Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16

Süzlärneñ gomumi sanı 3591
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2006
32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
─Ýürekden gutlaýan, Nuryjan! Sen şöhratly
kompozitor ekeniň. Sen iň söýgüli oglanymyz.
Sen.. sen... – Maýsa örän tolgunyp, duýgularyna erk
edip bilmän, birden Nurynyň iki çekgesinden tutup,
özüne tarap tiz öwürdi-de şeýle yhlasly öpüp
başlady. Nury o elleriň, o dodaklaryň, o demleriň
howruna eräp başlady. Üýtgeşik bir jadyly ys kükäp
burnuna doldy, has jadyly saçlar degen ýerini
ýakyp-ýakyp, eredip-eredip gitdi.
Nurynyň boýnuna saralan gollar ony seresapja
ýokary çekdi. Nury emaý bile dikeldi hem-de özi
hem duýmazdan Maýsanyň näzijek bilinde elini
gowşurdy. ―Nuryjan! Nuryjan! Men seniňki,
Nuryjan!‖ diýlen mähirli pyşyrdy eşidilip gitdi.
Ýene humarlandyryjy, başyny dumanlandyryjy
öpmeler egsilmedi. O gyz oňa her bir belent sazça
täsir etdi. Gyz lezzetlimi, saz lezzetlimi, duýar ýaly
bolmady.
Maýsanyň gyzgyn söýgüsi ony bihuş edere
getirdi.
Ýetimlik zerarly Nurynyň bu güne çenli çeken
ezýetleri, jebri-jepalary, küde-küde gamlary,
kemsidilmeleri-bary uçdy gitdi. Onuň beýnisi ýaňy
dünýä ineniňki ýaly täp-täzeje boldy. O tämizligi
ýaňy ýagan akja gar görse-de özüniň garalygyna
kemsinerdi. Nury uçdy, Nury joşdy. Onuň giň
359
hanaly gözleri öňküden has şöhleli ýandy. Şonda-da
onuň dymmalygy düýbünden aýrylyp gidibermedi.
Dymmalar öz-özi bilen köp sözleşýär diýilýäni
dogry bolsa gerek.
Şol günüň ertiri eýýäm uçilişäniň ähli
okuwçysy Nury bilen Maýsanyň söýgüsinden
habarly boldy. Sebäbi Maýsanyň özi bu täzeligi
tizräk hemmeleriň bilmegini, aýratyn hem
uçilişedäki gyzlaryň bilmesini isleýärdi. Gyzlar
bilse, Nuryny awlajak bolmaz, awlajak bolaýandada Maýsa Nuryny hiç kime bermejegine gaty berk
ynanýar.
Maýsa iň güýçli pianinoçy, Nury iň güýçli
kompozitor bolar. Iki ýyldyz birleşer, dünýä olara
bakar. Olar dünýäniň depesinden bakarlar.
Nury hem özünde tükenmez joşgun, ummasyz
kuwwat duýdy. Onsoň pianino başynda bir gijäni
geçirende-de ýadamaýar, irmeýär. Aýratynam,
ýanjagazynda, edil çiginjigini çignine degirip
oturanja Maýsa bolsa, Nury günüň batanyny,
doganyny bilmeýär. Maýsa bile Nury bir pianinoda
dört el bolup saz çalýar, şeýle lezzetli bolýar, saz
çalynýarka Maýsa jadyly gülüp, özüne Nurynyň
bakmasyny isleýär, Nury bakýar, Maýsa bolsa
pokgüje dodajyklaryny çömmeldip, müňkülledip
―Öpäý, öpäý!‖ diýýän ýaly edýär. Öpüşlik
başlananda saz pessaýlaýar, birsalymdan ýene
şowhun alyp, ýene gümmürdäp başlaýar.
360
Maýsa bilen Nurynyň goşa gumry ýalyja
bolşup, bir-birine mäkäm ysnyşyşlaryny synlap
ýören mugallymy Walentin Iwanowiç öz ýanyndan
begenýärdi. Hem-de çiliminiň tüssesine bogulyp
pelsepeli oýlanýardy. ―Emma söýgi küşt ýaly däl,
gelejekki göçümleri biljek gümanyň ýok‖.
Walentin Iwanowiç ölemen küştçüdi, onsoň ol
ýanyna gelýän Nura diňe saz däl, küşt hem öwretdi.
Şeýle duşuşyklaryň birinde mugallym çilim
tüssesine gözüni süzüp oturşyna Nura dykgatly
bakdy.
─Nuryşka, sen pikir et, bu dünýäni adamsyz göz
öňüne getirip gör. Ähli zat sazlaşykly boljak ekeni.
Tebigatyň sazyna bir gulak goý, bakaly. Nähili
belent, nähili şirin! Gyş ỳelleriniň , ýaz
ýagyşlarynyň
simfoniýasyny diňläp gör.
Derýalaryň, çeşmeleriň balladasyny unutma.
Ŷürek sazy hem bardyr. Ýürek iň beýik
sazandadyr. Ýalňyzlykda şony diňlemäni başar.
Adam bu sazlaşygy ýumurmaga, kesmäge
dyzaýa.
Düşünýämiň,
adamda
wagşylyk
güýçli.─Nury birahat boldy. Walentin Iwanowiç
muny duýmady.-- Şoň üçin adam bar ýerinde
seresap bolmany unutma.
