Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01

Süzlärneñ gomumi sanı 3491
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
41.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
ATAMYŇ DURMUŞ
HAKDA AÝTMADYK
ZATLARY
KERIM AŞ-ŞAZILI
Gadymy döwürlerde ylmy we edebi
eserleri bilen dünýä taryhynda uly abraýa
eýe bolmagy başaran arap edebiýaty
häzirki döwürde hem ajaýyp eserleri,
peýdaly pikirleri bilen okyjylaryň ünsüni
çekmegi başarýar. Şeýle eserleriň biri
hem tanymal arap ýazyjysy Kerim aş-
Şaziliniň “Atamyň durmuş hakda
aýtmadyk zatlary” atly eseridir. Nesil
terbiýesine, şahsyýet kämilligine dahylly
dürli pikirleri öňe sürýän, döwrebap we
akylly hereket etmegiň ýollaryny salgy
berýän bu eseri türkmen okyjylary bilen
paýlaşýarys. Bu kitap 2014-nji ýylda
“Esger” gazetinde dolulygyna çap edildi.
Kitaby arap dilinden terjime eden
Rahmet Gylyjow.
2
TERJIMEÇI HAKDA MAGLUMAT
R AHMET G YLYJOW
1975-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda doguldy.
1992-nji ýylda Sakarçäge etrabynyň Pomma
Nurberdiýew adyndaky 4-nji orta mekdebini
tamamlady.
1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar
dilleri fakultetiniň arap dili bölümini tamamlady.
1996-njy ýylda Kuweýt döwlet uniwersitetiniň Diller
merkeziniň ýokary kursunda okady.
2012-2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okady.
3
Rahmet Gylyjowyň arap dilinden terjime eden eserleri:
1.Gursaklaryň şypasy, Hoja Abdylbaky, 2000
2.Pygamber tebipçiligi, Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2000
3.Mertebeler we kemlikler, Reýhan Horezmi, 2001
4.Döwleti dolandyrmakda patyşanyň ýörelgesi, Ibn Abi Rabi, 2002
5.Gylyk-häsiýetleriň patyşalyk hazynasy, Ýusup ibn Gyzogly
6.Kämil taryh (1-nji jilt), Ibn Esir, 2003
7.Oýlap tapyşlar kitaby, Ysmaýyl Jezeri, 2005
8.Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar (5 jilt), Ýusup ibn Taňryberdi,
2006
9.Uly haýwanat dünýäsi (1-nji jilt), Muhammet Demiri, 2006
10.Göwher känlerindäki gizlin ýakutlar, Muhammet Ýahýa Gyfary, 2005
11.Ýadygäriň lukmançylygy, Ýadygär ibn Şerif, 2007
12. Meşhurlaryň wepaty, Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2001
13. Meşhur adamlaryň sözlügi, Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2005
14. Taryhdaky yslam döwletleri, Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2006
15. Dür däneler we merjen monjuklar, Abu Mansur as-Sagalyby
16. Türk dilleriniň diwany (3 jilt), Mahmyt Kaşgarly, 2008
17. Türkmen döwletleriniň dür sapaklary (3 jilt), Hasan ibn Omar ibn Habyp,
2007
18. Gamgyn bolma!, Aid al-Karni, 2010
19. Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary, Kerim aş-Şazili, 2014
4
Kerim aş-Şazili
Atamyň
durmuş hakda
aýtmadyk
zatlary
Arap dilinden terjime eden
Rahmet Gylyjow
5
ÝAZYJY BILEN TANYŞLYK
Ýazyjy Kerim aş-Şaziliniň häzirki zaman arap
dünýäsinde iň naýbaşy eserleriň biri
hasaplanýan “Atamyň durmuş hakda
aýtmadyk zatlary» atly kitaby dünýäniň
birnäçe dillerine terjime edildi. Kerim aş-Şazili
1979-njy ýylda Müsür Arap Respublikasynyň
Dakhaliýýe welaýatynda dogulýar. Nesil we
şahsyýet terbiýesi hakdaky eserleri bilen
sanlyja ýylyň içinde dünýäde adygyp bilmegi
başaran we millionlarça okyjynyň söýgüsini
gazanan awtor “Ejýal (Nesiller)” atly neşirýaty
esaslandyran adamdyr. Ýazyjynyň galamynyň
astyndan çykan eserleriň ählisi gönüden-göni
ýaşlara niýetlenen. Durmuşda öňüňde anyk
we beýik maksat goýup ýaşamak, hemişe halal
pişelere we arassa serişdelere gol ýapmak,
durmuşyň dürli pursatlarynda darykdyrýan
ýagdaýlara uçranyňda hem päkize pällere we
tämiz niýetlere hemra bolmak, durmuşy,
dostlaryňy, daş-töweregiňdäkileri we tutuş
dünýäni söýmek arkaly söýülmek — ýazyjynyň
ömrüniňşygary. Onuň döreden ähli
eserlerinde hem ýaşlaryň diňe şu güne däl,
eýsem geljege hem häzirden taýýarlyk görmegi
ündelýär. Ýazyjynyň “Atamyň durmuş hakda
aýtmadyk zatlary” atly eseri bilen birlikde
“Özüne çekiji şahsyýet”, “Durmuş— küşt
öýjügi”, “Uly durmuş üçin kiçi pikirler”, “250
hikmet”, “Beýik bolup ýaşa!”, “Aýratyn hilli
zenan” ýaly ýene birnäçe kitaplary
edep-terbiýe, aň-düşünje nazaryndan
ýazylandyr. “Tomus buludy”, “Söýginiň dili”,
“Söýginiň taryhy”, “Söýgi damjalary” atly
eserleri bolsa maşgala gatnaşyklaryny
berkitmeklige degişlidir. “Size indi düşündim”
hem-de “Indi senem kaka bolduň!” ýaly
birnäçe eserleri bolsa ene-atalar bilen
çagalaryň arasyndaky baglanyşygy,
düşünişmegi has-da berkitmek üçin ýazylan
durmuşy we ylmy gollanmalardyr. Ýazyjynyň
her bir eserini tamamlanyňda, onuň okalan
kitaplaryň täsirinden däl-de, toplan durmuş
tejribeleriniň esasynda öz pikirini düşnükli
beýan edýändigine göz ýetirip bolýar.
