Latin

Kalbyma syýahat - 09

Süzlärneñ gomumi sanı 3699
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2159
26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Biz Kuzmiçiò häzirki gürrüòdeºimizden parhly bolaýmagynyò mümkindigini, ol gelse ondan täze bir
zatlar eºidip, gürrüòdeºimizden Kuzmiçi soradyk.
— Hany onda çagyr Kuzmiçi.
— Kuzmiç ýok.
— Nirik gitdi?
168
— Ol Worone e iline gitmegi niýet edinýärdi, ýöne
ol geçen ýyl öldi. Türkmenler ony äkidip öz öwlüýälerinde jaýladylar.
Bu adam bilen öz islän gürrüòimiziò bolmajagyna
biziò gözümiz ýetdi. Bendiò üstünde durup töweregimizi
synladyk, deòiz bolup duran suwuò gatladan geçiºine
tomaºa etdik. Gatlanyò ygynda, suwuò bat bilen tüwdürilip çykýan ýerinde balyklar häli-ºindi segreºip, özlerini asmana zyòýan ekeni. Olar her gezek atylyºyp
çykanda, suwuò ýokarsynda lowurdap kümüº bölegi
peýda bolan ýaly bolýar. Biraz howada saklansoòlar
bolsa olar ýene-de pa yldap suwa düºýärler. Bu balyklarda köpelmäge höwes döräp, suwa öz iºbillerini
taºlap ugrandyklarynyò alamaty. ªeýle seredeniòde
bolsa bu ýer balyklaryò “kim ýokary-da, kim ýokary”
bolºup böküºýän ýerlerine, özboluºly hyjuw bilen ýerine
ýetirilýän tansa çalym edýär.
Suwuò köw urýan ýerinde bir gaýyk iltengi dur.
Gaýygyò içindäki balyklary synlap, men onuò bu
ýerde ýönelige durmanlygyna, balykçylyk edýänine
gözümi ýetirdim. Gaýykdaky balyklaryò birisi öòräk
düºen bolmaly, ol uzynlygyna süýnip ýatyºyna agzyny
öweldip, käte bir ýuwdynýar. Näme bolsa bolar-da
diýip, urunmakdan aryp, özüni ykbalyò eline berene
meòzeýär. Balyklaryò ikinjisi bolsa eplenip-ýazylyp közüò
üstünde bökjekleýäne çalym edýär, segräp-segräp özüni
ajalyò elinden sypdyrmaga, suwuò gujagyna öwrülip
barmaga çytraºýar.
169
Bu görnüº Peterburga, onuò tokaýlarynyò eteginde
surat çeken, tebigat synçysy bolup balyk tutan, ýüzüme
tüsse urduryp balyk çorbasyny taýynlan günlerimi meniò
ýadyma saldy. Häzir bu ýigit bize çaýlap geçmegi
mürehet edäýse, gör, men nähili tagamly balyk çorbasyny taýynlardym...
Emma ýigit meniò islegimi duýmady. Onuò özüni
alyp barºy, meniò birwagtlar ºeýle adamlar meselesinde: “Töweregini, özüni görmegi baºarmaýan adamlar
parhsyz bolýar» diýip, gelen netijämi ýene-de bir gezek
tassyklady. Yzymyza gaýdyp, ikilenç bendiò üstüne
çykanymyzdan soò, men durup, aºakdaky türkmen
öýlerinde gabat gelýän sallançaga meòzäp, üwrelip duran balykçy gaýygyò suratyny çekdim.
Hommat atlary ota goýberen ýerinden gidip getirensoò, biz Guºga ýakynlap barýanymyzy ýatlaºyp,
ýene-de ýola düºdik.
* * *
Gadyrdanym Marina, seni-de, gyzjagazlarym —
jadyjyklarymy-da diýseò göresim gelipdir... Biz bolsa
Guºga, ýurduò günortasyna barýarys, anyk bilemog-a
welin, oòa çenli entejikler ýöremeli bolsa gerek, Hommad-a: “Andreý Andreýewiç, indi Guºga ýakynlaºdygam”
diýýär. Ýöne men türkmenleriò “ynhajygyna” indi biraz belet boldum. Olaryò “ynhajygy” bäri-bärde bolmaýar. Ata çykanyma welin, biraz ýadaýan-da bolsam,
begenmesem gynanamok. Öòem seniò ýanyòda telim
gezek ýatladandyrynla, çaga wagtlarym ejem pahyr
170
köçelerde sygan aýallary bilen duºulanda, olar pal
atarman bolup ýanymyza gelende pal atdyrman, meniò
baºymy sypalap: “Gowy dileg diläò meniò ogluma!»
diýip, hökman olara bir zatlar eçilerdi. Onuò bu häsiýeti
käte kakamyò: “Olga, görýän welin seniò ºu syganlar
bilen bir garyndaºlygyò-a bar, sen bulary görseò, öz
halyò bilen bolaòok!» diýip, degiºmesine-de sebäp bolýardy.
Gezen ýerlerimi, gören ýurtlarymy ýatlan mahalym,
men ºol syganlar maòa hem ejem gowy dileg diläò
diýse, özleriniòki ýaly gezendeligi dileg edendirler, hut
ºonuò üçinem ykbal meni bir ondan, bir mundan
çykarýandyr diýip pikir edýärin. ªundan gowy ol
bendelerde nähili gowy arzuw bolup bilsin ahyryn.
