Latin

Hajy Bektaş Weli - 1

Süzlärneñ gomumi sanı 3579
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
27.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
39.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
ORAZ YAGMYR
HAJY BEKDAŞ WELİ
(Tanatma kitaby)
1
Hajy Bekdaş Weli XIII asyryň türkmen-türk
filosofy, beýik ynsanperwer ýazyjy hem-de alym.
Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalarynyň biri bolan
bu ynsanyň Ynsançylyk ylmynda örän çuň pelsepelere
ýeteni belli. Ynsan Hukuklarynyň Beýannamasy 1948nji ýylda kabul edilen bolsa, Hajy Bekdaş Weli o
prinsipleri, o ýörelgeleri 700 ýylrak öň aýdyp-ýazyp
gidipdir. Orta Aziýada nähak unudylan, ady nätanyş
eşidilýän bu ägirdi nesiller tanamalydyrlar. Hajy Bekdaş
Welini tananlar oňa ýürek berýär, ol biziň günlerimiziň,
gelejegimiziň Beýik Ynsany. Oňa patyşalaryň,
serkerdeleriň leşger tartyp alyp bilmedik galalaryny
gylyçsyz-gansyz, topsuz-tophanasyz alan Gahryman
diýýärler.
Nesiller şahyrlaryňky, alymlaryňky, halka hyzmat
eden Gahrymanlaryňkydyr.
2
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri
Ynjasaň-da ynjytma.
Geliň, janlar, bir bolalyň,
iri bolalyň, diri bolalyň.
Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň.
Aýal-gyzlary okadyň.
Hiç bir milleti we ynsany aýplamaň.
Her näme gözleseň, özüňden gözle.
Keramat başdadyr, o täçde däldir.
Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme.
Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol.
Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir.
Ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir.
Özüňe agyr geleni özgä ýükleme.
Gözle, tap.
Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir.
Iman bir hazynadyr.
Rahmanyň asly iman,
3
şeýtanyň asly şübhedir.
Köňül beýik bir şäherdir.
Gök aglar – ýer güler.
Jan – bossan, magryfet suwdur. Teşne bossana
suw näme edýän bolsa, magryfetem jana
şeýder.
Magryfetli köňül – Allanyň uly hazynasy we
nazargähidir.
Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman
bardyr: birinjisi – nebsewürlikdir,
ikinjisi –
ulumsylyk we egrilik, üçünjisi – ýalançylyk we
hilegärlikdir.
Döwlet – edep, akyl we gözel ahlakdyr.
Ýerde agajy dik tutýan kökdür.
Öz aýplaryny gören kişi hiç kimiň aýbyny dile
getirmeli däldir.
Döwletli kişi – janyny gaflatdan oýaran, halyny
bilen kişidir.
Akyl Aýa, magryfet Güne, ylym Ýyldyza
meňzär.
Maksada sabyr bilen ýetiler.
Aýaga galksaň, hyzmat üçin galk. Sözleşseň
hikmetli sözleş. Otursaň hormatly otur.
4
Hajy Bekdaş, XIII asyr, döwrüň keşbi
Türkmen taryhynyň öňki-soňky sahypalarynda XIII
asyr aýratyn möhüm orna eýedir.
Näme üçin?
1071-nji ýylda Beýik Soltan Alp Arslan Malazgirt
söweşinde Wizantiýa imperiýasynyň örän güýçli
ýaraglanan we sany ýüz müňden geçýän goşunyny
aljyradyp, imperator Roman Diogen IV-ni ýesir aldy. O
döwürler Wizantiýa imperiýasynyň dabarasy dag
aşýardy. Dünýäde şondan güýçli döwlet ýokdy. Onuň
howalasy hem köp-köp döwletleri, milletleri,
serkerdeleri dyza çökerýärdi. Alp Arslanyň beýikligi
diňe şeýle beýik imperiýany ýeňenliginde däl-de, eýsem
şeýle köp goşunly döwleti şeýle az goşun bilen ýeňip
bilenligindedir. Bu taýda geň galasy zat köp. Şonuň
üçin bolsa gerek, o söweşiň hakykatyna häli-häzir
müňkürlik edýänem tapylýar.
Alp Arslan şol ýeňişi bilen türk dünýäsiniň
gelejegine ägirt uly täsir etdi. Şu çaka çenli Aziýanyň
daglarynda, düzlerinde agyp-dönüp, ýeňip-eňilip, barha
ulalyp barýan türkler Ýewropanyň gapysyny açmak
üçin hut Alp Arslan öz ýeňişi bilen taryhy açar
taýýarlady. Şondan soň Anadolyda – biziň jelegaýlarda
aýdylyşy ýaly, Rumustanda seljuk-türkmen taryhy
başlandy. Bu şöhratly wakalar bolmadyk bolsa, ýagny
Alp Arslan Rumustany eýelemedik ýagdaýynda türk
dünýäsiniň takdyrynyň neneňsi boljakdygyny göz öňüne
bir getirip görüň.
Elbetde, nesibämizde rowaçlyklar bar ekeni.
5
Emma Malazgirt ýeňişinden takmyn 150–180 ýyl
geçensoň, dürli-dürli, ownuk-ownuk begliklere bölünen
Seljuk imperiýasy dargamak bilen bolýar. Ýeňşi
gazanmakdan, ony soň elde saklamagyň has kynlygy
hakda taryhy tejribe bu taýda-da tassyk bolýar.
