Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10

Süzlärneñ gomumi sanı 3632
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
boljakdygyny öňünden bilendir. Malfoý oňa aýdan bolmaly — diýip, Germiona
Harriniň ýüzüne çiňerilip seretdi.
140
Harri öz ýanyndan: «Germionanyň aýdýanlary dogry ýaly» diýip pikirlense-de,
onuň bilen razylaşýandygyny aýtmak islemedi.
— Ýörüň, gideliň.
Ýöne olara yzlaryna dolanmak beýle bir ýeňil düşmedi. Ýöräp başlanlary hem
şoldy welin, okuw otagynyň gapysy jygyldap açyldy-da, ol ýerden kimdir biri atylyp
çykdy.
Bu Piwsdi. Olary gören Piws içýakgyç ýylgyrdy.
— Ýuwaş bol, Piws... gaýrat et... ýogsa bizi okuwdan çykararlar.
Piws jykyrdady.
— Gijäň bir wagty, şeýdip, aýlanyşyp ýörsüňizmi, birinji ýyl okuwçyjyklary?
Dük, dük, dük, kim aýdylany etmese, şol hem tutulýar.
— Tutulmarys, eger sen bize gitmäge rugsat berseň, Piws, ýalbarýas!
— Men Filçe siz hakda aýtmalymykam diýýän — diýip, ýuwaşja gürlän Piws
mekirlik bilen ýylgyrdy. — Men muny diňe siziň bähbidiňiz üçin şeýtmekçi.
— Ýoldan aýryl! — diýip, ahyry onuň bolşuna çydam edip bilmedik Ron
hemle urdy.
Onuň beýtmegi uly ýalňyşlyk boldy.
— Okuwçylar düşeklerinde däl! — diýip, Piws sesiniň ýetdiginden gygyryp
başlady. — Okuwçylar gözbagçylyk okuw otagynyň golaýynda aýlanyşyp ýörler.
Olar howada galgap duran Piwsiň aşagyndan geçip, öz janlaryny halas etmek
üçin däliziň aýagujundaky gapa çenli ylgadylar. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ol gapy
hem ýapykdy.
— Büý-ä tüýs bolaýdy! — diýip, halys näme etjegini bilmedik Ron gapyny
itekläp başlady. — Işimiz gaýtdy! Tutuldyk!
Olar Piwsiň sesini eşidip, şol tarapa güýjüniň ýetdiginden ylgap gelýän Filçiň
aýak sesine diňşirgendiler.
Germiona:
— Hany, aýrylyň! — diýip gygyrdy-da, Harriniň taýajygyny alyp:
«Alahamora» diýdi.
141
Gulp şakyrdap ýazdy-da, gapy giňden açyldy. Olar derrew içerik girip, gapyny
ýapdylar, gulaklaryny gapa ýaplap, üns bilen diňläp başladylar.
Olar Filçiň:
— Olar haýsy tarapa gitdiler, Piws? — diýip sorandygyny eşitdiler. — Derrew
jogap ber!
— «Haýyş edýän» diý.
— Meň gaharymy getirme, Piws. Häziriň özünde, olaryň nirä gidendiklerini
aýt!
— «Haýyş edýän» diýýänçäň, hiç zat aýtman — diýip, Piws ýüregedüşgünç
sesi bilen aýdyma hiňlenip başlady.
— Bolýar, haýyş edýän.
— Hiç zat! Ha-ha-ha! Men saňa: «Haýyş edýän diýmeseň, hiç zat aýtmaryn»
diýdim ahyryn. Ha-ha! Haha-ha-ha!
Olar Piwsiň uçup gidendigini, Filçiň bolsa onuň yzyndan garganyp
galandygyny aňdylar.
Harri:
— Ol bu gapy ýapykdyr öýdýär — diýip pyşyrdady.
— Meniň pikirimçe, hemme zat gowy bolar. Aýrylsana, Newil!
Newil soňky bir minutyň dowamynda Harriniň haladynyň ýeňinden çekdi
durdy.
— Näme?
Beýlesine öwrülen Harri gözlerine ynanyp bilmedi. Ol gorkunç düýş
görýändirin öýtdi. Sebäbi ýaňky bolup geçen zatlara garanyňda bu halys öte geçmek
bolýardy.
Olar özleriniň çak edişleri ýaly haýsydyr bir otagda däl-de, üçünji gatdaky
barmasy gadagan edilen geçelgedediler. Indi bolsa, olar bu ýere gelmegiň näme üçin
gadagan edilendigine düşünip galypdylar.
142
Olar tutuş otagy dolduran üç kelleli, üç jübüt gyzyl gözli, ysyrganýan üç
burunly, dişlerinden akýan hyllyk sebäpli, agyzlary sülekeýlän äpet ite seredip
durdular.
Hereketsiz duran bu itiň gözleri edil olaryň içlerinden geçip barýardy. Häzire
çenli diridikleriniň ýeketäk sebäbiniň özleriniň bu otagda duýdansyz peýda bolup, iti
aljyradandyklarydygyna Harriniň aňry ýany bilen gözi ýetip durdy. Ýöne derrew
özüni dürsän it hyrryldap başlady. Onuň hyrryldysynyň nämäni aňladýandygyna
bolsa olar bahym düşündiler.
