Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8

Süzlärneñ gomumi sanı 3446
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1848
29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
durmuşa geçirilýän bu möhüm çäre ekologik abadançylyga öz täsirini ýetirer. Arassa we sagdyn ekologiýanyň bolsa
adamyň ýaşaýşyna we durmuşyna, onuň jan saglygyna, iş
ukybyna ýetirýän peýdasynyň bimöçberdigi jedelsiz hakykatdyr.
Elbetde, suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar, durmuş bar.
Türkmen kölüne barýan akabalaryň boýunda täze-täze obalar, şäherler peýda bolar. Şeýle hem şol ýerlere barýan gara
ýollar gurlar, elektrik togy, gaz turbalary çekiler. Bu kölüň
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, onuň gülläp ösmegini üpjün etmäge goşjak goşandy uludyr.
Hawa, edilmeli işler, ýetilmeli sepgitler heniz öňde.
«Şeýle ägirt uly möçberdäki işi diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet amala aşyryp biler» diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Hudaýa şükür, hormatly Prezidentimiz gülläp ösýän
ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykarmak üçin tagalla baryny edýär. Onuň yhlasy, arzuwy ýerine hem düşýär. Sebäbi hormatly Prezidentimiz
hemişe halkyna bil baglaýar. Halk, Watan, Prezident — bu
üç keramat jebisleşip gudrat döredýär. Täzelikde açylan, ýurt
Baştutanymyzyň ak patasyny alyp, ak ýollara rowana bolan
Türkmen köli hem şeýle gudratlaryň biridir.
Garaşor çöketligi, «Altyn asyr» Türkmen köli!
«Garaşor» sözüniň gelip çykyşy bilen gyzyklanyp, dürli
sözlükleriň gatyny warakladym. Belli türkmen alymy Soltanşa
189
Atanyýazowyň toponomik sözlüginde şeýle düşündiriş bar.
«Kelif Uzboýunyň ugrunda meýdany 2715 ga bolan köller
(öňki kölleriň ornundaky şor meýdan)»
Hawa, belent mertebeli, Prezidentimiziň keramatyndan
kemal tapan «Altyn asyr» Türkmen köli Garaşoruň alnyndan
ak Gün bolup dogdy. Indi saňa-da döwran dolandy, Garaşor!
Bu gün uç-gyraksyz Garagumuň jümmüşinde suw tolkun
atýar.
Şeýle gudratlaryň, keramatlaryň arkasynda dag bolup
duran il Ogluna — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adyna aýdylýan alkyşlar nur bolup
ýagýar. Şahyr atamyz aýtmyşlaýyn, alkyş alýanyň bolsa işi
mydama oňuna bolýandyr. Şeýle-de bolar, enşalla!
***
Hawa, ol gün ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk keýpi höküm sürdi. Adamlar biri-birini mähirli gutladylar. Sebäbi şol gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň
durmuşyn­da mähriban Watanymyzyň geljegini has-da
şöhratlandyrjak, onuň abraýyny arşa göterjek, ykdysady kuwwatlylygyny berkitjek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini
gowulan­dyrjak şanly wakalaryň biri bolup geçdi.
Goja Zemin boýunça asyryň, has dogrusy, tutuş üçünji müňýyllygyň iň uly suw desgalarynyň biri boljak «Altyn
asyr» Türkmen kölüniň ilkinji tapgyrynyň açylyş dabarasy
boldy. Ine, dünýä ýaň salan bu çärede, ýagny kölüň açylyş
dabarasynda oňa ak pata beren hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň böwediň gulagyny
ýazdyrmak üçin ulanan pili, meniň pikirimçe, iň gymmatly eksponatlaryň biri hökmünde täze açylan Prezident
muzeýinde degişli ýazgy bilen goýulsa hem-de ebedilik saklanylsa, biziň şu günlerimizden geljekki nesillere iň gymmatly sowgatlaryň, ýadygärlikleriň biri bolar. Çünki ol piliň açan
suwunyň aňyrsynda uly durmuş ýatyr ahbetin!
Iýul, 2009-njy ýyl.
192
16. “Saglygyň
gadyryn bilgil...”
Ö
ňde bir dana kişiden «Adam üçin iň gymmatly, elýetmez baýlyk nämekä?» diýip sorapdyrlar.
Ol säginmän:
—Saglyk. Elbetde, saglyk—diýip, jogap beripdir.
—Ýene-de näme?