Otly bilen bu ýoly geçen bolanlygymda, gör, näçe
zatlary görmän, duýman duºumdan geçirjek ekenim.
Häzir ýaz. Aºgabatdan çykanymyz bäri, üýºüºip-çaºyºyp
ýören bulutlar biziò depämizde. Aºakda bolsa ýaz
otlary güldür-ýaprak bolºup, dünýäni eýeleºip otyrlar.
Bu iliò ýazy biziò tomsumyzy ýadyòa salýar.
Häzir biz Tejen derýasy bilen Murgap derýasynyò
aralygyndaky çägesöw, baýyrly meýdan bilen barýarys.
Asman ygalyny ýetirse, bu ýerde her ýyl ot-çöpüò
baºyna gören ýaly bolýandygyny gürrüò edýärler. Bu
ýerde goýun sürüleri-de baºga ýerlerdäkiden has köp
gabat gelýär. Yzyna ikiden-üçden guzy tirkän goýunlar, bir ýerden baºga bir ýere yzyn-da-çuwan bolºup,
göçüp barýan obany ýatladýar. Ir çykar melewºe güller
171
sowluºyp, onuò ýerini gyzyl gülälekler eýeläpdirler.
Olar baýyrlaryò etegini gyzyl meýdana öwrüp otyrlar.
...Çingiz han çozuº edip gelýärkä, bir gije ºu ýere —
Badhyza gelip düºläpdir. Ol ertir irden oýansa, gyzyl
güller onuò çadyrynyò töwereginde owsunyp, deòiz
bolup oturanmyº. Çingiz han diliniò astyna nas atan
ýaly bolup, ýarydan deºilen ýaly gyýyk gözleri bilen
töweregini synlap, birsalym özüniò nireden gelip, niräk
barýanyny-da unudyp, meýmiräp oturypdyr...
Bu gürrüòi diòlänimden soò, meniò ol ºol ýerden
yzyna gaýdyberen bolsa dünýä üçin, gör, nähili gowy
bordy diýen pikir kellä geldi. Bu gülleri ýerli halk bir
ulanýar welin, güller soòundan olaryò dokan halylarynda, palaslarynda öz gül ömürlerini dowam etdirýärler.
Häzir daº-töwerek imisalylyk hem çola, düýn giç
öýlänler oba ýetirmän, bizi ýolda çem gelen yklawa
gaçyp girmegimize sebäp bolan bulutlaryò häzir birisi-de ýok. Gün depede barlygy üçin bolsa, adamsynyò
töwereginde barlygyny duýýan gelin ýaly dünýäniò
göwrümi giò. Günüò dogmagy bilen ot-çöpleriò aºagynda
kapaslyk döreýän bolmagy hem ahmal, mör-möjekleriò
aglaba-köpüsiniò ümzügi, otlaryò üstüne, ºemala degere
tarap.
Marina, sen meniò çeken, çöpe çykyp, pors atyp
hondan bärsi bolup, kimdir birinden ýüzüni sowana
meòzäp oturan jandarjygymyò suratyny, onuò gülkünçdigini bir görsediò! Ýerli ilat ony “kelpese» diýip atlandyrýar. Görseò onuò çöp üstüne çykyp, özünden
172
özgäni hasaba almaýan ýaly bolup oturyºy seniòem
gülkiòi tutdyrar.
Tas, ýadymdanam çykaryberen ekenim, ýaz çyglyk
hakda gürlesem, sen meniò bilagyrymyò her ýyl ýazda
gozgaýanlygyny ýatlap alada galýansyò. Men-ä ony
indi unudyberenem ekenim. Bilagyrym Mara ýetýänçägem biraz bildirdi. Bu ýere gelip, men Abdyryzak atly
bir türkmene duºdum. Onuò kimliginden habar bermek
üçin ýekeje mysal aýdaýyn.
Mara bir ýola ýumurtga gerek bolupdyr, ýöne ol
bu ýerde ýeterlik ýok ekeni. ªonda Abdyryzak gidip,
Hywadan ýigrimi düýe ýüki ýumurtga getiripdir. Men
düýelem bir uzak ýoldan ýumurtga getirip bormy
diýsem, adamlar maòa: “Abdyryzak bolsaò, getirip bor”
diýdiler.
Bilagrymyò azar berýänini eºidip, ol maòa üç gün
irden alagarganyò etini iýmegi maslahat berdi. Ilki
men muòa “Bu-da bir gürrüò arasynda ugra oturmazlyk üçin aýdylan emdir-dä, her kim öz peýda gören
emini salgy bergiç bolýar” diýip, parh bermedim. Ýöne
ol oglanlyryna bir alagarga tutduryp getirensoò, men
ony Abdyryzagyò maslahat berºi ýaly edip, üç bölüp
iýmeli boldum, Hommadam gargaly gürrüòi eºidip,
bolan ýerlerinden onuò birisini tutup getirdi. Dogrudanam,
ºol iki alagarga bilen hasaplaºanymdan soò, bilagyrym
mese-mälim ýan berdi. Gitdigi gitdigi bolsun-da hernä.
Öò alagarganyò etini iýip görmändim, görüp otursam,
ol iýmezçe guºam däl ekeni.
Nazarowa duºsaò salam diý!
