Latin

Beýik köňle syýahat - 10

Süzlärneñ gomumi sanı 2887
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1819
28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
40.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
arfa bilen bilelikde ýüregiň taryna kakyp gidýär.
Edebiýatda we sungatyň dürli pudaklarynda beýik
şahsyýetleriň döreden ajaýyp eserlerinde bolşy ýaly, N.
Halmämmedowyň öz sazlarynda ulanan saz serişdeleri
hem tebigy sazlaşygy bilen haýran galdyrýan we ýaş nesil
üçin beýik nusga, özboluşly mekdep bolup durýar”.
*
*
*
Nury öz sazlary arkaly dag ýaly gamyny diňleýji bilen
paýlaşdy. Diňleýji bilen gam alyp-berişdi. “Gam alaryn,
sataryn” diýen Garajaoglan ýaly. Ol öz ykbalyny saz
bilen ýazan adam.
O sazlarda gam bilen şatlyk şeýle bir bile ýugrulypdyr
weli, edil durmuşyň özündäki ýaly bolupdyr.
Nury Halmämmediň sazlarynda ähli zat filosofiki reňke
boỳalýar. Ol bizi pelsepe deňzine oklaýar. Şonuň üçinem
biz o sazlara paýhasly sazlar diýip bilýäris.
Edil hakykatda bolşy ýaly, Nurynyň sazlarynyň aslynda,
arkasynda, kölegesinde ynsan bagty we betbagtlygy
ýatyr.Güneş hernäçe mylaýym bolsa-da uzakdan gara
bulutlar görünýär.
Bagt hem-de betbagtlyk bir ojagyň başynda otyr. Ol
ynsanyň iki goly ýaly. Nury bu pelsepäni öz sazlarynda
beýik bir ruh bilen berip bildi.
Onuň sazy ynsan bolup ýaşamagyň neneňsi
çylşyrymlydygyny duýdurýar. Öz halyňa, il halyna
begenjegiňi, gynanjagyňy bilip bolmaýan ahwaly beýan
edýär.
Nury bu durmuşda şeýle bir ýürekden şatlanasy geldi,
emma her gezek bu şatlyk ýarym çykdy. Sazlarynda-da
her begenje, umyda gam kölege berýär.
Nurynyň göwün isleýän begenji çagalygynda
paltalanypdy.
Nurynyň sazy enäni küýseýän balanyň owazy, balany
küỳseỳän enäniň owazy. Nurynyň sazlarynda biri aýdym
aýtsa-ol aýdymy ejesi aýdýar, biri läle kaksa, o läle
ejesiniňki, biri hüwdülese – ejesi hüwdüleýär, Nurynyň
kyrk günlük jigijigi Maýany hüwdüleýär.
Nury Halmämmediň tebigaty duýşuna akyl ýeter ýaly
däl. Şo sebäpli onuň sazynda ýaz şemaly, güýz şemaly
öwsüp dur, o saz dury suwda akyp barýan sary ýaprak,
ömrüň geçip barýanyny duýdurýan jaňjagaz, dag
başyndan däliräp inýän derýa. Nury dünýedäki ähli
derýalary Sumbardan kiçi görýär. Sebäbi, Nuryny
joşduran, Nura ganat-ýelken beren o derýa . Oglanka
görüp, soň ömriboýy küýsäp, görmäge zar bolan derýasy.
Nury bütin dünýäni, gözel-gözel köşk-saraýly şäherleri
bir ýana goýýar, dogduk obasy Daýnany öz ýanyna
goýýar. Nury üçin Daýnadan gudratly-keramatly ýer ýok.
Eger Daýna bolmadyk bolsa, Sumbaram beýle gözel,
beýle mukaddes bolmazdy.
Daýna! Daýna!!
Daýnadan başlanýar
Dünỳä.
Nurynyň sazlarynyň baş nyşanasy – ýürek, ýürek, ýürek.
Kompozitor saz duýgularynda şeýle bir ýumşaklyga,
şeýle bir näziklige, inçelige aralaşýar weli, sesi duýýan iň
näzik gül bolan mimozalaram o näziklige haýran galýar.
Nury saza şeýle bir çuň çümdi, şeýle bir çuň çümdi,
soňunda ol sazyň özüni görmegi başardy. Ol sazyň çöwre
tarapyny, töweregindäki höwürlerini hem gördi.
