Latin

Hazaryň yssy tomsy - 32

Süzlärneñ gomumi sanı 3678
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
alasy içinde» diýlipdir-ä! Belki, göräýmäge şeýledir. Eýsem-de
bolsa, bu heleýler, syr-a bular, aňsat bulary tanap bolýarmy? Soň
ýene ol öz Totuly pikirine gümanly seretdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
481
...Öz-ä ýylysyz ojagynyň başynda oturyp, dullugyň derdini
çeken aýaldyr. Biri är gadyryny bilse, bulam-a bilerçe bolandyr.
Onsaňam, Hasar däde ýaly syratly, mynasybetli kişi tapdyryp
durmy näme her ýeten dul heleýe? Ol, tüweleme, henizem ýaş
ýigit ýal-a. Heniz-henizlerem gyz-gelinleň nazary oňa duşanda
hyrydar seredenlerini duýman galýarlar. «Muny bir görsem?»
diýip, uzaklardan ýol söküp gelýänler hem bar. Ol Hasaryň harby
pansionatda myhman zenan bilen aşyk-magşuk, bir ten, bir jan
bolşup ýaşan günlerini aýratyn bir joşgun, gözügidijilik bilen
ýatlady.
Barybir, Kadyryň söz içine aýal-gyzy garyp atan heneginiň o
diýen ýerine düşmedigi belli boldy. Hasaryň kalbyna çöken hesreti
ol şemal bolup äkidip bilmedi. Ol derdiniň agramynyň ýeňilýelpaý däldigi şundan soň belli boldy. Hasar Kadyryň göwni üçin,
özüne zor salyp gülümsiräp, öňki halyndadygyny görkezmäge
çalyşýardy, bu bolsa oňa juda başardybam barmaýardy. Ýylgyran
mahaly gözleri kiçelen ýala bolup, ol ýerdäki hesret bir ýany
sowlan ýaly bolýan hem bolsa, ýylgyrmasyny goýan dessine
hasrat ýene-de öz ýerini eýeleýärdi. Şeýle-de, ol wagtal-wagtal
asmandaky Güne seredip, bir ýere gitmekçi bolýan, kimdir
biriniň gelerine garaşýan ýaly, galagoply görünýärdi.
Ynjalyksyz bu ýagdaý Hasara indi hemişelik ýoldaş bolana
meňzeş duýgy döredýärdi...
* * *
Günüň uýatly ýaly gyzaryp-bozaryp batanyna eýýäm bir
sagada golaý wagt geçip barýardy. Töwerekdäki çyralaryň nazary
hem indi barha köräp, nurlanmak bilendi, umman bolsa, hamala,
gijäniň garaňkydan gelen, üsti ownujak tolkun atyp duran agyr
mahmal ýorganynyň aşagynda dyzanyp, ony barha öz üstüne
çekýäne öwrülipdi.
Bu pursatda jaýlaryň içi petişiräk bolýan hem bolsa, sergin
deňiz şemaly aralaşan kenar şundan soň hemmeleriň höwes edip
gelýän ýerine öwrülerdi.
482
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Hasardyr Kadyr öýländen soň barmaly ýerlerine ýüzüp
baryp, gurmaly torlaryny guransoňlar, giçlik özleriniň deňze
gezelenje äkitmäge söz beren adamlarynyň barlygyny ýatlaşyp,
yzlaryna dolandylar.
Belleşilen wagtda, belleşilen ýerde duşuşmaga entek
ýarym sagada golaý dagam bardy. Bu arada ol biraz eglenç etsede, özüniň on ýerde ol ýere ýetjegine, gijeki syýahatçylary irikge
etmejegine ynanýardy. Ýöne ondan öňinçä başga bir meseläni ol
ýerde däl-de, şu ýerde çözmelidi.
Hasar göwnüne güman gidip, tanyş görnen adamlary özi
gezdirip, olaryň kimdigini anyklamasa, ynjalyp bilmejegini bildi.
Şonuň üçinem öz ýanyndan oýlanyp, Hasar bu sapar Kadyra
ýoldaş edinmegiň hökmanlygy ýok hasap edipdi. Ol şol gelşine
gaýygyň başyny golaýdaky kenara tarap öwrensoň, ýene bir
salym ýüzüp, ony suwuň eteginde saklady. Kadyra tarap sähelçe
baş atyp:
— Inim, sen indi şu ýerde düşýän bolýaň. Bu gün bir
Tuwakbibi gelniň bişiren naharyny bar-da, wagtynda sowutman
iý! Myhmanlaryňy bolsa, bu gezek özüm gezdirjek.
— Weý, däde, bu ne gep bolaýdy-la? Sen olary oňly
görübem-ä bilmediň, tanarmykaň, eýsem?
— Wah, men şolary tanaýan-da, inim...
Kadyr Hasar bu gepi aýdan mahaly onuň gözleriniň
ýalpyldap, ýanýan ýaly bolup gidenini gördi. Ol şu pursatda
Hasaryň bir hyýala düşenini aňsa-da, ýöne näme-hyýala münenine
düşünip bilmedi. Şol arada-da Kadyr Hasaryň ýanynda myhman
syýahatçynyň öz sahylygyny mazamlap eden gürrüňini ýatlap:
«Agam-a bu gezek oljany bir özi urmagyň yşkyna düşüpdir-ow»
diýip oýlandy.
