Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4

Süzlärneñ gomumi sanı 3553
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
döretdi, olaryň yhlasyny artdyrdy, jebisleşdirdi, olary ýurt
Baştutanymyz bilen bir ten, bir jana öwürdi. Netijede, halk,
Watan, Prezident diýen üç keramat synmaz gudrata öwrüldi.
Şeýle ýagdaýyň emele gelen ýerinde bolsa, onuň öňünde durup biljek böwet bolmaýar.
Hormatly Prezidentimize mahsus bolan bir aýratynlyk
bar. Ol «Ýedi ölçäp bir kesmegi» halaýar, sebäbi «Maslahatly biçilen don gysga bolmaýar». Bu oba hojalyk meselesinde
hem şeýle boldy.
2007-nji ýylyň 30-njy marty. Mary topragy XX Halk
Maslahatynyň myhmanlaryny gujak gerip garşylady. Bu
maslahat ykbal çözüji maslahatdy.
Hawa, ýokarda belläp geçen bir aýratynlygymy hormatly
Prezidentimiziň öz sözleri bilen delillendiresim gelýär: «Biz
XX Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek üçin ýörite
döwlet toparyny döretdik. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan birnäçe kanunlar işlenilip taýýarlanyldy. Hemmäňiz
bilýänsiňiz, ol kanunlar metbugatda çap edilip, halk tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Ildeşlerimizden köp
teklipler gelip gowuşdy». Ýeri gelende aýtsak, şol teklipler
hem göz öňünde tutulyp, daýhanyň daýanjyna öwrülen ençeme resminamalar işlenilip düzüldi we kabul edildi. Şu geçen
iki ýyla golaý döwrüň içinde Maslahatda we ondan soňraky
edilen düýpli, netijeli gürrüňler durmuşa geçip başlady. Bu
günki gazanylýan üstünlikler onuň şeýledigine doly güwä
geçýär.
Geliň, käbir mysallara ýüzleneliň. XX asyryň 90-njy
ýyllarynda ýurdumyzda bary-ýogy 70 müň tonna däne
öndürilýärdi. Käbir galamdaşlarymyzyň adalatly aýdyşy
ýaly, ak bugdaýyň alnyna gara atanak çekilipdi. Ýogsam,
Türkmenistanyň ak bugdaýyň Watanydygyny ylym mundan
100 ýyl gowrak öň ykrar edipdi ahbetin.
Garaşsyzlygyň gudraty ak bugdaýyň alnyndan hem ak
Gün bolup dogdy we ony galkyndyrdy. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
parasatly, paýhasly sözleri bilen aýtsak, biz «...Gysga wagtda ýurdumyzda ak bugdaýyň gadymky şöhratyny dikeldip,
onuň öndürilişini 30 esse artdyrmagy başardyk. Öz halky-
75
Türkmenistnayň Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedow
pagtaçylaryň arasynda
myzy ekläp bilýän ýurda öwrüldik. Azyk garaşsyzlygyny gazandyk».
Türkmen ak pagtany ak bagtyna deňeýär. Bagt bolsa hiç
wagt aýak astynda galdyrylmaýar, depelenilmeýär. Hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de atalyk aladalary
netijesinde 2008-nji ýylda ýurdumyzyň pagtaçylyk pudagynda
gazanýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitler örän buýsançlydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň Oguzhan, Babadaýhan,
Tagtabazar, Ak bugdaý, Tejen, Galkynyş, Garagum, Atamyrat, Köýtendag, Döwletli, Ruhubelent, Sakarçäge, Ruhabat
ýaly başga-da käbir etraplarynyň pagtaçylarynyň döwlet
öňündäki plan-borçnamalary dolmagy guwançly wakadyr.
Ahal welaýatynyň «ak altyn» ussatlary 175 müň tonnadan
hem gowrak pagta öndürip, Watan harmanyna goşdular.
Hawa, hemmä belli bir hakykat bar. Adam özi hakdaky
edilýän aladany bilen we duýan ýagdaýynda öz edýän işine
höwesli ýapyşyp biler.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň iň çetki
etraplarynyň biri bolan Esenguly etrabynda bolmagynda hem
uly many bar eken. Ol: «Esenguly etrabynda iş saparynda bolanymda oba durmuşynyň, oba ýaşaýşynyň häzirki zamanyň
şertlerinden juda daşdadygyna göz ýetirdim» diýip nygtamak bilen, obany ösdürmek boýunça düýpli işleriň öňde
durýandygyny aýtdy we degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.
Hakykatyň hatyrasy üçin aýtsak, ol bu möhüm wezipäniň
ýerine ýetirilişi bilen yzygiderli gyzyklanyp durýar.
