Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6

Süzlärneñ gomumi sanı 3516
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aganyň çeper söze bolan söýgüsi, kitaba bolan garaýşyndaky aýratynlyklar, onuň
halk arasyndan dürli eserleri ýygnaýşy we olary wagyz edişi
barada durup geçipdik.
Hawa, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan bu
endik, kitaba bolan hormat Berdimuhamet agalaryň maşgalasy
üçin hem asylly däbe öwrülýär. Hormatly atanyň agtygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
tagallasy bilen kitaba döwran dolandy.
Halkymyzyň ruhy baýlyklaryny özünde jemleýän
kitaphanalaryň kitapdyr beýleki neşirler bilen üpjünçiligi
ýurt Baştutanymyzyň baş aladasyna öwrüldi. Ynha, indi ençeme wagt bäri işläp, ýurdumyzyň ähli kitaphanalaryny dürli neşirler bilen üpjün edip gelýän «Galkynyş» kitap merkezi
hem hut hormatly Prezidentimiziň öz görkezmesi bilen
döredildi.
Beýik Galkynyşyň aýdyň ýoly bilen ileri barýan milli
medeniýetimiziň we sungatymyzyň halkara gatnaşyklary barha giňeýär, örňäp ösýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda diňe bir geçen 2008-nji ýylda gönüden-göni
medeniýet we sungat meseleleri boýunça halkara derejesindä-
131
ki çäreleriň—ylmy maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň
ondan gowragy geçirildi. Olaryň diňe käbirleriniň atlaryny
agzalyň, mysal getireliň: «Medeni miras—dünýäniň medeni
we ruhy galkynyşlary öwrenmegiň çeşmesi», «Türkmen top­
ragy gadymy medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ojagydyr»,
«Türkmenistan we dünýäniň kino sungaty» we başgalar. Şeýle
halkara derejesindäki geçirilýän çäreleriň bu ýyl hem başy
başlandy. Täzelikde, Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde
geçirilen ylmy maslahat yşk mülküniň şasy Mollanepesiň 200
ýyllygyna bagyşlandy.
Hawa, biziň bu makalada getiren käbir mysallarymyz
hälki bir «hamyr ujundan petir» diýen ýaly bir zatdyr. Soňky
iki ýylyň dowamynda medeniýet we sungat babatda biti­
rilen işleriň sany-sajagy ýok. Ol düýpgöter özgerdi. Beýik
Galkynyş eýýamy ony belentliklere göterdi. «Bu gün türkmen jemgyýetinde ähli ugurlar bilen birlikde halkymyzyň
medeni geçmişi, taryhy-ruhy mukaddeslikleri hem täzeden
galkynýar. Bu täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler
zamanasynyň talabydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Milli medeniýetimiziň medetkärine öwrülen ýurt
Baştutanymyz iş edeniň gadyryny bilýär. 60 ýyllap milli sungatymyza hyzmat eden, öz döwrüniň ähli kynçylyklaryny
gerdeninde geçiren Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa, gel-gel, bu gün, Beýik Galkynyş eýýamynda hormatly ada mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz oňa
Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakdy we
«Altyn Aý» altyn medalyny gowşurdy. Şol dabaraly pursady
diňe bir öz ýanyndan däl, eýsem, teleýaýlym arkaly synlamak hem örän tolgundyryjy boldy. Munuň özi tutuş türkmen
medeniýetine we sungatyna ýapylan serpaýdy. «Bizi sylany
Alla sylasyn!» diýip, ähli döredijilik adamlary seslendi.
«Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge
goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýip,
hormatly Prezidentimiz aýdýar. Türkmen paýtagtynyň taryhy merkezinde milli medeniýetiň belli şahslarynyň heýkelleri
—ýadygärlikleri oturdylar.
132
Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň wekilleri beýle
derejäni hiç wagt, hiç bir zamanda hem görmändi. Şonuň
üçin hem Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň medeniýet
we sungat işgärleri, döredijilik adamlary öz arkadagyna, medetkärine baky minnetdardyr. Biziň ähli alkyş-dileglerimiz
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
— atalaryň arzuwyny amala aşyrýan Agtygyň üstüne, goý,
nur bolup ýagsyn!
Fewral, 2009-njy ýyl.
134
11. “Awazanyň”
owazasy dag aşýar
E
ssalawmaleýkim, gojaman Hazar! Bilemok, mümkin,
bilýänem ýokdur, seniň näçe ýaşyň bar?! Elbetde, ony
diňe Alla bilýär. Ýöne başga bir zat welin maňa aýan,
bu ýerde jedele ýol ýok.