Pikiriň çürbaşyna ýeteňsoň, ondan ýokarda Nury
Halmämmediň sazy beýgelip başlaýar.
Nury Halmämmediň sazy-joşgunly duýgy sili.
Türkmen sazyna örän çuň düşünen hem-de ony örän çuň
söýen kompozitor Nury Halmämmet boldy. Pianinony
beýleki kompozitorlarymyza garaňda gaty ussat çalan
hem Nury boldy.
Ol “İlki söz bolupdyr” diýýänlere “İlki saz bolupdyr,
soňra söz bolupdyr, ýene saz bolupdyr” diýen adam.
Nury ömriboýy bu dünýäde ýaşandan öz dünýäsinde köp
ýaşady. Ol öz dünýäsinden kämahal bu dünýä garap
goýberýärdi. Örän syrly, alasarmyk, köňülsiz we sowuk
dünýäni ýokardan synlaýardy.
Nury Halmämmediň meşhurlygynyň syryny açyp
bildikmi? Ýok-la. Ony Nury Halmämmediň özi hem
aýdyp bilmezdi. Nury Halmämmediň damarynda gan
ornuna saz aýlanýar. O syry diňe ýürek syzýar.
O syry Nura beren beýik Alla açyp biler. Kompozitoryň
tutuş döredijiligini birlaý nazardan geçirseň, duýgy
eleginde eleseň, onuň şeýle baý hazynasynyň barlygyna,
joşgunly çeşme ýalydygyna göz ýetirýärsiň.
Emma o baýlyk doly ulanylmady. Muňa Nury
Halmämmediň ýetimligi, garyplygy, ýalňyzlygy, onuň
ỳoluna daş oklananlygy sebäp boldy.
Bir oýlanyp görüň, ahyry. Nury bilen näçe sazlar gitdi?!
Saz dünýäsi nähili ýitgä sezewar boldy?! Bu diňe Nury
Halmämmediň tragediýasy däl, bütin milletiň
tragediýasy. Adamzat, gör, näçe eşretden mahrum boldy.
Ýogsa, Nury Halmämmet ömrüni saza bagyş etdi. Onuň
üçin bu dünýäde diňe saz bardy, sazy söýýänler-
söýmeýänler bardy. Çaga ýürekli ynsan bütin ömrüni bu
dünýä bilen öwrenişip bilmän geçirdi.
Dünýädäki her bir gözýaş Nurynyň ýüregine damýardy.
Her niçik bolsa-da, Nury Halmämmet Türkmen
geçmişini, geljegini saza çuňňur siňdiren kompozitor
bolup ýetişdi.
Ol Türkmen durmuşynyň sazly ensiklopediýasyny
döredip gitdi. Hut şoňa görä-de halk ony özüne iň ýakyn
milli kompozitor saýýar.
Ol Türkmeniň dünýäden giň ýüregini saz bilen dolduryp
gitdi.
Dünýä söýse-de, dünýä düşünse-de Nury Halmämmediň
sazlaryny Türkmen bolup diňläýseň!
Hormatly okyjym!
Ynha, meşhur kompozitor Nury Halmämmediň beỳik
köňlüne syýahat tamamlandy.
“Nury Halmämmet we kinofilmler.”, “Nury Halmämmet
we Atageldi Garýagdy”, “Nury Halmämmet we
Gurbannazar Eziz”, “Nury Halmämmet we Medeniýet
Şahberdiýewa”, “Nury Halmämmet we Annaberdi
Atdan”, “Nurynyň maşgala taryhy, Eýranda galan we
bärdäki doganlarynyň ykbaly”, “Nurynyň dostlary” diýen
bölümler hem ýazylyp bilnerdi. Men zeýrenýän ýaly
bolmasyn diýip, okyjynyň özi göz ýetirer diýip, Nury
Halmämmet bilen bagly käbir wakalary hem ýazman
goýdum. Esasy maksadym-Nury Halmämmediň ýüregini
açmak, görkezmek boldy. Eger o beýik köňlüň müňden
bir zerrejigini okyja ýetirip bilen bolsam, özümi bagtly
saýaryn.
Gelejekki beýik ýazyja bir haýyşym bar: Men Nury
Halmämmet hakda gysga ýazdym. Sen gyssanman, o
ýüregiň syrlaryna çuň aralaşaweri.
