Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5

Süzlärneñ gomumi sanı 3542
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Dost, kitap keremdir, gudratdyr, ony gözüňiziň göreji
ýaly görüň, goraň!»
101
Atdyr ýigidiň ýoldaşy
Hawa, eger-de kitaby zaýalanmakdan halas eden adam
ýalkanyp jennete düşýän bolsa, onda ilhalar keremli kitaplary
ýazýanlaryň iki dünýäsi hem abatdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuha­medowyň
«Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz»
atly kitaby hem şeýle neşirleriň hilindendir. Awtor şeýle kitaby döredip örän sogap iş etdi, bu kitap kitaplar dünýäsiniň
öň hatarynda durar, kerwenbaşysy bolar. Men bu kitaby
türkmen bedewlerine bagyşlanan baky binýat hasaplaýaryn.
Aýlar aýlanar, ýyllar dolanar, asyrlar geçer, bu kitabyň ähmiýeti artar, ruhy baýlygyň egsilmejek çeşmesine öwrüler.
Şeýle bir waka ýadyma düşýär. 1989-njy ýylyň awgust
aýynda ABŞ-nyň birnäçe şäherlerinde, şeýle hem Ogaýo we
Kentukki ştatlarynda bolmak şu setirleriň awtoryna hem
miýesser etdi. Delegasiýanyň düzüminde meşhur gyjakçy,
Türkmenistanyň halk artisti Annageldi Jülgäýew ikimizi üsti
ýapyk görnüşli çaklaňrajyk bir aýlawa alyp bardylar. Walla,
öz gözüň bilen görmeseň ynanar ýaly däl. Çapyşyga, ýaryşa
goýberilýän atlar müji aşyk ýaly kiçijik bir zat eken, Annageldi ikimiz biri-birimiziň ýüzümize seredişip geňirgenişdik.
Terjimeçiniň kömegi bilen biziň ýanymyzda ýörenlere
türkmeniň behişdi bedewleri barada başardygymyzdan
gürrüň berdik. Hemme zady düşündirip bolýarmy, onda-da
özüň şol dili bilmeseň.
Men bir zada begenýän. Ynha, indi amerikaly, angliýaly
we beýleki iňlis dilinde gürleýän ýurtlaryň okyjylary belent
mertebeli Prezidentimiziň keremli kitaby arkaly türkmeniň
gadymdan gelýän şöhratly bedewleri barada köp-köp zatlary
öwrenerler, bilerler. Bu gymmatly neşiriň türkmeniň behişdi
bedewlerini dünýä ýaýmakda tutjak orny örän uly bolar.
Türkmen bedewi Ýer ýüzüniň, goja Zeminiň atçylyk sungatynyň asmanda parlaýan Baýdagydyr. Bu barada söz açyp hormatly ýurt Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň täze kitabyndaky şu dogaýy sözleri
ýatlamazlyk mümkin däl.
«Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen
103
ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň
görnüşlerini yzda galdyryp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny
öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi. Ol özi
barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak
bilen, dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp
nusgasyna öwrüldi».
Türkmen bedewiniň şöhratly taryhyny halkymyzyň ykbalyndan aýra göz öňüne getirmek mümkin däl. Giň okyjy
köpçüliginiň göwnünden turan bu gymmatly neşiriň sözle­
rine salgylanalyň.
«Biz özümize we güýjümize berk ynanýarys, bu ynam öz
köklerini türkmen topragynyň berekedinden we sahylygyndan, dünýäni aňk ediji hadysany — adam bilen atyň jana-jan
dostlugyny döretmegiň hötdesinden gelen pederlerimiziň
pähim-parasadyndan alyp gaýdýar. Sazlaşyk milli medeniýe­
timizde, şonuň ýaly-da dünýä medeniýetinde seýrek duş
gelýän hadysa hökmünde özüniň öwrenilmegine garaşýar».
Ýeri gelende aýtsak, türkmeniň merdana, edermen gerçek
ogluny öz maksat-myradyna ýetirýän, üsti döwletli-döwranly bedewlerimiziň geçmiş taryhy bilen hormatly Prezidentimiz hemişe gyzyklanyp gelipdir, ony çuňňur öwrenipdir. Kitap ýazmak, onda-da bular ýaly eseriň hötdesinden gelmek
ýeňil-ýelpaý iş däl, ol iňňe bilen guýy gazan ýaly bir zat. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp
taryhy çeşmelerden habarlydygy aklyňy haýran edýär. Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentli­gine beren interwýusynda şeýle diýýär: «Beýik Ýüpek ýoly arkaly
dünýäniň diňe bir hytaý çaýyny, ýüpegini ýa-da farforyny
däl, eýsem, ýelden ýüwrük meşhur ahalteke bedewlerini hem
bilendigine biz buýsanýarys. Bu «Behişdi bedewler» hakynda
gadymy «Hanşuni» ýyl ýazgysynda ýatlanyp geçilýär».
