Latin

Gyrmyzy bägüller - 01

Süzlärneñ gomumi sanı 3602
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2264
29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
1
Juma HUDAÝGULY
GYRMYZY BÄGÜLLER
Roman
Bolan wakalar esasynda ýazyldy
1.
Teatr we kino režissýory Şyh Mustapa ikimiz şol gezek Medeniýet
ministrliginiň, has takygy onuň teatr bölüminiň tabşyrygy boýunça, ýurduň
demirgazyk sebitindäki welaýatlaryň birine döredijilik saparyna gitdik. Etmeli
işimiz: ol-a režissýor, menem ýazyjy-dramaturg hökmünde Türkmenistanyň
garaşsyzlygynyň ýigrimi ýyllygyna bagyşlanyp, ýerli teatr tarapyndan
sahnalaşdyrylan oýny döwlet komissiýasy gelmezinden öň gözden geçirmeli,
bellikler etmeli, maslahatlar bermeli.
Ýanymyzda teatr sungatyny öwreniş käri boýunça ýaňy-ýakynda Medeniýet
institutyny tamamlap, ministrligiň teatr bölüminde tejribe geçip ýören orta boýly,
goňur saçly, entek durmuşa çykmadyk, ýöne, daş gulakdan eşidişimize görä,
basym çykmaly, belki, şonuň üçindir, hemişe ýyljyraklap, ýeriň ýarygyna-da
güläýesi gelip ýören, Sadap atly bir ýaş gyzam bar.
Biz işimizi ylaýyk iki günde dyndyk. Indi arkaýyn myhmanhana
gaýdybermelidik. Ol ýerde ýyljak ýer, uky, dynçlyk garaşýardy. Ýöne, goýan
oýunlary merkezden gelenmyhmanlar tarapyndan gowy baha mynasyp bolan
2
artistler, esasanam režissýor, öňürti özleri hezzet-hormat etmän, bizi hiç ýana
goýbermejekdiklerini aýtdylar.
Özüni köpçülikden çete çeken diňe teatryň baýry artistleriniň biri, pensiýa
ýaşyna ýetenden soňam işgär ýetmezçiligi sebäpli işläp ýören Gadyr Hanow boldy.
Ol özüniň köpçülik bilen gitmejekdiginiň sebäbini soramasagam, näme üçindir Şyh
Mustapa ikimize aýratyn, nekjäp-nekjäp düşündirdi.Nämemişin, ol «dogry ýola»
düşenmişin. Ýagny, bäş wagtyna namaz okaýarmyşyn, oraza tutýarmyşyn, metjide
gatnaýarmyşyn. Şonuň üçinem, arak-şerap içilýän, çilim çekilýän, tans edilýän,
aýdym aýdylýan, şowhunly ýerlere barmaýarmyşyn, barýanlar bilenem
gatnaşmaýarmyşyn.
Döşüni ýapyp duran bäşbürünç sakgally, egni aksowult gök ýektaýly, başy
ýukajyk ak sopbaşly, ýüzi agdarylan tezek ýaly bu kişini Şyh Mustapa ikimiz
baryp-ha işe başlan günlerinden bäri tanaýardyk.
Şol wagtlar-a ol içmän ýa içýänler bilen gatnaşman ýörenokdy. Ýöne, il
deňinde, ýagdaý bilenjik içýärdi. Üstesine özem alçak, işeňňir ýigit bolansoň,
derrew şol wagtky atlandyrylyşy ýaly «obkomyň» ýolbaşçylarynyň gözüne ildi-de,
muny ur-tut partiýa hataryna göterdiler. Sähelçe wagtdanam yrdylar-da,
«obkompartiýa» ilk-ä instruktor edip işe aldylar, bir ýyla ýetip-ýetmänem
medeniýet boýunça müdirlige bellediler. Daşyndan sudlarda oturdaşlygam etdi.
Hut şonuň tagallasy bilen: «Ogluny sünnetletdi, atasyna Kuran çykartdy», enesi
ýogalanda aýat okatdy, «öwlüýä gitdi» diýen ýaly aýyplamalar bilen birnäçe adam
işinden aýryldy, dürli möhletler bilen basylyp gitdi, gurbanlyk edenleriň aýagy
bilen depip gazanlaryny dökdi, hiňňildiklerini ýykdy, garaz, hüşgärçilikli
hyzmatlary bilen özüne iş ynanan adamlaryň ynamlaryny aňryýany bilen ödedi.
Obkomyň iň görnükli işgärleriniň biri boldy.
Şol gidişine gidiberen bolsa ol entegem ýokarylara çekilerdi. «Sk»-nyň
gapysyndan ätläýmegem ahmaldy. Ýöne, «Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli»
diýenleri boldy. Göterinibilmedi. Edeni geçip duran adam hökmünde azdy.
Mesirgedi. Özüni araga urdy. Ahyram barmasyz bir zadyň üstünden bardy. Bir
sebäbe görä aýaly bilen tersleşdi-de, öýüni otlady. Hern-ä maşgala agzalaryna-ha
hiç zat bolmady welin, şol ýangynda onuň pasportam, partbiledem ýandy. Üstüne
sud edilmek, azatlykdan mahrum bolmak, iberen adamlarynyň yzyndan gitmek
howpy abandy.
