Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07

Süzlärneñ gomumi sanı 3655
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1922
32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
— Bilýäňmi, şu Skabbersiň murtjagazlarynyň ujy biraz saralan ýaly — diýip,
Harri gürrüňi başga ýana sowmak isledi. — Onsoň, okuwy gutaran doganlaryň näme
işleýärler?
Harriniň jadygöýleriň okuwy gutaransoň, näme bilen meşgullanýandyklary
hakda köpden bäri bilesi gelýärdi.
— Çarli Rumyniýada aždarhalary öwrenýär. Bil bolsa Afrikada Gringotlylar
üçin bir zatlar-a edýär. Ýogsa-da, Gringotda bolup geçen soňky wakalar hakynda
eşitdiňmi? Bu barada «Deýli Profet» gazetinde habar berildi, ýöne sen magllar bilen
ýaşap, ol gazetden edinibem bilýän dälsiň. Kimdir biri ýokary derejede goragly
seýfden ogurlyk etmäge synanyşypdyr.
Oňa aňkarylyp sereden Harri:
— Şeýlemi? Ogrulara näme bolupdyr? — diýip sorady.
— Hiç zadam bolmandyr. Şonuň üçin bu ogurlyk uly goh turuzdy-da. Olary
tutup bilmändirler. Kakam-a munuň aňyrsynda güýçli gara jadygöýiň eli bardyr
diýýär. Yiten zat ýok öýdýän, bu bolsa gaty geň. Şunuň ýaly wakalar bolup geçende,
aňyrsynda Ady tutulmaýan bardyr öýdüp hemme kişi gorkýar.
Bu täzelikler Harrini oýlanmaga mejbur etdi. Onuň her gezek Ady tutulmaýan
agzalanda näme üçindir ini tikenekläp gidýärdi. Bu onuň jadygöýlik dünýäsine ýaňy
aýak basanlygyndan bolmagy-da mümkin. Ýöne Woldemort diýlip onuň hakyky ady
tutulsa, has oňaýly bolaýjak ýalydy.
Ron:
— Sen haýsy kwiddiç toparyny gowy görýäň? — diýip sorady.
— E-e, men-ä hijisinem bilemok — diýip, Harri boýun aldy.
— Bu oýnuň dünýädäki iň bir gowy oýundygyna bahym senem göz ýetirersiň
— diýip, Ron oýunda ulanylýan dört top, oýunçylaryň durmaly ýerleri, doganlary
bilen bilelikde görmäge giden ady belli oýunlary, pul tapsa satyn almak isleýän
sübsesi barada aýdyp berdi. Onuň Harrä ýaňy bir oýnuň tärlerini düşündirip başlanam
şoldy welin, kupäniň gapysy ýene açyldy.
Ýöne bu gezek gapyny açanlar gurbagasyny ýitiren Newil bilen Germiona
Greýnjer däldi. Içerik üç sany oglan girdi. Olaryň biriniň hanym Melkiniň dükanynda
94
gürrüňdeş bolan solgun ýüzli oglandygyny Harri gören badyna tanady. Ol bu gezek
Harrä gyýarak aýlanyp gidýän köçedäki bolşundan has gyzyklanma bilen seredýärdi.
— Aýdylýan dogrumyka? Otludakylaryň ählisi Harri Potteriň şu kupede
oturandygyny aýdýar. Diýmek, şol sen-dä?! — diýip, ol Harriniň ýüzüne çiňerilip
seretdi.
— Hawa, men — diýen Harri onuň iki gapdalynda edil goragçylary ýaly bolup
duran daýaw, ýüzleri gaty gaharly görünýän oglanlara seretdi.
Onuň nirä seredýändigini gören solgun ýüzli oglan:
— Bu Krab, bu bolsa Goýl — diýdi. — Meniň adym Malfoý, Drako Malfoý.
Onuň bu sözlerine Ron pyňkyryp goýberdi. Drako Malfoý onuň ýüzüne
gaharly seretdi.
— Adymy gülkünç görýäňmi? Seň kimdigiň-ä sorabam oturjak däl. Kakam
maňa Wizlileriň ählisiniň çypar saçlydygyny, ýüzleriniň meneklidigini, ekläp
bilmeýän bir topar çagalarynyň bardygyny aýdypdy.
Soň ol Harrä seretdi.

Sen
bahym
jadygöý
maşgalalarynyň
hem
biri-birlerinden
tapawutlanýandygyna göz ýetirersiň. Özüňe ýalňyş dostlary edinmek islemersiň diýip
umyt edýän. Bu meselede men saňa kömek edip bilerdim — diýip, ol elini uzatdy.
— Dostlaşmak üçin kimiň gowudygyny ýa gowy däldigini meniň özüm bilerin.
Sag bol! — diýip jogap gaýtaran Harri onuň elini gysmady.
Ýüzi gyzarmasa-da, ýaňaklaryna melewşe reňk çaýylan Drako Malfoý:
— Men seň ýeriňde gaty seresap bolardym, Potter — diýip arkaýyn gepledi. —
Biraz salykatlylygyňy saklamasaň, eneň-ataň yzyna eýermeli bolarsyň. Olaram edil
seň ýaly, özleri üçin nämäniň gowudygyny bilmändiler. Wizliler hem Hagrid ýaly
akmak kişiler bilen tirkeşseň, olaryň akmaklygy saňa-da geçer.
