Latin

Don Kihot - Turkmen - 2

Süzlärneñ gomumi sanı 3822
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2178
31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
50.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
çapykdan, kesikden doly bolaýmalydy, emma awtor onuň soňsuz taryhynyň
dowamy bar diýip kitaby jemläni üçin, begzada ony hasam gowy görýärdi, yzyna
sabyrsyz garaşýardy, mahal-mahal bolsa döwet galam alagada romanyň yzyny özi
ýazmak isleýärdi. Meger, ol ony awtora görä gowy hem ýazardy. Ýöne başga has
wajyp hem erjel pikriler oňa päsgel beräýdi. Niçembir gezek Don Kihot ýerli
ruhany bilen rysar romanlary hakda gyzgyn jedellere giripdi (ýerli ruhany
danyşment, okumyş kişidi, ol Siguensde ylma dereje alan adamdy. Olaryň jedeli
esasan: Palweri Angliýalymy ýa Amalis Gally meşhur rysar? diýen ýaly zatlardan
ybaratdy, emma şol obaly dellek, Nikolas ussa ikisiniňem rysar Feb bilen
deňeşdireniňde asgyndygyny tassyklaýardy. Ol Feb bilen deňeşdirjek bolsak diňe
Amalis Gallynyň dogany don Galaoranyň deňeşdirmäge mynasypdygyny, onuň öz
agasy ýaly naýynjar däldigini, agasyna garanyňda has batyrdygyny tekrarlaýardy.
Bir söz bilen aýdanyňda, biziň kabalýero rysarlar romanyna özüni başaşak urdy,
daň atandan gün ýaşaryna, gün ýaşaryndan daň ataryna çenli roman yzyna roman
okady. Şeýde-şeýde kem-kemden onuň beýnisi gurap ymykly aklyndan azaşdy
oturyberdi. Ýaman ýerem özi aklyndan azaşanyny bilmeýärdi. Onuň kellesi
romanlarda okan bor-bolgusyz wakalary bilen, romanlardaky jadygöýlük, hilepirim, uruş-dawa, tutluşyk hem gyrlyşyk, ýekme-ýek söweşler, ýaralar, süýji
söhbetler, yşgy ýörişler bilen püre-pür doldy, elhenç ýerem ol ýaşaýşy unutdy,
romandaky şol warsakylar, toslamalar oňa hakyky durmuş bolup görnüp başlady.
Rysar romanlaryndaky çypdyrma wakalar oňa durmuşy hem taryhy wakalardan
has ynandyryjy wakalara öwrüldi. Elbetde, ol Sid Rui Diasy ajaýyp rysar diýip
tassyklaýardy, emma onuň alawly Gylyjyň ýanynda balajykdygyna güwä geçýärdi,
çünki ol şäher diňinden sähelçe-de kiçi bolmadyk iki sany mähnet mahlugy ýeke
gylyçda öldürip bilýärdi. Begzada Bernardo de Karpo hem sarpa goýýardy, sebäp
ol öz gujagynda Ýeriň perzendi Anteýi bogup öldüren Gerkulesiň mekirligini,
pirimini ulanyp, Ronsewel jülgesinde jadylanan Rolandy dünýä gelmedik ýaly
edipdi. Ol mähnet mahluk Morgantäni gaty gowy görýärdi, ýogsa ol tekepbir hem
bihaýa mahluklar tohumyndandy, ýöne özüni edep-terbiýeli alyp barany üçin, onuň
ata-babasynyň günäsini hem geçýärdi. Emma ol hiç kimi Reýnaldo
Montalbanlynyň derejesinde goýmaýardy: onuň öz galasyndan çykyp barşyna
gabat geleni talap-oljalap barşyna hoş bolýardy, deňizden aňyrdaky ýurtlara sapar
12
edende bolsa, Muhammet pygamberiň tutuş altyndan edilen heýkelini zor bilen
alyp gaýdyşyny okap doýup bilmeýärdi.
Eger-de onuň jyny almaýan gahrymany bolan Ganelonyň tumşugyna mazaly
kakan kişi tapylaýsa, ol şol kişä öz talabanyny, üstesine, owsunyp oturan on dokuz,
ýigrimi ýaşly ýegençesini hem bermäge razydy. Günleriň bir günem boljak iş
boldy. Onuň akyly gelip-gitmeli kellesine hiç bir zamanda hiç bir tentegiň
kellesine gelmejek geň-taň pikir geläýdi: ol okan romanlarynyň gahrymanlary ýaly
jahandar rysara öwrülip, ata atlanyp ýola çykmagy makul tapdy, çünki beýtmek
onuň diňe öz şöhratyny götermek üçin däl-de, ata watan üçin zerurdy. Ol jahandar
rysarlar ýaly dünýäni aýlanyp, ýedi yklymy söküp, gyzykly başdan geçirme
agtaryp, şeri-dawany düýbi-teýkary bilen ýok etmegi, jahanda adalaty
dabaralandyryp, jahalatyň garşysyna göreş etmegi maksat edip, ady-owazasyny
ýagty ýalança doldurmagy müwessa bildi. Görgüli eýýämden öz hyýalynda bitiren
edermenlikleri üçin, hiç bolmanda, başyna Trapezund şalygynyň täji geýdirilen
ýaly, süýji hyýallara gark bolup, owsaryny aldyryp, adatdan daşary lezzet alyp,
maksadyna basymdan-basym ýetmäge, hyýallaryny durmuşa geçirmäge
howlukýardy. Ilkibada ol atasynyň atasyndan galan, bir zamanlar jaýyň künjegine
taşlanany sebäpli poslap giden ýarag-esbaplaryny tapdy, gyssanman tä
ýalpyldaýança süpürdi. Emma jahandar rysar bolmaga esasy bir zadyň
ýetmeýändigini duýup, hapa boldy, çünki demir tuwulga derek tabakdan parhy
bolmadyk demir sopbaş bardy. Her hal oňa üşügi kömege ýetişdi: ol kartondan
ýüzügi örtgi ýasap, onam ýaňky demir tabaga dakdy weli, tüýs tuwulga boldy
duruberdi. Emma, basym gazaply söweşe girmeli begzada ony synagdan geçirmän
biljek däldi, çünki duşman seniň kelläňi aýap goýarmy? Rysar oňa iki ýola gylyç
urmagy makul bildi, emma tuwulga ilkinji gylyçda çar-para boldy ýatyberdi.
