Latin

Aý gaýdyp geler - 09

Süzlärneñ gomumi sanı 3609
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2258
29.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
40.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
ruçkaň ýokdur goýan ýeriňde. Ine, onsoň jygyldawuk stoluň başynda dimdik bolaga-da: — Haýsyň aldyň? — diýip herrelersiň. Hiç haýsyndan
106
ses çykmaz. Ýene-de gaýtalarsyň. Durandyrlar süýem barmajyklaryny
dişleşip. Zemzen haýbatyny ata-ata özüň ýadap özüň goýarsyň. Ahyram:
— Hä-ä, siz alan dälsiňiz! Goňşulardan biri gelip alandyr — diýersiňde, goltuk jübiňde göterýän ruçkaňy çykaryp işläp başlarsyň. Olaram
usullyk bilen dagaşarlar. Şol, seni käýiden ruçka soň bir ýerden çykaram
welin, ýa içi ýokdur, ýa-da orta bilinden döwükdir. Yz ýanyndan beýleki
ruçkaňam gürüm-jürüm bolar. Edil, öýüň içinde jyn bar ýalydyr.
Şu meselede mende sakgal syrylýan almazyň ýagdaýy
ruçkanyňkydanam beter boldy. Päkiňe täzeje almaz ötürip birje gezek
sakgalyňy syrarsyň. Hakyna seretseň şol almaz bilen ýene-de azyndan
bäş-on gezek syrynmalysyň, emma eýýäm ikinji gezekde päkiň sakgalyňa
ötmez. Diýmek, ýa galam ýonandyrlar, ýa-da bir zat kesendirler. Janyň
ýanyp munda-da gygyrarsyň. Ala-goh edip goňşularyň dagy bizarpeteňini çykararsyň. Emma netije ýokdur. Ýene-de şol dymyşlykdyr. Şol
bir sessiz-üýnsüz, garaja gözlerini mölerdipjik durandyrlar. Bilýäler-dä,
özüň ýadap özüň goýjagyňy. Käte syrynyp bolanyňdan soň almazyňy
gizläp goýarsyň. Emma barybir indiki gezek päkiň sakgalyňa ötmez.
Ho-ol günem ir bilen şol ýagdaý gaýtalandy. Düýn-öňňinlikde
tutunan täzeje almazym bilen sakgalymy syrjak bolýan welin, dulugymyň
ýüzünden taýyp dur. Köpürjigini alýa-da, sakgala barmysyňam diýenok.
Beýlesine öwrüp görýän, onda-da bolanok. Janym dagy ýanaýdy.
Çekgelerimdäki köpürjiklerem süpürmän wannadan dazlap çykdym-da,
eýwanda ertir çaýyny içişip oturan çagalarymyň üstüne howala boldum.
Diň-gögüme garaga-da:
— Aý, ýoknasyzlar! Näçe gezek aýtmaly size, meň zadymy
ellemäň diýip?! Kim näme ýondy ýene-de meň almazym bilen?! — diýip
gygyrdym. Bir meniň, birem çagalaryň ýüzüne seredip, ýylymjyrap
oturan aýalyma gözüm düşende gaharym hasam joşdy. Barmagymy
çommaltdym-da, bir demde bar zäherimi şonuň üstüne pürküp
goýberdim. — Sen idili doňuz bolup, haý-küş edýän bolsaň, bular-bular
ýaly ýoknasyz bolmazdylar, bir gepi müň bir ýola gaýtalatmazdylar! Sen
bilgeşleýin edýäň! Meniň zehinimi ýakjak bolup edýäň! — Birdenem
bar gazabym aňyrsyny bakyp, sessiz-üýnsüz çaý süzüp oturan ogluma
geçdi. — Häý, ýeňsäň gursun! — Ol bärsine öwrüldi. Bir hili uýaljyrap
ýylgyrdy. Muňa meniň hasam gaharym geldi. — Eňegiňi taýpy ýaly edip
senem ejeň bilen bir adam! Näm-ä syrtarylýaň? Bol aýt, kim ellän bolsa
meň almazymy! Beýlekiler-ä bir dile düşmez, sen bir göz-gulak bolaýsaň
107
bolmadymy şo zatlara!..
Şol wagt aýalym ýerinden turdy-da, maňa tarap ýöneldi. Ýeňimden
çekdi. Aşhana getirdi-de, usullyk bilen:
— Goh edip durma, almazyňy ellän adam ýok, ogluň sakgalyny
syrdy — diýdi.
Men edil, ogurlykda tutulan ýaly boldum. Gara çynym bilen edip
duran gykylyklarymyň hiç kime täsir etmeýändigi üçin ýarylara gelip
duran uly göwräm bir demde bir gysym bolana döndi. Sähelçe zowal
görse bokurdakdan zowlap duran hälki zorruk sesden nam-nyşan
galmady. Aýalym ýagdaýymy aňan ýaly sözüniň üstüni ýetirdi.
— Syrýar-a ol indi. Ýöne, saňa aýtmaga çekinýä. Özbaşyma sakgal
syrýan alaýsammykamam diýýä welin, men aldyramok. Alsyn diýseň,
başgasyny al diýäýerin.
Men azajyk böwrümi diňläp durdum-da, hyrra yzyma öwrüldim.
Sessiz-üýnsüz wanna girdim-de, päkime täzeje almaz saldym. Syryndym.