—Saglyk, saglyk, ýene-de bir gezek saglyk — diýip, ol
şol bir aýdanyny üç gezek gaýtalapdyr. Soňra sözüniň üstüni
ýetirip, şeýle diýipdir: — Sebäbi, başga hemme zady satyn
alyp bolýar, altyn-kümşe düzelýär. Emma, saglyk satylmaýar.
Ol Allanyň bendesine beren peşgeşidir. Ýalkawydyr. Beýik
Biri­bar «Menden diňe saglyk diläň, galan baýlygy özüňiz
gazanyň» diýermişin...
Hawa, bu pelsepäniň aňyrsynda durmuş hakykaty ýatyr,
oýlanmaga zat köp.
On iki synaň sagat bolup, akyl-huşuň ýerinde bolsa, güze­
ran görmek, gurply ýaşamak şeýle bir kyn däl. Halal işläp,
halal ýaşamaly.
Diýmek, saglyk baradaky aladanyň öň hatara geçmegi,
döwlet derejesine göterilmegi tötänlik däl. Sebäbi ynsan sag­
lygy ýurduň, galyberse-de, tutuş jemgyýetiň baýlygy hasaplanýar.
Ine, bu meselede hem, Hudaýa şükür, türkmen halky
kemrysgal däl eken. «Men türkmen halkyny bagtly halk
hasaplaýaryn. Çünki döwlet Baştutany lukman bolan ýurt13*
193
da saglyk ulgamynda ýetilmejek sepgit ýokdur» diýip, germaniýaly lukmançylyk ylymlaryň doktory aýdýar. Onuň
bilen ylalaşmazlyk mümkin däl, ol müň keren mamla.
Ýakynda (iýul, 2009 ý.) bolup geçen «Beýik Galkynyşlar
zamanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda
ýetilen sepgitler» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň
adalatly nygtaýyşlary ýaly, bu gün Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri bilen dünýäni haýrana galdyrýar.
Hawa, saglyk ulgamynda gazanylan we gazanylýan
dünýä derejesindäki üstünlikler, ýetilen sepgitler gönüden-göni milli Liderimiziň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu bara­
daky giňişleýin gürrüňi az-kem soňa goýup, çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
lukmançylyk kärine, ylmyna gelşi dogrusynda kelam agyz
aýdylsa ýagşy.
«Ynsanlaryň ykbalyna biparh garamazlyk biziň
maşgalamyzda adaty zada öwrüldi. Mümkin, ýaşlykdan bäri
ata-enemiň aňyma guýan biparh garamazlyk duýgusy meniň
lukmançylyk kärini saýlap almagyma täsir edendir!»
Adam saglygynyň goragynda sak durmak iň bir sogap
işleriň biri bolup, bu kär oňa şan-şöhrat getirdi, onuň at-abraýyny artdyrdy.
«...Lukmançylyk hünärinde meni onuň aýratynlygy
gyzyklandyrdy. Wezipedäki ösüşler ussatlygyň we tejribäniň
gelmegi bilen peýda boldy» diýip, hormatly Prezidentimiz öz
terjimehalynda aýdýar.
Megerem, Hakdan halatlylyk bu beýik Ynsana ýar bolsa
gerek, ýogsam...
«Garagum» žurnalynyň mundan on ýyl öň (1999 ý.) çykan
sanynda ministr Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ylma
gelşi barada söhbet edip, şeýle diýýär:
«1985-nji ýylda Aşgabatda stomatologlaryň gurultaýy
boldy. Men şol gurultaýda ylmy doklad bilen çykyş etdim. Şol
gurultaýa öňki SSSR-iň ähli ýerlerinden belli stomatologlar,
alymlar gatnaşdylar. Şol gezek gurultaýyň işine ýolbaşçylyk
edenleriň biri — SSSR Medisina ylymlar akademiýasynyň
direktory, professor Waleriý Konstantinowiç Leontýew meni
194
ýanyna çagyryp, ylmy-barlag işlerimi dowam etdirmegimi
maslahat berdi. Şeýlelikde, men aspirantura girmek üçin
ekzamenler tabşyrdym, konkursdan geçdim, aspirantura
kabul edildim. Onsoň professor W.K. Leontýew maňa ylmy
ýolbaşçy bolmaga razyçylyk berdi we ylmy iş üçin saýlan
temamy makullady.
Şeýlelikde, men 1987-1989-njy ýyllarda ylmy iş üçin materiallar topladym. Soňra 1,5 ýyl Moskwada bolup, professor
W.K. Leontýewiň ýolbaşçylygynda ylmy işimi taýýarladym
we 1990-njy ýylda Moskwada goradym».