Kosmonawtlar aýtmyşlaýyn, uçmany köpler başarar,
ýöne sag-aman gonmakda iş ba-ar.
Seljuklylaryň pese düşüşi beýleki köp-köp sebäpler
bilen birlikde ahlak sebäpleri bilen-de düşündirilýär.
Munuň üstesine mongol basybalyjylygy hem şol ýyllara
gabat gelýär.
Şeýle ahwalda galan seljuklylar bir ahwal üçin Alla
ýüz müň şükür etmelidiler –olaryň şeýle dagynyk
ýagdaýynda günbatar goňşular has güýçlenip, jemlenip,
düzedilmez zarbalar urmagy başarmadylar.
O zamanlar dini parhlara aýratyn bakylýan döwürler
ahyry. Hristian papasy musulman türkmenleriň
Anadolyda, araplaryň köp-köp ülkelerinde gutarnykly
ýerleşmegini hi-de halajakmy?! Üstesine-de yslam
dininiň baş goragçylary, esasan, türkmenlerdi. Şeýle
jygba-jygly, duşmanlar bilen gizlin deňeçerlikli, ertirki
güne umyt azalan ýyllar gelip ýetdi.
Ynha, türkmen taryhy üçin XIII asyryň aýratyn bir
asyrlygy şundan gelip çykýar.
Möwlana Jelaleddin Rumy Balhdan, Hajy Bekdaş
Nyşapurdan, Ýunus Emre, Ahy Ewren Horasanyň bir
künjeginden Anadola barýançalar Anadolynyň özünde
olaryň derejesindäki erenleriň ýetişmeýşine düşünesim
gelýär. Ýogsa, Malazgirt söweşinden soňra Orta
Aziýanyň, Kawkazyň, öňräk Azerbaýjana göçüp gelen
türkmen maşgalalary Anadola müňläp-müňläp göç
6
edipdiler ahyry. Şolar bilen bile giden ylham hem pikir
şineleri täze topraga kök ursalar-da orta derejeden
ýokary geçip bilmändirler.
Bu nämäni aňladýar?
Bu öz beýik pelsepesi, original pikirleri bilen
jemgyýeti bir ojaga bakdyryp biljek, olaryň pikirduýgularyna bir toplum sypatyny berip biljek, ýaşaýşa,
onda-da täze ýurt edinen topraklaryna baky eýedigine
umyt döretjek ruhy liderleriň ýoklugyny aňladýar. Ruhy
lideriň zerurlygy bolsa Aýdaky gara tegmil ýaly görnüp
durdy. Bu zerurlygy Möwlana Jelaleddin Rumy hem-de
onuň beýik atasy, Akyldarlaryň soltany adyny alan
Bahaeddin Weled, Nyşapuryň soltany Seýit Muhammet
Ybrahym Saniniň ogly Hajy Bekdaş, şahyrlyk joşguny
dag sili deý kuwwatly şahyr Ýunus Emre, sosialýaşaýyş meselelerini çuň öwrenen Ahy Ewren
wagtynda duýupdyrlar hem-de herekete geçipdirler.
Bu pelsepeçileriň, akyldarlaryň we şahyrlaryň öz
mekanlaryny goýup, göwünleri Rumustana telwas urup,
tüweleý deý göterilip gitmeklerini köp-köp alymlar
mongol basybalyjylaryndan gutulmak üçin gidipdirler
diýip tassyklasa-da, ýagdaý biziň ýokarda beýan
edişimiz ýalydyr diýip ynanýaryn.
Deliller nämede? Birinjiden, o asyrlaryň adamlary
ajaly kimiň berэдnligine цrдn berk ynanypdyrlar, şoňa
gцrд, ajal эeten bolsa, ondan gaзyp gutulyp
bolmajakdygyna, olar aňry эany bilen akyl эetiripdirler.
Iki mysaly эьzugra эatladyp geзeэin: mongollar
Horezmşalygynyň paэtagty Ьrgenji gabanlarynda beэik
şeэh, kubrawiэa tarykatynyň başçeşmesi Nejmeddin
Kubra hiз эana зekilmдn, gцзmдn, şol şäherde galypdyr
7
hem-de mongol serkerdesi gabawly şäherden зykyp
gitmдge Kubra ygtyэar berэдndigini aэdanda
«Kubra:¨ men ildeşlerimiň takdyrynda näme bar bolsa,
menem şony çekerin» diýip jogap beripdir.
«Oglum-Azadym» atly goşguda Döwletmämmet
Azady Magtymgulyny Owganystana ibermejek bolup:
Garakçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr,
Ölermiň, galarmyň, gitmegil, oglum!
diýende, Magtymguly:
Kast edip janymga, ýetse ajalym,
Bu ýerde hem bolsa, tapar, Azadym!
diýýär.
