Latin

Hazaryň yssy tomsy - 02

Süzlärneñ gomumi sanı 3633
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1983
34.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
56.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
Myhmandan daýysy Kakawyň hal-ýagdaýlaryny soraşdyrdy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
19
Toýda Jahanyň tagamly palaw bişirenligini aýdyp, onuň işine
ygtyýar öý bikesi bolup barýanlygyny zenanlarça gözügidijilik
bilen ýatlady. Ýöne, wagty bilen, içdäki joşgun-harasadyň
ýetikligi üçin, ýene-de gürrüňler öz-özünden alşyp, çolaşypçyrmaşyp gidibermedi. Olaryň gürrüňi, esasan, gysga-gysga
sorag-jogabyň töwereginde aýlandy. Gyz utanjaňlygyň geplän
wagty Hasaryňam diline badak salýanyny duýup, onuňam
häzirki pursatda ýagdaýynyň özüniňkiden gowy däldigine
düşündi. Iki arada soranjaň tukatlyk duýulýardy. Wagtal-wagtal
gapynyň aňyrsyndan aýak sesleri, hümürdiler eşidilýärdi, käte
ol aýak sesleri gapa golaýlanda, kimdir biri gelip giräýjege
meňzeýärdi. Hasar öý eýesiniň göwni üçin özüne uzadylan
çaýdan owurtlap, ortada duran öz getiren tortuna el uzatman,
gürleşen bolup, pikir kowsarladyp oturdy. Mahal-mahal ol
başyny göterip, seretmedikden bolup, öz öňünde owsunyp
oturan gyzyň balkyldap duran gözlerine, egnine dökülip, ýüzüni
gabalap, seçelenip duran gelşikli saçlaryna intizarlyk bilen
höwesli seredibem goýberýärdi. Şol barmana Hasara gyzyň
ýanyna diýmekçi bolup gelen sözüni wagty bilen diýmäge aýgyt
edip bilmänsoň, oňa bu ýerde oturmalysyndanam kän oturan ýaly
bolup duýuldy. Ýüregini bire baglady. Gyza öz hyrydarlygyny, ol
bu pikiri unamaýan ýagdaýynda hem gaty görmez ýaly gepine
oýun garyp sözledi.
— Dünýä, men-ä siziň ýanyňyza bildiriş meselesi bilen
gelendirin!
— Ol nämäniň bildirişi? — diýip, Dünýä birbada Hasaryň
näme diýjek bolýanyna düşünmän, gözüni balkyldadyp, egnini
gysyp geň galdy.
— Siz golaýda gazete, hususy lukman edinýän! — diýip,
bildiriş beren ekeniňiz. Isleseňiz, men siziň ýanyňyza şol
gözlenýän lukmanyňyz bolmak islegi bilen geldim.
Dünýä ilki Hasaryň gazet bilen bagly bildirişli gürrüňine
böwrüni diňlän, geň galan hem bolsa, ondan: «Haçan men beýle
bildiriş beripdirin?» diýip sorasy gelse gelen hem bolsa, ýöne
munuň gürrüňe girişmek üçin tapylan sözbaşy-bahanadygyny tiz
20
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
duýdy. Görse, bu ýerde hyrydarlyk bar. Dünýä uýalyp, birbada
näme diýjegini bilmän, aşak bakdy. Soňundanam sözüniň
jogabyna garaşyp, eňegini sypap, atyny çapyşyga goşana meňzäp,
indem «Näden-nä borkan?» diýip, kararsyz galkyjaklap oturan
Hasaryň ýüzüne uýatly seretdi.
— Oýlanyp görmek gerek-dä...
— Gowuja oýlanyň, men garaşaryn. Elbetde, gijä galmadyk
bolsam?!
— Gijä galman... hüm-m... — Gyz bu sözi aýdan mahaly
kese bakyp, burnuny hem ýaňsyly tysladyp goýberdi. — Gaýta,
ir gelen bolaýmasaňyz!
Hasar Dünýäniň soňky çytylybrak aýdan sözüne özüçe
düşündi, onuň öz ýaşlygyny bahanalap, sypaýyçylyk bilen
özünde göwnüniň ýoklugyny duýduranlygyny pikir etdi. Şundan
soň onuň Dünýäniň ýanynda uzak oturasy gelmedi. Gyz bilen
alasarmyk pikirler bilen hoşlaşdy. Birnäçe gün ol gyz daýysyna
duşanda: «Ýoldaşyň-a meniň ýanyma şeý diýip geldi» diýer,
gelşiksiz ýagdaýa goýar diýer pikir bilen Kakawyň ýüzüne hem
göni seredip bilmän gezdi. Lapykeç, durmuşa höwessiz boldy. Ol
indi agşamlaryna-da ir bilen, köp halatda agşamlyk hem edinmän
ýatyp galardy.
Dynç güni Kakaw oňa özüniň Jahan bilen kino
gidýändiklerini aýdyp, «Ýör senem, gowy kino diýýäler» diýsede, Hasaryň kino höwesi bolmady. «Işim bar» diýip, bahana
etdi. Ol gidensoňam gözden geçirmeli konspektleriniň birini
alyp, düşegine süýndi. Ýöne keýpsizdi, ony-da okasy gelmedi.
Oýurganyp, depesini gözläp ýatdy.