Hälki gykylygym üçin oglumdan çekinip ortaky jaýyň deňinden ylgaşlap
geçdim. Diwanyň üstünde dommarylyp oturyşyma demlengi duran
çaýymdan zordan bir käse içdim. Oglumyň birinji klasda aldyran suratyna
seredip oturyşyma, onuň bilen «söweşip» geçiren ýyllarymy birin-birin
göz öňümden geçirdim.
Gapa baryp gyryljak ses bilen aýalymy çagyrdym. Ol ýeňijiniň
dabaraly görnüşi bilen ýyljyraklap geldi-de, gelşi ýaly gapdalymda çökdi.
Halynyň gülünden dyrmalap oturyşyna assyrynlyk bilen ýüzüme seretdi.
Men bilýän, onuň şol wagt uluja oglumyzyň düýn-öňňinjigem
jompuldapjyk ýörşi, wagtyň bize bildirmän şeýle çalt geçişi, galybersede, indi oglumyzy öýlendirmäniň ugruna çykyberenimizde-de bolman
durmajakdygy barada gürleşesi gelen bolmaly. Elbetde, şol wagt meniňem
onuň bilen şol zatlar barada gürleşesimiň gelendigem, üýtgeşik duýgudan
ýaňa ýüregimiň üstüniň süýjäp-süýjäp gidýändigem, özümi oglan saýyp
ýören halyma eýýämhaçan oglumyňam eňegine ata sakgalynyň çykyp
gidendigi üçin aýalymdan köp begenmesem az begenmedigimem çyn.
Emma «utulanymy» boýnuma alasym gelmedimi, nämemi, şu çaka
çenli çagalarymam, özümem, aýalymam bizar eden ýaramaz endik bir
ýerden peýda boldy-da, şol bir bolgusyz sözleri ýene-de agzyma saldy
oturyberdi.
— Bar, düýn sakgalyny alan ekeni diýeli, öň näme? Öňki almazlar
näme?
108
Aýalym ýüzüme seredip oturdy-oturdy-da, gülüp goýberdi.
Yzyndanam edil, gyjalat berýän ýaly:
— Düýnki getiren ak köýnegiňem geýdi. Köwşüň bir taý bagjygynam
aldy. Özüniňki üzülipdir. Kakamyň gara balagynyň gonjundan iki barmak
aýyrsaň maňa jap bolýa diýibem üç gün bäri gulagymy gazap ýör —
diýdi.
Edil şol wagtam meniň dek-düýnüň özünde uzyn nobata durup alan
ak köýnegimi geýip gapydan çykyp barýan ogluma gözüm kaklyşdy.
Haýbat atmak üçin kükregimi ýelden dolduryp ýerimden galdym. Agzymy
açyp-açmankamam gapy gürpüldäp ýapyldy. Men yzyma döndüm.
Gelip ýene-de ýeke-täk gaçybatalgam bolan mele diwanyň üstüne
çökdüm. Içimiň ýangynjyna henizem ýüzüme şykraýlyp oturan aýalyma
azgyryljak boldum. Oňa çenlem gaharym ýatyşdy. Köne ýaramaz endigiň
ýerini ýene-de «süýjüje duşmanlara» bolan söýginiň süýjümtik lezzeti
eýeledi. Gahar bilen zähere garylyp harlanan ýyllar gözüme hor göründi.
Gyssagara kelläme gelen bir pikiri kagyza bellemek üçin, iş stolumyň
başyna baranymda bolsa, ýene-de agşamky goýan ýerimde ruçkamyň
ýokdugyny görüp düýrükdim. Emma ol wagt meniň göwrämde gykylyk
edere gurbat galmandy.
Ine, biz-ä şeýdip, ömürboýy çagalarymyzy terbiýeleýändiris öýdüp,
görgimizi görüp ýörüs, netijede bolsa olar bizi terbiýeleýärler.
1989 —1990.
Aşgabat — Moskwa.
Öz ýüzüňize-de bir serediň!..
Öýden getirenje owkatlary bilen hersi öz kabinetinde garbak-gurbak
edinenden soň, redaksiýanyň işgärleriniň barsynyň bir ýere üýşüp çaý
içişmek, warsaky uruşmak, bir döw küşt dikişmek endijekleri bardy.
Ine, şol meşhur çaý, içişlik häzirem köne žurnalist, Beýik Watançylyk
urşunyň weterany, hat-habarlar bölüminiň müdiri Medet aganyň insizje
kabinetinde dowam edip dur. Goňşy redaksiýalardanam gelen bar.
Tagtasy tapylmadymy ýa hiç kim höwes bildirmedimi, nämüçindir bu
gün küşt dikilmedi. Şonuň üçinem, gürrüňçilik bir bada belli bir ugra
baş bermän, dürli ýollary tozadyp, öz akymyna gitdi oturdy. Arasynda
anekdotam aýdyldy. Kem-kemden birek-birege degmekligem ýadatdy.
Birdenem gürrüň şu günüň çagalarynyň özlerini alyp baryşlaryna,
109
edep-ekramlaryna tarap syrykdy. Şolam bulary edil, ýanyp duran oduň
üstüne ýag guýulan ýaly etdi. Biri-birinden öňürti gürlejek bolşup, olar
dar kabinetiň içinde uly goh turuzdylar. Kimiň öň gepläp, kimiň soň
gürlärini biler ýaly bolmady.