Şu ýerde şeýle bir aýratynlyga üns bermek gerek. Megerem,
Moskwadan gelen myhmanyň geljekki alyma göwni ýetendir.
Ol onuň akyl çuňlugyna, pähim-paýhasyna, parasatlylygyna,
oýlanyş ukybyna magat göz ýetiren bolmaly.
Hawa, lukmançylyk ylmy hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykbalyna ýazylan bolmaly, ykbaldan bolsa sowlup geçip bolmaýar.
Hormatly Prezidentimiz indi ep-esli ýyl bäri gönüden-göni şol ugurda zähmet çekmeýän hem bolsa, ondan özüni aýra tutanok. Gaýtam, «Köpden bäri lukmançylyk bilen
meşgullanmaýandygyma garamazdan, häzirki zaman lukmançylygyndaky özgerişlikler, medisina tehnologiýalary
bilen tanşyp durmagy dowam etdirýärin» diýip, ýazýar.
Milli Liderimiz ylymsyz, bilimsiz, kitapsyz durmuşy
göz öňüne getirip bilmeýär. Ol ony özüne hemişelik hemra
edinen adam. Ýurt Baştutanymyzyň «Bilimsiz öý otsuz ojak
ýalydyr» diýip aýdan parasatly pähimi bolsa, halk nakylyna
öwrülip gitdi.
Hawa, sanlyja ýylyň içinde dünýä derejesinde tanalýan
hem-de hormatlanylýan Şahsyýete öwrülen belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet
galamynyň astyndan çykan ylmy işleriň, makalalaryň,
monografiýalaryň sany örän köp. Olary «Sanasaň sogaby
bar» diýleni.
Lukmançylyk
ylymlarynyň
doktory,
akademik
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatdaky bitiren hem-de alyp barýan işleri bilen has içgin tanyşmak şu setirleriň
195
Saglygy goraýyş ulgamynyň täze binasy
awtoryna miýesser etdi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň
Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasy «Saglygyň ga­
dyryn bilgil...» diýen at bilen kitapnama görkezijisini taýýarlady.
Alym Gurbanguly Berdimuhamedow ady rowaýatlara siňip giden, lukmançylyk ylmynyň ägirdi Abu Aly ibn
Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly köp tomluk kitabynyň türkmen dilinde ilkinji gezek neşir edilmegine
hem saldamly goşant goşan adam. Ol örän jogapkärli bu
wezipä neşir geňeşiniň başlygy hökmünde gatnaşyp, sogap
işe gönüden-göni ýolbaşçylyk etdi.
Ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklaryň okyjy
köpçüligine hödürlenmegine buýsanýan milli Liderimiz bu
barada söhbet açyp, şeýle diýýär: «Ynsan saglygy üçin gyzyldan gymmatly çeşmeleri, ata-babalarymyzyň mukaddes
mirasyny içine alýan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk
ylmynyň kanunlary» atly 6 kitapdan ybarat 5 tomly ýygyndysy, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýan kitaby»,
Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» we
ençeme bize belli bolmadyk taryhy şahslarymyzyň tebipçilik
mirasy türkmen dilinde neşir edilip, halkymyza ýetirildi».
Hawa, kitaby özüne hemişelik hemra edinen hormatly
Prezidentimiziň öz döwet galamynyň astyndan çykýan ylmy
neşirleriň hem tutuş dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini aýtmak gerek.
Lukmançylyk ylmyna uly goşant bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzelikde neşir
edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaby
halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Hawa, kitaplaryň hem öz ykballary bolýar.
Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri barada diýseň täsirli,
ensiklopedik äheňde ýazylan bu kitap çuňňur hormatlanylýan
Prezidentimiziň öz halkyna ýapan saglyk serpaýydyr. Ol öz
halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýar. Bu kitabyň
ähmiýeti baradaky gürrüňi daşary ýurtly hünärmenleriň di­
linden diňlemek has-da ýakymly.
Moskwanyň döwlet mediko-stomatologiýa uniwersiteti­
niň professory Ýuriý Aleksandrowiç Wasýuk: «...Bu kitabyň
199
her bir lukmanyň, hatda her bir raýatyň hem ýan kitaby boljakdygyna ynanýaryn» diýdi.
Biz hem şeýle ynamyň tarapdary. Eger-de şol sözleriň
üstüne ýene-de bir zatlar goşmaly bolsa, onda bu kitap bakylyga öwrüler, ebedi ýaşar diýip, arkaýyn aýdyp bileris.
