimden injek bolup dert-azar. ªeýle-de bolsa entek
onuò kiçijikdigi bildiräýýär. Heniz güýje girmedik aýajyklary ota-çöpe çolaºýar. Batyrja tomalanyp-tomalanyp gidýär. Her gezek ºeýle bolanda, men yzyma öwrülýän-de, gelip çyòsap duran güjüjegimi elime alýan.
Kakamyò ýanyndan gidýänligime biraz gynanýanlygym
üçin bolsa gerek, men töweregi synlap, gören del çöpümde
syn saklap barºyma ýene-de kakam hakynda oýlandym. Kimiò kakasy ýanynda bolup, öýlerinden giripçykyp ýören bolsa, onda ol maòa düºünmez, maòa diòe
"Kakam erte geler" diýip, ýola garap görenler düºüner.
Garaºyp görenlere kaka halkynyò gadyram bir baºgadyr.
Meniò üçinem ºeýle, kakam elýetmez bir zat. Ýogsam,
kakam käbir kakalar ýaly eý görýänini mälim edip,
gujaklap, ogºap ýören adamam däl.
Her gezek çölden gelende, men onuò öòünden çykyp salamlaºýan, düýesini çökeriºýän. Ol tüwdürilip
248
baryp, özüni göni üstüne zyòýan jigimi gujagyna alsada, ilki meniò bilen salamlaºýar.
— Oglum, sag-gurgun oturanmysyòyz?
— ªükür.
— Oba-gara, hemme gurgunçylykmydyr?
Ol gelen günleri toý edýän kän bolsa-ha "oba
toýçulyk" diýýärin, ýogsa-da "Hawa, obalaram saglyk"
diýýärin. Obada ölen-ýiten bar bolsa-da, ony bada-bat
kakama aýdamok. Ol ýagdaýlary çaý baºynda, ýeri
gelende ejemiò özi aýdyºdyrýar. Barmaly ýerlerini kakamyò ýadyna salýar. Kakam her gezek çölden gelende
toý bolan öýlere barmasa barmaz, ýöne ölen-ýiteni
welin ýatlap, ºol günüò özünde öýme-öý aýlanýar.
Öòräkler, bäº-dört ýyllykda, jigimden ulurak wagtlarymam kakam çölden gelende meni gujagyna göterip
ogºardy. Ýöne özüm nämüçindir, onuò beýtmegini
halamazdym. Ahyr bir gezekde bolsa men oòa:
— Kaka, indi meni ogºama! — diýdim. Kakam
nädendir öýdýäòiz?
Hakykatdanam, geò galdy.
— Nämüçin, oglum? — diýdi.
— Indi menem uly adam ahyry. Özüò-ä: "Meniò
ýok ýerimde öýüò eýesi sensiò!" diýýäò, özüòem...
Men kakam göwün edermikän öýdüpdim, ýöne
beýle bolmady, gaýtam, ol guwançly ýylgyryp: "Gör,
ogluò nireden öwüsýär?" diýen manyda ejeme seredip
gülümsiränsoò: "Bolýar, oglum, goý, seniò diýeniò bolsun!" diýip, meniòkini makullady.
249
Kakam ýanymda wagty men öz deò-duºlarymyò
haýsysy bilenem bolsa, bil guºanyºyp göreº tutmaga
taýyn. Pälwan hasaplanýan Kadyryò ýagyrnysyny ýere
degräýmek aòsadam däldir welin, geçen gezek Apat
kakamyò toýunda ºonam iki gezek, çopan badagyny
salyp ýykdym. Ol bolsa bary-ýogy meni ýekeje gezek
çilºirme bilen ýykdy. Munuò sebäbi bar. Sebäbi kakamyò golaýymdadygyny duýýan mahalym, hemiºe özümi
erkin hem öòkimden has edermen duýýaryn.
Kakaò golaýda bolsa, onuò gadyry baºga-la...
Bir depeden aºaklygyna inip barýarkam, iki sany
uruºýan pyºbaganyò üstünden bardym. Men öò hiç
wagt pyºbagalaryò urºuºyny görmändim, Olar uruºmagy
bilýändirem öýümezdim.
Görüp otursam, wagtal-wagtal bularam öz aralarynda hytda-da-mytda bolºup alýan ekenler. Ine, häzir
olar meniò öòümde biri-birine sürnüºen bolºup durlar.
Birek-biregi bat bilen süsen wagty olaryò arkasyndaky
okaralar çakyºyp, ºakyr-ºakyr edýär. Pyºbagalar boýunlaryny ýygnaºyp, gidiºip ugran mahallary, olar iki sany
düòderilen okara janlanyp çaknyºyp durana meòzeýär.
Ýapylaryò ýüzüni tutup ösen otlaryò köpüsini tanamok. Diòe okaralaryny agºamky ýagan ýagyºdan dolduran keýigokaralar maòa tanyº. Ondan iki sanysy
öýümizde, jigim bilen meniò bolýan otagymda hem
asylgy dur.
Ot-çöpleriò hemmesini tanamak, bilmek üçin çöle
köpräk gelmeli, kakam bilen, çoluk daýy bilen köpräk
250
tirkeºmeli. Indi meniò bu ýere tiz-tizden gelerin diýen
niýetim bar.