— Asyl, gökden düşen ýaly-how, bular. Bir zat diýýäň welin,
diýýämiňem diýenoklar. Durlar, kendir iýen düýe ýaly boýunlaryny
süýndürişip.
— Gereň bolan ýaly diýsene...
— Howwa. Özlerem bir haýal-ýagal, otursalar turmany, tursalar
oturmany bilenoklar. Düýn tabşyran ýumşuňy şu gün sorasaňam ýüzüňe
serederler-de eginlerini gysarlar, bolany şol. Gözler-ä mölerilip durandyr,
äňlerem edil, ýazdyrylan gapan ýaly şalkyldap ýatandyr. Biz-ä bilmedik
bularyň nähili zat bolup dörändiklerini.
— Çyn şol. Ine, bäri gulak sal, menem bir zat aýdaýyn. Hupdan
boram welin...
— Neme tarapam bar olaryň...
— Dur entek, men sözümi soňlaýyn... Hupdan boram welin, öýden
çykarlar-da, her çatrykda bäşden-üçden çommalyşyp bir oturarlar-ow.
Bäý-bä-ä!.. Ine, şo ýaman. Daşlaryndan seretseň dagy edil, bir topar
agyr hassa ýa garry-gurty üýşen ýalydyr. Asfalta bakyşyp, maňlaýlaryny
tutuşyp oturandyrlar. Daş-töwereklerem tüýkülikden ýaňa apbasy seçilen
ýalydyr...
— Dogry şol. «Jyt-da-jyt, jyt-da-jyt»...
— ...Maşyn-saşyn geçse-de hi-iç, gozganmany bilmezler. Syrtyny
sydyrdyp geçäýsin, göwni bir ýalydyr. Gaýtam ýeňsesine gaňrylaga-da
burnuna salyp: «Agam, aňyrrakdan geçäýeniňde bolanokmy-aý...» diýer
welin janyň dagy ýanar. Kä wagtam bir ýerlerinden turup, abşarylarlarda dar balaklarynyň jaýryklaryna giren ýerini çekişdirerler-de, ýene-de
dikejeklerine çökerler.
— Ýaňy sen maňlaýlaryny tutup oturýalar diýdiň. Dogry şol. Ýöne
adam şekilli aýalary bilen tutup otursalar boljagam welin, diňe başam
barmaklary bilen süýem barmaklaryny maňlaýlaryna direýärler-de, galan
üç barmaklaryny dim-dik edip oturýalar. Ine, şol olary hasam gözgyny
görkezýä.
— Gepleri, sözleri dagam birhili-how. Höwün geçip barýan welin,
bir-ä, «Ara, bratok, pahan düýn sestruhaňa pylan zat tapyp ber diýdi
welin, ertir rowno odinnadast nol-nolda ştyk etmeli men şony. Mahanyňa
110
aýt, skladda bar bolsa pust, pomožetdar-aý... Hot po blatu, a to, kak-to ne
udobnodar-aý...» diýýä, beýlekisem dyzyny gulagyna ýetirip oturyşyna
barmagyny çommaldyp: «Kakoý možet byt razgowor, bratok. Budet
sdeleno diýdim, znaçit budet...» diýýä. Aňym göçendir meňňä şony
eşidip. Özlerem äm-säm... Ýa beň-seň çekýälermi, nämemi...
— Aý, ýok, beňiň-seňiň iş-ä däl ol.
— Taňry gargan ýaly bir zatlar-laý...
— Siz köçede göreniňizi aýdýaňyz, a özümiziňkiler nähili? Şolaram
— şolardan idili däl-ä...
— Aý, bolmanda-da köçä çykyp oturýanlaram sen ýalyň ýa men
ýalyň çagalarydyr-da, gökden düşen däldirler-ä...
— Menem şony aýdýan-da. Günuzyn telewizoryň öňünde ýüzin
düşüp ýatybilýäler-ä, ýerlerinden galman. Ýatjak wagtlary: «Näme
boldy şu gün telewizorda?» diýip sorasaň welin, näme görendiklerini
aýdybilenoklar. Ýatanlarynda-da eplem-büklem bolup bir ebeteýsiz
ýatandyrlar. Agyzlaram alakaň hini ýaly hoňkaryp durandyr. Ýaş oglan
dagy hor çekip ýa basyrganyp ýörmezmikä diýýädik welin, bular horam
çekiberýäler. Biz-ä gorkýasam-how, şulardan.
— ...Ýaňky diýeniňe menem bir zat goşjak bolýan.
— Haýsy diýenime?..
— Telewizerde näme görenini bilenoklar diýeniňe. Biziňkilerem şolar
ýaly. Ýap-ýaňyja görüp gelen kinolarynyň adyny sorasaň aýdybilenoklar.
«Kareteli ekeni», ýa-da, «banditli ekeni» diýýäler, bolany.
— Içinde köpräk ýakalaşsalar, tark-turkyny ýetirseler, birki ýerindede ýalaňaç heleý ýa gorkunç belalary görkezseler kinoň ady bilen ýa
mazmuny bilen işi ýok olaryň.
— I-i... ine, menem bir zat aýdaýyn. Mysal üçin, mekdepden bäşlik
alyp gelýäler...
— Kimler?
— Çagalar...
— Öz çagalaryňmy?
— Başga kimiňki bolsun?..
— Howwa...
— Bäşlik alyp gelýäler welin şu bäşligi haýsy temany aýdyp aldyň
diýseň jogap beribilenoklar-a...
