Latin

Gyrmyzy bägüller - 10

Süzlärneñ gomumi sanı 3540
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
artdyrypdyr. Nädip ony öz öňünde iki büküp boljakdygy barada gije-gündiz pikir
edipdir.
23.
Reşit aganyň şägirtleri KWÇ-ä ýygnanyşyp, ogrynça Kurany Kerimi, Injili,
Töwraty, Buddanyň hekaýatlaryny, Hindi wadalaryny, Krişnaçylyga degişli
mukaddes ýazgylary, tapdyklaryndan Mahabharatanyň böleklerini gezek-gezegine
okaşýan, terjime arkaly bir-birleri bilen düşünişýän ekenler.
Çünki, olaryň arasynda ýeke bir musurmanlar ýa hristianlar däl-de,
musaýylaram, buddaçylaram, hatda krişnaçylaram, iňlis interwensiýasy döwründe
Hindistandan Orta Aziýa gelip, bir sebäp bilenem ýesir düşüp basylan induslaram
bar ekeni.
Şeýle ysnyşmak arkaly, olar dürli ýollar bilen barýanam bolsalar dinleriniň
düýbüniň
birdigine,
ahyrsoňunda
barysynyň
Hudaýyň
huzurynda
duşuşjakdyklaryna düşünipdirler.
Şol düşünje hem olary gün-günden biri-birlerine golaýlaşdyrýan ekeni.
Özleri-de bilmezden, olaryň göze görünmeýän, haýsydyr bir äpet güýje öwrülip
barýan ekenler. Şol güýç bolsa, Gurt aganyň dädeme uly höwes bilen düşündirişine
görä, hemme dini bir dine, bir Hudaýlylyga öwürmek höwesinden ybarat ekeni.
91
«Mämmed-ä o zatlara ünsem bermedi welin, men özüm dindar bolmasamda, şol adamlarda ýakyn gelejekde ýer ýüzünde bolup geçäýmegi ahmal uly bir
öwrülişigiň tymsalyny gördüm ― diýip, Gurt aga Reşit aga we onuň sopulary
baradaky hususy garaýşyny mälim etdi. ― Olar biri-birlerine saýry göz bilen
garanoklar, bir-birleriniň duýgularyny, ynam-ygtykatlaryny äsgermezçilik
edenoklar, gyýa göz bilen garanoklar. «Öwrülişik» diýýänim bolsa, egerde olar şol
duýgy ― düşünjelerini ösdürip, maksatlaryna ýetip bilseler, ýer ýüzünde bir din
bolar. Adamzat dini çaknyşyklar zerarly bolýan uruşlardan, dawa-jenjellerden
dynar, diýen pikir kelläňe gelýär. Ol pikir bolsa aýlap-öwrüp- seni: belki, şonuň
bilen birlikde dünýäniň ähli döwletlerini bir döwlete birikdirmek, barada hem
oýlanmak gerekdir, diýen başga bir düşünjäniň üstünden eltýär...»
Sopularyň duýgy-düşünjeleri menem özüne çekdi. Tihomirow atly şol
ýaşulynyň aýdanlary çyn bolup çykdy. Hudaýa ynam etdigimsaýy kuwwatym
artyp, güýjüm köpelen ýaly boldy. Men şu wagtam dindar däl. Namazam okamok.
Ýöne, Hudaýa bolan ynamymy ýitiremok. Sebäbi, bu ýerde-de kynçylyk az däl.
Lagerde welin...
Surnukdyryjy agyr zähmetden, dermansyz keselçiliklerden, horlukdan ýaňa
adamlar halys ejizleýädiler, aljyrap namartlyga ýüz urýardylar, etmejek işlerine baş
goşýadylar, biri-birlerini satýadylar, atýadylar, ynsaplarynyň garşysyna gidip,
adamçylykdan Hudaýdan daş düşýädiler. Ýene şol Tihomirowyň aýdyşy ýaly, ol
ýerden diňe Reşidiň şägirtleri kimin haýsy dinde bolsa bolsun, tapawudy ýok,
Hudaýa ýüregi bilen berlen, onuň belent kada-kanunlaryny berjaý edýän, şeýle-de
çaksyz mert we batyr adamlar öz adamkärçiliklerini ýitirmän, mertebelerini
peseltmän baş alyp çykyp bilýädiler. Hudaýyň ýörelgelerine laýyk gelmeýän
hereketleri etmeýädiler.
Beden taýdan şeýle ejizdigine garamazdan, Mämmedem özüni hut şol belent
adamlaryň hatarynda, hatda olardanam has belent derejede alyp bardy. Ol özüniň
tutuş zona boýunça iň bir mert adamdygyny ümsüm, batyrlygy, ygrarlygynyň,
ygtykatynyň güýçlüligi, çydamlylygy bilen subut etdi.
Hudaýa gulluk etmekligiň artykmaçlyklaryna hut şonuň tymsalynda göz
ýetirip, şoňa höwes edip, hut şol ýerde dine giren adamlaryň sanap çykardan köp
bolandygyna, öň kim bolandyklaryna garamazdan, şolaryň hemmesiniňem iň bir
belent mertebeli başlary buýsançly adamlara öwrülendiklerine-de men özüm gözli
şaýat.