Onuň kalbynda gopýan harasatdan habarsyz bolansoň,
Kadyr Hasaryň ne hyýala münenini, barybir soňra-da anyk aňyp
bilmedi. Oňa egnini gysyp, Hasar bilen ylalaşaýmakdan başga
alaç galmady.
Hasar Kadyry kenarda düşürensoň, «Dynç alyş» öýüniň
öňüne belleşilen ýere ýetmäge howlukdy. Ol aňyrdan belleşilen
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
483
wagtdan biraz gijä galýanyny ýatlap, howlukmaç gaýygyny
dyzandyryp gelen mahaly gezelenje äkitjek adamlary eýýäm ýol
şaýlaryny tutuşyp, kenarda onuň gelerine garaşyp durdular.
Gün batyp, garaňky gatlyşanyna seretmezden, gezelenje
gidýänleriň häzir ikisiniňem gözünde Günden goranmak üçin
dakynylýan gara äýnek bardy.
Annawyň gözi gara äýnekli bolsa-da, Hasar ony bu gezek
göreninden dessine tanady. Bu onuň şol durmuşda bary-ýogy
iki-üç gezekden artyk duşuşmadyk, ony öz ýanyndan Aşgabada
geleninden soňky ähli şowsuzlyk-larynyň, betbagtçylyklarynyň
sebäpkäri hasap edip ýören Annawydy.
Bu ýyllar içinde Annaw eginleri terezilenip, garny salparyp
öňe çykyp döw ýaly bolup, hasam dogumlanypdy. Häsýetine
tekepbirlik goşulyp, temegi-de hondanbärsejedi. Dürli ýollar
bilen gazanylan baýlygyň injige juda agram salýanlygy onuň
hondanbärisiräp boluberşinden duýulýardy.
Onuň gözokarasynyň gabagyny göterip duran möleden
ala gözleri öňküsinden hyrsyzlanan ýaly bolupdyr diýäýmeseň
üýtgemändi.
Hasaryň öňki pikir edişi ýaly, onuň ýanyndaky aýalyň kim
bolsa-da, Dünýä däldigini gördi. Ol çözlenen saçlaryny pytradyp
ýüzüne döken syratly Dünýäden has ýaş görünýän zenandy.
Hasar Annawyň ýany bilen getiren oýnaş zenanynyň Dünýä
bolmazlygy onda bada-bat kanagatlanma duýgusyna meňzeş
bir duýgyny döretdi. Hasar göz astyndan synlap, ol duranyň
Dünýäden has ýaş maşgaladygyna göz ýetirensoň bolsa, oňa
gaýtadan oňly üns beribem durmady. Öz ýanyndan: «...Bular
ýaly ýaş maşgala barka, Annaw Dünýä ýaly sürlüp-silkenip,
sylhasy çykan garry heleýi näme etsin?» diýip, soňrabaýanlaryň
bu meselede şeýleräk hereket edýänini, saýlap ýaş gelin-gyzlara
höwesli bolýanyny kanagatlanma duýgusyna berlip oýlandy. Ol
gaýygyna münmäge amatly edip, kenarda keserdip ýanansoň:
484
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
— Biraz sizi garaşdyraýdymam öýdýän? — diýip, Annawy
tanap, tolgunmadan ýaňa biraz üýtgän sesi bilen ötünç soraýan
äheňde dillendi.
Annaw onuň şol özlerini gijeki meýlisli gezelenje
äkitjekleriň biridigini, öňki gezek görende gözünde galanlygy
üçin, başyna geýen şlýapasyndan tanady. Şonda ol bu ýagdaýy
halamazlyk bilen, kimdir birini agtarýan ýaly töweregine
garanjaklap nägile dillendi:
— Hany, ol beýleki ýoldaşyň nirede?
— Obada garyndaşlarynyň biri agyr ýatyrmyş, habar geldi,
şoňa gitdi.
Bu gepiň birbada Annawy «Gitmelimi—gitmeli däl?»
diýdirip oýlandyrandygy, ikirjeňlenendigi belli boldy.
Dogrudanam, ol bu ýere ýene şol gezek özüne ýarym
sözde düşünen Kadyr bilen giderin diýen pikirde gelipdi. Onuň
deregine ýoldaşynyň geljegini bilen bolsa, ol deňze çykmalymy
ýa çykmaly däldigi barada, elbetde, başgaça pikirlenerdi.
Annaw nämedir bir zady süňňi syzýan ýaly, bir pursat
häsiýetine mahsus ulumsylyk bilen özüne münmäge gaýyk
taýynlap duran Hasary depesinden seredip duransoň, ýanyna
almakçy bolan goşlaryň birini ýerden göterip, gaýyga münermen
bolup, gapdalyndan duran gelniň biline gol aýlap gujaklady-da,
ony has golaýyna çekip, eglip, gulagyna bir zatlar pyşyrdady.
Hasar onuň gezelenje gitmek-gitmezlik barada gelne-de maslahat
salanyny pikir etdi.
Şu gysgaça maslahatyň yzysüre-de olar goşlaryny göterişip,
gaýyga mündüler.