Adam ýer planetasyna ýalňyş getirilipdir ýa-da
ýalňyş gelipdir. Onuň bu wagşylygyny diňe saz,
diňe, diňe saz aýryp bilýä, ýumşadyp bilýä. Bu
durmuşyň uly bir kanuny ýok. Ýagşylyk
361
edibilmeseňem, ýamanlyk etme, gözel gyzlary söý,
joşgunly ýaşa, wessalam. ─Ol ýylgyrdy-da
Nurynyň arkasyna ýumşak kakdy.
Nury bu mugallymyny hem gowy gördi, emma
Baýramalydaky Olýa mugallymyny hiç unudyp
bilmedi, kämahal ol düýşüne girip, Nura pianino
çalyp berýär. Rahman aga bilenem ara kesildi.
Şeýle-de bolsa Nury olary ýüreginiň çuňunda
saklap, wagtal-wagtal hyýalynda söhbetleşýär.
Nury olara ne salam iberdi, ne-de hatjagaz
ýazdy. Birgeňsi başagaýlykda ýaşaýar. Maýsa bilen
ýakynlaşmasy, beýleki gyzlary köşeşdirmegiň
deregine, gaýta öjükdirdi. Her gyz içinden Nura
hyýal baglap ýörkä, Maýsanyň birden-bire ur-tut
öňe çykmasy hem-de Nuryny özüne baglap
goýmasy
olary
kemsindirdi,
gabandyrdy,
hereketlendirdi. Nurynyň uçilişede şöhraty
artdygyça oňa meýil bildirýän gyzyň sany has
artdy.
―Aýal ada çapar, är buda‖ diýleni şu taýda
dogry boldy.
Üstesine-de Nurynyň bir saz döredip, ony hem
―Söýgülime‖ diýmesem Maýsany uçurdy, onuň
bäsdeşleriniň bolsa içine köz taşlady.
Ýeňilje, şowhunlyja saz Nurynyň özüni hem
gaty tolgundyrdy. Asyl, ol bu sazy nädip döredenini
bilmän galdy. Saz döredip biljegine ynandy,
düýrmegi bilen saz döretmäge ýöneldi. ―Nury saz
362
döretdi, Nury kompozitor bolýar‖ diýip töwerekde
döreýän şowhun-şöhratam Nura gaty uly täsir etdi.
Onsoň bir gün saz mugallymlarynyň biri,
respublikada ady belli kompozitor Tagan Myradow
sapaga girende, saçsyz başyny sypalap, kiçijik
gözlerini tiz gyrpyp, Nura daş ýagdyryp başlady.
─O-how, sen oglanjyk, soňky wagtlar gyzlar
bilen köp jirkilleşýäň. Sapagy özleşdirişiň gowşak.
Bu bolşuň bolsa synpyňda galarmykaň öýdüp
gorkýan.
Gyzlar, oglanlar muňa geň galdy. Bu
mugallymyň öňem ýumşak däldigini bilýärdiler,
ýöne hemmeleriň öwýän Nurysyna beýle
diýilmesine garşy çykdylar.
─Ýoldaş mugallym, Nury gaýta hemmämizden
ökde, ol sazam döredip başlady.
Mugallym gözlerini has tiz gyrpdy.
─Men bir zat diýýän bolsam, ýalan däldir. Öz
ýoldaşyňyzyň arkasyny aljak bolmaň. Boldy!
Nury, adatdakysy ýaly, dymdy. Mugallymyň
käýemesine ýagşydan-ýamandan hiç bir duýgusy
duýulmady. Aşak bakdy oturdy. ―Dymmalar öz-özi
bilen köp gepleşýärler‖. Ol: ―Men seni saz ýazyp
ýeňerin. Ugran ugruňda Nurynyň sazy öňüňde
durar‖ diýip oýlandy.
Kelteräk, süňklejik, sessiz we daşyndan
göreňde näme üçindir nebsiň agyrýan Nuryny
363
uçilişäniň köp mugallymy goldady. Walentin
Iwanowiç bolsa Tagan Myradowyň Nura hemle
urmasyny eşitdi-de Nura maslahat berdi: ―Öz işiň
bilen boluber, Nuryşka. Oňa üns berseň, ýa
gaýtawul berseň, o hezil ediner, onsoň işi sen
bolarsyň. Sesiňi çykarmasaň, o seni ýatdan çykarar.
O ýaman adam däl‖.
Walentin Iwanowiçiň aýdyşy ýaly boldy. Nury
hem aldygyna saz çalýardy, saz döretjek bolup uzak
gününi pianino tyrňylladyp geçirýärdi. Eýýäm dörtbäş saz ýazdy. Ýöne Nury o sazlaryň notalaryny
jemläp, gizläp ýörmän, onda-munda dagatdy. Indi
bütin uçilişe Nuryny ökde fortepianoçy hem-de
kompozitor
hökmünde
tanap
başlady.
Baýramçylyklarda, gözden geçirişlerde Nura
pianino çaldyrýarlar. Şeýdip, Nury sahna bilen,
tomaşaçy bilen öwrenişip ugrady.
Emma soňky wagtlar ýene Gurbanjemalyň
ýylgyryşy göz öňüne gelip başlady. Ol Maýsadan
şeýle ýylgyryş gözläp gezdi. Gözledi, tapmady.