173
Men ony soòky döwür häli-ºindi ýatlaýan. Goý, ol
hem bilagyrysyndan dynmak isleýän bolsa, bu ýere
gelmäge taýynlansyn. Oòa-da bir ala garga tapylar. Ol
maòa bu ýerde ýadygärligi gurmak üçin diýseò gerek
boljak.
Ýadygärlik hakynda häzir saòa aýdyp biljek zadym
ýok. Gije-gündiz ºonuò pikirinde. Taryha gidip, ºu
günki güni synlap, oýlanyp-pähim edip belli bir netijä
gelip bilmän, döredijiligiò kösenme pursadyny baºymdan
geçirýärin. Umuman, bu barada soòra, giòiºlikde aýratyn
gürrüò ederis. Sag-salamat oturyò. Indi hatymy guºga
ýetip, ºol ýerden ýazaryn. Gyzlarymy men bolup, gujaklap ogºa!
Siziò kakaòyz A. A. Karelin.
* * *
Biz atlarymyzy öz maýdalyna sürüp gelýärdik. Gün
batar ýerine ýakynlaºyp, özüniò bu günki ömrüni aýaklap barýardy. Biziò töweregimizde uzakly gün, kä özüniò
güneý tarapyny, käte-de guzaý ýapylaryny çoýup, tylla
ºöhleler bilen oýnaºyp keýpden çykan meýdan meýmiräp
otyrdy. Indem töwerek onuò iò soòky goýy-gyzyl ºöhlelerini öz süòòüne siòdirýärdi. Günüò ýüzi welin agyr
görünýär, oòa uzakly gün yhlas bilen çoýan, süòòüne
ýyly ýöreden dünýäsini terk edip gitmek ýeòil däl
bolarly. Gülleri burk urýan meýdanlaryò, ýagyº suwdan
emele gelen köçeleriò üsti Günüò ºöhlesi bilen goºulyºyp,
tutaºyp-ýaýrap barýan oda meòzäp lowurdaýar. Biziò
sag tarapymyzda Pendi baýyrlyklary halka-halka bolºup,
174
demirgazyk-günortalygyna ýaýrap otyrlar. Ol baýyrlar
Hindistan diýip barýan kerweni ýadyòa salýar.
Ýeòseden at aýagynyò dükürdisi gulagyma eºidilen
ýaly bolsa-da, men oòa ilki ähmiýet bermedim. Onýança Hommat gyzygyp ugran gürrüòini goýup, atynyò
baºyny çekdi-de, özüniòem bu dükürdini eºidenini mälim
edip, ýeòsesine gaòrylyp seretdi.
ªonda biz allaowarradan özümize tarap atlaryny
ýüzin salºyp gelýän alty-ýedi adamy gördük. Hommat
ilki birsalym olaryò kimligini bilmek niýeti bilen içgin
synlap durdy. Meniò bolsa Ýolötenden ugramankak
aýdylan gürrüò ýadyma düºdi.
Ýolöten otrýadynyò komandirleri biziò galan ýoly
hem atly dowam etdirmekçidigimizi eºidip, töwerekde
entek Guºga hüjüm eden aklaryò polkownigi Zykowyò
dargadylan goºunynyò adamlarynyò duº gelinýänini,
Kerim han, Durdy tentek ýaly gorkmasa sylamajak
adamlaryò hem barlygyny aýdyp, habardar bolmagy
sargapdy.
Hommat synlap-synlap, olaryò rejesiniò geò däldigine gözüni ýetirensoò, maòa tarap öwrüldi.
— Andreý Andreýewiç, siz ýüzin salyp at çapyp
görüpmidiòiz?
— Ýaºlykda bolmadyk zat ýokdur.
— Onda siz ýene-de bir ýola ýaºlygy ýatlaò! Gaýrat
ediò! Atdan ýykylmajak boluò! — Maòa gaçmalydy
gymyz mälim boldy. — Onsoòam meniò sözümi berk
belläò. Häzir gaçmaly, bir oba ýetmeli. Maòa ýolda bir
zat bolaýsa-da, siz yzyòyza dönmän gaçmaly. Baran
175
ýeriòizde “Men Gaýgysyz Atabaýewiò adamy» diýseò,
saòa eýe çykarlar. Ýüzüòi gaýralygyna tut-da gaçybergin, ºol tarapda oba bolmaly...
Hommat bu sözleri sapançasyna ok sürüp, atyºyga
taýyplanyp durka aýdyºdyrdy. Ol gelýänleriò oòly
adamlar däldigine biziò ikimiz hem kemsiz ynandyk.
— Senem menden galma! — diýdim-de, atymy
gyssap, çapyp ugradym.
Hommat hem meniò yzym bilen atyny ýüzin saldy.
Yzdan gelýänler biziò gaçýanymyzy görüp, wagºy gykylyklary bilen gygyryºyp, tüpeò atyºyp, bizi aljyraòòylyga salmakçy boldular. Menden ozup gitmäge mümkinçiligi bolsa-da, Hommat howlukmady. Ol maòa atlylaryò
okunyò geläýjek tarapyny gabalap çapdy.