Häzirki güýçli depginler bilen öňe barýan biziň Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz saglyk ulgamyny
döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy döwletleriň hatarynda
durýar. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Dek täzelikde bu
ulgamda bolup geçen ösüşler, özgerişler dünýä jemgyýetçili­
ginde hem uly seslenme tapdy.
Gojaman Köpetdagy goltuklap oturan paýtagtymyz
Aşgabatda Kelle we boýun kesellerini bejermek boýunça
halkara merkeziniň, Onkologiýa merkeziniň açylyş dabarasy
boldy. Şeýle hem şol gün Göz kesellerini bejeriş merkeziniň
düýbi tutuldy. Gadymy Gökdepäniň keremli topragynda
«Ene mähri» merkeziniň we köpugurly hassahananyň gurlup
ulanylmaga berilmegi bolsa saglyk ulgamynda soňky wagtda
bolup geçen şanly wakalaryň birine öwrüldi.
Diýarymyz boýunça lukmançylyk merkezleriniň birbada
birnäçesiniň açylmagy Beýik Galkynyş zamanasyna mahsus
aýratynlykdyr we şeýle täsinlikler dünýä lukmançylygynyň
goja taryhynda örän seýrek bolýan hadysadyr.
Umuman, belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň sözleri bilen aýtsak, «Täze Galkynyş zamanasynda milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, türkmen lukmançylygy batly gadamlar bilen öňe gidýär, barha ösýär».
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2009-njy ýylyň
20-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisi ýurdumyzda yglan
edilen «Saglyk» maksatnamasynyň 14 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki hereket edýän «Saglyk» maksatnamasyny işläp düzen we oňa gönüden-göni ýolbaşçylyk
eden hut hormatly Prezidentimiziň özüdir.
Hawa,
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedow lukmançylyk ulgamyna bagyşlap ýörite
geçirilen bu mejlisde çuň manyly çykyş etdi, söz sözledi we
201
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
operasiýa taýýarlanýar
ýurdumyzda bu barada alnyp barylýan işlere ýokary baha
berdi, öňde durýan gaýragoýulmasyz wajyp wezipeler hakyn­
da durup geçdi.
Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamy bu
ugurda here­ket edýän halkara guramalary bilen ýakyn
hyzmatdaşlykda işleýär. Netijede, türkmen lukmanlarynyň
daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara hyzmatdaşlygy düýpli
berkidildi, tejribe alyşmak işi üznüksiz ýola goýuldy.
Ine, hut şol bolup geçen giňişleýin mejlisde hormatly
Prezidentimiz «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul
edileniniň 14 ýyllygy we bu ugurda ýurdumyzyň saglygy
goraýyş işgärleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde gazanylan üstünlikleri göz öňünde tutup, her ýylyň 21-nji iýulyny
Türkmenistanyň Milli baýramy — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni diýip yglan etmek baradaky
taryhy Permana gol çekdi. Şol günüň ertesi, 21-nji iýulda
ýurdumyzyň ähli ýerinde bu şanly baýramçylyk ilkinji gezek
bellenilip geçildi. Daşary ýurtly lukman myhmanlaryň, ady
dünýäde meşhur bolan görnükli alymlaryň hem gatnaşmagy
bu çäräniň abraýyny artdyrdy, şöhratyna şöhrat goşdy, derejesini beýgeltdi.
Bu dabaraly günlerde paýtagtymyzyň Sergi köşgünde
«Beýik Galkynyşlar zamanasynda Türkmenistanyň saglygy
goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler» diýen at bilen geçirilen
halkara sergisi we ylmy maslahat hormatly Prezidentimiziň
hut şahsy aladasy bilen guralandyr. Ol çäre oňa gatnaşyjylarda
uly kanagatlanma duýgusyny döretdi.
Bäş müň ýyllyk taryhly dana türkmen halkymyzyň
«Aý dogsa Älem görer» diýeni dogry eken. Geçen, 2008-nji
ýylda hormatly Prezidentimiziň goňşy Özbegistan Res­
publikasyna sapary mahalynda, oňa «Daşkendiň Medisina
akademiýasynyň hormatly doktory» diýen ylmy at berildi
we onuň degişli diplomy gowşuryldy. Ynha, ýakynda bolsa,
has takygy, şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň belent
mertebeli Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa
Federasiýasynyň esasy ylym-bilim merkezleriniň biri bolan
Moskwanyň döwlet mediko-stomatologiýa uniwersitetiniň
hormatly professorynyň diplomy gowşuryldy.