Sowaşyp başlady. Syr bermedi. Maýsa bolsa edil
öňküsi ýaly, Nuryny başyna täç edinýär. Nurynyň
her bir hereketini, saz çalşyny, saz ýazyşyny öwýär,
uly ile Nurydan başga gürrüň edenok. Özem şeýle
bir begenip, heziller edinip gürrüň berýär. Gözlerini
süzüp, aýasyny aýasyna goýup, bal ýaly süýnüpsarkyp gepleýär. Maýsanyň bu bolşuna Nurynyň
nebsi agyryp başlady.
364
Şo günler Çaýkowskiý adyndaky Moskwa
konserwatoriýasyna mynasyp talyp gözleýän bir
topar adam uçilişä geldi. Köpleri synagdan
geçirdiler. Nura gezek gelende ol özüniň täze
sazyny pianinoda çaldy weli, komissiýanyň bir
agzasy şo bada ýerinden turup el çarpdy, soňky
synaglaram şowly boldy.
Nuryny, heniz uçilişäni tamamlamanka,
dördünji synpy okamanka, dünýäniň şöhratly
konserwatoriýasyna, özem kompozisiýa bölümine
kabul etdiler. Bu habar uçilişä örän tiz ýaýrady.
Kompozitor Nurynyň şöhraty has beýgeldi.
Sazçylyk mekdebi tamamlamanka uçilşäniň ikinji
synpyna, indi-de ýene bir ýyl, uçilşede okamalyka,
göni konserwatoriýa, özem kompozisiýa bölümine
alynmagy köpleri haýran etdi. Bu işde tanyşlyk
ýok, garyndaşlyk hiç ýok. O döwür okuwa parapeşgeşli girmek hakda gürrüňem ýok.
Her kim Nuryny gutlaýar. Begenişýärler, sorag
baryny berýärler,
elbetde,
olaryň
içinde
kemsinýänlerem, görübilmezligini gizleýänlerem
bar.
Nurynyň özi bolsa parhsyz, gaty rahat,
göwnibir görünýär. Hamana, muny öňden bilýän
ýaly, adaty bir iş ýaly, öňde-soňda bolaýmaly ýaly.
Emma haýran galýan zady-Tagan mugallym muny
bilmeýän, eşitmeýän ýaly gezýär. Ýogsa
kompozisiýadan Tagan mugallym okatdy ahyry. Ol
öz
okuwçysynyň
konserwatoriýa
girenini
365
bilmeýärmikä? Ýa Nuryny şeýle ýigrenýärmikä?
Nurydan dynanyna begenip ýörmükä?
Nuryny haýran eden ýene bir zat – Maýsa
görünmeýär, gutlamaýar. Nury Maýsany gözläp
başlady. Maýsa öz otagyndaky krowatda ýüzüni
ýassyga berip aglap ýatyr, iki sany jorasy hem oňa
göwünlik berýär. Gapy kakyldy weli, Maýsa dik
oturdy. Ol gapynyň kakylyşyndan Nurynyň
gelenini duýdy. Elýaglyjygy bilen gözlerini
süpürişdirip otyrka, Nury otaga girdi. Gyzlar
otagdan çykyp gitjek boldular weli, Maýsa olary
saklady.
─Gyzlar,
bir
minutjyk
aýtjaklaryma şaýat boluň.
duruň.
Meniň
─Saňa nämbolýa, Maýsa? ─Nury Maýsanyň
agyly ýüzüni ilkinji gezek görýär. Hiç zada akyl
ýetirip bilenok.
─Nury, konserwatoriýa alypdyrlar, gutly bolsun.
Sag-aman oka.
─ Sag bol.
─Indi diňle, men senden öýkelämok, seň bile
geçiren iki ýylym meniň jennetdäki ýyllarym bolup
galar. Nury sen mert ýigit, dogryňy aýt, soňky
wagtlar sowaşanyňy aýt. Men seniň göwnüňe
degesim gelenok, ýöne şu pursatdan soň, ýolda
duşsak salamlaşyp geçeli. Menem mertdirin, Nury!
Başa geleni çekerin. Sen mertligiňi et, sowanyňy
aýt, Nury!
366
Otagda içgysgynç dymyşlyk başlady. Gyzlaryň
biri çydap bilmän, daşary ylgady. Maýsa ýüzüne
ýaglygyny tutup otyr, Nury aşak bakyp dymýar,
onuň ýüzünden gynanç-begenç duýlanok. Bir gyz
bolsa, beýle ahwala ilkinji ýola sataşansoň, hä
Maýsa, hä Nura aňkarylyp bakýar. Birsalymdan
Nury ýeňiljek üsgürip goýberdi, elini jübüsine salyp
çykardy.
─Özümem bilemok, ýöne sowaşanym çyn.
─Sen mert ýigit, Nury. Hoş, sag bol.
Nury gitmedi, dymdy. Bir zat aýtjak ýaly
bolup, ýene aşak garap dymdy.
─ Gaýdaý, Nury. Sag bol.