Hawa, sen tutuş taryhyňda, döräliň bäri hiç wagt, hiç
bir zamanda hem beýle elpe-şelpeligi gören dälsiň. Bu gün
seniň kenaryň türkmen tarapy görmedigini görýär, gyralary
merjen bilen jäheklenýär, beýik-beýik ymaratlar gurulýar.
Dünýäni haýrana goýjak «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy
döredilýär...
Bu täsin gudratyň, özgerişligiň gözbaşynda, sakasynda
Beýik Galkynyş eýýamyny yglan eden, seniň hak howandaryň
hem-de halasgäriň, türkmeniň gerçek Ogly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy,
ýiti zehini, daş ýarýan dana, dury akyly, umman ýaly giň,
hyjuwdan doly joşgunly döredijiligi, ata-babalarymyzdan
miras alan görüm-göreldesi ýatyr.
Men häzir Hazaryň hüwdüsini diňläp otyryn. Honha, al-asmanda ak çarlaklar erkana ganat ýaýyşyp, bu bolup geçýän täsinliklere gykuwlaşyp guwanýarlar. Ynha,
birdenem olar aşak inip, deňziň pessaýja tolkunlary bilen
gujaklaşýarlar, olaryň üstüne münüp yraň atýarlar. Mümkin,
ak çarlaklar gojaman deňzi gutlaýandyrlar, mübärekleýändirler...
135
Hawa, Hazaryň aýdymyny diňläp, meniň uçardanam
ýyldam ak ganatly ak arzuwlarym eýýäm uçsuz-gyraksyz
Garagumuň jümmüşinde gezip ýör...
Garagumy goltuklap oturan Yzgant obasy. Ady goja
taryhyň gatlaryna siňip giden bu obanyň häzirki ýerleşýän
ýerinden 15—20 kilometr gaýrada, göçüp-gonup ýören gum
alaňlarynyň arasynda Atak guýy ady bilen tanalýan bir ýer
bar. Bu guýynyň ýany çarwalaryň mekan tutýan mesgeni.
Irkiräk döwürlerde, geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda şu
setirleriň awtoryna ol ýerlerde ençeme gezek bolmak miýes­
ser edipdi. Gökdepe etrabynyň maldarlaryna medeni hyzmat
edip, olaryň armasyny ýetiripdik. Maldarlaryň öz dilinden bu
guýyny gazdyryp sogap iş edenleriň adyna aýdylýan alkyş
söz­lerini diňläpdik. Ýöne şol wagtlar...
Ynha, indi bu gün seredip otursam, ol guýy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aňyrky arkalaryna degişli eken. Bu baradaky maglumaty «Mugallym, esger,
ilhalar ynsan. Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly
ömür ýoly» (Aşgabat, «Türkmen döwlet neşirýaty gullugy»,
2008) atly kitapdan okap bilersiňiz.
Hawa, Nepesaly baýdan gözbaş alyp gaýdýan nesil
daragtynyň saýasynda saýalap, onuň hözirini görenler az bolmandyr. Rysgally-döwletli bu nesil il-günüň alkyşyny, doga-dilegini, Taňryýalkasynyny alyp, hemişe uly sylag-hormatdan peýdalanyp gelipdir. Gürrüňi edilýän Atak guýusynyň
gelim-gidimi häli-häzirem egsilenok, tüweleme, mähellesi
ýetik. Agzy dogaly iliň alkyşy olaryň neberesiniň üstüne nur
bolup ýagýandyr.
Eýsem, Hydyr gören ymgyr çölüň jöwzaly yssysynda, bir
damja suwuň merjen dänesine deňelýän ýerinde agzy kepäp
tebsirän teşnäniň dadyna ýetişmek ýa-da Taňry myhmanynyňötegçiniň mal-garasyny suwa ýakmak sogabyň iň ulusy dälmi?! Bir ajy doýurmak haj bolýan bolsa, onda suwsuzy suwdan gandyrmagyň sogaby hem şondan pes däldir.
Ynha, hut meniň gözümiň alnynda, has dogrusy, hyýalymda şol guýy hem kenary jahankeşdeleriň mesge­nine öwrülýän, melhem ojagy boljak Hazar deňzine meňzäp barýan ýaly
bolýar...
136
Hormatly okyjy, meniň bu deňeşdirmämiň düýbünde,
göräýmäge hiç hili meňzeşlik ýok ýalydyr. Emma çuňňur
oýlanyp otursaň, olaryň ikisiniň aňyrsynda hem YNSAN ömrüne ýalkym saçýan çogly güneş bardyr, nur bardyr, haýyr-sahawat bardyr, il-günüňe edilýän ýagşylyk bardyr.
...Otyryn Hazaryň aýdymyn diňläp.