Ýöne, geň ýeri: ýüregi bilen däl-de, diňe özüni goramak üçin, wagtlaýynça
utuş gazanmak üçin, dine girýän çemeçilleriň ýalandan edýän ygtykatlaryny Hudaý
kabul edenokdy, gaýtam, özüni aldap bolmaýandygyny subut etmekçi bolýan ýaly,
bu gün bolmasa ertir olary hökman öz gazabyna duçar edýärdi. Goramaýardy.
Mämmedi we Mämmet ýalylary welin goraýardy. Her hili
belaýygerdanlardan sowýardy, iň bir agyr şertlerdenem alyp çykýardy.
Hut şonuň üçinem olar köpelýärdiler, Reşidiň ýolbaşçylygynda
jebisleşýärdiler, güýçlenýärdiler, hä diýmän KWÇ-den çykyp bütin zonany
doldurjaga, onuňam çäginden çykyp tutuş soýuzy, uzagyň ujundan bolsa goja
zeminiň ähli yklymlaryna ýaýrajaga meňzeýärdiler.
92
Ýöne, agzybirlik bilen, iňňän seresap hereket edýärdiler. Mämmet zerarly
menem şolaryň arasyndadym. Şeýle-de bolsa olar maňa: «Senem dine gir. Hudaýa
mynajat et. Namaz oka ýa ýene bir zat...» diýip, azar bermeýädiler.
Iňirdemeýärdiler. Öz hudaýhonluklaryny mazamlap, meni kemsitjek ýa özlerini
menden artyk saýjak bolmaýardylar. «Adyny her gün gaýtalap ýörmeseňem,
Hudaý seniň kalbyňda otyr, bendäniň çagasyny güýjüň ýetdiginden gorap ýörsüň,
şonuň özem ýalkanmaga ýeterlik...» diýýärdiler.
...Howwa, olar örän seresaplydylar, ýöne, olaryň başarýan seresaplylyk
derejesini başarmaýan, başaraýyn diýse-de başaryp bilmeýän,Tihomirowyň aýdyşy
ýaly, ertir öljegine gözi ýetip duranam bolsa, şu günki iki rekat namazyny gaýra
goýmajak bir adam bardy ― o-da Mämmetdi.
Ol Reşidiň göwni üçin üýşmeleňlere barýardy, ýöne, düýp manysyna
düşünmeýärdi.Çykyş etmeýärdi, pikirini beýan etmeýärdi. Çünki, onuň öz uýan
pikiri bardy. Şol pikir onuň üçin müdimidi, mizemezdi.
Hut şol özboluşlylyk hem onuň meşhurlygyny artdyrýardy.
Soňabaka hudaýhon «goja türkmen», onuň lager şertlerindäki özüni alyp
barşy, dini-ygtykaty ugrunda naçalnikler bilen barlyşyksyz göreşler alyp barşy,
tükeniksiz çydamlylygy baradaky buýsançly gürrüňler Sloweskiniň beýleki
lagerlerine-de ýaýrady.
Bu bolsa şol ýerlerde-de Mämmede raýdaşlyk edip, öz dinlerine girýänleriň
sanynyň artmagyna alyp geldi.
Diýmek, meniň çak edişime görä, Reşidiň şägirtleriniň taglymaty ýöne
ýatanok, bu gün bu zonadan çykyp o zona ýeten bolsa, ertir ondan aňyrkylara-da
ýeter. Soň...»
24.
Lageriň düzgünine laýyklykda, wagtal-wagtal ýokardan dürli matlaply
barlagçylar gelýän ekeni. Olary öňi bilenem agtatorlar, lektorlar, kinofilmler,
hususanda KWÇ-niň öz geçirýän medeni çäreleri, onuň kitaphanasy arkaly her bir
bendiniň öz günäsine görä terbiýelenişi we onuň näderejede maksadalaýyk,
guramaçylykly alnyp barlyşy, ýerine ýetirilişi hem-de netijeleri gyzyklandyrýan
ekeni.
Mysal üçin, agyr ýa ýeňil, tapawudy ýok, jenaýat edip düşen bendi zonadan
gidýänçä öz eden işiniň telekdigine, ogurlyk edip düşen bolsa özüniň nadan adam
ekendigine, döwletiň hazynasyna el uran bolsa partiýa we hökümete hyýanat
edendigine,dini wagyz etmek bilen bagly bolsa diniň adam üçin tirýekdigine,
Hudaýyň ýokdugyna düşünen bolsa, şol zatlara düşünendigini öz agzy bilen aýdyp,
özüni şeýle derejä ýetirendikleri üçin ýolbaşçylara minnetdarlyk bildirse, onda
naçalnikleriň gowy işländikleri, KWÇ-niň öz borjuny berjaý edendigi bolýar ekeni.
Egerde şolar ýaly dereje gazanylmadyk bolsa, onda naçalnikler gowy
işlemändirler. Günäkärleri terbiýeläp gowy netije gazanyp bilmändirler. KWÇ
terbiýeçilik işlerini gowy alypbarmandyr. Medeni çäreleri ýeterlik derejede
geçirmändir. Umuman, iş bitirmändir. «Pylan bendi ýekeje gezegem KWÇ-ä
93
barmandyr, gurnaklara gatnaşmandyr, kitap alyp okamandyr, gazet-žurnallara
seretmändir, bir gezek kino barypdyr, onda-da žurnaly başlanandan uklap
galypdyr, sen şu zatlary görmän, bilmän nirä seretdiň, ýa sen olary diňe urupsögüp terbiýelejek bolduňmy...» diýen ýaly, aram-aram gaýtalanyp duran
soraglaryň atam babatda öz öňünde-de keseräýmeginiň ahmaldygyndan howatyr
eden Baçinskiý, atamy araky gynamalarynyň salan ýaralaryndan saplap, baraga
ibereninden soň, günübirin Reşit agany ýanyna çagyrypdyr.«Nazarowy KWÇ-ä
çekdiň, gowy etdiň, ýöne, barlap gördüm welin, ol okanok. Emma okamaly. Goý,
okasyn! Düşünjesini arassalasyn. Okap bilmese-de okasyn. Iň bolmanda ýazylsyn.