Bir gezek gaòrylyp yzyma sereden wagtym, men
Günüò indi has aºak düºüp, özümize gönügen mis
topuò agzyna meòzäp hyýrsyzlyk bilen seredýänini, bäº
sany atlynyò bolsa hut ºol ýerden atylyp goýberilen ok
ýaly bolºup yzymyzdan gelýänlerini gördüm. Hut
çekäýmeli surat ekeni diýip oýlandym. ªol arada bir ok
gulagymyò golaýyndan sykylyk atyp geçdi. Meniò häzir
näme hakda oýlanmalydygymy ýadyma saldy. ªundan
soò meniò yzyma seredesim gelmedi. Jylawy deòläp,
has-da tijenip gaçdym. Hommadyò ýagdaýyny hem
yzymdan eºidilýän tüpeò seslerinden özüm üçin anykladym. Kowgularyò tüpeòiniò sesi maòa uzakdan, özi-de
basyksy eºidilýärdi. Golaýdan eºidilýän gümpüldi bolsa,
Hommadyò kowgulara berýän jogabydy.
176
At çapyp barºyma men öòden tilkidir-ºagal ýaly bir
jandaryò, guº-gumursyò duýdansyz göterilip atymy
ürküzmezligini dileg edýärdim. Yzymdan maòa degjek
oky gursagy bilen almaga taýyn bolup gelýän, gyssagly
pursatda harby adamlar ýaly netijä gelip bilýän ýoldaºyma
azar bolmasam-da ýagºydyr diýip aladalanýardym.
ªu iò soòky syýahatyò bolaýmasyn, Marka Pola
diýen pikir hyýalymda gezmeleýärdi.
— Andreý... Andreýewiç, öwlüýä tarap gaçyò!
Hommadyò aladaly sesi meni töweregime garandyrdy. Gara görnümde ýeke oturan metjit sypat depesi
gümmezli jaýy gördüm. Maòa ºol tarapa gaçmalydygym belli boldy. Bada-bat atymyò baºyny gümmezli
jaý tarapa öwürdim. At meni tizden, gabyr tümmekleriniò arasyna getirdi.
Ýeòsämden at toýnagynyò sesini eºidip, Hommady
görerin pikir bilen gaòyrylyp sereden wagtym onuò at
üstünde ýoklugyny görüp, erbet bir iº bolandyr öýdüp
howpurgandym. Howa ýetmeýän ýaly daljyganymy,
inimiò lowlap gidenini duýdum. Bu umytsyzlyk pursady bary-ýogy birnäçe sekunt dowam etdi, ýöne bu
mütdet maòa ýoldaºyny ýitirmegiò nämedigini kemsiz
düºündirmäge ýetiºdi. Golaýda tüpeò atyldy. Men Hommadyò sapançasynyò sesini tanadym. Bu ses meni
özüme getirdi, üsti boº aty gören wagtym bir ýaòa
ýitirim bolan sowujak ºemaly ýene-de ýüzümi ýelpedi,
ýezgen ysy burnuma urdy.
Hüjräniò arkasyna aýlanyp özümi dürsäpdürsemänkäm, Hommat aòyrdan ypyrylyp ylgap geldi.
177
Ol öwlüýä giren ýerinde atdan düºüp, ony bärligine
kowup, özi atyºmak üçin ºol ýerde galan ekeni. Meni
üsti boº at diýseò gorkuzypdy, elimem, ýüregimem
maýdaja tolkun bilen sandyraýardy, atdan düºmäge-de
mende rowgat ýokdy.
Hommat muny duýan ýaly, gelensoò gujaklap meni
atdan düºürdi.
—Andreý Andreýewiç, ýaralanyp-zada eden dälsiòiz-dä? — diýip aladalandy.
—Ýok, gadyrdan...
— ªükür. Galan zadyò bir alajy bolar.
Yzdan kowup gelýän at aýaklarynyò sesi öwlüýäniò
çägine ýetip, duýdansyz kesildi. Iòrik garalyp ugranlygy üçin töweregi saýgarmak aòsat däldi. Kowgular
indi ok atsa öwlüýä ok atdyklary boljakdygyna düºünen
borly, ºundan soò bize tarap ýekeje ok hem atylmady.
Öz aralarynda jedelleºýän bolsalar gerek, wagtal-wagtal
ol tarapdan hümürdi eºidilýär. Öòden derýa peýda
bolup, kowgular bilen arany bölen ýaly boldy. Birsalymdan aralykda bar ýaly bolup duýulýan derýanyò
ol kenarynda duranlaryò jany ýangynly, gyjalatly sesleri
eºidilp baºlady.
— Eý, namartlar, çykyò-eý öwlüýäden!
— Sizdenem bir erkek kiºi bolarmy ýa-da siz ºol
“Etegne el ursam... çykypdyrlardanmy?”
— Hä, seniò bir...
Olaryò bu bolºy, garagollugy üçin tutup urma niýetine münen, eline taýak alyp, onuò yzyndan ýetip
urmakçy bolup ylgan aýalyò ol oglanjygyò ýetdirmän
178
suwa urup gidenini görensoò, alaçsyz galyp, onuò yzyndan sarnaºdyrýan sögünçlerini ýadyna salýardy.
Kowgularyò gürleºip duran tarapyndan ýene-de birsalym olaryò özara hüòürdisi wagtal-wagtal eºidildi.
Ýöne bir bähbit ýeri olaryò hiç birisi-de öwlüýäni
atyna depgiletmäge milt edip bilmedi. Bizden-ä çekinmese juda bir çekinýän däldirler welin, ýöne olar
öwlüýäniò gazabyndan çekinýän bolmaly diýip, men
bu ýagdaý hakynda özümçe netijä geldim.
Birsalymdan ol tarapdan ýene-de biriniò, biziò çetimize
degme maksady bilen aýdan gyryljyk sesi eºidildi.