— Haýsy predmetden?
— Islendik predmetden. Ýa aýtmasalaram goýaýýalarmy, nämemi...
111
— Sorap göräýmeli ekeniň...
— Kimden?
— Mugallymyndan.
— Soraňda nä, soraman goýdum diýer öýdýäňmi?
— Onyňam-a dogry...
— Aý, şu, mugallymlaryň özlerem şulardan idili dälmikä diýýän
men-ä.
— Ýo-o, mugallymlardan däl ol. Özlerinden. Hiç haýsynda huş ýok.
— Ümürde ýörän ýaly özler-ä.
— Dogrudanam, bir zad-a bolýa şu wagtyň çagalaryna. Öz erkinehä del bular.
— Hak aýdýan! O-ol, burnunyň suwy akyp duranam bolsa gözi
ýanyp duran gurt gözli çagalar-a ýok indi. Hudaý saklasyn, ýaňadandan
ata çykyp gylyç syrmaly bolsa dagy oturan ýerlerinden gozganman ýurdy
tabşyraýjak şular.
Hemmesi birlaý zeýrenip, mazaly içlerini egisensoňlar, öý eýesi
hökmünde häliden bäri kiçijek çäýnegini üç gezek çaýkap, üç gezek
demlän Medet aga dördünji gezegem demläp ortada goýdy. Içini
hümledip durşuna kärdeşleriniň käsesine çaý guýdy... Çäýnegiň üstüni
ýene-de gaýnag suwdan ýetirdi-de, «myhmanlaryna»:
— Bolduňyzmy? — diýdi.
— Çaýdanmy-y... — diýip, barysy birden seslendiler.
— Ýok, zeýrençden.
Gülüşdiler.
— Näme bizar edäýdikmi?
— Aý, ýok, bizar-a edeňzok welin, baryňyzyň içiňiz hüjre-hüjre
ekeni öz çagalaryňyzdan ýaňa.
— Nätjek-dä, bolşuny bolşy ýaly aýtmaly bolýa-da...
— Bolşuny aýtmaly bolýa welin, edýän gürrüňleriňiziň sebäbi göze
görnüp durka, nämüçin beýlekä-de, nämüçin beýlekä boluşýandygyňyza
düşünemok. Özüňizem gyramatny adamlar.
— Hä, nähili sebäbi barmyşyn onuň?
— Sebäbi prostoý zat. — Medet aga ýeke-ýeke barmaklaryny büküp
başlady. — Öňki döwrüň adamlarynyň iýýän iýmitini iýmeseler, içýän
suwuny içmeseler, olaryň dem alan arassa howasyndan dem almasalar,
nireden gözleri ýansyn olaryň? Iýdireniňiz azotly gawun, azotly garpyz
bolsa, beren pamidoryňyz, hyýaryňyz, üzümiňiz şol bolsa, dogup-döräli
112
bäri dişlerine ýekeje gezegem gadymky ak bugdaýyň ununy degirmedik
bolsaňyz, bedenleriniň binalaryny dükanyň müteli unundan, dermanly
pagta ýagyndan tutan bolsaňyz, pagtanyň ýapragyny düşürjek diýip,
depelerinden gije-gündiz samalýotly derman guýanlarynda, eneleriniň
süýdi bilen bile pestisit emenlerinde sesiňizi çykarmadyk bolsaňyz,
dokuz günlükliginden başlap, analgin bilen asprinden gözlerini açmadyk
bolsaňyz, ukoldan ýaňa endam-janyny eleme-deşik etdiren bolsaňyz,
nädip gözi ýansyn o çagalaryň? Indiden soň näm-ä nalynyşan bolýaňyz?
Özüňiz günäkär! Öňküleriň çagalarynyň gözi elbetde ýanar, sebäbi
olar çagalarynyň üstünde baş alyp, baş berýärdiler. Siz näme etdiňiz
çagalaryňyzy ýaňky zatlardan gorar ýaly? Iň bärkisi, heriňiziň içen
araklaryňyzam bardyr, bir çagaň huşuny alarça!.. Hälem san bolup aýak
üstünde gezip ýörenlerine şükür edäýiň. O görgülileriň köpüsi aýak
üstüne galyp bilmän gidýäler. «Görk agyzdan geler», «Keseliň başyny
kerseniň düýbünden gözle» diýip köneler ýöne ýere aýtmandyrlar-a.
Bar zat iýmite baglydyr. Aýna alyňda, öz ýüzüňize-de, gözüňize-de bir
seredip görüň-ä! Biriňiz her gün irden gelip, kelläňizi tutup otyrsyňyz,
öten agşam köp urupdyrys diýip, ýene biriňiz aşgazanym agyrýa diýip,
gözüňizi, çylpykladyp otyrsyňyz ýeri, onsoň nireden gözi ýansyn o
çagalaryň, atasy siz bolsaňyz? Nireden olar huşly bolsun?..
Hemişe wäşi sözler bilen töwerek-daşyndakylary gülüşdirip oturan
Medet aganyň birdenkä gatyrganybermesi zeýrenjeňleriň barsynyň
sesine suw sepilen ýaly etdi. Olar orta ýolda saklanan at ýaly bir meýdan
oýurganyşyp durdular-durdular-da: «Dogry-da, dogry» boluşdylar.