“Üstünlik gazanmak üçin seniň haklydygyň
ýeterlik däl. Sen özüňe bagly işleri doly ýerine
ýetirmäge borçlusyň” diýýän awtoryň durmuş
hakdaky pentleri onuň eserleriniň içinden
eriş-argaç bolup geçýär. Bu kitap adamlaryň,
esasan hem geljegi öňünde bolan ýaşlaryň
ruhubelent, şadyýan bolmagyny, ähli wagtda
hem umytdan düşmezligini ündeýär. Geljegiňe
bolan ynamy, şeýle hem duş gelýän böwetleri
we kynçylyklary ýeňip biljekdigiňe bolan
gaýraty terbiýeleýär. Ahlak arassalygy,
watansöýüjilik, her bir zady ýagşa ýormaklyk,
maksada okgunly hereket etmeklik ýaly ilkinji
nobatda ýaşlara gerekli gylyk-häsiýetleri
özüňde jemlemegiň ýollaryny salgy berýär.
Nesil terbiýesine bagyşlanan kitapdan käbir
parçalary okyjylara hödürleýäris!
6
GIRIŞ
Perzent terbiýesine biparh garamaly däldigi
gadymdan bäri gulagymyza guýulýan pent.
Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp:
“Çagalaryňyzy diňe şu döwür üçin däl, geljek
zamanlary hem göz öňünde tutup terbiýeläň”
diýer eken. Gysga hem bolsa, akyla muwapyk
söz. Terbiýeçiler, mugallymlar, ene-atalar
çagalaryň edep-terbiýesini kämilleşdirmek
arkaly olara ýaşaýşyň täze gözýetimlerini,
üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açyp
bermäge, bagta eltýän arassa we halal ýollary
öwretmäge - geljegemynasyp taýýarlamaga
borçludyrlar. Şu wagtdan perzentleriň aňyna
sepilen tälim tohumlary, ýüreklerine
oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa,
tüýs diýen çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl
berip başlajakdygy hemmämize mälim.
Ynsanlar geljege taýýarlykly bolmaly,
taýýarlykly barmaly.
Atalaryň öz perzentlerini ýürekden
söýýändigine şek ýok. Käteler biziň
hereketlerimize olaryň gaharlanmagy,
käýemegi hem biziň has gowy bolmagymyz
üçin abaý-syýasat. Biziň hemişe olaryň
söýgüsini duýasymyz gelýär. Ene-atanyň
söýgüsi bilen gurşalmak ýaly şatlykly ýagdaý
ýok, ýöne bagtly bolmagymyz üçin diňe
ene-ata söýgüsiniň ýeterlik däldigi barymyza
aýan. Durmuşyň mahal-mahal ýollaýan
serpaýlary, käteler öňümizde keserdýän kötel
ýollary, kynçylyklary dürli-dürli bolýar.
Hemişe şol bir kynçylyk, birmeňzeş müşgillik,
öň görlen päsgelçilik gaýtalanyp durmaýar.
Ýüzbe-ýüz bolýan durmuş wakalarymyza
başga burçdan, üýtgeşik nazar bilen bakmaly
pursatlarymyz hem az ýüze çykanok. Meňzeş
hadysalar gaýtalansa, onda öň okan, eşiden
söhbetlerimizi ýadymyza salyp, şol ýerde
aýdylýan öwüt-pentlere eýermek ýeterlik.
Galan ýagdaýda, okalan her bir zat dogry
çykalga ugrukdyryjy, dürs ýola gönükdiriji
bolup hyzmat edýär.
Döwrüň çalt özgerýändigi, çalt ösýändigi üçin
bir zada anyk göz ýetirdim: geçmişden miras
galan düşünjeleri elekden geçirip kabul etmeli.