Ýurt Baştutanymyzyň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş
şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin
işläp taýýarlan Milli maksatnamasy doly güýjünde herekete
getirildi. Esenguly şäherçesindäki, şeýle hem Ruhubelent,
Döwletli we Altyn sähra ýaly etrap merkezlerindäki gurlan hem-de gurulýan dürli maksatly binalary görmäge göz
ge­rek. Olar döwrümiziň ýaraşygy bolup, sözüň doly manysynda, obalarymyzy şäher bilen bäsleşdirýär.Üç tapgyrda
amala aşyryljak bu işiň diňe birinji (2008—2012 ý.) tapgyry
üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinden 4 milliard amerikan dollary goýberildi. Ýok, bu entek hemmesi däl, munuň
77
Türkmen ak pagtany ak bagtyna deňeýär
özi diňe bir başlangyç. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň nobatdan daşary geçirilen
XXI Halk Maslahatynda çuň manyly çykyş edip: «Soňra bolsa
Türkmenistan özgerip, düýbünden täze ýurda öwrülýänçä,
beýleki obalardyr şäherçelerimizi hem düýpli özgertmek işi
dowam etdiriler» diýip aýtdy.
Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak Beýik Galkynyş
eýýamynyň, uly-uly ösüşlerdir özgerişleri başdan geçirýän
häzirki döwrüň derwaýys wezipesi bolup durýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolup
geçen mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň agrar
sektorynda işleriň ýagdaýyny jikme-jik seljerip, oba hojalygy
boýunça möhüm meseleleriň birnäçesini öňe sürdi. Agrosenagat toplumyny güýçli depginler bilen ösdürmek üçin her
bir welaýatyň anyk mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak
zerur şertleriň biri bolup durýar. Bu babatda hem ýene-de
alymlaryň, öz işine ökde hünärmenleriň, köp çarşenbäni
başdan geçiren tejribeli daýhanlaryň, ýaşulularyň maslahatyna eýermeli, olaryň akylly-başly wesýetlerini diňlemeli.
Ýurdumyzyň Demirgazygyndan başlap, Günortasyna çenli
ähli ýerinde hökman pagta ekäýmeli diýen nädogry düşünje
bize geçmişden, sowetler döwründen galan mirasdy. Ynha,
bu gün hormatly Prezidentimiz ykdysady taýdan düşewüntli
bolmadyk, durmuşyň talaplaryna laýyk gelmeýän şol
tejribäniň soňuna sogan ekmelidigini aýtdy.
Elbetde, bu geçirilýän reformalaryň hemmesi hem
ahyrky netijede, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýokarlandyrmak ýaly sogap işler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Hawa, häzirki döwrüň oba hojalygyny, tutuş agrosenagat toplumyny, ösen tehnikasyz göz öňüne getirmek asla
mümkin däl. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz daşary
ýurtlardan biziň şertlerimize laýyk gelýän, ähli synaglardan
üstünlikli geçen täze tehnikalary satyn almaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu gün türkmeniň Hydyr gören topragynda
ABŞ-nyň meşhur «Jon Dir» we «Keýs» kompaniýalarynyň
güýçli tehnikalary, şeýle hem «Belarus» traktorlarynyň dürli
kysymlary «arlap» zähmet çekip, olar Berdimuhamet aganyň
6*
81
obadaşlaryna gürrüň beren hekaýatynda aýdylyşy ýaly, ýeri
mum-helim edýärler, içini daşyna çöwürýärler... Diýmek,
hekaýat hakykata öwrülýär.
Göwnüme bolmasa, goja Zeminiň bu künjünden türkmen topragynyň astyndan gulagyma şeýle bir owaz gelýän
ýaly bolýar: «Men zer gadyryny bilýän zergäre duşdum.
Halkynyň aladasyny gerdenine alan gerçek Ogul meni har
edenok, onsoň menem sizi hor etmen...».
Hawa, gadymy türkmen topragynyň üstünde şeýle
sazlaşyk, jebislik emele geldi. Sazlaşygyň bar ýerinde bolsa
aýdymam bolýar, çöregem.
Noýabr, 2008-nji ýyl.
7.Türkmen aga,
telpegiňi göge zyň!
B
eýik Britaniýanyň garaşsyz halkara audit guramasynyň
ýurdumyzyň Gündogarynda, Amyderýa basseýninde ýerleşen Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar gaz
ýataklarynyň ümmülmez gorlary baradaky yglan eden resmi
maglumatlary dünýäde uly seslenme döretdi, Beýik Galkynyş
eýýamynyň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny arşa
göterdi.
Ýyldyrym çaltlygynda goja Zemine ýaň salan bu şatlykly
habar türkmeniň buýsançly başyny belende ýetirdi, ol toý
keýpi bilen gykuwlap, telpegini göge zyňdy.