Pensiýa ýaşyndan bireýýäm geçendigine, urşuň, tut-ha, tutlugyň ähli
ýowuzlyklaryny görendigine garamazdan, Medet aganyň öz gözleriniň
henizem ýanyp durandygynyň süňňüniň sagatlygynyň sebäbini bolsa,
onuň hakykatdanam, wagtynda ak bugdaýyň ununy, ak meýdanyň
ýuwadyr-ýelmigini, agzyň gyralaryny ýara edip barýan şirinden datly
gawundyr-garpyzlary köp iýendigine, arassa guýy suwuny, çeşme
çaýlaryny köp içip ulalandygyna ýordular.
Şondan soň tä, arakesme gutarýança gürrüň dogrudanam, iýmitiň
ýaramazlaşandygy, ýeke bir çagalaryň däl, ulularyňam öňküliginiň
ýokdugy, her ýyl ýaz aýlary emel bilen bazara ir çykarylýan garpyzlardan
iýip ýogalýanlaryňam ýok däldigi, hatda täze dörän SPID atly belanyňam
ýokumsyz iýmitler, zäherli howadyr hapa suw, her dürli deri-dermanlar
zerarly adam organizminden kesele garşy göreşiji immunitetleriň
113
azalandygy bilen bagly bolaýmagynyň hem mümkindigi barada gitdi.
Ýöne nädeňde bu ýagdaýdan baş alyp çykyp boljakdygy barada
welin, kesgitli bir zat diýibilen bolmady.
Dekabr, 1990 ý.
«Okumyşlygyň» peýdasy
Şol wagtlar men ýedinji klasyň iň gowy okaýan okuwçylarynyň
biridim. Gowam okaýardym, köpem okaýardym. Köp okaýanlygym üçin
häli-şindi mugallymlaram öwerdiler. «Allagulyň şu ogly haçan görseň,
bagryny ýere berip okap ýatyr» diýip, goňşy-golamlarymyzam öwerdiler.
Oba oglanlarynyň arasynda «okumyş» hökmünde diňe öz ogullarynyň ady
tutulýandygy üçin, elbetde, kakamam, ejemem daşymdan guwanardylar.
Esasanam ejem guwanardy. Üç aýalyň başy çatylan ýerde meni gepbaşy
edinäýesi geler durardy. Bardy-geldi aýallaryň käbiri gürrüňiň ugruny
başga ýana ýa öz çagalarynyň birine tarap sowaýsa dagy gaty görerdi.
«Gör! Görübilenok şu meň çagamy, gysganýa» diýip siltenerdi. Ataeneleriň ýygnagy boljak diýselerem kakamy ibermezdi. Özi giderdi.
Barybam iň öňdäki partada aýalaryny eňegine diräp, mugallymyň ýüzüne
jiňkeriler oturardy. Mugallym meni öwüp başladygam gozganjyrap
başlardy. Ýalt-ýult edip, beýleki ata-eneleriň ýüzüne serederdi.
Öwgi bir ýaman zat bor ekeni, soňabaka asyl duş gelen ýerde
öwübermeseler özümiňem içim gysyberdi. Okumyşdygymy özümiňem
duş gelen ýerde bildiresim geliberdi. Hut şol, bimahal dörän ýaramaz
endik zerarlam tas bir gezek heläk bolupdym. Ýeke özümem däl, tas
ejemem heläk edipdim. Hälem Hudaý diýen ýerimiz bar ekeni.
...Bir gezek ejem bilen, obamyzdan ýigrimi kilometr uzaklykda
ýerleşýän raýon merkezine — daýymlara gezelenje gidermen bolduk.
Obamyzyň gaýra ýüzünden geçýän çagyl ýola çykyp, ýarym sagatdan
gowrak duranymyzdan soň şol wagtyň «dört tonnalyk» diýip atlandyrylýan
maşynlarynyň biri geldi-de, «was-s» edip, gapdalymyzda saklandy. Başy
«Stalin papakly», çal kiteliniň ýakasyndan matros maýkasy görnüp duran,
gaşlak, orta ýaşlaryndaky şofýor agzyndaky tütäp duran papirosynam
aýyrman gyryljyk sesi bilen ýogyn burnuna salyp bir zatlar diýdi. Biz
onuň näme diýenine ikinji gezek gaýtalanyndan soň düşünip galdyk.
114
Nyrhyny aýdan ekeni
Bizem öz nyrhymyzy aýtdyk. Şeýdibem ylalaşdyk. Maşynyň üsti
birgiden demirden doly bolansoň ikimizem kabina mündük. Men şofýor
bilen ejemiň aralygynda oturdym.
O döwürlerde ýeňil maşynyň-a adam ýok welin, häli-şindi münülip
ýörülmänsoň, «dört tonnalyklaryň» içem biziň üçin samolýotyň içi ýalydy.
Ak harplar bilen, käbirine bir zatlar ýazylan, käbirine her hili bellikler
edilen ýüzi aýnalyja tes-tegelek, garaja enjamlara, towlanýan ýa çekilip
iterilýän, ýa-da «şyrk» etdirip o ýan, bu ýan ýatyrylýan nurbatjyklara,
häli-şindi basylyp-goýberilip durlan pedallara, ýoluň silkewine birsyhly
saňňyldaşyp duran ryçaglara syn edip oturyşyma men eýýäm obamyz
bilen şäheriň orta gürpünde ýerleşýän towuk fermasyna ýetenimizem
duýman galypdyryn. Bir görsem maşyn uly ýoldan sowlup, ferma tarap
tutduryp barýar. Men «ýalt» edip, münelimiz bäri sesini çykarman, çilim
yzyna çilim kükedip oturan şofýoryň ýüzüne seretdim. Ol aýasynda
mynçgalap oturan «Belomor» gabyny penjireden zyňyp goýberdi-de,
gyryljyk, warryk sesi bilen:
— Men bir şu fermäň kapratilinden çilimjik alyp çykaýyn, papruzym
gutaraýypdyr — diýdi.