Her niçik hem bolsa «bitiren hyzmatlaryny» göz öňüne tutup, welaýat
ýolbaşçylary ýangyny-ha tötänden, tok sebäpli tutaşan etdiler, özünem işden
çykarmak hakda-ha gürrüňem ýok, partiýadanam çykardylar-da, şo-ol, döwük
kersenini öňüne atdylar. «Bar, artistligiňi ediber, aragyňy goýmasaň o ýerdenem
«pyzarys» diýip, teatra iberdiler.
Ýöne ol öňki hojaýynlarynyň ojagaz ynamlarynam ödäp bilmedi. Içip
başlady. Özem öňküleriniň dagam çeni-çakam bolmady. «Aragyň kölüni tapsam,
bir, içinde gurbakga bolup «warryldasam» diýýänlerden boldy. Içgili gelendigi ýa
içgili bolup gelibilmändigi sebäpli şol günki görkezilmeli oýunlaryň ýatyrylan
gezeklerem az bolmady. Ondan ýaňa ýeke bir welaýat teatrynyň ýolbaşçylary däl,
3
tutuş ministrlik bizar boldy. Işden dagy näçe gezek kowlup, näçe gezek yzyna
alnandygynyň hasaby ýitendir.
Çünki, birinjiden-ä durmuşda özüni artistlerçe alyp barmaklygy başaryşy
ýaly, içmedik wagtlary sahnada-da erbet oýnamaýardy. Ikinjidenem, teatr artist
ýetmezçiliginden kösenýärdi. Moskwada, Leningradda, Daşkentde okap gelýän
ýaşlar bolsa, paýtagtyň teatrlarynda galaýanlaryny kem görmeýärdiler.
Ine, hut şol ýagdaýlar hem ony erkesiredýärdi. Ýolbaşçylaryň: «Iň bolmanda
pensiýa ýaşyna çenli bir saklalyň şuny» diýip, görkezýän çydamlylyklaryndan
bihabar, öň ýokary edaralarda işländigim üçin şeýdýändirler, çekinýändirler, diýip
düşünýärdi.
Ahyrsoňy nätjeklerini bilmän, işsiz goýmana-da dözmän, ony teatrda
garawul hökmünde alyp galdylar. Ýöne, bu çäre hem onuň aragyny azaltmagynaha sebäp bolup bilmedi. Gaýtam, ol tas, uly iliň medeniýet ojagynam otlapdy.
Şondan soň ony ol ýerdenem aýyrdylar.
Onuň dadyna garaşsyzlyk ýetişdi. Ilatyň köpüsi namazlyga, kündüge
ýapyşdy. Gadyr Hanowam şolaryň biri boldy.
Şonuň üçin ony ýene-de teatra işe aldylar.
Biz bu zatlaram daş gulakdan eşidip ýördük. Begenýärdigem. Çünki, şolar
ýaly pese gaçan adamyň bu günki gün öz aýagynyň üstünde durandygyny,
jemgyýete ýaramly adama öwrülendigini görmek elbetde guwançlydy. Gutlamaly
zatdy.
Biz şeýle hem etdik. Şyh Mustapa ikimizem ony ýörite gutladyk. Gözümiziň
görüp duran zadyny garaşsyzlygyň miwesi, halkymyzyň düýp terbiýämize dolanyp
başladyklary hasap etdik. Arak-şerap zerarly gopýan goh-galmagallaryň,
wejeralyklaryň, köpleri namysa goýýan haramzadaçylyklaryň aradan aýrylyp
gitjekdigine bil bagladyk.
Emma, Gadyr Hanowyň özüni alyp barşy biziň göwnümizde onuň bu
«täzelige» ýapyşyşynyň, «çynydygyna» müňkürlik döretdi. Ýene-de şo-ol,
gadymky «artistligini» edýän ýaly, şeýtsem-ä şu gün menem gowy görnäýsem
gerek, diýen niýet bilen şol ýola düşen ýaly bolup göründi.
Eger-de aragyny namazyň üsti bilen goýjak bolsa, näme üçin şu hereketini ol
şol wagt etmändir? Ähli gadagançylyklara garamazdan, namaz okaýan, oraza
tutýan adamlar şol döwürlerem bardy ahyry. Hatda şol zatlar sebäpli basylyp,
gelenlerinden soňam ýene-de öz ygtykatlaryny dowam etdirýärdiler. Sebäbi, olaryň
yhlaslary, Hudaýa bolan söýgüleri ýasama ýa möwsümleýin däldi. Ýürekdendi.
Ýa kompartiýa Gadyr Hanowa hökman arak iç, diýdimikä? Ýok. Gaýtam
şeýle alanyňda sowet hökümetem araga, serhoşçylyga garşydy. Bir oňarmaýan
zady ― «içmäň» diýibem aragy dükanlarda satýady. Bu bolsa: «Içi suwly käsäni
gyşart-da, dökme» diýen ýaly bir zatdy.
Gadyr Hanow welin şol gezek gitdigiçesyryny açyp barýardy. Hut, dine gol
berendigi sebäpli özüniň hemmelerden artykdygyny her sözünde nygtajak
bolýardy, özüni artykmaç saýdyrjak bolýardy, Biribaryň penakärçiligindäki adam
hökmünde, özüni onuň erkesi saýýana meňzeýärdi. Bir wagtky «obkomyň»
4
ýolbaşçylaryndan tapan penakärçiligini ol indi şol zatlaryň üsti bilen eýe boljak
bolýardy.