Ýa-da özüň kartoçkasyny ýöret. Özüne-de aýt, namazyny goýsun. Il deňinde işe
çyksyn. Kommunizmiň ýeňjekdigine ynansyn. Howwa, şeýt, ýogsam ikimize-de
gep geler...» diýipdir.
Elbetde, Reşit aga atama Baçinskiniň ol sözlerini sypaýyçylyk bilen
ýetiripdir. Mundan artyk naçalnikler bilen kejeleşmezligini haýyş edipdir.
Hudaýam seň ýagdaýyňa düşünmän duran däldir. Ýagdaýa görä boluber...»
diýipdir.
Ýöne...
Ertesi günReşit aga atam bilen bolan gepleşigiň netijesini aýtmak üçin
ýanyna baranda Baçinskiý onuň ýüzüni sallap gelşinden berjek habarynyň
manysyny aňypdyr. Reşit aga agzyny açyp-açmanka maşyk burnunyň ganatlaryny
ýelledirip, gözlerinem çerreldipdir: «A çto? Opýat «Allahu akbar» da?»
Reşit aga kynlyk bilen başyny atypdyr. Baçinskiý eşidiler-eşidilmez: «Nu,
togda pust pinaýet na sebe...» diýipdir-de, indi bir edişime seret, diýýän manyda
uludan demini alypdyr.
***
Şol günüň ertesi, hemmeleriň işe giden, Reşit aganyňam haýsydyr bir
tabşyryk bilen bir ýerlere ugralan wagty, barak naçalnigi Iwan Iňkowyň
görkezmesi boýunça, ýene-de şol Saşok bilen Ýura ikisi baraga gelip, sen-men
ýok, atamy südenekledip alyp gidipdirler. Atam ýene-de özüni çukura gömen,
çelekde togalan ýerlerine alyp barýandyrlar, ýene-de öňküleri ýaly bir mojuk jeza
berjekdirler öýdüpdir. «Gu-ut, Gu-urt...» diýip, töweregine delmurypdyr. Ýöne,
konwoýlar ony näme üçindir KWÇ-ä eltipdirler.
Şu ýerde KWÇ-niň ýerleşýän edarasy barada iki agyz söz.
Gurt aga öz hakydasyna daýanyp KWÇ-ni şeýle suratlandyrdy:«...Biribiriniň içinden geçýän iki otagdan ybarat kitaphanasy, sahnasyna türkmenlerde
«göle çeýnän» diýlip atlandyrylýan galyň ýalpyldawuk, gyzyl, mahmal matadan
perde tutulan, onçakly uly bolmadyk tomaşa zaly bar.
Kitaphana otaglarynyň diwarlaryny içi her hili kitaplardan doly tekjeler
tutýar. Ikisiniňem ortarasynda Baçinskiniň kabinetindäki ýaly üstüne ýaşyl begres
ýapylan uzyn stol dur. Olaryň biri başynda oturyp kitap, gazet-žurnal okamak üçin,
beýlekisi küşt, şaşka, domino oýnamak üçin niýetlenen.
94
Tomaşa zalynyň we kitaphananyň girelgeleri aýratyn bolup, olaryň ikisem,
jaýy deň ikä bölýän koridoryň töründe, garşylyklaýyn ýagdaýda ýerleşýärler.
Tomaşa zaly elde ýasalan, uzyn-uzyn hersinde bäş-alty adam ýerleşjek tagta
oturgyçlaryndan doly. Sahnasy pes. Şeýle hem giň däl. Onuň sag burçunda daşyna
gyzyl elwan çekilen münber dur. Ol ― käte bir gelip-gidýän lektorlar üçin.
Beýleki bir böwründe bolsa üstüne gara mata örtülgi pianino. Sahnada käte kino
hem görkezilýär, ýöne, onuň üçin ýörite ekran ýok. Oňa derek gerek bolan wagty
ak mata tutulaýýar.
Käte, hususan-da döwlet baýramçylyklarynda, Reşidiň ýolbaşçylygynda,
KWÇ-niň öz güýji bendiler üçin konsert taýýarlanylýar. Onda her kim öz
başarnygyna görä goşgy okaýar, aýdym aýdýar, saz çalýar, hatda degişme
sahnajyklary hem goýulýar.
Oňa gatnaşýanlaryň tas, hemmesi diýen ýaly Reşidiň şägirtleri. Hut şol
zatlar bilenem, olar öz üýşmeleňleriniň üstüni ýapýarlar. Şolaryň arasynda
Mämmet ikimizem bar. Ýöne biz hiç zada goşulamzok. Hiç zat başaramzok.
Ikimizem sungatdan daşdaky adam. Biz ol ýerde gury san.
Reşidiň şägirtleri dürli milletlerden bolansoň, olaryň konsert programmaly
hemişe gyzykly geçýär.