Has uzak geljeklere hem hut şu günden, şu
pursatdan taýýarlanmaly. Şu günüňi hem,
geljegiňi hem asla gözden salmaly däl. Men bu
gün durmuş tejribäme esaslanyp, özümde
peýda bolan pikir-düşünjeleri gürrüň bermek
üçin saýlap alan durmuş wakalarymy siz bilen
paýlaşmak isledim. Bilýän, bu zatlaryň
aňrysynda birnäçe kynçylyklar, görlen
kösençlikler ýatyr, ýogsam, şol zatlary
görmeseň, durmuşda taplanyp bolmaýar
ahyry. Her nämede bolsa bu ýazgylarym
durmuş ýolunda ugur-çykalga tapyp berýän
ýönekeý çelgi bolsa-da, eden yhlasymyň ýerine
düşendigi. Özüme berlen edep-terbiýe bilen
durmuş hakykatlarynyň bap gelmedik
ýerlerinde kelläme gelen pikirleri, çykaran
netijelerimi bir ýere jemledim-de, olara
“Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary”
diýen at goýdum. Okaň, belki pikirlerimiz
meňzeş geler.
7
1. BAŞLAMAK HEMIŞE KYN
Süýji-süýji göwün ýüwürtmeler, arzuwlar şeýle
bir kän, emma olaryň aglaba bölegi
ýazylmadyk we hiç wagt ýazylmaýan taryhyň
arhiwine siňip galýar. Heý-de siz “Arzuwlaryň
senenamasy” ýa-da “Arzuwlaryň taryhy”,
“Arzuwlaryň ömri” atly eseri okap
gördüňizmi? Beýle eseri tapmarsyňyz, çünki iş
ýüzünde amal edilmedik, hasyl edilmedik
zatlar hakda agyz dolduryp söhbet edilmeýär.
Maksadyň beýikligine, arzuwyň süýjüligine,
berjaý edilişiniň kämilligine görä, ol işleriň,
eserleriň gadyr-gymmaty artyp gidýär. Süýji
arzuwlaryň joşguny bütin süňňümizi gurşap,
oňa ylham berip duran wagty, uzak-uzak
menzilleri, ajaýyp geljegi göz öňüne getirýän
mahalymyz, keýpimiziň çag çagynda hemme
zat aňsat ýaly görünýär. Arzuwly ýollary
külterlemek hem arka agram salmaýan kysmy.
Ýöne az salymdan yhlasymyza sowuklyk
aralaşyp, Arktikanyň ak hem bolsa, agyr
buzlarynyň arasynda gysylyp galan gämi deýin
öňe ilerlemäge ne mejal, ne gaýrat, ne höwes
tapýarys. Sebäbi azrak emgensek, ahyr
soňunda gönendirjek şol arzuwlarymyza
başlamakdan, girişmekden çekinýäris.
Haýsydyr bir täze işe girişmekçi bolanyňda
onuň iň kyn nokady — başyna barmak,
başlamak, işe girişmek pursady. Şonuň
üçinem häzirki zaman arap ýazyjylarynyň biri
bu hakda söz açanda, başlamak müşgilliginiň
syry hakda dil ýaryp: “Her gezek şeýle ýagdaý
bilen ýüzbe-ýüz bolanymda, täze bir işiň
gyrasyndan girenimde ýa-da täze bir kitap
ýazmaga girişenimde has artykmaç güýç sarp
edýärin. Başlamak howsalasyny, başlamagyma
böwet bolýan galagoply duýgyny basyp
ýatyrmak üçin şeýle bir ýazýaryn, şeýle bir
ýazýaryn, başagaý bolup, ýazyp oturşymy
daşymdan görseňiz-ä “eýýäm bir kitaby
ýarpylandyr” öýdersiňiz. Diňe şondan soň
geçen menzillerime ser salýarynda, özümi
adaty, endigan ýagdaýa getirip, öňki
ýazan-dolduran zatlarymy düzedişdirip,
goşup-aýryşdyryp başlaýaryn. Çünki mende
“ilkinji ädimiň” howatyrlanmasy, “başlamak”
gorkusy aýrylypdy” diýýär.
Bu biziň köpimize mahsus ýagdaý. Hatda
özümem birnäçe etsem-petsemleri diňe şol
duýgynyň täsiri astynda ýa soňa süýşüripdim,
ýa-da “başlaýyn, başlaýyn” — diýip, heniz
başlamankam taşlapdym. Köpleriň özleri we
öz arzuwlary-geljekleri babatda şu hörpden
gopýandygyna, şol ýagdaýdan ejir
çekýändigine gözüň ýetýär. Aslynda bu giňden
ýaýran ýagdaýlaryň biri. Başlamak gorkusynyň
astynda neneňsi syryň ýatandygy hakda dürli
pikirleri, ölçerip-seljermeleri gözden
geçirenimizde, jogaby göwni kanagatlandyrjak
şeýle bir netijä gelip bolýar: biz hemişe ahyrky
netijäni görmäge howlugýarys. Täze işe
girişýäris, emma köp wagt geçmänkä başga bir
işiň täsirine düşüp, bu işimizden sowaşyp
başlaýarys. Munuň hem iki sany esasy sebäbi
bar. Birinjisi, täze peýda bolan käbir zatlar
öňküden has özüne çekiji, has gowy, has
bähbitli ýaly duýulýar. Emma şu wagtky
işimiziň üstünden böküp, ol işe girişsek,
ýene-de şol öňki duýgular bilen gurşalýarys.