Dokuz bölümden ybarat «Ahalteke bedewi — biziň
buýsanjymyz we şöhratymyz» atly bu kitabyň haýsy babyny
alsaň-da, biri-birinden gyzykly baý taryhy maglumatlar
seni özüne bendi edýär. Olardan aýrylyşyp bolanok. «Taryh
şaýatlyk edýär» diýen bölüm seni alyslara alyp gidýär.
Dünýäniň görnükli alymlarynyň, syýahatçylarynyň türkmen
104
bedewleri baradaky galdyran ýazgylary, şeýle hem taryhyň
atasy hasaplanylýan biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda
ýaşap geçen Gerodotyň «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän
Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar» diýlip, Parfiýanyň tohum
atlary dogrusynda aýdan ajaýyp sözleri seniň buýsanjyňy
artdyrýar.
Bu keremli kitapdaky biri-birinden gyzykly maglumatlary okadygyňça okasyň gelýär.
1935-nji ýylda bolup geçen Aşgabat—Moskwa atly
ýörişine çapyksuwarlaryň otuzysy gatnaşypdyr. Her günde
onlarça kilometre çenli ýoly geçýän ahalteke atlary 84 günde
Moskwa barypdyrlar. Şol ýöriş bilen baglanyşykly tolgundyryjy wakalara şu gün hem biperwaý garamak mümkin däl.
Geliň, ýene-de hormatly Prezidentimiziň bu keremli kitabyna
söz bereliň.
«1935-nji ýylyň Aşgabat — Moskwa köp günlük atly
ýöriş üstünlikli tamamlanandan soň, şol ýörişde ýekeje aty
hem ýitirmedik jigitler eýýäm Moskwada gowudan gowy
bedewleri, şol sanda ap-ak Arap bilen hoşlaşdylar. Göni on
ýyldan soň marşal Žukow şol bedewde ýeňiş paradyny kabul etdi. Ahalteke bedewi bolan Arap iň gowy tohum atlaryň
naýbaşysydy. Ol güneşli ýurdumyzyň wekili bolup, ýeňşiň
alamatyna, parahatçylyk wekiline öwrüldi! Muňa türkmenler nähili buýsanypdyrlar. Olar Arabyň uly hormata myna­syp
bolmagy baradaky täsin wakany agtyklaryna we çowluklaryna gürrüň bererdiler».
Awtor müň keren mamla. Şol atly ýörişe gatnaşan
obadaşymyz Gabyş Mämiş oglunyň beren gürrüňlerini öz di­
linden diňlemek maňa hem miýesser edipdi. Yzgantly Aman
aga Muhammetgulyýew Aşgabat—Moskwa atly ýörişine
gatnaşan öz obadaşy Seýit Şyhy oglunyň birwagtky beren
gyzykly gürrüňlerini häli-häzirem minnetdarlyk bilen ýatlap
ýör.
Beýik Galkynyş eýýamynda türkmen bedewiniň badyna
bat goşýan, onuň abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän belent
mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu
babatdaky alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Nesip bolsa, ýene iki ýyldan ýurdumyzyň welaýatlarynyň
105
hemmesinde hem täze — häzirki zaman dünýä ölçeglerine
gabat gelýän aýlawlar peýda bolar. Tomaşaçylaryň 7
müňüsine niýetlenen Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda
guruljak iň uly atçylyk sport toplumynyň bahasy 80 million
ýewro barabar bolar. Şeýle hem Lebap, Balkan, Daşoguz,
Mary welaýatlarynda bir wagtyň özünde uly aýlawlaryň 4-si
gurlar. Mälim bolşy ýaly, bu iri desgalaryň hemmesi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite
Karary esasynda bina ediler.
Beýik Galkynyş eýýamyna gadam basan Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanda ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen bedewleriniň gadymy şöhraty has-da
belende galdy, ol döwlet derejesindäki syýasata öwrüldi, çünki «At türkmen üçin ähli zatdyr». Ata-babalarymyzyň asylly
arzuwlaryny amala aşyrýan we olary döredijilikli ösdürýän
Agtyk—hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatdaky öňde durýan wezipäni bütin aýdyňlygy bilen şeýle kesgitleýär:
«Milli Galkynyşymyzyň täze zamanasynda biz ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerip, türkmeniň
atşynaslyk sungatyny täze rowaçlyklara beslemegi, özboluşly
gözelligi, ajaýyp syn-sypaty, ýyndamlygy bilen göreni haýran
edýän bedewlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da
belende götermegi mukaddes borç, belent maksat edindik we
bu ugurda örän uly işleri amala aşyrarys».