Şol barmana-da yzly-yzyna gapy kakyldy. Hasar Kakaw
nämedir bir zadyny unudyp, yzyna dolanandyr öýütdi. Gapyny
baryp açmaga ýaltanyp, öz açaryny ýatdan çykaryp gidendir
diýip, ondan gaýybana nägile boldy. Ol:
— Gir, girmän oňmajak bolsaň! — diýip, nägilelik bilen
özüniň alada goýlanyny halaman, gapyny açan wagty ol ýerde
gülümsiräp Dünýäniň duranyny gören mahaly «hih» diýip, içini
çekenini hem duýman galdy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
21
Gapyda tolgunyp duran gyz biraz öýkeli gürledi:
— Näme, göründiň-de ýitäýdiň-le, oglan!
Hasar şundan soň gyzyň natuwanlygyna, onuňam hepdäni
özi ýaly oda-köze düşüp geçirenligine, gelmän bilmänligine, ony
bu ýere kalbyndaky şol harasadynyň öňüne salyp gelenligine
ynandy.
Şondan soň okap ýören döwürleri bularyň duşuşmadyk,
birek-birekden habar alyşmadyk hepdeleri aňsat bolmandy.
Olar her gezek Aşgabada kanikula gaýdanlarynda hem, haýsy
garaşmaly bolsa biri beýlekisine garaşyp, bir güne bilet alyp bile
uçardylar. Hasar Aşgabat aeroportuna gelip düşensoňlar, Dünýäni
öýlerine çenli ugradyp, soňam özi Krasnowodskä gitmek üçin
hoşlaşyp, wokzala howlugardy.
Hasar Dünýäniň buýsanyp, köp gürrüňini edýän kakasy
bilen hem duýdansyz tanyşdy: Ol egni ýansumkaly, ýolda çörek
dükanyna sowlup alan täzeje bişen baton çöreginden döwüp,
çepbe çeýnäp, iýip gelşine ýatakhananyň öňünde Dünýäniň özüne
çalym berip duran daýanykly adam bilen özüniň aňyrdan bolup
gelşini synlap duranlaryny görüp, bolşundan uýaldy. Düwnüp,
üsgürip aljyrady. Dünýä hem onuň bolşuny görüp, aňyrsyna
bakyp tas pyňkyrypdy. Olary gören mahaly Hasaryň çeýnemän
ýuwudan çörek bölegi bokurdagyny gyýyp geçdi. Ýakyn gelip,
salam beren wagty, Dünýä ony: «Daýym bilen bir otagda ýaşaýan
oglan» diýip, syr bermezlige çalşyp, kakasy bilen tanyşdyrdy.
— Salam, ýagşy ýigit! — diýip, Dünýäniň kakasy onuň
bilen gadyrly salamlaşdy. Soňam ol:
— Talyplyk bir gowy döwürdir — diýip, gep arasynda
özüniň hem öň Dünýäniň okaýan institutynda okanlygyny aýdyp,
talyplyk geçmişini gözügidijilik bilen ýatlady.
Şol gün agşam Dünýäniň kakasy, gyzynyň boýdaşlary
bilen Kakawdyr Hasary hem öz bolýan myhmanhanasynyň
restoranyna duşuşuga çagyrdy. Dünýäniň kakasynyň çakylygyna
gitmek, Dünýädir öz arasyndaky gatnaşygyň häli-häzire diňe
öz aralaryndaky syrdygyna ynanýanlygy üçin, Hasary biraz
22
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ikirjeňletdi... Men ol ýerde adaty adamlaryň biri bolup oturyp
biläýsem-ä. Dünýä bolsa muny tä toýumyz bilen bagly meselelere
ýetilýänçä eje-kakasyny habarly etmekçi hem däl... Çakylyga
baranym-a gowy welin, ol ýerde gyzaryp-bozaryp, Dünýäni
gelşiksiz ýagdaýa goýaýmasam ýagşydyr?! — diýip ikirjiňlendi.
Ýöne Kakaw onuň Dünýäniň kakasynyň çakylygyndan bir
bahana bilen galmak niýetini asla unamandy. Ol: «Haý, gör-le
muny, hem-ä iliň gül ýaly gyzyny halajak, hemem uýaljakmyş,
ýör, düş öňüme, giýew han, ýaşulyny öz geljekki giýewsi bilen
bir duşuraýyn!» diýip, ony gününe goýman, özleri bilen äkidipdi.
Dünýäniň kakasy özüniň lälijek gyzyny görüp, onuň
halyndan habar alansoň, şol günüň ertesi ýene «Gyzyl peýkam»
otlusyna münüp, Leningraddan öz komandirowka gelen ýeri
Moskwa gaýdypdy. Ony bile ugratmak isleýänini Hasara Dünýä
düýn restoranda otyrkalar aýdypdy. Dünýä Hasar hakynda hiç zat
aýtmadygam bolsa, kakasy gyzynyň ýanyndaky syratly ýigidiň
öz gyzyndan göwni bölek adam däldigine, onuň uýalybrak, gyzy
bilen ýarym sözden düşünişip, özüni alyp barşyndan düşünipdi.