Ikinjisi, biziň ýöränje ýolumyz heniz
“garaşylýan” ahyrky netijäni aýdyň görkezip
8
bilenok. Sebäbi biz gyssanýarys, şu gün düýbi
tutulan jaýyň üçegini ertir göresimiz gelýär.
Ilkinji ädimler bolsa ahyrky üstünlige çenli
ýeterlik ýol däl.
Täze paltanyň daragta ilkinji urgusy kesgir
bolman biler, kitabyň birinji setiri juda täsirli
ýada şowly çykman biler. Hususy
meýilnamadaky ilkinji aýlar beýik maksatlaryň
ugrunda görnetin öňe ilerleýändigiňi
görkezmän biler, emma bar hupbat şu zatlary
akyla düşündirip, ynandyryp bilmekde. Bir
demde, bir sözde bina etmek ygtyýary diňe
Haka degişli. Biz bolsa munuň üçin ähli
ädimleri birme-bir ýöräp geçmeli bolýarys.
Gözüň tebigaty — diňe iri zatlary görýär. Iri
zatlara ýetýänçäk arada duran ownuk-uşak
hysyrdylary, hal-ýagdaýlary bolsa görmek
islämzok. Bularyň ählisine sabyr edere
takatymyz ýok, aslynda welin uly sabyr beýik
we belent ruhy hasyl edýär. Şonuň üçin hem
işiň başyndaky bu päsgelçilik, garşylyk
durmuşda duçar bolýan iň uly
päsgelçiliklerimiziň biridir. Muňa “başlamak
garşylygy” ýa-da “başlamak päsgelçiligi”
diýilýär. Şol päsgelçiligi ýeňip geçmek üçin
endigan bir ýola düşýänçäň, endigiňe
öwrülýänçä, ähli güýjüňi sarp edip işlemegiň
gerek.
Belki bilýänsiň, belki-de bihabarsyň — raketa
ilki bat alanda özüniň has köp ýangyjyny,
energiýasyny ýakýar. Ol asmana
göterilmezinden öň ilki bilen bar güýjüni bat
almaga berýär.
Ir säher awtoulag bilen ýola düşmekçi bolsaň,
onuň motory ýuwaş-ýuwaşdan gyzýança, oňa
garaşmaly bolýarsyň. Ol diňe gyzandan soň
sürmäge ýaraýar.Her zadyň ilkinji ädimi,
ýönekeýi, kiçisi göze ilmeýär, emma şol
ädimleriň her biri ýokary derejede ähmiýetli.
Göräýmäge ilkinji ädimler işiň soňundan has
kyn we zerur.
Öňüňde maksadyň anyk bolsa, ýöremeli ýoluň,
barmaly ýeriň, ýetmeli menziliň kesgitli bolsa,
hem-de şol ýolda uly gaýrata bürenmek
isleýän bolsaň, ilkinji ädimleriňe uly üns ber
we uly güýç sarp et. Ilkinji ädimlere sarp
edilen yhlas bize goşa-goşa gaýrat eçilýär.
Gursagymyza ynam guýýar. Kalbymyza umyt
çaýýar. Bizi ahyrky maksadyň
gyzyklandyrýandygyna garamazdan, ilkinji
ädimlere kembaha garamaly däldiris. Her
indiki ädimi aňymyzda berkän pikirler,
toplanan tejribeler bilen ýene-de berkidip,
ösdürip, öňe ynamly ätlemek gerek. Şeýle bir
hikmetli söz bar: Niýet nirä öwrülse, aýaklar
hem şol tarapa ädilýär. Yza öwrülme,
saga-sola dönme, maksadyňa tarap diňe öňe
ýöre.
Ýaňy ýörjen-ýörjen çaga ilkinji ädimlerinde tiz
ýadap, büdräp, bizar bolup oturýar, emma biz
— tebigy durmuşymyzdaky tejribelerden
bilýäris ahyry, şu büdremeler, yza çekilmeler
biziň soňra batly ýöremegimize,
ylgamagymyza getirýär. Biz bolsa
howlugýarys, gyssanýarys. Soňky netijeler bizi
şeýle bir gyzyklandyrýar, hatda käte heniz
näbelli şol netijelere irikgä bolup, esasy
işimizden ünsümizi sowaşdyrýarys. Sähel
kynçylyk ýüz beräýse dagyn öňümizde aşyp
bolmajak dag keseren ýaly derrew lapykeç
aşak çökäýýäris. Emma Zemin döräli bäri asyl
9
örkünden gobsunmadyk, gozganmadyk ýekeje
dag ýokdur. Ýa-da adamzadyň aýagy
galtaşmadyk dag gerşini hem tapyp
bilmersiňiz. Hemme zada sabyr, yhlas,
tijenmek arkaly ýetip bolýar. Taryh daňy
atanyndan häzirki günümize çenli adamzada
abanan iň uly apatlaryň biri — netijelere
howlukmaklyk.