Ikinjiden, eger olar mongol howpundan çekilip
Rumustana giden bolsadylar, onda mongollar o ýerlere
golaýlanlarynda, olar ýene bir ýere göçerdiler. Logika
muny salgy berýär. Emma Jelaleddin Rumy hem, Hajy
Bekdaşhem, Ýunus Emre hem beýtmändirler. Ýa-da
olar: «Bizi mongol kowalap sypdyrjak däl, biz näme
bolsak bolaly. Indi çekilmeris» diýen pikire
uýdumykalar?! Men şu taýda biziň, siziň güman
etmeýän, taryhyň syry bolup galan sebäpleriňem bolup
biljekdigini hiç-hiç aradan aýyrmaýaryn.
Taryh syrsyz galmaz.Syrsyz bolsa, ol taryh däldir.
Jelaleddin
Rumy
Rumustanda
mongollar
meselesinde özboluşly, gyzykly hereket edýär.
Beýik Türkiýe taryhynyň 1-nji tomunda Ýylmaz
Öztunanyň berýän maglumatlaryna görä, türk din
adamlary, alymlary mongollara musulman bolaýjak
millet hökmünde bakypdyrlar. Bu hakykaty Möwlana
Jelaleddin Rumy hem duşundan geçirip goýbermändir.
Ynha, onuň aýdany: ―Sen tatarlardan gorkýan bolsaň,
8
Taňryny tanamaýarsyň diýmekdir. Men bolsa olara ýüz
sany iman baýdagy bilen garşy çykdym‖.
Musulmançylygy kabul eden mongol serkerdesi Gazan
Mahmyt han Rumynyň sözlerini öz hyrkasyna altyn
harplar bilen ýazdyrypdyr. Rumynyň ogly Soltan Weled
hem-de onuň ogly uly Aryf Çelebi mongol baştutanlary
tarapyndan örän uly hezzet-hormata mynasyp
bolupdyrlar. Olar mongollara gaty uly ruhy täsir
edipdirler. Rumyny düýşünde gören mongol Ilhan
Keýhatu Konýany talamakdan saklanýar. Soltan Weled
başga bir butparaz mongol serkerdesi Irenjin Noýana
musulmanlygy şeýle bir çuň düşündirýär weli, ol
musulman-a bolýar, üstesine mewlewiýa tarykatyna-da
eýeriji bolýar.
Ynha, taryhy hakykat şeýle.
Bu ruhy ýeňiş, many üstünligi bütin halka hem
oňaýly täsir edýär. Öňki butparaz goşunbaşy, indi
musulman goşunbaşy gol astyndaky musulmanlara
gazabyny, zulmuny öňküden ýumşadýar. Türkleriň we
mongollaryň birgeňsi özara düşünişmesi ýaly bir ahwal
ýüze çykýar. «Kimiň medeniýeti ýokary bolsa, ahyrda
şol ýeňýär» diýilýän hakykaty şu taýda ýatladasym
gelýär. Elbetde, medeniýet sözüne gaty agyr ýük
urulýany, gaty giň çäkler we çuňluklar berilýäni
bellidir. Gürrüňini edýän zamanamyzda yslam
medeniýetiniň, türk medeniýetiniň hem-de bu ikisiniň
üstesine Möwlana Jelaleddin Rumynyň şahsy, öz
medeniýetiniň birleşmesi ägirt güýç derejesine ýetipdir
diýip bileris. 1207–1273-nji ýyllar aralygynda ýaşap
geçen bu beýik pelsepeçi takmyn 14-15 ýaşlarynda
atasynyň yzyna düşüp Rumustana barypdyr. Birnäçe
9
şäherde ýaşanlaryndan soň o döwrüň din, ylym, sungat
merkezleriniň biri bolan Konýada ymykly mesgen
tutunypdyrlar. Şol ýyllardan hem Möwlana Jelaleddin
Rumynyň jemgyýete täsiri başlanýar, her ýyl saýy onuň
owazyna täze ynsanlar, täze ülkeler, täze ýurtlar,
hökümdarlar ýürek berýärler. Şeýdip, Anadoly
erenleriniň uly hem beýik bir kerweni düzülmäge
başlaýar. O kerweniň ýüki ylym, din-sopuçylyk
(tasawwuf) hem-de ynsan meseleleri. O kerweniň agyr
ýüki akyldan. Bilşiňiz ýaly, akyl–ony göteren başa köpköp belalar getirýän bir zat. Edil artykmaç baýlygyň
janyňy howpa düşürişi ýaly. Emma akyl we baýlyk
arasynda uly tapawutlaryň biri: baýlygy taşlap bolar,
emma aklyňy welin taşlaýyp bilmersiň. Ozaly, taşlamak
islemersiň, soňra taşlamak mümkin bolmaz.
Aklyň berýän jebri hakda iki mysal: Uly şeýhleriň
biri Şeýh Şibli asylyp öldürilen beýik sopy we akyldar
hakda şeýle diýipdir: «Hallaç bilen men aýny
pikirdedik, ýöne maňa diwanalyk ýöňkediler, şo sebäpli
sypdym, akylly bolmasy ony (Hallajy) heläk etdi».
Ýer şarynyň, planetalaryň aýlanýanlygyny aýdany
üçin Galileý jebre sezewar bolýar. Edilen sütemlere
çydaman ol öz pikirinden dönýänini aýdypdyr, emma
geplemäge dili baranda, ýene «Öňi-soňy aýlanýar-la»
diýipdir.