Olar gaýygyň öň tarapyndaky myhmanlar üçin ýörite
taýynlanan oturgyçda ornaşansoňlar, ýarym ýagtyda leňňer atyp
duran gaýyk yzyna öwrüldi-de, garaňkynyň jümmüşine çekilmek
bilen boldy. Onuň üstünde oturanlar şu pursatda, hamala, özleri
garaňkynyň äpet gara ýorganynyň eteginden girip ugran ýaly
duýgyny başdan geçirdiler. Gaýygyň badyna göterilen şemal
ýüz-gözleri, açyk tenleri ýakymly sypalaýardy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
485
Gaýyk ownujak tokunlaryň ýokarsyna sähelçe galtaşýan
deý bolup, birsalym ganat-per çykaryp uçarly bolup ýüzensoň,
kenardan ep-esli arany açdy. Yzda galan kenar çyralary indi
gijäniň içinde ümürli köreşip, sähelçe görünýärdiler.
Gaýygyň öňünde näzenin gelniň bilinden gujaklap gijäniň
içine bir ýerlere seredip, barha ýakymlanýan serginlige berlip
oturan Annaw şol barmana yşarat edip, bir elini ýokary göterdi:
— Goja, indi şu ýerlerde duraýsaňam bolar! Öňňinki bolan
ýerimiziň golaýyna ýetäýen bolsak gerek? — diýip, talaply
dillendi.
Hasaryň özi-de eýýäm bu mahala çenli kenardan ýeterlik
daşlaşandyklaryny ýatlap, gaýygynyň badyny gaýtararman
bolubam gelýärdi.
Gaýyk gelmeli ýeri hasap edip, badyny gaýtaryp, jylaw
çekensoň, Annaw bilen gelin ýany bilen getiren iýer-içer
zatlaryny öňe alşyp, özleriniň arzuw edip gelen çolalyklarynda
keýpi-sapa bilen yşarat etdi.
Häzir ummasyz giňişlik gysylyp-daralyp, Hasaryň
gaýygynyň töwereginde garamtyl, depesi sähelçe aksowult bolup
tolkunyp, ýaýkanyp oturan deňiz asuda bir ýagdaýa öwrülipdi.
Ýeňseden, ýakyn bolmadyk aralykdan, megerem olaryň gaýdan
ýerleriniň töwereginden mahal-mahala gaçylyp-kowalanylyp,
tutdum-tutdum edilip ýörülen gelin gülküleriniň yz ýanyndan
ýogyn erkek adamlaryň gijä şowhun gatýan sesleri gelýärdi. Bu
döwür hut keýpi-sapa küýsegi bilen, ýanlary näzenin-gyz gelinli
puldar kişileriň höwesiniň joş alýan, deňiz joşguna berlen aýalgyzlaryň özleriniň iň görmegeý mähirli gelindiklerine ynanýan
pursady bolardy.
Deňiz bolsa şol öňküsi ýaly asudady, onuň garaňkynyň
içindäki syrly gözelligi göwnünlere rahatlyk beriji täsir edýärdi.
Hasar gaýygyň yzynda özüniň öň ýanyndaky bolmajysy bolşup,
keýpi-höweslerine içgi bilen bat berşip oturanlara seretmezlige
çalşyp, kese bakyp otyrdy.
486
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Durmuşyň beýle öwrüm aljagy kellä gelen zatmydy? SSSR
ýaly döwlet ýykylar diýip, heý, kimiň kellesine gelipdi? Ol
döwür men-de pylankesdim, ýolbaşçylyk edýän-de, operasiýalar
geçirýänleriň biri-de mendim. Belki, bu döwrüň ýeg görünýäni
şonuň üçindir. Täze döwrüň bolsa biz döwür-döwranynyň
öňküdenem gowy bolmasa, kem boljagyna ynanypdyk, onuň
mynasybetine gulluk etmäge howlugyp, işimizi-idegimizi goýup,
çakylygyna gelipdik. Dünýä ol ýerden gaýtmakçy bolanymyzda:
«Hasar jan, gitmäli, göçürilen gyz ýaly, indi biz ol ýere sygmarys,
ýaşap ýör-ä başga halkyňam wekilleri, bizem ýaşarys, goý, gitse,
Arslanym gidibersin, ol ýana biz soňrak gitsek-de bolar!» diýip,
gaýtmagy halaman, bir erbetlik syzan ýaly özelenipdi. Aýallar
duýgur bolýarlar, belki, ol şol wagt munuň şeýleräk boljagyny
aňandyr...
Toty bolsa: «Seni bu ýere meniň yhlasym getirdi diýýär»
diýip, soňam ol Totynyň aýdan gepini ýatlady. Barybir ol gyýlypgynanyp ýatlasa-da, nädip bu ýagdaýlaryň bolanyny kellesine
sygdyryp bilmeýärdi. Ogly Arslany şu harasadyň pidasy hasap
edýänligi üçin, ony ýatlanda ýene-de Hasaryň damagy dolup,
gözleriniň owasy nemlendi...
Deňziň depesinde gijäniň gara oýlugynyň aşagyna bukulyp
gelene meňzäp, ýuwaşja demirgazyk şemaly peýda boldy. Şundan
soň giňişlikde sähelçe leňňer atyp, sallançak bolup, ýaýkanyp
üwrelip duran gaýygyň töwereginiň şagalaňy barha artdy.