— Ýatan ýeriòiz ýagty bolsun, eý, wenezzynalar!
Biz ýene-de jogabyny bermedik. ªundan soò hümürdiler galyp, ºemalyò bulut “obalaryny» öòüne salyp göçüriºi
ýaly, haýsydyr bir güýç olary hem süýräp äkiden ýaly
boldy. Ümsümlik içini çekip dymdy.
Hüjürä girilensoò, Hommat ýene-de aladalanyp
soraºdyrdy.
— Andreý Andreýewiç, ýaralanyp zat eden-ä dälsiòiz-dä?
— Ýok. Men gaçsam oka ýetdirýänmi näme?
— Gadymyýetde Görogly beg diýen bir türkmen
bolupdyr. Ol-da: “Gaçyºym bar, kowuºyma bermenem»
diýer eken...
— Ýeri, özüò niçiksiò?
— Gözüò aýdyò diýäýmelidir. Töweregimden okbary geçdi. Ýöne atym-a ýeòilräk ýaralandymykan diýýän.
— Ýaòky çapyp yzymdan ýetiº-ä onuò ýaralanana
meòzemeýär.
179
— Häzir gyzgynyna duýýan däldir. Durup biraz
sowaºansoò bellisi bolar. Budymy ýalap geçen ok onuò
bir ýerine-hä sümüldi. Hommat wagtal-wagtal kowgularyò galan tarapyna göz aýlap, sapançasynyò oklaryny
sanap janyny barlap oturyºyna maòa göwünlik berdi.
— Olar türkmen bolsa, öwlüýä ok atmaga het edip
bilmez. Indi siz özüòizi “bese» atan ýaly arkaýyn
duýaýyò, Andreý Andreýewiç! Galyberse-de, janam
süýjüdir. Göni gelip, batyrlyk edip bilmezler. Geläýselerem ýyldyrym uran ýaly boljaklaryna akyllary
çatýandyr. Onsoòam öwlüýä öwlüýädir. Ol köp zatlary
adamyò ýadyna düºürýändir.
Hommat maòa mytarasyndaky suwdan içirensoò tiz
geljegini aýdyp, bir hyýala münüp, töweregini garanjaklap, bukdaklap hüjreden çykdy. Men ol kowgularyò
ýeòsä çekilenini-çekilmedigini anyklamaga gidendir,
ýogsam onuò indi meýdanda näme iºi bar diýip oýlandym. Suw içemsoò ýüregimdäki aladadan dörän
saòòyldy mese-mälim azaldy. Arkaýynrak oturmak üçin
ýeòsämi hüjräò diwaryna ýaplap, aýaklarymy uzyn
saldym-da, gözleri-mi ýumdum.
Hommat öwrülip gelende, irkiliberen ekenim. Men
onuò aýak sesine oýandym. Ol hüjr-ä girip üst-baºyna
iliºen ot-çöpleri aýryp durºuna, kowgulardan habar
alanyny, soòundanam atlary aºak peslige äkidip otlar
ýaly edenini aýdyºdyrdy. Bolsa-da ok eýere degip,
onuò aty ýaralanman ekeni.
— Olar bizi häzir-ä birbada günümize goýan bolmaly...
— ªeýle bolsun-da hernä.
180
— Ýöne olar baºyny alyp giden-ä bolmaly däl.
Biziò çykaýjak bir ýerimizde garaºyp ýatan bolmaklary hem ahmal.
ªu gürrüòden soò maòa näme üçin bu ýerden
ugrap gidibermeýänligimiz, Hommadyò kowgularyò bizi
günümize goýup gidenine ynanmaýanyny bilenimden
soò belli boldy. Soòundanam ol, bu ýagdaýdan çykmak
üçin özüniò daºarda ölçerip-döküp, göwnüne jaý edip
gelen pikirini maslahat hökmünde orta atdy.
— Andreý Andreýewiç, siziò öwlüýä bilen gatnaºygyòyz nähili?
— Düºünmedim?!
— Siz öwlüýäden gorkýaòyzmy?
— Ýene-de saòa düºünmedim.
— Men kömek getirmäge gitmekçi bolýan. Öwlüýä
bar ýerde onuò töwereginde oba hem bolmaly. Siz
ýeke galanyòyzda...
— Maòa häzir öwlüýäniò gorkunçlygy ýok, ol
ýerdäki diri adamlar welin gorkunç.
— Biziò ilde “Eke bolup bir ýerden gelýärkäò
düºlenmekçi bolsaò, öwlüýä bar, ol saòa höwür bolar»
diýen bir gürrüòem bar.
Soò ol elindäki sapançasyny maòa uzatdy.
— Ine, munuò ýedi oky bar. Hüjreden çykmaò,
aòsat olar bu ýere gelib-ä bilmezler, ýöne ätiýaç üçin,
gerek bolanda, tark-turk ediºdiräýmäge. Men tiz gaýdyp geljek bolaryn, öz gyssagym özümde bolar. Men
elimi uzadyp, onuò pikiri bilen ylalaºandygymy, ºeýle
etmegiò gerekdigini aýdyp, onuò bilen hoºlaºdym. Hommat
181
çalasynlyk bilen töweregine garanjaklap, hüjreden çykyp, gijelige goºuldy.
Biziò pena gözläp giren ýerimiz öwlüýä
gonambaºysynyò guburynyò üstüne galdyrylan hüjredi.