Filç bilen ölümiň aralygyndan Filçi saýlan Harri dessine gapynyň gulpuna
ýapyşdy.
Olar äpet itden gözlerini aýyrman, yzlygyna ýöräp daşaryk çykdylar. Harriniň
gapyny patladyp ýapanyna mähetdel, olar güýçleriniň ýetdiginden ylgap başladylar,
hatda uçdular diýsek, has ýerlikli bolaýjak ýaly. Filç olary başga tarapdan gözlemek
niýeti bilen eýýäm bu ýerden giden bolarly, ýolda asla oňa gabat gelmediler. Ýöne şu
wagt olaryň Filç ýadyna düşenokdy, bar gaýgylary ýaňky äpet itden çaltrak
daşlaşmakdy. Olar ýedinji gatdaky Dolmuş Aýalyň portretiniň öňüne gelýänçäler
ylgawlarynyň badyny gowşatmadylar.
Olaryň eginlerinden agyp duran bulam-bujar halatlarynadyr lap-lap gyzaryp
garasuw bolan ýüzlerine göz aýlan Dolmuş Aýal:
— Siz nireden gelýäňiz? — diýip sorady.
— Biderek zada kelläňi agyrtmasana. Doňzuň guýrugy, doňzuň guýrugy —
diýen Harri haş-haşlap zordan gürledi. Portret ýerinden gozganyp, öňlerinde girelge
peýda boldy. Olar emedekläp diýen ýaly umumy otaga gelensoňlar, özlerini
kürsüleriň üstüne okladylar-da, uzak wagtlap seslerini çykarman oturdylar. Newiliň
ýüz-keşbine seretseň, ol indi gaýdyp gürlemejek ýalydy.
— Olar ýaňky ýaly äpet iti mekdepde saklap, näme, akyllaryndan
azaşdylarmyka? — diýip, Ron ahyry dil ýardy. — Haýsydyr bir ite maşk bilen
meşgullanmak gerek bolsa, onda ýaňky it, gürrüňsiz, ilkinjileriň hataryndadyr.
Ronuň bu sözlerinden soň doňup duran Germionanyň peýda bolan demi bilen
bilelikde onuň erbet häsiýetem gaýdyp geldi.
— Üçüňizden biriňiz syn etmediňizmi, hä? Siz onuň nämäniň üstünde
durandygyny görmediňizmi, näme?
143
Harri:
— Poluň üstünde — diýip jogap berdi. — Meni onuň aýaklaryndan beter
kellesi has gyzyklandyrdy.
— Ýok, poluň üstünde däl. Ol bir gizlin girelgäniň agzynda durdy. Bu it bir
zady-ha goraýar — diýen Germiona olara gaharly nazaryny aýlady-da, ýerinden
galdy.
— Indi-hä ýüregiňiz ynjalan bolsa gerek. Biziň ählimiz ardurja wepat
bolmalydyk, tasdanam okuwdan kowulýardyk. Men-ä indi garşy bolmasaňyz, ýerime
geçjek.
Onuň yzyndan aňkarylyp, agzyny açyp galan Ron:
— Ýok, biz garşy däl — diýdi. — Munuň bolaýşyna seretsene, biziň özümiz
edil ony zor bilen äkiden ýaly.
Ýöne Germionanyň aýdanlary Harrini oýa batyrdy: «Diýmek, it bir zada
sakçylyk edýär-dä... Hagrid näme diýipdi? «Gringot gymmatly zadyňy gizlemek üçin
iň bir amatly ýer... elbetde, Hogwartsdan soň».
Harri indi ýedi ýüz on üçünji seýfden alnyp gaýdylan kiçijik bukjanyň
nirededigini aňýardy.
10-njy bap: HELLOWIN BAÝRAMÇYLYGY
Ertesi gün ýadaw, ýöne diýseň şadyýan görünýän Harriniňdir Ronuň entek hem
Hogwartsdadyklaryny gören Malfoý gözlerine ynanyp bilmedi. Hakykatda, Harri
bilen Ron ertesi gün üç kelleli it bilen ýüzbe-ýüz bolmagy gyzykly waka hökmünde
kabul edip, indiki başdan geçirmelere sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlapdylar. Harri
eýýäm Rona-da Gringotdan Hogwartsa getirilendir diýip çaklan kiçijik bukjasy hakda
gürrüň beripdi. Olar köp wagtlap nähili zadyň beýle berk goralyp biljekdigi barada
oýlandylar.
Ron:
— Bu ýa gaty howply, ýa-da gaty gymmatly zat bolmaly — diýdi.
144
— Ýa-da bularyň ikisem bolmagy ahmal — diýip, Harri Ronuň aýdanlarynyň
üstüni ýetirdi.
Şol syrly zadyň bir gysymlyk ululykdadygyny bilseler-de, ýene-de sorag-ideg
edip anyklaman, onuň nähili zatdygyny takyk aýdyp boljak däldi.
Newilem, Germiona-da itiň aşagyndaky gizlin gapyda nämäniň
saklanýandygyny biljek bolup azara galyp ýörenokdylar. Newiliň bar aladasy gaýdyp
itiň golaýyna barmazlykdy.