203
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow operasiýa wagtynda
Hudaýym, şeýle sylag-serpaýlaryň höwri ýene-de köp
bolsun! Bolaram enşalla! Sebäbi milli Liderimiz «Halkymyzyň
saglygy, ýurdumyzyň abadançylygy meniň üçin hemme zatdan ileridir!» diýýär.
Hawa, il alkyşyny alsaň işiň hemişe-de oň bolýar, köpüň
dilegi köl bolýar.
Men özümiň şu makalamy dünýä lukmançylygynyň
taryhynda, megerem, öňde-soňda hiç wagt, hiç bir zamanda
bolmadyk şeýle bir waka bilen jemlemekçi.
Täze Onkologiýa merkezinde ilkinji operasiýany
hormat­ly Prezidentimiz, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň
geçirmeginiň simwoliki manysy bar. Ýurduň ýolbaşçysy—
Prezidenti diňe bir ýa-da iki näsagy bejeren lukman bolman, eýsem, ol tutuş halkynyň ykbalyny gerdenine alan,
onuň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Beýik ynsandyr. Durmuşda seýrek bolup geçýän bu waka halaýyk
haýran galdy.
Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda
ýadawsyz iş alyp barýan milli Liderimize berk jan saglyk
hem-de işlerinde üstünlik hemişe hemra bolsun!
Awgust, 2009-njy ýyl.
206
17. Sungat, sen
niçik gudrat?!
B
iziň häzirki söhbedimiz, esasan, sirk sungaty, onuň jadyly gudraty barada bolar.
Hawa, her gezek mawy ekran arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bedew üstünde
göre­nimde, gadymy Gökdepäniň Yzgant obasynda ýaşaýan
dilleri senaly ýaşulularyň beren gürrüňleri gulagymyň ýanynda ýene bir gezek ýaňlanan ýaly bolýar:
—Aba aganyň (hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aganyň özünden uly dogany - T.J.) atlaryny görmäge
göz gerekdi. Onuň bedewe bolan yhlasy üýtgeşikdi. Janawarlar eýesini görse, art aýagyna galyp kişňärdiler, hokranardylar...
Milli Liderimiziň ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan, gyzdan gylykly bedewlerimiz baradaky aladasy,
görşümiz ýaly, özüniň gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýan
eken. Umuman, türkmen bedewi halkymyzyň uçar ganaty,
syrdaşy hasaplanýar. Ol bäş müň ýyllyk taryhly türkmeniň
özi bilen gözli ýaşytdaşdyr.
Ýurt Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, «Türkmenistanyň
Garaşsyzlygyny almagy bilen, bedewlerimiziň hem alnyndan ak Gün dogdy».
Ata-babalarymyzyň mähir-muhabbeti siňen behişdi
bedewlerimiziň şan-şöhratyny dikeltmek, dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň baş aladalarynyň biri bolup durýar.
207
Eýsem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet sirkini döretmek baradaky täzelikde gol çeken Karary şol
aýdanlarymyzyň janly şaýady dälmi?!
Hawa, taryhy ähmiýetli bu resminama Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanda milli sirk sungatyny ösdürmek
we ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda wagyz etmek,
şan-şöhraty bütin dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň,
türkmen jigitleriniň gatnaşmagynda sirk sungatynyň dürli
ugurlar boýunça tomaşa çärelerini guramak, milli sirkiň
medeni derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak, ilatyň medeniýetli dynç alşyny guramagy düýp­li
gowulandyrmak, geljekde milli sirk sungatyny has-da ösdürjek zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek işine gönükdirilendir.
Şeýle hem bu resminama laýyklykda, «Türkmen atlary»
döwlet birleşigi Türkmenistanyň Döwlet sirkinde at üstündäki oýunlaryň guralmagyny üpjün etmeli.
Ine, şu jümle meni sirkimiziň geçmiş taryhyna dolanmaga mejbur etdi:
«Men bir ak at seçip almak isleýärin, biziň türkmenleri­
mizde şeýle ata «çakan at» diýýärler. Biziň atlarymyz özümiziň
Magtymguly adyndaky atçylyk zawodymyzda ýetişdirilse
gowy boljak. Emma bu iş heniz bitmeýär, atlary başga at zawodlardan almaly bolýar. Ýöne welin onuňam wagty geler
diýip umyt edýäris. Biz daşary ýurtlara hem köp gitmeli
bolýarys ahyryn. Ol ýerde atlaryň ahalteke tohumyna kän
gyzyklanýarlar. Atlaryň şu tohumy nirede kemala ge­tirilýär
diýip soraýarlar. Elbetde, biziň göwnümize: «Bu atlar öz
türkmen atlarymyz. Öz respublikamyzda kemala getirildi»
diýsek has gowy ýakjak» diýip, sirk toparynyň ýolbaşçysy,
Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hojabaýew «Sowet Türkmenistany» (30.IV 1968 ýyl) gazetiniň Moskwadaky habarçysy Boris Paramonowa mundan 40 ýyl gowrak öň beren interwýusynda aýdýar.
