Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9

Süzlärneñ gomumi sanı 3399
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Berdimuhamedowyň öz sözleri bilen aýtsak, «Bu ägirt uly
awtosport ýaryşy halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge
ýardam eder. Türkmenistanyň, Russiýanyň hem-de
Gazagystanyň, şeýle hem «Ýüpek ýoly—2009» taslamasyna gatnaşýan ähli ýurtlaryň halklarynyň dostlugynyň we
hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany bolar».
Kazan şäherinden ugraýan bu awtomobil kerwenine
dünýäniň 30-a golaý döwletinden öz işiniň ussatlary, ýagny
hünärli awtomobil sürüjiler wekilçilik edýärler. Sekiz tapgyrdan ybarat bolan bu ýaryşa BMW, «Nissan», KAMAZ
ýaly öň ençeme synaglardan üstünlikli geçen awtoulaglar
gatnaşýarlar. Geçilmeli ýol uzak, özi hem ol ýeňil-ýelpaý däl,
örän kötelli ýollar garaşýar. Halkara Awtomobil Federasiýasy
tarapyndan «Dakar» derejesi berlen ýolsuz ýerden geçýän bu
ýaryşyň külterlemeli menzili 4,5 müň kilometr bolup, onuň
tas ýarysyna golaýy, has takygy, 2100 kilometri türkmen top­
ragyna degişlidir. Özi hem bu uzak ýoluň esasy bölegi Balkan
welaýatynyň sähralyklarynyň, şeýle hem Garagum çölüniň
çäge alaňlyklarynyň üstünden geçýär.
Diýmek, dünýäniň ünsi ýene-de Garaguma gönüger.
Garagum! Sen, gerek ýerinde halkyňy galkan bolup
gorapdyň, duşmanyňa bolsa rehimsiz darapdyň.
Hawa,
merhemetli
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimu­hamedowyň taýsyz tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň
sanawyna giriziljek bolup ýören yklymdaky iň uly çölleriň
218
biri bolan Garagum barada, ýeri gelende, kelam agyz aýdylsa
ýagşy.
Ýurdumyzyň 80 göterime golaý ýerini tutýan Garagumuň
umumy meýdany 350 müň inedördül kilometr bolup, ol
ýer Awstriýa, Portugaliýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Daniýa,
Gollandiýa ýaly döwletleriň bilelikdäki meýdanyna deňdir.
Öz wagtynda türkmen çölüni ilik-düwme öwrenen
dünýä belli meşhur akademik A. Fersmanyň öňdengörüjilikli
aýdan sözleri welin ýüregimize jüňk bolýar.
«Garagum zähmet adamsynyň kär edip bilmejek hasylsyz, yns-jynssyz çöllügi däldir. Ol türkmen tebigatynyň entek
üsti açylmadyk baýlygydyr. Ol baýlygy bolsa peýdalanmak
mümkindir we zerurdyr».
Hawa, atalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen
Garaşsyzlygy, aýratyn-da, Beýik Galkynyş eýýamy Garagu­
muň dadyna ýetişdi, onuň alnyndan ak Gün bolup dogdy.
Täzelikde çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň
ilkinji nobatdakysyny dabaraly açdy we oňa ak pata berdi. Şeýlelik
bilen, Garagumuň şan-şöhraty, at-owazasy dünýä ýaýyldy.
Ynha, bu gün ýene-de goja Zeminiň ünsi Garaguma
gönügýär. Sebäbi...
Ýadyňyzda bolsa, ýurt Baştutanymyz 2009-njy ýylyň 7-nji fewralynda häzirki Kazan—Aşgabat aralygynda geçirilýän
awtoralli ýaryşynyň taýýarlyk işlerine badalga beripdi. Hut
şol günüň özünde teleýaýlym arkaly belent mertebeli Pre­
zidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň
awtokärhanasy tarapyndan sowgat berlen KAMAZ-da
Garagumuň kötel ýollaryndan birnäçe kilometr ýoly geçendigini uly buýsanç bilen synlapdyk we onuň merdi-merdanalygyna ýene bir gezek göz ýetiripdik.
Bütindünýä ähmiýetli bu ýaryşy guramak «KAMAZmaster» komandasynyň ýolbaşçylaryna ynanyldy. Ine, şol
toparyň baş direktory S.Ýakubow we beýleki wekiller ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda bolup, milli Liderimiz bilen
duşuşdylar. KAMAZ-yň wekilleri halkara Awtomobil Fede­
rasiýasyna wekilçilik edýän ralliniň hormatly Prezidentimiziň
awtomobil sportuny ösdürmäge goşan goşandyny nazara al-
220
mak bilen ýörite kubogy döredendigini habar berdiler we abraýly
sylagy hem-de diplomy ýurt Baştutanymyza gowşurdylar.