Germiona bolsa Harridir Ron bilen düýbünden gürleşenokdy. Aslynda olar
hemme zada burnuny sokup ýören ýüregedüşgünç gyzjagazyň özleri bilen
gürleşmeýänine begenmänem duranokdylar. Olaryň bar arzuwy Malfoýyň gaharyny
getirmekdi, bir hepdeden soň bukjanyň gelmegi bilen şeýle mümkinçilik döredi
duruberdi.
Baýguşlar adatdakylary ýaly Uly Jaýda eýläk-beýläk uçuşyp başlanlarynda,
alty sany sipuh baýguşy tarapyndan göterilip getirilen uzyndan inçe bukja hemme
kişiniň ünsüni özüne çekdi. Beýlekiler ýaly, bu bukjanyň içinde nämäniň bardygyny
ölemen bilesi gelen Harri iýip oturan naharynyň ýere dökülmegine sebäp boljak
bukjany baýguşlar öz öňüne taşlarlar öýtmändi. Bu baýguşlar uçup gitmänkäler,
başga bir baýguş bukjanyň üstüne hat oklap goýberdi.
Harri ilki bilen haty açdy. Şeýtmek bilen, ol dogry hereket edipdi. Sebäbi hatda
aşakdaky ýazgy bardy:
«BUKJANY STOLUŇ BAŞYNDA AÇMAGYN.
Bu bukjanyň içinde ýörite saňa niýetlenilen Nimbus
— 2000 sübsesi bar. Men beýlekileriň sende bu sübsäniň bardygyny bilmegini
islämok, ýogsa olar hem şeýle sübse edinmek islärler. Oliwer Wud taýýarlyk geçmek
üçin sagat ýedide kwiddiç meýdançasynda garaşar.
Professor Makgonagal».
Haty Rona uzadan Harrä ýüzündäki begenç alamatlaryny gizlemek gaty kyn
düşdi.
Ron:
— Nimbus — 2000! — diýip haýran galdy. — Men ömrümde beýle sübsäni
elläbem görmändim.
145
Harridir Ron sapaklar başlamanka, bukjany açyp görmek niýeti bilen Uly
Jaýdan çykdylar. Ýöne olar girelgä ýetip-ýetmänkäler, basgançakda Malfoýyň,
Krabyň hem-de Goýluň durandygyny gördüler. Harriniň elindäki bukjany siltäp alan
Malfoý, ony elleşdirip gördi.
— Bu sübse ýaly-la — diýip, bukjany yzyna oklan Malfoýyň ýüzünde
içigaralyk hem gahar alamaty peýda boldy. — Şu gezeg-ä başyňa bela satyn alarsyň,
Potter. Birinji ýyl okuwçylaryna sübse edinmek gadagan.
Ron sesini çykarman durup bilmedi.
— Bu ýöne-möne sübse däl-de, Nimbus — 2000. Sende nähili sübse bardy,
Kometa — 260-dy öýdýän?! — diýip, Ron Harrä gözüni gypdy. — Kometalar
daşyndan erbedem görnenok welin, Nimbusyň ýanynda olar hiç zat.
— Bular ýaly zady sen nireden biljek, Wizli?! Seň sübsäniň ýöne taýajygyny
satyn almaga-da güýjüň ýetenok ahyryn. Senem, seniň doganlaryňam sübsäniň her
taryny birin-birin ýygnaýan bolaýmaň?! — diýip, Malfoý hondan bärsiräp gürledi.
Ron jogap gaýtaryp ýetişmänkä, Malfoýyň ýanynda professor Flitwik peýda
boldy.
— Uruşýan dälsiňiz-dä, oglanlar?! — diýip, professor inçejik sesini beýgeldip
gürledi.
Malfoý derrew:
— Pottere sübse iberipdirler, professor — diýdi.
— Hawa, hawa, men muny bilýän — diýip, professor Flitwik Harrä ýylgyryp
seretdi. — Professor Makgonagal ýüze çykan ýagdaýlar barada aýdyp beripdi, Potter.
Onsoň, eliňdäki nähili sübse?
— Nimbus — 2000, jenap — diýip, jogap beren Harri hiç zada düşünmän
alasarmyk ýagdaýda duran Malfoýyň ýüzüni görüp, zordan gülmän saklandy. — Men
munuň üçin Malfoýa minnetdarlyk bildirmeli — diýip, soň ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Aç-açan gaharlanyp duran Malfoýa seredip, gülkülerine zordan erk eden
Rondur Harri basgançakdan ýokaryk galdylar.
Basgançagyň soňuna ýetensoňlar Harri:
— Ýöne bu, dogrudanam, şeýle — diýip jykyrdady.
146
— Eger ol Newiliň ýatladyjysyny ogurlamadyk bolsady, menem topara
düşmezdim.
Birdenkä arka tarapdan kimdir biriniň:
— Belki, sen muny düzgünleri bozanyň üçin özüňe berlen baýrakdyr diýip
pikir edýänsiň?! — diýen gaharly sesi eşidilip gitdi. Harriniň elindäki bukja
närazylyk bilen seredýän Germiona basgançaklar bilen ýokaryk galyp barýardy.
Ony gören Harri:
— Men-ä sen biz bilen gürleşmeýärmikäň öýdýärdim — diýdi.
— Hawa, gürleşmezligiňi ýene dowam et, bolýarmy! — diýip, Ron onuň
sözüniň üstüni ýetirdi.