Men onuò gabsasyz girelgesinden görünýän dünýä
bölegini: üstüne ot-çöp örten mazar tümmeklerini synlap, içimi hümledip oýlanyp oturdym. Aý dogup tutuksy garaòkynyò ornunda aýdyòlyk geldi. ªondan soò
töweregiò tümmekleri has-da köpelen ýaly boldy.
Uzakdan baýyr geriºleri salgym atyºyp göründiler.
Aý gaýkyjaklap, gelin ýöreýºini edip, oýtarlap barýar.
Gijäniò gelmegi bilen gözi çarhlanan ýyldyzlar, asmanda el ugruna pytradylyp goýberilen gymmat baha
daºlary ýadyòa salýar.
Hommadyò gidenine azyndan iki sagad-a geçendir,
belki, ondanam köpräk bolandyr. Onuò bolsa ºol gürümjürüm bolºy. Her gezek Aýa gözüm düºende, ºüý-ä
onuò niredeligini bilýändir diýip oýlanýan. Ol gelende
ýany bilen suw hem getiräýse-hä, baý, suw içesim
gelýär-ä. Heý, ºu golaýda suw ýokmukan? Gonambaºynyò
gabyrynyò töwereginde zyýaratçylaryò goýup giden
apbasy pullary, üstüne çaò syran çörek bölekleri ýatyr.
Bir küýze suw hem goýaýsalar bolmaýarmy. Häzir
küýzäni baºyòa çekip, erniòden suw sarkdyryp, onuò
janlyja sapajyklarynyò ýakaòda içiòe syrygýanyny duýup
bir içsediò... Hüjrä gelip girýän ýodajyk bilen ýelkildäp
gelýän tilkimi-ºagalmy, bir jandaryò sulbasy göründi.
Meniò ünsüme düºensoò o-da tiz saklandy, baºyny
ýerinden göterip, ünsüni meniò oturan hüjrämde jem182
ledi. Görýädimikän zalywat? Aý, ýok, ysymy alandyr
ýa-da nazarymy duýandyr. Onuò endik eden ýoly
bilen suwa barýan bolmagy-da ahmal. ªunuò yzyna
düºübersem, bu meni-de suwly ýeriò üstünden elterdi...
Belki, ol meniò barmaly ýerim däldir. Barylmaly ýer
bolsa Hommat meni bu ýerde galdyrmazdy.
Hüjräni dikanlap duran jandar, göwnüne bir zat
getirdimi, nämemi ýodadan sowlup, gapdala gitdi.
Hüjräniò edil ortasynda gonambaºynyò jesedi toprak bürenip ýatyr. Biten adam bolan bolmagy çemeli,
onuò gubury beýleki guburlardan mese-mälim uly. Wagtalwagtal kimdir biri bu ýere gelip, onuò töwerek-daºyny
syryp-süpürýäne çemli. Hüjräniò içi arassa, gapydan
giren ýeriòde bolsa, ýezgenden bili boglan sübse ýatyr.
Gijäniò gaýry bir mahaly uzakdan çilim baºynyò
gyzaryp gideni, hemem bir adamyò sudurynyò düýäniò
üstünde oturan ýaly leòòer atyp gelýäni göründi. Ilki
oòa gözüm düºende, Hommatdyr diýip pikir eden-de
bolsam, soòunden onuò goýaòsy hereketlerini synlap,
gartaºan göwredigini bildim. Ol gonambaºynyò hüjresiniò
deòine ýetende iki dyzyny ýere urup, elini kükreginiò
deòinden saklap, oòa seredip doga sanady. Eli bilen
ýüzüni sypandan soò bolsa ýene-de turup, küýkerip
aòyrlygyna gitdi.
Birhaýukdan onuò garagörnümdäki bir gubury gujaklap, sojap aglaýan sesi eºidildi. Ol agynyò arasy
bilen erkek adamlara mahsus ýogyn ses bilen goºgy
setirlerine meòzeº jümleleri zarynlap sanaýardy.
183
Göz boldumy, bilmedim,
Dil boldumy, bilmedim.
Öçdüò gitdiò, jan balam,
Men nämüçin ölmedim...
Bu bagtyýatan, bolup bilse perzendinden soòa galan
ata bolmaly.
Gije ogly ýüregine düºüp, öýünden janyna jaý tapman “huw» diýip, turup gaýdan bolmaly. Hut ºeýledir,
onuò wagty bilen ol ýerden gopasy gelmedi. Mazar
üstüniò gumuny ençeme wagtlap ýakymlyja ysly çagajygyò arkasyny sypalaýan ýaly sypalap, gaýgy-hesrete
öwrülip otyrdy.
Ol derdini bölüºip, ogly bilen hoºlaºan mahaly töwerekde gündizlige berimsiz aý-aýdyòlyk otyrdy. Hüjürä
giräýmese-de ýagºydyr, ºonda näderkäm diýip alada
galan-da bolsam, alaç gözlemeli bolmady. Pikirlerine
berlen ýaºuly bu gezek meniò oturan ýerimi hasaba
alman, hiòlenjiräp gapdalymdan geçdi.
Araryò ýok, kararyò ýok, dynmaz sen,
Gije-gündiz gan içer sen, ganmaz sen,
Ahyr ne belaò bar, soòun sanmaz sen,
Ýykylgyn, ýumrulgyn, doly dünýä heý!