Deňiz tolkunlarynyň ýüzüni sypap geçýän adaja şemal
meniň göwnümi göterýär. Ýene-de arzuw atyna atlanyp
oýlanýaryn...
Walla, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimu­
hamedowyň taýsyz tagallasyndan kemal tapan deňiz
ýakasyndaky bu desgalary her hili hyýalbent bolaýanyňda-da göz öňüne getirmek gaty çetin. Ol zatlary etmek üçin Alla
tarapyn berlen danalyk gerek. Watanyň, halkyň bilen bagryňy
badaşdyrmak gerek, atyň kellesi ýaly ýürek gerek... Hudaýa
şükür, şol häsiýetleriň hemmesi hem milli Liderimizde jemlenen. Ol «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygary —
ýörelgäni öňe sürdi. «Bu ýörelge meniň çykyşlarymda-da,
gol çeken Permanlarymda-da, kabul eden Kararlarymda-da,
ondan soňraky ähli işlerimde hem öz beýanyny tapdy» diýip,
hormatly Prezidentimiz nygtaýar.
2007-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hakynda» kabul edilen Karar hem
şeýle möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Hormatly
Prezidentimiziň öz sözleri bilen aýtsak: «Biziň munuň
üçin Kaspiniň kenaryny saýlap almagymyz ýöne ýere däl.
Islendik döwletde deňiz we onuň bilen bagly baýlyklar
beýik gymmatlyk hasap edilýär. Oňa dog­r y çemeleşilende,
bu gymmatlyklar ýurda ägirt uly girdeji getirýär. Şu babatda biziň Awazamyz hakyky deňiz baýlygydyr, tükeniksiz hazynanyň toplanan ýeridir. ...Awazany saýlap almagymyz bize erkin ykdysady zolagy döretmek boýunça
ýurdumyz üçin örän möhüm synag taslamasyny taýýarlamaga mümkinçilik berdi».
Türkmenistanyň hut özi bu taslama bir milliard amerikan dollaryny goýdy. Elbetde, munuň özi daşary ýurt maýa
goýumçylaryna kepil döretdi. Netijede, bu sogap işiň badalga alyp başlanyndan bäri 4 milliard amerikan dollary möçbe­
137
Gojaman Hazaryň türkmen kenary özgerýär
rinde taslamalaryň teklip edilendigini we bu babatdaky işleriň
giň gerim bilen alnyp barylýandygyny aýtmak gerek.
Hazaryň juda owadan türkmen kenarynda jenneti ýatladýan kurort şäherini emele getirmek, ony döretmek, elbetde,
ýeňil iş däl, onuň üçin köp çäreleri durmuşa geçirmeli. Onuň
şeýledigini ýurt Baştutanymyzyň özi hem gizläp duranok:
«...Biziň göz öňünde tutýan wezipämiz ýeňil däl. Ony çözmek
üçin ägirt uly tagallalar we çykdajylar gerek bolar. Ýöne biz
bu işiň üstünlikli tamamlanjakdygyna doly ynamly bolandygymyz üçin oňa başladyk» diýip, çuňňur hormatlanylýan
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň
de­kabr aýynyň başynda Türkmenbaşy şäherinde biznes-forumda eden çuň manyly çykyşynda tekrarlady.
Berk ynam! Özi hem döwlet ýolbaşçysynyň ynamy. Ol
halkymyzda gujur-gaýrat döredýär, bizi jebisleşdirýär, Beýik
Galkynyşyň güýjüne, gudratyna göz ýetirmäge mümkinçilik
berýär.
Hawa, Hazar deňziniň kenarynda umumy meýdany
1700 gektar ýeri tutjak ulgamda myhmanhanalaryň, dynç
alyş öýleriniň, stadionlardyr seýilgähleriň we beýleki zerur
bolan desgalaryň giden bir tapgyry gurlar. Uzynlygy 7 kilometr, ini 60-70 metr, çuňlugy bolsa 5 metr bolan emeli derýa
geçiriler. Hazaryň kenarýaka böleginde çekiljek bu emeli
derýa Awazanyň görküne görk goşar, ol derýa arkaly gezelenç
gämileri gatnar.
Elbetde, ýeňil bolmadyk bu wajyp wezipeleriň
üstünlikli çözülmegi bellibir derejede başarjaňlygy,
guramaçylyk işleriniň dogry ýola goýulmagyny talap
edýär. Şonuň üçin hem Beýik Galkynyş eýýamynda bu
babatdaky alnyp barylmaly işler hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti nazaryndan birjik-de sypanok.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan badalga alan Ha­
zar deňziniň ekologiki taýdan arassa türkmen kenaryndaky
gurulýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, öňde hem
belleýşimiz ýaly, barha giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda Ministrler Kabinetiniň göçme
mej­lisini geçirdi, şol ýerde dünýä derejesindäki şypahanalar
141
toplumynyň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem
boldy.
Ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns
berýän ýurt Baştutanymyz özüniň ýörite Karary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy baradaky komiteti döretdi hem-de onuň utgaşdyryjylyk wezipelerini kesgitledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda (2009 ý.) nygtalyşy
ýaly, bu günler «...Hazaryň ekologiýa taýdan iň arassa türkmen kenarynda döredilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda işler güýçli depginde alnyp barylýar».
Bu ýerde zähmet çekýän Türkiýäniň «Içkale», «Engin
grupp», «Polimeks», «Sehil», Orsýetiň «Itera», şeýle hem
Fransiýanyň «Buig» gurluşyk kompaniýalary tabşyrylmaly
binalary öz möhletinde bökdençsiz ýetişdirmek üçin janaýa­
maz­lykly zähmet çekýärler.
Enşalla, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda käbir
desgalaryň açylyş dabarasy bolar. Türkmenistanyň hormatly
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde çuň manyly söz­
län sözünde ýüreklere ýakyn şeýle jümle bar. «Şu ýylyň tomus möwsüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler
bilen üpjün edilen myhmanhanalaryň sekizisi Türkmenis­
tandan, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden geljek
jahankeşdeleriň 1800-sini kabul eder».
Görşümiz ýaly, «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän ýurt Baştutanymyzyň sözi hiç wagt işden
aýra çykmaýar. Durmuşa geçýän bu parasatly pähimleriň
datly miwesini tirip ýörüs.
Hawa, men häzirem Hazaryň hüwdüsini diňläp otyryn.
Ol maňa lezzet berýär, ýüregimi joşdurýar, buýsanjymy artdyrýar...
Hazar ýakasynda eýýäm şu ýylyň tomus möwsüminde
dynç alyp başlajak daşary ýurtly jahankeşdeler hakyndaky
şatlykly habar meni geçen asyryň 70-nji ýyllaryna alyp gitdi.
Ýemen Arap Respublikasyndan Moskwanyň jemgyýetçilik akademiýasynda okap ýören 20-ä ýakyn diňleýji on-on
iki günlük Türkmenistana geldiler. Ýurdumyzyň çägine gu-
144
10*
ralan gezelençde men olaryň ýolbeledi boldum. Maksatnama
laýyklykda, myhmanlar Hazar ýakasyndaky Awazada hem
bäş-üç gün bolmalydylar, dem-dynç almalydylar. Elbetde,
bardyk, dynjam alyndy, ýöne... Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlary ýokary derejede kabul eder ýaly hiç hili şertiň ýokdugy bize öňdenem bellidi, gynanmakdan başga etjek alajymyz
ýokdy. Munuň özi diňe bir adamynyň ýa-da iki adamynyň
däl, eýsem, tutuş Diýarymyzyň hem mertebesini peseldýärdi,
adam­larda göwnüçökgünlik döredýärdi.
Ýatda galan hasratly ýatlamalardan aýňalyp, ho-ol alyslarda, gök asmanda erkana uçuşyp, gaýyşyp ýören ak çarlaklara garaýaryn. Olar meniň ak arzuwlaryma öwrülýärler.
Hawa, göreňde gözüňi dokundyrýan bu özgerişlere
bakyp oýlansaň, hormatly Prezidentiňe, Watanyňa bolan
buýsanjyň artýar.
Ynha, ýene-de sanlyja aýdan, has takygy, 24-nji iýulda
be­lent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan
ak pata alyp, ak ýollara rowana bolan bu döwletli işiň baş­
lanyna iki ýyl bolýar. Bary-ýogy iki ýyl. Elbetde, bu möhlet
taryh üçin hiç zat. Emma şu taryhy gysga döwrüň içinde bolup geçen we geçýän özgerişleri görmäge göz, taryplamaga
söz gerek.
Hudaýa şükür, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň
ady bu gün dünýä doldy, ýedi yklyma ýaň saldy.
Enşalla, atalaryň arzuwyny wysal edýän, olary amala
aşyrýan Agtyk — çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen,
Awazanyň şan-şöhraty, halkara derejesindäki at-abraýy,
meşhurlygy mundan buýana has-da artar. «Awazanyň» owazasy dag aşýar.
Mart, 2009-njy ýyl.
147
12.Edebi gatnaşyklar
ebedi gatnaşyklara
öwrülýär
K
ümüşdepede bolup geçen ol duşuşygyň täsirinden
häli-häzirem doly aýňalyp bilemok.
Köp-köp külpetleri, çarşenbeleri başdan geçiren ol
goja meni ýitirip tapan ýaly, garsa gujaklady-da, çöňňelişen
gözle­rinden syrygýan gözýaşy känbir gizlejegem bolup durmady. Sebäbi ol begençden, buýsançdan döreýän gözýaşdy.