Germiona temegini ýokary tutup, ýoluny dowam etdirdi.
Harrä şol gün sapaklaryny okamak gaty kyn düşdi. Onuň hyýaly umumy
ýaşaýyş jaýynda, düşeginiň aşagynda goýan sübsesi bilen şu gün giçlik taýýarlyk
geçjek kwiddiç meýdançasynyň arasynda aýlandy ýördi. Bu gün näme iýip, näme
goýanyny bilmedik Harri öýlänlik nahardan soň, Nimbus — 2000-li bukjany açmak
üçin ahyry Ron bilen ýokarky gata galdy.
Harriniň düşeginiň üstünde daşyna geýdirilen gaby aýrylan sübsäni synlap
durşuna Ron:
— Bäý-bä! — diýip seslendi.
Sübseleri tapawutlandyryp bilmeýän Harri hem onuň ajaýypdygy hakda
pikirlendi. Gara agaçdan ýasalan tutawaçly, uzyndan gös-göni tarly, ýylmanak,
ýalpyldap duran bu sübsäniň ýüzünde altyn harplar bilen ýazylan «Nimbus — 2000»
diýen ýazgy bardy.
Agşamara sagat ýedi töwereklerde howa garaňkyrap başlaberende, Harri
köşkden çykyp, kwiddiç meýdançasyna tarap ugrady. Öň stadiona ýeke gezek hem
gelip görmedik Harri meýdançanyň töweregindäki adamlaryň oýny arkaýyn synlap
bilerleri ýaly, ýüzlerçe oturgyçlaryň ýeterlik belentlikde gurlandygyny gördi.
Meýdançanyň iki tarapynda üç halkaly diregler bardy. Bu halkalar bäş ýüz metr
belentlikde dur diýäýmeseň, Harrä magl çagalarynyň, içinden sabyn köpürjiklerini
goýberýän halkajyklaryny ýatladýardy.
147
Ölemen uçasy gelýän Harri Wuda garaşmaga takady ýetmän, sübsesiniň üstüne
mündi-de, öňe ylgady we asmana göterildi. Ol derwezeleriň deňinden eýläk-beýläk
uçup, meýdançada aşak-ýokaryk inip ýörşüne täsin duýgulary başdan geçirdi.
Nimbus — 2000 sübsesi Harri haýsy tarapa uçmak islese, tutawajyna elini degripdegirmänkä, şol tarapa äkidýärdi.
— Heý, Potter, aşak düş!
Meýdançada peýda bolan Wud ullakan agaç sandygy göterip gelýärdi. Harri
onuň edil gapdalynda ýere gondy.
— Gaty gowy! — diýip, Harriniň öwgüsini ýetiren Wuduň gözleri uçganaklap
gitdi. — Men indi Makgonagalyň näme diýjek bolandygyna düşünýän. Sen edil
sübsäň üstünde dünýä inen ýaly. Bu gün men saňa diňe oýnuň düzgünlerini
düşündirmekçi, soň senem hepdede üç gezek görülýän taýýarlyga gatnaşarsyň.
Ol sandygyň agzyny açdy. Onuň içinde dürli ululykdaky dört sany top bardy.
— Hawa, kwiddiç oýnuny oýnamak beýle bir aňsat bolmasa-da, düzgünleri
gaty ýeňildir. Her toparda ýedi oýunçy bolup, olaryň üçüsi yzarlaýjy diýlip
atlandyrylýar.
— Üç sany yzarlaýjy — diýip, Harri onuň aýdanlaryny gaýtalady.
Soň Wud adaty futbol topunyň ululygyndaky açyk gyzyl reňkli topy çykardy.
— Bu top kafl diýip atlandyrylýar. Yzarlaýjylar kafly biri-birlerine zyňşyp,
garşydaş toparyň halkasyndan geçirmäge synanyşýarlar. Kafly halkadan geçirmek
başardan topara on bal berilýär. Aýdanlarymy gaýtala, hany.
Harri:
— Yzarlaýjylar kafly zyňyp, bal gazanmak üçin ony halkadan geçirýärler —
diýip gaýtalady. — Diýmek, bu basketbol oýnuna meňzeş-dä?!
— Basketbol diýdigiň näme? — diýip, Wud gyzyklandy.
Harri derrew:
— Biderek zat-la — diýip jogap berdi.
— Her toparda saklaýjy diýlip atlandyrylýan ýene bir oýunçy bar. Men
Griflfindor toparynyň saklaýjysy. Meniň esasy wezipäm halkalaryň töwereginde
uçmak hem garşydaş topar bal gazanmaz ýaly, halkalary goramak bolup durýar.
148
Ähli düzgünleri gowy ýatda saklamak islän Harri:
— Üç sany yzarlaýjy, birem saklaýjy — diýip gaýtalady. — Olar kafl bilen
oýnaýarlar. Boldy, ýatda sakladym. Bular näme üçin gerek? — diýip, Harri sandygyň
çep tarapyndaky üç sany topy görkezdi.
— Häzir görkezeýin. Şuny sakla, hany — diýip, Wud beýsbol taýagyna
meňzeş kiçiräk taýajygy onuň eline tutdurdy.
— Men saňa bladjerleriň näme iş edýändiklerini görkezmekçi. Ynha, şu iki top
bladjerler diýlip atlandyrylýar.