Nury geplemän, gapyny emaý bilen ýapyp,
şeýle gamgyn, argyn ýöräp gaýtdy. Nury çykandan,
Maýsa ýene ýüzüni ýassyga goýup, içigip-içigip
aglady, ýassygy gözýaşlar ezdi. Ony häzir
diňdirmek mümkin däldigini joralaryň ikisi hem
duýdy. Olaryň biri, ahyry, näderini bilmän,Maýsa
bir käse suw içirjek bolup, onuň başyny zor bilen
göterende, o näzijek akja ýüzüň, o ýukajyk
gabaklaryň çişden ýaňa solup, gabaryp, ýarylaýjak
bolýanyny gördi.
―Wah, söýgi diýmek, köz üstünden aýak ýalaň
ýöremek ekeni, men seni söýmedik günlerime bir
dolanyp barsam. Munça gözýaş dökýän, hi, odum
öçmezmi?!
Allajan
meni
ýakmak
üçin
367
ýaratdymyka?!
baraýyn?!
Kime
aýdaýyn,
kime
dada
Meni ýalňyzlyk öldürýä, ejeja-a-an!‖
Maýsa hem, Nury hem yşkyň bu şarpygyna
ýaňagyny däl, kalbyny gyzdyrýarkalar, buza
gömülen
ýaly
gagşaýarkalar,
yşkyň
bu
gözýaşlarynyň, çekip-çydardan agyr hesretleriniň,
gamlarynyň iň soňky gezek däldigini, öňde ýene
şatlyk-joşgunyň soňundan näçe-näçe gam-hesret
boljagyny pikir etmeýärdiler.
*
*
*
Geçi al ─ öküz diýip sat
O döwürler otly bilen Moskwa Daşkendiň
üstünden gidilerdi. Özem dört günüň otluda
geçýärdi.
Nury Aşgabatda karton çemodanyny göterip
wagona münenden wagonyň koridory, özboluşly
ysy Nura ýene Işan agany ýatlatdy. Işan agaň hiç
kime meňzemeýän, agy gatyşykly ýaly bir üýtgeşik
sesini Nury öz beýnisinde diňläp başlady. O sesde:
―Sen ölme men öleýin‖ diýýän many bar.
Bir garyş oglankam bakdyň bejerdiň,
Senden başga howandarym ýok meniň-ow.
Enemiň ornuna gol süýdün berdiň,
368
Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow.
Nury, her gezek bolşy ýaly, bu aýdym ýadyna
düşdügi, Daýnany, ejesini, doganlaryny ýatlap
başlaýar, olar göz öňüne gelýär, şonda gaty uzak
ýaşan garry adam ýaly duýgy döreýär. Uludan dem
alýar. Özi saz çalasy gelýär. Saz çalyp derdini
egismek indi onuň üçin adat bolup galypdyr. Saz
çalanda geçmiş has köp göz öňüne gelýär ahyry.
Nury ejesiniň, Maýa jigijiginiň, Işan agaň
mazaryna baryp, baş uçlarynda baş egip oturasy
geldi.
Rahman aga nädýärkä? Olýa mugallymyna bir
gezejik hatam ýazmandyr. Ynha, ýetimhanaň beren
terbiýesi. Men ony başyma täç edinmeli ahyry.
Olýa mugallym ony nähili irginsizlik bilen okatdy,
öz ogly ýaly görýärdi, mahal-mahal öýünden köke
getirip iýdirýärdi.
―Eger Olýa mugallym şeýle ökde öwretmedik
bolsa, meni konserwatoriýa almazdylar. Men näme
üçin munça ýyllap Olýa mugallymdan, Rahman
agadan habar almadymkam? Olar maňa atam, enem
ýaly görünýärdi. Men şeýle geleňsizmikäm, Şeýle
doňýürekmikäm?‖ Duýgular çogup başlady, onsoň
o ýatlamalaryň arasynda şeýle bir sahna-da bar:
Olýa mugallym pianino tirsegini diräp, Nura
bakýar.
369
─Nuryşka, ata-eneňde, ýa aňrylaryňda aýdymçy,
sazanda bolupmy, bilmeýämiň?
─ Men diňe ejemi, doganlarymy bilýän. Ejem
mydama göz öňümde. Ejem aýdym aýdýady. Ol
ilki başlaýady, beýlekiler oňa goşulýardy.
─Ejeden ogula köp zat geçýä, kakadan gyza
geçýä. Sen ejeňi köp ýatla, onuň aýdan aýdymlary
ýadyňdamy? Hany, birini aýt.
Nury pessaý sesli aýtdy.
Bilbilim garga boldy,
Maňlaýym gara boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Olýa mugallym ýanyndan sazyny çaldy.
─Gaty gamgyn. Sadaja halk nädip şeýle çuň
duýgulary berip bildikä? Haýran galýan-da.
Nury hem duýgudan doldy. Birmahallar
ejesiniň Sumbar kenaryndan getirilişini, kakasynyň
―öldürerin‖ diýip ejesine hemle urşuny, ejesiniň
dulda gamgyn, sessiz oturşyny, Nuryny özüne
gysyşyny ýatlady. Ýatlady, damagy doldy.
Olýa mugallym oňa bakanda Nurynyň aşak
garap gamly oturşyny gördi.
370
... Ynha, birnäçe wagtdan bu şakyrdap barýan
otly Baýramala, Olýa mugallymlaryň ýanyna barar.