Karton gylyja çydarmy diýiň! Ol oýlanyp-oýlanyp ahyry kartondan täze örtgi
ýasady, onuň içinden bolsa zowwam-zowwam demir böleklerini goýuşdyrdy, onuň
gaty berk bolanyna ynanyp, näderejede berkligini synap görmegi makul bilmedi,
çünki ýene bir ýola gylyç bilen tuwulgasyny zaýalasa, ol ýola düşmek pikirini ýene
bir hepde yza çekmeli boljakdygyny bilip durdy. Ajaýyp ussanyň elinden çykan
ýaly tuwulgasyny hakyky tuwulga hasap etdi, a hakyky tuwulgalar bolsa söweşde
synalýar. Soňundan begzada lagar düşen atyny gözden geçirdi, janawarda ýok
kesel ýokdy, ol kemini tapana şa gyzyn berjek diýäýseň şa gyzy dul geçäýmelidi,
hatda masgarabaz Gonellanyň atam onuň ýanynda çyn bedewe meňzeýärdi, emma
atyny synlap begzada öz atynyň ýanynda Isgender Zülnarkaýynyň Busewal atly
atynyň-da, Silin Babýekasynyň-da, gatyrdan enaýy däldigine kemsiz ynandy. Ol
dört günüň ukusyny, iýer-içgisini haram edip, atyna mynasyp at gözläp, oýlanyp
geçirdi, çünki şeýle bedewiň, onda-da meşhur rysaryň bedeniniň şöhratly adynyň
bolmazlygy akylyňa sygjak zat däldi. Ol atyna şeýlebir at goýmak isleýärdi, şol at
tutulan badyna onuň meşhur jahandar rysaryň atylygy hökman mälim
bolaýmalydy, ýeňil atlylygy ýatlatmalam däldi, ras onuň hojaýyny kesbi-kärini
üýtgedýärmi, diýmek, onuň atam labyzly, dabaraly, agzyny dolduryp duran atly
bolaýmalydy. Pakyr gaty köp at tapyp gördi, oňlamady, täzesini tapdy, halamady,
ýaňadan gözledi, garasaý, beýnisiniň içine galtaman giren ýaly, akan-dökän edip
agtardy, ahyram Rosinant diýen atda saklandy. Rosinant ady göçgünlidi,
13
labyzlydy, gulaga ýakymlydy, dabaralydy. Ol atyna Rosinant diýip ýüzlenip gördi
weli, lakaşa janawar onuň gözüniň öňünde lakaşa atlygyndan, dünýäde deňsiztaýsyz bedewe öwrüldi duruberdi. Rosinant ýagty ýalançyda birinji atdy, çünki
onuň eýesi dünýäde birinji jahandar rysardy.
Atyna göwnejaý at dakanyna göwni galkyp, hoş boldy, atynyň täze adyny
mübärekledi, özüne-de şaplaşyp duran şeýle at agtaryp ýene bir hepde wagtyny
giderdi, ahyram mynasyp at hökmünde Don Kihot adyny saýlap aldy. Şonuň
üçinem biz käbir taryhçylaryň nygtaýşy ýaly, onuň adynyň Kesada däl-de,
Kihalolygyna kepil geçýäris, sebäp ol şol adyny timarlap Don Kihota öwürdi. Don
Kihot okan kitaplaryny birlaý aňynda aýlap, özüne mertebeli familiýe-de saýlap
almalydy. Çünki meşhur rysara, Amalis adynyň yzyna ýurdunyň adyny goýup
Gally bolupdy, sebäp her bir rysar hökman öz doglan etrabyny hem
şöhratlandyrmalydy. Şeýlelikde, ol Lamanç adyny oňlady. Ol at onuň adyna hem
peşene berýärdi, hem ýurduna at-abraý getirjekdi. Don Kihot Lamançly diýlen
badyna her bir akyly ýerinde adam Don Kihotyň aslynyň Lamanç
obasyndandygyny biljekdi.