Hudaýa şükür, halal mal hak eýesine iru-giç gowuşýan
eken. Bu baradaky giňişleýin gürrüňi az-kem soňa goýup,
geliň, geçmişe göz aýlalyň!
Hawa, beýik Biribaryň türkmen halkyna eçilen bu ýerasty baýlyklary uzak-uzak ýyllaryň dowamynda özüne nesip etmedi, kesekileriň, ýedi ýatlaryň, bigäneleriň hyzmatynda boldy, onuň ygtyýary başgalaryň elindedi. Olar ýalkasa
ýazdy, gargasa gyşdy. Şonda-da, adam pahyr monça bolýan
eken. Gaýtam, bokurdagymyza bat berip: «Dag göwsünden
nebit alýan zor oglan» diýip, aýdymam aýtdyk. Dagy nädeli,
görüm-göreldämiz, terbiýämiz şeýle boldy. Bu zatlaryň hemmesi sowet ideologiýasynyň bize ýetiren täsiridi. Şonuň üçin
hem ýogyn-ýogyn turbalar arkaly uzaklara akdyrylýan türk-
83
men gazynyň, nebitiniň nirä gidýändigi, kimleriň oja­gyny
ýyladýandygy bilen biziň asla işimizem ýokdy. Olardan
girýän girdejileriň näçedigini we nirä, haýsy maksatlar üçin
harçlanýandygyny hem bilemzokdyk.
Bu zatlar barada «alada» edýänler bardy, onuň üçin
kelle agyrtmak bize hökman däldi. Netijede, biz-ä tezekdir
çöpleme bilen oňňut ederdik, «mawy» ýangyjymyzy ýakyp,
onuň hözirini görýänler bolsa başgalardy. Elbetde, munuň
özi öňde biriniň «Saçak doly kökejik, men iýmäge köke ýok»
diýeni ýaly bir zatdy.
Hiç ýadymdan çykanok, 1989-njy ýylda çykan «Tokmak» satiriki žurnalynyň 12-nji sanynyň daş sahabynda ussat
karikaturaçy Meret Gylyjowyň Täze ýyla bagyşlap çeken gaz
bilen baglanyşykly bir suraty bardy.
...Daş-töwerek ak gara basyrylypdyr, aňzakly gyş
öz hökümini ýöredýär. Ýüzüne gözilginç iri harplar bilen
«Gaz magistraly» diýlip ýazylan äpet ýogyn turba türkmen obasynyň gapdaly bilen nirädir uzaklara, bir ýere geçip
gidýär. Arkasynda birje çogdam çöp alyp gelýän Aýazbaba
sowukdan ýaňa digdenekleşip duran körpelere ýüzlenip:
«Çagalar, gyşyň içinde size şundan gowy sowgat bolmaz.
Ýakyň, ýylynyň, balalarym!» diýýär.
Elbetde, bu ýerde aýdylýan zat ajy hakykatdy. «Balyga
suw ýaly gerekdir tankyt» diýen şygary baýdak edinen hem
bolsak, şol surat üçin žurnalyň baş redaktorynyň — siziň sadyk guluňyzyň başyny agyrdypdylar.
Hawa, köne saman sowrup durmasagam boljak welin,
ýeri gelende ýene bir zat ýatlansa ýagşy.
Köp ýyllaryň dowamynda öz halasgärimiz hökmünde
W.I.Lenini apalap gezdik. Ol türkmene özüniň doganlyk
goluny uzatdy, hatda M.Frunzä ýollan telegrammalarynyň
birinde Çeleken nebitiniň ýagdaýy bilen hem gyzyklanypdyr diýip, monça bolduk. Soň seredip otursak, onuň aladasy
başga eken.
Geçmişde biziň bu tebigy baýlyklarymyz köpleriň derdine em bolupdyr, çeperleşdirip aýtsak, «Artygyň harmanyna» dönderilipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Kolumbiýa (ABŞ) uniwersitetinde eden
84
çuň manyly çykyşynda, ynha, şeýle bir maglumat hem nygtalýar.
«Türkmen topragy nebite we tebigy gaza örän baýdyr.
Häzirki wagtda meşhur bolan Nobel baýragyny esaslandyran
jenap Nobeliň özi Hazar deňziniň kenarýakasyndan golaýda
ýeriň ýüzünde toplanan nebiti ýygnapdyr we satmak üçin
ugradypdyr».
Hawa, goja taryhyň gatlaryna näçe çuň aralaşdygyňça,
şolar ýaly wakalaryň şaýady bolýarsyň. Sebäbi taryh hiç kimden hiç zady ýüz görmeýär, ol hakykaty halaýar.
Wagtyň bir ölçegi bolýar, ol diňe öňe hereket edýär,
durmuş özgerýär. Gadymy hem müdimi türkmen topragyna
halkymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyzlygynyň gadam
basmagy bilen türkmen üçin heňňam ýigdeldi, türkmene
döwletli döwran dolandy. Ol öz baýlygynyň hakyky eýesi
boldy.