Goý, şöhraty dünýä dolan türkmen bedewiniň kişňeýän
sesi söweşlerde däl-de, toý-tomgularda, baýramçylyklarda
eşidilsin!
Dekabr, 2008-nji ýyl.
108
9.Adam sylamagy
Berdimuhamet
mugallymdan
öwreneliň!
Y
nha, bu gürrüň şundan başlandy. Ýaňy, täzelikde
göbek ganymyň daman ýeri, dogduk depäm gady­
my Gökdepäniň Kelejar obasyna gezelenje bardym.
Oba barsam hökman ýaşulular bilen duşuşýan, olar bilen
söhbetdeş bolýan, gök çaýyň başynda ondan-mundan gep
urýas, hal-ahwal soraşýas. Aý, garaz, has türkmençeläp aýtsak, iç döküşýäs-dä. Bu endik kada öwrüldi.
—Täçmämmet, täzelikde, telewizorda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly aga
bilen saýlaw uçastogyna ses bermäge baranyny gördük. Walla,
lap edip aýtdygym däl, gaty sadadan kiçi göwünli, örän sypaýy,
pespäl adama meňzeýär. Ýogsam ol hormatly Prezidentimiziň
atasy ahbetin. Ýene biri bolsa temegini göge tutardy — diýip,
Bäşim hajy Ryzaýew meniň ýüzüme seretdi.
Megerem, ol meniň berjek jogabyma garaşandyr. Ýöne
gürrüňi diňläp oturan gojalardan Gandym hajy Seýitnyýazow bilen Hudaýberdi aga Annaberdiýew gezegi maňa ýetirmediler.
109
—Ataly-ogly ýüzüme syldym...
—Şeýle ogly, il-günüň derdine ýaraýan gerçegi terbiýeläp
ýetişdiren adama tagzym etmek aýyp däldir...
Hormatly Prezidentimiziň nesil daragty bilen içgin gyzyk­
lanyp, ony çuňňur öwrenip, olar barada makalalar toplumyny
ýazyp ýören adam hökmünde, elbetde, men käbir zatlardan
habarlydym.
Içki oýlanmalarym meni uzaklara alyp gitdi.
Berdimuhamet Annaýew, hormatly Prezidentimiziň
atasy 1904-nji ýylda Gökdepäniň Yzgant obasynda eneden
bolýar. Ol üç ýaşyna ýetende kakasy Anna aga ýurduny täzeleýär — aradan çykýar. Anna aga, ýagny milletiň Lideriniň
garry atasy hem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Obada onuň at-abraýy uly eken. Hatda goňşy obalardan hem onuň ýanyna maslahata geler ekenler. Anna aga
kimdir birine kömek edip bilse, oňa delalaty degse, özüni
bagtly saýar eken, şondan lezzet alýan eken.
Atasyndan juda ir jyda düşen Berdimuhamet aga hem
ilhalar adam bolup ýetişýär. Ol başda daýhançylyk bilen
meşgullanan hem bolsa, soňra ykbal ony mugallymçylyk
kärine alyp gidýär, ýaş nesle terbiýe berýär.
1926-njy ýylyň başlarynda Berdimuhamet Aşgabat
şäherindäki mugallymlary taýýarlaýan üç aýlyk kursda okaýar
we ony tamamlap, Balkan welaýatynyň Gazanjyk (häzirki Bereket) etrabynyň Paraw obasynda, 1927—1929-njy ýyllar aralygynda bolsa öz obasy Yzgantda, soňra Gökdepäniň 1-nji
Birleşik obasynda, şeýle hem soňky döwürlerde, tä Watan
gullugyna çagyrylýança, uruşdan gaýdyp gelenden soň hem
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda bilim ulgamynda
dürli wezipelerde işleýär.
Berdimuhamet aga Watan ugrundaky söweşlerde 2-nji
Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunda gulluk etmek
bilen, gahrymançylykly söweşleriň birinde agyr ýaralanýar
hem-de bäş aý gowrak wagt, tas ýarym ýyla golaý Orsýetiň
Kuýbyşew (häzirki Samara) şäherindäki harby gospitalda
ýatýar we ýarasyny bejerdýär. Ol soňra ýene-de öz söýgüli
kärine dolanyp gelýär. Emma 1948-nji ýylyň güýzündäki
aýylganç Aşgabat ýer titremesinde ol panydan bakyýete göç
110
1948-nji ýylyň ýertitremesiniň
döreden weýrançylyklary
eýleýär. Bu barada Mälikguly aga öz kakasyny ýatlap şeýle
ýazýar:
«Obada köp jaýlar ýykyldy, köp heläkçilik boldy. Biziň
jaýymyzyň ýokarsy ýykylman, ara oklary ýykylypdyr. Bize
ilki kömege gelen goňşymyz Nurça Garaja boldy. Ol kakamyň
ozalky okuwçysydy, şol döwürde kolhoz başlygynyň orunbasarydy. Biz kakamy kesegiň aşagyndan çykaranymyzda ol
entek diridi, ýöne demini agyr alýardy...