Taryhdan bir mysala ýüzleneliň. Muhammet
al-Fatyh heniz kiçijik oglanka, deňziň
gyrasyna gelip, Konstantinopolyň gala
diwarlaryna seredip durar eken. Ümzügini
uzaklara aýlap: “Men ertir seniň mäkäm
galalaryňy ýere ýumraryn” diýer ekeni.
Ahyrynda, ýigrimi ýaşyndaka şol ýeri basyp
almak nesibesini Allatagala bu gerçege
miýesser etdi. Eýsem, bu ýigdekçe gylyjynyň
sapyndan ilkinji gezek tutanda, ussat söweşiji
boljakdygyny, bu ýolda uly üstünlik
gazanjakdygyny bildimikä? Uly ynam bilen
tassyklap bilerin: ol muňa elbetde ynanandyr.
Şol sarsmadyk ynam hem ahyry maksada alyp
gelýär. Beýik ynam beýik işleri amala
aşyrmaga gurbat, kuwwat berýär. Ynamyny
gowşatmaýar, yhlasyny egismeýär. Ahyry
arzuwyny hasyl edýär.
Öňünde beýik maksatlary goýýanlaryň
ýönekeý başlangyçlaryň hupbatyna çydamagy
gerek. Her bir ädim, her edilen iş şol beýik
maksada barýan ýoluňda uly medet, goldaw
bolmalydyr.
Ilkinji ädimleriňe biperwaý garama, olary
kiçeltme, egsik görme. Sabyr we yzygiderlilik
bilen iş salyş. Şol ýönekeý, sada hem-de kiçijik
görünýän ilkinji ädimler iň beýik maksatlara
eltip bilýändir. Eflatunyň aýdyşy ýaly: “Işiň iň
ähmiýetli bölegi — onuň başydyr”. Bir başlap
bilseňiz, girişmegi başarsaňyz, soňuna çenli
alyp çykjakdygyňyza, her işi doly
başarjakdygyňyza şübhe bolmaz.
Ilkinji ädimleriňe — işiň başyna nähili yhlas
siňdirseň, garaşylýan we gazanylýan netije göz
öňüne getirişiňden hem zyýada bolar. Işiň iň
ähmiýetli bölegi netijesidir, ýöne şol netijä
sag-aman eltjek we gurbatyňy gowzatmajak
güýç ilkinji ädimlerdäki yhlasyňda
jemlenýändir.
2. YLGAMASAŇ, ÜSTÜNLIK ÝOK
Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has
gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy
gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz
bolýar. Ýaşaýşa nämedir bir zatlar bermek,
eliňde baryndan eçilmek, ukybyňda baryny
paýlaşmak, bagyş etmek — ömre many çaýýan
zatlaryň biri. Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy
söýmek gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan
hal-ýagdaýlara söýünç bilen bakmak gerek.
Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony
öňküsinden-de has gowy etmäge, has ajaýyp
etmäge çalyşmaly. Sebäbi ýaşamagyň maksady
şol — has gowusyna ymtylmaly. Özi hem
özgelere agyr ýük bolmazdan, gaýry
adamlaryň hak-hukugyny kemsitmezden, hut
öz başarnygymyz, öz yhlasymyz, öz arassa we
halal zähmetimiz bilen berjaý etmeli. Diňe öz
bähbidimize däl, hemmeleriň haýryna bolar
ýaly ylgamaly. Gazanýan her bir zadymyz,
ýerine ýetirýän işimiz, edýän hereketimiz
bütin ömrümiz üçin haýyrly bolmalydyr.
10
Döwürden üzňe bolmak, ýaşaýşa doýgun
nazar, tutuksy garaýyş bilen bakmak ynsana
gelişýän zat däldir. Hatda dindar bolsaňam,
dünýewiligiňi unutmaly däldir. Hersinden
özüňe geregini al: diňe dünýä gymmatyna
gyzygyp, halaly-sogaby köýdürme. Diňe dine
berlip, döwrüňi, durmuşyňy ýatdan çykarma.
Ýaşamak we ýaşaýşy has-da gözelleşdirmek
üçin dünýewi gyzyklanmalary birjikde gözden
salmaly däldir. Başarsaň eser ýaz, kitap oka,
öwret. Höwesiň, yhlasyň bar bolsa, git, bazara
çyk, söwda et. Jaý gur, bina galdyr. Harytlar
nirede geçginli bolsa, haýsy ýeriň bazary
şüweleňli geçýän bolsa, şol ýerlere barda, öz
başarnygyňy görkez. Bu özüňi açmagyň
ygtybarly we halal ýoludyr.
Sahabalardan Abdyrahman ibn Awf ýigrimi üç
ýaşynda Hebeşistana göç etdi. Ondan soňra
Medinä hijret etdi. Abdyrahman Medinä
baranynda owrat ýerini örter ýaly geýiminden
başga elinde ýa egninde hiç bir zady ýokdy.
Diňe ýüreginde ynamy, imany bardy. Medinä
baryp ýetenlerinde, onuň aýdan ilkinji sözi:
“Maňa bazary görkeziň” diýen söz bolupdyr.
