Latin

Beýik köňle syýahat - 6

Süzlärneñ gomumi sanı 3620
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2041
33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
konserwatoriýasy, o taýda okadýan, atly-atly
mugallymlar Nura mukaddes göründi.
Öňler diňe adyny eşidip, sazyny çalyp ýören
kompozitorlary gözi bilen görmesi, olardan sapak, tejribe
alyp başlamasy Nurynyň köňlüne täze kuwwat berdi. Diri
klassyk diýilýän şöhratly Şostakowiçiň girip-çykýan
okuw jaỳynda okaýanlygyna Nury monça boldy. Bu
konserwatoriýada öňden bäri okap ýören türkmen
oglanlar Nura ýol-yz öwretdiler. Onsoň
konserwatoriýanyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýedi oglan
bolup bir otagda ýaşap başladylar.
Iň garyp, iň bagtly talyplyk ýyllary başlandy. Sowuk
Moskwada, elmydama jübüsinde şagal uwlaýarka
ýaşamak gaty kyndy. Emma açlyk Nurynyň öwrenişen
ýagysydy. Ol aç bolup çörege däl-de, aç bolup saza
topuldy.
Anatoliý Nikolaýewiç Aleksandrow, ýetmiş ýaşly
kompozitor, sungat ylymlarynyň doktory, professor hemde iň gowy tarapy hem inçe yşk aýdymlarynyň awtory
Nurynyň mugallymy bolýar. Bu mugallym bir ýyl öň
konserwatoriýa giren Aman Agajykowyňam
mugallymydy. Onsoň iki türkmen tirkeşip
mugallymyndan sapak almak üçin, onuň öýüne
gatnaýarlar. Professor örän ýukaýürek, tapbiler bir adam.
Ol aşhanasynda bar zatdan iki oglanyň garnyny doýurýar,
soňra sapak berip başlaýar. Ol edil ata ýaly talapkär hem
mährem kişi ekeni.
Aýlar, günler şeýdip geçip durka Nury sapaga gelmesini
seýrekletdi. İller okuwa gidende otag boşap, pianinony
parahat çalyp bolýardy. Daňdandan gijäniň bir wagtyna
çenli aç-suwsuz pianino başyndan aýrylman, aşaky
dodagyny aldygna çeýnäp, saz döredýän Nuryny
mugallymy gözläp başlanda Aman Agajyk “Nury
ýaranok” diýip ýuwmarlaýardy. Ömrüni bu
konserwatoriýada geçiren paýhasly mugallym birzatlary
güman edýärdi. Onsoň bir gün Nury Aleksandrowyň
öýüne kürsäp girdi. Ýanynda-da gelejekki meşhur
aýdymçy Myrat Diwanaýew. Nury gelmedik günleri üçin
mugallymyndan ötünjem soramady-da göni pianinonyň
başyna geçip, öz döreden romansyny çalyp başlady. Döw
sesli Myrat Diwana hem aýdyma gygyrdy.
Ýarawsyzam bolsa bir gyrada aýak üstünde synlap,
diňläp duran Aleksandrow romans tamamlananda Nuryny
gujaklady, arkasyna tapba-tapba kakdy.
─ Seniň şeýdip köpräk “ýarawsyz” bolmagyňy arzuw
edýän. Gül ýaly, gül ýaly. Geljekde hasam gowy bolar.
Onsoň Aleksandrow o romansyň sazyny ýaňadan
çaldyryp, däne-däne edip diňläp, atalyk maslahatlaryny
berdi.
Nury bilen Myrat Diwana Aleksandrowyňkydan
çykanda Nury öz eli bilen ýazylan notaly kagyza: “İlkinji
romansymy ilkinji aýdan Myrat Diwanaỳewe” diýen
ýazgy ýazýar. Ony Myrat Diwanaýewe berýär. O
ýazgyly notany Myrat Diwanaýew öz kitaphanasynyň iň
gymmatly hazynasy hasaplaýar.
Professoryň öwgüsi, çaga ýaly begenmesi Nura ganat
berdi. Ol ýene professoryny begendirjek bolup, pianinony
tyrňyllatdy oturdy. Ýoldaşlary: “Nury, senem az-kem
dynç al, tyrňyllyňy goý, bizem dynç alaly” diýdiler.
Nurynyň başyna bir pikir geldimi - onsoň şony bitirýänçä
rahatlygy bolmaýar. Bu häsiýeti oňa soňky demine çenli
hemra boldy.
Aýdogdy Gurbanow, Nury Meredow dagy Nuryny
pianinonyň ýanyndan aýrybilmänsoň, özleri otaga
girmäge ýaýdanşyp gezdiler. Emma Nury hiç-hiç irmedi.
Günleriň birinde-de ýene bir romansy ýazyp gutaryp,
oglanlara çalyp berdi. Ol romans Magtymgulynyň
“Pukaraýam” diýen goşgusynyň rusça terjimesinedi.
Oglanlar oňladylar, emma ertiri Nury ýene pianino
başyna geçip, romansy üýtgetdi, sünnäledi, kä ýerine täze
goşundy goşdy. Onsoň ýene Myrat Diwana sözlerini
öwrendi. Birküç günden ikisi Aleksandrowa täze
romansy aýdyp berdiler.
Bu gezek professoryň begenişi öňkiniň dagy çaky
bolmady.