Otly durup-durmanka Nury böküp düşer-de tanyş
gözlär. Munça adamyň arasynda Rahman agany,
Olýa mugallymy tanaýan-bilýän bardyr. Eger olary
wokzalda göräýse, Nury uçar. Barşyna gujaklar. O
geçen ýyllary ýatlaşarlar. Hökman-hökman
minnetdarlygyny aýdar. Moskwa ýaly uly şähere,
konserwatoriýa
barýanyny
eşitseler,
Olýa
mugallymam, Rahman aga-da begener. Rahman
aganyň henizem şo daşarda ýatyp ýörşümikä?
Nähili gowy adamlar!
Nury olara bagyşlap, olary göz öňünde tutup
saz ýazmaly ahyry. Birmahallar olaryň suratyny
çekesi gelýärdi. Soň olar hakdaky duýgularyny saz
bilen aýdasy gelýärdi.
Hany, nirede?
Ýok, Nurynyň bu bolşy bolanok. Ýagşylyga
ỳagşylyk edip bilmese-de, ýagşylygy unutmaly däl
ahyry.
Nämüçin beýle bolýarka?
Nury özüne igene-igene gama batdy, başyny
sallap oturdy, az salymdan hem ýassyga gyşardy.
Wagonyň
ýyly
howasy
ony
ýumşadyp,
meýmiredip, ahyrda-da gözlerini bürdi. Gaty agyr
uklady. Uzak wagtdan soň edil gulagynyň ýanynda
adam sesleri ýaňlanyp başlanda tisginip turdy.
─Baýramala geldikmi?
371
─Çärjewe ýetip barýas. Näme, Baýramalyda
düşjekmidiň?
─Ýok, ýöne soraýdym.
Nury uklanyna ahmyr edip, içinden özüne
sögünip otyrka, täze gelenler goşlaryny ýerleşdirip,
ornaşykly oturdylar. Nurynyň edil garşysynda, bu
üç kişiniň ýaşulyragy, inçe,hor göwresi egilibpäk
duran, sesi sowuklanyň sesi ýaly gyryk, gözleri
ýakymsyz uly bir adam Nura köp bakdy-da soň
gepläp başlady.
─Inim, gidiş nirä?
─Moskwa.
─Okuwamy?
─Hawa.
─Haýsy okuwa?
─Konserwatoriýa.
─Konserwa çykýan ýer-dä. Bolubilýä. Gutaryp
gelseň, bir ýeriň hojaýyny bolarsyň. Okaýakaň boş
gezmegin. Seňki hezil. Her gezek oba gaýdaňda,
ýüň ýalyk bile çäýnek-käseden ýüküňi tut. Ataeneň satyp berer. Moskwada ýigrimi manatlyk ýüň
ýaglyk, bärde sesgenden ýere degmän geçýä.
Bizem şo ýüň ýaglykdan getirmekçi.
Nury pallap goýberdi. Dört günläp beýle
gürrüň diňläp gitmeli bolsa başga ejir gerek däl.
372
Nury ýene pallady we ýüzüni çytdy. Gürrüňdeş öz
gürrüňine gyzygyp, başga hiç zat duýmady.
─Puluň bolsa, dünýä düzüw. Satyn alynmajak
adam ýok, ýöne az görýän bar. Biz nätdik diýsene,
üç bolaga-da bir keselhananyň dogtoryna puljagaz
sokduk. Biz şu mahal keselhanada ýatyrys, hä-hähä-ä. Söwda gaty gyzykly zad-aý. Ilki başlaňda
nätdik diý, bir geçiniň injigini deşäge-de berdim
ýeli, berdim ýeli. Horja geçi tegelenip duran semiz
geçi bolaýdy. Gyzan bazara eltdim weli, bir biçäre
şobada şapba-şapba el alyşdy-da aldy ötägitdi.
Kakam pahyr: ―Geçi al-ökuz diýip sat‖ diýerdi. Bu
dünýä başdan gurlanda-da almak-satmak üçin
gurlan dünýä-dä. Kämahal özüm haýran galýan,
öwgüsini ýetirseň, pyşbagany uçýa diýip satyp
boljak.
Her zat etmeli, pul gazanmaly. Puluň bolmasa,
salam bermeýäler...
Nury emaý bilen düşeginde süýndi, üstüni
örtdi. Gürrüňçi birsalym takyrdady-da: ―Ýat bakaly,
ukyň geldi öýdýän. Ýol uzakdyr, mende gyzykly
gürrüň kä-än. Entejik gürrüň baryny ederis‖ diýdi.
*
*
373
*
“Keramat başdadyr, o täçde däldir”
Obadan gelen, üstesine-de
uly şäher
görmedik Nura Moskwa ummasyz täsir etdi.
Aýratynam, Çaýkowskiỳ konserwatoriýasy, o taýda
okadýan, atly-atly mugallymlar Nura mukaddes
göründi.
Öňler diňe adyny eşidip, sazyny çalyp ýören
kompozitorlary gözi bilen görmesi, olardan sapak,
tejribe alyp başlamasy Nurynyň köňlüne täze
kuwwat berdi. Diri klassyk diýilýän şöhratly
Şostakowiçiň girip-çykýan
okuw jaỳynda
okaýanlygyna
Nury
monça
boldy.
Bu
konserwatoriýada öňden bäri okap ýören türkmen
oglanlar
Nura
ýol-yz
öwretdiler.
Onsoň
konserwatoriýanyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýedi
oglan bolup bir otagda ýaşap başladylar.