Wud oňa kafldan biraz kiçiräk, iki sany birmeňzeş gara topy görkezdi. Harri
olaryň özlerini sandygyň içinde saklaýan daňydan sypjak bolup, dyzaşýandyklaryny
gördi.
— Yza süýş! — diýip, Harrä duýduryş beren Wud egildi-de, sandykdaky
bladjerleriň birini boşatdy.
Boşadylan dessine bat bilen ýokarlygyna uçan gara top Harrini nyşanalap, göni
onuň üstüne gaýtdy. Burnunyň kül-owram ediläýmeginden gorkan Harri elindäki
taýagy bilen topy ýelmäp goýberdi. Ýene-de asmana göterilen top bu gezek Wuda
tarap gaýtdy. Wuda ony gapyp, ýerde goýmak başartdy.
Elinden sypmaga dyrjaşýan bladjeri sandyga ýerleşdirip, daňysyny berkitjek
bolup oturyşyna Wud:
— Gördüň dälmi? — diýdi. — Bladjerler uly tizlik bilen töwerekde aýlanyp,
oýunçylary sübseden agdarmaga synanyşýarlar. Şol sebäpli hem toparda her bladjer
topy üçin iki goragçy bolýar. Ekiz Wizliler biziň toparymyzyň goragçylary bolup, öz
oýunçylarymyzy bladjerden goramak bilen olary garşydaş topara gönükdirmek
wezipesini ýerine ýetirýärler. Ähli zada düşündiň gerek?!
— Üç sany yzarlaýjy kafl topuny halkadan geçirip bal gazanýarlar, saklaýjylar
halkalary goraýarlar, goraýjylar bolsa bladjerleri oýunçylardan uzagrakda saklaýarlar
— diýip, Harri bir demde gaýtalady.
Wud:
— Gaty gowy! — diýip, Harriniň öwgüsini ýetirdi.
— Bladjerler sebäpli adam ölüpmidi? — diýip, soran Harri bada-bat öz
ýanyndan ýerliksiz sowal berendigi hakynda oýlandy.
149
— Hogwartsyň özünde onuň ýaly zat bolmandy. Birki gezek äňimizi
döwdürdik diýäýmeseň, gutulgysyz şikes alan ýerimiz ýok. Bolýar, indi, toparyň iň
soňky oýunçysy hakda. Ol gapyjy diýlip atlandyrylýar. Biziň gapyjymyz sen. Kafldyr
bladjerler seni düýbünden gyzyklandyrmaly däl...
— Kellämi deşýänçälermi?!
— Alada etme, Wizliler bladjerlere hötde geljek derejede çalasyndyrlar. Men
olaryň çalasynlygy bladjerleriňkiden kem däl diýjek bolýan.
Elini sandyga uzadan Wud ol ýerden dördünji hem iň soňky topy çykardy. Kafl
hem bladjer bilen deňeşdireniňde, bu top gaty kiçijikdi. Ol hozdan kiçi bolmasa, uly
däldi. Ýanyp duran sary reňkli bu topuň kümüş ganatlary bardy.
— Muňa altyn sniç diýilýär. Ol toplaryň iň esasysydyr — diýip, Wud gürrüňini
dowam etdirdi. — Çalasyn hereket edýändigi, göze kän ilmeýändigi sebäpli, bu topuň
yzyndan ýetmek gaty kyndyr. Gapyjynyň wezipesi şu topy tutmak bolup durýar. Sen
yzarlaýjylaryň, saklaýjylaryň deňinden geçip, bladjer hem kafl toplaryndan sowlup
geçmeli-de, ony garşydaş toparyň gapyjysyndan öňürti eýelejek bolmaly. Sniçi
tutmagy başaran oýunçynyň öz toparyna ýüz elli bal gazandyrýandygy üçin muny
başaran topar köplenç ýeňýär. Kwiddiç oýny diňe sniç tutulan wagty tamamlanýar.
Gapyjylaryň elmydama ýigrenji bolup galýandygy hem şol sebäplidir. Sniçi tutmak
başartmasa, oýun asyrlabam dowam edip biler. Iň uzaga çeken oýun üç aý dowam
edipdir öýdýän. Oýunçylar ukularyny alyp biler ýaly, şol gezek oýna täze oýunçylar
gatnaşmaly bolupdyr. Ynha, boldy. Düşünmedik zadyň bolsa, sorap bilersiň.
Harri «Sorajak zadym ýok» diýen manyda başyny ýaýkady. Ol öz etmeli işine
aňry ýany bilen düşünipdi. Ýöne bar mesele onuň öz işini nähili usul bilen
etmelidigini bilmeýänligindedi.
— Biz bu wagt sniç bilen türgenleşmeris — diýip, Wud elindäki topjagazy
sandyga saldy. — Häzir gaty giç. Ony ýitiräýmegimiz mümkin. Häzirlikçe men seni
şu toplar bilen türgenleşdireýin.
Jübüsinden adaty golf toplaryny çykaran Wud birsalymdan soň, Harri bilen
howada eýläk-beýläk uçup başlady. Wud bar güýji bilen golf toplaryny dürli tarapa
zyňýardy, Harri ony gapmaga synanyşýardy.