Onuò özüçe heò berip aýdyp geçen agy gatyºykly
aýdymy wagty bilen meniò gulagymdan gitmedi.
Bu gören zatlarym meniò birnäçe wagtlap suw
içmek höwesimi unutmagyma sebäp boldy.
Daò atyberende, göni oba bardyr diýip çak edýän
tarapymda atyºyk baºlandy. Ol duýdansyz baºlaýºy
ýaly hem duýdansyz gutardy. Tizden men ol tarapdan
184
Hommadyò: “Andreý Andreýewiç, bu mendirin how» —
diýip, elini salgap ylgap gelýänini gördüm.
Hommat meniò çak ediºim ýaly, ilki duºan oba
göni barmaga howlukmandyr, ol oba barýan ýoluò
saklanýanyny çak edipdir-de, onuò ýanyndan oýtarlap
geçip, baºga bir oba giden ekeni. Dogrudanam, olar bizi
oba iner öýdüp, ýatyp ýolumyzy saklaýan ekenler.
Hommat öz baran obasynyò aktiwistlerini Gaýgysyz
Atabaýewiò ady bilen aýak üstüne göterip, meni halas
etmäge howlugypdyr.
Biz gujaklaºyp görºenimizden soò atlarymyzy tapyp, atlanyp, agºamky barmaga çekinen obamyza tarap
ugradyk. Gör-le muny, meniò uzakly gije içesim gelen
suwum öwlüýäden aºak inenje ýerimizde uly ýap bolup, baýyrlaryò düýbüni ýalap akyp ýatanam ekeni...
* * *
Biz ýol ugrunda gabat gelip, düºläp geçmegi mürehet eden çopanyò goºunda ondan-mundan gümür-ýamyr
ediºip, töweregiò synçysy bolup oturdyk. Donunyò synyny
biline çigip ykjamlanan çopan ýigit bizi hezzetlemegiò
aladasy bilen, ýaòyrak süriniò yzyndan gidip, eºegiò
öòüne kese basyp getiren goýnunyò soòky süòklerini
kaklaºdyryp durdy hem baº atyp biziò gürrüòimize hä
berýärdi. Gapdaldaky ojakda goýnuò gazana atylan
bagyr-öýkeni, töweregine ýakymly ys ýaýradyp, gaýnap
durdy.
Ir ertir Guºga ugramagymyzdan öò öòümize getirilen çig gaýmaga çörek batyryºyp, üstündenem ýyljak
185
süýt içip naharlanan-da bolsak, atyò üsti, bahar howasy
ýene-de ýüzüniò ugruna siòdirip goýberipdi. Türkmenler bu ýagdaýy çägä suw guýan ýaly diýip suratlandyrýarlar. Onsoòam men syýahata çykalym bäri öòki
iýýänimden iýmiti köp ýimeli bolýardym. Ýogsam, atyò
üsti, galyberse-de, türkmen ýazynyò öòünde durar
ýaly däldi.
Delje görüp, nahar ýetiºýänçä güýmenje hökmünde
öòümize goýlan goýun süýdünden taýynlanan sargana
tamºanyp, onuò tagamyny duýup oturyºyma, töweregimdäki dogaçyk ºekilli inedördül hem biziò russiýamyzyò
tomsundaky ýaly ýaºyl görnüº bilen öwüsýän depelere
meòzeº baýyr depelerine nazar aýlaýan. Bireýýäm oglanjyk bolup baýyr depesinde — pikirimde oturan ýerime
turup gidiberesim gelýär. Barsam, öòümde görmedik
görnüºimiò peýda bolup, özümi heniz görmedik kartinanyò öòünde duran ýaly duýjagymy ýatlaýaryn.
Günortanyò öò ýanlarynda, wagtal-wagtal jaò sesi eºidilen
tarapdan süriniò öòi bolup eºekli, altmyº bäº-ýetmiº
ýaºlaryndaky, ºeýle-de bolsa eòegi sakgalsyz, temegi
murtsuz, gözleri içiòden geçip gelýän bir adam geldi.
Ony synlan mahalym süòòüm düýrügip, hut gapdalymdan ýylan turup giden ýaly boldy.
Aýdyºlaryna görä her adamyò ýanynda göze görünmeýän jyny bolarmyºyn. Adam bir ýere ugranda jyny
hemiºe onuò öòünden ýöreýämiºin. Adamlar bir-birleri
bilen duºuºmazyndan öò ilki olaryò jynlary biri-birleri
bilen duºuºarmyºyn. Jynlaryò biri-birlerini sulhy alsa,
onda adamlar hem dostlukly gürrüòleºip bilermiºin.
186
Jynlarynyò çyòkyryºmadyk ýagdaýynda welin olaryò
gürrüòleri alyºmazmyº.
Görýän welin meniòem jynym bu özüme sowuk
görnen adamyò jyny bilen çyòkyryºmady öýdýän.
Baºymy göterip, ikilenç onuò ýüzüne seredesim gelmedi.
Ol salamymyzy almaga howlukman, eºegiò üstünde
oturan ýerinden ilki alarylyp bizi synlady, soòam düºüp,
onuò üstündäki horjuny aldy-da, eºegi öz ugruna kowup
goýberdi.
— Akmämmet aga, Ýekegep bardymy? —Çopan
ýigit onuò saglyk-amanlyk soraºman, dommarylyp oturmagyny halaman, ol gelensoò dörän sowuklygy bize
duýdurmajak bolup, ýoldaºyny gürrüòe goºmak isläp
dillendi.