KWÇ diňe agşamlaryna we dynç günleri işleýär. Egerde isleseler naçalnikler
KWÇ-ni ýapdyryp, Reşidi gerek bolan başga bir işleri üçin ulanyp bilýäler...»
***
...Şol gün konwoýlar atamy eltenlerinde, Iňkow eýýäm KWÇ-niň öňünde
çilim kükedip dur ekeni. Ýüzi-gözi gaharly, maňlaýy bäş büklüm diýýä. Nämäniň
şanyna beýle bezenendigi belli däl, egninde-hä «halpy-solpurak» diýmeseň ak,
ýakasy ondanam ak täzeje tulup, başynda-da şol kysmy ak telpek, bilem çigni üste
aşyrym kemerli diýýä.
Konwoýlara gözi düşenden ol ernindäki papirosyny eline alyp,bir gyra
pitikläp goýberipdir-de, gapyny zarp bilen açyp, jaýyň içine girip gidipdir. Tomaşa
zalyna baryp, onuňam sahnasyna çykypdyr. Yzysüre giren konwoýlara «üm» edip,
atamam şol ýere çykardypdyr-da, ondan «tigir» ýasamaklygy buýrupdyr. Ýura-ha
näme diýlenine düşünmändir welin, «Dawaý, Ýura, dawaý...» diýip, elbetde,
öňden düşündir-dä, Saşa dessine işe girişipdir.
Umuman şeýle: Atamy arkanlygyna ýatyrypdyrlar-da, iki elin-ä
gapdallaryna, iki aýagynam jüpläp, topuklaryndan sarapdyrlar. Soňam göwresini iç
tarapyna epläp, kellesinem ki dabanynyň arasyna sokupdyrlar-da, berk daňypdyrlar
welin, özboluşly «tigir» emele gelipdir duruberipdir. Iňkow olara tabşyryk
beripdir-de: «Ine, indi boldy. tigirläbermeli. Tema öňki: Tä toba gelýänçä
eňteriberiň «Dada» geldigem ylgap baryp naçalnige habar edersiňiz, bolany...»
Ýura ýaýdanjyrap: «Nirede tigirlemeli» diýip sorapdyr. Şeýle wajyp meseläni
ýerine ýetirýändigi üçin, Saşokdanam beter begenýän, şular ýaly zada höwesek
Iňkow aýagy bilen sahnanyň «jygyldap» duran agaç düşegine depipdir. «Ine, şu
ýerde tigirläň! Dar görseňiz oturgyçlary aýryň-da, zalda tigirläň. Onda-da bolmasa
95
koridora çykaryň! Ýöne, daşary çykarmaly däl. Hiç kime görkezmeli däl. Bu ýere
bolsa bu gün hiç kim gelmez. Daşynda konwoý durar. Nahara-da gezekleşip
gidersiňiz. Bendiler işden gelmänkä-de, baraga eltersiňiz» diýeninde dagy özözüne buýsanmakdan ýaňa gaňşyrawugy tütäp, gözlerine ýaş aýlanypdyr.
Derrewem tabşyrygy ýerine ýetirendigini buşlamak üçin Baçinskiniň ýanyna
ugrapdyr.
25.
...Tä, agşama çenli tigirleselerem, konwoýlar atamdan «gaýtmyşym» sözüni
eşitmändirler. Günortan Saşok nahara gidende Ýura atamy «tigirlemändir». Özem
gapdalynda oturyp garaçyny bilen: «Starik, dawaý soglaşaýsýa da... Zaçem tak
muçuýeş sebýa» diýip, telim gezek dagy töwella edipdir. Eşiden jogaby welin bir:
«Allahu akbar...»
Ýaman dert olar kelleleriniň gyzgynyna agşamyň düşeninem, bendileriň
işden gelşip ugrandyklarynam bilmändirler. Iňkow gelip: «Men size näme diýdim?
Siz nämüçin henizem bärde?» diýeninden soň düşünip galypdyrlar, telek iş
edendiklerine.
Oňa çenli beýleki rotalaram, gelşip, «patda-pat» gara maşynlardan
düşüpdirler. Zonanyň gündogar burçundan süýrenişip gelýän şahtaçylaram
görnüpdirler.
Olaryň hemmesi iki sany konwoýyň atamy germesatan edip alyp
barýandyklaryny görüpdirler. Aýaklarynyň ädilmeýäninden, kellesini dik tutuş
bilmeýändiginden, boýnunyň bir tarapa «şalkyldap» ýatandygyndan çen tutup,
bendiler goja türkmene ýene bir agyr jezanyň berlendigini çaklapdyrlar. Olaryň
arasynda «hyşy-wyşy» gürrüňler başlanypdyr.
Birdenem duran-duran ýerlerinde doňup galypdyrlar. Ne öňe, ne yza, hiç hili
hereket bolmandyr. Özlerini alyp gelýän konwoýlaryň «haý-küşlerine» dagy
gulagam asmandyrlar. Atama duýgudaşlyk üçin Baçinskiniň adyny tutup
gygyryşypdyrlar. Ony gepleşige çagyrypdyrlar.
Käbirleri bolsa öňe çykyp: «Doganlar! Bu doňuzlar bizi adam hasap
edenoklar. Bendi bolsaň eden-etdilik edip ýörmelimikä diýýäler. Biziň üçinem
kada-kanun, çäk bar ahyry! Nazarowyň gününe ertir islendigimiziň düşmegimiz
ahmal. Çydadygyň saýam beter edýäler...» diýip, köpçüligi herekete çagyrypdyrlar.