Iň garyp, iň bagtly talyplyk ýyllary başlandy.
Sowuk Moskwada, elmydama jübüsinde şagal
uwlaýarka ýaşamak gaty kyndy. Emma açlyk
Nurynyň öwrenişen ýagysydy. Ol aç bolup çörege
däl-de, aç bolup saza topuldy.
Anatoliý Nikolaýewiç Aleksandrow, ýetmiş
ýaşly kompozitor, sungat ylymlarynyň doktory,
professor hem-de iň gowy tarapy hem inçe yşk
aýdymlarynyň awtory Nurynyň mugallymy bolýar.
Bu mugallym bir ýyl öň konserwatoriýa giren
Aman Agajykowyňam mugallymydy. Onsoň iki
374
türkmen tirkeşip mugallymyndan sapak almak üçin,
onuň öýüne gatnaýarlar. Professor örän ýukaýürek,
tapbiler bir adam. Ol aşhanasynda bar zatdan iki
oglanyň garnyny doýurýar, soňra sapak berip
başlaýar. Ol edil ata ýaly talapkär hem mährem kişi
ekeni.
Aýlar, günler şeýdip geçip durka Nury sapaga
gelmesini seýrekletdi. İller okuwa gidende otag
boşap, pianinony parahat çalyp bolýardy.
Daňdandan gijäniň bir wagtyna çenli aç-suwsuz
pianino başyndan aýrylman, aşaky dodagyny
aldygna çeýnäp, saz döredýän Nuryny mugallymy
gözläp başlanda Aman Agajyk ―Nury ýaranok‖
diýip ýuwmarlaýardy. Ömrüni bu konserwatoriýada
geçiren paýhasly mugallym birzatlary güman
edýärdi. Onsoň bir gün Nury Aleksandrowyň öýüne
kürsäp girdi. Ýanynda-da gelejekki meşhur
aýdymçy Myrat Diwanaýew. Nury gelmedik
günleri üçin mugallymyndan ötünjem soramady-da
göni pianinonyň başyna geçip, öz döreden
romansyny çalyp başlady. Döw sesli Myrat Diwana
hem aýdyma gygyrdy.
Ýarawsyzam bolsa bir gyrada aýak üstünde
synlap, diňläp duran Aleksandrow romans
tamamlananda Nuryny gujaklady, arkasyna tapbatapba kakdy.
─ Seniň şeýdip köpräk ―ýarawsyz‖ bolmagyňy
arzuw edýän. Gül ýaly, gül ýaly. Geljekde hasam
gowy bolar.
375
Onsoň Aleksandrow o romansyň sazyny
ýaňadan çaldyryp, däne-däne edip diňläp, atalyk
maslahatlaryny berdi.
Nury
bilen
Myrat
Diwana
Aleksandrowyňkydan çykanda Nury öz eli bilen
ýazylan notaly kagyza: ―İlkinji romansymy ilkinji
aýdan Myrat Diwanaỳewe‖ diýen ýazgy ýazýar.
Ony Myrat Diwanaýewe berýär. O ýazgyly notany
Myrat Diwanaýew öz kitaphanasynyň iň gymmatly
hazynasy hasaplaýar.
Professoryň öwgüsi, çaga ýaly begenmesi
Nura ganat berdi. Ol ýene professoryny begendirjek
bolup, pianinony tyrňyllatdy oturdy. Ýoldaşlary:
―Nury, senem az-kem dynç al, tyrňyllyňy goý,
bizem dynç alaly‖ diýdiler. Nurynyň başyna bir
pikir geldimi - onsoň şony bitirýänçä rahatlygy
bolmaýar. Bu häsiýeti oňa soňky demine çenli
hemra boldy.
Aýdogdy Gurbanow, Nury Meredow dagy
Nuryny pianinonyň ýanyndan aýrybilmänsoň,
özleri otaga girmäge ýaýdanşyp gezdiler. Emma
Nury hiç-hiç irmedi. Günleriň birinde-de ýene bir
romansy ýazyp gutaryp, oglanlara çalyp berdi. Ol
romans Magtymgulynyň ―Pukaraýam‖ diýen
goşgusynyň
rusça
terjimesinedi.
Oglanlar
oňladylar, emma ertiri Nury ýene pianino başyna
geçip, romansy üýtgetdi, sünnäledi, kä ýerine täze
goşundy goşdy. Onsoň ýene Myrat Diwana
376
sözlerini
öwrendi.
Birküç
günden
Aleksandrowa täze romansy aýdyp berdiler.
ikisi
Bu gezek professoryň begenişi öňkiniň dagy
çaky bolmady.
─Molodes, molodes! Sen meni ýigdeltdiň. O
goşgyny nädip tapdyň diýsene! Brawo! Bu
romansda şeýle çuň filosofiýa bar. Dowam ediber.
Filosofiýa sazyň maňzydyr. Şuny unutma! ─Soňra
professor Nurynyň bu romansyna hiňlendi.
Gözsüzleriň gözi idim,
Lallaryň men sözi idim,
İl-günümiň ýüzi idim...
Professor hem, Nury hem, Myrat Diwana hem
Magtymgulynyň ýesirlikde ýazan bu goşgusyna
ýazylan
romansa
guwanýardylar.