─Molodes, molodes! Sen meni ýigdeltdiň. O goşgyny
nädip tapdyň diýsene! Brawo! Bu romansda şeýle çuň
filosofiýa bar. Dowam ediber. Filosofiýa sazyň
maňzydyr. Şuny unutma! ─Soňra professor Nurynyň bu
romansyna hiňlendi.
Gözsüzleriň gözi idim,
Lallaryň men sözi idim,
İl-günümiň ýüzi idim...
Professor hem, Nury hem, Myrat Diwana hem
Magtymgulynyň ýesirlikde ýazan bu goşgusyna ýazylan
romansa guwanýardylar. Öňde Magtymguly bilen bagly
köp-köp aýdymlar ýazyljagyny, Magtymgulynyň şeýle
çuň, durmuşy filosofiýasyny saza goşsaň, hasam şirin
bolýandygyny, aslynda, bu durmuşa filosofiki bakmak
zerurlygyny Nury duýup başlady. Ol Magtymgula
ömürlik hemra bolar, gamly günlerinde-de, şat
günlerinde-de ol Magtymgula ýapyşar. Kä halatlarda
Magtymgulyny ürç edip okap-okap, onuň pelsepeleriniň
syryna akyl ýetirip bilmän kösener. “Magtymguly biz
akyl ỳetirerden beỳik” diýer.
Magtymguly onuň aňynda we stolunda ömürlik orun
alar.
Nury konserwatoriýada okap ýörkä döreden
aýdymlarynyň notalaryny Türkmenistana gezmäge
gidýän Myrat Diwanadan iberip, kompozitor Daňatar
Öwezowa gowşurmagy, näme diýýänini bilmegi haýyş
etdi. Onuň öz notalaryny uçilişedäki mugallymy, atly
kompozitor Tagan Myradowa däl-de, ala-böle Daňatar
Öwezowa ibermesiniň sebäbi─ Daňatar Öwezow bilen
şahsy tanyşlygy bolmasa-da, o kompozitoryň eserlerine
Nury aýratyn sarpa goýýar. Onuň sazlaryny köňlüne
ýakyn görýär. Daňatar Öwezowy beýleki türkmen
kompozitorlaryndan millilikde artykmaç saýýar. Şeýle
kompozitoryň pikirini bilmek Nury üçin gaty
gymmatlydy, gaty zerurdy.
Myrat Diwanaýew Nurynyň notalaryny goltuklap
Aşgabada gelşine Daňatar Öwezowy gözläp tapdy.
Meşhur kompozitor notalary ünsli okap otyrka: “O-how,
oh-how, oho-ho-ow! Tüweleme” diýip seslenýär. Soňra:
“Bu oglanjyga beýik geljek garaşýar. Ol biziň iň meşhur
kompozitorymyz bolar. Sen oňa aýt, türkmen halk
aýdym-sazymyzy gaty köp diňlesin” diýýär.
Bu hoş gürrüňe Myrat Diwanaýewiň özi-de ýürekden
begenip, begenjini dostuna tiz ýetirjek bolup, telefon
stansiýasyna ylgaýar. Üç sagat garaşyp Moskwa bilen
gepleşýär.
Soň-soň Nurynyň özi Aşgabada gelende, ýörite Daňatar
Öwezowa salama barýar. O wagtlar Daňatar Öwezowyň
gözi gowy görýärdi. Ol Nury bilen hoşamaý salamlaşyp,
döredijilik hakda gürrüň edýär. “Nuryjan, sen saz
ýazaňda türkmenligiňi unutmagyn. Türkmen bolup
ýazgyn. Türkmen birmahallar dünýäni alan bolsa,
türkmen sazy hem dünýäni alarça güýçlüdir”.
Şu mahal Nuryda ganat bolsa uçar giderdi. Şu minutlar
onuň ömrüniň iň bagtly pursatlarynyň biri bolup galar.
Soňra Daňatar Öwezow kör bolar. 1966-njy ýylda bolsa
bu dünýäden gider. Emma Daňatar Öwezowyň
Türkmenistandaky meşhurlygynyň syrlaryny Nury içgin
öwrener, o ýoly uzaldar, giňelder, beýgelder. Daňatar
Öwezowyň ady agzalsa, Nury elmydama öz halypasynyň
ady agzalýanyny unutmaz. Hat-da gelejekde şöhratyň
çürbaşyna çykanda-da Daňatar Öwezow Nury üçin
elýetmez belentlik bolup görner. Ýogsa, Nury
Türkmenistanyň çäginden daşarda, tutuş dünýäniň
altydan birine barabar bolan Sowet Soýuzynyň çäginden
hem çykyp, dünýä belli kompozitor derejesine ýetipdi.
Nury konserwatoriỳada okaýarka ýazan ilkinji uly eseri
“Dutaryň owazy ” diýen pýesady. O saz eseri Bütinsoýuz,
ýagny SSSR boýunça yglan edilen konkursda baỳrakly
ýere eýe bolýar. Bu eser ruhy halypasy Daňatar
Öwezowyň “Dutaryň owazy” kantatasynyň täsiri bilen
döredilenem bolsa, aýratyn, özboluşly originallyk örän
güýçli.
Halk sazynyň merjen dänejiklerini ỳürek suwy bilen
ussatlarça eýläp orta çykarylan saz.