Biziň özi baradaky edip duran oý-pikirlerimizi elinjek tassyklamakçy bolýan
ýaly Gadyr Hanow Şyh Mustapa ikimiziň alkymymyza dykylyp geldi-de:
― Sizem indi dogry ýola düşäýseňiz wagt-a bir çene barandyr... ― diýdi.
Biz elbetde ondan: «Biz näme, ters ýol bilen barýasmy?» diýip soramalydyk.
Ýöne, myhmançylyk mertebämize nogsan getirmezlik üçin sypaýyçylyk etdik.
Kejeleşmedik. Ýylgyrdyk-da oňaýdyk.
Ýöne, teatryň baş hudožnigi, tutuş ýüzüni jähekläp duran insizje sakgally,
kiçijik murtly, haýsydyr bir dokma matadan tikilen, seçekli çalymtyl ýantorbasy
çigninden asylgy ýigit welin, onuň olar ýaly «gydy-gydysyndan» öňem bizar bolan
borly, Gadyr özüne seredip: «Seňňem murtuň ýalňyş, arasy açyk bolmaly, burnuň
aşagyndaky «patallak» görünmeli ýogsam iýeniň haram bolýa ― diýdem welin,
gözlerini gypyrjykladyp «hyňk-hyňk» etdi-de:
― Sen ýaly şemal haýsy tarapdan öwüsse şo tarapa hallan atyp ýören,
messepsiz, çemeçilleriň iýeni haram bolýandyr ― diýdi.
Gadyr Hanowyň welin piňine-de däl. Gaýtam ol çep gapdalynda özüne
seredip, ýyljyraklap duran ösgün saçly, ýüzi süýnmegräk, ak balagyň üstünden
gülli jir köýnek geýnen ýaş artiste tarap öwrüldi-de:
― Wagtly-wagtynda kakaňa aýat okadyňmy ― diýip, dylym-dylym etdi. Ol
ýigit «Howwa...» diýip, çalaja baş atanyndanam: ― Gowy edýäň, gowy edýäň,
maladis... ― diýdi. Şeý diýip bir aňyrlaýyn ýöräberjek ýalam etdi-de, birdenem
«hyrra» yzyna öwrülip, ýaş artistiň iki gözüniň içine çiňerildi. Barmagyny
çommaltdy: ― Ýöne, okadýan aýatlaryň halal puldan bolsun... ― diýdi. ―
Eşitdiňmi? Düşündiňmi... Haram gazançdan hudaýýoly bermegin...
Ýaş artistiňem degnasyna degdi öýdýän, ýüzi-gözi birhili boldy. Degerli bir
zat aýtmak üçin agzyny açdam welin, teatryň baş režissýory o ýigidiň golundan
tutup alyp gitdi.
Teatryň direktory, saçy mazaly seýreklän, togalagrak, etli-ganly,
ýarawsyzlygy zerarly işe käte bir gelip-gidip ýören, häzirem biziň hatyramyz üçin
gelen Artyk atly ýaşuly ýene birine tarap ýönelen Gadyr Hanowyň öňüni kesdi-de,
ýüzüne ýigrenç bilen seretdi. Dişlerini gyjyrdatdy.
― Beýdip, görene diliňi degrip, akyllysyrap ýöreniňden-ä öňki bolşuňa
geziberen bolsaň gowy boljak ekeni... ― diýdi. ― Öňem-ä bir gadyr-sylagyň ýok
welin, barjasynam-a ýere çalyp ýörsüň...
Bu zatlar teatryň öňündäki meýdançada bolup geçdi. Şondan soň her kim bir
tarapa dargady. Diňe oturylyşyga gitmeliler saýlanyp galdy. Direktoryň
käýinjinden soň Gadyr Hanowam bir ýana sumat boldy.
O ýüzüne seret!
***
Ýurt eýeleri Şyh Mustapa ikimizden başga ýene-de sanlyja adamy teatryň
gabat garşysyndaky, çat maňlaýyna dürli yşyklar bilen: «Lezzetli» diýlip ýazylan
5
aýdym-sazly garbanyşhana eltdiler. Öňünden gepleşilip goýlan bolsa gerek, adam
az, ylaýyk bize bolarlyk bir hatar stolam boş dur. Jaýtyldap gelen, ak köýnekli,
galan ýeri gara eşikli orta ýaşlaryndaky gelin ýyljyraklap durşuna hemmämiziň şol
ýere barmagymyzy haýyş etdi.
Bardyk. Oturdyk. Teatr işgärleri Aşgabada baranlarynda biziň özlerine
edibilmeýän hezzet-hormatlarymyzy etdiler.
Ýöne, bizde iki günüň ýadawlygy bardy. Oturylyşyk bize dogrusy, lezzet
däl-de, ezýet berýärdi.
Şonuň üçinem, biz syr bildirmänräge-de basymrak turaýanymyzy kem
görmedik.
Şeýle hem etdik. Usullyk bilen, oturylyşygyň kethudalaryna ýene bir gezek
üstünlik, duz-çörekleri üçin taňyrýalkasyn aýtdyk-da, tejribeçi gyzam alyp ol
ýerden çykdyk.