Onuň bu sözlerine Ron bilen Harri tarsa ýerinden galdylar.
Ýüzi edil saçy ýaly çym gyzyl bolan Ron:
— Ýaňky aýdanlaryňy ýene bir gezek gaýtala hany — diýip gaharly gepledi.
95
— O-o-o, bular biziň bilen uruşmakçy bolýan ýaly-la? — diýip, Malfoý
göwnüýetmezçilikli ýylgyrdy.
Özlerinden iki esse daýaw Krabdyr Goýldan heder etmän durmasa-da, Harri:
— Häziriň özünde şu ýerden gitmeseňiz... — diýip, batyrgaý gürledi.
— Ýöne biziň-ä entek gidesimiz gelenok, şeýle dälmi, oglanlar?! Biz ähli
süýji-kökelerimizi iýip gutardyk welin, sizde entegem biraz galan ýaly-la.
Ronuň gurbaga şokoladyna elini uzadan Goýly saklajak bolup öňe süýşenem
şoldy welin, ol çirkin gygyrdy.
Skabbers Goýluň barmagyndan kiçijik dişlerini berk geçirip, ony goýbermän
aslyşyp durdy. Goýl barmagyndaky syçan bilen iki ýana towlanyp başlanda
Malfoýdyr Krab gorkup, yza çekildiler. Ahyry Skabbersiň sypyp, aýna patlap
degenine mähetdel, olaryň üçüsi üç ýerden ylgaşlap, gygyryşyp gaçyp gitdiler. Olar
süýjüleriň arasynda başga-da syçan bardyr öýden bolarly.
Olaryň yz ýany bilen içerik giren Germiona Greýnjer kupäniň içinde dargap
ýatan süýji gabyklaryny görüp:
— Näme boldy? — diýip sorady.
— Ol almytyny aldy — diýip, Ron syçanyň guýrugyndan tutup, ýokaryk
galdyrdy.
Soň Skabbersi ünsli synlady-da:
— Aý, ýok, ynanar ýaly däl, ol ýene uka gidipdir — diýdi.
Syçan, hakykatdan, hem süýji ukuda ýatyrdy.
Ron:
— Sen Malfoýa öňem gabat gelipmidiň? — diýdi.
Harri gyýarak aýlanyp gidýän darajyk köçede
Malfoýa nädip duşandygy hakda oňa aýdyp berdi.
— Men olaryň maşgalasy barada gaty köp zat eşitdim. Ady tutulmaýan ýitirim
bolansoň, biziň tarapymyza geçenleriň ilkinjisimiş. Adamlar olaryň jadylanandygyny
aýdýar welin, kakam-a ynananok. Ol: «Malfoýyň kakasy gara güýji jadysyzam kabul
etjek adamlardan» diýýär — diýip, Ron Malfoýyň maşgalasy barada gürrüň berdi.
96
Soň ol Germiona seretdi.
— Sen bu ýerde näme işleýäň?
— Siz bahym eşikleriňizi çalşyrsaňyz gowy bolar. Men şu wagt sürüjiniň
ýanyndan gelýän. Ol biziň ýetip gelýändigimizi aýtdy. Siz näme uruşdyňyzmy? Eger
urşan bolsaňyz, mekdebe ýetmänkäk, başyňyza bela satyn alarsyňyz.
— Biz däl-de, Skabbers uruşdy — diýip, Ron gaharly seretdi. — Belki,
eşigimizi çalşyrýançak, daşyna çykarsyň, hä?
— Bolýar, men okuwçylar eýläk-beýläk ylgaşyp, özlerini edil çaga ýaly alyp
baransoňlar, bärik geläýdim — diýip, Germiona hondan bärsiräp gepledi. —
Onsoňam burnuňda hapa bardygyndan habaryň barmy?!
Ron kupeden çykan Germiona gaşyny çytyp seretdi. Harri penjireden daşaryny
synlady. Howa eýýäm garaňkyrapdyr. Ýöne muňa garamazdan, şapagyň gyrmyzy
ýagtysyna tokaýlygy, daglary aç-açan saýgaryp bolýardy. Otlynyň tizligi kemkemden ýuwaşap başlady.
Ron bilen Harri jemperlerini çykaryp, uzyn gara ýektaýlaryny geýdiler.
Ronuňky özüne biraz gysga bolansoň, ýektaýynyň aşagyndan balagy gömüp durdy.
Şol wagt: «Bäş minutdan Hogwartsa ýetýäs. Goşlaryňyzy otluda goýup
gitmegiňizi haýyş edýäs. Olar mekdebe aýratynlykda äkidiler» diýen kimdir biriniň
sesi otlynyň içinde ýaňlanyp gitdi.
Aljyraňňylygyndan ýaňa Harriniň içi towlap başlan bolsa, Ronuň menekli ýüzi
diýseň solgun göründi. Olar galanja süýjülerini jübülerine dykyşdyryp, dälizde üýşüp
duran okuwçylara goşulyşdylar.
Badyny gowşadan otly ahyry saklandy. Okuwçylar gapynyň agzyna dyklyşyp,
kiçijik, garaňky platforma düşüp başladylar. Harriniň gijäniň salkyn howasyna ini
tikenekläp gitdi. Birden olaryň depesinde iki ýana yranyp duran çyra peýda boldy.
Şol pursat Harri özüne tanyş sesi eşitdi.