Bu sazda Nurynyň gelejekki döredijilik, tematik ugry,
stil taýdan kämillik derejesi, gysgajasy, Nury
Halmämmedowyň döredijilik ýüzi göründi. Onuň
türkmen saz folkloryny neneňsi çuň öwrenendigi hem bu
sazda aýna ýaly aýdyň göründi.
“Türkmen sazyny iň güýçli söýen kompozitor Nury
Halmämmetdir” diýilýän gürrüň “Dutaryň owazy” diýen
saz bilen tassyklandy. Garry mugallymyň-professor
Anatoliý Nikolaýewiç Aleksandrowyň öz okuwçysynyň
bu ýeňşine neneňsi şatlananyny göräýmeseň, göz öňüne
getirer ýaly däl.
Bir saz diňlenişikde Nury bu sazyny şeýle bir ussatlyk
bilen çalyp berdi weli, dünýäde şöhraty belent D.
Şostakowiç, Haçaturýan, mugallymy Aleksandrow,
konserwatoriýanyň rektory Sweşnikow hem-de ýene
birnäçe professorlar haýran galyp hezil edindiler. Şonda
D. Şostakowiç ýuwaş sesi bilen: “Şeýle, şeýle-e.
Çaýkowçkiý konserwatoriýasy saz älemine täze bir
ajaỳyp sowgat taýýarlaýar” diýdi.
Konserwatoriýada, özem uly bir döwletiň iň uly
konserwatoriýasynda Nurynyň şöhraty öňküdenem
beýgeldi.
Gyzlaryň arasynda, edil Aşgabatda bolşy ýaly, Nuryny
eýelemek ýaryşy başlandy. Nury bolsa sazdan başga zada
bakasy gelenok. Gyzlar Nuryny sorap, otaga irginsiz
gelip duransoňlar, otagdaş oglanlaram halys surnukdylar.
“Nuryşka, gowusy sen aşakda girelgäniň ýanynda bir
çadyrjyk dik-de şo taýda gyzlaryňy kabul ediber”
diýişdiler. Nury bu ýyllar gyz meselesini bir gyra goýana
meňzeýärdi. Gurbanjemalam, öňki ýaly düýşe girip heläk
etmeýärdi.
Emma yşk, her zamanky ýaly, duýdansyz gelýär,
duýdansyz gidýär. Onsoň o gyzlaryň arasynda Nataşa
diýen gyz, ahyrsoňy, Nuryny eredip-akdyryp, kül edip
ugrady. Nury ýene dünýäni unudyp, Nataşadan özgäni
görmän başlady. Nataşa özüne öwredilen bir pikiri
goldaýardy: “Aýala boýun egmejek erkek ýok, diňe täsir
edişiň gowşak bolup biler”.
Nataşa Nurynyň köňül soltanyna öwrüldi. Indi Nataşany
ýa-da Nuryny ýalňyzlykda görenler geň galyp başladylar.
Bu ýakynlygyň dowamy öýlenmek bolar diýip umyt
edýärdiler.
Täze gelen yşk şemaly Nurynyň döredijiligine-de oňaýly
täsir edip başlady. Täze aýdymlar, täze sazlar kömelegiň
höwri ýaly köpelip başlady. Bir tomus kanikulda
Türkmenistanda bolup, mugallymynyň tabşyrygy
boýunça köne aýdym-sazlary magnitofona ýazyp, soňra
nota geçirdi. Bu Nura täze hazyna tapança ýardam berdi.
Türkmenistana alyp gelen öz aýdym-sazlaryny
Medeniýet ministrligine satmaga synanyşdy. İlki
almadyksyran boldular, soň az, gaty az hak bermekçi
boldular. Nurynyň başga çykalgasy ýok. Ýetimlik bilen
bu günlere ýetdi. Az tölense-de tölense bolýar. Jübüsine
bir şaýy düşse-de, pulsuzlykdan gowy-da.
Aşgabatdaka Moskwadan jaň bary gelip başlady. Nataşa
düýş görenmiş, düýşünde Nury başga bir gyz bilen gezip
ýörenmiş. Gabanjaňlyga başlan Nataşa Nurynyň tizräk
Moskwa gelmegini isledi. Nury kanikul gutaransoň
barjagyny aýdanda, Nataşa aglap telefony taşlady. Birküç
sagatdan ýene jaň etdi. “Sen eýýäm başga bir gyz
tapansyň . Sen aldawçy”. Şeýdip, tomus geçýänçä sabyrtakaty tükendi. Ahyry, Nury Moskwa geldi. Umumy
ýaşaýyş jaýyndan Nataşa telefon etdi. Ertir duşuşaly
diýdi. Nataşa şobada gelermen boldy. Ol gelýänçä agşam
sagat on boldy. Şol wagtam konserwatoriýanyň rektory,
ministrlikden iki kişi, partiýa, komsomol komitetleriniň
başlyklary, uly-uly ýyldyzly milisionerler, ak halatly
dogtorlar umumy ýaşaýyş jaýynyň gapysyna geldiler.
Olar soňky wagtlar artan bidüzgünçiligiň soňuna çykmak
üçin barlaga gelipdiler. Düzgün boýunça agşam sagat
ondan soň jaýa girmek-çykmak gadagan. Nataşany gapy
sakçysy gapydan gaýtardy. Nataşa dyzady, rugsat aljak
boldy. Bolmady. Emma Nataşa Nuryny görmän
gitjekmi?! Penjire tarapa geçip, üçünji gata bakyp
gygyryp başlady. Nury penjiräni açdy. Nataşa aglap
sözleýär.