Bu taryhyň sahypalaryndan. Emma gündelik işinde
akyl zerarly neneňsi garşylyklar görmeli bolýandygyny
özüni tanaýan ynsanlar bilýändirler. Magtymgulynyň
aýdyşy ýaly: «Dünýäde aňlandan aňlamaz kändir». Şol
bilmez köplük akylly, bilýän azlyga garşy elmydama
hereketdedir.
10
Möwlana Jelaleddin Rumydan soň Hajy Bekdaş
Nyşapurdan Rumustana ugraýar we köp-köp
şäherlerden soň, Anadolynyň ortarasynda Suwluja
Garahöýük diýen kiçijik obada mekan tutunýar. Şol
taýdan hem ynsan köňüllerini öwrenmäge, oňa ýagşy
täsir etmäge we köňül ýumşadyp adamlary
birleşdirmäge başlaýar.
Soňra, haýsy şäherden, obadan gaýdanlygy belli
bolmasa-da, Horasandan gidenligi anyk bolan Ýunus
Emre Anadola aýak basýar. Ol türk şygrynyň gadymdan
gelýän asyl lezzetine yslam suwuny garyp halka berýär
weli, onuň şöhratynyň öňünde durjak güýç bolmaýar.
Ol sada derwüş durmuşynda ýaşaýar. Egin örtüsi bolsa,
elinde tesbisi bolsa hemem dür saçyp durka ýürekden
diňleýjisi bolsa, başga zadyň aladasyny eden adam däl.
Ynha, bu beýikleriň Rumustanda erenlik, ýaranlyk,
gamly köňüllere hemdemlik ruhy şol döwrüň
jemgyetçilik ösüşine örän uly täsir edipdir. Dini parhlar,
tapawutlar, milli özboluşlyklar, deri, dil, toprak
aýratynlyklary – ählisi ikinji derejeli zatlar. Esasy zat –
Beýik Allanyň huzurynda päk ynsanlar bolup galmak.
Şu hakykatyň jemgyetçilik aňynda gaýnap başlamagy,
kämilleşmegi, her gelen nesilde kök urmagy,
Anadolyny gutarnykly dargamakdan halas edenliginden
başga-da, eýsem gelejekki Osman imperiýasynyň
döremegine, adamzada belli taryhda iň uly we iň uzak
ýaşan imperiýa öwrülmegine sebäp boldy.
Hut ýokarky delilleri göz öňünde tutup hem,
türkmen taryhynda XIII asyryň aýratyn orny barlygyny
aýdypdyk.
11
Hajy Bekdaşyň ömri hakda
Hajy Bekdaşyň kakasyna Seýit Muhammet Ybrahym
Sani diýer ekenler. Ol Horasan soltanlygynyň soltany
bolup, edara, ylym, sungat merkezi hasaplanan paýtagt
şäheri Nyşapurda ýaşapdyr. Olaryň asly häzirki
Türkmenistanyň Bekdaş diýen ýerinden bolup, soň
Gazanjyk töwereklerine, o taýdanam Nyşapura we
Rumustana göçen Türkmenlerdendir. Seýit Muhammet
Ybraнym döwrüniň ylymly, ýokary medeniýetli, sagdyn
adamkärçilikli adamlarynyň biri bolupdyr. Ejesine
Hatme hanym diýipdirler. Ol şeýh Ahmet diýen
Nyşapurly beýik alymyň gyzy ekeni. Olaryň maşgalasy
Horezm töwereklerinden Nyşapura göçüp gelendir
diýip käbir türk alymlary çaklaýarlar. Türkmen alymy,
akademik A.Jykyew bekdaşlar diýen bir tiräniň
günbatar ýomutlaryň düzüminde barlygyny, olaryň
Gazanjyk (Bereket) töwereklerinde ýaşaýandyklaryny,
bekdaşlaryň aňyrsyny yzarlap bermegi özünden haýyş
edendiklerini aýtdy. Taryhçy K.Gurbanow hem bekdaş
sözüniň tire adylygyny, olaryň ilki günbatar
Türkmenistanda ýaşap, soňra bir böleginiň Nyşapura,
Rumustana göçendikleri hakda özünde maglumat
barlygyny aýtdy. Nohurlylaryň adam atlarynda Bekdaş
ady köp ulanylýar.
Indi Bekdaşyň ömri hakda. Bekdaş(Türkiýedäki
çeşmelerde Bektaş ýazylýar) käbir maglumatlara görä,
1209–10-njy ýylda doglup, 1270–71-nji ýylda aradan
çykypdyr, başga maglumatlara görä, 1248-nji ýylda
doglup, 1270–80-nji ýyllarda Rumustana barypdyr we
1337-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Bekdaş sözi gadymy
12
seljuklylarda ulanylan söz bolup, bile, meňzeş, deň,
mysal manysyny beripdir diýip türk alymlary ýazýarlar.
Türkmenistanda Bekdaş diýen ýer, tire, adam atlary
bar. Bek daş, ýagny berk daş ýa-da beg daş– begiň daşy,
daşlaryň begi, iň gözeli, gymmatlysy diýen manylary
bar bolmagy hem mümkin. Uly kabylalaryň özleriniň
taryhy daşy, meselem , Gülteginiň ýazgyly daşy.
Gaýylaryň daşy ýaly. Başga pikirler-de bardyr.