Segsen sekiz ýaşy arka atan eýranly ildeşimiziň mylaýym
sesinde üýtgeşik, ýüreklere ýakyn bir duýgy bardy. Ol tolgunýardy.
—Balalar, aýyplaşmaň! Geçilen ýollar ýadyma düşende,
birhili, bozulaýýan... Hudaýa şükür, aýralyk dagy aradan
aýryldy. Bu bagtyýar günleri görmek biziňem nesibämizde
bar eken.
Ynha, ýaňy-ýakynda, külli türkmeniň gerçek Ogly, ata
Watanymyz Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Tährana geldi. Biz ony teleýaýlym arkaly gördük, synladyk,
ýüzümize syldyk. Perişde sypat, ýüz-gözleri gülüp duran,
nurana bu Adam örän mähirli bolarly... Arkadagymyzyň,
howandarymyzyň, Hudaýym, ömri uzak bolsun!
Ýüreklere ýakyn bu ýakymly sözler, alkyşlar diňe bir şol
gojanyň senaly dilinden çykman, eýsem, ol türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen görme-görüşlige, duşuşyga süýşüp gelen
148
tutuş mähelläniň ýürek owazydy. Olar öz buýsançlaryny biri-birinden öňürti buşlajak bolýana meňzeýärdiler.
Ildeşlerimiz bilen bolan bu duşuşykda onuň alyhezreti şygryýete uly orun berildi, ýerli bagşylaryň aýtmagynda
türkmen aýdym-sazlary ýaňlandy. Toýlar giňden tutuldy. Şol
gün Kümüşdepe Altyndepä öwrüldi...
Hawa,
ýaňy-ýakynda
Diýarymyzyň
ýazyjy-şa­
hyrlarynyň gatnaşmagynda Eýran Yslam Respublikasynda
Türkmenistanyň häzirki zaman edebiýatynyň hepdeligi bolup geçdi. Oňa gatnaşmak bagty şu setirleriň awtoryna hem
miýesser etdi.
Eliň aýasy ýaly tekiz dag ýollary külterlenip, şo-ol gidip otyr. Suw ýaly akyp barýan ulagymyzyň ümzügi öňe,
Gürgene tarap. Öň görmedik ýerleriňi görmek has hem
ýakymly. Töweregi synlap barşyma, akyldar şahyrymyz
Magtymgulynyň ajaýyp setirleri hakydama gelýär.
Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, dolsa, çaýlara baran,
Akar boz bulanyp sili Gürgeniň.
Eý, aman! Magtymguly atamyzyň taryplan gojaman dag­
lary! Sizi görmegem sogapdyr!
Hawa, entek Gürgene çenli ýol uzak. Geliň, gowusy, bir
pursat goja taryhyň saralan sahypalaryna ser salalyň.
Eýran Yslam Respublikasy biziň gadymy hem müdimi
goňşymyz. Goňşy! Türkmen aga «Öý alma, goňşy al» diýip
ýönelige aýdan däldir. Bu düşünjäniň aňyrsynda giň many
bar. Duldegşir goňşy ýa-da oba, welaýat goňşuçylygy, galyberse-de, goňşy döwlet...
Hawa, biz — türkmen ýazyjylarynyň Eýran Yslam Res­
publikasyna eden sapary Kümmethowuzdan başlandy. Bu
şäherde bolup geçen şeýle bir waka hiç wagt meniň ýadym­
dan çykmasa gerek. Ol hem ýene-de akyldar şahyrymyz Magtymguly bilen baglanyşykly.
Şäheriň taryhy ýadygärlikleriniň birini synlap, awtobusymyza tarap barýarkak, ýolugra kitap dükanyna sowuldyk.
149
Magtymgulynyň
Aktokaýdaky
(Eýran) aramgähi
Satlykda duran neşirler bilen gyzyklandyk. Olaryň arasynda türkmeniň adyny arşa göteren Magtymgulynyň şygyrlar
diwanynyň hem bardygyny aýtdylar. Pars elipbiýinde ýazylan bu kitap türkmen dilinde bolsa-da, biz ony okap bilemzok­
dyk. Bir türkmen ýigidi bize kömek etdi. Onuň ady Mejit
eken, özi hem şol şäherde ýaşaýar. Bu ýigit bilen söhbetdeş
bolduk. Ol özünde Magtymgulynyň has irkiräk bir neşiriniň
hem bardy­gyny aýtdy we biziň az-kem garaşmagymyzy
sorap, maşynyna tarap ýöredi. Gidişi ýaly, derrewem geldi, eli
kitaply. Mejidiň Magtymgulysyny ýüzümize sylyp, şahyryň
haýsy hem bolsa bir goşgusyny okap bermegini haýyş etdik.