Iki gün bäri gapdalymyzdan aýrylman, işiň arasynda nirä gitsek öz gulluk
maşyny bilen äkidip, getirip ýören, welaýat häkiminiň medeniýet baradaky
orunbasary, ýalňyşmaýan bolsam Joraguly atly uzynak, ak ýüzi tegelegräk,
melemtil buýra saçly, selçeň murty ― galyň dodaklarynyň üstünden sallanyşyp
duran, gözleri gök hoşgylaw ýigidiň bu gezegem biziň öňümizde kemhyzmat
görnesi gelmedik borly, gitmekçi bolýandygymyzy aňandan, ýalpyldap duran gara
reňkli «Toýotosyny» öňümizde kesertdi.
― Buýruň!..
Mündük. Özem mündi.
Myhmanhananyň agzynda hoşlaşyp durkagam ertir ir bilen uçargähe
giderimiz ýaly, maşynyny iberjekdigini aýtdy.
Myhmanhananyň içine girenimizden soň bizem Sadap bilen sagbollaşdykda, onuňka görä däliziň birneme törräginde ýerleşýän otagymyza tarap ugradyk.
Däliziň dalagyna ýazylan galyň, gyzyl haly her ädimiňde aýagyňa leňňer
berýär. Göksowult çyralaryň aram şöhlesi gözleriňe agram salanok. Gapynyň
agzynda ýylgyryp garşylan, ýaşy birneme durugyşan, dolmuş ýüzli, megerem
«wahtýor» bolsa gerek, rus zenany aşak bakyp, gollaryny gaba göwüsleriniň
üstünde gowşuryp barşyna şol bir ýylgyryşy bilen, edil otagymyza çenli bolmasada, tä däliziň orta gürplerine çenli-hä ugratdy. Şol çaka çenli dymyp gelendigine
garamazdan, gijämiziň rahat bolmagyny arzuw edibem, yzyna döndi.
***
Niýetimiz-ä tapyr-tupur ýatmakçydyk. Ýöne, eşiklerimizi çalşyranymyzdan
soň, gyzgynjak suwa düşünäýenimizem kem görmedik. O-da çaý içmeklige bolan
höwesimizi oýardy. Çalt içilen ýaramaz aragyň awusyny, ýadawlygymyzy aýyrdy,
birhili dilimizem açylyşan ýaly boldy.
Şol aralykda-da gapy kakyldy. «Giriň» diýenimizdenem işik açyldy.
Bosagada tejribeçi gyz Sadabyň çepiksije göwresi göründi. Ýüzümize gözi
düşendenem «ýyrş» etdi.
6
― Waý-iý-ý... Men-ä size ýumuş buýurmany birhilem görýän welin, Şyh
Mustapaýewiç, Hümmet Hallyýewiç, ýaňam aýtmandyryn-da... Haýsyňyzam bolsa
biriňiz ertir irden gaýrat ediň-de, menem nemedäýiň-dä... oýaraýyň-da... Ukym
agyr bolansoň uklap uçardan galaýmaýyn-da...
Şyh Mustapa-da öz endigine görä ýyljyraklap durşuna ilk-ä:
― Sen jigim tä, ukudan doýýançaň ýatyber, bilidi eliňde bolsa uçaryň gitjek
ýeri bolmaz ― diýip, sakgally-sarmykly degişmäni orta atdy. Aýtjagyny aýdyp
bolan gyzyň eýýämhaçan gapa tarap ýantaklap ugrandygyna gözi düşendenem: ―
Hany, gelsene, otursana, çaý içeli-le ― diýdi. Bolmajagyny bilensoňam garaçyny
bilen gürledi. ― Bor jigim, bor. Arkaýyn ýatyber, turuzarys...
Herimiz öz jygyldawuk agaç krowadymyza geçip, tirsekläp, indi ikinji gezek
çaý içip ýatyşymyza her dürli, ownukly-irili gürrüňleriň başyny agyrtdyk.
Hususan-da, edebiýat, sungat, olaryň şu günki düşen günleri barada derdinişdik.
Geçmişi, gelejegi barada pikir alyşdyk. Türkmenbaşynyň döwründe dutaryň
gadagançylyga düşüp, ol gidenden soň öňküsindenem has güýçlenip
çykandygyndan çen tutup, edebiýatdyr sungatymyzyňam maňlaýy açylan güni şoň
deýin parlap çykjakdygyna öz ýanymyzdan ynam bildirip ýatmaga hyýallandygam
welin, režissýor ukuly gözlerini süzüp ýüzüme seretdi.
― Ýogsa-da ýaňkyň bolup durşuny, nähili gördüň-aý, Hümmi akga?
― Kimiň?
― Gadyr Hanowyň.
― Hä-ä, omy... Aý, özüň bilýäň, bu wagt ýurt şolar ýalylardan dold-a...
Şyh Mustapa ýüzüni çytyp, ajymtyk ýylgyrdy.
― Şol ýola gara çynlary bilen, düşseler-ä boljagam welin...
― Wah, gepem şonda-da... ― diýip, men onuň özündenem beter janykdym.
― Öň kim bolanam bolsalar, näme edenem bolsalar, ak ýürekden toba gelip, şol
ýola düşseler oňa ýetesi zat ýok, ýöne hemmes-ä diýjek-gä,köpüsi o zatlary göz
üçin edýäler, dert-azar, eglip-galýandyklaryny, oraza tutýandyklaryny öňünden
çykana bildirjek bolup heläk bolýalar, jan edip ýörite aýdýan wagtlaram bolýa, iň
ýamanam, minnet edýäler. Ýaňky bolşy ýaly: «Men-ä ine, şeýdýän welin, senem
men ýaly bol, ýogsam dowzagy borsuň» diýip, azar berýäler. Günde bäş wagtyna
eglip-galsalar molla boldukmykak, öňýetene akyl öwredibermelikäk diýýäler.