Paýyş-paýyş sögünenlerem bolupdyr. Tihomirow bolsa Baçinskiden adalaty talap
etmekligi, gerek bolsa iş taşlaýyş geçirmekligi teklip edipdir. «Ýöne, bidüzgünçilik
etmeli däl, ähli zat kanun esasynda bolmaly» diýipdir.
Muny köpler goldapdyrlar. Başlangyç hökmünde-de baraga girmekden,
nahara barmakdan, sanawa durmakdan ýüz öwrüpdirler. Ondan başga-da, duran
ýerlerinde aýaklary bilen «tarp-tarp» ýer depip, gaty ses bilen: «Nazarowy
gynamaňyzy bes ediň!..», «Kanuny äsgermezçilik etmäň» diýen ýaly şygarlar
aýdypdyrlar.
96
Gurt aga-da ur-tut, baraga girip atamyň ýagdaýyny görüp çykypdyr.
Halynyň harapdygyny, hatda gürleşmäge-de ýaramaýandygyny köpçülige
aýdypdyr.
Ondan-mundan ylgaşlaşyp gelen konwoýlaryň öňkülere goşulmagy,
hemmesiniň bilelikde ýaraglaryna ok sürüp, haýbat atmaklary bilenem ýagdaý
gowşamandyr. Gaýtam ýitileşipdir.
Eýýäm-haçan ganyň ysyny alan «ugolownikleriň» kalplaryna konwoýlaryň
üstlerine çozmak, ellerinden ýaraglaryny alyp, soň tutuş lageri eýelemek, ondan
soň Sloweskiniň beýleki lagerlerine tarap ýöriş etmek olaram basyp almak,
Sloweskide özleri üçin awtonom oblast döredip, sowet hökümetine garşy uruş
yglan etmek, daşary ýurtlardan kömek soramak höwesi döräpdir. Başga biri bolsa:
«Şol işi wezipeli adamlaryň barysyny zamun almakdan başlamaly ― diýipdir.
«Ýöne, olaryň onsy gury höwesden başga hiç zat däldi ― diýip, Gurt aga
dädeme şol wagtky ýagdaýy düşündirdi. ― Birinjiden-ä olaryň maksatlary
Mämmediň arkasyny almakdan däl-de, başga-başga zatlardan, jenaýat üstüne ýenede jenaýat etmekden ybaratdy. Ikinjidenem olar ýaly topalaňjagazlaryň bolaýmagy
lagerde hemişe-de göz öňüne tutulýardy. Ony ýatyrarlyk güýjem, ok-ýaragam
lagerde ýeterlik bardy. Gerek bolsa naçalnikler beýleki lagerlerden goşmaça
kömegem sorap bilýärdiler. Galyberse-de, olaryň aňyrsynda ullakan döwlet durdy.
Hökümet bardy. On-on bäş sany konwoýyň elinden ýaragyny alanyň bilen
edibiljek zadyň ýok. Onam alybiljekmi sen ýa ýokmy?... çünki, bendileriň köpüsi
«ugolownikler bilen razylaşmaýardylar. Olar Tihomirow ýaly akylly adamlaryň
«Talap etmeli, ýöne, kanunyň çäklerinde» diýen ýörelgesini goldaýardylar. Şonuň
üçinem, «ugolownikleriň» turuzjak bolýan «oýunlary» özüňe goşmaça garamat
gazanmakdan başga hiç zat däldi. Şol wagt edilmesi dogry bolaýjak bir zat bardy,
o-da üýşmeleňiň gozgalaňa däl-de, Tihomirowyň aýdyşy ýaly, «kanuny», talaba
öwürmek.Ýolbaşçylary gepleşige çykarmak.
Baçinskiý ýaly ýelýüregräk naçalnikler üçin şonuň özem az zat däldi.
Şeýtmekligiň ýeke-täk ýoldugyny ir bilen nirädir bir ýana gidişinden ýaňyja
dolanyp gelen, bolan iş bilen habardar edilen, emma şol işiň KWÇ-de
bolandygyndan şol wagt edil biz ýaly bihabar, Reşidem, onuň şägirtlerem
goldadylar. «Blatnoýlaram» olara goşuldylar. «Ugolownikleriň ekabyrraklary
garşy çykjak boldular, emma, Tihomirow bilen Reşit ikisi olaram köşeşdirmekligi
başardylar.
Oňa çenlem ýigrimä golaý ýaragly konwoýy we wezipeli adamlaryny yzyna
tirkäp, Baçinskiý ýetip geldi. Sähelçe zoňtarlyk etse, bar zadyň bulaşjakdygyna
akyly ýeten bolsa gerek, ol şeýle bir aljyraňňy görünýärdi welin, öňki gazabyndan,
haýbatlaryndan dagy nam-nyşan ýok.
Bendileriň ýer sarsdyryp, uly ala-galmagal bolup duruşlary hasam howuny
basan bolsa gerek, gelenden soňam telim demini dürsäbilmän iki baka owsun atyp
kän durdy. Ýüzüniň duw-akdygy ümüş-tamyşlykdan öçügsi çyranyň ýagtysyna-da
mese-mälim bildirdi. Ahyram «has-has» edip durşuna: «Bu nämäniň alamaty?