Ol ýalbardyp durmady. Gabat gelen ýerini açdy-da, okamaga
durdy.
Belent daglaryň başynda,
Bulut oýnar sil biläni.
Goç ýigide toýdur-baýram
Her iş gelse il biläni...
Şahyryň şirinden-şeker setirleri biziň ýüreklerimize melhem bolup akyp dur. Magtymguly biziň başymyzy birikdirýär...
Hawa, türkmeniň ajaýyp şahyry Magtymguly özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen hut şu gün, ýagny Beýik Galkynyş
zamanasynda hem iki goňşy halklaryň doganlyk-dostlu­gyny
berkidýän uly bir güýje, has dogrusy, gudratly keramata
öwrülýär.
Magtymguly atamyzyň bu şygyr diwanyny toplap
çap eden eýranly arkadaşymyz Myratdurdy Gazy eken.
Eýsem, Myratdurdy Gazy kim?! Ol 1928-nji ýylda Eýranyň
Kümüşdepe diýen ýerinde dogulýar. Ol häzir segseni arka
atan adam. Gy­nansak-da, kitaphon bu gojanyň özi bilen
duşuşmak, söhbetdeş bolmak bize miýesser etmedi. Ýöne
onuň ogly bilen duşuşdyk, köp dogaýy salamymyzy ýetirmegini haýyş etdik.
Ýeri gelende aýtsak, Myratdurdy Gazy molla Aşyr ogly
türkmen nusgawy şahyrlary Keminäniň, Mollanepesiň,
Zeliliniň, Mätäjiniň, Misgingylyjyň... eserlerini, şeýle hem
151
«Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp», «Ýusup-Ahmet» ýaly halk
dessanlaryny ençeme gezek neşir eden adam.
Türkmeniň göz-guwanjy, buýsanjy bolan akyldar
Magtymgulynyň kämil şygyrlar diwanyny bolsa, ol gaýta­
lap-gaýtalap çap edýär.
Myratdurdy aganyň il arasyndaky abraýy örän ýokary.
Geliň, eýranly Gökje şahyra gulak goýalyň!
Bir söz diýem Myratdurdy Gazydan,
Gör, ne deň-duşlary şat eden ýigit.
Köne eserleri ýygnap täzeden,
Gadym şahyrlary ýat eden ýigit.
Hawa, Myratdurdy Gazy 1994-nji ýylda Magtymgulynyň
eserlerini hem-de türkmen edebiýatyny wagyz etmekdäki
bitiren hyzmatlary üçin Magtymguly adyndaky Halkara baý­
ragyna mynasyp boldy.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň işeňňir wagyzçylarynyň
ýene-de biri Maşatguly Gyzyl bolup, eýran türkmenleriniň
arasynda ykrar edilen şahyrdyr. Ol baryp-ha 1981-nji ýylda türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran
Döwletmämmet Balgyzylyň goşgular kitabyny Eýranda çap
etdirýär.
Eýran Yslam Respublikasyna bolan şu gezekki saparymyz mahalynda men bu şahyr bilen ýene bir gezek (biziň
ilkinji duşuşygymyz mundan dört ýyl öň Aşgabatda bolupdy) didarlaşdym, söhbetdeş boldum.
Ýeri gelende aýtsak, bu asylly däp häzir hem dowam etdirilýär. Eýranly ýazyjy Abdyrahman Diýejiniň terjimesinde
häzirki zaman türkmen şahyrlaryndan A.Kowusowyň,
B.Hudaýnazarowyň, G.Ezizowyň, A.Atabaýewiň, G.Daşgy­
nowyň, S.Hydyrowyň we başgalaryň aýry-aýry goşgulary
Eýranyň döwürleýin neşirlerinde çap edildi. Ýazyjylar A.Gurbanowyň, K.Nurbadowyň hem-de şu setirleriň
awtorynyň powestdir hekaýalary «Esger papagy» diýen at
bilen neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Maglumat
üçin aýtsak, uruş ýyllarynyň çagalary barada gürrüň berýän
meniň «Esger papagy» atly çaklaňja powestim şeýle hem
152
Eýranyň «Nowjuwan» žurnalynyň iki sanynda çap bolup
çykdy.
Hawa, häzirki zaman türkmen edebiýatynyň Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen hepdeligi mahalynda
biz goňşy ýurduň Gülüstan welaýatynyň Kümmethowuz,
Kümüşdepe, Gürgen ýaly şäherlerinde bolduk. Ol ýerlerde
guralan köp sanly duşuşyklaryň biri-birinden täsirli bolandygyny, gyzykly geçendigini aýtmak gerek.