Kakamyň ölmeziniň öň ýanynda ýene bir aýdany: «Nurça, gyzym, indi meniň ýagdaýym ýagşy, sen Mälikgulyny al-da, mekdebe ylga. Ol ýerde okuwy täze gutaryp gelen ýaş
mugallym ýaşaýandyr, şoňa kömek ediň» diýdi.
Kakamyň agyr halda ýatanyny eşiden adamlar biz
bilen öýe gelenlerinde, kakam ýagty jahan bilen hoşlaşan
eken. Şonda Nurça Garaja uly sesi bilen aglap: «Adamlar,
geliň, adam sylamagy, oňa hormat goýmagy Berdimuhamet mugallymdan öwreneliň! Ol ölüm ýassygynda ýatan wagty öz aladasyny etmän, bizi mekdebe ýaňy gelen
ýaş mugallymy we onuň maşgalasyny halas etmäge iberdi.
Goý, onuň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!» diýip, hatsowat öwreden eziz mugallymy bilen hoşlaşdy». (Men bu
barada metbugat sahypasynda öň has giňişleýin makala
bilen çykyş edipdim.)
Hawa, ine, şu we beýleki käbir bilýän zatlarym barada indi
segsene ser urup ýören oba ýaşulularyna gürrüň berdim-de:
—Şeýle maşgaladan kemal tapan adam nähili sahawatly
bolmasyn?! Onsoň Mälikguly aganyň özüni adaty adamlar
ýaly alyp barşynda hiç hili geňlär ýaly zat ýok ahbetin —
diýip, men sözümi soňlamakçy boldum.
Olar ýerli-ýerden seslendiler.
—Hak aýdýaň. Şindi birine baha beriljek bolsa, onuň
aňyrsyna ser salynýandyr, kimlerdendigi soralýandyr. Adam
görüm-göreldä eýerýändir...
—Be, hormatly Prezidentimiziň asyl, aňyrsynda beýle
belent adamlar duran eken-ow. Onuň özi hem hoşroý ýigit,
perişde sypat, içinden ýalyn geçene meňzeýär.
—Keremli Taňry ýurduň patyşasyna kyrk adamyň akylyny berermiş diýýärler. Her bir öňýeten ýurda ýolbaşçy bo8*
113
Hasratly günleriň geçdigi bolsun!
lup bilýän däldir. Birhili, onuň edýän gürrüňleri maňzyňa
batýar.
Oba ýaşulularynyň senaly dillerinden şeýle ýakymly
sözleri eşidenimde, meniň ýene-de käbir zatlar hakydamda
oýandy.
—Hormatly gojalar, ýadyňyza düşýämi? Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow heniz bu wezipä
dalaşgärkä Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy,
özem şol duşuşyk, ýalňyşmaýan bolsam, Türkmenistanyň
Gahrymany Myratberdi Sopyýewiň obasynda bolup geçdi.
Şonda köp adamlar çykyp gürlediler. Çykyş etmek gezegi
ak saçly, ak gyňaç perişde sypat bir garry enä ýetdi. Ol süýji
dilli zenan eken. «Oglum, balam...» diýip, söze başlady welin,
prezidiumda oturan dalaşgär Gurbanguly Berdimuhamedow
ör turup, enäniň hormatyna başyny egdi, onuň aýdanlaryny
soňuna çenli şol ýagdaýda ünsli diňledi.
Men şonda, bu ahwalaty teleýaýlymda görüp otyrkam,
geň galyp, içimi gepletdim. «Berekella, terbiýe gören adam
eken. Enäniň öňünde baş egip bilýäniň görjegi gowulyk bolar, enşalla! Sebäbi ene keremdir, keramatdyr. Eneler biziň şu
günki barlygymyzdyr, ertirki dowamatymyzdyr».
Dogry, men ol wagtlar, ýagny mundan iki ýyl öň geljekki
Prezidentimiziň terjimehaly bilen edil häzirki ýaly çuňňur
tanyş däldim, ol barada bilýän zatlarym juda ýöntemdi. Ýöne,
ýene bir gezek gaýtalap aýdýan, hormatly Prezidentimiziň
enäniň öňündäki baş egmesine pisindim oturdy, haladym.
Ondan köp gowulyklara garaşyp boljakdygyna ynandym,
ýüregim bilen uýdum.