Indi TÜRKMEN durmuşy
NURY HALMÄMMETsiz mümkin däl.
_________
i.sekreter@mynet.com,skuzeci@hotmail.com,yunus_oquz@mail.ru,unalzal@hotmail.com,bil
gi@mehmetnuriparmaksiz.com,feyyazsaglam@hotmail.com,hudayican@gmail.com,avgust_o
7@list.ru,arslanbayir@gmail.com,shakhym@rambler.ru,metin_turan2001@yahoo.com,nasrat
tinoglu03@hotmail.com,xxalide@gmail.com,dmdogan@gmail.com,ahmetfidan25@gmail.co
m,sevketoznur@hotmail.com,nurtenremzi@hotmail.com,emrullahtoren2023@hotmail.com,g
h.golkarian@gmail.com,alishamil@yahoo.com,iskenderzadeh@rambler.ru,mehmetali.ozpolat
@trt.net.tr,hderzinevesi@neu.edu.tr,irfangurdal@yahoo.com,icetin@gazi.edu.tr,karavahap@g
mail.com,irfan_morina@hotmail.com,hayrettinivgin@gmail.com,yasarkalafat@gmail.com,gu
zel@baskent.edu.tr,altayli_s@yahoo.com,nozkan@erciyes.edu.tr,atabey@erciyes.edu.tr,zeyn
elbeksac@hotmail.com,Cumali@mail.ru,demir_nesati@hotmail.com,reklam50@hotmail.com
,osmanbas60@hotmail.com,rafiqbabayev@mail.ru,seferjan@gmail.com,babahansharif@mail.
ru,ramizasker@yahoo.com,mehkara@yahoo.com,korkuttuna@hotmail.com,yusufc@maltepe.
edu.tr,fevzisacli@hotmail.com,kumrudergisi@hotmail.com,nazim.muradov@gmail.com,tahir
kahhar@mail.ru
Telefon kitapçasyndaky ýazgylar
Ol mydama näme sebäpden öljegini bilesi gelýärdi.
* * *
“Aýalymyň ölenini görsem bolýar, soň Alla haçan alsa alybersin.” Diýýärdi.
* * *
Başyndaky syrlara çydap bilmän öldi.
* * *
Aýallar ony çakdan aşa söýerdiler. Ol şo söýgülerden ölüp gutuldy.
* * *
Niýeti ýagşylyk däldi. Alla saklasyn, bir çukura ýykylypdyr, bäş günden soň
tapdylar, erbet yslanan ekeni.
* * *
Bir görmäge örän alçak adam. Şorta söz aýdyp içiňi gyrýar: Hoca Nasreddin bir
obadaşynyň halyny soramak üçin hassahana barýar. Obadaşy agzy-burny
kislorodly, gepläp bilmän yatyrmyş.”Gepläp bilmeyän bolsaň ýagdaýyňy ýazyp
beräý” diýip, kagyz-galam uzadýar. Hassa zordan ýazýar: -Eşşek ogly eşşek
şlangany basma, kislorod gelenok!
* * *
“Gybat edýänleriň bir gudrat bilen dili doňsa, birküç günden soň dili doňmadyk az
galsa gerek.
* * *
Gaty gowy adamdy, pahyry jaylamaga adam tapylmady.
* * *
Iýende öküz yaly, ýatanda pil ýaly diýilýänlerden. Türmä düşenleriň arasyna
taşlanyp, tussaglaryň içini bilýämiş. Köçä çykdygy töweregine gorkuly
garanjaklap barýar.
* * *
Bäý, bäy tibit geýinýär-ä. Birje sapak artyk ya kem däldir. Arman, ýalançyny
görmäge gözi ýok-da.
* * *
Karz dileseň hezil edinýär. Derrew çykaryp berýär. Ýöne gaýtaryp alýança
ýatladyp öldürýär-dä. Häzir ýene jaň eder.
* * *
Kimi görse akyl berýär. Aklyň bit bazarynda-da bir köpüge alynmaýanyna üşügi
ýetmeýär.
* * *
Ol ähli kişini ýüzüne öwýär. Bäý, öwýär-ä. Gözleri bolsa: ”Öwgä aldanýarmyka,
aldanmaýarmyka?” diýip çiňňerilýär.
* * *
Biçäre bäş-alty gezek öýlenip, soňunda-da aýalsyz galdy.