─ Ýanyňda kim bar ?
─Oglanlar.
─Ýalan, ýalan! Sen menden dönýäň.
─Ynha, seret, Nataşa jan, şular oglana meşzeýär dälmi?─
Penjireden iki kelle boýnuny süýndürip görnüp gitdi.
─Otagy gözüm bilen görmesem bolmaz.
─Nataşa, gördüň-ä, barlag bar.
─Men otagy görmän gitjek däl.
─Özüm ýüp sallap düşsem näme?
─Ýok, ýok. Men seniň sesiňden duýýan. Sen meni
söýmeýäň, sen biwepa. Hökman ýanyňda bir gyz bardyr.
─Onda garaş.
Nury ony nädip ynandyrjagyny bilmedi. Onsoň otagdaky
prostynlary bir-birine pugta daňyp, bir ujuny aşak sallap
başlady. Oglanlar garşy boldy. “Özüňem, sallanmarsyň,
gyzy-da ýokary çekmersiň. Biz siziň ölümiňize şaýat
bolasymyz gelenok”. Garşy bolsalar-da Nurynyň
häsiýetini hem bilýärler: ýüregine düwenini bitirmän
goýmaz. Çekeleşikden soň, Nury öňi-soňy prostynlary
bir-birine daňyşdyryp sallady. Bir ujuny hem penjire
agajyna daňdy.
─Ynha, Nataşa, ýa men düşeýin, ýa seni çekip alaýyn.
─Meni çek. ─ Nataşa hiç gorkusyz prostyna topuldy-da
kiçijik halka edip, iki goşaryny ondan geçirdi. ─Çek, çek.
Oglanlar: “Seni Nataşa däliredipdir” diýşip, bu pajyga
şaýat bolmajak bolup otagdan çykdy. Nury çemesini
tapdy-da Nataşany çekip başlady. Aşaky dodagyny
çeýnäp tiz çekdi. Munuň şeýle ýeňil bolşuna özem haýran
galdy. Nataşa otaga düşenden, Nury ony garsa gujaklady.
Gujaklaşyp durkalar, oglanlar otaga kürsäp girdiler.
─ Rektor gelýä!
─Nataşa tiz çyk, rektor aýlanyp ýör.
─Otagda ýat gyz barlygy bilnäýse, işimiz gaýdar.
Nury Nataşanyň elinden çekip, aşaky gata ylgady. Gapy
sakçysy garry aýal Nataşany görende gözi dört boldy.
Nury otaga gaýdyp gelende, barlagçylar dördünji gata
çykypdyrlar. Oglanlar Nurynyň Nataşany nädip çekip
bilişini, arkaýynçylykda maslahatlaşyp başladylar. Nury
bolsa krowatynda gözüni potologa dikip ýatyr. Bu bolan
wakanyň nädip beýle tiz bolşuna onuň öz akly hem
ýetmeýär.
Ertir bütin konserwatoriýa Nurynyň üçünji gata gyz
çekişi hakda gep edýärdi. Bu waka Nura uly reklama
boldy. Şondan soň gyzlar Nura, edil janly Romeo bakan
ýaly, bakyp başladylar. Gürrüňleriň bir ujy Nurynyň
mugallymy Aleksandrowa-da ýetdi. Ol bir gün sapakdan
soň, ikiçäk otyrkalar mylaỳym ýylgyryp dillendi.
─Sen hakda aýdylýan hakykatmy, ýa rowaýatmy?
Nury az salym dymdy. Ýüzünde hiç bir üýtgeşme
duýulmady.
─Hakykat.
Aleksandrow Nura baka eglibräk sözledi.
─Ol şeýle owadanjamy, batyrjamy?
─Hawa.
─Bilip goý, sazdan beýik, sazdan çylşyrymly diňe bir zat
bar. Söýgi bar, söýgi-i!
* * *
Ykbala badak atan bir söz
Bir gün talyplar üýşüşip ondan-mundan söhbet edişip
otyrkalar, bir polýak ýigidi Şopenden söhbet açdy. Onuň
şeýle watansöýerligi hakda, wesýetine görä ýüreginiň bir
ýerde, göwresiniň başga ýerde jaýlanyşy hakda gürrüň
berdi.
─Men Şopeniň göwresiniň jaýlanan ýerine-de, ýüreginiň
jaýlanan ýerine-de zyýarat etdim.
Bir ýanda oturan Nuryda bu söhbet uçilişede okaýan
döwründen bäri ýüreginde höwürtge edinen arzuwyny
oýardy. “Kompozitorlaryň doglan ýerini, ýaşan ýurduny,
elleri degen saz gurallaryny görsem. Olaryň oturan
oturgyjynda otursam”.
─Men-ä okuwy gutaramsoň, ilkinji etjek zadym, köpükköpük ýygnap, ilki Ýewropadaky kompozitorlaryň
watanyny görjek. Şeýle göresim gelýär. Göwnüme
bolmasa, şolaryň ýörän topragyndan saz ýaňlanyp duran
ýaly.
─Eger Polşa gelseň, meni tapgyn. Bileje aýlanarys. Ýöne
gözel polýak gyzlaryny görseň, sen şobada aşyk bolarsyň.