— Ýaşulular, men size ýene bir geň galan zadym barada aý­da­­ýyn. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow arada Germaniýada resmi sapar bilen bolanynda arassa ne­mes dilinde çykyş etdi. Özi hem hiç hili ýazgysyz
zatsyz, how! Oturanlaryň geň galmakdan ýaňa gözleri tegelendi.
Hudaýlygymy sözläýin, özümem tolgundyryjy pursady başdan
geçirdim, ýurt Baştutanymyza bolan buýsanjymyň çägi bolmady.
«Berekella!» diýip, gygyranymy özümem duýman galdym.
Ýöne bir zada welin häzirem düşünip bilemok. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerinden nemes dilini şeýle
116
suwara bilýändigi baradaky maglumata hiç ýerde gabat gelmedim. Munuň özi pes pällilikden bir nyşanmyka?!
Hawa, görşüňiz ýaly, saýlaw uçastogyna öz perzendi
— Prezident ogly bilen ses bermäge baran Mälikguly aganyň
özüni sada hem salyhatly alyp barmagynda hiç hili tötänlik
ýok. Ol aňyrdan gelýän akaba eken.
Men sözüme dyngy berdim-de, «Söhbetdeşlerim näme
diýerkä?» diýip garaşdym. Bu gezek üçüsiniň adyndan obaň
ymamy Bäşim hajy gürledi.
—Täçmämmet, inim, ýurdumyzda bolup geçýän bu
ösüşlere, özgerişlere buýsanjymyzyň çägi ýok. Hormatly
Prezidentimiz ýurt başyna geçen badyna daýhanlaryň pensiýalaryny dikeltdi welin, her kim guş bolup uçaýjak boldy
begenjinden. Oba hojalygyny ösdürmek, obalaryň keşbini
özgertmek baradaky şu günlerki alnyp barylýan işleri hiç zat
bilen deňär ýaly däl. Tüweleme, göz degmesin!
Halky, Watany üçin şeýle jan çekýän hormatly
Prezidentimiziň pederleri barada, onuň özi hakynda biziň
köp-köp zatlary bilesimiz gelýär. Ýöne telewizorda - beýlekide,
şolar barada kän gürrüň edilenok, olar hakda bir kino zadam
döredilse, kem däl. Bu ýeke meniň ýa-da şu üçümiziň göwün
islegimizdir öýtme, tutuş halkymyz şeýle zatlaryň hyrydary.
Olaryň durmuşynda biziň şu günki we geljekki nesillerimize
sapak edinere, öwrenere zat kän. Biziň göwünküýsegimizi
degişli ýerlere ýetirip bolmaýamy?
Bäşim aganyň bu sowalyna baş atyp razyçylyk berdim.
Kyýamat güni bergili bolmaýyn diýibem, metbugat sahypasynda şu makala bilen çykyş etmegi müwessa bildim.
Dekabr, 2008-nji ýyl.
117
10.Milli
medeniýetimiziň
medetkäri
O
l öz sözüni ýele-yga, saga-sola sowrup ýörenlerden
däldi. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet
aga bilen Gökdepede bilim ulgamynda ençeme ýyl
bile işleşen Çopan Hanow geçen asyryň 60-njy ýyllarynda,
ýagny meniň etrap medeniýet bölüminiň müdiri bolup işlän
döwürlerimde, ol maňa çaý başynyň söhbedinde şeýle bir zat
diýipdi:
—Wah, biwagt gelen ajal onuň ömür tanapyny ir üzdi.
Ol gerekli adamdy. Yzgantly Berdimuhamet diýen biri bilen
bile işleşdim, bilim ugrunda. Ol juda salyhatly, sypaýy hem
sowatly, örän medeniýetli adamdy...
Yzgantly... Örän medeniýetli...
Tas ýarym asyr mundan öň bolup geçen bu gürrüňi men
häzir näme üçin ýatlaýaryn?!
Ynha, meniň elimde özüm bilen gözli ýaşytdaş, ýagny 1940-njy ýylda «doglan» — neşir edilen bir kitap bar.
G.I.Karpowyň «Oçerki po istorii Turkmenii i turkmenskogo
naroda» (A.,1940) atly çaklaňrajyk, bary-ýogy 57 sahypadan
ybarat bu kitapçada, ine, şeýle setirler bar:
«Drewneýşimi poseleniýami çeloweka na territorii sowremennogo Turkmenistana, po arheologiçeskim dannym,
118
ýawlýaýutsýa kurgany, raspoložennyýe okolo aulow: Anau,
Izganta, Kelýata, Kaahka i gor. Aşhabada.
Eti kurgany - selişşa drewnego çeloweka byli ýego
stoýankami okolo 5—7 tysýaç let tomu nazad».