Ol öýüne dolanyp gelen çagy aýaly:
— Nähili, Dünýägözel jan sag-aman okap ýören ekenmi,
ol ýerde oňa daýysam göz-gulak bolýan ekenmi? — diýip,
soran mahaly Dünýäniň kakasy: «Aý, ejesi, oňa ol ýerde seniň
doganyňdanam ilerräk durýanam bir ýigit bar ýaly-la...» diýip,
Hasary ýatlapdy.
Dünýäleriň maşgalasynyň garaşan sawçylary Dünýä
okuwyndan gyş sessiýasyndan soň öýlerine gysga wagtlyk okuw
aralygyndaky dynç alşa gelen günlerinde geldiler. Derwezäniň
gapysy kakylan wagty Dünýä ony açanda, ol ýerde ozal ömür
gapylaryndan garamadyk üç sany adamyň —iki sany şol erkek
kişi bilen, ejesi duşlaryndaky bir başy çargatly aýalyň duranyny
gördi. Nätanyşlaryň kim bolup biläýjegini ýadyna düşürensoň,
olaryň: «Aýnazaryň öýümikä şu?» diýen soragyna hem jogap
bermän uýalyp, aljyrap yzyna dolandy, öz otagyna dazlap ötüp
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
23
barşyna ýüzugra ejesine: «Eje, daşarda iki sany nätanyş adam
bilen bir aýal biziň öýümizi sorap gelipdir!» diýdi.
Bular Dünýäni ogullaryna sorap, onuň ene-atasynyň
ýanyna gudaçylyga gelen Hasaryň eje-kakasydyr daýysydy.
Öz çagasynyň abraýyna dokunmaýan, ol barada göwün
çaglap, gowy arzuwlar beslemeýän ene-ata barmy?! Dünýä ataenesiniň ýeke perzendi bolany üçinem ol has mähribandy. Ataenesi ýeke çagalary, onda-da gyz bolansoň, onuň durmuşda hem
ogul ornunyň tutmagyny arzuwlap ýaşaýardylar. Onuň öz göwün
diýen adamlary bolup ýetişmeginiň diňe oňa bir mynasybetli
ýigit duşanda şeýle bolup biljegine, gowy giýewsi bolan öýüň şol
bir wagtda hem gyzly, hem ogully boljagyna göwün ýüwürdişip
ýaşaýardylar.
Dünýä ejesiniň telim gezek hamyla bolup, yhlasy paşmadyk,
şolardan tutup galan ýeke perzendidi, ýogsam onuň-da ejesiniň
adamsynyň saýasynda saýalap, oňa telim bir ogul-gyz dogrup
berip, olaryň arasynda ýalkap-ýalkanyp, öz ganatynyň aşagyna
ýygnap, gaz ýaly gagyldap oturasy gelýärdi...
Dünýäniň kakasy-da, ejesi-de Hasary görüp, onuň şol öz
diýen ogulsyz öýde ogul ornuny hem tutjak giýew oglan bolup
biljegine ynanypdylar.
Şol ýylyň tomsunda Dünýä bilen Hasaryň durmuş toýlary
bolupdy.
Dünýä ilkinji perzendi Arslany eline alanda, ol institutyň
soňky kursunda, Hasar bolsa şol öz okan institutynyň
aspiranturasynda okap ýördi.
Dünýä ýanynda ýok wagty Hasar hemişe häzirkisi ýaly onuň
bilen bagly ýatlamalara berlerdi. Bu oňa diýseň ýakymlydy...
Leningradyň ak gijeleri bilen bagly ýatlama hem Hasaryň
hemişe kalbyna ýakymly duýgular çaýýan ýatlamady.
Hasar bilen Dünýä şonda ýaňyrak şähere ýaň salan kinonyň
soňky tapgyryndan çykypdylar. Wagt bir çene baran hem bolsa,
soňra-da aşyk-magşuklaryň bir-birlerinden aýrylyşasy gelmändi.
24
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Töwerekde bolsa ak reňk bolup, Leningradyň gündize berimsiz
ak gijesi höküm sürýärdi. Bu gijeleri göreniň onuň gujagynda
gezesi gelmeýäni barmy? Üstesine-de, çyg-çaňsyz şaglap duran
deňiz ysly arassa howa.
Indi olar esli wagtdan bäri sypynsalar bilediler. Ýöne bu-da
bulara az görünýärdi, olaryň hemişe aýrylyşman, bile bolaslary
gelýärdi. Olar şäheri tirkeşip gezerdiler, amatly ýerlerde
garbanardylar, kitap dükanlaryndan bileje, hersi öz ugruna degişli
kitaplary gözlärdiler.
Şol günem Hasardyr Dünýä kinodan çykyp, Newanyň
boýuny syryp ýörediler. Olar gol tutuşyp, bir-birege aşyklarça
hyrydar gözleşip, özlerine ak gijäniň has törüne barýan ýaly
duýgyny başdan geçirişip, söýgi humaryna meýmireşip
barýardylar.