Nämäniň üýşmeleňi? Näme üçin siz ýeriňizde däl?... Size näme gerek?..» diýip,
öňkülerine görä kän öçügsi gygyrdy.
97
Araçy hökmünde Reşit öňe çykdy. «Biz bendi Nazarowyň meselesi boýunça
gürleşmekçi. Egerde ol düzgüni bozýan bolsa, kanuny esasda çäre görmäge siziň
hakyňyz bar. Ýöne ony beýdip, gynamalara sezewar etmäge hakyňyz ýok. Ol telim
gezek siz zerarly ajalyň agzyna bardy. Häzirem ölüm halynda ýatyr. Biz ony
konwoýlaryň bir ýerlerden süýrekläp getirendiklerini gözümiz bilen gördük. Ony
günuzyn gynapdyrlar. Şolar ýaly zulum görýän bendiler başga-da köp. Ýagdaý
mundan buýana-da dowam etjek bolsa, onda lagerde hakykatdan-da topalaň turar,
ýokaryk arzalar ýazylar, şikaýatlar gönderiler...»
Atyşyk, ölüm-ýitim bolmasa galan zatlara müň mertebe kaýyl bolup gelen
naçalnik herrelmekden geçen, gaýtam Reşit bilen bada-bat ylalaşdy.
Öňi bilen-ä özüniň bu zatlardan bütinleý bihabardygyny aýdyp, göz-görtele
ýalan sözledi. Soňam ertirden başlap ähli zady hut öz gözegçiligine aljakdygyny,
Nazarowly mesele bilen bolsa hut şu pursadyň özünde gyzyklanyp
başlajakdygyny, günäkäriň kimdigini bilip, günübirin çäre görjekdigini aýdyp, boş
wada berdi. «Ýöne, häziriň özünde dargaň, ýerli-ýeriňize baryň. Şeýtseňiz bujagaz
«üýşmeleň üçin hiç kim size azar bermez, hiç kime administratiw çäre görmez...»
diýdi.
Elbetde, onuň ýalan sözleýändiginem, berýän wadalarynyň boşdugynam,
günäkäri daş ýerden gözlemeli däldiginem, näme çäre görülmeli bolsa onuň hut
özüne berilmelidigini, çünki lagerde baş naçalniksiz çöp başynyň
gymyldamaýandygynam hemmeler bilýärdiler. Ýöne, her niçik hem bolsa Reşit
aganyň aýdyşy, Tihomirowyňam tassyklaýşy ýaly, ýagdaýa görä bolmalydy,
«doňzuň tüýüni tersine däl-de, ugruna tarap sypalamalydy».
Emma, iki-ýeke bolsa-da, «ugolownikleriň» arasynda iki-ýeke Reşitdir ―
Tihomirow bilen doly ylalaşmadyklaram, entek gylyçlaryny gynlaryna
salmadyklaram bardy. Ine, şolar, meniň hut özümiň aňlyşyma görä, ýagdaýy
bulaşdyrmak üçin ýörite, Baçinskiniň üstüne sürnüp başladylar. Ondan bolmajak
zatlary talap etdiler. Ýaňy bir düzelip barýan ýagdaý hakykatdanam bulaşarly
göründi.
Şondan soň Reşit olar bilen aýratynlykda gürleşdi. Ahyram ylalaşdylar.
Şeýle-de bolsa olardan biri henizem ýumruklaryny düwüp, dişlerini gyjap
durşuna: «Wah, birtopar «gorra» bigaýratlar zerarly agzymyza gelenje aşy
aldyrdyg-ow...» diýmäge ýetişdi. Ýöne oňa indi üns berenem bolmady. Aýdan
sözleri hiç bir jähtden aýgytlaýjy rol oýnamady.
«Blatnoýlar» şu üýşmeleňde hiç kimiňem tarapyny tutmadylar. Bu ýagdaý
olaryň
Baçinskiniň garşysyna-da, Reşidiň garşysyna-da gidesleriniň
gelmeýändiklerini, aralyk pozisiýany saklamak isleýändiklerini aňlatdy».
26.
«Düşünişeris», «düzederis» diýip, köpçüligiň öňünde söz berenem bolsa,
zonada ýa erkinlikde bolsun, tapawudy ýok, ähli naçalnikleriň bolşy ýaly
Baçinskem ne şol günüň ertesi, ne birigüni wadasynda tapylmandyr. Asyl tapyljak
98
bolup barmagynam gymyldatmandyr. Bar eden zady: zonanyň goragyny
güýçlendiripdir.
Bendiler welin, şonda-da çydamlylyk görkezipdirler. «Sen şeýtdiňmi, ine
bizem beýdýäs» diýp, onuň üstüne sürnübermändirler. Ýöne, bu işi boş goýaslaram
gelmändir. Reşit aga, Tihomirow ýaly ekabyrlar bilen maslahatlaşaga-da, iş
taşlaýyş yglan edipdirler.
Beýle zada garaşmadyk Baçinskiniň gonjuna gor guýlan ýaly bolupdyr.
Şeýle-de bolsa: ylalaşyga gitsem ýeňildigim bolar diýen pikire uýup, gele-gelmäne
olara haýbat atypdyr, gorkuzjak bolupdyr. Iş taşlaýyşyň guramaçylaryna sud edip,
ýyllaryny köpeltjekdigini, katorga iberjekdigini aýdypdyr. Emma o hilesem başa
barmandyr. Sebäbi bendileriň barysy: «Biziň hemmämizem guramaçy»,
«Hemmämizem süräýiň katorga», «Bolmanda-da katorgaçylaryňkydan gowy däl
günümiz» diýşip gygyryşypdyrlar.