Harriniň ýeke topy hem sypdyrman gapmagy Wudy diýseň begendirdi. Bir
ýarym sagatdan soň garaňky gatlyşmagy bilen, olar türgenleşigi tamamlamaly
boldular.
150
Köşge tarap barýarkalar Wud:
— Bu ýyl Kwiddiç kubogynyň ýüzünde biziň adymyz bolar. Drakonlary
öwrenmäge gitmedik bolsa, hatda Angliýanyň toparynda hem oýnap biljek derejede
üstünlik görkezen Çarli Wizliden sen has ökde oýunçy bolup ýetişseň, geň görmerin
— diýip şadyýan gepledi.
Harri özüniň Hogwartsa geleninden bäri eýýäm iki aýyň geçendigine ynanyp
bilenokdy. Belki, bir topar öý işleriniň daşyndan hepdede üç gezek kwiddiç
türgenleşigine gatnaşmaly bolýandygy sebäpli, wagt indi şeýle tiz geçýändir. Ýöne
bu köşgüň onuň gözüne Praýwet Draýwdaky jaýdan has yssy görünýändigi welin
anykdy. Esasy öwrenilmeli zatlar geçilip gutarylansoň, dersler hem öňkülere
garanyňda has gyzykly geçýärdi.
Hellowin güni olar gaýnadylan kädiniň geçelgelerden gelýän ajaýyp ysyna
oýandylar. Professor Flitwigiň gözbagçylyk dersinde jisimleri uçurmaga synanyşyp
biljekdiklerini aýtmagy olaryň has hem göwünlerini göterdi. Mugallymyň Newiliň
gurbagasyny okuw otagynyň içinde eýläk-beýläk uçuryp görkezeli bäri özlerine-de
şeýle mümkinçiligiň berilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýördüler. Professor
Flitwik okuwçylary iki-ikiden toparlara böldi. Harriniň ýoldaşy edilip Simus
Finnigan bellenildi (Newiliň özünden gözüni aýyrmandygyndan habarly Harri muňa
diýseň begendi). Ron bolsa Germiona Greýnjer bilen işleşmeli boldy. Ýöne muňa
haýsysynyň has gaharlanýandygyny welin, biler ýaly däldi. Germiona Harrä sübse
iberileni bäri olaryň ikisi bilen hem gürleşenokdy.
Adatdakysy ýaly bir topar kitaplaryň üstüne münen professor Flitwik:
— Meniň size eliňizi nähili emaý bilen gymyldatmalydygyňyz hakda
aýdanlarymy ýatdan çykarmaň — diýip aldygyna gaýtalaýardy. — Galgatmaly hem
çalaja degirmeli, galgatmaly hem çalaja degirmeli. Jadyly sözleriň dogry aýdylmagy
hem hökmanydyr. «F» sesiniň deregine «s» diýip, üsti öküzli özüne gelen Jadygöý
Baruffiýo hakda aýdanlarymy hiç haçan ýatdan çykarmaň.
Ýelegi uçurmak diýseň kyn boldy. Harri bilen Simusyň mugallymyň aýdyşy
ýaly, taýajyklaryny galgadandyklaryna hem çalaja degrendiklerine garamazdan,
howada galgamaly ýelek stoluň üstünden gymyldaman ýatyrdy. Ahyry takady
ýetmän taýajygy bilen dürten Simus ýelegi ýakyp goýberdi. Harri ony kellesindäki
papagy bilen öçürmeli boldy.
Gapdalky stolda oturan Ronuň hem işi oňuna däldi.
151
— Wingardium Lewioza — diýip batly gygyryp, ol ullakan ellerini edil ýel
degirmeni ýaly eýläk-beýläk galgadýardy.
Harri Germionanyň:
— Sen ýalňyş aýdýaň — diýip pyşyrdandygyny eşitdi. — Wing-gar-dium
Lewi-o-za bolmaly, «gar» bognuny mylaýymrak hem süýndüribräk aýtjak bol.
Ron:
— Beýle akylly bolýan bolsaň özüň aýdaý — diýip hüňürdedi.
Ýektaýynyň ýeňini epleşdirip, elindäki taýajygyny galgadan Germionanyň:
— Wingardium Lewioza — diýenine mähetdel, ýelek ýokaryk göterildi-de,
dört metr çemesi beýiklikde saklandy.
— Berekella! — diýip, professor Flitwik çapak çaldy. — Ähliňiz üns beriň!
Hanym Germiona bu işiň hötdesinden gelmegi başardy.
Ders gutaran wagty Ron düýbünden keýpsizdi. Ol Harri bilen okuwçylardan
ýaňa hyryn-dykyn okuw otagyndan çykyp barşyna:
— Hiç kimiň ony halamaýandygyny geňem görmeli däl. Ol eýmenç
düýşdenem beter, ynanaý — diýdi.
Hümerlenişip duran okuwçylaryň deňinden geçip barýarkalar, kimdir biri
Harrini kakyp geçdi. Bu Germionady. Ýüzüne seredip ýetişen Harri onuň
aglaýandygyny görüp birhili boldy.
— Aýdanlaryňy eşiden bolaýmasa.
— Eşidende näme?! — diýip, Ron arkaýynlyga salan hem bolsa, onuň
birahatlanandygy bildirip durdy.
— Hiç hili dostunyň ýokdugyny özem bilýändir-le.