— Birinji ýyl okuwçylary bärik süýşüň. Ýagdaýlaryň gowumy, Harri?
Deňiz ýaly owsun atyp duran sansyz-sajaksyz kelleleriň üstünden Hagridiň
ýylgyryp duran tüýlek ýüzi göründi.
— Hany, boluň, meň yzyma düşüň! Başga-da birinji ýyl okuwçylary barmy?
Seresap ýöräň. Birinji ýyl okuwçylary, meň yzyma düşüň!
97
Olar südenekleşip ýokarlygyna gidýän ýodajygy yzarlap, Hagridiň yzy bilen
ýöräp başladylar. Ýodajygyň iki tarapy şeýle bir garaňkydy welin, Harri öz
ýanyndan: «Bu ýerlerde gür agaçlar ösýän bolaýmasa» diýip pikirlendi. Gurbagasyny
ýitirip ýören Newiliň kämahal burnuny çekişi eşidilýär diýäýmeseň, hiç kimden ses
çykanokdy.
— Siz häzir ömrüňizde ilkinji gezek Hogwartsy görersiňiz — diýip, Hagrid
egnaşyr gepledi. — Ynha, şu ýerden öwrüm etsek bolany.
Şol pursat hemmeler «Hiýh-de-hiýh!» bolşup içlerini çekdiler.
Birden darajyk ýoda ullakan gara kölüň kenaryna çykdy. Kölüň beýleki
tarapyndaky beýik dagyň depesinde, ýagty penjireleri asmanda ýalpyldaşýan
ýyldyzlardan hiç hili tapawudy bolmadyk köşk seleňläp gömüp durdy.
— Bir gaýyga dört adamdan artyk münmeli däldir — diýip, Hagrid kölüň
ýakasyndaky gaýyklara elini uzadyp aýtdy.
Harridir Ronuň ýerleşen gaýygyna Germionadyr Newil hem mündi.
Ýeke özi bir gaýygy eýelän Hagridiň:
— Hemmeler gaýyga mündülermi? Bolýar onda, öňe! — diýip, gygyranyna
mähetdel gaýyklaryň ählisi birden aýna ýaly dup-dury suwuň ýüzünde hereket edip
başladylar.
Kellelerini ýokaryk galdyryp, köşge aňkarylyşyp seredişýän okuwçylaryň hiç
birinden hem ses çykmady. Gaýyklar daga ýakynlaşdygyça köşk olara has beýik
bolup göründi.
Birinji gaýyk daga ýetende, Hagrid:
— Kelläňizi aşak egiň — diýip gygyrdy.
Olaryň kellelerini aşak egenine mähetdel gaýyklar
leýlisaçyň şahalarynyň aňyrsynda gizlenen dag köweginiň içine yzly-yzyna
girip gitdiler. Olar ýerasty deňiz duralgasyna meňzeş kenara gelip ýetýänçäler,
köşgüň göni düýbüne eltäýmegi mümkin ýaly görünýän garaňky geçelgäniň içi bilen
ýüzdüler.
Okuwçylar düşensoň, gaýyklary gözden geçiren Hagrid:
— O-ho, sen bu ýerde näme işleýäň? Bu seň gurbagaňmy? — diýdi.
98
— Trewor! — diýip, şatlykly gygyran Newil gurbaga tarap elini uzatdy.
Soňra olar Hagridiň çyrasynyň ýagtysyna daş basgançaklar bilen ýokaryk
galyp başladylar hemde ahyrsoňy köşgüň öňündäki otluk meýdança çykdylar.
— Hemmäňiz şu ýerde dälmi?! Eý, sen, ýene gurbagaňy ýitirmediň gerek? —
diýen Hagrid äpet elini galdyrdy-da, köşgüň gapysyny üç gezek kakdy.
7-nji bap: SAÝLAÝJY PAPAK
Birden köşgüň gapysy açyldy. Gapyda gara saçly, zümerret gök ýektaýly
jadygöý aýal peýda boldy. Onuň agras ýüzüni gören Harri öz ýanyndan «Bu-la özüne
söz gaýtardýan däldir» diýip pikirlendi.
Hagrid:
— Birinji ýyl okuwçylary — diýip, yzynda hümerlenişip duran okuwçylary
görkezdi.
— Sag boluň, Hagrid! Olary özüm içerik salaryn — diýip, ol gapyny giňden
açdy. Däliziň içi şeýle bir giňdi welin, bu ýerde Darslileriň tutuş öýi hem ýerleşjekdi.
Daş diwarynyň ýüzünde edil Gringotdaky ýaly, içerini ýagtylandyryp duran
ýagtylyk beriji alawlar — maşgallar oturdylan bolsa, jaýyň ortarasynda ýokarky
gatlara äkidýän ajaýyp mermer basgançagy bardy. Üçek şeýle bir beýikdi welin, onuň
gutarýan ýeri hem gömenokdy.
Olar professor Makgonagalyň yzyna düşdüler. Harrä sag tarapdaky gapylaryň
birinden ýüzlerçe adamynyň wagyrdysy eşidildi. Mekdep okuwçylarynyň ählisi
eýýäm şol ýere ýygnanan bolmaly. Ýöne professor Makgonagal olary darajyk otaga
getirdi. Içerik giren okuwçylar töwereklerine garanjaklaşyp, biri-birlerine dykylyşyp
durdular.