Toparlanyşyp gaýygyň töwereginde aýlanyşyp ugran
ownujak tolkunlar bir-birlerini itekleşip, hürsekleşip, hezillik
tapyşyp, şapyrdaşyp oýnadylar.
Annaw gelin bilen yzly-yzyna bada göterensoň, görnetin
çuslandy. Onuň gelne bolan höwesiniň hem barha bat alyp,
odugyp ugranlygy belli boldy. Ol gelni bir-de kükregine ýaplasa,
ýene bir-de onuň aýaklaryny gapdal saldyryp, çaga oturdan ýaly
öňünde gujaklap oturdy. Içilen içginiň başy sämedip, onuň aňyny
alyp gaçyp ugranlygy duýuldy. Annaw dyzanyp, gelni höwes
bilen myjaşdyryp, gaňryp-gabap, çille mesi bolup, oňa süründi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
487
Hasar özüniň hyzmatdadygyny özüne ýatladyp, töwerekde
bolýan zatlary gözüniň gytagy bilen görse-de, görmeýänden
bolup, kese bakyp oturdy. Şol bir wagtda hem ol bu zatlaryň
nädip, beýle bolup bilýänligi, gowulygyň ýerine Annaw ýalylaryň
gurdunyň gündiz uwlamagynyň sebäbi barada, indi köpden bäri
özüniň oýlanyp, aňyrsyna çykyp bilmeýän pikirlerine berilýärdi.
Şol bir wagtda hem ol soňrabaýanlary gijeki gezelenje äkitmegiň
öz işi däldigine düşündi. Bu pikiriň yzysüre-de ol bulara her
bapda özlerinden kem oturmajak, gerek bolsa soňrabaýanyň
elinden hanumanysyny alyp, oňa onuň edip bilmedik hyzmatyny
ýerine ýetirjek jalataý Kadyryň gerek ekenligini pikir etdi.
Barybir, müşderileriniň özüni hasaba alman, sypaşypsermeşip, bolup oturyşlary, beýle zady wejeralyk hökmünde
kabul edip ugrany üçin, soňabakan ony darykdyryp ugrady.
Ilki arak içip, soňuny piwa tutup, hezil edip meýmiremek
Annawyň häsiýetidi. Bu gezegem ol arakdan boldum edensoň,
ýaňyrak öňünden düşüp, çep egnine başyny goýup hossar, höwes
tapynyp oturan näzenine ýüzlendi:
— Eý, Mähek, hany şol aňryňdaky sowuk piwoden al
birini. — Şol barmana-da ol ýene-de bir zady ýadyna düşürenini
mälim edip, «ikini» diýip, ýüzugra sözüne düzediş berip gepledi.
Annaw gelniň özüne uzadan piwolarynyň birini aldy-da, ýeňsede
Hasaryň barlygyny hem ýatlanyny mälim edip, sähelçe bir egnine
tarap öwrüldi.
Elindäki piwonyň birini «Goja» diýip, Hasara ýüzlenip, ite
oklan ýaly, oňa tarap oklap goýberdi.
— Al, senem ýüregiňi sowut!
Hasar — Al! — diýlen wagty elini seren-de bolsa, isleýşi
ýaly, ony howada mahaly gapyp ýetişmedi. Piwo gütüläp, onuň
aýagynyň gapdalyna düşdi.
Ýöne: «Mähek!» diýlip, şu arada Annawyň dilinden
öz oglunyň gelniniň adyny eşitmegi bolsa, onuň üçin has
garaşylmadyk duýdansyzlyk boldy. Hasar bir eýmençligi duýup,
endamynyň ýylan gören ýaly, şowlap gidenini duýdy. Bu ady
eşidip, ol barada pikir ýöredip ugran mahaly bolsa, hamala, howa
488
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ýetmeýän ýaly, demi tutulyp, birden hopukdy. «Belki, atdaşdyr»
diýip, ol kellesine gelen bu soňky pikire juda ynanmasa-da,
özüni köşeşdirmäge, nämäniň-nämeligini içginräk öwrenmäge
çalyşdy. Dünýäde atdaş adam gytmy? Kalbynda bolsa ol munuň
öz gelni bolmazlygyny dileg etdi.
Annawyň Dünýäden soň indi gelnini özüne oýnaş edinip
ýörenini asla göresi gelmedi. Gelni içgin synlan bolsa, bu gelnem
şol öz gelinleri bolsa, Hasar ony bu mahala çenli, belki, syn salyp,
tanasa-da tanardy.
Hasar şundan soň tanajak bolup, gelniň gijäniň içindäki
towlanjyrap oturyşyny içgin synlady. Diýseň-diýmeseň bir
meňzeşlik baram ýaly bolup dur. Bu-da Arslanyň gelni ýaly
syratly, ortadan uzynrak boýly maşgala. Ady-da Mähek, gabat
gelýär. Özüniň-de şol bolaýmagy juda mümkin? Ýöne ol däl-de,
ýeneki bir zenan bolmagy hem ahmal. Dünýäde meňzeş adam,
meňzeş at gytmy?