Olary üçünji gata prostyn bilen çekmek gerek däl. Özleri
uçup girerler.
─Şeýle owadan bolsalar, öýlenäýmeli bolar-da.
Soňra söhbet Nurynyň üçünji gata gyz çekişine syrykdy,
başga-başga gürrüňlere geçildi.
Şol söhbetdeşligiň ertesi güni Nury umumy ýaşaýyş
jaýyndan çykyp barýarka, bir erkek kişi onuň bilen
salamlaşdy-da bile ýöräp başlady.
─Sen Nury dämi?
─Hawa.
─Men saňa Ýewropa syýahata gitmäge kömek edesim
gelýär. Gidesiň gelýär dämi?
─Şeýle gidesim gelýär.
--Biz ýene duşuşarys. Maňa Iwan Iwanowiç diýýärler.
Nury hiç bir ýamanlygy göwnüne getirmän hoşlaşdy.
“Düýnki oglanlaryň biriniň tanyşydyr”.
Emma özi hakda bireýýäm açylan gizlin papkada täze bir
gara sahypa ýazylanlygyny Nury otursa-tursa aklyna
getirip bilmeýärdi. Gara sahypada: “Nury
Halmämmedowyň daşary ýurda gaçmak isleýänligi hakda
habar tassyklandy. Ol Ýewropa gidip şo taýdan
Eýrandaky doganlarynyň ýanyna geçmekçi bolmagy
mümkin.” diýlen ýazgyny Nurynyň özi okasa ýüregi
ýarylardy. Nury öz atasy Baýlynyň ruslara garşy
Gökdepe goranyşynda jarçy bolanyny hem şol ýazgyny
okamasa bilmejekdi. “Uly jenaýatkär we Watan
dönüginiň ogly Nury Halmämmedow her ädimde jenaýat
edip biler” diýen ỳazgyny okasa dagy Nurynyň başy
aýlanyp ýykylmazmydy?!
Köneje we özüne giň bolýan paltosynyň ýakasyny
galdyryp, gara saçyna ak gar ýagdyryp konserwatoriýa
barýan Nurynyň başynda häzir sazdan başga pikir ýokdy.
Özi hakda gelejekki ömründe-de galyň-galyň gara
sahypalar ýazyljakdygyny, bu sahypalaryň ony daşary
ýurda gezelenje gitmeg-ä däl, ýurt içinde öz hakyny
almakdan hem goýjakdygyny Nury gümanam etmeýärdi.
Ol häzir beýnisini gyjyklaýan bir heňi gaýtalap,
barmaklaryny pianino çalýan ýaly hereketlendirip, aşaky
dodagyny çeýnäp barýardy.
*
*
*
Dünýä Daýnadan başlanýar
Nury soňky wagtlar tutuşlygy bilen saza çümdi.
Onuň ýüz-gözündäki görünmeýän damarjyklaram saz
kirşi ýaly tirpilläp başlady. Ol beýnisinde ýaňlanýan saz
hazynasyna begene-begene, o sazlary özi diňleý-diňleý
heziller edinýär. Bu dünýäni unudyberdi. Nury
başyndaky sazlary bu dünýäden has uly, has giň, has
möhüm saýyp başlady. Onuň bir adam bilen gepleşip
otyrka, birden dymmasyna ýa-da sessiz-üýnsüz,
sagbollaşman zym-zyýat bolmasyna köpler düşünmedi.
Onuň gijäniň ýarynda ukynyň iň süýji wagty oýanyp,
nota depderine bellikler edip oturanyny gören otagdaşlar
Nura düşünseler-de bir gün däl, bir gezek däl, ýöne
gaýtalanyp duran ahwalatdan bireỳỳäm irdiler. Nury
bolsa biperwaý, parhsyz. Ol diňe sazy bilýär, galan zatlar
onuň üçin gaty uzak, gaty daş.
Ol bir gün gaty ir oýandy, garaňkyda geýindi-de otagdan
çykyp gitdi. Gitdi, emma gapyny ýapmalydygyny unutdy.
Sowuk Moskwanyň köçeleri ony biraz özüne getirdi. O
salkynlyk, o şemaljyk Nura gaty lezzet berdi. Ylgapylgap gidesi geldi. Şeýle bagtly pursatlarda adamlaryň öý
howasyna demigip ýatyşlaryna nebsi agyrdy. Ol hiç bir
maksatsyz, ýöne bir ýöräp barýanyna begenýär.
Birdenem başga bir uly köçä sowulyp gitdi. Ýörediýöredi ýadamady. Bir baksa hemişelerem gelip ýören
binasyny gördi – Türkmenistanyň Moskwadaky
wekilhana jaýy. Ol Türkmenistandan gelen adamlaryň
ýüz-gözünden, sesinden Türkmenistanyň ysyny alasy
geldi. Näçe wagt bäri Türkmenistana zar boldy ahyry.
Türkmenjikleriň güne gaýzygan, aňňaş-taňňaş ýüzlerini
görmegem bagt ahyry. Olaryň gödekleç ellerini iki eliň
bilen gysmagyň özi nämä degmeýär?!
Nury uly gapyny kakdy.
─Hä-ä ýene kim geldi? Bu gije ýatuw bolmady. Kim?
Türkmenistandan Moskwa döküläýdiler-dä. ─Garry
aýalyň gapyny açýarka zeýrenji eşidildi. ─ Ýer ýok, ýer
ýok.