Ynha, indi bolsa, «Hoş gal, Gürgen!» diýip, gadymy
Tährana tarap ýola düşdük. Men ol ýerde öňem ençeme gezek
bolupdym. Geçen 2008-nji ýylyň maý aýynda geçirilen XXI
Halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşmak hem maňa miýesser
edipdi.
Hawa, Tähran dünýäde iň gadymy we baý taryh­
ly şäherleriň biri. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň 2009-njy ýyldaky ilkinji daşary
ýurt saparlarynyň biri Eýran Yslam Respublikasyndan
başlanmagynda uly simwoliki many bar. Bu iki goňşy
döwletleriň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda emele gelen arabaglanyşyk we taryhy hem-de medeni
mirasymyzyň umumylygy ýatyr.
Hormatly Prezidentimiz eýranly kärdeşi bilen du­
şuşanynda doganlyk-dostlugy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
möhümdigini, taraplaryň medeniýet we sungat babatdaky
gatnaşyklaryny işjeň ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz bu günki işi hiç wagt ertä goýmaýar.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň bu taryhy ähmiýetli saparyndan soň ýarym aý geçip-geçmän, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň uly topary eýýäm Eýranda bolup ýörler. Eýsem,
munuň özi öňde aýdanymyzyň janly şaýady dälmi?!
Hawa, Gürgenden Tährana çenli eslije ýol bar. Elbetde,
ýazyjy-şahyrlaryň üýşen ýerinde etmäge gürrüň tapylýar.
Degşilýär, gülşülýär. Biziň awtobusymyz uzak ýoly külterläp
şo-ol gidip otyr. Tebigatyň gözel görküni synlamagyň aýratyn
lezzeti bar. Şahyr ýürek joşýan bolmaly. Galamdaşlarymyzdan
käbiriniň nämedir bir zatlary ýazyp oturanyny görýärin. Goý,
153
ýazsynlar, azar bermäýin. Döredijilik islän ýerinde joşup
bilýär, ol ýagdaýy ilden soramaly däl.
Her kim öz işi bilen gümra, häzir meniň içgepletmele­rim
ummanyň aňyrsyndaky uzak Amerikada gezip ýör. Beýik
Galkynyş eýýamyny yglan eden hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň sentýabrynda Kolumbiýa uniwersitetinde eden çuň manyly çykyşyny
ýatlaýaryn.
«Biziň dilimiz, däp-dessurlarymyz, sungatymyz we
folklorymyz biziň buýsanjymyzdyr we ata-babalarymyzdan
bize galan bahasyna ýetip bolmajak bu mirasy ösdürmek
hem-de aýap saklamak üçin zerur zatlaryň ählisini ederis.
Ýöne biz öz goňşularymyzyň taryhyna, medeniýetine we
däp-dessurlaryna hem hut şonuň ýaly hormat goýýarys. Has
giňden garanyňda, biz Zeminiň ýüzündäki islendik halkyň
medeniýetiniň we taryhynyň taýsyzlygyny ykrar edýäris hem-de islendik ýurt bilen medeni gatnaşyklara taýýardyrys».
Elimi ýüregimiň üstüne goýup bir hakykaty aýdaýyn. Bu
dana pähimler, parasatly sözler ýetmişe ýetip barýan gojanyň
ýol ýadawlygyny ýagdan gyl sogrulan ýaly edip aýyrýar.
Hormatly Prezidentimize bolan buýsanjym artýar.
Ine-de, aňyrsy-bärsi görünmeýän Tähran. Biz bu gün,
ýolbeledimiziň aýtmagyna görä, üç ýerde öz galamdaşlarymyz
bilen duşuşmaly, söhbetdeş bolmaly, pikir alyşmaly. Az-kem
dem-dynç alanymyzdan soň, uzak ýoluň argynlygyndan
aýňalyp, Eýranyň Ýazyjylar birleşmesine duşuşyga bardyk.
Bizi garşylanlaryň arasynda bir tanyş ýüz bar ýaly boldy.
Duýgularym meni aldamandyr. Ol birleşigiň başlygy Aly Akbar Welaýaty (öň Eýranyň daşary işler ministri bolup işlän)
bolup çykdy. Bu at maňa käbir zatlary ýatlatdy. Ol türkmen
tebibi Seýit Ysmaýyl Jürjanynyň Eýranda galdyran ýazgylaryny çapa taýýarlan adam. Bu kitap türkmen diline terjime
edilip, 1995-nji ýylda okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Hawa, häzirki Gürgeniň gadymy adynyň Jürjan bolandygyny biz öň eşidipdik. Seýit Ysmaýyl, berilýän maglumatlara görä, 1057-nji ýylda şol ýerde, ýagny Jürjanda dogulýar
we 80 ýaşap, 1137-nji ýylda Merwde aradan çykýar. Ildeşimiz
Jürjanynyň bu kitabynyň häzirki görnüşde bize — türkmen
154
okyjysyna gelip gowuşmagynda Welaýatynyň uly hyzmaty
bar...