Soňlugy bilen ol iň baý adamlaryň biri boldy.
Üstesine, behişde girjegi öňünden buşlanan on
adamyň biri hem Abdyrahman ibn Awfdyr.
Hatda jomartlykda deňsiz-taýsyz görlen Talha
ibn Abdyllah hem ol hakda: “Medinäniň ilaty
Abdyrahman ibn Awfa mätäçdiler, ony juda
gowy görýärdiler, çünki ol baýlygynyň 3-den
bir bölegini karz bererdi. Üçden bir bölegini
garyp-gasarlaryň bergisini üzlüşmek üçin sarp
ederdi. Üçden bir bölegini özi alardy” diýip
aýdýar.
Şeýle bolelinlik, rysgy giňlik içinde ýaşasada,
hiç bir alada-pikir onuň baş maksatlaryndan
öňe geçen däldir. Sebäbi ol owalyny-ahyryny
ýaşaýan durmuşy bilen utgaşdyryp,
sazlaşdyryp alyp gidýärdi. Ol ömrüniň
manysyna öwrülen beýik maksady üçin
irginsiz, üznüksiz yhlas ederdi. Şol beýik
maksady birjikde unutmazdy. Her ädimi, her
pygly-amaly şol maksadyna laýyk berjaý
ederdi.
Dostum, eger-de tanymal şahslaryň
terjimehallaryny ýa-da sahabalaryň, beýik
adamlaryň taryhy kyssalaryny okap görseň,
olaryň örän baý, gurply we abraýly
adamlardygyny bilersiň. Abubekr Syddyk,
Osman ibn Affan we ş.m.
Muňa garamazdan olaryň hak ýolda
sak-mäkäm durandyklaryny, ahyret ýolunda
bu dünýäniň özüni bendi edendiklerini
bilersiň. Gör, olar nädip öz nebislerine we
haý-höweslerine hötde geldiler, oňa erk
etdiler. Dünýä olaryň aýaklarynyň astynda
aýlandy durdy. Dünýewilik olara boýun egdi.
Durmuş ýolunda üstünliklere gyzygýan,
ýokary galmaklyga ymtylýan dostum,
maksadyňdan dänme, ýöne bu dünýä üçin
agyr ýüke hem öwrülme. Dünýäni göterip
bilmejek agyr ýüküňe hem öwürme.
Üstünlikler, şowlulyklar bilen bezelen durmuş
ýollarynda maksatly hereket et. Hak ýoly,
dogry ýoly sypdyrman alyp gitmek, yzygiderli
we önjeýli zähmet çekmek üstünlikdir. Ýaşa
we ýaşaýşy gözelleşdir. Iň bolmanda öz
pikirleriň, niýetleriň, arzuwlaryň bilen bir
gatanç goş. Maksat goýanyňda, şol maksadyň
11
ugrunda yhlas etmegi ýüregiňe düweniňde bir
hakykaty hergiz unutma: Ýaramaz zada sarp
edýän energiýamyzyň ýarysyny ýagşy zada
gönükdirip bilsek, biz has uly utuş gazanarys.
3. HER KIM ÖZ DURMUŞYNYŇ
SERKERDESI
Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň
ählisiniň öz işlerine jogapkärli
çemeleşendiklerine seni ynandyrmagym üçin,
meniň bu hakykatlary saňa gaýta-gaýta ýanjap
oturmagym gerekmikä? Olar ömürleriniň bir
sekundyny hem ýüzbe-ýüz bolan ýaramaz
ýagdaýlary, teň hallary üçin kimdir birini
ýazgarmaga sarp etmediler. Gaýta, durmuş
bulara köp zatlary öwretdi — ýetip barýarka
öň açyk duran gapynyň bulara ýapylandygy
üçin ýa-da ýollaryna oklanan mydarsyz
päsgelçilik üçin kimdir birini ýazgarjak,
kimdir birine iňirdejek, igenjek bolmadylar.
Hemme zady adaty bolaýmaly, hökman
bolaýmaly bir waka, hadysa hökmünde kabul
etdiler.
Beýlekileriň özümize eden “ýamanlyklary”,
“bilgeşleýin päsgelçilikleri” hakda gürlemek
şeýle bir ýeňil. Hatda kähalatda öte geçip,
perzentlere siňdirilen terbiýe babatda
ata-babalarymyzy ýazgarmakdan hem
gaýdamzok. Nämemişin “Olar bize üstünlige
ýetmegiň, maksada okgunlylygyň
ýörelgelerini, dogry ýollaryny öwretmändirler.
Öwretmek beýlede dursun, gaýta bize durmuş
hakynda düýbünden başgaça düşünje
beripdirler”. Öz säwlikleri zerarly hemişe
beýlekileri tankytlaýan adamlar bar. Sebäbi
ähli müşgilliklerimizi, çözülmän galan
meseleleri onuň-munuň üstüne atmak gaýrat
talap edenok. Biz şeýdip durmuş bilen
ýüzbe-ýüz bolmakdan gaça durýarys. Ýazygy,
günäni gaýry biriniň üstüne atsak, özümiz
jogapkärçilikden boşaýan ýaly, uludan dem
alýarys. Öz götermeli ýükümizi özgeleriň
ýagyrnysyna ýüklejek bolýarys.