Maşyn joýa-joýa bolup duran çarkandakly ýol bilen ala-şakyrdy
bolup bardy-da, dükanyň arka ýüzündäki alaňrak ýerde saklandy. Şofýor
birki ýola güýçli gaz berensoň motory öçürdi. Açaryny sogurdy. Jübüsine
saldy. Nämüçindir şondan soňam pedallaryň çepkisini basyp, ryçagy
öňe iterdi. Käbinadan çykansoň iki epläp aşagyna ýazan ýagjymak, sary
güpbüsini çekip aldy-da, howanyň maýyldygyna garamazdan egnine atdy.
Bir eli bilen bilini tutubam gaýşarylybraga-da, eginlerini ýaýkyldadyp,
dükana tarap ugrady.
Ol burçdan öwrülendenem ejem meniň ýolboýy synlap gelen
enjamlaryma tarap elini aýlady-da:
— Baý, şu zatlardan baş çykarýan adamlaram-a zor görmeli-ow —
diýdi.
Şol sözleri ejem şofýora diýdimi ýa şo maşynlary ýasaýan ussalara
diýdimi, ony bilemok, ýöne, şeýtan böwrüme dürten ýaly «köne keselim»
gozgady-da, özümi tehnikadanam baş çykarýan adam hökmünde
görkezmek üçin:
— Aý, bilip-bilmez ýaly bu ýerde bir üýtgeşik zadam ýok, gaty
prostoý bi, ine, büý-ä yskor çalşyranda basylýany, bulam tormuzy, bärki
115
çepek ýaly zat gazy, bujagaz tegelejik aýnanyň aşagyndaky diljagaz bolsa
binzin görkezýäni-i... — diýip, enjamlaryň içinden öz bilýänjelerimi
sanaşdyryp ugradym. Bilmeýänlerimiň üstünden böküp geçdim. Şol
barmana: — Ine, bu ujy pökgülije uzynja zadam yskoryň özi-i... —
diýäge-de, dözümliräk çekdim weli bir hili aşagymda ýer süýşýän ýaly
bolaýdy. Başymy galdyryp daşaryk seretsem maşyn çalajadan öňe tarap
gymyldap barýan ýalam boldy. Men ilk-ä göwnümedir öýtdüm. Ýöne
häliden bäri: «Tüweleme, bilýän ekeni» diýip, daşymdan söýünip oturan
ejemem iki ýana garanjaklap:
— Tokar jan! Maşyn ýöräberdimi, oglum? — diýeninden soň welin,
ozaldanam pesaşaga duran maşynyň hakykatdanam pyşdyl ýöreýşini
edip ugranyny duýdum. Asyl maşynyň nowalaryny biri-birine çatýan
äpet zynjyrlaryň şakyrdysam eşidildi.
Men bir-ä gorkudan ýaňa eýýämhaçan ýüzi ap-ak bolan ejeme,
birem on-on bäş ädimlikde, edil maşynyň barýan ugrunda keserip ýatan,
içi jork batgaly ullakan ýaba seretdim. Ýabyň gyrasynda ösüp oturan
gamyşlaryň şoradyr-ketgenleriň arasynda bir zatlar çokuşdyryp ýören
akja towuklaryň «wak-waklaşyp» dyr-pytrak boluberişlerine gözüm
düşendenem, kabinany nädip açanymam, nähililik bilen böküp ýere
düşenimem bilemok.
Ejemiň:
— Tokar jan! Düşdüňmi, oglum? Düşmelimi? Onda men nädip
düşsemkäm? Nädip düşmelikä myndan? Nädip açmalyka myny?..
— diýip, ynjyly myňňyldaýanyny, gorsanýanyny, birdenem: — Waý,
nätsemkäm, waý, işim gaýtdy! — diýip, aljyraňňy halda gygyryp
başlanyny, özümiňem bir alaç tapmak üçin daş-töweregime göz aýlap
duran ýerimde ik ýaly pyrlanýanymy welin bilýän.
Birdenem — oba adamlarynyň dükandan çakyr alyp içýänje ýerleri
bolmaga çemeli — dükanyň arkasyndaky çaşyşyp ýatan bäş-üç sany boş
ýaşikleriň ortarasynda duran ullakan, çalymtyl daşa gözüm düşdi-de, şol
tarapa okduryldym. Ýyldyz ýaly süýnüp barşyma daşy garbap aldym-da,
ýyldyrym çaltlygynda yzyma eňdim. Ony egnime atyp gaýtdymmy ýa
goldap getirdimmi, bilemok, atylyp gelşime ýaňy bir bada girip ugran
maşynyň öňüne geçdim-de, sag tarapky öň tigriniň öňüne gütüledip
goýdum. Äpet maşynyň mähnet tigri läheň daşa degip saklandy. Ýene-de
nowalary birikdirýan zynjyrlaryň şakyrdysy eşidildi. Nowanyň içindäki
demirler «dükür-de-dükür» bolşup öňe gaýtdylar. Nowanyň öň ganatyna
116
degibem saklandylar. Tigirlerden gyzgyn reziniň, kapotdan bolsa
reňklenen demriň ýag gatyşykly agyr ysy burnuma urdy.