— Hogwartsa hoş geldiňiz! — diýip, professor Makgonagal söze başlady. —
Täze okuw ýylyna bagyşlanyp geçirilýän dabara az salymdan başlanjakdyr. Ýöne uly
zalda ýerleriňize geçip oturmankaňyz, dürli öýlere bölünersiňiz. Bölünişik siziň üçin
wajyp pursatlaryň biridir. Haýsy öýe düşseňiz, şol ýeri hem bärde okaýan döwrüňiz
edil öz maşgalaňyz ýaly bolar. Öz öýüňizdäki okuwçylar bilen sapak geçersiňiz, öz
öýüňiziň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşarsyňyz, boş wagtlaryňyzy öz öýüňiziň umumy
otagynda geçirersiňiz. Griffindor, Hafflpaff, Rowenklow hem Slizerin atly dört sany
99
öý bolup, olaryň hersiniň öz aýratyn taryhy bardyr. Bu öýleriň dördüsinde hem öz
döwründe öňdebaryjy jadygöýler ýetişendirler. Okuwdaky başamyklaryňyz siziň
bahaňyzy artdyrar, islendik bidüzgünçiligiňiz bolsa bahaňyzy kemelder. Ýylyň
soňunda iň ýokary bahaly öý ýörite kubok bilen sylaglanar. Bu kuboga eýe bolmak
uly abraýdyr. Men siziň her biriňiz öz düşjek öýüňize uly abraý getirersiňiz diýip
umyt edýän. Öýlere bölmek çäresi ýene birki minutdan mekdebiň öňünde geçer. Oňa
çenli üst-başyňyzy oňaryşdyryň.
Professor Makgonagalyň gözi Newiliň çep gulagynyň aşagynda iliklenen
ýektaýynda, Ronuň tegmilli burnunda eglendi. Muny gören Harri çalasynlyk bilen
saçyny düzetmäge durdy.
— Sizi çagyrmaly wagty yzyňyzdan gelerin. Oňa çenli bolsa, goh-galmagalsyz
garaşyň — diýip, ol otagdan çykyp gitdi.
Harri:
— Olar nähili usul bilen bizi öýlere bölmekçikä? — diýip, Rondan sorady.
— Nähilidir bir synag arkalymyşyn. Fred: «Sizi, baý, awundyrarlar-a» diýipdi
welin, men-ä oýun etdimikä öýdýän.
Harriniň ýüregi agzyndan çykara geldi. Synag barmyş? Ýöne ol hiç hili jadyny
bilmeýän halyna, tutuş mekdebiň öňünde nähili çykyş ederkä? Ol beýle zatlara
garaşmandy. Harri aladalanyp, töweregine seredende, beýlekileriň hem özi ýaly
aljyraşyp durandygyny gördi. Haýsysyny ulanmaly boljagy hakda aladalanyp,
öwrenen ähli doga-jadylaryny ýatdan çykarmaz ýaly, pyşyrdap gaýtalaýan Germiona
Greýnjerden başga hiç kimden ses çykanokdy. Harri onuň sesini eşitmejek bolup jan
etdi. Ol mekdep mugallymynyň ötürme saçyny nähilidir bir usul bilen gök reňke
üýtgedendigi hakdaky mekdep şikaýatnamasyny Darslilere äkitmeli bolanda-da şu
wagtkysy ýaly gorkmandy. Harri gapydan gözüni aýryp bilmedi. Sebäbi professor
Makgonagal islendik wagt gelip, ony betbagtçylygyň boljak ýerine äkidip biljekdi.
Birdenem onuň tisginip gitmegine, ýeňse tarapyndaky birnäçe okuwçylaryň
bolsa çirkin gygyryşmagyna sebäp bolan bir ahwalat ýüze çykdy.
— Bu-da nämäniň?..
Harridir deň-duşlary içlerini çekdiler. Arka tarapdaky diwarda ýigrimä golaý
ruh peýda boldy. Zümerret ak keşpli, gözden ýitip barýan ýaly görünýän, birinji ýyl
okuwçylaryna üns bermän, otagyň içi bilen uçup barýan bu ruhlar öz aralarynda
100
jedelleşýän ýalydylar. Kiçijikden pökgüje, ruhana meňzeş ruhlaryň biri beýlekilere
aldygyna bir zatlar düşündirýärdi.
— Bagyşlamaly hem unutmaly. Men-ä oňa ýene bir mümkinçilik
bermelimikäk diýýän...
— Gadyrdan Fraýar! Biz şu wagta çenli Piwse geçirimlilik etmedikmi näme?!
Ol biziň ählimizi ýüzügara edýär. Onsoňam ol hakykatda ruham däl ahyryn. Meň
aýtjak bolýan zadym... siz bu ýerde näme işleýäňiz? — diýen, güberip duran epini
bolan dar balakly, boýny ýogyn žaboly ruhuň birinji ýyl okuwçylaryna birdenkä gözi
düşdi.
Olaryň hiç birinden ses çykmady.
— Täze okuwçylar — diýip, ýylgyran pökgüje Fraýar olaryň deregine jogap
berdi. — Öýlere bölünjek bolýaňyzmy?
Okuwçylaryň käbiri baş atdylar.
Fraýar:
— Siz Hafflpaff öýüne düşersiňiz diýip umyt edýän. Bilýäňizmi, bu meň okan
öýüm — diýdi.