─Bu men, Nury, Tanýa daýza.
─Tanýa daýzaň ölmedi, bu azaplardanam dynmady. Nury,
daňdan näme ygyp ýörsüň? Wah, wah-e-eý, aýajygym!
─Türkmenistandan gelenler bilen salamlaşaýjakdym.
─Hanha, biçäreler, ýer bolmany sebäpli uzak gijäni sowuk
mermeriň üstünde geçirdiler.
Koridoryň garaňky böwründe haltalaryna,
çemodanlaryna arka berip bir-birege ýaplanyşyp, uzak
gijäni oýaly-ukuly geçirenleri gördü-de Nury olaryň
ýanyna bardy. Bir ýaşuly inçejik, çirkin sesli sözledi.
─A-how, inim, şu aýaly tanaýan bolsaň aýtsana, bir
jaýjagaz bersin, biz-ä gawun berdigem weli, etmedi.
─Alarys, agam, alarys.
Nury ýylgyrdy, olaryň ýüzlerini görse-görmese, uzan
elleri yhlasly gysyp, salamlaşyp başlady.
─Essalawmaleýkim!
─Waleýkimessalam. Inijigim, gurgunjamysyň? Bärlerde
okaýamyň-işleýämiň?
Nury hem jogap berýärdi, hem elleri gysyp ýördi. Şonda
sary ýüzli uzyn ýigit Nurynyň uzadan ellerini iki elläp
gysdy-da goýbermedi.
─Agam, ýalňyşmasam siz Nury Halmämmet bolmaly.
─Hawa, men.
─Onda ikimiz garyndaş bolýas. Men Daýnadan geldim.
Hälki çirkin sesli sözledi.
─Daýna diýlen ýer nire bolýarka?
─Daýna dünýäň başlanýan ýeri bolýa, agam ─ Nury
mylaýym sözläp, beýlekiler bilen elleşip ýaňky ýigidi
ýanyna aldy-da bir gyra çykdy.
─ Adyň näme?
─Işanguly. Men Hojagulynyň ogly. Bagşy Atalardan.
─Hä-ä, şeý diýsene. Daýna ýerindemi? ─Nurynyň ýüz-gözi
üýtgewsiz bolsa-da, sesi rahat çyksa-da, içinde gowga
bary gopup başlady. Ýüz müň soragy birbada aýdasy
geldi: Howalar nähili? Sumbar şu mahal joşýan däldir-le?
Diňlideredäki hozlar bamy? Oglanjykkak ogurlap
iýerdik. Baýlynyň armydyny bilýänsiň-ä? Ana, şo biziň
atamyzyň mellegi-dä. Bäherdene haýsy ýoldan
gatnaýarlar? Ýelligaýa owadandyr-a.
Sen näçinji ýylda doglan? O-ow, kyrk altyda bizi
ýetimhana alyp gaýdypdylar. Nedirguly dagy bilen
Bäherdende bolupdyk. Ýaşulylardan kimler galdy?
Nury sorag berip ýetişse, garşysyndaky jogabyny berdi.
Aralygynda Işanguly hem sorag berdi.
─ Baýly agalara Bäherdene gelip gidýäniňi eşidýäs. Daýna
gel ahyry. Dünýä inenje öýňüzem dur. Munça ýyllap
Daýnany görmän nädip oňýaň?
Nury jogap bermedi. Şol naýynjar, zaryn gözlerini
Işangula aýlap, ýene ýere bakdy. Uludan dem aldy.
Işanguly beren soragyna ökünip, özüni saýgylap ugrady.
Ol Nura göz astyndan utanjaň bakyp goýberdi weli,
Nurynyň şeýle nebsiňi agyrdyjy görnüşini duýup, hasam
özüne käýindi.
Ahyry, Nury ýuwaşja sözledi.
─Ýör, aşak ineli, saňa saz çalyp bereýin.
Nury öňden tiz ýöräp, ýerzemindäki sowuk, çygly otaga
girdi. Barşyna pianinonyň oturgyjyna çökdü-de gözlerini
ýumup, çalyp başlady. Nurynyň öz düzen sazylygyny,
özem henize çenli pianinoda eşidilmedik täze sazlygyny
Işanguly şobada duýdy. Nury bu dünýäni unudyp, öz
dünýäsine syýahata gitdi, örän uzaga gitdi. Ejesi pahyr
bilen, doganlary bilen, Sumbar bilen, torraňňylar,
serwiler, olaryň şahasynda şemalyň badyna hiňňillik
uçýan guşlar bilen duşuşdy. Ol bu gezek ho-ol
birmahallar Dänegulyň depesine çykyp, durna seçen
pursatyny, durnasynyň asmandan kelemenläp gaýdyşyny
gördi.
Dogrusy, Nury bu zatlary hakykatda görenem bolsa,
munça duýga batmazdy.Sazyny tamamlap, ýerinden
turdy. Duýgudan ýaňa gozganybilmän oturan obadaşynyň
arkasyny ýumşak sypap goýberdi.
─ Dünýä Daýnadan başlanýar doganjygym!