Öz mähriban halkynyň ykbalyny gerdenine alan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet
Baştutanlygyna saýlanandan, Beýik Galkynyş eýýamyna ga­
dam basyldy, ol bu täze eýýam durmuşyň ähli ugurlary boýunça çuň we giň özgertmelerdir ösüşleri amala aşyrmalydyr
diýip aýtdy. Köp-köp mysallara ýüzlenip, sözümizi sozup
oturman, ony nebit-gazly meselä syrykdyralyň!
Milletiň Lideri: «Biziň nebitgaz baýlyklarymyz köp, olary
diňe halkymyzyň oňat ýaşamagy, eşretli durmuşyň hözirini
görmegi üçin gönükdireris» diýip nygtady.
Indi ençeme ýyl bäri bagtyýar türkmen halky gazdan,
elektrik togundan, suwdan, nahar duzundan mugt peýdala­
nyp gelýär. Hormatly Prezidentimiz bu zatlaryň möhletini-hä
baýaky uzaltdy welin, olaryň üstüne jemagat hyzmatlaryny
we şahsy awtoulaglar üçin benzini hem mugt etdi oturyberdi.
Türkmen aga bu eşretli döwran üçin belent başyny dik tutup,
toý keýpi bilen gykuwlap, ýene-de telpegini göge zyňdy.
Elbetde, jahan giň, ýagşyňa ýaran bolýanam bar, göriplik
edýänem. «Kähalatlarda aňyrsy boş habarlary ýaýratmagy
gowy görýän käbir habar beriş serişdelerinde «Türkmenista­nyň
gaz gorlarynyň möçberi belli däl» diýen ýaly Türkmenistanyň
halkara ylalaşyklaryny şübhe astyna goýýan habarlar peýda
85
Gaz türkmeniň baş baýlyklarynyň biridir
bolýar. Şunuň ýaly bähbit arap ýazylýan habarlara men jogap
hökmünde Türkmenistanyň ägirt uly nebit we gaz gorlary
bar diýip arkaýyn aýdyp biljek».
Hormatly Prezidentimiziň bu dogaýy sözleriniň, howa­
ýy bir zat däldigini durmuşyň özi subut etdi. Ýene-de başky
gürrüňimize dolanalyň.
Garaşsyz halkara audit guramasynyň kesgitlemesine
görä, häzirki bar bolan maglumatlara laýyklykda, Günorta
Ýolöten-Osman ýatagynyň gorlary, aşaky baha görä 4 trillion
kubometr, optimal baha görä 6 trillion kubometr, ýokary baha
görä bolsa 14 trillion kubometr gaza barabardyr.
Garaşsyz auditiň guwandyryjy jemleri gybat-gürrüňe,
hiç hili şübhä ýol goýmady, ähli zady Aý dogan ýaly etdi.
Bütin dünýäde Türkmenistan bilen gyzyklanmalaryň sany
artdy.
Golaýda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýew­
raziýa energetika syýasaty boýunça koordinatory Stiwen
R. Manny kabul etdi. Myhman hormatly Prezidentimizi bu
buýsançly habar bilen mübärekläp, ol häzirki wagtda Türkmenistan dünýä energetika döwletiniň statusyny özünde
ynamly berkitdi diýip aýtdy.
Umuman, bu iri ýerasty baýlyklaryň resmi taýdan ykrar
edilmegi işewür dünýäde uly gyzyklanma döretdi. Geliň,
ýekeje mysalyň üsti bilen bu gorlaryň näderejede çäksiz
baýlykdygyny subut edeliň.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030njy ýyla çenli döwür üçin uzak möhletleýin Maksatnamasyna
laýyklykda (2007—2030-njy ý.ý.), jemi 4,1 trillion kubometr
tebigy gaz çykarmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi,
görşümiz ýaly, diňe bir Günorta Ýolöten-Osman ýatagynyň
aşaky baha görä goruna deňdir. Bu diňe birje ýatak boýunça,
özi hem aşaky baha görä ölçäniňde şeýle bolýar.
Diýmek, ýurduň nebitgaz mümkinçiligi örän ýokary.
Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda
nebitiň we tebigy gazyň ýüzlerçe ýatagy bar. Şu wagta çenli olaryň, ýagny ýataklaryň 150-den gowragy açylan bolsa,
häzirki günde şolaryň diňe 50-sinde işler alnyp barylýar.
88
Hudaýa şükür, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň
nebitgaz mümkinçiligi çäksiz, şonuň üçin hem biziň ýurdumyz beýleki döwletler üçin iň bir ygtybarly hyzmatdaş
(partnýor) bolup durýar, dünýä ýüzüni bize öwürýär.