Öňde
Magtymguly bilen bagly köp-köp aýdymlar
ýazyljagyny, Magtymgulynyň şeýle çuň, durmuşy
filosofiýasyny
saza
goşsaň,
hasam
şirin
bolýandygyny, aslynda, bu durmuşa filosofiki
bakmak zerurlygyny Nury duýup başlady. Ol
Magtymgula ömürlik hemra bolar, gamly
günlerinde-de, şat günlerinde-de ol Magtymgula
ýapyşar. Kä halatlarda Magtymgulyny ürç edip
okap-okap, onuň pelsepeleriniň syryna akyl ýetirip
377
bilmän kösener. ―Magtymguly biz akyl ỳetirerden
beỳik‖ diýer.
Magtymguly onuň
ömürlik orun alar.
aňynda
we
stolunda
Nury konserwatoriýada okap ýörkä döreden
aýdymlarynyň notalaryny Türkmenistana gezmäge
gidýän Myrat Diwanadan iberip, kompozitor
Daňatar Öwezowa gowşurmagy, näme diýýänini
bilmegi haýyş etdi. Onuň öz notalaryny uçilişedäki
mugallymy, atly kompozitor Tagan Myradowa dälde, ala-böle Daňatar Öwezowa ibermesiniň sebäbi─
Daňatar Öwezow bilen şahsy tanyşlygy bolmasada, o kompozitoryň eserlerine Nury aýratyn sarpa
goýýar. Onuň sazlaryny köňlüne ýakyn görýär.
Daňatar
Öwezowy
beýleki
türkmen
kompozitorlaryndan millilikde artykmaç saýýar.
Şeýle kompozitoryň pikirini bilmek Nury üçin gaty
gymmatlydy, gaty zerurdy.
Myrat Diwanaýew Nurynyň notalaryny
goltuklap Aşgabada gelşine Daňatar Öwezowy
gözläp tapdy. Meşhur kompozitor notalary ünsli
okap otyrka: ―O-how, oh-how, oho-ho-ow!
Tüweleme‖ diýip seslenýär. Soňra: ―Bu oglanjyga
beýik geljek garaşýar. Ol biziň iň meşhur
kompozitorymyz bolar. Sen oňa aýt, türkmen halk
aýdym-sazymyzy gaty köp diňlesin‖ diýýär.
Bu hoş gürrüňe Myrat Diwanaýewiň özi-de
ýürekden begenip, begenjini dostuna tiz ýetirjek
378
bolup, telefon stansiýasyna ylgaýar. Üç sagat
garaşyp Moskwa bilen gepleşýär.
Soň-soň Nurynyň özi Aşgabada gelende,
ýörite Daňatar Öwezowa salama barýar. O wagtlar
Daňatar Öwezowyň gözi gowy görýärdi. Ol Nury
bilen hoşamaý salamlaşyp, döredijilik hakda gürrüň
edýär. ―Nuryjan, sen saz ýazaňda türkmenligiňi
unutmagyn. Türkmen bolup ýazgyn. Türkmen
birmahallar dünýäni alan bolsa, türkmen sazy hem
dünýäni alarça güýçlüdir‖.
Şu mahal Nuryda ganat bolsa uçar giderdi. Şu
minutlar onuň ömrüniň iň bagtly pursatlarynyň biri
bolup galar.
Soňra Daňatar Öwezow kör bolar. 1966-njy
ýylda bolsa bu dünýäden gider. Emma Daňatar
Öwezowyň Türkmenistandaky meşhurlygynyň
syrlaryny Nury içgin öwrener, o ýoly uzaldar,
giňelder, beýgelder. Daňatar Öwezowyň ady
agzalsa, Nury elmydama öz halypasynyň ady
agzalýanyny unutmaz. Hat-da gelejekde şöhratyň
çürbaşyna çykanda-da Daňatar Öwezow Nury üçin
elýetmez belentlik bolup görner. Ýogsa, Nury
Türkmenistanyň çäginden daşarda, tutuş dünýäniň
altydan birine barabar bolan Sowet Soýuzynyň
çäginden hem çykyp, dünýä belli kompozitor
derejesine ýetipdi.
Nury konserwatoriỳada okaýarka ýazan ilkinji
uly eseri ―Dutaryň owazy ‖ diýen pýesady. O saz
eseri Bütinsoýuz, ýagny SSSR boýunça yglan
379
edilen konkursda baỳrakly ýere eýe bolýar. Bu eser
ruhy halypasy Daňatar Öwezowyň ―Dutaryň
owazy‖ kantatasynyň täsiri bilen döredilenem
bolsa, aýratyn, özboluşly originallyk örän güýçli.
Halk sazynyň merjen dänejiklerini ỳürek
suwy bilen ussatlarça eýläp orta çykarylan saz.
Bu sazda Nurynyň gelejekki döredijilik,
tematik ugry, stil taýdan kämillik derejesi,
gysgajasy, Nury Halmämmedowyň döredijilik ýüzi
göründi. Onuň türkmen saz folkloryny neneňsi çuň
öwrenendigi hem bu sazda aýna ýaly aýdyň
göründi.
―Türkmen sazyny iň güýçli söýen kompozitor
Nury Halmämmetdir‖ diýilýän gürrüň ―Dutaryň
owazy‖ diýen saz bilen tassyklandy. Garry
mugallymyň-professor
Anatoliý
Nikolaýewiç
Aleksandrowyň öz okuwçysynyň bu ýeňşine
neneňsi şatlananyny göräýmeseň, göz öňüne getirer
ýaly däl.