Özlerini ilden artyk, olar ýaly derejä ýetmek üçin gaty sowatly adam
bolmalydyklaryny, yslamyň düýp-teýkaryna düşünmelidiklerini, dini-ygtykatyň öz
agzalaryny hemmelerden öňe tutýan «kompartiýa» däldigine düşünenoklar.
Köpüsiniňem şlýapadyr galstuklary ätiýaçdan entegem sandyklarynyň
düýbünde durandyr. «Birdenkä öňki-öňkülik bolaýsa dagy» diýip, aram-aram,
çykarybam görýändirler, syryp-süpürip ýene-de ýerinde goýýandyrlar.
― Çüýşelerinem gaty bir daşda goýan däldirler-le...
― Elbetde! Ýaňy direktor dogry aýtdy. Olaryň köpüsi çemeçiller. Şemal
haýsy tarapdan öwüsse ýüzlerini şo tarapa öwräýmeli. Sowet döwründe bolup
geçişi ýaly, o zeýilli adamlar özleri üçin bähbitli bolsa, Hudaýdan ýüz öwrüp,
ygtykatlaryny çalşyp syýasata gulluk edip bilýäler. Üýtgeşiklik bolan güni ýene-de
7
beýleleýin öwrüläýmeli. Olara iman däl-de, bähbit, wezipe, at, zat gerek. Şol zatlar
üçin haýamanlyk etmekligi dagy hiç zatça-da görmeýäler.
Kim sowet döwrüniň gadagançylygynda-da namazyny okap, orazasyny
tutup, hiç kimiň haýbatyndan çekinmän Hudaýyň öňündäki borçlaryny berjaý edip
bilen bolsa, men ana, şolary hakyky imanly adamlar hasap edýän.
Olar her hili kynçylyklara sezewar edilselerem, öz ygtykatlaryndan
dänmediler. Hökümetem, Hudaýam, özlerinem aldajak bolmadylar.
Batyrlyk iki hili bolýar: Bir-ä hakyky batyrlyk, beýlekisem rugsat edilen
wagty görkezilýän batyrlyk.
Rugsat edilen güni-hä Hudaýa gulluk edenden bolup, gadagançylyga düşen
günem Oňa sögüp, adyny kiçi harp bilen ýazyp ýörenleri men asla adamam hasap
edemok. ― Kellämiň gyzgynyna sesimi gataldyp ugranymy duýup, men bir azajyk
pessaýladym. ― Meniň bir garryja enem bardy. Altmyşynjy ýyllaryň aýaklarynda
segsen iki ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ýygym möwsüminde, pagta üstüne
göçenimizde ol hemişe biziň bilen giderdi. «Biz» diýýänim: men, özümden üç ýaş
uly uýam we ikimizdenem uly agamyz. Üçümizem mekdep okuwçylary. Tä,
ýygym gutaryp yzymyza gaýdýançak ― dekabryň ortalaryna çenli çöp kümelerde
ýaşardyk. Hiç hili şert ýokdy. Hatda, adaty gara çyra-da, nebitem ýokdy. Zygyr
ýagyndan boşan çüýşäniň içine «solýarka» guýup, pagtadan işilen «peltänem»
içine sallardyk, depesine-de tapan-a döwlen çäýnegiň gapagyny, tapmadygam
hamyrdan «baş» ýasardy-da, peltänem onuň içinden geçirerdi. Gijelerine sowuk
bolýandygyna garamazdan, ot ýakmak bolanokdy. Çünki, ýöne uçgun düşüp,
kümäniň tutaşaýmagy mümkindi. Ähli biş-düşi enem pahyr daşarda taýynlardy,
çaýam şol ýerde gaýnadardy. Her gün daň bilen turup, digdenekläp işe gidişimize,
entek Gün dogmanka keçe girip, ýyldyz ýagtysyna pagta ýygyp başlaýşymyza
nebsi agyrardy. «Alla jan, şujagaz çagajyklary şu zir-zöwranlykdan dyndar,
basymrak oturymly bolar ýaly et...» diýip, Hudaýdan dileg ederdi.
Biziň bolsa oňa nebsimiz agyrardy. Sebäbi, biziň üçin orlup-çapylyp
ýörendiginiň üstesine, bäş wagtyny sypdyrman namaz okardy, täret ederdi, orazada tutardy. Selärlige turanynda tamşanara ýekeje ýumurtga-da tapman, çaý bilen
bir agyz çörek garbanyp, şonuň bilen günuzyn oňmaly bolýardy. Şolar ýaly-da, biz
ýerli-ýerden: «Ene, aç-suwsuz heläk bolarsyň, bizi enesiz goýarsyň, tutma indi
şuny... Asla namazam okama. Ýaşyň ýetmişden geçdi, göwräňde gurp ýok»
diýýärdik. Ol welin: «Aý, guzularym, Alla kuwwat berse zatsyzam bor... Sähel
wagtlykdyr, geçer gider. Namazam şu çaka çenli okapdyryn, indiden soň
taşlamaýyn...» diýýärdi-de, ýene öňküligi bilen boluberýädi. Açlykdanmy ýa
säheriň çigrek çaglary daşary çykyp, çaý gaýnadýanlygyndanmy, käte
hakykatdanam syrkawlardy. Şol bolşy bilenem, agşamlyk işden gelsek, biziň
bokurdagymyzdan ötürer ýaly bir owurt gyzgynjak garaçorba bişirmek üçin
sandyraýan elleri bilen bir düýp soganjagaz, bir bölek kädi, dograjak bolup, titräp
oturandyr. «Has-has» edip demini zordan alýandyr. Şolar ýaly-da biz: «Ana,
gördüňmi, ana gördüňmi», «Biz aýtmadykmy-da ― biz aýtmadykmy» bolşup,
üçümiz üç ýerden onuň üstüne «herrelişýärdik». «Aýdanyňyz dogry ekeni,
guzularym» diýer, gaýdybam şo zatlaryň başyna barmaz öýdýärdik. Özümizi hil
8
bir iş bitiren komsomollardyr ― pionerler saýyşyp, hondan bärsi boluşýardyk.