Tizden men köne goýunýatak bolany mälim bolup
duran ýerden geçip barýarkam, kömelegiò boluna duºdum.
Düýn bu ýere aýlanmadygyma ökünip, howlukmaçlyk
bilen kömelek çöplemäge baºladym. Hemiºe ªeker dagy
bilen goºulyºyp, kömelek çöplän wagtymyz aýdyºýan
sanawajymyzyò hem özi dilime geldi:
Höwrüò mende, kömelek,
Çykyp, Günde gerin sen.
Höwrüò mende, kömelek,
Ilki maòa görün sen!
Bu ýerde özümden baºga hiç kimiò ýoklugy ýadyma düºensoò, meniò kömelek çöpläbem ugrum bolmady. Häzir ªeker dagy ýanymda bolup, özüm bilen
deò gopuºyp, kömelek çöpleºip ýören bolanlygynda,
men olardan az çöplemejek bolup, gör, nähili ylgardym!
Bir gezek baºymy göterip töweregime gözlän wagtym goº tarapda iki adamyò maòa el bulaýlaºyp
duranlaryny gördüm. Olaryò beýle ýanynda bolsa Garly
aganyò maºyny maòa garaºyp durdy. Men güjüjegimi
gujagyma aldym-da, egnimden çykaran köýnegime
kömeleklerimi salyp yzyma dolandym.
Maºyn ýeriò pesi bilen gündogara, bireýýämden
bäri meniò pikirimiò bir gapdalynda ýola garap duran
öýümize tarap howlugyp barýar. Ana, ejem daº iºikde
dur, ol maºyn golaýlaºan wagty Garly aga baº egip
salam berýär. Meni bolsa gujaklap esli salym kükregine
gysyp, ýüz-gözümi synlap goýbermän durýar. Aglaýmagy251
da mümkin. Daýym gezelenje äkidende-hä dolanyp
gelemde aglapdym. Jigim bolsa ho-ol ýeòseki ýapda
gazlary kowalap ýör, oòa ºol gazlar bolsa bolanydyr.
ªekerler ilki-ilkiler gazlaryna degilýänine düýrügenem
bolsalar, indi olaram oòa hiç zat diýenoklar. Gaýta,
"Hol-a gazlar, özüò naharla, özüò kowalaº, nätseò ºeýt,
ýöne suwa gaçmasaò bolýar" diýiºýärler. ªeker-ä oòa
gaýta gazlary kowalaºaýmasa, "edýäniò näme?" diýmez.
O-da jigimi menden kem görenok.
... Ejemiò beýleräginde ªeker dur, onuò mensiz
obada içi gysandyr, gelenime begener, özi-de sorag
baryny berer. Bu gezek meò onuò soraglaryna jogabym
nagt. "Näme gördüò, çöl nähili ekeni?" diýse, çölde
ýöreden gündeligimi onuò eline bererin-de, “Ine, özüò
okap göräý” diýerin. Bolmanda-da men ol gündeligi öz
klasymyz üçin ýöretdim ahyryn.
Häzir çöl "tozap ýatyr" diýilýän çöle birjigem meòzemeýär. Ol häzir hut deòiz, ºol gezek daýym bilen
gezelenje giden ýerimde gören deòzim. Ýazylyp-ýaýrap,
owsun atyp tolkunyp oturan üsti meýdanly deòiz. Özide ol ºeýle bir giò welin, onuò ne baºlanýan ýeri bar,
ne-de ahyry. Sereden ýeriò owsun atyp, suw bolup
tolkunyp ýatyr.
Mugallymymyzyò gürrüòlerini ýatlasaò-a, çöl hem
öò birwagtlar deòiz ekeni. Ol soò-soòlar tebigat üýtgäp suwy çekilensoò çöl bolupdyr. Çölde ýaºaýan
janly-jandarlaryò köpüsi ºol mahallar suwda ýaºanmyºlar.
Atlar çölüò deòiz günleri onuò ýokarsynda pelesaò
urup uçýan çarlaklar ekeni...
252
Men bu ýerde bolup, bir zada göz ýetirdim. Çöl her
ýyl ýaz aýy gelende bir gezek owsunyp, ýaºyl öwsüp,
özüniò geçmiºini, deòiz günlerini ýatlaýan ekeni.
Biziò Garly aga bilen münüp barýan maºynymyz
häzir ºol tolkunlaryò arasynda gezip ýören gaýyga
meòzeº, ol bizi ýaºyl tolkunlaryò arasyna aýlap, ýüzüp
barýar...
253
Nowellalar
Gaýgysyz Atabaýewiò
ogullary
Reksiò ýalagy
Telwas ºapagy
Prometeý
254
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Kalbyma syýahat - 13
  • Büleklär
  • Kalbyma syýahat - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3520
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2071
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3624
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2044
    26.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3627
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2122
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3622
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2165
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3696
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2213
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2153
    25.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2184
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3613
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2155
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3699
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2159
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3734
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2204
    26.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3824
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2128
    26.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3794
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3720
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2061
    26.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3738
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2021
    28.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3730
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2058
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2066
    28.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3565
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3522
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2069
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3543
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1944
    24.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3451
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3537
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3564
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2101
    26.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2204
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3544
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2085
    26.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3862
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2171
    26.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 4381
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2083
    27.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 2737
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1590
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.