Täzelikde ak mermerli Aşgabat dünýäniň nebitgaz
biznesiniň ünsüni özüne çekýän merkeze öwrüldi. Bu
ýerde, ýagny Sergi köşgünde hasap boýunça 13-nji gezek
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2008» atly halkara sergisi açyldy. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde «Täze Galkynyş
we beýik özgertmeler zamanasynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşi» diýen at bilen halkara ylmy-amaly
maslahat bolup geçdi. Onuň işine dünýäniň 34 ýurdundan dürli nebitgaz kompaniýalarynyň we guramalarynyň
235-sine wekilçilik edýän agzalaryň 700-e golaýy gatnaşdy.
Ýokary derejede guralan we işjeň ýagdaýda geçen bu
maslahata Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, Owganystandan, Azerbaýjandan, Hindis­
tandan, Eýrandan, Gazagystandan, Norwegiýadan, Birleşen
Arap Emirliklerinden, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Ýew­ropa
Bileleşigi we beýleki ýerlerden gelen hünärmenler wekilçilik etdiler.
Şular ýaly halkara derejesindäki çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagy diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl,
eýsem, beýleki dünýä döwletleri üçin hem bähbitlidir. Çünki olar birek-birek bilen didarlaşyp, tejribe alşyp, ysnyşyp,
hyzmatdaşlygyň aýdyň ýollaryny agtarýarlar. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Men şu
serginiň we maslahatyň işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak
üçin uly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn» diýip
aýdýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda, aýratyn hem,
soňky iki ýylyň dowamynda, ýagny Beýik Galkynyş eýýamynda bolup geçýän ösüşlerdir özgerişler örän bimöçberdir. Gurulýan binalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň, zawoddyr fabrikleriň,
dürli maksada gönükdirilen desgalaryň, şeýle hem polat we
garaýollaryň... gurluşyklary giň möçberde alnyp barylýar.
Netijede, ýurdumyz jenneti mekana öwrülýär. Ine, şu bolup geçýän ösüşleriň, özgerişleriň gözbaşynda ýurdumyzyň
89
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow gazçylaryň arasynda
ykdysady kuwwatlylygyny berkidýän, ony has-da belende
göterýän nebitgaz pudagynyň bolmagy tötänlik däldir, ol
halk hojalygynyň kerwenbaşysy bolup durýar. Elbetde, bu
ugurda öňde durýan wezipeler örän uly hem-de jogapkärli.
Adamzadyň hyzmatyna gönükdirilen energetiki mümkinçilik boýunça ýetilmeli sepgit ýeňil-ýelpaý däl. Öňde hem
belleýşimiz ýaly, nebitgaz senagatyny ösdürmegiň milli maksatnamasyna laýyklykda, 2030-njy ýylda ýurdumyz boýunça
nebitiň we gazkondensatynyň çykarylyşy 110 million tonna
çenli, tebigy gazyň çykarylyşy bolsa 250 milliard kubometre
çenli artmaly.
Häzirki döwürde Hazarýaka gaz geçirijisiniň gur­luşy­
gynyň, Merkezi Aziýa—Merkez gazgeçirijisiniň dur­kunyň
täzelenmegi boýunça geçirilýän işleriň we Türkme­nistan-Hytaý gazgeçirijisiniň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp
barylmagy bizi halkara derejesinde köp zatlara, ýagny uglewodorod çig malyny çykarmagyň möçberini gyşarnyksyz
artdyrmaga borçly edýär. Dünýä bazary biziň harydymyzyň
hyrydary. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň nebitgaz top­
lumyna maýa goýmaga gatnaşmaga isleg bildirýän daşary
ýurtly maýadarlaryň sany barha we barha artýar. Bu, elbetde,
gowulygyň alamaty.
Halkara sergisine we maslahata gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döreden aja­
ýyp mümkinçilikleri üçin özleriniň minnetdarlyklaryny bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi
üçin öz tejribelerini, başarnyklaryny we mümkinçiliklerini
aýa­majakdyklaryny aýtdylar. Umuman, maslahat ähli taraplar üçin hem bähbitli bolup, ol maksadyna ýetdi diýilse dogry
bolar.
Hawa, maslahatyň tamamlanan gününiň dek ertesi toý
çakylygy bilen obamyza bardym. Bygyrdaşyp gaýnap duran toý gazanlarynyň başynda kethudalyk edip ýören oba
ýaşulularynyň biri Baýdurdy aga bilen salamlaşdym, saglyk-amanlyk soraşdyk.
—Munça gazany gaýnatmak üçin ep-esli odun-a gerek
bolandyr...
Baýdurdy aga sözümi soňlatmady.