Tumşugymyzy dik ýokary tutuşyp, petekelerimizi gaýşardyşýardyk.
Enem welin üýtgemeýärdi. Üýtgejege-de meňzänokdy. Hudaý, däpdessurlar, könäniň zyýanly galyndylary barada mekdepden alýan täzeçil
terbiýämiziň eneme täsir etmeýändigi üçin biz kejikýärdik, käte düýbünden
başgaça çemeleşibem görýärdik. Oraza tutmaklygyň, namaz okamaklygyň ynsanyň
beden saglygyna nähili zyýan edýändigi, diniň tirýekdigi, adamyň beýnisini
zäherleýändigi, ruhuna zeper ýetirýändigi barada düýn-öňňinlikde mekdebimize
gelen lektordan eşidenjelerimizi oňa ýeke-ýeke gaýtalap berýärdik. Dert-azar
düşündirjek bolýardyk. Ol bolsa akja gazyny pyrlap, pişçesini süýüp oturyşyna
ýüzümize mähir bilen garardy-da, hiç zat diýmän, ýylgyrar oňaýardy. Şolbolşy
bilenem ötdi görgüli. Ony ygtykatyndan dänderjek bolup aýdan zatlarymyň
barysynyň ýalňyş bolup çykandygy üçin men indi öz-özümden utanýan. Enemiň
şo-ol, syrlyja ýylgyryşynyň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyna düşünib-ä hasam
erbet bolýan. Bizi ata-enelerimize garşy goýan şol döwür, şol döwrüň
mugallymlary, lektorlary bolsa indi ýok. Etjeklerini etdilerde, hiç bir sowalsyz
gitdiler. Bolaýanlarynyňam men ýaly özlerinden utanyşyp, öz etlerini özleri iýip
ýören bolmaklary ahmal.
Ony diýseň olaram, bizem şol güne salan, ökde gözbagçylar kimin
adamlaryň aňlaryny oýnan syýasatam, şol syýasaty döreden döwletem, döwlet
ýolbaşçylaram, halky mumly ýüplüge dönderen birtopar murtly-murtly girdenejik
adamlaram indi ýok. Baran ýerlerini ýykyp-ýumrup barýan agyr harasat deýin bar
zady çepbe çöwürdiler-de, birdenem ýom-ýok bolup gitdiler.
Adamlarda ýene-de Hudaýa tarap öwrülmeklige mümkinçilik döredi. Ýöne,
olaryň Gadyr Hanow ýalylary bu mümkinçiligem ýene-de öňküleri ýaly öz
bähbitleri üçin ulanjak bolup ber-başagaý...
Enem pahyrdan, has takygy Gadyr Hanowdan başlanyp, soňy ula sapan bu
gürrüňim, näme üçindir Şyh Mustapada görnetin ynjalyksyzlanma döretdi.
Ol birhili, özem aňmazdan gozganjyrap başlady. Gorsandy. Ýassygyny hä
eýlesine, hä beýlesine geçirdi. Birdenem göwresini dikeltdi-de, krowadynyň
üstünde aýagyny sallap oturdy. «Beh!..» diýip, ýüzüni iki ýana sypajaklatdy.
― Häý, Hümmi akga, sen-ä tüýs ýatan ýylanyň guýrugyndan basdyň-ow...
Men birhili boldum.
― Hä, näme?..
― Nämesi şol oň. Enem diýdiň, döwür diýdiň, özem gaty ras diýdiň-de, meň
böwrüme dürtdiň goýberiberdiň. Şol zatlary şu döwür, hususan-da, Gadyr Hanow
ýalylar bilen deňeşdirib-ä hasam dogry etdiň... Men indi saňa edip oturan şu
meselämize başga bir, ullakan wakany gürrüň bereýin. Asyl, köpden bäri aýdaýyn
diýip ýördüm men şuny saňa. Belki, bir zatlar ýazarsyň, ýazmasaňam eşidib-ä
galarsyň. ― Berjek gürrüňiniň gadyryny artdyrmak isleýän ýaly, ol ýüzüme
seredip ýeserje ýylgyrdy. ― Ýa ýatyberelimi?..
Ýazyp ýören adam üçin, gyzykly gürrüňçiligiň nämä barabardygyny ol
elbetde, gowy bilýär, şonuň üçinem süýjüdýär. Ýene bir gezege goýar ýaly bolsa
biz häli-şindi duşuşyp ýören adamlaram däl. Iş ýerimiz başga, ýaşaýan ýerimiz
9
birek-birekden uzak. Herimiz şäheriň bir çetinde. Döredijilik duşuşyklary,
ýygnakdyr çärelerem aýak üstünde geçip gidýär. Salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp
ýetişseň boldugyň. Şonuň üçinem men onuň garaşýan jogabyny berdim.