Häzirki döwürdä-hä iki gyzyň biriniň ady Mähek-dä,
ýeneki bir gymmat daşlaryň biri. Eger bi Arslanyň gelni boljak
bolsa, onuň topuklaryna düşüp duran uzyn saçlary bolmaly...
Arslan uzak komandirowkalara gidende ony küýsäp:
«Seniň şol saçlaryňa ýetip, ony ýene bir boýnuma orasam...»
diýip ýazýanlygyny, Hasara öýde hemişe ähli zatdan habarly
Dünýä ogludyr gelnine enelerçe olaryň mähribanlygyna
guwanyp aýdypdy. Munuň bolsa jotdarybrak duran gyrkylan,
ugruna seredilmedik bulaşyk saçlary bar, galyberse-de, ol olaryň
öz Mähek gelinlerinden dolmuşragam görünýär. Ol hortaňrakdy.
Şeýle-de bu gelin ondan has hyruçly, has ýeňlesirägem görünýär.
Üstesine-de, Hasar alty-ýedi günlükde agtyklaryny küýsäp,
Aşgabat bilen gürleşende, tomsuň gutaryp barýanyny aýdyp,
olaryň öz ýanyna — deňze gelmekçidiklerini gaýynenesine ýene
bir gezek ýatladanda ol: «Dünýä sizi äkidere häzir elim degerli
däl...» diýýär, ejelerem düýn-öňňinlikde edaranyň işiniň ugruna
«Türke» diýip gitdi, çagalar, «atamlara» diýip, bökjekleşip
duransoň, olara-da onuň gaýdyp gelemsoň ataňyzyň ýanyna,
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
489
okuw başlamazdan öň eltip gaýdaryn diýenini ýatlady. Şonuň
üçinem ol häzir Hasaryň aňyndaky hasaba görä, bu ýerlerde dälde, Türkiýäň şäherleriň birinde ýa ýolda bolmalydy.
Awaza nire, Türkiýe nire?
Ol bu aýratynlyklar barada aň öwürse-de, onuň öz gelni
däl-de, atdaş ýene biriniň bolmagyny islese-de, kalbynyň bir
künjeginde: «Şol bolaýmasyn, bu nähili masgaraçylyk?» diýen
ýaly barha möwç alýan güman-da bardy. Şol barmana entek
öýlenmänkä, Arslanyň ejesine Mähek barada: «Seniň eje ol
garyndaşyň Mähek däl-de, ýönekeý bir depmen oýnalanda
depilýän daş ýaly-la?» diýip, öňünden bir zady syzan ýaly bir
wagtky aýdan gepi-de onuň ýadyna düşdi.
— Oglum şonda seniň kimligiňi aňan bolmaly — diýip,
ahmyrly oýlandy. Şonda onuň ünjüsi has artyp, Annawyň ýanynda
oturan gelin Hasaryň göwnüne hasam öz gelnine meňzäp giden
ýaly boldy. Ýöne, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, sesinden tanaýyn
diýse-de, gelin Annaw hezil tapyp häli-şindi gülýän-de bolsa, ol
gürlemeýär diýen ýalydy, gürlese-de höwes-näze garyp, sesini
üýtgedip, pyşyrdap gürleýärdi.
Maňlaýyny daşa urmak Hasar ýaly işigaýdanyň ýazgytkysmaty bolsa gerek?
Hasar tanasa-da, Annawyň özüni tanamanlygyna begenipdi.
Eger tananlygynda onda ol bu gaýyga münjekmi, bu gezelenç
boljakmy?
Ýöne müdimi syr bolup galýan zat barmy? Annaw barybir
özüniň kimiň gaýygyna münenligini biler. Onsaňam ogurlyk
bilen orramsylygyň uzak menzili barmy!?
Gaýygyň üstünde ýazylan saçagyň bir gyrasynda soňky
döwürde tapylan hem çyra, hem radio bolup bilýän çaklaňja
gapyrjak yşyga öwrülip, biraz öňüni ýagtyldyp durdy. Haçan-da
Annawdyr gelin eglip, saçagyň üstündäki zatlardan alan wagtlary
olaryň ýüzleriniň bir bölegine ýagty düşüp, hal atyp, gyzaryp
görnüp gidýärdi.
490
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Radiodanam birsydyrgyn tükeneksiz, ýürege düşgüç
saz ýaňlanyp, o-da, hamala, gaýykdan syrylyp düşüp, deňziň
arkasyna çaýylyp gidýän ýaly duýgy döreýär.
Zenan hözirine höweslidigini mälim edip, Annaw hälişindi gelne mylakat edýär. Onuň oturanda töweregine kert
baglap aýlanaýan ýaly bolup görünýän guýma guşaklygyny
süwümsizlik bilen sypalap sermeläbem goýberýär.
Gelindir Annaw iýip-içip ugranlarynda gaýykçy gepimizi
eşitmesin diýen pikir bilen, pyşyrdaşyp gürleşen hem bolsalar,
meýlis gyzyp ugradygyça, olaryňam şowhuny artypdy. Içginiň
täsiri bilen indi olar bir-birleriniň gepini oňly eşitmeýäne,
uzakdan bir ýere seslerini ýetirmek isleýän deý, gaty-gaty
gepleşip gülşübem ugradylar.