Bir saz diňlenişikde Nury bu sazyny şeýle bir
ussatlyk bilen çalyp berdi weli, dünýäde şöhraty
belent D. Şostakowiç, Haçaturýan, mugallymy
Aleksandrow,
konserwatoriýanyň
rektory
Sweşnikow hem-de ýene birnäçe professorlar
haýran galyp hezil edindiler. Şonda D. Şostakowiç
ýuwaş sesi bilen: ―Şeýle, şeýle-e. Çaýkowçkiý
konserwatoriýasy saz älemine täze bir ajaỳyp
sowgat taýýarlaýar‖ diýdi.
380
Konserwatoriýada, özem uly bir döwletiň iň
uly
konserwatoriýasynda
Nurynyň
şöhraty
öňküdenem beýgeldi.
Gyzlaryň arasynda, edil Aşgabatda bolşy ýaly,
Nuryny eýelemek ýaryşy başlandy. Nury bolsa
sazdan başga zada bakasy gelenok. Gyzlar Nuryny
sorap, otaga irginsiz gelip duransoňlar, otagdaş
oglanlaram halys surnukdylar. ―Nuryşka, gowusy
sen aşakda girelgäniň ýanynda bir çadyrjyk dik-de
şo taýda gyzlaryňy kabul ediber‖ diýişdiler. Nury
bu ýyllar gyz meselesini bir gyra goýana
meňzeýärdi. Gurbanjemalam, öňki ýaly düýşe girip
heläk etmeýärdi.
Emma yşk, her zamanky ýaly, duýdansyz
gelýär, duýdansyz gidýär. Onsoň o gyzlaryň
arasynda Nataşa diýen gyz, ahyrsoňy, Nuryny
eredip-akdyryp, kül edip ugrady. Nury ýene
dünýäni unudyp, Nataşadan özgäni görmän
başlady. Nataşa özüne öwredilen bir pikiri
goldaýardy: ―Aýala boýun egmejek erkek ýok, diňe
täsir edişiň gowşak bolup biler‖.
Nataşa Nurynyň köňül soltanyna öwrüldi. Indi
Nataşany ýa-da Nuryny ýalňyzlykda görenler geň
galyp başladylar. Bu ýakynlygyň dowamy
öýlenmek bolar diýip umyt edýärdiler.
Täze gelen yşk şemaly Nurynyň döredijiliginede oňaýly täsir edip başlady. Täze aýdymlar, täze
sazlar kömelegiň höwri ýaly köpelip başlady. Bir
tomus
kanikulda
Türkmenistanda
bolup,
381
mugallymynyň tabşyrygy boýunça köne aýdymsazlary magnitofona ýazyp, soňra nota geçirdi. Bu
Nura täze hazyna tapança ýardam berdi.
Türkmenistana alyp gelen öz aýdym-sazlaryny
Medeniýet ministrligine satmaga synanyşdy. İlki
almadyksyran boldular, soň az, gaty az hak
bermekçi boldular. Nurynyň başga çykalgasy ýok.
Ýetimlik bilen bu günlere ýetdi. Az tölense-de
tölense bolýar. Jübüsine bir şaýy düşse-de,
pulsuzlykdan gowy-da.
Aşgabatdaka Moskwadan jaň bary gelip
başlady. Nataşa düýş görenmiş, düýşünde Nury
başga bir gyz bilen gezip ýörenmiş. Gabanjaňlyga
başlan Nataşa Nurynyň tizräk Moskwa gelmegini
isledi. Nury kanikul gutaransoň barjagyny aýdanda,
Nataşa aglap telefony taşlady. Birküç sagatdan ýene
jaň etdi. ―Sen eýýäm başga bir gyz tapansyň . Sen
aldawçy‖. Şeýdip, tomus geçýänçä sabyr-takaty
tükendi. Ahyry, Nury Moskwa geldi. Umumy
ýaşaýyş jaýyndan Nataşa telefon etdi. Ertir
duşuşaly diýdi. Nataşa şobada gelermen boldy. Ol
gelýänçä agşam sagat on boldy. Şol wagtam
konserwatoriýanyň rektory, ministrlikden iki kişi,
partiýa, komsomol komitetleriniň başlyklary, ulyuly ýyldyzly milisionerler, ak halatly dogtorlar
umumy ýaşaýyş jaýynyň gapysyna geldiler. Olar
soňky wagtlar artan bidüzgünçiligiň soňuna
çykmak üçin barlaga gelipdiler. Düzgün boýunça
agşam sagat ondan soň jaýa girmek-çykmak
382
gadagan. Nataşany gapy sakçysy gapydan gaýtardy.
You have read 1 text from Türkmän literature.
Çirattagı - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
  • Büleklär
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3654
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2143
    23.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    32.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3376
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2136
    22.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    32.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3669
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2163
    29.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2143
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3670
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2140
    30.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3646
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2242
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3721
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2130
    28.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    39.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3607
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2242
    26.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3579
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2123
    25.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    37.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3560
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2085
    24.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    34.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3488
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2187
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3539
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2131
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3692
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2022
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3678
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2012
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1919
    32.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3591
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2006
    32.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3577
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2005
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3505
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3571
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2101
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3226
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1789
    28.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.