— Hmm.
— Ýaòy goýun almaga baramda, ol zaòòar yzyma
düºüp gaýdyberen ekeni. Bir görsem goºuò töwereginde
söwedgörsem goºuò töwereginde söwedeòläp, meniò goýun
soýaryma garaºyp aýlanyp ýör. Hoºamaýlyk bilen birki
ýola “Bar, sürini tap!” diýip, kowanyma-ha ol ýüzünede almady. Dabanymyò ganyny ýüzüme urduryp, gapdalymdaky taýaga ýapyºmamsoò gitdi.
— Bardy — diýip, ol ýene-de ýekeje söz bilen
jogap gaýtardy.
— Gitmese gitmezem-ä diýäýjegem welin, ºol geçen
hepde süriniò töwereginde köwejeklän möjekler ýenede geläýermikän diýen gorkymam ýok däl. Tapyrtupurlyk bolsa gerek-dä.
187
Barybir, ol ºundan soòam gepläp gürrüòe goºulybermedi.
Biz nahar iýen wagtymyz ol bir gapdalda oturyp
çaý içdi. Özi-de ony ºeýle br yhlas bilen her gezek
käsesine guýup alansoò, tüòçäniò üstüni esgi bilen
basyryklap, howlukman, çaýyò lezzetini öz hereketleri
bilen nygtap hem-de ony köp içenligini mälim edip
içdi.
Men çopan ýigidiò, Hommat horjunyndan çykaryp,
sowgat hökmünde çaý beren wagty begenimeginiò sebäbine diòe häzir düºündim. Ol öz ýoldaºynyò çaý içse
hezil etjegini ýatlap begenen bolmaly.
Akmämmet ikinji gezegem tüòçäniò çaýyny hem
ýap-ýaòy biz bilen tersleºende, sähel bir bahana bolsa
yrsarap ýeòsämize çalaýjaga meòzäp, düòderilip oturyºyna,
bir özi içdi.
Bir ýola men gapdalda kölçä meòzäp ýatan sürä
sereden bolup, gözümiò gytagyny oòa aýlan wagtym,
Akmämmediò göz-ýüz obajygynyò çygjagyp, ýüzüniò
der bilen ýuwlandygyny gördüm.
Bäý, buzy çözülip ugrapdyr-ow diýip oýlandym.
Hommat aýagynyò gurºugyny ýazarman bolup turansoò, menem gezmelemegi niýet edinip, onuò yzyna
düºdüm. Çopan bolsa gazanynyò ýanynda durup, et
gowurmaga baºlapdy.
Biz synçy bolup aýlanyp ýörºümize, bu adamyò
oòly adam-a däldigi hakynda, onuò ýüzüniò rehimsizligi hakynda gürrüò etdik.
188
Öwrülip gelenimizde, nahar edinen Akmämmet doga
sanap, geçenlerini ýatlap, nahardan boldum edip oturan
ekeni. Diòe ºundan soò ol biziò barlygymyzy hasaba
aldy. Bize tarap nazar aýlap gyzyklandy.
Birazdan men onuò özümi dikanlaýanyny syzdym.
Ol öz gören zadyna ynanansoò, Hommada tarap baº
atyp dillendi.
— Munyòyz orus ýaly-la, oglanlar?
— Hawa.
— Çalgyrt türkmençeläp otursa näbileýin, kowumdaº halklaryò adamlaryndandyr öýden ekenim.
— Ýok, orus, özem Leningraddan, Lenin agaò ýurdunyò orsy — diýip, çopan öòi bilen maòlaý derini
çalyp, buºluk habaryny aýdýan hörpde gepledi.
— Öz-ä ig orus bolsa gerek?
— Mümkin — diýip, Hommat öz sözüne baºga
näme goºjagyny bilmän gülümsiredi.
— Orus gelmezinden öòräkdi — diýip, Akmämmet
soòundan öz ýadynda galan bir wakany ýatlady. Ahyr
gep-söz alºyp, onuò aramyza goºulmagyna biz hem öz
ýanymyzdan begeniºip, onuò berjek gürrüòi bilen gyzyklandyk.
— Meniòem ol günler özümden uly bolup, ýokarkydan
özgäni hasaba alman, minneti atym bilen gylyjymdan
çekip ýören günlerim...
ªol günleriò birinde maòa-da ºuòa meòzeº orus
gabat gelipdi. Özlerem ikidiler. Ýöne birisi beýlekisiden
garaýagyzrakdy. Men ºol gezek adamlarym bilen Eýranyò Çukuroý diýen ýerindäki gala alaman edipdim.
189
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Kalbyma syýahat - 10
  • Büleklär
  • Kalbyma syýahat - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3520
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2071
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3624
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2044
    26.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3627
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2122
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3622
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2165
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3696
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2213
    25.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2153
    25.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3644
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2184
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3613
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2155
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3699
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2159
    26.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3734
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2204
    26.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3824
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2128
    26.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3794
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3720
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2061
    26.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3738
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2021
    28.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3730
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2058
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2066
    28.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3565
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    25.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3522
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2069
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3543
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1944
    24.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3451
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3537
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    25.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    35.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3564
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2101
    26.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3549
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2204
    25.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    36.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3544
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2085
    26.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3862
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2171
    26.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 4381
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2083
    27.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Kalbyma syýahat - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 2737
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1590
    31.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.