Birdenkä:
— Tiz boluň! — diýen çasly ses ýaňlanyp gitdi.
— Öýlere bölme çäresi başlanýar.
Professor Makgonagal yzyna dolanyp gelipdi. Ruhlaryň ählisi ýeke-ýekeden
garşydaky diwara siňip, gözden gaýyp boldular.
Professor Makgonagal:
— Hany, hatara düzüliň! Meň yzymdan galmaň! — diýip, birinji ýyl
okuwçylaryna görkezme berdi.
Aýagy zordan diýenini edýän Harri täsin duýgulary başdan geçirip, hatarda
çäge reňk saçly oglanyň yzynda, Ronuň bolsa öňünde duransoň, okuwçylaryň ählisi
otagdan çykdylar hem-de ýene girelgä gaýdyp gelip, iki gatly gapydan Uly Jaýa
girdiler.
101
Harri ömründe beýle täsin, ajaýyp jaýy görmändi. Jaýyň içini howada galgap
duran müňlerçe şemler ýagtylandyrýardy. Jaýda dört sany stol bardy. Olaryň başynda
okuwçylar otyrdy. Jaýyň aňry çetinde goýlan stoluň başynda mugallymlar ýerleşipdi.
Stollaryň ählisine bezeg hökmünde altyn gap-gaçlar goýlupdyr. Professor
Makgonagal okuwçylary mugallymlaryň oturan stolunyň golaýyna getirdi. Olaryň
ýeňse tarapynda mugallymlar, gabat garşylarynda bolsa okuwçylar otyrdylar.
Özlerine garap duran nätanyş ýüzler şemleriň ýagtysyna öçügsi şöhle saçýan çyralara
meňzeýärdi. Jaýyň her ýerinde duran ruhlar kümüşsöw reňkde öwşün atýardylar.
Harri aňkarylyşyp bakýan nazarlardan nazaryny sowmak üçin ýüzüni ýokaryk
galdyranda, ýalpyldaşyp duran sansyz ýyldyzly gara mahmal üçegi gördi.
Ol Germionanyň:
— «Hogwartsyň taryhy» diýen kitapda üçegiň jady arkaly hakyky asmana
meňzedilendigi hakda okapdym — diýip pyşyrdandygyny eşitdi.
Uly Jaýyň, hakykatdan-da, üçeginiň bardygyna, bu görünýän sansyz
ýyldyzlarynyňam hakyky däldigine ynanar ýaly däldi.
Professor Makgonagal birinji ýyl okuwçylarynyň öňünde oturgyjy getirip
goýanda üçekden gözüni aýran Harri ol oturgyjyň üstünde jadygöýiň ýygyrt atyp
giden, ýüzi hapa tegmillerden doly, ujy inçelip gidýän köne papagynyň durandygyny
gördi. Petunýa daýzasy munuň ýaly papagy öýe salmaga asla rugsat bermezdi.
Harri: «Belki olar biziň bu papakdan towşan çykarmagymyzy isleýändirler»
diýip pikirlendi. Oturanlaryň ählisiniň papaga üns bilen aňkarylyşyp
seredýändiklerinden çen tutsaň, onuň çaklamasy dogry ýalydy. Harri hem beýlekiler
ýaly papaga ünsli seretdi. Jaýyň içine bir pursat ümsümlik aralaşdy. Birdenkä ýaňky
papak epilip-ýazyldy-da, etegindäki tikini hakyky agyz ýaly giňden açylyp, aýdym
aýtmaga başlady.
Eger maňa: «Bigörk» diýip baksaňyz, Ýalňyşýaňyz, size çynym aýdaýyn.
Menden has akylly papak tapsaňyz,
Söz berýärin, öz-özümi ýuwdaryn. Gazanjygňyz bolup biler tegmilli,
Papaklarňyz bolsa örän arassa.
Öýlere men bölýän, Hogwartsa belli, Özgelerden belentde men köp esse.
Men saýlaýjy papak, sözlämok çaklap,
102
Edýän pikirlerňiz başarýan duýup.
Okamaly ýerňiz aýdaryn hökman,
Şonuň üçin meni görüň siz geýip.
Eger Griffindora düşen bolsaňyz,
Mert siz, edermen siz, gahrymansyňyz,
Eger-de siz HafflpafFda galsaňyz,
Dogruçyl, wepaly, mähribansyňyz.
Düşseňiz pähimli Rowenklowa Diýmek, ylmy söýýänsiňiz ýürekden.
Zehinli kişi siz, syrdaş kitaba,
Dostlar taparsyňyz birek-birekden, Slizerinde-de bardyr çyn dostlar Her kişä,
her zada biperwaý deýin,
Gorkmaň, alyň meni, başyňyza geýiň. Ynamdar ellerde alyň siz sapak,
Ellem ýok, ýöne men akylly papak.
Papak aýdymyny tamamlan badyna hemmeler onuň öwgüsini ýetirip, çapak
çaldylar.
Papak dört stoluň dördüsiniň başyndakylara-da baş egensoň, gürlemedem,
gymyldamadam.
Ron:
— Diýmek, biz bu papagy ýöne geýip göräýmeli ekenik-dä?! — diýip,
Harriniň gulagyna pyşyrdady.
— Wah, Frede duşsam bolýar, menden gowuja almytyny alar. Ol maňa trolliler
bilen uruşmaly boljagymyzy aýdypdy.
Harri onuň bu sözlerine ýylgyrdy.