Söweş geýimlerini, ýarag-şaýlaryny taýýarlap, tuwulgasyny birkemsiz edip,
atyna, özüne mynasyp at tapyp, ýene agyr oýa batdy, çünki oňa bütin ömrüne aşyk
bolup gezer ýaly, päkize bir perizadam gerekdi, sebäp ýarsyz rysar, miwesiz
agaçdy ýa-da jansyz jesetdi. Ol öz-özüne: «Bardy-geldi bagtym işläp, rysarlaryň
öňünden çykyşy ýaly mähnet bir mahluk öňümden çykaýsa, (rysar romanlarynda ol
häli-şindi duşýar) menem ony ilkinji tutluşykda başdan aýlap ýere pylçap ursam ýa
gylyjym bilen parran çapyp goýbersem, iň bolmanda, ony bagyrdadyp basyp aman
diletsem, ýesir alan mahlugymy peşgeş berer ýaly maňa bir näzenin?
Perizat hökman gerek, ýogsa men ony kime bereýin? Şonda men ol aman dilän
mahlugy söýgülimiň huzuryna ýollaryn, ol mahlugam onuň dergähine baryp,
sadyklyk bilen ony boýun sunup: «Hanym, men Malindran adasynyň patyşasy
mahluk Karakulýambr rysar Don Kihot bilen tutluşyp ýeňildim, ol meni siziň
huzuryňyza iberdi, galan ömrüm sizden, ýalkasaňyz ýaz, gargasaňyz gyş» diýer
hem perizadyma gul bolar» diýip oýlanýardy. Soňky jümleleri içinden aýdanyndada onuň bolaýşyny bir görsediňiz, ol uçaýjak bolýardy, geljekde özüne wepaly
perizat bolmaly zenany tapanda-ha az-owlak uçdam öýdýän. Ýesir alnan
mahlugynyň huzuryna barmak bagty Dulsineýa bolup çykdy. Ol golaýdaky obada
ýaşaýan gaýhan gyzdy, oňa ir zamanlar biziň begzadamyz aşygam bolupdy, emma
onuň özüni söýýändiginden bihabar gyz Don Kihota gabak hem galdyrmandy. Ol
gyzyň ady Aldosa Lorensody, ine şonam söwer ýar edinmegi begzada oňlady, indi
oňa köşk zenanlaryňky ýaly mertebeli, owazly at tapaýmak galypdy, ahyry olam
tapyldy. Biziň begzadamyz onuň adyny Dulsineýa Tobosly diýmegi makul bildi,
owaza, duýga, lezzete baý bu at tüýs jahandar rysaryň söýgüli ýarynyň adyna
meňzeýärdi.
II BAŞ
Munda ýeser Don Kihotyň öz mülkünden çykyp ilkinji ýörişi barada hekaýat
edilýär.
14
Ähli taýýarlyk işlerini bir ýüzli eden badyna, biziň begzadamyz dessine ýola
şaýlanmagy makul bildi, çünki sähel hallyň-sallyňlyga salsa, adamzat tohumyna
ýetiriljek zyýanyň uludygyna şübhelenmeýärdi: sebäp ol näçe bikanunlygyň öňüni
almaly, näçe nädürslügi dürs etmeli, näçe adalatsyzlygy ýeňip geçmeli, näçe edenetdiligiň tumşugyna kakmaly, näçe garyp-gasaryň kalbyny awlamaly! Şeýdibem,
dogandan jokrap dogan iýul günleriniň birinde saba bilen öz niýeti barada hiç
kime kelam-agyz söz aýtman, hiç kime duýdurman söweş geýimlerini geýip,
başly-barat ýarag-esbaplaryny dakynyp, Rosinanta atlanyp, ýasama tuwulgasyny
eýdip-beýdip geýip, naýzasyny, galkanyny alyp, öz pikirini amala aşyrmaga adam
oglunyň päsgel bermänine hoş bolup mal-halyň çykýan derwezesinden meýdana
çykdy. Çyksa-da çykdam weli, onuň kellesine bir eýmenç pikir geldi, o pikir şeýle
bir eýmençdi, hatda ol telim günläp taslan niýetlerinden ýüz dönderip, tas yza
dolanypdy. O eýmenç pikir şundan ybaratdy: onuň ýadyna özüniň rysarlyga pata
almandygy düşdi, rysar kadasy boýunça bolsa rysarlyga pata berilmese, rysarlyga
göterilmese, hiç bir rysar bilen söweş etmäge-de haky ýokdy: ak pata almadyk,
başlangyç rysar bolaýanda-da söweş geýmiň jowur ak bolmalydy, batyrlygyň bilen
bir edermenlik görkezýänçäň bolsa galkanyňda ýazgy bolmaly däldi. Kellesine
gelen bu oýlanmalar onuň aýgytly gelen netijesine sarsgyn berdi, yraň atdyrdy,
emma kemakyllyk ähli kada-kanundan rüstem gelip, ony şeýle bir hala saldy. Ol
okan ençeme rysar romanlarynyň gahrymany ýaly öňünden ilkinji çykan adamdan
rysarlyga ak pata bermegini haýyş etmegi müwessa bildi. Ak egin-eşik dogrusynda
bolsa, dynç alyş wagty geýim-gejimini gunduzdan ak bolýança ýuwmaga özüne
söz berdi, şeýdip depmehalal netijä gelip ýola ýaňadan düşdi, takygy atyň saýlap
ýörän ugruna bakan gidiberdi, çünki ol başdan geçirme agtarýardy, onam aty
tapaýjak ýalydy...