Ýaşajyk Bekdaş Nyşapurda örän çuň bilimlere eýe
bolupdyr. Arapçany, parsçany kitap ýazarlyk kämillikde
öwrenipdir diýip alymlar aýratyn nygtaýarlar. Bekdaşyň
berk, dogruçyl terbiýe almagynda, ylymda yzygiderli
ilerlemeginde onuň mugallymy we ýol görkezijisi –
rehberi Lokman Perende has ýakyn durýar. Ol bu
oglanyň ýöne oglan däldigine, başynda akyl-pikiriň,
üşügiň artykmaçlygyna ir göz ýetiripdir hem-de
Bekdaşdan uly işlere umyt baglapdyr. Şol irginsiz
dersler-sapaklar, edep-ekram hakda özara söhbetler
dowam edýän günleriniň bir güni Lokman Perende
Bekdaşyň sapak otagynyň gapysyny açanyna mähetdel
otagyň üýtgeşik bir nurdan doludygyny, Bekdaşyň
sagyndan bir kişi, solundan bir kişi turup, zym-zyýat
bolandygyny görüpdir. Bu ahwalaty Bekdaşdan
soranda, ol biriniň iki jahan Güneşi Muhammet
pygamberdigini, ýene biriniň bolsa Hudanyň arslany
Hezreti Alydygyny, olaryň mahal-mahal gelip, Kuran
derslerini berýändigini aýdypdyr. Şondan soň Lokman
Perende öz yhlasynyň kabul bolýandygyna begenip,
işine hasam erjel ýapyşypdyr. Taryhy maglumatlara
görä, şeýh Lokman Perende: «Dini-ylmy ýoly Hoja
Ahmet Ýasawydan öwrendim. Ýasawy meniň
13
mugallymymdyr, halypamdyr» diýipdir. Başga bir
çeşmede bolsa, Lokman Perendäniň halypasy
Muhammet Hanefidir.
Lokman Perende özüniň ruhy-psihologik hem
maddy mümkinçilikleri laýyk gelen halatynda haç
towabyny etmäge ugraýar.
Käbä ýöne gidibermelidir diýip pikir edýänlerem
bar. Käbä gitmegiň dini şertlerinden başga-da päk
ynsanlyk ahlak-wyždan borçlaryny ýerine ýetirmegem
zerurdyr ahyry.
Näme maksat bilen Käbä gidýäň?
Diňe hajy adyny edinmek üçinmi?
Ýa ony hem ilden saýlantgy görünmek üçin bir zat
hasaplaýarmyň?
Ýa il içinde alybilmedik abraýyňy Käbeden almakçy
bolýarmyň?
Hajy Bekdaş bu sowallara bir bentde örän jaýdar
jogap beripdir:
Yssylyk otdadyr, o sajda däldir,
Keramat başdadyr, o täçde däldir,
Her näme gözleseň, özüňden gözle,
Küdüsde, Mekgede, o Haçda däldir.
Ýunus Emre bu meselede özüçe oýlanýar: «Birje
köňül ýykan bolsaň, o kyldygyň namaz däldir» diýýär.
Döwletmämmet Azady:
Käbe weýran etmeden müň mertebe
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede.
Magtymguly Pyragy:
Bir ajy doýurmak Haçdyr, ýaranlar.
14
Ýokarda aýdylanlardan men şeýle many çykarýaryn,
ýagny Käbäniň mukaddesligi öz köňlüňdäki
mukaddeslikden başlanýar.
Şeýh Lokman Perende öz ýoldaşlary bilen Käbä
gidýär. Zyýaratyň bir güni ol ýoldaşlaryna: «Ýaranlar!
Şu gün-ä biziň öýmüzde pylan nahar bişýändir» diýýär
weli, Allanyň gudraty bilen bu söz Bekdaşa aýan
bolýar. Bekdaş halypasynyň öýüne barsa, aýdylýan
nahar bişýärmiş. Onsoň o nahardan bir tabaga guýup,
göz açyp-ýumasy salymda Lokman Perendä eltip
gaýdanmyş.
Soňra Lokman Perende haç borjuny bitirip öýüne
gelende, iller ony gutlamaga gelýärler. Bekdaşam
gelýär. Ol: «Hajy bolupsyňyz, gutly-mübärek bolsun!»
diýende, halypasy: «Hakyky hajy sensiň» diýip, gaýta
ony gutlapdyr hem-de töwereginde oturanlara naharly
tabak bilen bagly wakany gürrüň beripdir. Şondan soň
Bekdaş adynyň öňüne Hajy lakamy berilýär. Ol şeýdip
Hajy Bekdaş bolupdyr.
Dürli Welaýatnamalarda we Hajy Bekdaş hakdaky
ylmy işlerde Hajy Bekdaşyň keramatlary hakda
aýdylýar. Olarda rowaýat öwüşginleri-de, hakykat
däneleri-de, elbetde, o zamanalaryň pikir ýörediş
däpleri-de özüni görkezýär. Mysal üçin, Hajy Bekdaşyň
bir keramaty hakda aýdalyň. Namaz wagty bolanda
Lokman Perende Hajy Bekdaşdan täret kylmaga suw
getirmegi haýyş edipdir. Hajy Bekdaş hem: «Bir nazar
salsaňyz, suw şu taýdan akyp geçäýse» diýipdir. Muňa
geň galan halypasy: «Beýle keramata mende güýç ýok»
diýipdir. Ana, şo mahal Hajy Bekdaş gol göterip
15
Alladan dileg edipdir. Lokman Perende hem «Omyn»
diýenden suw akyp başlapdyr.