― Ýok, ýok, ýatmaly! Diňläli! Öýe baranymyzdan soň işe jaň ederis-de,
günortana çenli ýataýarys.
Ol ýüzüme seredip ýene bir gezek ýylgyrdy-da, käsesindäki eşrepi ýaly tylla
sary çaýyny bir demde başyna çekdi. Ýerinden turdy. Otagyň ortarasynda duran
ullakan, tegelek stoluň başyndaky daşyna gara çerim çekilen, üstünde oturanyň her
bir gymyldy, hereketinde ýaňy guzlan sygyr ýaly «has-has» edip, galyp-düşüp
duran iki sany mähnet kürsüleriň ýanyna bardy. «Haýsynda otursamkam» diýýän
ýaly, olara taýly gezek seretdi. Ahyram çep tarapkysyna çökdi. Göwresiniň ep-esli
bölegi çerimiň içine çümüp gidenden soňam oýkanjyrap mazaly ornaşdy. Çep
aýagyny sag aýagynyň üstüne atdy. Uzak ýola ugrajak ýolagçy ýaly ykjamlandy,
tegelegräk, çekgeleri süňklegräk, akýagyz ýüzüni çynlakaý sypata saldy. Ýaňy bir
gyrawlap başlan, buýra saçlaryny barmaklary bilen darady, «ähem-ühüm» edip,
murtuny sypalady, uzyn-uzyn ardynjyrady. Şonda onuň dogabitdi ýarany bolan
bilniksiz ýylgyryşyndan nam-nyşan galmady.
Men öňki ýerimde, diwan-krowadyň üstünde goşa ýassygy tirsekläp, çaý
içip ýatyşyma bar ünsümi oňa gönükdirdim.
2.
― Gürrüň atam barada barýa... ― diýip, Şyh Mustapa söze başlady. ―
Temasam ýaňky eneň pahyr bilen bagly gozgan meseläňe degişli ady Mämmet.
Onuň dädesine, ýagny, meň garry atama Nazar şyh diýer ekenler. Ol gaty bir baý
bolmasa-da, öz güzeranyny özi aýlap ýören, orta daýhan derejesindäki,
musurmançylyk borçlaryny berjaý edip ýören, il-gün tarapyndan sylanýan, goňşygolamy bilen oňşukly adam bolupdyr.
Aýalynyň ady Akjemal. Ol hemişe aşak bakyp, tara dokar oturar ekeni.
Aýdyşlaryna görä, o-da adamsy ýaly hoşgylaw, ýuwaş, äriniň aýdanlaryny iki
gaýtalatmaýan, behişdi zenanlardan ekeni.
Atam şolaryň ýeke ogly. Özem ýedi aýlyk. Orslar türkmen topragyny
ymykly eýelänlerinden soň, aýyn-a bilemok welin, 1885-nji ýylda, biziňkiler entek
gum içinde oturýakalar dünýä inipdir.
Nazar şyh ýeke oglunyň hatly-sowatly, ile-güne ýaramly adam bolup
ýetişmegini isläpdir. Şonuň üçinem, wagtynda molla beripdir, kän bir agyr iş
buýurmandyr. Ýöne, gaty bir läliksiretmändirem. Eziz saklaýşy ýaly talabam
edipdir. Ýaşlyk edip, bimesrebräk jahyllara goşulyberse halamandyr. «Haý-küş»
edipdir. Dogry ýola gönükdiripdir. Şeýle-de ol onuň öňünde: «Sen molla bol, ussa
bol ýa ýene bir zat bol» diýen ýaly kesgitli bir şert goýmandyr. Erkinlik beripdir.
«Hünärem edil gyz ýaly bir zatdyr, halap saýlamasaň, ömürboýy kösener ýörersiň,
haýsy käre gol berjegiňi özüň bil...» diýipdir.
Elbetde, şonuň terbiýesi täsir edendir-dä, atamyň özem hünäre höwesek,
dünýä aşyny göz bilen garaýan, köpgyraňly ýigit bolup ýetişipdir. Düýşüne gyzlar
10
girip, gijelerine gorsanyp ugranyndanam goşgy goşup başlapdyr. Ýöne, öz ýazýan
goşgularyna iliň-ä däl, hatda özüniňem göwni ýetmändir. Şeýdibem şahyrçylykdan
el çekipdir.
Soň ol suratkeşlik bilen gyzyklanyp ugrapdyr. Oňa-da şäher bazaryndaky
çokga sakgally, agzynyň üstüni bütinleý ýapyp duran, birinji gezek gören çagaçugalar-a dagy: «E-eý, serediň-eý, ol adamyň agzam ýog-eý» diýdirmän, gapak
deý ullakan murtly, dodaklary tümmül bolan böwrek ýaly pökgerişip duran,
garynlak, Felimon atly daýaw ors adamsy sebäp bolupdyr. Haçan görseň agzyndan
arzan bahaly, ýasama çakyryň ysy aňkap duran bu kişi haýsydyr bir takyr matanyň
ýüzüne gözüň ýagyny alyp barýan ýiti, ýagly reňkler bilen çekilen manzarly
suratlary satýan ekeni.