Hawa, jadyly papagy geýmek, jadygöýlik görkezmekden has ýeňildi. Ýöne olar
papagy hiç kimiň özlerine seretmeýän mahaly geýseler, nähili gowy bolardy. Bu
papak ondan göýä köp zat isleýän ýalydy. Harri şol pursatda özüni batyram duýmady,
103
akyllam. Eger papagyň ýüregi bulanýanlar üçin göz öňünde tutýan ýörite öýi bar
bolsady, onda Harri, gürrüňsiz, göni şol öýe düşerdi.
Professor Makgonagal eli uzyn kagyzly öňe çykdy.
— Kimiň adyny tutsam, şu oturgyçda oturyp, papagy kellesine geýer. Abbot
Hanna.
Ýaňaklary gyzaryp duran, çypar saçly, gulpaklyja gyzjagaz hatardan çykdy-da,
kellesine papagy geýip, oturgyjyň üstünde oturdy. Papak onuň ýüzüniň ýarysyny
diýen ýaly ýapypdy. Jaýyň içine bir pursat dymyşlyk aralaşdy.
Birdenem papak:
— Hafflpaff— diýip gygyrdy.
Sag tarapdaky stoluň başynda oturan okuwçylar HafflpafF öýüniň täze
agzasyny sykylyklaşyp, el çarpyşyp garşyladylar.
— Bownz Sýuzanna.
Papak ýene:
— Hafflpaff— diýip gygyrdy.
Sýuzanna Hannanyň gapdalyna geçip oturdy.
— But Terri.
— Rowenklow.
Bu gezek çep tarapdan ikinji stoluň başynda oturan okuwçylar el çarpyşdylar.
Rowenklowlaryň käbiri öz öýleriniň täze agzasy Terriniň elini gysmak üçin
ýerlerinden galdylar.
— Broklhörst Mendi.
Ol hem Rowenklowa düşdi. Brawn Lawnder bolsa Grifflndora düşenleriň
ilkinjisi boldy. Çep tarapdaky stoluň başynda oturan okuwçylaryň ählisi diýen ýaly el
çarpyşyp, ýerlerinden turdy. Harri olaryň arasynda Ronuň ekiz doganlarynyň pişik
ýaly myýawlaşyp durandyklaryny gördi.
Balstrad Millisent welin, Slizerine düşdi. Slizerinler hakda her dürli ýakymsyz
gürrüňler eşidendigindenem bolmagy mümkin, näme üçindir, bu öýdäki okuwçylaryň
ählisi Harriniň gözüne ýakymsyz göründi. Ol indi özüni, hakykatdan hem, oňaýsyz
104
duýup başlady. Okuwçylaryň öýlere bölünişini synlap duran Harriniň şol pursat
başlangyç mekdepde okaýarka, bedenterbiýe sapagynda toparlara bölünişleri ýadyna
düşdi. Ol elmydama iň soňkularyň biri bolup saýlanylýardy. Bu onuň başamyksyz
okuwçydygyndan däl-de, ähli kişiniň Dadlä gowy görünjek bolup şeýdýändikleri
sebäplidi.
— Finç-Felçliý Jastin.
— Hafflpaff.
Harri papagyň kämahal bir okuwçynyň haýsy öýe düşýändigini bada-bat aýtsa,
başga bir okuwçyda biraz säginýändigine üns berdi. Finnigan Simus atly saçy
altynsow reňkli oglanyň Grifflndora düşýändigi aýdylýança, ol oturgyçda bir
minutlap dagy oturmaly boldy.
— Greýnjer Germiona.
Germiona ady agzalan badyna zöwwe ýerinden galdy-da, ylgap baryp
oturgyçda oturdy we papagy garbap alyp, ony kellesine geýdi.
Papak:
— Griffindor — diýip gygyrdy.
Ron gaharly hüňürdedi.
Aljyraýan her bir adamda howsalaly pikirleriň döreýşi ýaly, Harriniň hem
aňynda gorkuly pikirler peýda boldy. Birden ol düýbünden saýlanmasa, ýa bolmasa
professor Makgonagalyň bu ýerde bir ýalňyşlygyň ýüze çykandygyny, onuň otly
bilen yzyna gaýtsa gowy boljakdygyny aýdýança, Harri ýüzüniň ýarysyny örtjek
papagy geýip birnäçe ýyllap oturmaly bolaýsa näme?!
— Newil Loňbottam — diýip, elmydama gurbagasyny ýitirip ýören oglanyň
ady agzaldy. Ýöne ol oturgyja ýetip-ýetmänkä ýüzinligine ýykyldy. Newil oturgyçda
uzak oturmaly boldy. Papagyň ahyry: «Griffindor» diýip gygyranyna mähetdel, ony
kellesinden çykarman, şol öýe degişli stola tarap gaýdan Newil soň başgaby Makdug
Moraga gowşurmak üçin gülki sesleriniň astynda yzyna dolanmaly boldy.
Gezegi ýetende oturgyçda oturan Malfoýyň kellesine degip-degmänkä
papagyň: «Slizerin» diýmegi bilen arzuwy hasyl boldy.
Ol özünden göwnühoş ýagdaýda dostlary Krabadyr Goýla goşuldy. Öýlere
bölünmeli okuwçylaryň sany indi beýle bir köp däldi. Professor Makgonagal Munuň,
105
Nottuň, Parkinsonyň, ekiz gyzlar Patilleriň, Salli Annanyň, ahyry hem Harri Potteriň
adyny tutdy.