Ýoda bilen, ýol bilen barýan täze dörän rysarymyz oýlanýardy:
– Iru-giç dünýä meniň şöhratly işlerim baradaky hekaýaty biler, ony ýazjak
ylymdar är saba bilen ýola düşüşim hakyndaky hekaýaty şübhesiz şeýle jümleler
bilen başlar: «Tylda buýraly feb ýeriň ýüzüne altyn şuglalaryny ýaňy ýazanda,
dürli-dürli guşlar arfanky ýaly owazy bilen zemini heýjana getirip, gabanjaň
adamsynyň düşeginden örüp, Lamançyň gözýetiminiň derwezesini öz nury bilen
ýagtyldyp, ýer ýüzüniň sülsadyna nazaryny aýlan Awrorany garşylanynda Don
Kihot Lamançly öz bedewi Rosinanta münüp gadymy hem şöhratly Montel
düzlüginden ýüzin salyp gitdi...».
Hakykatdanam, ol şol düzlük bilen barýardy.
– Bir döwre wagt ýylgyrsa, asyram bagtly bolýar, haçanda meniň bürünje tylla
harplar bilen ýazmaga, mermer daşynda oýup beslenmäge, polotnolara çekilmäge
mynasyp şöhratly ýeňişleriň geljekki nesillere sapak bor ýaly edilse, o döwür tutuş
asyry bagtyýar eder – diýip, ol oýlandy. – Meniň adatdan daşary ýylýazgylarymy,
ömrümiň beýanyny ýazmak bagty maňlaýyndan çykan, eý bagtyýar, akyldar
jadygöý, sen kim hem bolsaň, bütin ömrüme meniň hemram bolan, ýedi yklymda
meniň bilen sergezdançylyk çeken şöhratly Rosinantymy unutmagyn.
Soňra ol hak aşyk ýaly öz-özünden gürlemäge başlady:
15
– Eý, melike Dulineýa! Meniň sadyk ýüregimiň hökmürowany! Siz gaharyňyz
gelen pursaty meni gaty öýkeledip, igençden ýükümi ýetirip, öz gözelligiňizi
görmekden mahrum edip, ýersiz-ýere kowduňyz! Towakga edýän, senora: sizi
söýüp, elhenç dertleri çekýän ýüregime rehmiňiz insin!
Ol bu jümleleriniň üstüne öz söýgüli romanlarynyň sözlemlerini goşup, şolara
meňzedip jümle düzüp barýardy, şol sebäplem at öz maýdalyna gidip otyrdy, gün
bolsa al asmana çykyp şeýle bir gyzdyrýardy weli, eger-de Don Kihotda sähelçe
beýni galan bolsa gümansyz eräýmelidi. O gün, umuman, gürrüň beräýer ýaly hiç
bir waka bolmady, şol sebäplem Don Kihot göwnüçökgünlik edip başlady, çünki
ol gaýratyny görkezmäge nähilem bolsa bir başdan geçirme küýseýärdi. Käbir
awtorlar onuň ilkinji başdan geçirmesi Lapis jülgesinde bolan waka diýip
tekrarlasa, beýleki birleri ýel degirmeni bilen bolan waka ilkinji diýip ykrar
edýärler, emma men Lamançyň ýyl ýazgylaryny okap aşakdaky wakanyň
bolandygyny anykladym. Don Kihot o gün ýol söküp, aşgamara özem, lakaşa atam
ajygyp, surnugýar: şonda ol garbak-gurbak eder ýaly, ýadaw göwresiniň gurşugyny
ýazar ýaly töwerekde gala, ýagny çopan çalmary barmyka diýen ynam bilen
nazaryny aýlaýar, görse golaýjykda kerwensaraý bar, ol kerwensaraý oňa
kerwensaraý däl-de, halas bolnuş ybadathanasyna alyp barýan ýyldyz bolup
görünýär. Ol jylawy çekip goýberip, iňrik garalyp ugranynda kerwensaraýa barýar.
Kerwensaraýyň derwezesinden tötänleýin iki sany başyboş, aýdylyşy ýaly
elden-ele geçip ýören iki sany zenan çykýar: olar gatyr süregçileri bilen Sewile
barýardylar, argyn iki hanym bu kerwensaraýda gijäni geçirmegi makul bilipdi, bu
bolsa, biziň rysarymyza romanlarda okan wakasyny, aňynda, hyýalynda janlanan
wakany ýadyna saldy, ýönekeý kerwensaraý oňa başy lowurdap duran kümüş
gupbaly, dört diňli, göterme köpürli, çuň hendekli gala bolup göründi. Ol
kerwensaraýa, ýagny hyýaldaky gala birnäçe ädim galanda at başyny çekip,
galanyň haýatynyň dişleriniň arasyndan liliputyň çykyp, zok çalyp, rysaryň
gelendigini jar ederine garaşdy. Emma liliput çykmady. Rosinant hem teblehana
höwes edip durmady, şonda Don Kihot derwezä golaýlady hem iki sany peýkeriň,
iki sany zenanyň derwezäniň alkymynda näz-kereşme edýänini gördi. Gör, boljak
bolsa bolar durar eken. Şol mahal doňuzlaryny sürüp gelen doňuz çopany, doňuz
sözüni agzanym üçin bagyşlaň, o janawarlaryň gaýry ady bolmasa nädeýin,
jüljülini çaldy, meger, ol şony çalanda doňuzlar gatyrak gitmeli bolsa gerek, o-da
biziň rysarymyza liliputyň öz gelenini jar edýän zok sesi bolup eşidildi. Ol
şatlykdan uçara gelip, perilere bakan atyny sürdi, emma ýabany geýimleri geýen
bir goly naýzaly, beýlekisi galkanly atlyny gören zenanlar göterdiler ökjäni, Don
Kihot olaryň özünden gorkanyny bilip, horyda hem tozan basan ýüzünden
tuwulgasynyň örtügini göterip, bar bolup bilşinden hoşamaý ses bilen ýüzlendi:
– Senoralar, menden gaçmaň, gorkmaň, meniň degişli bolan rysarlyk ordenim
hiç kime hiç hili zyýan bermeýär, siziň ýaly asylzadalygy görnüp duran gözel
gyzlara asylha-da!