Başga bir gezekde erenler Lokman Perendäňkä
gelenlerinde Hajy Bekdaşyň gudratlaryny görýärler,
Lokman Perende hem onuň köp-köp keramatlary hakda
söhbet edýär. Diňleýjiler gaty geň galýarlar. Şo pursatda
Hajy Bekdaşyň özi peýda bolýar. Ol: «Bu zatlary
menden geň görmäň. Men Hezreti Alynyň
neslindendirin. Alladan maňa nesip edendir-dä» diýýär.
Oturanlar: «Muňa şaýatlyk etjek bir belligiň
barmydyr?» diýip soranlarynda, ol eliniň aýasyndaky
we alnyndaky ýaşyl meňleri görkezipdir.
Ýene bir pursatda Horasan erenleri Hajy Bekdaşdan:
‖Piriň kimdir?‖ diýip sorapdyrlar. Ol: Kim künji
ýapragynyň üstüne namazlyk ýazyp namaz okasa, şony
öz piri hasaplajagyny aýdypdyr. Olaryň hiç biri hem bu
işi başarmajagyny aýdypdyrlar-da: ―Özüň başararmyň?‖
diýip sorapdyrlar. Hajy Bekdaş olaryň gözüniň alnynda
künji ýapragynyň üstüne namazlyk ýazyp namaz
okapdyr weli, erenleriň ählisi, şol sanda Lokman
Perende hem başlaryndan telpegini çykarypdyrlar. Hajy
Bekdaş olara minnetdarlyk bildiripdir. Şondan soň Hajy
Bekdaşyň beýikligine göz ýetiripdirler we oňa aýratyn
hormat goýupdyrlar. (Bu aýdylanlar beýik alym
F.Köprüliniň «Türk edebiýatynda ilkinji mutasawwyflar» Ank. 1991. diýen kitabyndan alyndy.)
Hajy Bekdaşyň keramatlary hakda uly il habardar
bolansoň, oňa Weli derejesini beripdirler. Onsoň ol
Hajy Bekdaş Weli diýlip atlandyrylypdyr. Türk
çeşmelerinde, şeýle hem arapçadan, parsçadan türkçä
16
terjimeleriň ählisinde onuň ady Hajy Bekdaş (Bektaş)
Weli diýlip tutulýar.
Hajy Bekdaş Welä bu abraýlar, bu şöhratlar gelip
ugranda, onuň kakasy, Horasanda näçe ýyllar soltanlyk
süren Seýit Muhammet Ybrahym sani o dünýä ýola
düşýär. Horasana soltan bolmagy Hajy Bekdaş Welä
teklip edýärler. Ol bu teklibi kabul etmeýär we soltan
täjini dogany Hasana geýdirmegi maslahat berýär.
Hasan Horasana soltanlyk hökmüni ýöredip başlaýar.
Hajy Bekdaş Weli bolsa, öz ylmy bilen boluberýär.
Emma uzak ýyllardan bäri köňlüniň atygsap duran ýeri
bolan Rumustan oňa rahatlyk bermeýär. Ahyry, sähetli
günleriň birinde Menteşdiýen dogany bilen ýüzüni
Rumustana tutup Nyşapurdan çykýarlar. Olaryň haýsy
aýda, näçenji ýylda gidenleri anyk däl, başga kimleriň
barlygy hem belli däl. Olaryň Nyşapury iň soňky gezek
görýändikleri welin taryhy çeşmelerde ikuçsyz
aýdylýar.
Hajy Bekdaş Weliniň we Menteşiň giden wagtynda
beýik halypa we mährem ynsan, şeýh Lokman
Perendäniň ykbaly neneň bolduka? Ýa o döwre çenli
amanadyny tabşyraýdymyka, biçäre? Bu sowallar,
häzirlikçe, taryhyň syrly sahypalarynda gizlenýär. Ýöne
Lokman Perende ady bilen Hyratda bir öwlüýä
barlygyny, şo ýere hormatly adamlaryň köp
jaýlanandygyny
alymlar
gadymy
ýazgylardan
kesgitläpdirler. Emma o Lokman Perendemi, ýa başga
bir atdaşymy?! Bu sowalam jogapsyz galýar.
Olar Nyşapurdan çykyp, bir maglumatda, Nejep,
Mekge, Medine, Küdüs, Halap, Elbistan, Siwas,
Kyrşehir, Kaýseri we iň soňunda-da kiçijik bir oba
17
bolan Suwluja Garahöýük diýen ýere gelýärler hem-de
şol ýerde hemişelik düşleýärler. Dogany Menteş bilen
birlikde şeýh Baba Ylýasyňkyda myhman bolýarlar.
Baba Ylýas hem uly sopy hem-de şeýh Dede Garkynyň
şägirdi. Olar gönüden-göni Türkmen kabylasyndan.