...Men elimiň gumuny kakyşdyrdym-da, duran ýerimde aşak
çökdüm. Her nagşynyň ululygy gawunyň diliminden kiçi bolmadyk
tigirlere seredip oturyşyma uludan demimi aldym. Şuş-şu wagtjyk özümi
şu nagyşlaryň astynda nagyş bolaýmak howpuna sezewar edendigim
barada oýlananymda inim dyglap gitdi. Men diňe şondan soň gorkup
başladym.
— Waý, çagajygym, ýüregiň süýşmedik bolsa-dy biridir —
diýip, kabinadan ala-şakyrdy bolup çykan ejemiň ýyljak demi ýüzüme
urandanam özümi dürsedim.
Oňa çenlem dükanyň burçundan her eli bäş-üç gap «Belomorkanally»
şofýor çykdy. Bir zatlar aňan ýaly maňa tarap ýiti-ýiti seretdi.
— Näm boldy-ow, pälwan, maşyn ýerinden süýşen ýaly-la bi?.. —
diýip, howatyrly seslendi.
Meniň bolsa henizem şol sarsman oturyşym. Galara, gepläre
gurbatym ýok. Injiklerim dagy eräp gidip barýa. Nireden getirenini
bilemok, ejem: «Al, oglum, iç» diýip alýuminden ýasalan jüňňüli agzyma
tutdy. Suw içirdi. Arasynda ýüzüme-de sepdi. Iki agzynyň birinde-de:
«Ýa, Hudaý jan, uly beladan sowduň, sag-aman öýe barsak ýoluňa
jüp nan» diýip pyşyrdady. Henizem näme-näme bolanyna düşünmän
haýran bolup duran şofýora bolan işiň barysyny birin-birin gürrüň berdi.
Yzyndanam:
— Seň bilýänjeleň barysyny men byjagazymam bilýän ekeni. Köp
bilýänin-ä öňem bilýän welin, bular ýaly uly maşyndan başy çykýandyr
öýdemokdym. Haýsy nurbatyny haýsy ýana towlaňda näme bolýanyna
çenli aýdyp otyr-a. Hälem ýöräýdi. Ýöremedik bolsa dagy... Özi okuwlyja
meň byjagazym. Köp okaýa. Ýaňam şo köp okanlygy peýda edäýdi,
ýogsam ho-ol, allowarralarda ýatan daşy getirip, ýöräp barýan maşynyň
aşagyna goýmak nireden ýadyna düşsün myň... — diýdi. Ondan soň
ellerini kabina tarap galgatdy. — Men bolsam nadanlygymy edip şo-ol,
sen süreňde basyşdyrýan zatlaryňy basyşdyryberjek-dä, oturan ýerimde.
Şofýor diňläp-diňläp durdy-da, gülüp goýberdi.
— Wah, şolary basyşdyryberen bolsa baýaminnet maşynyň özem
durardy-la, daş näm-ä gerek oňa!
Menem-ä utandym welin, ejem hasam erbet boldy. Hernä akly
çatandyr-da, gaýdyp sesini çykarmady. Bir gyzaryp, bir agaryp durşuna
117
galanja suwy bir owurt etdi-de, kürüşgäni edil, ýerden çykan ýaly,
duýdansyz peýda bolan gyzjagazyň eline tutdurdy. Dogrudanam,
oturan ýerimde pedaly basaýman, ýöräp barýan maşyny allowarralardan
daş getirip togtadandygym üçin, esasanam ejemiň ýanynda şeýle
masgara bolandygym üçin, bir ýere giribilmedim. Ölüm howpundan
sowulandygym dagy bu biabraýçylygyň ýanynda hiç zat bolup galdy.
Iň ýamanam şony edäýmän, beýdäýmeli ekendigini ejemiň bileni. Ýeri,
agzamadyk bolsa-ha bolaýjakdam welin... Aý, ýok, onsuzam şofýoryň:
«Beýdip ýöreniňden tormozy basaýmaly ekeniň» diýmegi mümkin.
Çünki bolan işi aýtman-a boljak däl, maşynyň ep-esli ýere çenli ýöräp
gidendigi görnüp dur...
...Şofýor kabina girip bir zatlar edişdirdi welin, henizem bahana
tapsa öňe tarap yňjak bolup duran maşyn «hylk» edip duran ýerinde
doňdy duruberdi. Şondan soň ol ýene-de kabinadan çykdy. Ýüzüni garaört edip başyny ýaýkady. Tigriň öňündäki daşy aýyrmak üçin maşynyň
öňüne geçdi. Egildi. Ilki bir eli bilen, soň iki eli bilen çekdi. Emma daş
gozganmady. Ol meniň ýüzüme seretdi-de, täzeden, ýöne öňküsine görä
has dözümliräk çekdi. Onda-da bolmady. Bir dyzyny ýere urup dyzabam
gördi. Ahyram bolmajagyny bilip ýerinden turdy. Maňa seretdi. Maşynyň
öňünden aýryldy. Gabaklaryny sallap durdy-durdy-da, elini silkip
goýberdi. Kabina tarap ýöneldi. Güpbüsini egninden aýryp öňki ýerinde
goýdy. Bir aýagyny basgançaga basandanam, oglunyň okumyşlygyna dil
ýetirilendigi zerarly henizem çişip duran ejeme ýüzlendi.