Zenanlar nätanşyň ýüzüni görjek bolup bakdylar, emma eýýäm onuň ýüzüne
karton örtgi süýşüpdi, emma aýallar gulagyndan semrär diýleni, özlerine we kespkärlerine asla gelişmeýän gözel gyzlar diýlenini eşidip, olar hahahaýlaşyp gülüp
başladylar, hatda rysar özüni juda oňaýsyz duýdy. Ol:
16
– Gözelligi mertebe beýgeldýär, siziň ýerliksiz gülkiňiz paýhasyňyzyň juda
ýüzleýdiginden habar berýär – diýdi. – Umuman, men bu zatlary siziň göwnüňize
degmek üçin ýa-da ruhuňyzy syndyrmak üçin aýdamok, çünki men diňe size
gulluk etmekçi bolanym üçin aýdýan.
Zenanlaryň şindi endik etmedik biziň begzadanyň rysara mahsus sözleýiş äheňi,
garantganyňky ýaly daş keşbi gitdigiçe olaryň has hem böwregini bökdürip
başlady, a Don Kihotyňam gitdigiçe gahary gelip ugrady, eger-de şol mahal bijaý
semiz, semizligi zerarlam hoşgylaw kerwensaraý hojaýyny gelip ýetişmedik bolsa,
wakanyň yzynyň nähili gutarjakdygy alla-da nämälim, hojaýyn öz öňünde duran
yşaraty, onuň agyr naýzasyny, deriden edilen ýeňil galkanyny görüp, tas zenanlara
goşulyp gülüp başlapdy, hernä Allaň özi saklady. Ol onuň ýaraglaryndan eýmenip,
bi nätanyş bilen mylakatly gürleşmegiň zerurdygyny aňynda aýlap, hoşamaý gep
urdy:
– Eger, jenap kabalýero, siz bu ýerde gijäni geçirmegi makul bilseňiz, bizde
diňe çarpaýa bar, dogrusy, çarpaýanyň ýekejesem bizde ýok, a onuň deregine galan
zat näçe diýseň tapylar.
Kerwensaraýy gala diýip kabul eden rysara onuň hojaýyny hem komendant
bolup göründi, komendantyň hormat bilen gürleşmegem ony biraz köşeşdirdi:
– Men bary bilen oňşuk ederin, çünki meniň söweş geýmim – meniň dynç
alamda düşegim, söweş güni meniň asudalygym, jenap kastelýan. Hojaýyn
nätanyşyň özüni kastilýaly diýip dogry hasap edenini bildi, aslynda ol andalusly,
özem ogurlykda-jümürlikde kanunyň özünem ompa oturdýan, jadygöýlükde iblise
sapak berýän San Lukarlydy.
– Diýmek, siziň düşegiňiz gaty daş, ukyňyz bolsa daňdana çenli çirim etmän
geçirmek bolar. – Hojaýyn gürleýärdi. – Eger siz bizde gijäni geçirmegi
batyrgaýlyk bilen ýüregiňize düwen bolsaňyz, bi harabaçylykda ýeke gijäni däl,
bütin ýyly gözüňizi ýumman geçirmäge-de şert tapylar.
Hojaýyn şu sözleri aýdyp, Don Kihotyň atyny jylawlap kerwensaraýa garşy
ugrady, rysaram howlukdy, ýöne oňa ýeňil däldi, çünki ol uzakly gün aç gezipdi
ahbetin.
Soňra ol hojaýyndan atyna gowy seretmegi, gözden salmazlygy tabşyryp,
atynyň ot iýýän janly-jandaryň arasynda iň ajaýybydygyny nygtady. Hojaýyn
Rosinanty synlap, eýesiniň aýdýan mahabatynyň ýarynam onda görmedi, herhal ol
aty idip teblehanada daňyp, dessine-de, myhmana näme gerekdigini bilmek üçin
yzyna geldi: nätanyş myhman bilen ýaraşyp ýetişen zenanlar onuň söweş
geýimlerini çykarmaga kömek etdiler: onuň teletin göwüsligini, eginligini aýyrmak
beýle kynam bolmady, ana ýöne mojuk tuwalgasyny çykarmak güzap baryny
görkezdi, çünki onuň halkasynyň düwüni olara çözdürmedi, ýaşyl lentany kesmäge
bolsa, rysar yjaza bermedi, şeýlelikde, ol düýşde görnen göze göründi ýaly, uzak
gijäni enaýy hem hoşuna geliji yşarat ýaly tuwulgaly geçirmeli boldy.