* * *
“Sen bu dünýä öz asyryňdan ir gelipsiň”
Moskwa konserwatoriýasynda okan bäş ýyly Nury üçin,
üstünden guş uçan ýaly bolup, tiz geçdi. Moskwanyň
aňzak gyşynda titräp, köneje paltosynda ýygrylyp gezeni
geçipdir, sowuk-sowuk ýagyşlarda buýup, uzyn
saçlaryndan suwuň şorruldap akany geçipdir. Stipendiýa
göz dikip, günüň tizräk ýaşyp, tizräk dogaryny dilän
günleri geçipdir. Şöhratlar, el çarpmalar, söýgüler, öýkekineler, gözýaşlar-- bary geçipdir. Diňe saz galypdyr.
Nury soňky ýylda özüni büs-bütin saza berdi, sazyň
içinde ýaşap başlady. Ol şeýle bir sazyň içine çümdi weli,
saz haýsy, Nury haýsy-biler ýaly bolmady. “Eger
Nurynyň agramy ýetmiş kilo bolsa, onuň altmyş dokuz
kilosy sazdyr” diýäýmeli boldy. Ol konserwatoriýany
gutaryş diplom işi hökmünde “Türkmenistan” simfoniki
sýuitasyny ýazdy. Şol saz bilen gümra günleriniň birinde
Türkmenistanyň wekilhanasynyň bir işgäri umumy
ýaşaýyş jaýyna geldi-de Nuryny alyp gitdi.
─Nirä gidýäs?
─Bir uly adam seniň bilen gepleşmekçi. Saçyň bejeriksiz,
jalbaryň bu ýyl ütük görmändir. Men-ä seni o adama
görkezmäge-de utanýan.
Nury aýak çekdi.
─Utanýaň bolsaň, bar sen özüňi görkezäý. Men gitjek däl,
meniň saçym-sakgalym bilen hiç kimiň işi bolup bilmez.
Özüme özüm patyşa. Başga patyşalaryň betbagt halyna
gülesim gelýär. Düşnüklimi ?!
─Ýuwaşrak ho-ow, seň bilen adam ýaly gepleşip bolmaýa.
Ýör, ýör, maňa getir diýdiler, başga mesele bilen işim
ýok.
Wekilhananyň başlygy Nuryny gowy garşy aldy.
─Nuryjan, ýagdaýlaryň gowudyr-la. Näme ýetmeziň bar
bolsa, göni maňa aýdybermelidir. Häzir seň bilen
Türkmenistan komunistik partiýasynyň Merkezi
Komutetiniň Ideologiýa bölüminiň müdiri gepleşmekçi.
Häzir ýygnakdan gelýär. Nuryjan, düşünýäň dämi, näme
diýse ünslüje diňle, sypaýyja gepleş. Gaty gowy
adamdyr.
─Ýaşuly, men birinji klasa gidemok, öňem adam gördüm.
─ Wah, Nuryjan, sen dogry diýýäň. Ýöne adamçylyk-da.
Olam uly wezipeli bolansoň... Hawa-la, gül ýaly bolar,
gül ýaly bolar.
Wekilhana başlygy şundan soň, kagyzlara güýmenip
başlady. Nury hem başyny sallap otyr. Uzak garaşmaly
boldy. Birden turup, kabinetden sessiz çykdy-da, göni
ýerzemine baka ylgap diýen ýaly indi. Pianinoly otaga
girdi.
Çalyp başlady. Uzak çaldy. Ahyry, orta boýly, tegelek
ýüzli sypaýy bir kişi emaý bilen gapyny açyp girdi-de,
assaja ýöräp, pianinonyň beýle ýanyndaky oturgyçda
oturyp saz diňläberdi. Nury o kişini ilkinji gezek görýär.
Sazyny böljegem bolmady. Ýene gözlerini ýumup ep-esli
wagt çaldy. Gelen kişi saz tamamlananda ýerinden turup
Nurynyň elini gysdy.
─Nury, ýagdaýlar ýagşymy?
─Hawa.
─Ýör, bileje garbanaly. Ýaňky sazlaryňy öň eşitmändik,
täze ýazdyňmy?
─Hawa, ýazylýa-da.
─Gowy gördüm.
--Seň gowy göreniň ỳeterlik däl, sazyň özi gowy bolmasa
bolmaýada.Ýaňky çalanlarymda kem barlygyny bilýän,
ýöne tapmaly-da.
─Ýuwaş-ýuwaş kämilleşdirersiň.
─Bar bela şonda. Ýazmany hemmeler başarýa,
kämilleşdirmek, sünnälemek başga mesele. Ýaşuly, gaty
uzaga gitmäli. Men ýene gelmeli boljak.
─Bolýa, bolýa. Gel şu kafe giräýeli, adam azrak ýaly-la.
Olar ýönekeýje nahar aldylar. Ondan-mundan gürrüň
edip oturdylar. Nura o kişi ýarap başlady.
Sypaýylygy, tebigylygy gowy. Türkmenistandan
gelenleriň köpüsi nahara alyp gidýär. Gymmat restorana
eltip, dürli araklar, konýaklar içirjek bolşup jan edýäler.
Özüniň pulludygyny görkezesi gelýär. Bu oturan
mugallymdyr ýa garypja alymdyr, pukaraja kitaphanaçy
bolmagy-da ahmal.
─Onsoň konserwatoriýany tamamlap, näme etmekçi?
─Göreris-dä.
─Ermenileri, azerbaýjanlary, tatarlary, ýewreýleri
synlasaň-a güýçli bolsa, merkezde galýa. Has güýçlenýä,
dünýä çykýa. Soň Watana gidesi gelse gidiberýä.