Dünýä üçin Hasaryň golunyň ýakymyny duýmak hoş
ýakýardy. Hasaram muny aňýana meňzeýärdi. Onuň elini
elinden goýberesi gelmeýärdi. Töwerek şäheriň her gün özüniň
iň gowy ýerlerini giçki aşyk-magşuklara galdyrýan wagtyna
golaýlap barýardy. Newa derýasynyň üstünde onda-munda duran
ümür toplumy çaňjaryp görünýär. Häzirki pursatda ak gije toý
köýnegini geýip, mynasybetli haýalja ýöräp barýan ak gelne,
şäher bolsa höwes bilen şol boldan tikilen köýnegiň etegine
çolaşana meňzeýärdi. Şäher ümürläp durmagy bilen syrly, onuň
şöwrüni çekip gezip ýörenler bolsa şol syryň bilesigelijilik bilen
ugruna çykanlary ýatladýarlar. Dünýä şol barmana sagadyna
seretdi-de, Hasara: «Ýör, köpriniň açylyşyny göreli!» diýdi.
Pikirleriň höwes bilen goşalananlygy belli boldy. Leningradda
ýaşap ýören hem bolsalar, olaryň ikisi hem entek bu ýerdäki
ganat ýaýyp açylyp-ýapylýan köprüleriň açylyşyny görmändiler.
Hasar bilen Dünýä howlugybrak kanal boýuna gelen wagtlary,
olar bu ýerde köpriniň açylyşyny synlamaga gelenleriň ýeke
özleri däldiklerini gördüler. Bu ýerde ýene-de goşalanyşyp
gezişip ýörenleriň birnäçesi bar eken. Olar Aý görjek ýaly bolşup,
boýunlaryny uzadyşyp durdular. Häzir uly çyranyň synyna düşen
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
25
köpriniň bir bölegi, ýüzüne Gün düşen aýna bolup, gijäniň içinde
ýalpyldaýardy. Uly çyranyň şuglasynyň ýene bir bölegi garşy
kenardaky jaýlara düşüp, olar ýeňse taraplaryny gijä öwrüp
duranlary üçin hümerlenişip, dyknyşyk gijäniň göterilen eteginiň
aşagyndan çykyşyp gelýän ýaly bolup görünýärdiler.
Olar gelende, köpriň ýaňy ýokary göterilip, baharda äpet
buzlaryň çat açyşyp, ýuwaş-ýuwaşdan bölünişip ugran pursadyny
ýatladyp, açylyp ugran wagtydy. Dünýädir Hasar bir-birlerinden
barha daşlaşyp, asmana göterilişip barýan köpri böleklerine geň
galyjylyk bilen seredişip durdular.
— Näme üçin beýdip her gün köprini göterýärkäler, ol adaty
köprüler ýaly hemişe ýerinde duruberende bolmaýarmykan?
— diýip, Dünýä birazdan arkasyny Hasaryň kükregine berip,
oýkanjyrap durşuna onuň gulagyna aýdýan ýaly pyşyrdap, göwne
gelen pikirini diline aldy.
Jogaba uzak garaşmaly bolmady. Ilki kanal tarapdan
golaýlap gelýän gäminiň güňlenç, basyksy sesi eşidildi. Ýene
birsalymdanam bolsa şol tarapdan äpet bir gäminiň dag bolup,
ýüzüp gelýän sulbasy göründi.
Dünýä:
— Ak gijäniň gämisi-de, özi-de owadan bolýan eken.
— Kronştatdan çykyp gaýdandyr bular. Şu açylýan
köprinem hut şu gämileri uly suwa geçirmek üçin gurupmyşlar
— diýip, Hasaram Dünýäniň pikiriniň üstüni ýetirdi.
Birsalymdan ilki görnen gäminiň yzyndan ýene biri, onuň
sesýetimligindenem aňyrda ümürlenişip gelýän gämileriň ýene
birnäçesi göründi. Gämiler iki tarapa, äpet bir guşuň gerlen
ganaty bolup açylan köpriniň aralygyndan yzly-yzyna hatar
gurup geçýän ekenler.
Leningradyň bu ak gijeleriniň ýaşlary küýlendirip, has
özüne imrindirmek häsiýeti bar. Aşyk-magşuklar ak gijäni
boýlap, bir-birlerine imrinişip, ysgaşyp, dalbynyşyp seredişip
ýörüşlerine wagtyň nähili geçenini hem duýmaýarlar. Wagty bilen
26
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
olaryň bu gowulygyň gujagyndan çykyp, ol ýerden gaýdaslaryda gelmeýär.
Hasar Dünýäni ugradyp, ony ýaşaýan jaýlarynyň gapysyna
getiren mahaly eýýäm sagat bäşden işläp, turar wagty bolup
gelýärdi. Gapynyň agzynda garawulçylyk çekýän daýaw
aýal Nina Mihaýlowna töwerekdäki oturgyçlaryň birnäçesini
birikdirip, şolaryň üstüni tagty Süleýmana öwrüp, depe bolup
güberilip ýatyrdy.
— Ine, sen-ä geldiň — diýip, Hasar gapynyň golaýynda
Dünýäni ýanyndan goýberesi gelmän, ýene birsalym onuň
ellerini ellerinden aýyrman, direnşip-owsunyp durdy. Muny
gyzam aňdy:
— Ýör, bolmasa senem bu gün bizde galaý. Wagt giç bolup
gidipdir-ä. Ýoldaşlarymam synaglaryny tabşyransoňlar, ejekakalaryny ýatlaşyp, öýlerine görme-görşe gitdiler! Otagda-da
bir özüm!
Hasar ýoly saklap ýatan Nina Mihaýlowna tarap baş atyp,
aramjan bolup, biraz ikirjeňledi.