Elbetde, türkmen awtoralliçilerine uly synag garaşýar.
Ýöne bir zat welin hemmä belli hakykat. Ýaryşa gatnaşyp, ondan zyýan çekýän ýok. Galyberse-de, munuň özi ýurdumyzyň
awtosportçylary üçin tejribe mekdebi bolar.
Şeýle bir şatlykly habary biziň hemmämiziň bilmegimiz gerek. Türkmenistanly awtosportçylar golaýda geçirilen «Hazar
sähralyklary—2009» ýaryşyna gatnaşyp, ilkinji synagyň abraý
bilen hötdesinden geldiler. Bu geçirilen halkara ralli ýaryşyna
Russiýa Federasiýasynyň köp şäherlerinden, şeýle hem GDA
we Baltika ýurtlaryndan ekipažlaryň ençemesi gatnaşdylar.
Hudaýa şükür, bu ýaryşa gatnaşan ildeşlerimiz bizi ýüň­
sa­k­gal etmediler, gaýtam, özleriniň baýrakly orunlary bilen begendirdiler. Aýratyn tapawutlanan awtosportçylaryň arasynda
türkmen ekipažlarynyň hem bolmagy bizi buýsandyrdy. Ýogsam,
ildeşlerimiz şeýle halkara ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýardylar
ahbetin. Bu ýeňiş biziň geljege bolan ynamymyzy hem artdyrdy.
Bu üstünlik, öňde hem nygtaýşymyz ýaly, Kazandan badalga
alýan «Ýüpek ýoly—2009» halkara awtoralli-reýdinde has-da berkidiler. Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öz sözleri bilen aýtsak, «Ýüpek ýoly—2009»
awtorallisi biziň ýurdumyzda sportuň bu meşhur görnüşiniň
ösdürilmegi üçin oňat höweslendiriş çäresi bolar».
Hawa, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden bu awtoralli ýaryşyna görülýän taýýarlyk işleri ýurt
Baştutanymyzyň üns merkezinden aýrylmady.
Maglumat üçin aýtsak, milli Liderimiz täzelikde Balkan
welaýatynda gysga wagtlaýyn iş sapary bilen bolanynda hem
häzirki geçirilýän halkara awtorallisiniň jemleýji tapgyrynyň
badalga aljak ýerine onuň hut özi baryp gördi we ýagdaýlar bilen tanyşdy, jogapkär adamlar bilen söhbetdeş bolup,
olara degişli görkezmeler berdi. Hormatly Prezidentimiz bu
abraýly ýaryşyň örän guramaçylykly we ýokary derejede
geçirilmelidigini ýene bir gezek nygtady. Şu meseleler bilen
baglanyşykly öňde durýan wajyp wezipelere Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hem yzygiderli garalyp
duruldy.
222
Ýakynda Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Pre­zi­
dentleriniň telefon arkaly bolan söhbetdeşliginde hormatly
Prezidentimiz öz kärdeşi Dmitriý Medwedewi Türkmenbaşy
şäherinde geçiriljek dabara gatnaşmaga çagyrdy. Şol dabarada awtomobil ýaryşynyň Türkmenistanyň çäginden geçjek iň
soňky tapgyryna badalga berler.
Hawa, bu çakylyk Russiýanyň Prezidenti tarapyndan minnetdarlyk bilen kabul edildi. Şeýle çakylygyň Gazagystanyň
Prezidentine hem berlendigini aýtmak gerek.
Döwlet Baştutanlarynyň şeýle çärä gatnaşmaklarynyň
özi onuň ähmiýetini artdyrar, derejesini beýgelder.
Beýik Galkynyş eýýamyny başdan geçirýän Diýarymyzyň
taryhynda ilkinji gezek bolup geçýän bu ýaryş barada söhbet
açyp, milli Liderimiz şeýle diýýär: «Türkmenistanda ata-baba
gelýän myhmansöýerlik däbimize eýerip, her bir myhmana
ýürekden şatdyrys. «Ýüpek ýoly» rallisine gatnaşyjylar köp
asyrlyk siwilizasiýanyň häzirki döwür bilen galtaşýan ýeri
bolan türkmen topragynyň gözelligine we sahylygyna mynasyp baha bererler diýip umyt edýärin».
Hak söz. Diýmek, halkara ähmiýetli bu çäre Diýarymyzyň
dostlaryny köpelder. Dünýäniň ünsi ýene-de Türkmenistana
gönüger.
Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň gidişini kosmosyň hemra tele­
wideniýesinden surata düşürip, ony Ýewropanyň we Russiýanyň
ähli ýaýlymlary boýunça goýbermek göz öňünde tutulýar. Netijede, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek bolýan «Ýüpek
ýoly—2009» halkara awtorallisine bütin dünýä tomaşa eder.
Bu ýaryşyň ata Watanymyzyň at-abraýyny, şöhratyny
artdyrjakdygy, arşa göterjekdigi jedelsiz hakykatdyr. Munuň
özi ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysal bolmasydyr, iş
ýüzündäki durmuşa geçmesidir.
Atalarymyzyň arzuwyny amala aşyrýan Agtygyň— hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri
uzak, işleri rowaç bolsun! Goý, beýik Taňry ony öz penasynda
aman saklasyn!
Bu ýaryşa gatnaşýan ildeşlerimize bolsa üstünlik arzuw
edýäris!
Ýoluň ak bolsun, awtoralli!
Sentýabr, 2009-njy ýyl.
224
19. Doganlykdostlugyň datly
miwesi
T
äzelikde gadymy Oguzlar şäherinden—Yzgantdan
gelýärdim. Wysal bolan arzuwlar, buýsançly duýgular
adama ganat bekleýän eken.
Mundan iki ýyl töweregi öň, ýagny 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan sanlarynyň birinde «Peder kesbi» atly
uly göwrümli makalam gazetde çap bolup çykypdy.
Ine, şol makalada şeýle bir teklip öňe sürülýärdi: Hormatly Prezidentimiziň atasy, ömrüni magaryfa bagyşlan,
öz işiniň ussady Berdimuhamet Annaýewiň ady onuň işlän
mek­debine dakylsa, biziň merhuma goýýan sarpamyzdan bir
nyşan bolardy. Ol şoňa doly mynasyp Adam...
Bu gün şol teklip halkymyz tarapyndan giňden gol­
daw tapdy. Elbetde, bu diňe bir yzgantlylaryň ýa-da gady­
my Gökdepäniň ilatynyň göwün küýsegi däldi. Ol tutuş
türkmeniň arzuwydy.
Edermen esger, ussat mugallym Berdimuhamet
Annaýewiň ady dakylan bu täze mekdebiň açylyş dabarasyna
onuň ogly Mälikguly aga Berdimuhamedow hem gatnaşdy
we çuň manyly çykyş etdi. Bu täsirli çykyş tutuş türkmen
halkynda buýsanç duýgusyny döretdi... Ýöne meniň häzirki
söhbedim ol hakda däl.
15*
225
Nesiller öz Prezidentine,
Prezident öz nesillerine guwanýar
Hawa, ýakymly duýgulara gaplanyp Yzgantdan ganat
baglap uçup gelşime, Garagum derýasynyň üstünden geçýän
täze salnan köpriniň ýanynda saklandym, aýak çekdim.
Täze köpri! Synlaýan. Synlap doýamok. Bu ýerdäki öňki
köne köprä-de men belet. Her gezek eýläk-beýläk geçeniňde
Hudaý-Allany çagyryp, zordan geçmelidi, çala mydardy, yranar, çaýkanar durardy. Täze bilen könäni deňeşdirer ýaly däl,
tapawudy ýer bilen gök ýaly.
Töwerekde öz malyny bakyp ýören bir ýaşuly ýanyma
geldi. Salamlaşdyk. Gürrüňçil adam eken, oň agzyndan sözi
«sogrup» almaly däl.
—Bizi sylany Alla sylasyn! Obadaşymyz Berdimuhamet
agaň agtygy, hormatly Prezidentimiz bizi sylady. Beýle-beýle
zatlar, dogrusy, ýatsak-tursak ýadymyza-da düşenokdy.
Tüweleme, obamyz şäher bilen bäsleşýär. Bu köprini dagy
bir gör ahbetin, bile bitişen ýaly edäýipdirler. Aslynda, türkmende geçit geçirmek bilen içit gazmak sogap iş hasap edilýär.
Görýäňmi, gerçek Ogul bize geçit geçirip berdi, köpri gurup
berdi. Ömri uzak bolsun Hudaýym!..
Biz söhbedimiziň arasynda gaýrada, gum içinde Berdimuhamet agalaryň Nepesaly baýdan gaýdýan pederleriniň öz
döwründe içit-guýy gazyp sogap iş edendiklerini ýatladyk.
Hawa, ýaňky, ýokarda gürrüňini eden köprimizden
paýtagtymyz Aşgabada çenli 30-35 kilometr ýol geçmeli.