* * *
Öz-ä demini sanap ýatyr, ogluna-da: ”Mallaryň ot-suwuna bakaweri” diýýär.
* * *
“Adamy gaty içgin tanajak bolma. Badykeş bolarsyň” diýdi.
* * *
Gaty akylly adam: aýagyň ýöremek üçin berlenini gaty gowy bilýär. Mydama
ýöräp ýörendir.
* * *
Reklamasyny ýetirseň, pyşbagany uçýar diýip satyp bolýar.
* * *
Ölmänkä mazar ýerini belli etdi, öz heýkelini ýasatdy, mermer baryny alyp
ýylmadyp goýdy. Bir gezek balyk tutmaga gidişi gidiş boldy. Heýkel howlynyň
bir burçunda guma garyldy galdy.
* * *
Eline pul düşdügi salamyny üýtgedýär. Özge wagt sypaýy bir kişi.
* * *
Bir ýaramaz gylygy bar: nahar iýiläýjek wagty gelýär, ne nahardan dadýar, ne-de
gaýdýar. Halynyň ýüzüne aýasyny sürtüp, şo dymar oturar.
* * *
Ony hiç kim tanap bilenok.Onuň özi bir özüni tanaýarmyka?
* * *
Atam eýýäminde bir ýagşylyk edipdir weli, her duşanda ýatladyp ýagyr edýär.
* * *
“Öwünjeň bilen ýaranjaň arasynda tapawut barmy?” diýerdi.
* * *
Är-aýal mydama bir-birini öwýär. Ikisiniň hem oýnaşy bar.
* * *
Ömrüni wezipede geçirdi. Wezipeden aýrylan güni jan beräýdi.
* * *
Eý. Alla! Bu dünýäde ýaradylanlaryň arasynda adamdan zalymy barmy?
* * *
Beýle ýakymly aýal dünýäde ýokdy. Bir pise sataşyp gözi görgüden açylmady.
Ahyrda nädip öleni hem belli bolmady.
* * *
O pahyr bir ýerde demir gorse howlusyna süýrärdi. Ölensoň oglanlary bir aýlap
posly demir zyňdylar.
* * *
Geplände özüni şeýle bir akylly görkezjek bolardy.Iliňem gözi kör däl-ä, eden
işiňe görä nyrh kesýär.
* * *
Her ölene begenerdi, biçäre. Özi birküç aý ýanyny ýerden galdyrman ýatansoň:
”Be-e, menem öläýmeli bolarmykam?” diýip, öljegine geň galyp öldi.
* * *
Çölden gelen bir myhmany öý eýesi hammama salyp, julkuny çykaryp
ýuwundyrypdyr. Myhman: ”Hammam diýilýän ýakymly zat ekeni. Geljek ýyl
gelemde-de girjek” diýipdir.
* * *
Ol kitap magazine girip: ”Çigit dolap satar ýaly arzan kitap barmy?” diýse satyjy:
”Wah daýza, şu kitaplaryň köpüsine çigit dolaýmaly weli, arzan däl-dä” diýipdir.
* * *
Oňa düşünip bilmezdik, ýöne akyllydygy bellidi. “Men dirikäm az işledim,
ölemsoň köp işlejegimi bilýän” diýerdi.
* * *
“Oglumyň ýanynyň ody bar, gyzymyň ýanynyň ýady bar” diýip ýalňyz ýaşady.
* * *
Gaty ýatkeş. Tutuş kitaplary ýatdan bilýär, emma alan karzyny unudaýýar.
* * *
Öňden bäri duran daş heýkeliň garşysyna altyn heýkel dikdiler. Iki heýkel
paýhaslylykda ýaryşdy. Ahyrda daş heykeliňki dogry çykdy. Altyny eredip o
ýana, bu ýana dargatdylar.
* * *
Alla saklasyn, her göreni bilen ýaka tutuşjak bolup dur. Öz betgylyklygyndan
keýp alýar. “Şeýtmeseň depäňde şänik döwjekler” diýýär.
* * *
Bir köne maşyny bar. Haçan görseň şoňa dümtünip otyr. Ogly täze maşyn alyp
berjek bolsa: “Meni ýaşadýan şu köne maşyn” diýýärmiş.
* * *
Ol myhmançylykda Görogly ýaly, öýünde görde ýaly.