— Men gidibereýin-le. Indi tramwaýam ýöräp ugrandyr.
— Ýör! Bu gün Nina Mihaýlowna nobatçy eken, ol gowy
adam, bize düşüner — diýip, Dünýäniň goýberesi gelmän, ýene
Hasaryň elini özüne tarap çekdi.
Onýança olaryň hümürdesine daýaw aýal ýatan ýerinden
sähelçe gozganyp, başyny ýassykdan göterdi.
— Hä ak gijäni hezil edip gezdik diýsene!
— Hawa — diýip, Dünýä giç gelip, azara goýany üçin,
biraz müýn çekip jogap berdi.
— Ak gijeleri menem söýerdim. Şonuň ýaly gijelerde
gezmegiň öz lezzeti bar. Ol gelin-gyzlary hasam görmegeý
edýär...
Hasar bir pursadam bolsa könäni ýatlap, kalbyna ýakymly
duýgular çaýyp, pikire berlen aýalyň sözlerini makullap, Dünýä
bilen boý deňeşdirip duran ýerinden mylakatly ýylgyryp, oňa
tarap minnetdarlykly baş atdy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
27
— Seniň ýigidiňmi? — diýip, soňra garry aýal garaýşynda
bu ýagdaýy makullamak bilen Dünýäden sorady.
— Hawa.
— Öz ildeşiňmi?
— Hawa.
— Talypmy?
— Hawa, lukmançylykda okaýar.
— Hm-m...
Nina Mihaýlowna Dünýä zenanlarça düşündi.
— Hemişe şeýle bolsun! — diýip, soň ol geçelgä tarap
geçiberiň diýen äheňde elini salgap goýberdi-de, ýene-de başyny
ýassygyna goýdy.
Näden nä bolarkan diýip, böwregini bökdürip duran Dünýä
bilen Hasar şundan soň rugsat berlenine mähetdel hoş bolşup,
hasyrdaşyp onuň gapalyndan geçdiler. Dünýäniň ýanynda gije
galaryn diýen niýet ilkibaşda Hasaryň pikirinde hem ýokdy.
Hemişekisi ýaly ol ony ýatak jaýlaryna çenli ugradyp, yzyna
dolanmakçydy. Bu ýagdaý düşnüksiz öwrüm alyp, hamala,
kimdir biri tarapyndan öňden göz öňüne tutulan ýaly, öz-özünden
bolupdy.
Olar gelip otaga girensoňlar, onuň içindäki zatlaryň juda
tertipliligi Hasaryň ünsüni çekdi. Şundan soň ol bu ýagdaýyň öz
pikir edişi ýaly, o diýen bir tötänlik hem bolman, Dünýä tarapyndan
bu pursadyň öňünden göz öňüne tutulyp, taýynlanandygyny pikir
etdi. Ol şeýle pursady özüniňem indi bir wagtdan bäri höwes edip
ýörenligini, munuň birhili düýşe-de meňzeýänligini, Dünýä bilen
bagly düýşlere ulaşanda, ol özüniň zenan mähir-muhabbetine
berlip, wagty bilen oýanasynyň gelmeýänligini ýatlady.
Söýginiň serhoşlygyna berlen Dünýäniň ýüzünden biraz
ýadawlyk alamatlary duýulýan-da bolsa, ol ýerden göwnühoşluk
alamatlary hem aýrylmaýardy, aýrylsa-da ol uzaklaşman,
ýene-de öz ornuny eýeleýärdi, şonda biraz gyzaran zenan
ýüziwnühoşlyknühoşlyküh güle, onda-da has owadan janly güle
28
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
öwrülýärdi. Bu bolsa hemişe zenan kalby joşgun alyp, arzuw
höwese beslenen mahalynda şeýle bolýar.
Aňyrsy-bärsi uly bolmadyk otagda ikiçäk galan wagtlary
olar özleriniň arzuw edip ýören pursatlaryna duşandyklaryna
ynandylar.
Jaýyň içine ilki giren wagtyň üç sany üsti tertip bilen
basyrylan krowata ünsüň düşýär, geýim asylýan şkaf gapydan
giren ýeriňde sag tarapda arkasyny diwara ýaplap, uzyn söm
bolup dur, gapynyň girelgesiniň çep tarapynda, diwar ýüzünde
jaýy mahal-mahal aýdym-saz, gürrüň-gepden doldurýan burmaly
otag radiosy ýerleşdirilipdir, onuň aňyrsynda kitaplar tertip bilen,
saýhal edilip goýlupdyr.
Otagyň arassa, gowy bolmagyna seretmezden, gyzlaryň
aňynda hemişe oňa nämedir bir zat ýetmeýän ýaly bolup
görünýän hem bolsa, Hasaryň gelmegi bilen, bu gün Dünýä
onda bu ýetmezçiligi duýmady. Otagyň içi tertipli bolansoň,
boşlag görünýärdi hem onda gelin-gyzlaryň sepinip-çalynýan
zatlarynyň ýeňiljek ysy bardy. Dünýä egnindäki ýeňiljek plaşyny
çykaryp, başyndaky öýmesini aýryp, olary geýim şkafynda
ýerleşdirip, egnine öýde geýýän giňiş görünýän haladyny geýip
durkan mahal-mahal bir zatlar diýmekçi bolýan ýaly, Hasara
göz astyndan seredip-seredibem goýberýärdi. Onuň Hasara
«Çaý goýaýyn, ýeňiljek garbanaýaly?» diýesi gelýärdi. Ýöne
hiç kimiňem häzir o diýen işdäsi ýokdy. Şäher bolsa süýji ukuda
ýatyrdy. Hasardyr Dünýäniňem ýatasy gelýärdi. Gözler süzülişipsüzülişip gidýärdiler.