92
—Hany, ikimiz ähli gürrüňi şu ýerde etjek bolmaly-da,
gök çaýyň başyna geçeli-le — diýip, ol agaç sekiniň üstüne
ýazylan düşege çagyrdy.
Ondan-mundan edilen söhbediň soňy gazly meselä
syrykdy.
—Indi gözüňi ýaşardyp, tüssä boglup ot ýakma işiň ýok.
Hudaý köp görmesin, gaz hezil berýä. Ynha, şu gazanlaram
gaz bilen gaýnadýas, özem mugt. Eşretli durmuşyň hözirini
görmek uzagyndan nesip etsin hemmämize.
Wiý, ýogsa-da, arada telewizor görüp otyrkam, bir
şatlykly habaryň şaýady boldum. Ýurdumyz özüniň gaz gory
boýunça dünýäde 4-njimi ýa-da 5-nji orunda durýar. Begenjimden ýaňa şo gije gözüme uky gelmedi. Ýalňyş düşünen bolaýmaýyn diýip, ertesi irden mekdebe bardym. Mugallymlardan sorap gördüm. Olar ýagdaýy giňden düşündirdiler...
Walla, begenjimden telpegimi göge zyňanymy özümem
duýman galypdyryn.
Sen özüňem bilýänsiň, ýaňy-ýaňylaram aýak ýeter ýer­
lerde diş synçgara çöp ýokdy. Indi, tüweleme, sazak tokaýlygy
döreýä. Gazyň edýän oýny şü. Eliň degse, boş wagtyň bolsa,
Yzgant obasynyň töweregindäki etek gumlara baryp gör,
şeýle bir sazaklar bar welin...
Hawa, şeýle eşretleri döredýän Prezidentimiziň başy
dik, işleri rowaç bolsun! Eşidişimize görä, häzirki hormatly
Prezidentimiziň aňyrsam rysgally, döwletli adamlar bolmaly.
Enşalla, bi halkyna çörek berer...
Baýdurdy aga ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyga —
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
adyna köp alkyşlar aýtdy, «Her aýat-töwirden soň ýagşy
dilegler edýäs» diýdi.
Hawa, bu ýakymly alkyş sözleri tutuş türkmen halkynyň
ýürek owazy bolup eşidildi. Alkyş alýanyň işi bolsa, hemişe
oňuna bolýandyr. Şeýle-de bolar, enşalla!
Dekabr, 2008-nji ýyl.
95
8.Bedewiň asly
behiştden...
G
ürrüňçil gojalary gowy görýän. Şahyr aýtmyşlaýyn, bir
otursaň, olaryň gapdalyndan aňsat-aňsat gopaýasyň
gelenok. Ynha, men ýene-de yzgantly Aman Muhammetgulyýew bilen söhbetdeş bolýaryn.
—Arada teleýaýlymda diňledim, soň metbugat sahy­
palarynda hem okadym. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, siziň obadaşyňyz Aba Annaýew
öz hojalygynda behişdi bedewleri saklaýan adamlaryň biri
ekeni, özem...
Aman aga çalarak ýylgyrdy-da, sözümi soňlatmady:
—Ýegen, görýän welin, seniň munyň «Eşiden görene
habar biýr» diýen ýaly bir zat bolaýdy öýdýän. Dogry, o
döwürler biz ýaş oglandyk, ýöne Aba agany köp görüpdik. Onuň behişdi bedewlerini daşyndan synlap, guwanardyk, obamyzda şeýle owadan atlaryň bardygyna begenerdik, buýsanardyk. Olaryň çarpaýa galyp kişňeýişleri göz
öňümden gidenok, häzirki ýaly ýadymda. Şeýle atlaryň has
köp bolmagyny islärdik. Emma, durmuş başga ýol bilen gitdi...
Söhbetdeşim sözüne dyngy berdi-de, birsellem ýaýdanyp oturdy. Men onuň näme diýjek bolýanyna şo bada
düşündim.
Hawa, nätjek. Milli guwanjymyzyň basgylanýan wagtlary
az bolmandy. Türkmeni dünýä tanadan, onuň at-abraýyny
96
arşa göteren meşhur bedewlerimiziň köküne palta urulýardy,
gözümiziň alnynda olaryň ete tabşyrylýany bardy.
Aman aganyň içini hümledip dymyp oturyşyny göre­
nimde, bolup geçen şeýle bir waka ýadyma düşdi.
...Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalary bolsa gerek. Men ol wagtlar TKP MK-nyň medeniýet bölüminde
işleýärdim. Telefon jyňňyrdady. Trubkany göterenimden
howsalaly ses eşdildi:
—Ýoldaş Jürdekow (ol meniň adymy, köplenç, şeýle tu­
tardy — awtor), merkezi gazetleri okaýansyň-la?!
Ol meniň berjek jogabyma-da garaşman, sözüni dowam
etdirdi.