* * *
Ol:”Iki aýaklylaryň müňden biri adam, galanlary kölege” diýýär.”Özüň haýsyna
degişli” diýsem, geplemän ýylgyraýýar.
* * *
Işk- körlük diýleni-dä. Ol dünyäniň iň gözel gyzy bilen söýüşýärdi. Owadan däl
diýip sowaşdy.
* * *
Her ýetenden karz alyp ogluny daşary ýurtda okatdy, soňam özi gitdi. Indi
algydarlar onuň gelerini dileşip otyrlar.
* * *
Aýagyň dyrnaklary alynýandyr öýtmezdi. Şoňa görä başam barmagy jorabyň
deşiginden syçan ýaly jyklar durardy.
* * *
Içiňdäki ýagşy-ýaman niýetiň özüňde ýüze çykmasa-da, nesliňde ýüze çykýar.
* * *
“Bu günler nirede güýmenýäň?” diýseň: ”Kä günler guýruk, kä günler kölege
bolup işleyän” diýýär.
* * *
Onuň nesli köpelip küren oba boldy, özi bolsa şol köneje tamynda ýalňyzlyga gark
bolup, ölüp bilmän ýatyr.
* * *
Onuň jaň etmesi ýokdy. Bir gün jaň edýär: “Men gaýdyp barýan, razy bolmaşak”
diýýär. “Nira gaýdyp barýaň?” diýsem: “O dünýä” diýýär. Özem gaty rahat, başga
bir şähere gezelenje gidýän ýaly. Men-ä oýun edýändir öýtdüm. Bäş-üç gün
geçdimi-geçmedimi, öldi habary geläýdi.
* * *
Onuň öwünäýşini diýsene! “Altmyş manadym bar, hemmesem ýüzlük” diýýär.
“Güjügimem şekelady iýmän goýýar” diýýär.
* * *
Ol bir tüýslidi. “Towşana gaç diýýän, taza kow diýýän” diýerdi.
* * *
Giçlik jaň edýän bolsa içgilidir, surnukdyrman goymaz.
* * *
“Ylmyň beýigi syýahatdyr” diýip, gazananjasyny syýahata harçlady. Ahyrda-da
bir ýurtda krokodil ýuwudaýypdyr.
* * *
Aýasy ýaly ýer tapsa-da gül ekýär. Gelene-geçene gül paýlaýar. Gül berende onuň
nähili bagtyýar bolşuny bir göräýseň.
* * *
Dünýäni kowalap tutjak bolup barýarkaň yzyňa-da bakaweri: seni kowalap
gelýänem bardyr.
* * *
Bu dünýäniň syrly hasap-hesibine düşünmedik kösenýär.
* * *
Biri aýydyr, tilkidir, ýene biri pişikdir, gurtdyr, adama meňzeýäni azdyr.
* * *
“Wah, meni satanlaryna gynanamok, arzan satýalar şo bolmaýa” diýerdi.
* * *
It bolsa-da ýürekden ýylgyrsa ýakymly.
* * *
Oňa jaň etseň dünýäň giňäp gidýär. “Ölümden özgesiniň alajy bar” diýýär.
* * *
Aýdýan sözi bilen edýän işiniň arasynda dag ýatyr.
* * *
Ol gündizine sadyk musulman. Gijesine goňşusynyň sygyryny ogryn sagýar.
Hudaý gije uklaýandyr öýdýärmikä?
* * *
Maýmynyň adam bolanyny gormedim, ýöne adamyň maýmyna öwrülenini köp
gördüm.
* * *
“Jesedimi watanymda jaýlamaga kömek beriň” diýýänini bilýän.
* * *
Biri mugallymynyň otag doly kitaplaryny görüp, bir aýlyk, bir hepdelik okamaga
dilese-de bermändir. Ahyrda bir günlük diläpdir. Mugallym: “Oglum, şu
kitaplaryň ählisi bir günlük dilenip alnan kitaplar” diýipdir.
* * *
“Gözi açyklaryň ählisi görýändir öýtme, ýöräp ýörenleriň ählisi diridir öýtme.
Ölüm diňe mazarda ýatmak däldir, guzym” diýip maslahat bererdi.
* * *
Mugallym: “Diňe wagşylar et iýýär” diýipdir weli, bir okuwçy: “Adam wagşylara
degişlimi?” diýipdir.