Aýallar öz işine gümraka, ol öz ýanyndan bi galanyň hanymlary özüne hyzmat
edýändir öýtdi hem olara goşgy okap berdi:
Obasyny, öz mülkünu terk edip,
Gala gelip, hoşal boldy Don Kihot.
17
Perizatlar ony garşy aldylar,
Pişwaz çykylşynyň asla kemi ýok,
Şa gyzlary hyzmat etse özüne,
Han gyzlary ata hyzmat kyldylar.
Ýagny, meniň atym Rosinanta, hawa, meniň atymyň ady şeýle, meniň adym
bolsa Don Kihot Lamançly, elbetde, hä diýmän amala aşyrjak edermenligim
kimdigimi görkezýänçä, meniň özümi tanatmagym gelsiksiz, emma size peýdam
degjek bolup durka, siziň gullugyňyza taýýarkam hem häzirki ýagdaýa dahylly
Lanselotta hakyndaky gadymy romans özümi wagtyndan öň tanatmaga mejbur
etdi. Umuman, wagt geler, siziň aly hezretleriňiz, maňa buýrar, men hyzmata
gaýym bolaryn. Beýle pajarly sözlere endik etmedik zenanlar dymyp, ony
diňleýärdiler, olar diňe arasynda onuň owkat edinjekdigini-edinmejekdigini
soradylar.
– Garbanmaga men garşy däl. – Don Kihot jogap gaýtardy. – Garbanmagyň
aýny wagtydygyny hem aýtmaga boýun bolýaryn.
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly bu gün anna bolansoň tutuş kerwensaraýda
Kastiliýada abadeho, andalusiýada – bakalýao, gaýry ýerlerde – kuradio, ýene bir
ýerlerde Forel atlandyrylýan az-owlak treska balygy tapyldy. Don Kihoda başga
hiç bir zadyň ýokdugyny, Foreljagazy iýmek meýliniň baryny-ýoguny soradylar.
– Eger-de, Foreljagaz köp bolan bolsady, onda olar bir Foreliň ýerini tutardy,
sebäp maňa sekiz realy şaýlyk bilen berenleriniň ýa-da sekiz reala barabar manat
berenleriniň parhy ýok – diýip, Don Kihot akylly-başly pikirini jemledi. Onsoňam
göle etiniň sygyr etinden, çebiş etiniň geçi etinden näzik bolşy ýaly,
Foreljagazlaryň eti Forel etinden näzikdir. Näm bolsa, şol bolsun, diňe basymrak
getireweriň, çaltrak garnyň talabyny kanagatlandyraýmasam döwrüň ýüküni,
üstesine-de söweş geýimlerimi götermek maňa ýeňil düşmez. Stoly derwezäniň
öňünde açyk meýdanda goýdular, hojaýyn Don Kihota örän ýaramaz ýuwulan,
ondanam beter ýaramaz bişirilen treskany we onuň ýaraglaryndanam heňläp giden
gara çöregi getirdi. Ýöne Don Kihota seredip gülmän oturmak asla mümkin däldi,
çünki örtgüsi häli-şindi ýüzüne gaçyp duran tuwulgaly rysar agzyna çöregi eltip
bilmeýärdi! Şonuň üçin zenanlaryň biri onuň örtgüsini göterip agzyna çörek tutup
bermeli boldy, çöregi näme-de bolsa iýdirdiler, emma içirmek weli, mümkin däldi.
Ugurtapyjy hojaýyn gamyşyň bir gapdalyny deşip, onuň agzyna çakyr guýdy.
Rysar bu güzabyň baryna kaýyldy, diňe tuwulgasynyň halkasy kesilmese
bolanydy. Şol mahal jürrüldewügini jürledip, jojuklary biçmäge bolgusyz mal
tebibi geldi, munam Don Kihot özüni hatyralap çalynýan sazdyr öýdüp güp
ynandy, treskany – Forel, gara çöregi ak çörek diýip kabul etdi, zenanlary köşk
hanymlary, kerwensaraýyň hojaýynyny galanyň komendanty diýip tapdy, özüniň
ilkinji gün sergezdanlygynda bulary barypýatan şowlulyk saýdy. Diňe bir zat oňa
ynjalyk bermeýärdi, sebäp ol rysarlyga ak pata almandy, a rysar däl kişileriň bolsa,
onuň pikiriçe gyzykly başdan geçirme gözlemäge hukugy ýokdy.
III B A Ş
18
Munda Don Kihotyň täsin usulda rysarlyga ak pata alşy hekaýat edilýär.
Bu pikirlere gümra bolan Don Kihot derrew traktiriň pukara owkadyny iýip
bolup, hojaýyny çagyryp, onuň bilen teblehana bardy-da, tapyr-tupur dyzyna
çöküp:
– Mertebeli rysar! Siziň aly hezretleriňiz, tä meniň haýyşymy ak ýürekden
bitirýänçäňiz, men ýerimden bytdam etmerin – meniň etjek bolýan haýyşymy
bitirseňiz, öçmejek şöhrat siziň depäňizden dabanyňyza çen örter hem külli
adamzada peýda getirer – diýdi.