Onuň öňe çykanyna mähetdel, oturanlaryň ählisi pyşyrdaşyp başladylar.
— «Potter» diýdimi?
— Harri Pottermi?
Papak ýüzüniň ýarysyny ýapmanka, Harri okuwçylaryň özüni synlajak bolup,
boýunlaryny süýndürip seredişýändiklerini görüp ýetişdi. Soňra onuň gözüniň öňüni
garaňkylyk gurşap aldy. Ol garaşdy.
Birdenem gulagynyň düýbünde:
— H-mm — diýen ses eşidilip gitdi. — Kyn, gaty kyn. Siz gaty gaýratly oglan
bolmaly. Ýatkeşligiňizem erbet däl. Sizde başarnyk bar. Hawa... Sizde özüňizi ykrar
etdirmäge çäksiz isleg bar. Ynha, bu diýseň gyzykly. Sizi haýsy öýde
ýerleşdirsemkäm?!
Oturgyjyň iki gyrasyny berk tutan Harri içinden:
— Slizerin bir bolmasyn, Slizerin bir bolmasyn — diýip gaýtalady.
— Slizerin bolmasyn diýýäňmi?! — diýip, papak sözüni dowam etdirdi. —
Ynamyň barmy? Sen beýik jadygöý bolup bilersiň. Ähli zat seniň kelläňde. Slizerin
beýiklige eltýän ýolda saňa kömek eder. Ýokmy? Isläňokmy? Beýle bolsa, goý onda,
Griffindor bolsun.
Harri papagyň aýdan iň soňky sözüniň jaýyň içine ýaňlanyp gidendigini eşitdi.
Papagy çykaran Harriniň aýaklary titreýärdi. Ol zordan diýen ýaly Griffindorlaryň
oturan stoluna bardy. Harri özüniň saýlanandygyna we Slizerine ýerleşdirilmändigine
şeýle bir begenýärdi welin, ol hatda özi üçin çalynýan çapaklaryň öňkülerden has
batly ýaňlanandygyna-da üns bermedi. Ekizler Wizli: «Potter bizde, Potter bizde»
diýip gygyryşsalar, toparbaşy Persi ýerinden turup, onuň elini gysdy. Ol häli hem
gören boýny ýogyn žaboly ruhuň gabat garşysynda oturdy. Onuň: «Täze öýüňe hoş
geldiň!» diýen şekilde arkasyna kakmagy Harriniň sowuk suwa çümüp çykan ýaly
inini tikenekledip gitdi.
Ol bu ýerden Baş stoluň başynda oturanlary arkaýyn synlap bilýärdi. Stoluň
çetinde oňa seredip, elini galgadan Hagrid otyrdy. Harri hem oňa ýylgyryp seretdi.
Stoluň edil ortarasynda ullakan altyn oturgyçda Albus Dambldor otyrdy. Harri onuň
106
kimdigini otluda iýen gurbaga şokoladynyň içinden çykan suratdan tanapdy. Onuň
kümüş sakgaly, edil ruhlar ýaly, ýagty saçýardy. Harriniň «Döwük gazanda» gabat
gelen, elmydama aljyraňňy görünýän professor Kwirrele gözi düşdi. Ol özüniň
ullakan gyzylymtyl sellesinde diýseň geň görünýärdi.
Pikirlerinden aýňalan Harri bary-ýogy iki okuwçynyň saýlanman galandygyny
gördi.
— Tomas Din.
Rondan has uzyn bolan bu garaýagyz oglan hem Harri ýaly Griffindor stolunyň
başyna geçip oturdy.
Törpin Liza Rowenklowa düşensoň, ýüzüniň reňki solup, gözüniň içi gögerip
giden Ronuň hem gezegi ýetdi. Harriniň stoluň aşagynda orta we süýem
barmaklaryny birleşdirenine mähetdel, papak: «Griffindor» diýip gygyrdy. Harri
beýlekiler bilen bilelikde gapdalyndaky oturgyja özüni oklan Ron üçin çapak çaldy.
Iň soňky okuwçy Zabini Blez Slizerine saýlananda, Persi Wizli: «Berekella,
Ron» diýip, jigisiniň öwgüsini ýetirdi.
Professor Makgonagal okuwçylaryň atlary ýazylgy, ýalpyldap duran kagyzy
togarlady-da, saýlaw papagyny ýygnady.
Öňündäki altyn gaba göz aýlan Harriniň açlygyndan ýaňa içi eljuk diýýärdi.
Onuň kädi süýjüsini iýeni bäri göýä birnäçe ýyl geçen ýalydy.
Ýerinden galyp, giňden gollaryny gereninden soň, Albus Dambldor,
okuwçylaryň ählisini şu ýerde görmekden başga hiç zat özüni bagtly edip bilmejek
ýaly, olara ýylgyryp seretdi.
— Hogwartsa hoş geldiňiz! Sizi täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn! Dabaramyza başlamazymyzdan ozal, birnäçe söz aýtmakçy.
Ynha-da, şol sözler: akmaklyk, geňlik, içgoş! Sag boluň! — diýdi-de, ol ýene ýerine
geçdi.
Oturanlaryň ählisi çapak çalşyp, ýylgyryşdylar. Harri bolsa güljeginem,
gülmejeginem bilmedi.