Emma durmuş tejribeleri bir zady öwretdi,
durmuş — bu tolkuny gomap duran giň we
çuňňur deňiz. Her kim öz durmuşynyň
serkerdesi. Ony saga, çepe, öňe, arka öwürmek
öz eliňde. Kenara aman-asuda aşmak,
sag-salamat gowuşmak, Allanyň
fazly-merhemetinden soňra, öz ussatlygyňa,
gämä — durmuşyňa erk edişiňe bagly.
Haýp, biziň köpimizde özümizi aklajak
bolmagyň taýyn duran galyplary bar: sähel
büdresek ýa-da bir mesele ýüze çyksa, dessine
ähli “çözgüdi” şol galyplaryň birine
sygdyrýarysda, öz etmişimiz zerarly ýüz beren
netijeleriň jogapkärçiliginden ýüz öwürýäris.
“Hemme ýaramaz zatda kimdir biri günäli,
emma bizde jinnek ýaly günä ýok...” hasap
edýäris. Ine, köpimiziň aglaba halatda, iň
bolmanda, kä halatda ulanýan esasy
bahanalarymyz.
Men saňa gönümel we açyk aýdaýyn, sen
üstünligiň çakylyklaryna seslenmekçi bolsaň,
durmuşyň nygmatly saçagyna zyýapata
barmak isleseň, her baran ýeriňe laýyk,
mynasyp görünmek isleseň, onda öz
müşgillikleriňi we şowsuzlyklaryňy aklamak
üçin galkan edinýän bahanalaryňdan hökman
we dessine saplanmalysyň. Durmuşyň
12
çykarýan netijelerini ynam we mertlik bilen
ykrar etmäge borçlusyň.
Sen mundan öň durmuş deňlemesi hakda
eşidipmidiň?
Onuň kesgitlemesi şeýle: durmuşyň netijesi
bolýan zatlara jogap berşiňe deň bolýar,
başgaça beýan etsek: ýagdaý+jogap
hereketi=netije. Üstün adamlaryň üstünligi
hem şu deňlemäniň çäginde çözülýär. Şowsuz
adamlaryň şowsuzlygy hem şu deňleme bilen
ölçelýär! Hemmeler haýsy hem bolsa bir
ýagdaýa sezewar bolýarlar. Ýöne olaryň hersi
öz garaýşyna, pikir-düşünjesine görä hereket
edýär. Ine, şu jogap hereketi hem — gaýtargy
pygyl hem biziň häzirki görýän netijämizi ýüze
çykarýar, hasyl edýär.
mümkinçilik, täze bir ýol agtardylar. “Boljak
zat boldy, bolan zady üýtgedip bolmaz, emma
indi boljak zatlara hökman täsir edip bolar”
diýen düşünjä eýerdiler. Şeýdibem haýra
garaşdylar we gazandylar. Ýeri gelende bir sözi
ýatladaýyn — “kynçylyk — bu täze bir
mümkinçilik” diýmekdir. Ýagdaýa ýesir bolup
oturmaly däl, islendik zadyň hökman bir gowy
tarapynyň bardygyny unutmazlygymyz gerek.
Şol düşünje hem bizi has öňe iterýär, aýaga
galdyrýar. Her täze pursada eserdeň göz bilen
bakýarys we şol jygba-jyglykda hem özümize
gerekli zatlary görmegi, tutmagy başarýarys.
Bu-da gazanmak ahyry.
Muňa garamazdan, edil şol ýagdaýa düşen, şol
menzili geçen, şol sredada ýaşaýan adamlaryň
birnäçesi welin, hatda ýagdaýlary olaryňkydan
hem agyr bolandygyna, çekip-çydardan,
zeýrenerden çökder bolandygyna garamazdan,
üstünlige ýetdiler. Ýeňiş gazanmagy
başardylar. Sebäbi nämedekä?
Şeýle kyn ýagdaýlarda kimdir birinden
maslahat soramalydyrys. Öz işlerimize berbaşagaý bolup, köpden bäri gatnaşyklarymyz
seýreklän gapylara täzeden barmalydyrys.
Täze gatnaşyklary açmalydyrys. Ýa-da käbir
pikirlere üýtgeşmeler girizmelidiris. Käbir
gylyk-häsiýetlerimizi gaýtadan gözden
geçirmelidiris. Maksadymyzy syntgylap,
täzeden gaýrata galmalydyrys. Ýa-da iň
bolmanda yhlasymyz egsik gelendir, şoňa
düşünmelidiris, mahlasy, kyn, agyr görnen her
bir zatda hem many çykaryp we peýdalanyp
boljak örän köp ýagşylyk, haýyr bardyr,
gizlenip ýatandyr. Akylyň bir häsiýeti bar, ony
wagtal-wagtal şeýle ýagdaýlar bilen tijäp,
oýandyryp durmasaň, öwrenişen, endik eden
derejesinde galyberýär. Diýmek, iň bärkisi,
akylymyzyň kämilligi üçin hem şeýle
kynçylyklar gerek ekeni.