...Baçinskiý: «Düýn-öňňin-ä üýşmeleň, bu günem iş taşlaýyş, bu gidişine
gitse gozgalaňam daş däl» diýip, oýlanypdyr-da, bu zatlaryň barmaly ýerine baryp
ýeten güni öz donunyň bendileriniňkidenem öňürti biçiljekdigine göz ýetiripdir we
ýene-de eglişige tarap bir ädim yza çekiläýenini, bu gezegem hilegärlige ýüz
urýanyny kem görmändir.
Şonuň üçinem, aýak üstünden egindeşleri bilen maslahat geçiripdir. Soňam
bendilere ýüzlenip: «Siz nähak howlugypsyňyz. Men hiç zady ýadymdan
çykaramok. Beren wadalarymyň üstünde işläp ýörün. Näme diýen bolsam şo-da
bolar, ertire çenli sabyr ediň, häzir bolsa işe çykyň...» diýipdir.
Bendiler bu gezegem onuň bilen ylalaşmaly bolupdyrlar. «Ýarym güne
ýaryş ýok, garaşmaly bolsa garaşaýarys» diýipdir.
Ertesi Baçinskiý hakykatdanam birtopar üýtgeşiklikler geçiripdir. Göz
üçinem bolsa atamyň meselesi boýunça günäläp Iňkowy işinden aýrypdyr. Saşok
bilen Ýuranam «samoohrankadan» boşadypdyr. Ýaraglaryny ellerinden alyp,
özlerinem şahta iberipdir. Atamyň bolýan baragyndakylaryň nan kesýänlerinden
başlap tä, dnewalnylaryna çenli täzeläpdir. Başky üçüsiniň işini suda berjekdigini
aýdypdyr.
Şeýdip, ýene bir gezek howpuň öňünden sowlupdyr, bir özi ak guş bolup
galypdyr.
Bendiler elbetde, onuň bu aýlawlaryna düşünmän durmandyrlar, ýöne,
ylalaşaýmakdan başga alaçlaram galmandyr. Naçalnig-ä bendileriň talaplaryny
berjaý edenden bolupdyr, bendilerem kanagatlanandan, ýeňiş gazanandan
bolupdyrlar.
Ýöne, her niçik hem bolsa, Saşogyň şol güne düşenine hemmeler
begenipdirler. Şeýle hem şondan soň goja türkmene indi hiç kimiň agyr jeza
bermejekdigine ynanaslary gelipdir.
«Ýalanam bolsa hoş habar» diýlişi ýaly, şondan soň birbada lageriň tertipdüzgünleri hakykatdanam gowulaşan ýaly bolupdyr. Atama-da doly erkinlik
berilmese-de, garaz, öňküleri ýaly her ädimde yzarlap, «blatnoýlary» küşgürip,
urduryp-sökdürip ýörmelerini-hä bes edipdirler.
99
Ýöne, bu zatlaryň wagtlaýynçadygyna, tupanyň öň ýanyndaky petişlikdigine
hiç kim düşünmese-de Reşit aga, Tihomirow ýaly adamlar gaty gowy düşünýän
ekenler. Her ädimlerinde öz adamlaryna: «Häzir boluň, gowy boluň, düzgüni
bozmajak boluň» diýip, sargaýan ekenler. Atama-da: «Gözebaşa düşme. Namaz
okaýanyňy bildirmejek bol. Bekine tutsa Baçinskiý bize eýgertmez» diýip
sargaýan ekenler.
Şeýle-de bolsa bar zat garaşylyşy ýaly bolupdyr. Ümsümlik uzaga gitmändir.
Bendileri köşeşdirendirin, ynamlaryny doly gazanandyryn öýden Baçinskiý
ýene-de gömülgen ýaly ýeriň asty bilen «müňňüldäp» başlapdyr.
Iňkowyň ýerine başga bir Iňkow döräpdirm Saşogyň ýerine başga bir Saşok
döräpdir, ýene biriniň ýerine ýene biri döräpdir, hemmesem biri-birinden beter,
öňkülerdenem has zabun bolupdyr, garaz, hemme zat öňki-öňküligine baryberipdir.
Çünki, birinjiden-ä şol orunlara Baçinskiý assyrynlyk bilen synaý-synlaý şolar ýaly
bolaýjak adamlary goýupdyr, ikinjidenem bir wagtlar Tihomirowyň aýdyşy ýaly,
şol orunlara baran adam islese-islemese şolar ýaly adamlara öwrülýän ekenler.
Ýaňy bir ýagyrnysyna ýel çalyp ugran atamyňam güzerany ýene-de kynlaşypdyr.
Ýöne, Baçinskiý näme etse-de öňküsi ýaly özi gyrasynda görünmezden, başgabaşga adamlaryň üsti bilen edýän ekeni. Bir günem...
27.
Şol gün ir bilen bendiler işe ugrajak bolup durkalar, bir konwoý ylgaşlap
gelip, atamyň bolýan baragyna giripdir, sähelçe wagtdanam ony idenekledip alyp
çykypdyr-da, zonanyň ileri çüňkündäki derwezä, şahta gidýänleriň üýşýän ýerine
tarap alyp südenekledip ugrapdyr.