Üstesine-de, Hajy Bekdaş Weli bile Menteşiň, ozaly
bilen, Baba Ylýasyňka barmaklaryndan köp many
çykarýarlar. Olar öň tanyş, bir şäherden, bir kabyladan
ýa-da şuňa meňzeş bir sebäpler bolup biler. Soňra
Menteş yza gaýdýar, emma Siwasa gelende ajaly ýetip
ýogalýar. Hajy Bekdaş Weliniň Rumustana gidişi hakda
başga bir maglumata görä, ol Mekgä baryp, üç ýyllap
müjewirligem edipdir.
Rowaýatlaryň birinde Türküstandan erenleriň biri
tut taýajygyny Anadola baka uçuryp goýberenmiş.
Soňra şol tut taýajygy Suwluja Garahöýük diýen oba
düşüp, kök uranmyş. Hajy Bekdaş Weli hem şol agajy
tapyp, şol ýerde mesgen tutanmyş.
Dogrudanam, Hajy Bekdaş Weliniň mawzoleýiniň
ýerleşýän meýdanynda örän garry, şahalary şahalara
çatyşyp giden, elýeterdäki şahalaryna-da, edil Orta
Aziýa öwlüýälerinde edilişi ýaly, ak esgiler daňylan bir
epeý tut şu mahalam dur. Muny öz gözlerim bilen
gördüm. Rowaýaty bir ýana goýup, şu taýda gögeren
tuduň bu mukaddes bir ynsany, örän beýik bir alymy
görenini görmänini bilesim gelip, o gojaman tuda uzak
bakdym durdum. Tutdan owaz çykmady. Bu geçen
asyrlar onuň dillerini lal edene çemli.
Alymlar tutly meseläni agzanlarynda o tudy simwol
hökmünde görýändiklerini ýazýarlar. Miwe bermek,
onda-da ýumşak miwe bermek. Ýapragyndan ýüpek
18
döremek. Ýüpegi ýumşaklygyň, mylaýymlygyň we
mylakatlylygyň aňladyjysy hasaplaýarlar. Ýüpek ýaly
ýumşak adam, ýüpek ýaly ýumşak saçly, ýüpek ýaly
göwünli diýen söz düzümleri hem ýokarky pikirimiziň
tassyklamasydyr.
Hajy Bekdaş Weli başga şekile geçip gezende
gögerçin görnüşindemiş diýip hem rowaýat edipdirler.
Gögerçinem parahatçylygyň, ylalaşygyň, umytlylygyň
we hoşgörmäniň (türkçe – hoşgöri, ýagny hoşamaýlyk,
diňe ýagşylygy, hoşlugy görmek, geçirimlilik,
pidakärlik, ýamanlygy ýaýratmazlyk we şuňa
kybapdaşlar) simwolydyr.
Beýik alym hem sopy (tasawwufçy) Anadola
baranda
Baba
Ishak
diýen
bir
türkmeniň
öňbaşçylygynda uly bir topalaň turýar. Oňa gatnaşan
köp bolýar, emma Hajy Bekdaş Weli bu topalaňa
goşulmak däl, gaýta daş durupdyr.
Sebäpleri näme?
Her bir topalaň zorluk, kanunlary äsgermezlik, ar
almak, gahar joşdurma we ahyrda akyl bilen hereket
etme däl-de, duýgularyň jylawyna başberme ýaly
ynsançylyga laýyk däl hereketler ahyry. Onsoň oňa Hajy
Bekdaş Weli hiç-hiç goşulmaz. Ol bu ýere, arzuw çekeçeke gelen Rumustanyna başga-başga niýetler bilen, has
uly maksatlar bilen gelipdi ahyry. Elbetde, adamlaryň
bu gan döküşligine, ynsanlygy taşlap, wagşylyga gadam
uruşlaryna Hajy Bekdaş Weli gynana-gynana özüni
pynhan jebirlere sezewar edendir.
Göwnüme bolmasa, adamzat wagtal-wagtal
wagşylaşmak,
bu
dünýäni
azyrganmak
ýaly
hassalygyny, hernäçe össe-de, hernäçe ýokary
19
medeniýete ýeten-de bolsa, gaýtalap bilýär öýdýän.
Eger bu şeýle bolsa, bu kanunalaýyklyk bar bolsa, onda
adamzada düşen paý örän ýaramazdyr. Adamzadyň
halyna «Waý» diýäýmeseň, başga aýdara söz galmaýar.
Hakykatda-da şeýlemikä?
XX asyryň soňky altmyş ýylynda näçe
gyrgynçylyklar boldy ahyry. Diňe Oswensim
konslagerinde 4,5 million ynsanyň ýakylyp, diri
gömülip, başga dürli gynamalar, wagşy synaglar arkaly
ýok edilendigini Adamzat jemgyetiçiligi unudyp
bilenok. 1971-nji ýylda Polşanyň bu ýerindäki muzeýe
baramda, ol wagşylygyň subutnamalaryny göremde
özümiň adamlygyma utandym.
Million-million ynsanyň erkini ganly eline alyp,
olary dilleri kesilen ýaly ýagdaýa salýan diktatorlara
näme diýersiňiz?! Stalin, Çauşesku, Saddam...
Süleýman ýaly beýik häkimlere birje garynjanyň
hem arzyny diňledýän ideallar bar.