* * *
Onuň tapýan sözüne seret: “Meniň oglum bile seniň ogluň biziň oglumyzy urýar”
* * *
Ol bir gepinde: “Arylara gülüň baly, aşyga dodagyň baly” diydi.
* * *
Ölümiň öýünde bir gämi edindim. Bir görsem derýalar bireýýäm gurap gidipdir.
* * *
Men ukudaky wulkandym, partlap bilmän kösendim.
* * *
Akmak däliräp ýitirýän zady ýok, akylly dälirese ýaman.
* * *
Ol biçäre: “Içimde yşgyň külünden başga zat galan däldir” diýdi.
* * *
Köp gulakly, köp gözli kölege.
* * *
Onuň gyzy aýaldan däl-de ajdarhadan dogan ýaly.
* * *
Kyrkdan geçdimi-geçmedimi, daýaw janyny garry hasaplap başlady. Birküç
ýyldan bir aýagy gördäki mülhide öwrüläydi.
* * *
Ýüz sany nol bolaňdan bir birlik bol.
* * *
“Suw damjasy altyn dänesi” diýip, teşneligiň nämeligini bilmän aýdýaň. Ömür bir
damja direlende altyn gara kömürçe-de görülýän däldir” diýerdi.
* * *
Men oňa däli diýdim, olam maňa däli diýdi. Kimiň dälidigini kesgitlejegem bir
däli.
* * *
Ol şeýle bir ugurtapyjy. Gurt görse aga diýýä, aýy görse daýy diýýä, içýanyň
penjesinde uklap, ýylanyň kölegesinde gezip bilýär.
* * *
Goşgy baryny ýatdan aýdardy. ”Bir gül üçin müň tikene suw berdim” diýip, goşgy
aýdýar.
* * *
Ol güýçli alymdy. Ölmezinden öň ähli ýazanlaryny ýakaýdy. Oňa däliredi
diýenlerem, aklyna aýlandy diýenlerem boldy.
* * *
Ol aýalyna taýak salyp başlanda: “Ýüz-gözüňe degäýmesin, berkje goran!”
diýerdi.
* * *
“Kowalap barýanymdan başga dokuz towşan ursam, on bolýar” diýmäni söýerdi.
* * *
“Ýaman niýetlilik janlylaryň arasynda diňe ynsana mahsusdyr” diýip
öwrederdi.”Haýwanlaryň arasynda maýmyna meňzeşi adamlardyr” diýip köp
aýdardy.
* * *
“Nähili ýagdaýlar?” diýseň: “Ölýän, içegelerim deşik-deşik” diýýär. Elli ýyl bäri
bu sözüni gaýtalaýar.
* * *
Bir maşgaladan yzly-yzyna iki kişi ölüpdir weli, öýüň ýaşulysy: “Ezraýyl biz bilen
öwrenişäýdi öýdýän. O wenezzyna bu öýden çykasy gelenok” diýdi.
* * *
“Para bilen sowgat şeýle bir garyşdy weli, ähli para sowgada öwrüldi duruberdi”
diýýär. Onsoň “sowgat” almajak ýok, diňe az görýän, çekinýän bar” diýýär.
* * *
Baýlygy gazanmagam ýeňil däl , ýöne saklamak juda kyn. Şu ikisini başarsaň
baýap bolýar.
* * *
Ol agyz, burun, göz, maňlaý, ýüzüňdäki çyzyklar esasynda seniň häsiýetiňi özüňe
aýdyp berýär, emma: ”Bu dünýede özüňi tanamak ýaly kyn zat yok” diýýär.
* * *
Dünýäde ähli zat jübüt ýaradylypdyr.
* * *
Ol ölüm ýassygynda: ”Ýene bäş ýyljyk ýaşasam, fabrigime täze maşyn goýsam”
diýip öldi.
* * *
Ol-a agaçmyş, ynsanyň hem köki bar. Janlylaryň ählisi köküne görä ýaşaýar.
“Köksüz agaç dik durmaz” diýip ýönelige aýdylan däldir.
* * *
“Men iňlisçe gowy bilýän” diýip öwünýänlere: “Angliýada her däli hem iňlisçe
saýraýar” diýýär.
* * *
Bir golunda iti, goltugynda biti.
* * *
Hiç kime göwni ýetmezdi. Ezraýyla-da “Eşigiň gara” diýenmiş.
* * *
Aýaly näçe zeýrense-de, aýlygyny alan güni bir gujak kitap satyn alýar.