Beýik Galkynyş zamanasynda atalarymyzyň şol arzuwlary, ýürek küýsegleri, Hudaýa şükür, wysal bolýar. Türkmeniň
Gerçek Ogly milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hakyky hossaryna hem-de hemaýatkärine, howandaryna öwrü­
208
lip, onuň gülläp ösmegi üçin ähli şertleri we amatlyklary
döredýär.
Geçen 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar
köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň,
döredijilik adamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş seriş­
deleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde çuň manyly çykyş edip,
şeýle diýdi: «Öz milli sirkimizi gaýtadan dikeltmäge, ony
ösdürmäge hem-de ýigitlerimiziň at üstündäki oýunlaryny
halkymyza we dünýä ýaýmaga wagt ýetdi diýip hasap
edýärin. Biziň gülläp ösýän döwletimiz dünýä medeniýetiniň
ösüşinden hiç haçan yza galmaly däldir. Onda mynasyp ope­
ra teatry hem, mynasyp döwlet sirki hem hökmany suratda
bolmalydyr».
Ýurt Baştutanymyzyň aýdýan sözleriniň hiç wagt işden
aýra çykmaýandygynyň biz janly şaýatlary bolup ýörüs.
Sirk dikeldilýär. Eýýäm Döwlet sirki hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň hasabynda duran, Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunda ýerleşýän binany onuň maddy-tehniki enjamlary bilen Türkmenistanyň
Döwlet sirkine bellenilen tertipde tölegsiz bermeli edildi.
Ýene-de sanlyja aýdan açylmaly bu binada dikeldiş, abatlaýyş
we rejeleýiş işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuha­me­dowyň
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 31-nji iýulda bolup
geçen mejlisinde adalatly aýdyşy ýaly, sungatyň bu söýgüli
görnüşi Türkmenistanda oňat ýörelgelere eýe bolupdy.
Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda türkmen sirk sungaty
dünýä ýaň saldy, onuň at-owazasy arşa galdy. Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynda, Kanadada, Ispaniýada, Portugaliýada,
Fransiýada, Belgiýada, Awstriýada, Italiýada, Germaniýada,
Wengriýada, öňki Ýugoslawiýada, Hytaýda, Mongoliýada, Ýaponiýada, Türkiýede, Şweýsariýada we ýene köp döwletlerde
at üstünde oýnaýan jigitlerimiz üstünlikli çykyş edip, sirk
sungatynyň muşdaklaryny haýran galdyrypdylar.
14*
209
Milli medeniýetimiziň medetkäri ýaş sazandalar bilen
Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda önüp-ösen meşhur
sirkçi, Türkmenistanyň halk artisti Halykberdi Köşüliýew
«Edebiýat we sungat» gazetiniň 1987-nji ýyldaky çykan
sanynda şeýle ýazýar:
«Biz türkmen jigitleri sungat äleminde örän seýrek duş
gelýän jadyly oýunlarymyzy görkezdik. Şonda zaly dolduryp
oturan tomaşaçylar derýa dek joşup, şeýle bir şowhun etdiler
welin, bu biziň sungatymyza şeýle belent sarpa goýulmagydy. Amerikanyň haýsy şäherlerinde bolsak-da, ýerli gazet-žurnallary «Türkmenler on minutlap arenada tupan turuz­
dylar» diýip ýazdylar. Bäş ýarym aýlap gören-eşidenleriň
bary barada ýatlamak üçin köp wagt gerek boljak...»
Halykberdi aganyň (Ýatan ýeri ýagty bolsun!) ýazmagyna görä, 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda, ýagny Ýeňiş gününde
onuň işleýän jigitler topary ilkinji gezek öz ildeşleriniň öňünde
Aşgabatda çykyş edipdirler.
Hawa, 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylyk bolsa, paýtagtymyzdaky sirkiň binasyny wes-weýran
edýär...