Hyýalymda arzuw atyna atlanyp, göni Amyderýanyň boýuna barýaryn. Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsini synlaýaryn...
Täzelikde «Ukrtranstroý» korporasiýasynyň işgärleriniň
adyndan onuň ýolbaşçysy W.L.Blonskiniň Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
ýollan hatynda şeýle setirler bar:
«Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
«Ukrtranstroý» korporasiýasynyň köpmilletli işgärleriniň
adyndan Amyderýanyň iki kenaryny birikdirýän demir ýol
köprüsiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanandygy baradaky şatlykly habary Size ýetirmegi uly hormat hasaplaýaryn...»
228
Elbetde, bu şatlykly habar üçin biz belent mertebeli
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baky minnetdar bolmalydyrys. Sebäbi Beýik Galkynyş eýýamynyň
şanly wakalarynyň biri boljak, Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak Merkezi
Aziýanyň iri derýasynyň üstünden geçýän bu täsin köpriniň
gurluşygy hormatly Prezidentimiziň howandarlygyn­da alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyz bu çylşyrymly ulag
desgasynyň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri öz wagtynda kabul etdi. Netijede, iki ýyldan
hem az wagtyň içinde sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin
inženerçilik desgasy gurlup gutardy.
Hakykatyň hatyrasy üçin aýtsak, bahasy ABŞ-nyň 123 million dollaryna deň bolan bu köpriniň gurluşygynda çylşyrym­
ly pursatlar az bolmady. Şonda emele gelen bu ýagdaýdan çykalga tapan ýene-de belent mertebeli Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi boldy. Döwlet Baştutany gurluşygyň geçýän ýerinde bolup, ukrainaly
pot­ratçylar bilen duşuşdy, olar bilen söhbetdeş boldy, ýüze
çykan ýagdaýlary düýpli öwrendi. Şeýle hem milli Liderimiz Ukrainanyň ýokary ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp,
gepleşikleriň giden bir tapgyryny geçirmegi gazandy. Ahyrky
netijede, bu ýerde alnyp barylýan işler düýpli özgerdi, onuň
ümzügi öňe boldy.
Köpriniň gurluşygynyň ukrain tarapyndan ýolbaşçysy
W. Şewçenkonyň adalatly aýdyşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gujur-gaýraty, gös-göni
goldawy we kömegi netijesinde çylşyrymly pursatda gurluşyga
batly depginler berildi, özi-de desganyň hiline we onuň tehniki
ölçegleriniň berkdigine zyýan ýetirilmezden berildi».
Hawa, köpriniň ulanylmaga berilmegi bilen bu taýsyz
desga Türkmenistanyň güýç-kuwwatyny berkitmäge, halkyň
hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga uly itergi berer, müňlerçe
iş orunlary dörär.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, «Amyderýanyň üs­
tünden geçýän köpriniň gurluşygy welaýatyň, şeýle hem
tutuş ýurdumyzyň sosial-ykdysady ösüşini intensi­fika­
229
Köpri gurmak sogap iş
siýalaşdyrmak boýunça döwlet strategiýasyny durmuşa
geçirmegiň möhüm zwenosydyr».
Hawa, halk arasynda atlandyrylyşy ýaly, «däli derýa» ýada Jeýhun özüniň bütin taryhynda şeýle desganyň şaýady bolmandy. Ol diňe Beýik Galkynyşlar eýýamynda mümkin boldy.
Amyderýanyň sag kenary ägirt uly uglewodorod, dag-mineral serişdelerine, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň
täsin ýataklaryna örän baýdyr. Belli bolşy ýaly, häzirki döwre
çenli bu ummasyz baýlygy senagat taýdan özleşdirmegi
çaltlandyrmagyň pes depginleri ygtybarly demir ýol
ulgamynyň ýoklugy sebäplidi.
Deňsiz-taýsyz bu köpri göýä bir altyn halka bolup,
derýanyň sag kenarynyň demir ýollaryny Diýarymyzyň polat ýollarynyň bir bitewi ulgamy bilen baglanyşdyrar. Şeýlelik
bilen, dünýäniň dürli künjegine giň ýol açylar, ýodalar ýola
biriger, ýollar bolsa ile.
Sebitiň ösüşiniň örän uly geljegi, Amyderýanyň sag
kenarynyň baý serişdelerini özleşdirmek boýunça iri möçberli maksatnamalary amala aşyrmak hem şonuň bilen aýrylmaz
baglanyşyklydyr, şol ýerde bolsa gazylyp alynýan peýdaly
magdanlaryň we minerallaryň 30-dan gowrak görnüşleri
bar.