Hasar Dünýä daşky geýimlerini aýryp, otagda geýýän giňiş
haladyny dolanyp, ýanyna gelen wagty oturan ornundan turup,
iki eli bilen onuň ellerinden tutdy-da, gözlerine hyrydar seredip,
ony sähelçe özüne tarap çekdi.
Dünýä uýalanda, adaty bakyşdan has görmegeý bolýardy.
Kalbynda möwç urýan duýgular onuň ýüzüne özboluşly bir
gözellik berýärdiler. Häzirem seretdigiçe bu gözellik Hasary
duýdansyz bir güýç bilen özüne çekýärdi. Gyz ýygralygy bir
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
29
ýanady, bu dolap-çolap özüne çekip barýan güýjem bir ýanady.
Hasaryň söýgi höwesi köwsarlap, onuň beýnisine urdy. Ol
soňra birsalym özüniň näme-näme ediberenine hem oňly aň
etmedi. Birdenem Dünýäni harsa göterip eline aldy-da, ony
höwes bilen kükregine ýaplady. Hasaryň gyzgyn, ýakymly demi
ýüzüni çawlan mahaly Dünýä onuň gujagynda pyrlanyp barşyna
mylakatly pyşyrdady.
— Waý, bu oglany, meni nirä alyp barýaň?
— Barmaly ýeriňe...
— Barmaly ýerim nire meniň?
— Oňa biz bileje bararys...
Hasar bu sözi tutuş süňňi bilen höwese öwrülip barşyna
haşlap aýtdy. Ýany düşege ýetip, höwesi mesän Dünýä şundan
soň söýgi-islegiň nädip joşgunly dünýäsine düşenini hem
bilmän galdy. Ol indi ýaňy Hasar bilinden çalyp, biraz näme
etjegine aýgyt edip bilmän, ýüregi bükgüldäp, howsala düşen
hem bolsa, indi bu zatlaryň öz-özünden şatlyk-lezzete öwrülip
barýanlygyna, özüniň şeýle görülmedik lezzet bilen bagly
durmuşyň bir böleginden, başga bir, has mynasybetli ýene bir
bölegine geçip barýanlygyny bildi. Bu bagtyň indi şu pursatdan
başlap, hemişe özüniňki boljaklygyny ýatlap, kanagatlanma
bilen buýsandy. Olar şol gün hyjuw-höwes harasadyna berlişip,
özleriniň bir göwrä, bir pikire, bir ykbala öwrülenlerini hem
duýman galdylar...
Hasar haçandyr bir wagt ukudan oýanan wagty öz
gujagyndan sogrulyp giden Dünýäniň penjiräniň tutusyny bir eli
bilen sähelçe açyp, daşaryny synlap, oýurganyp duranyny gördi.
Haçanda Hasar ýeňsesinden gelip gujaklap, boýnunyň ýüzünden
öpüp, eýemsirenen wagty ol höwes bilen onuň ellerini öz
eginleriniň üstaşyry aldy-da, mähir bilen ony kükregine gysdy.
Olar soňra ýene-de birsalym gujaklaşyp, bir-birleriniň
süňňüniň höwesini duýşup, penjireden aňyrda görünýän ak
gijäniň gujagynda gelin bolup meýmiräp, bir gowy bolup ýatan
Leningrady buýsançly, minnetdarlyk bilen synlaşyp durdular...
30
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
...Stambuldan gelen uçaryň ýas-ýaňyja gelip Aşgabat
aeraportunda gonanlygyny radio habar beren mahaly, Hasar
töwerekdäki adamlaryň hem birnäçesiniň garanjaklaşyp
gozgalaňa düşüşip ugrandyklaryny gördi. Haçanda biraz mundan
öň özüni gözastyndan düşnüksiz nazar bilen gyzyklanyp, synlan
aýaldyr gyzjagazyň oturan tarapyna seredende, ýaňky aýal hem
stoluň arkasyna atan ýaglygyny alyp, gyzy bilen aýak üstüne
göterilişip durdular. Şeýdibem, olaryňam, Hasar ýaly, Stambul
uçaryna garaşýandyklary belli boldy.
Hasar hem şundan soň gozgalaňa düşen adamlaryň arasy
bilen, öz garaşýan uçaryndan düşýänleriň görünäýjek ýerine,
aýna diwaryň gapdalyna baryp, nazary bilen gonuş meýdanynyň
habaryny alyp duranlaryň birine öwrüldi.
Stambul uçary ýaňyrak gonup, indem suwdan çykan
akula meňzäp, ýalp berip, öz maýdalyna seýkin ýöräp aňyrdan
gelşine mahal-mahal hokranyp, çykalganyň golaýyna ýakynlap
geldi. Dünýä adamlaryň arasy bilen uçaryň darrak görünýän
gapysyndan eglibräk çykan wagty Hasar ony dessine tanady.