Umuman, türkmen sirk toparynyň başdan geçiren külpetleri az däl.
Ynha, indi Beýik Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp sungatyň
hakyky hossary bolup öňe çykdy. Indi onuň geçmişdäki
şöhratyny diňe bir dikeltmek däl-de, eýsem ony ösdürip
has-da kämilleşdirmek ösüşler we özgerişler döwrüniň baş
wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmen halky geçmişiň baý
döredijilik däplerini özünde saklaýan millet bolup, şol däpler
döwrüň bu günki talabyna görä ösdüriler, baýlaşdyrylar.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň durky täzelenilýän
häzirki binasy ak mermere beslenen paýtagtymyzyň taryhy
merke­zinde ýerleşýär. 1620 tomaşaçy orunlyk täze sirkiň
taslamasynda iki arena—esasy we türgenleşik arenalary
göz öňünde tutulýar. Olar şu günüň talabyna laýyklykda
häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem bu
ýerde sirk artistleri üçin oňaýly grim otaglary we beýleki
amatlyklar dörediler. Elbetde, Aşgabat sirkiniň arenasynda
ýene-de ajaýyp ahalteke bedewleri çykyş eder. Şeýle lezzetli
212
çykyşlara tomaşaçylar, sirk sungatynyň ähli muşdaklary göz
dikip garaşýarlar.
Taryhçy Kakajan Baýramow bilen sirk sungatynyň ussady Rüstem Gulnyýazowyň bilelikde ýazan «Türkmenleriň
atly oýunlary», (A., «Ylym», 2003) kitabynda türkmenleriň at
üstündäki milli oýunlary barada taryhy maglumatlar berilýär,
şeýle oýunlaryň 70-den gowragynyň bolandygy nygtalyp,
olaryň birentegi reňkli suratlar arkaly görkezilýär.
Biziň parasatly türkmen halkymyzda «At almankaň
eýer al» diýen paýhasly bir pähim bar. Ata-babalarymyzyň
ündewlerine, sargytlaryna tutuş durky bilen uýýan we olary
döredijilikli ösdürýän hormatly Prezidentimiziň Karary bilen
eýýäm 2008-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Estrada we sirk artistleri hünäri» bölümi açyldy we ol
ýerde häzir talyplaryň altysy okap ýör. Hut şu ýylyň özünde
hem sirk sungatyna ýykgyn edýän ukyply ýaşlaryň ençemesi
okuwa kabul edildi. Enşalla, olaryň içinden sirk sungatynyň
«ýyldyzlary» dörär. Türkmen türgeni, şol talyplaryň halypasy
hem-de mugallymy Rüstem Gulnyýazow munuň şeýle boljakdygyna birjik-de şübhelenmeýär. Sebäbi onuň adalatly
aýdyşy ýaly, arkaňda şeýle aladaçyl ýurt Baştutanyň barka
alynmajak gala, ýetilmejek sepgit ýokdur.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhame­
dowyň milli sirk sungatymyzy ösdürmek baradaky atalyk aladasy diňe bir şol ugurda işleýän hünärmenleri däl-de, eýsem
tutuş halkymyzy çäksiz begendirdi, buýsanjyna buýsanç
goşdy.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Döwlet sirkini döretmek baradaky taryhy Karara gol çeken gününiň dek ertesi
şol şatlykly waka mynasybetli ýurdumyzyň Milli medeniýet
merkeziniň Mukamlar köşgüne ýygnanan mähelläniň
ýüzünde aýratyn şatlyk alamaty bardy. Adamlar gujaklaşyp
biri-birini mähirli gutlaýardylar, çuňňur hormatlanylýan
Prezidentimiziň adyna aýdylýan alkyşly sözler nur bolup
ýagýardy. Şol dabarada çykyş edenleriň begenjiniň çägi ýokdy.
Mukamlar köşgüniň kaşaň zaly dürli ýaşdaky
tomaşaçylardan agzy-burny bilen doludy, adamdan ýaňa
213
Türkmen jigitleri sirk meýdançasynda
hyň berýärdi. Şol gün bu ýerde maslahatyň ahyrynda, sirk
artistleri dürli oýunlar bilen çykyş edip, tomaşaçylara hezil
berdiler.
Artistleriň gülküli sahnalaryna tomaşa edip oturyşyma,
ýene-de obadaşym Halykberdi Köşüliýew barada mundan
baryp-ha 20 ýyl gowrak öň metbugat sahypasynda ýazylan
makala ýadyma düşdi.