Maglumat üçin aýtsak, şu baýlyklaryň özleşdirilmegine
badalga berildi. Üstümizdäki ýylyň tomsunda Türkmenistanyň
we Belarusyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Garlykda
dabaraly ýagdaýda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça
ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna barabar bolan ýurdumyzda ilkinji dag-magdan toplumynyň düýbi tutuldy.
Geljekde ülkäniň deňsiz-taýsyz tebigy baýlyklarynyň binýadynda häzirki zaman sement zawody we beýleki önümçilik
desgalarynyň giden bir toplumy peýda bolar. Elbetde, munuň
özi Beýik Galkynyşlar ýoly bilen barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň güýç-kuwwatyny berkitmäge, belent
sepgitlere ýetirmäge, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga düýpli
itergi berer. Öňde hem belläp geçişimiz ýaly, müňlerçe täze iş
orunlary dörär.
232
Bulardan başga hem Amyderýanyň üstünden geçýän bu
desga Merkezi Aziýanyň iň uly derýasynyň sag we çep kenarlaryny birleşdirmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly üstaşyr mümkinçiligini amala aşyrmakda hem möhüm ähmiýete eýe bolar.
Halklaryň doganlyk-dostlugynyň jebisliginiň, berkliginiň
miwesi bolan bu köpriniň berkligi hem örän üýtgeşikdir, tä­
sindir. Çylşyrymly demir-beton we metal gurnamalardan
dur­ýan häzirki zaman inženerçilik desgasy agyr ýükli demir
ýol wagonlarynyň örän uly agramyna, şeýle hem Rihteriň
şkalasy boýunça güýji 8 balla barabar bolan ýerasty sarsgynlara döz gelmäge ukyplydyr.
Bu doganlyk-dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň has-da berkemegi, rowaçlanmagy Ukrainanyň Prezidenti Wiktor
Ýuşşenkonyň ýurdumyzda häzirki bolup geçen resmi sapary
mahalynda aýdyň häsiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy sentýabrda
bolup geçen mejlisinde çykyş edip, ýokary derejedäki bu
gepleşikleriň wajypdygyny belledi we aýratyn möhüm hä­
siýete eýe bolup durýan türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň
çäklerinde Türkmenistanda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Amyderýanyň
üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň gurluşygy olaryň iň
ähmiýetlisiniň biridir diýip, onuň dabaraly açylyşyna, şeýle
hem awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagyna iki ýurduň,
ýagny Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň Prezidentleriniň
gatnaşjakdygyny aýtdy.
Ynha, bu gün Beýik Galkynyş eýýamyny başdan
geçirýän Diýarymyzda doganlyk-dostlugyň miwesi bolan
Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol köprüsiniň dabaraly açylyşy boldy. Munuň özi türkmeniň taryhyna altyn
harp­lar bilen ýazyljak şanly wakalaryň biridir.
Bagtyýar türkmen halky özüniň mähriban Prezidentine—
atalaryň arzuwyny amala aşyrýan Agtyga özleriniň
hoşallyklaryny bildirip, Onuň ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli
alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuwlaýar.
Goý, doganlyk-dostlugyň Baýdagy baky parlasyn!
Sentýabr, 2009-njy ýyl.
233
20. Sport — saglygyň
serweri ýa-da bu
ýeňiş Mälikguly
mugallymyň ýeňşi
Ý
akymly ýatlamalar meni alyslara alyp gitdi.
Bu waka, baryp-ha mundan ýarym asyrdan hem gowrak
öň bolup geçipdi. Men ol wagtlar Gökdepe etrabynyň
Hurmantgökje obasyndaky (ol döwürlerde biziň öz oba­
myzda orta mekdep ýokdy - T.J.) orta mekdepde okaýardym.
Biziň mekdebimiziň woleýbol komandasy Babarabyň 13-nji
orta mekdebiniň oýunçylary bilen duşuşýardy.
Elbetde, bu bäsleşigiň mähellesi — tomaşaçysy, oýnuň
janköýerleri ýetikdi. Şu wagtky ýaly ýadymda, oýun örän
çekeleşikli geçdi, hasap deňme-deň barýardy. Oýnuň iň soňky
jemleýji tapgyry gidip durdy.
Ynha,
birden...Walla,
ynanar
ýaly
bolmady.
Babaraplylaryň toruň alkymynda duran bir oýunçysy goltu­
gyndan gop berlen ýaly, çykuwlap ýokary bökdi-de, çep eli
bilen topy garaşylmaýan tarapa urdy. Şol urgy hem oýnuň
ykbalyny çözdi.
Ýaňky ykbal kesgitleýji topy uran oýunçynyň buýsançly
sesi häli-häzirem gulagymdan gidenok.