Hasar, çilim otlanan mahaly gelniň sagrysyny sypalap,
oňa süýkenip oturan Annaw çilimiň ysynyň burnuna uranyny
mälim edip, ýeňsesine öwrüldi. Onuňam çilim sorasy gelenligi
belli boldy. Ol birden, leňňer atyp ör galdy-da, Hasaryň ýanyna
gaýdarman boldy. Gelin onuň serhoş halda öz ugran ýerine
ýetmän gaýykdan ýykylaýmagyndan haýygyp, golundan çekip,
ony ýanyndan goýbermezlige çalyşdy.
— Töweregiň agyn suw bolup dur, ýykylyp gidýäň-le?! —
diýip, ýerde däl-de, gaýykda oturanlygyny onuň ýadyna saldy.
Dyzanyp duran Annawyň barybir gidermenligine göz ýetiribem,
özüň geläýseň diýen äheňde Hasara ýüzlendi:
— Daýy, şuňa-da bir çilim berseňiz-le? — diýende bolsa
onuň sesi, gep uruş äheňi-de oňa juda tanyş — öz gelni Mähegiň
söz urşuny ýatlatdy.
Arslanyň oglunyň gelni hem oňa «Daýy» diýip ýüzlenerdi.
Ýaraşykly, kaddy-kamatly gelni onuň göz öňünde janlandy...
Mähegiň gelşikli synasy mähirli, bugdaýreňk ýüzi, owadan
gözleri bardy. Şol gözler Arslanyň hemişe görmegi, synlamagy
höwes eden gözleridi...
Şol arada natuwan gelniň gujagyndan sypan Annaw bir
çüýşe piwonyňam bokurdagyndan gysymlap, gaýygyň bir ol
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
491
gyrasyna, bir beýleki gyrasyna leňňer berip, Hasaryň ýanyna
geldi.
— Ýaşuly, hany bir çilimjik ber?
— Häzir.
Hasar çilim otlap uzadansoň, Annaw çilimini sorup durşuna
bazzyk-buzzuk gepledi. Hasar oňa içginiň ýetenligini, hemişe
şeýle ýagdaýda bolşy ýaly, onuň-da özüni göçgünli duýup
ugranlygyna düşündi.
Şol barmana hem onuň gürrüňdeş isläni belli boldy.
Gelibem Hasaryň gapdalynda ornaşdy. Çekýän çiliminiň külüni
ýalaňaç gäbe garnyna gaçyryp oturyşyna Hasara ýüzlendi:
— Goja, senem şu deňiz ýakasynyň adamsymy?
— Hawa.
— Isleseň, men seni gaýyk sürüp, güzeran gözläp ýörmez
ýaly, gowy aýlykly bir işe alaýsam nädýär?..
— Ýeri, sen meniň näme işe alyp bilersiň?
— Men şu golaýda öz puluma uly bir dynç alyş öýüni
gurmakçy. Eýýäm onuň proýektem taýyn...
Annaw gurluşyk barada gepläp ugran mahaly, onuň bilen
bagly ýakymsyz zatlar ýadyna düşeni belli bolup, gep saluwynyň
äheňi ýüzugra üýtgedi. Annawyň gepi närazy hem salyhatsyz
eşidildi. — Ol biraz öňrägem başlanmalydam welin, ýöne şu
töwerekden birtopar başbozar tapylyp, ara düşdi-dä. Zeleli ýok,
hany güýz düşüp, kenaryň bazary sowulsyn bakaly, gurluşygy
täzeden başlarys. Görmeli adamlar eýýäm görüldi, berilmeli
şapka-beýleki berildi...
Ýumagyň öz-özünden, birhili-birhili bolup çözlenip
ugramagy Hasaryň bilesigelijiligini has-da artdyrdy. Bu gurluşyk
barada eşidesi gelýän zatlary azmydy näme, eýsem?
Onuň durmuşyny ýene bir gezek çaýkan, gojany alyp ýatan
şol gurluşyk dälmi näme?
Hasar şu pursatda özüniň bilmeýän zatlaryny bilmegiň
wagty gelenligine düşündi. Bu zatlar barada, mümkin
492
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
boldugyndan, dolurak eşitmek üçin, biraz howlugyp, galgap
ugran kalbyna basalyk bermäge çalyşdy.
— Şol dawa düşüp, birtopar adamlaryňam üýşüp,
häkimligiň öňüne baranlygy bilen bagly ýeriň-ä gürrüňi däldir-dä
bu? — diýip, Hasar hem syr bermezlik üçin, bu ýagdaýdan oňly
habarly bolmadykdan bolup, Annawyň ýüzüne ätiýaçly gözläp,
onuň gepine başardygyndan «hä» berdi.
Halkyň häkimlige barmagynyň ýatlanmagy Annawyň
çetine degendigi belli boldy. Ol owsunyp, öçli gepledi.
— Senem eşiden ekeniň, goja. Birki sany bozgak tapyldyda. Ol baranlaram şolaryň aldawyna düşen adamlar. Muňa şäher
häkiminiňem örän gahary geldi... O-da biz bilen bir adamdaraý,
mekdepde bizden üç-dört synp pesräkde okady. Paýhasly, entek
ösmeli oglan.