Söhbetdeşlik mahalynda eýranly ýazyjy Nader Ibragimiň
(merhum) on tomdan ybarat «Tüssesiz ot» atly eseriniň hem
türkmenleriň durmuşyna degişlidigini aýtdylar.
Duşuşyk mahalynda iki ýurduň ýazyjylary tarapyndan
hem döredijilik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada gowy-gowy arzuwlar aýdyldy.
Şol gün biz ýene-de çagalar we ýetginjekler edebiýaty
bilen meşgullanýan döredijilik adamlarynyňkyda myhmançylykda bolduk. Olaryň arasynda biziň köne tanşymyz
Ybraýym Hasanbeýgi hem bardy. Ol türkmençe oňat gürleýär.
Bu awtoryň «Gyrmyzy gülli halyça» we «Altyn balyk hem
kümüş balyk» atly çagalara degişli kitapçalary Aşgabatda
çapdan çykypdy. Ýeri gelende aýtsak, Ybraýym Eýran
Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň
Medeniýet merkezinde ençeme wagt işläpdi.
Biz bu ýerden çykyp, Tähranda ýerleşýän kitaplar
agentligine bardyk. Bize düşündirişlerine görä, bu edaranyň
esasy wezipesi Eýran bilen baglanyşykly Zeminiň dürli künjeklerinde çapdan çykýan neşirler baradaky maglumatlary
toplap, soňra olary internet boýunça dünýä ýaýmak bolup
durýar. «IBNA» kitap habar beriş agentliginiň başlygy jenap
Aly Taffar Hemedanynyň aýtmagyna görä, kitap bilen has
içgin iş salyşýan bu edara dünýäde birinji we ýeke-täk edaradyr. Bu agentlikde türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen hem
dürli interwýular guraldy we olar internet sahypalaryna
geçirildi.
Biziň goňşy Eýran döwleti bilen medeni hyzmat­
daşlygymyz barha we barha giň gerime eýe bolýar. Edebiýat
bizi dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar. Edebi gatnaşyk ebedi
gatnaşyga öwrülýär.
2009-njy ýylyň 13-14-nji ýanwarynda ýurdumyzyň
paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras»
merkezi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenis­
tandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň bilelikde gu­
ran «Mollanepes we Gündogar şygryýeti» atly halkara ylmy
maslahaty onuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär, doly güwä
155
geçýär. Bu çäre 2010-njy ýylda Mollanepesiň döwlet derejesinde
belleniljek 200 ýyllyk şanly toýunyň başlangyjydyr.
Beýik Galkynyş eýýamyny yglan eden hormatly Preziden­
timiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Mollanepes we Gündogar şygryýeti» atly Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
iberen Gutlagynda şeýle dogaýy setirler bar: «Adamzadyň
medeni ösüşiniň häzirki tapgyrynda Türkmenistan gadymy
döwürlerden bäri taryhy, medeni-ruhy umumylyklary bolan
Eýran Yslam Respublikasy bilen deňhukukly, özara bähbitli
iki taraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk edýär.
Goý, ynsan nesliniň ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýol-ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran
doganlyk gatnaşyklary asyrlardan asyrlara uzasyn!».
Belki, Alla jan, şeýle bolsun-da!
Mart, 2009-njy ýyl.
156
13. Aý dogsa
Älem görýär
H
udaýa şükür, tutuş goja Zemin öz ýüzüni türkmene
tarap öwürdi. Has dogrusy, bu gün dünýä
jemgyýetçiliginiň ünsi Türkmenistana gönükdi. Çünki
adamzat siwilizasiýasynyň hem-de medeniýetiniň iň gadymy
ojaklarynyň biri bolan türkmen topragy, Magtymguly atamyz
aýtmyşlaýyn, «Halkyny Gün kibi çoýýan» gerçek Ogluň —
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
saýasynda gülleýär, gül açýar, uly-uly ösüşlerdir özgerişleri
başdan geçirýär. Dünýä döwletleriniň ösüşine öz täsirini ýetirýär, oňa saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ynsanperwer syýasaty, alyp barýan anyk işleri bilen bary-ýogy birki ýylyň içinde dünýä derejesinde tanalýan hem-de
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
  • Büleklär
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1900
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1971
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3542
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3516
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3498
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1844
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3446
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1848
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3399
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3060
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
    29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.