—Bu ýeňiş Mälikguly mugallymyň ýeňşi. Ol bize...
234
Hawa, Mälikguly mugallym öz okuwçylaryna her
bir oýnuň inçe tilsimleriniň bardygyny, olardan ýerlikli
peýdalanmagyň tärlerini yhlas bilen öwredipdir.
Eýsem, Mälikguly mugallym kim?! Bu sowalyň jogaby
maňa indi aýan boldy.
Ynha, meniň elimde ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy bilen bilelikde neşir eden «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal» atly kitaby bar. Onuň
16-njy sahypasyndan şu aşakdaky setirleri okaýaryn.
«1956-njy ýylyň güýzünde Mälikguly Berdimuhamedow
Babarap obasyna gaýdyp gelýär we şol ýerde 1958-nji ýylyň
tomsunyň başlaryna çenli 13-nji mekdepde bedenterbiýe
we harby iş mugallymy hem-de uly pionerwožatyý bolup
işleýär».
Şol wagtky oýunçynyň «Bu ýeňiş Mälikguly mugallymyň
ýeňşi» diýmeginiň sebäbi indi biziň hemmämize hem düşnükli
bolan bolsa gerek.
Sporty saglygyň, berk bedenliligiň sakasy saýýan
Mälikguly Berdimuhamedow öz okuwçylaryna dürli
oýunlaryň, şol sanda woleýbol oýnunyň hem inçe tilsimlerini, syrlaryny ýürek bilen yhlasly öwredipdir, olaryň
türgenleşmegine aýratyn ähmiýet beripdir.
Biziň türkmen halkymyzda «Ata kesbi-ogla halal» diýen
bir parasatly pähim bar. Peder kesbine eýeren, onuň görüm-­
-göreldesini özüne sapak edinen Gurbanguly Berdimuhamedow
heniz mekdepde okap ýören döwürlerinde sporta aýratyn
sarpa goýupdyr, durmuşy onsuz göz öňüne hem getirmändir.
Ol sport bilen mazaly ysnyşypdyr, dostlaşypdyr, yzygiderli
meşgullanypdyr. Netijede, dürli derejelerde geçirilýän sport
ýaryşlaryna gatnaşyp, öz deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy
ussatlarça başarypdyr. Sözümiziň gury bolmazlygy üçin,
geliň, ýene-de «Gysgaça terjimehala» ýüzleneliň.
«1964-nji ýylda ýedi ýaşly Gurbanguly Aşgabat şäherin­
däki 43-nji orta mekdebe okuwa girýär... Ol gowy okady, synp­
dan synpa gowy bahalar bilen geçdi. Bedenterbiýe we sport
bilen irginsiz meşgullanýardy, III derejeli GTO nyşanynyň
eýesidi, klassyky göreş bilen gyzyklanýardy. Dürli derejedäki
237
ýaryşlarda çykyş ederdi. 1972-nji ýylda ol ýetginjekleriň arasynda geçirilen respublikan ýaryşda öz agramy boýunça 1-nji
ýeri eýelemegi başardy. Orta mekdebiň ýokary synplarynda
okanda şol wagtky DOSAAF-yň ýetginjekleriň arasynda kiçi
kalibirli tüpeňden ok atmak boýunça geçirýän ýaryşlarynda
tapawutlanyp, 1-nji ýeri eýeledi».
Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow sporty ýaşlykdan özüne ýaran edinipdir,
onuň ähmiýetine juda ir düşünipdir we ol öz deň-duşlaryna
sport bilen meşgullanmagyň nusgasyny görkezipdir, ony
sagdynlygyň girewi, has dogrusy, serweri saýypdyr.
Megerem, şonuň üçindir, milli Liderimiz ýurt başyna
geçeniniň yzysüre mekdeplerde bedenterbiýe sapagyny ýene-de dikeltdi we onuň ykjam ýola goýulmagyny gazandy. «Biz
ýaşlarymyzyň sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazan­
malydyrys. Bu bolsa biziň milletimiziň genofondunyň has-da berkemegine, ilatymyzyň saglygynyň pugtalanmagyna,
ömrüniň dowamlylygynyň artmagyna düýpli ýardam eder»
diýip, hormatly Prezidentimiz sportuň ähmiýetini çuňdan
düşündirdi.
Ýurt Baştutanymyz sport bilen baglanyşykly alnyp
barylýan işleri döwlet derejesine göterdi. Mälim bolşy ýaly,
uly sport bedenterbiýeden başlanýar. Şonuň üçin hem onuň
ähmiýetini inkär etmek bolmaýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2009-njy ýylyň
18-nji sentýabrynda bolup geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýokary derejede ösdürilmegi, tutuş jemgyýetde, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda
sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz-nesihat edilmegi, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar
diýip aýtdy.