Sebäbi oňyn garaýyşly, üstünlik gazanýan
adamlar gymmatly wagtlaryny zeýrenje sarp
etmän, her bir zatdan pursat, çykalga,
Gönümellik gödeklik däldir. Biziň köpimiz
şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolsak, aglaba
halatda, zeýrenç, igenç duralgasynda
Şowsuz ýa-da göwnüçökgün adam şol
ýagdaýda saklanýar we zeýrenip, nadyl bolup,
özüni aklap başlaýar. Sähel zatdan bahana,
tutaryk agtarýar. Müdiri oňa düşünenok,
ykdysady ýagdaýlar durnuksyz, goşmaça
öwrenmäge boş wagty ýok, üstesine daştöweregini gurşaýan adamlar hem
ýaramazmyş we ş.m.
13
eglenenimizi eý görýäris. Sebäbi bu ýagdaýda
zeýrenmekden ýeňil düşjek hiç bir zähmet ýok.
Şol wagt tankyt şuglalary bilen daş-töwerege
syçrap durmagam müşgil däl, emma özümizi
bu häsiýete öwrenişdirsek, ähli zady şonuň
üsti bilen gazanmaga endik ederis. Bolmajak
zat.
Hiç wagt öz şowsuzlygyň sebäbini özgelerden
agtarma. Hatda biri bilgeşländen saňa badak
atýan, büdretmäge hyýallanýan ýaly
görünsede, sen özgeleri ýazgarma. Gadymdan
gelýän bir söz bar: “Olar ýamanlyk diýip edýär,
bize ýagşylyk bolup ýetýär”. Eger birbada başa
barmaýan bolsa, onda biz şu ýagdaýymyzda
az-kem eglenip, başgaça pikirlenmelidiris.
Dürli ýollaryny, usullaryny saldarlap
görmelidiris. Emma biz özümiziň
nogsanlygymyzy we egsikligimizi aklamaga,
bahana tapmaga şeýle bir ussat bolup
gidipdiris.
Käbir adamlary göreniňde, muňa-da şükür
edýärsiň. Şeýle bir kişiler bar, olar diňe
özlerini aklamak, özlerini hemişe hakly we
dogruçyl edip görkezmek bilen çäklenmän,
gaýta pikir-düşünjesini dogry tarapa
üýtgetmek isleýän we oňyn özgerişlere
uýgunlaşmak isleýänleriň hem umydynyň puç
bolmagyna sebäp bolýarlar.
Pygamber alaýhyssalam halamaýan zadymyz
başymyza gelende näme etmelidigimizi
öwretdi. Umyt bilen öňe okdurylmaly we
ökünç-zeýrençden, özüňi aklamakdan daş
durmaly. Resulalla: “Şeýden bolsam-a şeýleşeýle bolardy” diýmegin. Diňe “Allanyň takdyr
edenidir. Allanyň halan işi bolar. “Käşgä” sözi
şeýtana gapy açýandyr” diýdi.
Gadyrdan dostum, men bu bölümi şu sözler
bilen jemlemek isleýärin. Ýene bir ýola
nygtaýaryn: üstünlik gazanmak üçin haýsydyr
bir hal-ýagdaýlaryň, şertleriň gülala-güllük
bolmagy, gowulaşmagy esasy şert däldir.
Şowsuzlyk saňa ýazylan gutarnykly ýazgyt
däldir, ol diňe has tijenmegiň üçin
ýatlatmadyr. Bu ýollarda mert bolalyň, ýan
bermäliň, ejizlemäliň. Zeýrenmäliň. Anyk we
aýgytly pikir, berk karar, mäkäm ynam
islendik kynçylygy we böwetleri böwsüp
geçmäge gurbat berýär. Ähli durmuş
ýagdaýlaryny hemişe asuda köňül, giň göwün
bilen kabul edeliň. Durmuşyň nämeler gizläp,
ýygşyryp goýandygyna ýada nämeleri
görkezendigine, aýan edendigine garamazdan,
ony diňe ýagşy umyt, güler ýüz bilen garşy
almalydyr. Akyl kompasynyň diljagazy
bahanalara däl-de, çözgütlere tarap bakyp
durmalydyr. Tutuksy, gamaşyk suratlary
däl-de, oňyn we aýdyň pikirleri görkezip
durmalydyr.
Şeýle bir söz bar: “Üstünlik bu bir
merdiwandyr. Iki eliňi jübüňe sokup otursaň,
merdiwandan aslyşyp bilmersiň”.
4. DYMMAKLYK ULY GÜÝÇ
Awraam Linkolnyň bir sözi bar: “Dymyp
durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de,
gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan,
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
  • Büleklär
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3491
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2043
    29.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3572
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2005
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3479
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1981
    28.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3486
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1968
    27.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3584
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2062
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3532
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2097
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3529
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2070
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3551
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2084
    29.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3477
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2062
    27.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2015
    29.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 2940
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1739
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.