Myhmanyň dyzyna çökenini gören hem onuň göçgünli sözlerini eşiden hojaýyn
aňk boldy: ol näme etmelidiginem, näme diýmelidiginem bilmeýärdi, diňe ony
ýerinden galdyrjak bolup jan edýärdi, ýöne rysar ol haýyşyny ýerine ýetirmäge
boýun bolandan soň ýerinden galdy.
– Merhemetli hökümdar, siziň görlüp-eşidilmedik rehimdarlygyňyzdan men
mundan asla razy hem däldim. – Don Kihot ony magtady. – Şeýlelikde, meniň size
ýüz tutan haýyşym äşgär bolsun, meniň size ýüz tutan, siziňem ynsanperwerlik
bilen bitirmäge söz beren haýyşym şeýle, siz ertir ir bilen maňa rysarlyga ak pata
bermeli: men bu gijäni siziň galaňyzyň buthanasynda ýaragly şöwür çekip geçirjek,
ertir bolsa, goý, meniň arzuwym hasyl bolsun, gaýtalaýaryn, meniň hyruç edýän
arzuwym hasyl bolsun, men dünýäniň dört tarapyna gitmäge gyzykly başdan
geçirmeleri gözlemäge hukuk gazanaýyn, şeýdibem ejizleri penalamaga hukuk
gazanaryn, şeýdibem rysarlyk borjumy berjaý ederin, jahandar rysaryň borjy,
ýagny meniň borjum – meniň bellän edermenliklerimi amal etmekdir.
Ozal aýdyşymyz ýaly, görmedigi göründe galan mekir hojaýyn başda onuň
kellesiniň düzüw däldigini aňypdy, ýöne onuň bu sözlerini eşidensoň, myhmanyň
telbedigine, hakykatdanam, göz ýetirdi hem ol näme etse-de kaýyl bolup, ugruna
sürüp, gijäni şagalaňly geçirmek maksady bilen Don Kihota şeýleräk pikiri aýtdy:
myhmanyň niýeti, haýyşy-da örän akylly-başly, örän tebigy hem kanuny, daşyndan
seredeniňde asylzadadydy görnüp duran bu buýsanjaň kişide beýle isleg
oýanaýmady; hut onuň özem, hojaýyn bolmazdan burun şeýle hormatly iş bilen
gümra bolup göründi: dürli-dürli ýurtlarda ygyp, gyzykly başdan geçirme agtaryp
Malaganyň etegindäki perçelesiň gädiginden Riaran adalarynda, sewil
kompasynda, segowa Asogehinde, walensa Oliwerinde, granada Rondilýesende,
Saň Lukaranyň kenarlarynda, kordowo Potrosynda, tolediň göçgünli oýunlar
oýnalýan lolyhanalarynda ygma kemini goýmandy, aýagynyň çasbaňlygyny,
elleriniň çeýeligini ösdürip ergeneksiz eklenip, ekilmedik ýerde gögeripdi, başyboş
dullaryň ýoluny saklapdy, ýaş gyzlary azdyrypdy, kiçi ýaşlylar bilen keýp çekipdi,
şol sebäplem onuň şöhraty ispan süýtlerine ýaň salypdy: ahyram syrtyny ýere urup,
dynç almaga özüni şu gala atyp, öz hasabyna hem iliň hasabyna gün görýärdi,
gezende rysarlary hormatlaýany üçin adyna, baýlygyna garamazdan bir şert bilen
kabul edýärdi, ýagny gezende rysarlar hem oňa hormat goýup myhmanparazlygy
üçin baýlygyny onuň bilen des-deňje paýlaşýardy. Bu zatlaryň üstüne hojaýyn
gijäni ýaragly şöwür çekip geçirer ýaly galasynda buthananyň ýoklugyny goşdy, ol
köne buthanany ýykypdy, täzesinem salmandy, emma oňa mälim bolşuna görä,
çykgynsyz ýagdaýlarda nirede şöwür çekseňem oňa rugsat berilýärdi, diýmek,
19
Kihot howluda bu gijäni şöwür çekip geçirse, alla bolsun etse, ertir dessur boýunça
oňa ak pata berip biljekdi, şondan soň Don Kihot dünýä döräp görülmedik hakyky
rysar bolaýmalydy.
Soňra ol Don Kihotda pul barlygyny-ýoklugyny soraşdyrdy: Don Kihot oňa
gara şaýysynyň ýokdugyny, çünki onuň okan romanlarynda hiç bir jahandar
rysaryň gapdalynda pul göterendigi barada kelam-agyz ýazylmandygyny aýtdy.