— Onuň akyly bir ýerindemi? — diýip, ol Persiden sorady.
— Ýok, ol akmak däl-de, geniý, tutuş dünýäde iň öňdebaryjy jadygöý. Ýöne
biraz dälişgerägem diýseň boljak. Ýeralmasyny iýjekmi, Harri?
107
Edil ýaňyja-da boş gap-gaçlardan başga hiç zat bolmadyk stoluň üstünde
birden dürli-dümen iýmitleriň peýda bolandygyny gören Harri agzyny açyp galdy.
Onuň öňünde gowy görýän naharlarynyň ählisi: gowrulan hem kakadylan jüýje,
doňuz, goýun etleri, byzmyklar, sygyr etinden taýýarlanan dürli naharlar, gaýnadylan
hem gowrulan ýeralma, çipsiler, ýorkşir pudingi , nohut, käşir, pomidor goýaltmasy,
narpyz kemputlary bardy.
Darsliler özüni aç saklamadyk hem bolsa, Harri hiç haçan doýa-gana
naharlanyp bilmändi. Dadli ýüregi bulansa-da, Harriniň gowy görýän naharlaryny
elinden alyp, özi iýerdi. Ol öz tabagyna burçdan başga ähli zatdan biraz guýuşdyryp,
naharlanmaga başlady.
Harriniň gowrulan eti kesişini synlap oturan žaboly ruh:
— Daşyndan gaty tagamly görünýär — diýdi.
— Sen, näme, hiç zat iýeňokmy?..
— Men eýýäm dört ýüz ýyla golaý wagt bäri hiç zat iýemok. Aslynda maňa
iýmitlenmegem zerur däl. Onda-da kämahal göwnüm isleýär-dä. Bagyşlaň, men size
özümi tanyşdyrmadymam ahyryn. Ser Nikolas dö Mimsi-Porpington hemişe siziň
hyzmatyňyza taýyn. Men Griffindor binasynyň ruhy.
Birden Ron:
— Men siziň kimdigiňizi bilýän — diýdi. — Doganlarym siz hakda aýdyp
beripdiler. Siz Kellesize Golaý Nik!
— Meni Ser Nikolas dö Mimsi diýip atlandyrsaňyz, şat bolardym — diýip, ruh
gaharly gepledi.
Ýöne çäge reňk saçly Simus Finnigan:
— Kellesize golaý diýdiňmi? Näme üçin kellesiz däl-de, kellesize golaý? —
diýip, onuň sözüni böldi.
Ser Nikolas gürrüňiň öz isleýşiçe dowam etmejegini aňan bolarly, birden
gaharlanyp:
— Ynha, şunuň üçin — diýdi-de, çep gulagyndan çekip goýberdi. Şol pursat
onuň kellesi tutuşlygyna diýen ýaly egnine agyp gitdi.
108
Kimdir bir-ä ony kellesiz goýmak isläpdir. Ýöne dolulygyna kesip aýyrmak
welin başartmandyr.
Olaryň haýran galmakdan ýaňa aňkarylyşyp galandyklaryny görüp, tüýs
ýürekden begenen Kellesize Golaý Nik kellesini gaýtadan boýnunyň üstünde
ýerleşdirdi-de:
— Flawa, täze Griffindorlar — diýip, sözüni dowam etdirdi. — Bu ýyl öýleriň
arasyndaky bäsleşikde ýeňiş gazanmaga kömek edersiňiz diýip umyt edýän.
Griffindorlar beýle uzak wagtlap ýeňişsiz galmandy. Slizerinler eýýäm bassyr alty
ýyl bäri ýeňiji bolup gelýärler. Ganly Baronyň bolşuna-da soňky döwür çydar ýaly
däl. Ol Slizerin öýüniň ruhy.
Slizerinleriň stoluna göz aýlan Harri ol ýerde gözüniň garasy bolmadyk solgun
ýüzli, tutuşlygyna kümüş gana boýalan geýimli eýmenç ruhuň edil Malfoýyň
gapdalynda oturandygyny gördi. Ruh Malfoýyň ýanynda oturandygyndan göwnühoş
bolsa-da, Malfoý öz goňşusyndan närazy görünýärdi.
— Näme üçin onuň eşigi gandan doluka? — diýip, Simus gyzyklanyp sorady.
Kellesize Golaý Nik:
— Men ondan bu barada hiç haçan soramandym
— diýip jogap berdi.
Hemmeler gamyny doýransoň, iýilmän galan naharlaryň ählisi gözden gaýyp
boldy. Stoluň üstünde başdaky ýaly ýalpyldap duran gap-gaçlardan başga hiç zat
galmady. Birsalymdan soň, olaryň öňünde her dürli tagamly buzgaýmaklar, almaly
piroglar, üç gatly tortlar, şokoladly eklerler , bally kökeler, trýufeller , ýertudana,
žele, tüwili pudingler ýaly süýji tagamlar peýda boldy.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
  • Büleklär
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3735
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1866
    35.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3727
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1928
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3761
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1881
    34.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3700
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1964
    33.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3710
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1910
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3703
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1819
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3655
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1922
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3610
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1996
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3637
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1875
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3632
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1888
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3621
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1874
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3746
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1894
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3690
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1870
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3637
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1883
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3697
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1937
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3681
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1899
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3826
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1890
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 2132
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1258
    37.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.