— Şoňa gatnaşanlaryň hersi soňundan hakyny alandyr
görseň. Birisi öýnüň öňünde urlup öldürilipdir, ýene birisi şäherden
çykyp, gizlenip ýörmüş... —Gep şu ýere ýetende, Hasar munuň
özi baradaky gepdigini bildi. —Onuňam yzyna adam salyndy,
häkime garşy çykar-da, ol dury gün görermi? Demokratiýa
gerekmiş oňa, tizden onuňam demokratiýaň nämeligini gözüne
görkezerler... Onsaňam, olaryň bu hereketlerine daşary ýurduňam
meçew berýänligi mümkin. Hany, şol dagy bir tassyk bolsun,
onsoň görersiň, onuň ejesini dula bakdyrlar. —Hasar hakda
gepledigiçe içki howrunyň ýetikdigini mälim edip, Annaw barha
örç aldy: — Daşary ýurt bilenem onuň gatnaşygy bardyr. Ol
ömrüniň köpüsini daşary ýurtlarda geçiren. Germaniýada işlände
onuň nemes ofiserleri bilen ýakyn gatnaşykda bolanlygyny,
maşgalasy bilen barşyp-gelşenligini indi onuň aýalam aýdýar.
Ýurdy şolara satýan biri bolmaly ol... — Annaw şundan soň
ýene-de başdaky «Senem şu ýeriň adamsymy?» diýip beren
soragyny ýatlap, oňa täzeden dolandy. — Belki, ony seniňem
tanaýan bolmagyň mümkin? Oňa Hasar diýýärler elli bäş-altmyş
ýaşlaryndaky adamdyr. Onuň Hasar lukman — diýlip tanalýan
bolmagy-da mümkin?
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
493
Hasar jogap ýerine gury ýuwdundy. Soňam damagynda bir
zat galan ýaly üsgürinjiredi.
Annaw elindäki ýarsy içilen piwoly çüýşesini oňa uzatdy.
— Al, iç şundan!
— Aý, aýrylar-la — diýip, Hasar ilki sypaýyçylyk etse-de,
yzly-yzyna ardynansoň, Annawyň uzadan çüýşesinden bir owurt
piwo içdi.
— Adyn-a eşidenem ýaly — diýip, soňam onuň özi baradaky
soragyna dünýäden habarsyz bolandan bolup, Annawyň indiki
maksat tutan pyglyny bilmek islegine berlip, oňa parahat jogap
bermäge çalyşdy.
Annaw:
— Ol ömrüni edaralarda işläp, aýlyga ýaşap ýören bir
pekgedir-laý?... — diýip, hasam janykdy.
— Hüm-m...
— Ol menden ar alýar.
— Näme üçin?
— Aýaly üçin... Gör, bu bolýan zatlary! Gyz wagty men
onuň heleýini halapdym. Ýöne ol barly ýeriň gyzydy, meni
hasap etmedi. «Heleý ada çapar, erkek — buda» diýenleri.
Soňam ol Leningradda okap ýörkän ýaňky Hasara duşup, ony
halapdyr. Onuň ýaly atly wuzda okaýan, erteki gününe uly ynam
edilýän ýigit tapsa, Dünýä sypdyrýarmy ony? Şol ýerde hem ony
köýneginiň etegine çolap alypdyr...
Annaw öz ýagdaýy barada gürledigiçe, barha joş aldy.
Gaýykçynyň ýanynda özüniň adaty bir kes däl-de, barly
adamdygyny nygtamak oňa hasam ýakymly boldy.
— Sowet döwründe olar gowy ýaşanam bolsalar, ýurt
özbaşdyk döwlet bolansoň, biziňem bagtymyz getirdi. Öňki
meni hasaba almadyk adamlaryň köpüsi indi hyzmatymda bolup
ýörler. Maňa ýaranyp bilseler, armanlary ýok.
...Görsem, bir wagt maňa göwni ýetmedik şol heleýem işsiz
gezip ýör, maşgalada hem onuň öňki öwrenişen elpe-şelpeligem
ýok, öň äriniň ýeterlik gazanan pulunyň hasabyna bol-telki
494
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ýaşanlar pukara durmuşa bolmaýar. Heleý keýpsiz, düşen
ýagdaýyndanam nägile, öňki halyny küýseýär. Şu pursatda-da ol
maňa duşdy. Ony öz ýanyma işe aldym. «Barlynyň baly bar»
diýleni, garyplykdan aýak astyna düşen heleýjik şundan soň,
meniň ýalymdan ýalanyp, heziller edäýdi. Eýsem-de bolsa, meniň
ýaly özüni tutan barly barka kim başyna ýapsyn porsy dermana
bulaşyp ýören lukmany? Onuň özi-de sowatly, düşünjeli heleý,
soňra iki bolup, «Hasan—Dünýä» kompaniýany döredenimizdede, ol uly rol oýnady. Her ýerde düşünjelilik bilen kompaniýanyň
bähbidini goramagy başardy. Kompaniýa indi barha baýapkuwwatlanýar...
Öz diýýän gepinden lezzet alýan Annaw gepledigiçe barha
joş aldy. Ol indi kime gürrüň berýäninden habarsyz bolşy ýaly,
üstüne abanyp gelýän howpdanam habarsyzdy.