—Bu näme boldugyka, ata münenleň baryny basmaçy
edip çykdylar-la. Biziň ne gözel gamyş gulak bedewlerimiziň
näme üçin ete tabşyrylýandygy indi düşnükli...
Bu sözleriň eýesi öz döwrüniň meşhur hirurgy, hiç zatdan gypynç etmän, öz erkin pikirini aýdyp bilýän Çary
Baýryýewdi.
Megerem, ol içine sygmadyk gahar-gazabyny, hasratyny
meniň bilen deň paýlaşjak bolandyr. Ýogsam, meniň bu mesele
bilen meşgullanmaýandygymy, oňa hiç hili dahylymyň ýokdugyny ol gowy bilýärdi ahbetin.
Ine, şu bolup geçen waka barada Aman aga-da gürrüň
berdim. Ol ahmyr bilen hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady.
Hawa, her hal biziň ýüreklerimize teselli berýän bir haky­
kat bardy. Men onuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň
dogaýy sözleri bilen delillendirip biljek. «...Iň bir pajygaly
döwürde-de ahalteke bedewleriniň tohumyny ýitirmän
ga­lany üçin türkmen seýislerine baky minnetdar bolmalydyrys».
Juda jaýdar gürrüň. Ýeri gelende aýtsak, Berdimuhamet aganyň dogany Aba aga hem baky minnetdar bolunmaly adamlaryň biridir. Ol at seçgiçiligi bilen hem
meşgullanypdyr.
Hawa, söhbetdeşim Aman aganyň özi hem ahalteke
bedewleriniň janköýeri bolsa nätjek?! Ol ýaş wagtlary aýlaw
sypdyrmaýan eken. Ýaşuly öňki edip oturan gürrüňiniň üstüni ýetirdi.
7*
97
—Ýegen, sen bir ýazuw-pozuw edip ýören adam. Bir
zady bek belle. Aba aga bende behişdi bedewler barada gaty
köp zat bilýän eken. Ol atçylygy ösdürmegiň janköýeri bolupdyr. Biler bolsaň, obamyzda Baýramgeldi aga diýip bir ýaşuly
bardy. Ol ýüz töweregi ýaşap dünýeden gaýtdy. Ýatan ýeri
ýagty bolsun, Hudaýym! Ynha, şo ýaşulyň gürrüň bermegine
görä, Aba aga Görogly begiň Gyratynyň «terjimehalyny» edil
özi ýazan ýaly, gaty köp zat bilýän eken...
Yzgantly gojanyň gyzykly gürrüňini diňläp oturyşyma,
«Görogly» eposyndaky Gyrat bilen baglanyşykly käbir wakalar göz öňümde janlandy.
...Atlaryň reňki boýunça onuň hüý-häsiýetini kesgitläp
bilýän Jygalybeg agtygy Görogla degerli nesihatlar berýär,
öwüt-ündew edýär, aty nädip bakyp – bejermelidigini
öwredýär...
... Arapreýhandan aryny alyp gaýdan Görogly göwnühoş
bolup Gyratyny taryplaýar:
Bedewiň asly behiştden,
Berekella, Gyrat, saňa!
Nalyň tylladan-kümüşden,
Berekella, Gyrat, saňa!..
... Görogly ömrüniň ahyrky günlerinde öz peri-peýke­
rine ýüzlenip şeýle diýýär:
— Agaýunus, daň saz beren mahalynda, heniz Gyrat örä
çykmanka, meni bir daşary alyp çykyň, men ahyrky demim­
de Gyrata bir tomaşa edeýin, beýle bir ygtykatly, wepaly
janawary görmek haja giden ýaly uly sogapdyr...
... Gyrat Göroglynyň el-aýaklaryna çenli, boýdan-başyna
ysgap çykdy-da, edil adam ýaly, gözünden ýaş döküp,
aýylganç-aýylganç kişňedi. Gyrat çirkin-çirkin gygyryp,
Göroglynyň başujynda jan berdi.
Göroglynyň belent mertebelere ýetmeginde, deňsiz-taýsyz gazaply söweşlerde ýeňiji bolmagynda, duşmandan
üstün çykmagynda Gyratyň möhüm ähmiýete eýe bolandygy türkmen okyjysy üçin äşgärdir. Aslynda, türkmeniň
«Görogly» eposyna, bellibir derejede, bedew baradaky eser
98
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
öz behişdi bedewi bilen
hem diýip bolar. Görogly öz Gyratyna «Başdaşym, syrdaşym,
ýowuz günde wepaly ýoldaşym» diýýär. Görogly öz Gyraty
bilen Görogly derejesine ýetýär. Gyraty Göroglusyz, Görog­
lyny bolsa Gyratsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.