Germiona indiki derse gelmedi, ol uzynly gün görünmedi diýen ýaly. Hellowin
baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Uly Jaýa barýarkalar,
Harridir Ron Parwati Patiliň jorasy Lawendera Germionanyň gyzlaryň
hajathanasynda aglap oturandygy, hiç kim bilen gürleşesi gelmeýändigi hakda aýdyp
berdi. Onuň bu sözlerine Ron özüni başda oňaýsyz duýan hem bolsa, olaryň Hellowin
baýramçylygy mynasybetli kaşaň bezelen Uly Jaýa girmegi bilen Germiona hakdaky
pikirleriň ählisi ýatdan çykdy.
152
Müňlerçe ýarganatlar diwardyr üçegiň aralygynda eýläk-beýläk uçuşyp ýören
bolsa, ýene şonçasy edil gara bulutlar ýaly, stollaryň depesinde aýlanyşýardylar. Her
dürli datly naharlardyr içgiler edil täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanyp
geçirilen çäredäki ýaly duýdansyz peýda boldy.
Harriniň gaýnadylan ýeralmasyna elini uzadanam şoldy welin, gapyny giňden
açan bulam-bujar selleli, solgun ýüzli professor Kwirrel alňasap içerik girdi.
— Trol... ýerzeminde... siz bilmelimikäňiz diýdim — diýip, özünden giden
professor Kwirrele hemmeler aňkarylyp galdylar.
Birden hem Uly Jaýyň içinde okuwçylaryň gykylyk sesi ýaňlanyp gitdi. Olary
köşeşdirmek üçin taýagynyň ujundan birnäçe gezek gyrmyzy ýagtylyklary
goýbermeli bolan professor Dambldor:
— Toparbaşylar! — diýip, sesini beýgeldip gepledi.
— Her kim öz öýüniň okuwçylaryny umumy ýaşaýyş jaýlaryna äkitsin.
Dambldor bu sözleri aýdan badyna, olaryň ýanynda Persi peýda boldy.
Ol:
— Meniň yzyma düşüň! Birinji ýyl okuwçylary, ähliňiz bir ýere jemleniň! Eger
diýenimi etseňiz, troldan size zyýan ýetmez. Maňa ýakyn duruň! Birinji ýyl
okuwçylaryna ýol beriň. Bagyşlaň, men toparbaşy! — diýip çasly gygyrdy.
Persiniň yzyna düşüp, basgançakdan ýokaryk galyp baryşlaryna Harri:
— Trol içerik nädip girdikä? — diýdi.
Ron:
— Bilemok. Aslynda olar körzehin bolýarlar — diýip jogap berdi. — Belki,
Piws Hellowin degişmesi hökmünde ony içerik goýberendir.
Olar başga tarapa barýan okuwçylaryň deňine ýetdiler. Griffindorlylar
hümerlenişip duran Hafflpafflylaryň aralygyndan geçmek üçin başagaý bolup
durkalar, Harri Ronuň elinden tutdy.
— Şu wagt ýadyma düşdi. Germiona!
— Hä, Germiona näme bolupdyr?
— Ol trol hakda hiç zat bilenok ahyryn.
153
Ron hyrçyny dişledi.
— Bolýar, ýöne Persi bizi görmese gowy bolar.
Olar egildiler-de, başga tarapa barýan Hafflpafflylara goşulyşdylar. Soňra hiç
kime bildirmän adamsyz dälize sowlup, gyzlaryň hajathanasyna tarap ylgadylar.
Olaryň dälizden sowlanam şoldy welin, arka tarapdan kimdir biriniň aýak sesi
eşidildi.
— Persi — diýip, içini çeken Ron Harrini daşdan ýasalan heýkeliň arkasyna
çekdi.
Olar duran ýerlerinden yşyklap, aýak sesleriniň Persiniňki däl-de,
Sneýpiňkidigine göz ýetirdiler. Ol dälizi kesip geçdi-de, gözden gaýyp boldy.
Harri:
— Ol bu ýerde näme işläp ýörkä? — diýip pyşyrdady. — Näme üçin beýleki
mugallymlar bilen ýerzemine gitmedikä?
— Aňsadrak sorag bersene!
Olar ýuwaşlyk bilen Sneýpiň giden tarapyna süýşdüler.
Harri:
— Üçünji gata barýar — diýdi.
Ýöne Ron:
— Ys alýaňmy? — diýip, onuň elinden tutdy.
Harri ysyrgandy, köne joraplaryňdyr köpden bäri arassalanmadyk umumy
hajathananyňka meňzeş ýakymsyz ys onuň burnuna haplap urdy. Birdenem arryldy
sesi bilen äpet aýaklaryň tarpyldysy eşidildi. Ron geçelgäniň soňuna, çep tarapa
seredip, Harrä ümledi. Äpet bir zat olara tarap golaýlaşyp gelýärdi. Harridir Ron
garaňka duwlanyp, bu gelýän mähnet mahlugyň Aýyň ýagtysyna, göze görnerine
garaşyp başladylar.
Geçelgede peýda bolan nägehanyň görnüşi elhençdi. Onuň öçügsi çal derisi,
äpet lokga bedeni, kokosa meňzäp duran kel kellesi, eliniň uzynlygyndan ýaňa süýräp
gelýän uly, gödeňsi agaç degenekli taýagy bardy. Gatap daşa dönen büdür-südür
dabanly gysga aýaklary bolsa agaç töňňesine meňzäp durdy.