Elbetde, men meşhur alym, akademik Ata Jykyýewiň
türkmenleriň gelip çykyşy barada 1991-nji ýylda rus dilinde
neşir edilen kitabyndan, şeýle hem onuň «Yzgant-oguzkent»
atly makalasyndan habarlydym. Ol öz makalasynda («Türkmenistan», 2007 ý.) «Yzgant — munuň özi aslynda Oguzlaryň
şäheri diýmegi aňladýar» diýip nygtaýar.
Hawa, G.Karpowyň bu kitaby akademik A.Jykyýewiň
ýokarda aýdanlaryna doly güwä geçýän goşmaça çeşmedir.
Diýmek, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet
aganyň önüp-ösen obasy türkmeniň goja taryhynda öçmejek
yz galdyran oba eken.
Köküni alyslardan, gadymyýetden alyp gaýdýan bu
obanyň şöhratly geçmişi özüniň oňaýly täsirini Anna agalaryň
(hormatly Prezidentimiziň garry atasy - awtor) maşgalasyna,
onuň soňky ýaýrawlaryna hem ýetiren bolmaly.
Men gürrüňimi medeniýet meselesine syrykdyrmakçy
bolýaryn.
Şeýle sowatly, ýokary medeniýetli maşgalanyň
dowamaty bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýurt Baştutanlygyna gelen gününden
ylma, bilime, medeniýete aýratyn ähmiýet bermeginde hiç
hili tötänlik ýa-da geňläre zat ýok eken. Munuň özi aňyrdan
gelýän dury gözbaşly akabadyr.
Milli Liderimiz türkmen milli medeniýetiniň hem-de
sungatynyň arkadagyna, hakyky hossaryna hem-de howandaryna, hemaýatkärine hem-de medetkärine öwrüldi.
Meniň uly buýsanç bilen şeýle bir hakykaty aýratyn nygtasym gelýär. Ählihalk tarapyndan saýlanylan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi taýdan
işe başlanyndan dek iki gün soň, ýagny 2007-nji ýylyň 16-njy
fewralynda ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabadyň
iň gözel künjekleriniň birinde mesgen tutan Milli medeniýet
merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we oňa ak pata berdi.
119
Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet
köşgüniň açylyş dabarasy
Milli medeniýet merkeziniň açylyş dabarasynda çuň manyly çykyş eden milli Liderimiz şeýle diýdi: «...Bu bina türkmen ylmyny, medeniýetini ösdürmäge hyzmat edip, türkmen halkynyň şöhratly ýoly hakyndaky hakykaty asyrlardan
asyrlara aşyryp, geljek nesillerimize ýetirsin!..
Şu günki açan Milli medeniýet merkezimiziň ýurdumyzdaky köp sanly teatrlaryň we muzeýleriň üstüni ýetirip, Türkmenistanda medeniýetiň we ylmyň ösdürilmegine uly itergi
berjekdigine hiç hili şek-şübhe ýokdur».
Ýurt Baştutanymyzyň welilik bilen aýdan bu dogaýy
sözleriniň üstünlikli durmuşa geçýändiginiň bu gün biz janly
şaýady bolup ýörüs.
Hawa, Beýik Galkynyş eýýamynda Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösüşiň,
özgerişiň belent derejelerine göterildi. Bäş müň ýyllyk
taryhly halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna öwrülen çeperçilik taýdan kämil sungat eserleriniň döremegi, ak mermere
beslenen paýtagtymyz gözel Aşgabatda we ýurdumyzyň
welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni
maksatly binalaryň gurulmagy türkmen medeniýetiniň
we sungatynyň has-da gülläp ösmegine, onuň milli
aýratynlyklarynyň goja Zeminde giňden wagyz edilmegine
uly mümkinçilik döredýär.
Geçen 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Milli medeniýet
merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýet
ulgamynyň, metbugatyň, telewideniýäniň we radionyň
ýolbaşçylary, şeýle hem döredijilik adamlary bilen duşuşyp,
taryhy söz sözledi. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa
ýugrulan çuň manyly çykyşynda «Biziň gülläp ösýän döwleti­
miz dünýä medeniýetiniň ösüşinden hiç haçan yza galmaly
däldir» diýip aýtdy.
Üns beriň, nähili belent maksat öňe sürülýär! Türkmeniň
milli medeniýeti dünýä medeniýetinden yza galmaly däl! Özi
hem bu dogaýy sözler hormatly Prezidentimiziň senaly dilinden çykýar. Ýok, örän kesgitli hem anyk goýlan bu wezipeler
söz owadanlygy üçin aýdylanok. Onuň aňyrsynda durmuş
hakykaty ýatyr.