Bazarlyk işi bolmasa-da, atam her hepde-de şähere gidip, Felimon daýydan
ogrynça, şol suratlary synlap durýan ekeni. «Menem şular ýaly suratlar çekip
biläýsem» diýip, göwün ýüwürdýär ekeni. Birini satyn alyp, öýüne äkidäýesi
gelýänem ekeni-de, obalarynda beýle nysak bolmansoň, kakasynyň bir ýakymsyz
söz aýdaýaryndan çekinýän ekeni.
Şonuň üçinem, ol öňürti kakasynyň öňünde janyny barlap görmek üçin bir
gün öýde çaý içip otyrkalar, aýlap-öwrüp gürrüňi suratkeşligiň üstünden eltipdirde: «Şäherde bir adam bar, özem ors, ýöne, şeýle bir owadan suratlar çekip satýa
welin, görmäge göz gerek, şoňa şägirt bolaga-da, suratkeşligi öwrenäýsem nähili
borka» diýip, assyrynlyk bilen, garry atamyň ýüzüne seredipdir.
Garry atam ogluny göwnünedegmezlik üçin mylaýymlyk bilen: «Bu
dünýäde suratyny çeken jandarlaryňa o dünýäde öz janyňy bermelimişin. Şirin
janyňa dalaş etjek kärden kär bolmaz, başga güýmenje tap» diýipdir. Atamam
tolgunmakdan ýaňa demi-demine ýetmän, ganatlaryny galkynjakladypoturyşyna
«haş-haş» edip: «Däde, o suratlarda jandar ýok hemmesem manzar ― dag, derýa,
asman, ganatlaryny ýaýyp, çemenzarlygyň üstünden uçup barýan ak guwlar...»
diýipdirem welin, garry atam atama tarap gaňrylaga-da: «Guw näme jandar
dälmi...» diýipdir.
Dädesiniň häsiýetine belet bolansoň atam şondan soň gep uzaldyp oturjagam
bolmandyr.
Ýöne, barybir boljagam däl ekeni.Sebäbi, soň görüp otursa ol suratlary
Felimon daýynyňam özi çekenok ekeni-de, diňe bir ýerlerden taýyn edilip
getirilýän suratlary satýan ekeni. Özem ol suratlar hakyky suratkeşleriň däl-de,
peýdakeşleriň elinden çykýan ýasama suratlar ekeni.
O diýenem bolmansoň atam bagşyçylyga, sazandarçylyga imrigip ugrapdyr.
Başlarynyň ýaşdygyna garamazdan, toýlarda orta çykyp aýdym aýdýan deňduşlarynyň halyna bagşylaryň at-abraýlaryna gözi gidipdir, şularyň derejelerine
höwes edipdir. Özüniň söýgi baradaky juwanhalar aýdymlaryny boýdaşlary bilen
märekäniň çetinde ýeňini dişläp, keýerjekläp duran, özünden bary-ýogy iki ýaş kiçi
Annagülüň ― enemiň diňlemegini, özüne guwanmagyny, buýsançdan ýaňa
gözjagazlaryna ýaş aýlamagyny isläpdir.
Elbetde, o zatlar üçin ýeke höwes däl-de, ukybam gerek. Esasanam ses
gerek. Şol bolanda dutar, aýdym öwredere ussat adamlar aýak ýeter ýaly
11
ýerlerdenem-ä tapylýa welin, gerek bolsa ýurt aşyp gidäýeniňde-de azabyň ýerine
düşmän duranok. Ýöne, çatak ýeri atamda ses ýok ekeni. Üstesine-de utanjaň
bolan. Orta çykyp aýdym aýtmag-a beýle-de dursun, ol hatda köpçüligiň içinde
gepläbem bilenok eken-ä. Şol bolşy bilenem şol zatlar nireden kellesine gelýä,
Hudaý bilsin.
Her näme-de bolsa, uýala-çekine ol özüniň bu haýalynam dädesine
duýdurypdyr. Ýöne, ata diýeniň öz çagasynyň nämä ukyplydygyny, nämä
ukypsyzdygyny bilmän durmy, agzyny açanyndan seňrigini ýygrypdyr-da, ýüzüni
bir gyra sowup: «Aý, jan ogul. Ýerine siýýän çaga ýaly ýüzüň ýerden galanok,
içiňden sesiň çykanok, sendenem bir bagşy bormy?» diýipdir.
Atam birnäçe wagtlap näme etjegini bilmän, içini «hümledip» gezipdir.
Ahyram bir gezekki uly toýda uly baýrakly at çapyşygyny görüpdir-de,
çapyksuwar bolmaklygyň, toýlarda ýaryşyp baýrak almaklygyň, at üstünde edilýän
oýunlary öwrenmekligiň, soňy bilen tanymal atşynas, seýis bolmaklygyň yşgyna
düşüpdir.
Bu barada ýene-de dädesine sala salypdyr.
Nazar şyh bu gezek ogluny goldapdyr. «Ine, munyň bolýa. At münmek, at
saklamak, ony ýetişdirmek türkmeniň aňyrdan gelýän ýörelgesi. Ol onuň ganaty.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Gyrmyzy bägüller - 02
  • Büleklär
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3602
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2264
    29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3645
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2074
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3604
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2179
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3641
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2271
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3700
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2169
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3611
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2212
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3628
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2142
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3631
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    30.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3669
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2116
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3540
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3648
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2026
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3669
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2057
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3653
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2181
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3690
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2262
    30.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 1835
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1305
    36.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.