Nury sypaýy ýaşulynyň sözüni böldi.
─Wah, ol aýdýanyň dogry weli, men Türkmenistansyz
oňup bilmen. Türkmençe gepleşmesem, ýüregim ýarylyp
barýa. Şu mahal ikimiz türkmençe gepleşip otyrys weli,
bä-äý, lezzet-lä.
─Düşünýän. Ýöne sen Türkmenistanyň ýagdaýy bilen
içgin tanyşsaň, soň belli netijä gelseň gowy bolar. Meniň
Moskwada gaty gowy dostlarym bar, olar saňa eýelik
ederler. Menem elimden gelen kömegi ederin.
Türkmenistanda pagtany hem, medeniýeti hem şol bir
terezide çekýärler, o taýda seni çeýnäp-çeýnäp taşlarlar.
Ikimizde pulam ýok, garyndaşam ýok. Seni batga
batyrarlar. Men saňa gaty köp zady aýdyp bilmeýän, sen
şo zatlar hakda oýlan. Saňa Moskwadan bir jaýjagaz
almaga ýol taparys. Men rektoryňyz bilen gepleşdim, sen
hakda gaty uly umytda. Sen diňe saz ýazmaly, saz ýazyp
ýeňmeli. Saňa sabyr gerek, diňe sabyr gerek. Sen
türkmeniň abraýyny dünýä ýetirip bilersiň.
─Ýaşuly bagyşla weli, men seni tanamadym-la.
─Men Ýazguly. Ideologiýa işgäri.
Nurynyň garşysynda oturan sypaýy kişi Türkmenistan
Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň ideologiýa
bölüminiň müdiri bolup işläp ýören bolsa-da häzir ony
Merkezi Komitetiň sekretary wezipesine hödürlemek
üçin söhbetdeşlige çagyrypdylar. Ýazguly
Hudaýberdiýew ýene ýigrimi günden Aşgabatda geçjek
partiỳa ỳygnagynda sekretar boljagyny bilýärdi. O döwür
bu wezipe Türkmenistanda üçünji adam diýmekdi.
Nury bilen Ýazguly Hudaýberdiýew sowuk hem pukara
kafede gije çenli gürrüňleşip oturyp, dünýäniň derdini
gozgadylar.
Gelejekki dört ýylda ikisiniň ýakyn dost boljagyny,
Moskwada galmak teklibini kabul etmänsoň, Nura
Aşgabatdan ýaşaýyş jaýyny edinmäge kömek berjegini,
Nuryny esgerlikden alyp galmaly boljagyny, Nurynyň
aýagyndan ýazylýan golsuz arzalara ýol bermejek bolup
kösenjegini Hudaýberdiýew güman etmese-de,
kynçylygyň az bolmajagyny bilýärdi. Ol gelejekde Gara
Seýitli Medeniýet ministri bolup ýadaşanda, şonda
Nuryny Medeniýet ministri wezipesine bellemegi
planlaşdyrýardy.
Dogrusy, Türkmenistanyň uly ýolbaşçylarynyň arasynda
Nuryny çyndan goraýjy, goldaýjy Ýazguly
Hudaýberdidi.Ol Nurynyň sadalygyny,çekinjeňligini, öz
hakyna kaỳyllygyny, şonda-da ony gaty köseỳändiklerini
göre-göre: ”Nury, sen bu dünỳä öz asyryňdan ir gelipsiň”
diỳer.
1966-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda awtomobil
heläkçiliginde Ýazguly Hudaýberdiýewiň wepat
bolanyny eşidenden, gözýaşlaryny boýur-boýur döküp,
pianino başyna geçen Nury bolupdy. Klawişlere
barmaklar däl, gözýaşlar urýardy. Ýüregiň agysy –
“Elegiki prelýudiýa we fuga” atly meşhur saza öwrüldi.
Nury bu sazy wepat bolan dosduna bagyşlapdy.
Ýazguly Hudaýberdiýew diri bolan bolsa, Nurynyň
şahsy ykbaly başgaça bolardy. Nury ýany bilen o dünýä
äkiden genial sazlaryny, belki, ýazyp ýetişerdi. Muny
Nurynyň özi syzan bolmagy bolup biljek zat.
Her niçik bolsa-da dostdan aýra düşmegiň awusy
Nurynyň soňky demine çenli köşeşmez.
*
*
*
Dag ýykyldy ─ dogan gitdi
Nury Çaỳkowskiỳ konserwatoriỳasyny tamamlap, köneje
goşlaryny, notalaryny göterip Moskwadan Bäherdene
gelende uly dogany Baýlynyň ýüzi gülmeýärdi. Ol
Nuryny görüp, özüne zor berip, açyk ýüzli görünmek
isledi. Duýgur Nury muny şobada duýdy. Salamselimden, çaý-nahardan soň Nury gönüledi.
─Baýly, näme boldy? Menden gizlemän aýtsana!
Baýly az salym dymdy, soň ýuwdundy-da gamly
gepledi.
─Aşyrberdijan gitdi.
─Habar geldimi?
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Beýik köňle syýahat - 7
  • Büleklär
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3607
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2199
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3716
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2141
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2044
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3784
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1947
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3793
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2042
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3620
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2041
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3708
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2045
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3593
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2036
    29.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 2887
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1819
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.