Hawa, gadymy Gökdepäniň Yzgant obasynda ýaşaýan,
indi 80-i arka atyp barýan Aman Muhammetguly ogly bilen
bedew baradaky, türkmen atlary hakyndaky gürrüňimiz
wagty bilen gutarmady, uzaga çekdi.
Men hem oňa öz gezegimde Garaşsyzlygymyzyň
şanly 17 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň
15 gatdan ybarat täze binasynyň açylandygyny, onuň ikinji
gatynda bolsa türkmen bedewlerine bagyşlanan muzeýiň
bardygyny aýtdym we ol ýerde XX asyryň başlarynda
Gökdepäniň Yzgant obasynda ýaşan Aba Annaýewiň
birnäçe behişdi bedewleri saklap, onuň at seçgiçiligi bilen
meşgullanandygy hakyndaky resminamalaryň uly orun
tutýandygyny gürrüň berdim.
—Ýegen, edilen iş iru-giç bilinse, oňa sarpa goýulsa
ýagşy. Biziň Aba agamyz şeýle sylag-hormata doly mynasyp
adam. Ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlerdir ösüşleri görmäge göz gerek. Käte Aşgabada baraýmam bar, walla, tanar
ýaly bolmandyr, tüweleme, göz degmesin!
Ol belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adyna köp alkyş sözlerini aýtdy,
ömrüniň uzak bolmagyny beýik Biribardan diledi.
Aman aga bilen hoşlaşyp gaýdyşyma tä şähere gelýänçäm, bütin ýoluň dowamynda hormatly Prezidentimiziň
täze çykan kitaby barada oýlandym. Üç dilde, türkmen, rus,
iňlis dillerinde çapdan çykan bu neşiriň hyrydary, enşalla,
gitdigiçe köpeler, onuň bilen dünýä okyjylarynyň gyzyklanjakdygy jedelsiz hakykatdyr. Çünki bu kitap bütin dünýäde
şöhratlanan bedewlerimizi has giňden wagyz etmekde iň ygtybarly çeşmedir.
Hawa, bu keremli kitabyň aňyrsynda, onuň gözbaşynda
atalarymyzyň, Aba aga ýaly şöhratly ildeşlerimiziň yhlasy,
ýürek buýsanjy ýatyr. Bu gymmatly neşiriň döreýiş taryhynda bilip goýmaly möhüm zatlar bar.
100
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň noýabr aýy­
nyň başlaryna bolup geçen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz öz döwet galamynyň astyndan çykan
bu ajaýyp kitaby, onuň döremeginiň sebäpleri barada söz
açyp, behişdi bedewlere söýginiň we buýsanjyň nesildennesle geçirilip, maşgala däbine öwrülendigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu kitaby ýazmak bilen, özüniň bu ugurda käbir wajyp
wezipelere, ýagny, ahalteke bedewiniň tohum arassalygy,
atlaryň baş sanyny artdyrmak, atçylyk bilen meşgullanýan
türkmen ýigitleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek meselelerine hemmeleriň ünsüni çekmek isleýändigini
nygtady.
Elbetde, awtoryň bu isleg-arzuwlarynyň aňryýany bilen
wysal bolandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.
Kitap! Onuň bahasyna taý gelýän hiç hili gymmatlyk
ýok. Beýik Biribaryň nazary siňen bu ruhy baýlyk bakylyk bolup dünýä inýär. Türkmen aganyň kitaba bolan garaýşynda
üýtgeşik bir many bar. Ony diňe ýüregiň bilen syzmak gerek.
Hawa, rowaýatlar ýöne ýerden döremeýär, onuň
aňyrsynda durmuş hakykaty ýatyr.
Ir zamanlarda kitaby özüne hemişelik hemra edinen
okumyş dana bir kişi bakyýete göç eýläpdir, amanadyny
tabşyrypdyr.
Günleriň bir güni ýaňky goja panyda galan bir dostunyň
düýşüne giripdir. Ol oňa, ýagny dostuna şeýlebir ýakymly
habary gürrüň beripdir:
«Dost jan, men ýalkandym! Alla meni ýalkady! Beýik
Biribaryň emri bilen men jennete düşdüm. Bilýäňmi,
näme üçin?! Bir gezek özümiň eý görýän kitaplarymdan
birki sanysyny alyp bir ýere barýardym. Ýolda şeýlebir
ýagyş ýagdy, ynansaň edil bedreden guýulýan ýaly, süllümbaý bolup ezildim. Ýöne ýaňky ýanymdaky kitap­
lary bukup, zaýalanmakdan halas etdim. Ine, şol eden
ýagşylygym üçin Alla meni ýalkady, jennete düşdüm.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
  • Büleklär
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1900
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1971
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3542
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3516
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3498
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1844
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3446
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1848
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3399
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3060
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
    29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.