emma hojaýyn oňa garşy çykdy. Don Kihotyň ýalňyşýandygyny aýtdy, dogry,
romanlarda pul hem arassa köýnek barada ýazylmasa-da, ol düýbünden rysarlaryň
bipul hem kirli köýnekde gezendigini aňlatmaýar. Çünki awtorlar şeýle ownuk,
emma juda ähmiýetli zada üns hem berip durmaýar, ýöne ol rysarlaryň mydama
tämiz geýim-gejimde pökgüje gapjykly gezendigini anyk bilýär. Gezende rysarlar
hatda ýany bilen bankajykda ýara dermanyny göterip, öz ýaralaryna özleri melhem
edipdirler, sebäp olaryň söweş guraýan meýdanlarynda, çöl-beýewanda ýaralansa,
hany gapdalynda hekim barmy em eder ýaly, olaryň hemmesinde şepagatly
jadygöý hem ýok ahyry, rysaryň ýanyna bulutlara mündürip ýarasyny bejermäge
iberibiýr ýaly, liliputam hemmesinde ýok, onuň howa bilen elten çüýşesindäki-de
melhem suwuny içip dessine ýaralary gutulyp gidibiýr ýaly. Şeýle kömegiň
ýokdugy üçinem jahandar rysarlar öz gamyny iýip, ýaraglaryna puluny hem
beýleki gerek-ýaragyny göterdipdir, ýaraglary. Ak rysarlar setanda-seýranda gabat
gelýär. Olaryň özleri öz gamyny iýip, puluny, gerek-ýaragyny, däri-dermanyny
ganjygasyna baglapdyrlar, rysara gapdalynda sanaç götermek uslyp görülmändir.
Sözüniň ahyrynda ol Don Kihota maslahat berdi, aslynda oňa maslahat däl-de,
buýruk berip bilýändigini, basym onuň pata atasy bolýandygyny, mundan buýan
ýany pulsuz, däri-dermansyz ýola çykmazlygyny tabşyrdy. Günlerde bir gün onuň
hak aýdýandygyna öz gözüniň hem ýetjekdigini duýdurdy.
Don Kihot hojaýynyň aýdanlarynyň ählisini aýdyşy ýaly etjekdigine söz berip,
gijä taýýarlyk görüp başlady, onuň şöwür çekmeli ýeri giň mal saraýydy: ol ähli
geýim-gejimlerini, ýarag-esbaplaryny ýygnaşdyryp, guýynyň gapdalynda mallara
suw berilýän nowanyň erňeginde goýdy, ýassynlar naýzasy bilen galkanyny alyp,
juda erkin halda öňe-yza ýöräp başlady.
Hojaýyn öz kerwensaraýyndaky myhmanlaryna Don Kihotyň däliligi, onuň
uzak gijäni ýaragly şöwür çekip geçirjek bolýandygy, ertirem özüniň oňa ak pata
bermelidigini gürrüň berdi. Ony diňläp oturanlar Don Kihotyň geň-taň däliligine
haýran galyp, daşyndan ony synlarman boldular, bu mahal biziň rysarymyz
gadamyna nyzam berip, eýläk-beýläk ýöreýärdi, kä naýzasyna söýenip söweş
geýimlerinden uzak wagtlap gözüni aýyrman seredip durýardy. Bu mahal gijäniň
bir wagtydy, emma aý aýdyňlykdy, gündiziň gününe berimsizdi, şol sebäplem
aýyň şuglasyna täze döräp gelýän rysaryň her bir hereketi tomaşaçylara gaty gowy
görünýärdi. Şol mahal gatyr sürüjileriň biriniň kellesine gatyryny suwa ýakmak
pikiri geldi, ony suwa ýakmak üçin bolsa nowanyň erňeginde duran söweş geýimgejimlerini aýyrmalydy; gatyr sürüjiniň etjek bolup duran işini gören Don Kihot
sesine bat berip güňlenç gürledi:
– Eý, gaýduwsyz rysar, sen kim hem bolýan bolsaň, biliňe gylyç baglap dünýä
çykan jahandar rysarlaryň iň edermeniniň ýarag-esbaplaryna degmäge neneň milt
20
edip bildiň? Şindem bir pille, gaýtmyşym et, çek eliňi, ýogsa bi gödekligiň hakyny
şirin janyň bilen hasaplaşmaly bolarsyň.
Gatyr sürüji oňa üýrýärmiňem diýmedi, ýöne diýen bolsa gowy boljakdy, soňky
görgüleri görmekden aman gutulyp biljekdi, emma tersine onuň ýarag-esbaplaryny
alyp eliniň tersi bilen zyňmaga hyýallandy. Muňa çydamadyk Don Kihot ýüzüni
asmana dikip, hyýalynda hanym Dulsineýa ýüzlenip, şeýle diýdi:
– Eý, meniň hanymym, siziň sadyk guluňyz bolan meniň ilkinji ýola göwnüme
degildi, siz maňa ar almaga kömek ediň! Häzir men ilkinji synagy başdan
geçirýärin, siz meni öz saýaňyzdan we penaňyzdan jyda düşürmäň!
Ol söýgülisini kömege çagyryp, galkanyny bir gapdala goýup iki eli bilen
naýzasyny asmana galdyryp, şeýle bir ýoňsuz güýç bilen inderdi gatyr sürüjiniň
depesinden ol görgüli öli ýaly bagryny ýere beräýdi, eger ikinji ýola hem inderen
bolanda hekim çagyrmagyň hajaty boljak däldi. Şondan soň Don Kihot hiç zat
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Don Kihot - Turkmen - 3
  • Büleklär
  • Don Kihot - Turkmen - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2225
    27.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Don Kihot - Turkmen - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3822
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2178
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Don Kihot - Turkmen - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3724
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2078
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.