“Mukaddes kitabymyzyň ilkinji buýrugy “Oka!” diýlip başlanýar” diýýär.
* * *
Seniň gepleşýäniň kölege bolaýmasyn. Kölegeler mydama aslyndan başga
görünýändir.
* * *
Çüýresem-de güle dökün bolmak üçin çüýreýän.
* * *
Akyp ýatan derýany görmeýän barmy!? O derýalaryň aşagyndan akýan gizlin
derýalary görmekde iş ba-ar!
* * *
Adalatly bolýançaň güýçli bol.
* * *
Diňe ata-enedir saňa ömürlik wepaly. Beýlekileri synap görübermeli.
* * *
Her ýurduň tilkisini şo ýurduň tazysy bilen awlap ýörkä ýolbarsa sataşaýdy.
* * *
Adamzat ösdügiçe wagşylyk azalar öýdýändirler. Muhammet pygamberiň dişini
döwdüler, Mansur Hallajy parça-parça bölekläp, odun ýaly ýakdylar, Jelaleddin
Rumyny mazara alyp barýarkalar tabydyny omurdylar, Nesimini dabanyndan
soýdular, Magtymgulynyň kitaplaryny yakdylar… Soňuny özüň sanaber.
* * *
“Bir ýeri depip dursam, ýerden ýag çykjagyny bilýän” diýýär.
* * *
Uly wezipedekä uly ogluny öýerdi, dag süýşüp geldi. Wezipeden aýrylansoň ikinji
ogluny öýerdi, sanaýmalyja myhman geldi. Kakasy: “Oglum, sen gijräk öýlendiň”
diýdi.
* * *
Gurbaga pişige: “Ogry, gorkak bolmadyk bolsaň, gaplaň bolardyň” diýdi. Pişik
gurbaga: “Ýeňles, ýalta bolmadyk bolsaň, krokodil bolardyň” diýdi.
* * *
Fuzulynyň: “Mende Mejnundan zyýada güýçli yşgyň bady bar, Hakyky aşyk
menem,Mejnunyň diňe ady bar” diýenini okap, Mejnun öýkelänmiş.
* * *
Akylly görünmesi başyna bela boldy. Oňa göriplik baryny etdiler.
* * *
Onuň iň gowy görýän sözi, iň köp gaýtalaýan sözi: “Alla maňa gözel ömür berse,
soňra-da gözel ölüm berse”
* * *
“Salam berdik, para däl diýip almady.”
* * *
Degirmeniň ýokarky daşy: “Men degirmene baş, sen aşakda ýatan daş” diýip
men-menlik satdy.Wagty gelip ýokarky daş ýukalyp zyňyldy, aşaky daş bolsa
öňküligine galdy.
* * *
Akmagam gördük weli, beýlesi görlen däldir. Ol kölegesinden maslahat soraýar.
* * *
“Hälem aralykda burun bar, bolmasa iki gözem ylalaşyberjek däl” diýdi.
* * *
Dünýäniň gidişi haçan “Ýok”, haçan “Hawa” diýşiňe bagly.
* * *
Onuň üçin adamzadyň ýarysy sygyr, ýarysy öküz.
* * *
Uzynyň sözi: “Sagatdan mysal alaý: uzyn dil ýöremese, kiçi diliň jany ýokdur”
* * *
“Gabrymy gazyber, mazara barýançam janym çykar” diýme.
* * *
Goňşynyň ýaramazy: “Goňşymyň öýi ýansa, menem közüne ýumurtga
göwursam” diýýär.
* * *
Derek tutdan ozup heşelle kakdy weli, tut ýylgyryp: “Geçmişiňi bilseň, beýle
diýmezdiň. Şo gurçuk gemren töňňe seniň ataňdy, olam menden ozup ösüpdi”
diýdi.
* * *
Iller köp gepläp özüni ýigrendirse, ol içýakgyç dymyp ýigrendirdi.
* * *
“Içiň ýanyp dursa-da, ýüzüň gülüp dursun” diýilýäni geldi.
* * *
Ol tagt tapsa, täç tapmady. Täç tapsa tagt tapmady.
* * *
Mündi agaç ata, gitdi kyýamata.
* * *
Dünýäni bilmän gözüm açyk diýmek bolmaz.
* * *
Dil ujy bally, dil düýbi duzly.