154
Gapynyň öňünde saklanyp, otaga göz aýlan trol kiçijik beýnisini işledip,
ullakan gulaklaryny ýokaryk galdyrdy-da, ýuwaşlyk bilen içerik girdi.
Harri:
— Gapynyň açary bar ýaly-la — diýip pyşyrdady.
— Daşyndan gulplab-a bilerdik.
— Gowy pikir — diýip, Ron aljyraňňy gepledi.
Agyzlary gurap giden Rondur Harri troluň otagdan çykmazlygyny dileg edip,
ýuwaşlyk bilen, açyk gapynyň golaýyna bardylar. Harri çalasynlyk bilen açary eline
aldy-da, gapyny patladyp ýapyp, daşyndan gulplady.
— Ur-ra!
Işleri oňuna bolan iki dost begenip, yzlaryna gaýtdylar. Ýöne olaryň geçelgäniň
soňuna ýetenlerem şoldy welin, ýüreklerini ýarara getiren çirkin sesi eşitdiler. Bu
çirkin, gorkuly ses ýaňyja gapysyny gulplan otaglaryndan gelýärdi.
Ganly Baronyňky ýaly ýüzünde reňk-pet galmadyk Ron:
— Wah, bolmady — diýdi.
— Bu gyzlaryň hajathanasy ahyryn — diýip, Harri içini çekdi.
Hernäçe islemeseler-de, alaçsyz yzlaryna dolanan Ron we Harri gapa
ýakynlaşyp, ýuwaşlyk bilen açary towladylar. Bat bilen gapyny açyp, kürsäp içerik
girdiler.
Germiona gabat garşydaky diwaryň öňünde gorkudan ýaňa ysgynsyz halda
ýygrylyp oturan bolsa, trol elindäki degenekli taýagy bilen diwara berkidilen
nowajyklary ýykyşdyryp, oňa ýakynlaşýardy.
Näme etjegini bilmedik Harri Rona:
— Onuň ünsüni sow! — diýip gygyrdy-da, ýerde ýatan gyranty galdyryp, ony
bar güýji bilen diwara tarap zyňdy.
Germionadan birki ädim bärde saklanan trol gözlerini açalak-ýumalak edip,
gohuň gelýän tarapyna seretdi. Onuň kiçijik gaharly gözleri Harride eglendi. Trol
başda säginen ýaly etdi, soňam elindäki degenekli taýagyny galdyryp, Harrä tarap
ýöräp başlady.
155
Otagyň beýleki burçunda duran Ron:
— Eý, paňkelle! — diýip gygyrdy-da, elindäki demir turbany oňa tarap batly
zyňyp goýberdi. Trol egnine degen turbanyň zarbyny duýmadyk hem bolsa, Ronuň
sesini eşidipdi. Ol bigelşik tumşugyny Rona tarap öwürdi. Bu bolsa Harrä
Germionanyň golaýyna barmaga mümkinçilik berdi.
Harri:
— Bol, gaç, gaç — diýip, gyzy çykalga tarap çekdi, ýöne gorkudan ýaňa burça
gysylyp oturan Germiona gymyldaýynam diýmedi.
Gykylyk sesleri troluň halys gaharyny getiren bolmaly, ol gazaply arlady-da,
özüne has ýakyn duran, gaçara ýeri bolmadyk Ronuň üstüne ýöneldi.
Birdenem Harri hem mertlik, hem akmaklyk saýyljak hereket etdi. Harrä
ýokaryk böküp, bar güýji bilen troluň boýnundan ýapyşmak başartdy. Trol ýaly
akmak jandar boýnundan biriniň aslyşyp durandygyny duýmasa-da, burnuna sokulan
taýagyň agyrysyny welin duýdy. Harri bökende taýajygy elindedi. Taýajyk bolsa göni
troluň burnuna giripdi.
Agyrysyna çydaman uwlan trol demigip hem titräp başlady. Özüni islendik
wagty zyňyp, elindäki degenekli taýagy bilen mynjyradyp biljekdigine aňry ýany
bilen gözi ýetip duran Harri janhowluna troluň boýnundan has berk ýapyşdy.
Germiona bolsa gorkusyna emedekläp başlady.
Näme etjegini bilmän taýajygyny çykaran Ron, agzyna gelen ilkinji jadyly
sözleri aýdyp goýberdi:
— Wingardium Lewioza!
Onuň bu sözleri aýdanyna mähetdel degenekli taýak troluň elinden sypyp,
ýokaryk göterildi. Soňra zarp bilen aşak inip, eýesiniň kellesine uruldy. Trol taýagyň
degen ýerini tutup, tutuş otagy sarsdyran güpürdi bilen ýüzin ýykyldy.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
  • Büleklär
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3735
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1866
    35.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3727
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1928
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1881
    34.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3700
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1964
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3710
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1910
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3703
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1819
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3655
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1922
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1996
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3637
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1875
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3621
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1874
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3746
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1894
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3690
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1870
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3637
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1883
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3697
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1937
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3681
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1899
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3826
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1890
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 2132
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1258
    37.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.