Onuň egninde hemişe diýen ýaly, ýanynda göterýän sumkasy
bolup, geýen plaşşynyň kemeri bilenem bili boglup guşalany
üçin, ol häzir bir zada çolaşana meňzeýärdi. Dünýä bu gezek
hemişekisi ýaly uçardan düşen dessine töweregini garanjaklap,
höwes bilen Hasary gözlemedi. Basgançakdan düşüp-düşmänem,
ol, hamala, uçaryň içinde haýsydyr bir zadyny ýadyndan çykaryp
goýup gaýdana, indem şony ýatlap, alyp gaýtmak üçin, yzyna
dolanarly görnüp basgançakdan düşüp gelşine, tow alýan ýaly
bolup, ýeňsesine gözledi. Yzyndan ökjesini basyp diýen ýaly
gaýşarylybrak, basgançakdan, özünden öňdäkileriň üstaşyry, bir
ýerlere seredip gelýän kelteden dolmuş adama tarap öwrülip,
makullaýjy baş atyp, oňa bir zatlar diýdi.
Hasar onuň şol Dünýä bilen Türkiýä şertnama baglaşmaga
giden täze baýan hojaýyndygyny pikir etdi. Aýaly bu firmada
alty-ýedi aý bäri işleýän-de bolsa, heniz onuň Dünýäniň
başlygy bilen oňly tanyşlygy ýokdy. Ýöne onuň öz aýaly bilen
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
31
synpdaşdyklaryny hem olary ýakynlaşdyrýan ýene-de birhili
garyndaşlygyňam bardygyny eşidipdi. Adamlar uçardan düşüp,
soňra wokzala çykmak üçin bir ýerde jemlenýän wagtlary Dünýä
bir çeträkde buruljyrap başlygy bilen gürleşip durdy. Has takygy,
Dünýä gürleýärdi, başlygy bolsa howlukman ümürläbräk diňläp
durşuna käte bir onuň sözlerine baş atyp hä berýärdi. Olaryň
öz işleri bilen bagly gaýry goýulmasyz bir meseläniň gürrüňini
edýändiklerini çen etmek mümkindi. Dünýä häli-şindi şol
gürläp durşuna baş atyp, öz gepini zenanlarça nygtap-nygtabam
goýberýärdi.
Hasar ilki Dünýäniň bolşuny birhili göçgünliräk görüp,
«Iki hepde bile bolanlaryndan soňam bularyň gürrüňleri
gutarmadymykan?» diýip, pikir eden hem bolsa, soňra onuň bu
bolşuny sag-aman ýurda sapardan dolanyp gelmegi bilen dörän
buýsanç joşgun kalbyňda peýda bolýan ersgin duýgy ony ýoluna
göz dikişip oturan agtyklaryna duşmak islegi bilen baglady.
Daşyndan synlap, nazary bilen keýwanysynyň gaýybana
habaryny alyp durdy.
Wagt Dünýäni ömür ýaşlarynyň jümmüşine äkidip, şol
ýerde azaşdyran hem bolsa, ol üýtgetmändi, elbetde, indi
mundan ýigrimi, otuz ýyl ozalky syçrap duran, tosunja gelin-de
däldi. Dogrusy, oňa gelinlik has düşüpdi, öň birazrak hortabrak,
çepiksirägem bolsa, çaga dogrup ugransoň, endamy suwlanyp,
eselip, has göze geliwli näzenin zenana öwrülipdi.
Dünýä Hasardanam bäş-alty ýaş kiçidi. Hasar birki ýyllykda
elli ýaşyny bellände, ol hem öz gazanan kyrk bäşini goşa toý
edip, onuň bilen bile belläpdi.
Hasar özüniň şeýle maşgalanyň yhlas-söýgüsinde
ýaşaýanlygyna guwanýar. Wagtal-wagtal, munuň Dünýä
ýaraýanlygyny göz öňünde tutup, ol bezenip-beslenen wagty:
«Biziň gaýtarma gözellikde ýaş gelinler bilen bäs edýär!» diýip,
onuň zenan mynasybetini nygtap öwübem goýberýärdi. Özüne
gelişýän geýimleri geýinmegi bolsa Dünýä aňryýany bilen
oňarýardy. Ýyllaryň geçmegi bilen onuň süňňi biraz sep berip
32
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ýarsanam bolsa, saçlary ejesiniňki ýaly henizem şar-garady.
Dünýä Hasar bilen ýaşan özüniň otuz ýylynyň içinde maňlaýyny
derledip işlän, elini sowuk suwa uran zenan bolmandy, onuň bu
ýyllary sowet goşunynyň harby lukmanynyň saýasynda, dünýäniň
Leningrad, Köktebel, Budapeşt, Berlin ýaly şäherlerinde geçipdi.
Durmuşda söýülýän zenan bolmak bilen, bir ogla, bir gyza ene
bolup ýalkanyp, durmuşy arzuw edendäkisindenem gowy bolup
çykypdy. Hasardyr Dünýä özleriniň güýzäp, gojalyk menziline
ýetip barýanlaryny boýun alman ýaşaýan-da bolsalar, olaram
eýýäm ogul öýerip, gyz çykaran, olardan agtyk görüp-guwanyp
oturan ene-atalara öwrülipdiler.