* * *
“Dünýäden habary bar, özünden habary ýok.” diýilýänlerden bolmaweri.
* * *
“Sesim ýyldyza ýeten aýdymçydym, arman, kerler diňleýjim boldy.” diýip ah
çekdi.
* * *
“Keýpler niçik” diýsem, “Töhmete galyp, dar agajynyň aşagynda duranyňky ýaly”
diýýär.
* * *
Sagdyn dogmak, sagdyn ölmek iň uly bagtdyr.
* * *
Gül bolsam soldurdy, gul bolsam öldürdi, kül bolsam sowurdy.
* * *
Damjalar sabyrlylygy üçin daşlary deşýär.
* * *
Biz garradyk weli, dünýä ovadan gelinden dolaydy.
* * *
ORAZ YAĞMUR’UN ÖZGEÇMİŞİ
Oraz YAĞMUR 1947 doğumludur. 1972 de Türkmenistan Devlet Mahtumkulu Üniversitesi’ni bitirdi.
1989 yılında “Sisler Dağıldığında” isimli romanı iki baskı yapılarak 57 bin adet, “Mahtumkuluname”
romanı 30 bin adet, 1994 de büyük destancı Gurt Yakup’un hayatını anlatan kitapcığı 2 ayda 40 bin adet
satılmıştır. 1990 yılında Oraz Yağmur’un “Karacaoğlan’ı Kim Zindandan Çıkarır?” makalesi, 1994’de “Saçların
Kara Değil mi?”, 2007 de “Kumru Seslim Nerdesin?” kitapları Karacaoğlan’ın Türkmenistan’da yasaklığının
kaldırılmasını ve Orta Asya’da yakından tanınmasını sağladı.
1999 senesinde “Ben Atatürk” kitabı Orta Asya’da bu büyük önderin tanınmasında önemli rol oynadı. Oraz
Yağmur’un hazırladığı Mevlana’nın “Olduğun Gibi Görün” kitabı, “Türk Dünyası’nın Şiir Antalojisi” Yunus Emre’nin
“Sevelim Sevilelim” kitabı, İbrahim Ethem hazretlerinin poemi basılmıştır. Büyük mizahcı Nasrettin Hocanın
yeni fıkraları Oraz Yağmur tarafından derlenerek, “Gülme Ilacı” adı ile Kıbrısta 2010 da basılmışdır.
Ayrıca “Hacı Bektaş Veli” kitabı, Niyazi Yıldırım Gençosmanoğlu’nun şiirlerinden seçmeler şimdi baskıya
hazır durumdadır. Aşkabat’da Mehmet Akif Ersoy’un, Karacaoğlan’ın, Mevlâna’nın, Yunus Emre’nin ve
Atatürk’ün anma günlerini organize etdi.Türkiye, Azerbaycan şairlerinin bir çoğunun şiirlerini Türkmenistan
Türkçesine aktardı.
Oraz Yağmur çok yurtta kongrelere, sempozyumlara,
konferanslara bildiriyle katıldı, şiir şölenlerinde, festivallerde, şiir yarışmalarında kendi şiirlerini
okudu ve ödüllendirildi. Makaleleri türlü dergilerde ve gazetelerde basıldı. Azerbaycanda ”Karabağlı
Annenin Ağıtı” kitabı 2009 yılında,Özbekistanda ”Değirmen taş
” isimli şiir kitabı, Türkiyede “Aşk damlaları”,
“Nuri Halmämmet”, “Kaygısız Atabay” romanı basılmıştır.
Yazar 1999 yılında Türkiye Cumhuriyeti Cumhurbaşkanı tarafından Uluslararası Liyakat Ödülü’ne layık
görülmüştür. Bu büyük ödül Türk Dünyasında sadece B. Vahabzade’ye ve Oraz Yağmur‘a verilmiştir. 2005
yılında Tarsus Beş Altın ödülüne ve 2008 yılında Türk Kültürüne Hizmet Ödülüne, 2009 yılında Türkiye
Yazarlar Birliği’nin Büyük ödülüne layık görülmüştür.
Oraz Yağmur iki oğul , dört kız babasıdır.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
  • Büleklär
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3607
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2199
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3716
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2141
    29.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2044
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3784
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1947
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3793
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2042
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3620
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2041
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3708
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2045
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3593
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2096
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3518
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2036
    29.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 2887
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1819
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.