122
Türkmenistan medeni hem-de ruhy galkynyşlaryň
gadymy mekany hökmünde giňden tanalýar. Bu dünýä
jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilen hakykatdyr.
Diýmek, hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň öz
döwründe dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna,
sungatyna goşan goşandyny diňe bir täzeden dikeltmän,
eýsem ony döwrüň, ýagny Beýik Galkynyş zamanasynyň
talabyna görä döredijilikli ösdürmegiň, nusgalyk derejesine
ýetirmegiň aladasyny edýär. Şeýle asylly maksady özüne
ýol-ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň Hudaýa şükür,
işi hem rowaç alýar.
Elbetde, bu babatdaky bitirilen işleriň hemmesi barada
söhbet açyp, sözümizi sozup oturmagyň uly bir hajaty ýok.
Ýöne, olaryň käbiri barada kelam agyz aýdylsa kem däl.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bary-ýogy bir ýyl mundan öň Mukamlar köşgünde döredilen Döwlet
simfoniki orkestri ýylyň uly wakalarynyň biri hökmünde milli medeniýetimiziň taryhyna girdi, onuň dabarasy dag aşdy.
Bu simfoniki orkestr atlary giňden tanalýan ýurdumyzyň
meşhur kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda, daşary
ýurtly kompozitorlar Bethoweniň, Mosartyň, Çaýkowskiniň,
Haçaturýanyň, Bizeniň we başgalaryň eser­lerini hem ussatlarça ýerine ýetirip, saz muşdaklarynyň alkyşyna mynasyp
bolýar.
Ýurtlar arasyndaky doganlyk-dostlugy ösdürmekde,
ony has-da berkitmekde, belent derejelere ýetirmekde medeni gatnaşyklaryň, özara hyzmatdaşlyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şonuň üçin hem hormatly
Prezidentimiz nirede we haýsy ýurtda bolsa hem, medeni
gatnaşyklaryň ösüp-örňemegi üçin tagalla baryny edýär.
Döredijilik, sungat adamlarynyň uly bir toparyny öz ýany
bilen alyp gidýär, baran ýurtlarynda olaryň çykyşlary gurnalýar.
Enşalla, şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyz Aşgabatda
ýokarda ady agzalan Döwlet simfoniki orkestrimiz özleriniň
awstriýaly kärdeşleri-sazandalary bilen bilelikde konsert be­rerler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň geçen
ýylyň noýabr aýyndaky Awstriýa Respublikasyna eden res-
123
Türkmenistanyň Milli medeniýet
merkeziniň Milli kitaphanasy
mi saparyndan gelip çykýan netijelerdir, Beýik Galkynyş
zamanasynyň talabydyr.
2008-nji ýylyň başyndaky bolup geçen taryhy duşuşykdan
soň örän gysga döwrüň içinde opera sungaty dikeldildi,
«Şasenem - Garyp» operasy sahnalaşdyryldy. Bu sahna ese­
riniň Mukamlar köşgünde bolup geçen premýerasyna hut
hormatly Prezidentimiziň özi hem gatnaşdy. Elbetde, ýurt
Baştutanymyzyň oňa gatnaşmagy sungata goýulýan belent
sarpadan nyşan. Bu taryhy waka tutuş halkymyzda, aýratyn-da, Diýarymyzyň döredijilik adamlarynda ýakymly täsir
galdyrdy. Uly ruhubelentlik döretdi. Häzir bolsa, «Leýli-Mežnun» operasyny taýýarlamak, ony täzeden dikeltmek işi
güýçli depginde alnyp barylýar. Onuň tomaşaçylara ýetiriljek
güni hem şeýle bir uzakda däl.
Görşümiz ýaly, milli Liderimiziň türkmen medeniýetini
we sungatyny dünýä derejesine galdyrmak, ösdürmek baradaky edýän atalyk aladalary özüniň oňat netijelerini berýär.
Ýeri gelende aýtsak, aýdym-saz sungatynyň giňden wagyz edilmegine hut hormatly Prezidentimiziň öz görkezmesi
bilen täze döredilen «Owaz» radioýaýlymynyň, şeýle hem
«Türkmen owazy» atly teleýaýlymyň goşýan goşandy aýratyn ähmiýete eýedir. Dogrusyny aýtsak, soňky döwürde
milli aýdym-saz sungatymyza suwsan halkymyzyň gulak posy açyldy. Bu babatdaky bitirilen işlere halkymyzyň
minnetdarlygynyň çägi ýok.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzyň şanly
17 ýyllygynyň öň ýanyndaky konsertleriň birinde üstünlikli
çykyş eden halk saz gurallary ansamblynyň artistlerine: «Men
size buýsanýaryn hem-de guwanýaryn» diýip, aýdan sözleri
bolsa tutuş halkymyzda, aýratyn hem, saz muşdaklarynda
ýakymly täsir galdyrdy.