Olaryň ikisi-de indi şeýdip, tä ömürleriniň soňky günlerine
çenli bir-birlerine, öz nesil-miwelerine — agtyk-çowluklara
buýsanyşyp ýaşarys diýen pikirdediler.
Asyryň segseninji ýyllarynda SSSR-iň döwlet başyna
Gorbaçýow, Ýelsin... ýaly ýolbaşçylyk adamlaryň bir ýol
bilen döwlet başyna gelmegi «SSSR» atly gäminiň çaýkanyp
ugramagy, soňra onuň daşa urlup, çym pytrak bolmagyna getirdi.
Hasar hem şonda Sowet goşunlary Berliniň etegindäki
«Karlhost» Harby Garnizondan ýurda dolanyp gelen harbylaryň
biri bolupdy. Iki aýdan soňam ony Krymdaky harby sagaldyş
öýleriniň birine başlyk edip belläpdiler. Ýurt bolsa şondan soň
barha bulaşmak, halky ot-garagan edip, tüwdürilip, dagdan
inip, öňünden çykan ähli zatlary çym-pytrak edip dagadyp,
mynjyradyp gelýän harasada öwrülipdi...
Türkmenistan özbaşdak döwlete öwrülip, onuň ýolbaçysy:
«Türkmen harbylary, nirede bolsaňyzam ata Watanyňyza dolanyň,
onuň goşun sapynda öz ornuňyzy eýeläň!» diýip çakylyk edensoň,
Hasar hem şonda öz uçarman ogly, maşgalasy bilen janköýerlerçe
ýurduna gaýdyp gelen harbylaryň biri bolupdy. Ol Krymdaky
deňli-derejeli ýerinden gaýdanda öz mynasybetine gaýdýanyna,
Watanda özüniň has gerekdigine asla şübhe etmeýärdi.
Hasar ýurda gelensoň, täze ýagdaýlar bilen bagly
kynçylyklar biraz onuň badyny alyp, geçen ykbalyny ýatladyp,
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
33
suslandyran hem bolsa, ol bu kynçylyklaryň wagtlaýyndygyna,
ýurt bir bat alsa, durmuşyň has gowy boljakdygyna özüni
ynandyryp, tama edip ýaşaýardy...
Dünýä yzýanyndan apaşaklabrak çykalga tarap ýöräp
gelýän başlygy bilen ýöräp gelşine hol beýleräkden nazary
bilen özüni garşylap duran adamsyny gören mahaly baş atyp,
dalbynyp ýylgyrdy. Onýança-da Annaw Hasaryň üç-dört ädim
beýle ýanynda tolgunyp-begenip, özüni garşy alyp duran, gyzdyr
aýalyna tarap, olary özüniňem görenligini mälim edip, elini
salgap goýberdi. Diňe şundan soň, Hasar ýaňky kofe içip otyrka
özüne düşnüksiz syrly seredeniň kimdigini tanady. Onuň şol
mahal birhili tanyş ýüz bolup görünmeginiň hem sebäbi şundan
soň belli boldy. Ýakyn tanyşlygy bolmasa-da, Annawyň aýalyny,
häzir ýada düşmese-de, toýdamy-sadakadamy öň bir ýerde-hä
görüpdi.
Hasar Dünýäni öňünden çykyp, wokzal jaýyna giren
ýerinde garşylady. Ol hemişekisi ýaly towlanjyrap adamsynyň
gujagyna dolan ýaly etdi-de, höwes bilen daraklygyna sähelçe
galyp, onuň ýaňagyndan öpdi.
— Sag otyrmysyňyz?
— Şükür.
— Meniň pişijiklerim nähili?
— Syýahatçy enelerine garaşýarlar.
Dünýä adamsynyň soňky sözünde biraz öýke ýokundysy
hem bar ýaly bolup duýuldy. Dünýä munuň aýalyny küýsän
erkegiň oňa soňra duşandaky häsiýetdigine är-aýallarça düşündi.
Ol muňa böwregini bökdürip, hezil edip ýylgyrdy-da, onuň bilen
boý deňäp durşuna: «Ine, men geldim-ä...» diýen manyda ýüzüni
onuň kükregine berip, sähelçe süýkenibem goýberdi. Dünýäniň
bu bolşy Hasara şol gözünde galan Berlin aeroportundaky
duşuşygy ýatlatdy.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Hazaryň yssy tomsy - 03
  • Büleklär
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3625
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1935
    33.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3633
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1983
    34.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3606
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    35.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3634
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2009
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3624
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1952
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3599
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2003
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3618
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3658
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    34.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1930
    34.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3675
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1996
    36.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3627
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1956
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1978
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3680
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2037
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3690
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2034
    34.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3579
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1995
    34.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3625
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2048
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3683
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2050
    33.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3670
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2045
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3637
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3608
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2010
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3619
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2112
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3503
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1983
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2034
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3600
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2017
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3671
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2017
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3658
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3659
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2046
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2030
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3585
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1978
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3691
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3678
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3714
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2039
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3734
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2099
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 3697
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2045
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Süzlärneñ gomumi sanı 3732
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2151
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Süzlärneñ gomumi sanı 1622
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1047
    41.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    61.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.