Atam hatda köwşünem geýip ýetişmändir. Elinde ekeni. Sowuk ýere
basybilmän üçürdikläp barşyna ol: «Gu-urt, Gu-urt, Redi-iş» diýip gygyrypdyr.
Gitmejek bolup aşak çöküpdir, ýer bagyrtlapdyr, aslyşypdyr, konwoý bolsa ony
tüpeňiniň gundagy bilen urup başlapdyr.
Oňa gözi düşenden nyzama duran Gurt aga-da hatardan atylyp çykypdyr-da:
«Nazarowy nirä alyp barýaň» diýip, konwoýyň yzyndan gygyrypdyr. Belli bir
jogap alyp bilmänsoňam şol tarapa ylgapdyr.
Geň ýeri, edil öň gepleşilip goýlan ýaly, beýleki bendilerem «alagüpürdi»
bolşup, Gurt aganyň yzy bilen eňipdirler. Gitdikleriçe-de beýleki hatarlardan çykyp
özlerine goşulýanlaryň hasabyna sanlary artypdyr. «Dur, ataryn!.. Budu sçitat za
pobeg!..» diýip, başda Gurt aganyň yzyndan tüpeňini «şakyrdadyp» başlan
ugradyjy konwoý indi tapeňiniň ujuny kime tarap çoçjaýtjagyny bilmän aňalyp
galypdyr. Aljyraňňylyk beýleki konwoýlara-da ýetişipdir. Pytraşyp barýan
bendileriň saklatmajakdyklaryna gözleri ýetensoň tüpeňlerini dik ýokary atyp
başlapdyrlar.
Şeýle zadyň ýüze çykaýmagynyň ahmaldygyny öňünden çaklandyr-da, şol
wagt edil ýerden çykan ýaly bolup, ýap-ýaňyja ýeri gyratlap gelen çal dumanyň
içinden yzynyň ona golaý konwoýy bilen Baçinskiý peýda bolupdyr. Ol bendileriň
ýoluny kesipdir. Sag elini ýokary galdyryp: «Saklanyň!.. ― diýip, gygyrydyr.
100
Teýlije ertirlik bilen, gyrjadanam ýüz gram ýelmän borly, howanyň sowukdygyna
garamazdan onuň ýüzi derçiräp duran ekeni. ― Nirä barýaňyz?! Bu nä boluş?
Hany, tertip?.. Hany, düzgün?..» diýeninde sesi hemişekilerinden has batly, dury
çykypdyr. Iki aý şondan öňki tilkisiremelerinden dagy nam-nyşan ýok, diýýä.
Gurt aga onuň alkymyna dykylyp: «Ýüzlenmäge rugsat ediň, Mark
Lwowiç... ― diýipdir. Rugsat alandan soňam howlukmaç gürläpdir. ― Bizi
Nazarowyň nirä alnyp barylýandygy gyzyklandyrýar...»
Haýsydyr bir bendi bilen deň-derejede gepleşmäge, onuň talap şekilli
ýüzlenmesine adam şekilli jogap bermäge hernäçe namys etse-de, Gurt aganyň
ýeke däldigine gözi ýetip duran Baçinskiý bialaç sesini ýumşatmaly bolupdyr.
«Nazarowy şahta iberjek. Tokaýa gitmek, agaç çapmak kyn bolýamy, goý, şahta
girsin, kömür köwlesin... Hem-ä ol ýerde üşemez, hemem hak alar. Galanynam
görüberis. Bu wagtlaýynça çäre... ― Onuň repide ýaly tes-tegelek ýüzünde
rehimdarlyk röwüşleri peýda bolupdyr. ― Her bir bendä ata hökmünde garamak,
ony goramak, aladasyny etmek, ýagdaýyna görä bolmak biziň borjumyz...»
Elbetde, ol çäre kanuny zat. Oňa Baçinskiniň haky bar. Onsoňam bendibendi, naçalnik-naçalnik bolýar. Onuň bilen menjeşip ýa gepiňi gögertmek üçin
gidişip bolanok. Şeýle-de bolsa, Gurt aga onuň ýakyn hossary hökmünde
özüniňem atam bilen şahta iberilmegini haýyş edipdir.
Hiç kim onuň bu haýyşy kanagatlandyrylar öýtmändir. Emma naçalnik
hemmeleri geňler galdyryp, Gurt aganyň haýyşyny kanagatlandyrypdyr.
***
«Zonanyň daşyna aýlanan tikenekli simiň Gündogar ganatyndan çykan
ýeriňde-hä bir wgatlar şahta girmek üçin ýörite gazylypmy ýa tebigymy, girelge ―
ullakan gowagyň agzy ýaly deşik bar ― diýip, Gurt aga täze iş ýerlerine barýan
ýoly suratlandyryp başlady. ― Ana, şol girelge arkaly gaty bir belent bolmadyk
baýryň içine girip gidýäň. Baýryň üsti gyşyn-ýazyn gök öwsüp oturan gür hem
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Gyrmyzy bägüller - 11
  • Büleklär
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3602
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2264
    29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3645
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2074
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3604
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2179
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3641
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2271
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3700
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2169
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2212
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3628
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2142
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3631
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    30.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3669
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2116
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3540
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2026
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3669
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2057
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2181
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3690
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2262
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 1835
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1305
    36.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.