Hawa, dünýä medeniýetinde sirk sungatyna hem aýratyn orun degişli. Has irkiräk döwürlerde at üstünde oýnan
türkmen jigitleri dünýäni aňk edipdi. Haýrana goýupdy.
Olaryň çykyşlary köp-köp ýurtlarda bolupdy. Gyratyň owazy Pereňde ýaňlanypdy.
Ýewropa ýurtlarynyň birinde şeýle waka bolupdyr diýip
daş gulakdan eşidipdim. Türkmen jigitleriniň ussatlygyna
126
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Altyn asyryň altyn nesline guwanýar
9*
gözi giden tomaşaçy hamyla bir zenan maşgala özüniň dünýä
inen perzendine «Jigit» diýip at goýupdyr.
Ine, şol şan-şöhraty dolap getirmek, ony diňe bir dikeltmek hem däl, eýsem, ony döredijilikli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baş aladasyna öwrüldi. Bu hem Beýik
Galkynyş zamanasynyň talaby. Şu günler 1985-nji ýylda gurlan Türkmen döwlet sirkiniň binasynyň durkuny täzeläp, ony
dünýä ülňülerine laýyk geler ýaly etmek üçin işler gyzgalaňly
alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň hemaýaty bilen
başlanan bu işiň oňaýly netije berjekdigi ikuçsuzdyr. Eýýämden Türkmen döwlet medeniýet institutynda estrada we sirk
artistlerini taýýarlamaga girişildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdi­muha­me­dowyň
gol çeken Karary esasynda paýtagtymyzyň iň gözel hem gör­
nükli künjekleriniň birinde Medeniýet şäherçesiniň gurluşygy
giň gerimde alnyp barylýar. Bu şäherçede Medeniýet ins­
titutynyň täze binasy bilen bir hatarda ýurdumyzyň me­deniýet
we sungat işgärleri, döredijilik adamlary üçin ähli amatlyklary
bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi, şeýle hem ýöriteleşdirilen
sazçylyk mekdebiniň binasy ýerleşer.
Şeýle ýöriteleşdirilen şäherçäniň gurulmagy döredijilik adamlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň göwün
guşuny ganatlandyrýar, olaryň geljege bolan ynamy artýar.
Ýurdumyzda medeniýete dahylly täze gurulýan köşgi-eýwanlar barada söhbet açyp, kino muşdaklaryna garaşýan
käbir sowgatlar barada hem kelam agyz aýdylsa kem däl.
Magtymguly şaýolunyň ugruny bezejek häzirki zaman
kinoteatrynyň umumy meýdany 4500 inedördül metre barabar bolup, onuň birnäçe zallary bolar. Bu kinomerkezde
şeýle hem internet-kafe, kitaplar we sowgatlar dükany
ýerleşer. Kinoteatryň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylar.
Belent
mertebeli
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimu­hamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2009-njy ýylyň
15-nji ýanwarynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde eden
çuň manyly çykyşynda şeýle dogaýy sözler bar: «Balkanabat,
Türkmenabat, Mary şäherlerinde muzeýleriň gurluşygyny
dowam etdirmeli, Aşgabat şäherinde Etnografiýa, ülkäni
öwreniş we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýlerini
130
ulanmaga bermeli». Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň
görkezmesi we tabşyrygy bilen Gökdepe galasynda gurulýan
taryhy muzeý ýakyn wagtda ulanylmaga berler.
Muzeýler ýurdumyzyň şanly geçmişini, taryhyny, şu gü­
nüni giňden açyp görkezýär. Olar milli medeniýeti öwrenýän
hem-de gymmatly sungat eserlerini gorap saklap, olary geljekki nesillere ýetirýän medeni ojakdyr. Durmuşyň ähli ugurlaryna badalga beren Beýik Galkynyş zamanasy döwründe
halkymyzyň ruhy baýlygynyň serweri hasaplanýan, milli
medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýan kitapdyr kitaphanalar hakynda hem aýtman bolmaz. Çünki kitap
türkmeniň hemişelik hemrasy. Ýurt Baştutanymyzyň sözleri
bilen aýtsak: «Türkmenler Oguz han döwründen bäri kitaby
iň ýokary gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr». Ýyldyzlar
asmany bezeýän bolsa, kitap adamynyň ruhy dünýäsini
bezeýär.
Biz özümiziň öňki makalalarymyzyň birinde hormatly
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
  • Büleklär
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1900
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1971
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3542
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3516
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3498
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1844
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3446
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1848
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3399
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3060
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
    29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.