«SSSR-iň halk artisti Oleg Popowyň maslahat bermegi
bilen Halykberdi köp ýyllap arenada Aldarkösäniň rolunda
oýnady. Ol arena ediljek artistler ýaly çykyp, tomaşaçylary
gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Şonuň üçinem O.Popow oňa Aldar­
köse diýer ýörerdi».
Bu teswirler meniň ýürekdäki arzuw-hyýallarym bilen
goşulyşýar-da, göwnüme, sahnada Aldarkösedir Ependi ýaly
milli gülki ussatlarymyzyň keşbi janlanan ýaly bolýar.
Men maslahata gatnaşanlaryň arasynda oturan milli sirk
sungatymyzyň guwanjy, tas togsany tegeläp barýan Baýramdurdy aga Annaýewi uly buýsanç bilen synlaýaryn. Onuň
ýüz-gözündäki begenji okamak şeýle bir kyn däl. Dagy näme,
ol ömrüniň ençeme ýylyny sirk sungatyna bagyşlan adam
ahbetin! Parasatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen,
ençeme ýylyň «dymyşlygyndan» soň milli sirkimiz ýene-de
dikel­dildi.
Enşalla, at üstünde oýnaýan türkmen jigitleriniň täze
nesli dünýä halklaryny parahatçylyga, agzybirlige çagyrýan
Ýaşyl Baýdagymyzy goja Zeminiň dürli künjeginde ýenede parladar. Aslynda, onuň alyhezreti Sungat, onda-da sirk
sungaty dünýä halklaryny jebisleşdirýän, dostlaşdyrýan,
doganlaşdyrýan uly güýçdür.
Şeýle jadyly, keramatly sungaty täzeden dikelden hormatly Prezidentimize müň keren alkyş aýdyp, «Sungat, sen
niçik gudrat?!» diýen şahyrana setirleri ýatlanyňy duýman
galýarsyň.
Awgust, 2009-njy ýyl.
216
18. Ýoluň ak bolsun,
awtoralli!
E
lbetde, bu goja Zeminiň ýüzünde biri-birinden täsin,
üýtgeşik bolup geçýän şanly wakalar az däldir. Jahan
giň.
Hawa, dünýä ýaň salýan şolar ýaly taryhy wakalaryň
ýene-de biri üç döwletiň üstünden geçjek Gündogaryň «Dakary» hasaplanýan «Ýüpek ýoly—2009» awtorallisidir.
Wagt geçip dur, ol diňe öňe hereket edýär. Dünýä
jemgyýetçiliginiň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ol güni hem gelip ýetdi.
Bu babatda gürrüň edilende biziň bir zady aýratyn nygta­
magymyz gerek. Gadymy Gazandan (Kazandan) Aşgabada tarap
ýola rowana bolýan ralli-reýdini geçirmek teklibi biziň belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň diýseň ähmiýetli bu başlangyjy
Russiýanyň Prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Gazagysta­
nyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew tarapyndan oňlanyldy
we giňden goldaw tapdy. Munuň özi Beýik Galkynyşy başdan
geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň we onuň
milli Lideriniň halkara derejesindäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha belende göterilýänliginden bir nyşandyr.
Üstümizdäki ýylyň 6-njy aprelinde paýtagtymyz Aşgabat­
da Kuweýtiň Milli howpsuzlyk agentiniň direktory, Aziýanyň
Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad AlSabah we AOG-niň baş direktory Huseýin Al Mussalam belent
217
mertebeli Prezidentimize «Sagdyn bedende—sagdyn ruh»
diýen ýörelge astynda ýurdumyzyň milli sportuny we bedenterbiýäni ösdürmekdäki amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin bu
halkara guramasynyň iň ýokary sylagyny— Hormatly ordenini
gowşurdylar. Bu sylag-hormat mähriban ýurt Baştutanymyzyň
durmuşa geçirýän çäreleriniň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr. Häzirki wagtda Diýarymyzda sporty ösdürmäge
aýratyn üns berilýändigini hemmeler bilýär.
Aslynda, sport parahatçylygyň ilçisi bolup durýar.
Şonuň üçin hem bu geçirilýän «Ýüpek ýoly—2009» awtorallisi sebitde we dünýäde halklaryň dostlugyny berkitmäge,
jebisleşdirmäge ýakyndan ýardam eder.
Belent
mertebeli
Prezidentimiz
Gurbanguly
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
  • Büleklär
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1900
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1971
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3542
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3516
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3498
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1844
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3446
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1848
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3399
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3060
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
    29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.