— Ýörüň-dä indi gitjek bolsaňyz...
Mündük.
Hakyky bilýän adamyň eline düşse bir başga. Maşyn «zyg-g-g...»
etdi-de, ep-esli ýere barýança yza tesip gitdi. Ondan soňam ýarsy ýere
gömülgi, nebit guýulýan ullakan demir çelegiň daşyndan aýlanyp, hälkije
çarkandakly ýola çykdy.
Çagyl ýola düşenimizden soň şofýor täzeje «Belomoryň» birini açyp
çilim otlandy. Iküç gezek işdämenlik bilen sordy. Göwresi bilen hezil
eden bor-a çemeli, oturan ýerinde eginlerini gaýkyjakladyp oýkanjyrady.
Bolup geçen wakanyň bize betbagtlyk özüne biabraýçylyk getiräýmeginiň
ahmal ekendigine ýaňy düşünen ýaly, agzyndan-burnundan burugsap
duran tüssäniň çykyp gutararyna-da garaşman, käýeýän äheňdemi, ýa
öwüt berýän äheňdemi, gyryljyk, zorruk sesi bilen boguljyrap:
— Beýtmeni dän-ä, binmeýän zadyňy ennemeni dän-ä. Hänäm
118
Hudaý saknaýypdyr, birinjiden çykyp ikinjä giräýipdir. — diýdi. Aşak
eglip, şalkyldap ýatan başga bir ryçagy elledi. — Şu uruşnoýy oňartmasam
ahyr bir gün biriniň ýanynda ýüzügara eder bi meni.
Men usullyk bilen ejemiň ýüzüne seretdim. O-da: «Bilib-ä bilýä-le
çagajygym» diýip, çalaja pyşyrdady.
Şondan soň tä şähere barýançak hijimizdenem ses çykmady.
Düşenimizden soň şofýor hatda bizden almalyja hakynam almady. «Sagaman başymdan sowulsaňyz bolýa, hudaýýoly aýtdym men şo puly»
diýdi. Ejemem: «Hudaýýol-a bizem aýtdyk-la...» diýip, myňňyldaberjek
ýalam etdi-de, ýene-de agzyny berk ýumdy. Pul uzadyp duran elini usullyk
bilen yza çekdi. «Dört tonnalyk» maşyn ala-şakyrdy bolup ep-esli arany
açandan soňam yzyndan garap tolgundy durdy. Bir zatlar diýjek boldy.
Emma gepläp bilmedi. Diňe daýymlara tarap ýönelenimizden soň bir zat
ýadyna düşen ýaly sakga durdy-da, ýaňky maşynyň giden ugruna tarap
gaňryldy. — Uruşnoýyň işlemeýän bolsa nä körüňe sürüp ýörsüň ony?
Otur-da öýüňde, gömül-de, oňardýançaň!
Bu — onuň öz ogluny, ýagny, meni akladygydy. Ýaňky
bolup geçen oňaýsyz waka üçin meniň zat bilmeýändigimi däl-de,
«uruşnoýyň» işlemeýändigini günäkärledigidi. Şol düzüw bolanda
ýaňky aljyraňňylygyň asla ýüze çykmalam däldigini, «bilmeýän zadyňy
ellemezler» diýip, şofýoryň nähak ýere meniň ýüzümi alandygyny,
maşynyň ähli enjamlaryndan başymyň çykýandygyny öz ýanyndan
tekrarladygydy. Has dogrusy, düşen oňaýsyz ýagdaýym üçin, meniň
göwnümi göterjek boldugydy.
Şonuň üçinem öz «okumyşlygymy» subut ederim ýaly, şeýdibem
ynjalarym ýaly ol maňa ýene-de bir gezek mümkinçilik döretdi.
— Uruşnoýy bolanda nämesi bolýar-a, ol artybyň, Tokar jan?
Men, elbetde, «uruşnoýyň» nämedigini bilýärdim. Ýöne sesimi
çykarmadym. Ejemem gyssabam durmady. Bir gowy zat — ol daýymlara
baranymyzdan soňam meniň okumyşlygymy magtap, hemişekileri ýaly
daýzalarymyň ýanynda öwünmedi. Ýoldaky wakan-a asyl, ýatlamadam.
Maňa-da onuň şony ýatlamadygy kem ýaramady.
Hudaýyň öýi nirede?
O wagtlar meniňem, jigilerimiňem, ýaňy bir ikinji klasa gatnap
ýören, agamyňam öýüň içindäki hezillikden, ata-enelerimiziň
119
elmaýyşlyklaryndan başga dünýäde zat bardyr öýtmän ýören
çaglarymyzdy. Ýüregimize jüňk bolan zatlary beýnimize ömürlik ýazýan
pursatlarymyzdy.
Esasanam kakam pahyryň beren öwüt-ündewleri ýadymda gowy
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Aý gaýdyp geler - 10
  • Büleklär
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3586
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2159
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3646
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2208
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3597
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2239
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3679
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2199
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3618
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2256
    29.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3623
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2282
    29.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3820
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2155
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3678
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2101
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3609
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2258
    29.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3601
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2189
    28.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3696
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2187
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 1007
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 718
    39.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.