Magtymguly döwründe näçe şalar, soltanlar,
hökmirowanlar bolup geçipdir, emma nesliň aňyna
Magtymguly nur saçyp dur.
Bu meseleler Hajy Bekdaş Weliniň zamanasyndada, gürrüňsiz, bolandyr. Ol zuluma garşy göreşiň
özboluşly bir ýoluny düzüp başlaýar: Zulumy
çeşmesinde ýok etmeli, köki bilen soguryp taşlamaly.
Her ynsanyň köňlünde içki kontrollyk emele geler ýaly
ahwal döretmeli. Hajy Bekdaş Weliniň bu ýoluna inçe
psihologik ýol diýip bileris. Türk alymlary muny has
jaýdar söz bilen aňladypdyrlar, olar «Näzik ýol»
diýýärler.
20
Şu taýda pelsepeden biraz çekilip, Hajy Bekdaşyň
mesgen tutunan Suwluja Garahöýük obasy hakda,
obanyň töwerekleri, tebigaty, ilaty hakda aýdyp geçeliň.
Soňra pelsepe dowam ediberer.
Oba, dogrusy, öň oba bolup, häzir etrap merkezi
halyna gelen bu ýeriň häzirki ady Hajy Bekdaşdyr. Hajy
Bekdaş şäherçesiniň taryhy Hajy Bekdaş Welidenem
has uzaklara gidýär. Ol Ankaradan Kaýserä gidýän
ýoldan takmyn 15 km gyradadyr. Bu şäherçe deňiz
derejesinden 1270 metr beýiklikde ýerleşýär,
töwerekleri baýyrlyk we uzaklaşdygyňça, ýagny häzirki
Newşehire baka gitdigiňçe daglaşýar. Üýtgeşik-üýtgeşik
görnüşli, edil ynsan eli bilen ýörite çapylan ýaly äpet
daşlar gözýetimi gurşaýar. Gyzylyrmak derýajygy sessiz
akýar. Hajy Bekdaş şäherçesi dünýä belli dag
gowaklary bolan, şoňa görä-de turizmiň iň ýörgünli
ýerleriniň biri gadymy Kapadokiýa (täze ady Newşehir)
şäherinden 45 km uzaklykdadyr. Bu ýeriň howa
ýagdaýy Türkmenistana çalymdaş, tomsy yssy hem az
ygally, gyşy bolsa sowuk hem ygalsyzdyr. Ýerli ilat,
esasan, ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýar,
bu taýynyň meşhur kartoşkasy bar, elbetde, Türkiýäniň
ähli ýerinde bolşy ýaly, bu taýdaky ilat hem örän
üýtgeşik naharlar bişirmäge ökde. Örän güýçli aşhana
medeniýetini elden bermeýärler.
Häzirki wagtda Hajy Bekdaş şäherçesiniň ýaşaýjysy
10–20 müň aralygyndadyr. O jelegaýlarda gaýmak daşy
diýilýän örän üýtgeşik daşdan dürli zatlar ýasaýarlar,
özem görüp gözüň doýar ýaly däl. Keramikadan hem
örän nepis zatlar ýasaýarlar. «Bizde toprak sungat
bolar» diýen ganatly sözlerem şolaryňky. Şeýle
21
bolansoň, o taýlaryk myhman düşeniň daşdan ýüküni
ýetirip goýberýärler.
Hajy Bekdaş şäherçesi beýik bir alymyň ýaşap,
mazarynyň ýatan ýeriligi üçinem kiçi Käbe derejesinde
meşhurdyr. Her ýyl Hajy Bekdaş Weli dabaralary
geçirilýär. Köp millet üýşýär. Döwlet ýolbaşçylary hem
gatnaşýarlar. Türkiýäni gurujy beýik Mustafa Kemal
Atatürk baryp-ha täze döwlet gurýan döwürlerinde,
şeýle gyzgalaňly işleriniň arasynda 1919-njy ýylyň 22–
23 dekabrynda Hajy Bekdaş Weli mawzoleýine zyýarat
etmäge wagt tapypdyr. Umuman, ýeri gelende aýtsam,
Türkiýe öz mukaddeslikleriniň gadyryny-sarpasyny
saklap bilýän ýurt.
***
Ýene pelsepä dolanalyň. Hajy Bekdaş Weli öz
döwrüne çenli belli bolan pikir akymlaryny örän içgin
öwrenendir diýip çaklaýaryn. Sebäbi onuň guran ýoly
metod taýdan, ýagny ynsana çemeleşiş usulynda örän
parhlydyr. Alymlaryň, pelsepeçileriň köpüsi täze
pikirleriň, täze ylymlaryň yzynda ser-sepil bolup ýörkä,
Hajy Bekdaş Weli hem täze pikirden, täze açyşlardan
uzakda däldi. Emma ol pikir energiýasyny täzeler üçin
däl-de, esasan, adamzadyň öňki toplan pikir hazynasyny
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Hajy Bektaş Weli - 2
  • Büleklär
  • Hajy Bektaş Weli - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3579
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    27.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hajy Bektaş Weli - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3522
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2038
    27.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hajy Bektaş Weli - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3702
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1996
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hajy Bektaş Weli - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3555
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    26.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Hajy Bektaş Weli - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 545
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 374
    33.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.