«Şu maksatlar üçin döwletimiz ägirt uly maddy we
maliýe serişdelerini goýberýär. Obalaryň, şäherçeleriň, etrap­
lardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça kabul eden
Milli Maksatnamamyzyň çäklerinde jemi 75 müň orunlyk
240
16*
sport mekdepleriniň 200-den gowragyny, 100-den gowrak
sport desgalaryny gurmagy, şeýle hem öňden bar bolan sport
desgalarynyň durkuny täzelemegi göz öňünde tutýarys»
diýip, hormatly Prezidentimiz şol mejlisde eden çuň manyly
çykyşynda aýtdy.
Hudaýa şükür, ýurt Baştutanymyzyň aýdýan her bir sözi
işden aýra çykanok. Biz ony her ädimde göre-göre gelýäs,
durmuşa geçýän çäreleriň janly şaýatlary bolup ýörüs.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň sport babatdaky
alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bu gün üstünlikli we
gyşarnyksyz durmuşa geçýär. Beýik Galkynyş eýýamynda
uly-uly ösüşlerdir özgerişleri başdan geçirýän Diýarymyzyň
ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän her biri
10 müň adamlyk stadionlar we suw howdany, tennis kortlary,
türgenlere niýetlenen kaşaň myhmanhanasy bolan ajaýyp
sport toplumlary guruldy.
Ýurdumyzyň Baş baýramy bolan Garaşsyzlygymyzyň
şanly 18 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolsa, tutuş Türkmenis­
tan boýunça sport ulgamyna degişli binalaryň 10-a golaýy
açyldy. Olaryň arasynda Balkan welaýatynyň Balkanabat
şäherinde, şeýle hem ýene-de şol welaýatyň Hazar we Etrek
etraplarynda, Türkmenbaşy, Serdar şäherlerinde bedenterbiýe we sagaldyş merkezleri, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde sport mekdebi we başgalar bar.
Beýik Galkynyş eýýamyna mahsus bolan bedew bady
gönüden-göni sporta hem degişlidir. Onuň başgaça bolmaga
haky hem ýokdur, çünki milli Liderimiz bu baradaky wajyp
wezipäni, ine, şeýle kesgitleýär:
«Ýaşlykdan başlap zehinli sportsmenleri aýawly we alada bilen ösdürip ýetişdirmek zerurdyr. Ähli okuw jaýlarynda,
her bir orta we ýokary okuw mekdebinde futbol, woleýbol,
basketbol, nyşana ok atmak we sportuň beýleki görnüşleri
boýunça dürli sport toparlary döredilmelidir. Her bir orta
mekdebiň we ýokary okuw mekdebiniň sport toparynyň öz
ady we nyşany bolmalydyr, olaryň arasynda her ýyl sport
ýaryşlarynyň geçirilmegi ýola goýulmalydyr. Sportuň dürli
görnüşleri boýunça ýeňiji bolanlar üçin ýörite Prezidentiň
baýragyny belleýärin.
246
Pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, welaýatlaryň
ýolbaşçylary bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine
ýadawsyz üns bermelidir. Olaryň wezipesine, hususan-da,
professional sport toparlaryny ählitaraplaýyn goldamak işi
girýär. Gowy sport toparlary üçin howandarlary tapmaly
hem-de olary şol toparlara berkitmeli».
Görşümiz ýaly, meseläniň goýluşy Aý dogan dek aýdyň.
Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda uly
sportuň tohumy şineläp, gögerip başlady. Onuň tohumy,
enşalla, müňlär. Sportuň aýdyň geljegini göz öňüne getir­
mek üçin üýtgeşik bir hyýalbent (fantast) bolmak hökman
hem däl, ol eýýäm görnüp başlady. Elbetde, men bu ýerde
türkmen Lideriniň başlangyjy bilen ýakynda bolup geçen
«Ýüpek ýoly—2009» Kazan — Aşgabat halkara awtorallisini
göz öňünde tutýaryn. Türkmen sportsmenleriniň iri halkara
ýaryşlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri bu ugurdaky garaşylýan galkynyşlaryň diňe başlangyjydyr.
Ýurdumyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda Merkezi
Aziýa sebiti boýunça deňi-taýy bolmadyk ägirt uly, döwrebap enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy bilen,
ýurdumyzyň sporty has-da giň ýaýbaňlanar.