Hasar kynam bolsa geplemän diýen ýaly, Annawyň
gürrüňiniň soňuna çenli diňlemek üçin, jan edýärdi. Lukman
bolup, agyr derde ýolugan dertlini diňleýän ýaly, onuň
aýdanlaryny üns bilen diňlemäge çalyşýardy we ony diňledigiçede, barha düýrügýärdi. Annaw nämüçinligine üns bermese-de,
Hasaryň sakgal murtuň arasyndaky gözleriniň mahal-mahal ot
syçyraýan ýaly ýalpyldap gidýänligini görýärdi. Ýöne görse-de,
serhoş halyna oňa oňly ähmiýet bermeýärdi.
Çilimläp, piwojyk içip, gepläp oturmak Annawa, hamala,
öz garşydaşyndan ar alýan ýaly ýakymlydy. Onuň gepinde
Hasaryň bilmeýän, asla pikirine-de gelmedik, gör, niçem bir
zatlar bar eken...
Eger şu tötänlik bolmadyk bolsa, ol Dünýä baradaky
ençeme ýagdaýlardan hemişe habarsyz galsa-da galardy. Annaw
ýarasyny ýalap bitirmegiň ugruna çykan gurt ýaly, gaýta-gaýta
gürrüňini öwrüp, ýene-de özüniň kenar ýakadaky pansionat
gurmak bilen bagly gepine aýlap getirdi.
— Gurluşygy ýene tizden başlarys...
Hasar anygyny bilesi gelýän zatlaryň ýene biriniň aňyrsyna
ýetmegiň amaty gelenligini bildi. Ol:
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
495
— Şol gozgalaňçylara baş bolup, häkimligiň gapysyny
depen gojanam kyhlan özüň-dä onda?
— Eýsem näme. Muzzuny berseň, enesiniň kellesini aljak
krutoý oglanlar bar ahbetin...
Hasaryň ini saňňyldap, ýüzüne howur çarbap giden deý
boldy. Emma ol gepiň yzyna düşjek bolmady. Onsuzam eýýäm
bu meselede kölegede galan zat ýokdy.
Onýança hälden bäri gaýygyň o başynda Annawyň dolanyp
gelerine garaşyp oturan aýal öwrülip:
— Hany, sen indi ýeriňe gelmeýäňmi? Ýoldaşly geleniňi
unutdyňmy ýa-da? — diýip, igençli gürläp, ony öz ýanyna
çagyrdy. Gepiniň bölünmegini halamadyk Annaw nägile dillendi.
— Garaşdaraý, ine barýan. Şu erkekleriň gürrüňiniň arasyna
heleý düşse halamok. Ýöne olary halamaly bolýan ýerleriňem
bolýar... — Annaw ýene-de sözüniň yzyny aýtmanam, köpmanyly
gönençli ýylgyrdy. Soňam gelne tarap seredip, barmagyny onuň
kükregine dürtýän ýaly somaldyp: — Ine, bu gumrujygam şol
Hasar diýilýäniň oglunyň gelni. Oňa-da maňa garşy durmak
arzan düşen däldir. Ilkä heleýini, indem gelnini...
Bu anyk gepi eşidip, Hasaryň süňňi elendi.
Arslan oglunyň hemişe göz öňünden aýrylmaýan keşbi bu
pursatda oňa ümürläp, gyjalatly, hasratly seretdi...
Utançdan ýaňa ol oglunyň aňyndaky keşbiniň gözüne
gönüläp seredip bilmedi...
Aý aýdyň bolsa-da, öz gepine halys berlip, eselip-baýrynyp
oturan Annaw Hasaryň tüýsüniň üýtgänini duýmady. Hasar şu
ýerde onuň sözüni bölüp:
— Sen şol Hasar diýýäniňi görseň tanarmyň? — diýen
wagty onuň sözi endiräp eşidildi.
Ol Annawy gorduryp, ähli hakykaty bilmek isläp, öz
jylawyny näçe çekse-de, indi özüniň mundan artyk hiç kim
üçinem syr, tapmaça bolup bilmejegine düşündi. Dyňzap gelen
gahar-gazap bent tutmady. Huş başdan uçdy. Ol soragynyň
yzysüre onuň jogabyna hem garaşman, özüniň güýçli gollary
496
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
bilen Annawyň ýalaňaç egninden gazap bilen aýy bolup penjeläp,
ony özüne tarap öwürdi.
— Aý, haramzada!!! Ine, men şol Hasar! Meniň öýümi
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Hazaryň yssy tomsy - 33
  • Büleklär
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3625
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1935
    33.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3633
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1983
    34.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3606
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    35.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3634
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2009
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3624
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1952
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3599
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2003
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3618
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3658
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1930
    34.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3675
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1996
    36.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3627
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1956
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1978
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3680
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2037
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3690
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2034
    34.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3579
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1995
    34.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3625
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2048
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3683
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2050
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3670
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2045
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3637
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3608
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2010
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3619
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2112
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3503
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1983
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2034
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3600
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2017
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3671
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2017
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3658
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3659
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2030
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3585
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1978
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3678
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3714
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2039
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3734
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2099
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3697
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2045
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3732
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2151
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 1622
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1047
    41.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    61.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.