Adamyň saglygy ýaşaýşyň gözbaşydyr, jemgyýetiň
ösüşiniň kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öz sözleri bilen aýtsak «Biziň görýän
çärelerimiziň ählisi diňe bir ýurdumyzyň geljekki sport
üstünliklerine däl-de, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna we
uzak ýaşamagyna, milletiň bagtly geljegine goşantdyr».
Hawa, sportuň aňyrsynda ýatan many-mazmunynyň hetdi bar, hasaby ýok. Ol dürli ýurtlaryň halklaryny dostlaşdyr­
ýan, doganlaşdyrýan ygtybarly serişdedir. Ol parahatçylygyň
ilçisidir. Sporty ösdürmek sagdyn nesli kemala getirmekdir.
Sagdynlyk hem ruhubelentlik bolsa Beýik Galkynyş eýýamy
üçin iň zerur zatlaryň biridir.
Sport! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda giň gerime
eýe bolýan sport daragty eýýäm miweläp başlady. Diňe bir
soňky birki aýyň dowamynda ýurdumyzyň sport ussatlary
dürli ýerlerde geçirilen halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, altyndyr kümüş medallaryň onlarçasyny ata Watana getirdiler. Ol
248
gazanylýan ýeňişleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň
şahsy aladasy ýatyr. Şonuň üçin hem «Ol ýeňişler ata arzu­
wyny amala aşyrýan Agtyk — sportuň howandary hem-de hemaýatkäri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýeňşidir» diýip, ikirjeňlenmän aýdyp bileris.
Türkmen sporty özüniň Arkadagyna hemişe minnetdardyr.
Noýabr, 2009-njy ýyl.
249
21. Zyýaratyňyz kabul
bolsun, adamlar!
M
en hemişe-de, aýratyn hem soňky günlerde her
gün agşamlyk teleýaýlym arkaly berilýän «Watan»
habarlar gepleşigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Durmuşda ilkinji gezek bolup geçýän taryhy wakalar
örän täsirli hem-de ýatdagalyjy bolýar.
Megerem, külli türkmeniň taryhynda, öňde-soňda, hiç
wagt, hiç bir zamanada hem ata Watanymyzyň keramatly
ýerlerine şular ýaly toparlaýyn zyýarat gurnalan däldir.
Munuň özi Beýik Galkynyş eýýamyna mahsus aýratynlykdyr.
Hawa,
hormatly
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyjy we sahawaty
bilen külli musulmanyň baýramy bolan Gurban baýramynyň
öňüsyrasynda guralan bu syýahata ildeşlerimiziň 200-e golaýy gatnaşdy.
Ula, ýaşuly nesle hormat goýmak biziň halkymyz üçin
ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gelýän asylly däpleriň biridir. Ol häzirki Beýik Galkynyş eýýamynda aýratyn ähmiýete
eýe boldy we ýokary derejä göterildi.
Hormatly okyjy, habarlysyň, ynha, indi iki ýyl bäri ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni dabaraly ýagdaýda giňden
bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen
bu sene Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň
baýramlarynyň senenamasyna resmi taýdan girizildi. Eýsem,
250
munuň özi mähriban Diýarymyzda ýaşuly nesle goýulýan
beýik sarpadan bir nyşan dälmi?!
Milli Liderimiziň bu çözgüdi tutuş türkmen halkynda
uly ruhubelentlik döretdi. Aslynda, ýurt Baştutanymyzyň
adalatly aýdyşy ýaly, «Ýaşulusy bolmadygyň ýaşkiçisi bolmaz», «Garry —öýüň sütüni» diýen pähimleri döreden halkymyz ýaşululary mertebe-buýsanç, dana maslahatçy, edep
mekdebi, paýhasdan doly janly kitap hökmünde görýär».
Kitap bolsa, hazynadyr, elýetmez gymmatlykdyr, dünýäni görkezýän penjiredir. Diýmek, ýaşulular biziň baýlygymyzdyr. Olaryň maslahatyna uýmak, eýermek peýdalydyr,
olar durmuş akademiýasynyň hormatly agzalarydyr.
Hawa, dilleri senaly, agzy doga-dilegli ýaşuly
neslimiziň orny hemişe tördedir, olara goýulýan hormatyň
çägi ýokdur. Ak sakgally gojalarymyz, kümüş saçly ene­
lerimiz depämiziň täjidir. Külli musulman dünýäsiniň
giňden belläp geçýän Gurban baýramynyň öňüsyrasynda
ýaşulularyň ýurdumyzyň mukaddes ýerlerine eden gezelençleri - zyýaratlary hem olara goýulýan sarpadan bir
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
  • Büleklär
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1900
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1971
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3542
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3516
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3498
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1844
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3446
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1848
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3399
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3060
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
    29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.